Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMEN-PALESTINA PARLAMENTARA GATNAŞYKLARYNY ÖSDÜRMEGIŇ MÜMKINÇILIKLERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY


2023-nji ýylyň 25-nji awgustynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowanyň Palestina döwletiniň Palestina Döwletiniň Daşary işler we daşary ýurtlarda ýaşaýan palestinalylaryň işleri boýunça ministri Riýad Al-Malki bilen duşuşygy boldy.

Duşuşygyň dowamynda Bitarap ýurdumyzyň dünýäniň ähli döwletleri, şol sanda Ýakyn Gündogaryň ýurtlary bilen deňhukukly, netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek babatdaky daşary syýasatyna laýyklykda iki ýurduň arasyndaky parlamentara gatnaşyklary ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. 

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy myhmany Türkmenistanyň Mejlisiniň düzümi we onuň alyp barýan işleri, kanun çykaryjylyk ulgamynda tejribe alyşmak boýunça durmuşa geçirýän işler bilen tanyşdyrdy. 

Duşuşygyň soňunda taraplar geljekde ikitaraplaýyn esasda parlamentara dostluk toparlaryny döretmek,  şeýle hem döwletara hyzmatdaşlygyny parlament diplomatiýasynyň üsti bilen goldamak babatda hyzmatdaşlyk etmeklige taýýardyklaryny bellediler. 

25.08.2025

WÝETNAM SOSIALISTIK RESPUBLIKASYNYŇ ILÇISI YNANÇ HATYNY GOWŞURDY


2023-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Türkmenistana bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Dang Min Khoýdan ynanç hatyny kabul etdi. 

Milli parlamentiň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan ilçini ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlap, iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça alyp barýan işinde üstünlikleri arzuw etdi. 

 

Şeýle hem, Türkmenistanyň Mejlisiniň başlygy Ilçini türkmen parlamentiniň düzümi hem-de dürli ulgamlarda amala aşyrylýan özgertmeleri kanunçylyk taýdan üpjün etmek boýunça alyp barýan köpugurly işi bilen tanyşdyrdy. Şunuň bilen baglylykda, geljekde parlamentara gatnaşyklary halkara parlament düzümleriniň çäklerinde hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge taýýardyklaryny beýan etdiler. 

 

Duşuşygyň ahyrynda Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Türkmenistana bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Dang Min Khoý iki ýurduň bähbitlerine doly laýyk gelýän köpugurly we netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

11.09.2023

TÄZE ZELANDIÝANYŇ ILÇISI YNANÇ HATYNY GOWŞURDY


2023-nji ýylyň 6-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa Täze Zelandiýanyň Türkmenistana bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Sara  Meri Uolş bilen duşuşdy we ondan ynanç hatyny kabul etdi. 

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy myhmany Türkmenistanyň Mejlisiniň düzümi we alyp barýan işleri, kanun çykaryjylyk işinde tejribe alyşmak boýunça durmuşa geçirilýän işler bilen tanyşdyrdy. 

 

Duşuşygyň dowamynda Bitarap ýurdumyzyň dünýäniň ähli döwletleri bilen deňhukukly, netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek babatdaky daşary syýasatyna laýyklykda iki ýurduň arasyndaky parlamentara gatnaşyklaryny ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. 

 

Ilçi Türkmenistan bilen Täze Zelandiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegi barada aýtmak bilen, öz ýurdunyň ähli ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly gyzyklanma bildirýändigini belledi.

Söhbetdeşligiň soňunda döwletara hyzmatdaşlygyny parlament diplomatiýasynyň üsti bilen goldanylmagynyň, iki döwletiň arasyndaky söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmeginiň iki tarap üçin hem bähbitli boljakdygy barada nygtaldy

06.09.2023

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Ýewraziýa atly sport assosiasiýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşygy


Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli guralýan baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Ýewraziýa atly sport assosiasiýasynyň prezidenti M.Seçina bilen duşuşdy.

Iri sport guramasynyň ýolbaşçysy bildirilen myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýdyp, täze şäheriň amatly ýaşaýşy, göwnejaý dynç alşy üpjün etmekde, ekologiýa abadançylygyny saklamakda ýokary halkara görkezijilere laýyk gelýändigini belledi we Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň enjamlaşdyrylyşyna, onda bilim almak, türgenleşik geçmek üçin döredilen şertlere ýokary baha berdi.

Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzda Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli guralýan baýramçylyk dabarasyna gatnaşýandygy üçin myhmana minnetdarlyk bildirip, Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň dostluk, ynanyşmak hem-de birek-birege hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýandygyny belledi.

Şeýle hem söwda-ykdysady, energetika we beýleki möhüm ugurlarda hyzmatdaşlyk işjeň ösdürilýär. Parlamentara gatnaşyklara aýratyn ähmiýet berilýär. Atşynaslyk we atçylyk sporty babatda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikler bar diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri sözüni dowam etdi.

Ahalteke bedewleri ajaýyplygy bilen dünýäde uly şöhrata eýe boldy. Behişdi bedewler milli buýsanjymyzdyr. Häzirki döwürde ahalteke bedewlerini giňden wagyz etmek we atçylygy dünýäniň ösen tejribesini ulanmak arkaly ylmy esasda ösdürmek boýunça zerur tagallalar edilýär. Gahryman Arkadagymyz atly sporty ösdürmekde, ýaryşlary guramakda we türgenleri taýýarlamakda hyzmatdaşlygyň uly geljeginiň bardygyny bellemek bilen, bu ugurda özara tejribe alyşmagyň ähmiýetini nygtady.

Şeýle hem Russiýanyň atly sport federasiýasy bilen türkmen atşynaslarynyň hyzmatdaşlygyny ýola goýmagyň maksadalaýyk boljakdygy bellenildi we Türkmenistan bu ugurda öňe sürülýän başlangyçlary goldamaga taýýardyr.

Ýewraziýa atly sport assosiasiýasynyň prezidenti M.Seçina sebitde atçylyk we atly sport boýunça ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlaýan ilkinji halkara akademiýa bolan Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň Türkmenistanda döredilendigi üçin Ýewraziýa atly sport assosiasiýasynyň Hormat şahadatnamasyny gowşurmagyň özi üçin uly hormatdygyny nygtady.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasyna Ýewraziýa atly sport assosiasiýasynyň Hormat şahadatnamasynyň gowşurylandygy üçin minnetdarlyk bildirdi. Munuň özi Türkmenistanda atçylygy we atly sporty ösdürmek hem-de giňden wagyz etmek boýunça toplumlaýyn ulgamyň döredilmegine gönükdirilen öňdengörüjilikli syýasatyň halkara derejede ykrar edilýändiginiň nobatdaky beýanydyr.

Duşuşygyň ahyrynda Gahryman Arkadagymyz hem-de myhman, ähli ugurlarda bolşy ýaly, atçylyk pudagynda we atly sport ulgamynda ýola goýulýan hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň netijeli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

01.09.2023

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Kataryň Atçylyk federasiýasynyň Baş sekretary bilen duşuşygy


Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli guralýan baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Kataryň Atçylyk federasiýasynyň Baş sekretary Şeýh Ahmad bin Nuh Al-Tani bilen duşuşdy.

Kataryň Atçylyk federasiýasynyň Baş sekretary türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik we guralýan baýramçylyk dabaralarynyň ýokary derejesiniň üpjün edilendigi üçin hoşallyk bildirdi hem-de Gahryman Arkadagymyzy, ähli türkmen halkyny giňden bellenilýän şanly sene bilen gutlap, türkmen halkynyň Milli Liderine Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al-Taniniň aýdan mähirli salamyny we hoşniýetli arzuwlaryny ýetirdi.

Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow gutlaglar we hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirmek bilen, Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al-Tanä mähirli salamyny aýdyp, täze Arkadag şäheriniň milli binagärlik ýörelgeleriniň hem-de häzirki zamanyň ösen tejribesiniň utgaşmagynda bina edilendigini, şunda “akylly” şäher konsepsiýasynyň, “ýaşyl” tehnologiýalar ulgamynyň işjeň ornaşdyrylandygyny belledi.

Myhman Arkadag şäheriniň keşbinde milli binagärligiň iň gowy däpleriniň bezeg ulgamyndaky döwrebap ýörelgeler bilen utgaşýandygyny nygtap, täze şäheriň ähli görkezijiler babatda ýokary dünýä ülňülerine doly laýyk gelýändigini belledi. Munuň özi taslamanyň durmuşa geçirilmegine jogapkärçilikli we toplumlaýyn esasda çemeleşilendigini görkezýär. Şeýle hem ol şäheriň Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasyna sebitde atly sport boýunça ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda ähli mümkinçilikleri we amatlyklary bolan ilkinji halkara akademiýa hökmünde Aziýa atly sport federasiýasynyň Hormat şahadatnamasyny gowşurmagyň özi üçin uly mertebedigini nygtady.

Gahryman Arkadagymyz Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasyna Hormat şahadatnamasyny gowşurandygy üçin myhmana minnetdarlyk bildirip, bu çözgüdi ýurdumyzda bilim ulgamyny ösdürmekde we atçylyk sporty boýunça ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda amala aşyrylýan işlere berilýän ýokary baha hökmünde kabul edýändigini aýtdy.

Türkmenistanyň Katar Döwleti bilen däp bolan özara bähbitli gatnaşyklaryň ösdürilmegine ygrarlydygyny belläp, Gahryman Arkadagymyz iki ýurduň we halklaryň abadançylygynyň bähbidine ýola goýulýan döwletara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Şunuň bilen baglylykda, bedewleri ýetişdirmek we atçylyk sporty boýunça özara tejribe alyşmak babatda ägirt uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. Ýurdumyzyň gözelligi we ýyndamlygy bilen ady äleme dolan ahalteke bedewleriniň asyl mekanydygyny aýdyp, türkmen halkynyň Milli Lideri Kataryň Atçylyk federasiýasy bilen işjeň gatnaşyklary ýola goýmagyň ägirt uly geljeginiň bardygyna ünsi çekdi.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Kataryň Atçylyk federasiýasynyň Baş sekretary Şeýh Ahmad bin Nuh Al-Tani atçylyk ulgamyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege hoşniýetli arzuwlaryny aýtdylar.

01.09.2023

Türkmenistan — ABŞ: parlamentara gatnaşyklar ösdürilýär

Şu gün Türkmenistanyň Mejlisinde ýurdumyza sapar bilen gelen ABŞ-nyň Kongresiniň Wekiller palatasynyň wekiliýeti bilen geçirilen duşuşykda türkmen-amerikan hyzmatdaşlygynyň, ilkinji nobatda, parlamentara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmeginiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşylan esasy mesele boldy.

Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa myhmanlary mähirli mübärekläp, ähli ugurlar boýunça netijeli döwletara dialogy ösdürmäge ýardam berýän parlamentara gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna ýurdumyzda aýratyn ähmiýet berilýändigini nygtady.

Duşuşygyň çäklerinde myhmanlar milli parlamentiň düzümi hem-de Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ägirt uly özgertmelerini amala aşyrmaga gönükdirilen kanun çykaryjylyk işi bilen tanyşdyryldy.

Bellenilişi ýaly, häzirki döwürde Türkmenistanda berk kanunçylyk binýady döredilip, onda dünýäniň bu ulgamdaky iň gowy tejribesi toplanandyr. Soňky ýyllarda işlenip taýýarlanylan we kabul edilen möhüm kanunlar hem-de kadalaşdyryjy hukuk namalary türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän özgertmelere täze itergi berdi.

ABŞ-nyň Kongresiniň Wekiller palatasynyň wekiliýetiniň agzalary Garaşsyz Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk syýasatynyň ähmiýetini bellediler. Bu syýasat ählumumy parahatçylygy hem-de howpsuzlygy pugtalandyrmak maksady bilen alnyp barylýan öňüni alyş diplomatiýasynyň netijeli guralyna öwrüldi.

Söhbetdeşler häzirki günde ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşlerde, şol sanda iri halkara hem-de sebit guramalarynyň ugry boýunça üstünlikli ösdürilýän türkmen-amerikan gatnaşyklarynyň ýeten derejesine ýokary baha berip, deňhukuklylyk we özara hormat goýmak ýörelgeleri esasynda ýola goýulýan köpugurly hyzmatdaşlyga täze itergi bermegi maksat edinýändiklerini tassykladylar.

Dürli ulgamlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň bar bolan uly kuwwatyny nazara almak bilen, iki ýurduň parlamentarileriniň arasynda has ýakyn gatnaşyklary ýola goýmagyň we kanun çykaryjylyk ulgamynda tejribe alyşmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Netijeli we ynanyşykly ýagdaýda geçen duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar parlamentara gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmeginiň Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygynyň okgunly ösdürilmegine, iki ýurduň halklarynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna ýardam berjekdigine ynam bildirdiler.

28.08.2023

Türkmenistanyň Mejlisindäki duşuşyk

Şu gün paýtagtymyzda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa bilen Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Çžin Pýonuň arasynda iki ýurduň wekiliýet agzalarynyň gatnaşmagynda duşuşyk geçirildi.

Mejlisiň ýolbaşçysy myhmanlary mähirli garşylap, dostlukly ýurduň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Çžin Pýony oňa ýokary sylagyň — “Bitaraplyk” ordeniniň gowşurylmagy bilen gutlady hem-de alyp barýan işlerinde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw etdi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy koreýaly hyzmatdaşlaryň Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeler maksatnamasyny durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýandyklaryny belläp, iki döwletiň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda parlamentara dialogyň ähmiýetli ornuna ünsi çekdi.

Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy mähirli kabul edilendigi hem-de gutlaglar üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, türkmen-koreý gatnaşyklarynyň oňyn häsiýetini kanagatlanma bilen belledi. Netijeli parlamentara hyzmatdaşlyk bu gatnaşyklaryň okgunly ösdürilmegine ýardam berýär.

Söhbetdeşler ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, iri halkara we sebit guramalarynyň ugry boýunça üstünlikli ösdürilýän döwletara dialogyň soňky ýyllarda ýetilen ýokary derejesine oňyn baha berip, iki ýurduň däp bolan hem-de ilkibaşdan deňhukuklylyk, özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan hyzmatdaşlyga täze depgin bermäge gyzyklanmalaryny bellediler.

Duşuşygyň çäklerinde Mejlisiň Başlygy myhmanlary milli parlamentiň düzümi hem-de Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ägirt uly özgertmelerini amala aşyrmaga gönükdirilen kanun çykaryjylyk işi bilen tanyşdyrdy. Soňky ýyllarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan durmuşa geçirilýän özgertmelere durnukly ösüş häsiýetini berýän birnäçe kanunlar, kadalaşdyryjy hukuk namalary işlenip taýýarlanyldy we kabul edildi.

Bellenilişi ýaly, Koreýa Respublikasy Aziýa — Ýuwaş umman sebitinde Türkmenistanyň esasy hyzmatdaşlarynyň biridir. Muňa iki dostlukly döwletiň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyldan gowrak döwrüniň dowamynda emele gelen netijeli hyzmatdaşlyk hem aýdyň şaýatlyk edýär. Şunuň bilen baglylykda, taraplar özara tejribe alyşmagy işjeňleşdirmek, parlament diplomatiýasynyň hem-de parlamentara gatnaşyklaryň mümkinçiliklerini giňden peýdalanmak baradaky pikiri beýan etdiler. Nygtalyşy ýaly, Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň Baştutanlarynyň tagallalary netijesinde, iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklar işjeň ösdürilýär, netijeli hyzmatdaşlyk, şol sanda parlamentleriň ugry boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin täze mümkinçilikler açylýar. Şunuň bilen baglylykda, koreý parlamentarileriniň Aşgabada saparynyň hem-de onuň çäklerinde geçirilen şu günki duşuşygyň bu hyzmatdaşlyga oňyn häsiýet berjekdigine ynam bildirildi.

Soňra Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň öňünde çykyş edip, koreý tarapynyň Türkmenistan bilen däp bolan özara bähbitli gatnaşyklara ygrarlydygyny tassyklady.

Mälim bolşy ýaly, geçen ýyl iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy bellenildi. Şu döwrüň dowamynda syýasy, ykdysady, ynsanperwer we beýleki ugurlarda uly tejribe toplandy. Milli Assambleýanyň Başlygy döwlet Baştutanlarynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegine yzygiderli üns berýändiklerini nygtap, ýokary derejede gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmegini kanunçylyk taýdan üpjün etmek üçin ähli zerur çäreleri görmegiň möhümdigi baradaky pikiri aýtdy. Şunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçen ýylyň noýabrynda Seula amala aşyran saparynyň barşynda geçirilen duşuşygyň iki ýurduň parlamentara gatnaşyklaryna täze depgin berendigi nygtaldy.

Kim Çžin Pýo çykyşynyň dowamynda parlamentara gatnaşyklaryň çäklerinde söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna, bilelikdäki taslamalaryň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyna ýardam bermegiň möhümdigini aýtdy. Şeýle hem dürli köptaraplaýyn meýdançalarda hyzmatdaşlygyň ähmiýeti bellenildi.

Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Çžin Pýo sözüniň ahyrynda parlamentara dialog arkaly ýurtlarymyzyň has-da ýakynlaşmagy, olaryň ösmegi, halklarymyzyň abadançylygy üçin täze mümkinçilikleri açmagyň parlamentarileriň öňünde durýan möhüm wezipedigini nygtady.

20.07.2023

Türkmenistan — Ýaponiýa: parlamentara gatnaşyklar pugtalandyrylýar

Şu gün Türkmenistanyň Mejlisinde Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň sekretariatynyň başlygy Masuşita Şinpeý bilen duşuşyk boldy.

Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa myhmany mähirli mübärekläp, döwlet durmuşynda parlamentarileriň ornunyň barha artýandygyny aýtdy. Bu gün parlamentara hyzmatdaşlyk ýurtlaryň arasynda netijeli gatnaşyklary üpjün etmegiň, halkara hyzmatdaşlygy, özara düşünişmegi pugtalandyrmagyň möhüm gurallarynyň biri bolup durýar.

Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň sekretariatynyň başlygy mähirli kabul edilendigi üçin hoşallygyny bildirip, ýapon-türkmen hyzmatdaşlygynyň netijeli häsiýetini kanagatlanma bilen belledi. Parlamentara gatnaşyklar bu hyzmatdaşlygyň depginli ösdürilmegine ýardam berýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçen ýylyň güýzünde Ýaponiýa saparynyň dowamynda parlament diplomatiýasyny ösdürmek boýunça öňe süren başlangyçlary bu ugurdaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekde aýratyn orun eýeledi.

Türkmenistanyň berk kanunçylyk binýadynyň bu ugurdaky iň gowy dünýä tejribesini özünde jemleýändigi bellenildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe öňde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmäge gönükdirilen özgertmeleriň durmuşa geçirilmegine ýardam berýän kanunlar, kadalaşdyryjy hukuk namalary işlenip taýýarlanylýar hem-de kabul edilýär.

Duşuşykda kanun çykaryjylyk ulgamynda tejribe alyşmagyň, parlamentara gatnaşyklaryň bar bolan kuwwatyny giňden ulanmagyň meselelerine garaldy.

Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň sekretariatynyň başlygy Arkadag şäheriniň açylyş dabarasyna gatnaşmak hormatynyň özüne miýesser edendigini belledi. Myhman bu şanly wakanyň ýurduň taryhyna altyn harplar bilen ýazyljakdygyny nygtady we pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa hem-de Halk Maslahatynyň Başlygyna bu ägirt uly şähergurluşyk taslamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Söhbetdeşligiň ahyrynda şu gezekki duşuşygyň iki ýurduň we olaryň halklarynyň dostlukly gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna saldamly goşant boljakdygyna ynam bildirildi.

29.06.2023

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINDE BIRLEŞEN MILLETLER GURAMASYNYŇ ILAT GAZNASYNYŇ (UNFPA) TÜRKMENISTANDAKY ÝURT BOÝUNÇA DIREKTORY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI


2025-nji ýylyň 26-njy martynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa bilen BMG-niň Ilat Gaznasynyň (UNFPA) Türkmenistandaky ýurt boýunça direktory Çinwe Ogbonnanyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Mejlisiň ýolbaşçysy myhmany bu wezipä bellenilmegi bilen gutlady hem-de alyp barjak işlerinde we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmekde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Myhman Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň içeri we parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň esasy ugurlary, türkmen Parlamentiniň işi bilen tanyşdyryldy.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanda Ilat gaznasy (UNFPA) bilen bilelikde enäniň we çaganyň saglygyny goramak, maşgalany we ýaşlary goldamak, gender deňligini üpjün etmek babatda toplumlaýyn işleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigi kanagatlanma bilen bellenip geçildi we geljekde bilelikde geçirilmeli çäreler ara maslahatlaşyldy.

Şeýle hem ýurdumyzda bu ugurda alnyp barylýan işleriň kanunçylyk esaslarynyň yzygiderli kämilleşdirilýändiginiň ähmiýeti nygtaldy. 

26.03.2023