Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

«Parlamentara dialog — dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy üpjün etmegiň möhüm guraly» atly Bitaraplygyň dostlary toparyna agza ýurtlaryň Parlament ýolbaşçylarynyň duşuşygy

 

Şolban KARA-OOL, Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň Başlygynyň orunbasary:

Türkmenistanyň eýýäm 30 ýyl bäri ygrarly bolup gelýän parasatly hemişelik Bitaraplyk syýasatynyň netijesinde bu meýdança parlamentara dialog üçin iri, abraýly binýada öwrülýär hem-de onda ählumumy parahatçylygy gorap saklamagyň we durnukly ösüşi üpjün etmegiň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşylýar. 

Biziň duşuşyklarymyz gatnaşyklary berkitmek, biziň halklarymyzyň öňünde duran ählumumy meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin örän gowy mümkinçilik bolup durýar. Biz häzirki zaman şertlerinde, biziň pikirimizçe parlamentarileriň orny we jogapkärçiligi ýokarlanýan döwründe parlament diplomatiýasynyň mümkinçilikleri we wezipeleri barada gürrüň edýäris. 

Geçen ýyllaryň dowamynda Russiýa Türkmenistanyň özara hormat goýmak we düşünişmek esasynda başdan-aýak köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ilerletmäge gönükdirilen parahatçylyk söýüjilikli başlangyçlaryna gyşarnyksyz raýdaşlyk görkezip gelýär. Biziň ýurdumyz turuwbaşdan türkmen hyzmatdaşlarymyzy olaryň hemişelik bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň halkara derejede ykrar edilmegine bolan çemeleşmelerinde goldady. Biz Bitaraplygyň dostlary toparynyň hem agzasy bolduk. Geçen ýylda Russiýa ilkinjileriň hatarynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek hakynda kararnamasynyň awtordaşy bolup çykyş etdi. 

Biz Russiýanyň we Türkmenistanyň halklarynyň düýpli bähbitlerine laýyk gelýän, Merkezi Aziýada parahatçylyga we ösüşe hyzmat edýän dostlukly, hoşniýetli goňşuçylykly gatnaşyklaryna aýratyn gadyr goýýarys, Türkmenistan bilen syýasy, ykdysady, bilim, medeni we beýleki ulgamlarda özara bähbitli hyzmatdaşlyga ýokary baha berýäris. 

Biziň şu günki duşuşygymyzyň parlament hyzmatdaşlygyna kuwwatly itergi bermäge, gowşak ýerlerini ýüze çykarmaga, netijeli gurallary teklip etmäge, birek-biregiň tejribesi bilen baýlaşmaga we biziň halklarymyzyň we döwletlerimiziň bähbidi üçin hyzmatdaşlygyň usullaryny we görnüşlerini tapmaga ukyplydygyna ynanýaryn. 

08.10.2025

«Parlamentara dialog — dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy üpjün etmegiň möhüm guraly» atly Bitaraplygyň dostlary toparyna agza ýurtlaryň Parlament ýolbaşçylarynyň duşuşygy

 

Hamda bint Hassan Al Sulаýiti, Katar Döwletiniň Şura Geňeşiniň  spikeriniň orunbasary: 

Men biziň Toparymyzyň häzirki zaman köp ulgamly syýasy tertipde we köpdürli ykdysady birleşmelerde eýeleýän ornuny bellemek isleýärin. Topar aralyk we bitarap ugra ykrarlydyr hem-de dialoga päsgel berýän syýasy tarapgöýlilikden çekilip, köptaraplaýynlyk we halkara parahatçylyga we howpsuzlyga ýardam etmek üçin täze binýady döredýär. Biziň toparymyz öz döredilen pursadyndan bäri bitaraplygyň gymmatyny bolup geçýän wakalar babatda sowuk-salalyk we üzňelik däl-de, ynsan ýörelgesi hökmünde pugtalandyrdy. Bitaraplyk – bu öňüni alyş diplomatiýasy, jedelleri araçylyk we hoşniýetli hyzmatlary etmek bilen çözmek arkaly dawa-jenjelleriň sebäplerini ýeňip geçmäge işjeň ymtylyşdyr. Biz dialogyň we özara hormat goýmagyň jedelleri çözmek babatda ýeke-täk ýol bolup durýandygyny hem-de parlamentleriň bu gymmatlyklaryň ykrar edilmeginde aýratyn jogapkärçilik çekýändiklerini tassyklaýarys. 

Şu gün bize toparlaýyn tagallalar we hyzmatdaşlyk zerur bolup durýar. Olary diňe hakyky, ählitaraplaýyn we hemişelik dialog arkaly gazanmak mümkindir. Parlamentler halkyň erk-islegine wekilçilik edýän institutlar hökmünde bu bilelikdäki parlament başlangyjyna ýolbaşçylyk etmek üçin has laýyk gelýär we has uly  iş tejribesine eýe bolup durýar. Parlamentleriň arasyndaky dialog biziň parlamentlerimizi ýurtlaryň arasyndaky ynanyşmak köprüsine öwürmek bilen, agzalan şertleri döretmek üçin  biziň elimizde bar bolan iň netijeli gurallaryň biridir. 

08.10.2025

«Parlamentara dialog — dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy üpjün etmegiň möhüm guraly» atly Bitaraplygyň dostlary toparyna agza ýurtlaryň Parlament ýolbaşçylarynyň duşuşygy

 

Dmitriý ŞLAPEÇENKO BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy: 

Türkmenistanyň özüniň  Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan 1995-nji ýylda kabul edilen kararnamasy bilen ykrar edilen bitaraplyga konstitusion  ygrarlylygy ozalkylary ýaly halklaryň arasynda köpri hem-de parahatçylykly hyzmatdaşlygyň nusgasy bolup hyzmat edýär.

Men hem Türkmenistanyň Prezidentiniň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynda ýakynda yglan eden başlangyçlary barada aýratyn belläp geçesim gelýär. BMG-niň Türkmenistandaky ýurt boýunça topary Türkmenistanyň Hökümetini bu başlangyçlary durmuşa geçirmekde goldar. Bu başlangyçlar ählumumy dünýä, köptaraplaýyn hyzmatdaşlyga we durnukly ösüşe biziň umumy ygrarlylygymyzy tassyklaýar. Ol başlangyçlar BMG-niň «Geljek hakynda pakty» bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr, ol pakt bolsa nesilleriň arasynda adalatlylyga, deňlige we raýdaşlyga esaslanýan halkara hyzmatdaşlygy täzeden dikeltmäge çagyrýar.

Şu ýylyň awgustynda men Türkmenistanyň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji üçünji maslahatynda (LLDC3) BMG-niň Baş sekretarynyň wekiliýetiniň düzümine uly buýsanç bilen girdim.  Bu maslahat Merkezi Aziýada şunuň ýaly görnüşde geçirilen iň iri çäreleriň biri boldy. Netijede, Baş Assambleýa 2024-2034-nji ýyllar Awaza hereketler maksatnamasyny kabul etdi. Biz hem onuň durmuşa geçirilmeginde Türkmenistanyň ýolbaşçylyk etmegini goldaýarys hem-de Awazada gazanylan ýörelgeleri we anyk netijeleri ilerletmek boýunça Türkmenistanyň Hökümeti bilen işleşmegi dowam ederis. Bu maksatnama sebitleýin hyzmatdaşlygyň we inklýuziw ykdysady ösüşiň ähmiýetini belleýär. Biz hem parlamentarileri onuň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşmaga çagyrýarys. 

 

08.10.2025

«Parlamentara dialog — dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy üpjün etmegiň möhüm guraly» atly Bitaraplygyň dostlary toparyna agza ýurtlaryň Parlament ýolbaşçylarynyň duşuşygy

 

Kaha IMNADZE, BMG-niň Baş Sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň baştutany:

Şu ýylda biz Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilmeginiň 30 ýyllygyny bellemek bilen, her bir işiň başynda gapma-garşylygy däl-de, dialogy we dawa-jeňjellere girmezden hyzmatdaşlyk etmegi yzygiderli esas hökmünde goýýan döwletliligiň garaýyşlaryny hormatlaýarys. Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna Bitaraplygyň dostlary topary Bitaraplygyň ümsümlik, çetleşmek we biperwaýlyk däldiginiň aýdyň subutnamasydyr. Merkezi Aziýa bilen baglylykda bitaraplyk ýörelgesi maslahatyň öňden gelýän geňeşmek, parasatlylyk we ara alyp maslahatlaşmak ýaly ýörelgeleri, şeýle-de kökleri çuňňur ornaşan medeni gymmatlyk bolan dynçlyk ýa-da jemgyýetde iň ýokary baýlyk bolan parahatçylyk we asudalyk bilen kybapdaşdyr. Bu düşünjeler hakyky durnuklylygyň agalyk etmek bilen däl-de, deňagramlylyk arkaly; ýeňiş bilen däl-de, özara hormat goýmak arkaly gazanylýandygyny alamatlandyrýar. 

Parlamentler bitaraplygy yza gaýtmagyň usuly hökmünde däl-de, ählumumy netijeli raýatlyk üçin binýat hökmünde ilerletmekde özboluşly mümkinçilige eýe bolup durýarlar. Siz parlament diplomatiýasy, hyzmatdaşlyk we sebitleýin gatnaşyklar arkaly bitaraplyga institusional mazmun, şonuň ýaly-da demokratik kanunylyk berýärsiňiz. Birleşen Milletler Guramasy, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Merkezi Aziýa üçin sebitleýin merkezi siziň bu tagallalaryňyzy goldaýarlar. 

08.10.2025

«Parlamentara dialog — dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy üpjün etmegiň möhüm guraly» atly Bitaraplygyň dostlary toparyna agza ýurtlaryň Parlament ýolbaşçylarynyň duşuşygy

 

Martin ÇUNGONG Parlamentara Bileleşigiň Baş Sekretary:

Parlamentara dialog parlamentlere öňdebaryjy tejribäni alyş-çalyş etmäge, öz üstünliklerini çap etmäge, gender deňligi nukdaýnazaryndan has durnukly bolmaga, ýaşlaryň wekilçiligini artdyrmaga we birek-bireginiň öňünde hasabatlylygy görkezmäge mümkinçilik berýär. 

Parlamentara Bileleşik Birleşen Milletler Guramasy bilen birnäçe meseleler boýunça ýakyndan hyzmatdaşlyk edýär. Biz Birleşen Milletler Guramasynyň howanyň üýtgemegi boýunça klublarynda, Bütindünýä saglygy goraýyş assambleýasynda we Durnukly ösüş boýunça ýokary derejeli syýasy forumda parlament mejlislerini geçirýäris. Biz parlamentarileriň we wekiliýetleriň Birleşen Milletler Guramasynyň Adam hukuklary boýunça geňeşi tarapyndan geçirilýän uniwersal döwürleýin syn ýaly möhüm meselelere gatnaşmagyny goldaýarys we höweslendirýäris.   

Şonuň üçin men bu duşuşygyň guramaçylaryna Bitaraplygyň dostlary toparyna parlament nukdaýnazaryny hödürlemek boýunça tagallalary üçin hoşallygymy beýan edýärin. Şu günki duşuşygyň temasynda ynanyşmagyň aýratyn bellenilýändigi meni ynamly edýär. Ynanyşmak şu möhüm çeşmelerde diplomatiýa üçin zerur şert bolup durýar: erk-islegiňi beýan etmek azatlygy, ynsan derejesinde özara hereket etmek we wadalaryň hereketler bilen berkidiljekdigine ynamly bolmak. 

Sözümiň ahyrynda siziň ähliňizi şu günki ara alyp maslahatlaşmalara ynanyşmak nukdaýnazaryndan çemeleşmäge we öz üstüňize alan borçnamalaryňyzy berjaý etmek bilen, daş-töweregiňizdäkileriň ynamyny ödemäge çagyrýaryn. 

08.10.2025

«Parlamentara dialog — dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy üpjün etmegiň möhüm guraly» atly Bitaraplygyň dostlary toparyna agza ýurtlaryň Parlament ýolbaşçylarynyň duşuşygy

 

Faýzali IDIZODA, Täjigistan Respublikasynyň Oli Majlisiniň Namoýandagon Majlisiniň Başlygy:

— 370 ýyldan gowrak taryhy bolan bitaraplyk häzirki zaman dünýäsinde diňe bir dartgynly hadysalara gatnaşmakdan ýüz döndermek däl-de, eýsem, parahatçylygy, durnukly ösüşi, howpsuzlygy pugtalandyrmagyň hemmeler tarapyndan ykrar edilen guraly bolup durýar. Bitaraplyk syýasatynyň asyl manysynyň häzirki wagtda ähmiýetli bolan, ýagny deňhukukly halkara gatnaşyklary saklap galmaga gönükdirilendigi şübhesizdir. Bitaraplyk halkara hukugyň nusgawy guraly hökmünde, aýratyn-da, geosyýasy durnuksyzlygyň dowam edýän şertlerinde ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde möhüm orny eýeleýär.

Biz — Bitaraplygyň dostlary toparynyň agzalary öz halklarymyzyň wekilleri hökmünde parahatçylyk söýüjilikli syýasaty rowaçlandyrmaga, dünýäde dartgynlylygy gowşatmaga, inklýuziw jemgyýeti ösdürmäge, adam hukuklarynydyr azatlyklaryny goramaga ýardam edýän parla­ment diplomatiýasyny ilerletmäge borçludyrys. Bitaraplygyň dostlary topary halkara gün tertibiniň, diplomatiýanyň, aýratyn-da, parlament diplomatiýasynyň, döwlet özygtyýarlylygyna hormat goýmak we özara düşünişmek ugrunda hakyky hyzmatdaşlygyň gurallaryna öwrülýän gurşawyň emele gelmeginde wajyp orny eýeleýär.

 

08.10.2025

«Parlamentara dialog — dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy üpjün etmegiň möhüm guraly» atly Bitaraplygyň dostlary toparyna agza ýurtlaryň Parlament ýolbaşçylarynyň duşuşygy

 

Ýusuf Raza GILANI, Pakistan Yslam Respublikasynyň Senatynyň Başlygy:

— Men bitaraplygyň dünýäde parahatçylygy gazanmaga ukyplydygyna, özara hormat goýmagyň bolsa dialogyň we ynanyşmagy berkitmegiň kuwwatly guraly hökmünde hyzmat edip biljekdigine ynanýaryn. 

Pakistanyň Senatynyň Başlygy we Spikerleriň parlamentara maslahatynyň başlygy-esaslandyryjysy hökmünde parlament diplomatiýasynyň ýurtlaryň arasynda özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýmakda özboluşly köpri boljakdygy barada ynamly aýdyp bilýärin. Aşgabatda geçirilen şu gezekki duşuşygyň «Parlamentara dialog — dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy üpjün etmegiň möhüm guraly» atly mowzugy-da munuň aýdyň güwäsidir.

Biziň Bitarap Türkmenistan we Bitaraplygyň dostlary toparyna beýleki agza ýurtlar bilen par­lament ugurly gatnaşyklarymyz parahatçylyga we ösüşe bolan umumy ygrarlylygymyzy tassyklaýar. Parlament instituty adamlaryň umyt-arzuwlaryny, halklaryň pikir-garaýyşlaryny şöhlelendirýär. Ol ählumumy gepleşiklere täsir edip hem-de ynsanperwerligi ileri tutýan netijeleri gazanmaga getirip bilýär. Men Bitaraplygyň dostlary toparynyň hyzmatdaşlyk üçin anyk ädimleri kesgitlemäge ymtylýandygyny tüýs ýüregimden goldaýaryn. Geliň, yzygiderli dialog, başlangyçlary we mümkinçilikleri ösdürmek üçin bilelikde işläliň! Şeýle edilse, umumadamzat bähbitli oňyn netijeleri gazanyp bileris.

 

08.10.2025

«Parlamentara dialog — dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy üpjün etmegiň möhüm guraly» atly Bitaraplygyň dostlary toparyna agza ýurtlaryň Parlament ýolbaşçylarynyň duşuşygy

 

Tanzila NARBAÝEWA, Özbegistan Respublikasynyň Oliý Majlisiniň Senatynyň Başlygy:

— Köp ýyllaryň dowamynda bitaraplyk ýörelgeleriniň, dialogyň we parahatçylygyň tarapdary bolup gelýän Türkmenistanyň tejribesi bu günki gün tutuş sebit üçin ruhlandyryjy nusga öwrüldi. Häzirki zaman şertlerinde parlamentler halklaryň bähbidi üçin parahatçylygy, ynanyşmagy we adalaty pugtalandyrmakda barha möhüm orny eýeleýär, dialogyň, özara düşünişmegiň, umumy geljegiň bähbidine tagallalary birleşdirmegiň netijeli guralyna öwrülýär. Özbegistanyň Parlamenti hem goňşy ýurtlar bilen hyzmatdaşlykda parahatçylygy we özara düşünişmegi berkitmegiň guraly hökmünde parla­ment diplomatiýasynyň ösdürilmegine aýratyn üns berýär.

Bitaraplygyň dostlary topary ynanyşmagy pugtalandyrmakda we dialogy ösdürmekde uly mümkinçiliklere eýedir. Biz ony tejribe alyşmak, bilelikdäki başlangyçlary ilerletmek, halkara hukugy, döwletleriň özbaşdaklygynyň deňligi ýörelgesini goldamak üçin netijeli meýdança hökmünde ulanyp bilýäris we ulanmalydyrys. Şunuň bilen baglylykda, biziň dialogymyz üçin pugta we netijeli binýady emele getirmek bilen, hyzmatdaşlygyň hemişelik hem durnukly häsiýetini üpjün etmek; bu görnüşiň çäklerinde jemgyýetlerimiziň öňünde duran has möhüm meseleleriň çözülmegine gönükdirilen kanun çykaryjylyk başlangyçlaryny ilerletmekde tejribe alyşmagy ýola goýmak; parlamentleriň halkara borçnamalaryň ýerine ýetirilmegine gözegçilige gatnaşygyny giňeltmek, parlament gözegçiliginiň gurallaryny berkitmek we Bitaraplygyň dostlary toparynyň başlangyçlarynyň netijeliligini ýokarlandyrmak; ýaşlaryň we zenanlaryň parlament diplomatiýasyny işjeň ösdürmek gerek. Bitaraplygyň dostlary toparynyň duşuşygynyň netijeleri boýunça işlenip taýýarlanylan teklipleriňdir maslahatlaryň ýurtlarymyzyň bähbidi üçin ynanyşmagy we durnukly ösüşi pugtalandyrmaga wajyp goşant boljakdygyna ynanýaryn.

 

08.10.2025

«Parlamentara dialog — dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy üpjün etmegiň möhüm guraly» atly Bitaraplygyň dostlary toparyna agza ýurtlaryň Parlament ýolbaşçylarynyň duşuşygy

 

Çžao LESZI, HHR-iň Halk wekilleriniň Ähli hytaý ýygnagynyň hemişelik komitetiniň Başlygy:

— Mundan bäş ýyldan gowrak wagt ozal esaslandyrylan Bitaraplygyň dostlary toparynyň maksady tutuş adamzat üçin wajyp bolan parahatçylygyň esasyny düzýän ýörelgeleri goramaga hem-de wagyz etmäge gönükdirilendir. Şu geçen döwürde ol pikirdeş ýurtlaryň arasynda özara düşünişmegi we ynanyşmagy ösdürmek, alyş-çalyşlary, hyzmatdaşlygy, köptaraplaýynlyk tejribesini çuňlaşdyrmak babatda netijeli meýdança öwrüldi.

Şu ýyl Türkmenistan hemişelik Bitaraplygynyň halkara derejede ykrar edilmeginiň 30 ýyllygyny belleýär. Şeýle-de 2025-nji ýyl Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan yglan edilen “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” şygary astynda geçýär. Biziň ýurdumyz Türkmenistany hemişelik Bitaraplyk syýasatyna ygrarly bolmagynda berk goldamak bilen, şu ýylyň dekabrynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanyp guraljak iri halkara forumy geçirmekde uly üstünlikleri arzuw edýär. Biziň ýurdumyz geljekde-de Merkezi Aziýada ygtybarly hyzmatdaşlarynyň biri bolan Türkmenistan bilen döwlet Baştutanlarynyň derejesinde kabul edilen ylalaşyklary amala aşyrmakda, özara bähbitli, hemmetaraplaýyn gatnaşyklary çuňlaşdyrmakda hyzmatdaşlygy dowam eder hem-de umumy geljegi bolan bu gatnaşyklarymyzyň esaslaryny pugtalandyrmakda uly öňegidişlikleri gazanar diýip tama edýäris.

 

08.10.2025

«Parlamentara dialog — dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy üpjün etmegiň möhüm guraly» atly Bitaraplygyň dostlary toparyna agza ýurtlaryň Parlament ýolbaşçylarynyň duşuşygy

 

Natalýa KOÇANOWA, Belarus Respublikasynyň Milli Ýygnagynyň Respublika Geňeşiniň Başlygy:

— Parahatçylyk we dialog — bular bütin adamzadyň şu gününe hem-de geljegine gönüden-göni dahylly bolan möhüm düşünjelerdir. Parlament diplomatiýasy siwilizasiýalaryň arasynda dialogy pugtalandyrmak üçin ägirt uly mümkinçiliklere eýe. Bu bolsa köppolýarly, has adalatly dünýä gurluşynyň emele gelýän häzirki şertlerinde has wajypdyr. Biz — Bitaraplygyň dostlary toparynyň agzalary köptaraply halkara parlament meýdançalarynda şu esasy ýörelgeleri ilerletmelidiris. Bitaraplygyň dostlary toparynyň köppolýarlylygy goramak we berkarar etmek, howpsuzlygyň adalatly, durnukly we bitewi ulgamyny kemala getirmek, halkara hukuk kadalarynyňdyr ýörelgeleriniň mizemezligini üpjün etmek üçin ägirt uly mümkinçiligi bar.

Belarus Respublikasynyň Milli Ýygnagynyň Respublika Geňeşi Bitarap Türkmenistanyň başlangyjy bilen döredilen Bitaraplygyň dostlary toparyna girýän ýurtlaryň parlamentleri bilen hyzmatdaşlyk üçin hemişe açykdyr. Biz geljekde-de halkara meýdançalarda we ikitaraplaýyn esasda parlamentara hyzmatdaşlygy berkitmäge gyzyklanma bildirýäris.

 

08.10.2025

«Parlamentara dialog — dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy üpjün etmegiň möhüm guraly» atly Bitaraplygyň dostlary toparyna agza ýurtlaryň Parlament ýolbaşçylarynyň duşuşygy

 

Walentina MATWIÝENKO, Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy:

— Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Parlamentara Assambleýasynyň, Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň adyndan Bitaraplygyň dostlary toparynyň halkara gün tertibiniň derwaýys meseleleri boýunça kanun çykaryjylaryň dialogynyň möhüm görnüşine öwrülýändigini nygtamak isleýärin. «Parlamentara dialog — dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy üpjün etmegiň möhüm guraly» atly parlament ýolbaşçylarynyň ikinji duşuşygynyň guramaçylary bolan, şu ýyl Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyny giňden belleýän türkmenistanly dostlarymyza hoşallyk bildirýärin. Russiýa Türkmenistanyň parahatçylygyň we durnuklylygyň bähbidine alyp barýan parasatly daşary syýasatyny goldaýar. Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň wekiliýeti hem şu ýylyň dekabrynda Aşgabatda geçiriljek halkara foruma işjeň gatnaşar.

Tagallalaryň birleşdirilmegi zerur bolan häzirki zaman şertlerinde ähli gyzyklanma bildirýän taraplar üçin bilelikdäki deňhukukly ösüşi üpjün etmäge ukyply parlament diplomatiýasyna aýratyn orun degişlidir. Şunda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýanyň Parlamentara forumyna Bitarap Türkmenistanda badalga berilmegi aýratyn mana eýedir. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň goldaw bermeginde häzirki wagtda onuň ikinji mejlisine taýýarlyk görülýär.

Şeýle işjeň gatnaşyklar arkaly bitaraplyk taglymaty bu gün aýratyn mazmuna eýe bolýar hem-de onuň üsti täze halkara başlangyçlar bilen baýlaşdyrylýar. Şol başlangyçlar Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan golaýda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji ýubileý sessiýasynyň ýokary derejeli plenar mejlisinde hem beýan edildi.

08.10.2025

«Parlamentara dialog — dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy üpjün etmegiň möhüm guraly» atly Bitaraplygyň dostlary toparyna agza ýurtlaryň Parlament ýolbaşçylarynyň duşuşygy

 

Dünýägözel GULMANOWA, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy:

— Birleşen Milletler Guramasy Türkmenistanyň başlangyjy bilen parahatçylygy hem-de howpsuzlygy ilerletmek, özara ynanyşmagy gazanmakda dialogyň, bitaraplyk ýörelgeleriniň ähmiýeti, şeýle-de energetika, üstaşyr ulag geçelgelerini döretmek boýunça Kararnamalaryň birnäçesini kabul etdi. Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi hem ýurdumyzyň ynsanperwer daşary syýasatynyň giň goldawa eýe bolýandygyna şaýatlyk edýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň gün tertibine «Bitaraplyk — parahatçylygyň we howpsuzlygyň hatyrasyna» atly aýratyn bendi girizmek başlangyjyny öňe sürdi, şeýle-de «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüş prosesini üpjün etmek hem-de pugtalandyrmak işinde bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti» atly Kararnamanyň taslamasyna seretmegi teklip etdi. Türkmenistanyň BMG-niň howandarlygynda Parahatçylyk üçin araçyllyk palatasyny döretmek babatda geňeşmeleri geçirmek başlangyjyny öňe sürmegi gapma-garşylyklary kadalaşdyrmakda bitarap döwletleriň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmaga ýardam berer. Ýurdumyz tarapyndan nobatdaky ýubileý sessiýada Parahatçylyk we ynanyşmak medeniýeti meseleleri boýunça bütindünýä sammitini geçirmek başlangyjynyň öňe sürlüp, Halkara ynanyşmagyň ählumumy kodeksini işläp taýýarlamagyň sammitiň esasy wezipeleriniň biri boljakdygy nygtalmagy umumadamzat ähmiýetli meseleleri bilelikde çözmäge gönükdirilen tagallalaryň aýdyň mysalydyr. Baş Assambleýanyň 80-nji sessiýasynda Türkmenistanyň 2028-nji ýyly «Halkara hukugyň ýyly» diýip yglan etmek baradaky başlangyç bilen çykyş etmegi-de parahatçylygyň we hyzmatdaşlygyň halkara hukuk esaslaryny pugtalandyrmaga möhüm goşant bolar.

Ynsanperwerligiň ýokary taglymatlaryna, demokratik ösüşiň, häzirki zaman hukuk jemgyýetiniň ýörelgelerine ygrarly bolan Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk syýasatynyň kanunçylyk binýadyny has-da berkitmek ugrunda tagalla edýär. Ýakynda kabul edilen «Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk we ynanyşmak syýasatynyň hukuk esaslary hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanuny Bitarap ýurdumyzyň parahatçylyk we ynanyşmak syýasatynyň esasy ýörelgeleri bolan «Dialog — parahatçylygyň kepili», ynsanperwerlik, öňüni alyş diplomatiýasy, parlament diplomatiýasy, Bitaraplygyň dostlary topary, halkara hyzmatdaşlyk hem-de ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynyň ileri tutulýan beýleki ugurlarynyň kadalaryny beýan edýär. Kanunda adamy jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy hökmünde ykrar edýän Türkmenistanyň halkara gatnaşyklarda ynsanperwer meseleleriň çözülmeginde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň mümkinçilikleriniň ulanylmagyny ileri tutýandygy görkezildi. Bu Konstitusion kanunyň kabul edilmegi Türkmenistanyň tejribesiniň beýleki döwletler üçin nusgalykdygyny äşgär edýär. Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk we ynanyşmak syýasatyny durmuşa geçirmek üçin halkara giňişlikde ýurdumyzyň umumadamzat bähbitlerini nazarlaýan ynsanperwer döwlet syýasatynyň halkara hukuk esaslaryny täze derejä çykarmaga, ony has-da kämilleşdirmäge ýardam berer.

Häzirki döwürde halklary birleşdirýän, ýurtlary ýakynlaşdyrýan we ählumumy meseleleriň oňyn çözgüdiniň tapylmagyna ýardam edýän hemmetaraplaýyn çäreleriňdir geňeşmeleriň geçirilmegi zerurdyr. Bitaraplygyň dostlary toparyna agza ýurtlaryň parlamentleriniň ýolbaşçylarynyň duşuşyklary hem ählumumy derejede parahatçylygy, ynanyşmagy pugtalandyrmakda we wekilçilikli kanun çykaryjy edaralaryň işini kämilleşdirmekde tagallalary birleşdirmäge mümkinçilik döredýär. Şeýle görnüşdäki dialog häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmekde, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek babatda hyzmatdaşlygy berkitmekde, umumadamzat gymmatlyklaryny goramakda, adam hukuklaryny we azatlyklaryny, gender deňligini üpjün etmekde, ýaşlary goldamakda, ekologik abadançylygy gazanmakda, täze tehnologiýalary ornaşdyrmakda netijeli teklipleri öňe sürmekde amatly meýdança bolup, ol ýurtlarymyzyň bu ugurda alyp barýan işlerini parlament diplomatiýasynyň üsti bilen goldamakda, parlament we kanun çykaryjylyk işinde tejribe alyşmakda uly ähmiýete eýedir.

 

08.10.2025

«Parlamentara dialog — dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy üpjün etmegiň möhüm guraly» atly Bitaraplygyň dostlary toparyna agza ýurtlaryň Parlament ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi

 

2025-nji ýylyň 8-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Mejlisinde utgaşykly görnüşde Bitaraplygyň dostlary toparyna agza ýurtlaryň parlament ýolbaşçylarynyň «Parlamentara dialog — dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy üpjün etmegiň möhüm guraly» atly ikinji duşuşygy geçirildi. Oňa Bitaraplygyň dostlary toparyna agza ýurtlaryň parlamentleriniň, Parlamentara Birleşigiň, GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň, Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky wekilhanalarynyň, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

2020-nji ýylda Türkmenistanyň başlangyjy bilen döredilen Bitaraplygyň dostlary toparyna häzirki wagta çenli 25-den gowrak döwletiň goşulandygyny bellemek gerek. Bu toparyň işi halkara derejede, hususan-da, BMG-niň çäklerinde yzygiderli hyzmatdaşlyga ýardam bermäge, bitaraplyk ýörelgeleri esasynda döwletleriň parahatçylyk döredijilik mümkinçiliklerini iş ýüzünde peýdalanmaga, gapma-garşylyklaryň öňüni almaga, olaryň sebäplerini we netijelerini aradan aýyrmaga, ynsanperwer meseleleri çözmäge gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda, duşuşyga gatnaşyjylar çykyşlarynda netijeli halkara hyzmatdaşlygy ilerletmekde we ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy pugtalandyrmagyň gurallaryny işjeň ulanmakda ýurdumyzyň eýeleýän ornuna ýokary baha berdiler. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Bitaraplygy sebit we ählumumy derejedäki ýagdaýlary durnuklylaşdyrmaga, köp sanly syýasy, ykdysady, ynsanperwer, ekologik meseleler çözülende döwletleriň, halkara guramalaryň hyzmatdaşlygynyň mazmunyna hem-de ugurlaryna oňyn täsir edýän gural hökmünde özüni barha giňden ykrar etdirýär. Birleşen Milletler Guramasy bolsa parahatçylygy üpjün etmäge gönükdirilen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmekde ýurdumyzyň ýakyn hyzmatdaşydyr.

Şu ýyl Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň 30 ýyllyk, BMG-niň esaslandyrylmagynyň 80 ýyllyk şanly seneleri utgaşýar. Munuň özi ýurdumyzyň we dünýäniň iň iri halkara guramasynyň arasynda strategik hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin täze tapgyry açýar. Şunuň bilen baglylykda, şanly ýylyň ýurdumyzyň başlangyjy esasynda BMG-niň degişli Kararnamasyna laýyklykda, “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilendigine üns çekildi. Taryhy wakalara beslenýän bu ýylda ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk derejesiniň dünýä bileleşigi tarapyndan biragyzdan goldanylýandygyny nobatdaky gezek tassyklaýan «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnama kabul edildi.

Türkmenistan oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, döwletleriň we halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary, ählumumy abadançylygyň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli halkara hem-de sebit hyzmatdaşlygyny berkitmekde möhüm ähmiýete eýe bo­lan parlamentara gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly üns berýär. Şunda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji ýubileý sessiýasynda ileri tutýan garaýyşlarynyň möhüm ähmiýete eýedigini nygtamak gerek. Şolaryň hatarynda Ýer ýüzünde parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek, energetika, ulag, ekologiýa, howanyň üýtgemegi, ynsanperwer ulgam ýaly ugurlarda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça anyk teklipler bar. Türkmenistan halkara hukugyň berkidilmegini, halkara kadalaşdyryş binýadynyň kämilleşdirilmegini, BMG-niň konwensiýalarynyň, şertnamalarynyň, ylalaşyklarynyň we beýleki köptaraplaýyn resminamalarynyň durmuşa geçirilişiniň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagy ugrunda çykyş edýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň BMG-niň belent münberinden 2028-nji ýyly “Halkara hukugyň ýyly” diýip yglan etmek barada öňe süren başlangyjy parahatçylygyň we hyzmatdaşlygyň halkara hukuk binýatlaryny pugtalandyrmakda täze tapgyry açar.

Duşuşyga gatnaşyjylar ählumumy bähbitleri göz öňünde tutýan bu başlangyçlary ilerletmekde Bitaraplygyň dostlary toparynyň orny we goşandy bara­da pikir alyşdylar. Olaryň nygtaýyşlary ýaly, parlamentara dialog ynanyşmagy berkitmegiň, diplomatiýany ösdürmegiň we ählumumy wehimler babatda bilelikde çözgüt çykarmagyň netijeli guralydyr. Halklara wekilçilik etmek bilen, parlamentariler parahatçylyga, durmuş bitewüligine, durnukly ösüşe täsir edýän syýasy gurşawy kemala getirmäge hem-de ony has-da ösdürmäge ukyplydyr. Bitaraplygyň dostlary topary we parlamentara hyzmatdaşlyk bolsa bu ugurdaky wezipeleri durmuşa geçirmegiň iň amatly nusgasyna, ýurdumyzyň daşary syýasatynyň mazmunynyň has sazlaşykly häsiýete eýe bolýan görnüşine öwrüldi.

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar şu gezekki duşuşygyň bu ugurda gazanylan tejribäni we netijeleri hemmetaraplaýyn maslahatlaşmak üçin amatly gurşawy, halkara durmuşyň möhüm meseleleri boýunça hyzmatdaşlygyň täze, has täsirli gurallaryny işläp düzmek üçin şertleri döredendigini nygtap, forumy gurandygy üçin türkmen tarapyna hoşallyklaryny beýan etdiler.

 

08.10.2025

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINDE BITARAPLYGYŇ DOSTLARY TOPARYNA AGZA ÝURTLARYŇ PARLAMENT ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ DUŞUŞYGY ÖZ IŞINE BAŞLADY

 

2025-nji ýylyň 8-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Mejlisinde utgaşykly görnüşinde «Parlamentara dialog – dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy üpjün etmegiň möhüm guraly» atly Bitaraplygyň dostlary toparyna agza ýurtlaryň Parlament ýolbaşçylarynyň ikinji duşuşygy öz işine başlady. 

Nobatdaky duşuşyga dürli döwletleriň kanun çykaryjy edaralarynyň ýolbaşçylary, halkara we sebit guramalarynyň wekilleri hem-de Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşýarlar. 

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň ykrar edilmeginiň 30 ýyllygynyň bellenilýän «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda» geçirlen Bitaraplygyň dostlary toparyna agza ýurtlaryň Parlament ýolbaşçylarynyň ikinji duşuşygynyň bu ýurtlaryň dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmekde alyp barýan işlerini halkara jemgyýetçiligine ýetirmekde hem-de bu ugurda parlament hyzmatdaşlygyny ilerletmegiň möhüm orny ara alnyp maslahatlaşylar. 

 

08.10.2025

Türkmenistanyň Prezidenti Horwatiýa Respublikasynyň daşary we Ýewropa işleri ministrini kabul etdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Horwatiýa Respublikasynyň daşary we Ýewropa işleri ministri Gordan Grliç-Radmany kabul etdi.

Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirip, Horwatiýanyň Türkmenistan bilen dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berýändigini belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, Horwatiýa Respublikasynyň Prezidenti Zoran Milanowiçiň we Premýer-ministri Andreý Plenkowiçiň döwlet Baştutanymyza hem-de Gahryman Arkadagymyza iberen mähirli salamyny ýetirdi.

Hormatly Prezidentimiz myhmany mähirli mübärekläp, dostlukly ýurduň ýolbaşçylaryna mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de bu saparyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmekde möhüm ädim boljakdygyna, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine täze itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan halkara derejede ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanyp, dünýä döwletleri bilen parahatçylyk söýüjilikli gatnaşyklary alyp barýar. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda halkara guramalar, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasy we onuň düzüm birlikleri bilen işjeň hyzmatdaşlyk etmäge, döwletleriň arasyndaky ynanyşmagy, özara düşünişmegi we dünýäde durnukly ösüşi ilerletmäge gönükdirilen başlangyçlary goldamaga aýratyn üns berilýär. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň Ýewropa sebitiniň döwletleri bilen netijeli hyzmatdaşlygy alyp barýandygyny, Türkmenistan bilen Horwatiýa Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň hem dostluk, deňhukuklylyk, özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanýandygyny aýtdy. Nygtalyşy ýaly, ýurtlarymyzyň arasyndaky syýasy-diplomatik gatnaşyklar işjeň häsiýete eýedir. Horwatiýanyň Türkmenistanyň BMG-niň çäklerinde öňe sürýän netijeli başlangyçlarynyň awtordaşy bolmagy, Türkmenistanyň hem, öz gezeginde, birnäçe halkara guramalara saýlawlarda Horwatiýa Respublikasyny goldamagy munuň aýdyň mysalydyr.

Döwlet Baştutanymyz Horwatiýa Respublikasynyň daşary we Ýewropa işleri ministriniň ýurdumyza saparynyň çäklerinde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-horwat hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisiniň geçiriljekdigini, onda iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady, energetika, ulag pudaklarynda, beýleki ileri tutulýan ugurlarda hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýynyň hem-de geljekki ösüş mümkinçilikleriniň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny aýtdy. Şeýle-de saparyň çäklerinde iki ýurduň işewür toparlarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda işewürlik maslahaty geçiriler. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz bu çäräniň telekeçileriň arasynda göni aragatnaşygy ýola goýmaga, bilelikdäki taslamalary ara alyp maslahatlaşmaga, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny ýüze çykarmaga mümkinçilik döretjekdigini belläp, onuň üstünlikli we netijeli geçirilmegini arzuw etdi.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň syýasy, ykdysady, söwda we medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini aýdyp, ýurdumyzyň bu babatda horwat tarapynyň anyk tekliplerine seretmäge taýýardygyny tassyklady.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Horwatiýa Respublikasynyň daşary we Ýewropa işleri ministri Gordan Grliç-Radman birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

07.10.2025

Türkmen halkynyň Milli Lideri,Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjan Respublikasyna iş sapary

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň XII sammitine gatnaşmak maksady bilen, Azerbaýjan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy.

Ýurdumyz oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat strategiýasyny durmuşa geçirip, gyzyklanma bildirýän taraplaryň ählisi, abraýly halkara we sebit guramalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýär. Şunda Türki Döwletleriň Guramasyna uly orun degişlidir. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan umumy abadançylygyň bähbitlerine laýyk gelýän uzak möhletli, özara bähbitli hyzmatdaşlyga gönükdirilen oňyn başlangyçlary öňe sürýär. Gahryman Arkadagymyzyň TDG-niň döwlet Baştutanlarynyň nobatdaky sammitine gatnaşmagy hem munuň aýdyň güwäsidir.

Türki Döwletleriň Guramasy halklary taryhy, medeni we dil umumylygy bilen baglanyşan ýurtlaryň birleşigidir. 2009-njy ýylda döredilen bu gurama türki ýurtlaryň arasynda dürli ulgamlarda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagy maksat edinýär. TDG durnukly ösüşe gönükdirilen dialog hem-de hyzmatdaşlyk üçin meýdança bolup, häzirki wagtda Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Türkiýe, Özbegistan onuň düzümine doly hukukly agza hökmünde girýär. Türkmenistan we Wengriýa bu düzümde synçy döwlet derejesine eýedir.

Gurama ylym, bilim, medeniýet ulgamlarynda anyk taslamalary amala aşyrmak arkaly türki halklaryň medeniýetini ösdürmäge ýardam berýär. Şeýle hem ol Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly halkara düzümler bilen hyzmatdaşlyk edýär. 2022-nji ýylda Türki Döwletleriň Guramasy BMG-de synçy derejesine eýe boldy. Bu bolsa onuň halkara abraýyny has-da pugtalandyrdy. Türkmenistan Türki Döwletleriň Guramasynda synçy agza hökmünde aýratyn orny eýeleýär. Bu dereje ýurdumyzyň oňyn Bitaraplyk ýörelgesine esaslanýan syýasatynyň beýany bolup, Türkmenistana sebit başlangyçlaryna işjeň gatnaşmaga mümkinçilik berýär.

...Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinden ugur alan Gahryman Arkadagymyzyň uçary birnäçe wagtdan soňra, sammite gatnaşýan ýurtlaryň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Gabala şäheriniň Halkara howa menziline gelip gondy. Haly düşelen ýodajygyň iki tarapynda Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzülipdir. Bu ýerde Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy dostlukly ýurduň resmi adamlary, şeýle hem Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary mähirli garşyladylar.

Günüň ikinji ýarymynda Gahryman Arkadagymyz sammitiň geçýän ýerine — Geýdar Aliýew kongres merkezine geldi. Bu ýerde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew mähirli garşylady. Sammite gatnaşýan wekiliýet Baştutanlarynyň resmi surata düşmek dabarasy tamamlanandan soňra, Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi.

Prezident Ilham Aliýew sammite gatnaşyjylary mähirli mübärekläp, çakylygy kabul edip gelendikleri üçin hoşallyk bildirdi hem-de umumy taryhy, dili, medeniýeti, ruhy-ahlak gymmatlyklary bolan halklaryň arasynda raýdaşlygy pugtalandyrmakda Türki Döwletleriň Guramasynyň ähmiýetini belledi. Soňra sammite gatnaşyjylara söz berildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow, ilki bilen, Türki Döwletleriň Guramasynyň şu günki ýokary derejeli duşuşygyna gatnaşmaga çakylygy hem-de myhmansöýerlik üçin Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewe tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, bu guramanyň umumy taryha, medeniýete, ruhy mirasa we dile esaslanýan dostlukly halklarymyzyň halkara guramasy bolup durýandygyny nygtady.

Bellenilişi ýaly, guramanyň baş maksady türki döwletleriň arasynda agzybirligi, dost-doganlygy pugtalandyrmaga, sebitleýin we halkara derejede bilelikdäki tagallalardyr hereketleri utgaşdyrmaga gönükdirilendir. Häzirki günde dünýä jemgyýetçiligi öz ösüşiniň örän çylşyrymly döwrüni başdan geçirýär. Şeýle ýagdaýda döwletlerimiziň halkara giňişlikde utgaşykly hereket etmegi aýratyn ähmiýete eýedir. Biziň öňümizde duran esasy wezipeleriň biri hem halkara derejede parahatçylygy, durnuklylygy we ynanyşmagy berkitmekdir diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy hem-de pursatdan peýdalanyp, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň başlangyjy esasynda 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilendigini belledi hem-de sammite gatnaşyjylary bu şanly sene we Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriljek halkara foruma çagyrdy.

Biz hemişe bir meseläni aýratyn nygtap geçýäris: biziň medeniýetimiz, dilimiz we däp-dessurlarymyz birdir. Bu umumylyk taryhy hakykata esaslanýar. Biziň ata-babalarymyz dünýä taryhynda uly yz galdyran döwletleri döretdiler. Medeniýetiň, söwdanyň, dolandyryş tejribesiniň ösüşine ägirt uly goşant goşdular. Olaryň arasynda oguzlaryň neslinden gelip çykan türkmenleriň syýasy mirasy hem möhüm ähmiýete eýedir. Türkmen halky asyrlaryň dowamynda beýleki doganlyk halklar bilen birlikde uly taryhy ýoly geçdi. Ol diňe bir döwletlilik kadalaryny we däp-dessurlaryny ösdürmek bilen çäklenmän, eýsem, tutuş Ýewraziýa giňişliginde özara gatnaşyklaryň, medeni alyşmalaryň ösmegine, dürli söwda ýollarynyň döredilmegine wajyp goşant goşdy diýip, Milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Şunuň bilen birlikde, biziň döwletlerimizde ýaşaýan halklaryň asyrlaryň dowamynda birek-birek bilen syýasy, ykdysady, medeni gatnaşyklary saklandygyny bellemek gerek. Munuň mysaly hökmünde Beýik Ýüpek ýoluny görkezmek bolar. Hytaýdan başlanýan bu ýoluň esasy ugurlary doganlyk ýurtlarymyzyň üstünden geçip, Ýewropa döwletleriniň çäklerine çenli uzapdyr. Beýik Ýüpek ýoly dürli medeniýetleri, dünýägaraýyşlary we ykdysady şertleri özara birleşdiripdir. Aziýa, Ýakyn Gündogar, Ýewropa halklarynyň arasynda ylym-bilimiň, däp-dessurlaryň, ruhy gymmatlyklaryň alyş-çalyş edilmegine mümkinçilik döredipdir.

Gahryman Arkadagymyz çykyşynda Türkmenistanyň Türki Döwletleriň Guramasyna girýän ýurtlar bilen köptaraplaýyn we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini belledi. Ýurdumyz özara bähbitli gatnaşyklary berkitmek, ony many-mazmun taýdan baýlaşdyrmak ugrunda tutanýerli tagalla edýär. Bu gatnaşyklaryň binýady deňhukuklylyga, birek-birege hormat goýmaga, strategik hyzmatdaşlyga esaslanýar. Türkmenistan şunuň ýaly asylly we uzak möhletleýin maksatlary amala aşyrmak üçin energetika, ulag-logistika, aragatnaşyk we beýleki strategik ugurlarda sebit hem-de halkara ähmiýetli iri taslamalary öňe sürýär, olary durmuşa geçirmek üçin has-da işjeň işleri alyp barýar diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy aýtdy we türki döwletleriň arasyndaky gatnaşyklarda medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň aýratyn ornuna ünsi çekdi.

Bu ugurda alnyp barylýan hyzmatdaşlyk halklarymyzyň özboluşly milli aýratynlyklaryny we ruhy gymmatlyklaryny gorap saklamakda, ony kämilleşdirmekde, dünýä tanatmakda uly ähmiýete eýedir diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýtdy we bilelikdäki medeni-köpçülik çärelerini guramak boýunça işleri güýçlendirmegi teklip etdi. Şunda, hususan-da, Medeniýet günlerini, teatr çykyşlaryny, dürli sergileri, kino günlerini geçirmek boýunça uly we köp işleriň durmuşa geçirilýändigi bellenilip, ýurtlarymyzyň bu ugurda gazanan baý tejribesini dowam etdirmegiň maksadalaýyk boljakdygyna üns çekildi.

Ýakyn wagtda biz Azerbaýjanda Türkmenistanyň Medeniýet günlerini geçirmegi meýilleşdirýäris. Şeýle hem iki halkyň halyçylyk we haly dokamak däplerini ösdürmek babatda tagalla edýäris. Şol bir wagtda bedew atlary, hususan-da, ahalteke we garabag atlaryny ösdürip ýetişdirmek boýunça gadymy sungaty gaýtadan dikeltmek babatda işleşmegi göz öňünde tutýarys. Bu çäreleriň medeni gatnaşyklarymyzy has-da kämilleşdirmäge ýardam berjekdigine berk ynanýarys. Şunuň ýaly çäreleri beýleki doganlyk ýurtlar bilen hem guramagy maksadalaýyk hasaplaýarys diýip, hormatly Arkadagymyz sözüni dowam etdi.

Nygtalyşy ýaly, ylym we bilim ulgamynda akademiki alyşmalary giňeltmäge, talyp haky maksatnamalaryny ýola goýmaga, halklarymyzyň taryhyny we medeni mirasyny öwrenmek boýunça bilelikdäki işleri alyp barmaga hem aýratyn ähmiýet berilmegi zerurdyr. Sport we bedenterbiýe babatda bolsa ýurtlarymyzyň arasynda halkara ýaryşlary, türgenleşik çärelerini geçirmegi, ýaşlaryň arasynda fiziki işjeňligi wagyz edýän maksatnamalary amala aşyrmagy ýerlikli hasaplaýarys diýip, Milli Liderimiz aýtdy we ýokarda beýan edilen asylly maksatlara ýetmek, ata-babalarymyzyň dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmek baradaky wesýetlerine eýerip, öňde duran möhüm wezipeleri ýerine ýetirmek üçin Türkmenistanyň Türki Döwletleriň Guramasyna girýän ähli döwletler bilen has önjeýli we ýakyndan hyzmatdaşlyk etmäge hemişe taýýardygyny tassyklady.

Çykyşynyň ahyrynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy sammite gatnaşyjylaryň ählisine berk jan saglyk, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri, türki döwletleriň doganlyk halklaryna bolsa abadançylyk, gülläp ösüş, asuda we bagtyýar durmuşy arzuw etdi.

Prezident Ilham Aliýew çuň manyly çykyşy üçin Gahryman Arkadagymyza hoşallyk bildirip, çykyşyň dowamynda beýan edilen teklipleriň türki döwletleriň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny has-da berkitmekde uly ähmiýetini belledi.

Sammit tamamlanandan soňra, wekiliýet Baştutanlary sanly ulgam arkaly Türkmenistan tarapyndan Azerbaýjana sowgat hökmünde Fizuli şäherinde guruljak metjidiň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdylar. Prezident Ilham Aliýew Türkmenistan tarapyndan Azerbaýjana sowgat hökmünde metjidiň gurulýandygy üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa, şeýle hem ähli türkmen halkyna tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa söz berildi. Gahryman Arkadagymyz dabara gatnaşyjylara ýüzlenip, bu günüň taryhy wakadygyny, halkymyzda ýol gurmagyň, köpri gurmagyň, metjit gurmagyň sogap iş hasaplanýandygyny belledi. “Metjit — “Allanyň öýi”. Şonuň üçin bu metjitde geljekde öten-geçenler ýatlanylar, ýurtlarymyzyň asudalygy we abadançylygy üçin doga-dilegler ediler. Bu ýerde ediljek doga-dilegler Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun!” diýip, Milli Liderimiz sözüni jemledi.

Soňra metjidiň düýbüniň tutuljak ýerinden sanly ulgam arkaly iki ýurduň müftülerine söz berildi. Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň müftüleri Gurhandan aýat-doga okap, ýagşy dilegleri etdiler. Soňra wekiliýet Baştutanlarynyň ählisi bir wagtda ekrana basmak arkaly metjidiň gurluşygyna badalga berdiler. Şol pursatda dabaraly el çarpyşmalar astynda metjidiň binýadyna ýadygärlik ýazgy goýlan guty goýberildi hem-de beton garyndysy guýulmaga başlandy. Dabaranyň dowamynda metjit barada taýýarlanan wideoşekiller görkezildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň görkezmesi boýunça bu metjit Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna “Aga-gurluşyk” hususy kärhanasy tarapyndan bina ediler. Fizuli şäherinde guruljak metjit ynsanperwerligiň belent nusgasyna, agzybirligi, jebisligi we asylly işlere bolan ygrarlylygy baş ýörelge edinýän halklarymyzyň haýyr işleri uly ruhubelentlik bilen amal edýändiginiň nyşanyna öwrüler. Türkmen halkynyň azerbaýjan halkyna sowgady bolan bu metjit köňül tämizliginiň binasy bolar. Bu ýerde gadymdan gelýän asylly däp-dessurlar berjaý ediler. Ol ruhy päkligiň aýdyň nyşany bolup, geljek nesillere hyzmat eder.

Azerbaýjan Respublikasyna iş saparynyň maksatnamasy tamamlanandan soňra, Gahryman Arkadagymyz Gabala şäheriniň Halkara howa menziline bardy we bu ýerden Watanymyza ugrady.

Aşgabadyň Halkara howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy resmi adamlar garşyladylar.

Şeýlelikde, Gahryman Arkadagymyzyň Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň XII sammitine gatnaşmagy Türkmenistanyň gurama agza ýurtlaryň işjeň hyzmatdaşy bolup durýandygyny we umumy taryhy kökleri, medeni, ruhy-ahlak gymmatlyklary bolan doganlyk halklaryň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmak ugrunda çykyş edýändigini nobatdaky gezek subut etdi.

07.10.2025

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň Horwatiýa Respublikasynyň Daşary we Ýewropa işler ministri jenap Gordan Grliç-Radman bilen duşuşygy

 

2025-nji ýylyň 7-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowanyň Horwatiýa Respublikasynyň Daşary we Ýewropa  işler ministri jenap Gordan Grliç-Radman bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşykda myhman Türkmenistanyň alyp barýan içeri hem-de parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary we milli Parlamentiň düzümi, alyp barýan işleri bilen tanyşdyryldy.  Şeýle hem Halkara guramalar, Ýewropa Bileleşigi bilen köpýyllyk özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridigi hem-de Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygyň täze ugurlar boýunça giňeldilýändigi bellenildi. 

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Horwatiýa Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekki mümkinçilikleri barada pikir alşyldy. Şunuň bilen birlikde, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky gatnaşyklaryň ösdürilmegine aýratyn üns berildi.

Şeýle hem taraplar milli kanunçylygy we parlament işini kämilleşdirmek, tejribe alyşmak, iki döwletiň hyzmatdaşlyga bolan mümkinçilikleri bilen tanyşmak, halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary berkitmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny kanagatlanma bilen bellediler.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar geljekde özara hormat goýmak, deňhukuklylyk we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan döwletara gatnaşyklaryny mundan beýläkde ösdürmäge taýýardyklaryny beýan etdiler. 

 

07.10.2025

Türkmenistanyň Mejlisinde Katar Döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

 

2025-nji ýylyň 07-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowanyň Katar Döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Hamad Bin Raşid Al Azbi bilen hoşlaşyk duşuşygy boldy.

Milli Parlamentiň Başlygy Ilçini Türkmenistanda işlän döwründe iki ýurduň arasyndaky dostlukly hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmekde hem-de parlamentara, syýasy, ykdysady we medeni ugurlarda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmekde alyp baran işlerine hoşallyk bildirip, geljekde alyp barjak işinde üstünlikleri arzuw etdi. 

Duşuşykda taraplar Türkmenistan bilen Katar Döwletiniň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň ýokary derejesine we iki döwletiň arasynda däp bolan hyzmatdaşlygyň ösüşine aýratyn ähmiýet berilýändigini bellediler. 

Ilçi şu ýylyň awgust aýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň we onuň çäginde ýurtlaryň arasynda hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça guralan ugurdaş çäreleriň, şol sanda Parlament forumynyň ýokary derejede, guramaçylykly geçirilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady. 

Duşuşygyň ahyrynda taraplar iki dostlukly ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ähli ugurlarda has-da berkemegine ynam bildirdiler we birek-birege üstünlik arzuw etdiler.

 

07.10.2025

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hatyra güni mynasybetli çärä gatnaşdy

Şu gün — Hatyra gününde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyna gül goýmak hatyra çäresine gatnaşdy. Bu gün 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalary hem-de söweş meýdanlarynda wepat bolanlar hatyralanylýar.

Öten-geçenleri ýatlamak, edermen Watan goragçylaryny, tebigy betbagtçylykda pida bolanlary hatyralamak däbi halkymyzyň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan ynsanperwer ýörelgeleriniň biridir. Bu asylly ýörelge Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mynasyp dowam etdirilýär. Munuň özi ata-babalarymyzyň gahrymançylykly ýoluny häzirki nesillere ýetirmekde, ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemekde möhüm ähmiýete eýedir. Hatyra gününde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde Watan gahrymanlarynyň ruhlarynyň şat bolmagy dileg edilip, aýat-töwir okalýar, sadakalar berilýär.

...Ir bilen ildeşlerimiz Aşgabadyň günorta-günbatar böleginde ýerleşýän, milli gahrymanlarymyza çäksiz sarpanyň nyşany bolan «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyna ýygnandylar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň awtoulagy toplumyň öňündäki meýdança geldi. Bu ýerde Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzüldi. Döwlet Baştutanymyz haly düşelen ýodadan ýöräp, bellenen ýere barýar.

Hatyra çäresiniň başlanandygyny alamatlandyryp, Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar. Soňra tebigy betbagtçylykda pida bolanlar hem-de Watanyň azatlygy ugrunda şirin janyny orta goýan gahrymanlar baradaky halk hasratynyň özboluşly senasyna öwrülen gamgyn «Keçpelek» sazy ýaňlanýar. Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesinde gurban bolanlaryň ýagty ýadygärligini hatyralap, «Ruhy tagzym» ýadygärligine gül çemenini goýdy.

Adamzadyň taryhynda iň weýrançylykly ýertitremeleriň biri bolan 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesi baradaky hasratly ýatlamalar halk hakydasynda baky ýaşaýar. Bu tebigy betbagtçylyk sähel pursatda gülläp ösýän şäheri hem-de onuň töwereklerini düýbünden weýran etdi, ildeşlerimiziň müňlerçesiniň ömür tanapyny kesip, her bir maşgala öwezini dolup bolmajak ýitgileri getirdi. Şol aýylganç gijede döwlet Baştutanymyzyň garry atasy, 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunyň söweş meýdanlarynda gahrymançylyk görkezen, ilhalar ynsan, mugallym, tutuş ömrüni ýaşlary terbiýelemäge bagyşlan Berdimuhamet Annaýewiň hem ömür tanapy kesildi. Aşgabat ýertitremesinde diri galanlar tutanýerliligiň, gaýduwsyzlygyň, synmaz erkiň belent nusgasyny görkezdiler.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan şähergurluşyk maksatnamasynyň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen, Aşgabat soňky ýyllarda dünýäniň iň owadan şäherleriniň birine, bagtyýar we abadan durmuşyň mekanyna, sebit we ählumumy hyzmatdaşlygyň merkezine, iri halkara çäreleriň geçirilýän ýerine öwrüldi. Onuň täze keşbinde ata-babalarymyzyň ýurdumyzyň ýagty geljegi, türkmen halkynyň bagtly ykbaly baradaky arzuw-umytlary öz beýanyny tapýar. Paýtagtymyzy döwrebaplaşdyrmak boýunça amala aşyrylýan özgertmeler Türkmenistanyň ösüşine we rowaçlygyna, halkymyzyň abadan durmuşyna gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda, Aşgabadyň dünýäde ak mermerli binalaryň iň köp jemlenen şäheri hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna, «Dizaýn» ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girizilmegi, Syýahatçylyk şäherleriniň bütindünýä federasiýasynyň agzalygyna kabul edilmegi, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň yglan eden «Şäherlerdäki baglar» atly başlangyjyna bag ekmek çäreleri arkaly goldawy we oňa goşan goşandy üçin halkara güwänamanyň berilmegi, şol sanda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy tarapyndan Aşgabat şäherini «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýip yglan etmek hakyndaky Çözgüdiň biragyzdan kabul edilmegi ýurdumyzyň halkara abraýyny has-da belende göterýär.

...Soňra döwlet Baştutanymyz faşizme garşy söweşlerde wepat bolan türkmenistanly esgerleriň hem-de Watanymyzyň erkinligi, onuň bagtyýar geljegi ugrundaky söweşlerde baş goýan gahrymanlaryň hatyrasyna bina edilen «Milletiň ogullary» we «Baky şöhrat» ýadygärliklerine gül çemenlerini goýdy.

Ildeşlerimiziň müňlerçesi 1941 — 1945-nji ýyllaryň urşunyň söweş meýdanlarynda mertligiň, Watanymyza çäksiz söýginiň nusgasyny görkezdi. Milli gahrymanlarymyza belent sarpa goýmak we olary ýatlamak ähli döwürlerde hem türkmen jemgyýetiniň mukaddes ýörelgeleriniň biri hasaplanýar. Watanymyzy gorap, il-ýurduň azatlygy ugrunda janyny gurban eden merdana gerçeklerimiziň, milli gahrymanlarymyzyň aldym-berdimli söweşlerde görkezen edermenligi, batyrlygy, gaýduwsyzlygy, gahrymançylygy ata Watany, il-halky söýmegiň beýik mekdebidir.

...Soňra Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, daşary ýurtlaryň hem-de halkara guramalaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň wekilleri gül desselerini goýdular. Ýurdumyzyň syýasy partiýalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri, hormatly ýaşulular, talyplar, paýtagtymyzyň ýaşaýjylary hem olaryň göreldesine eýerdiler.

Hakyda halkymyzyň ruhy dünýäsiniň aýrylmaz bölegidir. Ol nesilleriň arasyndaky özboluşly arabaglanyşyk bolup, adamlaryň watansöýüjilik we agzybirlik duýgularyny ösdürýär, olary has-da jebisleşdirýär. Gahryman Arkadagymyzyň ýakynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çykyşynda belleýşi ýaly, ynsany bagtyýarlyga ýetirýän esasy sebäpleriň biri milli buýsanç arkaly kemala gelýär, milli buýsanjymyzyň gözbaşynda bolsa halkymyzyň müňýyllyklardan gözbaş alýan şöhratly taryhy bardyr. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri şan-şöhrata eýe bolan meşhur taryhy şahsyýetlerimiziň atlaryny ebedileşdirmegi hem-de dünýä jemgyýetçiligine tanyşdyrmagy, taryhy şahsyýetlerimiziň ömri, ýaşan döwri, galdyran mirasy barada halkara ylmy-amaly maslahatlary guramagy, türkmen halkynyň taryhy bilen bagly çeper, dokumental filmleri döretmegi, halkymyzyň taryhyna, baý edebi mirasyna bagyşlanan neşirleri taýýarlamagy teklip etdi. Munuň özi ata-babalarymyza we olaryň gahrymançylykly ýoluna goýulýan belent hormat-sarpanyň aýdyň güwäsidir.

Hormatly Prezidentimiz bu gün ýurdumyzda Hatyra gününiň geçirilip, öten-geçenleriň ýatlanylýandygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz öten-geçenleri hatyralap gül desseleriniň goýlandygyny belläp, berilýän sadakalaryň, edilýän doga-dilegleriň kabul bolmagyny dileg etdi.

Hatyra çäresi tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz bu ýerden ugrady.

«Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynda geçirilen şu günki hatyra çäresi ata-babalarymyzyň ynsanperwer ýörelgeleriniň mynasyp dowam etdirilýändiginiň nobatdaky beýany boldy.

Şu gün Arkadag şäherinde, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda hem hatyra çäreleri geçirildi.

06.10.2025
1 2 3 4 5 6 7 ... 68