Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
2023-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Kanadanyň Türkmenistana bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Alan Hamsondan ynanç hatyny kabul etdi.
Milli parlamentiň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan ilçini ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlap, iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça alyp barýan işinde üstünlikleri arzuw etdi.
Şeýle hem, Türkmenistanyň Mejlisiniň başlygy ilçini türkmen parlamentiniň düzümi hem-de köpugurly işi bilen tanyşdyrdy. Şunuň bilen baglylykda, gelejekde ikitaraplaýyn parlamentara gatnaşyklaryny ösdürmegiň ugurlary barada pikir alyşyldy.