Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Maral Atamyradowna Garagulowa 1971-nji ýylyň 1-nji iýunynda Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynyň Merw geňeşliginde doguldy. Milleti türkmen.
1978 — 1988-nji ýyllarda Baýramaly etrabyndaky 22-nji orta mekdepde, Murgap etrabyndaky 7-nji orta mekdepde okady.
1989 — 1994-nji ýyllarda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde gaýybana okap, ony türkmen dili we edebiýaty mugallymy hünäri boýunça tamamlady.
1989-njy ýyldan häzirki wagta çenli Mary welaýatynyň Baýramaly etrabyndaky 22-nji orta mekdebiň türkmen dili we edebiýaty mugallymy bolup işleýär.
Türkmenistanyň Mejlisiniň VII çagyrylyşynyň deputaty. Mejlisiň Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky komitetiniň agzasy.
Maşgalaly, iki çagasy bar.
Raýatlar topary tarapyndan dalaşgärlige hödürlenildi.
Baýramaly etrabynyň Höwesli, Beýikköpri, Gadyrýap, Merw, Bahar, Hangala geňeşlikleriniň çäklerini öz içine alýar.
Atamyrat Ýagmyrowiç Amandurdyýew 1992-nji ýylyň 15-nji aprelinde Mary welaýatynyň Mary etrabynyň Peşanaly geňeşliginde doguldy. Milleti türkmen.
1999 — 2009-njy ýyllarda Mary şäherindäki 16-njy ýöriteleşdirilen orta mekdepde okady.
2009-2010-njy ýyllarda «Sary şöhle» hususy kärhanasynda birinji derejeli betonçy bolup işledi.
2010 — 2016-njy ýyllarda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde okap, ony bejeriş işiniň lukmany hünäri boýunça tamamlady.
2016-2017-nji ýyllarda Mary welaýat köpugurly hassahanasynyň intern lukmany bolup işledi.
2017-nji ýylda Mary welaýatynyň Mary etrap hassahanasynyň Ak altyn oba saglyk merkeziniň maşgala lukmany wezipesinde işledi.
2017 — 2019-njy ýyllarda harby gullukda boldy.
2019-2026-njy ýyllarda Mary welaýatynyň Mary etrap hassahanasynyň S.Türkmenbaşy şäherçesindäki saglyk merkeziniň maşgala lukmanlar bölüminiň müdiri wezipesinde işledi.
2026-njy ýylyň fewral aýyndan bäri Mary welaýatynyň Mary etrap hassahanasynyň baş lukmanynyň ilkinji saglygy goraýyş kömegi boýunça orunbasary wezipesinde işleýär.
Türkmenistanyň Mejlisiniň VII çagyrylyşynyň deputaty. Mejlisiň Durmuş syýasaty baradaky komitetiniň agzasy.
Maşgalaly, iki çagasy bar.
Raýatlar topary tarapyndan dalaşgärlige hödürlenildi.
Sakarçäge etrabynyň Bereket, Keseýap, Çaşgyn, Çerkezköl, Sakarçäge geňeşlikleriniň we Gyzylgum geňeşliginiň Gyzylgum obasynyň çäklerini öz içine alýar.
Süleýman Muhammetamanowiç Nurymow 1992-nji ýylyň 22-nji noýabrynda Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň Akýap geňeşliginde doguldy. Milleti türkmen.
1999 — 2009-njy ýyllarda Sakarçäge etrabyndaky 10-njy orta mekdepde okady.
2009 — 2014-nji ýyllarda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda okap, ony inžener-gurluşykçy hünäri boýunça tamamlady.
2014 — 2015-nji ýyllarda Mary welaýat Gara ýollary ulanyş müdirliginiň 9-njy ýol ulanyş bölüminiň ýol ussasy bolup işledi.
2015 — 2017-nji ýyllarda Mary welaýatynyň Awtomobil ýollaryny ulanyş müdirliginde Mary etrap ýol bölüminde ýol ussasy bolup işledi.
2018-nji ýylyň mart – aprel aýlarynda Mary şäher Jemagat abatlaýyş gurluşyk müdirliginde ussa bolup işledi.
2018-2019-njy ýyllarda Mary şäheriniň Ýaşaýyş jaý ulanyş müdirliginiň 5-nji öý bölüminiň ussasy bolup işledi.
2019-2024-nji ýyllarda Mary welaýatynyň Mary şäher Ýaşaýyş jaý ulanyş müdirliginiň 5-nji öý bölüminiň uly ussasy wezipesinde işledi.
2024-nji ýylyň ýanwar aýyndan bäri Mary şäheriniň Ýaşaýyş jaý ulanyş müdirliginiň 4-nji öý bölüminiň başlygy wezipesinde işleýär.
Türkmenistanyň Mejlisiniň VII çagyrylyşynyň deputaty. Mejlisiň Ykdysady meseleler baradaky komitetiniň agzasy.
Maşgalaly, iki çagasy bar.
Türkmenistanyň Agrar partiýasy tarapyndan dalaşgärlige hödürlenildi.
Sakarçäge etrabynyň Gorgangala, Daýhan, Garaýap, Agzybir, Görelde, Söýünsary geňeşlikleriniň hem-de Mary etrabynyň Aşgabat geňeşliginiň Gowkyzereň obasynyň çäklerini öz içine alýar.
Tirkişmyrat Amanmuhammedowiç Ýomudow 1996-njy ýylyň 11-nji fewralynda Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň Gyzylgum geňeşliginde doguldy. Milleti türkmen.
2003 — 2013-nji ýyllarda Sakarçäge etrabyndaky 12-nji orta mekdepde okady.
2014 — 2019-njy ýyllarda Türkmen Döwlet ulag we aragatnaşyk institutynda okap, ony inžener-mehanik hünäri boýunça tamamlady.
2019 — 2022-nji ýyllarda «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň «Maryawtoulag» önümçilik birleşiginiň işgärler we hukuk işi bölüminiň hünärmeni, ulanyş bölüminiň nobatçy-dispetçeri wezipelerinde işledi.
2022-nji ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda «Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň 6-njy şahamçasynyň topar ýolbaşçysy wezipesinde işledi.
2022—2023-nji ýyllarda «Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň 6-njy şahamçasynyň iş öndürijisi wezipesinde işledi.
2023—2024-nji ýyllarda «Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň 31-nji şahamçasynyň Mary stansiýasynyň 66-njy razýezdiniň demir ýol boýunça nobatçysy wezipesinde işledi. 2024—2025-nji ýyllarda «Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň 30-njy şahamçasynyň Lokomatiw toparlarynyň operatiw-tehniki hasabat merkeziniň başlygy wezipesinde işledi.
2025-nji ýylyň noýabr aýyndan bäri telekeçi bolup işleýär.
Türkmenistanyň Mejlisiniň VII çagyrylyşynyň deputaty. Mejlisiň Kada-kanunçylyk baradaky komitetiniň agzasy.
Maşgalaly, iki çagasy bar.
Raýatlar topary tarapyndan dalaşgärlige hödürlenildi.
Sakarçäge etrabynyň Sakarçäge şäheriniň, Gyzylgum geňeşliginiň Mawyteber, Böri, D.Sähedow adyndaky obalarynyň, Hojadepe, Akýap geňeşlikleriniň hem-de Mary etrabynyň Aşgabat geňeşliginiň 8-nji mart obasynyň çäklerini öz içine alýar.
Atamyrat Agamyradowiç Kössekow 1987-nji ýylyň 21-nji iýulynda Mary welaýatynyň Mary etrabynyň Saparmyrat Türkmenbaşy şäherçesinde doguldy. Milleti türkmen.
1994 — 2003-nji ýyllarda Mary şäherindäki 12-nji orta mekdepde okady.
2003 — 2005-nji ýyllarda Mary şäherindäki 1-nji hünärment mekdebinde okap, ony derňew-ölçeg, buraw gurallaryny abatlaýyş ussasy hünäri boýunça tamamlady.
2005 — 2007-nji ýyllarda harby gullukda boldy.
2007 — 2013-nji ýyllarda Mary döwlet elektrik stansiýasynyň ýylylyk awtomatika we ölçegler sehiniň birinji, ýokary derejeli slesary wezipelerinde işledi.
2013 — 2017-nji ýyllarda Ukrainanyň Wladimir Dal adyndaky Gündogar ukrain milli uniwersitetinde gaýybana okap, ony ykdysadyýetçi hünäri boýunça tamamlady.
2013—2014-nji ýyllarda Mary welaýat Alyjylar jemgyýetleri birleşiginiň işgärler boýunça hünärmeni, söwda bölüminiň esasy hünärmeni, bazarlar bölüminiň esasy hünärmeni, başlygynyň kömekçisi, 2014-nji ýylyň iýun — awgust aýlarynda Mary lomaý söwda bazasynyň başlygynyň orunbasary, 2014—2015-nji ýyllarda Baýramaly şäher önümçilik kärhanasynyň direktorynyň orunbasary, 2015-nji ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda Baýramaly şäher önümçilik kärhanasynyň direktorynyň wezipesini ýerine ýetiriji, direktorynyň orunbasary wezipelerinde işledi.
2016 — 2018-nji ýyllarda Mary welaýatynyň köpugurly sport toplumynyň hojalyk müdiri, direktorynyň orunbasary wezipelerinde işledi. 2018—2019-njy ýyllarda Mary welaýatynyň Bedenterbiýe we sport baradaky baş müdirliginiň direktorynyň orunbasary, Mary şäheriniň «Bagtyýarlyk» sport desgasynyň direktory bolup işledi. 2019—2020-nji ýyllarda Mary welaýatynyň Mary etrabynyň bedenterbiýe we sport baradaky bölüminiň başlygy, Mary etrabynyň «Mary» sport desgasynyň direktory bolup işledi.
2020—2023-nji ýyllarda Mary welaýatynyň Mary etrabynyň pensiýa gaznasy bölüminiň pensiýalar bölümçesiniň hünärmeni wezipesinde işledi.
2023—2025-nji ýyllarda Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň pensiýa gaznasy bölüminiň pensiýalar bölümçesiniň başlygy wezipesinde işledi.
2025-nji ýylyň mart aýyndan bäri Mary welaýatynyň Baýramaly şäheriniň pensiýa gaznasy bölüminiň başlygynyň orunbasary, başlygyň wezipe borçlaryny wagtlaýyn alyp baryjy wezipesinde işleýär.
Türkmenistanyň Mejlisiniň VII çagyrylyşynyň deputaty. Mejlisiň Kada-kanunçylyk baradaky komitetiniň agzasy.
Maşgalaly, iki çagasy bar.
Türkmenistanyň Agrar partiýasy tarapyndan dalaşgärlige hödürlenildi.
Wekilbazar etrabynyň Wekilbazar şäherçesiniň, Halyl, Mülkbükri, Mollanepes adyndaky, Täzedurmuş, Mülkýusup geňeşlikleriniň we Mary-2 harby şäherçesiniň, Jumadurdy Atajanow adyndaky geňeşliginiň Işçi obasynyň çäklerini öz içine alýar.
Jumamuhammet Hudaýberdiýewiç Şirmämmedow 1970-nji ýylyň 23-nji aprelinde Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň Mülkbükri geňeşliginde doguldy. Milleti türkmen.
1977 — 1987-nji ýyllarda Wekilbazar etrabyndaky 12-nji orta mekdepde okady.
1988-1989-njy ýyllarda harby gullukda boldy.
1987 — 1993-nji ýyllarda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda okap, ony geografiýa-biologiýa mugallymy hünäri boýunça tamamlady.
1993 — 2012-nji ýyllarda Wekilbazar etrabyndaky 12-nji orta mekdebiň geografiýa mugallymy, 2012 — 2022-nji ýyllarda Wekilbazar etrabyndaky 35-nji orta mekdebiň müdiriniň terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary, okuw işleri boýunça orunbasary wezipelerinde işledi.
2022 — 2023-nji ýyllarda Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabyndaky 35-nji orta mekdebiň müdiriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji wezipesinde işledi.
2023-nji ýylyň fewral aýyndan bäri Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabyndaky 35-nji orta mekdebiň müdiri bolup işleýär.
Türkmenistanyň Mejlisiniň VII çagyrylyşynyň deputaty. Mejlisiň Daşky gurşawy goramak, tebigatdan peýdalanmak we agrosenagat toplumy baradaky komitetiniň agzasy.
Maşgalaly, üç çagasy bar.
Türkmenistanyň Demokratik partiýasy tarapyndan dalaşgärlige hödürlenildi.
Wekilbazar etrabynyň Egrigüzer, Alladurdy Gandymow adyndaky, Çarlakýap, Rysgally geňeşlikleriniň we Jumadurdy Atajanow adyndaky geňeşliginiň Jumadurdy Atajanow adyndaky, Çebişgen, Garajaköw, Haşyrdyk obalarynyň çäklerini öz içine alýar.
Jumageldi Durdymyradowiç Ataýew 1990-njy ýylyň 17-nji awgustynda Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň Täzedurmuş geňeşliginde doguldy. Milleti türkmen.
1997-2003-nji ýyllarda Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň 20-nji orta mekdebinde, 2003-2006-njy ýyllarda Oguzhan etrabynyň Şatlyk şäherindäki ýöriteleşdirilen welaýat mekdebinde okady.
2006-2007-nji ýyllarda Mary şäherindäki 5-nji hünärment mekdebinde okap, ony «Hasapçy-kompýuter maksatnamasyny düzüji» başlangyç hünäri boýunça tamamlady.
2007-2009-njy ýyllar aralygynda harby gullukda boldy.
2010-2015-nji ýyllarda Russiýa Federasiýasynyň Kazan döwlet energetika uniwersitetinde okap, ony ykdysadyýetçi hünäri boýunça tamamlady.
2016-njy ýylyň iýun-sentýabr aýlarynda Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň Mary welaýatynyň statistika müdirliginiň Ýolöten etrabynyň statistika bölüminiň hünärmeni wezipesinde işledi.
2016-njy ýylyň sentýabr-dekabr aýlarynda Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň Mary welaýatynyň statistika müdirliginiň oba hojalygynyň statistikasy bölüminiň I derejeli hünärmeni, 2016-2018-nji ýyllar aralygynda Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň Mary welaýatynyň statistika müdirliginiň oba hojalygynyň statistikasy bölüminiň başlygynyň orunbasary wezipelerinde işledi.
2018-nji ýylyň ýanwar aýyndan bäri Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň Mary welaýatynyň statistika müdirliginiň maliýe statistikasy bölüminiň başlygy wezipesinde işleýär.
Türkmenistanyň Mejlisiniň VII çagyrylyşynyň deputaty. Mejlisiň Ykdysady meseleler baradaky komitetiniň agzasy.
Maşgalaly, üç çagasy bar.
Türkmenistanyň Demokratik partiýasy tarapyndan dalaşgärlige hödürlenildi.
Wekilbazar etrabynyň Mollanepes adyndaky şäherçesiniň we Gökje, Goňur, Akgoňur, Mülkamaşa geňeşlikleriniň çäklerini öz içine alýar.
Akmuhammet Nurmuhammedowiç Bekmyradow 1992-nji ýylyň 26-njy martynda Mary welaýatynyň Türkmengala etrabynyň Türkmengala şäherinde doguldy. Milleti türkmen.
1998 — 2008-nji ýyllarda Türkmengala etrabyndaky 8-nji orta mekdepde okady.
2008 — 2012-nji ýyllarda Halkara türkmen-türk uniwersitetinde okap, ony awtomatlaşdyrylan ulgamlaryň we kompýuter tehnikasynyň programma üpjünçiligi hünäri boýunça tamamlady.
2012-2013-nji ýyllarda harby gullukda boldy.
2013 — 2016-njy ýyllarda «Marywelaýatagyzsuw» birleşiginiň Türkmengala etrabynyň 12-nji Abatlaýyş-ulanyş bölüminiň I-derejeli tehnigi bolup işledi.
2016-2017-nji ýyllarda Türkmengala etrabyndaky 13-nji orta mekdebiň informatika mugallymy bolup işledi.
2017-nji ýyldan bäri Mary welaýatynyň Türkmengala etrabyndaky daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 33-nji orta mekdebiň informatika mugallymy bolup işleýär.
Türkmenistanyň Mejlisiniň VII çagyrylyşynyň deputaty. Mejlisiň Kada-kanunçylyk baradaky komitetiniň agzasy.
Maşgalaly, iki çagasy bar.
Raýatlar topary tarapyndan dalaşgärlige hödürlenildi.
Türkmengala etrabynyň Zähmet şäherçesiniň, Täzedünýä, Täzeýol, Gatlaly, Seýitnazar Seýdi adyndaky we Zähmet geňeşlikleriniň çäklerini öz içine alýar.
Jahangül Mämmetorazowna Myradowa 1996-njy ýylyň 4-nji martynda Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherinde doguldy. Milleti türkmen.
2003-2013-nji ýyllarda Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň 12-nji orta mekdebinde okady.
2014-2019-njy ýyllarda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde okap, ony hukukçy hünäri boýunça tamamlady.
2019-2020-nji ýyllarda Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň H.Tekebaýew adyndaky 13-nji orta mekdebiniň hukuk we taryh mugallymy wezipesinde işledi.
2020-2025-nji ýyllarda Türkmenistanyň dokma senagaty ministrliginiň “Türkmendokma” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň hukuk maslahatçysy wezipesinde işledi.
2025-2026-njy ýyllarda Türkmenistanyň Mejlisiniň Daşky gurşawy goramak, tebigatdan peýdalanmak we agrosenagat toplumy baradaky komitetiniň baş hünärmeni wezipesinde işledi.
Türkmenistanyň Mejlisiniň VII çagyrylyşynyň deputaty.
2026-njy ýylyň aprel aýyndan bäri Türkmenistanyň Mejlisiniň Daşky gurşawy goramak, tebigatdan peýdalanmak we agrosenagat toplumy baradaky komitetiniň agzasy wezipesinde işleýär.
Maşgalaly, iki çagasy bar.
Raýatlar topary tarapyndan dalaşgärlige hödürlenildi.
Mary etrabynyň Peşanaly şäherçesiniň, Peşanaly, M.Lorsy adyndaky, Ak altyn, Abadanlyk, Akybaý geňeşlikleriniň we Diýar geňeşliginiň Keleter obasynyň çäklerini öz içine alýar.
Bäşim Durdyýewiç Annagurbanow 1964-nji ýylyň 29-njy oktýabrynda Mary welaýatynyň Mary etrabynyň Ajap Mämmedowa adyndaky obasynda doguldy. Milleti türkmen.
1972 — 1982-nji ýyllarda Mary etrabyndaky 18-nji orta mekdepde okady.
1982 — 1984-nji ýyllarda harby gullukda boldy.
1984-1985-nji ýyllarda Mary etrabynyň «Zarpçy» daýhan birleşiginde kärendeçi bolup işledi.
1985 — 1989-njy ýyllarda Belarus döwlet oba hojalyk akademiýasynda okap, ony ykdysadyýetçi hünäri boýunça tamamlady.
1989 — 1998-nji ýyllarda Mary etrap durmuş taýdan üpjünçilik bölüminiň ýeke oturan garrylara seredýän bölümçesiniň müdiri, uly inspektory, pensiýa we kömek pullaryny töleýän merkeziň başlygy, Mary etrap durmuş taýdan üpjünçilik bölüminiň müdiri, 1998 — 2005-nji ýyllarda Mary welaýat Durmuş taýdan üpjünçilik dolandyryş edarasynyň başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji, başlygy wezipelerinde işledi. 2005 — 2013-nji ýyllarda Türkmenistanyň Mejlisiniň Ykdysadyýet we durmuş syýasaty baradaky komitetiniň agzasy, şol komitetiň başlygy wezipelerinde işledi.
2013 — 2017-nji ýyllarda Mary welaýatynyň häkimi wezipesinde işledi.
2017—2018-nji ýyllarda Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň başlygy wezipesinde işledi.
2018—2024-nji ýyllarda Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygy wezipesinde işledi.
2025-nji ýyldan bäri «Türkmen enjam» hojalyk jemgyýetiniň maslahatçysy bolup işleýär.
Türkmenistanyň Mejlisiniň IV, VI, VII çagyrylyşlarynyň deputaty. Mejlisiň Daşky gurşawy goramak, tebigatdan peýdalanmak we agrosenagat toplumy baradaky komitetiniň agzasy.
2010-njy ýylda Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly, 2011-nji ýylda «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyna» atly ýubileý medaly, 2014-nji ýylda «Magtymguly Pyragy» medaly, 2015-nji ýylda «Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan», 2016-njy ýylda «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna», 2020-nji ýylda «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna», 2021-nji ýylda «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medallary bilen sylaglanyldy.
Maşgalaly, iki çagasy bar.
Türkmenistanyň Agrar partiýasy tarapyndan dalaşgärlige hödürlenildi.
Mary etrabynyň Täzegüýç, Adalat, Ajap Mämmedowa adyndaky, Gaýgysyz Atabaýew adyndaky geňeşlikleriniň we Aşgabat geňeşliginiň Ata, Egrigüzer obalarynyň hem-de Mary şäheriniň Mülkburkaz ýaşaýyş jaý toplumynyň çäklerini öz içine alýar.
Zyba Serdarowna Nepesowa 1990-njy ýylyň 30-njy dekabrynda Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň Çäçdepe geňeşliginde doguldy. Milleti türkmen.
1998-2008-nji ýyllarda Murgap etrabynyň 19-njy orta mekdebinde okady.
2009-2014-nji ýyllarda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda okap, ony filolog, terjimeçi, iňlis dili mugallymy hünäri boýunça tamamlady.
2014-2015-nji ýyllarda Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň 4-nji orta mekdebinde iňlis dili mugallymy, 2015-2016-njy ýyllarda Aşgabat şäheriniň Ene Kulyýewa adyndaky 62-nji orta mekdebinde iňlis dili mugallymy bolup işledi.
2016-2019-njy ýyllarda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Iňlis dili kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi, 2019-2025-nji ýyllarda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Iňlis filologiýasy kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi, mugallymy wezipelerinde işledi.
2025-2026-njy ýyllarda Türkmenistanyň Mejlisiniň Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky komitetiniň baş hünärmeni wezipesinde işledi.
Türkmenistanyň Mejlisiniň VII çagyrylyşynyň deputaty.
2026-njy ýylyň aprel aýyndan bäri Türkmenistanyň Mejlisiniň Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky komitetiniň agzasy wezipesinde işleýär.
Maşgalaly, üç çagasy bar.
Türkmenistanyň Demokratik partiýasy tarapyndan dalaşgärlige hödürlenildi.
Mary etrabynyň Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şäherçesiniň we Akmyrat Hümmedow adyndaky, Jemgyýet, Babasary, Türkmen ýoly, Ruhubelent geňeşlikleriniň çäklerini öz içine alýar.
Aýbölek Begmuradowna Mamedowa 1990-njy ýylyň 9-njy noýabrynda Lebap welaýatynyň Garabekewül etrabynyň Garabekewül şäherinde doguldy. Milleti türkmen.
1997-2006-njy ýyllarda Lebap welaýatynyň Garabekewül etrabynyň 9-njy orta mekdebinde okady.
2006-2007-nji ýyllarda Lebap welaýatynyň Garabekewül etrabynyň «Täzedurmuş» daýhan birleşiginiň maldarçylyk hojalygynda sagymçy bolup işledi.
2007-2013-nji ýyllarda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde okap, ony gigiýenaçy, epidemiolog, sanitar lukman hünäri boýunça tamamlady.
2013-2014-nji ýyllarda Lebap welaýatynyň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynda intern lukman wezipesinde işledi.
2014-nji ýylyň awgust-noýabr aýlarynda Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek bölüminiň epidemiolog lukmany, soňra Lebap welaýatynyň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek bölüminiň epidemiolog lukmany wezipelerinde işledi.
2014-2019-njy ýyllarda Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek bölüminiň epidemiolog lukmany wezipesinde işledi.
2019-2023-nji ýyllarda Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň zähmet-gigiýena bölümçesiniň sanitariýa lukmany wezipesinde işledi.
2023-nji ýylyň maý aýyndan bäri Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň zähmet-gigiýena bölümçesiniň müdiri wezipesinde işleýär.
Türkmenistanyň Mejlisiniň VII çagyrylyşynyň deputaty. Mejlisiň Durmuş syýasaty baradaky komitetiniň agzasy.
Maşgalaly, iki çagasy bar.
Türkmenistanyň Demokratik partiýasy tarapyndan dalaşgärlige hödürlenildi.
Darganata etrabynyň Darganata, Gazojak şäherleriniň, Lebap şäherçesiniň, Çarwadar, Hojalyk, Magtymguly, Sediwer geňeşlikleriniň we Lebap geňeşliginiň Sakararyk obasynyň çäklerini öz içine alýar.
Toýly Allanazarowiç Rozyýew 1982-nji ýylyň 25-nji awgustynda Lebap welaýatynyň Kerki etrabynyň Astanababa geňeşliginde doguldy. Milleti türkmen.
1989-1998-nji ýyllarda Lebap welaýatynyň Kerki etrabynyň 28-nji orta mekdebinde okady.
2000-2001-nji ýyllarda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Agrotelekeçilik merkeziniň iýmit önümleriniň hilini barlamak hünäri boýunça diňleýjisi boldy.
2002-2004-nji ýyllarda harby gullukda boldy.
2006-njy ýylyň fewral-awgust aýlarynda Lebap welaýatynyň Kerki etrabynyň çörek kärhanasynyň laborant-himigi wezipesinde işledi.
2006-2011-nji ýyllarda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde okap, ony hukukçy hünäri boýunça tamamlady.
2011-2012-nji ýyllarda Lebap welaýatynyň harby prokurorynyň tälim alyjy kömekçisi wezipesinde işledi.
2012-2014-nji ýyllarda Lebap welaýatynyň harby prokurorynyň kömekçisi wezipesinde işledi.
2014-2015-nji ýyllarda Balkan welaýatynyň harby prokurorynyň kömekçisi, uly kömekçisi wezipelerinde işledi.
2015-2016-njy ýyllarda Lebap welaýatynyň harby prokurorynyň kömekçisi wezipesinde işledi.
2016-2020-nji ýyllarda Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynyň prokurory wezipesinde işledi.
2020-2025-nji ýyllarda Ahal welaýatynyň harby prokurory wezipesinde işledi.
2025-2026-njy ýyllarda Aşgabat şäheriniň prokuraturasynyň Baş derňew bölüminiň ikinji bölüminiň prokurory wezipesinde işledi.
Türkmenistanyň Mejlisiniň VII çagyrylyşynyň deputaty.
2026-njy ýylyň aprel aýyndan bäri Türkmenistanyň Mejlisiniň Adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak baradaky komitetiniň başlygy wezipesinde işleýär.
2021-nji ýylda «Garaşsyz Türkmenistanyň Watan goragçysy» atly ýubileý medaly bilen sylaglanyldy.
Maşgalaly, iki çagasy bar.
Raýatlar topary tarapyndan dalaşgärlige hödürlenildi.
Çärjew etrabynyň Boýrabap geňeşliginiň Hojamiresen obasynyň N.Hasanow, K.Muradowa, Jeýhun, Watan, Günorta, Kenarýaka köçeleriniň we Boýrabap geňeşliginiň Baýdakçy, Galkynyş, Adak, Petdeli, Gaýmakçy obalarynyň, Hojaili geňeşliginiň hem-de Saýat etrabynyň Sakar şäheriniň Altyn asyr, N.Hakberdiýew, Görelde, Azatlyk, S.Seýdi, Lebaby, Begişow, B.Ilamanow, Agzybirlik, Mollanepes, Mollaýazy, K.Şaýmanow, I.Joraýew, Lebap, Hasylçy, Günbatar, Daýhan köçeleriniň, Çaltut şäherçesiniň, Çarbagdepe, Jeňňel, Garamahmyt geňeşlikleriniň çäklerini öz içine alýar.
Çemen Saparmyradowna Rejepowa 1985-nji ýylyň 21-nji oktýabrynda Aşgabat şäherinde doguldy. Milleti türkmen.
1992 — 2002-nji ýyllarda Aşgabat şäherindäki 47-nji orta mekdepde okady.
2002 — 2003-nji ýyllarda Aşgabat şäheriniň 9-njy saglyk öýünde arhiwçi bolup işledi.
2003 — 2004-nji ýyllarda Aşgabat şäheriniň 9-njy saglyk öýünde tämizleýji bolup işledi.
2004 — 2005-nji ýyllarda Aşgabat şäheriniň Türkmenbaşy dokma toplumynyň taýýar geýim fabriginde tikinçi bolup işledi.
2005 — 2008-nji ýyllarda Aşgabat şäheriniň «Türkmentelekom» elektrik aragatnaşyk kompaniýasynyň telegraf sehiniň telegrafçysy bolup işledi.
2008 — 2013-nji ýyllarda Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutynda okap, ony inžener-mehanik hünäri boýunça tamamlady.
2013 — 2020-nji ýyllarda Aşgabat ýolagçy we ýük wagon deposynyň tehniki önümçilik bölüminiň inžener-tehnology wezipesinde işledi.
2020-nji ýyldan 2023-nji ýylyň apreline çenli «Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň 3-nji şahamçanyň inžener-tehnology wezipesinde işledi.
2023-nji ýylda Türkmenistanyň Mejlisiniň VII çagyrylyşynyň deputatlygyna saýlanyldy. 2023-nji ýylyň 20-nji aprelinden Türkmenistanyň Mejlisiniň Ýerli wekilçilikli häkimiýet we öz-özüňi dolandyryş edaralary bilen işlemek baradaky komitetiniň agzasy wezipesinde işleýär.
Maşgalaly, üç çagasy bar.
Raýatlar topary tarapyndan dalaşgärlige hödürlenildi.
Büzmeýin etrabynyň «Bagyr» ýaşaýyş toplumynyň A.Jallyýew köçesiniň gündogar tarapyny, «Ýanbaş», «Bekrewe», «Görogly» ýaşaýyş toplumlaryny, A.Kekilow adyndaky mugallymçylyk mekdebini, Köpetdag etrabynyň Bitarap Türkmenistan şaýoly bilen Arçabil şaýolunyň kesişýän çatrygyndan başlap, Arçabil şaýolunyň ugry bilen Garaşsyzlyk şaýoluna çenli, şol ýerden Garaşsyzlyk şaýolunyň ugry bilen Serhowuzly seýilgähe çenli, şol ýerden Serhowuzly seýilgähiň ugry bilen Bitarap Türkmenistan şaýoluna çenli, şol ýerden Bitarap Türkmenistan şaýolunyň ugry bilen 10 ýyl Abadançylyk köçesine çenli, şol ýerden Bitarap Türkmenistan şaýolunyň gün- batar tarapyndaky ýaşaýyş jaýlaryny öz içine alyp, Arçabil şaýoluna çenli çäkleri öz içine alýar.
Sahyberdi Jelilberdiýewiç Jepbarow 1996-njy ýylyň 6-njy aprelinde Aşgabat şäherinde doguldy. Milleti türkmen.
2004 — 2015-nji ýyllarda Aşgabat şäheriniň ýörite orta sazçylyk mekdep internatynda okady.
2015 — 2019-njy ýyllarda Belarus Respublikasynyň Baranowiç döwlet uniwersitetinde okap, ony hukuk öwreniş hünäri boýunça tamamlady.
2020-2021-nji ýyllarda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň «Türkmendermansenagat» birleşiginiň «Saglyk» derman kärhanasynyň «Kuwwat mehanika» bölüminiň 1-nji derejeli hünärmeni, Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň başlygynyň kätibi bolup işledi.
2021-nji ýyldan 2023-nji ýylyň apreline çenli Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň ýanyndaky Derman serişdelerini hasaba alyş we olaryň hiline döwlet gözegçiligi merkeziniň saglyk hajatly önümleri we zyýansyzlandyryjy serişdeleri bellige alyş bölüminiň baş hünärmeni wezipesinde işledi.
2023-nji ýylda Türkmenistanyň Mejlisiniň VII çagyrylyşynyň deputatlygyna saýlanyldy. 2023-nji ýylyň 1-nji maýyndan Türkmenistanyň Mejlisiniň Kada-kanunçylyk baradaky komitetiniň agzasy wezipesinde işleýär.
Maşgalaly, iki çagasy bar.
Raýatlar topary tarapyndan dalaşgärlige hödürlenildi.
Büzmeýin etrabynyň «Bagyr» ýaşaýyş toplumynyň A.Jallyýew köçesiniň günbatar tarapyny, «Herrikgala», «Gökje», «Ýalkym» we «Gurtly» ýaşaýyş toplumlaryny öz içine alýar.
Döwranguly Mämmedow 1970-nji ýylyň 18-nji iýulynda Aşgabat şäherinde doguldy. Milleti türkmen.
1977 — 1987-nji ýyllarda Aşgabat şäherindäki 3-nji orta mekdepde okady.
1988 — 1990-njy ýyllarda harby gullukda boldy. 1991 — 1997-nji ýyllarda Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynyň Ýasmansalyk ýaşaýyş toplumynda kärendeçi bolup işledi.
1992 — 1995-nji ýyllarda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde okap, ony inžener-mehanik hünäri boýunça tamamlady.
1997 — 2010-njy ýyllarda Büzmeýiniň Gurluşyk materiallary kombinatynda kompressorlar serişdeleriniň sazlaýjysy bolup işledi.
2012-2013-nji ýyllarda «Dürli ýaz» hususy kärhanasynyň operatory bolup işledi.
2014 — 2016-njy ýyllarda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň gidromelioratiw işleriň tehnologiýasy kafedrasynyň mugallymy bolup işledi.
2016-2017-nji ýyllarda «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň politehniki orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy bolup işledi.
2017-nji ýyldan bäri Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Gurluşyk kafedrasynyň mugallymy wezipesinde işleýär.
2023-nji yylda Türkmenistanyň Mejlisiniň VII çagyrylyşynyň deputatlygyna saýlanyldy. Mejlisiň Ýerli wekilçilikli häkimiýet we öz-özüňi dolandyryş edaralary bilen işlemek baradaky komitetiniň agzasy.
Maşgalaly, bäş çagasy bar.
Raýatlar topary tarapyndan dalaşgärlige hödürlenildi.
Bagtyýarlyk etrabynyň «Garadaşaýak», «Parahat», «Ýasmansalyk» ýaşaýyş toplumlaryny öz içine alýar.
Azat Nurberdiýewiç Seýdibaýew 1982-nji ýylyň 5-nji iýunynda Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Ýaňgala obasynda doguldy. Milleti türkmen.
1989 — 1998-nji ýylarda Gökdepe etrabyndaky 2-nji orta mekdepde okady.
1998 — 2001-nji ýyllarda Ýaňgala obasynda üzümçilik kärende ýerinde ekerançy bolup işledi.
2001 — 2005-nji ýyllarda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde okap, ony ekerançy hünäri boýunça tamamlady.
2005-2006-njy ýyllarda harby gullukda boldy. 2006 — 2008-nji ýyllarda Türkmenistanyň Ösümlikler boýunça döwlet karantin gullugynda, ýagny Ahal welaýat Bäherden etrap karantin gullugynyň hünärmeni we Ahal welaýat karantin gullugynyň I derejeli hünärmeni bolup işledi. 2008-2009-njy ýyllarda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň bagbançylyk we gök ekerançylyk kafedrasynyň uly laboranty bolup işledi. 2009 — 2011-nji ýyllarda uniwersitetiň ýüpekçilik we ösümlikleri goramak kafedrasynyň mugallymy, şol bir wagtda uniwersitetiň Magtymguly adyndaky ilkinji ýaşlar guramasynyň başlygy bolup işledi. 2011 — 2016-njy ýyllarda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň kärdeşler arkalaşygy guramasynyň başlygy wezipesinde işledi.
2016 — 2018-nji ýyllarda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň okuw bölüminiň hünärmeni wezipesinde işledi. 2017-nji ýylda oba hojalyk ylymlarynyň kandidaty diýen alymlyk derejesini gorady.
Türkmenistanyň Mejlisiniň V, VI, VII çagyrylyşlarynyň deputaty. 2018-2023-nji ýyllarda Türkmenistanyň Mejlisiniň Daşky gurşawy goramak, tebigatdan peýdalanmak we agrosenagat toplumy baradaky komitetiniň başlygy wezipesinde işledi.
2023-2026-njy ýyllarda Türkmenistanyň Mejlisiniň Daşky gurşawy goramak, tebigatdan peýdalanmak we agrosenagat toplumy baradaky komitetiniň agzasy wezipesinde işledi.
2026-njy ýylyň mart aýyndan bäri S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Miweçilik we üzümçilik kafedrasynyň mugallymy bolup işleýär.
2020-nji ýylda «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna», 2021-nji ýylda «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medallary bilen sylaglanyldy.
Maşgalaly, dört çagasy bar.
Raýatlar topary tarapyndan dalaşgärlige hödürlenildi.
Bagtyýarlyk etrabynyň Gurbansoltan eje şaýolunyň Köşi köçesi bilen kesişýän çatrygyndan başlap, şol ýerden günorta tarapa, Köşi köçesiniň günbatar tarapyndaky ýaşaýyş jaýlaryny içine alyp, Görogly köçesinden gündogar tarapa ugur alyp, A.Kekilow köçesinden demirgazyk tarapa çykyp, R.Bäşimow köçesinden Bilim köçesine çenli we şol ýerden S.Kakabaýew köçesiniň ugry bilen Gurbansoltan eje şaýoluna çenli çäkleri we Ruhabat ýaşaýyş toplumyny öz içine alýar.
Jeren Täçmyradowna Geldiýewa
Jeren Täçmyradowna Geldiýewa 1990-njy ýylyň 3-nji fewralynda Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň Arçman şäherçesinde doguldy. Milleti türkmen.
1996 — 2005-nji ýyllarda Bäherden etrabyndaky 2-nji orta mekdepde okady.
2005 — 2007-nji ýyllarda I.Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebinde okady.
2007 — 2010-njy ýyllarda Ahal welaýatynyň köpugurly hassahanasynyň diş ussasy wezipesinde işledi.
2010-njy ýylyň mart — awgust aýlarynda Ahal welaýatynyň Bäherden etrabyndaky «Arçman» şypahanasynyň bejeriş bölüminiň parafin otagynyň şepagat uýasy wezipesinde işledi.
2010 — 2016-njy ýyllarda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde okap, ony maşgala lukmany hünäri boýunça tamamlady.
2016-2017-nji ýyllarda S.A.Nyýazow adyndaky bejeriş maslahat beriş merkeziniň merkezleşdirilen kabul ediş bölüminiň intern lukmany bolup işledi.
2017-2025-nji ýyllarda Aşgabat şäher 5-nji saglyk öýüniň maşgala lukmany bolup işledi.
2023-nji ýylda Türkmenistanyň Mejlisiniň VII çagyrylyşynyň deputatlygyna saýlanyldy.
2025-2026-njy ýyllarda Türkmenistanyň Mejlisiniň Durmuş syýasaty baradaky komitetiniň agzasy wezipesinde işledi.
2026-njy ýylyň mart aýyndan bäri Aşgabat şäheriniň 17-nji saglyk öýüniň maşgala lukmany wezipesinde işleýär.
Mejlisiň Durmuş syýasaty baradaky komitetiniň agzasy.
Maşgalaly, üç çagasy bar.
Türkmenistanyň Demokratik partiýasy tarapyndan dalaşgärlige hödürlenildi.
Bagtyýarlyk etrabynyň Görogly köçesiniň A.Nyýazow şaýoly bilen kesişýän çatrygyndan başlap, A.Nyýazow şaýolundan demirgazyga Hoja Ahmet Ýasawy köçesine çenli we şol çatrykdan günbatar tarapdaky ýaşaýyş jaýlarynyň ugry bilen Özgeriş köçesine çenli, şol köçeden Gurbansoltan eje şaýoluny kesip, S.Kakabaýew köçesiniň ugry bilen Bilim köçesine geçip, şol ýerden Rejep Bäşimow köçesinden günbatar tarapa çykyp, A.Kekilow köçesiniň ugry bilen, Görogly köçesiniň demirgazyk-gündogar tarapy bilen A.Nyýazow şaýoluna çenli çäkleri öz içine alýar.
Baýramgözel Myratmuhammedowna Myradowa
Baýramgözel Myratmuhammedowna Myradowa 1986-njy ýylyň 15-nji iýunynda Aşgabat şäherinde doguldy. Milleti türkmen.
1993 — 2002-nji ýyllarda Aşgabat şäherindäki 32-nji orta mekdepde okady.
2002 — 2006-njy ýyllarda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda okap, ony inžener-himik tilsimatçy hünäri boýunça tamamlady.
2006-2007-nji ýyllarda Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň «Gün» ylmy-önümçilik birleşiginiň nebit, gaz we gaz kondensatlary bölüminde laborant bolup işledi.
2007 — 2009-njy ýyllarda «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň Himiýa institutynyň nebit, gaz bölüminiň inženeri bolup işledi.
2009-2010-njy ýyllarda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň nebit we gaz barlaghanasynyň II derejeli inženeri bolup işledi.
2010-2017-nji ýyllarda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň nebit we gaz barlaghanasynyň kiçi ylmy işgäri, Organiki sinteziň nebitiň we gazyň himiýasy barlaghanasynyň kiçi ylmy işgäri, himiýa önümçilikleriniň tehnologiýasy we tehniki resminamalar bölüminiň kiçi ylmy işgäri wezipelerinde işledi.
2017 — 2021-nji ýyllarda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň himiýa önümçilikleriniň tehnologiýasy barlaghanasynyň uly ylmy işgäri wezipesinde işledi.
2021 — 2023-nji ýyllarda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Sebitleýin ösüş, daşky gurşawy goramak we agrosenagat syýasaty baradaky komitetiniň agzasy bolup işledi.
2022-nji ýylda himiýa ylymlarynyň kandidaty alymlyk derejesi berildi.
2023-nji ýylyň ýanwar aýyndan aprel aýyna çenli Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň tebigy, gidromineral çig mallaryň himiýasy we tehnologiýasy barlaghanasynyň uly ylmy işgäri wezipesinde işledi.
Türkmenistanyň Mejlisiniň VII çagyrylyşynyň deputatlygyna saýlanyldy. 2023-nji ýylyň aprel aýyndan 2025-nji ýylyň fewral aýyna çenli Türkmenistanyň Mejlisiniň Daşky gurşawy goramak, tebigatdan peýdalanmak we agrosenagat toplumy baradaky komitetiniň agzasy wezipesinde işledi.
2025-nji ýylyň fewral aýyndan häzirki wagta çenli Türkmenistanyň Mejlisiniň Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky komitetiniň başlygy wezipesinde işleýär.
2023-nji ýylda Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly, 2025-nji ýylda «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglanyldy.
Maşgalaly, üç çagasy bar.
Raýatlar topary tarapyndan dalaşgärlige hödürlenildi.
Bagtyýarlyk etrabynyň Magtymguly şaýolunyň A.Nyýazow şaýoly bilen kesişýän çatrygyndan başlap, Magtymguly şaýolunyň ugry bilen Bitarap Türkmenistan şaýoluna çenli, şol ýerden Berkararlyk etrabynyň Magtymguly şaýolunyň ugry bilen Türkmenbaşy şaýoluna çenli, Türkmenbaşy şaýolunyň ugry bilen Gurbansoltan eje şaýoluna çenli, şol ýerden demirgazyk tarapa demir ýoluny kesip geçip, Tahyr köçesine çenli, Tahyr koçesiniň ugry bilen S.Ataýewa köçesine çenli, S.Ataýewa köçesiniň ugry bilen G.Bäşiýew köçesine çenli, G.Bäşiýew köçesiniň ugry bilen G.Gulyýew köçesine çenli, G.Gulyýew köçesiniň ugry bilen Bagtyýarlyk etrabynyň Berkararlyk etraby bilen kesişýän araçägine çenli, şol ýerden demirgazyk tarapa Garagum derýasyny kesip geçip, Altynsuw köçesine çenli, şol ýerden zeýkeşiň ugry bilen Bagtyýarlyk etrabynyň «Çoganly» ýaşaýyş toplumynyň 1-nji Watan geçelgesine çenli, «Çoganly» ýaşaýyş toplumynyň 1-nji Watan geçelgesiniň ugry bilen Dostluk köçesine çenli, Dostluk köçesiniň ugry bilen zeýkeşi kesip geçip, Dostluk geçelgesine çenli, Dostluk geçelgesiniň ugry bilen O.Annaýew köçesine çenli, şol ýerden demirgazyk-günbatara tarap ugur alyp, K.Gurbannepesow köçesine çenli, K.Gurbannepesow köçesiniň ugry bilen A.Nyýazow şaýoluna çenli, A.Nyýazow şaýolunyň ugry bilen Hoja Ahmet Ýasawy köçesine çenli, Hoja Ahmet Ýasawy köçesiniň ugry bilen Aşgabat Halkara howa menziliniň çäk serhedine çenli, şol ýerden Aşgabat Halkara howa menziliniň çäk serhediniň ugry bilen günbatar tarapa Öz- geriş köçesine çenli, Özgeriş köçesiniň ugry bilen demir ýoly kesip geçip, Gurbansoltan eje şaýoluna çenli, Gurbansoltan eje şaýolunyň ugry bilen A.Nyýazow şaýoluna çenli, A.Nyýazow şaýolunyň ugry bilen Magtymguly şaýoluna çenli araçäkleri öz içine alýar.
Serdar Gulmuhammedowiç Durdyýew 1989-njy ýylyň 21-nji fewralynda Aşgabat şäherinde doguldy. Milleti türkmen.
1996 — 2005-nji ýyllarda Aşgabat şäherindäki 40-njy orta mekdepde okady.
2005 — 2007-nji ýyllarda Aşgabat şäherindäki «Altyn asyr» söwda merkezinde satyjy bolup işledi.
2007 — 2012-nji ýyllarda Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda okady we ony bazary öwreniji bilermen hünäri boýunça tamamlady.
2012-2013-nji ýyllarda harby gullukda boldy. 2013 — 2015-nji ýyllarda Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginiň merkezi maddy-enjamlaýyn üpjünçilik hojalygynda ekspeditor, 2015-nji ýylyň maý — noýabr aýlarynda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Aşgabat şäheriniň öňki Ruhabat etrap komitetiniň partiýa guramaçysy, soňra Aşgabat şäher komitetiniň partiýa guramaçysy, 2015-2016-njy ýyllarda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň umumy bölüminiň esasy hünärmeni bolup işledi.
2016 — 2018-nji ýyllarda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň müdiri wezipesinde işledi.
Türkmenistanyň Mejlisiniň VI, VII çagyrylyşlarynyň deputaty.
2018-nji ýylyň aprel aýyndan bäri Türkmenistanyň Mejlisiniň Ýerli wekilçilikli häkimiýet we öz-özüňi dolandyryş edaralary bilen işlemek baradaky komitetiniň agzasy bolup işleýär.
2022-nji ýylda Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglanyldy.
Maşgalaly, üç çagasy bar.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy tarapyndan dalaşgärlige hödürlenildi.
Bagtyýarlyk etrabynyň Bitarap Türkmenistan şaýoly bilen 10 ýyl Abadançylyk köçe- siniň kesişýän çatrygyndan başlap, Bitarap Türkmenistan şaýolunyň 111-nji, 113-nji ýaşaýyş jaýlaryny öz içine alyp, Bitarap Türkmenistan şaýolunyň ugry bilen A.Nyýazow şaýoluna çenli, şol ýerden A.Nyýazow şaýolunyň ugry bilen Gurbansoltan eje şaýoluna çenli, Gurbansoltan eje şaýolunyň ugry bilen A.Annaýew köçesine çenli, A.Annaýew köçesiniň ugry bilen G.Durdy köçesine çenli, G.Durdy köçesiniň ugry bilen Bilim köçesine çenli, Bilim köçesiniň ugry bilen Magtymguly şaýoluna çenli, Magtymguly şaýolunyň ugry bilen A.Kekilow köçesine çenli, A.Kekilow köçesiniň ugry bilen Görogly köçesine çenli, Görogly köçesiniň ugry bilen Bekrewe köçesine çenli, Bekrewe köçesiniň ugry bilen Oguzhan köçesine çenli, Oguzhan köçesiniň ugry bilen Bitarap Türkmenistan şaýoluna çenli araçäkleri öz içine alýar.
Batyr Orazdurdyýewiç Baýlyýew
Batyr Orazdurdyýewiç Baýlyýew 1990-njy ýylyň 2-nji oktýabrynda Aşgabat şäherinde doguldy. Milleti türkmen.
1997 — 2006-njy ýyllarda Aşgabat şäherindäki 33-nji orta mekdepde okady.
2006-2007-nji ýyllarda Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň «Aşgabat» döwlet söwda firmasynyň satyjysy bolup işledi.
2008 — 2013-nji ýyllarda Belarus Respublikasynyň Belarus döwlet uniwersitetinde okap, ony hukukçy hünäri boýunça tamamlady.
2013 — 2014-nji ýyllarda harby gullukda boldy. 2015 — 2018-nji ýyllarda Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň iş ýöredijisi, hukuk kömegi müdirliginiň esasy maslahatçysy, ministriň kömekçisi, kanunçylyk müdirliginiň esasy maslahatçysy wezipelerinde işledi.
Türkmenistanyň Mejlisiniň VI, VII çagyrylyşlarynyň deputaty. 2018 — 2023-nji ýyllarda Türkmenistanyň Mejlisiniň Kada-kanunçylyk baradaky komitetiniň agzasy bolup işledi. 2023-nji ýylyň 6-njy aprelinden Türkmenistanyň Mejlisiniň Kada-kanunçylyk baradaky komitetiniň başlygy wezipesinde işleýär.
2024-nji ýylda Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly, 2025-nji ýylda «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglanyldy.
Maşgalaly, iki çagasy bar.
Raýatlar topary tarapyndan dalaşgärlige hödürlenildi.
Köpetdag etrabynyň 10 ýyl Abadançylyk köçesiniň N.Andalyp köçesi bilen kesişýän çatrygyndan başlap, 10 ýyl Abadançylyk köçesiniň ugry bilen A.Garlyýew köçesine çenli, şol ýerden A.Garlyýew köçesiniň ugry bilen Arçabil şaýoluna çenli, şol ýerden Köpetdag etrabynyň günorta-gündogar çäginde ýerleşýän Türkmenistanyň Serhet institutyny we degişli serhet birikmesini öz içine alyp, Bekrewe köçesine çenli, Bekrewe köçesiniň ugry bilen Çandybil şaýoluna çenli, Çandybil şaýolunyň ugry bilen Atatürk köçesine çenli, Atatürk köçesiniň ugry bilen Arçabil şaýoluna çenli, Arçabil şaýolunyň ugry bilen S.Türkmenbaşy şaýoluna çenli, S.Türkmenbaşy şaýolunyň ugry bilen 10 ýyl Abadançylyk köçesine çenli, 10 ýyl Abadançylyk köçesiniň ugry bilen Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň umumy ýaşaýyş jaýlaryny, Atatürk köçesiniň 59, 61, 65, 69, 71-nji ýaşaýyş jaýlaryny we «Parahat-1» ýaşaýyş toplumynyň 49, 50, 51, 52, 53, 54, 55, 56, 57, 58, 59, 60, 61, 62, 63, 64, 65, 66, 67, 68, 69, 70-nji ýaşaýyş jaýlaryny öz içine alyp, N.Andalyp köçesine çenli, şol ýerden N.Andalyp köçesiniň ugry bilen 10 ýyl Abadançylyk köçesine çenli araçäkleri öz içine alýar.
Gurbanmyrat Baýrammyradowiç Görmekow 1993-nji ýylyň 12-nji sentýabrynda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Gämi obasynda doguldy. Milleti türkmen.
2000 — 2010-njy ýyllarda Aşgabat şäherindäki 46-njy orta mekdepde okady.
2012 — 2016-njy ýyllarda Ukrainanyň Iwano-Frankowski milli tehniki nebit we gaz uniwersitetinde okap, ony nebit-gaz işi hünäri boýunça tamamlady.
2016 — 2018-nji ýyllarda harby gullukda boldy. 2019-2020-nji ýyllarda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň Täze maddalary sintezlemegiň tehnologiýalary barlaghanasynyň kiçi ylmy işgäri bolup işledi.
2021 — 2023-nji ýyllarda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň ýanyndaky Derman serişdelerini hasaba alyş we olaryň hiline döwlet gözegçiligi merkeziniň derman serişdeleriniň hiline gözegçilik ediş bölüminiň baş hünärmeni wezipesinde işledi.
Türkmenistanyň Mejlisiniň VII çagyrylyşynyň deputatlygyna saýlanyldy. 2023-nji ýylyň 1-nji maýyndan Türkmenistanyň Mejlisiniň Durmuş syýasaty baradaky komitetiniň agzasy wezipesinde işleýär.
Türkmenistanyň Agrar partiýasy tarapyndan dalaşgärlige hödürlenildi.
Köpetdag etrabynyň A.Garlyýew köçesiniň Oguzhan köçesi bilen kesişýän çatrygyndan başlap, Oguzhan köçesiniň ugry bilen 10 ýyl Abadançylyk köçesine çenli, şol ýerden 10 ýyl Abadançylyk köçesiniň ugry bilen N.Andalyp köçesine çenli, N.Andalyp köçesiniň ugry bilen Parahat 1 ýaşaýyş toplumynyň 1, 1a, 1b, 1w, 2, 3, 4, 5, 6, 7, 8, 9, 10, 11, 12, 13, 14, 15, 16, 17, 18, 18a, 19, 20, 21, 21a, 21b, 22, 22a, 23, 24, 38, 39, 40, 41, 42, 43, 44, 45, 46, 47, 48-nji ýaşaýyş jaýlaryny hem-de Olimpiýa şäherçesiniň 1, 2, 3, 4, 5, 6, 7, 8, 9, 10, 11, 12, 13, 14-nji ýaşaýyş jaýlaryny öz içine alyp, Oguzhan köçesine çenli, Oguzhan köçesiniň ugry bilen A.Garlyýew köçesine çenli araçäkleri öz içine alýar.
Guwançmyrat Bagybekowiç Agaýew
Guwançmyrat Bagybekowiç Agaýew 1986-njy ýylyň 17-nji oktýabrynda Aşgabat şäherinde doguldy. Milleti türkmen.
1993 — 2002-nji ýyllarda Aşgabat şäherindäki 52-nji orta mekdepde okady.
2004 — 2006-njy ýyllarda harby gullukda boldy. 2007-2008-nji ýyllarda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň hatarynda işledi. 2008 — 2012-nji ýyllarda Belarus Respublikasynyň Belarus-Rus uniwersitetinde okap, ony ykdysatçy hünäri boýunça tamamlady. 2012-2013-nji ýyllarda Türkmenistanyň Maliýe ministrliginiň Aşgabat şäheriniň Baş maliýe müdirliginiň umumy bölüminiň hojalyk boýunça dolandyryjysy wezipesinde işledi. 2013 — 2015-nji ýyllarda Türkmenistanyň Maliýe ministrliginiň Aşgabat şäheriniň Baş maliýe müdirliginiň umumy bölüminiň başlygy wezipesinde işledi. 2015-2016-njy ýyllarda Türkmenistanyň Maliýe ministrliginiň Aşgabat şäheriniň Baş maliýe müdirliginiň maýa goýumlar we ýaşaýyş jaý-jemagat hojalygyny maliýeleşdiriş bölüminiň esasy hünärmeni wezipesinde işledi. 2016-2017-nji ýyllarda Türkmenistanyň Maliýe ministrliginiň Aşgabat şäheriniň Baş maliýe müdirliginiň maýa goýumlar we ýaşaýyş jaý-jemagat hojalygyny maliýeleşdiriş bölüminiň maýa goýumlary maliýeleşdiriş kiçi bölüminiň başlygy wezipesinde işledi. 2017-2018-nji ýyllarda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Aşgabat şäheriniň Baş maliýe we ykdysadyýet müdirliginiň maýa goýumlar we ýaşaýyş jaý jemagat hojalygyny maliýeleşdiriş bölüminiň maýa goýumlary maliýeleşdiriş bölümçesiniň baş hünärmeni wezipesinde işledi. 2018-nji ýylyň ýanwar — mart aýlarynda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Aşgabat şäheriniň Baş maliýe we ykdysadyýet müdirliginiň emläk gatnaşyklary we telekeçiligi goldamak bölüminiň başlygy wezipesinde işledi. 2018-nji ýylyň mart-aprel aýlarynda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Aşgabat şäheriniň Baş maliýe we ykdysadyýet müdirliginiň emläk gatnaşyklary, telekeçiligi goldamak we hususylaşdyrmak bölüminiň başlygynyň orunbasary – emläk gatnaşyklary we telekeçiligi goldamak bölümçesiniň başlygy wezipesinde işledi. 2018-2019-njy ýyllarda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Aşgabat şäheriniň Baş maliýe we ykdysadyýet müdirliginiň gazna bölüminiň başlygy wezipesinde işledi. 2019-2020-nji ýyllarda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Aşgabat şäheriniň Baş maliýe we ykdysadyýet müdirliginiň başlygynyň orunbasary wezipesinde işledi. 2020-2021-nji ýyllarda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Salgyt müdiriýetiniň Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap salgyt bölüminiň başlygy wezipesinde işledi. 2021-nji ýylyň fewral — aprel aýlarynda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Salgyt müdiriýetiniň başlygynyň orunbasary wezipesinde işledi.
2021 — 2023-nji ýyllarda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Ykdysadyýet, maliýe we durmuş syýasaty baradaky komitetiniň başlygy wezipesinde işledi. 2023-nji ýylyň ýanwar - aprel aýlarynda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Salgyt müdiriýetiniň başlygynyň orunbasary wezipesinde işledi.
Türkmenistanyň Mejlisiniň VII çagyrylyşynyň deputatlygyna saýlanyldy. 2023-nji ýylyň 6-njy aprelinden Türkmenistanyň Mejlisiniň Ykdysady meseleler baradaky komitetiniň başlygy wezipesinde işleýär.
2021-nji ýylda «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly, 2024-nji ýylda Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly, 2025-nji ýylda «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglanyldy.
Maşgalaly, dört çagasy bar.
Türkmenistanyň Agrar partiýasy tarapyndan dalaşgärlige hödürlenildi.
Köpetdag etrabynyň 10 ýyl Abadançylyk köçesi bilen S.Türkmenbaşy şaýolunyň kesişýän çatrygyndan başlap, S.Türkmenbaşy şaýolunyň ugry bilen Arçabil şaýoluna çenli, şol ýerden Arçabil şaýolunyň ugry bilen Atatürk köçesine çenli, Atatürk köçesiniň ugry bilen Çandybil şaýoluna çenli, Çandybil şaýolunyň ugry bilen Bekrewe köçesine çenli, Bekrewe köçesiniň ugry bilen Arçabil şaýoluna çenli, Arçabil şaýolunyň ugry bilen Garaşsyzlyk şaýoluna çenli, Garaşsyzlyk şaýolunyň ugry bilen 10 ýyl Abadançylyk köçesine çenli, 10 ýyl Abadançylyk köçesiniň ugry bilen S.Türkmenbaşy şaýoluna çenli araçäkleri hem-de Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalaryny, konsullyk edaralaryny öz içine alýar.
Ýeňiş Jumageldiýewiç Mollaberdiýew
Ýeňiş Jumageldiýewiç Mollaberdiýew 1996-njy ýylyň 2-nji noýabrynda Aşgabat şäherinde doguldy. Milleti türkmen.
2003-2013-nji ýyllarda Aşgabat şäherindäki 17-nji orta mekdepde okady.
2014-2019-njy ýyllarda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde okap, halkara jemagat hukugy hünärine eýe boldy.
2019-2021-nji ýyllarda çagyryş boýunça harby gullukda boldy.
2022-2024-nji ýyllarda Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň Işgärler boýunça we ýerine ýetirilişe gözegçilik bölüminiň esasy maslahatçysy bolup işledi.
2024-nji ýylyň 7-nji iýulynda Türkmenistanyň Mejlisiniň VII çagyrylyşynyň deputatlygyna saýlanyldy.
2024-nji ýylyň 13-nji iýulyndan bäri Türkmenistanyň Mejlisiniň Adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak baradaky komitetiniň agzasy bolup işleýär.
Maşgalaly, 1 çagasy bar.
Raýatlar topary tarapyndan dalaşgärlige hödürlenildi.
Aşgabat şäheriniň 6-njy «Köpetdag» saýlaw okrugy
Dünýägözel Akmuhammedowna Gulmanowa 1989-njy ýylyň 14-nji ýanwarynda Aşgabat şäherinde doguldy. Milleti türkmen.
1995 — 2004-nji ýyllar aralygynda Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 27-nji orta mekdepde okady.
2004 — 2006-njy ýyllarda Ahal welaýatynyň ozalky Bagyr obasynyň «Bagyr» daýhan birleşiginiň kärendeçisi boldy.
2006-2007-nji ýyllarda Ahal welaýatynyň ozalky Ruhabat etrap hassahanasynyň kiçi saglygy goraýyş işgäri bolup işledi.
2007 — 2012-nji ýyllarda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde okap, ony hukuk öwreniş hünäri boýunça tamamlady.
2012 — 2014-nji ýyllarda Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň Kanunçylyk müdirliginiň Hukuk maglumatlary merkezi bölüminiň esasy maslahatçysy, Konstitusion kanunçylyk bölüminiň esasy maslahatçysy, 2014-2015-nji ýyllarda Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň Işgärler boýunça we ýerine ýetirilişe gözegçilik bölüminiň esasy maslahatçysy, 2015-2016-njy ýyllarda Aşgabat şäher döwlet notarial edarasynyň döwlet notariusynyň tälim alyjysy, döwlet notariusy, 2016 — 2018-nji ýyllarda Adalat ministrliginiň Işgärler boýunça we ýerine ýetirilişe gözegçilik bölüminiň esasy maslahatçysy, Adalat ministrliginiň ýanyndaky Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky gullugyň Aşgabat şäher müdirliginiň Berkararlyk etrap bölüminiň döwlet bellige alyjysy, soňra şol gullugyň döwlet sanawyny alyp barýan bölüminiň uly döwlet bellige alyjysy wezipelerinde işledi.
2018 — 2021-nji ýyllarda Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň Kanunçylyk müdirliginiň ykdysady kanunçylyk we kadalaşdyryjy hukuk namalaryny döwlet belligine alyş bölüminiň baş maslahatçysy wezipesinde işledi.
2021 — 2023-nji ýyllarda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak baradaky komitetiniň başlygynyň orunbasary, başlygy wezipelerinde işledi.
2023-nji ýylyň ýanwar aýyndan aprel aýyna çenli Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň Hukuk kömegi müdirliginiň notariat we raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysy bölüminiň baş maslahatçysy bolup işledi.
Türkmenistanyň Mejlisiniň VII çagyrylyşynyň deputatlygyna saýlanyldy. 2023-nji ýylyň 6-njy aprelinden bäri Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy wezipesinde işleýär.
2024-nji ýylda Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly, 2025-nji ýylda «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglanyldy.
Maşgalaly, iki çagasy bar.
Türkmenistanyň Demokratik partiýasy tarapyndan dalaşgärlige hödürlenildi.
Köpetdag etrabynyň Bitarap Türkmenistan şaýolunyň Gorkut ata köçesi bilen kesişýän çatrygyndan başlap, Bitarap Türkmenistan şaýolunyň ugry bilen A.Nyýazow şaýoluna çenli, şol ýerden A.Nyýazow şaýolunyň ugry bilen Magtymguly şaýoluna çenli, Magtymguly şaýolunyň ugry bilen S.Türkmenbaşy şaýoluna çenli, S.Türkmenbaşy şaýolunyň ugry bilen Galkynyş köçesine çenli, Galkynyş köçesiniň ugry bilen A.Garlyýew köçesine çenli, A.Garlyýew köçesiniň ugry bilen A.Nyýazow şaýoluna çenli, A.Nyýazow şaýolunyň ugry bilen, S.Türkmenbaşy şaýoluna çenli, S.Türkmenbaşy şaýolunyň 79, 83, 83/1, 83/2-nji jaýlaryny, Täjir köçesiniň 4/1, 4/2, 4/3, 4/4-nji jaýlaryny we Oguzhan köçesiniň 102/1, 102/2, 102/3, 106, 108-nji jaýlaryny öz içine alyp, Oguzhan köçesine çenli, şol ýerden Oguzhan köçesiniň ugry bilen Garaşsyzlyk şaýoluna çenli, Garaşsyzlyk şaýolunyň 34, 38, 40, 42, 44, 46, 46/1, 48, 50, 52, 54, 56, 58, 60, 62, 63, 63/1, 65, 67, 67/1, 69, 69/1, 69/2, 71-nji ýaşaýyş jaýlaryny öz içine alyp, Serhowuzly seýilgähiň ugry bilen, Gorkut ata köçesine çenli araçäkleri öz içine alýar.
Saparmyrat Esenowiç Owganow 1984-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda Aşgabat şäherinde doguldy. Milleti türkmen.
1991 — 1996-njy ýyllarda Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynyň Gökje ýaşaýyş jaý toplumyndaky 7-nji orta mekdepde, 1996 — 2001-nji ýyllarda Aşgabat şäherindäki «Başkent» türkmen-türk mekdebinde okady.
2002 — 2007-nji ýyllarda Gazagystan Respublikasynyň Hoja Ahmet Ýasawy adyndaky Halkara gazak-türk uniwersitetinde okap, ony menejmentiň bakalawry hünäri boýunça tamamlady.
2007-2008-nji ýyllarda harby gullukda boldy. 2011 — 2017-nji ýyllarda «Halys» hojalyk jemgyýetiniň ykdysady meseleler boýunça baş direktorynyň kömekçisi, baş direktoryň ykdysady meseleler boýunça orunbasary, baş direktory wezipelerinde işledi.
2017-nji ýyldan bäri Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy wezipesinde işleýär. Türkmenistanyň Mejlisiniň V, VI we VII çagyrylyşlarynyň deputaty. Mejlisiň Ykdysady meseleler baradaky komitetiniň agzasy.
2020-nji ýylda «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly, 2021-nji ýylda «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly, 2024-nji ýylda Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly, 2025-nji ýylda «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglanyldy.
Maşgalaly, dört çagasy bar.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy tarapyndan dalaşgärlige hödürlenildi.
Berkararlyk etrabynyň Gündogar köçesiniň N.Halmämmedow köçesi bilen kesişýän çatrygyndan başlap, Gündogar köçesiniň ugry bilen Oguzhan köçesine çenli, şol ýerden Oguzhan köçesiniň ugry bilen B.Annanow köçesine çenli, B.Annanow köçesiniň ugry bilen Arçabil şaýoluna çenli, Arçabil şaýolunyň ugry bilen A.Garlyýew köçesine çenli, A.Garlyýew köçesiniň ugry bilen Oguzhan köçesine çenli, Oguzhan köçesiniň ugry bilen B.Annanow köçesine çenli, B.Annanow köçesiniň ugry bilen N.Halmämmedow köçesine çenli, N.Halmämmedow köçesiniň ugry bilen Gündogar köçesine çenli araçäkleri öz içine alýar.
Jenet Ýazberdiýewna Öwekowa
Jennet Ýazberdiýewna Öwekowa 1981-nji ýylyň 3-nji dekabrynda Aşgabat şäherinde doguldy. Milleti türkmen.
1988 — 1998-nji ýyllarda Aşgabat şäherindäki 51-nji orta mekdepde we Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky 5-nji orta mekdepde okady.
1998 — 2002-nji ýyllarda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde okap, ony hukukçy hünäri boýunça tapawutlanan diplom bilen tamamlady.
2002 — 2010-njy ýyllarda Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň müdiriýetiniň kätibi, bölüm başlygy, kätipligiň başlygy, bölümçe başlygy, I derejeli hünärmeni wezipelerinde işledi.
2010 — 2018-nji ýyllarda Türkmenistanyň Mejlisiniň bilermen-maslahat beriş bölüminiň hukuk meseleleri boýunça bilermen-maslahat berijisi wezipesinde işledi.
Türkmenistanyň Mejlisiniň VI, VII çagyrylyşlarynyň deputaty.
2018-nji ýylyň aprel aýyndan bäri Türkmenistanyň Mejlisiniň Kada-kanunçylyk baradaky komitetiniň agzasy bolup işleýär.
2017-nji ýylda Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly, 2025-nji ýylda «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglanyldy.
Maşgalaly, üç çagasy bar.
Türkmenistanyň Demokratik partiýasy tarapyndan dalaşgärlige hödürlenildi.
Berkararlyk etrabynyň Gurbansoltan eje şaýolunyň Tahyrow köçesi bilen kesişýän çatrygyndan başlap, Tahyrow köçesiniň ugry bilen S.Ataýewa köçesine çenli, şol ýerden S.Ataýewa köçesiniň ugry bilen G.Bäşiýew köçesine çenli, G.Bäşiýew köçesiniň ugry bilen G.Gulyýew köçesine çenli, G.Gulyýew köçesiniň ugry bilen Bagtyýarlyk etrabynyň araçägine çenli, şol ýerden Bagtyýarlyk etrabynyň araçäginiň ugry bilen Altynsuw köçesine çenli, şol ýerden «Garadamak» we «Şor» ýaşaýyş toplumlaryny öz içine alyp, Garagum derýasyna çenli, şol ýerden Garagum derýasyny kesip geçip, B.Annanow köçesine çenli, B.Annanow köçesiniň ugry bilen A.Gönübek köçesine çenli, A.Gönübek köçesiniň ugry bilen, Hoja Ahmet Ýasawy köçesine çenli, Hoja Ahmet Ýasawy köçesiniň ugry bilen demir ýoluny kesip geçip, Gurbansoltan eje şaýoluna çenli, Gurbansoltan eje şaýolunyň ugry bilen Tahyrow köçesine çenli araçäkleri öz içine alýar.
Maksat Hojamyradowiç Kulyýew 1988-nji ýylyň 16-njy sentýabrynda Mary welaýatynyň Garagum etrabynda doguldy. Milleti türkmen.
1995-2004-nji ýyllarda Mary welaýatynyň Garagum etrabynyň 2-nji orta mekdebinde okap, orta bilim aldy.
2004-2006-njy ýyllarda Mary welaýatynyň Garagum etrabynyň Alyjylar jemgyýetiniň çörek bişiriji önümhanasynyň işçisi bolup işledi.
2006-2011-nji ýyllarda Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet uniwersitetinde okap, ony hukuk öwreniş hünäri boýunça tamamlady.
2009-2011-nji ýyllarda harby gullukda (harby kafedrasy) boldy.
2011-2012-nji ýyllarda Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň prokurorynyň kömekçisi wezipesinde tälim alyjy bolup işledi.
2012-2013-nji ýyllarda Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň prokurorynyň kömekçisi wezipesinde işledi.
2013-2017-nji ýyllarda Mary welaýatynyň Sakarçäge etrap prokuraturasynyň sülçüsi wezipesinde işledi.
2017-2022-nji ýyllarda Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrabynyň prokurory wezipesinde işledi.
2022-2024-nji ýyllarda Aşgabat şäher prokuraturasynyň Ulaglarda kanunlaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik bölüminiň prokurory wezipesinde işledi.
2024-nji ýylyň 7-nji iýulynda Türkmenistanyň Mejlisiniň VII çagyrylyşynyň deputatlygyna saýlanyldy.
2024-nji ýylyň 13-nji iýulyndan bäri Türkmenistanyň Mejlisiniň Halkara we parlamentara aragatnaşyklar baradaky komitetiniň başlygy wezipesinde işleýär.
2024-nji ýylda Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly, 2025-nji ýylda «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglanyldy.
Maşgalaly, üç çagasy bar.
Raýatlar topary tarapyndan dalaşgärlige hödürlenildi.
Berkararlyk etrabynyň Gündogar köçesiniň N.Halmämmedow köçesi bilen kesişýän çatrygyndan başlap, N.Halmämmedow köçesiniň ugry bilen B.Annanow köçesine çenli, şol ýerden B.Annanow köçesiniň ugry bilen Oguzhan köçesine çenli, Oguzhan köçesiniň ugry bilen A.Garlyýew köçesine çenli, A.Garlyýew köçesiniň ugry bilen A.Nyýazow şaýoluna çenli, A.Nyýazow şaýolunyň ugry bilen B.Annanow köçesine çenli, B.Annanow köçesiniň ugry bilen Gurbansoltan eje şaýoluna çenli, Gurbansoltan eje şaýolunyň ugry bilen Hoja Ahmet Ýasawy köçesine çenli, şol ýerden demir ýoluny kesip geçip, Hoja Ahmet Ýasawy köçesiniň ugry bilen A.Gönübek köçesine çenli, A.Gönübek köçesiniň ugry bilen B.Annanow köçesine çenli, B.Annanow köçesiniň ugry bilen, Garagum derýasyna çenli, şol ýerden Garagum derýasynyň ugry bilen, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň araçägine çenli, şol ýerden Ak bugdaý etrabynyň araçäginiň ugry bilen Gurbansoltan eje şaýoluny kesip geçip, Gündogar köçesine çenli, Gündogar köçesiniň ugry bilen N.Halmämmedow köçesine çenli araçäkleri öz içine alýar.
Rejep Bazarow 1958-nji ýylyň 10-njy aprelinde Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň Amyderýa geňeşliginde doguldy. Milleti türkmen.
1965-1975-nji ýyllarda Daşoguz welaýatynyň ozalky Gubadag etrabyndaky 42-nji orta mekdepde okady.
1975-1980-nji ýyllarda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Weterinariýa fakultetinde okap, ony weterinar lukmany hünäri boýunça tamamlady.
1980-2000-nji ýyllarda Daşoguz welaýatynyň ozalky Gubadag etrabynyň «Amyderýa» daýhan birleşiginiň uly, baş weterinar lukmany, şol etrabyň weterinar barlaghanasynyň weterinar-serolog lukmany, weterinar gullugynyň uly weterinar lukmany, başlygy wezipelerinde işledi.
2000-2005-nji ýyllarda Daşoguz welaýatynyň ozalky Gubadag etrap häkimliginiň Oba hojalyk bölüminiň müdiri, şol etrabyň Oba hojalyk paýdarlar jemgyýetiniň başlygy, «Obahyzmat» oba hojalyk paýdarlar jemgyýetiniň başlygynyň orunbasary wezipelerinde işledi.
2005-2008-nji ýyllarda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Daşoguz welaýatynyň ozalky Gubadag etrap birleşmesiniň başlygy, 2008-2009-njy ýyllarda ozalky Gurbansoltan eje adyndaky etrabyň häkiminiň oba hojalyk boýunça orunbasary, 2009-2011-nji ýyllarda ozalky Gubadag etrabynyň häkimi wezipelerinde işledi.
2011-2012-nji ýyllarda Daşoguz welaýatynyň häkiminiň oba hojalyk boýunça orunbasary wezipesinde işledi.
2012-nji ýylyň aprel-iýul aýlarynda Türkmenistanyň Oba hojalyk ministriniň orunbasary, ministrligiň ýanyndaky Ýer serişdeleri gullugynyň başlygy wezipelerinde işledi.
2012-2014-nji ýyllarda Türkmenistanyň Oba hojalyk ministri wezipesinde işledi.
2014-nji ýylyň aprel-oktýabr aýlarynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Oba hojalyk pudaklary bölüminiň Ykdysady seljeriş bölümçesiniň müdiri wezipesinde işledi.
2014-2016-njy ýyllarda Türkmenistanyň Mejlisiniň Daşky gurşawy goramak, tebigatdan peýdalanmak we agrosenagat toplumy baradaky komitetiniň agzasy, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygy wezipesinde işledi.
2016-2017-nji ýyllarda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary wezipesinde işledi.
2017-2018-nji ýyllarda Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynyň edarasynyň Iş dolandyryjysy wezipesinde işledi.
2018-2021-nji ýyllarda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň Iş dolandyryjysy wezipesinde işledi.
2024-nji ýylyň aprel-iýun aýlarynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň Iş dolandyryjysynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji bolup işledi.
Türkmenistanyň Mejlisiniň V, VII çagyrylyşlarynyň deputaty.
2017-nji ýylyň maý aýyndan bäri Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidentiniň orunbasary, 2021-nji ýylyň mart aýyndan bäri Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýerine ýetiriji direktory, 2024-nji ýylyň iýul aýyndan bäri Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň Iş dolandyryjysy wezipelerinde utgaşykly işläp gelýär.
2014-nji ýylda Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragy» medaly, 2015-nji ýylda Türkmenistanyň «Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan» atly ýubileý medaly, 2016-njy ýylda «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna» atly ýubileý medaly, 2019-njy ýylda Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen hormatly ady, 2020-nji ýylda «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna» atly ýubileý medaly, 2021-nji ýylda «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medaly, 2022-nji ýylda «Ynsanperwerliginiň sarpasy» nyşany, 2023-nji ýylda Türkmenistanyň «Arkadag» medaly, 2025-nji ýylda Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly, «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglanyldy.
Maşgalaly, alty çagasy bar.
Türkmenistanyň Agrar partiýasy tarapyndan dalaşgärlige hödürlenildi.
Berkararlyk etrabynyň Gurbansoltan eje şaýolunyň S.Türkmenbaşy şaýoly bilen kesişýän çatrygyndan başlap, Gurbansoltan eje şaýolunyň ugry bilen B.Annanow köçesine çenli, şol ýerden B.Annanow köçesiniň ugry bilen A.Nyýazow şaýoluna çenli, A.Nyýazow şa- ýolunyň ugry bilen A.Garlyýew köçesine çenli, A.Garlyýew köçesiniň ugry bilen Galkynyş köçesine çenli, Galkynyş köçesiniň ugry bilen S.Türkmenbaşy şaýoluna çenli, S.Türkmenbaşy şaýolunyň ugry bilen Gurbansoltan eje şaýoluna çenli araçäkleri öz içine alýar.
Allamyrat Geldimyradowiç Gurbanmyradow 1982-nji ýylyň 12-nji oktýabrynda Mary welaýatynyň Türkmengala etrabynyň Türkmengala şäherinde doguldy. Milleti türkmen.
1990 — 2000-nji ýyllarda Türkmengala etrabyndaky 2-nji orta mekdepde okady.
2001 — 2003-nji ýyllarda harby gullukda boldy.
2003 — 2007-nji ýyllarda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda okap, ony himiýa mugallymy hünäri boýunça tamamlady.
2007 — 2021-nji ýyllarda Türkmengala etrabyndaky 11-nji orta mekdebiň himiýa mugallymy bolup işledi.
2021-2022-nji ýyllarda Mary welaýatynyň Türkmengala etrabyndaky 11-nji orta mekdebiň müdiriniň wezipesini ýerine ýetiriji bolup işledi.
2022-nji ýyldan bäri Mary welaýatynyň Türkmengala etrabyndaky 11-nji orta mekdebiň müdiri wezipesinde işleýär.
2023-nji ýylda Türkmenistanyň Mejlisiniň VII çagyrylyşynyň deputatlygyna saýlanyldy. Mejlisiň Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky komitetiniň agzasy.
Maşgalaly, üç çagasy bar.
Türkmenistanyň Demokratik partiýasy tarapyndan dalaşgärlige hödürlenildi.
Tagtabazar etrabynyň Serhetabat şäheriniň, Üzümçilik, Serhetçi, Çemenabat, Ýeňiş, Galaýmor, Ahal geňeşlikleriniň çäklerini we degişli harby bölümleri hem-de Ýolöten etrabynyň Ymambaba, Döwletli geňeşlikleriniň çäklerini öz içine alýar.
Arslan Meredowiç Çaryýew 1988-nji ýylyň 12-nji oktýabrynda Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynyň S.Nyýazow adyndaky geňeşliginde doguldy. Milleti türkmen.
1995 — 2004-nji ýyllarda Tagtabazar etrabyndaky 3-nji orta mekdepde okady.
2004-2005-nji ýyllarda Mary şäherindäki 1-nji hünärment mekdebinde okady.
2006 — 2008-nji ýyllarda harby gullukda boldy.
2009 — 2014-nji ýyllarda K.A.Ýasawy adyndaky Halkara gazak-türk uniwersitetinde okap, ony hasaplaýyş tehnikasy we programma üpjünçiligi hünäri boýunça tamamlady.
2015—2020-nji ýyllarda Türkmenistanyň «Türkmenistan» döwlet täjirçilik bankynyň Pendi şahamçasynyň buhgalter hasaby we hasabaty bölüminiň bank tehnologiýasy boýunça esasy hünärmeni bolup işledi.
2020-2025-nji ýyllarda Türkmenistanyň «Türkmenistan» döwlet täjirçilik bankynyň Pendi şahamçasynyň sanly bank tehnologiýasy we awtomatizasiýa bölüminiň esasy hünärmeni wezipesinde işledi.
2025-nji ýylyň maý aýyndan bäri Mary welaýatynyň Tagtabazar etrap kazyýetiniň garawuly bolup işleýär.
2023-nji ýylda Türkmenistanyň Mejlisiniň VII çagyrylyşynyň deputatlygyna saýlanyldy. Mejlisiň Ýerli wekilçilikli häkimiýet we öz-özüňi dolandyryş edaralary bilen işlemek baradaky komitetiniň agzasy.
Maşgalaly, üç çagasy bar.
Raýatlar topary tarapyndan dalaşgärlige hödürlenildi.
Tagtabazar etrabynyň S.Nyýazow adyndaky, Pendi, Erden, Daşköpri, Saryýazy, Sandykgaçy geňeşlikleriniň çäklerini we degişli harby bölümleri öz içine alýar.
Arslan Hudaýberdiýewiç Haýydow 1992-nji ýylyň 28-nji ýanwarynda Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynyň Erden geňeşliginde doguldy. Milleti türkmen.
1999 — 2009-njy ýyllarda Tagtabazar etrabyndaky 5-nji orta mekdepde okady.
2009-2010-njy ýyllarda Tagtabazar etrabynyň «Daýhan» daýhan birleşiginde kärendeçi bolup işledi.
2011-2012-nji ýyllarda harby gullukda boldy.
2013-2014-nji ýylda «Polimeks Inşaat» kompaniýasynyň Aşgabatdaky gurluşyklarynda işçi bolup işledi.
2014 — 2019-njy ýyllarda Türkmen oba hojalyk institutynda okap, ony agronom hünäri boýunça tamamlady.
2019 — 2021-nji ýyllarda Tagtabazar etrabynyň pagta arassalaýjy kärhanasynyň agronomçylyk bölüminiň hünärmeni wezipesinde işledi.
2022-nji ýylyň fewral aýyndan bäri Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Tagtabazar etrap komitetiniň sanly tehnologiýalar we maglumat howpsuzlygy boýunça EHM-iň operatory wezipesinde işleýär.
Türkmenistanyň Mejlisiniň VII çagyrylyşynyň deputaty. Mejlisiň Daşky gurşawy goramak, tebigatdan peýdalanmak we agrosenagat toplumy baradaky komitetiniň agzasy.
Maşgalaly, bir çagasy bar.
Türkmenistanyň Demokratik partiýasy tarapyndan dalaşgärlige hödürlenildi.
Tagtabazar etrabynyň Tagtabazar şäherçesiniň, Marçak, Söýünaly, Gulja geňeşlikleriniň çäklerini hem-de degişli harby bölüminiň okuw merkezini we serhet galalaryny öz içine alýar.
Gurbanmyrat Durdymyradowiç Aşyrow 1974-nji ýylyň 19-njy dekabrynda Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň Watan geňeşliginde doguldy. Milleti türkmen.
1982 — 1992-nji ýyllarda Murgap etrabyndaky 17-nji orta mekdepde okady.
1992-1993-nji ýyllarda Murgap etrabynyň «Watan» daýhan birleşiginde kärendeçi bolup işledi.
1993 — 1998-nji ýyllarda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda okap, ony inžener-ykdysadyýetçi hünäri boýunça tamamlady.
1998 — 2006-njy ýyllarda Murgap etrabynyň «Watan» daýhan birleşiginde kärendeçi bolup işledi.
2006 — 2012-nji ýyllarda Murgap etrabynyň durmuş taýdan üpjünçilik bölüminiň hünärmeni, zähmet bölümçesiniň başlygy wezipesinde işledi.
2012–2014-nji ýyllar aralygynda Murgap etrabynyň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölüminiň başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji, bölümçe başlygy bolup işledi.
2014-2018-nji ýyllarda Türkmenistanyň Mejlisiniň Durmuş syýasaty baradaky komitetiniň agzasy wezipesinde işledi. 2018-2021-nji ýyllarda Türkmenistanyň Mejlisiniň Durmuş syýasaty baradaky komitetiniň başlygy wezipesinde işledi.
2021-nji ýylyň maý aýyndan 2023-nji ýylyň aprel aýyna çenli Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň orunbasary wezipesinde işledi.
2023-nji ýylyň aprel aýyndan bäri Türkmenistanyň Mejlisiniň Durmuş syýasaty baradaky komitetiniň agzasy wezipesinde işleýär.
Türkmenistanyň Mejlisiniň V, VI, VII çagyrylyşlarynyň deputaty.
2016-njy ýylda «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna», 2020-nji ýylda «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna», 2021-nji ýylda «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medallary bilen sylaglanyldy.
Maşgalaly, iki çagasy bar.
Türkmenistanyň Demokratik partiýasy tarapyndan dalaşgärlige hödürlenildi.
Murgap etrabynyň Çäçdepe, Miras, Gökdepe, Şordepe, Gowşutbent, Azatlyk, Gatyýap geňeşlikleriniň çäklerini öz içine alýar.
Maksat Berdimuhammedowiç Babanyýazow 1989-njy ýylyň 6-njy sentýabrynda Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň Mülkýazy geňeşliginde doguldy. Milleti türkmen.
1996 — 2005-nji ýyllarda Murgap etrabyndaky 27-nji orta mekdepde, Şatlyk şäherindäki ýöriteleşdirilen welaýat mekdebinde okady.
2006 — 2008-nji ýyllarda harby gullukda boldy.
2009 — 2014-nji ýyllarda Belarus döwlet oba hojalyk akademiýasynda okap, ony ykdysatçy hünäri boýunça tamamlady.
2018 — 2020-nji ýyllarda Mary welaýatynyň Bedenterbiýe we sport baradaky baş müdirliginiň Mary şäheriniň «Bagtyýarlyk» sport desgasynyň instruktory, Murgap etrabynyň «Murgap» sport desgasynyň baş hasapçysy wezipelerinde işledi.
2020-2026-njy ýyllarda Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölüminiň zähmet bölümçesiniň baş hünärmeni wezipesinde işledi.
2026-njy ýylyň ýanwar aýyndan bäri Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölüminiň zähmet bölümçesiniň başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji bolup işleýär.
Türkmenistanyň Mejlisiniň VII çagyrylyşynyň deputaty. Mejlisiň Ykdysady meseleler baradaky komitetiniň agzasy
Maşgalaly, iki çagasy bar.
Türkmenistanyň Agrar partiýasy tarapyndan dalaşgärlige hödürlenildi.
Murgap etrabynyň Oguzhan, Deňizhan şäherçeleriniň we Ylham, Mülkýazy, Rowaçlyk, Gylyçdurdy Sähetmyradow adyndaky, Dostluk geňeşlikleriniň çäklerini öz içine alýar.
Aýjemal Täçnazarowna Allanowa 1994-nji ýylyň 28-nji iýunynda Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň Gylyçdurdy Sähetmyradow adyndaky geňeşliginde doguldy. Milleti türkmen.
2001 — 2011-nji ýyllarda Murgap etrabyndaky 28-nji orta mekdepde okady.
2011 — 2016-njy ýyllarda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda okap, ony iňlis dili we edebiýaty mugallymy hünäri boýunça tamamlady.
2016 — 2019-njy ýyllarda Murgap etrabyndaky 1-nji orta mekdepde iňlis dili we edebiýaty mugallymy, 2019 — 2022-nji ýyllarda Murgap etrabyndaky 7-nji orta mekdebiň iňlis dili mugallymy wezipelerinde işledi.
2022—2025-nji ýyllarda Mary welaýatynyň Murgap etrabyndaky 28-nji orta mekdebiň iňlis dili mugallymy bolup işledi.
2025-nji ýylyň iýul aýyndan bäri Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň 1-nji çagalar bagynyň müdiri wezipesinde işleýär.
Türkmenistanyň Mejlisiniň VII çagyrylyşynyň deputaty. Mejlisiň Halkara we parlamentara aragatnaşyklar baradaky komitetiniň agzasy.
Maşgalaly, bir çagasy bar.
Türkmenistanyň Agrar partiýasy tarapyndan dalaşgärlige hödürlenildi.
Murgap etrabynyň Murgap şäheriniň we Deňizhan, Hyrslan Jumaýew adyndaky, Galkynyş, Suhty, Watan geňeşlikleriniň çäklerini öz içine alýar.
Begenç Kerimowiç Gurbangeldiýew 1988-nji ýylyň 3-nji maýynda Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň Ýolöten şäherinde doguldy. Milleti türkmen.
1995 — 2004-nji ýyllarda Mary welaýatynyň Ýolöten etrabyndaky 2-nji orta mekdepde okady.
2006 — 2008-nji ýyllarda harby gullukda boldy.
2009-2010-njy ýyllarda Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Mary welaýatynyň Ýolöten etrabyndaky «Bezeg» tikin fabriginiň kätibi bolup işledi.
2012 — 2016-njy ýyllarda Belarus Respublikasynyň Ýanka Kupala adyndaky Grodno döwlet uniwersitetinde okap, ony ykdysadyýetçi hünäri boýunça tamamlady.
2017-nji ýylyň ýanwar aýyndan maý aýyna çenli Mary welaýatynyň Ýolöten etrabyndaky 36-njy orta mekdebiň mugallymy wezipesinde işledi.
2018-2019-njy ýyllarda Türkmenistanyň «Halkbank» döwlet täjirçilik bankynyň Ýolöten şahamçasynyň Dolanyşyk kassa amallary bölüminiň kassiri, gözegçi kassiri wezipelerinde işledi.
2019-2024-nji ýyllarda Türkmenistanyň «Halkbank» paýdarlar täjirçilik bankynyň Ýolöten şahamçasynyň Karzlaşdyryş we pul dolanyşygy bölüminiň hünärmeni bolup işledi.
2024-nji ýylyň mart aýyndan 2025-nji ýylyň fewral aýyna çenli Türkmenistanyň «Halkbank» paýdarlar täjirçilik bankynyň Tagtabazar şahamçasynyň dolandyryjysynyň w.w.ýe.ýe bolup işledi.
Türkmenistanyň Mejlisiniň VII çagyrylyşynyň deputaty. 2025-nji ýylyň fewral aýyndan häzirki wagta çenli Türkmenistanyň Mejlisiniň Ykdysady meseleler baradaky komitetiniň agzasy wezipesinde işleýär.
Maşgalaly, üç çagasy bar.
Raýatlar topary tarapyndan dalaşgärlige hödürlenildi.
Ýolöten etrabynyň Ýolöten şäheriniň demirgazyk-gündogar böleginiň araçäginiň Murgap derýasy bilen birikýän ýerinden başlap, Gorkut ata, Saryhan, Gurt Gaýypow köçeleriniň demirgazyk-gündogar böleginiň hem-de Ýolöten etrabynyň Ahunbaba, Hakykat, Goýunjy, Momataý, Agzybirlik, Şöhrat, Baýraç geňeşlikleriniň we Akgüzer geňeşliginiň Lälezar obasynyň araçäklerini öz içine alýar.
Ali Muradowiç Rahmedow 1985-nji ýylyň 14-nji aprelinde Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň Ýolöten şäherinde doguldy. Milleti türkmen.
1992 — 2001-nji ýyllarda Ýolöten etrabyndaky 1-nji orta mekdepde okady.
2001 — 2003-nji ýyllarda Türkmenistanyň «Halkbank» döwlet täjirçilik bankynyň Ýolöten şahamçasynyň sakçysy bolup işledi.
2003 — 2005-nji ýyllarda harby gullukda boldy.
2006-2007-nji ýyllarda Aşgabat şäher häkimliginiň «Aşgabatýolgurluşyk» trestiniň ýol tehnikasy boýunça ikinji derejeli slesary bolup işledi.
2010 — 2015-nji ýyllarda Türkiýe Respublikasynyň Süleýman Demirel uniwersitetinde okap, ony zootehnik hünäri boýunça tamamlady.
2017-nji ýylda Mary şäherindäki «Ojar Aziýa» hususy kärhanasynyň gurluşyk meýdançasynda hünärmen, 2017-2018-nji ýyllarda Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Mary welaýat Oba hojalyk önümçilik birleşiginiň Ýolöten etrabyndaky «Döwletli» maldarçylyk hojalygynyň mehanigi bolup işledi.
2018—2020-nji ýyllarda Ýolöten etrabynyň Ýolöten şäher Geňeşiniň hünärmeni wezipesinde işledi.
2020—2024-nji ýyllarda Mary welaýatynyň Ýolöten etrap häkimliginiň işgärler we ýerli häkimiýet edaralarynyň işlerini utgaşdyrýan bölüminiň baş hünärmeni wezipesinde işledi.
2024-nji ýyldan bäri Mary welaýatynyň Ýolöten etrap häkimliginiň işgärler we ýerli häkimiýet edaralarynyň işlerini utgaşdyrýan bölüminiň müdiri wezipesinde işleýär.
Türkmenistanyň Mejlisiniň VII çagyrylyşynyň deputaty. Mejlisiň Ýerli wekilçilikli häkimiýet we öz-özüňi dolandyryş edaralary bilen işlemek baradaky komitetiniň agzasy.
Maşgalaly, üç çagasy bar.
Türkmenistanyň Demokratik partiýasy tarapyndan dalaşgärlige hödürlenildi.
Ýolöten etrabynyň Ýolöten şäheriniň demirgazyk-gündogar böleginiň araçäginiň Murgap derýasy bilen birikýän ýerinden başlap, Gorkut ata, Saryhan, Gurt Gaýypow köçeleriniň günbatar-günorta böleginiň hem-de Ýolöten etrabynyň Garaköl, Gambarbaba, Hüjüm, Soltanbent, Arkadag, Ýokary Suhty, Rahat geňeşlikleriniň we Akgüzer geňeşliginiň Akgüzer, Bozýatan obalarynyň araçäklerini öz içine alýar .
Orazgeldi Şamyradowiç Saparow 1994-nji ýylyň 6-njy martynda Mary welaýatynyň Türkmengala etrabynyň Soltanýap geňeşliginde doguldy. Milleti türkmen.
2001-2004-nji ýyllarda Türkmengala etrabyndaky 3-nji orta mekdepde, 2004 — 2008-nji ýyllarda Mary şäherindäki 14-nji orta mekdepde, 2008 — 2011-nji ýyllarda Mary şäherindäki 24-nji zehinli ýaşlar mekdebinde okady.
2011-2016-njy ýyllarda Halkara türkmen-türk uniwersitetinde okap, ony dokma we ýeňil senagat önümleriniň inženeri hünäri boýunça tamamlady.
2016-2018-nji ýyllarda harby gullukda boldy.
2018-2020-nji ýyllarda Türkmengala etrabynyň Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky pagta egirme fabriginiň egriji maşynlarynyň operatory, önümçilik buhgalteri, buhgalter-kassiri bolup işledi.
2020-2022-nji ýyllarda Mary welaýatynyň Türkmengala etrabynyň Ýüplük üçin kagyz tegeklerini öndürýän fabriginiň ykdysatçysy bolup işledi.
2022-2023-nji ýyllarda Mary welaýatynyň Türkmengala etrabynyň Ýüplük üçin kagyz tegeklerini öndürýän fabriginiň ammar müdiri wezipesinde işledi.
2023-2025-nji ýyllarda Mary welaýatynyň Türkmengalanyň Ýüplük üçin kagyz tegekleri öndürýän fabriginiň ykdysadçysy wezipesinde işledi.
2025-2026-njy ýyllarda Türkmenistanyň Mejlisiniň Daşky gurşawy goramak, tebigatdan peýdalanmak we agrosenagat toplumy baradaky komitetiniň agzasy wezipesinde işledi.
2026-njy ýylyň mart-aprel aýlarynda Mary welaýatynyň Türkmengala etrabynyň Ýüplük üçin kagyz tegekleri öndürýän fabriginiň ykdysatçysy wezipesinde işledi.
2026-njy ýylyň maý aýyndan bäri «Akylly hyzmat» hojalyk jemgyýetiniň «Algoritm» okuw merkeziniň Türkmengala şahamçasynyň müdiri wezipesinde işleýär.
Türkmenistanyň Mejlisiniň VII çagyrylyşynyň deputaty. Mejlisiň Ýerli wekilçilikli häkimiýet we öz-özüňi dolandyryş edaralary bilen işlemek baradaky komitetiniň agzasy.
Maşgalaly, iki çagasy bar.
Türkmenistanyň Demokratik partiýasy tarapyndan dalaşgärlige hödürlenildi.
Türkmengala etrabynyň Kemine adyndaky, Rehnet, Hasyl geňeşlikleriniň hem-de Baýramaly etrabynyň Azat geňeşliginiň Türkmenistan obasynyň we Ýalkym geňeşliginiň Bereket obasynyň çäklerini öz içine alýar.
Senem Sapargeldiýewna Berdiýewa 1993-nji ýylyň 30-njy dekabrynda Mary welaýatynyň Türkmengala etrabynyň Rehnet geňeşliginde doguldy. Milleti türkmen.
2000—2010-njy ýyllarda Türkmengala etrabyndaky 20-nji orta mekdepde okady.
2010—2012-nji ýyllarda Türkmengala etrabynyň «Türkmenistan» daýhan birleşiginde kärendeçi bolup işledi.
2012—2018-nji ýyllarda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda okap, ony binagärlik ýadygärlikleriniň rejelenişi, rejeleýji binagär, surat we çyzuw mugallymy hünäri boýunça tamamlady.
2018—2023-nji ýyllarda Mary welaýatynyň Türkmengala etrabynyň 2-nji orta mekdebiniň surat we çyzuw mugallymy bolup işledi.
2023—2025-nji ýyllarda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda okady.
2025-nji ýylyň iýul aýynda Mary welaýatynyň Türkmengala etrabynyň 2-nji orta mekdebiniň surat we çyzuw mugallymy bolup işledi.
2025-nji ýylyň awgust aýyndan bäri wagtlaýyn işlemeýär
Türkmenistanyň Mejlisiniň VII çagyrylyşynyň deputaty. Mejlisiň Kada-kanunçylyk baradaky komitetiniň agzasy.
Maşgalaly, iki çagasy bar.
Raýatlar topary tarapyndan dalaşgärlige hödürlenildi.
Türkmengala etrabynyň Türkmengala şäheriniň, Täzedaýhan, Magtymguly adyndaky, Serdarýap, Soltanýap geňeşlikleriniň çäklerini öz içine alýar.
Şirin Seýitkulyýewna Baýmyradowa 1980-nji ýylyň 15-nji maýynda Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabynyň Beşir şäherçesinde doguldy. Milleti türkmen.
1987 — 1996-njy ýyllarda Hojambaz etrabyndaky 1-nji orta mekdepde, soňra 14-nji orta mekdepde okady.
1997 — 2001-nji ýyllarda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda okap, ony himiýa, biologiýa mugallymy hünäri boýunça tamamlady.
2001-nji ýyldan bäri Mary welaýatynyň Garagum etrabyndaky 23-nji orta mekdebiň biologiýa mugallymy wezipesinde işleýär.
Türkmenistanyň Mejlisiniň VII çagyrylyşynyň deputaty. Mejlisiň Halkara we parlamentara aragatnaşyklar baradaky komitetiniň agzasy.
Maşgalaly, bäş çagasy bar.
Raýatlar topary tarapyndan dalaşgärlige hödürlenildi.
Garagum etrabynyň Ýagtyýol şäherçesiniň, Täzeoba, Tarpýer, Şatlyk, Göbeklidepe, Akmeýdan, Durnalyýap, Sähra geňeşlikleriniň çäklerini öz içine alýar.
Saparmyrat Gündogdyýewiç Çarşakow 1970-nji ýylyň 26-njy aprelinde Mary welaýatynyň Türkmengala etrabynyň Magtymguly adyndaky geňeşliginde doguldy. Milleti türkmen.
1977 — 1987-nji ýyllarda Türkmengala etrabyndaky 5-nji orta mekdepde okady.
1987 — 1993-nji ýyllarda Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda okap, ony ykdysadyýetçi hünäri boýunça tamamlady.
1988-1989-njy ýyllarda okuw döwrüniň aralygynda harby gullukda boldy.
1993 — 1995-nji ýyllarda Türkmengala etrabynyň miwe-gök önüm lomaý bölek-söwda kombinatynyň ykdysatçysy, 1995 — 1998-nji ýyllarda Türkmengala etrap taýýarlaýyş önümçilik söwda birleşiginiň hasapçysynyň kömekçisi, baş hasapçysy, 1998 — 2005-nji ýyllarda Ýolöten etrap taýýarlaýyş önümçilik birleşiginiň baş hasapçysy, 2005-2006-njy ýyllarda Mary şäher 1-nji bazarlar birleşiginiň baş hasapçysy, 2006-2007-nji ýyllarda Mary şäheriniň «Ýüpek ýol» bazarynyň hasapçy-kassiri, 2007-2008-nji ýyllarda Mary şäheriniň 1-nji bazarlar birleşiginiň baş hasapçysy, 2008 — 2010-njy ýyllarda Türkmengala etrap taýýarlaýyş önümçilik söwda kärhanasynyň baş hasapçysy, haryt getirijisi, 2010 — 2012-nji ýyllarda Türkmengala etrap alyjylar jemgyýetiniň haryt getirijisi, Mary welaýat Alyjylar jemgyýetleriniň birleşiginiň bazarlar bölüminiň baş hünärmeni, ozalky Oguz han etrap alyjylar jemgyýetiniň wagtlaýyn baş hasapçysy wezipelerinde işledi.
2012-2013-nji ýyllarda Mary welaýat Alyjylar jemgyýetleriniň birleşiginiň Garagum derýa önümçilik kärhanasynyň baş hasapçysy, 2013 — 2022-nji ýyllarda Türkmengala etrap alyjylar jemgyýetiniň önümçilik we jemgyýetçilik iýmiti bölüminiň hünärmeni, Türkmengala etrap alyjylar jemgyýetiniň haryt öwrenijisi wezipelerinde işledi.
2022-nji ýyldan bäri Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Mary welaýat alyjylar jemgyýetleriniň birleşiginiň Türkmengala etrap alyjylar jemgyýetiniň ykdysatçysy wezipesinde işleýär.
Türkmenistanyň Mejlisiniň VII çagyrylyşynyň deputaty. Mejlisiň Ykdysady meseleler baradaky komitetiniň agzasy.
Maşgalaly, üç çagasy bar.
Türkmenistanyň Agrar partiýasy tarapyndan dalaşgärlige hödürlenildi.
Baýramaly etrabynyň Mekan, Berkarar, Bagtyýarlyk şäherçeleriniň, Bagt, Guşlyoba geňeşlikleriniň we Ýalkym geňeşliginiň Ýaýlak, Şereket, Ýylgynly, Ýalkym, Rafsanjani, Täzeoba, Uçgun, Tokaýly obalarynyň hem-de Murgap etrabynyň Çöňür geňeşliginiň çäklerini öz içine alýar.
Kerwen Garlyýewiç Zyrryýew 1995-nji ýylyň 19-njy awgustynda Mary welaýatynyň Garagum etrabynyň Akmeýdan geňeşliginde doguldy. Milleti türkmen.
2002 — 2012-nji ýyllarda Garagum etrabyndaky 16-njy orta mekdepde okady.
2014 — 2019-njy ýyllarda Türkmen oba hojalyk institutynda okap, ony programmaçy-inžener hünäri boýunça tamamlady.
2019 — 2021-nji ýyllarda harby gullukda boldy.
2021—2022-nji ýyllarda Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň «Marypagta» önümçilik birleşiginiň Garagum pagta arassalaýjy kärhanasynyň buhgalter hasabaty we ykdysadyýet bölüminiň çig mal we taýýar önümler boýunça hünärmeni wezipesinde işledi.
2022—2024-nji ýyllarda «Türkmen pagta» döwlet konserniniň «Marypagta» önümçilik birleşiginiň «Garagum» pagta arassalaýjy kärhanasynyň tehniki howpsuzlyk boýunça hünärmeni wezipesinde işledi.
2024-nji ýylyň oktýabr aýyndan bäri «Türkmen pagta» döwlet konserniniň «Marypagta» önümçilik birleşiginiň «Garagum» pagta arassalaýjy kärhanasynyň çig mal we taýýar önümler bölüminiň uly klassifikatory wezipesinde işleýär.
Türkmenistanyň Mejlisiniň VII çagyrylyşynyň deputaty. Mejlisiň Halkara we parlamentara aragatnaşyklar baradaky komitetiniň agzasy.
Maşgalaly, iki çagasy bar.
Türkmenistanyň Demokratik partiýasy tarapyndan dalaşgärlige hödürlenildi.
Baýramaly etrabynyň Azat geňeşliginiň Azat, Dogryýap, Pagtasaraý, Hazarly obalarynyň we Erkana, Murgap, Agaýusup adyndaky, Gatakar geňeşlikleriniň hem-de Baýramaly şäheriniň 11-nji, 12-nji ýaşaýyş jaý toplumynyň çäklerini öz içine alýar.
Maksat Çarymyradowiç Janmyradow 1980-nji ýylyň 18-nji iýunynda Mary welaýatynyň Mary şäheriniň Muhadow ýaşaýyş jaý toplumynda doguldy. Milleti türkmen.
1986 — 1996-njy ýyllarda Mary etrabyndaky 34-nji orta mekdepde okady. 1996-1997-nji ýyllarda Mary şäheriniň 5-nji ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň çeper bezegçilik bölüminde okady.
1997 — 1998-nji ýyllarda Mary şäherinde jaý-bezeg we bejergi işleri bilen meşgullandy.
1998 — 2004-nji ýyllarda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik Akademiýasynda okap, ony miniatýur-nakgaşçy hünäri boýunça tamamlady.
2004 — 2005-nji ýyllarda harby gullukda boldy.
2005 — 2006-njy ýyllarda Mary şäher suratkeşler birleşiginde nakgaş, 2006 — 2009-njy ýyllarda Mary şäherinde telekeçi, «Sanjar» myhmanhanasynda kebşirleýji, Mary welaýatynyň öňki Altyn sähra etrabynyň «Obahyzmat» önümçilik birleşiginde delilnama ýygnaýjy bolup işledi.
2009 — 2015-nji ýyllarda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň öňki Altyn sähra etrap geňeşiniň başlygy, Mary welaýat geňeşiniň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji bolup işledi.
2015-nji ýyldan bäri Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň başlygy wezipesinde işleýär.
Türkmenistanyň Mejlisiniň V, VI we VII çagyrylyşlarynyňdeputaty. Mejlisiň Durmuş syýasaty baradaky komitetiniň agzasy.
Maşgalaly, üç çagasy bar.
Raýatlar topary tarapyndan dalaşgärlige hödürlenildi.
Sakarçäge etrabynyň Şatlyk şäheriniň, Parahat, Döwletli zaman şäherçeleriniň, Soltanyz, Gülüstan, Gumgüzer, Merdana, Altyn zaman, Ýyldyzhan, Gökhan geňeşlikleriniň hem-de Mary etrabynyň Diýar geňeşliginiň Garainjik obasynyň çäklerini öz içine alýar.
Orazdurdy Abdyýewiç Abdyýew 1971-nji ýylyň 3-nji noýabrynda Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň Mülkbükri geňeşliginde doguldy. Milleti türkmen.
1978 — 1988-nji ýyllarda Wekilbazar etrabyndaky 12-nji orta mekdepde okady.
1988 — 1993-nji ýyllarda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde okap, ony taryhçy, taryh mugallymy hünäri boýunça tamamlady.
1993 — 2011-nji ýyllarda Wekilbazar etrabyndaky 21-nji orta mekdebiň taryh mugallymy, 2011 — 2013-nji ýyllarda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymy, 2013-2014-nji ýyllarda Wekilbazar etrabyndaky 31-nji orta mekdebiň taryh mugallymy, 2014-2015-nji ýyllarda Baýramaly etrap bilim bölüminiň işgärler boýunça hünärmeni, 2015-nji ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda Mary welaýat Baş bilim müdirliginiň işgärler boýunça hünärmeni, 2015 — 2021-nji ýyllarda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Baýramaly agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy bolup işledi.
2021 — 2023-nji ýyllarda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Sebitleýin ösüş, daşky gurşawy goramak we agrosenagat syýasaty baradaky komitetiniň agzasy wezipesinde işledi.
2023-nji ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Baýramaly agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy bolup işledi.
Türkmenistanyň Mejlisiniň VII çagyrylyşynyň deputaty.
2023-2026-njy ýyllarda Türkmenistanyň Mejlisiniň Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky komitetiniň agzasy wezipesinde işledi.
2026-njy ýylyň mart aýyndan bäri S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Baýramaly agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy bolup işleýär.
2022-nji ýylda Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglanyldy.
Maşgalaly, üç çagasy bar.
Türkmenistanyň Demokratik partiýasy tarapyndan dalaşgärlige hödürlenildi.
Baýramaly şäheriniň 11-nji, 12-nji ýaşaýyş jaý toplumlaryndan beýleki ähli çäklerini öz içine alýar.
Çary Annamyradowiç Gurbanmyradow 1986-njy ýylyň 3-nji sentýabrynda Mary welaýatynyň Mary etrabynyň Ajap Mämmedowa adyndaky geňeşliginde doguldy. Milleti türkmen.
1993 — 2002-nji ýyllarda Mary etrabyndaky 31-nji orta mekdepde okady.
2002 — 2004-nji ýyllarda Mary etrap hassahanasynyň hirurgiýa bölüminde kiçi şepagat dogany bolup işledi.
2004-2005-nji ýyllarda Mary etrabynyň «Zarpçy» daýhan birleşiginde kärendeçi bolup işledi.
2005 — 2011-nji ýyllarda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde okap, ony pediatr lukmany hünäri boýunça tamamlady.
2011 — 2013-nji ýyllarda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň gospital pediatriýa kafedrasynyň kliniki ordinatory bolup işledi.
2013 — 2015-nji ýyllarda Mary welaýatynyň degişli harby bölüminiň terapiýa bölüminiň başlygy, Mary şäheriniň 3-nji saglyk öýüniň çagalar bölüminiň lukmany bolup işledi. 2016-2017-nji ýyllarda Mary şäheriniň 3-nji saglyk öýüniň ýetginjekler bölüminiň lukmany, Mary etrap hassahanasynyň reanimasiýa bölüminiň reanimatolog lukmany wezipelerinde işledi.
2017-nji ýyldan bäri Mary etrap hassahanasynyň 2-nji çagalar bölüminiň müdiri wezipesinde işleýär.
Türkmenistanyň Mejlisiniň VII çagyrylyşynyň deputaty. Mejlisiň Adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak baradaky komitetiniň agzasy.
Maşgalaly, dört çagasy bar.
Raýatlar topary tarapyndan dalaşgärlige hödürlenildi.
Mary şäheriniň Mollanepes köçesiniň Murgap derýasy bilen kesişýän ýerinden başlap, Murgap derýasynyň ugry bilen Mary şäheriniň demirgazyk araçägine çenli, şol ýerden Mary şäheriniň demirgazyk araçäginiň ugry bilen Garagum derýasyna çenli, şol ýerden Garagum derýasynyň ugry bilen günorta tarapa Mary — Baýramaly awtomobil ýoluna çenli, şol ýerden Mary — Baýramaly awtomobil ýolunyň ugry bilen Daşoguz köçesine çenli, Daşoguz köçesiniň ugry bilen Margiana köçesine çenli, Margiana köçesiniň ugry bilen Aga Hanjaýew köçesine çenli, Aga Hanjaýew köçesiniň ugry bilen Kemine köçesine çenli, Kemine köçesiniň ugry bilen Gowşut han köçesine çenli, şol ýerden Murgap derýasynyň köprüsinden geçip, Ene mähri merkezine çenli, şol ýerden harby bölümi öz içine alyp, R.Hojagulyýew köçesine çenli, R.Hojagulyýew köçesiniň ugry bilen Murgap köçesine çenli, Murgap köçesiniň ugry bilen Aşgabat köçesine çenli, Aşgabat köçesiniň ugry bilen Murgap derýasyna çenli, şol ýerden Murgap derýasynyň ugry bilen Mollanepes köçesine çenli araçäkleri öz içine alýar.
Ýusup Orazberdiýewiç Annaýew 1990-njy ýylyň 26-njy noýabrynda Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynyň Gatakar geňeşliginde doguldy. Milleti türkmen.
1997 — 2006-njy ýyllarda Garagum etrabyndaky 1-nji orta mekdepde okady.
2006 — 2008-nji ýyllarda Garagum etrabynyň «Aşgabat» daýhan birleşiginde kärendeçi bolup işledi.
2008 — 2014-nji ýyllarda Ukrainanyň Lugansk döwlet lukmançylyk uniwersitetinde okap, ony bejeriş işi hünäri boýunça tamamlady.
2016—2017-nji ýyllarda Mary welaýat köpugurly hassahanasynda maşgala intern lukmany bolup işledi.
2017—2025-nji ýyllarda Mary şäheriniň 2-nji saglyk öýüniň maşgala lukmany bolup işledi.
2025-nji ýylda Mary welaýat köpugurly hassahanasynda intern lukmany bolup işledi.
2025-nji ýylyň dekabr aýyndan bäri Mary welaýatynyň Baýramaly etrap hassahanasynyň terapewt lukmany bolup işleýär.
Türkmenistanyň Mejlisiniň VII çagyrylyşynyň deputaty. Mejlisiň Durmuş syýasaty baradaky komitetiniň agzasy.
Maşgalaly, dört çagasy bar.
Türkmenistanyň Demokratik partiýasy tarapyndan dalaşgärlige hödürlenildi.
Mary şäheriniň Margiana köçesiniň Daşoguz köçesi bilen kesişýän çatrygyndan başlap, Margiana köçesiniň ugry bilen Aga Hanjaýew köçesine çenli, şol ýerden Aga Hanjaýew köçesiniň ugry bilen Kemine köçesine çenli, Kemine köçesiniň ugry bilen Gowşut han köçesine çenli, şol ýerden Murgap derýasynyň köprüsinden geçip, Ene mähri merkezine çenli, şol ýerden degişli harby bölümi öz içine alyp, R.Hojaguly- ýew köçesine çenli, şol ýerden R.Hojagulyýew köçesiniň ugry bilen Murgap köçesi- ne çenli, Murgap köçesiniň ugry bilen Muhadow köçesine çenli, Muhadow köçesiniň ugry bilen Ý.Kulyýew köçesine çenli, Ý.Kulyýew köçesiniň ugry bilen Bedew köçesine çenli, şol ýerden günorta tarap Mary — Serhetabat awtomobil ýoluna çenli, şol ýer- den Mary — Serhetabat awtomobil ýolunyň ugry bilen Garagum derýasyna çenli, şol ýerden Garagum derýasynyň ugry bilen Mary — Baýramaly awtomobil ýoluna çenli, şol ýerden Mary — Baýramaly awtomobil ýolunyň ugry bilen Daşoguz köçesine çenli, Daşoguz köçesiniň ugry bilen Margiana köçesine çenli araçäkleri öz içine alýar.
Merdan Artykowiç Orazmeredow
Merdan Artykowiç Orazmeredow 1985-nji ýyl