Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

Hormatly Prezidentimiz bilimde we sportda tapawutlanan raýatlary sylaglamak dabarasyna gatnaşdy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda halkara sport ýaryşlarynda we ders bäsleşiklerinde baýrakly orunlara mynasyp bolan ýaşlara hem-de olaryň halypa mugallymlaryna, tälimçilerine sylaglary gowşurdy. Bu dabara dünýäde ata Watanymyzyň abraýyny belende galdyrýan raýatlarymyzyň ýokary döwlet derejesinde sarpalanýandygynyň nobatdaky aýdyň güwäsine öwrüldi.

Ajaýyp waka mynasybetli guralan dabara Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň häkimi, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň we konsullyk edaralarynyň, halkara guramalaryň ýanyndaky hemişelik wekilhanalarynyň, daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, deputatlar, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, sportuň görnüşleri boýunça milli federasiýalaryň ýolbaşçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, halkara ders bäsleşiklerinde we sport ýaryşlarynda baýrakly orunlara mynasyp bolan ýaşlar, olaryň halypa mugallymlary we tälimçileri, ata-eneleri, talyplar gatnaşdylar.

Hemmeler döwlet Baştutanymyzy garşylamaga taýýar bolup durýarlar.

Watanymyzda ähli ugurlar bilen birlikde, ylym-bilim, sport ulgamlarynyň döwrebap derejede ösdürilmegine uly ähmiýet berilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň her bir güni bilim ulgamynda hem döredijilik üstünliklerine, şanly wakalara beslenýär. Ýurdumyzda milli bilim ulgamyny kämilleşdirmäge döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde möhüm ähmiýet berlip, täze tehnologiýalar, bilimler we innowasiýalar esasynda ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, sagdyn nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek babatda giň mümkinçilikler döredilýär. Degişli maksatnamalara, konsepsiýalara, strategiýalara, milli we öňdebaryjy tejribelere laýyklykda, özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli gowulandyrylýar. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» esasynda kompýuterler, interaktiw we multimedia tehnologiýalary bilen üpjün edilen döwrebap bilim edaralarynyň gurluşyklary giň gerimde dowam etdirilýär. Ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň hem döwrebap düşünjeli, giň dünýägaraýyşly, saýlap alan hünärlerine ökde hünärmenler bolup ýetişmekleri ugrunda uly tagallalar edilýär. Milli ykdysadyýetimizi ösdürmekde bilimiň hem-de ylmyň özara baglanyşygyny berkitmek, tejribeli professor-mugallymlaryň ýolbaşçylygynda talyplary ylma höweslendirmek boýunça işler guramaçylykly alnyp barylýar.

Ýurdumyzyň sport ulgamynda-da halkara derejeli ösüşler gazanylýar. Bu ugurda köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň, ýokary netijeli sportuň ösdürilmegi, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek boýunça çäreleriň durmuşa geçirilmegi Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan maksatnamalaýyn strategiýanyň aýrylmaz bölegidir. Sportuň Olimpiýa görnüşleri üçin niýetlenen häzirki zaman sport desgalarynyň gurulmagy, türgenleriň, tälimçileriň we beýleki sport hünärmenleriniň taýýarlanylmagy üçin döwletimiz tarapyndan ägirt uly maýa goýumlar gönükdirilýär.

Diýarymyzda sport hereketini ösdürmek babatda giň mümkinçilikler döredildi. Ähli welaýatlarda zerur enjamlar bilen üpjün edilen sport-sagaldyş, atçylyk sport toplumlary, köpugurly stadionlar, sport mekdepleri we beýleki ugurdaş desgalar guruldy. Paýtagtymyzda, welaýat merkezlerinde dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň enjamlary bilen enjamlaşdyrylan lukmançylyk, sagaldyş hem-de anyklaýyş merkezleri gurlup ulanmaga berildi. Şeýle binýatlaýyn esasda halkara ölçeglere laýyk gelýän sport-sagaldyş ulgamyny döretmekde uly üstünlikler gazanyldy. Täzeçil çözgütler esasynda gurlan Arkadag şäherini muňa anyk mysallaryň biri hökmünde görkezmek bolar. Bu ýerde köpugurly sport toplumy, suw sport toplumy, 10 müň orunlyk stadion gurlup, şäheriň Bedenterbiýe we sport baradaky baş müdirligi döredildi. 2023-nji ýylda Arkadag şäheriniň adybir futbol toparynyň döredilmegi Watanymyzyň sport durmuşynda möhüm ähmiýetli waka boldy.

Ýurdumyzda ýokary netijeli sporty ösdürmek bilen bir hatarda, sportuň milli görnüşlerini giňden wagyz etmäge hem aýratyn ähmiýet berilýär. Sportuň bu görnüşleri halkymyzyň baý mirasynyň aýrylmaz bölegidir. Ussatlygy barha artýan türgenlerimiz iri halkara ýaryşlarda, şol sanda Aziýa we dünýä çempionatlarynda üstünlikli çykyş edip, ýokary netijeleri gazanýarlar. Olaryň üstünlikleri Garaşsyz Watanymyzyň ýaşyl tuguny al-asmanda parladyp, ýurdumyzyň Ýer ýüzündäki meşhurlygyny has-da artdyrýar. Berkarar Watanymyz bolsa şeýle ogul-gyzlaryny ýokary döwlet derejesinde sarpalap, olara uly hormat bildirýär.

...Irden hormatly Prezidentimiziň awtoulagy Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynyň esasy girelgesiniň öňüne gelip durdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzy Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň häkimi garşylaýarlar.

Döwlet Baştutanymyz sport toplumynyň binasynyň içine girýär we onuň foýesinde ýaýbaňlandyrylan sergini synlaýar. Bu ýerde abraýly halkara ýaryşlarda gazanylan dürli derejedäki baýraklar, şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserleri, ýurdumyzyň dokma kärhanalarynda türgenler üçin öndürilýän sport egin-eşikleri görkezildi. Watanymyzyň sportda gazanan üstünliklerini aýdyň şöhlelendirýän gymmatlyklar olary gazanan türgenleriň taýýarlyk derejesine baha bermäge mümkinçilik döredýär. Dürli derejeli baýraklar, şol sanda medallar, kuboklar, Hormat hatlary we beýlekiler milli ýygyndy toparlarymyzyň türgenleriniň halkara hem-de sebit derejesindäki ýaryşlara gatnaşyp, olarda Türkmenistana mynasyp wekilçilik edýändiklerini tassyklaýar. Bularyň ählisi Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan işleriniň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň mynasyp dowam etdirmegi netijesinde uly üstünlikleriň gazanylýandygyna şaýatlyk edýär.

Bu ýerdäki monitorlarda türgenleriň halkara ýaryşlardaky çykyşlaryndan pursatlar, ýurdumyzda bedenterbiýe-sport hereketini, sagdyn durmuş ýörelgelerini ilerletmek boýunça alnyp barylýan işler görkezilýär. Umuman, bu sergi bedenterbiýe-sagaldyş hereketine, ýokary netijeli sporta döwlet tarapyndan goldaw berilmegi bilen, Watanymyzyň sport abraýyny pugtalandyrmaga mynasyp goşant goşýan zehinli ýaşlaryň täze nesliniň kemala gelýändigini äşgär edýär.

Soňra Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda esasy dabara başlanýar. Dabara gatnaşyjylaryň ählisi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy dowamly el çarpyşmalar bilen garşylaýarlar. Arkadagly Gahryman Serdarymyz özi üçin ýörite niýetlenen ýere geçýär.

Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar. Dabara gatnaşyjylaryň agzybirlikde Döwlet senasyny ýerine ýetirmekleri bilen, Döwlet baýdagy galdyrylýar. Watanymyzda köpçülikleýin bedenterbiýe-sport hereketiniň toplumlaýyn esasda ösdürilýändigi we sagdyn durmuş ýörelgeleriniň barha ýaýbaňlandyrylýandygy, ýaşlaryň zehinini açmak ugrunda uly tagallalaryň edilýändigi üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden çykýan hoşallyk sözleri beýan edilýär.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlaryna, türgenleriň sportuň görnüşleri boýunça görkezme çykyşlaryna tomaşa etdi. Artistler we döredijilik toparlary çykyşlarynda hormatly Prezidentimiziň ýaşlaryň ylymly-bilimli bolup ýetişmekleri, halkymyzyň saglygyny goramak, ýurdumyzyň sport mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek baradaky tagallalaryny, sporty ösdürmek boýunça gazanylýan üstünlikleri wasp etdiler.

Soňra çykyş etmek üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza uly hormat bilen söz berildi. Hormatly Prezidentimiz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz ýurdumyzda ýaşlar üçin ähli şertleriň döredilýändigini, olaryň öz zehini, ukyp-başarnyklary bilen ýurdumyzyň abraýyna abraý goşýandyklaryny, tejribeli mugallymlaryň we ussat tälimçileriň bolsa ýaş nesilleriň dürli ugurlarda üstünlikleri gazanmaklary üçin netijeli işleri alyp barýandyklaryny nygtady. Döwlet Baştutanymyz pursatdan peýdalanyp, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda bagtyýar ýaşlarymyzy dünýä derejesindäki olimpiadalarda we sport ýaryşlarynda üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlara mynasyp bolmaklary bilen tüýs ýürekden gutlady.

Hormatly Prezidentimiz Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda ýurdumyzda ylym-bilim ulgamynyň düýpli kämilleşdirilendigini, mekdep okuwçylarynyň, talyplaryň dürli dersler boýunça geçirilýän olimpiadalarda gowy netijeleri gazanýandyklaryny belledi. Munuň özi bilim ulgamynda durmuşa geçirýän özgertmelerimiziň aýdyň netijeleri bolup durýar. Nygtalyşy ýaly, ýurdumyzda sporty ösdürmek, ussat tälimçileri we türgenleri taýýarlamak boýunça maksatnamalaýyn işler amala aşyrylýar. Bu işleriň netijesinde türgenlerimiz dünýä derejesindäki ýaryşlarda baýrakly orunlara mynasyp bolup, uly üstünlikleri gazanýarlar. Döwlet Baştutanymyz türgenleriň geljekde-de eziz Watanymyzyň baýdagyny al-asmanda parladyp, Türkmenistanyň abraýyny belende galdyrjakdygyna berk ynam bildirdi. “Biz geljekde hem ylym-bilim, sport ulgamlaryny ösdürmek, zehinli ýaşlarymyza, ussat türgenlerimize goldaw-hemaýat bermek boýunça alyp barýan işlerimizi dowam etdireris” diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz belledi we Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň bagtyýar ýaşlaryna ýüzlenip, olary halkara olimpiadalarda we sport ýaryşlarynda gazanan ajaýyp üstünlikleri bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlady.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň çykyşy dowamly el çarpyşmalar bilen garşylanyldy. Soňra Türkmenistanyň Prezidentiniň dünýä derejeli ders bäsleşiklerinde baýrakly orunlara mynasyp bolan ýaşlary we olaryň mugallymlaryny sylaglamak hakynda gol çeken Buýrugy okaldy.

Hormatly Prezidentimiz halkara ders bäsleşiklerinde baýrakly orunlara mynasyp bolan mekdep okuwçylaryna we talyplara, olaryň halypa mugallymlaryna, dünýä derejesindäki sport ýaryşlarynda baýrakly orunlara mynasyp bolan türgenlere hem-de olaryň tälimçilerine gymmat bahaly sowgatlary gowşurýar.

2025-nji ýylyň dowamynda abraýly halkara ders bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlara mynasyp bolan mekdep okuwçylaryny döwlet derejesinde sylaglamaga hödürlemegiň sanawy düzülende, olaryň gatnaşan bäsleşikleriniň hereket edýän reýtinglerdäki derejesinden we ähmiýetinden, şonuň ýaly-da, olara gatnaşan ýurtlaryň sanyndan ugur alyndy.

Meselem, Halkara matematika olimpiadasy orta mekdepleriň okuwçylary üçin matematika dersi boýunça bäsleşik bolup, ol halkara bilim olimpiadalarynyň iň irkileriniň biridir. Ol dünýäniň iň abraýly matematika bäsleşigi hökmünde bellidir. 2025-nji ýylyň iýulynda Awstraliýanyň Sanşaýn-Kost şäherinde 66-njy Halkara matematika olimpiadasy geçirildi. Oňa jemi 110 döwletden 630 okuwçy, Türkmenistandan hem zehinli okuwçylaryň 6-sy gatnaşdy. Olimpiadanyň jemleri boýunça ýurdumyzyň mekdep okuwçysy kümüş medal gazandy.

Halkara himiýa olimpiadasy orta mekdepleriň okuwçylary üçin geçirilýän iň ýokary derejeli halkara himiýa bäsleşigidir. Ol dürli ýurtlaryň zehinli okuwçylarynyň himiýa boýunça nazary we amaly bilimine baha berilýän iň abraýly bäsleşikleriň biri hasaplanýar. Şu ýylyň iýulynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde 57-nji Halkara himiýa olimpiadasy geçirildi. Oňa jemi 90 döwletden 354 okuwçy, ýurdumyzdan hem zehinli okuwçylaryň 4-si gatnaşdy. Bäsleşigiň netijeleri boýunça türkmenistanly okuwçylar 2 kümüş we 1 bürünç medal gazanmagy başardylar. Dünýäniň iň abraýly bilim olimpiadalarynyň biri-de Halkara fizika olimpiadasy bolup, ol orta mekdepleriň okuwçylary üçin niýetlenen halkara derejeli bäsleşikdir. 2025-nji ýylyň iýulynda Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçirilen 55-nji Halkara fizika olimpiadasyna 94 döwletden 415 okuwçy, ýurdumyzdan hem 5 okuwçy gatnaşdy. Zehinli ýaşlarymyz bu ýerde 2 kümüş we 1 bürünç medala mynasyp boldular.

2025-nji ýylyň dowamynda abraýly halkara ders bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlara mynasyp bolan ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryny döwlet derejesinde sylaglamaga hödürlemegiň sanawy düzülende, olaryň hem gatnaşan bäsleşikleriniň hereket edýän reýtinglerdäki derejesinden we ähmiýetinden, şonuň ýaly-da, bäsleşiklere gatnaşan ýurtlaryň sanyndan ugur alyndy.

Mysal üçin, I dereje üçin saýlanyp alnan bäsleşik ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen 32-nji Halkara matematika bäsleşigi boldy. Ol talyplaryň arasynda halkara derejede geçirilýän iň abraýly matematika bäsleşikleriniň biri hasaplanýar. Bu bäsleşik 2017-nji ýyldan bäri ýöredilýän Moskwanyň “Uniwersitetiň üç wezipesi” atly abraýly halkara uniwersitetler reýtinginiň sanawynda hasaba alnandyr. Şu ýylyň awgustynda Bolgariýa Respublikasynyň Blagoýewgrad şäherinde geçirilen 32-nji Halkara matematika bäsleşigine dünýäniň 52 ýurdundan talyplaryň 434-si gatnaşdy. Onda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň we Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyplaryndan düzülen topar (jemi 7 talyp) üstünlikli çykyş edip, talyplar 2 altyn, 2 kümüş, 3 bürünç medala mynasyp boldular.

II dereje üçin saýlanyp alnan bäsleşik maliýe howpsuzlygy boýunça halkara olimpiadadyr. Şu ýylyň 28-nji sentýabry — 3-nji oktýabry aralygynda Russiýa Federasiýasynyň Krasnoýarsk şäherinde guralan maliýe howpsuzlygy boýunça V halkara olimpiada 40 ýurtdan 600-e golaý talyp gatnaşdy. Onuň jemleýji tapgyryna ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinden saýlanyp alnan talyplaryň 10-sy gatnaşyp, şolardan ykdysadyýet ugry boýunça Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby 1-nji orna we kuboga, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň talyplary 2-nji orna mynasyp boldular. Bäsleşikde maglumat howpsuzlygy, halkara gatnaşyklar ugurlary boýunça bolsa Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplary ikinji orny eýelemegi başardylar.

III dereje üçin saýlanyp alnan bäsleşikleriň hatarynda ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen nazary mehanika dersi boýunça halkara olimpiadany görkezmek bolar. 2025-nji ýylyň aprelinde Belarus Respublikasynyň Gomel şäherinde geçirilen ХIХ halkara olimpiada dünýä ýurtlarynyň ýokary okuw mekdepleriniň 31-sinden 110-a golaý talyp gatnaşdy. Bu ders bäsleşigine Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyplar topary (jemi 3 talyp) gatnaşyp, şolardan institutyň 2-nji ýyl talyby üçünji orna mynasyp boldy.

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti tarapyndan geçirilýän himiýa dersi boýunça halkara olimpiada ýurdumyzda guralýan halkara olimpiadalaryň iň irileriniň biridir. Bu olimpiada ýyl-ýyldan uly abraýa eýe bolup, gerimi barha giňeýär. 2025-nji ýylyň oktýabrynda agzalan uniwersitetiň guramagynda himiýa dersi boýunça dördünji gezek geçirilen halkara olimpiada dünýäniň 12 ýurdunyň 50 sany ýokary okuw mekdebinden 250-ä golaý talyp gatnaşdy. Bu bäsleşige ýurdumyzdan gatnaşan talyplaryň 150-siniň arasynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplarynyň 2-si altyn medala mynasyp boldy.

Dabarada Arkadagly Gahryman Serdarymyz dünýä derejeli olimpiadalarda üçünji orna hem-de bürünç medala mynasyp bolan okuwçylary 40 müň manat, ikinji orna hem-de kümüş medala mynasyp bolan okuwçylaryň her birini 70 müň manat möçberde pul baýragy bilen sylaglady. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz olimpiadalarda üçünji orna hem-de bürünç medala mynasyp bolan talyplara 40 müň, ikinji orna hem-de kümüş medala mynasyp bolan talyplara-da 70 müň manat möçberde pul baýragyny gowşurdy.

Döwlet Baştutanymyz dünýä derejeli olimpiadalarda birinji orna hem-de altyn medala mynasyp bolan talyplaryň her birini 100 müň manat möçberdäki pul baýragy bilen sylaglady. Iň ýokary sylaga mynasyp bolan talyplar gymmatly pul baýraklaryny ýüzlerine sylyp kabul etdiler. Hormatly Prezidentimiz dünýä derejeli olimpiadalarda ýokary netijeleri gazanan okuwçylary we talyplary taýýarlan mugallymlaryň her birini 100 müň manat möçberde pul baýragy bilen serpaýlady.

Bu sylaglar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlaryň dünýä derejesindäki ders bäsleşiklerinde we olimpiadalarda Garaşsyz Watanymyza wekilçilik edip, ýurdumyzyň bilim ulgamynda ýeten ýokary sepgitlerini dünýä ýaýmakda gazanan uly üstünlikleri üçin hem-de olaryň halypa mugallymlarynyň bu ugurda bitiren hyzmatlary nazara alnyp berildi. Sylaglara mynasyp bolan zehinli mekdep okuwçylary, talyplardyr olaryň mugallymlary dabaranyň dowamynda çykyş edip, özlerini ýokary derejede sylaglandygy üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza we Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Olar Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň her bir gününiň bilim ulgamynda hem döredijilik üstünliklerine, şanly wakalara beslenip, ýurdumyzyň täze taryhyna ajaýyp sahypalaryň ýazylýandygyny nygtadylar. Olar şeýle üstünlikleriň sakasynda duran hormatly Prezidentimize hoşallyklaryny beýan edip, geljekde-de Watanymyzyň dünýädäki abraýyny belende götermek ugrunda ähli ukyp-başarnyklaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

Soňra Türkmenistanyň Prezidentiniň dünýä derejesindäki sport ýaryşlarynda baýrakly orunlara mynasyp bolan türgenleri hem-de olaryň tälimçilerini sylaglamak hakynda Buýrugy okaldy. Hormatly Prezidentimiz baýrakly orunlara mynasyp bolan türgenlere hem-de olaryň tälimçilerine gymmat bahaly sowgatlary gowşurýar.

Hormatly Prezidentimiz çärä gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda abraýly halkara ýaryşlarda, dünýä çempionatlarynda çykyş edip, baýrakly üçünji orna we bürünç medala mynasyp bolan türgenleriň her birine 40 müň manat möçberde pul baýragyny gowşurdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ikinji orny eýeläp, kümüş medala mynasyp bolan türgenleri 70 müň manat möçberde pul baýragy bilen sylaglady. Hormatly Prezidentimiz ýaryşlarda kümüş hem-de bürünç medallara mynasyp bolan türgenleri taýýarlan tälimçileriň her birine 70 müň manat möçberde pul baýragyny gowşurdy. Olar Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň elinden pul sylaglaryny ýüzlerine sylyp kabul etdiler.

Soňra döwlet Baştutanymyz dünýä derejeli ýaryşlarda altyn medala mynasyp bolan türgenleri sylaglady. Arkadagly Gahryman Serdarymyz olaryň her birine 2025-nji ýylda goýberilen, ak reňkli «Toyota Camry HEV 2.5L» kysymly ýeňil awtoulagyň açaryny gowşurdy. Bu türgenler abraýly halkara ýaryşlarda hormat münberiniň iň ýokary basgançagyna çykyp, ýurdumyzyň ýaşyl tuguny belende galdyrmagy başardylar. Hormatly Prezidentimiz halkara ýaryşlarda altyn medala mynasyp bolan türgenleri taýýarlan tälimçilere-de 2025-nji ýylda goýberilen, ak reňkli «Toyota Camry HEV 2.5L» kysymly ýeňil awtoulagyň açaryny gowşurdy.

Bu ýokary sylaglar türgenleriň we ussat tälimçileriň dünýä derejesindäki sport ýaryşlarynda Türkmenistana wekilçilik edip, ýurdumyzyň sport abraýyny belende göterendikleri, ýaşlaryň sporta bolan höwesini artdyrmaga goşant goşandyklary, olaryň tälimçileriniň bu ugurda bitiren hyzmatlary nazara alnyp berildi.

Sylaglanan türgenler we olaryň tälimçileri öz zähmetine berlen ýokary baha üçin döwlet Baştutanymyza hem-de Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden çykýan hoşallyklaryny beýan etdiler. Çykyş edenler ýurdumyzyň ýygyndy toparlarynyň agzalarynyň gazanýan üstünlikleriniň hormatly Prezidentimiziň bedenterbiýe hereketini we ýokary netijeli sporty ösdürmäge berýän ägirt uly ünsüniň, Gahryman Arkadagymyzyň gurduryp beren sport toplumlarynda, hususan-da, sebitde deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherçesiniň desgalarynda geçirilen türgenleşikleriň miwesidigini aýratyn bellediler.

Dabara tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglanan ýaşlar we olaryň halypa mugallymlary, türgenler hem-de tälimçiler bilen ýadygärlik surata düşdi. Döwlet Baştutanymyz özi üçin ýörite niýetlenen ýere geçenden soňra, dabara gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyzyň «Öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!» atly aýdymyny uly şatlyk-şowhun bilen ýerine ýetirdiler.

Soňra hormatly Prezidentimiz sport ussatlaryny olaryň gazanan üstünlikleri bilen gutlady hem-de olara sport äleminde mundan beýläk-de uly ýeňişleriň ýaran bolmagyny arzuw etdi. Täze awtoulaglaryň açaryny alan türgenlerimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döredýän şertlerinden netijeli peýdalanyp, geljekde-de ähli yhlaslaryny, başarnyklaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar. Bu pursatlara şaýat bolan ata-eneler hem ýürek buýsanjyny tolgunma bilen beýan etdiler.

Goý, Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň dünýädäki abraýy barha belende galsyn!

Şu gün Aşgabatdaky Olimpiýa şäherçesinde ajaýyp waka mynasybetli toý sadakasy berlip, onda bilim we sport ulgamynda halkara dereje gazanylýan üstünlikleriň dowamat-dowam bolmagy, Watanymyzyň abadançylygy, halkymyzyň agzybirligi, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwletli tutumlarynyň hemişe rowaçlyklara beslenmegi barada ýagşy dilegler edildi.

15.12.2025

Türkmenistanyň Mejlisinde Ekwatorial Gwineýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi Ynanç hatyny gowşurdy

 

2025-nji ýylyň 15-nji dekabrynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Ekwatorial Gwineýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Lusiano Nkogo Ndong Aýekabandan Ynanç hatyny kabul etdi.

Milli Parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan Ilçini ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlady hem-de oňa özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda alyp barjak jogapkärli işinde üstünlikleri arzuw etdi.  

Diplomat  Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary, Mejlisiň düzümi we onuň ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alyp barýan işleri bilen tanyşdyryldy. 

Myhman ýurdumyzyň alyp barýan oňyn Bitaraplyk syýasatyna ýokary baha bermek bilen, öz ýurdunyň adyndan Türkmenistanyň halkara giňişlikde öňe sürýän umumadamzat ähmiýetli başlangyçlaryny geljekde-de goldajakdygyny belledi hem-de şu ýyl dünýä bileleşigi bilen bilelikde giňden dabaralandyrylan, Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli gutlaglaryny beýan etdi. 

Duşuşygyň ahyrynda Ekwatorial Gwineýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Lusiano Nkogo Ndong Aýekaban sebitde parahatçylyk dörediji merkez hökmünde ykrar edilen, ählumumy abadançylygyň bähbidine netijeli döwletara gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna goldaw berýän Türkmenistanda öz ýurduna wekilçilik etmegiň uly hormatdygyny belledi.  

 

15.12.2025

Türkmenistanyň Mejlisinde Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygynyň ýörite wekili, Halk Wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň Hemişelik komitetiniň Başlygynyň orunbasary bilen duşuşyk geçirildi

                                                                       

2025-nji ýylyň 13-nji dekabrynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygynyň ýörite wekili, Halk Wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň Hemişelik komitetiniň Başlygynyň orunbasary Peň Çiňhuanyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň barşynda myhman Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, ynanyşmak, deňhukuklylyk, ynsanperwerlik ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatyna uly ähmiýet berýändigini belledi, şeýle hem Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň ykrar edilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli gutlaglaryny beýan etdi we bu şanly senä bagyşlanyp geçirilen ýokary derejeli Halkara foruma we ugurdaş çärelere gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallygyny bildirdi.   

Duşuşygyň dowamynda iki dostlukly ýurduň arasynda dürli ugurlarda ýola goýlan gatnaşyklarda parlamentara hyzmatdaşlygyň möhüm orny bellenildi. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň şu ýylyň 31-nji awgusty – 3-nji sentýabry aralygynda Hytaý Halk Respublikasyna amala aşyran iş saparynyň iki ýurduň arasyndaky köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýokary netijelere çykmagynda uly ähmiýete eýe bolandygy nygtaldy. 

Söhbetdeşlikde parlamentara dialogyň iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmegiň möhüm bölegine öwrülendigi we ikitaraplaýyn esasda döredilen parlamentara dostluk toparlarynyň kanunçykaryjylyk işinde tejribe alyşmakda mümkinçilikleri artdyrýandygy aýratyn bellenildi. Şunuň bilen birlikde, iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy, özara ynanyşmagy berkitmekde, hoşniýetli hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmekde tagallalary birleşdirmegiň ähmiýeti barada pikir alşyldy.

Taraplar Türkmenistanyň başlangyjy bilen parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine döredilen Bitaraplygyň dostlary toparynyň köptaraplaýyn dialogyň çäklerinde Bitaraplyk ýörelgelerini öňe ilerletmekde, ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we abadançylygy üpjün etmekde durnukly syýasy-diplomatik gurallary işläp taýýarlamaga ýardam berýändigini kanagatlanma bilen bellediler. 

Şeýle hem taraplar şu ýylyň awgust aýynda ýurdumyzyň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň hem-de ýakynda «Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek» atly halkara maslahatynyň ýokary derejede guramaçylykly geçirilendigini, bu halkara maslahatlaryň döwletleriň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary berkitmekde we halkara hyzmatdaşlygy giňeltmekde täze mümkinçilikleri açýandygyny bellediler.

 Duşuşygyň ahyrynda taraplar iki ýurduň arasynda işjeň häsiýete eýe bolan dostlukly gatnaşyklaryň geljekde hem parlamentara hyzmatdaşlyk arkaly has-da pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdiler.

 

 

 

 

 

 

 

 

 

13.12.2025

Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň Russiýa Federasiýasyndaky Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

 

2025-nji ýylyň 13-nji dekabrynda Türkmenistanyň Mejlisinde Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň Russiýa Federasiýasyndaky Ilçisi Sin Hon Çhol bilen duşuşyk geçirildi.

Ilçi Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň ykrar edilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli gutlaglaryny beýan etdi hem-de bu şanly senä bagyşlanyp geçirilen ýokary derejeli Halkara foruma we ugurdaş çärelere hormatly myhman hökmünde gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin minnetdarlyk bildirdi.

Duşuşykda myhman Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary, Türkmenistanyň Mejlisiniň düzümi we onuň ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alyp barýan işleri bilen tanyşdyryldy. 

Taraplar häzirki wagtda halklary we döwletleri ýakynlaşdyrmakda, hyzmatdaşlygy berkitmekde parlament diplomatiýasynyň aýratyn orun eýeleýändigini hem-de ikitaraplaýyn esasda döredilen parlamentara dostluk toparlarynyň işini işjeňleşdirmegiň ýokary ähmiýetini nygtadylar. 

Duşuşygyň ahyrynda söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň has-da ýokarlandyrmagyň iki tarap üçin hem peýdaly boljakdygy, şeýle hem birek-birege hormat goýmak, deňhukuklylyk we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge taýýardyklary beýan edildi.

 

 

 

 

 

 

 

13.12.2025

Aşgabatda hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda ýokary derejeli halkara forum geçirildi

Şu gün paýtagtymyzda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli halkara forum geçirildi. Oňa dünýä döwletleriniň, halkara we sebit guramalarynyň ýokary derejeli wekiliýetleri gatnaşdylar.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamalary bilen üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi Türkmenistanyň daşary syýasat doktrinasynyň esasyny düzýär. Dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan goldanylan bu hukuk ýagdaýy parahatçylyk dörediji döwlet hökmünde ýurdumyzyň eýeleýän ornuny pugtalandyrdy. Oňyn Bitaraplyk dünýä proseslerinden çetleşmek bolman, eýsem, parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan işjeň strategiýadyr. Ýurdumyzyň daşary syýasaty sebitde we onuň çäkleriniň daşynda durnuklylyga, howpsuzlyga, özara düşünişmäge ýardam bermäge gönükdirilip, BMG-niň ýörelgelerine doly laýyk gelýär. Türkmenistan halkara hukugyň kadalaryna, BMG-niň Tertipnamasynyň düzgünlerine berk eýerýär. Türkmen Bitaraplygy gapma-garşylyklaryň öňüni almak üçin diplomatik, syýasy we ykdysady gurallaryň işjeň ulanylmagyny göz öňünde tutýar. Merkezi Aziýada Türkmenistanyň oňyn Bitaraplygy sebit durnuklylygynyň we hoşniýetli goňşuçylygyň möhüm şerti bolup hyzmat edýär. Ýurdumyz sebit hem-de halkara gün tertibiniň derwaýys meseleleriniň ylalaşykly çözgütlerini işläp taýýarlamak, netijeli dialog ugrunda yzygiderli çykyş edýär.

Ykdysady diplomatiýa ýurdumyzyň Bitaraplygynyň wajyp bölegi bolup durýar. Türkmenistan halkara energetika howpsuzlygyny üpjün etmek, multimodal üstaşyr ulag geçelgelerini döretmek boýunça başlangyçlary işjeň öňe sürýär. Bitaraplyk syýasatynyň çuňňur ynsanperwer mazmuny hem bar. Bitarap döwlet hökmünde Türkmenistan ynsanperwer başlangyçlary yzygiderli durmuşa geçirip, halkara guramalar bilen bu ulgamda işjeň hyzmatdaşlyk edýär hem-de ynsanperwer ýörelgelere berk ygrarlydygyny görkezýär.

Täze taryhy döwürde ýurdumyzyň Bitaraplygy “Dialog — parahatçylygyň kepili” atly täze filosofik konsepsiýada öz beýanyny tapýar. Gahryman Arkadagymyzyň bu başlangyjy dünýä jemgyýetçiligini gapma-garşylyklaryň öňüni almagyň, abadançylygy üpjün etmegiň ýeke-täk we ygtybarly guraly hökmünde ynanyşmak, özara hormat goýmak medeniýetini pugtalandyrmaga çagyrýar. Iki taryhy senä — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna hem-de ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan şu günki halkara forum bu taglymlary ilerletmek boýunça tagallalary birleşdirmek üçin möhüm meýdança bolup, halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, durnukly parahatçylygyň, ösüşiň bähbidine oňyn Bitaraplygyň mümkinçiliklerini ulanmak babatda täze mehanizmleri işläp taýýarlamaga gönükdirilendir.

...Ir bilen halkara foruma gatnaşýan ýokary derejeli wekiliýet Baştutanlary paýtagtymyzdaky Bitaraplyk binasyna gül desselerini goýdular. Her bir gül dessesi ýurdumyzyň daşary syýasy ugruna we onuň BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamalary bilen berkidilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine goýulýan çuňňur hormatyň aýdyň nyşanyna öwrüldi.

Soňra wekiliýet Baştutanlary Türkmenistanyň Maslahatlar merkezine geldiler. Bu ýerde hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda olaryň bilelikde resmi surata düşmek dabarasy boldy. Soňra döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda halkara forumyň açylyş dabarasy hem-de «Parahatçylyk we ynanyşmak: durnukly geljegiň bähbidine maksatlaryň bitewüligi» atly plenar mejlis geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz mejlisi açyp, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara Bitaraplyk güni, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilýän halkara foruma gatnaşyjylary mähirli mübärekledi hem-de bu forumyň geçirilmeginiň biziň döwletimiziň parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine üýtgewsiz ygrarlydygynyň aýdyň subutnamasydygyny belledi. Nygtalyşy ýaly, geçen 30 ýylyň dowamynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy döwletimiziň daşary syýasatynyň berk binýady bolup hyzmat etmek bilen, sebit we halkara howpsuzlygy pugtalandyrmaga, ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmäge yzygiderli goşant goşýar. Bu halkara forumyň netijeleri umumy abadançylygyň bähbidine hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge ýardam eder.

Döwlet Baştutanymyz hemmeleri Türkmenistanda parahatçylyk we ynanyşmak forumyna, Halkara Bitaraplyk gününe hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň ykrar edilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan baýramçylyk çärelerine gatnaşýandygy üçin Türkmenistanyň halkynyň adyndan mähirli gutlap, foruma döwlet we hökümet Baştutanlarynyň, iri we abraýly halkara guramalaryň ýolbaşçylarynyň, görnükli syýasatçylaryň, parlament agzalarynyň, diplomatlaryň, alymlaryň, jemgyýetçilik işgärleriniň gatnaşýandygyny, myhmanlary türkmen topragynda görmegiň türkmen tarapy üçin uly hormat we abraýdygyny aýtdy.

Bellenilişi ýaly, bu foruma iri, halkara ähmiýetli waka hökmünde garalýar. Oňa sebit, yklym we ählumumy işler barada oýlanmak, halkara syýasatda parahatçylyk, hyzmatdaşlyk, deňhukuklylyk, ynanyşmak, adalatlylyk, dialog medeniýeti hem-de özara düşünişmek ýagdaýlarynyň ykrar edilmegi üçin badalga nokady hökmünde seredilýär.

Türkmenistan biziň topragymyzda şu gün dünýä gurluşynyň täze, ynsanperwer we öňdengörüjilikli esaslarynyň hem-de ösüşiň hakyky, jogapkärli strategiýasynyň döredilýändigine kanuny esasda guwanyp biler diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we ýurdumyzyň bütin dünýädäki hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklarynyň gazanylan derejesine ýokary baha berýändigini, ony aýawly saklaýandygyny aýratyn nygtady. Hormatly Prezidentimiz Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk gününe, Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara forumy açyk diýip yglan edip, bu forumyň geçirilmeginiň dünýä syýasatynda kadalary, gymmatlyklary we ölçegleri ykrar etmek hem-de berkitmek boýunça Türkmenistanyň köpýyllyk yzygiderli işiniň netijesidigini belledi.

Biziň pikirimizçe, olar halkara gatnaşyklaryň ähli häzirki zaman ulgamynyň hukuk we dünýägaraýyş babatda esasyny düzmelidir. Parahatçylygy hem-de ynanyşmagy şeýle esas hökmünde jar edip, biziň ýurdumyz ençeme möhüm ädimleri ätdi we başlangyçlary öňe sürdi. Olar dünýäde düşünmek bilen kabul edildi, hyzmatdaşlarymyz tarapyndan goldaw tapdy. Türkmenistanyň teklibi boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etmek hakynda Kararnamasynyň kabul edilmegi bilelikdäki işiň netijesi boldy. Munuň özi biziň umumy üstünligimizdir. Birleşen Milletler Guramasynyň ähli agza döwletleriniň syýasy ýolbaşçylarynyň öňdengörüjiliginiň, jogapkärçiliginiň, pähim-paýhasynyň netijesidir diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi we pursatdan peýdalanyp, bu möhüm çözgüdi goldandyklary hem-de ony kabul etmäge goşan goşantlary üçin hemmelere tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz parahatçylygyň we ynanyşmagyň konseptual kadalarynyň Türkmenistanyň milli kanunçylygynda öz beýanyny tapandygyny aýdyp, şu ýylyň sentýabrynda «Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk we ynanyşmak syýasatynyň hukuk esaslary hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň kabul edilendigini belledi. Bu Kanunda Bitaraplyk, deňhukuklylyga, özara hormat goýmaga, hyzmatdaşlyga, hoşniýetli goňşuçylyga, güýç ulanmazlyga, gapma-garşylyklaryň öňüni almaga, islendik halkara meseleleri diňe parahatçylykly, syýasy-diplomatik serişdeler we usullar arkaly çözmäge, beýleki ýurtlaryň içerki işlerine gatyşmazlyga, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryny ileri tutmaga, adam hukuklaryny we azatlyklaryny hormatlamaga, ençeme beýleki örän möhüm borçnamalara üýtgewsiz eýermek esasy kadalar hökmünde berkidilýär. Konstitusion kanunyň kabul edilmegi halkara gatnaşyklaryň subýekti hökmünde Türkmenistanyň işini mundan beýläk-de ösdürmekde tapgyrlaýyn waka öwrüldi. Ýurdumyzyň pugta parahatçylygy, durnuklylygy gazanmaga hem-de gorap saklamaga esaslanýan strategik ugrunyň dogrudygynyň we üýtgewsizdiginiň güwäsi boldy diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady hem-de ýönekeý bolmadyk geosyýasy ýagdaýlaryň häzirki döwründe parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýratyn ähmiýete eýe bolýandygyna ynam bildirdi.

Bu düşünjelere barabar baha bermek we olary dünýä syýasatynyň jedelsiz kadalary hökmünde berkitmek häzirki zamanyň gurluşy barada oýlanmakda netijeli öňegidişlikdir. Howply gapma-garşylyk ýagdaýyndan howpsuzlygyň hem-de ösüşiň ählumumy gurluşynyň netijeli, hakyky, sazlaşykly esaslaryny ýola goýmaga tarap ädimdir. Türkmenistan bu netijäni diňe bilelikde, umumy syýasy, dünýägaraýyş, ynsanperwer esasda BMG-niň Tertipnamasyna, halkara hukugyň ykrar edilen kadalaryna daýanyp, döwletleriň, halkara institutlaryň tagallalaryny birleşdirmek arkaly gazanyp bolar diýen garaýyşdan ugur alýar diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.

Bellenilişi ýaly, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly örän möhüm taryhy ýubileýe — ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň halkara derejede ykrar edilmeginiň 30 ýyllygyna gabat gelýär. BMG-niň Baş Assambleýasynyň çözgütlerinde, Türkmenistanyň Konstitusiýasynda berkidilen syýasy-hukuk ýagdaýy bolan hemişelik Bitaraplyk halkara giňişlikde biziň ähli ädimlerimizi, Türkmenistanyň gazanan üstünliklerini hem-de ägirt uly netijelerini kesgitleýär.

Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we açyklyk netijesinde, häzirki döwürde Türkmenistan onlarça döwlet bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn düzümleriň çäklerinde esasy halkara institutlar bilen ynanyşmagyň hem-de özara düşünişmegiň, hyzmatdaşlygyň görlüp-eşidilmedik derejesine ýetdi. Bitaraplyk we onuň netijesi bolan «Açyk gapylar» daşary ykdysady syýasaty içerki ösüş üçin amatly daşarky şertleri üpjün edip, Türkmenistana ykdysady, durmuş ösüşiniň ýokary depginlerini gazanmaga mümkinçilik berýär. Ilatyň durmuşynyň derejesini we hilini ýokarlandyrmaga, depginli söwda, maýa goýum hyzmatdaşlygyny alyp barmaga, iri halkara taslamalary amala aşyrmak üçin özüne çekiji, ygtybarly we geljegi uly hyzmatdaş bolmaga şert döredýär.

Bitaraplyk Türkmenistanyň şu ýyl dünýäde 80 ýyllyk ýubileýi bellenilýän Birleşen Milletler Guramasy bilen strategik dialogynyň esasy şerti hökmünde çykyş edýär diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady we örän möhüm ählumumy meseleleri çözmekde, Durnukly ösüş maksatlaryny gazanmakda, has giň ugurlar boýunça halkara hyzmatdaşlyga adalatly we sazlaşykly çemeleşmeleri tassyklamakda BMG-niň ýurdumyza jogapkärli hem-de netijeli hyzmatdaş hökmünde garaýandygyna aýratyn ünsi çekdi. Biz Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygyň ugurlaryny giňelderis, milli, sebit hem-de ählumumy maksatnamalary döretmäge we amala aşyrmaga ünsi jemlemegi, olara ýöriteleşdirilen düzümleri çekmegi gazanarys diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Türkmen döwletiniň Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň halkara we sebit durnuklylygyny, howpsuzlygyny üpjün etmäge netijeli, döredijilikli täsiri aýdyň görünýär. Munuň özi Birleşen Milletler Guramasynda türkmen Bitaraplygynyň artýan goldawynda öz beýanyny tapýar. 1995-nji, 2015-nji we 2025-nji ýyllarda Baş Assambleýanyň «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamalarynyň biragyzdan kabul edilmegi munuň aýdyň ýüze çykmasydyr. Ýurdumyzyň başlangyjy boýunça birnäçe ýyl mundan ozal BMG-niň çäginde Bitaraplygyň dostlary toparynyň döredilmegi hem munuň bir mysalydyr. Bu mysallar Bitaraplygyň, onuň binýatlyk kadalarynyň halkara gatnaşyklaryň tejribesinde barha ähmiýetli we möhüm ýagdaýa öwrülýändigine şaýatlyk edýär. Şoňa görä-de, biz Bitaraplygyň üýtgewsiz gurluş däl-de, döwür bilen aýakdaş gidýän hem-de täze üýtgeşmelerdir meýillere seslenýän janly döredijilik ýagdaýydygyny hemişe belleýäris. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan häzirki zamanyň halkara syýasatynyň möhüm bölegi hökmünde öňüni alyş diplomatiýasyny ilerledýär diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady we häzirki şertlerde onuň aýratyn zerurlykdygyna, gapma-garşylyklaryň öňüni almaga, agzalalyklary we çaprazlyklary öz wagtynda gepleşiklere ugrukdyrmaga ýardam bermäge ukyplydygyna ynam bildirdi.

Biz Bitaraplygy syýasy we iş ýüzündäki platforma hökmünde peýdalanmagy teklip edýäris, şonuň esasynda häzirki döwürde ylalaşygy, düşünişmegi, ýaraşygy gazanmagyň ýollaryny we usullaryny işläp taýýarlamak mümkindir. Şu nukdaýnazardan, Bitaraplyk bähbitleriň ýakynlaşmagynyň hem-de sazlaşygynyň, hormat goýmak we deňhukuklylyk dialogynyň, pragmatik, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň nusgasyna, ahyrky netijede, ählumumy geosyýasy deňagramlylygy gazanmagyň şertleriniň birine öwrülip biler diýip hasap edýärin. Özara bähbitli, dostlukly halkara gatnaşyklary öz Bitaraplyk syýasaty netijesinde ösdürýän Türkmenistanyň tejribesi Bitaraplygyň uly mümkinçilikleriniň bardygyny we ony Ýer ýüzüniň dürli künjeklerinde ulanyp boljakdygyny görkezýär diýip pikir edýärin diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Şunuň bilen baglylykda, parahatçylygy döretmek ulgamynda öňüni alyş diplomatiýasynyň syýasy-diplomatik serişdelerini we usullaryny giňden peýdalanýan Milletler Bileleşiginiň baý tejribesine esaslanyp, şeýle hem Bitaraplygyň tejribe häsiýetini ösdürmek, ylmy-barlag, bilim işini amala aşyrmak üçin Türkmenistan BMG bilen hyzmatdaşlykda Parahatçylyk we bitaraplyk uniwersitetini döretmegi teklip edýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyz bu başlangyjyň goldaw tapjakdygyna ynam bildirip, ýurdumyzyň dostlarymyz we hyzmatdaşlarymyz bilen şu meselä jikme-jik seretmäge taýýardygyny beýan etdi.

Hormatly Prezidentimiz türkmen Bitaraplygynyň ýene-de bir aýratynlygy barada aýdyp, biziň Bitaraplygymyzyň Türkmenistanyň hakyky özygtyýarlylygynyň we Garaşsyzlygynyň kanunalaýyk netijesidigine ünsi çekdi. Bellenilişi ýaly, özbaşdak, oýlanyşykly we yzygiderli Bitarap daşary syýasaty alyp baryp, ýurdumyz, ozaly bilen, öz döwletliliginiň berk esaslaryna, taryhy dowamatlylyga, türkmen halkynyň agzybirligine we goldawyna, ähli halklardyr döwletler bilen parahatçylykda, ylalaşyklylykda, hoşniýetli goňşuçylykda ýaşamagy wesýet eden ata-babalarymyzyň köpasyrlyk tejribesine daýanýar. “Türkmenistanyň Garaşsyzlygy” we “Bitaraplygy” diýen düşünjeler biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr hem-de bitewüdir. Elbetde, biz maksatlarymyzy we wezipelerimizi halkara bileleşigiň, bütin dünýäde köp sanly dostlarymyzyň hem-de pikirdeşlerimiziň giňden goldaýandygyny, olara düşünýändigini aýdyň görýäris we muňa ýokary baha berýäris. Bu goldaw Türkmenistana geljegine umytly garamaga, mundan beýläkki bilelikdäki işiniň meýilnamasyny ynamly düzmäge kömek edýär. Bizi halklaryň arasynda parahatçylygy, ynanyşmagy hem-de ylalaşygy gazanmaga, olaryň ilerlemegine, abadançylygyna yzygiderli, işjeň, netijeli gatnaşmaga ruhlandyrýar diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we hemmelere foruma gatnaşýandyklary hem-de Türkmenistan bilen dostlugy, hyzmatdaşlygy, özara düşünişmegi pugtalandyrmaga goşant goşýandyklary üçin ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine söz berdi.

Prezident Wladimir Putin Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk gününe, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara foruma gatnaşýandygyna şatdygyny aýdyp, mundan 30 ýyl ozal, 12-nji dekabrda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesini resmi taýdan berkiden Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmeginiň buýsandyryjy ýagdaýdygyny belledi. Nygtalyşy ýaly, bu sene Türkmenistanda milli baýram hökmünde bellenilýär. Soňra türkmen tarapynyň başlangyjy boýunça hut şol gün BMG tarapyndan “Halkara Bitaraplyk güni” diýlip yglan edildi. Şunuň bilen baglylykda, dostlukly ýurduň Baştutany bu şanly waka bilen hormatly Prezidentimizi, türkmen halkynyň Milli Liderini hem-de ähli türkmen halkyny tüýs ýürekden gutlady.

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Türkmenistanyň mundan 30 ýyl ozal hemişelik Bitaraplyk ýoluny saýlap almagynyň Garaşsyz we özygtyýarly döwlet hökmünde strategik ösüş ugruny kesgitländigini aýdyp, Türkmenistanyň sebitde we dünýäde uly hormatdan, abraýdan peýdalanýan ýurtdugyny nygtady. Türkmenistan baý taryhy, medeni we ruhy mirasyna daýanmak bilen, yzygiderli ösýär, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda, durmuş ulgamynda belent sepgitlere ýetýär. Ýurt oňyn, oýlanyşykly daşary syýasaty alyp barýar, sebit hem-de halkara derejede howpsuzlygyň, durnuklylygyň pugtalandyrylmagyna uly goşant goşýar, dünýä proseslerinde oňyn hyzmatdaşlyk, özara ynanyşmak ýagdaýynyň kemala gelmegi üçin yzygiderli tagallalary edýär.

Dostlukly ýurduň Lideri türkmen tarapynyň taýýarlan Aşgabat Jarnamasynyň taslamasyna ýokary baha berip, onuň şu gezekki forumyň dowamynda alnyp barylýan bilelikdäki işiň möhüm netijesi boljakdygyny aýtdy hem-de Russiýanyň bu resminamany doly goldaýandygyny, onda beýan edilen, BMG-niň Tertipnamasynda berkidilen halkara gatnaşyklaryň möhüm ýörelgelerine berk ygrarlydygyny tassyklady. Bellenilişi ýaly, bu ýörelgeleriň hatarynda parahatçylyk söýüjilik, beýleki döwletleriň içerki işlerine goşulyşmazlyk; ýurtlaryň we halklaryň özboluşly ösüş nusgasyna, dünýägaraýşyna, ýörelgelerine we dini ynanjyna bolan hukuklaryna hormat goýmak ýaly taglymlar bar.

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti çykyşynyň ahyrynda Halkara Bitaraplyk güni, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy bilen ýene-de bir gezek gutlady, şeýle hem Türkmenistanyň 2026-njy ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etjekdigini belläp, bu işde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz many-mazmunly çykyşy üçin russiýaly kärdeşine çuňňur minnetdarlyk bildirip, çykyşda häzirki döwürde parahatçylygy, ynanyşmagy we özara düşünişmegi pugtalandyrmagyň möhümdiginiň beýan edilendigini aýtdy. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan Russiýa Federasiýasy bilen ikitaraplaýyn strategik gatnaşyklary ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýär. Ýurdumyz özara hormat goýmak, deňhukuklylyk ruhunda ynanyşmagy berkitmäge, durnukly hyzmatdaşlygy saklamaga gönükdirilen netijeli dialogy dowam etdirmegi maksat edinýär.

Soňra hormatly Prezidentimiz Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana söz berdi.

Türkiýäniň Prezidenti hormatly Prezidentimizi, döwlet we hökümet Baştutanlaryny, foruma gatnaşyjylaryň ählisini mähirli mübärekläp, ata Watany hasaplaýan türkmen topragynda ýene-de bir gezek bolmagyň özi üçin uly hormatdygyny belledi we döwlet Baştutanymyzy hem-de Gahryman Arkadagymyzy Halkara Bitaraplyk güni bilen tüýs ýürekden gutlady. Şeýle-de ol hormatly Prezidentimize bu şanly günde halkara forumyň guralandygy üçin hoşallyk bildirdi.

Nygtalyşy ýaly, Türkiýede Türkmenistanyň her bir gazanýan üstünligine guwanylýar we begenilýär. Häzirki wagtda Türkmenistan dünýäniň ykdysadyýeti çalt depginler bilen ösýän ýurtlarynyň birine öwrüldi. Türkiýe hem-de Türkmenistan umumy taryhy bolan doganlyk ýurtlardyr. Türk we türkmen halklary bir kökden gaýdýan iki doganlyk halklardyr. Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny ilkinji bolup ykrar eden Türkiýe onuň hemişelik Bitaraplygyny goldanlaryň hem ilkinjileriniň hataryndadyr. Türkiýe Türkmenistanyň parahatçylyk babatdaky garaýyşlaryny goldamak bilen, ähli ulgamlardaky gatnaşyklary ösdürýär, raýdaşlygy pugtalandyrýar. Biz maýa goýum, söwda, energetika we beýleki ulgamlardaky tagallalarymyzyň üstüni berk ynsanperwer gatnaşyklar bilen ýetirýäris diýip, Rejep Taýyp Ärdogan belledi we Türkiýäniň Türkmenistan bilen umumy abadançylyk ugrunda hemişe hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny tassyklady. Türkiýäniň Prezidenti çykyşynda halkara gün tertibiniň birnäçe möhüm meseleleri barada-da durup geçdi.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistany we Türkiýe Respublikasyny taryhy kökleriň umumylygynyň, medeniýetleriniň ýakynlygynyň, köpýyllyk doganlyk gatnaşyklaryň baglanyşdyrýandygyny, iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ikitaraplaýyn görnüşde hem, abraýly sebitleýin we halkara guramalaryň çäklerinde hem yzygiderli ösdürilýändigini aýdyp, dostlukly ýurduň Baştutanynyň çykyşynda halkara gatnaşyklary durnuklylaşdyrmak üçin esas bolup durýan parahatçylygy we ynanyşmagy pugtalandyrmak meseleleriniň giňişleýin beýan edilendigini aýtdy hem-de döwletleriň arasynda hyzmatdaşlygy berkitmäge gönükdirilen dialogy goldaýandygy üçin Prezident Rejep Taýyp Ärdogana minnetdarlyk bildirdi.

Soňra Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkiana söz berildi.

Prezident Masud Pezeşkian forumyň ýokary guramaçylyk derejesi üçin Türkmenistanyň Hökümetine we halkyna hoşallyk bildirip, bu çäräniň ýurdumyzyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna gabat gelmeginiň möhüm ähmiýetini belledi. Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynda döredilen parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary topary ýurduň bu ugurdaky tagallalaryny görkezýän wajyp başlangyçdyr. Üç ýyl mundan ozal Eýran Yslam Respublikasy bu başlangyjy buýsanç bilen goldap, hyzmatdaşlyga taýýardygyny mälim edipdi. Bu gün hem biz parahatçylygy söýýän eýran halkynyň adyndan halkara we sebit derejesinde parahatçylyk ugrunda hyzmatdaşlyk tagallalaryny doly goldaýandygymyzy ýene-de bir gezek nygtaýarys diýip, Eýranyň döwlet Baştutany aýtdy. Şeýle-de ol parahatçylygyň we ösüşiň diňe deňhukukly dialog, hyzmatdaşlyk, halkara hukuga hormat goýmak arkaly mümkindigini belläp, bu forumyň umumy maksatlary ilerletmek, sebitiň ýurtlarynyň parahatçylygy, durnuklylygy, ösüşi üçin binýady döretjekdigine ynam bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz baý mazmunly çykyşy üçin minnetdarlyk bildirip, Prezident Masud Pezeşkianyň halkara durnuklylygy pugtalandyrmaga we ýurtlaryň arasynda ynanyşmagyň derejesini ýokarlandyrmaga degişli möhüm meseleleri gozgandygyny belledi. Türkmenistan Eýran Yslam Respublikasy bilen hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýär. Biziň ýurtlarymyz köp ýyllaryň dowamynda hormatlamaga, açyklyga we özara goldawa esaslanýan ýakyn gatnaşyklary saklap gelýärler. Bu durnukly däpler giň ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy depginli berkitmek üçin ygtybarly esasy döredýär diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentine ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe söz berdi. Dostlukly ýurduň Baştutany türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden hoşallygyny aýdyp, şu gün Türkmenistanda taryhy senäniň — hemişelik Bitaraplygyň 30 ýyllygynyň baýram edilýändigini belledi.

Nygtalyşy ýaly, hemişelik Bitaraplyk syýasaty Türkmenistana halkara derejede abraý getirdi. Ol ýurduň uly taryhy üstünligine, onuň parahatçylyk ýörelgelerine ygrarlylygynyň aýdyň nyşanyna öwrüldi. Bu syýasat giň Ýewraziýa yklymynda durnukly ösüşe uly goşant goşdy. Şeýle wekilçilikli forumyň geçirilmegi Türkmenistanyň halkara derejede ynanyşmagy we hyzmatdaşlygy berkitmekdäki aýratyn ornuny tassyklaýar. Bu ýokary derejeli duşuşykda beýan ediljek garaýyşlardyr teklipleriň XXI asyrda bitaraplygyň möhüm ähmiýetini ýene-de bir gezek görkezjekdigine ynanýaryn diýip, Prezident Kasym-Žomart Tokaýew belledi.

Gazak Lideri bu ugurda Gahryman Arkadagymyzyň bitiren taryhy hyzmatlaryna ünsi çekip, türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyçlary bilen Türkmenistanyň dünýä giňişliginde halkara ähmiýetli möhüm teklipleri öňe sürýän ýurt hökmünde ykrar edilendigini aýtdy. Ol Türkmenistanyň oňyn Bitaraplygynyň türkmen halkynyň köpasyrlyk medeni we ruhy däpleri bilen sazlaşykly utgaşýandygyna ünsi çekip, türkmen nusgawy edebiýatynyň görnükli wekili, akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň goşgularynda bu möhüm ýörelgäniň öz beýanyny tapýandygyny nygtady.

Bellenilişi ýaly, parahatçylyk, ynanyşmak, adamkärçilik ýaly esasy gymmatlyklar türkmen döwletiniň içeri we daşary syýasatynda aýdyň ýüze çykýar. Şoňa görä-de, Türkmenistanyň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi aýratyn ähmiýete eýedir. Gazagystan bu möhüm Kararnamany goldady. Çünki parahatçylyk we ynanyşmak biziň daşary syýasat strategiýamyzyň esasy binýadydyr. Biz parahatçylykly, deňagramly diplomatiýany alyp barýarys, netijeli dialoga ymtylýarys, ählumumy we sebitleýin howpsuzlygy pugtalandyrmak ugrunda çykyş edýäris diýip, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti aýtdy hem-de durnukly ösüş üçin parahatçylygyň, hyzmatdaşlygyň ähmiýetini belledi. Ol çykyşynyň ahyrynda ählumumy parahatçylygyň bähbidine tagallalary birleşdirmekde, möhüm başlangyçlary öňe sürmekde şu günki forumyň ähmiýetini nygtap, onuň işine üstünlikleri arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz çuň mazmunly çykyşy üçin gazak Liderine minnetdarlyk bildirip, Türkmenistan bilen Gazagystany ynanyşmaga we parahatçylykly ýaşaşmak ýörelgelerine eýermek däplerine esaslanýan köpýyllyk hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň baglanyşdyrýandygyny aýtdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Gazagystanyň abraýly halkara, sebit guramalarynda Türkmenistanyň başlangyçlaryny yzygiderli goldaýandygyny, munuň iki ýurduň arasynda özara düşünişmegi we raýdaşlygy berkitmegiň möhüm şerti bolup hyzmat edýändigini belledi.

Soňra Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowa söz berildi. Dostlukly ýurduň Lideri bildirilen myhmansöýerlik we forumyň ýokary guramaçylyk derejesi üçin hoşallygyny beýan edip, parahatçylygy, özara ynanyşmagy, durnukly ösüşi pugtalandyrmaga gönükdirilen möhüm çärä gatnaşmagyň özi üçin uly hormatdygyny aýtdy. Ol 30 ýyl mundan ozal Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly Kararnamany kabul etmeginiň bu ýagdaýy halkara hukuk taýdan tassyklanan üýtgewsiz ýörelge hökmünde görkezendigini we parahatçylygy, ösüşi pugtalandyrýan döwlet hökmünde ýurduň taryhynyň täze tapgyryna ýol açandygyny aýtdy. Geçen ýyllarda Türkmenistan öz saýlap alan Bitaraplyk ýolunyň dogrudygyny we strategik ähmiýetini subut etdi. Bitaraplyk derejesi içerki syýasy durnuklylygy, jemgyýetdäki ylalaşygy üpjün etdi, ýurduň yzygiderli ösüşi üçin berk binýady goýdy. Munuň esasynda giň gerimli ykdysady özgertmeler, iri infrastruktura we durmuş maksatly taslamalaryň amala aşyrylmagyna ýol açyldy. Bitaraplyk diňe bir hukuk derejesi bolman, eýsem, döwlet ösüşiniň we milli strategiýanyň esasy bölegi bolan halkara syýasy filosofiýa hem öwrüldi diýip, Prezident Sadyr Žaparow sözüni dowam etdi.

Bellenilişi ýaly, Gyrgyz Respublikasynda Türkmenistanyň sebitleýin meseleleri çözmäge goşýan goşandyna ýokary baha berilýär. Häzirki zaman şertlerinde açyk dialog, birek-birege goldaw bermek we utgaşykly hereket etmek has zerurdyr. Türkmenistanyň bu ugurdaky öňdengörüjilikli orny Merkezi Aziýada parahatçylyk, özara düşünişmek, hyzmatdaşlyk üçin möhüm şertleri döretdi. Türkmenistanyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etmegi munuň aýdyň mysalydyr. Gyrgyz Respublikasy bu başlangyja ýokary baha berdi we onuň işjeň tarapdary bolup çykyş etdi.

Şeýle-de Prezident Sadyr Žaparow şu ýylyň awgustynda Awazada geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň ähmiýetini belläp, onuň deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlara halkara goldawy güýçlendirmek, ulag-logistika mümkinçiliklerini giňeltmek, infrastruktura durnuklylygyny pugtalandyrmak ugrunda möhüm ädim bolandygyna ünsi çekdi.

Türkmenistanyň Bitaraplyk ýörelgeleri esasynda alyp barýan syýasaty durnukly ösüşiň we halkara hyzmatdaşlygyň berkarar bolmagynyň netijeli binýady bolup biljekdigini aýdyň görkezdi diýip, belent mertebeli myhman belledi hem-de Türkmenistanyň ýolbaşçylaryny we türkmen halkyny Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlady.

Döwlet Baştutanymyz baý mazmunly çykyşy üçin Prezident Sadyr Žaparowa minnetdarlyk bildirip, onuň beýan eden garaýyşlarynyň sebitde özara düşünişmegi berkitmek, hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin möhüm ähmiýete eýedigini belledi. Türkmenistan bilen Gyrgyz Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklar depginli ösdürilýär hem-de anyk many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Biziň ýurtlarymyz BMG-niň, beýleki halkara guramalaryň çäklerinde üstünlikli hyzmatdaşlyk edip, howpsuzlygy, durnukly ösüşi berkitmäge gönükdirilen başlangyçlary goldaýarlar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de umumy parahatçylyga, durnuklylyga, ösüşe ýardam berjekdigine ynam bildirdi.

Soňra Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmona söz berildi. Ol, ilki bilen, Türkmenistanyň Hökümetine we Birleşen Milletler Guramasyna şu günki möhüm çäräniň geçirilýändigi üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň halkyny hemişelik Bitaraplygyň 30 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlady.

Bellenilişi ýaly, Aşgabatda parahatçylyk we ynanyşmak forumynyň geçirilmegi Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy pugtalandyrmaga, parahatçylyk döredijilikli diplomatiýa berk ygrarlydygynyň aýdyň mysaly bolup durýar. Täjigistan Respublikasy Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatyna ýokary baha berýär. Geçen 30 ýylyň dowamynda Türkmenistan Bitaraplyk hukuk derejesiniň halkara gatnaşyklarda netijeli orun eýeläp biljekdigini görkezdi. Dünýäniň häzirki geosyýasy ýagdaýlarynda 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etmek baradaky başlangyç aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Parahatçylyk we ynanyşmak halkara gatnaşyklary ilerletmekde, dünýä giňişliginde hyzmatdaşlyk, durnukly ösüş üçin amatly şertleri döretmekde wajyp orun eýeleýär hem-de çylşyrymly meseleleri özara düşünişmek, umumy jogapkärçilik ýagdaýynda çözmek üçin şert döredýär. Şunuň bilen baglylykda, durnukly ösüşiň esaslaryny pugtalandyrmak we durmuş-ykdysady kynçylyklaryň öňüni almak üçin halkara jemgyýetçiligiň utgaşykly çäreleri görmegi zerurdyr. Şol bir wagtyň özünde howanyň üýtgemegi, daşky gurşawy goramak ýaly ekologik meseleler bilelikdäki tagallalary talap edýär. Biziň ýurdumyz halkara hyzmatdaşlar bilen bu işe hemişe öz goşandyny goşýar diýip, Täjigistanyň Prezidenti sözüni jemledi.

Döwlet Baştutanymyz çykyşy hem-de Türkmenistanyň we onuň halkynyň adyna aýdan hoşniýetli sözleri üçin dostlukly ýurduň Prezidentine tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň we Täjigistan Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmegiň ýurdumyzyň daşary syýasatynda aýratyn orny eýeleýändigini hem-de onuň köpýyllyk ynanyşmaga, dostluga daýanýandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz ýurtlarymyzyň sebitde parahatçylygy, özara düşünişmegi pugtalandyrmak ugrunda edýän bilelikdäki tagallalarynyň ikitaraplaýyn derejede hem, abraýly halkara düzümleriň çäklerinde hem öz beýanyny tapýandygyny kanagatlanma bilen belledi.

Soňra hormatly Prezidentimiz çykyş etmek üçin Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe söz berdi. Goňşy döwletiň Baştutany sözüniň başynda forumyň ýokary guramaçylygy we bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan edip, hormatly Prezidentimizi we ähli türkmen halkyny Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlady.

Bellenilişi ýaly, bu möhüm sene Türkmenistanyň dünýä döwletleri bilen parahatçylykly, dostlukly, özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge ygrarlydygynyň güwäsidir. Prezident Şawkat Mirziýoýew forumyň parahatçylyk döredijilik işini ilerletmek, döwletleriň arasynda ynanyşmak we özara hormat goýmak medeniýetini berkitmek üçin möhüm syýasy platforma bolup durýandygyna ünsi çekip, Türkmenistanyň Bitaraplygynyň türkmen halkynyň milli özboluşlylygynyň aýrylmaz bölegi bolup durýandygyny, onuň gadymy däp-dessurlardan, medeni we ruhy gymmatlyklardan gözbaş alýandygyny aýtdy. Şeýle-de özbek Lideri türkmen halkynyň Milli Lideriniň Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk filosofiýasyny işläp düzmekde we wajyp başlangyçlary durmuşa geçirmekde eýeleýän uly ornuny belläp, bu syýasy-diplomatik ýörelgeleriň häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýändigini nygtady.

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi beýleki döwletleriň özygtyýarlylygyna we çäk bitewüligine hormat goýmak, içerki işlerine goşulmazlyk ýörelgelerini özünde jemläp, şol bir wagtyň özünde oňyn halkara gatnaşyklary üpjün etmäge gönükdirilen işjeň parahatçylyk hem-de diplomatik başlangyçlar bilen sazlaşykly utgaşýar. Şunuň bilen baglylykda, Prezident Şawkat Mirziýoýew Aşgabatdaky BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň netijeli işini we onuň sebitde durnuklylygy üpjün etmäge goşandyny mysal getirdi. Özbegistanyň we Türkmenistanyň strategik garaýyşlary, daşary syýasy çemeleşmeleri ýakyndyr. Şunuň bilen baglylykda, biz Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda Parahatçylyk we bitaraplyk uniwersitetini döretmek başlangyjyny goldaýarys diýip, Özbegistanyň Prezidenti belledi.

Çykyşynyň dowamynda özbek Lideri häzirki zaman şertlerinde parahatçylygyň, özara dialogyň aýratyn möhüm ähmiýete eýe bolýandygyny aýdyp, Türkmenistanyň 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek baradaky başlangyjynyň dünýä bileleşigi tarapyndan uly goldawa eýe bolandygyny nygtady. Özbegistan bu başlangyjy doly goldady hem-de BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamalarynyň awtordaşlarynyň biri boldy. Biz bu başlangyja ýurtlary birleşdirýän, gapma-garşylygy aradan aýyrýan we meseleleri gepleşikler arkaly çözmäge mümkinçilik döredýän, halklaryň jebisleşmegi, hyzmatdaşlyk etmegi üçin esasy platforma hökmünde garaýarys diýip, Şawkat Mirziýoýew aýtdy. Çykyşda Türkmenistanyň energetika we suw diplomatiýasy, durnukly ulag baglanyşygy, sebit hyzmatdaşlygy boýunça halkara başlangyçlaryň ählumumy abadançylygy üpjün etmekdäki orny bellenildi. Şunuň bilen bir hatarda, şu ýylyň awgustynda Awazada geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň halkara ähmiýetine üns çekildi.

Prezident Şawkat Mirziýoýew çykyşynyň ahyrynda parahatçylygyň we ynanyşmagyň umumy abadançylygyň esasy bolup durýandygyny aýdyp, bu gymmatlyklary pugtalandyrmagyň halkara bileleşigiň ileri tutulýan wezipesi bolmalydygyna ünsi çekdi hem-de Özbegistanyň işe mundan beýläk-de öz mynasyp goşandyny goşmaga taýýardygyny tassyklady.

Döwlet Baştutanymyz özbek kärdeşine many-mazmunly çykyşy üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň köp ýyllaryň dowamynda durnukly hem-de netijeli ösdürilýändigini kanagatlanma bilen belledi. Sebit durnuklylygyny pugtalandyrmaga, ulag-logistika gatnaşyklaryny, ykdysady we ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen anyk başlangyçlar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň yzygiderli giňeldilip, iki halkyň durnukly ösüşine, abadançylygyna ýardam berjekdigine ynam bildirdi hem-de çykyşy üçin Prezident Şawkat Mirziýoýewe ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirdi.

Soňra Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Waagn Haçaturýana söz berildi. Ol Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk gününe we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara forumda çykyş etmegiň özi üçin uly hormatdygyny belläp, bu möhüm çäräni guraýandygy hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde parahatçylygy, ynanyşmagy, bitaraplygy yzygiderli ilerledýändigi üçin hormatly Prezidentimize hem-de Türkmenistanyň Hökümetine hoşallyk bildirdi.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etmek hakynda Kararnamasy gapma-garşylyklary parahatçylykly ýollar arkaly çözmek, döwletleriň arasynda hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ilerletmek üçin möhüm binýady döredýär. Şu ýyl Türkmenistanyň hemişelik Bitarap döwlet diýlip ykrar edilmegine 30 ýyl dolýar. Şu geçen döwürde hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi sebitde parahatçylygyň we durnuklylygyň wajyp şerti hökmünde öz ähmiýetini görkezdi. Biz Türkmenistanyň Bitaraplyk, ynanyşmak we dialog taglymlaryny ilerletmek arkaly halkara parahatçylyga, howpsuzlyga goşýan goşandyna ýokary baha berýäris. Ermenistan Respublikasy Türkmenistanyň BMG-de bu ugurdaky başlangyçlaryny hemişe goldaýar. Parahatçylyk dialogy, adalatlylygy, adam hukuklaryny we mertebesini pugtalandyrmak boýunça yzygiderli tagallalary talap edýär. Döwletlerdir halklaryň arasynda ynanyşmagyň döredilmegi parahatçylygy durnukly ýagdaýda saklaýan binýatdyr diýip, Prezident Waagn Haçaturýan nygtady.

“Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyny, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny bellemek bilen, dialog, özara düşünişmek, hyzmatdaşlyk arkaly parahatçylygy we ynanyşmagy ilerletmäge ygrarlydygymyzy tassyklalyň!” diýip, Ermenistanyň Prezidenti çykyşyny jemledi.

Hormatly Prezidentimiz çuň manyly çykyşy üçin Prezident Waagn Haçaturýana minnetdarlyk bildirip, Türkmenistan bilen Ermenistan Respublikasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň özara hormat goýmak, ynanyşmak, düşünişmek ýörelgelerinde dowam etdirilýändigini belledi. Biz Ermenistan bilen hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýetine ýokary baha berýäris. Ençeme möhüm meseleler boýunça ýurtlarymyzyň garaýyşlarynyň laýyk gelmegi parahatçylyk, durnuklylyk we hyzmatdaşlyk ideýalaryny ilerletmäge ýardam berýär diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we çykyşy üçin ermeni kärdeşine ýene-de bir gezek hoşallyk bildirdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz Yrak Respublikasynyň Prezidenti Abdul Latif Raşide söz berdi. Ol, ilki bilen, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan bu möhüm forumyň ýokary guramaçylyk derejesi üçin türkmen tarapyna çuňňur hoşallygyny beýan edip, Yrak Respublikasynyň dialogy, özara düşünişmegi sebitde hem-de dünýäde durnuklylygy üpjün etmegiň esasy şerti hökmünde görýändigini aýtdy.

Häzirki döwrüň ykdysady, ekologiýa meseleleri raýdaşlyk, ynanyşmak we umumy jogapkärçilik ýörelgelerine esaslanýan hyzmatdaşlygy talap edýär. Mynasyp durmuş hem-de abadançylyk biziň halklarymyzyň maksadydyr diýip, Prezident Abdul Latif Raşid aýtdy we bu forumy gurandygy üçin Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna ýene-de bir gezek hoşallygyny beýan etdi.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz çykyşy üçin Yrak Respublikasynyň Prezidentine minnetdarlyk bildirip, onuň halkara durnuklylygy pugtalandyrmaga we dialogy ösdürmäge degişli möhüm meseleler barada durup geçendigini aýtdy. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky döwletara hyzmatdaşlyk deňhukuklylyk, özara hormatlamak ýörelgelerine esaslanýar. Türkmenistanyň we Yrak Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklar hil taýdan täze derejelere çykarylýar. Bu bolsa syýasy, ykdysady, ynsanperwer hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin uly mümkinçilikleri açýar.

Soňra döwlet Baştutanymyz San-Tome we Prinsipi Demokratik Respublikasynyň Prezidenti Karlos Manuel Wila Nowa söz berdi. Ol hormatly Prezidentimize we türkmen halkyna Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli gutlaglaryny beýan etdi.

Karlos Manuel Wila Nowa çykyşynda sebitleýin durnuklylygyň, hyzmatdaşlygyň, açyk dialogyň ähmiýetini belläp, olaryň döwletiň gülläp ösmegine mümkinçilik berýän esasy sütünlerdigini aýtdy. Şunda bitaraplyk syýasatynyň parahatçylygy üpjün etmekde we dostlukly gatnaşyklary ilerletmekde ähmiýetine üns çekildi. Ol bitaraplygyň parahatçylygyň arhitekturasyny emele getirýändigini, onuň döwletara hyzmatdaşlygy giňeltmäge, ynsanperwer başlangyçlary ösdürmäge, häzirki döwrüň meselelerine deňagramly çözgütleri işläp taýýarlamak üçin tagallalary birleşdirmäge ruhlandyrýandygyny aýtdy. San-Tome we Prinsipi Demokratik Respublikasynyň Prezidenti bitaraplygyň deňhukukly ykdysady hyzmatdaşlygyň hereketlendiriji güýji bolup durýandygyna üns çekip, bu konsepsiýanyň maýa goýumlary çekmek, infrastrukturany ösdürmek, azyk hem-de energetika howpsuzlygyny üpjün etmek üçin möhümdigini nygtady.

Hormatly Prezidentimiz many-mazmunly çykyşy üçin Prezident Karlos Manuel Wila Nowa minnetdarlyk bildirdi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan San-Tome we Prinsipi Demokratik Respublikasynyň ählumumy giňişlikde parahatçylykly ýaşaşmak we netijeli dialog ýörelgelerine eýerýändigine ýokary baha berýär. Ýurdumyz halkara guramalaryň çäklerinde San-Tome we Prinsipi bilen hyzmatdaşlyga döwletleriň arasynda durnukly ösüşe we özara düşünişmäge umumy çalyşmagyň möhüm düzümi hökmünde garaýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz özara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdi.

Soňra Pakistanyň Premýer-ministri Muhammad Şahbaz Şarife söz berildi. Ol Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň ykrar edilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilýän bu möhüm çärä gatnaşmagyň özi üçin uly hormatdygyny aýtdy. Bellenilişi ýaly, geçen ýyllaryň dowamynda bu hukuk derejesi BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamalary bilen tassyklanyldy. Bu bolsa halkara bileleşigiň Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk syýasatyna ýokary baha berýändigine şaýatlyk edýär.

Pakistanyň Premýer-ministri şu gün Halkara Bitaraplyk gününiň bellenilýändigini, bu senäniň ýylyň-ýylyna Aşgabatda türkmen halky bilen bilelikde halkara derejede baýram edilýändigini nygtady. Ol şu ýyl bu senäniň aýratyn ähmiýetlidigini, çünki BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan edendigini aýtdy hem-de ynanyşmagyň halkara durnuklylygyň we hyzmatdaşlygyň esasy binýady hasaplanýandygyny belledi.

Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk syýasaty dünýäniň ähli ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy we dost-doganlygy berkitmäge gönükdirilendir. Bu ugur ýurdumyzyň taryhy taýdan kemala gelen daşary syýasy ugry bolup, ýurduň Prezidentiniň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Çykyşynyň dowamynda belent mertebeli myhman ýurdumyzyň halkara başlangyçlaryna ünsi çekdi. Nygtalyşy ýaly, Türkmenistanyň parahatçylyk, durnukly ösüş we halkara dialog ugrunda öňe sürýän başlangyçlary dünýä derejesinde giň ykrarnama eýe bolýar. Ýurdumyz parahatçylyk dörediji we hyzmatdaşlyk merkezi hökmünde giňden tanalýar. Awgust aýynda Awazada BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň üstünlikli geçirilmegi Türkmenistanyň hyzmatdaşlyk köprülerini gurýan ýurt hökmünde çykyş edýändigini ýene bir ýola aýdyň görkezdi. Şunuň bilen baglylykda, Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Halkara Bitaraplyk gününiň we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň bellenilýän gününde geçirilen bu forumyň geljek üçin parahatçylyga, hyzmatdaşlyga we durnukly ösüşe bolan ygrarlylygy tassyklamak üçin uly mümkinçilikleri döredýändigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz çykyş üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasy bilen özara düşünişmäge, umumy maksatlara esaslanan hyzmatdaşlyga ýokary baha berýändigini aýtdy. Hut şeýle çemeleşme iki halkyň gülläp ösmeginiň bähbidine geljegi uly taslamalar üçin berk esasy döredýär. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýurtlarymyzyň dürli ugurlar boýunça yzygiderli hyzmatdaşlyk edýändiklerine, munuň bolsa sebitde ösüş üçin durnuklylygy pugtalandyrmaga we mümkinçilikleri giňeltmäge ýardam berýändigine ünsi çekdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gruziýanyň Premýer-ministri Irakliý Kobahidzä söz berdi. Ol halkara maslahata gatnaşyjylary mähirli mübärekläp, Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan yglan edilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň halkara jemgyýetçiligi parahatçylyk, hyzmatdaşlyk we ynanyşmak ýaly ýörelgelere çagyrýan möhüm senedigini belledi. Gruziýanyň Premýer-ministri Türkmenistanyň Hökümetine sebitleýin hem-de ählumumy derejede dialogy, hyzmatdaşlygy, oňyn gatnaşygy ösdürmekdäki yzygiderli tagallalary üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Häzirki wagtda adamzadyň öňünde durýan möhüm meseleleriň, şol sanda gapma-garşylyklaryň, howanyň üýtgemegi ýaly wehimleriň çözülmeginde parahatçylyk hem-de ynanyşmak möhümdir diýip, dostlukly ýurduň Premýer-ministri belledi hem-de şu babatda bu forumyň ähmiýetini nygtady.

Gruziýa halkara hyzmatdaşlar bilen bilelikde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ýörelgelerini durmuşa geçirmäge doly ygrarlydyr. Şunuň bilen baglylykda, Premýer-ministr Irakliý Kobahidze gruzin tarapynyň durnukly geljegiň diňe ýakyn dialoga, yzygiderli tagallalara we umumy maksatlara esaslanýandygyna ynanýandygyny belledi. Çykyşynyň ahyrynda ol ählumumy parahatçylygy ilerletmäge gönükdirilen bu forumyň wajyp başlangyçlary öňe sürmekde täze mümkinçilikleri döredýändigini aýdyp, onuň işine üstünlikleri arzuw etdi.

Premýer-ministr Irakliý Kobahidzä çykyşy üçin minnetdarlyk bildirip, hormatly Prezidentimiz onuň çykyşynda sebit durnuklylygyny pugtalandyrmaga hem-de halkara dialogyň ýörelgelerini ilerletmäge degişli möhüm garaýyşlaryň bellenilendigini aýtdy. Bu ugurlaryň uzak möhletleýin ösüşi, özara baglanyşygy üpjün etmek üçin uly ähmiýeti bardyr.

Soňra Azerbaýjan Respublikasynyň Premýer-ministri Ali Asadowa söz berildi. Ol foruma gatnaşyjylary mähirli mübärekläp, bildirilen myhmansöýerlik üçin türkmen tarapyna hoşallyk bildirdi.

Bellenilişi ýaly, Azerbaýjan Respublikasy Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk syýasatyna ýokary baha berýär. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan Bitaraplyk hukuk derejesi resmi taýdan ykrar edilen Türkmenistan 30 ýylyň dowamynda parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi pugtalandyrmakda uly işleri durmuşa geçirdi. Azerbaýjan Türkmenistanyň BMG-de öňe süren başlangyçlaryny yzygiderli goldady we 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etmek baradaky Kararnamanyň awtordaşlarynyň biri bolup çykyş etdi. Şunuň bilen baglylykda, dostlukly ýurduň Premýer-ministri Azerbaýjanyň Türkmenistanyň bu başlangyçlaryna parahatçylygyň we howpsuzlygyň ählumumy arhitekturasyna wajyp goşant hökmünde garaýandygyny, BMG-niň howandarlygynda Türkmenistanyň Parahatçylyk we bitaraplyk uniwersitetini döretmek baradaky başlangyjyna ýokary baha berýändigini aýtdy.

Azerbaýjan Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklar taryhy köklere, ruhy we medeni gymmatlyklara, dost-doganlyga esaslanýar. Ol soňky ýyllarda depginli ösüşe eýe boldy. Şu ýylyň dowamynda iki doganlyk ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlykda täze sahypany açan özara saparlar hem munuň aýdyň mysalydyr diýip, Premýer-ministr sözüni dowam etdi. Ol şu ýylyň iýulynda türkmen halkynyň Milli Lideriniň Azerbaýjana amala aşyran saparynyň ähmiýetine ünsi çekip, onuň iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary täze derejä çykarandygyny belledi. Şunuň bilen bir hatarda, sebitleýin hyzmatdaşlygy giňeltmek, köpugurly gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin möhüm platforma öwrülen Azerbaýjan, Türkmenistan, Özbegistan üçtaraplaýyn ýokary derejeli duşuşygynyň möhüm ähmiýeti nygtaldy.

Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk ykdysady, ulag, energetika ýaly ugurlary öz içine alýar. Şeýle hem dostlukly ýurduň Premýer-ministri Fizuli şäheriniň ýaşaýjylarynyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu şäherde metjit gurmak baradaky başlangyjy üçin minnetdarlyk hatyny iberendiklerini buýsanç bilen ýatlady. Çykyşynyň ahyrynda Azerbaýjan Respublikasynyň Premýer-ministri türkmen halkyny Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz giňişleýin çykyşy üçin dostlukly ýurduň Premýer-ministrine minnetdarlyk bildirdi hem-de onuň sebit hyzmatdaşlygy boýunça belläp geçen ugurlarynyň parahatçylygy, durnuklylygy, özara düşünişmegi ilerletmek üçin möhüm esas bolup durýandygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk syýasaty bilen baglylykda, Azerbaýjan Respublikasy bilen hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berýändigini aýdyp, parahatçylygyň we açyk dialog ýörelgelerine eýermegiň ikitaraplaýyn derejede hem, BMG-niň, beýleki abraýly halkara düzümleriň çäklerinde hem bilelikdäki başlangyçlary ilerletmekde amatly şertleri döredýändigine ynam bildirdi.

Soňra çykyş etmek üçin Eswatini Patyşalygynyň Premýer-ministri Rassel Dlaminä söz berildi. Ol Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilýän bu taryhy foruma ýokary döwlet derejesinde gatnaşmagyň Eswatini Patyşalygy üçin uly hormatdygyny belläp, foruma gatnaşmaga çakylyk hem-de bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan etdi.

Belent mertebeli myhman Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň ähli ýurtlar we halklar bilen açyk, dostlukly gatnaşyklary ösdürmekdäki ähmiýetini belläp, Türkmenistanyň bu ugry saýlap alyp, parahatçylyk medeniýetini nusgalyk häsiýete öwürýändigini aýtdy. Premýer-ministr Rassel Dlamini ýurduň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan üç gezek ykrar edilendigini, munuň Türkmenistanyň belent halkara abraýyny şertlendirýändigini nygtady.

Hormatly Prezidentimiz çykyşy üçin belent mertebeli myhmana minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýerip, ähli döwletler, şol sanda Afrika yklymynyň ýurtlary bilen dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge möhüm ähmiýet berýändigini aýtdy. Türkmenistan Eswatini Patyşalygy bilen hyzmatdaşlyga, ýurduň özara dialog ýörelgelerine eýerýändigine ýokary baha berýär. Bu çemeleşmeler Türkmenistanyň halkara giňişlikde parahatçylyga, durnuklylyga hem-de deňhukuklylyga gönükdirilen hemişelik Bitaraplyk syýasatynyň esasy ideýalaryna köp babatda laýyk gelýär.

Döwlet Baştutanymyz Mýanma Bileleşigi Respublikasynyň Premýer-ministri Nýo So söz berdi. Ol bildirilen myhmansöýerlik üçin Mýanmanyň wekiliýetiniň adyndan Türkmenistanyň Hökümetine we halkyna tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň bu halkara forumy guramagy dialogy, özara düşünmegi, parahatçylygy hem-de durnuklylygy berkitmäge üýtgewsiz ygrarlydygyny görkezýär. Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasaty 30 ýylyň dowamynda parahatçylyk, özara hormat goýmak, dialog ýörelgeleriniň sebit we halkara derejede ösdürilmegine uly goşant goşup gelýär. Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygy, ynanyşmagy pugtalandyrmak, diplomatiýany ösdürmek boýunça yzygiderli tagallalary ýokary baha mynasypdyr. Şunuň bilen baglylykda, Premýer-ministr Nýo So forumyň ähmiýetini belläp, Türkmenistanyň parahatçylyk we Bitaraplyk ýörelgeleriniň ählumumy tagallalary mundan beýläk-de ilerletmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz Mýanmanyň Premýer-ministrine çykyşy üçin minnetdarlyk bildirip, onuň halkara hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň ugurlary babatda beýan eden garaýyşlarynyň döwletleriň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmek üçin gymmatly bolup durýandygyny aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk gününe, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara foruma gatnaşyjylaryň ählisine ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirip, wekiliýet Baştutanlarynyň çykyşlarynyň, teklipdir garaýyşlarynyň parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgelerini pugtalandyrmak boýunça alnyp baryljak geljekki işler üçin esas bolup hyzmat etjekdigine ynam bildirdi.

Umuman, biziň bu forumymyzyň oňa gatnaşyjylara şu maksatlar üçin bitaraplyk usullaryny peýdalanmagyň mümkinçiliklerine hemmetaraplaýyn seretmegi teklip edýändigini bellemek gerek diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we gysga arakesmeden soňra, parahatçylyk medeniýetini ösdürmegiň hem-de ilerletmegiň bähbidine köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin forumyň işini dowam etmegi teklip etdi.

Arakesmeden soňra, plenar mejlis türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda dowam etdi. Gahryman Arkadagymyz ilki ýokary derejeli wekiliýet Baştutanlary, halkara guramalaryň ýolbaşçylary bilen bilelikde resmi surata düşdi.

Milli Liderimiz foruma gatnaşyjylara ýüzlenip, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzyň dünýä bileleşigi bilen bilelikde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň ykrar edilmeginiň 30 ýyllygyny giňden belleýändigini, bu wajyp senäniň Garaşsyz türkmen döwleti üçin ähmiýetli wakadygyny, onuň daşary syýasatyndaky tapgyrlaýyn sepgitdigini belledi. Döwletimiziň Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan üç gezek ykrar edilmegi dünýäde ählumumy parahatçylygy we ylalaşyklylygy pugtalandyrmagyň, özara düşünişmäge, ynanyşmaga esaslanýan halkara gatnaşyklary ýola goýmagyň hem-de ösdürmegiň bähbidine dünýä bileleşiginiň tagallalaryny birleşdirmäge çalyşýan ýurt hökmünde Garaşsyz Watanymyzyň abraýyny has-da belende galdyrýar diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy we hemmeleri Halkara Bitaraplyk güni, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilýän halkara forumda mübärekledi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri foruma gatnaşyjylara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna işjeň gatnaşýandyklary üçin çuňňur minnetdarlyk bildirdi. Forum dünýäniň köp sanly döwletleriniň, iri halkara guramalaryň ýolbaşçylaryny hem-de wekillerini, syýasatçylary, diplomatlary, jemgyýetçilik işgärlerini bir ýere jemledi. Bu möhüm syýasy çärä gatnaşyjylaryň giň wekilçilikli düzümi Türkmenistana goýulýan hormatyň hem-de ynamyň, ýurdumyzyň halkara syýasatdaky oňyn ornunyň, ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň pugtalandyrylmagyna goşýan goşandynyň ykrarnamasydyr. Forumda garaljak meseleler durnuklylygyň berkidilmegini, dünýä döwletleriniň okgunly hem-de durnukly ösüşini üpjün etmegi, durmuş, ynsanperwer häsiýetli birnäçe çärelere garamagy, häzirki wagtda öňümizde durýan ählumumy gün tertibiniň beýleki ugurlaryny öz içine alýar diýip, hormatly Arkadagymyz aýtdy.

Bellenilişi ýaly, 2025-nji ýylyň dowamynda, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäklerinde beýleki ýurtlardaky hyzmatdaşlar, köpugurly birleşikler hem-de edaralar bilen bilelikde Türkmenistan maksada okgunly oňyn daşary syýasat işlerini durmuşa geçirdi. Bu işler sebit we halkara formatlarda dürli derejelerde alnyp baryldy hem-de halkara gatnaşyklaryň oňyn ýagdaýda netijeli ösdürilmegi üçin şertler döretmek, dünýä syýasatynda ynamy gaýtadan dikeltmek, dialog medeniýetini berkarar etmek ýaly umumy maksat bilen birleşdirildi. Häzirki wagtda bu ýörelgelerdir maksatlar aýratyn ähmiýete eýedir.

Dünýä gurluşynyň köp ugurlary boýunça dürli çemeleşmeleriň emele gelen şertlerinde Türkmenistanyň 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etmek baradaky başlangyjy kanunalaýykdyr. Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň Baş Assambleýasynyň kabul eden Kararnamasy häzirki döwrüň möhüm wakasy bolmak bilen, BMG-niň agza döwletleriniň, tutuş dünýä bileleşiginiň, syýasy we diplomatik toparlaryň ýokary bahasyna mynasyp boldy. Halkara gatnaşyklar ulgamynda çözgütleriň kabul edilmegine dahylly adamlaryň aňynda uly ähmiýetli waka hökmünde orun aldy. Köp sanly ýurtlar bu ugurda iň wajyp meseleler ara alnyp maslahatlaşylanda, oňyn, özara hormata esaslanýan söhbetdeşlik ýagdaýyny emele getirmek üçin giň mümkinçilikleriň açylýandygyna göz ýetirdiler.

Elbetde, biziň başlangyjymyz tötänleýin däldir. Bu başlangyç Türkmenistanyň halkara gatnaşyklaryň parahatçylykly, durnukly amala aşyrylmagynyň, dürli çylşyrymly ýagdaýlary diňe syýasy-diplomatik ýollar hem-de usullar arkaly çözmek üçin oňyn şertleriň kemala gelmegine gönükdirilen parahatçylyk söýüji, Bitarap döwlet hökmündäki köpýyllyk tagallalarynyň kanunalaýyk tapgyryna öwrüldi. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly şeýle mümkinçiligi döredýär. Şoňa görä, onuň ähmiýeti, hakykatdan-da, ählumumy derejä çykýar diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy sözüni dowam etdi.

Nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda dünýä dürli ýagdaýlar bilen baglanyşykly çylşyrymly döwri başdan geçirýär. Şunda ähli jogapkärli, sagdyn, parahatçylyk söýüji güýçleriň jebisleşmegi, olaryň agzybirligi hem-de çylşyrymly ýagdaýlara, howpsuzlygyň ählumumy arhitekturasynyň bozulmagyna howp salýan wehimlere garşy durmaga taýýarlygy ozalkylardan has zerurdyr. Türkmenistan häzirki wagtdaky dünýä meselelerine durmuşa ukyply, hakyky ýagdaýa görä çemeleşilmegi üçin ýeke-täk serişde hökmünde dialog esasynda parahatçylyk we ynanyşmak başlangyjyny öňe sürmek bilen, syýasatyň we diplomatiýanyň, jemgyýetçilik pikiriniň, taryhy tejribäniň, toplanan ynsanperwer, medeni mirasyň ähli mümkinçiliklerini has işjeň we netijeli peýdalanmagyň zerurdygyndan ugur alýar. Şunda dünýä bileleşiginiň, jemgyýetçilik-syýasy gurluşyna, çäk ölçegine, ilat sanyna, beýleki ýagdaýlara garamazdan, ähli döwletleriň mümkinçiliklerini oňyn derejede utgaşdyrmaklary syýasy pähim-paýhasy, erk-islegi hem-de öz garaýyşlaryna ygrarlylygy talap edýär. Häzirki wagtda biz dünýäniň geljegi üçin jogapkärdiris diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy we şunda, ozaly bilen, Birleşen Milletler Guramasyny göz öňünde tutýandygyny belledi.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň nygtaýşy ýaly, köptaraplaýyn kanunylyga hem-de ygtyýarlylyga eýe bolan ýeke-täk halkara gurama hökmünde BMG-niň mümkinçiliklerini peýdalanmak zerurdyr. Parahatçylyk we ynanyşmak esasynda hyzmatdaşlyk BMG-niň Tertipnamasynda berkidilen, ykrar edilen syýasy-hukuk esaslarynyň, anyk we aýdyň ýörelgeleriň bolmagyndan, deňhukuklylyk, özara hormat goýmak, özygtyýarlylyk, beýleki döwletleriň içerki işlerine goşulyşmazlyk taglymlaryndan ugur alýar. Bu ýörelgelere eýermek parahatçylygy gorap saklamagy, hereketleriň anyklygyny üpjün eder, birek-birek bilen söhbetdeşlik medeniýetiniň sütünini täzeden gurmaga mümkinçilik berer. Häzirki wagtda parahatçylyk we ynanyşmak taglymatyny ilerletmek, adaty diplomatiýadan başga-da, gepleşikleri geçirmegiň parlament ýollarynyň peýdalanylmagyny, zenanlar, ýaşlar diplomatiýasynyň netijeli ulanylmagyny talap edýär. Biziň ýurdumyz munuň üçin köp tagalla edýär. Diňe soňky ýyllaryň dowamynda Türkmenistan öz çäginde bu ugurda iri çäreleri, şol sanda wekilçilikli halkara hem-de sebit derejeli forumlary geçirdi. Şunda syýasy çözgütleriň kabul edilmegine täsir etmegiň goşmaça gurallaryna eýe bolan halk diplomatiýasynyň resmi diplomatiýa üçin möhüm goldaw bolup biljekdiginden hem-de şeýle bolmalydygyndan ugur alynýar.

Gahryman Arkadagymyz hormat goýmaga esaslanýan oňyn döwletara gatnaşyklaryň alnyp barylmagynda maglumat dialogyna wajyp ornuň degişlidigini aýdyp, ýurdumyzyň bu ugra biziň parahatçylyk we ynanyşmak taglymatynyň, Türkmenistanyň birnäçe ýyl mundan ozal öňe süren «Dialog — parahatçylygyň kepili» ählumumy başlangyjynyň möhüm düzüm bölegi hökmünde garaýandygyna ünsi çekdi. Nygtalyşy ýaly, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri diňe döredijilikli maksatlar üçin peýdalanylmalydyr. Munuň üçin kiberjenaýatçylygyň hem-de metbugat giňişliginde göz-görtele ýalan maglumatlaryň ýaýradylmagynyň öňünde berk böwet goýulmalydyr.

Halk Maslahatynyň Başlygy parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgeleri esasyndaky hyzmatdaşlygyň yzygiderli, üznüksiz, geljegi ugur edinýän halkara dialog hökmünde kabul edilýändigini aýdyp, onuň işleriň giň gerimini öz içine almalydygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgesiniň howanyň üýtgemegi, arassa agyz suwuna, howa, häzirki zaman lukmançylygyna, ilkinji bilime elýeterlilik, azyk howpsuzlygynyň üpjün edilmegi ýaly wajyp durmuş meselelerini çözmäge gönükdirilmeginiň gerimini giňeltmegi möhüm hasaplaýarys. Gyzyklanma bildirýän döwletlerdäki hem-de halkara guramalardaky hyzmatdaşlar bilen bilelikde parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgesiniň howandarlygynda geljegi uly täze hyzmatdaşlygyň “Ýol kartasyny” işläp taýýarlamagy teklip edýäris. Bu başlangyjyň many-mazmunyny hem-de guramaçylyk ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga taýýardyrys diýip, Milli Liderimiz sözüni dowam etdi.

Şu gün, 12-nji dekabrda Türkmenistan taryhy senäni — döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň halkara bileleşik tarapyndan ykrar edilmeginiň 30 ýyllygyny belleýär. Şu döwürde türkmen Bitaraplygy durmuşa ukyplydygyny, milli maksatlara, strategik wezipelere hem-de dünýä giňişligindäki meýillere doly laýyk gelýändigini görkezdi. Türkmenistanyň Bitaraplygynyň sebit gatnaşyklarynyň, Merkezi Aziýanyň döwletleriniň hem-de onuň bilen serhetdeş ýurtlaryň we sebitleriň — biziň ozaldan gelýän hyzmatdaşlarymyzyň arasyndaky özara bähbitli dost-doganlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine netijeli, durnuklylaşdyryjy täsiri şübhesizdir. Iş tejribesi türkmen Bitaraplygynyň binýatlaýyn esaslarynyň BMG-niň işiniň ileri tutulýan ugurlaryna, onuň giň gerimli maksatnamalarynyň we strategiýalarynyň durmuşa geçirilmegine doly laýyk gelýändigini subut etdi diýip, hormatly Arkadagymyz nygtady we ýurdumyzyň öz Bitaraplygynyň mümkinçiliklerini parahatçylygyň, özara düşünişmegiň, hyzmatdaşlygyň berkarar edilmegine, Durnukly ösüş maksatlarynyň ýerine ýetirilmegine gönükdirmäge hemişe taýýardygyny tassyklady.

Hemişelik Bitaraplyk Türkmenistanyň halkara giňişlikdäki maksatlaryny, şol sanda öňüni alyş diplomatiýasy, işjeň parahatçylyk dörediji, araçyllyk işleri ýaly gurallary ulanmak arkaly olara ýetilmegini kesgitleýär. Türkmenistan birnäçe başlangyçlary, şol sanda BMG-niň araçyllyk palatasyny döretmek, bitarap hem-de bileleşiklere goşulmaýan döwletlere bu guramanyň parahatçylyk dörediji tagallalarynyň çäklerinde “ileri tutulýan hyzmatdaş” derejesini bermek baradaky teklipleri öňe sürdi. Şunda biz BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň geografiýasyny giňeltmek hem-de olaryň ygtyýarlyklaryny ýokarlandyrmak zerurlygyndan ugur alýarys.

Türkmenistan üçin Bitaraplyk derejesiniň diňe bir daşary syýasatyň nusgasy däldigini nygtamak isleýärin. Bitaraplyk biziň dünýägaraýşymyzyň, döwlet hem halk hökmünde öz ornumyza, jogapkärçiligimize düşünmegiň, häzirki zaman siwilizasiýasynyň ösüşine özboluşly goşandymyzyň binýadydyr. Bitaraplyk, parahatçylyk we ynanyşmak, özara hormat goýmak hem-de düşünişmek düşünjeleri kanunçylyk derejesinde berkidilip, Türkmenistanyň daşary syýasatynyň we içerki döwlet gurluşynyň düýp mazmunyny kesgitleýär. Şoňa görä-de, biziň Bitaraplygymyz üýtgewsizdir, daşarky şertlere we ýagdaýlara, wagtlaýyn üýtgäp durýan şertlere durnuklydyr. Türkmenistan gün tertibiniň ählumumy, sebit we ikitaraplaýyn meselelere ähli çemeleşmelerini, başlangyçlaryny hem-de hereketlerini öz hemişelik Bitaraplyk derejesi bilen berk baglanyşdyrýar diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri sözüni dowam etdi.

Gahryman Arkadagymyzyň aýdyşy ýaly, şu günki forum dünýä ýurtlaryna jogapkärçiligi, öňdengörüjiligi, raýdaşlygy ýokarlandyrmaga, parahatçylygyň we ösüşiň bähbidine halkara bileleşigiň tagallalaryny birleşdirmäge anyk hem-de aýdyň çagyryşdyr. Parahatçylyk we ynanyşmak garaýyşlarynyň binýatlaýyn syýasy-filosofik taglymat hökmünde Milletler Bileleşigi tarapyndan goldaw tapjakdygyna, geljegiň häzirki zaman, berk, bitewi ählumumy arhitekturasyny döretmek üçin netijeli platforma boljakdygyna ynanýarys. Bize bilelikde halkara ýagdaýlary sagdynlaşdyrmak, ynanyşmagy, syýasy dialog medeniýetini dikeltmek üçin öňde uly wezipeler garaşýar. Şu günki forum bu ugurda möhüm ädimdir. Milli Liderimiz sözüni jemläp, foruma gatnaşyjylaryň ählisine parahatçylygyň, özara düşünişmegiň we hyzmatdaşlygyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra Gahryman Arkadagymyz çykyş etmek üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Ženewadaky edarasynyň Baş direktory Tatýana Walowaýa söz berdi. Ol çykyşynyň başynda halkara foruma gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Bellenilişi ýaly, 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynyň taryhy ähmiýeti uludyr. Şol senede Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan ykrar edildi. Tatýana Walowaýa pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimizi we Gahryman Arkadagymyzy, ähli türkmen halkyny şanly sene bilen gutlady.

Nygtalyşy ýaly, şu ýylyň oktýabrynda Türkmenistanyň hemişelik wekilhanasynyň goldawy bilen Ženewada parahatçylyk, howpsuzlyk we bitaraplyk meselelerine bagyşlanan duşuşyk geçirildi. Bu duşuşyk häzirki döwürde bitaraplyk ýörelgesiniň aýratyn ähmiýetini, esasan-da, dialogyň we ynanyşmagyň zerurdygyny ýene-de bir gezek tassyklady. BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilen 2025-nji ýylyň dowamynda Türkmenistan tarapyndan Durnukly ösüş maksatlaryny gazanmaga gönükdirilen birnäçe möhüm halkara başlangyçlar öňe sürüldi. Durnukly ösüş boýunça ählumumy Gün tertibi, şol bir wagtyň özünde düşünişmezlikleriň esasy sebäplerini çözmäge, parahatçylygy we durnukly ösüşi gazanmaga gönükdirilen “Ýol kartasydyr”. Şeýle şertlerde häzirki halkara forum tejribe alyşmak, öňdebaryjy tejribeleri paýlaşmak we parahatçylygy, durnuklylygy berkitmek, Durnukly ösüş maksatlaryny ilerletmek babatda aýratyn ähmiýete eýedir.

Türkmenistanyň geografik ýerleşişi, daşary syýasatda Bitaraplyk ýörelgesine ygrarlylygy onuň Aziýa bilen Ýakyn Gündogary we beýleki sebitleri birleşdirýän ygtybarly hyzmatdaş hökmünde çykyş etmegine mümkinçilik berýär. Türkmenistan halklary, ýurtlary we medeniýetleri baglanyşdyryp, parahatçylyk köprüleriniň binýadyny berkidýär. Sözüniň ahyrynda belent mertebeli myhman Türkmenistanyň halkyny bu taryhy sene bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri manyly çykyşy üçin Tatýana Walowaýa minnetdarlyk bildirip, onuň çykyşynda halkara hyzmatdaşlygyň deňhukuklylyk, parahatçylykly dialog medeniýetini goldamaga, parahatçylygyň pugtalandyrylmagyna, durnukly ösüşiň üpjün edilmegine gönükdirilen başlangyçlaryň beýan edilendigini aýtdy. Gahryman Arkadagymyz döwletleriň we halkara düzümleriň dürli ugurlar boýunça hereketleriniň ylalaşyklylygyny üpjün edýän köptaraply mehanizmleriň özara baglanyşygy pugtalandyrmakdaky möhüm ähmiýetini belläp, ýurdumyzda Birleşen Milletler Guramasynyň, onuň edaralarynyň ählumumy gün tertibiniň meselelerini çözmekde wajyp ornuna ýokary baha berilýändigini nygtady.

Soňra çykyş etmek üçin BMG-niň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Kaha Imnadzä söz berildi. Onuň çykyşynda bellenilişi ýaly, 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesini resmi taýdan ykrar etmegi taryhy waka boldy. Bu waka halkara giňişlikde bitaraplygyň hukuk binýadyny berkitdi. Bu başlangyç Bitaraplygyň türkmen nusgasynyň halkara we sebitara gatnaşyklardaky ähmiýetini aýdyň görkezdi. Türkmenistanyň başlangyjy bilen Baş Assambleýa tarapyndan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilen 2025-nji ýyl ýurduň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy bilen utgaşýar. Munuň özi Türkmenistanyň parahatçylygy, ynanyşmagy we durnukly ösüşi berkitmäge ygrarlydygyny, 2030-njy ýyla çenli durnukly ösüş ulgamynda Gün tertibini durmuşa geçirmäge goşýan mynasyp goşandyny tassyklaýar.

Türkmenistanyň Bitaraplygy jogapkärçilikli we işjeň ýörelge bolup, dialogy, özara hormat goýmagy, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga, sebitde durnuklylygy berkitmäge gönükdirilendir. Türkmenistanyň bu hukuk derejesi goňşy döwletler we halkara hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmäge ýardam berýär. Türkmenistanyň alyp barýan öňüni alyş diplomatiýasy, şol sanda Aşgabatdaky BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi sebitiň döwletleriniň arasynda ynanyşmagy pugtalandyrmak, howanyň üýtgemegi we beýleki wehimlere garşy bilelikde hereket etmek üçin möhüm platformany döretdi. Awazada geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty we onuň jemleri esasynda kabul edilen Awaza syýasy Jarnamasy Türkmenistanda durnukly ösüş we halkara hyzmatdaşlyk babatda uly işleriň durmuşa geçirilýändigini görkezdi. Şeýle hem Türkmenistan sebitde durnukly ösüş üçin infrastruktura, ulag, energetika taslamalaryny ilerledýär. Bu başlangyçlar integrasiýa proseslerini işjeňleşdirmäge ýardam edýär.

BMG we beýleki halkara guramalar häzirki wagtda parahatçylygyň dialog hem-de ynanyşmak arkaly gazanylýandygyny yzygiderli nygtaýarlar. Şu nukdaýnazardan, bitarap döwletleriň, şol sanda Türkmenistanyň üstünlikli hyzmatdaşlyk we dialog meýdançasy hökmünde eýeleýän orny barha artýar diýip, Kaha Imnadze aýtdy we şu günki forumda hormatly Prezidentimiziň, türkmen halkynyň Milli Lideriniň öňe süren möhüm başlangyçlarynyň, şol sanda Parahatçylyk we bitaraplyk uniwersitetini döretmek baradaky teklibiniň ähmiýetini belläp, Birleşen Milletler Guramasynyň bu başlangyçlary durmuşa geçirmek üçin hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny tassyklady.

Gahryman Arkadagymyz manyly çykyşy üçin Kaha Imnadzä minnetdarlyk bildirip, çykyşda beýan edilen meseleleriň häzirki döwürde örän uly ähmiýete eýedigini belledi we BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň geljekde hem sebitimizde, onuň bilen serhetdeş çäklerde ýerleşýän ýurtlaryň parahatçylykly başlangyçlaryny ilerletmäge işjeň ýardam berjekdigine ynam bildirdi.

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Feridun Sinirlioglu Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli geçirilýän halkara forumda ÝHHG-ä wekilçilik etmeginiň özi üçin uly hormatdygyny belledi. Şeýle hem ol Merkezi Aziýa sebitine ilkinji saparynyň dowamynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli geçirilýän dabaralara gatnaşýandygyna örän şatdygyny aýtdy. Bu forum Türkmenistanyň ählumumy parahatçylyga we howpsuzlyga degişli möhüm meseleler boýunça halkara dialogy işjeňleşdirmäge ygrarlydygyny görkezýär. ÝHHG Türkmenistanyň bu ugurdaky tagallalaryny giňden goldaýar. Türkmenistan 1992-nji ýyldan bäri Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň möhüm hyzmatdaşy hökmünde guramanyň Aşgabatdaky merkezi bilen netijeli hyzmatdaşlygy alyp barýar.

Feridun Sinirlioglu çykyşynyň ahyrynda Türkmenistanyň parahatçylyk döredijilikli başlangyçlarynyň bilelikdäki tagallalara mundan beýläk-de itergi berjekdigine ynam bildirdi hem-de ýurdumyzyň bu ugurdaky ýeten sepgitlerine ýokary baha berdi.

Milli Liderimiz çuň manyly çykyşy üçin Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretaryna minnetdarlyk bildirip, onuň çykyşynda howpsuzlyk, ösüş, ynsanperwer ugurlary birleşdirýän dialogyň netijeli guraly hökmünde ÝHHG-niň wajyp ornunyň bellenilýändigini aýtdy. ÝHHG-niň howpsuzlygyň tutuş toplumyna düşünilmegine esaslanýan çemeleşmesi parahatçylyk hem-de bitaraplyk filosofiýasy bilen doly sazlaşýar. Ýurdumyz geljekde-de bu düzüm bilen oňyn hyzmatdaşlygy dowam etdirer.

Soňra Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Asad Majid Hana söz berildi. Ol BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda Kararnamasynyň kabul edilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli bu möhüm halkara foruma gatnaşmagynyň özi üçin uly hormatdygyny aýdyp, ýurdumyzyň bu hukuk derejesiniň geçen döwürde Baş Assambleýanyň degişli Kararnamalary bilen tassyklanandygyny nygtady. Munuň özi halkara bileleşigiň Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatyna bildirýän ýokary ynamyna şaýatlyk edýär.

Şeýle hem bu gün biz BMG-niň Kararnamasy bilen 2017-nji ýylyň fewralynda esaslandyrylan Halkara Bitaraplyk gününi belleýäris. Şu babatda bu ýyl aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Çünki Baş Assambleýa 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etdi. Türkmenistanyň saýlap alan hemişelik Bitaraplyk nusgasy döwletleriň özygtyýarlylygyna hormat goýmak we içerki işlerine goşulyşmazlyk, ähli ýurtlar bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak ýörelgelerine esaslanýar. Türkmenistanyň oňyn Bitaraplygy hoşmeýilli erki we netijeli hyzmatdaşlygy ilerletmäge gönükdirilendir. Bu konsepsiýa ýurduň ýolbaşçylarynyň strategik garaýşyny beýan etmek bilen, türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Prezident Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurduň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýar diýip, Asad Majid Han aýtdy.

Gahryman Arkadagymyz çykyşy üçin belent mertebeli myhmana minnetdarlyk bildirip, onuň çykyşynda parahatçylygyň we hyzmatdaşlygyň esasy hökmünde özara baglanyşygyň ähmiýetiniň beýan edilendigini belledi. Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň giňişliginde ulag geçelgeleriniň, energetika kooperasiýasynyň, söwda gatnaşyklarynyň ösdürilmegi döwletleriň arasynda ynamyň pugtalandyrylmagyna, durnukly ykdysady ösüşe gönüden-göni ýardam berýär diýip, Milli Liderimiz aýtdy we Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitiň okgunly ösüşiniň esasy şerti hökmünde bitaraplygyň, dialogyň orny baradaky garaýyşlarynyň ähmiýetini aýratyn nygtady.

Soňra söz nobaty BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Ýerine ýetiriji sekretary Tatýana Molçana geçirildi. Ol bildirilen myhmansöýerlik hem-de forumyň ýokary guramaçylyk derejesi üçin türkmen tarapyna tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi. Bellenilişi ýaly, bu halkara forum häzirki döwrüň ýagdaýlary bilen baglylykda möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin uly ähmiýete eýedir. Şunuň bilen bir hatarda, BMG-niň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasynyň (SPECA) çäklerinde sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän işler barada aýdyldy.

SPECA maksatnamasy durnukly ulag ulgamyny döretmegi, söwdany ösdürmegi 2030-njy ýyla çenli durnukly ösüş ulgamynda Gün tertibini amala aşyrmagyň möhüm bölegi hasaplaýar. Olar tehniki ugurlardygyna garamazdan, parahatçylygy döretmek, sebitiň wajyp meseleleri boýunça hyzmatdaşlyk, şol sanda howanyň üýtgemegine garşy göreşmek, suw üpjünçiligi, tehnologiýanyň gazanylanlary babatda özara tejribe alyşmak üçin binýady emele getirýär. BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary Ýewropa ykdysady komissiýasynyň degişli ugurlarda sebit döwletleri, şol sanda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygyny mälim etdi. Bellenilişi ýaly, bu düzüm sebit döwletleriniň öz mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak, abadan, durnukly ösýän we adalatly durmuş gurşawyny döretmek boýunça tagallalaryna mundan beýläk-de ýardam eder.

Halk Maslahatynyň Başlygy çykyşy üçin minnetdarlyk bildirip, Tatýana Molçanyň durnukly ösüşiň, ozaly bilen, hereketleriň we çemeleşmeleriň sazlaşygy baradaky garaýyşlarynyň ähmiýetini belledi. Türkmenistan Durnukly ösüş maksatlaryny toplumlaýyn ornaşdyrmagyň gurallaryny ulanan dünýäde ilkinji ýurtlaryň biri bolmak bilen, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň giňişliginde bu maksatlara ýetilmegine uly goşant goşýar.

Soňra çykyş etmek üçin BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Aziýa — Ýuwaş umman sebiti üçin Ykdysady we Durmuş komissiýasynyň Ýerine ýetiriji sekretary Armida Salsiýa Alişahbana söz berildi. Ol hemmeleri mähirli mübärekläp, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň bellenilýän gününde şu forumyň geçirilmeginiň möhüm ähmiýetini belledi.

Nygtalyşy ýaly, Türkmenistan şeýle iri forumy kabul etmek bilen, köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy we Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin ählumumy tagallalary birleşdirmäge ygrarlydygyny tassyklaýar. Şunuň bilen bir hatarda, BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň 2030-njy ýyla çenli durnukly ösüş ulgamynda Gün tertibiniň durmuşa geçirilmeginde möhüm ädim bolandygy aýdyldy. BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary Bitaraplygyň dostlugy, özara ynanyşmagy, ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmekde netijeli gurala öwrülendigini belledi.

Gahryman Arkadagymyz çuň manyly çykyş üçin minnetdarlyk bildirip, BMG-niň Aziýa — Ýuwaş umman sebiti üçin Ykdysady we Durmuş komissiýasynyň ulag, sanlylaşdyrma, häzirki zaman şäherleri hem-de howa durnuklylygy ulgamynda döwrebap çözgütleri işläp taýýarlamakda möhüm ornuny nygtap, bu düzümiň Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň täze ykdysady arhitekturasyny emele getirmekde goşýan goşandyna ýokary baha berdi.

Soňra Milli Liderimiz Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Nurlan Ýermekbaýewe söz berdi. Ol foruma gatnaşyjylary mähirli mübärekläp, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan foruma çakylyk we bildirilen myhmansöýerlik üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirdi.

Bellenilişi ýaly, bu giň wekilçilikli maslahat Türkmenistanyň parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça ählumumy tagallalara uly goşant goşýandygyny aýdyň görkezýär. Şeýle hem Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etmek hakynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasynyň ähmiýetine üns çekildi. Dünýä bileleşiginiň bu başlangyjy goldamagy abadançylygyň bähbidine hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga taýýarlygy nobatdaky gezek tassyklady.

Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary çykyşynyň ahyrynda guramanyň Türkmenistanyň parahatçylyk we abadançylyk babatdaky tagallalaryna ýokary baha berýändigini aýtdy hem-de foruma gatnaşyjylara üstünlikleri arzuw etdi.

Milli Liderimiz Türkmenistanyň ŞHG-niň sammitlerine hormatly myhman hökmünde gatnaşmagynyň asylly däbe öwrülendigini aýtdy. Gahryman Arkadagymyz Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň yklym we dünýä işlerinde eýeleýän ornuna, onuň häzirki zaman dünýä gurluşynyň deňagramly ulgamyny kemala getirmäge goşýan goşandyna ýokary baha berip, çykyşy üçin Nurlan Ýermekbaýewe minnetdarlyk bildirdi.

Soňra BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň dolandyryjysynyň orunbasary Sýuý Haolýan çykyş edip, wekilçilik edýän guramasynyň adyndan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk baýramyna bagyşlanan bu halkara foruma gatnaşmaga örän şatdygyny aýtdy.

BMG-niň Ösüş maksatnamasy saglygy goraýyş, sanlylaşdyrmak, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek, “ýaşyl” ykdysadyýeti ornaşdyrmak boýunça bilelikdäki hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň bu gurama bilen hyzmatdaşlygynyň soňky ýyllarda ösüşiň täze tapgyryna çykandygy bellenildi. BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary çykyşynyň ahyrynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli geçirilýän forumda beýan edilen teklipleriň geljek ýyllarda anyk işleri durmuşa geçirmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

Hormatly Arkadagymyz çykyşy üçin Sýuý Haolýana minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasy bilen köpýyllyk hyzmatdaşlygynyň institusional özgertmeler, sanlylaşdyrmak, durmuş-ykdysady ösüş ulgamlarynda netijeli özara gatnaşyklaryň nusgasy bolup durýandygyny nygtady. Milli Liderimiz bu düzümiň taslamalarynyň netijeli durmuşa geçirilýändigine ýokary baha berip, geljekki hyzmatdaşlygyň ýurdumyzyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyk gelýän durnukly ösüş üçin zerur şertleriň döredilmegine ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

Forumda çykyş etmek üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Baş direktorynyň orunbasary Sin Suýa söz berildi. Ol Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk baýramy mynasybetli parahatçylyk we ynanyşmak forumynyň geçirilýändigi we oňa gatnaşmaga çakylyk üçin Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Sin Suý ÝUNESKO agza bolan wagtyndan bäri Türkmenistanyň medeni we taryhy gymmatlyklarynyň birnäçesiniň Adamzadyň maddy we maddy däl medeni mirasynyň sanawlaryna girizilendigini belledi. Ol ýakynda bu guramanyň Maddy däl medeni miras boýunça komitetiniň Nýu-Deli şäherinde geçirilen mejlisinde Türkmenistan tarapyndan hödürlenen “Türkmen alabaý itlerini ösdürip ýetişdirmek däpleri” atly hödürnamany goldamak hakynda çözgüdiň kabul edilendigini nygtap, şu mynasybetli gutlaglaryny beýan etdi. Mundan başga-da, 2023-nji ýylda Aşgabadyň «Dizaýn» ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna goşulmagy, ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdepleriniň birnäçesiniň ÝUNESKO-nyň Assosirlenen mekdepleriniň toruna girizilmegi Türkmenistan bilen bu guramanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň netijeli ösdürilýändigini görkezýär.

Çykyşda bellenilişi ýaly, şu günki forumyň çäginde öňe sürülýän garaýyşlar ÝUNESKO-nyň gymmatlyklary bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Şunuň bilen bir hatarda, parahatçylygyň bähbidine bilim ulgamynda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine üns çekildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri çykyşy üçin Sin Suýa minnetdarlyk bildirip, onuň beýan eden ugurlarynyň ynanyşmagy pugtalandyrmaga, parahatçylyk medeniýetini ilerletmäge hem-de durnukly ösüş üçin amatly şertleri döretmäge gönükdirilendigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Arkadagymyz Türkmenistanyň ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygynyň oňyn häsiýetini belläp, ýurdumyzyň geljekde-de bilim, ylym, medeniýet, maddy we maddy däl mirasy gorap saklamak ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmegi maksat edinýändigini aýtdy.

Soňra Gahryman Arkadagymyz Yslam dünýäsiniň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň Baş direktory Salim Al Malige söz berdi. Ol öňdengörüjilikli syýasaty bilen milli medeni mirasyny dünýäde tanadýan, parahatçylyk we ynanyşmak düşünjesini täze mazmun bilen baýlaşdyrýan ýurtda geçirilýän ýokary derejeli halkara forumda çykyş etmegiň özi üçin uly hormatdygyny aýtdy.

Nygtalyşy ýaly, Türkmenistanyň üstünlikli durmuşa geçirýän oňyn Bitaraplyk syýasaty halkara giňişlikde uly hormata we ykrarnama eýe bolýar. Parahatçylyk we ynanyşmak forumy ýüze çykýan meseleleri oýlanyşykly çözmekde halkara tagallalary birleşdirmekde möhüm ähmiýete eýedir. Salim Al Maligiň sözlerine görä, birek-birege ynam we açyklyk hyzmatdaşlygy berkidýän gymmatlyklardyr. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan bu gymmatlyklary gorap, dünýäde parahatçylygy hem-de ynanyşmagy berkitmegiň nusgasy hökmünde çykyş edýär. Ynam parahatçylyga eltýän ýoldur. Onuň bar ýerinde hemişe abadançylyk we gülläp ösüş höküm sürýändir.

Gahryman Arkadagymyz çuň manyly çykyşy üçin Salim Al Malige minnetdarlyk bildirip, bilim, ylym, medeniýet hem-de mirasy gorap saklamak ulgamlarynda ileri tutulýan ugurlaryň yslam dünýäsiniň ýurtlarynyň hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakdaky ähmiýetini belledi.

Milli Liderimiz foruma gatnaşyjylara ýüzlenip, halkara guramalaryň ýolbaşçylarynyň çykyşlarynda häzirki tapgyrdaky halkara hyzmatdaşlyga giňişleýin seljerme berlendigini, parahatçylygy we ynanyşmagy pugtalandyrmak maksady bilen, dünýä bileleşiginiň köpugurly tagallalaryny birleşdirmek babatda onuň ähmiýetiniň nygtalandygyny aýtdy.

Soňra Gahryman Arkadagymyz Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk gününe, Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara forumyň işiniň tamamlanandygyny yglan edip, mejlisiň dowamynda örän möhüm teklipleriň we konsepsiýalaryň, gymmatly başlangyçlardyr pikirleriň beýan edilendigini, olaryň şübhesiz mynasyp goldawa eýe boljakdygyny, syýasy-diplomatik işde, döwletleriň hyzmatdaşlygynda, halkara guramalaryň we birleşikleriň işlerinde peýdalanyljakdygyny belledi.

Bu forumyň esasy aýratynlygy onuň açyklygydyr hem-de maslahata gatnaşyjylaryň häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň çözgüdini bilelikde gözlemäge taýýarlygydyr, olaryň dürli pikirleri kabul etmäge ukyplylygydyr, taraplaryň delillerine we subutnamalaryna hormat goýmagy başarýandyklarydyr. Megerem, bu ugurdaky ýeke-täk ýol hökmünde dialogyň geljegi uly, oýlanyşykly gural hökmündäki gymmatlygy şundan ybaratdyr. Onuň esasynda, hakykatdan-da, uly netijeleri gazanyp, kanuny bähbitlerini hasaba almak hem-de deňagramlylyga ýetmek üçin şertleri döretmek, hakyky ýagdaýlara laýyk gelýän, mümkinçilikleri uly çemeleşmeleri işläp taýýarlamak, iň çylşyrymly netijeler boýunça ylalaşyga ýetmek hem-de oňyn gatnaşyklary ýola goýmak mümkindir. Bu babatda forum uzak geljege gönükdirilen dogry, durmuşa ukyply geosyýasy we ykdysady ugurlary kesgitledi.

Forumdaky çykyşlaryň many-mazmuny hem-de ugurlary geljege gönükdirilendir, strategik meýilleşdirmegiň giň ugurlaryny açandyr hem-de ileri tutulýan ugurlary, syýasatda, ykdysadyýetde, durmuş-ynsanperwer ulgamynda, durnukly ösüş boýunça birnäçe meselelerde dünýä meýillerine ulgamlaýyn seljerme bermegiň mysalyny görkezendir. Wekiliýetleriň ýolbaşçylarynyň we agzalarynyň çykyşlary, giň ugurlar boýunça geçirilen pikir alyşmalar biziň ählimiziň esasy, hakyky hem-de dolanuwsyz umumy düşünjäniň — dünýäniň ähli halklarynyň bähbitlerine laýyk gelýän howpsuzlygyň we ösüşiň bitewi, bölünmeýän ulgamyny döretmegiň zerurlygy bilen birleşendigimizi tutuş aýdyňlygy bilen görkezdi diýip hasap edýärin diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy sözüni dowam etdi. Şeýle ulgamy gurmak erk-islegiň bolmagy, özara ynanyşmak, dünýäniň ykbaly üçin ýokary jogapkärçilik ýaly düýpli şertler bolan ýagdaýynda mümkindir. Bu düşünjeleri ilerletmek, olary dünýä syýasatynyň kesgitleýji şertine öwürmek maksady bilen, 2025-nji ýyl “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri forumy jemläp, bu çäräniň forumyň parahatçylyk we ynanyşmak diýen adynda beýan edilýän gymmatlyklaryň tarapdarlarynyň barha artýandygyny, onuň salgym däl-de, anyk düşünjelere öwrülýändigini, dünýä ösüşiniň hakyky şerti, netijeli gatnaşyklaryň we hyzmatdaşlygyň ahlak sütüni hem-de hereketlendiriji güýji bolup durýandygyny tassyklandygyny aýtdy. Elbetde, bu ýörelgeleri berkarar etmek, adam aňynda we syýasy tejribede berkitmek üçin heniz öňde uly wezipeler garaşýar. Emma biziň dogry ýol bilen barýandygymyz şübhesizdir. Şol sebäpli men Aşgabat forumynyň, onuň emele getiren döredijilikli başlangyçlarynyň geljekki bilelikdäki işlere ýardam etjekdigine, parahatçylygyň we adamzadyň ösüşiniň bähbidine anyk netijeleri berjekdigine ynanýaryn diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň we halkynyň adyndan ähli wekiliýetlere foruma gatnaşandyklary, manyly çykyşlary hem-de başlangyçlary üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Milli Liderimiz hemmeleri Halkara Bitaraplyk güni hem-de ýetip gelýän täze — 2026-njy ýyl bilen tüýs ýürekden gutlap, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk gününe hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara forumy ýapyk diýip yglan etdi.

Forumda hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň beýan eden teklipleri goldanyldy. Jemleýji resminama hökmünde Aşgabat Jarnamasy kabul edildi.

Şeýlelikde, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk gününe, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan wekilçilikli forum tejribe alyşmak we dünýä jemgyýetçiliginiň tagallalaryny birleşdirmek üçin möhüm meýdança öwrüldi. Ol 30 ýyllyk üstünlikli Bitaraplyk syýasatynyň jemini jemlemek bilen, ony özara hormat goýmak, deňhukuklylyk we dialog ýörelgeleriniň sebitdäki hem-de ählumumy howpsuzlygyny pugtalandyrmagyň köpugurly guraly hökmünde ulanyp bolýandygyny aýdyňlygy bilen görkezdi.

12.12.2025

Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti bilen duşuşdy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşdy.

Döwlet Baştutanymyz belent mertebeli myhmany mähirli mübärekläp, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk gününe we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara foruma gatnaşmaga çakylygy kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi. Bellenilişi ýaly, Wladimir Putiniň bu foruma gatnaşmagy Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatynyň goldanylýandygyny tassyklaýar.

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti döwlet Baştutanymyzy bu günki çäräniň üstünlikli geçirilmegi, şeýle hem Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlap, ýurdumyzyň alyp barýan Bitaraplyk syýasatyna ýokary baha berdi. Nygtalyşy ýaly, Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyga esaslanýan daşary syýasaty sebitde durnuklylygy üpjün etmäge ýardam berýär, dünýä ýurtlary, şol sanda Russiýa bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek üçin amatly şertleri döredýär.

Hormatly Prezidentimiz Russiýa Federasiýasy bilen strategik hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belledi we ýurtlarymyzyň arasyndaky däp bolan gatnaşyklaryň ozaldan gelýän dostluga, ynanyşmaga, özara düşünişmäge esaslanýandygyny aýtdy. Söwda-ykdysady ulgam türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň gün tertibinde aýratyn orun eýeleýär. Medeni-ynsanperwer ulgam hem özara hyzmatdaşlygyň möhüm bölegi bolup çykyş edýär. Şunda ylym, bilim, saglygy goraýyş, medeniýet ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasy bilen hemmetaraplaýyn köpugurly hyzmatdaşlyga taýýardygyny tassyklap, türkmen-rus gatnaşyklarynyň iki ýurduň halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdi.

Duşuşygyň ahyrynda döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

12.12.2025

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk gününe hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara forumdaky ÇYKYŞY

Hormatly döwlet we hökümet Baştutanlary!

Hormatly halkara guramalaryň ýolbaşçylary!

Hormatly wekiliýetleriň Baştutanlary we agzalary!

Hanymlar we jenaplar!

Sizi Türkmenistanda parahatçylyk we ynanyşmak forumyna, Halkara Bitaraplyk gününe hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň halkara derejede ykrar edilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan baýramçylyk çärelerine gatnaşýandygyňyz üçin ýurdumyzyň halkynyň adyndan mähirli gutlaýaryn. Bu foruma döwlet we hökümet Baştutanlary, iri we abraýly halkara guramalaryň ýolbaşçylary, görnükli syýasatçylar, parlament agzalary, diplomatlar, alymlar, jemgyýetçilik işgärleri gatnaşýarlar. Myhmanlarymyzy türkmen topragynda görmek biziň üçin uly hormat we abraýdyr. Türkmenistana hoş geldiňiz!

Gadyrly dostlar!

Bu foruma iri, halkara ähmiýetli waka hökmünde garalýar. Oňa sebit, yklym we ählumumy işler barada oýlanmak, halkara syýasatda parahatçylyk, hyzmatdaşlyk, deňhukuklylyk, ynanyşmak, adalatlylyk, dialog medeniýeti hem-de özara düşünişmek ýagdaýlarynyň ykrar edilmegi üçin badalga nokady hökmünde seredilýär. Türkmenistan biziň topragymyzda şu gün dünýä gurluşynyň täze, ynsanperwer we öňdengörüjilikli esaslarynyň, ösüşiň hakyky we jogapkärli strategiýasynyň döredilýändigine kanuny esasda guwanyp biler. Şunuň bilen baglylykda, bütin dünýädäki hyzmatdaşlarymyz bilen gatnaşyklarymyzyň gazanylan derejesine ýokary baha berýändigimizi we ony aýawly saklaýandygymyzy aýratyn bellemek isleýärin. Şu şanly günlerde biziň dostlugymyzyň, özara düşünişmegimiziň, döredijilikli maksatlara ýetmäge hyjuwymyzyň mundan beýläk-de tassyklanmasyny tapjakdygyna ynanýaryn. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk gününe, Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara forumy açyk diýip yglan edýärin.

Hormatly foruma gatnaşyjylar!

Häzirki halkara forumy geçirmek dünýä syýasatynda kadalary, gymmatlyklary we ölçegleri ykrar etmek hem-de berkitmek boýunça Türkmenistanyň köpýyllyk yzygiderli işiniň netijesidir. Biziň pikirimizçe, olar halkara gatnaşyklaryň ähli häzirki zaman ulgamynyň hukuk we dünýägaraýyş babatda esasyny düzmelidir. Parahatçylygy we ynanyşmagy şeýle esas hökmünde jar edip, biziň ýurdumyz ençeme möhüm ädimleri ätdi, başlangyçlary öňe sürdi. Olar dünýäde düşünmek bilen kabul edildi, hyzmatdaşlarymyz tarapyndan goldanyldy.

Türkmenistanyň teklibi boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etmek baradaky Kararnamasynyň kabul edilmegi bilelikdäki işiň netijesi boldy. Munuň özi biziň umumy üstünligimizdir. Birleşen Milletler Guramasynyň ähli agza döwletleriniň syýasy ýolbaşçylarynyň öňdengörüjiliginiň, jogapkärçiliginiň, pähim-paýhasynyň netijesidir. Pursatdan peýdalanyp, men bu möhüm çözgüdi goldandyklary hem-de ony kabul etmäge goşan goşantlary üçin olara, şeýle hem halkara guramalaryň ýolbaşçylaryna we wekillerine tüýs ýürekden minnetdarlygymy bildirýärin.

Parahatçylygyň we ynanyşmagyň konseptual kadalarynyň Türkmenistanyň milli kanunçylygynda öz beýanyny tapandygyny aýtmalydyrys. Şu ýylyň sentýabrynda «Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk we ynanyşmak syýasatynyň hukuk esaslary hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanuny kabul edildi. Bu Kanunda Bitaraplyk, deňhukuklylyga, özara hormatlamaga, hyzmatdaşlyga, hoşniýetli goňşuçylyga, güýç ulanmazlyga, gapma-garşylyklaryň öňüni almaga, islendik halkara meseleleri diňe parahatçylykly, syýasy-diplomatik serişdeler we usullar arkaly çözmäge, beýleki ýurtlaryň içerki işlerine gatyşmazlyga, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryny ileri tutmaga, adam hukuklaryny, azatlyklaryny hormatlamaga, ençeme beýleki örän möhüm borçnamalara üýtgewsiz eýermek esasy kadalar hökmünde berkidilýär. Konstitusion kanunyň kabul edilmegi halkara gatnaşyklaryň subýekti hökmünde Türkmenistany mundan beýläk-de ösdürmekde tapgyrlaýyn waka öwrüldi. Biziň pugta parahatçylygy we durnuklylygy gazanmaga hem-de gorap saklamaga esaslanan strategik ugrumyzyň dogrudygynyň we üýtgewsizdiginiň subutnamasy boldy.

Hut ýönekeý bolmadyk geosyýasy ýagdaýlaryň häzirki döwründe parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýratyn ähmiýete eýe bolýandygyna ynanýaryn. Bu düşünjelere barabar baha bermek, olary dünýä syýasatynyň jedelsiz kadalary hökmünde berkitmek häzirki zamanyň gurluşy barada oýlanmakda netijeli öňegidişlikdir. Howply gapma-garşylyk ýagdaýyndan howpsuzlygyň hem-de ösüşiň ählumumy gurluşynyň netijeli, hakyky, sazlaşykly esaslaryny ýola goýmaga tarap ädimdir. Türkmenistan bu netijäni diňe bilelikde, umumy syýasy, dünýägaraýyş, ynsanperwer esasda BMG-niň Tertipnamasyna we halkara hukugyň ykrar edilen kadalaryna daýanyp, döwletleriň, halkara institutlaryň tagallalaryny birleşdirmek arkaly gazanyp bolar diýen garaýyşdan ugur alýar.

Hormatly foruma gatnaşyjylar!

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly örän möhüm taryhy ýubileýe — ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň halkara derejede ykrar edilmeginiň 30 ýyllygyna gabat gelýär. BMG-niň Baş Assambleýasynyň çözgütlerinde, Türkmenistanyň Konstitusiýasynda berkidilen syýasy-hukuk ýagdaýy bolan hemişelik Bitaraplyk biziň halkara giňişlikdäki ähli ädimlerimizi, Türkmenistanyň gazanan üstünliklerini hem-de ägirt uly netijelerini kesgitleýär. Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we açyklyk netijesinde häzirki döwürde Türkmenistan onlarça döwlet bilen ikitaraplaýyn, köptaraplaýyn düzümleriň çäklerinde esasy halkara institutlar bilen ynanyşmagyň hem-de özara düşünişmegiň, hyzmatdaşlygyň görlüp-eşidilmedik derejesine ýetdi.

Bitaraplyk we onuň netijesi bolan «Açyk gapylar» daşary ykdysady syýasaty içerki ösüş üçin amatly daşarky şertleri üpjün edip, Türkmenistana ykdysady, durmuş ösüşiniň ýokary depginlerini gazanmaga mümkinçilik berýär. Ilatyň durmuşynyň derejesini we hilini ýokarlandyrmaga, depginli söwda, maýa goýum hyzmatdaşlygyny alyp barmaga, iri halkara taslamalary amala aşyrmak üçin özüne çekiji, ygtybarly we geljegi uly hyzmatdaş bolmaga şert döredýär.

Bitaraplyk Türkmenistanyň, şu ýyl 80 ýyllyk ýubileýi bellenilýän Birleşen Milletler Guramasy bilen strategik dialogynyň esasy şerti hökmünde çykyş edýär. Möhüm ählumumy sebit meselelerini çözmekde, Durnukly ösüş maksatlaryny gazanmakda, has giň ugurlar boýunça halkara hyzmatdaşlyga adalatly we sazlaşykly çemeleşmeleri taýýarlamakda BMG-niň biziň ýurdumyza jogapkärli hem-de netijeli hyzmatdaş hökmünde garaýandygyny aýratyn bellemek isleýärin. Biz Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygyň ugurlaryny giňelderis, milli, sebit hem-de ählumumy maksatnamalary döretmäge we amala aşyrmaga ünsi jemlemegi, olara ýöriteleşdirilen düzümleri çekmegi gazanarys. Türkmen döwletiniň Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň halkara we sebit durnuklylygyny, howpsuzlygyny üpjün etmäge netijeli, döredijilikli täsiri aýdyň görünýär. Munuň özi Birleşen Milletler Guramasynda türkmen Bitaraplygynyň artýan goldawynda öz beýanyny tapýar. 1995-nji, 2015-nji we 2025-nji ýyllarda Baş Assambleýanyň «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamalarynyň biragyzdan kabul edilmegi munuň aýdyň ýüze çykmasy boldy. Biziň ýurdumyzyň başlangyjy boýunça birnäçe ýyl mundan ozal BMG-niň çäginde Bitaraplygyň dostlary toparynyň döredilmegi hem munuň bir mysalydyr. Bu mysallar Bitaraplygyň, onuň binýatlyk kadalarynyň halkara gatnaşyklaryň tejribesinde barha ähmiýetli we möhüm ýagdaýa öwrülýändigine şaýatlyk edýär.

Şeýle bolansoň, biz Bitaraplygyň üýtgewsiz gurluş däl-de, döwür bilen aýakdaş gidýän hem-de täze üýtgeşmelerdir meýillere seslenýän janly döredijilik ýagdaýydygyny hemişe belleýäris. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan häzirki zamanyň halkara syýasatynyň möhüm bölegi hökmünde öňüni alyş diplomatiýasyny öňe sürýär. Häzirki şertlerde onuň aýratyn zerurlykdygyna, gapma-garşylyklaryň öňüni almaga, agzalalyklary we çaprazlyklary öz wagtynda parahatçylykly gepleşiklere ugrukdyrmaga ýardam bermäge ukyplydygyna ynanýarys. Şoňa görä-de, biz Bitaraplygy syýasy we iş ýüzündäki platforma hökmünde peýdalanmagy teklip edýäris. Şonuň esasynda häzirki döwürde ylalaşygy, düşünişmegi, ýaraşygy gazanmagyň ýollaryny we usullaryny işläp taýýarlamak mümkindir. Bu babatda Bitaraplyk bähbitleriň ýakynlaşmagynyň we sazlaşygynyň, hormat goýmak, deňhukuklylyk dialogynyň, pragmatik, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň nusgasyna, ahyrky netijede, ählumumy geosyýasy deňagramlylygy gazanmagyň şertleriniň birine öwrülip biler diýip hasap edýärin. Özara bähbitli, dostlukly halkara gatnaşyklary öz Bitaraplyk syýasaty netijesinde ösdürýän Türkmenistanyň tejribesi Bitaraplygyň uly mümkinçilikleriniň bardygyny we ony Ýer ýüzüniň dürli künjeklerinde ulanyp boljakdygyny görkezýär diýip pikir edýärin.

Parahatçylygy döretmek ulgamynda öňüni alyş diplomatiýasynyň syýasy-diplomatik serişdelerini we usullaryny giňden peýdalanýan Milletler Bileleşiginiň baý tejribesine esaslanyp, şeýle hem Bitaraplygyň tejribe häsiýetini ösdürmek, ylmy-barlag, bilim işini amala aşyrmak maksady bilen, Türkmenistan BMG bilen hyzmatdaşlykda Parahatçylyk we bitaraplyk uniwersitetini döretmegi teklip edýär. Bu başlangyjyň goldaw tapjakdygyna umyt edýäris hem-de dostlarymyz we hyzmatdaşlarymyz bilen şu meselä jikme-jik seretmäge taýýardygymyzy beýan edýäris.

Türkmen Bitaraplygy barada aýtmak bilen, onuň ýene-de bir aýratynlygy hakynda aýratyn durup geçmek isleýärin. Biziň Bitaraplygymyz Türkmenistanyň hakyky özygtyýarlylygynyň we Garaşsyzlygynyň kanunalaýyk netijesidir. Özbaşdak, oýlanyşykly, yzygiderli Bitarap daşary syýasaty alyp baryp, biz, ozaly bilen, öz döwletliligimiziň berk esaslaryna, taryhy dowamatlylygymyza, türkmen halkynyň agzybirligine we goldawyna, ähli halklardyr döwletler bilen parahatçylykda, ylalaşyklylykda, hoşniýetli goňşuçylykda ýaşamagy wesýet eden ata-babalarymyzyň köpasyrlyk tejribesine daýanýarys.

“Türkmenistanyň Garaşsyzlygy” we “Bitaraplygy” diýen düşünjeler biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr, bir bitewüdir. Elbetde, biz maksatlarymyzy we wezipelerimizi halkara bileleşigiň, bütin dünýädäki köp sanly dostlarymyzyň hem-de pikirdeşlerimiziň giňden goldaýandygyny, olara düşünýändigini aýdyň görýäris we muňa ýokary baha berýäris. Bu goldaw Türkmenistana geljegine umytly garamaga, geljekki bilelikdäki işiniň meýilnamasyny ynamly düzmäge kömek edýär. Bizi halklaryň arasynda parahatçylygy, ynanyşmagy hem-de ylalaşygy gazanmaga, olaryň ösüşine, abadançylygyna yzygiderli, işjeň, netijeli gatnaşmaga ruhlandyrýar.

Gadyrly dostlar, foruma gatnaşýandygyňyz, Türkmenistan bilen dostlugy, hyzmatdaşlygy we özara düşünişmegi pugtalandyrmaga goşýan goşandyňyz üçin tüýs ýürekden çykýan minnetdarlygymy ýene-de bir gezek kabul ediň!

12.12.2025

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk gününe hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara forum

Hormatly wekiliýet Baştutanlary we wekiliýet agzalary!

Sizi Türkmenistanda tüýs ýürekden mübärekleýärin hem-de parahatçylyk we ynanyşmak forumyna işjeň gatnaşýandygyňyz üçin çuňňur hoşallygymy beýan edýärin. Bu forum dünýäniň köp sanly döwletleriniň, iri halkara guramalaryň ýolbaşçylaryny hem-de wekillerini, syýasatçylary, diplomatlary, jemgyýetçilik işgärlerini bir ýere jemledi. Bu möhüm syýasy çärä gatnaşyjylaryň giň wekilçilikli düzümi Türkmenistana goýulýan hormatyň hem-de ynamyň, ýurdumyzyň halkara syýasatdaky oňyn ornunyň, ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň pugtalandyrylmagyna goşýan goşandynyň ykrarnamasydyr. Forumda garaljak meseleler durnuklylygyň berkidilmegini, dünýä döwletleriniň okgunly hem-de durnukly ösüşini üpjün etmegi, durmuş, ynsanperwer häsiýetli birnäçe çärelere garamagy, häzirki wagtda öňümizde durýan ählumumy gün tertibiniň beýleki ugurlaryny öz içine alýar.

Hormatly foruma gatnaşyjylar!

2025-nji ýylyň dowamynda, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäklerinde beýleki ýurtlardaky hyzmatdaşlar, köpugurly birleşikler hem-de edaralar bilen bilelikde Türkmenistan maksada okgunly oňyn daşary syýasat işlerini durmuşa geçirdi. Bu işler sebit we halkara formatlarda dürli derejelerde alnyp baryldy hem-de halkara gatnaşyklaryň oňyn ýagdaýda netijeli ösdürilmegi üçin şertler döretmek, dünýä syýasatynda ynamy gaýtadan dikeltmek, hormat goýmak dialogy medeniýetini berkarar etmek ýaly umumy maksat bilen birleşdirildi. Häzirki wagtda bu ýörelgelerdir maksatlar aýratyn ähmiýete eýedir.

Dünýä gurluşynyň köp ugurlary boýunça dürli çemeleşmeleriň emele gelen şertlerinde Türkmenistanyň 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etmek baradaky başlangyjy kanunalaýykdyr. Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň Baş Assambleýasynyň kabul eden Kararnamasy häzirki döwrüň möhüm wakasy bolmak bilen, BMG-niň agza döwletleriniň, tutuş dünýä bileleşiginiň, syýasy we diplomatik toparlaryň ýokary bahasyna mynasyp boldy. Halkara gatnaşyklar ulgamynda çözgütleriň kabul edilmegine dahylly adamlaryň aňynda uly ähmiýetli waka hökmünde orun aldy. Köp sanly ýurtlar bu ugurda iň wajyp meseleler ara alnyp maslahatlaşylanda, oňyn, özara hormata esaslanýan söhbetdeşlik ýagdaýyny emele getirmek üçin giň mümkinçilikleriň açylýandygyna göz ýetirdiler.

Elbetde, biziň başlangyjymyz tötänleýin däldir. Bu başlangyç Türkmenistanyň halkara gatnaşyklaryň parahatçylykly, durnukly amala aşyrylmagynyň, dürli çylşyrymly ýagdaýlary diňe syýasy-diplomatik ýollar hem-de usullar arkaly çözmek üçin oňyn şertleriň kemala gelmegine gönükdirilen parahatçylyk söýüji, Bitarap döwlet hökmündäki köpýyllyk tagallalarynyň kanunalaýyk tapgyryna öwrüldi. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly şeýle mümkinçiligi döredýär. Şoňa görä, onuň ähmiýeti, hakykatdan-da, ählumumy derejä çykýar. Häzirki wagtda dünýä dürli ýagdaýlar bilen baglanyşykly çylşyrymly döwri başdan geçirýär. Şunda ähli jogapkärli, sagdyn, parahatçylyk söýüji güýçleriň jebisleşmegi, olaryň agzybirligi hem-de çylşyrymly ýagdaýlara, howpsuzlygyň ählumumy arhitekturasynyň bozulmagyna howp salýan wehimlere garşy durmaga taýýarlygy ozalkylardan has zerurdyr.

Türkmenistan häzirki wagtdaky dünýä meselelerine durmuşa ukyply, hakyky ýagdaýa görä çemeleşilmegi üçin ýeke-täk serişde hökmünde dialog esasynda parahatçylyk we ynanyşmak başlangyjyny öňe sürmek bilen, syýasatyň we diplomatiýanyň, jemgyýetçilik pikiriniň, taryhy tejribäniň, toplanan ynsanperwer, medeni mirasyň ähli mümkinçiliklerini has işjeň we netijeli peýdalanmagyň zerurdygyndan ugur alýar. Şunda dünýä bileleşiginiň, jemgyýetçilik-syýasy gurluşyna, çäk ölçegine, ilat sanyna, beýleki ýagdaýlara garamazdan, ähli döwletleriň mümkinçiliklerini oňyn derejede utgaşdyrmaklary syýasy pähim-paýhasy, erk-islegi hem-de öz garaýyşlaryna ygrarlylygy talap edýär. Häzirki wagtda biz dünýäniň geljegi üçin jogapkärdiris. Şeýle jebislik barada aýdanymda, ozaly bilen, Birleşen Milletler Guramasyny göz öňünde tutýaryn. Köptaraplaýyn kanunylyga hem-de ygtyýarlylyga eýe bolan ýeke-täk halkara gurama hökmünde BMG-niň mümkinçiliklerini peýdalanmak zerurdyr. Parahatçylyk we ynanyşmak esasynda hyzmatdaşlyk BMG-niň Tertipnamasynda berkidilen, ykrar edilen syýasy-hukuk esaslarynyň anyk we aýdyň ýörelgeleriň bolmagyndan, deňhukuklylyk, özara hormat goýmak, özygtyýarlylyk, beýleki döwletleriň içerki işlerine goşulyşmazlyk taglymlaryndan ugur alýar. Bu ýörelgelere eýermek parahatçylygy gorap saklamagy, hereketleriň anyklygyny üpjün eder, birek-birek bilen söhbetdeşlik medeniýetiniň sütünini täzeden gurmaga mümkinçilik berer.

Häzirki wagtda parahatçylyk we ynanyşmak taglymatyny ilerletmek, adaty diplomatiýadan başga-da, gepleşikleri geçirmegiň parlament ýollarynyň peýdalanylmagyny, zenanlar, ýaşlar diplomatiýasynyň netijeli ulanylmagyny talap edýär. Biziň ýurdumyz munuň üçin köp tagalla edýär. Diňe soňky ýyllaryň dowamynda Türkmenistan öz çäginde bu ugurda iri çäreleri, şol sanda wekilçilikli halkara hem-de sebit derejeli forumlary geçirdi. Şunda syýasy çözgütleriň kabul edilmegine täsir etmegiň goşmaça gurallaryna eýe bolan halk diplomatiýasynyň resmi diplomatiýa üçin möhüm goldaw bolup biljekdiginden hem-de şeýle bolmalydygyndan ugur alýarys.

Hormat goýmaga esaslanýan oňyn döwletara gatnaşyklaryň alnyp barylmagynda maglumat dialogyna wajyp orun degişlidir. Bu ugra biz parahatçylyk we ynanyşmak taglymatynyň, Türkmenistanyň birnäçe ýyl mundan ozal öňe süren «Dialog — parahatçylygyň kepili» ählumumy başlangyjynyň möhüm düzüm bölegi hökmünde garaýarys. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri diňe döredijilikli maksatlar üçin peýdalanylmalydyr. Munuň üçin kiberjenaýatçylygyň hem-de metbugat giňişliginde göz-görtele ýalan maglumatlaryň ýaýradylmagynyň öňünde berk böwet goýulmalydyr.

Parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgelerini hyzmatdaşlygy yzygiderli, üznüksiz, geljegi ugur edinýän halkara dialog hökmünde kabul edýäris. Ol işleriň giň gerimini öz içine almalydyr. Şunuň bilen baglylykda, parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgesiniň howanyň üýtgemegi, arassa agyz suwuna, howa, häzirki zaman lukmançylygyna, ilkinji bilime elýeterlilik, azyk howpsuzlygynyň üpjün edilmegi ýaly wajyp durmuş meselelerini çözmäge gönükdirilmeginiň gerimini giňeltmegi möhüm hasaplaýarys.

Gyzyklanma bildirýän döwletlerdäki hem-de halkara guramalardaky hyzmatdaşlar bilen bilelikde parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgesiniň howandarlygynda geljegi uly täze hyzmatdaşlygyň “Ýol kartasyny” işläp taýýarlamagy teklip edýäris. Bu başlangyjyň many-mazmunyny hem-de guramaçylyk ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga taýýardyrys.

Hormatly foruma gatnaşyjylar!

Şu gün, 12-nji dekabrda Türkmenistan taryhy senäni — döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň halkara bileleşik tarapyndan ykrar edilmeginiň 30 ýyllygyny belleýär. Şu döwürde türkmen Bitaraplygy durmuşa ukyplydygyny, milli maksatlara, strategik wezipelere hem-de dünýä giňişligindäki meýillere doly laýyk gelýändigini görkezdi. Türkmenistanyň Bitaraplygynyň sebit gatnaşyklarynyň, Merkezi Aziýanyň döwletleriniň hem-de onuň bilen serhetdeş ýurtlaryň we sebitleriň — biziň ozaldan gelýän hyzmatdaşlarymyzyň arasyndaky özara bähbitli dost-doganlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine netijeli, durnuklylaşdyryjy täsiri şübhesizdir. Iş tejribesi türkmen Bitaraplygynyň binýatlaýyn esaslarynyň BMG-niň işiniň ileri tutulýan ugurlaryna, onuň giň gerimli maksatnamalarynyň we strategiýalarynyň durmuşa geçirilmegine doly laýyk gelýändigini subut etdi.

Biziň ýurdumyz Bitaraplygynyň mümkinçiliklerini parahatçylygyň, özara düşünişmegiň, hyzmatdaşlygyň berkarar edilmegine, Durnukly ösüş maksatlarynyň ýerine ýetirilmegine gönükdirmäge hemişe taýýardyr. Hemişelik Bitaraplyk Türkmenistanyň halkara giňişlikdäki maksatlaryny, şol sanda öňüni alyş diplomatiýasy, işjeň parahatçylyk dörediji, araçyllyk işleri ýaly gurallary ulanmak arkaly olara ýetilmegini kesgitleýär.

Türkmenistan birnäçe başlangyçlary, şol sanda BMG-niň araçyllyk palatasyny döretmek, bitarap hem-de bileleşiklere goşulmaýan döwletlere bu guramanyň parahatçylyk dörediji tagallalarynyň çäklerinde “ileri tutulýan hyzmatdaş” derejesini bermek baradaky teklipleri öňe sürdi. Şunda biz BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň geografiýasyny giňeltmek hem-de olaryň ygtyýarlyklaryny ýokarlandyrmak zerurlygyndan ugur alýarys.

Türkmenistan üçin Bitaraplyk derejesiniň diňe bir daşary syýasatyň nusgasy däldigini nygtamak isleýärin. Bitaraplyk biziň dünýägaraýşymyzyň, döwlet hem halk hökmünde öz ornumyza, jogapkärçiligimize düşünmegiň, häzirki zaman siwilizasiýasynyň ösüşine özboluşly goşandymyzyň binýadydyr. Bitaraplyk, parahatçylyk we ynanyşmak özara hormat goýmak hem-de düşünişmek düşünjeleri kanunçylyk derejesinde berkidilip, Türkmenistanyň daşary syýasatynyň we içerki döwlet gurluşynyň düýp mazmunyny kesgitleýär. Şoňa görä-de, biziň Bitaraplygymyz üýtgewsizdir, daşarky şertlere we ýagdaýlara, wagtlaýyn üýtgäp durýan şertlere durnuklydyr. Türkmenistan gün tertibiniň ählumumy, sebit we ikitaraplaýyn meselelere ähli çemeleşmelerini, başlangyçlaryny hem-de hereketlerini öz hemişelik Bitaraplyk derejesi bilen berk baglanyşdyrýar.

Gadyrly dostlar!

Şu günki forum dünýä ýurtlaryna jogapkärçiligi, öňdengörüjiligi, raýdaşlygy ýokarlandyrmaga, parahatçylygyň we ösüşiň bähbidine halkara bileleşigiň tagallalaryny jebisleşdirmäge anyk hem-de aýdyň çagyryşdyr. Parahatçylyk we ynanyşmak garaýyşlarynyň binýatlaýyn syýasy-filosofik taglymat hökmünde Milletler Bileleşigi tarapyndan goldaw tapjakdygyna, geljegiň häzirki zaman, berk, bitewi ählumumy arhitekturasyny döretmek üçin netijeli platforma boljakdygyna ynanýarys. Bize bilelikde halkara ýagdaýlary sagdynlaşdyrmak, ynanyşmagy, syýasy dialog medeniýetini dikeltmek üçin öňde uly wezipeler garaşýar. Şu günki forum bu ugurda möhüm ädimdir.

Hormatly foruma gatnaşyjylar!

Biz Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk gününe, Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara forumyň işini tamamlaýarys. Şu günki mejlisiň dowamynda örän möhüm teklipler we konsepsiýalar, gymmatly başlangyçlardyr pikirler beýan edildi. Olaryň mynasyp goldawa, düşünilmäge eýe boljakdygy şübhesizdir. Olar syýasy-diplomatik işde, döwletleriň hyzmatdaşlygynda, halkara guramalaryň, birleşikleriň işlerinde peýdalanylar hem-de iş tejribesine ornaşdyrylar.

Bu forumyň esasy aýratynlygy onuň açyklygydyr hem-de maslahata gatnaşyjylaryň häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň çözgüdini bilelikde gözlemäge taýýarlygydyr, olaryň dürli pikirleri kabul etmäge ukyplylygydyr, taraplaryň delillerine we subutnamalaryna hormat goýmagy başarýandyklarydyr. Megerem, bu ugurdaky ýeke-täk ýol hökmünde dialogyň geljegi uly, oýlanyşykly gural hökmündäki gymmatlygy şundan ybaratdyr. Onuň esasynda, hakykatdan-da, uly netijeleri gazanyp, kanuny bähbitlerini hasaba almak hem-de deňagramlylyga ýetmek üçin şertleri döretmek, hakyky ýagdaýlara laýyk gelýän, mümkinçilikleri uly çemeleşmeleri işläp taýýarlamak, iň çylşyrymly netijeler boýunça ylalaşyga ýetmek hem-de oňyn gatnaşyklary ýola goýmak mümkindir. Bu babatda forum uzak geljege gönükdirilen dogry, durmuşa ukyply geosyýasy we ykdysady ugurlary kesgitledi.

Forumdaky çykyşlaryň many-mazmuny hem-de ugurlary geljege gönükdirilendir, strategik meýilleşdirmegiň giň ugurlaryny açandyr hem-de ileri tutulýan ugurlary, syýasatda, ykdysadyýetde, durmuş-ynsanperwer ulgamynda, durnukly ösüş boýunça birnäçe meselelerde dünýä meýillerine ulgamlaýyn seljerme bermegiň mysalyny görkezendir. Wekiliýetleriň ýolbaşçylarynyň we agzalarynyň çykyşlary, giň ugurlar boýunça geçirilen pikir alyşmalar biziň ählimiziň esasy, hakyky hem-de dolanuwsyz umumy düşünjäniň — dünýäniň ähli halklarynyň bähbitlerine laýyk gelýän howpsuzlygyň we ösüşiň bitewi, bölünmeýän ulgamyny döretmegiň zerurlygy bilen birleşendigimizi tutuş aýdyňlygy bilen görkezdi diýip hasap edýärin. Şeýle ulgamy gurmak erk-islegiň bolmagy, özara ynanyşmak, dünýäniň ykbaly üçin ýokary jogapkärçilik ýaly düýpli şertler bolan ýagdaýynda mümkindir. Bu düşünjeleri ilerletmek, olary dünýä syýasatynyň kesgitleýji şertine öwürmek maksady bilen, 2025-nji ýyl “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edildi.

Hormatly foruma gatnaşyjylar!

Gadyrly dostlar!

Forumy jemleýäris. Bu çäre forumyň parahatçylyk we ynanyşmak diýen adynda beýan edilýän gymmatlyklaryň tarapdarlarynyň barha artýandygyny, onuň salgym däl-de, anyk düşünjelere öwrülýändigini, dünýä ösüşiniň hakyky şerti, netijeli gatnaşyklaryň we hyzmatdaşlygyň ahlak sütüni hem-de hereketlendiriji güýji bolup durýandygyny tassyklady. Elbetde, bu ýörelgeleri berkarar etmek, adam aňynda we syýasy tejribede berkitmek üçin heniz öňde uly wezipeler garaşýar. Emma biziň dogry ýol bilen barýandygymyz şübhesizdir. Şol sebäpli men Aşgabat forumynyň, onuň emele getiren döredijilikli başlangyçlarynyň geljekki bilelikdäki işlere ýardam etjekdigine, parahatçylygyň we adamzadyň ösüşiniň bähbidine anyk netijeleri berjekdigine ynanýaryn.

Türkmenistanyň Prezidentiniň we türkmen halkynyň adyndan ähli wekiliýetlere foruma gatnaşandyklary, manyly çykyşlary hem-de başlangyçlary üçin tüýs ýürekden minnetdarlygy beýan edýärin. Sizi Halkara Bitaraplyk güni hem-de ýetip gelýän täze — 2026-njy ýyl bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Hemmäňize berk jan saglyk, täze üstünlikleri arzuw edýärin.

12.12.2025

Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen duşuşdy.

Döwlet Baştutanymyz belent mertebeli myhmany mähirli mübärekläp, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk gününe we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara foruma gatnaşmaga çakylygy kabul edip, ýurdumyza sapar bilen gelendigi üçin minnetdarlyk bildirdi. Siziň bu ýokary wekilçilikli foruma gatnaşmagyňyz Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatyna goldawyňyzyň hem-de parahatçylyk ýörelgelerine berýän möhüm ünsüňiziň güwäsidir diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Prezident Rejep Taýyp Ärdogan bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan edip, Türkiýede Türkmenistanyň alyp barýan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyna we ähli ulgamlarda gazanýan üstünliklerine ýokary baha berilýändigini aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Prezident Rejep Taýyp Ärdoganyň ýurdumyza saparynyň netijeleriniň Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giňeldilmegine täze itergi berjekdigine berk ynam bildirdi. Bellenilişi ýaly, Türkiýe bilen ýola goýlan strategik gatnaşyklary ösdürmek Türkmenistanyň daşary syýasatynda hemişe ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar. Biziň ýurtlarymyzy köpasyrlyk dost-doganlyk gatnaşyklary baglanyşdyrýar. Bu bolsa häzirki döwürde ýokary derejede alnyp barylýan döwletara hyzmatdaşlygyň has-da pugtalandyrylmagy üçin berk esas bolup hyzmat edýär.

Häzirki wagtda Türkiýe Respublikasy Türkmenistanyň söwda-ykdysady gatnaşyklary alyp barýan iň möhüm ýurtlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň çäklerinde ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk, oba hojalygy, maýa goýumlar boýunça netijeli ikitaraplaýyn hem-de sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyna ünsi çekdi. Şeýle hem söhbetdeşligiň dowamynda medeni-ynsanperwer ulgamdaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ugurlary barada pikir alşyldy.

Duşuşygyň ahyrynda döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

12.12.2025

Aşgabatda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Halkara forum geçirilýär

Şu gün paýtagtymyzyda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Halkara forum geçirilýär. Oňa dünýä döwletleriniň, halkara we sebit guramalarynyň ýokary derejeli wekiliýetleri gatnaşýarlar.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamalary bilen üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi Türkmenistanyň daşary syýasy doktrinasynyň esasyny düzýär. Dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan goldanylan bu hukuk ýagdaýy parahatçylyk dörediji döwlet hökmünde ýurdumyzyň eýeleýän ornuny pugtalandyrdy.

Oňyn bitaraplyk dünýä proseslerinden çetleşme bolman, eýsem, parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan işjeň strategiýadyr. Ýurdumyzyň daşary syýasaty sebitde we onuň çäkleriniň daşynda durnuklylyga, howpsuzlyga we özara düşünişmäge ýardam bermäge gönükdirilip, BMG-niň ýörelgelerine doly laýyk gelýär.

Türkmenistan halkara hukugynyň kadalaryna we BMG-niň Tertipnamasynyň düzgünlerine berk eýerýär. Türkmen bitaraplygy gapma-garşylyklaryň öňüni almak üçin diplomatik, syýasy we ykdysady gurallaryň işjeň ulanylmagyny göz öňünde tutýar.

Merkezi Aziýada Türkmenistanyň oňyn bitaraplygy sebit durnuklylygynyň we hoşniýetli goňşuçylygyň möhüm şerti bolup hyzmat edýär. Ýurdumyz sebit we halkara gün tertibiniň derwaýys meseleleriniň ylalaşykly çözgütlerini işläp taýýarlamak we netijeli dialog ugrunda yzygiderli çykyş edýär.

...Ir bilen Halkara foruma gatnaşýan ýokary derejeli wekiliýet baştutanlary paýtagtymyzdaky Bitaraplyk binasyna gül desselerini goýdular. Her bir gül dessesi ýurdumyzyň daşary syýasy ugruna we onuň BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamalary bilen berkidilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine goýulýan çuňňur hormatyň aýdyň nyşanyna öwrüldi.

12.12.2025

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna

Eziz watandaşlar!
Hormatly adamlar!

Sizi Halkara Bitaraplyk güni, şeýle hem Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Türkmenistan Garaşsyzlygy ykrar edilen ilkinji günlerden daşary syýasat ugruny we halkara gatnaşyklar ulgamyna goşulmagyň milli ýoluny saýlap alyp, 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda dünýä bileleşiginiň örän ýokary syýasy goldawy hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan taryhy Kararnamanyň kabul edilmegi bilen, hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe boldy. Bitaraplyk Aziýanyň we Ýewropanyň çatrygynda, Beýik Ýüpek ýolunyň merkezinde ýerleşen ýurdumyza daşary syýasat strategiýasy boýunça giň gerimli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek, ählumumy parahatçylyk, howpsuzlyk, durnukly ösüş babatda halkara bileleşigiň tagallalaryna hemmetaraplaýyn goldaw berýän we jebisleşdirýän başlangyçlary öňe sürmek hem-de durmuşa geçirmek üçin täze mümkinçilikleri açdy.

Uzak bolmadyk döwürde eziz Watanymyzyň iň täze taryhyna şan-şöhratly sahypalar ýazylyp, Bitarap ýurdumyz dünýäde ygtybarly hyzmatdaşa, parahatçylygyň merkezine öwrüldi. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň öňe süren halkara başlangyçlary bilen Aşgabat şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi açyldy. Türkmenistan birnäçe gezek Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň wise-başlyklygyna hem-de bu guramanyň düzümlerine agzalyga saýlandy.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda geçirilen 79-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň üçünji gezek kabul edilmegi türkmen halkynyň müňýyllyklardan gözbaş alýan hem-de umumadamzat gymmatlygyna öwrülen Bitaraplyk ýörelgelerine, döwletimiziň Ýer ýüzünde ählumumy parahatçylygy we ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen ynsanperwer, parahatçylyk hem-de ynanyşmak syýasatyny rowaçlandyrmak ugrundaky başlangyçlaryna berlen ýokary bahadyr. Bularyň ählisi biziň demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiziň saýlap alan ýolunyň dogrudygyny, onuň bütin dünýä üçin ähmiýetiniň örän uludygyny ýene-de bir gezek tassyk edýär.

Hormatly adamlar!

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe biz halkara borçnamalara hem-de halkara hukugyň ýörelgelerine berk we gyşarnyksyz eýerip, ýurdumyzyň geosyýasy we geoykdysady mümkinçiliklerini parahat durmuşyň, döredijilikli ösüşiň, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň bähbidine durmuşa geçirýäris. Daşary syýasat strategiýamyza laýyklykda, Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropa Bileleşigi, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Goşulyşmazlyk Hereketi, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly abraýly halkara guramalar, Aziýa — Ýuwaş ummany sebiti, Orta we Ýakyn Gündogar, Ýewropa we Amerika ýurtlary bilen gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga uly ähmiýet berýäris. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň ýokary derejede geçirilmegi hem-de bu guramanyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 18-nji plenar mejlisinde «Awaza syýasy Jarnamasy» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi, Gahryman Arkadagymyz tarapyndan Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň gurluşygyna badalga berilmegi parahatçylyk, dost-doganlyk hem-de hyzmatdaşlyk syýasatyny alyp barýan döwletimiziň halkara abraýynyň ýokarydygyny, Bitaraplygymyzyň ähmiýetiniň tutuş dünýä bileleşigi üçin hem örän uludygyny tassyklaýan taryhy wakalardyr.

Eziz watandaşlar!

Garaşsyzlyk we Bitaraplyk ata Watanymyzyň binýadynyň baş sütünleridir, ähli ösüşlerimiziň hem-de üstünliklerimiziň gözbaşydyr. Biz «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ýörelgämizden ugur alyp, Bitarap ýurdumyzyň iň bagtly adamlaryň ýaşaýan, kuwwatly, demokratik, hukuk döwleti bolmagyna gönükdirilen ägirt uly işleri amala aşyrýarys. Mähriban halkymyzyň gurujylyk we döredijilik güýji, watansöýüjilik buýsanjy bilen täze, döwrebap obadyr şäherleriň gurluşygyny depginli dowam etdirýäris, iri senagat, energetika, ulag-kommunikasiýa düzümlerini döredýäris. Bütin dünýäde abadançylygyň hem-de bagtyýarlygyň bähbidine gönükdirilen bu işler Bitarap Türkmenistany ykdysady taýdan kuwwatly döwlet hökmünde ykrar etdirip, ählumumy parahatçylygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna giň halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ýardam berýär.

Hormatly adamlar!
Eziz watandaşlar!

Sizi Halkara Bitaraplyk güni, şeýle hem bütin dünýäde giňden dabaralandyrylýan taryhy ähmiýetli baýram — Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn! Size berk jan saglyk, asuda we abadan durmuş, egsilmez bagtyýarlyk, Bitarap Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin. Goý, Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we dost-doganlyk ýörelgelerini öňe sürýän berkarar Watanymyzyň dünýädäki at-abraýy has-da belende galsyn!

Türkmenistanyň Prezidenti 
Serdar BERDIMUHAMEDOW.

11.12.2025

MEJLISDE ALNYP BARYLÝAN IŞLER

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň on bir aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemi jemlenildi.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa milli kanunçylygy kämilleşdirmek, täze kanunlary işläp taýýarlamak barada öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, şu ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, şu döwürde Türkmenistanyň Kanunlarynyň 27-si kabul edildi. Şolaryň hatarynda “Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk we ynanyşmak syýasatynyň hukuk esaslary hakynda” Türkmenistanyň Konstitusion kanuny, “Türkmenistanyň Raýat kodeksini tassyklamak we herekete girizmek hakynda”, “Kazyýet hakynda”, “Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda”, “Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna” atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny döretmek hakynda”, “Türkmenistanyň 2026-njy ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda”, “Wirtual aktiwler hakynda”, “Ylmy intellektual eýeçilik hakynda”, “Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň, Özbegistan Respublikasynyň we Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda hemişelik hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk we hyzmatdaşlyk hakyndaky Şertnamany tassyklamak hakynda”, “1993-nji ýylyň 22-nji ýanwaryndaky Raýat, maşgala we jenaýat işleri boýunça hukuk kömegi we hukuk gatnaşyklary hakynda Konwensiýa üýtgetmeleri girizmek hakyndaky Teswirnamany tassyklamak hakynda” Türkmenistanyň Kanunlary bar. Şunuň bilen birlikde, jenaýat, arbitraž, raýat we jenaýat iş ýörediş, ýerine ýetiriş, maşgala, zähmet gatnaşyklary, salgytlar, administratiw önümçilik, awtomobil ulagy, aragatnaşyk, migrasiýa, içeri işler edaralary, gümrük meseleleri, döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasy bilen baglanyşykly hereket edýän käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi. Mundan başga-da, Mejlisiň kararlarynyň 20-si kabul edildi.

Daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçileriniň 10-syndan ynanç hatlary kabul edildi. Dünýä döwletleriniň parlamentleriniň, ýurdumyzdaky daşary ýurt wekilhanalarynyň, halkara guramalaryň wekilleri bilen duşuşyklaryň 56-sy geçirildi. Olaryň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisiň deputatlary we hünärmenleri kanun çykaryjylyk işini kämilleşdirmek, döwlet maksatnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça halkara guramalar bilen bilelikde guralan maslahatlaryň 106-syna gatnaşdylar. Kanun çykaryjylyk işinde tejribe alyşmak maksady bilen, deputatlaryň daşary ýurtlara iş saparlarynyň 44-si guraldy. Şunuň bilen birlikde, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde Parlament forumy, Türkmenistanyň Mejlisinde Bitaraplygyň dostlary toparyna agza ýurtlaryň parlament ýolbaşçylarynyň utgaşykly görnüşdäki ikinji duşuşygy geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň hukuk binýadyny berkitmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belledi.

05.12.2025 Giňişleýin

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa çykyş edip, ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän maksatnamalaýyn özgertmeleri kanunçylyk taýdan üpjün etmek, milli kanunçylygy döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Şeýle hem milli parlamentiň şu ýylyň 22-nji noýabrynda geçirilen on birinji maslahatynyň netijeleri barada aýdyldy. Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň baş maliýe resminamasyna we dürli ugurlara degişli kanunlaryň taslamalaryna garaldy. Şunuň bilen baglylykda, Mejlisiň Başlygy hormatly Prezidentimize “Türkmenistanyň 2026-njy ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna gol çekip berendigi üçin hoşallyk bildirdi.

Häzirki wagtda Mejlisde döredilen iş toparlarynda döwletiň we jemgyýetiň durmuşynyň dürli ugurlarynyň kanunçylyk taýdan üpjün edilmegine gönükdirilen işler dowam etdirilýär. Iri halkara guramalar, daşary ýurtlaryň parlamentleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda alnyp barylýan işler barada-da aýdyldy. Mejlisiň wekilleri BMG-niň Çagalar gaznasynyň, Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekilhanalary tarapyndan guralan maslahatlara, Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde geçirilen ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň 23-nji güýzki mejlisine, Täjigistan Respublikasynyň Duşenbe şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenan ýolbaşçylarynyň dialogynyň 2025-nji ýyl üçin jemleýji çäresine gatnaşdylar.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň kanunlaryny kämilleşdirmek we döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň zerurdygyny belledi.

28.11.2025 Giňişleýin

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa çykyş edip, ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny pugtalandyrmak, milli kanunçylygy döwrüň talaplaryna we halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Mejlisiň 22-nji noýabrda geçiriljek nobatdaky maslahatyna taýýarlyk görülýär. Maslahatyň gün tertibine laýyklykda, “Türkmenistanyň 2026-njy ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň, “Wirtual aktiwler hakynda”, “Ylmy intellektual eýeçilik hakynda”, “Türkmenistanyň goňşy ýurtlar bilen baglaşan halkara şertnamasyny hem-de öň goşulan Konwensiýa üýtgetmeleri girizmek hakyndaky Teswirnamany tassyklamak hakynda” Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalary ara alnyp maslahatlaşylar. Şunuň bilen birlikde, hereket edýän kanunçylyk namalaryna döwrebap üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek bilen bagly kanun taslamalaryna garalar. Şeýle-de “Türkmenistanyň 2024-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi hakynda” Türkmenistanyň Mejlisiniň kararynyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak göz öňünde tutulýar.

Mundan başga-da, Niger Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisinden ynanç hatynyň kabul edilendigi barada aýdyldy. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň alyp barýan parahatçylyk söýüjilikli, ynsanperwer içeri we daşary syýasatyny, oňyn halkara başlangyçlaryny dünýä jemgyýetçiligine ýetirmek, kanun çykaryjylyk, parlament işinde tejribe alyşmak maksady bilen, Mejlisiň wekilleri Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynyň mejlisine, Täjigistan Respublikasynyň Duşenbe şäherinde geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň nobatdaky maslahatyna we 59-njy plenar mejlisine, Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan Gyrgyz Respublikasynyň Bişkek şäherinde guralan sebitleýin maslahata gatnaşmak üçin iş saparlarynda boldular.

Hormatly Prezidentimiz halkymyzyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmaga gönükdirilen täze kanunlary taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belledi.

21.11.2025 Giňişleýin

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň on aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa şu ýylyň ýanwar — оktýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, şu döwürde Türkmenistanyň Kanunlarynyň 17-si kabul edildi. Şolaryň hatarynda “Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk we ynanyşmak syýasatynyň hukuk esaslary hakynda” Türkmenistanyň Konstitusion kanuny, “Türkmenistanyň Raýat kodeksini tassyklamak we herekete girizmek hakynda”, “Kazyýet hakynda”, “Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda”, “Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna” atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny döretmek hakynda”, “Ýük markalary hakynda Halkara konwensiýasyna degişli Teswirnama goşulmak hakynda” Türkmenistanyň Kanunlary bar. Mundan başga-da, jenaýat, arbitraž, raýat we jenaýat iş ýörediş, maşgala, zähmet gatnaşyklary, salgytlar, administratiw önümçilik, awtomobil ulagy, migrasiýa, içeri işler edaralary, gümrük meseleleri bilen baglanyşykly hereket edýän käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmelerdir goşmaçalar girizildi. Şu döwürde Mejlisiň kararlarynyň 18-si kabul edildi.

Mejlisde daşary döwletleriň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçileriniň 9-syndan ynanç hatlary kabul edildi, dünýä ýurtlarynyň parlamentleriniň, diplomatik wekilhanalaryň wekilleri bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meseleleri boýunça duşuşyklaryň 55-si geçirildi. Mejlisiň deputatlary we hünärmenleri kanun çykaryjylyk işini kämilleşdirmek, döwlet maksatnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça halkara guramalar bilen bilelikde guralan maslahatlaryň 97-sine gatnaşdylar. Kanun çykaryjylyk işinde tejribe alyşmak maksady bilen, Mejlisiň wekilleriniň daşary ýurtlara iş saparlarynyň 34-si guraldy. “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde Parlament forumy, şeýle hem Bitaraplygyň dostlary toparyna agza ýurtlaryň parlament ýolbaşçylarynyň “Parlamentara dialog — dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy üpjün etmegiň möhüm guraly” atly utgaşykly görnüşdäki ikinji duşuşygy guramaçylykly geçirildi.

Hökümet mejlisinde Mejlisiň Başlygynyň ýolbaşçylygyndaky milli parlamentiň wekiliýetiniň Russiýa Federasiýasyna saparynyň netijeleri barada-da maglumat berildi. Bellenilişi ýaly, saparyň çäklerinde RF-niň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň we Döwlet Dumasynyň Başlyklary bilen duşuşyklar geçirildi. Duşuşyklaryň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Parlamentara hyzmatdaşlygyň hukuk esaslaryny berkitmek maksady bilen, Türkmenistanyň Mejlisi bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga gol çekildi.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň kanunçylygyny yzygiderli kämilleşdirmegiň möhümdigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz bu ugurda Mejlisiň alyp barýan işlerini netijeli dowam etdirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.

31.10.2025 Giňişleýin

Deputatlar

Daşoguz Lebap Mary Ahal Aşgabat Balkan

Daşoguz welaýaty


Gylyçmyradowa Jeren Aşyrgeldiýewna

44-nji «Altynýol» saýlaw okrugy


Arazow Serdar Arazdurdyýewiç

45-nji «Diýar» saýlaw okrugy


Atabaýew Ýakup Otuzbaýewiç

46-njy «Akdepe» saýlaw okrugy


Otuzow Magsat Nurgylyjowiç

47-nji «Nowruz» saýlaw okrugy


Kanjanow Atamurat Otuzbaýewiç

48-nji «Rowaçlyk» saýlaw okrugy


Toýlyýew Aşyr Hudaýnazarowiç

49-njy «Boldumsaz» saýlaw okrugy


Tuwakow Merdan Baýramdurdyýewiç

50-nji «Görogly» saýlaw okrugy


Musaýew Atageldi Amangeldiýewiç

51-nji «Yzmykşir» saýlaw okrugy


Seýilow Baýly Toýlyýewiç

52-nji «Aksaraý» saýlaw okrugy


Durdyýew Gurbangylyç Arazowiç

53-nji «Gubadag» saýlaw okrugy


Kutlyýewa Aýgözel Akmuradowna

54-nji «Baýdak» saýlaw okrugy


Toýlyýewa Aýnabat Gaýypowna

55-nji «Dessan» saýlaw okrugy


Kurambaýewa Mähriban Satywaldyýewna

55-nji «Dessan» saýlaw okrugy


Gurbandurdyýew Şatlyk Meretdurdyýewiç

57-nji «Agzybirlik» saýlaw okrugy


Şäherow Jumamyrat Paltabaýewiç

58-nji «Köneürgenç» saýlaw okrugy


Jumaýewa Maýsa Ýegenmyradowna

59-njy «Derýalyk» saýlaw okrugy


Babaýew Baýmyrat Atanaýewiç

60-njy «Gürgenç» saýlaw okrugy


Amanýazowa Enejan Saparmuhamedowna

61-nji «Bossan» saýlaw okrugy


Nepesow Kakamammet Hemraýewiç

62-nji «S.Rozmetow» saýlaw okrugy


Haýytjanow Ýeňiş Sultanmuradowiç

63-nji «Nowbahar» saýlaw okrugy


Durdymedowa Ogulşad Sapardurdyýewna

64-nji «S.A.Nyýazow» saýlaw okrugy


Maşalaýew Amanmyrat Şyhyýewiç

65-nji «S.Türkmenbaşy» saýlaw okrugy


Meredow Nurgeldi Babageldiýewiç

66-njy «Aýböwür» saýlaw okrugy


Artykow Döwran Arazowiç

67-nji «Sarygamyş» saýlaw okrugy


Sadullaýew Rasul Kamilowiç

68-nji «Ruhubelent» saýlaw okrugy


Gaýypow Serdar Aşyrowiç

69-njy «Daşoguz» saýlaw okrugy


Hangeldiýew Arazmyrat

70-nji «Şabat» saýlaw okrugy


Lebap welaýaty


Haýdarowa Laçyn

71-nji «Dänew» saýlaw okrugy


Omarow Allaýar Hydyrowiç

72-nji «Asuda» saýlaw okrugy


Dosmedow Merdan Hudaýberenowiç

73-nji «Hojagala» saýlaw okrugy


Ýumitow Serdar Baýramowiç

74-nji «Amyderýa» saýlaw okrugy


Ýarowa Jahan Jorakulyýewna

75-nji «Zergär» saýlaw okrugy


Jumaýew Babamurat Kemalowiç

76-njy «Çärjew» saýlaw okrugy


Rozyýew Gahryman Öwlýakulyýewiç

77-nji «Farap» saýlaw okrugy


Hasanow Zahid Ýusupowiç

78-nji «Jeýhun» saýlaw okrugy


Jumadurdyýew Atajan Isaýewiç

80-nji «Türkmenabat» saýlaw okrugy


Akyýewa Bossan Bäşimowna

81-nji «Lebap» saýlaw okrugy


Joraýewa Zuleýha Rozybaýewna

82-nji «Amul» saýlaw okrugy


Şadyýew Bahadur Babakulyýewiç

83-nji «Sakar» saýlaw okrugy


Akyýewa Çemen Jumamyrat gyzy

84-nji «Saýat» saýlaw okrugy


Öwlýagulyýew Baýram Astanagulyýewiç

85-nji «Garabekewül» saýlaw okrugy


Ilow Baýram Jomartowiç

86-njy «Pelwert» saýlaw okrugy


Haýydowa Ogulnur Narkulyýewna

87-nji «Halaç» saýlaw okrugy


Çaryýew Nepes Narbaýewiç

88-nji «Seýdi» saýlaw okrugy


Meredow Durdyguly Nazargulyýewiç

89-njy «Astanababa» saýlaw okrugy


Hemraýew Gadam Meretkulyýewiç

90-njy «Kerki» saýlaw okrugy


Berkeliýew Toýly Jorakulowiç

91-nji «Ýalkym» saýlaw okrugy


Awlýakulyýew Intizar Dowrankulyýewiç

92-nji «Hojambaz» saýlaw okrugy


Hezziýew Amangeldi Kerimgulyýewiç

93-nji «Döwletli» saýlaw okrugy


Rozyýew Nepes Janmuradowiç

94-nji «Köýtendag» saýlaw okrugy


Allakulyýew Erkin Çaryýewiç

95-nji «Garlyk» saýlaw okrugy


Mustakowa Hatyça Muratowna

96-njy «Magdanly» saýlaw okrugy


Mary welaýaty


Orazmeredow Merdan Artykowiç

97-nji «Mary» saýlaw okrugy


Annaýew Ýusup Orazberdiýewiç

98-nji «Şapak» saýlaw okrugy


Gurbanmyradow Çary Annamyradowiç

99-njy «Kemine» saýlaw okrugy


Abdyýew Orazdurdy Abdyýewiç

100-nji «Baýramaly» saýlaw okrugy


Janmyradow Maksat Çarymyradowiç

101-nji «Oguzhan» saýlaw okrugy


Bäşimow Artyk Çaryýewiç

102-nji «Jemgyýet» saýlaw okrugy


Annagurbanow Bäşim Durdyýewiç

103-nji «Zarpçy» saýlaw okrugy


Eşşäýew Ýusupguly Aşyrgulyýewiç

104-nji «Peşanaly» saýlaw okrugy


Bekmyradow Akmuhammet Nurmuhammedowiç

105-nji «Türkmenistan» saýlaw okrugy


Hapbaýew Döwran Atajanowiç

106-njy «Wekil» saýlaw okrugy


Şirmämmedow Jumamuhamet Hudaýberdiýewiç

107-nji «Rysgally» saýlaw okrugy


Kössekow Atamyrat Agamyradowiç

108-nji «Wekilbazar» saýlaw okrugy


Ýomudow Tirkişmyrat Amanmuhammedowiç

109-njy «Sakarçäge» saýlaw okrugy


Nurymow Süleýman Muhammetamanowiç

110-njy «Garaýap» saýlaw okrugy


Amandurdyýew Atamyrat Ýagmyrowiç

111-nji «Çaşgyn» saýlaw okrugy


Garagulowa Maral Atamyradowna

112-nji «Merw» saýlaw okrugy


Zyrryýew Kerwen Garlyýewiç

113-nji «Soltan Sanjar» saýlaw okrugy


Çarşakow Saparmyrat Gündogdyýewiç

114-nji «Mekan» saýlaw okrugy


Baýmyradowa Şirin Seýitkulyýewna

115-nji «Garagum» saýlaw okrugy


Berdiýewa Senem Sapargeldiýewna

116-njy «Türkmengala» saýlaw okrugy


Saparow Orazgeldi Şamyradowiç

117-nji «Rehnet» saýlaw okrugy


Rahmedow Ali Muradowiç

118-nji «Ýolöten» saýlaw okrugy


Gurbangeldiýew Begenç Kerimowiç

119-njy «Soltanbent» saýlaw okrugy


Allanowa Aýjemal Täçnazarowna

120-nji «Murgap» saýlaw okrugy


Babanyýazow Maksat Berdimuhammedowiç

121-nji «Ylham» saýlaw okrugy


Aşyrow Gurbanmyrat Durdymyradowiç

122-nji «Miras» saýlaw okrugy


Haýydow Arslan Hudaýberdiýewiç

123-nji «Tagtabazar» saýlaw okrugy


Çaryýew Arslan Meredowiç

124-nji «Pendi» saýlaw okrugy


Gurbanmyradow Allamyrat Geldimyradowiç

125-nji «Serhetabat» saýlaw okrugy


Soňky kabul edilen kanunlar

Wirtual aktiwler hakynda

22.11.2025 Giňişleýin

Türkmenistanyň 2026-njy ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda

22.11.2025 Giňişleýin

Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň, Özbegistan Respublikasynyň we Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda hemişelik hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk we hyzmatdaşlyk hakyndaky Şertnamany tassyklamak hakynda

22.11.2025 Giňişleýin

Ylmy intellektual eýeçilik hakynda

22.11.2025 Giňişleýin