Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow serhet birikmesiniň täze binalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet serhet gullugynyň Sarahs serhet birikmesiniň täze binalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine esaslanýan, diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrina laýyklykda, Milli goşunymyzyň goranmak ukybyny pugtalandyrmak, harby we hukuk goraýjy edaralary iň täze tehnikalar bilen üpjün etmek, harby gullukçylaryň gulluk etmegi, ýaşaýyş-durmuşy üçin amatly şertleri döretmek babatda uly işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Harby gullukçylar Watanymyzy goramak boýunça öz borçlaryny ähli zatdan ileri tutup, mukaddes serhetlerimizde ýurdumyzyň hem-de halkymyzyň polat galkany, synmaz daýanjy bolmak bilen, merdana ata-babalarymyzyň şöhratly ýörelgelerini mynasyp dowam etdirýärler. Gahryman Arkadagymyzyň “Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar”, “Watan goragy mukaddesdir”, “Mertler Watany beýgeldýär” atly kitaplary bolsa ösüp gelýän ýaş nesilleri, aýratyn-da, Watan goragçylaryny harby-watançylyk ruhunda terbiýelemekde, olarda türkmen halkynyň gahrymançylyga beslenen asylly häsiýetlerini kemala getirmekde möhüm ähmiýete eýedir.

Mälim bolşy ýaly, 6-njy sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine garaldy. Mejlisiň dowamynda hormatly Prezidentimiz beýleki meseleler bilen bir hatarda, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygyna gowy taýýarlyk görmegiň wajypdygyna ünsi çekdi we dabaraly harby ýörişiň ýokary derejede, guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Däp bolşy ýaly, baş baýramymyz mynasybetli her ýyl geçirilýän dabaraly harby ýörişiň dowamynda Watanymyzyň goranyş kuwwaty, halkymyzyň parahat we asuda durmuşynyň, mukaddes serhetlerimiziň, Garaşsyzlygymyzyň gazananlarynyň goragynda duran harby goragçylarymyzyň ýokary hünär ussatlygy, başarjaňlygy görkezilýär.

...Ir bilen hormatly Prezidentimiziň paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinden ugur alan dikuçary biraz salymdan Sarahs serhet birikmesiniň täze binalar toplumynyň açylyş dabarasynyň geçirilýän ýerine geldi.

Bu ýerde Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew Döwlet serhet gullugynyň Sarahs serhet birikmesiniň täze binalar toplumynyň açylmaga taýýardygy barada döwlet Baştutanymyza hasabat berdi. Belent Serkerdebaşymyz hasabaty kabul edip, birikmäniň täze binalar toplumynyň esasy girelgesine tarap ugrady. Bu ýerde «Serhet owazlary» aýdym-saz toparynyň ýerine ýetirmeginde Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlandy. Soňra ýerine ýetirilen aýdymda ata Watanymyz, döwlet Baştutanymyzyň durmuşa geçirýän beýik işleri wasp edildi.

Hormatly Prezidentimiz dabara gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda toý bagyny kesdi we täze binalar toplumynyň ulanmaga berilmegine ak pata berdi.

Döwrebap serhet birikmesiniň täze binalar toplumy dolandyryş binasyndan, nyzam meýdançasyndan, naharhanadan, 300 orunlyk medeniýet öýünden, esgerler ýatakhanasyndan, lukmançylyk nokadyndan, açyk sport meýdançasyndan, sport we sagaldyş toplumyndan, awtoulaglar üçin duralgadan, gulluk, durmuş maksatly binalardan ybarat bolup, olarda serhetçiler üçin amatly mümkinçilikler göz öňünde tutulypdyr.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow birikmäniň dolandyryş binasyna bardy we bu ýerde döredilen şertler bilen tanyşdy. Harby gullukçy ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyny wideogözegçilik enjamlary arkaly Döwlet serhediniň goragyna gözegçilik edilişi bilen tanyşdyrdy.

Dolandyryş binasynyň tehniki taýdan enjamlaşdyrylyşynyň, bu ýerde döredilen şertleriň ýokary halkara ölçeglere doly laýyk gelýändigini bellemek gerek. Binanyň döwrebap tehnologiýalar, iň täze enjamlar hem-de programmalar bilen üpjün edilmegi Milli goşunymyzyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylýandygynyň, onuň ähli düzümlerine sanly ulgamyň üstünlikli ornaşdyrylýandygynyň aýdyň mysalydyr. Döwrebap enjamlardyr aragatnaşyk serişdeleri Watanymyzyň serhetlerinde gije-gündiziň dowamynda gözegçiligi amala aşyrmaga mümkinçilik berýär. Munuň özi döwlet serhedinde ýagdaýy berk gözegçilikde saklamaga, onuň ygtybarly goragyny üpjün etmäge ýardam berýär.

Harby gullukçy döredilen ajaýyp şertler üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi hem-de Watan goragçylarynyň ýurdumyza mundan beýläk-de ak ýürekden, wepaly gulluk etjekdiklerine ynandyrdy. Hormatly Prezidentimiz harby gullukça jogapkärli gullugynda üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Hormatly myhmanlar kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy. Bu ýerde hormatly Prezidentimize serhetçileriň adyndan ajaýyp türkmen halysy sowgat berildi.

Soňra döwlet Baştutanymyz esgerler ýatakhanasyna bardy we bu ýerde döredilen şertler bilen tanyşdy.

Serhetçiler üçin niýetlenen ýatakhananyň binalar toplumy döwrebaplygy bilen tapawutlanýar. Onda serhetçileriň göwnejaý dynç almaklary, wagtyny peýdaly geçirmekleri üçin ähli zerur şertler döredilipdir. Ýatakhananyň giňligi, ýagtylandyrylyşy, esgerleriň dynç almagy üçin döredilen mümkinçilikler, otaglaryň ýerleşdirilişi harby düzgünnamalaryň talaplaryna doly laýyk gelýär. Bu bolsa harby gullukçylary mukaddes gulluk borçlaryny birkemsiz ýerine ýetirmäge ruhlandyrýar. Şeýle-de ýatakhanada harby gullukçylaryň gündelik durmuş hyzmatlaryny üpjün etmek üçin dellekhana, gündelik we möwsümleýin harby lybaslary saklamaga niýetlenen, döwrebap mebeller bilen üpjün edilen birnäçe otaglar bar. Mundan başga-da, degişli lybaslary we beýleki goşlary saklamak üçin aýratyn bölümler göz öňünde tutulypdyr. Otaglar döwrebap ýyladyş we sowadyş ulgamlary bilen üpjün edilipdir. Munuň özi harby gullukçylaryň ähli ýaşaýyş-durmuş talaplaryny doly derejede kanagatlandyrmaga ýardam berýär.

Durmuş taýdan hyzmat ediş otaglarynyň degişli enjamlar bilen üpjün edilendigi bellärliklidir. Galkynyş otagy, baý gaznasy bolan döwrebap kitaphana hem harby gullukçylaryň ygtyýarynda. Bu bolsa serhetçileriň medeniýetli dynç almaklaryna, özlerini gyzyklandyrýan maglumatlar bilen tanşyp, bilimlerini artdyrmaklaryna ýardam edýär. Kitaphanada Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň watansöýüjilige ýugrulan kitaplarynyň ýerleşdirilmegi serhetçileriň watançylyk ruhuny has-da belende göterýär. Ýurdumyzda döwlet serhetlerini ygtybarly goramak, ýokary taýýarlykly serhetçi harby gullukçylary taýýarlamak işine möhüm üns berilýär. Şunda serhetçileriň ýaşaýyş-durmuş, gulluk şertleriniň ýokary derejede bolmagy ugrunda zerur tagallalar edilýär.

Soňra ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy ýokary derejeli söweşjeň aýratynlyklary bolan, harby düzümleriň ygtyýaryna gelip gowşan täze harby tehnikalar bilen tanyşdy.

Soňky ýyllarda hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda amala aşyrylýan özgertmeler netijesinde harby we hukuk goraýjy edaralary döwrebap tehnikalardyr enjamlar bilen üpjün etmegiň hasabyna Milli goşunymyzyň kuwwaty pugtalandyrylýar. Döwlet Baştutanymyz harby tehnikalaryň özboluşly aýratynlyklary bilen tanyşlygyň dowamynda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň mundan beýläk-de yzygiderli berkidiljekdigini aýdyp, harby gullukçylaryň, söweşjeň tehnikalara erk edýän ýaş esgerleriň, serkerdeleriň hünär derejesiniň yzygiderli kämilleşdirilmegi bilen baglanyşykly meselelere möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi.

Şeýle hem bu ýerde harby gullukçylar üçin niýetlenen dürli harby lybaslar görkezildi. Arkadagly Gahryman Serdarymyz harby lybaslaryň ýylyň dürli pasyllaryna laýyklykda taýýarlanylmalydygyny, harby gullukçylaryň azyk üpjünçiliginiň ýokary derejede bolmalydygyny nygtap, bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz täze serhet birikmesiniň esgerler naharhanasyna baryp gördi.

Naharhana häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilipdir. Bu ýerde ýokumly tagamlary taýýarlamak, serhetçileri talabalaýyk iýmitlendirmek üçin ähli zerur şertler bar. Munuň özi naharlaryň çalt we ýokary hilli taýýarlanylmagy, ekologik arassalygynyň saklanylmagy üçin amatly mümkinçilikleri döredýär. Täze binalar toplumynyň naharhanasy häzirki döwrüň talaplaryna doly laýyk gelip, onda nahar taýýarlamak, azyk önümlerini talabalaýyk saklamak üçin ýörite otaglar, ammarlar göz öňünde tutulypdyr. Döwrebap naharhana sowadyş we ýyladyş ulgamlary, nahar taýýarlamak işini ep-esli ýeňilleşdirýän döwrebap tehnologiýalaryň birnäçesi bilen enjamlaşdyrylandyr. Şeýle hem naharhanada dürli görnüşli tagamlary taýýarlamak üçin enjamlaryň kämil görnüşleri göz öňünde tutulypdyr. Olar gündelik bişirilýän naharlaryň köpdürlüligini üpjün eder. Naharhanada milli tagamlaryň dürli görnüşleri taýýarlanylyp, olaryň tagamyna, ýokumlylyk derejesine aýratyn ähmiýet berler. Munuň özi naharlaryň milli aşpezlik ýörelgelerine laýyk gelmegini, has tagamly bolmagyny şertlendirer.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Watan goragçylarynyň gulluk etmegi we dynç almagy üçin has oňaýly şertleri döretmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň we amala aşyrylýan harby özgertmeleriň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şonuň esasynda şeýle döwrebaplaşdyrylan häzirki zaman desgalarynyň açylyp ulanmaga berilmegi harby gullukçylar üçin edilýän aladalaryň aýdyň güwäsidir.

Serkerdeler döwlet Baştutanymyza harby gullukçylar barada edýän aladasy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler hem-de Watana wepaly gulluk etjekdiklerine ynandyrdylar.

Soňra hormatly Prezidentimiz toplumyň çägindäki harby gullukçylar we olaryň maşgala agzalary üçin niýetlenen täze, döwrebap ýaşaýyş jaýlaryna baryp gördi.

Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň Sarahs serhet birikmesiniň täze binalar toplumynyň çäginde jemi 144 hojalyga niýetlenen 4 sany, 36 öýli döwrebap ýaşaýyş jaý toplumy, dükan, oýun we sport meýdançasy göz öňünde tutulypdyr. Harby gullukçylaryň göwnejaý gulluk etmekleri, döwrebap ýaşaýşy üçin ähli amatlyklaryň döredilmegi hemişe üns merkezinde saklanýar. Toplumyň çäginde täze ýaşaýyş jaýlarynyň bina edilmegi-de munuň anyk mysalydyr.

Täze jaýlaryň binagärlik çözgüdine, bezegine uly üns berlipdir. Ýaşaýyş jaýlarynyň myhmanlardyr çagalar üçin niýetlenen giň we ýagty otaglary döwrebap mebeller bilen enjamlaşdyrylypdyr. Zerur bolan ähli şertler bilen üpjün edilen döwrebap aşhana hem jaýlaryň gurluşyk işleriniň döwrüň ösen talabyna laýyk derejede ýerine ýetirilendigini görkezýär. Serhet birikmesiniň çäginde harby gullukçylaryň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaklary üçin ähli zerur şertler bar. Munuň özi Watan goragçylarynyň bedenini berkitmegi, şol sanda sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaklary üçin has oňaýly şertleriň döredilmegine uly ähmiýet berilýändiginiň güwäsidir.

Bagtyýar serhetçi hormatly Prezidentimizi mähirli garşylady. Döwlet Baştutanymyz täze jaýa göçüp gelen harby gullukçy we onuň maşgala agzalary bilen söhbetdeş bolup, döredilen şertler bilen gyzyklandy.

Harby gullukçy Watan goragçylarynyň mukaddes gulluk borjuny berjaý etmekleri, dynç almaklary, maşgala agzalarynyň abadan durmuşda ýaşamaklary ugrunda döredilýän mümkinçilikler üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi we harby kasama wepaly bolup, ýurdumyzyň asudalygyny goramak ýaly mukaddes wezipäni üstünlikli ýerine ýetirjekdigine ynandyrdy. Täze jaýa göçüp gelmek bagty miýesser eden harby gullukçynyň maşgala agzalary hem halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak ugrunda edýän hemmetaraplaýyn aladalary üçin ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna hoşallyklaryny beýan etdiler.

Hormatly Prezidentimiz serhetçiler we olaryň maşgalalary üçin amatly şertleri döretmek boýunça işleriň yzygiderli dowam etdiriljekdigini aýdyp, täze jaýa göçüp gelen maşgala agzalaryna sowgatlary gowşurdy. Olar ýagşy däp-dessurlara eýerip, Arkadagly Gahryman Serdarymyza toý düwünçegini gowşurdylar.

Soňra hormatly Prezidentimiz toplumyň çäginde gündelik zerur bolan harytlaryň giň görnüşlerini hödürleýän söwda nokadynyň işi bilen tanyşdy. Bu ýerde türkmen telekeçileriniň öndürýän azyk we hojalyk harytlary, beýleki önümler alyjylara hödürlenilýär. Munuň özi döwlet Baştutanymyzyň ilaty azyk harytlary bilen bökdençsiz üpjün etmek babatda berýän tabşyryklarynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň beýanydyr.

Täze ýaşaýyş jaýlarynyň daş-töweregi abadanlaşdyrylypdyr. Bu ýerde dürli gülleriň, saýaly baglaryň ekilmegi ekologik abadançylygy saklamaga ýardam edýär. Şeýle hem toplumda körpe nesilleriň dynç almaklary, sagdyn ösmekleri üçin niýetlenen oýun meýdançasy hereket edýär. Sagdyn nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek, ilaty köpçülikleýin bedenterbiýä we sport hereketine giňden çekmek döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Bu babatda toplumda bina edilen sport meýdançasy harby gullukçylaryň maşgala agzalarynyň saglyklaryny berkitmeklerini, wagtyny peýdaly geçirmeklerini üpjün eder.

Toplumyň çäklerinde lukmançylyk merkezi hem hereket edýär. Lukmançylyk merkeziniň otaglary häzirki zaman lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilendir. Onda işlejek lukmanlar serhetçilere we olaryň maşgala agzalaryna ýokary derejeli lukmançylyk hyzmatlaryny hödürlärler.

Soňra döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň başlygyna Sarahs serhet birikmesiniň täze binalar toplumynyň açylyş dabarasy mynasybetli täze awtoulaglaryň açarlaryny gowşurdy.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylaryny Sarahs serhet birikmesiniň täze binalar toplumynyň açylyp ulanmaga berilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady. Harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary ýurdumyzyň asudalygyny, parahatçylygyny üpjün etmek boýunça mukaddes borjuny abraý bilen berjaý etjekdiklerine ynandyrdylar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hemmelere üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.

Şeýlelikde, ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygynyň öňüsyrasynda açylyp ulanmaga berlen Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň Sarahs serhet birikmesiniň täze binalar toplumy harby gullukçylar üçin ajaýyp toý sowgady bolmak bilen, Watanymyzyň Ýaragly Güýçleriniň maddy-enjamlaýyn binýadynyň barha kämilleşdirilýändiginiň, harby gullukçylaryň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň has-da gowulandyrylýandygynyň nobatdaky aýdyň güwäsine öwrüldi.

12.09.2025

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow täze önümçilik desgasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow paýtagtymyzyň demirgazygyndaky senagat toplumynyň çäginde ýerleşýän çüýşe önümlerini öndürýän önümhananyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Ýurdumyzy senagatlaşdyrmak, ýerli çig malyň esasynda öndürilýän önümçilikleriň gerimini giňeltmek Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Şunda öndürilýän önümleriň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga, önümçiligiň ylmy-tehniki binýadyny pugtalandyrmaga uly ähmiýet berilýär. Bu işleriň oňyn netijeleri bolsa täze önümçilik toplumlarynyň döremegine, importyň ornuny tutýan harytlaryň öndürilişiniň möçberini artdyrmaga ýardam berýär. Soňky ýyllarda Türkmenistanda ýerli çig malyň binýadynda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän, içerki hem daşarky bazarlarda uly islegden peýdalanýan önümleri öndürýän, innowasion tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan täze senagat kärhanalary yzygiderli gurlup ulanmaga berilýär. Kuwwatlylygy bir gije-gündizde 100 tonna çüýşe önümlerini öndürýän täze önümçilik desgasynyň dabaraly ýagdaýda açylmagy hem munuň aýdyň mysalydyr. Şu günki waka “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda”, “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda” milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny ösdürmek boýunça kesgitlenen wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylýandygyny görkezýär.

Ir bilen hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow täze, döwrebap önümçiligiň ulanmaga berilmegi mynasybetli dabaranyň geçirilýän ýerine geldi. Hemmeler döwlet Baştutanymyzy uly ruhubelentlik bilen garşyladylar. Bu ýerde ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary ýaýbaňlandyryldy.

Soňra Arkadagly Gahryman Serdarymyz dabaraly ýagdaýda täze kärhananyň toý bagyny kesdi. Şol pursatda asmana dürli reňkdäki howa şarlary uçuryldy. Soňra hormatly Prezidentimiz kärhananyň çäginde guralan gurluşyk we senagat toplumynyň sergisini synlady.

Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň giň gerimli maksatnamalaryny amala aşyrmakda senagat we gurluşyk toplumyna möhüm orun degişlidir. Diýarymyzyň çar künjegini gurşap alan giň gerimli gurluşyklar ýokary hilli gurluşyk serişdelerine bolan talabyň artmagyny şertlendirip, ýerli çig mallaryň esasynda bu serişdeleriň önümçilikleriniň çalt depginde ösmegine täze itergi berýär. Sergide gurluşyk, senagat toplumynyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň sergi diwarlyklary ýaýbaňlandyryldy. Olarda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň toplumy ösdürmek babatda döredýän döwrebap şertleri netijesinde gurluşyk, elektroenergetika, gurluşyk serişdeleriniň önümçiligi, himiýa senagatynda gazanylan sepgitler täsirli beýan edilýär. Sergi diwarlyklarynda ýurdumyzda öndürilýän dürli görnüşli senagat harytlary görkezilýär. Häzirki wagtda “Türkmenistanda öndürildi” diýen haryt nyşanly önümler halkara bazarlarda giňden tanalýar. Ýokary hili, ekologik taýdan arassalygy üçin bu harytlara uly isleg bildirilýär. Şeýle hem sergide elektron senagatyň önümlerine orun berlipdir. Bu pudagy ösdürmekde türkmen ýaşlarynyň uly goşandynyň bardygyny bellemek gerek.

Türkmenistanda gurluşyk we senagat pudagyny innowasion taýdan özgertmek, senagaty diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek babatda toplumlaýyn işler durmuşa geçirilýär. Şonuň esasynda milli ykdysadyýetiň kuwwatyny artdyrmakda uly ösüşler gazanyldy. Ýurdumyzda dürli gurluşyk serişdeleriniň öndürilmegine, olaryň bäsdeşlige ukyplylygynyň ýokarlandyrylmagyna we görnüşleriniň artdyrylmagyna, gurluşyk senagatynyň önümçilik, ylmy-tehniki binýadynyň pugtalandyrylmagyna, hojalygy ýöretmegiň netijeli gurallarynyň ornaşdyrylmagyna hem aýratyn üns berilýär. Giň gerimli işleriň netijesinde ýerli çig mal serişdelerinden ýokary hilli gurluşyk önümlerini öndürýän iri önümçilik toplumlary gurulýar.

Sergi bilen tanyşlykdan soňra, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow önümhananyň edara binasyna bardy. Bu ýerde hünärmen şu gün açylyp ulanmaga berilýän täze önümhananyň milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklaryny gaplyk çüýşe önümleri bilen doly üpjün etmäge ýardam berjekdigini aýdyp, şeýle döwrebap kärhanada işlemäge döreden giň mümkinçilikleri üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi we önümhananyň işine ak pata bermek baradaky haýyş bilen ýüzlendi.

Tolgundyryjy pursat gelip ýetdi: hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow düwmäni basyp, täze senagat desgasyny işe girizdi. Gaplyk çüýşe önümlerini öndürýän kärhananyň öz işine başlamagy we önümçiligiň çylşyrymly tehnologik prosesi wideoşekillerde görkezildi. Soňra Arkadagly Gahryman Serdarymyz täze kärhananyň barlaghana otagyna bardy. Bu ýerde hünärmen döwlet Baştutanymyzy onda döredilen şertler bilen tanyşdyrdy.

Bellenilişi ýaly, barlaghanada dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň ýokary tehnologik enjamlary ornaşdyryldy. Olarda kärhanada öndürilýän çüýşe gaplaryň fiziki we himiki barlaglary geçirilýär. Hususan-da, “BTLT-2” enjamynda çüýşe gaplaryň wertikal basyş çydamlylygy barlanylýar. “Vici vishion” enjamynda awtomatlaşdyrylan geometrik ölçegi, “Labniks” enjamynda çüýşe gaplaryň gidrostatik basyş barlagy, “AGR” enjamynda bolsa olaryň sürtülme we çyzylma barlagy geçirilýär. Barlaghanada bu işleriň alnyp barylmagy önümleriň ýokary hilini üpjün edýär. Hünärmen ýurdumyzyň ýaşlaryna döwrebap kärhanalarda zähmet çekmäge döredýän şertleri üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, halkymyzyň abadan durmuşynyň bähbidine alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz hünärmene işinde üstünlikleri arzuw edip, önümhana bardy we bu ýerde önümçiligiň tehnologik prosesi bilen tanyşdy.

Kärhanada önümçilik prosesi erediji peçden başlanýar. Ýerli kwars çägesinden, hek daşyndan, dolomitden we beýleki goşundylardan ybarat çig mal 1 müň 500 gradusa ýetýän ýokary gyzgynlykda eredilýär. Soňra aýna ergini paýlaýjy fider kanallary arkaly önümçiligiň indiki tapgyryna geçirilýär. Kärhanada şeýle fider kanallarynyň üçüsi ornaşdyrylyp, olaryň her biri öz önümçilik liniýasyny aýna ergini bilen üznüksiz üpjün edýär. Aýna ergini fiderlerden çüýşe önümlerini şekile getirýän “IS” enjamlaryna geçirilýär. Bu ýokary tehnologiýaly enjamlar aýna erginini çişirmek arkaly dürli göwrümdäki gaplyk çüýşe önümlerini şekile getirýär. “IS” enjamlarynda şekil berlen önümler sowadyjy peje geçýär. Bu peçler gyzgyn aýna önümlerini kem-kemden sowatmak üçin ulanylýar. Eger-de önüm dogry we dürs sowadylmasa, aýnanyň içerki dartgynlylygy zerarly jaýrylmagy mümkin. Sowatma prosesi bu dartgynlylygy aýryp, önümleriň berk bolmagyny üpjün edýär. Kärhanada şeýle peçleriň 3-si ornaşdyrylypdyr. Sowadylan taýýar önüm konweýer lentalary boýunça hil barlag enjamlaryndan geçýär. Kameralardyr datçikler bilen üpjün edilen bu enjamlar her önümi awtomatik ýagdaýda hil barlagyndan geçirýär. Hil barlagynyň ähli tapgyrlaryndan üstünlikli geçen önümler gaplama enjamyna ugradylýar. Bu ýerde olar awtomatik ýagdaýda gaplanyp, sarp edijilere ugratmak üçin ammarlara geçirilýär. Ähli tapgyrlaryň doly awtomatlaşdyrylmagy önümçiligiň ýokary netijeliligini üpjün edýär.

Soňra bu ýerde täze önümhana güwänamalary gowşurmak dabarasy boldy.

Germaniýa Federatiw Respublikasynyň «Horn Glass Industries» kompaniýasynyň Ýerine ýetiriji direktory Stefan Erwin Meindl hemmeleri şu günki dabaraly waka mynasybetli gutlap, bu döwrebap zawodyň iň öňdebaryjy enjamlar bilen üpjün edilendigini belledi. Işewür aýna gaplaryň peýdaly artykmaçlyklary barada aýdyp, täze kärhananyň bir gije-gündiziň dowamynda ekologik taýdan arassa gaplyk çüýşe önümleriniň 100 tonnasyny öndürmäge ukyplydygyna ünsi çekdi. Şeýle hem S.Meindl Türkmenistan bilen Germaniýanyň arasynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda edýän tagallalary üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Soňra işewür Türkmenistanyň senagat we gurluşyk önümçiligi ministrine täze kärhanada ornaşdyrylan enjamlaryň Germaniýa Federatiw Respublikasynda hereket edýän we halkara derejede kabul edilen standartlara doly laýyk gelýändigini tassyklaýan güwänamany gowşurdy.

Soňra çykyş etmek üçin Italiýa Respublikasynyň «Vetromeccanica Srl» kompaniýasynyň wekili Alessandro Nigro söz berildi. Kompaniýanyň wekili hemmeleri täze kärhananyň işe girizilmegi mynasybetli gutlap, taslamany durmuşa geçirmäge döreden ähli zerur şertleri üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. A.Nigro Türkmenistanyň senagat we gurluşyk önümçiligi ministrine çüýşe önümlerini öndürýän önümhanada gurnalan tehnologik enjamlaryň hil, daşky gurşaw we howpsuzlyk taýdan halkara standartlaryň kadalaryna doly laýyk gelýändigini tassyklaýan güwänamany dabaraly ýagdaýda gowşurdy. Şeýle-de önümhana Italiýanyň “Bottera” kompaniýasynyň halkara standartlaryna laýyk gelýän toplumlaýyn dolandyryş ulgamynyň ornaşdyrylandygyny tassyklaýan güwänamanyň gowşurylýandygy yglan edildi.

Soňra hormatly Prezidentimize senagat we gurluşyk toplumynyň ähli işgärleriniň adyndan ajaýyp türkmen halysy sowgat berildi.

Täze taryhy döwürde Türkmenistanda ykdysadyýetiň ähli pudaklaryny, şol sanda gaýtadan işleýän senagaty ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Täze kärhana hem bu ugurda alnyp barylýan işleriň aýdyň mysaly bolup, baý çig mal binýadynyň ýokary tehnologiýaly önümçilikleri döretmek we ykdysady kuwwaty pugtalandyrmak üçin netijeli ulanylýandygyny görkezýär. Ýerli çig mal binýadyna daýanylmagy bu taslamanyň esasy aýratynlyklarynyň biridir. Ýurdumyzda aýna önümçiligi üçin zerur bolan ýokary hilli kwars çägesiniň, dolomitiň, hek daşynyň, natriý sulfatynyň baý gorlary bar. Ýerli çig malyň ulanylmagy diňe bir önümiň özüne düşýän gymmatyny peseltmek bilen çäklenmän, eýsem, önümçilik prosesiniň bökdençsiz dowam etmegini-de üpjün edýär. Bu taslama daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilikleri ýola goýmak boýunça giň möçberli döwlet maksatnamasynyň çäklerinde amala aşyryldy.

Täze kärhana dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň ýokary tehnologiýaly döwrebap enjamlary bilen üpjün edildi. Öňdebaryjy tehnologiýalar, şol sanda awtomatlaşdyrylan dolandyryş we hil gözegçilik ulgamlarynyň ornaşdyrylmagy bu ýerde öndürilýän önümleriň iň ýokary standartlara laýyk gelýändigine şaýatlyk edýär. Munuň özi kärhana üçin diňe bir içerki bazarda däl, eýsem, halkara bazarlarda hem giň mümkinçilikleri açýar. Şeýle-de täze kärhananyň döredilmeginiň möhüm durmuş ähmiýeti bar. Zawod ýerli ilaty ýüzlerçe täze iş orny bilen üpjün eder. Ýokary hünär derejeli inženerler, tehnologlardyr işgärler öz ukyp-başarnyklaryny döwrebap önümçilikde ulanarlar.

Şu günki waka ýurdumyzy senagatlaşdyrmagyň we döwrebaplaşdyrmagyň ýolunda uly üstünlikleriň gazanylýandygynyň aýdyň nyşanydyr. Munuň özi geljege ynamly garaýan, ýokary tehnologiýaly, bäsdeşlige ukyply ykdysadyýeti kemala getirmegiň ýolunda aýgytly ädimleriň biridir. Ekologik talaplara laýyk gelmegi döwrebap önümçiligiň ýene bir aýratynlygydyr. Täze kärhana ýokary halkara standartlara laýyklykda guruldy. Bu bolsa daşky gurşawa ýetirilýän täsiri peseltmäge ýardam berýär. Bu ýerde ornaşdyrylan öňdebaryjy ulgamlar, önümçilik galyndylaryny dolandyrmagyň döwrebap usullary topragyň we suw serişdeleriniň hapalanmagynyň öňüni almaga, netijede, ekologik abadançylygy üpjün etmäge mümkinçilik berýär. Täze kärhanada ýokary energiýa netijeliligini gazanmak üçin gazy we elektrik energiýasyny tygşytly ulanmaga ýardam edýän innowasion çözgütler ornaşdyryldy. Munuň özi önümçilik çykdajylaryny peseltmek bilen bir hatarda, kärhananyň bäsdeşlige ukyplylygyny hem üpjün eder.

Täze kärhana içerki bazaryň talabyny doly kanagatlandyrmak bilen birlikde, eksport kuwwatyna-da eýedir. Döwrebap enjamlaryň we ýokary hilli çig malyň ulanylmagy bilen, bu ýerde öndürilýän önümler halkara standartlara laýyk gelýär. Munuň özi azyk önümleri üçin ýokary hilli aýna gaplara islegiň barha artýan şertlerinde kärhananyň eksport mümkinçiligini has-da artdyrýar. Eksportyň ýola goýulmagy girdeji çeşmelerini diwersifikasiýalaşdyrmaga, sebitdäki hyzmatdaşlar bilen söwda gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga oňyn şertleri döreder. Ýurdumyzyň halkara ulag geçelgeleriniň çatrygynda strategik taýdan amatly ýerleşmegi döwrebap zawodyň eksport mümkinçiliklerini durmuşa geçirmekde möhüm ähmiýete eýedir. Munuň özi logistikany ýeňilleşdirmäge, ulag çykdajylaryny azaltmaga ýardam berip, kärhananyň önümleriniň daşarky bazarlarda bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrar.

Aýna gaplaryň önümçiliginiň ösüşi durnukly ösüşiň hem aýdyň nusgasydyr. Çünki aýna ekologik taýdan iň arassa we gaýtadan işlemek üçin amatly serişdeleriň biri bolup durýar. Önümçiligiň ýola goýulmagy aýnany gaýtadan işleýän senagaty ösdürmek üçin binýady döredýär. Şeýle hem täze önümçilik milli ykdysadyýetimiziň beýleki pudaklaryny ösdürmäge ýardam berer. Azyk, derman senagaty ýaly pudaklar ýurdumyzda öndürilen ýokary hilli gaplyk çüýşe önümleri bilen üpjün ediler. Bu bolsa olara önümçilik çykdajylaryny azaltmaga, önümleriniň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer.

...Soňra döwlet Baştutanymyz “Türkmen aýna önümleri” kärhanasynyň ýolbaşçysyna täze awtoulaglaryň we ýörite tehnikalaryň açarlaryny gowşurdy.

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda milli ykdysadyýetimizi senagatlaşdyrmak, ony diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek hem-de eksport kuwwatyny artdyrmak babatda uly işler alnyp barylýar. Ynha, bu gün bolsa Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ak patasy bilen çüýşe önümlerini öndürýän täze önümhana dabaraly açylyp ulanmaga berildi. Döwrebap senagat desgasynyň açylyş dabarasynyň dowam edýän pursatlarynda hormatly Prezidentimiz dabara gatnaşyjylara ýüzlenip, ýakynda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda täze Döwletli mekan obasynyň, Kaka etrabynda Bagtly zamana obasynyň, Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynda bolsa Bitaraplyk şäherçesi bilen birlikde döwrebap awtomobil köprüsiniň ulanmaga beriljekdigini, şeýle-de paýtagtymyzda döwrebaplaşdyrylan täze seýilgähiň açylyş dabarasynyň boljakdygyny aýtdy. Mundan başga-da, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde durmuş maksatly desgalar ulanmaga berler. Bularyň ählisi ýurdumyzyň Garaşsyzlyk toýunda halkymyza uly sowgat bolar. Bu gün Türkmenistan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda beýik özgertmeler ýoly bilen ynamly öňe barýar, halkymyz Garaşsyzlyk baýramyny täze zähmet üstünlikleri bilen dabaralandyrýar. Munuň özi döwlet Baştutanymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ýörelgesiniň halkyň bagtyýar durmuşynda öz beýanyny tapýandygyny görkezýär.

Soňra Arkadagly Gahryman Serdarymyz hemmelere üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.

Şeýlelikde, täze kärhananyň işe girizilmegi hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmak we onuň senagat kuwwatyny pugtalandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän ykdysady strategiýanyň üstünliklere beslenýändiginiň nobatdaky aýdyň mysaly boldy.

08.09.2025

Türkmenistanyň Mejlisinde Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasyna 2025-nji ýylda başlyklyk edýän Finlýandiýa Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Ýörite wekili Teri Hakala bilen duşuşyk geçirildi

 

2025-nji ýylyň 8-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa bilen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasyna 2025-nji ýylda başlyklyk edýän Finlýandiýa Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Ýörite wekili Teri Hakalanyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Mejlisiň Başlygy hormatly myhmana Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili wezipesinde işlän döwründe Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky dostlukly hyzmatdaşlygyň has-da ilerlemegine mynasyp goşandy üçin hoşallyk  bildirdi.

Şunuň bilen bir hatarda, duşuşygyň dowamynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda üstünlikli geçirilen BMG-niňDeňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň ähmiýeti bellenildi. Bu halkara forum durnukly ösüş maksatlaryny gazanmak boýunça ýurdumyzyň öňe sürýän başlangyçlarynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilýändiginiň nobatdaky beýany boldy.

Duşuşygyň dowamynda ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Ýewropa Bileleşigi ýaly halkara guramalaryň çäklerindäki hyzmatdaşlygy goldaýandygy we şol hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna parlament derejesinde goldaw berilýändigi barada nygtaldy.

Türkmenistanyň Mejlisiniň 2014-nji ýyldan bäri Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasynyň agzasy bolup durýandygy hem-de ÝHHG-niň Parlament Assambleýasy bilen ýakyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny saklaýandygy, bilelikde dürli çäreleri guraýandygy barada bellenildi.

Şeýle hem  ýurdumyzda zenanlaryň  hukuklaryny kepillendirmek,  şol sanda gender deňligini üpjün etmek we ýaşlar üçin döredilýän mümkinçilikleri durmuşa geçirmek, ekologiýa howpsuzlygy bilen bagly işleriň çäginde hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, geljekde deňhukuklylyk  we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklary Parlament diplomatiýasynyň üsti bilen goldamaga taraplaryň  taýýardyklary beýan edildi. 

08.09.2025

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine garaldy. Şeýle hem mejlisiň gün tertibine Garaşsyz Watanymyzda howpsuzlygy, parahatçylygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi.

Ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew şu ýylyň sekiz aýynda ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde ýerine ýetirilen işler, ýurdumyzyň goranyş ukybyny has-da pugtalandyrmak, Ýaragly Güýçlerimiziň serkerdeler düzüminiň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem harby gullukçylaryň netijeli gulluk etmegi, olaryň ýaşaýyş-durmuşy üçin döredilýän şertler, ýöriteleşdirilen okuw mekdeplerinde okuw ýylynyň başlanmagy, eziz Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli geçiriljek dabaraly harby ýörişe taýýarlyk görlüşi barada aýdyldy.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, goranyş häsiýetli Harby doktrinanyň talaplaryny durmuşa geçirmek maksady bilen, döwletimiziň goranmak ukybyny has-da berkitmek, Ýaragly Güýçleri döwrebap derejede ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri mundan beýläk hem dowam etdirmegiň möhümdigini belledi.

Baş prokuror B.Muhamedow hasabat döwründe alnyp barlan işleriň netijeleri, ähli ulgamlarda kanunçylygyň berjaý edilişine gözegçilik etmek maksady bilen görlen çäreler barada hasabat berdi. Mundan başga-da, kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň talabalaýyk berjaý edilişine geçirilen barlaglaryň netijeleri, ýolbaşçylyk edýän düzümleriniň işinde sanly tehnologiýalaryň we öňdebaryjy usullaryň işjeň ulanylyşy barada aýdyldy.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, döwlet bähbitlerini goramak, hukuk tertibini ýokary derejede üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.

Içeri işler ministri M.Hydyrow jemgyýetçilik tertibini saklamak, düzgün bozulmalaryň öňüni almak, Ýangyn howpsuzlygy gullugynyň işini döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek, Içeri işler ministrliginiň düzümleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak maksady bilen, şu ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Şeýle-de paýtagtymyzda hem-de welaýatlarda sentýabr aýynyň başyndan bäri “Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlygyň çäklerinde dürli çäreleriň geçirilýändigi barada aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, halkymyzyň parahat we asuda durmuşyny üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işleri, hususan-da, hukuk bozulmalaryň öňüni almagyň, ýangyn, ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmegiň möhümdigini belledi we bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi. Şeýle-de ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Ýokary kazyýetiň başlygy B.Hojamgulyýew hasabat döwründe ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, kazyýet edaralaryny ösdürmegiň maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleri üstünlikli çözmek üçin görülýän çäreler barada hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyzyň beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, kazyýet işini häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek boýunça geçirilýän işler barada-da aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda kanunylygy we hukuk tertibini üpjün etmäge gönükdirilen kazyýet işlerini mundan beýläk hem dowam etdirmegiň, kazylaryň hünär taýýarlygyny yzygiderli ýokarlandyrmagyň wajypdygyny nygtady we Ýokary kazyýetiň ýolbaşçysyna bu babatda degişli tabşyryklary berdi. Mejlisiň dowamynda ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy «Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hem-de olara hünär derejelerini bermek hakynda» Permana gol çekdi.

Milli howpsuzlyk ministri N.Atagaraýew şu ýylyň sekiz aýynda ministrlik tarapyndan ýerine ýetirilen işler hem-de ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň bu düzümiň işini kämilleşdirmek babatda öňde goýan wezipelerini talabalaýyk ýerine ýetirmek maksady bilen görlen çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, milli howpsuzlyk ministrine Türkmenistanyň konstitusion gurluşyny ygtybarly goramak, jemgyýetiň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.

Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ý.Nuryýew şu ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda Watanymyzyň serhetleriniň eldegrilmesizligini üpjün etmek, serhet goşunlarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň sanly ulgamyň mümkinçiliklerini, öňdebaryjy usullary işjeň ulanmak boýunça beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada aýdyldy.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, Türkmenistanyň döwlet serhediniň dostlugyň hem-de hoşniýetli goňşuçylygyň serhedidigini aýtdy we onuň ygtybarly goragyny üpjün etmek, serhet galalarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, harby gullukçylaryň iş, ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak boýunça alnyp barylýan işleri üstünlikli dowam etmegiň zerurdygyny belläp, gullugyň ýolbaşçysyna degişli görkezmeleri berdi.

Adalat ministri M.Taganow ýylyň başyndan bäri ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, şol sanda kanunçylyk namalaryny kämilleşdirmek boýunça teklipleriň taýýarlanylyşy barada hasabat berdi. Şunuň bilen birlikde, bu düzümiň işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak, raýatlarymyza hukuk kömegini bermek üçin guralýan çäreler barada aýdyldy.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, döwletimizde hukuk üpjünçiligini amala aşyrmak, kadalaşdyryjy hukuk namalaryny taýýarlamak, olary döwlet tarapyndan hasaba almak we ulgamlaşdyrmak boýunça işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belläp, bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew ýolbaşçylyk edýän düzümi tarapyndan şu ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, gümrük serhedi arkaly harytlaryň geçirilişiniň tertibiniň berjaý edilişine gözegçiligi üpjün etmek maksady bilen görülýän çäreler barada hasabat berdi. Bu düzümi ösdürmegiň maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde alnyp barylýan işleriň netijeleri barada hem aýdyldy.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, gümrük nokatlarynda gümrük düzgünleriniň, hukuk kadalarynyň berjaý edilişine gözegçilik etmek boýunça işleri netijeli dowam etdirmegiň zerurdygyny belledi hem-de gullugyň ýolbaşçysyna degişli tabşyryklary berdi.

Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakow şu ýylyň sekiz aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Ol bu düzümi ösdürmek baradaky maksatnamada kesgitlenen wezipeleri talabalaýyk ýerine ýetirmek maksady bilen görülýän toplumlaýyn çäreler, bu ulgama öňdebaryjy tejribäni ornaşdyrmagyň hasabyna onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmagyň barşy barada-da aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, migrasiýa kanunçylygynyň talabalaýyk berjaý edilişine gözegçilik etmegiň möhümdigini belledi we bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna ýüzlenip, ata Watanymyz Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramyna gowy taýýarlyk görmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýewe dabaraly harby ýörişiň ýokary derejede guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň goranyş häsiýetli Harby doktrinasynyň talaplaryna laýyklykda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň harby howpsuzlygyny we bitewüligini ýokary derejede üpjün etmek, ýurdumyzyň goranmak ukybyny berkitmek, Watan goragçylarynyň, olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmak boýunça yzygiderli çäreleriň durmuşa geçirilýändigini, bu ugurda alnyp barylýan işleriň mundan beýläk hem dowam etdiriljekdigini aýtdy.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Mejlisiň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk, halkymyzyň asuda we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan jogapkärli gulluklarynda uly üstünlikleri arzuw etdi.

06.09.2025

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek barada kabul edilen maksatnamalara laýyklykda, ministrliklerden we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryndan gelip gowuşýan teklipleriň esasynda kanun taslamalaryny taýýarlamak boýunça geçirilýän işler barada maglumat berdi. Şunuň bilen baglylykda, häzirki wagtda iş toparlarynda Bitarap döwletimiziň parahatçylyk we ynanyşmak syýasatynyň hukuk esaslary, ylmy intellektual eýeçilik gatnaşyklarynyň kadalaryny, wirtual aktiwleriň dolanyşygyny düzgünleşdirmek hem-de ýurdumyzyň halkara başlangyçlaryny kanunçylyk taýdan goldamak bilen baglanyşykly kanunlaryň taslamalaryny taýýarlamak boýunça degişli işleriň geçirilýändigi aýdyldy. Şeýle hem hereket edýän käbir kanunçylyk namalaryna döwrüň talaplaryna laýyklykda üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça işler alnyp barylýar.

Halk Maslahaty, Ministrler Kabineti, degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň, Aşgabat, Arkadag şäherleriniň häkimlikleri, jemgyýetçilik birleşikleri bilen bilelikde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk işleri geçirilýär. Mejlisiň wekilleri ýurdumyzyň degişli döwlet edaralarynyň BMG-niň düzüm birlikleri bilen bilelikde geçiren çärelerine hem gatnaşdylar.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belledi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow “Türkmenistanyň zähmet bazaryny 2030-njy ýyla çenli ösdürmegiň Konsepsiýasynyň” hem-de bu Konsepsiýany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasynyň taslamalary barada hasabat berdi. Olar türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň 2024-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde öňde goýan wezipelerine laýyklykda işlenip taýýarlanyldy. Bellenilişi ýaly, Konsepsiýada ýurdumyzda zähmet bazaryny ösdürmegiň maksatlary, wezipeleri, esasy ugurlary hem-de ony durmuşa geçirmekden garaşylýan netijeler beýan edilýär. Resminama laýyklykda, ilatyň iş bilen üpjünçiligini gowulandyrmak, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryndan ugur alyp, bu ulgamyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek, sanly hyzmatlaryň gerimini giňeltmek boýunça birnäçe çäreleri durmuşa geçirmek bellenildi. Şunuň bilen birlikde, onda ýurdumyzyň zähmet bazaryny öwrenmegiň, iş üpjünçilik bilen bagly maglumatlary seljermegiň usullaryny, bu ugurda hereket edýän hasabatlaryň görnüşlerini kämilleşdirmek göz öňünde tutulýar. Şeýle hem Halkara Zähmet Guramasy bilen hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirmek, ýurdumyzyň bu guramanyň esasy we ileri tutulýan konwensiýalaryna goşulmagy ýaly meseleleri öwrenmek meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň taslamasy hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda zähmet bazaryny ösdürmäge uly ähmiýet berilýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz zähmet bazaryny mundan beýläk-de kämilleşdirmek maksady bilen, “Türkmenistanyň zähmet bazaryny 2030-njy ýyla çenli ösdürmegiň Konsepsiýasyny tassyklamak hakynda” Karara gol çekdi we ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberip, degişli tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow “Türkmennebit” döwlet konserniniň nebiti gaýtadan işleýän zawodlarynyň önümçiligini has-da döwrebaplaşdyrmak, olarda täze önümçilikleri ýola goýmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda konserniň garamagyndaky zawodlary doly kuwwatynda işletmek, hususan-da, Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň önümçilik desgalarynyň bökdençsiz işlemegini üpjün etmek üçin netijeli çäreler görülýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, “Türkmennebit” döwlet konserniniň garamagyndaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlaryň önümçilik kuwwatyny netijeli peýdalanmak üçin zerur işleri alyp barmagyň möhümdigine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň degişli desgasyny döwrebaplaşdyrmak baradaky teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk pudagynda we welaýatlarda alnyp barylýan möwsümleýin işler barada hasabat berdi.

Nygtalyşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen, Diýarymyzda bugdaý ekişi möwsümine guramaçylykly girişildi. Häzirki wagtda bugdaý ekişini bellenen agrotehniki möhletlerde geçirmek, önüm öndürijileri ýokary hilli tohumlar bilen üpjün etmek boýunça degişli çäreler görülýär. Ýeralmanyň, gök-bakja we beýleki azyklyk ekinleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Şeýle hem pagta arassalaýjy kärhanalary, pagta kabul ediş harmanhanalaryny, tehnikalary ýygym möwsümine taýýar etmek boýunça zerur işler ýerine ýetirildi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer ýetişdirilen pagta hasylyny öz wagtynda ýygnap almak, pagta ýygymy möwsümini guramaçylykly geçirmek maksady bilen, ussat pagtaçy babadaýhanlaryň, tejribeli hünärmenleriň, alymlaryň we mehanizatorlaryň gatnaşmagynda tejribe maslahatlaryny geçirmegiň hem-de hormatly ýaşulularyň gatnaşmagynda pagta ýygymyna başlamagyň senesini belläp, oňa ak pata bermegini Arkadagly Gahryman Serdarymyzdan haýyş etdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmegi we onuň işini kämilleşdirmegi dowam etdirmegiň möhümdigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere geljek ýylyň bugdaý hasylynyň ekiş möwsümini talabalaýyk geçirmegi, bu işde ýokary hilli bugdaý tohumyndan peýdalanyp, oba hojalyk tehnikalaryny netijeli ulanmagy tabşyrdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, oba hojalygynda örän möhüm we jogapkärli möwsüm bolan pagta ýygymynyň ýetip gelendigini aýtdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz bu möhüm çäräni guramaçylykly geçirmek maksady bilen, ýurdumyzyň welaýatlarynda 10-njy sentýabrda pagta ýygymyna başlamaga ak pata berdi we hormatly ýaşululardan pagta ýygymyny “bismilla” bilen başlap bermeklerini haýyş etdi. Hormatly Prezidentimiz edermen pagtaçylara, ähli oba hojalyk işgärlerine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow ýurdumyzda täze senagat kärhanalaryny gurmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda bir gije-gündiziň dowamynda 100 tonna çüýşe önümlerini öndürýän önümhananyň gurluşyk-gurnama işleri ýerine ýetirildi. Bu desganyň önümçiliginde dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň ýokary hilli enjamlary ornaşdyryldy. Munuň özi ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ýokary hilli ýerli önümlere bolan isleglerini kanagatlandyrmaga, pudagyň eksport mümkinçiliklerini ýokarlandyrmaga, öndürilýän önümleriň mukdaryny artdyrmaga, olaryň görnüşlerini giňeltmäge ýardam eder. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, gurluşyk we senagat toplumynyň yzygiderli ösdürilýändigini, dünýäniň öňdebaryjy tehnologik enjamlary ornaşdyrylan senagat kärhanalarynyň gurlup ulanmaga berilýändigini, netijede, ýurdumyzda senagat önümleriniň dürli görnüşleriniň önümçiliginiň ýola goýulýandygyny aýtdy. Şoňa görä, döwlet Baştutanymyz wise-premýere Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda täze gurlan çüýşe önümlerini öndürýän önümhananyň açylyş dabarasyna hem gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew şu ýylyň noýabrynda Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde geçiriljek «Halal Expo 2025» atly halkara sergä Türkmenistanyň milli pawilýony bilen gatnaşmagy boýunça alnyp barylýan taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Bu iri möçberli sergä ýurdumyzyň oba hojalyk, azyk, dokma, plastik önümleri we beýleki eksport ugurly harytlary öndürýän, ulag, logistika, syýahatçylyk ulgamlarynda hyzmat işlerini amala aşyrýan telekeçileriniň gatnaşmagy göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň dünýä döwletleri bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge ýardam edýän halkara sergilere yzygiderli gatnaşýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz türkmen haryt öndürijileriniň Stambul şäherinde geçiriljek “Halal Expo 2025” halkara sergisine gatnaşmagy boýunça taýýarlanan teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşiginiň jemleýji tapgyryny geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, zehinli aýdymçylar Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň arasynda yglan edilen “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşiginiň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda döwlet derejesinde geçirilýän jemleýji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Bu telebäsleşigiň jemleýji tapgyryny “Aşgabat” aýdym-saz merkezinde geçirmek meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Garaşsyz ýurdumyzda milli aýdym-saz sungatyny ösdürmäge we kämilleşdirmäge uly ähmiýet berilýändigini, aýdymçy ýaşlarymyz üçin ähli şertleriň döredilýändigini belledi. Arkadagly Gahryman Serdarymyz wise-premýere “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşiginiň jemleýji tapgyryny hem ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa zehinli çagalaryň “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşiginiň jemleýji döwlet tapgyryny guramaçylykly geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Nygtalyşy ýaly, bu bäsleşik ýaş nesillerde sungata söýgi döretmekde, olaryň zehin-başarnyklaryny ýüze çykarmakda uly ähmiýete eýedir. Bäsleşigiň jemleýji tapgyryna Arkadag we Aşgabat şäherlerinden, ýurdumyzyň welaýatlaryndan zehinli aýdymçy çagalaryň 21-si, çagalar tans, aýdym-saz we halk döredijilik toparlarynyň 13-si gatnaşmaga hukuk gazandy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Diýarymyzda ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, sport, döredijilik bilen meşgullanmagy üçin ähli şertleriň döredilýändigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere zehinli çagalaryň “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşiginiň jemleýji döwlet tapgyryny guramaçylykly geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky Hökümet wekiliýetiniň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitine hem-de Ýeňşiň 80 ýyllygyna bagyşlanan dabaralara gatnaşmak maksady bilen, Hytaý Halk Respublikasynyň Týanszin we Pekin şäherlerine amala aşyran iş saparynyň netijeleri barada hasabat berdi.

Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary, sebit we halkara guramalar bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Şolaryň hatarynda Hytaý Halk Respublikasy we Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy hem bar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer, daşary işler ministri döwlet Baştutanymyzy şu ýylyň 31-nji awgusty — 3-nji sentýabry aralygynda Hytaý Halk Respublikasyna iş saparynyň üstünlikli geçmegi bilen gutlady.

Bellenilişi ýaly, saparyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitine hormatly myhman hökmünde gatnaşdy we onuň “ŞHG+” formatyndaky mejlisinde çykyş etdi. Döwlet Baştutanymyz çykyşynda bu guramanyň Türkmenistanyň daşary syýasy ugruna, Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna, halkara başlangyçlaryna hemişe oňyn garaýandygyny nygtady, şeýle hem täze köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça teklipleri beýan etdi. Hormatly Prezidentimiz ykdysady ulgamyň hyzmatdaşlygyň esasy ugry bolup durýandygyna ünsi çekip, bu babatda ulag-logistika, kommunikasiýa, elektroenergetika, senagat we söwda ulgamlaryny ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezdi. Döwlet Baştutanymyz çykyşynda Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy tarapyndan yglan edilen Ählumumy dolandyryş başlangyjyny goldaýandygyny we ony iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça bilelikdäki işleriň geçirilmegine taýýardygyny beýan etdi. Şunda bu başlangyjyň ýurdumyzyň halkara gatnaşyklar babatdaky garaýyşlaryna gabat gelýändigi bellenildi.

Nygtalyşy ýaly, Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklar hemmetaraplaýyn strategik hyzmatdaşlyk häsiýetine eýedir. Saparyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň arasynda geçirilen gepleşiklerde syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda döwletara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň möhüm meselelerine garaldy we birnäçe ylalaşyklar gazanyldy. Bellenilişi ýaly, gaz pudagy özara bähbitli türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Döwlet Baştutanymyz duşuşygyň barşynda şu ulgamda hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna ünsi çekdi. Şunuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz türkmen tarapynyň Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda gaz pudagyndaky hyzmatdaşlygyň esasy ýörelgeleri hakynda Baş ylalaşygy taýýarlandygyny habar berdi we geljekde bu hyzmatdaşlygyň şol resminamanyň esasynda ösdüriljekdigini nygtady.

Saparyň çäklerinde hormatly Prezidentimiziň Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýan bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda dürli ugurlar boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň nobatdaky mejlisini şu ýylyň noýabrynda geçirmek baradaky meselä seredildi. Saparyň öňüsyrasynda we onuň barşynda ikitaraplaýyn resminamalaryň 5-sine gol çekildi. Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda tehniki-ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyk, şeýle hem intellektual eýeçilik, ýokary bilim, muzeý işi we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ýaly ulgamlarda hyzmatdaşlyk boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnamalar bar.

Saparyň çäklerinde türkmen wekiliýetiniň agzalarynyň we Hytaý Halk Respublikasynyň wekilleriniň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyklaryň 11-si geçirildi. Saparyň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Ýeňşiň 80 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çärelere we harby ýörişe gatnaşdy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky gatnaşyklaryň ýokary depginde ösdürilýändigini we ýakynda bu ýurda iş saparynyň amala aşyrylandygyny belledi. “Saparyň dowamynda geçirilen gepleşikler, gol çekilen resminamalar hyzmatdaşlygymyzy mundan beýläk-de berkitmekde möhüm ädim bolar. Biz Hytaý Halk Respublikasy bilen dostlukly gatnaşyklarymyzy mundan beýläk-de dowam etdireris” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we wise-premýer, daşary işler ministrine degişli tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Çakyýew milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny sanlylaşdyrmak we döwrebap çözgütlere esaslanýan innowasion tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Döwlet edaralarynyň özara işiniň elektron maglumat ulgamy arkaly utgaşdyrylmagyny we sanly hyzmatlary düzgünleşdirmek, bu ugurda zerur kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kabul etmek maksady bilen, “Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda” hem-de “Elektron hökümet hakynda” Türkmenistanyň Kanunlaryna laýyklykda, bu ugurdaky işleri has-da ilerletmek zerur bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer degişli resminamanyň taslamasynyň işlenip taýýarlanylandygyny aýtdy we ony döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda ykdysadyýetiň pudaklaryna sanly ulgamy giňden ornaşdyrmak, sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça maksatnamalaýyn işleriň durmuşa geçirilýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýokary tehnologiýaly, bäsdeşlige ukyply sanly ykdysadyýeti ösdürmek maksady bilen, bu ugurda taýýarlanan degişli Karara gol çekdi we ony sanly ulgam arkaly iberip, wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

05.09.2025

Türkmenistanyň Mejlisinde UNECE-niň bilermenleri bilen duşuşyk geçirildi

 

2025-nji ýylyň 4-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Mejlisinde Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň (UNECE) bilermenleri Nadežda Hamrakulowanyň, Mihail Drabikiň we Franko D`Amoreniň ýurdumyza saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşykda Türkmenistanyň Mejlisiniň Birleşen Milletler Guramasynyň düzüm birlikleri, şeýle hem beýleki abraýly halkara guramalar bilen parlament işini we milli kanunçylygy kämilleşdirmek, parahatçylygy hem-de howpsuzlygy pugtalandyrmak, bitaraplyk ýörelgelerini dabaralandyrmak, Türkmenistanyň BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy bilen alyp barýan netijeli hyzmatdaşlygynyň çäginde ýurdumyzyň ençeme halkara resminamalaryna goşulandygy, bilelikdäki maksatnamalaýyn taslamalary durmuşa geçirmek babatda ýakyndan hyzmatdaşlyk edýändigi barada aýdyldy.

Duşuşygyň dowamynda ekologiýa we daşky gurşawy goramak, ýurdumyzda energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek we geljekki nesillerimiz üçin tebigy serişdeleri rejeli peýdalanmakda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary dogrusynda pikir alyşyldy. Türkmenistan Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça halkara agentliginiň (IRENA) doly hukukly agzasy bolmak bilen, bu halkara guramasy bilen birnäçe ýyllaryň dowamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn meýilnama esasynda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ýurdumyzda ornaşdyrmak barada yzygiderli işleri alyp barýandygy bellenilip geçildi.

Duşuşykda  Türkmenistanyň GDEÇ-ni ösdürmek babatda milli hukuk binýadynyň bardygyny, şeýle hem BMG tarapyndan alnyp barylýan  ýaşyl ykdysadyýete geçmek babatda tagallalaryň  edilýändigi bellenip geçildi. Şeýle-de çykyş edenler  «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri hakynda» we «Energiýany tygşytlamak we energiýadan netijeli peýdalanmak hakynda» Türkmenistanyň kanunlarynyň kabul edilmeginiň möhüm ähmiýetini, we olaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegini çaltlandyrmagyň zerurdygyny  nygtadylar.

 

04.09.2025

Türkmenistanyň Prezidentiniň Hytaý Halk Respublikasyna iş sapary tamamlandy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasyna saparynyň çäklerinde HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň çakylygy boýunça Ikinji jahan urşunda gazanylan ýeňşiň 80 ýyllygynyň hormatyna Pekinde geçirilen dabaraly çärelere gatnaşdy.

Pekiniň Týananmen meýdançasynda wekiliýet ýolbaşçylarynyň bilelikde surata düşmek dabarasyndan soňra, bu ýerde dabaraly harby ýöriş geçirildi. Bu dabaraly ýöriş Hytaýyň parahatçylyga, milli gahrymanlaryň ýagty ýadygärligini hatyralamaga ygrarlydygynyň beýany boldy.

Häzirki wagtda hemişelik Bitaraplyk Türkmenistanyň halkara giňişlikde parahatçylyk döredijilikli ornuny üpjün edýän daşary syýasatynyň binýadyna öwrüldi. BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen bu hukuk ýagdaýy ýurdumyza sebit we ählumumy meseleleri kadalaşdyrmakda ygtybarly hyzmatdaş hökmünde çykyş etmäge ýardam berýär. Hemişelik Bitaraplyk we öňüni alyş diplomatiýasy parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatymyzyň esasy sütünleri bolup durýar. Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk derejesi beýleki döwletleriň içerki işlerine goşulmazlyk ýörelgelerine ygrarlydygyny görkezýär, öňüni alyş diplomatiýasy bolsa bu syýasatyň logiki dowamy bolup, ýurdumyzyň gapma-garşylyklaryň öňüni almaga gönükdirilen işjeň strategiýasydyr. Bu iki ýörelge özara berk baglanyşyklydyr. Bitaraplyk ynanyşmak üçin binýady döretse, öňüni alyş diplomatiýasy ony durmuşa geçirmegiň guraly bolup durýar. Türkmenistan gepleşikler üçin bitarap meýdança hökmünde çykyş edip, dialog üçin şertleri döretmäge çalyşýar.

Ýurdumyz halkara guramalar, ilkinji nobatda, BMG, sebit we halkara düzümleri bilen hyzmatdaşlygy işjeň ösdürýär. Türkmenistan öz parahatçylyk döredijilikli syýasatyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde ählumumy howpsuzlyga, durnukly ösüşe goşant goşýar. Şeýle çemeleşme diňe sebit gün tertibi bilen çäklenmän, eýsem, has giňişleýin halkara başlangyçlarda hem öz beýanyny tapýar. Döwletimiz ählumumy ähmiýeti bolan birnäçe esasy ugurlar boýunça teklipler bilen çykyş edýär. Türkmenistanyň parahatçylyk döredijilikli işi diňe bir syýasy we diplomatik başlangyçlar bilen çäklenmeýär. Bu ugurda ykdysady diplomatiýa hem möhüm orun degişlidir. Ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýy dünýäniň ähli ýurtlary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge mümkinçilik berýär. Munuň özi energetika howpsuzlygy bilen baglylykda aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Tebigy gazyň ägirt uly gorlaryna eýe bolan Türkmenistan energiýa serişdeleriniň iberilýän ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmagy maksat edinýär. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygy ýaly taslamalar ykdysady başlangyçlaryň parahatçylyk döredijilikli maksatlara hyzmat etmeginiň aýdyň mysalydyr. Bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi Owganystanyň ykdysadyýetiniň ösmegine, ýurtdaky ýagdaýy durnuklylaşdyrmaga şert döreder. Türkmenistan Merkezi Aziýany Kawkazyň üsti bilen Ýewropa bilen birleşdirýän “Lapis Lazuli” üstaşyr ulag geçelgesini döretmek boýunça taslamalara işjeň gatnaşýar. Munuň özi sebit söwdasyny we ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam berýär.

Türkmenistan ekologiýa howpsuzlygy ulgamynda-da halkara hyzmatdaşlygyň tarapdary bolup durýar. Howanyň ählumumy derejede üýtgeýän we suw serişdeleriniň ýetmezçilik edýän şertlerinde ýurdumyz suw serişdelerini rejeli peýdalanmak, çölleşmä garşy göreşmek bilen baglanyşykly meseleleri çözmek babatda tagallalary birleşdirmäge çagyrýar. Bu başlangyçlar diňe bir daşky gurşawy goramaga däl, eýsem, ýüze çykyp biljek gapma-garşylyklaryň öňüni almaga hem gönükdirilendir. Mundan başga-da, Türkmenistan ynsanperwer meseleleri çözmäge, häzirki döwrüň wehimlerine garşy göreşmäge gönükdirilen başlangyçlary işjeň öňe sürýär. Ýurdumyzyň Bitaraplygy we işjeň parahatçylyk döredijilikli syýasaty dünýä bileleşiginiň ýokary bahasyna mynasyp bolýar. 2025-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň üçünji gezek ykrar edilmegi munuň aýdyň güwäsidir.

Häzirki wagtda türkmen-hytaý gatnaşyklary hem özara hormat goýmaga, umumy bähbitlere esaslanýan köpugurly hyzmatdaşlygyň üstünlikli nusgalarynyň biri bolup durýar. Bu hyzmatdaşlyk syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, energetika, medeni-ynsanperwer ulgamlarda yzygiderli ösdürilýär. Häzirki dünýä we sebit ýagdaýlary bilen baglylykda, bu gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagy iki ýurduň, şeýle hem tutuş Ýewraziýa yklymynyň durnuklylygyna, ösüşine oňyn täsirini ýetirýär. Türkmenistan bilen Hytaý strategik hyzmatdaşlar bolmak bilen, parahatçylyk, durnukly ösüş ýörelgelerine ygrarlydyklaryny görkezýärler. Bu hyzmatdaşlyk özara hormat goýmaga, deňhukuklylyga esaslanyp, diňe bir iki ýurduň däl, eýsem, tutuş sebitiň gülläp ösmegine-de gönükdirilendir. Şeýle ygrarlylyk ýurtlarymyzyň daşary syýasatynda, bilelikdäki taslamalarda, halkara guramalaryň çäklerindäki işjeň hyzmatdaşlygynda öz beýanyny tapýar.

Iki ýurt hem halkara gatnaşyklarda deňhukuklylyk we beýleki döwletleriň içerki işlerine goşulmazlyk ýörelgelerinden ugur alýar. Türkmenistan bitarap döwlet hökmünde gapma-garşylyklaryň öňüni almak üçin dialogy, diplomatik çözgütleri öňe sürýär. Hytaý hem, öz nobatynda, ählumumy wehimlere garşy inklýuziw çemeleşmäni yzygiderli ilerledýär. Ykdysady hyzmatdaşlyk iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklarda esasy orny eýeleýär. Energetika, ulag we infrastruktura ulgamlaryndaky taslamalar diňe bir iki ýurduň milli ykdysadyýetleriniň ösüşine ýardam bermek bilen çäklenmän, eýsem, sebitde durnuklylygy pugtalandyrmaga hem mümkinçilik döredýär. Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisi munuň aýdyň mysalydyr. Bu transmilli gaz geçirijisi adaty täjirçilik taslamasy bolman, energetika howpsuzlygyny üpjün edýän we uzak möhletleýin ykdysady ösüş üçin binýady döredýän strategik taslamadyr.

Döwletara gatnaşyklarda medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyga uly üns berilýär. Özara Medeniýet günleriniň geçirilmegi, akademiki alyşmalar we ylmy hyzmatdaşlyk halklaryň arasynda özara düşünişmegi pugtalandyrýar. Şeýle dialog medeni gatnaşyklaryň döwletleri ýakynlaşdyrmaga ýardam berýändiginiň aýdyň nusgasydyr. Umuman, Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlyk iki ýurduň parahatçylyk, özara düşünişmek, durnukly ösüş ýörelgeleri esasyndaky netijeli dialogynyň anyk mysaly bolup durýar. Olaryň bilelikdäki tagallalary sebitde uzak möhletli durnuklylyk we abadançylyk üçin berk binýady döredip, ählumumy meseleleriň çözgüdine saldamly goşant goşýar.

Döwlet Baştutanymyz Hytaýa şu gezekki saparynyň dowamynda giň gerimli çärä — «ŞHG+» formatyndaky ýokary derejeli duşuşyga gatnaşdy. Hormatly Prezidentimiziň bu sapary Türkmenistanyň köpugurly daşary syýasatynyň pugtalanýandygyny we onuň sebitiň döwletleri bilen dialogy giňeltmegi maksat edinýändigini tassyklaýan möhüm waka öwrüldi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň şeýle abraýly çärä gatnaşmagy ýurdumyzyň sebitde durnukly ösüşi üpjün etmekde eýeleýän ähmiýetli ornuny nobatdaky gezek görkezdi.

Döwlet Baştutanymyzyň Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy bilen geçiren ýokary derejeli gepleşikleri saparyň esasy wakasy boldy. Iki ýurduň Baştutanlary strategik ulgamlarda hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn üns berip, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň meseleleriniň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, energetika ulgamynda üstünlikli hyzmatdaşlyk edilýändigi bellenildi. Şeýle hem taraplar söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmegiň mümkinçiliklerine seretdiler.

Saparyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary bilen duşuşdy. Söhbetdeşligiň dowamynda söwda-ykdysady, ulag-logistika ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar medeni-ynsanperwer, ýokary tehnologiýalar ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň zerurdygyny nygtadylar.

Birnäçe möhüm ikitaraplaýyn resminamalara gol çekilmegi saparyň esasy netijeleriniň biri boldy. Bu resminamalar dürli ugurlary öz içine alyp, strategik hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmak we bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin berk hukuk binýadyny döredýär.

...Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow HHR-e iş saparynyň maksatnamasyny tamamlap, Pekiniň Halkara howa menziline bardy we bu ýerden Watanymyza ugrady. Döwlet Baştutanymyzy dostlukly ýurduň resmi adamlary ugratdylar. Birnäçe sagatdan soňra, hormatly Prezidentimiziň uçary Aşgabadyň Halkara howa menziline gelip gondy. Bu ýerde Arkadagly Gahryman Serdarymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary mähirli garşyladylar hem-de dostlukly ýurda saparynyň üstünlikli geçmegi bilen tüýs ýürekden gutladylar.

Umuman, hormatly Prezidentimiziň HHR-e amala aşyran sapary türkmen-hytaý gatnaşyklaryny ösdürmekde möhüm ädim bolup, onuň strategik häsiýetini tassyklady. Gepleşikleriň netijeleri we gol çekilen resminamalar özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin täze gözýetimleri açyp, iki ýurduň abadançylygyna gönükdirilen giň gerimli taslamalary durmuşa geçirmäge ýardam berer. Döwlet Baştutanymyzyň bu sapary Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk derejesiniň ýörelgelerine laýyklykda, netijeli dialoga hem-de ählumumy meseleleriň çözgütlerini işläp taýýarlamaga işjeň gatnaşmaga taýýardygyny görkezdi.

03.09.2025

Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy bilen duşuşdy

Şu gün Hytaý Halk Respublikasynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Pekin şäherine ugramak üçin Týanszin şäheriniň demir ýol menziline bardy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy dostlukly ýurduň resmi adamlary dabaraly ýagdaýda ugratdylar.

Häzirki wagtda Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň taryhynda täze sahypa açylýar. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk dürli ugurlarda, şol sanda söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, ulag-kommunikasiýa, medeni-ynsanperwer ulgamlarda üstünlikli ösdürilýär. Türkmen-hytaý dostluk gatnaşyklary gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýar. Gadymy döwürlerde iki halky baglanyşdyran Beýik Ýüpek ýoly bu gün ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygy döwrebap görnüşde pugtalandyrmaga ýardam berýär. Hormatly Prezidentimiziň HHR-e şu gezekki sapary hem özara ynanyşmaga we hormat goýmaga esaslanýan döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmekde möhüm ähmiýete eýedir.

...Biraz salymdan döwlet Baştutanymyz ýörite otluda Pekiniň demir ýol menziline geldi. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz myhmansöýerligiň asylly däbine görä, mähirli garşylanyldy.

Günüň ikinji ýarymynda döwlet Baştutanymyz Hytaýyň Halk ýygnaklar öýüne bardy. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň arasynda resmi duşuşyk geçirildi.

HHR-iň Baştutany belent mertebeli türkmen myhmanyny mähirli mübärekläp, çakylygy kabul edip Hytaýa gelendigi üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirdi hem-de pursatdan peýdalanyp, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza mähirli salamyny ýetirmegi haýyş etdi. Şeýle-de Si Szinpin Arkadagly Gahryman Serdarymyzy ýakynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlady. Ol “Merkezi Aziýa — Hytaý” formatyndaky sammitiň çäklerinde hormatly Prezidentimiz bilen bolan duşuşygyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny aýdyp, onuň netijeleri boýunça bilelikdäki işleri durmuşa geçirmäge taýýardygyny tassyklady. Başlyk Si Szinpin hemmetaraplaýyn strategik hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça bilelikdäki işleriň möhüm ähmiýetini belläp, HHR-iň ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny, Garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny we çäk bitewüligini goldaýandygyny aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Hytaýa gelmäge çakylyk hem-de bildirilen myhmansöýerlik üçin minnetdarlygyny beýan edip, Si Szinpini ŞHG-niň sammitiniň üstünlikli geçirilmegi we Ýeňşiň 80 ýyllygy bilen gutlady hem-de oňa Gahryman Arkadagymyzyň mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň we HHR-iň ýolbaşçylarynyň her bir duşuşygynyň özara hyzmatdaşlykda möhüm tapgyr bolup durýandygyny, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy barada pikir alyşmak, olary ösdürmegiň ugurlaryny kesgitlemek, halkara gün tertibiniň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin oňat mümkinçilikdigini belledi. Nygtalyşy ýaly, Türkmenistan Hytaý bilen strategik hyzmatdaşlyga ýokary baha berýär. Gatnaşyklaryň şeýle derejesi syýasat, ykdysadyýet, medeniýet, ylym-bilim ulgamlaryndaky özara hereketlere oňyn täsirini ýetirýär. Häzirki wagtda Türkmenistanyň we Hytaýyň gatnaşyklary açyklygy, özara ynanyşmagyň, hormat goýmagyň ýokary derejesi, uzak möhletli bilelikdäki ösüş maksatlaryna aýdyň düşünilmegi bilen tapawutlanýar.

Halkara syýasatyň esasy meseleleri boýunça Türkmenistanyň we Hytaýyň çemeleşmeleri ýakyn ýa-da gabat gelýär. Tutuş dünýäde, Merkezi Aziýada we Aziýa — Ýuwaş umman sebitinde berk parahatçylygy, durnuklylygy, howpsuzlygy üpjün etmäge ymtylyş şol çemeleşmeleriň esasyny düzýär. Türkmenistan hem-de HHR halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerinde ýakyndan hyzmatdaşlyk edýärler. Hytaýyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyna berýän goldawyna, ýurdumyzyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň kabul eden ençeme Kararnamalarynyň awtordaşy bolup çykyş etmegine ýokary baha berilýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň HHR-iň Başlygynyň ŞHG-niň sammitinde beýan eden Ählumumy dolandyryş başlangyjyny goldaýandygyny we onuň Türkmenistanyň halkara gatnaşyklar babatdaky garaýyşlaryna gabat gelýändigini nygtady. “Bu gün şanly senäniň — Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň halkara derejede ykrar edilmeginiň 30 ýyllygynyň öňüsyrasynda bu barada aýratyn buýsanç bilen nygtamak isleýärin” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we BMG-niň Baş Assambleýasynyň “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly taryhy Kararnamany kabul etmeginde Hytaý Halk Respublikasynyň möhüm ornuna ünsi çekip, munuň üçin hytaý tarapyna minnetdarlyk bildirdi.

HHR-iň Başlygy hormatly Prezidentimizi Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy bilen gutlap, Hytaýyň ýurdumyzyň bu halkara hukuk ýagdaýyna esaslanýan parahatçylyk döredijilikli daşary syýasatyna ýokary baha berýändigini belledi. Duşuşygyň dowamynda nygtalyşy ýaly, Hytaý Türkmenistanyň esasy daşary ykdysady hyzmatdaşy bolup durýar. Ýurtlarymyz birnäçe möhüm ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy ösdürip, söwda we maýa goýum gatnaşyklaryny giňeltmegi, senagat, oba hojalyk kooperasiýasyny, işewür toparlaryň ugry boýunça hyzmatdaşlygy höweslendirmegi, dürli ugurly, şol sanda ýokary tehnologiýaly bilelikdäki kärhanalary döretmegi maksat edinýärler.

Gaz pudagy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň strategik ugrudyr. 15 ýyldan gowrak wagt bäri üstünlikli hereket edýän Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisi türkmen-hytaý ykdysady hyzmatdaşlygynyň aýdyň mysallarynyň biridir. Häzirki günde ýurtlarymyz gaz ulgamyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmegiň üstünde işleýärler we bu babatda anyk netijeler gazanylýar. Hormatly Prezidentimiz iri “Galkynyş” gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmek boýunça geçirilen halkara bäsleşikde hytaý tarapynyň ýeňiji bolandygyny aýtdy we Başlyk Si Szinpini bu waka bilen gutlady. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda gaz hyzmatdaşlygynyň esasy ýörelgeleri hakynda Baş ylalaşygyň taslamasynyň taýýarlanylandygyny aýtdy we geljekde bu hyzmatdaşlygyň Baş ylalaşykdaky ýörelgeler esasynda ösdüriljekdigini nygtady.

Dostlukly ýurduň Lideri Türkmenistan bilen bu möhüm ulgamda hyzmatdaşlyk etmegiň Hytaý üçin uly hormatdygyny belledi hem-de hytaý tarapyna bu ugurda Türkmenistanda işlemäge döredilýän şertler hem-de goldawlar üçin hoşallyk bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, Si Szinpin häzirki wagtda iki ýurduň arasynda tebigy gaz ulgamynda gazanylan ylalaşygy durmuşa geçirmek boýunça zerur işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy. Şeýle-de ol HHR-iň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, şol sanda “Merkezi Aziýa — Hytaý” formatynda mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygyny tassyklady.

Ulag-logistika hyzmatdaşlygy hem möhüm ähmiýete eýedir. Türkmenistanyň “Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek” strategiýasy Hytaýyň “Bir guşak, bir ýol” başlangyjy bilen mazmuny boýunça gabat gelip, biri-biriniň üstüni ýetirýär. Olaryň esasynda giň, açyk we netijeli ykdysady, söwda, maýa goýum hyzmatdaşlygyny giňeltmek, özara bähbitlilik, köptaraplaýyn bähbitleri nazara almak, uzak möhletleýinlik we durnuklylyk ýörelgeleri esasynda Ýewraziýa yklymynyň çalt depginler bilen ösýän sebitlerini bitewi geoykdysady giňişlige birleşdirmek ýaly umumy maksatlar bar. Döwlet Baştutanymyz bu maksatlara ýetmekde Merkezi Aziýa sebitine möhüm ornuň degişlidigini, Türkmenistanyň “Merkezi Aziýa — Hytaý” dialogyny goldaýandygyny we oňa işjeň gatnaşýandygyny belläp, häzirki günde bu formatyň derwaýysdygyny hem-de oňa gatnaşyjylaryň strategik bähbitlerine laýyk gelýändigini aýtdy.

Türkmen-hytaý döwletara gatnaşyklarynyň gün tertibinde medeni-ynsanperwer ulgam, hususan-da, bilim ulgamy wajyp orny eýeleýär. Häzirki wagtda Hytaýyň ýokary okuw mekdeplerinde türkmen talyplary dürli hünär ugurlary boýunça bilim alýarlar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz olaryň bilim almagyna döredilýän amatly şertler üçin hytaý tarapyna minnetdarlyk bildirip, ýurdumyzyň HHR bilen bilim ulgamyndaky gatnaşyklary giňeltmegi maksat edinýändigini tassyklady. Şeýle hem ylmy hyzmatdaşlygyň, bu ugurda bilelikdäki taslamalary amala aşyrmagyň, şol sanda ýokary tehnologiýalar, emeli aň ulgamlarynda taslamalary durmuşa geçirmegiň, taryhy-arheologik ylmy barlaglary geçirmegiň, iki halkyň edebi mirasyny öwrenmegiň we ony özara wagyz etmegiň möhüm ähmiýeti bellenildi.

Döwlet Baştutanymyz häzirki wagtda parlament, jemgyýetçilik, zenanlar we ýaşlar diplomatiýasynyň hem ornunyň barha ýokarlanýandygyny aýdyp, Türkmenistanyň bu ugurlar boýunça bilelikdäki çäreleri ara alyp maslahatlaşmaga, halkara parlament diplomatiýasy ulgamynda ýurdumyzyň toplan baý tejribesini halklaryň arasynda özara düşünişmegi pugtalandyrmagyň bähbidine ulanmak üçin hytaýly hyzmatdaşlar bilen bu tejribäni ösdürmäge taýýardygyny tassyklady.

“Türkmenistan we Hytaý gadymy taryhy bolan ýurtlardyr. Asyrlaryň dowamynda biziň halklarymyz dürli görnüşlerde gatnaşyk saklap, özboluşly tejribe topladylar. Bu gün Türkmenistanyň we Hytaýyň dünýä gurluşy baradaky garaýyşlary ýakyndyr. HHR-iň Başlygynyň “Adamzadyň bitewi ykbal bileleşigi” konsepsiýasy Türkmenistanyň durmuşa geçirýän parahatçylyk we ynanyşmak filosofiýasy bilen sazlaşýar. 2025-nji ýyl Türkmenistanyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edildi” diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we Başlyk Si Szinpini bu waka hem-de Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli 12-nji dekabrda Aşgabatda geçiriljek halkara foruma çagyrdy.

HHR-iň Başlygy çakylyk üçin hoşallyk bildirip, Hytaýyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine hormat goýýandygyny we onuň parahatçylyk döredijilikli daşary syýasatyny goldaýandygyny aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Hytaýyň ygtybarly dostudygyny, onuň gazanýan üstünliklerine ýurdumyzda guwanylýandygyny aýdyp, Si Szinpiniň ýolbaşçylygynda HHR-iň mundan beýläk-de uly üstünlikleri gazanjakdygyna ynam bildirdi.

Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy hoşniýetli sözler üçin hoşallyk bildirip, şu gezekki ýokary derejedäki duşuşyga uly ähmiýet berilýändigini belledi we HHR-iň uzak möhletli, strategik hyzmatdaş hökmünde Türkmenistan bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek ugruna berk ygrarlydygyny tassyklady. Şeýle-de ol hormatly Prezidentimiziň beýan eden tekliplerini goldaýandygyny aýtdy.

Duşuşygyň ahyrynda döwlet Baştutanlary türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň iki ýurduň dostlukly halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege rowaçlyk we abadançylyk baradaky arzuwlaryny beýan etdiler.

***

Hormatly Prezidentimiziň Hytaý Halk Respublikasyna saparynyň çäklerinde türkmen wekiliýetiniň agzalarynyň hytaý tarapynyň wekilleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirildi. Olarda dürli ulgamlarda hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Intellektual eýeçilik meselesine aýratyn üns berildi. Taraplar bu ugurda tejribe alşyp, innowasiýalary we awtorlyk hukugyny goramak boýunça hukuk binýadyny hem-de mehanizmleri ösdürmegiň mümkinçiliklerine seretdiler. Iki ýurduň bilim ulgamynyň wekilleri akademiki gatnaşyklary pugtalandyrmagyň, bilelikdäki ylym-bilim taslamalaryny durmuşa geçirmegiň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Medeni hyzmatdaşlyk dialogyň esasy ugurlarynyň biri boldy. Şunda muzeý işine aýratyn üns berildi. Taraplar medeni mirasy gorap saklamak hem-de giňden wagyz etmek, sergileri, iki halkyň arasynda dostlugy pugtalandyrmaga ýardam berýän beýleki medeni çäreleri geçirmek babatda pikir alyşdylar. Duşuşyklaryň dowamynda köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň meseleleri-de ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar maglumatlary alyşmak, bilelikdäki mediataslamalary durmuşa geçirmek we žurnalistleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirdiler.

Ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlyga bagyşlanan duşuşykda taraplar infrastruktura taslamalaryny giňeltmek bilen baglanyşykly meselelere ünsi çekip, logistikany gowulandyrmak, awtomobil, demir ýollary ösdürmek babatda pikir alyşdylar. Energetika ulgamy iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Duşuşykda türkmen we hytaý tarapynyň wekilleri energetika infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak, energiýanyň durnukly önümçiligi üçin tehnologiýalary ösdürmek bilen bagly pikirlerini paýlaşdylar. Degişli infrastrukturanyň ösdürilmegi sebitde energetika howpsuzlygyny üpjün etmäge ýardam bermek bilen bir hatarda, özara maýa goýumlar üçin hem täze mümkinçilikleri açýar.

Duşuşyklaryň netijeleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi. Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Lançžou uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Milli intellektual eýeçilik boýunça edarasynyň arasynda intellektual eýeçilik babatda hyzmatdaşlyk barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýi bilen Hytaýyň Milli muzeýiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; “Altyn asyr” elektron gazetiniň redaksiýasy (Türkmenistan) bilen “Ženmin Žibao” neşiriniň (Hytaý Halk Respublikasy) arasynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama bar.

02.09.2025

Türkmenistanyň Prezidenti Hytaýyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary bilen duşuşdy

Şu gün Hytaý Halk Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýan bilen duşuşygy boldy.

Duşuşygyň başynda HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary belent mertebeli türkmen myhmanyny mähirli mübärekläp, çakylygy kabul edip, ŞHG-niň sammitine gatnaşandygy üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirdi. Şeýle-de ol hormatly Prezidentimiziň Başlyk Si Szinpin bilen geçiren duşuşygynyň ähmiýetine ünsi çekip, Hytaýyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga uly üns berýändigini belledi. Nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda ýurtlarymyzyň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklar, medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyk, syýasy dialog işjeň ösdürilýär.

HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary 2023-nji ýylda Türkmenistana amala aşyran saparyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny aýtdy hem-de pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimizi we ähli türkmen halkyny Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlady.

Hormatly Prezidentimiz bildirilen myhmansöýerlik üçin ýurdumyzyň wekiliýetiniň adyndan minnetdarlygyny beýan edip, hytaý tarapyny Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitiniň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlady hem-de onuň dowamynda gazanylan ylalaşyklaryň sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmäge, ŞHG-niň giňişliginde abadançylygy üpjün etmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz mümkinçilikden peýdalanyp, Din Sýuesýany we Hytaý Halk Respublikasynyň dostlukly halkyny Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli gutlady.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen HHR-iň arasyndaky gatnaşyklar strategik we uzak möhletli häsiýete eýe bolup, ýurdumyz ýola goýlan hyzmatdaşlyga ýokary baha berýär. Häzirki wagtda iki ýurt ýokary döwlet, Hökümet we ministrler derejesinde netijeli hyzmatdaşlyk edýär. Parlament wekilleriniň arasyndaky gatnaşyklar, sebitara hyzmatdaşlyk ikitaraplaýyn özara hereketleriň üstüni ýetirip, ony many-mazmun bilen baýlaşdyrýar. Bilelikdäki tagallalary utgaşdyrmak, iki ýurduň söwda-ykdysady kuwwatyny durmuşa geçirmek işinde hökümetara komitete uly ähmiýet berilýär.

Energetika ulgamy türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlarynyň biridir. 2009-njy ýyldan bäri üstünlikli hereket edýän Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisi munuň aýdyň mysalydyr. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz hytaýly hyzmatdaşlaryň, hususan-da, Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasynyň Türkmenistanda alyp barýan işine ýokary baha berip, munuň üçin minnetdarlyk bildirdi.

Häzirki wagtda ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlyk hem aýratyn ähmiýete eýe. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň öz üstaşyr ulag infrastrukturasyny işjeň ösdürýändigini aýdyp, Hazarüsti logistika ugruny döretmegiň mümkinçiliklerine ünsi çekdi hem-de hytaýly hyzmatdaşlary Merkezi Aziýanyň çäginden, Hazar deňziniň üstünden geçýän we günbatar tarapa uzaýan Türkmenistan — Hytaý ulag-logistika ulgamyny döretmek boýunça dialoga çagyrdy. Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň HHR bilen milli demir ýol ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, Hytaýdan täze tehnikalary satyn almak babatda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge taýýardygyny tassyklap, özara haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmak üçin bilelikde tagalla etmegi teklip etdi. Hususan-da, ýurdumyz Hytaýa dokma, himiýa senagaty, oba hojalyk we nebit önümleriniň eksportyny artdyrmaga taýýardyr.

Medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyk ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarynyň hataryndadyr. Türkmen talyplary Hytaýyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýarlar, Türkmenistanyň birnäçe bilim ojaklarynda bolsa hytaý dili öwredilýär. Türkmenistan ylym, bilim, medeniýet ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmegi maksat edinýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýokary tehnologiýalar, şol sanda emeli aň tehnologiýalary ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda anyk teklipleri beýan etdi. Şunda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň, Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň, Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mümkinçiliklerini ulanmak göz öňünde tutulýar.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýan iki ýurduň hem özara hyzmatdaşlygy has-da ýokary derejä çykarmaga taýýardygyny tassyklap, birek-birege berk jan saglygyny, döwlet işlerinde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw etdiler.

Hormatly Prezidentimiziň Hytaý Halk Respublikasyna iş sapary dowam edýär.

02.09.2025

Türkmenistanyň Prezidenti Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitine gatnaşdy

Şu gün Hytaý Halk Respublikasynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitine gatnaşdy.

“ŞHG+” formaty hyzmatdaşlyk platformasy bolup, onuň çäklerinde Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletler bilen hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýän, ýöne gurama agza bolmadyk ýurtlar özara gatnaşyk edýärler. Bu format synçy döwletleri, dialog boýunça hyzmatdaşlary we beýleki çagyrylan ýurtlary öz içine alyp, hyzmatdaşlyga gatnaşyjylaryň gerimini giňeltmäge mümkinçilik berýär. Has giňişleýin geografik çäklerde ykdysady, medeni hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak “ŞHG+” formatynyň esasy maksady bolup durýar. Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň başlyklyk etmeginde geçirilen ýokary derejeli duşuşyga ŞHG-ä agza ýurtlaryň, synçy ýurtlaryň, dialog boýunça hyzmatdaş ýurtlaryň döwlet hem-de hökümet Baştutanlary, iri halkara guramalaryň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

HHR-iň Başlygy Si Szinpin duşuşygy açyp, çakylygy kabul edendikleri üçin hemmelere hoşallyk bildirdi we “ŞHG+” formatynyň aýratyn ähmiýetini belledi. Bu format özara hormat goýmak, deňhukuklylyk ýörelgeleri esasyndaky köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň aýdyň mysaly bolup durýar. Başlyk Si Szinpin şu gün sebitde parahatçylygy, durnukly ösüşi we abadançylygy üpjün etmäge gönükdirilen anyk ädimleriň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny aýdyp, duşuşygyň netijeli geçjekdigine ynam bildirdi. Soňra foruma gatnaşyjylara söz berildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow, ilki bilen, Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň şu gezekki sammitine hormatly myhman hökmünde gatnaşmaga çakylygy, bildirilen myhmansöýerlik hem-de işlemäge döredilen ajaýyp şertler üçin minnetdarlyk bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň ŞHG-niň sammitlerine hormatly myhman hökmünde gatnaşmagynyň köpýyllyk asylly däbe öwrülendigini, munuň hyzmatdaşlygy ösdürmäge hem-de çuňlaşdyrmaga özara gyzyklanma bildirilýändigine şaýatlyk edýändigini aýtdy. Nygtalyşy ýaly, Türkmenistan ŞHG-ä we onuň alyp barýan işine uly hormat goýýar. Biz Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň yklym we ählumumy proseslerdäki döredijilikli ornuny, häzirki zaman dünýä gurluşynyň adalatly, deňagramly ulgamyny döretmäge goşýan uly goşandyny belleýäris.

Şu gün guramanyň sammitiniň “ŞHG+” formatyndaky mejlisiniň dowamynda Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy hormatly jenap Si Szinpin täze halkara ähmiýetli teklip — Ählumumy dolandyryş başlangyjy bilen çykyş etdi. Bu pikir Türkmenistanyň halkara gatnaşyklaryň arhitekturasyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek, bu gatnaşyklary deňhukuklylyk, adalatlylyk, özara hormat goýmak ýörelgeleri esasynda bilelikde dolandyrmak babatda konseptual garaýyşlaryna gabat gelýär. Biz bu başlangyjy goldaýarys hem-de hytaýly kärdeşlerimiz bilen ony iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça işlemäge taýýardygymyzy beýan edýäris.

ŞHG-niň halkara we sebit durnuklylygyny pugtalandyrmak, döwletara gatnaşyklaryň, çylşyrymly meseleleri çözmegiň binýady hökmünde syýasy-diplomatik dialog üçin şertleri döretmek boýunça çemeleşmelerini goldaýarys. Şunuň bilen baglylykda, guramanyň Türkmenistanyň daşary syýasat ugruna, biziň Bitaraplygymyza, halkara başlangyçlarymyza hemişe oňyn garaýandygyny nygtamak isleýärin. Häzirki wagtda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň Bitaraplygy hakyndaky Kararnamalarynyň, şeýle hem ýurdumyz tarapyndan teklip edilen BMG-niň birnäçe beýleki çözgütleriniň awtordaşy bolup çykyş edendiklerini we goldandyklaryny nygtamak ýerlikli bolar. Men bu gün taryhy wakanyň — şu ýylyň 12-nji dekabrynda belleniljek Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň öňüsyrasynda bu barada aýratyn minnetdarlyk bilen aýdýaryn. Biz Aşgabatda geçiriljek dabaralarda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň ählisiniň ýokary derejeli wekiliýetlerini görmäge şat bolarys diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.

Döwlet Baştutanymyz ykdysady ulgamyň Türkmenistan bilen ŞHG-niň arasyndaky gatnaşyklaryň kesgitleýji ugry bolup durýandygyny aýdyp, ulag-logistika, kommunikasiýa, energetika, söwda ulgamlaryny senagat taýdan ýakynlaşmagy ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezdi. Ägirt uly serişde binýady, geografik taýdan ýerleşmegiň artykmaçlyklary, senagatyň we infrastrukturanyň çalt depginler bilen ösmegi, özara hyzmatdaşlygyň toplanan tejribesi — bularyň ählisi ykdysady taýdan ýakynlaşmaga, bilelikde ösmäge, bar bolan mümkinçilikleri durmuşa geçirmäge, ŞHG-niň giňişliginde we Türkmenistanyň çäginde yklym, geljekde bolsa ählumumy ähmiýetli iri ykdysady merkezleri döretmäge ýardam berýär diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz aýtdy hem-de Türkmenistanyň we ŞHG-niň hyzmatdaşlygynyň dürli formatlarynyň we nusgalarynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň üstüni ýetirmäge hem-de baýlaşdyrmaga, hyzmatdaşlygy uzak möhletli, özara bähbitli esasda giňeltmäge, iri sebit we halkara taslamalary meýilleşdirmek hem-de durmuşa geçirmek üçin şertleri döretmäge ukyplydygyna berk ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz ulag ugruna aýratyn ünsi çekdi. Häzirki wagtda ŞHG ýurtlarynyň we Türkmenistanyň esasy merkezleri bolup biljek Gündogar — Günbatar, Demirgazyk — Günorta ugurlar boýunça logistika magistrallaryny ýola goýmak üçin anyk mümkinçilikler bar diýip hasaplaýarys. Tagallalaryň we mümkinçilikleriň birleşdirilmegi, syýasy-diplomatik, ykdysady serişdeleriň herekete getirilmegi diňe bir hyzmatdaşlygymyzyň ösüşinde hil taýdan täze tapgyry alamatlandyrman, munuň özi iri we okgunly ösýän ykdysady zolaklary — Aziýa — Ýuwaş umman sebitini, Merkezi we Günorta Aziýany, Russiýany, Orta we Ýakyn Gündogary öz içine alýan, Ýuwaş ummandan Baltika deňzine çenli uzaýan bitewi geoykdysady giňişligi kemala getirmek üçin şertleri döretmäge ukyply bolar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de Türkmenistanyň we ŞHG-niň gatnaşmagynda has ýakyn özara hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagynyň, Türkmenistanyň we ŞHG-niň obýektiw artykmaçlyklaryny, özara bähbitlerini, ählumumy geoykdysadyýete üstünlikli goşulyşmagyny nazara almak bilen, ulag strategiýalarynyň utgaşdyrylmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny nygtady.

Hormatly Prezidentimiz bu babatda Hazarüsti we Hazarýaka ulag ugurlaryny aýratyn belledi. Biz gurama hökmünde ŞHG-niň hem-de Türkmenistanyň bu ugurda bähbitleriniň gabat gelýändiginden, onuň özara gabat gelmegiň ýokary derejesine eýediginden ugur alýarys. Olary iş ýüzünde durmuşa geçirmek biziň umumy wezipämiz diýip hasaplaýaryn. Hazar arkaly ulag geçelgelerine biziň ykdysady we önümçilik mümkinçiliklerimiziň netijeliligini düýpli ýokarlandyrmak, dünýä bazarlaryna doly derejede çykmak, Ýewraziýa geoykdysady giňişliginde uzak möhletli we güýçli ornumyzy pugtalandyrmak üçin anyk mümkinçilik hökmünde garaýarys. Hazar deňzinde ýük daşamalar üçin amatly syýasy-hukuk gurşawyny döretmek hem möhüm ugurdyr. Munuň özi Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Hazar deňzinde söwda we ykdysady işlerine gatnaşmaklary üçin gowy mümkinçilikleri açýar diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýakynda Türkmenistanda geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynda amatly we gysga ugur hökmünde Hazar deňziniň ähmiýetiniň ara alnyp maslahatlaşylandygyny we ŞHG-ä agza birnäçe döwletleriň bu foruma iň ýokary derejede gatnaşandygyny aýdyp, munuň üçin olara ýene-de bir gezek tüýs ýürekden minnetdarlygyny beýan etdi hem-de bu mowzugyň gatnaşyklaryň şu formatynda hem dowam etdiriljekdigine ynam bildirdi. Döwlet Baştutanymyz Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň mümkinçiliklerine ünsi çekip, ýurdumyzyň bu köpugurly we kuwwatly terminalyň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň bähbitlerine ulanylmagy baradaky dialoga taýýardygyny tassyklady.

Deňizüsti ýük daşamalar barada aýdylanda, biziň pikirimizçe, gämigurluşyk pudagynda hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy ýerlikli bolardy. ŞHG ýurtlarynyň köpüsiniň bu ugurda uly önümçilik kuwwatlyklary we baý tejribesi bar. Türkmenistan hem milli gämigurluşyk pudagyny işjeň ösdürýär. Bu ugurdaky hyzmatdaşlyk özara bähbitleri getirer diýip hasaplaýaryn. Merkezi Aziýada we goňşy sebitlerde döwrebap, köpşahaly demir ýol, awtomobil ulgamlarynyň döredilmegine aýratyn ähmiýet berýäris. Ýurdumyz hyzmatdaşlar bilen bilelikde Owganystana uzaýan demir ýollary gurmak başlangyjyny öňe sürdi. Şeýle hem başga-da giň möçberli başlangyçlarymyz bar. Demir ýol we awtomobil ulaglary bilen ýük daşamak ulgamynda uzak möhletli hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin anyk mümkinçilikleri görýäris we bu babatda öz tekliplerimizi tanyşdyrmaga taýýardyrys diýip, hormatly Prezidentimiz çykyşynda nygtady.

Döwlet Baştutanymyz aragatnaşyk, kommunikasiýalar ulgamynda Türkmenistanyň häzirki wagtda ŞHG-ä agza döwletleriň birnäçesi bilen hyzmatdaşlykda Owganystanyň üsti bilen Pakistana optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamyny çekmek boýunça iri taslamany durmuşa geçirýändigini belläp, gurama täze giň möçberli taslamalaryň geografiýasyny giňeltmäge we kuwwatyny artdyrmaga işjeň gatnaşmagy teklip etdi.

Energetika ulgamynda has ýakyn hyzmatdaşlyk ugrunda çykyş edýäris. Türkmenistan ŞHG döwletlerine tebigy gazy ibermegiň möçberini artdyrmaga taýýardyr. Biz häzirki wagtda elektroenergetika-da aýratyn üns berýäris. Elektrik energiýasyny ibermek, onuň ugurlaryny we möçberini giňeltmek ýaly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin açykdyrys. Umuman, elektroenergetika pudagyna ŞHG bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde garaýarys diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we senagat kooperasiýasyny tagallalary birleşdirmek üçin ugurlaryň ýene biri hökmünde görkezdi. Ýurtlarymyzyň okgunly ykdysady ösüşi, täze senagat kärhanalarynyň barha artýan sany, öndürilýän harytlaryň we hyzmatlaryň görnüşleriniň giňeldilmegi — bularyň ählisi ykdysady hyzmatdaşlygymyzda öz beýanyny tapmalydyr. Şunuň bilen baglylykda, Arkadagly Gahryman Serdarymyz Türkmenistanyň senagat kooperasiýasy strategiýasyna gatnaşmaga taýýardygyny tassyklady.

Men öz çykyşymyň başynda ynsanperwer ulgamy agzap geçdim. Taryhy tejribe, gymmatlyklaryň ýakynlygy, özboluşly däp-dessurlara ygrarlylyk, tüýs ýürekden hoşniýetli goňşuçylyk we birek-birege hormat goýmak biziň hyzmatdaşlygymyzyň binýadydyr, aýawly saklaýan we artdyrýan umumy baýlygymyzdyr. Şoňa görä-de, ýurtlarymyzyň arasyndaky ynsanperwer hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi, medeni, ylym, bilim, durmuş ulgamlaryndaky beýleki gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagy hemişe aýratyn ähmiýete eýe bolar. Bu gatnaşyklaryň zerurdygyna we ähmiýetlidigine berk ynanýarys.

Şu günki ýokary döwlet derejesindäki duşuşyga Türkmenistan Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmekde möhüm ädim hökmünde garaýar. Türkmenistan umumy bähbitleriň hatyrasyna bilelikdäki mümkinçilikleri durmuşa geçirmäge, dostlugy, hoşniýetli goňşuçylygy we ynanyşmagy pugtalandyrmaga ygrarlydyr diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni jemledi hem-de şu iri sammite gatnaşmaga çakylyk üçin ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirdi.

Hormatly Prezidentimiziň çykyşy uly üns bilen diňlenildi.

Mejlisiň dowamynda sebit we halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri, şol sanda ykdysadyýet, energetika, medeni-ynsanperwer, innowasiýalar hem-de ýokary tehnologiýalar ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyk, söwda, maýa goýum gatnaşyklaryny ösdürmek, infrastruktura taslamalary, maliýe mehanizmlerini döretmek bilen baglanyşykly we beýleki meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýokary derejeli duşuşygyň ahyrynda Başlyk Si Szinpin hormatly Prezidentimize çakylygy kabul edip, Hytaýa gelendigi üçin hoşallygyny beýan etdi we döwlet Baştutanymyzyň çuň manyly çykyşynyň ähmiýetini belledi.

Hormatly Prezidentimiziň Hytaý Halk Respublikasyna iş sapary dowam edýär.

01.09.2025

Türkmenistanyň Prezidentiniň Hytaý Halk Respublikasyna iş sapary başlandy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) sammitine hem-de Ikinji jahan urşunda gazanylan ýeňşiň 80 ýyllygyna bagyşlanan dabaralara gatnaşmak üçin Hytaý Halk Respublikasyna iş sapary bilen ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.

Täze taryhy döwürde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistan oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat strategiýasyny yzygiderli durmuşa geçirýär. Şol strategiýada türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň oňyn başlangyçlary mynasyp dowam etdirilýär. Döwlet Baştutanymyzyň HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň çakylygy boýunça Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitine hormatly myhman hökmünde gatnaşmagy hem munuň aýdyň mysalydyr.

Sebit howpsuzlygyny pugtalandyrmak, ykdysady, medeni gatnaşyklary ösdürmek bilen baglylykda, Türkmenistanyň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlar bilen hyzmatdaşlygy barha uly ähmiýete eýe bolýar. Ýurdumyz ŞHG-ä agza döwletler bilen dürli formatlarda hyzmatdaşlyk edýär. Bu bolsa Türkmenistanyň halkara giňişlikdäki ornuny pugtalandyrmaga we goňşy döwletler bilen özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge ýardam berýär. Ykdysady hyzmatdaşlyk Türkmenistan bilen ŞHG ýurtlarynyň hyzmatdaşlygynyň gün tertibinde möhüm orny eýeleýär. Tebigy gazyň we nebitiň ägirt uly gorlaryna eýe bolan Türkmenistan guramanyň ýurtlary üçin özüne çekiji hyzmatdaş bolup durýar. Ulag infrastrukturasynyň ösdürilmegi, täze söwda ugurlarynyň döredilmegi, maýa goýum taslamalary ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge ýardam edip, ýurtlaryň ählisiniň ykdysady ösüşine oňyn täsirini ýetirýär.

Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk hem Türkmenistan bilen Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklary berkitmekde wajyp orny eýeleýär. Ylym, bilim, medeniýet, syýahatçylyk ulgamlarynda tejribe alşylmagy, bilelikdäki medeni çäreleriň geçirilmegi halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy pugtalandyrmaga, döwletara gatnaşyklary ösdürmäge goşant goşýar. Şunuň bilen birlikde, ekologiýa we durnukly ösüş ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyga aýratyn üns berilýär. Howanyň üýtgeýän şertlerinde ŞHG ýurtlary, şol sanda Türkmenistan suw serişdelerini dolandyrmak, daşky gurşawy goramak, tebigy baýlyklary netijeli ulanmak bilen baglanyşykly meseleleri çözmek üçin tagallalary birleşdirýärler. Bu ugurdaky bilelikdäki taslamalar hem-de başlangyçlar ekologik abadançylygy üpjün etmäge, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmaga ýardam berýär. Şeýlelikde, Türkmenistanyň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna girýän ýurtlar bilen hyzmatdaşlygy köpugurly we uzak möhletleýin häsiýete eýe bolup, sebitde durnuklylygy pugtalandyrmagyň, netijeli gatnaşyklary ösdürmegiň bähbitlerine hyzmat edýär.

...Birnäçe sagatdan soňra, hormatly Prezidentimiziň uçary iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Týanszin şäheriniň Halkara howa menziline gelip gondy. Belent mertebeli myhmanyň hormatyna bu ýerde Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzülipdir. Döwlet Baştutanymyzy Hytaý Halk Respublikasynyň resmi adamlary hem-de Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary mähirli garşyladylar. Howa menzilinden hormatly Prezidentimiz sapar wagty özi üçin niýetlenen kabulhana ugrady.

Günüň ikinji ýarymynda döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow “Meýszýan” sergi we maslahatlar merkezine bardy. Merkeziň foýesinde hormatly Prezidentimizi HHR-iň Başlygy Si Szinpin hem-de onuň maşgalasy mähirli garşyladylar we bilelikde surata düşdüler. Sammite gatnaşýan wekiliýet ýolbaşçylarynyň bilelikde surata düşmek dabarasyndan soňra, bu ýerde belent mertebeli myhmanlaryň hormatyna HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň we onuň maşgalasy Pen Liýuanyň adyndan agşamlyk nahary berildi.

Hormatly Prezidentimiziň HHR-e iş sapary dowam edýär.

31.08.2025

Türkmen-hytaý ynsanperwer hyzmatdaşlygy giňeldilýär

Ýakynda zenanlardan ybarat türkmen wekiliýeti Hytaý Halk Respublikasynda saparda boldy. Saparyň çäklerinde ýurdumyzyň wekiliýetiniň agzalary birnäçe duşuşyklary geçirdiler hem-de hytaý halkynyň milli medeniýeti bilen tanyşdylar. Munuň özi Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky medeni gatnaşyklaryň täze derejä çykarylýandygynyň nobatdaky beýany boldy.

Türkmenistanyň hem-de Hytaýyň halklaryny köpasyrlyk dostlugyň, özara gatnaşyklaryň, hoşniýetli goňşuçylygyň ägirt uly tejribesi baglanyşdyrýar. Ýurtlarymyzyň arasyndaky medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk özara düşünişmegi we ynanyşmagy pugtalandyrmakda, gatnaşyklary ýola goýmakda möhüm orny eýeleýär. Bu gatnaşyklar medeniýet, sungat, ylym-bilim, sport ýaly ugurlary öz içine alyp, bilelikdäki hereketleriň täze gözýetimlerini açýar. Şunuň bilen bir hatarda, munuň özi dünýäde durnukly, parahat durmuşyň mizemez binýadyny emele getirmek bilen, adamzadyň sazlaşykly ýaşamak, has gowy geljegi gurmak ýaly umumy maksatlar bilen birleşýändigini görkezýär. Medeni diplomatiýa uzak möhletleýin durnuklylyga, abadançylyga gönükdirilen strategik maýa goýum bolup durýar. Şoňa görä, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk türkmen-hytaý döwletara gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegi bolup çykyş edýär. Ýurtlarymyz bu gatnaşyklary işjeň ösdürip, diňe bir diplomatik däl, eýsem, iki halky ýakynlaşdyrýan pugta dostluk köprülerini hem gurýarlar.

Türkmenistanyň we Hytaýyň köpasyrlyk taryhy bolup, ýurtlarymyzda milli däp-dessurlara, medeniýete aýratyn hormat goýulýar. Bu bolsa özara düşünişmek, dostluk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak üçin esas bolup hyzmat edýär. Sungat, ylym-bilim, sport ulgamlarynda özara tejribe alşylmagy dostlukly gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga ýardam berýär. Iki ýurtda guralýan sergiler, festiwallar, konsertler, beýleki medeni çäreler halklarymyza birek-biregiň özboluşly medeni mirasy bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik berýär. Iki dostlukly ýurt ylym-bilim, tehnologiýalar ulgamlarynda-da netijeli hyzmatdaşlyk edýär. Bilelikdäki ylmy taslamalar, maslahatlardyr simpoziumlar dürli ugurlarda, şol sanda energetika, oba hojalygy, maglumat tehnologiýalary ulgamlarynda bilim we tejribe alyşmaga ýardam berýär. Şeýle hyzmatdaşlyk iki ýurtda hem ylmy ösüşi höweslendirmäge goşant goşýar.

...Türkmen wekiliýetiniň Hytaýa saparynyň birinji gününde wekiliýetiň ýolbaşçysy, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa Hytaý Halk Respublikasynyň bilim ministri Huaý Szinpen bilen duşuşdy.

Dostlukly ýurduň wekili myhmany mähirli mübärekläp, haýyr-sahawat gaznasynyň diňe bir howandarlyga mätäç çagalara hemaýat etmek bilen çäklenmän, olaryň ýokary hilli, inklýuziw bilim almagyna hem uly ähmiýet berýändigine ýokary baha berdi. Bellenilişi ýaly, iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň yzygiderli tagallalary netijesinde türkmen-hytaý gatnaşyklary depginli ösdürilýär. Şu ýylyň iýunynda geçirilen “Merkezi Aziýa — Hytaý” sammitiniň çäklerinde geçirilen HHR-iň hem-de Türkmenistanyň Baştutanlarynyň ikitaraplaýyn duşuşygy bu gatnaşyklara täze itergi berdi.

Oguljahan Atabaýewa bildirilen myhmansöýerlik üçin minnetdarlygyny beýan edip, bilim ulgamynyň Türkmenistan üçin örän möhüm ugur bolup durýandygyny, çünki onuň islendik jemgyýetiň ösüşi bilen gönüden-göni baglanyşyklydygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, ylym-bilim ulgamynda türkmen-hytaý gatnaşyklaryny mundan beýläk-de giňeltmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirildi. Duşuşykda Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlardaky gatnaşyklaryň depginli ösdürilýändigine üns çekilip, ýokary derejedäki syýasy dialogyň yzygiderli we ynanyşykly häsiýeti aýratyn nygtaldy.

O.Atabaýewa Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işi barada aýdyp, bu düzümiň lukmançylyk hyzmatlaryny bermek bilen bir hatarda, çagalaryň mekdebe çenli ýaşdan başlap ýokary hilli we inklýuziw bilim almagyna-da ýardam berýändigini belledi. Gazna ýaş nesli hemmetaraplaýyn goldamak, olaryň bagtyýar durmuşy üçin amatly şertleri döretmek, howandarlyga mätäç çagalaryň saglygyny dikeltmäge ýardam bermek maksady bilen, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça 2021-nji ýylda döredildi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda bu düzümiň alyp barýan işiniň gerimini giňeltmek, hususan-da, bilim ulgamynda işlemek mümkinçiligine seretmek meýilleşdirilýär. Şunda Hytaýyň mümkinçiligi çäkli çagalara bilim bermek ulgamynyň işine gyzyklanma bildirildi.

Nygtalyşy ýaly, Hytaýyň bilim ulgamy dünýäde öňdebaryjylaryň biridir. Türkmen talyplary HHR-de bilim alýarlar, Türkmenistanyň ýokary we orta mekdeplerinde bolsa hytaý dili öwredilýär. Şunuň bilen baglylykda, hytaý tarapynyň wekili Türkmenistanda bilim ulgamynyň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýändigini belläp, akademiki alyşmalary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga, türkmen talyplary üçin bilim maksatnamalarynyň gerimini giňeltmäge taýýardygyny tassyklady. Şeýle hem duşuşygyň dowamynda bilim, ylym ugry boýunça ýola goýlan hyzmatdaşlygyň netijeli ösdürilýändigi, iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň, ylmy-barlag merkezleriniň arasynda dialogyň pugtalandyrylýandygy kanagatlanma bilen bellenildi. Mundan başga-da, Oguljahan Atabaýewa mümkinçiligi çäkli çagalara ýörite we inklýuziw bilim bermegi kämilleşdirmekde Hytaýyň tejribesini öwrenmäge gyzyklanmasyny beýan etdi. Şunuň bilen baglylykda, çagalaryň ýagty geljeginiň bähbidine bu ugurda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmaga taýýarlyk tassyklanyldy.

HHR-iň bilim ministri gaznanyň başlangyçlaryny doly goldaýandygyny aýdyp, inklýuziw bilim, mümkinçiligi çäkli çagalaryň jemgyýete goşulyşmagyna gönükdirilen usulyýetleri we maksatnamalary alyşmak meseleleri boýunça giňişleýin dialoga taýýardygyny mälim etdi.

Duşuşygyň ahyrynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň bilim ministri Huaý Szinpen birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Saparyň çäklerinde türkmen wekiliýeti «Gugun» taryhy köşkler toplumyna baryp gördi.

Toplum Pekiniň merkezinde ýerleşip, 500 ýylyň dowamynda Min we Sin nesilşalyklarynyň imperatorlarynyň ýaşan köşgi bolupdyr. Häzirki wagtda bu köşkler toplumy muzeý hökmünde hereket edýär. Köşgüň gurluşygy 1406-njy ýylda başlanyp, 15 ýyl dowam edipdir. Onuň gurluşygynda 1 milliona golaý işçi, 100 müňe golaý beýleki hünärmenler zähmet çekipdir. Taryhy muzeý 72 gektar meýdany tutup, onuň çäginde 980-den gowrak bina we 8 müň 700-den hem köp otag bar. Toplumyň daşy suwly garym we beýikligi 10 metr diwar bilen gurşalandyr. Sary reňk hytaý imperatorlarynyň resmi reňki bolandygy üçin toplumdaky binalaryň aglabasynyň üçegi bu reňk bilen boýalypdyr. Şeýle hem toplumyň çäginde imperatoryň we onuň maşgalasynyň dynç alan, gezelenç eden seýilgähi ýerleşýär. Ol 12 müň inedördül metr meýdany tutup, emeli baýyrlar, suw howdanlary, ýodajyklar bilen sazlaşykly utgaşýan adaty hytaý äheňinde döredilipdir. Irki döwürlerde bu ýerde dürli baýramçylyk çäreleri geçirilipdir.

Ýurdumyzyň wekiliýetiniň agzalary «Gugun» taryhy köşkler toplumynda ýadygärlik surata düşdüler.

Ýeri gelende bellesek, ýurdumyzda taryhy we medeni desgalaryň 1 müň 400-den gowragynyň bardygyny bellemek gerek. Olaryň köpüsi arheologik ýadygärliklerdir. Türkmen topragynda Goňurdepe, Garadepe, Namazgadepe, Altyndepe, Jeýtun, Änew ýaly dünýäniň ilkinji ekerançylyk medeniýeti hasaplanýan ýadygärlikler bar. Köne Nusaý, Gadymy Merw, Köneürgenç, Gadymy Dehistan, Gadymy Sarahs, Abiwerd, Gökdepe galasy ýaly ýadygärlikler geçen döwürleriň naýbaşy binagärlik desgalary bolup, açyk asmanyň astyndaky ajaýyp muzeýlerdir. Gadymy Merwiň, Köneürgenjiň, Nusaýyň taryhy ýadygärlikleri ählumumy gymmatlyga eýe bolan desgalar hökmünde ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi.

Taryhdan belli bolşy ýaly, türkmen halky gadymy döwürlerden bäri Hytaý bilen syýasy gatnaşyklary alyp barypdyr. Baryp biziň eýýamymyzdan öňki asyrlarda Parfiýa döwleti şol döwrüň syýasy güýçleriniň biri bolan Hytaý bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýupdyr. Munuň özi medeniýetleriň özara baýlaşmagyna saldamly goşant goşupdyr. Irki döwürlerde ýurtlarymyzy we halklarymyzy birleşdiren Beýik Ýüpek ýoly diňe bir özara bähbitli söwda gatnaşyklaryny alyp barmakda däl, eýsem, medeni gatnaşyklary yzygiderli ösdürmekde hem özboluşly köpri bolup hyzmat edipdir. Bu söwda ýolunyň merkezinde ýerleşýän türkmen topragy Gündogar bilen Günbatary baglanyşdyrypdyr. Hytaýdan ugran ýükli kerwenler ýurdumyzyň üstünden Ýakyn Gündogar we Ýewropa ýurtlaryna geçipdirler. Bu ýoluň ugrunda ýerleşýän Merw, Köneürgenç, Nusaý ýaly türkmen şäherleri möhüm ylmy hem-de medeni merkezler hasaplanypdyr. Şeýlelikde, Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky taryhy gatnaşyklaryň netijesinde köpasyrlyk mirasyň binýady emele getirildi. Täze taryhy eýýamda bu gatnaşyklar dürli ugurlar boýunça netijeli ösdürilýär.

...Türkmen wekiliýetiniň Hytaýa saparynyň çäklerinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa Hytaý Halk Respublikasynyň Saglygy goraýyş işleri boýunça döwlet komitetiniň başlygynyň orunbasary Zeng Ýisin bilen hem duşuşdy.

Gaznanyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti mähirli kabul edilendigi üçin öz adyndan, şeýle hem türkmen wekiliýetiniň adyndan minnetdarlyk bildirip, saparyň çäklerinde HHR-iň Hökümetiniň wekilleri bilen netijeli duşuşyklaryň geçirilendigini aýtdy.

HHR-iň Saglygy goraýyş işleri boýunça döwlet komitetiniň başlygynyň orunbasary myhmany mähirli mübärekläp, Hytaý bilen Türkmenistanyň arasyndaky netijeli ösdürilýän ynsanperwer gatnaşyklara ýokary baha berdi. Duşuşygyň dowamynda ynsanperwer ulgamda däp bolan türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de çuňlaşdyrylmagynyň maksat edinilýändigi nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, Oguljahan Atabaýewa ýurdumyzyň Hytaýyň saglygy goraýyş ulgamyndaky tejribesine gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.

Zeng Ýisin HHR-iň toplan baý tejribesini we tehnologiýalaryny paýlaşmaga taýýardygyny aýdyp, muňa ählumumy saglygy goraýyş ulgamynyň ösdürilmegine möhüm goşant hökmünde garalýandygyny belledi.

Gazna alyp barýan işinde döwrebap bejeriş usullaryny ulanýar, häzirki zaman lukmançylyk tehnologiýalaryny, çaga lukmançylygy ulgamyndaky öňdebaryjy dünýä tejribesini ornaşdyrýar. Oguljahan Atabaýewa Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamy barada aýdyp, şu ýyl ýurdumyzda «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň ýubileýiniň bellenilýändigini, bu maksatnamanyň 30 ýylyň dowamynda milli saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek üçin binýat bolup hyzmat edendigini aýtdy. Maksatnamanyň çäklerinde häzirki güne çenli döwrebap lukmançylyk edaralarynyň 100-den gowragy, şol sanda hassahanalar, klinikalar, lukmançylyk merkezleri guruldy.

Hytaý tarapy Türkmenistanyň milli saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmekde gazanan üstünliklerine ýokary baha berip, bu ulgamdaky toplumlaýyn maksatnamalaryň durmuşa geçirilişiniň okgunly häsiýetini belledi. Söhbetdeşligiň dowamynda lukmançylyk işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak ulgamynda HHR bilen hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine seretmäge gyzyklanma bildirildi. Şunuň bilen bir hatarda, O.Atabaýewa çagalarda onkologik we genetik keselleri bejermek boýunça hytaý tarapynyň tejribesini öwrenmäge taýýardygyny beýan etdi. Öz gezeginde, hytaý tarapynyň wekili bu möhüm ugurlarda tejribe paýlaşmaga hem-de bilelikdäki ylmy-barlag işlerini geçirmäge taýýardyklaryny tassyklap, çylşyrymly çaga keselleri bilen göreşmek üçin halkara hyzmatdaşlygyň zerurdygyna ünsi çekdi.

Duşuşygyň ahyrynda söhbetdeşler lukmançylygyň hemişe ösýän we kämilleşýän ulgamdygyny nygtap, saglygy goraýyş ulgamynda netijeli dialogyň mundan beýläk-de dowam etdiriljekdigine ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Saparyň çäklerinde ýurdumyzyň wekiliýetiniň agzalary Hytaýyň Sun Sinlin adyndaky ylmy-tehniki we medeni gatnaşyklar boýunça ýaşlar merkezine baryp gördüler. Bu ýerde myhmanlary Hytaýyň Sun Sinlin adyndaky gaznasynyň başlygynyň orunbasary hanym Şen Beili mähirli garşylady.

Merkez bilen tanyşlyk onuň köpugurly işini beýan edýän wideoşekilleriň görkezilmegi bilen başlandy. Ylmy wagyz etmek, tehniki ukyp-başarnyklary ösdürmek, medeni alyşmalar, ösüp gelýän ýaş nesli dostluk hem-de hyzmatdaşlyk ruhunda terbiýelemek merkeziň işiniň esasy ugurlary bolup durýar.

Soňra türkmen wekiliýeti merkezdäki çagalar bakja-bagynda bilim we terbiýe bermegiň döwrebap usullary, çagalaryň sazlaşykly ösmegi üçin döredilen şertler bilen tanyşdylar. Hususan-da, bu ýerde körpelere interaktiw enjamlar arkaly fizikanyň we mehanikanyň başlangyç kanunlary barada düşünje berilýär. Munuň özi çagalaryň ownuk hem iri motorikasyny ösdürmäge ýardam berýär. Bölümiň “Ýagtylyk we reňkler” atly zolagynda çagalar ýörite ekranlarda şöhle bilen surat çekýärler. Şeýle oýunlar olaryň döredijilik ukyplaryny ösdürýär. “Tebigatyň owazlary” atly zolakda çagalar sesler dünýäsi bilen tanyşýarlar. Olar dürli jandarlaryň seslerini diňleýärler, adaty bolmadyk saz gurallarynda dürli owazlary döredýärler. Bu bolsa çagalaryň aýdym-saz ukyplaryny ösdürmäge ýardam berýär.

Türkmenistanda-da Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň we 150 orunlyk inklýuziw çagalar bagynyň hereket edýändigini bellemek gerek. Olarda mümkinçiligi çäkli çagalaryň döwrebap bilim almaklary, saglyklaryny dikeltmekleri, jemgyýete doly derejede goşulyşmaklary üçin tagallalar edilýär.

Çagalar bakja-bagy bilen tanyşlykdan soňra, Oguljahan Atabaýewa merkeziň “Innowasiýalar giňişligi” bölümine baryp gördi. Bu ýerde çagalar programmirlemegiň we konstruktorçylygyň esaslaryny özleşdirip, robot nusgalaryny döredýärler. Mundan başga-da, çagalar 3D, sanly modelirleme, emeli aň ugurlary boýunça bilim alýarlar. Şeýle hem bu ýerde asman jisimlerini öwrenmek bölümi ýerleşýär. Ol çagalaryň astronomiýa, tebigy ylymlara höwesini artdyrmaga ýardam berýär.

Merkezde türkmen wekiliýeti çaga attraksionlar toplumy bilen tanyşdyryldy. Bu toplum çagalar üçin diňe bir güýmenje bolman, eýsem, olaryň fiziki işjeňligini ösdürmäge hem kömek edýär. Merkez bilen tanyşlygyň dowamynda haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti bu ýerde bilim alýan çagalar bilen ýadygärlik surata düşdi we olara sowgatlary gowşurdy.

Şeýle hem bu ýerde türkmen wekiliýetiniň hormatyna Hytaýyň gadymy çaý taýýarlamak sungaty görkezildi. Hytaý halkynyň bu däbi çaýdan lezzet almak bilen bir hatarda, onuň filosofiýasyna düşünmäge-de mümkinçilik berýär. Şunuň bilen baglylykda, türkmen medeniýetinde hem çaýa aýratyn ornuň degişlidigini nygtamak gerek. Halkymyz döwlet ähmiýetli möhüm meseleleri hemişe çaý başynda maslahatlaşypdyr. Çaý başynda söhbet etmek adamlaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam edýär. Mundan başga-da, çaý adam saglygyna berýän peýdasy bilen meşhurdyr. Adaty hem-de halk lukmançylygynda çaý bedeniň kesellere garşy durnuklylygyny pugtalandyrmak üçin serişde hökmünde ulanylýar.

Merkezde Hytaýyň milli medeniýeti we medeni mirasy bilen tanyşdyrýan bölüm hem hereket edýär. Interaktiw sapaklar arkaly milli medeniýeti gorap saklamak, wagyz etmek bu bölümiň esasy wezipesi bolup durýar. Bölümde ýokary hünär derejeli mugallymlar çagalara milli medeniýetiň dürli ugurlary, şol sanda kalligrafiýa, şekillendiriş sungaty, küşt, keşdeçilik sungaty boýunça sapak berýärler.

Mälim bolşy ýaly, 2023-nji ýylyň oktýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň maşgalasy Ogulgerek Berdimuhamedowa Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň maşgalasy Pen Liýuan bilen duşuşypdy. 2024-nji ýylda bolsa Hytaýyň Halk syýasy konsultatiw geňeşiniň Ählihytaý komitetiniň başlygynyň orunbasary hanym Şen Ýueýueniň ýurdumyza saparynyň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideriniň agtygy Aýjereniň pandanyň şekili esasynda taýýarlan keşdesini HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň maşgalasyna gowşuryp bermegini ondan haýyş edendigini ýatlamak ýakymlydyr.

Türkmen zenanlary çeper elleri bilen ajaýyp halylary, keşdeleri döredýärler. Olaryň bu döredijiligi gaýtalanmajak ussatlygyň we irginsiz zähmetiň aýdyň nyşanydyr. Asyrlaryň dowamynda bu sungat eneden gyza, nesilden-nesle geçirilipdir we özboluşly terbiýe mekdebine öwrülipdir. Edep-terbiýe, ýokary medeniýetlilik, belent adamkärçilik, kiçä sylag, ula hormat goýmak halkymyza mahsus ýörelgelerdir. Ýurdumyzda gender deňligini üpjün etmek, maşgala gymmatlygyny saklamak, çagalaryň berk bedenli, ylymly-bilimli bolup ýetişmekleri hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

...Merkez bilen tanyşlygyň dowamynda Hytaýyň Min we Sin nesilşalyklarynyň zenan lybaslary, taryhy şaý-sepleri görkezildi. Şeýle hem bu ýerde hytaý operasyndan parçalar ýerine ýetirildi. Munuň özi özboluşlylygy bilen tapawutlanýan gadymy hytaý sungatynyň dünýäsine aralaşmaga mümkinçilik berdi.

Tanyşlygyň ahyrynda Oguljahan Atabaýewa merkeze mundan beýläk-de netijeli işlemegi arzuw edip, bu ýerde dostlugyň nyşany hökmünde ýadygärlik ýazgy galdyrdy.

Ýurdumyzyň wekiliýetiniň HHR-e saparynyň çäklerinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa bilen Hytaýyň Sun Sinlin adyndaky gaznasynyň başlygy hanym Li Biniň arasynda duşuşyk geçirildi. O.Atabaýewa Hytaýa gelmäge çakylyk, şeýle hem bildirilen myhmansöýerlik üçin minnetdarlygyny beýan edip, geljek üçin anyk taslamalary ara alyp maslahatlaşmak, Sun Sinlin adyndaky gaznasynyň işi bilen ýakyndan tanyşmak üçin dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdi.

Hanym Li Bin Oguljahan Atabaýewany Sun Sinlin adyndaky gaznanyň adyndan mähirli mübärekläp, çakylygy kabul edendigi üçin hoşallygyny beýan etdi hem-de şu gezekki saparyň gyzyklanma bildirilýän ähli ugurlar, şol sanda bilim we çagalaryň saglygyny goramak ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Sun Sinlin adyndaky gaznanyň başlygy hytaý we türkmen halklarynyň gadym döwürlerden bäri dostlukly gatnaşyklary saklap gelýändiklerini aýtdy we 2023-nji ýylda Gahryman Arkadagymyzyň “Bir guşak, bir ýol” sammitine gatnaşmagynyň, hormatly Prezidentimiziň “Merkezi Aziýa — Hytaý” sammitlerine gatnaşmagynyň, olaryň çäklerinde HHR-iň Başlygy Si Szinpin bilen geçiren duşuşyklarynyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmekdäki möhüm ähmiýetini aýratyn belledi.

Oguljahan Atabaýewa hanym Sun Sinliniň şahsyýet hökmünde ýerine ýetiren işleriniň özünde uly täsir galdyrýandygyny aýdyp, ýurtlaryň we halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklaryň ilerledilmeginiň, parahatçylygy saklamagyň türkmen hem-de hytaý halklaryna mahsus ýörelgelerdigini nygtady. Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Hytaý Türkmenistanyň ýakyn hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar. Ýurtlarymyz syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler. Şunuň bilen baglylykda, iki gaznanyň hyzmatdaşlygy arkaly türkmen-hytaý ynsanperwer gatnaşyklaryny täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmak üçin mümkinçilikleriň bardygyna ynam bildirildi.

“Sun Sinlin adyndaky gazna halkara gatnaşyklary ilerletmekden başga-da, zenanlaryň we çagalaryň saglygyny goramaga aýratyn üns berýär, medeniýeti wagyz etmek, ylym-bilim gatnaşyklaryny pugtalandyrmak ugrunda çykyş edýär. Bu ugurlaryň köpüsi biziň üçin hem örän möhümdir. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda gaznamyzyň alyp barýan işi adamyň saglygyny we ösüşini ileri tutup, munuň üçin amatly şertleri döretmäge gönükdirilendir” diýip, Oguljahan Atabaýewa aýtdy we şu ýylyň 29-njy martynda gaznanyň döredilmeginiň dört ýyllygy mynasybetli Arkadag şäherinde «Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň hatyrasyna halkara işiniň ösüşi» atly halkara maslahatyň geçirilendigini belledi. Bu maslahata hanym Şen Beiliniň ýolbaşçylygyndaky Sun Sinlin adyndaky gaznanyň wekiliýeti hem gatnaşdy. Forumyň dowamynda halkara ynsanperwer hyzmatdaşlygy, hususan-da, eneligi we çagalygy goramak ulgamynda özara hereketleri ösdürmek boýunça pikir alşyldy.

Hanym Li Bin bu halkara forumyň ähmiýetini nygtap, hytaý tarapyna türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi.

Duşuşykda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň işi hem-de onuň döredilen gününden bäri saglygy goraýyş, durmuş üpjünçiligi, ylym we bilim ulgamlarynda köp netijeli maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilendigi barada bellenildi. Gazna lukmançylyk bejergisine mätäç, şeýle hem ene-atasynyň howandarlygyndan jyda düşen çagalara kömek bermäge aýratyn üns berýär. Çünki ösüp gelýän nesliň saglygy we abadançylygy baradaky alada durnukly geljegiň kepilidir. Oguljahan Atabaýewa gaznanyň öz işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegi maksat edinýändigini we tejribe alyşmaga gyzyklanma bildirýändigini aýdyp, türkmen tarapynyň durmuş ugurly taslamalara seretmäge taýýardygyny tassyklady.

Hanym Li Bin ýaş nesliň saglygyny goramaga, olara ýokary hilli inklýuziw bilim almak üçin mümkinçilikleri döretmäge gönükdirilen bilelikdäki taslamalar arkaly iki gaznanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň jemgyýetde abadançylygy pugtalandyrmaga ýardam berjekdigine ynam bildirdi.

Soňra Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy bilen Hytaýyň Sun Sinlin adyndaky gaznasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

Saparyň çäklerinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa Hytaýyň Halk syýasy konsultatiw geňeşiniň Ählihytaý komitetiniň başlygynyň orunbasary, ŞHG-niň Hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk we hyzmatdaşlyk boýunça komitetiniň başlygy hanym Şen Ýueýue bilen duşuşdy.

Hanym Şen Ýueýue myhmany mähirli mübärekläp, türkmen wekiliýetiniň şu saparynyň gözbaşyny gadymy Beýik Ýüpek ýolundan alyp gaýdýan mizemez türkmen-hytaý dostlugynyň aýdyň güwäsi bolup durýandygyny nygtady hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýardam bermeginde ýurtlarymyzyň arasyndaky ynsanperwer hyzmatdaşlygyň hil taýdan täze derejä çykarylýandygyna ýokary baha berdi. Şeýle hem Hytaýyň Halk syýasy konsultatiw geňeşiniň Ählihytaý komitetiniň başlygynyň orunbasary 2024-nji ýylda Türkmenistana amala aşyran saparyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny aýdyp, türkmen halkynyň Milli Lideriniň maşgalasy Ogulgerek Berdimuhamedowa mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirmegi haýyş etdi.

Gaznanyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti bildirilen myhmansöýerlik we saparyň ýokary guramaçylyk derejesi üçin Hytaý Halk Respublikasynyň ýolbaşçylaryna minnetdarlyk bildirip, Pekiniň gözelliginiň özünde uly täsir galdyrandygyny aýtdy hem-de mümkinçilikden peýdalanyp, hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň HHR-iň Başlygy Si Szinpine we Döwlet Geňeşiniň Premýeri Li Sýana iberen mähirli salamyny ýetirdi.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan we Hytaý ikitaraplaýyn görnüşde, halkara we sebit düzümleriniň çäklerinde üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler. Ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy pugtalandyrmak, ýurtlaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary giňeltmek meselelerinde iki döwletiň hem çemeleşmeleri gabat gelýär. Iki halkyň arasynda gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan dostlukly gatnaşyklaryň hemmetaraplaýyn ösdürilmeginiň özara maksat edinilmegi munuň üçin esas bolup durýar.

“Biz Hytaýa ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmek ýaly asylly maksat bilen geldik. Häzirki wagtda bu hyzmatdaşlyk ylym, bilim, medeniýet we sport ulgamlarynda üstünlikli alnyp barylýar” diýip, O.Atabaýewa aýtdy we gaznanyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti hökmünde çaganyň saglygyny goramak, inklýuziw bilim, mätäç raýatlara durmuş goldawyny bermek tejribesini öwrenmek babatda hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigini beýan etdi. Bellenilişi ýaly, gazna saglyk meselesi we beýleki durmuş kynçylyklaryna sezewar bolan çagalara kömek bermek üçin milli derejede döwlet düzümleri, jemgyýetçilik guramalary, raýat jemgyýeti bilen bilelikde iş alyp barýar. Şeýle hem Oguljahan Atabaýewa türkmen tarapynyň hytaýly kärdeşleri bilen bilelikde işlemäge we tejribe alyşmaga taýýardygyny nygtap, şu maksat bilen, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hem-de Sun Sinlin adyndaky gaznanyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilendigini aýtdy.

Hanym Şen Ýueýue hytaý tarapynyň gol çekilen Ähtnamany ýurtlarymyzyň iň gymmatly baýlygy bolan çagalaryň bähbidine iş ýüzünde durmuşa geçirmek üçin ähli tagallalary etjekdigini nygtady. Duşuşygyň ahyrynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa we Hytaýyň Halk syýasy konsultatiw geňeşiniň Ählihytaý komitetiniň başlygynyň orunbasary Şen Ýueýue birek-birege berk jan saglyk, rowaçlyk, alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdiler.

Saparyň çäklerinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň Şanhaý şäheriniň häkimi Gun Çžen bilen duşuşygy boldy. Gun Çžen O.Atabaýewany mähirli mübärekläp, bu duşuşygyň özi üçin uly hormatdygyny belledi hem-de türkmen wekiliýetiniň Hytaýa saparynyň iki ýurduň ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlygyny hil taýdan täze derejä çykarjakdygyna ynam bildirdi.

Gaznanyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti myhmansöýerlik üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky gatnaşyklaryň baý taryhynyň bardygyny belledi. Häzirki wagtda bu gatnaşyklar ugurlaryň giň gerimi boýunça yzygiderli ösdürilýär.

Oguljahan Atabaýewa gaznanyň alyp barýan işi barada aýdyp, çagalaryň saglygy we abadan durmuşy baradaky aladanyň Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen bu düzümiň esasy wezipesidigini belledi. Ol türkmen wekiliýetiniň Hytaýa şu gezekki saparynyň halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilendigini aýdyp, Hytaýyň söwdada we ykdysadyýetde ygtybarly hyzmatdaş bolmak bilen bir hatarda, lukmançylyk, tehnologiýalar ulgamlarynda hem öňdebaryjy orunlaryň birini eýeleýändigine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, Hytaýyň saglygy goraýyş ulgamynda, hususan-da, çaganyň saglygyny goramak, sagaldyş-dikeldiş ugurlarynda toplan tejribesine gyzyklanma bildirildi.

Şanhaý şäheriniň häkimi gaznanyň alyp barýan işiniň geriminiň, şeýle hem onuň ynsanperwer ýörelgelere, umumadamzat gymmatlyklaryna ygrarlylygynyň özünde uly täsir galdyrandygyny aýtdy. Duşuşygyň ahyrynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa we Şanhaý şäheriniň häkimi Gun Çžen bu ugurdaky dialogyň çagalaryň bähbidine mundan beýläk-de dowam etdiriljekdigini nygtap, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Şeýlelikde, zenanlardan ybarat türkmen wekiliýetiniň HHR-e sapary saglygy goraýyş, bilim ulgamlarynda türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň işjeň ösdürilýändiginiň aýdyň beýany boldy.

31.08.2025

Türkmenistanyň Mejlisinde şu ýylyň ýanwar-awgust aýlarynyň netijelerine bagyşlanan maslahat geçirildi

 

2025-nji ýylyň 30-njy awgustynda Türkmenistanyň Mejlisinde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynyň ýanwar-awgust aýlarynda ýurdumyzyň kanunçylygyny milli ýörelgelere we halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda kämilleşdirmekde alnyp barlan işleriň netijelerine bagyşlanan maslahat geçirildi. 

Maslahatda Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynyň ähli ugurlarynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleri kanunçylyk taýdan üpjün etmek boýunça öňde goýan wezipelerinden ugur alnyp, degişli işleriň yzygiderli durmuşa geçirilýändigi bellenildi.

Şu ýylyň ýanwar-awgust aýlarynda ýurdumyzyň durmuşynyň dürli ugurlaryna degişli jemgyýetçilik gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän hem-de döwletimiziň daşary syýasat başlangyçlaryny hukuk taýdan goldamak bilen baglanyşykly Türkmenistanyň kanunlarynyň 15-si, şol sanda «Türkmenistanyň Raýat kodeksini tassyklamak we herekete girizmek hakynda», «Kazyýet hakynda», «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda», «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny döretmek hakynda», «1966-njy ýylyň Ýük markalary hakynda Halkara konwensiýasyna degişli 1988-nji ýylyň Teswirnamasyna goşulmak hakynda» Türkmenistanyň kanunlary, şeýle hem Mejlisiň kararlarynyň 11-si kabul edildi.

Maslahatda Mejlisde döredilen iş toparlarynda raýatlaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramak, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda, şol sanda ylym, bilim, saglyk, hem-de daşary syýasat işi babatynda hereket edýän birnäçe kanunlary döwrüň talabyna laýyklykda kämilleşdirmek boýunça alnyp barlan işler barada çykyşlar diňlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygyna, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine taýýarlyk görmek barada öňde goýan wezipelerini ýerine ýetirmek boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň Halk Maslahaty, Ministrler Kabineti, şeýle hem degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, häkimlikler, iri jemgyýetçilik birleşikleri bilen bilelikde alnyp barylýan degişli taýýarlyk işleri barada çykyşlar diňlenildi.

Maslahatda halkara guramalar bilen ýola goýlan netijeli gatnaşyklary ösdürmek we parlamentara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hem durlup geçildi. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýakyndan ýardam bermeginde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň we onuň çäklerinde  geçirilen  Parlament forumynyň ýurdumyzyň  parahatçylyk döredijilik we bitaraplyk ýörelgelerini wagyz etmekde hem-de dünýä  ýaýmakda, şeýle hem  parlamentara gatnaşyklary ösdürmekde möhüm ähmiýeti bellenip geçildi. 

Şeýle hem, maslahatda Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda gazanylýan üstünlikleri, ýetilen beýik sepgitleri, ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygynyň, hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň taryhy, syýasy-jemgyýetçilik ähmiýeti, ýurdumyzyň halkara giňişliginde öňe sürýän başlangyçlaryny wagyz etmekde, kabul edilen kanunlaryň many-mazmunyny halk köpçüligine düşündirmekde durmuşa geçirilýän işler ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de bu işleri dowam etdirmek boýunça öňde durýan wezipeler kesgitlenildi.

Maslahata gatnaşyjylar döwletimiziň hukuk esaslaryny yzygiderli pugtalandyrmak, ýurdumyzda amala aşyrylýan syýasy, ykdysady we medeni özgertmeleriň kanunçylyk binýadyny berkitmek barada ähli tagallalary etjekdiklerine Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, Gahryman Arkadagymyzy ynandyrdylar.

30.08.2025

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň sekiz aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa milli parlamentiň şu ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzy syýasy, durmuş-ykdysady, medeni taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalardan we Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň ýörelgelerinden ugur alnyp, şeýle hem degişli ministrliklerden, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryndan gelip gowşan teklipleriň esasynda, şu geçen döwürde Türkmenistanyň Kanunlarynyň 15-si kabul edildi. Şolaryň hatarynda “Türkmenistanyň Raýat kodeksini tassyklamak we herekete girizmek hakynda”, “Kazyýet hakynda”, “Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda”, “Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna” atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny döretmek hakynda”, “Ýük markalary hakynda halkara konwensiýa degişli Teswirnama goşulmak boýunça” Türkmenistanyň Kanunlary bar. Şunuň bilen birlikde, döwrüň talaplaryndan ugur alnyp, jenaýat, arbitraž, raýat we jenaýat iş ýörediş, maşgala, zähmet gatnaşyklary, salgytlar, administratiw önümçilik, awtomobil ulagy, migrasiýa, içeri işler edaralary, gümrük meseleleri bilen baglanyşykly hereket edýän käbir kanunçylyk namalaryna degişli üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi. Şeýle hem Mejlisiň kararlarynyň 11-si kabul edildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine taýýarlyk görmek barada beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek boýunça Halk Maslahaty, Ministrler Kabineti, ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, häkimlikler, iri jemgyýetçilik birleşikleri bilen bilelikde degişli taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Bu ugurda welaýatlaryň, etraplaryň, şäherleriň halk maslahatlarynyň işine guramaçylyk-usulyýet taýdan ýardam berilýär.

Daşary ýurt döwletleriniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçileriniň 7-sinden ynanç hatlary kabul edildi. Dünýä döwletleriniň parlamentleriniň, daşary ýurtlaryň Aşgabatdaky wekilhanalarynyň wekilleri bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmak boýunça duşuşyklaryň 47-si geçirildi. Şunuň bilen bir hatarda, Mejlisiň deputatlary we hünärmenleri kanun çykaryjylyk işini kämilleşdirmek, döwlet maksatnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça halkara guramalar bilen bilelikde guralan maslahatlaryň 70-sine gatnaşdylar. Kanun çykaryjylyk işinde tejribe alyşmak maksady bilen, deputatlaryň daşary ýurtlara iş saparlarynyň 24-si guraldy. Gahryman Arkadagymyzyň, döwlet Baştutanymyzyň ýakyndan ýardam bermeginde “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde Parlament forumy guramaçylykly geçirildi we onuň jemleri boýunça Parlament ýüzlenmesi kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine gowy taýýarlyk görmegiň, ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belledi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow şu ýylyň sekiz aýynyň deslapky makroykdysady görkezijileri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň we sebitleriň durnukly ösüşi üpjün edilýär, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesi has-da ýokarlanýar. Görlen toplumlaýyn çäreleriň netijesinde, hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterime deň boldy, şol sanda ösüş depgini senagat pudagynda 1,5 göterime, gurluşykda 7 göterime, ulag-aragatnaşyk pudagynda 11 göterime, söwdada 9,8 göterime, oba hojalygynda 4,9 göterime, hyzmatlar ulgamynda 8,4 göterime deň boldy. Şu ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda, 2024-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 9,9 göterim artyp, ykdysadyýetiň pudaklarynda oňyn önümçilik görkezijileri gazanyldy.

Hasabat döwründe, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, bölek satuw haryt dolanyşygy 13,1 göterim artdy, daşary söwda dolanyşygy 5,5 göterim ýokarlandy. Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 100 göterim, çykdajy bölegi 97,4 göterim ýerine ýetirildi. Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky, 2024-nji ýylyň degişli döwrüne görä, 11,9 göterim ýokarlandy. Zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi. Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 10,8 göterim artdy. Şeýle hem Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde ýerine ýetirilen işler barada hasabat berildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetimiziň makroykdysady görkezijilerini durnukly saklamak boýunça zerur işleri geçirmegiň, býujet we salgyt ulgamyny kämilleşdirmegi dowam etdirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere öňde goýlan wezipeleri üstünlikli amala aşyrmak üçin ministrlikleriň we pudak edaralarynyň önümçilik meýilnamalaryny ýerine ýetirişini yzygiderli seljermegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow ýurdumyzda nebitiň we gazyň çykarylyşyny artdyrmak, olary dünýä bazaryna çykarmagyň ugurlaryny giňeltmek boýunça şu ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri barada hasabat berdi. Wise-premýer nebit we gaz kondensatyny çykarmakda gazanylan tehniki-ykdysady görkezijiler barada hasabat berip, “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan nebit çykarmakda ösüşiň üpjün edilýändigini aýtdy. Konserniň nebiti gaýtadan işleýän zawodlary tarapyndan nebiti gaýtadan işlemek, benzin, dizel ýangyjyny, çalgy ýaglaryny öndürmek, tebigy we ugurdaş gazy çykarmak babatda oňyn netijeler gazanylýar. Şeýle hem suwuklandyrylan gazy öndürmek, mawy ýangyjy daşary ýurtlara ibermek boýunça gazanylan tehniki-ykdysady görkezijiler barada aýdyldy.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň işini has-da kämilleşdirmegiň möhümdigini belläp, wise-premýere nebitgaz senagatyna degişli kärhanalaryň doly güýjünde işledilmegini gazanmak üçin degişli işleri geçirmegi dowam etdirmegi, geologiýa-gözleg we buraw işleriniň netijeliligini has-da ýokarlandyrmagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew gözegçilik edýän toplumynda şu ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, ýurdumyzyň welaýatlarynda oba hojalyk işleriniň geçirilişi barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, oba hojalyk pudagy boýunça önümçiligiň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 110,4 göterime barabar boldy. Bu görkeziji Oba hojalyk ministrligi boýunça 102,4 göterime, Daşky gurşawy goramak ministrligi boýunça 100,9 göterime, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça 133,4 göterime, “Türkmenpagta” döwlet konserni boýunça 119,5 göterime, “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşigi boýunça 103,8 göterime, “Türkmenobahyzmat” döwlet birleşigi boýunça 101,1 göterime, Azyk senagaty döwlet birleşigi boýunça 107,8 göterime, Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşigi boýunça 100,8 göterime, “Türkmen atlary” döwlet birleşigi boýunça 102,5 göterime deň boldy. Maýa goýum serişdelerini özleşdirmegiň meýilnamasy 245,3 göterim ýerine ýetirildi.

Oba hojalyk pudagynda dowam edýän möwsümleýin işleriň çäklerinde ýetişdirilen pagta hasylyny öz wagtynda ýygnap almak, hasyly kabul etmek boýunça degişli taýýarlyk işleri alnyp baryldy. Şunda pagta arassalaýjy kärhanalar, pagta kabul ediş harmanhanalary, pagta daşamakda ulanyljak tehnikalar taýýar edildi. Şeýle hem geljek ýylyň bugdaý hasylynyň düýbüni tutmak boýunça ekiş möwsümine taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Wise-premýer welaýatlarda 2026-njy ýylyň hasyly üçin bugdaý ekişini bellenen möhletlerde, agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, ýokary hilli geçirmek maksady bilen, ussat daýhanlaryň, tejribeli hünärmenleriň, alymlaryň we mehanizatorlaryň gatnaşmagynda tejribe maslahatlaryny geçirmegiň, hormatly ýaşulularyň gatnaşmagynda bugdaý ekişine başlamagyň senesini belläp, oňa ak pata bermegi hormatly Prezidentimizden haýyş etdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda geçirilýän düýpli özgertmeleriň ýokary hilli oba hojalyk önümleriniň möçberini artdyrmaga, azyk bolçulygyny üpjün etmäge gönükdirilendigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýere oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmek boýunça netijeli işleri geçirmegi dowam etdirmegi tabşyrdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, gallaçy daýhanlarymyz üçin möhüm we jogapkärli möwsüm bolan bugdaý ekişiniň ýetip gelendigini, ekişi agrotehniki möhletlerde guramaçylykly geçirmegiň wajypdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň welaýatlarynda 3-nji sentýabrda bugdaý ekişine girişmäge ak pata berip, hormatly ýaşululardan bugdaý ekişine “bismilla” bilen başlap bermeklerini haýyş etdi. Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýurdumyzyň zähmetsöýer gallaçylaryna, ähli oba hojalyk işgärlerine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow gurluşyk we senagat toplumy tarapyndan şu ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe toplum tarapyndan öndürilen önümleriň we işleriň meýilnamasy 107,1 göterim berjaý edildi. Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça öndürilen önümleriň, ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň meýilnamasy 114,1 göterim, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi boýunça 107,8 göterim, Energetika ministrligi boýunça 110,2 göterim ýerine ýetirildi. “Türkmenhimiýa” döwlet konserni boýunça bu görkeziji 103,1 göterime barabar boldy. Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 114 göterim, Aşgabat şäheriniň häkimligi boýunça işleriň meýilnamasy 117,6 göterim berjaý edildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, gurluşyk we senagat toplumy boýunça kärhanalary taslama kuwwatyna çykarmak üçin toplumlaýyn çäreleri görmegiň, täze önümçilikleri ýola goýup, iş orunlaryny döretmegi dowam etdirmegiň möhümdigini belledi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz wise-premýere şu ýyl açylyp ulanmaga beriljek binalaryň we desgalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynyň bellenen möhletlerde tamamlanmagyna berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew gözegçilik edýän ministrliklerinde, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, şeýle hem telekeçilik ulgamynda şu ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Hasabat döwründe Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça söwda dolanyşygynyň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 117,7 göterime, öndürilen önümleriň ösüş depgini 100 göterime barabar boldy. Dokma senagaty ministrligi boýunça önüm öndürmegiň ösüş depgini 104,2 göterim üpjün edildi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, nah ýüplügiň önümçiligi 116,6 göterime, nah matalaryňky 122,7 göterime, gön önümleriniňki 116 göterime deň boldy. “Türkmenhaly” döwlet birleşigi boýunça önüm öndürmegiň ösüş depgini 100,2 göterim üpjün edildi. Hasabat döwründe Döwlet haryt-çig mal biržasy tarapyndan 194 birža söwdasy geçirilip, olarda 18 müň 884 şertnama hasaba alyndy. Şu ýylyň sekiz aýynda Söwda-senagat edarasy boýunça ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 105,5 göterime barabar boldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň bazarlarynyň, söwda nokatlarynyň azyk we beýleki zerur harytlar bilen üpjünçiligini yzygiderli gowulandyrmagyň, söwda toplumynyň işini kämilleşdirmek, hususy ulgamyň önümçiliklerini artdyrmak boýunça zerur çäreleri görmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere eksport edilýän önümleriň mukdaryny köpeltmek boýunça maksatnamalaýyn işleri geçirmegi dowam etdirmegi hem tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa gözegçilik edýän ulgamynda şu ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy, milli senenamamyzda göz öňünde tutulan baýramçylyklar we şanly seneler mynasybetli dürli medeni çärelerdir dabaralar geçirildi. Şu ýylyň 20-nji awgustynda Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda yglan edilen «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleri jemlendi. “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň milli günleri, medeniýet we sungat ussatlarynyň konsertleri ýokary derejede geçirildi. Ýurdumyzyň ýaşlar kamera orkestri Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilen XI Bütindünýä orkestr festiwalyna gatnaşyp, ýokary baýraklara mynasyp boldular. Sungat ussatlarymyz halkara çäreleriň başga-da birnäçesine gatnaşdylar. Şeýle hem kitaphanalar, muzeýler, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri tarapyndan ýerine ýetirilen işler barada hasabat berildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, medeniýet ulgamynyň işini kämilleşdirmek, medeni mirasymyzy giňden wagyz etmek hem-de geljek nesillere ýetirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belledi. Wise-premýer hasabatyny dowam edip, şu ýylyň sentýabr aýynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli maslahatlary, “tegelek stoluň” başyndaky söhbetdeşlikleri, sergileri, döredijilik duşuşyklaryny, wagyz-nesihat çärelerini, aýdym-sazly dabaralary geçirmegiň Tertibi barada aýtdy. Nygtalyşy ýaly, geljek aýda “Nowruz ýaýlasyndaky” “Türkmeniň ak öýi” binasynda zehinli çagalaryň arasynda yglan edilen “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşiginiň, “Aşgabat” aýdym-saz merkezinde “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşiginiň jemleýji tapgyrlarynyň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň baýramçylyk konsertiniň, Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasynyň, welaýatlaryň, Arkadag şäheriniň baş baýdak meýdançalarynda Döwlet baýdagynyň galdyrylyş dabaralarynyň, Döwlet münberiniň öňündäki meýdançada baýramçylyk mynasybetli dabaraly ýörişiň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli sentýabr aýyndaky baýramçylyk çärelerine we Döwlet münberiniň öňünde geçiriljek dabaralara ýokary derejede taýýarlyk görmegiň möhümdigini belledi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz wise-premýere ulanmaga berilýän medeni-durmuş maksatly binalaryň açylyş dabaralaryna gowy taýýarlyk görmegi hem-de olary ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Hasabat döwründe bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen özgertmeler dowam etdirildi. Bilim işinde okatmagyň öňdebaryjy usullary giňden ulanyldy. Okuwçylar, talyplar halkara bilim bäsleşiklerine işjeň gatnaşyp, uly üstünlikleri gazandylar. Tomusky dynç alyş möwsüminde çagalaryň göwnejaý dynç alşy üpjün edildi, halkara ylmy-amaly, okuw-usuly maslahatlar, olimpiadalar, “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” şygary astynda bilim işgärleriniň maslahaty geçirildi.

Ylym ulgamyny kämilleşdirmek boýunça işler hem meýilnamalaýyn esasda alnyp baryldy. Ylmyň we tehnologiýalaryň ileri tutulýan ugurlary boýunça ylmy temalaryň ýerine ýetirilişi utgaşdyryldy. Ylmyň ugurlary boýunça dalaşgärler aspirantura, doktorantura kabul edildi. Alymlyk derejesine dalaşgärler hasaba alyndy, dissertasiýalar goraldy. Şeýle hem öňüni alyş-bejeriş işleriniň öňdebaryjy usullary amaly lukmançylyga ornaşdyryldy. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna näsag çagalara operasiýalar we bejergiler amala aşyryldy. “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň 30 ýyllygy mynasybetli dürli çäreler, şol sanda Aşgabat we Arkadag şäherlerinde, welaýat merkezlerinde “Saglyk” Döwlet maksatnamasy hereketde” atly amaly maslahatlar geçirilip, zähmetde aýratyn tapawutlanan saglygy goraýyş işgärlerine Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň adyndan sowgatlar gowşuryldy.

Hasabat döwründe bedenterbiýäni, sporty ösdürmek, ussat türgenleri taýýarlamak boýunça işler hem dowam etdirildi. Sportuň milli we guşakly alyş göreşi, küşt boýunça 8, 10 we 12 ýaşly türgenleriň arasynda halkara ýaryşlar guramaçylykly geçirildi. Bu döwürde ýurdumyzyň türgenleri 640 sany medal gazandylar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli çärelere gowy taýýarlyk görmegiň hem-de olary ýokary derejede geçirmegiň wajypdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen, 1-nji synpa kabul edilýän mekdep okuwçylaryna Gahryman Arkadagymyzyň adyndan döwrebap kompýuterleri sowgat bermäge taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow şu ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda Daşary işler ministrliginiň alyp baran işleriniň netijeleri barada hasabat berdi. Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy ugruny yzygiderli durmuşa geçirmek, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde dostlukly gatnaşyklary, netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek, döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklaryny we öňde goýan wezipelerini ýerine ýetirmek maksady bilen, hasabat döwründe degişli işler geçirildi.

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary pugtalandyrmakda ýokary derejedäki saparlara hem-de duşuşyklara aýratyn orun degişlidir. Bellenilişi ýaly, ýylyň başyndan bäri hormatly Prezidentimiz Özbegistan Respublikasyna, Russiýa Federasiýasyna, Gazagystan Respublikasyna iş saparlaryny, Ýaponiýa sapary, şeýle hem Mongoliýa döwlet saparyny amala aşyrdy. Hasabat döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Monako Knýazlygyna, Gazagystan Respublikasyna, Gyrgyz Respublikasyna, Özbegistan Respublikasyna, Fransiýa Respublikasyna, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna, Azerbaýjan Respublikasyna saparlary guraldy.

Awgust aýynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak maksady bilen, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň, San-Tome we Prinsipiniň, Ermenistanyň Prezidentleri, Eswatininiň Patyşasy, Liwiýa Döwletiniň Prezident Geňeşiniň Başlygy Türkmenistanda saparda boldular. Şu ýylyň 22-nji awgustynda geçirilen ýokary derejeli Türkmenistan — Azerbaýjan — Özbegistan üçtaraplaýyn duşuşygyna gatnaşmak üçin Azerbaýjanyň we Özbegistanyň Prezidentleri ýurdumyza sapar bilen geldiler. Şeýle hem hasabat döwründe Gruziýanyň, Azerbaýjanyň, Nepalyň, Mali Respublikasynyň, Uganda Respublikasynyň Premýer-ministrleriniň, Gyrgyz Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Türkmenistana saparlary boldy. Şunuň bilen birlikde, Eýranyň birinji wise-prezidenti, Gambiýanyň we Malawiniň wise-prezidentleri ýurdumyza sapar bilen geldiler.

Abraýly sebitara, halkara guramalar bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, ýylyň başyndan bäri Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Halkara sergiler býurosynyň, Türki Döwletleriň Guramasynyň, Türki medeniýetiň halkara guramasynyň, Halkara awtomobil ulaglary birleşiginiň Baş sekretarlarynyň, beýleki halkara guramalaryň ýolbaşçylarynyň we wekilleriniň ýurdumyza saparlarynyň bolandygy bellenildi.

Şu ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda daşary ýurt wekiliýetleriniň Türkmenistana, ýurdumyzyň wekiliýetleriniň daşary ýurtlara amala aşyran saparlary daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilýändiginiň aýdyň güwäsidir. Sanly ulgam arkaly dürli derejedäki duşuşyklaryň 386-sy geçirildi. Şeýle hem ýurdumyzda daşary ýurt döwletleriniň we halkara guramalaryň wekilleri bilen resmi gepleşiklerdir duşuşyklaryň 1 müň 813-si guraldy. Ýylyň başyndan bäri Türkmenistanyň halkara gatnaşyklarynyň şertnama-hukuk binýadynyň üsti resminamalaryň 117-si bilen ýetirildi. Daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça duşuşyklar yzygiderli guralýar. Hasabat döwründe Daşary işler ministrlikleriniň arasynda ikitaraplaýyn geňeşmeleriň birnäçesi geçirildi. Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça ýokary wekili — Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti hem-de halkara hyzmatdaşlyk boýunça Ýewropa komissary bilen duşuşyklar geçirildi. Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynda ilçihanalar arkaly diplomatik gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly ähmiýet berilýär. Hasabat döwründe bu ugurdaky işler hem yzygiderli dowam etdirildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, dünýä ýurtlary bilen söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer, ylym-bilim ulgamlaryndaky gatnaşyklary yzygiderli berkitmegiň möhümdigine ünsi çekdi we wise-premýer, daşary işler ministrine abraýly halkara guramalar bilen gatnaşyklary ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň nobatdaky 80-nji sessiýasynda Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlary barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, BMG bilen strategik hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygy nygtaldy. Häzirki wagtda Daşary işler ministrligi tarapyndan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji ýubileý sessiýasyna taýýarlyk görmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Döwlet Baştutanymyzyň halkara hem-de sebitleýin syýasy giňişlikde öňe sürýän başlangyçlary esasynda ýokarda agzalan sessiýa öňümizdäki syýasy ýyl üçin Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlary taýýarlanyldy.

Bu möhüm resminama esasy ugurlaryň birnäçesinden ybaratdyr. Şunda ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmek möhüm ugurlaryň hatarynda kesgitlenildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasyna parahatçylygy we durnuklylygy berkitmegiň wajyp tapgyry hökmünde garaýandygy bellenildi. Bu ugurda ýurdumyz köp ýyllaryň dowamynda BMG-niň we onuň düzüm birlikleriniň çäginde birnäçe başlangyçlary öňe sürdi. Şolaryň hatarynda 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly”, 2023-nji ýyly “Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly” diýip yglan etmek hakyndaky Kararnamalary görkezmek bolar. Türkmenistan tarapyndan Baş Assambleýanyň nobatdaky sessiýasynda Parahatçylyk we howpsuzlyk üçin bitaraplygyň ýörelgelerini berjaý etmek we durmuşa geçirmek boýunça ýörite gollanmany taýýarlamaga işjeň gatnaşyp, BMG-niň Parahatçylyk üçin araçylyk palatasyny döretmek maksady bilen, geňeşmeleri geçirmek göz öňünde tutulýar.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň gün tertibine ilkinji gezek “Bitaraplyk — parahatçylygyň we howpsuzlygyň hatyrasyna” atly bent girizilip, onuň çäklerinde “Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüş prosesini goldamakda hem-de berkitmekde bitaraplyk syýasatynyň orny we wajyplygy”, şeýle hem döwletimiziň halkara jemgyýetçilikde araçylyk tagallalaryna goşýan goşandy hökmünde “Halkara araçylyk güni” atly Kararnamalaryň taslamalaryny hödürlemek teklip edilýär.

Dünýä halklarynyň arasynda özara ynamy berkitmek maksady bilen, Türkmenistan ÝUNESKO-nyň we Siwilizasiýalar bileleşiginiň howandarlygynda “Merkezi Aziýa — parahatçylykly ýaşaýşy gurmagyň giňişligi” atly halkara forumy, şol sanda parahatçylygyň, ynanyşmagyň we birek-birege hormatyň medeniýeti boýunça bütindünýä sammitini geçirmegi teklip edýär. Bu sammitiň netijesinde ählumumy we döwletleriň arasynda hyzmatdaşlygyň meselelerini bilelikde çözmek ýörelgeleriniň esasyny düzýän “Halkara ynanyşmak kodeksini” işläp taýýarlamaga çagyryş beýan ediler.

Türkmenistan durnukly ösüş, ulag, energetika ulgamlarynda-da netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berýär. Hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän başlangyçlary esasynda ýurdumyz dünýä derejesinde ulag diplomatiýasynyň öňdebaryjy merkezi hökmünde çykyş edýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan Baş Assambleýanyň ýubileý sessiýasynda 2026 — 2035-nji ýyllar üçin «BMG-niň Durnukly ulag boýunça onýyllygyny» yglan etmek baradaky Kararnamany öňe sürer. Bu başlangyç ulag ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy berkitmäge, täze geçelgeleri döretmäge we ähli ýurtlaryň, şol sanda deňze çykalgasy bolmadyk döwletleriň ulag ulgamyna elýeterliligini üpjün etmäge mümkinçilik berer. Dünýä bazarlaryny energiýa serişdeleri bilen üpjün etmek, önüm öndürijileriň, üstaşyr geçirijileriň we sarp edijileriň arasyndaky gatnaşyklaryň sazlaşykly bolmagyny gazanmak maksady bilen, Türkmenistan “Durnukly ösüşi üpjün etmekde ygtybarly we durnukly energiýa birikmesiniň esasy orny” atly Kararnamanyň taslamasyny hödürlär. Bu başlangyç ýurdumyzyň açyk we ygtybarly energiýa akymlarynyň emele gelmegine, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň dünýä ulgamyna goşulmagyna ýardam eder. Sanly ulgamda halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň parahatçylyga we ösüşe hyzmat etmegini gazanmak üçin Türkmenistan BMG-niň howandarlygynda Dünýä sanly integrasiýa platformasyny döretmek baradaky başlangyç bilen çykyş eder.

Ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasy, onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlarynyň biri hem ekologik howpsuzlygy üpjün etmek, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek, suw serişdelerinden rejeli peýdalanmak bilen baglanyşyklydyr. Hormatly Prezidentimiziň bu ugurdaky başlangyçlary dünýä bileleşiginiň giň goldawyna eýe bolýar. Şolaryň esasynda ýurdumyz Merkezi Aziýada çölleşmä garşy göreşmek boýunça sebit merkezini döretmegi teklip eder. Bu merkez topragyň we ekoulgamyň goragyny güýçlendirmek hem-de ýurtlaryň bilelikdäki tejribesini toplamak üçin köptaraplaýyn meýdança bolup hyzmat eder. Şeýle hem Amyderýanyň we Syrderýanyň basseýnleri boýunça sebitleýin konwensiýalaryň taýýarlanylmagy möhüm ugurlaryň biri bolup durýar. Bu konwensiýalar serhetara suw serişdelerini netijeli we adalatly ulanmak üçin ygtybarly halkara hukuk esasyny emele getirer.

Merkezi Aziýanyň daşky gurşaw meselelerine strategik çemeleşmegiň möhüm ädimi hökmünde Türkmenistan Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini döretmek baradaky teklibini iş ýüzünde amala aşyrmagy dowam eder. Mundan başga-da, Merkezi Aziýa döwletleri bilen bilelikde BMG-niň Aral deňziniň basseýni üçin Ýörite maksatnamasyny döretmek we onuň wezipelerini durmuşa geçirmek boýunça yzygiderli, meýilnamalaýyn işleri alyp barmak göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen bir hatarda, Hazar deňziniň dünýä derejesindäki ähmiýetini göz öňünde tutup, hormatly Prezidentimiziň öňe süren “Hazar ekologik başlangyjynyň” çäginde 2026-njy ýylda ikinji Hazar ekologiýa forumyny geçirmek teklip edilýär.

Ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyk hem Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlarynyň hatarynda beýan edildi. Döwlet Baştutanymyzyň bu ulgamdaky başlangyçlaryndan ugur alyp, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynyň çäginde «Zenanlar, parahatçylyk we howpsuzlyk» mowzugy boýunça halkara maslahaty geçirmek göz öňünde tutulýar. Mundan başga-da, ýaşlaryň halkara gatnaşyklarda we parahatçylykly başlangyçlarda işjeňligini artdyrmak, Merkezi Aziýanyň ýaşlar dialogynyň işini giňeltmek maksady bilen, Baş Assambleýanyň 80-nji sessiýasynda Aşgabatda ýaş parahatçylyk gurujylary taýýarlajak sebitleýin platformany döretmek başlangyjy öňe sürler. Medeniýetleriň arasyndaky dialogy ösdürmek, BMG-niň Baş Assambleýasynyň halkara gatnaşyklarda köp dilliligi goldamak baradaky Kararnamalaryny durmuşa geçirmek üçin “Köp dilli diplomatiýanyň halkara gününi” yglan etmek boýunça başlangyjy öňe sürmek, şol sanda “Parahatçylygyň we ösüşiň esasy hökmünde Beýik Ýüpek ýolunyň medeni mirasy” atly Kararnamany taýýarlamak teklip edilýär.

Döwlet Baştutanymyzyň başlangyçlary esasynda Türkmenistan hukuk ulgamynda BMG bilen hyzmatdaşlyk babatda halkara hukugyň orny we ähmiýeti barada möhüm teklipleri yzygiderli öňe sürýär. Şolaryň biri hem 2028-nji ýyly “Halkara hukugyň ýyly” diýip yglan etmek bilen baglanyşyklydyr. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyz geljekki ýyllarda BMG-niň düzüminiň degişli geňeşlerinde agza hökmünde işjeň çykyş eder, şeýle hem 2031-2032-nji ýyllarda Howpsuzlyk geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna we beýleki saýlawly wezipelere ýurdumyzyň saýlanmagy boýunça taýýarlyk işleri dowam etdiriler.

Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynda ileri tutýan garaýyşlaryny Birleşen Milletler Guramasynyň Sekretariatyna ibermek, olary bu guramanyň agza ýurtlarynyň arasynda beýan etmek we agzalan resminamanyň mazmuny barada milli we halkara köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde maglumatlary ýerleşdirmek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen birlikde, bu babatda şu ýylyň 30-njy awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda ýurdumyzda işleýän diplomatik we halkara guramalaryň wekilhanalarynyň gatnaşmagynda brifingi geçirmek meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biriniň Birleşen Milletler Guramasy bilen köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmekden ybaratdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasyna gowy taýýarlyk görmegiň möhümdigini belledi we hödürlenen teklibi makullap, wise-premýer, daşary işler ministrine degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Çakyýew gözegçilik edýän düzümlerinde şu ýylyň sekiz aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri barada hasabat berdi. Hasabat döwründe ulag-kommunikasiýa toplumy boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 113,6 göterime deň boldy. Awtomobil, demir ýol, howa, deňiz we derýa ulaglary arkaly ýük daşamagyň meýilnamasy 101,5 göterim, ýolagçy gatnatmagyň meýilnamasy 103,6 göterim berjaý edildi.

Şu ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda Demir ýol ulaglary ministrligi boýunça ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüş depgini 105 göterime, Awtomobil ulaglary ministrligi boýunça hyzmatlaryň ösüş depgini 111,9 göterime, “Türkmenhowaýollary” döwlet gullugynyň ösüş depgini 114,4 göterime, Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy boýunça bu görkeziji 107,3 göterime, Aragatnaşyk ministrligi boýunça bolsa 120 göterime barabar boldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ulag-aragatnaşyk toplumynyň öňünde goýlan wezipeleri doly ýerine ýetirmek üçin toplumyň işini döwrüň talaplaryna görä yzygiderli kämilleşdirip durmagyň möhümdigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere ýolagçy we ýük dolanyşygynyň möçberini artdyrmagy, halkara üstaşyr ulag gatnawlary üçin amatly şertleri döretmek boýunça degişli işleri geçirmegi dowam etdirmegi tabşyrdy.

Soňra döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, ýurdumyzda şu ýylyň sekiz aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleriniň kabul edilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýändigini belledi. Hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,3 göterime deň boldy. Ýurdumyzda iri senagat we durmuş maksatly desgalardyr binalar dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berildi. Hormatly Prezidentimiz 1-nji sentýabrda Bilimler we talyp ýaşlar gününiň giňden bellenip geçiljekdigini, Aşgabat şäherinde Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň, Mary şäherinde Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň täze goşmaça okuw binasynyň dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga beriljekdigini aýtdy. Şeýle hem paýtagtymyzda we welaýatlarda orta mekdepleriň, çagalar baglarynyň birnäçesi açylar.

“Ýaş nesilleri mynasyp terbiýelemek, olara döwrebap bilim bermek döwletimiziň alyp barýan bilim syýasatynyň baş maksady bolup durýar. Şoňa görä-de, bilim ulgamyny geljekde hem yzygiderli ösdüreris we kämilleşdireris” diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Hormatly Prezidentimiz Bilimler we talyp ýaşlar gününde Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň ulanmaga berilmeginiň ýurdumyzyň durmuşynda möhüm waka boljakdygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gahryman Arkadagymyza ýüzlenmek bilen, bu täze uniwersitetiň açylyş dabarasyna gatnaşmagyny haýyş etdi. Pursatdan peýdalanyp, Arkadagly Gahryman Serdarymyz mejlise gatnaşyjylary we bilim işgärlerini, bagtyýar ýaşlary Bilimler we talyp ýaşlar güni, täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen tüýs ýürekden gutlady.

Mejlise gatnaşyjylar hem döwlet Baştutanymyzy, Gahryman Arkadagymyzy Bilimler we talyp ýaşlar güni bilen tüýs ýürekden gutlap, il-ýurt bähbitli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdiler.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

29.08.2025

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentiniň arasyndaky gepleşikler

Şu gün türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedow “Awa­za” mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da ge­çi­ril­jek ýo­ka­ry de­re­je­li du­şu­şy­ga gat­naş­mak üçin Bal­kan we­la­ýa­ty­na ug­ra­dy.

Ir bi­len Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Di­wa­ny­nyň bi­na­syn­dan çy­kyp, paý­tag­ty­my­zyň Hal­ka­ra ho­wa men­zi­li­ne ta­rap ug­ra­dy. Bu ýer­de Mil­li Li­de­ri­mi­zi ýur­du­my­zyň res­mi adam­la­ry ug­rat­dy­lar. Az sa­lym­dan hor­mat­ly Ar­ka­da­gy­my­zyň uça­ry Türk­men­ba­şy­nyň Hal­ka­ra ho­wa men­zi­li­ne gon­dy. Bu ýer­de Hor­mat ga­ra­wu­ly­nyň es­ger­le­ri ny­za­ma dü­zül­di­ler. Ýo­ka­ry de­re­je­li üç­ta­rap­la­ýyn du­şu­şy­gy ka­bul ed­ýän ke­nar­ýa­ka şä­he­riň Hal­ka­ra ho­wa men­zi­lin­de dost­luk­ly ýurt­la­ryň Döw­let baý­dak­la­ry par­la­ýar.

Hä­zir­ki dö­wür­de Türk­me­nis­tan, Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy we Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy sy­ýa­sy-dip­lo­ma­tik ul­gam­da bol­şy ýa­ly, beý­le­ki ugur­lar­da-da ne­ti­je­li hyz­mat­daş­lyk ed­ýär­ler. Bu bol­sa se­bit­de äh­lu­mu­my pa­ra­hat­çy­ly­gyň we dur­nuk­ly ösü­şiň üp­jün edil­me­gi­niň esa­sy şer­ti bo­lup dur­ýar. Goň­şy döw­let­le­riň ara­syn­da­ky ýo­ka­ry de­re­je­li du­şu­şy­gyň Ha­zar deň­zi­niň ke­na­ryn­da ge­çi­ril­me­gin­de çuň­ňur ma­ny bar. Mu­nuň özi “Awa­za” mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gy­nyň ýo­ka­ry de­re­je­li hal­ka­ra çä­re­le­riň ge­çi­ril­ýän me­ka­ny hök­mün­de eýe­le­ýän or­nu­ny pug­ta­lan­dyr­ýar.

Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz Türk­men­ba­şy­nyň Hal­ka­ra ho­wa men­zi­lin­den soň­ky ýyl­lar­da keş­bi düýp­li öz­ge­ren “Awa­za” mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gy­na ta­rap ug­ra­dy. Sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gy­na bar­ýan, ýo­ka­ry hal­ka­ra gör­ke­zi­ji­le­re la­ýyk gel­ýän ýol­lar onuň hä­zir­ki za­man amat­lyk­la­ry­ny özün­de jem­le­ýän bi­na­la­ry bi­len bir bi­te­wi saz­la­şy­gy eme­le ge­tir­ýär. Türk­me­nis­ta­nyň, Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­nyň we Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň ara­syn­da­ky ýo­ka­ry de­re­je­li du­şu­şy­gy ka­bul ed­ýän Awa­za­da eko­lo­gik me­se­le­le­riň oňyn çö­zül­ýän­di­gi­ni aň­lad­ýan gör­nüş­ler göw­nü­ňi gö­ter­ýär. Bu ugur­da de­giş­li dü­züm­le­riň saz­la­şyk­ly işi­ni üp­jün et­mä­ge aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­ril­ýär. Mu­nuň özi Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz ta­ra­pyn­dan ba­şy baş­la­nyp, hä­zir­ki dö­wür­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän to­kaý zo­lak­la­ry­ny dö­ret­mek stra­te­gi­ýa­sy­nyň ro­waç­lyk­la­ra bes­len­ýän­di­gi­niň aý­dyň be­ýa­ny­dyr.

Şu gün bol­sa «Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türk­me­nis­tan — Azer­baý­jan — Öz­be­gis­tan üç­ta­rap­la­ýyn du­şu­şy­gy­na gat­naş­mak üçin ýur­du­my­za iş sa­pa­ry bi­len ge­len Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Il­ham Ali­ýe­wiň ara­syn­da gep­le­şik­ler ge­çi­ril­di.

Türk­men­ba­şy şä­he­ri­niň üç do­gan­lyk ýur­duň Döw­let baý­dak­la­ry bi­len be­ze­len Hal­ka­ra ho­wa men­zi­lin­de be­lent mer­te­be­li myh­man türk­men hal­ky­nyň mil­li myh­man­sö­ýer­lik däp­le­ri­ne la­ýyk­lyk­da, mä­hir­li gar­şy­la­nyl­dy. Dost­luk­ly döw­le­tiň Baş­tu­ta­ny­na duz-çö­rek hö­dür edil­di we gül des­se­le­ri gow­şu­ryl­dy. Goň­şy ýur­duň Li­de­ri Hor­mat ga­ra­wu­ly­nyň es­ger­le­ri ny­za­ma dü­zü­len ha­ly dü­şe­len ýo­da­jyk­dan ge­çip, Türk­me­nis­ta­nyň, Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­nyň we Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki du­şu­şy­gy­nyň ge­çi­ril­ýän ýe­ri­ne — Kong­res­ler mer­ke­zi­ne ta­rap ug­ra­dy.

Mä­lim bol­şy ýa­ly, hä­zir­ki wagt­da türk­men-azer­baý­jan gat­na­şyk­la­ry yzy­gi­der­li ös­dü­ril­ýär. Ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki du­şu­şyk­la­ryň we gep­le­şik­le­riň jem­le­ri bo­ýun­ça ga­za­ny­lan yla­la­şyk­lar kö­pu­gur­ly hyz­mat­daş­ly­gyň ne­ti­je­li hä­si­ýe­te eýe­di­gi­ni gör­kez­ýär. Iki ýur­duň ara­syn­da da­şa­ry söw­da do­la­ny­şy­gy­nyň dur­nuk­ly ös­ýän­di­gi­ni hem bel­le­mek ge­rek. Azer­baý­ja­nyň ýur­du­my­zyň esa­sy söw­da hyz­mat­daş­la­ry­nyň bi­ri­di­gi­ne de­giş­li gör­ke­zi­ji­ler eks­port-im­port amal­la­ry­nyň möç­be­ri­niň bar­ha art­ýan­dy­gy­na şa­ýat­lyk ed­ýär. Bi­ziň ýur­du­myz­dan goň­şy döw­le­te dür­li gör­nüş­li önüm­le­riň ibe­ri­li­şi­niň dep­gin­le­ri bar­ha ýo­kar­lan­ýar. Söw­da-yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ry iş­jeň­leş­dir­mek bi­len bir ha­tar­da, iki­ta­rap­la­ýyn ha­ryt do­la­ny­şy­gy­ny art­dyr­mak bo­ýun­ça döw­let de­re­je­sin­de ne­ti­je­li çä­re­le­riň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi mil­li yk­dy­sa­dy­ýet­le­riň kuw­wa­ty­nyň pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy­na ýar­dam ber­ýär.

...Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti­niň aw­tou­lag ker­we­ni Kong­res­ler mer­ke­zi­ne gel­ýär. Bu ýer­de türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedow dost­luk­ly döw­le­tiň Baş­tu­ta­ny­ny mä­hir­li gar­şy­la­ýar. Iki ýur­duň Döw­let baý­dak­la­ry­nyň öňün­de bi­le­lik­de su­ra­ta düş­mek da­ba­ra­sy ta­mam­la­nan­dan soň­ra, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz bi­len Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti­niň iki­çäk du­şu­şy­gy bol­dy. Onuň do­wa­myn­da döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ryň hä­zir­ki ýag­da­ýy we gel­jek­ki müm­kin­çi­lik­le­ri ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy.

Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri be­lent mer­te­be­li myh­ma­ny mü­bä­rek­läp, ça­ky­ly­gy ka­bul edip, ýur­du­my­za sa­par bi­len ge­len­di­gi üçin Pre­zi­dent Il­ham Ali­ýe­we tüýs ýü­rek­den min­net­dar­lyk bil­dir­di. Şu ýy­lyň iýu­lyn­da Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­na ama­la aşy­ran sa­pa­ry­nyň do­wa­myn­da bil­di­ri­len ýo­ka­ry myh­man­sö­ýer­lik we mä­hir­li ka­bul edi­len­di­gi üçin goň­şy döw­le­tiň Baş­tu­ta­ny­na min­net­dar­lyk bil­di­rip, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz şol sa­pa­ryň do­wa­myn­da do­gan­lyk ýur­duň gö­zel ýer­le­ri­ne ba­ryp gö­ren­dik­le­ri­ni, iki hal­kyň bäh­bit­le­ri­ne gö­nük­di­ri­len mö­hüm me­se­le­le­ri ara alyp mas­la­hat­la­şan­dyk­la­ry­ny nyg­ta­dy.

Her ge­zek­ki du­şu­şyk­la­ry­myz­da bel­leý­şim ýa­ly, türk­men we azer­baý­jan halk­la­ry­ny göz­ba­şy­ny ga­dym­dan alyp gaýd­ýan ta­ry­hy-me­de­ni umu­my­lyk­lar, bir­meň­zeş däp-des­sur­lar bir­leş­dir­ýär di­ýip, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy sö­zü­ni do­wam et­di. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz hä­zir­ki wagt­da döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ryň kö­pa­syr­lyk hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk, öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­lyk ýö­rel­ge­le­ri­ne esas­lan­ýan­dy­gy­ny aý­dyp, bu ge­zek­ki du­şu­şy­gyň se­bi­tiň ýurt­la­ry­nyň ara­syn­da­ky hyz­mat­daş­ly­gyň hil taý­dan tä­ze de­re­jä çyk­ma­gy­na kuw­wat­ly iter­gi ber­jek­di­gi­ne ynam bil­dir­di.

Soň­ra Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Il­ham Ali­ýew türk­men top­ra­gyn­da mä­hir­li ka­bul edi­len­di­gi we Awa­za­da ge­çi­ril­ýän du­şu­şy­gyň ýo­ka­ry gu­ra­ma­çy­lyk de­re­je­si üçin Mil­li Li­de­ri­mi­ze ho­şal­lyk bil­dir­di. Be­lent mer­te­be­li myh­man gö­zel Awa­za­da bo­lup, bu du­şu­şy­ga gat­naş­ma­gy­nyň özi üçin uly hor­mat­dy­gy­ny nyg­ta­dy. Şun­da Ha­zar deň­zi­niň aja­ýyp ke­na­ryn­da dün­ýä de­re­je­li şy­pa­ha­na zo­la­gy­nyň Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ta­gal­la­syn­dan dö­rän aja­ýyp tas­la­ma­dy­gy aý­ra­tyn bel­le­nil­di. Hä­zir­ki dö­wür­de «Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gy­nyň hal­ka­ra gi­ňiş­lik­dä­ki ab­ra­ýy has-da be­len­de gö­te­ril­ýär.

Türk­me­nis­ta­nyň, Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­nyň we Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň şu ge­zek­ki ýo­ka­ry de­re­je­li du­şu­şy­gy­nyň ta­ry­hy äh­mi­ýe­ti bar­dyr. Pre­zi­dent Il­ham Ali­ýew ta­ry­hy kök­le­ri, umu­my me­de­ni­ýet­le­ri ar­ka­ly bag­la­nyş­ýan döw­let­le­riň üç­ta­rap­la­ýyn ýo­ka­ry de­re­je­li gep­le­şik­le­ri­ni ge­çir­mek baş­lan­gy­jy­ny öňe sü­ren­di­gi üçin türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri­ne ho­şal­lyk bil­di­rip, bu du­şu­şy­gyň se­bi­tiň ýurt­la­ry­nyň ara­syn­da­ky gat­na­şyk­la­ryň ös­dü­ril­me­gi­ne kuw­wat­ly iter­gi ber­jek­di­gi­ne ynam bil­dir­di. Soň­ra gep­le­şik­ler iki ýur­duň we­ki­li­ýet­le­ri­niň gat­naş­ma­gyn­da gi­ňiş­le­ýin dü­züm­de do­wam et­di.

Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz ça­ky­ly­gy ka­bul edip, Türk­me­nis­ta­nyň, Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­nyň we Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň ýo­ka­ry de­re­je­li du­şu­şy­gy­na gat­naş­ýan­dy­gy üçin Pre­zi­dent Il­ham Ali­ýe­we we azer­baý­jan we­ki­li­ýe­ti­niň ag­za­la­ry­na öz adyn­dan hem-de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň adyn­dan ho­şal­lyk bil­di­rip, ola­ry türk­men top­ra­gyn­da gör­ýän­di­gi­ne şat­dy­gy­ny bel­le­di. Mu­nuň özi öza­ra gat­na­şyk­la­ryň hä­zir­ki ýag­da­ýy­ny ara alyp mas­la­hat­laş­mak we onuň gel­jek­ki ugur­la­ry­ny kes­git­le­mek üçin oňyn müm­kin­çi­lik­dir. Şeý­le-de Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­na ama­la aşy­ran sa­pa­ry­nyň do­wa­myn­da bil­di­ri­len myh­man­sö­ýer­lik we äh­li me­ýil­leş­di­ri­len çä­re­le­riň ýo­ka­ry gu­ra­ma­çy­lyk de­re­je­si­niň üp­jün edi­len­di­gi üçin min­net­dar­lyk bil­dir­di. Şol sa­pa­ryň do­wa­myn­da ga­za­ny­lan yla­la­şyk­lar iki ýur­duň ara­syn­da­ky hyz­mat­daş­ly­gyň dür­li ugur­lar bo­ýun­ça ös­dü­ril­ýän­di­gi­niň anyk my­sal­la­ry­dyr.

“Biz şu ge­zek­ki du­şu­şy­gy­myz­da ýurt­la­ry­my­zy bag­la­nyş­dyr­ýan gym­mat­lyk­lar­dan ugur alyp, Türk­me­nis­ta­nyň we Azer­baý­ja­nyň ara­syn­da sy­ýa­sy, yk­dy­sa­dy, me­de­ni, beý­le­ki dur­muş ugur­la­ryn­da­ky gat­na­şyk­la­ry ös­dür­mek bi­len bag­ly so­rag­la­ry ara alyp mas­la­hat­la­şa­rys” di­ýip, hor­mat­ly Ar­ka­da­gy­myz sö­zü­ni do­wam et­di. Hä­zir­ki wagt­da iki ýur­duň ara­synda hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk gat­na­şyk­la­ry­nyň ýo­ka­ry de­re­je­de al­nyp ba­ryl­ýan­dy­gy­ny bel­läp, Mil­li Li­de­ri­miz bu gat­na­şyk­la­ry has-da iler­let­mek we gi­ňelt­mek üçin uly müm­kin­çi­lik­le­riň bar­dy­gy­na ün­si çek­di. Şol bir wagt­da türk­men-azer­baý­jan hyz­mat­daş­ly­gy­ny tä­ze de­re­jä çy­kar­mak bo­ýun­ça anyk tek­lip­ler öňe sür­ler we öza­ra bäh­bit­li baş­lan­gyç­la­ry be­ýan ed­ýän çy­kyş­lar gu­ra­lar. Söw­da-yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ryň ös­dü­ril­me­gi iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gyň gün ter­ti­bin­de wa­jyp or­ny eýe­le­ýär. Bu ugur­da köp iş­le­riň edi­len­di­gi­ne ga­ra­maz­dan, iki ýur­duň ägirt uly yk­dy­sa­dy müm­kin­çi­lik­le­ri we kuw­wa­ty bar. Du­şu­şyk­da, hu­su­san-da, öza­ra söw­da do­la­ny­şy­gy­nyň möç­be­ri­ni art­dyr­mak, ener­ge­ti­ka, ulag-lo­gis­ti­ka, ara­gat­na­şyk, dok­ma se­na­ga­ty, gur­lu­şyk ýa­ly mö­hüm ugur­lar­da hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek ba­bat­da äh­li ze­rur şert­le­riň bar­dy­gy, me­de­ni-dur­muş ul­ga­myn­da­ky hyz­mat­daş­ly­gyň Türk­me­nis­tan bi­len Azer­baý­ja­nyň döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ry­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri­di­gi nyg­tal­dy. “Bu ugur­da­ky gat­na­şyk­la­ryň gi­ňel­dil­me­gi iki ýur­duň do­gan­lyk halk­la­ry­ny has-da ýa­kyn­laş­dyr­ma­ga, me­de­ni­ýet­le­ri öza­ra baý­laş­dyr­ma­ga ýar­dam be­rer” di­ýip, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz bel­le­di.

Mil­li Li­de­ri­miz yzy­gi­der­li esas­da öza­ra Me­de­ni­ýet gün­le­ri­niň ge­çi­ril­me­gi­niň, ylym-bi­lim, sport, sy­ýa­hat­çy­lyk ul­gam­la­ryn­da hyz­mat­daş­ly­gyň iler­le­dil­me­gi­niň mö­hüm­di­gi­ni bel­läp, Türk­me­nis­ta­nyň iki ýur­duň baý me­de­ni mi­ra­sy­ny go­rap sak­la­mak, şol san­da halk des­san­la­ry­ny, ha­ly­çy­lyk, se­net­çi­lik, ama­ly-ha­şam we saz sun­gat­la­ry­ny baý­laş­dyr­mak bo­ýun­ça bi­le­lik­dä­ki çä­re­le­riň ge­çi­ril­me­gi­ni gol­da­ma­ga taý­ýar­dy­gy­ny tas­syk­la­dy. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz Il­ham Ali­ýe­wi Türk­me­nis­tan­da gör­ýän­di­gi­ne şat­dy­gy­ny ýe­ne-de ge­zek bel­le­di we Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti­ne söz ber­di.

Pre­zi­dent Il­ham Ali­ýew türk­men top­ra­gyn­da mä­hir­li ka­bul edi­len­di­gi we Awa­za­da ge­çi­ril­ýän ýo­ka­ry de­re­je­li du­şu­şy­gyň gu­ra­ma­çy­lyk de­re­je­si üçin Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­za ho­şal­lyk bil­dir­di. Şu­nuň bi­len bir­lik­de, “Türk­me­nis­tan — Azer­baý­jan — Öz­be­gis­tan” for­ma­tyn­da ge­çi­ril­ýän şu ge­zek­ki du­şu­şy­gyň mö­hüm­di­gi bel­le­nil­di. Ta­ry­hy kök­le­ri we umu­my me­de­ni­ýet­le­ri ar­ka­ly bag­la­nyş­ýan üç döw­le­tiň ara­syn­da ýo­ka­ry de­re­je­li gep­le­şik­le­ri ge­çir­mek baş­lan­gy­jy­ny öňe sü­ren­di­gi üçin Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­za ho­şal­lyk bil­di­rip, Il­ham Ali­ýew du­şu­şy­gyň se­bi­tiň ýurt­la­ry­nyň ara­syn­da­ky gat­na­şyk­la­ryň has-da ös­dü­ril­me­gi­ne kuw­wat­ly iter­gi ber­jek­di­gi­ne ynam bil­dir­di.

Be­lent mer­te­be­li myh­man Türk­me­nis­tan­da hal­ka­ra äh­mi­ýet­li ulag-lo­gis­ti­ka dü­zü­mi­niň hä­zir­ki de­re­je­si­ne ýo­ka­ry ba­ha ber­di. Mu­nuň özi Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň şu gü­nüň ru­hu­na ky­bap de­re­je­de di­kel­dil­me­gin­de äh­mi­ýet­li­dir. Şeý­le hem goň­şy döw­le­tiň Baş­tu­ta­ny iki ýur­duň ara­syn­da sy­ýa­sy-dip­lo­ma­tik, söw­da-yk­dy­sa­dy, ulag-ara­gat­na­şyk ugur­lary bo­ýun­ça gat­na­şyk­la­ry ös­dür­me­giň ägirt uly gel­je­gi­niň bar­dy­gy­ny nyg­ta­dy. Şun­da bi­le­lik­dä­ki ta­gal­la­la­ryň oňyn ne­ti­je ber­jek­di­gi gür­rüň­siz­dir.

Gi­ňiş­le­ýin dü­züm­de ge­çi­ri­len gep­le­şik­le­riň do­wa­myn­da Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz hä­zir­ki dö­wür­de Türk­me­nis­tan bi­len Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­nyň ara­syn­da­ky gat­na­şyk­la­ryň bi­rek-bi­re­ge hor­mat goý­mak, uzak möh­let­le­ýin­lik ýö­rel­ge­le­ri esa­syn­da ös­dü­ril­ýän­di­gi­ne ka­na­gat­lan­ma bil­di­rip, ýo­ka­ry de­re­je­de ge­çi­ril­ýän gep­le­şik­le­riň iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gyň iler­le­dil­me­gi­ne kuw­wat­ly iter­gi ber­ýän­di­gi­ni aýt­dy. Sy­ýa­sy-dip­lo­ma­tik gat­na­şyk­lar ba­ra­da aý­dy­lan­da, Türk­me­nis­ta­nyň we Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­nyň dün­ýä hem se­bit me­se­le­le­ri bo­ýun­ça ga­ra­ýyş­la­ry meň­zeş­dir ýa-da ýa­kyn­dyr. Hal­ka­ra we se­bi­ta­ra gu­ra­ma­la­ryň, il­kin­ji no­bat­da, Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň, Go­şu­lyş­maz­lyk He­re­ke­ti­niň, Ys­lam Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy­nyň, Tür­ki Döw­let­le­riň Gu­ra­ma­sy­nyň, Yk­dy­sa­dy Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy­nyň we beý­le­ki köp­ta­rap­ly dü­züm­le­riň çäk­le­rin­de bi­le­lik­dä­ki iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar.

Du­şu­şyk­da iki­ta­rap­la­ýyn söw­da-yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ryň ös­dü­ril­me­gi­ne aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­ril­ýän­di­gi nyg­tal­dy. Iki ýur­duň ýa­kyn gel­jek­de yk­dy­sa­dy ugur­ly öza­ra he­re­ket­le­ri­ni ös­dür­mek üçin ägirt uly müm­kin­çi­lik­le­ri bar­dyr. “Ha­za­ryň ke­na­ryn­da­ky Türk­men­ba­şy we Al­ýat de­ňiz port­la­ry­nyň ara­syn­da yzy­gi­der­li gä­mi gat­na­wy­nyň ýo­la go­ýul­ma­gy Türk­me­nis­ta­nyň we Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­nyň ulag-lo­gis­ti­ka ul­ga­myn­da alyp bar­ýan bi­le­lik­dä­ki işi­niň oňyn ne­ti­je­si­dir. Türk­men we azer­baý­jan de­ňiz port­la­ry­nyň döw­re­bap dü­züm­le­ri­ni we müm­kin­çi­lik­le­ri­ni na­za­ra al­mak bi­len, Ha­za­rüs­ti ulag ge­çel­ge­si bo­ýun­ça ýük gat­naw­la­ry üçin has oňaý­ly şert­le­ri dö­ret­mek bi­len bag­la­ny­şyk­ly me­se­le­le­re ga­ra­mak mak­sa­da­la­ýyk bo­lar” di­ýip, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz nyg­ta­dy. Bu­la­ryň ýe­rüs­ti we de­ňiz ulag­la­ry bo­ýun­ça ama­la aşy­ryl­ýan mul­ti­mo­dal gat­naw­la­ra de­giş­li­di­gi­ni aý­dyp, Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy iki ýur­duň ara­syn­da ho­wa gat­naw­la­ry­nyň ös­dü­ril­me­gi­niň wa­jyp­dy­gy­na ün­si çek­di.

Ener­ge­ti­ka ul­ga­myn­da­ky hyz­mat­daş­lyk hem türk­men-azer­baý­jan gat­na­şyk­la­ry­nyň mö­hüm ugur­la­ry­nyň bi­ri­dir. Şun­da Türk­me­nis­ta­nyň we Azer­baý­ja­nyň Ha­zar deň­zi se­bi­tin­den Ýew­ro­pa ýurt­la­ry­na elekt­rik ener­gi­ýa­sy­ny ug­rat­mak bo­ýun­ça bi­le­lik­dä­ki işi­niň ägirt uly gel­je­gi bar­dyr.

Me­de­ni­ýet ul­ga­myn­da­ky hyz­mat­daş­ly­ga-da aý­ra­tyn üns be­ril­ýär. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, iki hal­kyň ga­dy­my at­şy­nas­lyk sun­ga­ty­ny ta­nyş­dyr­mak bo­ýun­ça çä­re­le­riň, türk­men we azer­baý­jan su­rat­keş­le­ri­niň eser­le­ri­niň ser­gi­le­ri­niň, halk hem nus­ga­wy saz­la­ryň kon­sert­le­ri­niň gu­ral­ma­gy me­de­ni gat­na­şyk­la­ryň ös­dü­ril­me­gi­ne oňyn tä­si­ri­ni ýe­ti­rer. Mun­dan baş­ga-da, sag­ly­gy go­ra­ýyş, ylym-bi­lim ul­gam­la­ryn­da­ky ägirt uly müm­kin­çi­lik­le­ri na­za­ra alyp, olar bo­ýun­ça hem öza­ra he­re­ket­le­ri iş­jeň­leş­dir­mek ze­rur­dyr.

Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz bi­le­lik­dä­ki ta­gal­la­la­ryň ne­ti­je­sin­de Türk­me­nis­tan bi­len Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­nyň ara­syn­da­ky däp bo­lan gat­na­şyk­la­ryň mun­dan beý­läk-de bi­rek-bi­re­ge hor­mat goý­mak esa­syn­da saz­la­şyk­ly ös­dü­ril­jek­di­gi­ne ynam bil­di­rip, türk­men-azer­baý­jan hyz­mat­daş­ly­gy­nyň gi­ňel­dil­me­gi­ne goş­ýan şah­sy go­şan­dy üçin do­gan­lyk ýur­duň Baş­tu­ta­ny­na min­net­dar­lyk bil­dir­di.

Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri Pre­zi­dent Il­ham Ali­ýe­we berk jan sag­lyk, jo­gap­kär­li döw­let işin­de üs­tün­lik, Azer­baý­ja­nyň do­gan­lyk hal­ky­na bol­sa aba­dan­çy­lyk, pa­ra­hat­çy­lyk we gül­läp ösüş ar­zuw et­di.

22.08.2025

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasyndaky gepleşikler

Şu gün “Awa­za” mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Şaw­kat Mir­zi­ýo­ýe­wiň ara­syn­da du­şu­şyk ge­çi­ril­di. Be­lent mer­te­be­li myh­man Türk­me­nis­tan — Azer­baý­jan — Öz­be­gis­tan üç­ta­rap­la­ýyn du­şu­şy­gy­na gat­naş­mak üçin ýur­du­my­za iş sa­pa­ry bi­len gel­di.

Bu şan­ly wa­ka my­na­sy­bet­li üç döw­le­tiň baý­dak­la­ry bi­len be­ze­len Türk­men­ba­şy şä­he­ri­niň Hal­ka­ra ho­wa men­zi­lin­de be­lent mer­te­be­li myh­man türk­men hal­ky­nyň mil­li myh­man­sö­ýer­lik däp­le­ri­ne la­ýyk­lyk­da, mä­hir­li gar­şy­la­nyl­dy. Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Hor­mat ga­ra­wu­ly­nyň es­ger­le­ri­niň ny­za­my­nyň öňün­den ge­çip, ho­wa men­zi­lin­den “Awa­za” mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gy­na ta­rap ug­ra­dy. Dost­luk­ly ýur­duň Li­de­ri­niň ulag ker­we­ni Awa­za­nyň döw­re­bap ýol­la­ry bi­len ýokary derejeli duşuşygyň ge­çi­ril­ýän ýe­ri bo­lan Kong­res­ler mer­ke­zi­ne ta­rap ýo­la düş­di.

Hä­zir­ki dö­wür­de ýo­ka­ry de­re­je­de ge­çi­ril­ýän du­şu­şyk­la­ryň we gep­le­şik­le­riň ne­ti­je­sin­de türk­men-öz­bek döw­le­ta­ra hyz­mat­daş­ly­gy ösü­şiň hil taý­dan tä­ze de­re­je­si­ne çyk­dy. Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy şu ýy­lyň ýan­war — iýun aý­la­ryn­da da­şa­ry söw­da do­la­ny­şy­gy bo­ýun­ça Türk­me­nis­ta­nyň hyz­mat­daş­lyk ed­ýän ýurt­la­ry­nyň ha­ta­ryn­da bä­şin­ji or­ny eýe­le­ýär. Öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­ly­gyň bu mö­hüm gör­ke­zi­ji­si iki­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­la­ryň ne­ti­je­li hä­si­ýe­te eýe bol­ýan­dy­gy­ny gör­kez­ýär. Soň­ky ýyl­lar­da iki ýur­duň ara­syn­da eks­port-im­port amal­la­ry­nyň ösüş dep­gi­ni dur­nuk­ly de­re­je­de sak­lan­ýar. Aý­ra­tyn-da, daş­dan, gips­den we se­ment­den taý­ýar­la­nyl­ýan, me­tal, ke­ra­mi­ka, aý­na we aý­na önüm­le­ri Türk­me­nis­ta­nyň Öz­be­gis­ta­na eks­por­ty­nyň esa­sy ugur­la­ry bo­lup dur­ýar. Bu ug­ruň ösüş dep­gin­le­ri bol­sa yzy­gi­der­li ýo­kar­lan­ýar. Mu­nuň özi iki do­gan­lyk ýur­duň se­na­gat kär­ha­na­la­ry­nyň, işe­wür dü­züm­le­ri­niň ara­syn­da ýo­la go­ýul­ýan gat­na­şyk­la­ryň ös­dü­ril­me­gi­ne we bi­le­lik­dä­ki tas­la­ma­la­ryň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi­ne iki­ta­rap­la­ýyn gy­zyk­lan­ma bil­di­ril­ýän­di­gi­niň be­ýa­ny­dyr.

...Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti­niň ulag ker­we­ni Kong­res­ler mer­ke­zi­niň ýa­nyn­da sak­lan­dy. Mil­li bi­na­gär­lik ýö­rel­ge­le­ri bi­len hä­zir­ki za­ma­nyň ösen tej­ri­be­si­ni özün­de jem­le­ýän ka­şaň bi­na­da türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedow be­lent mer­te­be­li myh­ma­ny mä­hir­li gar­şy­la­dy. Asyl­ly dä­be gö­rä, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz we Pre­zi­dent Şaw­kat Mir­zi­ýo­ýew iki ýur­duň Döw­let baý­dak­la­ry­nyň öňün­de su­ra­ta düş­dü­ler. Soň­ra iki­çäk gep­le­şik­ler ge­çi­ril­di.

Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy ça­ky­ly­gy ka­bul edip, ýur­du­my­za sa­par bi­len ge­len­di­gi üçin Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti­ne tüýs ýü­rek­den min­net­dar­ly­gy­ny bil­di­rip, be­lent mer­te­be­li myh­ma­na hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowyň mä­hir­li sa­la­my­ny, iň go­wy ar­zuw­la­ry­ny ýe­tir­di. Bu du­şu­şy­gyň hyz­mat­daş­ly­gyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­ny kes­git­le­mek­de we döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ry has ýo­ka­ry de­re­jä çy­kar­mak­da mö­hüm äh­mi­ýe­ti­niň bol­jak­dy­gy­na ynam bil­di­rip, Mil­li Li­de­ri­miz ýo­ka­ry de­re­je­li du­şu­şy­gyň gün ter­ti­bi­ne gi­ri­zi­len me­se­le­le­riň tu­tuş se­bit üçin äh­mi­ýet­li­di­gi­ni nyg­ta­dy.

Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, hä­zir­ki dö­wür­de türk­men-öz­bek gat­na­şyk­la­ry söw­da-yk­dy­sa­dy, ýan­gyç-ener­ge­ti­ka, me­de­ni-yn­san­per­wer ul­gam­lar­da ne­ti­je­li­li­gi bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Şun­da iki ýur­duň ara­syn­da söw­da do­la­ny­şy­gy­nyň ösüş dep­gi­ni dur­nuk­ly ýag­daý­da sak­lan­ýar. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz Türk­me­nis­ta­nyň Bi­ta­rap­lyk sy­ýa­sa­ty­nyň se­bit­de pa­ra­hat­çy­ly­gyň we dur­nuk­ly ösü­şiň üp­jün edil­me­gi­ne gö­nük­di­ril­ýän­di­gi­ni bel­läp, ýur­du­my­zyň bu ugur­da öňe sür­ýän baş­lan­gyç­la­ry­nyň Öz­be­gis­tan ta­ra­pyn­dan yzy­gi­der­li gol­da­nyl­ýan­dy­gy­na ka­na­gat­lan­ma bil­dir­di. Mu­nuň özi hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk gat­na­şyk­la­ry­nyň yna­nyş­mak, bi­rek-bi­re­ge hor­mat goý­mak, öza­ra bäh­bit­li­lik ýö­rel­ge­le­ri­ne esas­lan­ýan­dy­gy­nyň gü­wä­si­dir. Ýurt­la­ry­myz dür­li ul­gam­lar­da hyz­mat­daş­ly­gy yzy­gi­der­li ös­dür­ýär­ler. Şun­da me­de­ni-yn­san­per­wer ul­gam iki­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­la­ryň esa­sy ugur­la­ry­nyň bi­ri bo­lup dur­ýar. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy öz­bek Li­de­ri­niň bu ugur­da alyp bar­ýan iş­le­ri­ne ýo­ka­ry ba­ha ber­di.

Hä­zir­ki dö­wür­de iki goň­şy ýur­duň ara­syn­da ulag-lo­gis­ti­ka ul­ga­myn­da­ky gat­na­şyk­lar ösü­şiň hil taý­dan tä­ze de­re­je­si­ne çyk­ýar. Mu­nuň özi Gün­do­gar — Gün­ba­tar ulag ge­çel­ge­si­niň ug­run­da ýer­leş­ýän Türk­me­nis­ta­nyň we Öz­be­gis­ta­nyň bu ugur­da hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek­de mö­hüm or­ny eýe­le­ýän­di­gi­ni tas­syk­la­ýar. Hor­mat­ly Ar­ka­da­gy­myz dür­li ul­gam­lar­da döw­le­ta­ra hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek üçin ägirt uly müm­kin­çi­lik­le­riň bar­dy­gy­ny aý­dyp, ola­ryň ne­ti­je­li peý­da­la­nyl­ma­gy ug­run­da bi­le­lik­dä­ki ta­gal­la­la­ryň edil­jek­di­gi­ne ynam bil­dir­di.

Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Baş­tu­ta­ny Ha­za­ryň aja­ýyp ke­na­ryn­da ge­çi­ril­ýän ýo­ka­ry de­re­je­li üç­ta­rap­la­ýyn du­şu­şy­ga we onuň çäk­le­rin­dä­ki gep­le­şik­le­re gat­naş­ma­ga ça­ky­lyk hem-de dö­re­di­len müm­kin­çi­lik üçin çuň­ňur ho­şal­lyk bil­dir­di. Şeý­le hem dost­luk­ly döw­le­tiň Li­de­ri Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Ser­dar Berdimuhamedowa mä­hir­li sa­la­my­ny we hoş­ni­ýet­li ar­zuw­la­ry­ny ýe­tir­me­gi ha­ýyş et­di. Pre­zi­dent Şaw­kat Mir­zi­ýo­ýew şu ge­zek­ki ýokary derejeli Türk­me­nis­tan — Azer­baý­jan — Öz­be­gis­tan duşuşygynyň şu ýy­lyň ta­ry­hy äh­mi­ýet­li, mö­hüm wa­ka­la­ry­nyň bi­ri­ne öw­rül­jek­di­gi­ni aý­dyp, du­şu­şy­gyň jem­le­ri­niň di­ňe bir oňa gat­naş­ýan döw­let­ler üçin däl, eý­sem, tu­tuş se­bit üçin hem bäh­bit­li bol­jak­dy­gy­na ynam bil­dir­di.

Be­lent mer­te­be­li myh­man ýur­du­my­zyň ýol­baş­çy­la­ry­ny we türk­men hal­ky­ny go­laý­da BMG-niň Deň­ze çy­kal­ga­sy bol­ma­dyk ösüp bar­ýan döw­let­ler bo­ýun­ça üçün­ji mas­la­ha­ty­nyň üs­tün­lik­li geç­me­gi bi­len ýe­ne-de bir ge­zek tüýs ýü­rek­den gut­la­dy. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, Ha­zar deň­zi­niň ke­na­ryn­da ýo­ka­ry de­re­je­de gu­ra­lan we­kil­çi­lik­li fo­rum dün­ýä­de giň ses­len­mä eýe bol­dy. Mu­nuň özi Türk­me­nis­ta­nyň, şol san­da Awa­za­nyň hal­ka­ra de­re­je­dä­ki ab­ra­ýy­nyň be­len­de gal­ma­gy­ny şert­len­dir­di. Bu bol­sa Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň we hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň yzy­gi­der­li ta­gal­la­la­ry­nyň aý­dyň ne­ti­je­si­dir.

Öz­bek Li­de­ri sö­zü­niň ahy­ryn­da türk­men top­ra­gyn­da myh­man­sö­ýer­lik däp­le­ri esa­syn­da gar­şy­la­nan­dy­gy üçin ýe­ne-de bir ýo­la ho­şal­lyk bil­di­rip, du­şu­şyk­la­ryň ne­ti­je­li hä­si­ýe­te eýe bol­jak­dy­gy­na ynam bil­dir­di.

Soň­ra gep­le­şik­ler iki ýur­duň we­ki­li­ýet­le­ri­niň gat­naş­ma­gyn­da gi­ňiş­le­ýin dü­züm­de do­wam et­di.

Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedow ça­ky­ly­gy ka­bul eden­di­gi we ýur­du­my­za sa­par bi­len ge­len­di­gi üçin Pre­zi­dent Şaw­kat Mir­zi­ýo­ýe­we tüýs ýü­rek­den min­net­dar­lyk bil­di­rip, bu du­şu­şyk­la­ryň örän mö­hüm­di­gi­ni bel­le­di. Ola­ryň ne­ti­je­li hä­si­ýe­te eýe bol­ma­gy­ny üp­jün et­mek üçin bi­le­lik­de ta­gal­la edil­di. Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri ýa­kyn­da «Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da ge­çi­ri­len Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Deň­ze çy­kal­ga­sy bol­ma­dyk ösüp bar­ýan döw­let­ler bo­ýun­ça üçün­ji mas­la­ha­ty­na we onuň çäk­le­rin­de gu­ra­lan äh­li çä­re­le­re Öz­be­gis­ta­nyň we­ki­li­ýe­ti­niň ýo­ka­ry de­re­je­de gat­na­şan­dy­gy üçin tüýs ýü­rek­den min­net­dar­lyk bil­dir­di.

Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň bel­leý­şi ýa­ly, şu gün­ki du­şu­şyk şu ýy­lyň do­wa­myn­da Öz­be­gis­ta­nyň döw­let Baş­tu­ta­ny bi­len ge­çi­ri­len üçün­ji du­şu­şyk bo­lup dur­ýar. Mu­nuň özi do­gan­lyk ýurt­la­ryň ara­syn­da­ky gat­na­şyk­la­ryň iň ýo­ka­ry we nus­ga­lyk de­re­je­de, ne­ti­je­li hem-de iş­jeň al­nyp ba­ryl­ýan­dy­gy­na aý­dyň şa­ýat­lyk ed­ýär. Türk­me­nis­tan bi­len Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň ara­syn­da­ky stra­te­gik gat­na­şyk­lar bi­rek-bi­re­ge hor­mat goý­mak, öza­ra dü­şü­niş­mek, gol­daw ber­mek, do­ly de­re­je­de yna­nyş­mak ýö­rel­ge­le­ri­ne esas­lan­ýar.

Mil­li Li­de­ri­miz hä­zir­ki wagt­da iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gyň äh­li ugur­lar­da, şol san­da sy­ýa­sy-dip­lo­ma­tik, söw­da-yk­dy­sa­dy, me­de­ni-yn­san­per­wer ul­gam­lar­da güýç­li dep­gin­ler bi­len ös­dü­ril­ýän­di­gi­ni ka­na­gat­lan­ma bi­len bel­läp, bu ugur­lar­da­ky hyz­mat­daş­ly­gy iki­ta­rap­la­ýyn de­re­je­de bol­şy ýa­ly, köp­ta­rap­la­ýyn gör­nüş­de-de iler­let­mek we gi­ňelt­mek üçin uly müm­kin­çi­lik­le­riň bar­dy­gy­na ün­si çek­di. “Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, biz şu gün­ki gep­le­şik­le­ri­mi­ziň do­wa­myn­da türk­men-öz­bek hyz­mat­daş­ly­gy­ny has-da gi­ňelt­mek we pug­ta­lan­dyr­mak bi­len bag­ly me­se­le­le­ri ara alyp mas­la­hat­la­şa­rys hem-de onuň gel­jek­ki ösüş ugur­la­ry­ny kes­git­lä­ris” di­ýip, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz sö­zü­ni do­wam et­di.

Nyg­ta­ly­şy ýa­ly, iki ýur­duň ara­syn­da söw­da-yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­lar dur­nuk­ly ýag­daý­da, giň ge­rim bi­len ös­dü­ril­ýär. Ha­ryt do­la­ny­şy­gy­nyň möç­be­ri we gör­nüş­le­ri ýyl­sa­ýyn art­ýar. Ener­ge­ti­ka, ulag-lo­gis­ti­ka, söw­da, oba ho­ja­ly­gy we beý­le­ki ugur­lar­da­ky öza­ra he­re­ket­ler iş­jeň­li­gi bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Mun­dan baş­ga-da, iki ýur­duň ka­nun çy­ka­ry­jy eda­ra­la­ry­nyň ara­syn­da ne­ti­je­li gat­na­şyk­lar ama­la aşy­ryl­ýar. Türk­men we öz­bek halk­la­ry­nyň umu­my ta­ry­hy-me­de­ni, ru­hy-ah­lak gym­mat­lyk­la­ry ylym-bi­lim, me­de­ni­ýet, sun­gat ul­gam­la­ryn­da hyz­mat­daş­ly­gyň gi­ňel­dil­me­gi üçin berk bin­ýat bo­lup çy­kyş ed­ýär. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, hor­mat­ly Ar­ka­da­gy­myz iki ýur­duň me­de­ni­ýet we dur­muş ul­ga­my­nyň we­kil­le­ri­niň Türk­me­nis­tan­da we Öz­be­gis­tan­da ge­çi­ril­ýän mil­li hem-de hal­ka­ra çä­re­le­re yzy­gi­der­li gat­naş­ýan­dyk­la­ry­ny, öza­ra tej­ri­be alyş­ýan­dyk­la­ry­ny bel­le­di. Bu bol­sa, öz ge­ze­gin­de, iki do­gan­lyk hal­ky has-da ýa­kyn­laş­dyr­ma­ga ýar­dam ber­ýär.

Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy ýe­ne-de bir ýo­la öz­bek Li­de­ri­ni gü­neş­li ýur­du­myz­da gör­ýän­di­gi­ne şat­dy­gy­ny bel­läp, be­lent mer­te­be­li myh­ma­na söz ber­di.

Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti mä­hir­li ka­bul edi­len­di­gi we me­ýil­leş­di­ri­len çä­re­le­riň gu­ra­ma­çy­lyk­ly ge­çi­ril­ýän­di­gi üçin türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri­ne öz adyn­dan hem-de we­ki­li­ýe­tiň ag­za­la­ry­nyň adyn­dan ho­şal­lyk bil­dir­di. Be­lent mer­te­be­li myh­man Türk­me­nis­ta­nyň hal­ka­ra äh­mi­ýet­li çä­re­le­ri ge­çir­mek­de baý tej­ri­be top­lan­dy­gy­na ün­si çe­kip, ýa­kyn­da Ha­za­ryň ke­na­ryn­da ge­çi­ri­len fo­ru­myň mö­hüm­di­gi­ni bel­le­di. On­da dün­ýä äh­mi­ýet­li me­se­le­le­riň en­çe­me­si bo­ýun­ça oňyn çöz­güt­ler ka­bul edil­di. Pur­sat­dan peý­da­la­nyp, Öz­be­gis­ta­nyň Pre­zi­den­ti “Awa­za” mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da BMG-niň Deň­ze çy­kal­ga­sy bol­ma­dyk ösüp bar­ýan döw­let­ler bo­ýun­ça üçün­ji mas­la­ha­ty­nyň üs­tün­lik­li ge­çi­ril­me­gi bi­len Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zy we hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­zi ýe­ne-de bir ge­zek gut­la­dy.

Öz­bek Li­de­ri hä­zir­ki dö­wür­de Öz­be­gis­tan bi­len Türk­me­nis­ta­nyň ara­syn­da ýo­la goý­lan stra­te­gik hyz­mat­daş­ly­gyň ösü­şiň tä­ze de­re­je­si­ne çyk­ýan­dy­gy­ny, ener­ge­ti­ka, oba ho­ja­ly­gy, söw­da-yk­dy­sa­dy, me­de­ni-yn­san­per­wer gat­na­şyk­la­ryň iş­jeň ýag­daý­da ös­dü­ril­ýän­di­gi­ni ka­na­gat­lan­ma bi­len bel­le­di. Bu gün­ki du­şu­şyk se­bi­tiň ýurt­la­ry üçin bäh­bit­li çöz­güt­le­ri ka­bul et­mä­ge müm­kin­çi­lik be­rer, şeý­le hem ol üç do­gan­lyk ýur­duň ara­syn­da­ky hyz­mat­daş­ly­gyň mun­dan beý­läk-de çuň­laş­dy­ryl­ma­gy­na giň ýol açar. Sözüniň ahy­ryn­da be­lent mer­te­be­li myh­man türk­men top­ra­gyn­da bil­di­ri­len myh­man­sö­ýer­lik we mä­hir­li ka­bul edi­len­di­gi üçin ýe­ne-de bir ge­zek ho­şal­lyk bil­dir­di.

Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz Pre­zi­dent Şaw­kat Mir­zi­ýo­ýe­we min­net­dar­lyk bil­di­rip, öz­bek Li­de­ri­niň döw­le­ta­ra dia­lo­gy pug­ta­lan­dyr­ma­ga gö­nük­di­ri­len ta­gal­la­la­ry­na ýo­ka­ry ba­ha ber­di. Mu­nuň özi iki­ta­rap­la­ýyn söw­da gat­na­şyk­la­ry­nyň ösüş dep­gi­ni­niň dur­nuk­ly ýag­da­ýy­nyň üp­jün edil­me­gi­ni şert­len­dir­ýär. Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri dür­li ugur­lar bo­ýun­ça ýo­la go­ýul­ýan hyz­mat­daş­ly­gy mun­dan beý­läk-de ös­dür­mek üçin ägirt uly müm­kin­çi­lik­le­riň bar­dy­gy­ny nyg­ta­dy we Türk­me­nis­tan bi­len Öz­be­gis­ta­nyň ara­syn­da­ky däp bo­lan gat­na­şyk­la­ryň iki döw­le­tiň ýol­baş­çy­la­ry­nyň bi­le­lik­dä­ki ta­gal­la­la­ry ne­ti­je­sin­de has-da ös­dü­ril­jek­di­gi­ne ynam bil­dir­di.

Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, me­de­ni-yn­san­per­wer ul­gam­da­ky gat­na­şyk­lar iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gyň mö­hüm ugur­la­ry hök­mün­de kes­git­le­nil­di. Şun­da iki ýur­duň Me­de­ni­ýet gün­le­ri­niň, bi­le­lik­dä­ki kon­sert­le­riň, mas­la­hat­la­ryň, ser­gi­le­riň gu­ral­ma­gy asyl­ly dä­be öw­rül­di. Mu­nuň özi do­gan­lyk halk­la­ryň me­de­ni we ede­bi mi­ra­sy­ny öw­ren­mek­de, ola­ry wa­gyz et­mek­de aý­ra­tyn äh­mi­ýet­li­dir. Şeý­le-de iki ýur­duň ara­syn­da­ky hyz­mat­daş­ly­gyň iki­ta­rap­la­ýyn we köp­ta­rap­la­ýyn esas­da, şol san­da ab­raý­ly hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň çäk­le­rin­de iş­jeň ös­dü­ril­ýän­di­gi nyg­tal­dy. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, hal­ka­ra gi­ňiş­lik­de bi­rek-bi­re­giň baş­lan­gyç­la­ry­ny gol­da­mak me­se­le­le­ri­ne, BMG-niň çäk­le­rin­dä­ki hyz­mat­daş­ly­gyň ös­dü­ril­me­gi­ne uly üns be­ril­ýär.

Türk­me­nis­tan bi­len Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň ara­syn­da­ky gat­na­şyk­la­ryň öza­ra hor­mat goý­mak, raý­daş­lyk, hyz­mat­daş­lyk ru­hun­da mun­dan beý­läk-de güýç­li dep­gin­de ös­dü­ril­jek­di­gi­ne ynam bil­di­rip, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz şu ge­zek­ki sa­pa­ry üçin öz­bek Li­de­ri­ne min­net­dar­lyk bil­dir­di we oňa berk jan sag­lyk, ro­waç­lyk, alyp bar­ýan döw­let iş­le­rin­de üs­tün­lik ar­zuw et­di.

Gep­le­şik­le­riň ahy­ryn­da Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Şaw­kat Mir­zi­ýo­ýew türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri Gurbanguly Berdimuhamedowa mä­hir­li ka­bul eden­di­gi üçin ho­şal­lyk bil­dir­di we äh­li türk­men hal­ky­na iň go­wy ar­zuw­la­ry­ny be­ýan et­di.

22.08.2025

«Türkmenistan — Azerbaýjan — Özbegistan» formatyndaky üçtaraplaýyn duşuşyk

Şu gün “Awa­za” mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da­ky Kong­res­ler mer­ke­zin­de türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedowyň, Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Il­ham Ali­ýe­wiň we Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Şaw­kat Mir­zi­ýo­ýe­wiň ara­syn­da üç­ta­rap­la­ýyn du­şu­şyk ge­çi­ril­di.

Ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki du­şu­şyk baş­la­maz­dan ozal, we­ki­li­ýet­le­riň Baş­tu­tan­la­ry­nyň üç ýur­duň Döw­let baý­dak­la­ry­nyň hem-de du­şu­şy­gyň ban­ne­ri­niň öňün­de bi­le­lik­de su­ra­ta düş­mek da­ba­ra­sy bol­dy. Soň­ra üç­ta­rap­la­ýyn gör­nüş­de gep­le­şik­ler ge­çi­ril­di.

Türk­me­nis­ta­na sa­par bi­len gel­mek we ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki üç­ta­rap­la­ýyn du­şu­şy­gy ge­çir­mek ba­ra­da­ky ça­ky­ly­gy ka­bul eden­dik­le­ri üçin do­gan­lyk ýurt­la­ryň döw­let Baş­tu­tan­la­ry­na min­net­dar­lyk bil­di­rip, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz se­bi­tiň ýurt­la­ry­nyň halk­la­ry­ny kö­pa­syr­lyk dost-do­gan­lyk we hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk gat­na­şyk­la­ry­nyň, umu­my ta­ry­hy-me­de­ni, ru­hy gym­mat­lyk­la­ryň bag­la­nyş­dyr­ýan­dy­gy­ny aýt­dy. Bu bol­sa kö­pu­gur­ly gat­na­şyk­la­ryň iki­ta­rap­la­ýyn gör­nüş­de bol­şy ýa­ly, köp­ta­rap­la­ýyn gör­nüş­de-de pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy üçin berk bin­ýat bo­lup hyz­mat ed­ýär.

Hä­zir­ki wagt­da üç döw­le­tiň ara­syn­da sy­ýa­sy, yk­dy­sa­dy, me­de­ni we dur­muş ul­gam­la­ryn­da­ky gat­na­şyk­lar döw­re­bap gör­nüş­de ös­dü­ril­ýär. Şun­da söw­da-yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­ly­ga mö­hüm orun de­giş­li­dir. Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri du­şu­şy­gyň do­wa­myn­da bi­le­lik­dä­ki ta­gal­la­la­ryň müm­kin­çi­lik­le­ri­niň ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­jak­dy­gy­ny hem-de onuň ne­ti­je­le­ri bo­ýun­ça wa­jyp yla­la­şyk­la­ra gol çe­kil­jek­di­gi­ni aýt­dy.

Türk­me­nis­tan, Azer­baý­jan hem-de Öz­be­gis­tan Ýew­ra­zi­ýa­nyň çat­ry­gyn­da, geog­ra­fik taý­dan amat­ly ýer­de, ýag­ny Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň mö­hüm bö­le­gin­de ýer­leş­ýär. Mu­nuň özi ýurt­la­ryň te­bi­gy çig mal­la­ra baý bol­mak­la­ry bi­len, ener­ge­ti­ka, ulag-lo­gis­ti­ka ul­gam­la­ryn­da­ky hyz­mat­daş­ly­gy tä­ze de­re­jä çy­kar­mak­la­ry ba­bat­da oňaý­ly şert­le­ri dö­red­ýär. Mil­li Li­de­ri­miz şu­lar ba­ra­da aý­dyp, bar bo­lan müm­kin­çi­lik­le­ri ne­ti­je­li we do­ly kuw­wa­tyn­da ulan­ma­gyň bi­ziň do­gan­lyk halk­la­ry­my­zyň eş­ret­li, aba­dan, bag­ty­ýar dur­muş­da ýa­şa­ma­gy­ny üp­jün et­mä­ge, döw­let­le­ri­mi­ziň dün­ýä­dä­ki geo­sy­ýa­sy we geoyk­dy­sa­dy or­nu­ny ber­kit­mä­ge ýar­dam et­jek­di­gi­ne ynam bil­dir­di hem-de döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ryň gün ter­ti­bin­de me­de­ni-dur­muş ul­ga­myn­da­ky hyz­mat­daş­ly­gyň mö­hüm orun eýe­le­ýän­di­gi­ni nyg­ta­dy. Bu ugur­lar­da­ky hyz­mat­daş­ly­gyň gi­ňel­dil­me­gi halk­la­ry­my­zyň has-da ýa­kyn­laş­ma­gy­na we je­bis­leş­me­gi­ne iter­gi be­rer.

Halk­la­ryň baý me­de­ni mi­ra­sy­ny, di­li­ni, ede­bi­ýa­ty­ny, mil­li däp-des­sur­la­ry­ny, ha­ly­şy­nas­lyk, ama­ly-ha­şam we aý­dym-saz sun­ga­ty­ny go­rap sak­la­mak, ony dün­ýä de­re­je­sin­de wa­gyz et­mek bo­ýun­ça ta­gal­la­la­ry gol­da­mak hä­zir­ki döw­rüň wa­jyp we­zi­pe­si­dir. Hor­mat­ly Ar­ka­da­gy­myz ýo­ka­ry de­re­je­li du­şu­şy­gyň üs­tün­lik­li geç­jek­di­gi­ne ynam bil­di­rip, onuň ne­ti­je­le­ri­niň üç­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gy mun­dan beý­läk-de ös­dür­mä­ge we ber­kit­mä­ge, bi­le­lik­dä­ki mö­hüm tas­la­ma­lar­dyr baş­lan­gyç­la­ry dur­mu­şa ge­çir­mä­ge gö­nük­di­ri­len ze­rur ädim bol­jak­dy­gy­ny nyg­ta­dy. Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri do­gan­lyk ýurt­la­ryň döw­let Baş­tu­tan­la­ry­na alyp bar­ýan iş­le­rin­de uly üs­tün­lik­le­ri ar­zuw edip, çy­kyş et­mek üçin Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti­ne söz ber­di.

Pre­zi­dent Şaw­kat Mir­zi­ýo­ýew Ha­zar deň­zi­niň aja­ýyp ke­na­ryn­da­ky gep­le­şik­le­riň we du­şu­şy­gyň ýo­ka­ry gu­ra­ma­çy­lyk de­re­je­si­niň üp­jün edi­len­di­gi üçin Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­za tüýs ýü­rek­den ho­şal­lyk bil­dir­di. Şeý­le hem öz­bek Li­de­ri ýa­kyn­da Awa­za­da ge­çi­ri­len BMG-niň Deň­ze çy­kal­ga­sy bol­ma­dyk ösüp bar­ýan döw­let­ler bo­ýun­ça üçün­ji mas­la­ha­ty­nyň çäk­le­rin­de ka­bul edi­len çöz­güt­le­riň tu­tuş adam­za­dyň bäh­bi­di­ne gö­nük­di­ri­len­di­gi­ni bel­le­di. Mu­nuň özi oňa gat­na­şan döw­let­le­riň ta­ry­hy­na mö­hüm sa­hy­pa bo­lup ýa­zyl­dy.

Be­lent mer­te­be­li myh­man Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly­nyň 22-nji aw­gus­ty­nyň ta­ry­hy gü­ne öw­rü­len­di­gi­ni aý­ra­tyn nyg­ta­dy. Mu­nuň özi Ha­za­ryň aja­ýyp ke­na­ryn­da dö­re­di­len “Awa­za” mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gy­nyň şöh­ra­ty­nyň dün­ýä dol­ma­gy­na go­şant goş­ýar. Ta­ry­hy äh­mi­ýe­ti bo­lan du­şu­şy­gyň do­wa­myn­da ga­za­nyl­jak yla­la­şyk­lar üç­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­la­ryň hil taý­dan tä­ze de­re­jä çyk­ma­gy­na kuw­wat­ly iter­gi be­rer. Awa­za­da ge­çi­ri­len hal­ka­ra çä­re­le­riň ýo­ka­ry gu­ra­ma­çy­lyk de­re­je­si­niň üp­jün edil­me­gi Türk­me­nis­ta­nyň bu ugur­da baý tej­ri­be top­lan­dy­gy­ny gör­kez­ýär. Bu ba­ra­da aýt­mak bi­len, öz­bek Li­de­ri Türk­me­nis­ta­nyň hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň we Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ta­gal­la­la­ry ne­ti­je­sin­de dür­li ugur­lar bo­ýun­ça ägirt uly ösüş­le­ri ga­zan­ýan­dy­gy­ny bel­le­di. Mu­nuň özi hä­zir­ki dö­wür­de ýur­duň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň saz­la­şyk­ly ösü­şin­de, hal­kyň aba­dan dur­mu­şyn­da öz be­ýa­ny­ny tap­ýar. Şeý­le­lik­de, ok­gun­ly ösüş ýo­lu­na dü­şen Türk­me­nis­tan bi­len hyz­mat­daş­lyk et­mä­ge gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän ýurt­la­ryň sa­ny yzy­gi­der­li art­ýar. Bu bol­sa öza­ra bäh­bit­li we yna­nyş­mak esa­syn­da ýo­la go­ýul­ýan gat­na­şyk­la­ryň ägirt uly gel­je­gi­niň bar­dy­gy­nyň be­ýa­ny­dyr.

Pre­zi­dent Şaw­kat Mir­zi­ýo­ýew Türk­me­nis­ta­nyň we Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň ara­syn­da­ky gat­na­şyk­la­ryň stra­te­gik hä­si­ýe­te eýe­di­gi­ni bel­le­di. Bu bol­sa iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mä­ge, bi­le­lik­dä­ki mö­hüm tas­la­ma­la­ry dur­mu­şa ge­çir­mä­ge giň müm­kin­çi­lik­le­ri aç­ýar.

Üç­ta­rap­la­ýyn du­şu­şy­gyň do­wa­myn­da Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Il­ham Ali­ýew çy­kyş edip, bu du­şu­şy­gyň çäk­le­rin­de me­ýil­leş­di­ri­len çä­re­le­riň ýo­ka­ry gu­ra­ma­çy­lyk de­re­je­si­niň üp­jün edi­len­di­gi üçin ho­şal­lyk bil­dir­di. Şeý­le hem dost­luk­ly ýur­duň Baş­tu­ta­ny Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň şu ýy­lyň iýu­lyn­da Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­na ama­la aşy­ran we hyz­mat­daş­ly­gyň ta­ry­hy­nda tä­ze sa­hy­pa­ny açan sa­pa­ry­ny ýat­la­dy. Mu­nuň özi iki ýur­duň ara­syn­da­ky gat­na­şyk­la­ryň ös­dü­ril­me­gi­ne döw­let de­re­je­sin­de äh­mi­ýet be­ril­ýän­di­gi­niň aý­dyň my­sa­ly­dyr.

Azer­baý­ja­nyň ýan­gyç-ener­ge­ti­ka, ulag-lo­gis­ti­ka ul­gam­lar­da ýo­la go­ýul­ýan gat­na­şyk­la­ryň iş­jeň­leş­di­ril­me­gi­ne uly gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän­di­gi­ni aý­dyp, Pre­zi­dent Il­ham Ali­ýew de­giş­li ugur­lar­da bi­le­lik­dä­ki tas­la­ma­la­ry dur­mu­şa ge­çir­mek, öňe sü­rül­ýän baş­lan­gyç­la­ry ama­la aşyr­mak üçin ägirt uly müm­kin­çi­lik­le­riň bar­dy­gy­na ün­si çek­di. Şeý­le-de be­lent mer­te­be­li myh­man ýa­kyn­da Ha­za­ryň ke­na­ryn­da ge­çi­ri­len BMG-niň Deň­ze çy­kal­ga­sy bol­ma­dyk ösüp bar­ýan döw­let­ler bo­ýun­ça üçün­ji mas­la­ha­ty­nyň ta­ry­hy äh­mi­ýet­li wa­ka öw­rü­len­di­gi­ni bel­le­di. Fo­ru­myň çäk­le­rin­de ge­çi­ri­len çä­re­le­riň jem­le­ri bo­ýun­ça de­giş­li çöz­güt­le­riň ka­bul edil­me­gi we 2024 — 2034-nji ýyl­lar üçin He­re­ket­le­riň Awa­za mak­sat­na­ma­sy­nyň yg­lan edil­me­gi hem-de Awa­za sy­ýa­sy Jar­na­ma­synyň ka­bul edil­me­gi tu­tuş dün­ýä ýurt­la­ry üçin mö­hüm çöz­güt­ler hök­mün­de ka­bul edil­di.

Şu gün­ki du­şu­şyk­la­ryň we gep­le­şik­le­riň jem­le­ri bo­ýun­ça gol çe­kil­jek res­mi­na­ma­la­ryň ha­ta­ryn­da Azer­baý­ja­nyň Fi­zu­li şä­he­ri bi­len türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri­niň baş­lan­gy­jy bi­len gur­lan Ar­ka­dag şä­he­ri­niň ara­syn­da do­gan­lyk gat­na­şyk­la­ry­ny ýo­la goý­mak ha­kyn­da Tes­wir­na­ma gol çe­kil­jek­di­gi aý­ra­tyn nyg­tal­dy. Mu­nuň özi iki ýur­duň ara­syn­da­ky gat­na­şyk­la­ryň has ne­ti­je­li we ýyg­jam hä­si­ýe­te eýe bol­ma­gy­ny şert­len­di­rer.

Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz çy­kyş­lar üçin min­net­dar­lyk bil­di­rip, hä­zir­ki wagt­da Türk­me­nis­ta­nyň, Azer­baý­ja­nyň we Öz­be­gis­ta­nyň sy­ýa­sy-dip­lo­ma­tik ul­gam­da öza­ra gat­na­şyk­la­ryň ýo­ka­ry nus­ga­sy­ny gör­ke­zip, äh­lu­mu­my pa­ra­hat­çy­ly­gy, howp­suz­ly­gy, dur­nuk­ly ösü­şi üp­jün et­mä­ge sal­dam­ly go­şant goş­ýan­dyk­la­ry­ny bel­le­di. “Bi­ziň ýurt­la­ry­myz iri hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň, il­kin­ji no­bat­da, Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň, Go­şu­lyş­maz­lyk He­re­ke­ti­niň, Ys­lam Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy­nyň, Tür­ki Döw­let­le­riň Gu­ra­ma­sy­nyň, Yk­dy­sa­dy Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy­nyň, beý­le­ki hal­ka­ra dü­züm­le­riň çäk­le­rin­de üs­tün­lik­li we ne­ti­je­li hyz­mat­daş­lyk ed­ýär­ler” di­ýip, türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri aýt­dy.

Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Türk­me­nis­ta­nyň baş­lan­gy­jy bo­ýun­ça BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy ta­ra­pyn­dan ka­bul edi­len Ka­rar­na­ma la­ýyk­lyk­da, 2025-nji ýy­lyň “Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly” şy­ga­ry as­tyn­da geç­ýän­di­gi­ne ün­si çe­kip, hem­me­le­ri Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly­na hem-de Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­nyň 30 ýyl­ly­gy­na ba­gyş­la­nyp ge­çi­ril­jek hal­ka­ra fo­ru­ma gat­naş­mak üçin Türk­me­nis­ta­na gel­mä­ge ça­gyr­dy.

“Soň­ky ýyl­lar­da dür­li ugur­lar bo­ýun­ça gat­na­şyk­la­ry­my­zy ös­dür­mek üçin üç döw­let ta­ra­pyn­dan uly ta­gal­la­lar edil­di. Biz esa­sy ul­gam­lar­da — sy­ýa­sat­da, ener­ge­ti­ka­da, ulag­da, söw­da­da, se­na­gat­da, ma­ýa go­ýum­lar­da, tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­lar­da, san­ly­laş­dyr­mak­da, me­de­ni­ýet­de, ylym­da we bi­lim­de hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek üçin mö­hüm çä­re­le­ri gör­ýä­ris. Bu bol­sa öz oňyn ne­ti­je­si­ni ber­ýär” di­ýip, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz sö­zü­ni do­wam et­di.

Türk­me­nis­ta­nyň, Azer­baý­ja­nyň, Öz­be­gis­ta­nyň ener­ge­ti­ka ul­ga­myn­da hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek­de, ener­gi­ýa se­riş­de­le­ri­ni hal­ka­ra ba­zar­la­ra iber­me­giň tä­ze ugur­la­ryn­dan peý­da­lan­mak­da go­şan­dy örän ulu­dyr. De­mir­ga­zyk — Gü­nor­ta we Gün­do­gar — Gün­ba­tar ugur­la­ry bo­ýun­ça ulag ge­çel­ge­le­ri­ni pug­ta­lan­dyr­mak­da hem-de iş­jeň­leş­dir­mek­de, bi­ziň çäk­le­ri­miz­de ne­ti­je­li lo­gis­ti­ka dü­zü­mi­ni dö­ret­mek­de se­bi­tiň ýurt­la­ry mö­hüm or­ny eýe­le­ýär. Şun­da söw­da, se­na­gat, eko­lo­gi­ýa, daş­ky gur­şaw, oba ho­ja­ly­gy we beý­le­ki ugur­lar bi­len bag­ly me­se­le­le­riň üs­tün­lik­li çö­zül­me­gi bi­le­lik­dä­ki ta­gal­la­la­ra bag­ly­dyr. Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri şu gün­ki du­şu­şy­gyň do­wa­myn­da ýurt­la­ry­myz üçin örän äh­mi­ýet­li bo­lan me­se­le­le­riň bir­nä­çe­si­ne ga­ral­jak­dy­gy­ny aýt­dy. Bu me­se­le­le­riň oňyn çö­zül­me­gi Türk­me­nis­ta­nyň, Azer­baý­ja­nyň we Öz­be­gis­ta­nyň uzak möh­let­li gel­jek üçin hyz­mat­daş­ly­gy­nyň üs­tün­lik­li bol­ma­gy­ny üp­jün eder.

Hä­zir­ki wagt­da dün­ýä­de ener­gi­ýa se­riş­de­le­ri­ne bo­lan is­leg­le­ri do­ly üp­jün et­mek­de mil­li ener­ge­ti­ka ul­gam­la­ry­nyň yg­ty­bar­ly go­ru­ny dö­ret­mek ze­rur bo­lup dur­ýar. Bu stra­te­gik mak­sat­la­ra ýet­mek üçin ul­gam­la­ýyn çe­me­leş­me hem-de üç döw­le­tiň gat­naş­ma­gyn­da top­lum­la­ýyn, he­mi­şe he­re­ket ed­ýän ener­gi­ýa se­riş­de­ler ul­ga­my­ny dö­ret­mek bo­ýun­ça ne­ti­je­li hyz­mat­daş­lyk möhümdir. Ener­ge­ti­ka hyz­mat­daş­ly­gy­ny ös­dür­me­giň çäk­le­rin­de elekt­rik ener­gi­ýa­sy­nyň eks­por­ty­nyň uly äh­mi­ýe­te eýe­di­gi­ni aý­dyp, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz bu ul­gam­da Öz­be­gis­tan bi­len ýo­la goý­lan gat­na­şyk­lar­da oňyn tej­ri­be top­la­nan­dy­gy­ny nyg­ta­dy. Mä­lim bol­şy ýa­ly, Türk­me­nis­tan her ýyl Öz­be­gis­ta­na elekt­rik ener­gi­ýa­sy­nyň köp möç­be­ri­ni iber­ýär.

Mil­li Li­de­ri­miz gel­jek­de türk­men elekt­rik ener­gi­ýa­sy­ny Azer­baý­ja­na iber­mek müm­kin­çi­li­gi­niň bar­dy­gy­ny bel­läp, hä­zir­ki wagt­da Ha­za­ryň türk­men ke­na­ryn­da kuw­wat­ly­ly­gy 1 müň 574 me­ga­wat bo­lan tä­ze elekt­rik stan­si­ýa­sy­nyň işe gi­ri­zil­me­gi­niň türk­men elekt­rik ener­gi­ýa­sy­ny Azer­baý­ja­na we onuň çä­gi ar­ka­ly Ýew­ro­pa ýurt­la­ry­na iber­mek üçin goş­ma­ça müm­kin­çi­lik­le­ri dö­ret­jek­di­gi­ne ynam bil­dir­di. Şu­nuň bi­len bir ha­tar­da, Türk­me­nis­tan­dan Azer­baý­ja­na we Öz­be­gis­ta­na te­bi­gy ga­zy iber­mek bi­len bag­la­ny­şyk­ly me­se­le­le­riň ara alnyp mas­la­hat­la­şyl­ma­gy­nyň wa­jyp­dy­gy nyg­tal­dy.

“Üç­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­lyk­da ulag ul­ga­my aý­ra­tyn äh­mi­ýet­li or­ny eýe­le­ýär. Yk­dy­sa­dy­ýe­tiň bu ul­ga­myn­da bi­ziň ýurt­la­ry­my­zyň ara­syn­da­ky gat­na­şyk­lar Mer­ke­zi Azi­ýa­nyň we Ha­zar se­bi­ti­niň ýurt­la­ry­nyň ös­me­gi üçin stra­te­gik äh­mi­ýe­te eýe­dir” di­ýip, hor­mat­ly Ar­ka­da­gy­myz bel­le­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Azi­ýa­ny Ýew­ro­pa bi­len bir­leş­dir­ýän ulag ge­çel­ge­le­ri­niň bi­ziň ýurt­la­ry­my­zyň çä­gin­den, şeý­le-de Ha­zar we Ga­ra de­ňiz­le­ri­niň üs­tün­den ge­çip, yk­ly­myň köp ýurt­la­ry­nyň yk­dy­sa­dy­ýet­le­ri­niň ösü­şin­de mö­hüm orun eýe­le­ýän­di­gi­ne ün­si çe­kip, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy bu ge­çel­ge­le­riň ulag ugur­la­ry­ny köp­ta­rap­ly esas­da ös­dür­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­jek­di­gi­ni aýt­dy. “Mu­nuň özi üç ýur­duň üs­ta­şyr ge­çi­ri­ji­lik kuw­wa­ty­ny pug­ta­lan­dyr­ma­ga ýar­dam eder. Hä­zir­ki aja­ýyp müm­kin­çi­lik­den peý­da­lan­ma­gy­my­zy hem-de Türk­me­nis­ta­nyň, Azer­baý­ja­nyň we Öz­be­gis­ta­nyň bi­te­wi ulag stra­te­gi­ýa­sy­ny dö­ret­mä­ge gi­riş­me­gi­mi­zi ze­rur ha­sap­la­ýa­ryn” di­ýip, Mil­li Li­de­ri­miz bel­le­di.

Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri ulag-lo­gis­ti­ka ul­ga­myn­da hyz­mat­daş­ly­gyň ne­ti­je­li­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­mak üçin hal­ka­ra de­re­je­de yla­la­şyk­ly we mak­sa­da­la­ýyk ulag dip­lo­ma­ti­ýa­sy­ny ama­la aşyr­ma­gyň ze­rur­dy­gy­ny aý­dyp, BMG-niň Ýew­ro­pa yk­dy­sa­dy ko­mis­si­ýa­sy, BMG-niň Azi­ýa — Ýu­waş um­man se­bi­ti üçin Yk­dy­sa­dy we Dur­muş ko­mis­si­ýa­sy, Hal­ka­ra aw­to­mo­bil ulag­la­ry bir­le­şi­gi, De­mir ýol­la­ryň hyz­mat­daş­lyk gu­ra­ma­sy, Hal­ka­ra De­ňiz Gu­ra­ma­sy bi­len gat­na­şyk­la­ryň ös­dü­ril­me­gi­niň ze­rur­dy­gy­na ün­si çek­di.

Uzak möh­let­le­ýin dost­luk we hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk däp­le­ri­ne da­ýa­nyp, öza­ra ha­ryt do­la­ny­şy­gy­ny ep-es­li art­dyr­mak, yk­dy­sa­dy ösü­şi hö­wes­len­dir­mek me­se­le­le­ri­ne mö­hüm or­nuň de­giş­li­di­gi­ni aý­dyp, hor­mat­ly Ar­ka­da­gy­myz söw­da­ny gi­ňelt­mek mak­sa­dy bi­len, ho­ja­ly­gy ýö­red­ýän dü­züm­le­riň ara­syn­da öza­ra gat­na­şyk­la­ryň tä­ze gör­nüş­le­ri­ni dö­ret­me­giň we ony iş­jeň ulan­ma­gyň mak­sa­da­la­ýyk bol­jak­dy­gy­ny nyg­ta­dy. Şun­da “Da­şo­guz — Şa­bat” ser­het­ýa­ka söw­da zo­la­gy­nyň şu ýy­lyň ahy­ry­na çen­li işe gi­ri­zil­jek­di­gi­ne ynam bil­di­ril­di. Mil­li Li­de­ri­miz se­na­gat koo­pe­ra­si­ýa­sy­ny ýo­la goý­mak ba­bat­da 2026 — 2035-nji ýyl­lar döw­ri üçin üç ýur­duň çä­gin­de se­na­gat tas­la­ma­la­ry­na bi­le­lik­dä­ki ma­ýa go­ýum­la­ryň mak­sat­na­ma­sy­ny taý­ýar­la­mak ba­ra­da­ky baş­lan­gy­jy öňe sü­rüp, bu çe­me­leş­mä­niň teh­no­lo­gi­ýa­la­ry ne­ti­je­li alyş­ma­ga, tä­ze iş orun­la­ry­ny dö­ret­mä­ge, dün­ýä ba­zar­la­ryn­da önüm­le­riň mil­li gör­nüş­le­ri­niň bäs­deş­li­ge ukyp­ly­ly­gy­ny ýo­kar­lan­dyr­ma­ga ýar­dam et­jek­di­gi­ne ynam bil­dir­di.

Me­de­ni-yn­san­per­wer ul­gam­da­ky hyz­mat­daş­lyk hem Türk­me­nis­ta­nyň, Azer­baý­ja­nyň we Öz­be­gis­ta­nyň gat­na­şyk­la­ry­nyň ile­ri tu­tul­ýan ug­ry bo­lup dur­ýar. Bi­ziň halk­la­ry­my­zy umu­my me­de­ni we ru­hy gym­mat­lyk­lar, däp-des­sur­lar bir­leş­dir­ýär. Hut şu ta­ry­hy umu­my­lyk giň ugur­lar bo­ýun­ça hem­me­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­la­ry ös­dür­mek üçin esas bo­lup hyz­mat ed­ýär. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz şu­lar ba­ra­da aý­dyp, şu gün­ki du­şu­şy­gyň Türk­me­nis­ta­nyň, Azer­baý­ja­nyň we Öz­be­gis­ta­nyň ara­syn­da­ky kö­pu­gur­ly hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek­de tap­gyr­la­ýyn wa­ka bol­jak­dy­gy­na ynam bil­dir­di we Pre­zi­dent­ler Il­ham Ali­ýe­we hem-de Şaw­kat Mir­zi­ýo­ýe­we ýur­du­myz bi­len gat­na­şyk­la­ry ös­dür­mä­ge goş­ýan şah­sy go­şant­la­ry üçin min­net­dar­lyk bil­dir­di.

Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedow çy­ky­şy­nyň ahy­ryn­da türk­men ta­ra­py­nyň öza­ra yna­nyş­ma­gyň, dü­şü­niş­me­giň we hyz­mat­daş­ly­gyň de­re­je­si­ne ýo­ka­ry ba­ha ber­ýän­di­gi­ni aý­dyp, üç döw­le­tiň hem-de ola­ryň halk­la­ry­nyň bäh­bi­di­ne öza­ra gat­na­şyk­la­ry mun­dan beý­läk-de ös­dür­mek üçin äh­li ta­gal­la­la­ry et­mä­ge taý­ýar­dy­gy­ny bel­le­di.

Türk­me­nis­ta­nyň, Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­nyň we Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň ýo­ka­ry de­re­je­li üç­ta­rap­la­ýyn du­şu­şy­gy ta­mam­la­nan­dan soň­ra, res­mi­na­ma­la­ra gol çek­mek da­ba­ra­sy bol­dy. Onuň çäk­le­rin­de “Türk­men­ho­wa­ýol­la­ry” döw­let gul­lu­gy bi­len Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­nyň San­ly ösüş we ulag mi­nistr­li­gi­niň ara­syn­da hal­ka­ra ho­wa gat­na­wy­ny mun­dan beý­läk-de ös­dür­mek ba­ra­da öza­ra dü­şü­niş­mek ha­kyn­da Äht­na­ma; Ar­ka­dag şä­he­ri (Türk­me­nis­tan) bi­len Fi­zu­li şä­he­ri­niň (Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy) ara­syn­da do­gan­lyk gat­na­şyk­la­ry­ny ýo­la goý­mak ha­kyn­da Tes­wir­na­ma; Türk­me­nis­ta­nyň De­ňiz we der­ýa ulag­la­ry döw­let gul­lu­gy bi­len Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Ulag mi­nistr­li­gi­niň ara­syn­da gä­mi gur­lu­şy­gy ba­bat­da hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek bo­ýun­ça öza­ra dü­şü­niş­mek ha­kyn­da Äht­na­ma; «Türk­men­ho­wa­ýol­la­ry» döw­let gul­lu­gy bi­len Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Ulag mi­nistr­li­gi­niň ara­syn­da ra­ýat awia­si­ýa pu­da­gyn­da hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek ha­kyn­da Tes­wir­na­ma; Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let ha­ryt-çig mal bir­ža­sy bi­len «Öz­bek res­pub­li­kan ha­ryt-çig mal bir­ža­sy» paý­dar­lar jem­gy­ýe­ti­niň ara­syn­da hyz­mat­daş­lyk et­mek ha­kyn­da Yla­la­şy­ga; Türk­me­nis­ta­nyň De­mir ýol ulag­la­ry mi­nistr­li­gi­niň, Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­nyň San­ly ösüş we ulag mi­nistr­li­gi­niň hem-de Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Ulag mi­nistr­li­gi­niň ara­syn­da ulag-lo­gis­ti­ka hyz­mat­daş­ly­gy ba­bat­da öza­ra dü­şü­niş­mek ha­kyn­da Äht­na­ma gol çe­kil­di.

Ýo­ka­ry de­re­je­li du­şu­şy­gyň jem­le­ri bo­ýun­ça türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedow, Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Il­ham Ali­ýew hem-de Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Şaw­kat Mir­zi­ýo­ýew Türk­me­nis­ta­nyň, Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­nyň we Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Bi­le­lik­dä­ki Be­ýan­na­ma­sy­ny ka­bul et­di­ler. Res­mi­na­ma­da üç­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gy mun­dan beý­läk-de ös­dür­me­giň pa­ra­hat­çy­ly­gy, dur­nuk­ly­ly­gy üp­jün et­mä­ge, se­bit we äh­lu­mu­my de­re­je­de yna­nyş­ma­gy, öza­ra dü­şü­niş­me­gi ber­kit­mä­ge hyz­mat et­jek­di­gi ba­ra­da­ky pi­kir be­ýan edil­ýär.

Res­mi­na­ma­la­ra gol çek­mek da­ba­ra­sy ta­mam­la­nan­dan soň­ra, du­şu­şy­gyň jem­le­ri bo­ýun­ça türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz, Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti we Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti met­bu­gat we­kil­le­ri­ne ýüz­len­me bi­len çy­kyş et­di­ler.

Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy ge­çi­ri­len gep­le­şik­le­riň jem­le­ri­ni tes­wir­läp, üç­ta­rap­la­ýyn du­şu­şy­ga gat­naş­ma­ga ça­ky­ly­gy ka­bul eden­dik­le­ri üçin Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Il­ham Ali­ýe­we we Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Şaw­kat Mir­zi­ýo­ýe­we tüýs ýü­rek­den min­net­dar­lyk bil­dir­di. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň bel­leý­şi ýa­ly, bu gün­ki du­şu­şyk, ha­ky­kat­dan-da mö­hüm wa­ka bo­lup dur­ýar. Çün­ki gep­le­şik­le­riň do­wa­myn­da dür­li ugur­lar­da hyz­mat­daş­ly­gy pug­ta­lan­dyr­ma­gyň der­wa­ýys me­se­le­le­ri­ne se­re­dil­di. Ylaý­ta-da, has wa­jyp sy­ýa­sy-yk­dy­sa­dy, me­de­ni-yn­san­per­wer ul­gam­la­ra de­giş­li so­rag­la­ra üns çe­kil­di.

“Hä­zir­ki wagt­da Türk­me­nis­tan, Azer­baý­jan we Öz­be­gis­tan di­ňe bir se­bit­de däl, eý­sem, tu­tuş dün­ýä gi­ňiş­li­gin­de-de ab­raý­ly hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň, hu­su­san-da, Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň çäk­le­rin­de adyl hem-de açyk sy­ýa­sa­ty alyp bar­ýar­lar. Esa­sy alyp bar­ýan sy­ýa­sa­ty­myz bi­rek-bi­re­ge hor­mat goý­mak, de­ňag­ram­ly­lyk, deň­hu­kuk­ly­lyk esa­syn­da se­bit­de we dün­ýä­de pa­ra­hat­çy­ly­gy, aba­dan­çy­ly­gy pug­ta­lan­dyr­mak­dan yba­rat­dyr. Yk­dy­sa­dy ug­ra hem de­gip geç­mek bi­len, ýurt­la­ry­my­zyň kuw­wat­lyk­la­ry di­ňe bir se­bit­de däl, eý­sem, tu­tuş Ýew­ra­zi­ýa­da-da geoyk­dy­sa­dy bäh­bit­le­re iter­gi be­rer di­ýip ha­sap ed­ýä­ris. Bu ba­bat­da bir­nä­çe my­sal­la­ry aý­dyp geç­mek bo­lar. Elekt­roe­ner­ge­ti­ka ba­ra­da aý­da­ny­myz­da, bu ugur­da ozal­dan gel­ýän hyz­mat­daş­ly­gyň oňyn tej­ri­be­si bar. Şeý­le hem gaz pu­da­gyn­da üç ýur­duň ara­syn­da stra­te­gik öza­ra hyz­mat­daş­ly­gyň uly müm­kin­çi­lik­le­ri­niň bar­dy­gy­ny bel­läp geç­dik we bu me­se­le­le­ri ara alyp mas­la­hat­laş­ma­ga taý­ýar­dy­gy­my­zy be­ýan et­dik” di­ýip, türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri sö­zü­ni do­wam et­di.

Ulag pu­da­gy hem üç döw­le­tiň ara­syn­da­ky hyz­mat­daş­ly­gyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri­dir. Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ug­ry bi­len Azi­ýa­ny we Ýew­ro­pa­ny bir­leş­dir­ýän ulag ge­çel­ge­le­ri­ni we ugur­la­ry­ny, ola­ryň inf­rast­ruk­tu­ra­sy­ny has-da iş­jeň ulan­mak hem-de gi­ňelt­mek üçin müm­kin­çi­lik­le­r bar. Hu­su­san-da, Mer­ke­zi Azi­ýa­nyň hem-de Ha­za­rüs­ti se­bi­tiň üs­ta­şyr ge­çi­riş müm­kin­çi­lik­le­rin­den ne­ti­je­li peý­da­lan­mak ze­rur­dyr.

“Ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki du­şu­şy­gyň do­wa­myn­da üç do­gan­lyk ýur­duň halk­la­ry­nyň ara­syn­da­ky giň ge­rim­li yn­san­per­wer gat­na­şyk­la­ry mun­dan beý­läk-de ös­dür­mek bo­ýun­ça amat­ly şert­le­ri dö­ret­mek ba­bat­da yla­la­şyk ga­za­nyl­dy. El­bet­de, bu hyz­mat­daş­lyk ylym, bi­lim, sag­ly­gy go­ra­ýyş, sport, me­de­ni­ýet, sun­gat, hu­su­san-da, aý­dym-saz, ha­ly­çy­lyk, at­şy­nas­lyk ýa­ly beý­le­ki köp san­ly yn­san­per­wer ugur­la­ry öz içi­ne al­ýar. Umu­man, bu du­şu­şyk bi­ziň üçin tä­ze müm­kin­çi­lik­le­ri aç­ýar” di­ýip, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy nyg­ta­dy we hä­zir­ki wagt­da ýurt­la­ry­my­zyň öz öňün­de go­ýan mak­sat­la­ry­na ýet­mek­le­ri ba­bat­da äh­li şert­le­riň bar­dy­gy­na berk ynam bil­dir­di. Müm­kin­çi­lik­den peý­da­la­nyp, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz Azer­baý­ja­nyň we Öz­be­gis­ta­nyň do­gan­lyk halk­la­ry­na pa­ra­hat­çy­lyk, aba­dan­çy­lyk ar­zuw et­di.

Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň we­kil­le­ri­ne ýüz­le­nip, şu gün­ki du­şu­şy­gyň ýo­ka­ry de­re­je­de gu­ra­lan­dy­gy we mä­hir­li ka­bul eden­di­gi üçin türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri­ne tüýs ýü­rek­den ho­şal­lyk bil­dir­di. Ol iki hep­de mun­dan ozal hut şu ýer­de, aja­ýyp Awa­za­da Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň mö­hüm fo­ru­my­nyň — Deň­ze çy­kal­ga­sy bol­ma­dyk ösüp bar­ýan döw­let­ler bo­ýun­ça üçün­ji mas­la­ha­tyň ge­çi­ri­len­di­gi­ni bel­läp, Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­lyn­da se­bit üçin örän wa­jyp me­se­le­le­riň äh­lu­mu­my hä­si­ýet­li pi­kir alyş­ma­la­ryň üns mer­ke­zin­de bo­lan­dy­gy­ny nyg­ta­dy. Pur­sat­dan peý­da­la­nyp, Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Şaw­kat Mir­zi­ýo­ýew Türk­me­nis­ta­nyň hal­ky­ny oňyn Bi­ta­rap­lyk sy­ýa­sa­ty­nyň bu uly üs­tün­li­gi bi­len ýe­ne-de bir ge­zek gut­la­dy.

“Gü­nor­ta Kaw­kaz­da uzak möh­let­li pa­ra­hat­çy­ly­gyň we dur­nuk­ly­ly­gyň ber­ka­rar bol­ma­gy do­gan­lyk Azer­baý­ja­nyň yk­dy­sa­dy, ulag, ener­ge­ti­ka, yn­san­per­wer ul­gam­lar­da­ky hyz­mat­daş­ly­gy­ny ös­dür­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär. Ol hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gyň ägirt uly kuw­wa­tyn­dan do­ly de­re­je­de peý­da­lan­ma­ga ýar­dam ed­ýär” di­ýip, öz­bek Li­de­ri sö­zü­ni do­wam et­di. Ol şu gün üç­ta­rap­la­ýyn for­mat­da ge­çi­ri­len oňyn we ne­ti­je­li gep­le­şik­le­re çuň­ňur ka­na­gat­lan­ma bil­dir­ýän­di­gi­ni nyg­tap, bu du­şu­şy­gyň halk­la­ry­my­zyň bäh­bi­di­ne stra­te­gik esas­da ýo­la go­ýul­ýan hyz­mat­daş­ly­gy çuň­laş­dyr­ma­ga berk bin­ýat bo­lup hyz­mat et­jek­di­gi­ne ynam bil­dir­di.

Pre­zi­dent Şaw­kat Mir­zi­ýo­ýew ser­het­ýa­ka ýurt­la­ryň yk­dy­sa­dy­ýet­le­ri­niň bi­ri-bi­ri­niň üs­tü­ni ýe­tir­ýän­di­gi­ne we ulag-kom­mu­ni­ka­si­ýa öza­ra bag­la­ny­şy­gy­na ün­si çe­kip, bu ýurt­la­ryň ulag-kom­mu­ni­ka­si­ýa ba­bat­da öza­ra bag­la­ny­şy­gy na­za­ra al­nan­da, onuň ta­rap­la­ra bäh­bit ge­tir­ýän­di­gi­ni nyg­ta­dy. Üs­ta­şyr ge­çel­ge­le­ri ös­dür­mek, şol san­da Türk­men­ba­şy­nyň we Ba­ku­wyň port­la­ry­nyň müm­kin­çi­lik­le­rin­den ne­ti­je­li peý­da­lan­mak, döw­re­bap lo­gis­ti­ka dü­zü­mi­ni dö­ret­mek me­se­le­le­ri-de hä­zir­ki döw­rüň mö­hüm we­zi­pe­le­ri­niň ha­ta­ryn­da­dyr. Mil­li ulag ul­gam­la­ry­nyň ýa­kyn­laş­ma­gy­ny çuň­laş­dyr­mak mak­sa­dy bi­len, se­bit­de he­re­ket ed­ýän we hyz­mat­daş­ly­gyň gel­jek­ki ugur­la­ry­ny öz içi­ne al­ýan me­ýil­na­ma­la­ryň ara al­nyp mas­la­hat­la­şy­lan­dy­gy­ny bel­läp, Öz­be­gis­ta­nyň Baş­tu­ta­ny ta­rap­la­ryň ulag-lo­gis­ti­ka dü­züm­le­ri­niň işi­ni kä­mil­leş­dir­mek, Ha­zar deň­zi­niň üs­ti bi­len gä­mi gat­naw­la­ry­ny yzy­gi­der­li ýo­la goý­mak işin­de bi­le­lik­de ta­gal­la et­mek ba­ra­da yla­la­şan­dyk­la­ry­na ün­si çek­di. Mun­dan baş­ga-da, üç ýur­duň ener­ge­ti­ka ul­ga­myn­da­ky hyz­mat­daş­ly­gyň müm­kin­çi­lik­le­ri­ne üns be­ril­di.

Öza­ra ha­ryt do­la­ny­şy­gy­nyň möç­be­ri­ni art­dyr­mak bi­len bag­la­ny­şyk­ly me­se­le­ler hem gep­le­şik­le­riň gün ter­ti­bin­de mö­hüm or­ny eýe­le­di. Şun­da mil­li kär­ha­na­la­ryň ön­dür­ýän ýo­ka­ry hil­li önüm­le­ri­niň eks­port-im­port amal­la­ry­nyň äh­mi­ýe­ti ba­ra­da aý­dyp, Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti hyz­mat­daş­ly­gyň bar bo­lan müm­kin­çi­lik­le­rin­den has do­ly peý­da­lan­mak ar­ka­ly tä­ze ma­ýa go­ýum tas­la­ma­la­ry­ny dur­mu­şa ge­çir­mek üçin ze­rur şert­le­riň dö­re­dil­ýän­di­gi­ni bel­le­di. Pre­zi­dent Şaw­kat Mir­zi­ýo­ýew çy­ky­şy­nyň ahy­ryn­da şu gün­ki ta­ry­hy du­şu­şy­gyň ýurt­la­ryň ara­syn­da­ky öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­ly­gy çuň­laş­dyr­ma­ga, dur­nuk­ly söw­da, ulag we ener­ge­ti­ka ge­çel­ge­le­ri­ni dö­ret­mä­ge, se­bit­de ýa­kyn­laş­mak işi­ni çalt­lan­dyr­ma­ga hyz­mat et­jek­di­gi­ne ynam bil­dir­di.

Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Il­ham Ali­ýew du­şu­şy­gyň jem­le­ri­ni be­ýan et­mek bi­len, türk­men top­ra­gyn­da bil­di­ri­len myh­man­sö­ýer­lik üçin Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­za tüýs ýü­rek­den ho­şal­lyk bil­dir­di.

“Iri hal­ka­ra fo­rum­la­ryň ge­çi­ril­ýän mer­ke­zi­ne öw­rü­len Ha­zar deň­zi­niň ke­na­ryn­da­ky “Awa­za” mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da ama­la aşy­ryl­ýan giň ge­rim­li iş­ler do­gan­lyk Türk­me­nis­ta­nyň ösüş­le­riň tä­ze be­lent­lik­le­ri­ne ta­rap ynam­ly öňe bar­ýan­dy­gy­ny ala­mat­lan­dyr­ýar” di­ýip, dost­luk­ly ýur­duň Pre­zi­den­ti sö­zü­ni do­wam et­di. Şu­nuň bi­len bir­lik­de, ol Türk­me­nis­ta­nyň beý­le­ki se­bit­le­rin­de hem döw­re­bap oba-şä­her­le­riň gu­rul­ýan­dy­gyny, türk­men hal­ky­nyň aba­dan dur­mu­şy­ny üp­jün et­me­giň yg­ty­bar­ly bin­ýa­dy­nyň dö­re­dil­ýän­di­gi­ni gör­kez­ýär.

“Türk­men we azer­baý­jan halk­la­ry asyr­la­ryň do­wa­myn­da do­gan­lar­ça ýa­şap­dyr­lar, dur­mu­şyň dür­li tap­gyr­la­ryn­da bi­rek-bi­re­ge gol­daw ber­mek ar­ka­ly egin-eg­ne be­rip, öz ýurt­la­ry­nyň aba­dan­çy­ly­gy ug­run­da gö­re­şip­dir­ler. Şu ýy­lyň iýu­lyn­da me­niň ça­ky­ly­gym bo­ýun­ça Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedow Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­syn­da sa­par­da bo­lup, ýur­du­myz­da ama­la aşy­ryl­ýan iş­ler, azer­baý­jan hal­ky­nyň däp-des­sur­la­ry, me­de­ni­ýe­ti we sun­ga­ty, meş­hur azer­baý­jan şah­sy­ýet­le­ri­niň dö­re­di­ji­li­gi, dur­mu­şy bi­len iç­gin ta­nyş­dy. Şol sa­pa­ryň do­wa­myn­da biz köp me­se­le­le­ri ara alyp mas­la­hat­laş­dyk” di­ýip, Azer­baý­ja­nyň Li­de­ri sö­zü­ni do­wam et­di.

Pre­zi­dent Il­ham Ali­ýew şu ge­zek­ki ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki du­şu­şy­gy ge­çir­mek baş­lan­gy­jy üçin türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri­ne ho­şal­ly­gy­ny be­ýan edip, türk­men, azer­baý­jan we öz­bek halk­la­ry­nyň mun­dan beý­läk-de je­bis­leş­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len üç­ta­rap­la­ýyn gep­le­şik­le­riň ta­ry­hy äh­mi­ýe­te eýe­di­gi­ni bel­le­di. “He­mi­şe­lik esas­da iş­le­ýän üç­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­lyk for­ma­ty­ny dö­ret­mek ba­ra­da de­giş­li döw­let dü­züm­le­ri­ne anyk gör­kez­me­le­ri ber­mek, şeý­le­lik­de, hyz­mat­daş­lyk bo­ýun­ça tek­lip­le­ri taý­ýar­la­mak mak­sa­da­la­ýyk ha­sap­lan­dy. Şu gün üs­ta­şyr ulag, lo­gis­ti­ka, elekt­roe­ner­ge­ti­ka, gaz kän­le­ri­ni öz­leş­dir­mek, me­de­ni gat­na­şyk­lar bi­len bag­la­ny­şyk­ly me­se­le­ler ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy” di­ýip, Pre­zi­dent Il­ham Ali­ýew bu me­se­le­le­riň oňyn çö­zül­me­gi­niň se­bit­de pa­ra­hat­çy­ly­gy, dur­nuk­ly ösü­şi üp­jün et­mä­ge ýar­dam ber­jek­di­gi­ne ynam bil­dir­di. Dost­luk­ly ýur­duň Baş­tu­ta­ny du­şu­şy­gyň do­wa­myn­da Ar­ka­dag we Fi­zu­li şä­her­le­ri­niň ara­syn­da do­gan­lyk gat­na­şyk­la­ry­ny ýo­la goý­mak ba­ra­da yla­la­şy­gyň ga­za­ny­lan­dy­gy­ny ha­bar be­rip, mu­nuň ga­dym­dan gel­ýän dost-do­gan­lyk gat­na­şyk­la­ry­nyň do­wa­mat bol­ýan­dy­gy­nyň gü­wä­si­di­gi­ni nyg­ta­dy. “Iki Ga­raş­syz döw­le­tiň ga­dy­my­ýet­den gel­ýän do­gan­lyk gat­na­şyk­la­ryn­dan göz­baş al­ýan ýö­rel­ge­le­riň we asyl­ly iş­le­riň be­lent sep­git­le­re ýet­jek­di­gi­ne berk ynan­ýa­ryn” di­ýip, Azer­baý­ja­nyň Li­de­ri sö­zü­ni jem­le­di.

Met­bu­gat mas­la­ha­ty ta­mam­la­nan­dan soň­ra, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz, Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­nyň we Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­dent­le­ri bi­le­lik­de ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki üç­ta­rap­la­ýyn du­şu­şyk my­na­sy­bet­li me­ýil­leş­di­ri­len me­de­ni çä­re­le­riň ge­çi­ril­ýän ýe­ri­ne ug­ra­dy­lar.

Ra­hat dynç al­mak, sag­ly­gy ber­kit­mek, iri hal­ka­ra fo­rum­la­ry we ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki du­şu­şyk­la­ry ge­çir­mek üçin äh­li şert­ler dö­re­di­len “Awa­za” mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gy türk­me­nis­tan­ly­la­ryň buý­san­jy­dyr. Onuň ýa­kym­ly ho­wa gur­şa­wy, dö­re­di­len amat­ly şert­ler türk­men top­ra­gy­nyň bu be­hiş­di kün­je­gi­niň dün­ýä de­re­je­li şy­pa­ha­na mer­ke­zi­ne öw­rül­me­gi­ni, di­ňe bir ýur­du­my­zyň däl-de, da­şa­ry döw­let­le­riň ýa­şaý­jy­la­ry­nyň hem on­da dynç al­ma­ga, sag­ly­gy­ny ber­kit­mä­ge uly gy­zyk­lan­ma bil­dir­mek­le­ri­ni şert­len­dir­di. Şeý­le­lik­de, “Awa­za” mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gy dün­ýä de­re­je­li şy­pa­ha­na hök­mün­de öz or­nu­ny ber­kid­ýär.

Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri­ni, Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­nyň we Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­dent­le­ri­ni me­de­ni çä­rä­niň ge­çi­ril­ýän ýe­ri­ne ýyg­na­nan­lar, şol san­da “Gal­ky­nyş” mil­li at üs­tün­dä­ki oýun­lar to­pa­ry­nyň ag­za­la­ry mä­hir­li gar­şy­la­dy­lar.

Il­ki bi­len, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň baş­lan­gy­jy bi­len 2007-nji ýyl­da dö­re­di­len “Gal­ky­nyş” mil­li at üs­tün­dä­ki oýun­lar to­pa­ry­nyň çy­kyş­la­ry gör­ke­zil­di. Gö­zel­li­gi, çe­ýe­li­gi, ýyn­dam­ly­gy bi­len gö­re­ni haý­ra­na goý­ýan be­dew­ler bi­len çy­kyş et­me­giň oňyn tej­ri­be­si­ni top­lan og­lan-gyz­lar da­ba­ra gat­na­şy­jy­la­ryň öňün­de çyl­şy­rym­ly til­sim­le­ri ýe­ri­ne ýe­tir­di­ler.

Dün­ýä­niň dür­li ýurt­la­ryn­da çy­kyş edip, sirk sun­ga­ty bo­ýun­ça bir­nä­çe ab­raý­ly hal­ka­ra baý­rak­la­ra, şol san­da 2013-nji ýyl­da Mosk­wa şä­he­rin­de ge­çi­ri­len “IDOL” bü­tin­dün­ýä sirk sun­ga­ty fes­ti­wa­lyn­da, 2014-nji ýyl­da Ita­li­ýa­nyň La­ti­na şä­he­rin­de ge­çi­ri­len XVI hal­ka­ra sirk fes­ti­wa­lyn­da, 2015-nji ýyl­da Hy­taý Halk Res­pub­li­ka­syn­da­ky II hal­ka­ra sirk sun­ga­ty fes­ti­wa­lyn­da, 2016-njy ýyl­da Gyr­gyz Res­pub­li­ka­sy­nyň Çol­pon-Ata şä­he­rin­de ge­çi­ri­len Çar­wa­dar­la­ryň II bü­tin­dün­ýä oýun­la­ryn­da baş baý­rak­la­ra, 2018-nji ýyl­da Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Sankt-Pe­ter­burg şä­he­rin­de il­kin­ji ge­zek ge­çi­ri­len I hal­ka­ra sirk sun­ga­ty fes­ti­wa­lyn­da “Al­tyn Gae­ta­no” al­tyn heý­kel­ji­gi­ne my­na­syp bo­lan “Gal­ky­nyş” mil­li at üs­tün­dä­ki oýun­lar to­pa­ry­nyň ag­za­la­ry­nyň çy­kyş­la­ry to­ma­şa­çy­lar­da ýat­dan çyk­ma­jak tä­sir­leri gal­dyr­ýar. Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­lyn­da bol­sa bu to­pa­ryň ag­za­la­ry Mo­na­ko Knýaz­ly­gy­nyň Mon­te-Kar­lo şä­he­rin­de ge­çi­ri­len hal­ka­ra sirk sun­ga­ty fes­ti­wa­lyn­da baş baý­ra­ga hem-de ýö­ri­te baý­rak­la­ra my­na­syp bo­lup, hal­ky­my­zyň buý­san­jy­ny has-da be­len­de gö­ter­di. “Gal­ky­nyş” to­pa­ry bu ugur bo­ýun­ça mil­li sun­ga­ty­my­zy dün­ýä­de giň­den ta­nat­ma­ga uly go­şant goş­mak bi­len bir ha­tar­da, ýur­du­myz­da gu­ral­ýan da­ba­ra­lar­da, şan­ly se­ne­le­riň hor­ma­ty­na ge­çi­ril­ýän me­de­ni-köp­çü­lik­le­ýin çä­re­ler­de-de çy­kyş ed­ýär­ler.

Şu gün­ki şan­ly wa­ka­nyň hor­ma­ty­na ge­çi­ri­len da­ba­ra gat­na­şy­jy­lar hem ahal­te­ke be­dew­le­ri­niň gö­zel­li­gi­ni, çe­ýe­li­gi­ni, ça­pyk­su­war­lar bi­len be­dew­le­riň saz­la­şyk­ly he­re­ket­le­ri­ni uly buý­sanç duý­gu­la­ry bi­len syn­la­dy­lar. Soň­ra be­lent mer­te­be­li myh­man­la­ra sow­gat­la­ry gow­şur­mak da­ba­ra­sy bol­dy.

Ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki du­şu­şy­ga gat­na­şan­dyk­la­ry, ge­çi­ri­len gep­le­şik­le­riň jem­le­ri bo­ýun­ça oňyn çöz­güt­le­riň ka­bul edi­len­di­gi we yla­la­şyk­la­ryň ga­za­nyl­ma­gy­na gol­daw be­ren­dik­le­ri üçin, türk­men ta­ra­py­nyň çuň­ňur ho­şal­ly­gy­nyň ny­şa­ny hök­mün­de dost­luk­ly ýurt­la­ryň Baş­tu­tan­la­ry­na hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň we Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň adyn­dan sow­gat­lar gow­şu­ryl­dy. Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Il­ham Ali­ýe­we hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň, Mil­li Li­de­ri­mi­ziň we tu­tuş türk­men hal­ky­nyň adyn­dan Ta­wus at­ly aja­ýyp ahal­te­ke be­de­wi sow­gat be­ril­di. 2022-nji ýyl­da dog­lan, Gün­do­gar hem-de Gaý­ma at­ly be­dew­le­riň nes­li bo­lan ak­ýal me­le reňk­li bu be­dew ady ro­wa­ýa­ta öw­rü­len Fa­kir­päl­wan at­ly be­de­wiň ne­sil ug­ru­na de­giş­li­dir.

Soň­ra Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Şaw­kat Mir­zi­ýo­ýe­we hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň we türk­men hal­ky­nyň adyn­dan kö­şek­li ar­wa­na dü­ýä­niň sow­gat be­ril­ýän­di­gi yg­lan edil­di. Mil­li Li­de­ri­miz do­gan­lyk döw­let­le­riň Baş­tu­tan­la­ry bi­len bi­le­lik­de ýa­dy­gär­lik su­ra­ta düş­di hem-de ola­ry sow­gat­la­ry bi­len gut­la­dy. Soň­ra Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti­ne Ta­wus at­ly aja­ýyp be­de­wiň gü­wä­na­ma­sy­ny uly hor­mat bi­len gow­şur­dy. Şeý­le hem Mil­li Li­de­ri­miz “Ula hor­mat, ki­çä sy­lag” di­ýen paý­has­ly jüm­lä eýe­rip, Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti­ne ar­wa­na dü­ýä­niň res­mi­na­ma­sy­ny gow­şur­dy. Do­gan­lyk döw­let­le­riň Li­der­le­ri gow­şu­ry­lan bu sow­gat­la­ry öz ýurt­la­ry­na we halk­la­ry­na bil­di­ri­len çuň­ňur hor­ma­tyň ny­şa­ny hök­mün­de ka­bul ed­ýän­dik­le­ri­ni nyg­tap, mu­nuň üçin Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­za hem-de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ze, tu­tuş türk­men hal­ky­na tüýs ýü­rek­den ho­şal­lyk­la­ry­ny be­ýan et­di­ler.

Da­ba­ra ta­mam­la­nan­dan soň­ra, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz, Azer­baý­ja­nyň we Öz­be­gis­ta­nyň döw­let Baş­tu­tan­la­ry hem­me­ler bi­len mä­hir­li hoş­la­şyp, bu ýer­den ug­ra­dy­lar.

Şeý­le hem bu ýer­de türk­men toý-baý­ram­la­ry­na mah­sus da­ba­ra­lar gu­ral­dy. Ak öý­le­riň öňün­de mil­li ta­gam­lar taý­ýar­la­nyl­dy. Ama­ly-ha­şam sun­ga­ty­nyň eser­le­ri­niň ser­gi­si da­ba­ra­la­ra aý­ra­tyn öwüş­gin çaý­dy.

Şol gün Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Il­ham Ali­ýew we Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Şaw­kat Mir­zi­ýo­ýew Türk­men­ba­şy şä­he­ri­niň Hal­ka­ra ho­wa men­zi­lin­den öz ýurt­la­ry­na ug­ra­dy­lar.

22.08.2025

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň ýokary derejeli Türkmenistan — Azerbaýjan — Özbegistan duşuşygynyň netijeleri boýunça metbugat wekillerine ÝÜZLENMESI

Hor­mat­ly ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň we­kil­le­ri!
Hor­mat­ly we­ki­li­ýet ag­za­la­ry!
Ha­nym­lar we je­nap­lar!

Üç­ta­rap­la­ýyn du­şu­şy­ga ça­ky­ly­gy­my­zy ka­bul eden­di­gi­ňiz üçin Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti do­ga­nym Il­ham Geý­dar og­lu­na, şeý­le hem Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Şaw­kat Mi­ro­mo­no­wiç Mir­zi­ýo­ýe­we uly hor­mat bi­len çäk­siz min­net­dar­ly­gy­my­zy bil­dir­ýä­ris. Ha­ky­kat­dan-da, bu gün­ki du­şu­şy­gy ta­ry­hy se­ne — mö­hüm wa­ka di­ýip at­lan­dyr­sak, ýal­ňyş­ma­rys. Se­bä­bi gep­le­şik­le­riň do­wa­myn­da biz dür­li ugur­lar­da hyz­mat­daş­ly­gy pug­ta­lan­dyr­ma­gyň der­wa­ýys me­se­le­le­ri­ne se­ret­dik. Ylaý­ta-da, has wa­jyp sy­ýa­sy-yk­dy­sa­dy, me­de­ni-yn­san­per­wer ul­gam­la­ra de­giş­li so­rag­la­ra ün­si çek­dik.

Hä­zir­ki wagt­da Türk­me­nis­tan, Azer­baý­jan we Öz­be­gis­tan di­ňe bir se­bit­de däl, eý­sem, tu­tuş dün­ýä gi­ňiş­li­gin­de-de ab­raý­ly hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň, hu­su­san-da, Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň çäk­le­rin­de adyl hem-de açyk sy­ýa­sa­ty alyp bar­ýar­lar. Esa­sy alyp bar­ýan sy­ýa­sa­ty­myz bi­rek-bi­re­ge hor­mat goý­mak, de­ňag­ram­ly­lyk, deň­hu­kuk­ly­lyk esa­syn­da se­bit­de we dün­ýä­de pa­ra­hat­çy­ly­gy, aba­dan­çy­ly­gy pug­ta­lan­dyr­mak­dan yba­rat­dyr. Yk­dy­sa­dy ug­ra hem de­gip geç­mek bi­len, ýurt­la­ry­my­zyň kuw­wat­lyk­la­ry di­ňe bir se­bit­de däl, eý­sem, tu­tuş Ýew­ra­zi­ýa­da-da geoyk­dy­sa­dy bäh­bit­le­re iter­gi be­rer di­ýip ha­sap ed­ýä­ris. Bu ba­bat­da bir­nä­çe my­sal­la­ry aý­dyp geç­mek bo­lar.

Elekt­roe­ner­ge­ti­ka ba­ra­da aý­da­ny­myz­da, bu ugur­da ozal­dan gel­ýän hyz­mat­daş­ly­gyň oňyn tej­ri­be­si bar. Şeý­le hem gaz pu­da­gyn­da üç ýur­duň ara­syn­da stra­te­gik öza­ra hyz­mat­daş­ly­gyň uly müm­kin­çi­lik­le­ri­niň bar­dy­gy­ny bel­läp geç­dik we bu me­se­le­le­ri ara alyp mas­la­hat­laş­ma­ga taý­ýar­dy­gy­my­zy be­ýan et­dik.

Ulag pu­da­gy hem üç döw­le­tiň ara­syn­da­ky hyz­mat­daş­ly­gyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri­dir. Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ug­ry bi­len Azi­ýa­ny we Ýew­ro­pa­ny bir­leş­dir­ýän ulag ge­çel­ge­le­ri­ni we ugur­la­ry­ny, ola­ryň inf­rast­ruk­tu­ra­sy­ny has-da iş­jeň ulan­mak hem-de gi­ňelt­mek üçin müm­kin­çi­lik­le­riň bar­dy­gy­na ün­si çek­dik. Hu­su­san-da, Mer­ke­zi Azi­ýa­nyň hem-de Ha­za­rüs­ti se­bi­tiň üs­ta­şyr ge­çi­riş müm­kin­çi­lik­le­rin­den ne­ti­je­li peý­da­lan­ma­gyň ze­rur­dy­gy nyg­tal­dy.

Ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki du­şu­şy­gyň do­wa­myn­da üç do­gan­lyk ýur­duň halk­la­ry­nyň ara­syn­da­ky giň ge­rim­li yn­san­per­wer gat­na­şyk­la­ry mun­dan beý­läk-de ös­dür­mek bo­ýun­ça amat­ly şert­le­ri dö­ret­mek ba­bat­da yla­la­şyk ga­za­nyl­dy. El­bet­de, bu hyz­mat­daş­lyk ylym, bi­lim, sag­ly­gy go­ra­ýyş, sport, me­de­ni­ýet, sun­gat, hu­su­san-da, aý­dym-saz, ha­ly­çy­lyk, at­şy­nas­lyk ýa­ly beý­le­ki köp san­ly yn­san­per­wer ugur­la­ry öz içi­ne al­ýar.

Hor­mat­ly adam­lar!

Umu­man, bu du­şu­şyk bi­ziň üçin tä­ze müm­kin­çi­lik­le­ri aç­ýar. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, hä­zir­ki wagt­da ýurt­la­ry­my­zyň öz öňün­de go­ýan mak­sat­la­ry­na ýet­mek­le­ri üçin äh­li şert­le­riň bar­dy­gy­na berk ynan­ýa­ryn. Müm­kin­çi­lik­den peý­da­la­nyp, öz adym­dan, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň adyn­dan hem-de türk­men hal­ky­nyň adyn­dan Azer­baý­ja­nyň we Öz­be­gis­ta­nyň do­gan­lyk halk­la­ry­na pa­ra­hat­çy­lyk, aba­dan­çy­lyk ar­zuw ed­ýä­rin. Hor­mat­ly do­ga­nym Il­ham Geý­dar og­ly we hor­mat­ly do­ga­nym Şaw­kat Mi­ro­mo­no­wiç, Si­ze köp sag­bol­sun aýd­ýa­ryn!

(Awa­za, 2025-nji ýy­lyň 22-nji aw­gus­ty)

22.08.2025

Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň Bilelikdäki Beýannamasy

Türk­me­nis­ta­nyň «Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da 2025-nji ýy­lyň 22-nji aw­gus­tyn­da, mun­dan beý­läk «ta­rap­lar» diý­lip at­lan­dy­ryl­ýan türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedowyň, Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Il­ham Ali­ýe­wiň we Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Şaw­kat Mir­zi­ýo­ýe­wiň du­şu­şy­gy ge­çi­ril­di.

Ta­rap­lar üç döw­le­tiň do­gan­lyk halk­la­ry­nyň ta­ry­hy we me­de­ni umu­my­ly­gy­na esas­la­nyp,

üç ýur­duň ara­syn­da­ky gat­na­şyk­la­ry mun­dan beý­läk-de ös­dür­me­giň hem-de çuň­laş­dyr­ma­gyň ola­ryň halk­la­ry­nyň düýp­li bäh­bit­le­ri­ne la­ýyk gel­ýän­di­gi­ne we pa­ra­hat­çy­ly­gy, dur­nuk­ly­ly­gy, howp­suz­ly­gy, dur­nuk­ly ösü­şi pug­ta­lan­dyr­ma­ga ýar­dam ber­jek­di­gi­ne ynam bil­di­rip,

sy­ýa­sy, söw­da-yk­dy­sa­dy, ulag-lo­gis­ti­ka, ener­ge­ti­ka, eko­lo­gi­ýa, me­de­ni-yn­san­per­wer ul­gam­lar­da we öza­ra gy­zyk­lan­ma bil­di­ril­ýän beý­le­ki ugur­lar­da hyz­mat­daş­ly­gy mun­dan beý­läk-de pug­ta­lan­dyr­ma­ga çal­şyl­ýan­dy­gy­ny bel­läp,

esas go­ýu­jy hal­ka­ra hu­kuk ýö­rel­ge­le­ri­ne we ka­da­la­ry­na, şol san­da Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Ter­tip­na­ma­syn­da ber­ki­di­len ýö­rel­ge­ler­dir ka­da­la­ra eýer­ýän­dik­le­ri­ni tas­syk­lap, aşak­da­ky­lar ba­ra­da be­ýan ed­ýär­ler:

1. Ta­rap­lar öz döw­let­le­ri­niň halk­la­ry­nyň kö­pa­syr­lyk dost­luk, hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk we öza­ra gol­daw ber­mek gat­na­şyk­la­ry­nyň ru­hun­da stra­te­gik hyz­mat­daş­ly­gy hem­me­ta­rap­la­ýyn pug­ta­lan­dyr­ma­ga uzak möh­let­le­ýin ug­ruň mi­ze­mez­di­gi­ni tas­syk­la­dy­lar. Üç­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gy mun­dan beý­läk-de ös­dür­me­giň pa­ra­hat­çy­ly­gy, dur­nuk­ly­ly­gy üp­jün et­mä­ge, se­bit we äh­lu­mu­my de­re­je­de yna­nyş­ma­gy, öza­ra dü­şü­niş­me­gi ber­kit­mä­ge hyz­mat et­jek­di­gi ba­ra­da bir pi­kir be­ýan edil­di.

2. Ta­rap­lar ýo­ka­ry we iň ýo­ka­ry de­re­je­de ys­ny­şyk­ly gat­na­şyk­la­ry, üç ýur­duň ara­syn­da da­şa­ry sy­ýa­sy ugur bo­ýun­ça hyz­mat­daş­ly­gy sak­la­ma­gyň, hä­zir­ki döw­rüň howp­la­ry­na hem-de we­him­le­ri­ne gar­şy bi­le­lik­de gö­reş­mek ba­bat­da hyz­mat­daş­ly­gy çuň­laş­dyr­ma­gyň mö­hüm­di­gi­ni bel­le­di­ler.

3. Ta­rap­lar hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň, oza­ly bi­len, Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň, beý­le­ki hal­ka­ra we se­bit dü­züm­le­ri­niň çäk­le­rin­de döw­let­le­riň ara­syn­da hyz­mat­daş­ly­gy pug­ta­lan­dyr­ma­gy do­wam et­dir­me­gi yla­laş­dy­lar.

4. Ta­rap­lar deň­hu­kuk­ly­lyk, öza­ra peý­da we bi­rek-bi­re­giň bäh­bit­le­ri­ni ha­sa­ba al­mak ýö­rel­ge­le­ri esa­syn­da ýurt­la­ryň ara­syn­da söw­da-yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­ly­gy mun­dan beý­läk-de gi­ňelt­me­giň we ber­kit­me­giň ile­ri tu­tul­ýan­dy­gy­ny nyg­ta­dy­lar. Ta­rap­lar öz döw­let­le­ri­niň ara­syn­da yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­ly­gy mun­dan beý­läk-de ös­dür­mek üçin amat­ly şert­le­ri dö­ret­me­giň ze­rur­dy­gy ba­ra­da umu­my pi­ki­ri be­ýan et­di­ler. Ta­rap­lar üç ýur­duň halk­la­ry­nyň bäh­bit­le­ri­ne la­ýyk gel­ýän öza­ra ulag bag­la­ny­şy­gy­ny ber­kit­mek, bi­le­lik­dä­ki tas­la­ma­la­ry iş­läp taý­ýar­la­mak we ama­la aşyr­mak bo­ýun­ça iş ýü­zün­dä­ki he­re­ket­le­ri çalt­lan­dyr­mak ug­run­da çy­kyş et­di­ler.

5. Ta­rap­lar önüm­çi­lik we se­na­gat koo­pe­ra­si­ýa­sy­ny ös­dür­mä­ge üns ber­di­ler hem-de dok­ma, hi­mi­ýa, gur­lu­şyk pu­dak­la­ryn­da we beý­le­ki pu­dak­lar­da bi­le­lik­dä­ki kär­ha­na­la­ry dö­ret­mek ar­ka­ly uzak möh­let­li öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­ly­gy gi­ňelt­mek ba­ra­da yla­laş­dy­lar.

6. Ta­rap­lar söw­da-yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ry hö­wes­len­dir­mä­ge gö­nük­di­ri­len işe gol­daw bil­dir­di­ler hem-de öz döw­let­le­ri­niň işe­wür­ler to­par­la­ry­nyň ara­syn­da gö­ni gat­na­şyk­la­ry, şol san­da ony üç döw­le­tiň çäk­le­rin­de ser­gi­le­ri we işe­wür­lik mas­la­hat­la­ry­ny ge­çir­mek ar­ka­ly iş­jeň­leş­dir­mek ba­ra­da yla­laş­dy­lar. Ta­rap­lar üç ýur­duň halk­la­ry­nyň ara­syn­da dost­lu­gy pug­ta­lan­dyr­mak üçin sa­par­la­ry gu­ra­mak, bi­le­lik­dä­ki çä­re­le­ri ge­çir­mek ar­ka­ly üç döw­le­tiň se­bit­le­ri­niň ara­syn­da hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mä­ge hem-de gi­ňelt­mä­ge aý­ra­tyn üns be­rer­ler.

7. Ta­rap­lar ener­ge­ti­ka pu­da­gyn­da hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­me­giň mö­hüm­di­gi­ni nyg­ta­dy­lar.

8. Üç ýur­duň ulag we lo­gis­ti­ka ul­ga­myn­da­ky uly müm­kin­çi­li­gi­ni bel­läp, şeý­le hem ola­ryň üs­ta­şyr müm­kin­çi­lik­le­ri­ni peý­da­lan­mak mak­sa­dy bi­len, ta­rap­lar Öz­be­gis­tan — Türk­me­nis­tan — Azer­baý­jan ug­ry bo­ýun­ça we yzy­na mul­ti­mo­dal gat­naw­la­ry iş­jeň­leş­dir­me­giň mö­hüm­di­gi­ni bel­le­di­ler. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, üç ýur­duň yg­ty­ýar­ly eda­ra­la­ry ta­ra­pyn­dan gol çe­ki­len ulag-lo­gis­ti­ka hyz­mat­daş­ly­gy ba­bat­da öza­ra dü­şü­niş­mek ha­kyn­da Äht­na­ma­nyň äh­mi­ýe­ti nyg­tal­dy.

9. Ta­rap­lar ulag-kom­mu­ni­ka­si­ýa üp­jün­çi­lik ul­gam­la­ry­ny ös­dür­mek, ulag gat­naw­la­ry­ny ut­gaş­dyr­mak, bu iş­le­ri gu­ra­ma­gyň şert­le­ri­ni ýö­ne­keý­leş­dir­mek me­se­le­le­ri­ni ara alyp mas­la­hat­laş­mak mak­sa­dy bi­len, bi­le­lik­dä­ki iş to­pa­ry­ny dö­ret­me­gi gol­da­ýar­lar.

10. Ta­rap­lar ýurt­la­ryň ara­syn­da ho­wa gat­naw­la­ry­ny, işe­wür­li­gi we sy­ýa­hat­çy­ly­gy ös­dür­me­giň äh­mi­ýet­li­di­gi­ni bel­le­di­ler. Mu­nuň özi ýük we ýo­lag­çy gat­naw­la­ry­ny art­dyr­ma­ga ýar­dam be­rer.

11. Ta­rap­lar ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi­niň ýa­ra­maz ne­ti­je­le­ri­ni azalt­mak we oňa uý­gun­laş­ma­gy ga­zan­mak, eko­lo­gik tö­wek­gel­çi­lik­le­re gar­şy gö­reş­mek, bio­lo­gik dür­lü­li­gi go­rap sak­la­mak, daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak ba­bat­da umu­my tas­la­ma­la­ry we mak­sat­na­ma­la­ry iler­let­mek, se­bit we hal­ka­ra de­re­je­de üç ýur­duň umu­my bäh­bit­le­ri­ne la­ýyk gel­ýän bi­le­lik­dä­ki baş­lan­gyç­la­ry öňe sür­mek me­se­le­le­ri bo­ýun­ça hyz­mat­daş­ly­gy mun­dan beý­läk-de ber­kit­me­giň mö­hüm­di­gi­ni bel­le­di­ler.

12. Ta­rap­lar de­giş­li döw­let dü­züm­le­ri­niň we jem­gy­ýet­çi­lik bir­le­şik­le­ri­niň, bar­lag mer­kez­le­ri­niň, ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň, köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň, me­de­ni­ýet we sun­gat iş­gär­le­ri­niň ara­syn­da­ky gat­na­şyk­la­ryň mö­hüm äh­mi­ýe­ti­ni nyg­tap, me­de­ni-yn­san­per­wer ugur­da hyz­mat­daş­lyk et­me­giň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­ny ara alyp mas­la­hat­laş­dy­lar. Ta­rap­lar ola­ryň döw­let­le­ri­niň we halk­la­ry­nyň ara­syn­da dost­lu­gy hem-de hem­me­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gy mun­dan beý­läk-de pug­ta­lan­dyr­ma­gyň ze­rur­dy­gy­na pug­ta ynam bil­dir­di­ler.

Türk­men­ba­şy şä­he­ri, 2025-nji ýy­lyň 22-nji aw­gus­ty.

22.08.2025
1 2 3 4 5 6 7 ... 63