Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

Çykyşlar we makalalar

TÜRKMEN-HYTAÝ GATNAŞYKLARY dürli formatlarda işjeň ösdürilýär

 

     Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň baştutan­lygyn­da Türkmenis­tanyň äh­li ýurt­lar bi­len dost-do­gan­lyk gat­na­şyk­la­ry­ny ös­dür­mek, dün­ýä­de pa­ra­hat­çy­ly­gy we yna­nyş­ma­gy pugtalandyrmak, dur­nuk­ly ösü­şi üp­jün et­mek, hä­zir­ki döw­rüň der­wa­ýys mese­le­le­ri­niň oňyn çöz­güt­le­ri­ni iş­läp taý­ýar­la­mak babat­da ed­ýän ta­gal­la­lary Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyşmak ýy­lyn­da uly ro­waç­lyk­la­ra bes­lenýär. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowyň go­laý­da Hy­taý Halk Respublikasyna ama­la aşy­ran iş sa­pa­ry hem mu­nuň aý­dyň mysaly boldy. Sa­pa­ryň çäk­le­rin­de döw­let Baş­tuta­ny­myz Şan­haý Hyz­mat­daş­lyk Gura­ma­sy­nyň (ŞHG) sam­mi­ti­ne hem-de Ikin­ji  jahan ur­şun­da ga­za­ny­lan ýeň­şiň 80 ýyl­ly­gy­na ba­gyş­la­nan dabara­la­ra gat­naş­dy, mö­hüm iki­ta­rap­la­ýyn du­şuşyk­la­ry ge­çir­di. 

 

     Häzirki wagtda türkmen-hytaý gatnaşyklary özara hormat goýmaga, umumy bähbitlere esaslanýan köpugurly hyzmatdaşlygyň üstünlikli nusgalarynyň biri bolup durýar. Bu hyzmatdaşlyk syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, energetika, medeni-ynsanperwer ulgamlarda yzygiderli ösdürilýär. Hytaý Halk Respublikasy Türkmenistan Garaşsyzlygyna eýe bolandan soň, ilkinjileriň hatarynda ýurdumyz bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýup, ikitaraplaýyn syýasy we ykdysady gatnaşyklary ilerledip, döwletimiziň esasy strategik hyzmatdaşlarynyň birine öwrüldi. Dürli ulgamlarda özara hereketleriň netijeli gurallary ýola goýuldy, ygtybarly hukuk binýady döredildi. Hökümet, parlament derejesinde, şeýle-de jemgyýetçilik guramalarynyň, medeniýet we ylym işgärleriniň arasynda gatnaşyklar giňeldilýär. Özara Medeniýet günleriniň geçirilmegi, akademiki alyşmalardyr ylmy hyzmatdaşlyk iki dostlukly halkyň arasynda özara düşünişmegi pugtalandyrýar. Türkmenistan bilen Hytaý köptaraplaýyn esasda — iri halkara guramalaryň, abraýly sebit düzümleriniň ugry boýunça, «Merkezi Aziýa — Hytaý» formatynyň çäginde hem üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler. 

     Türkmen we hytaý halklaryny köpasyrlyk dostluk gatnaşyklary, taryhy, ruhy-medeni gymmatlyklar birleşdirýär. Geçmişde türkmen-hytaý gatnaşyklary Beýik Ýüpek ýolunyň üsti bilen amala aşyrylypdyr. Häzirki wagtda bu ýol söwda-ykdysady, ulag-logistika, energetika, ýokary tehnologiýalar, medeni-ynsanperwer, sport, saglygy goraýyş, syýahatçylyk ulgamlary boýunça gaýtadan dikeldilýär. 2009-njy ýylda işe girizilen Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisi bolsa iki halkyň dostlugynyň ajaýyp nyşany, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň depginli ösüşiniň we kuwwatlylygynyň alamaty boldy. «Hakykatda, bu gaz geçiriji diňe türkmen tebigy gazynyň uly möçberini Hytaýa eltmegiň serişdesi bolman, eýsem, yklymda energiýa howpsuzlygy ulgamynyň adalatly, özara bähbitli we durnukly düzümini döretmegiň hem aýdyň mysalydyr. Biz bu ugurda bitirilen işlere guwanyp bileris. Onuň netijeleri Türkmenistanyň we Hytaýyň, şeýle-de üstaşyr geçirýän ýurtlaryň ykdysadyýetiniň, Ýewraziýanyň energetika giňişliginde  ähli özara gatnaşyklar ulgamynyň ösüşine kuwwatly itergi berdi» diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz ŞHG-niň sammitiniň öňüsyrasynda meşhur «Ženmin Žibao» gazetinde çap edilen makalasynda belledi. 

     Türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň barha okgunly ösdürilmegi iki ýurduň strategik hyzmatdaşlygy yzygiderli pugtalandyrmaga çalyşýandygy bilen şertlendirilendir. Hormatly Prezidentimiziň 2023-nji ýylyň ýanwarynda Hytaý Halk Respublikasyna amala aşyran ilkinji döwlet sapary we onuň çäklerinde özara gol çekilen resminamalar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlygyň hil taýdan täze derejä çykmagyna itergi berdi. Gahryman Arkadagymyzyň şol ýylyň oktýabrynda «Bir guşak, bir ýol» atly üçünji halkara maslahata gatnaşmagy-da özara gatnaşyklaryň dürli formatlarda ilerledilýändigine şaýatlyk edýär. Şunda Hytaýyň «Bir guşak, bir ýol» başlangyjynyň Türkmenistanyň «Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek» strategiýasy bilen dünýägaraýyş we amaly nukdaýnazardan sazlaşýandygyny nygtamak gerek. Bu başlangyçlaryň ikisi-de häzirki zaman şertlerinde Ýuwaş ummandan Atlantik ummana çenli ägirt uly giňişlikleriň arasynda amatly ulag geçelgeleriniň döredilmegine, özara baglanyşykly önümçilik we tehnologik ulgamlaryň hem-de senagat guşaklyklarynyň kemala getirilmegine, durmuş ugurly köp sanly meseleleriň çözülmegine, halklaryň durmuş we abadançylyk derejesiniň ýokarlanmagyna gönükdirilendir.

     Türkmenistan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty durmuşa geçirip, ählumumy howpsuzlygyň, durnukly ösüşiň üpjün edilmegi boýunça tagallalara işjeň gatnaşýar. Muňa hormatly Prezidentimiziň Hytaýa nobatdaky iş saparynyň dowamynda «ŞHG+» formatyndaky ýokary derejeli duşuşyga hormatly myhman hökmünde gatnaşmagy hem doly şaýatlyk edýär. Türkmenistanyň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlar bilen hyzmatdaşlygy sebit howpsuzlygyny pugtalandyrmak, ykdysady, medeni gatnaşyklary ösdürmek bilen baglylykda uly ähmiýete eýedir. Döwlet Baştutanymyz bu barada: «Tagallalaryň we mümkinçilikleriň birleşdirilmegi, syýasy-diplomatik, ykdysady serişdeleriň herekete getirilmegi diňe bir hyzmatdaşlygymyzyň ösüşinde hil taýdan täze tapgyry alamatlandyrman, munuň özi iri we okgunly ösýän ykdysady zolaklary — Aziýa — Ýuwaş umman sebitini, Merkezi we Günorta Aziýany, Russiýany, Orta we Ýakyn Gündogary öz içine alýan, Ýuwaş ummandan Baltika deňzine çenli uzaýan bitewi geoykdysady giňişligi kemala getirmek üçin şertleri döretmäge ukyply bolar» diýip, sammitde eden çykyşynda nygtady. Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy bilen geçirilen ýokary derejeli duşuşykda bolsa strategik ulgamlarda hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn üns berlip, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň meseleleriniň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy.

     Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň Mejlisi bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň arasyndaky gatnaşyklar hem yzygiderli ösdürilýär. Döwlet Baştutanymyz jenap Si Szinpin bilen geçiren duşuşygynda-da häzirki wagtda parlament, jemgyýetçilik, zenanlar we ýaşlar diplomatiýasynyň ornunyň barha ýokarlanýandygyny aýdyp, Türkmenistanyň bu ugurlar boýunça bilelikdäki çäreleri ara alyp maslahatlaşmaga, halkara parlament diplomatiýasy ulgamynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga taýýardygyny tassyklady. Mejlisde Hytaýyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagy bilen dostluk toparynyň döredilmegi netijeli ösdürilýän türkmen-hytaý hyzmatdaşlygyny kanunçylyk taýdan goldamaga ýardam edýär. Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň şu ýylyň maýynda Hytaýa amala aşyran saparynyň dowamynda geçirilen ýokary derejeli duşuşyklar hem kanun çykaryjylyk we parlament işinde tejribe alyşmaga, özara gatnaşyklary berkitmek babatda öňde durýan wezipeleri ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik berdi. Geljekde ikitaraplaýyn esasda döredilen parlamentara dostluk toparlarynyň işini kämilleşdirmek, ugurdaş komitetleriň, ýaş we zenan parlamentarileriň arasyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmek, parlamentler derejesinde duşuşyklardyr maslahatlary guramak göz öňünde tutulýar. 

     Hormatly Prezidentimiziň Hytaýa amala aşyran iş sapary türkmen-hytaý gatnaşyklaryny ösdürmekde nobatdaky möhüm ädim bolup, onuň strategik häsiýetini tassyklady. Gepleşikleriň netijeleri we gol çekilen resminamalar özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin täze gözýetimleri açyp, iki ýurduň abadançylygyna gönükdirilen giň gerimli taslamalary durmuşa geçirmäge uly itergi berer. 

 

Maksat KULYÝEW, Türkmenistanyň Mejlisiniň Halkara we parlamentara aragatnaşyklar baradaky komitetiniň başlygy.

09.09.2025 Giňişleýin

BALKAN WELAÝATY: ýetilen sepgitler, gazanylan netijeler

 

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:

 

  • Garaşsyz döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilen Türkmenistanyň taryhyna bu gün şöhratly we ýeňişli sahypalar ýazylýar.

 

BALKAN WELAÝATY: ýetilen sepgitler, gazanylan netijeler

     Mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň 34 ýyl­lyk şan­ly se­ne­si­niň göwün­le­re nur paý­la­ýan ­şat­lyk-şow­hu­ny­nyň­ sa­ha­wat­ly türkmen top­ra­gy­ny ­gur­şap ­alan ­hä­zir­ki bag­ty­ýar­ gün­le­rin­de ­şeý­le­ çuň maz­munly, ga­nat­ly jüm­le­le­re ýüz­len­me­gi­miz ýö­ne­ ýe­re­ däl. ­Bu­ paý­has­ly­ jüm­le­le­riň öze­nin­de türk­men hal­ky­nyň en­çe­me asyr­lar­ kal­byn­da ­eziz­läp,­ ne­sil­den-nesle ge­çirip ge­len iň be­ýik arzuwynyň dur­muş ýü­zün­de wy­sal bol­ma­gy­nyň my­na­syp beýany­dyr.­ Şol ­bir­ wagt­da, ­bu pa­ra­sat­ly söz­le­riň maz­mu­nyn­da be­ýik Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň­ hal­ky­my­zyň­ yk­balyn­da­ky­ mö­hüm­ ornu­ny ­äh­li­ aý­dyň­ly­gy bi­len ­gör­mek, ­duý­mak ­bol­ýar. ­El­bet­de,­ öz­baş­dak­ly­gyň, er­kin­li­giň eçi­len bagty­nyň dö­re­den giň mümkinçi­lik­le­ri­ni bi­rin-bi­rin­ sa­nap­ çyk­mak ­as­la ­müm­kin däl­dir. Çün­ki dur­mu­şy­my­zyň haý­sy ug­ru­na ýüz­len­seň-de, ýurt berkarar­ly­gymy­zyň­ wa­jyp­ äh­mi­ýe­ti­ äh­li­ aý­dyň­ly­gy bi­len­ ýü­ze çyk­ýar. ­Hal­ky­my­zyň­ aba­dan,­ bag­ty­ýar ­dur­mu­şy­na ­gö­nük­di­ri­len şeý­le iri möç­ber­li tas­la­ma­lar be­ýik Ga­raş­syz­lygy­my­zyň­ mukaddes­ gym­mat­lyk­dy­gy­na hem-de onuň eş­ret çeş­me­si­di­gi­ne has iç­gin göz ýe­tir­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär. 

     Hal­ky­my­zyň bäh­bi­di­ne gö­nük­di­ri­lip, gur­lup ula­nyl­ma­ga berlen şeý­le iri möçber­li tas­la­ma­lar Bal­kan we­la­ýa­tyn­da hem sanar­dan kän. Şo­la­ryň bi­ri-de, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň tagalla­la­ry  ne­ti­je­sin­de, hä­zir­ki za­man in­no­wa­sion tehnologiýalar or­naş­dy­ry­lan, se­bit­de de­ňi-ta­ýy bol­ma­dyk Türkmen­ba­şy Halkara de­ňiz por­tu­dyr. Por­tuň umu­my tut­ýan meý­da­ny 150 gek­tar­dan gow­rak bo­lup, ol bir ýyl­da 17 mil­lion ton­na go­laý ýüki ge­çir­mä­ge ukyp­ly­dyr. Bu des­ga­nyň çä­gin­de «Balkan» gämigur­lu­şyk we abat­la­ýyş za­wo­dy; ýolag­çy pa­rom, kon­teý­ner, umu­my ýük­ler, ür­gün ýük­ler, po­lip­ro­pi­len terminalla­ry we beýle­ki bir­nä­çe des­ga­lar gur­lup işe giri­zil­di. Por­tuň çä­gin­dä­ki gä­migur­lu­şyk we abat­la­ýyş za­wo­dy­nyň umumy meý­da­ny 166000 ine­dör­dül metr bo­lup, ol bir ýyl­da 12000 ton­na po­la­dy iş­läp taý­ýar­la­ma­ga, 4 ­gä­mi­ni gur­ma­ga we 20-sini abat­la­ma­ga ukyp­ly­dyr. Gä­migur­lu­şyk we abat­la­ýyş zawodynyň gu­rul­ma­gy mil­li flo­tu­my­za, şeý­le hem «Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zolagyna dynç al­ma­ga gel­ýän­le­riň göw­ne­jaý dynç al­ma­gy­ny üpjün et­jek ge­ze­lenç we sport gä­mi­le­ri­niň gurluşy­gy­ny alyp barma­ga, Ha­zar deň­zin­de Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let baý­da­gy astyn­da ýüz­ýän gä­mi­le­ri, şol san­da ýurdumyzda ba­lyk tut­mak bi­len meş­gul­lan­ýan gä­mi­le­ri, deň­ziň türk­men bö­le­gin­de ne­bit işle­ri bi­len meş­gul­lan­ýan kompaniýalaryň ne­bit des­ga­la­ry­na hyz­mat ed­ýän gä­mi­le­ri we ýü­zü­ji se­riş­de­le­ri abatla­ma­ga, da­şa­ry ýurt kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň gämi abat­la­mak ba­ra­syn­da­ky is­leg­le­ri­ni ka­na­gat­lan­dyr­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär. Bu gä­migur­lu­şyk we abat­la­ýyş za­wo­dy işe gi­ri­zi­len gü­nün­den bä­ri, sar­gyt­lar öz wagtyn­da we ýo­ka­ry hil­li ýe­ri­ne ýe­ti­ril­di. Mun­dan baş­ga-da, zawod­da­ 2 ­müň ton­na po­la­dy iş­le­mek ar­ka­ly, or­ta­ça ki­çi we or­ta göw­rüm­li gä­mi­le­riň 20­—­30-synyň­­ abatla­ýyş we be­je­riş iş­le­ri­ni ýe­ri­ne ýe­tir­mä­ge do­ly mümkin­çi­li­gi bar. 

     Ar­ka­dag­ly ­Gah­ry­man ­Ser­da­ry­my­zyň ala­da­la­ry ne­ti­je­sin­de, açy­lyp ula­nyl­ma­ga ber­len iri tas­la­ma­la­ryň ýe­ne bi­ri Gy­zy­larbat şä­he­rin­dä­ki ­önüm­çi­lik­ kuw­wa­ty ­her gi­je-gün­diz­de 30 müň kub metr bo­lan suw aras­sa­laý­jy tä­ze des­ga­dyr. Türkme­nis­ta­nyň­ Sena­gat­çy­lar ­we­ te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň ­ag­za­sy ­bo­lan ­«Ýe­di­Ýer»­ ho­ja­lyk jem­gy­ýe­ti ta­ra­pyn­dan gur­lan top­lum­ je­mi ­4,5 gektar­ çäk­de­ ýer­le­şip,­ aras­sa agyz su­wu­ny 60 mü­ňe ba­ra­bar ilaty ­bo­lan ­et­rap ­mer­ke­zin­dä­ki ­ho­ja­lyk­la­ra paý­la­ma­ga ­şert­le­ri ­üp­jün et­di. ­Des­ga­da ön­dü­ril­ýän ­aras­sa ­agyz­ su­wy­ gel­jek­de,­ umu­my uzyn­ly­gy 156 ki­lo­met­re deň bo­lan tur­ba ge­çi­ri­ji­ler ar­ka­ly etrabyň çä­gin­dä­ki «Al­tyn asyr» Türk­men kölü­niň­ go­la­ýyn­da­ gurul­ýan­ tä­ze­ oba­nyň ýa­şaý­jy­la­ry­na hem ýe­ti­ri­ler. Şeý­le-de etrabyň Ga­ra­gum säh­ra­sy­nyň goý­nun­da­ky Tut­ly,­ Ga­ra­bo­gaz, Çerkez­li­ oba­la­ry­nyň ýa­şaý­jy­la­ry­ny hem aras­sa agyz su­wy bi­len üp­jün­çi­li­gi­niň yg­ty­bar­ly­ly­gy­ny ýo­kar­lan­dy­rar. 

     Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ak pa­ta­sy bi­len işe gi­ri­zi­len Balkana­bat Hal­ka­ra ho­wa men­zi­li hem mu­kad­des Garaşsyzlygymy­zyň aja­ýyp peş­geş­le­ri­niň biri­dir. Döw­re­bap howa men­zi­li sa­gat­da 100 ýo­lag­ça hyz­mat et­mek üçin ze­rur bolan äh­li müm­kin­çi­lik­le­ri özün­de jemle­ýär. Ho­wa men­zi­li­niň ýo­lag­çy ter­mi­na­ly 3­ gat­dan yba­rat bo­lup, tut­ýan meý­da­ny 5­müň 203 ine­dör­dül met­re deň­dir. Bina­da ýo­lag­çy­lar üçin ga­ra­şyl­ýan zal­lar, pe­tek sa­tyl­ýan kas­sa­lar, luk­man­çy­lyk, güm­rük hem-de mig­ra­si­ýa ha­sa­ba alyş otag­la­ry, in­ter­net ka­fe, sow­gat­lyk dü­kan, gar­ba­nyş­ha­na, teh­ni­ki otag­lar hem-de beý­le­ki amat­lyk­lar döredilip­dir. Türkme­nis­ta­nyň Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler birleşme­si­niň ag­za­sy bo­lan «Gün­dog­dy» hu­su­sy kär­ha­na­sy­nyň gur­lu­şyk­çy­la­ry tara­pyn­dan hal­ka­ra ül­ňü­le­ri­ne la­ýyk bi­na edi­len Hal­ka­ra ho­wa men­zi­li­niň çä­gin­de bar­lag-ge­çi­riş no­kat­la­ry, ýangyn howpsuz­ly­gy,­ ha­las­ ediş­ gul­lu­gy­nyň­ bi­na­sy,­ ýöriteleşdiri­len ulag­lar, ae­rod­rom gul­lukla­ry­nyň, uçar­la­ryň ýerüs­ti hem-de teh­ni­ki gul­lu­gy­nyň bi­na­sy, üs­ti ýa­pyk awtoduralga, ýük ter­mi­na­ly, myh­man­ha­na, bir­nä­çe teh­ni­ki binalar ýer­leş­ýär. Bu ýer­de eme­li uçuş-go­nuş zo­la­gy, öw­rüm ýoly,­ 6 ­ho­wa gä­mi­si,­ 4­ di­ku­çar üçin ni­ýet­le­nen uçar du­ral­ga meý­dan­ça­sy, do­lan­dy­ryş di­ňi bar. Do­lan­dy­ryş di­ňi­niň be­ýik­li­gi 44 metr­den gow­rak, umu­my meý­da­ny 410,92 ine­dördül metr bo­lup, onuň daş­ky gör­nü­şin­de öz­bo­luş­ly be­zeg hem-de inženerçi­lik teh­ni­ki çöz­güt­ler öz be­ýa­ny­ny tap­ýar. Bu döw­re­bap des­ga ýur­du­my­zyň, şol san­da, se­bi­tiň ýurt­la­ry­nyň dün­ýä­niň ykdy­sa­dy hyz­mat­daş­lyk ul­ga­my­na has iş­jeň goşu­lyş­ma­gyn­da türk­men top­ra­gyn­da bar bo­lan ägirt uly müm­kin­çi­lik­le­riň gerimi­ni gi­ňelt­di. Türk­men dip­lo­ma­ti­ýa­sy­nyň tary­hy üs­tün­li­gi hök­mün­de my­na­syp ba­ha eýe bo­lan BMG-niň Deň­ze çy­kal­ga­sy bol­ma­dyk ösüp bar­ýan döw­let­ler bo­ýunça üçün­ji mas­la­ha­ty­nyň «Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da ge­çi­ril­me­gi­niň özem ata Wa­ta­ny­myz­da şu­nuň ýa­ly äh­lumu­my bäh­bit­le­re eýe bo­lan geoyk­dy­sa­dy müm­kin­çi­lik­le­riň jem­le­nen­di­gi bi­len berk baglanyşyk­ly­dyr. Onuň yzy­sü­re «Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zola­gyn­da­ky Kong­resler mer­ke­zin­de ge­çi­ri­len Türk­me­nis­ta­nyň, Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­nyň, Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň ýoka­ry de­re­je­dä­ki du­şuşy­gy ýur­du­myz ta­ra­pyn­dan öňe sü­rül­ýän hem-de gel­je­gi örän uly bo­lan dost­luk­ly, hoş­ni­ýet­li hyzmatdaşlyk gat­na­şyk­la­ry­nyň dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gin­de ýo­ka­ry gy­zyklan­ma eýe­di­gi­ni ýe­ne bir ýo­la tas­syk­la­dy. 

     Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly­nyň ge­çen döwründe Bal­kan top­ragyn­da bo­lup ge­çen şu ta­ry­hy wa­ka­la­ryň özem mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň mi­we­le­ri­dir. El­bet­de, bu ha­ky­ka­ty tassyk­la­ýan şeý­le buý­sanç­ly su­but­na­ma­la­ry ýe­ne-de my­sal ge­ti­rip bo­lar­dy. Ýö­ne esa­sy zat şeý­le dur­muş hakykatynyň mi­ze­mezli­gin­de hem-de onuň tä­ze ta­ry­hy eý­ýam­da röw­şen gelje­gi­mi­ze gö­nük­di­ri­len be­ýik tu­tum­lar ar­ka­ly has-da berkidilýän­digin­de­dir. Mu­nuň özi eziz Di­ýa­ry­my­zyň bag­ty­ýar ra­ýat­la­ry­nyň her bi­ri­niň şan­ly Ga­raş­syz­ly­gy­my­za bo­lan buýsanjy­ny artdyrýar.

 

Guwanç ÇENDIROW, TDP-niň  Balkan welaýat komitetiniň başlygy, Mejlisiň  deputaty.

09.09.2025 Giňişleýin

HALKYMYZYŇ DURMUŞ ÜPJÜNÇILIGINIŇ AÝDYŇ NUSGASY

 

    Mukaddes Garaşsyzlygymyzdan, mizemez döwletliligimizden hem-de hemişelik Bitaraplygymyzdan ruhy güýç alyp, halkymyz röwşen geljege gadam urýar. Garaşsyzlygymyzyň gazanylmagy bilen ýurdumyzyň ähli künjeklerinde uly özgerişler bolup geçdi, täze şäherdir obalar, etraplar döredildi. Şäherlerde we döwrebap obalarda ýaşaýyş jaý toplumlary emele geldi. Häzirki ajaýyp döwürde türkmenistanlylar amatlyklar bilen üpjün edilen ýaşaýyş jaýlarynda Garaşsyz we hemişelik Bitarap ýurdumyza guwanyp ýaşaýarlar. Halkymyza ylmyň soňky gazananlary ornaşdyrylan ylym-bilim, saglygy goraýyş merkezleri hyzmat edýär. 

     Ýur­du­myz­da bat­ly dep­gin­ler bi­len alnyp barylýan düýpli gurluşykda Arkadag şäheri aýratyn tapawutlanýar. 

     Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen Köpetdagyň ajaýyp künjeginde bina edilen, sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäheriniň keşbinde milli binagärligiň iň gowy däpleri häzirki zaman meýilleri bilen sazlaşykly utgaşýar. «Akylly» şäherde halkara ölçeglere laýyk gelýän toplumlaýyn infrastrukturanyň döredilmegi şäher ýaşaýjylary üçin oňaýly ýaşaýyş-durmuş şertlerini üpjün edýär. 

     Şäheriň köçelerinde jemgyýetçilik ulagynyň ekologik taýdan arassa görnüşleri — elekt­ro­bus­lar  hem-de ­elekt­ro­tak­si­ler hereket edýär. Arkadag şäheri adamlaryň ýaşamagy, zähmet çekmekleri, dynç almaklary üçin iň kämil we amatly, döwrüň talaplaryna laýyk gelýän şäherleriň birine öwrüldi. Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň goşmaça okuw binalarynyň ulanmaga berilmegi batly depginde ösýän «akylly» şäherimizi ýokary bilimli hünärmenler bilen üpjün etmekde hem uly ähmiýete eýe bolar. 

Merdan ORAZMEREDOW, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

09.09.2025 Giňişleýin

Ruhubelentlik we ýokary derejedäki taýýarlyk bilen

 

— Ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýete eýe bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň geçirilmegi halkymyzyň taryhy tejribesinden gaýdýan maslahatly, jebislikli ýol-ýörelgeleriň döwrebap derejede dowam etdirilýändiginiň subutnamasydyr. 

     Taryhy mejlisiň öňüsyrasynda ýurdumyzyň sebitlerinde geçirilýän wagyz-nesihat çäreleri hem halkymyzyň syýasy sowatlylygynyň ýokarlanmagyna, döwletimiziň içeri we daşary syýasatynyň ähmiýetiniň giňden wagyz edilmegine gönükdirilýär. Biz welaýatymyzyň dürli künjeklerinde ildeşlerimiz bilen duşuşyp, olaryň tekliplerini diňleýäris. Bu teklipler ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik ösüşini täze belentliklere götermäge gönükdirilen möhüm başlangyçlardyr. Şeýlelikde, halk bilen döwletiň arasynda jebisligiň has-da berkidilmegine mümkinçilik döredilýär.

     Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň her bir mejlisi ýurdumyzy ösdürmäge gönükdirilen täze çözgütleriň kabul edilýän, halkymyzyň bagtyýar geljegini pugtalandyrýan meýdançasydyr. Şoňa görä-de, onuň mejlislerinde halkymyzyň öňe sürýän teklipleriniň diňlenilmegi, ara alnyp maslahatlaşylmagy hem-de jemgyýetimiziň dürli gatlaklarynyň işjeň gatnaşmagy ýurdumyzyň demokratik ösüşiniň beýanydyr.

 

Ogulnur HAÝYDOWA, « Lebap galla önümleri » önümçilik birleşiginiň Saýat etrabynyň «Watan» daýhan birleşigindäki agronomy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty:

04.09.2025 Giňişleýin

MILLI DEMOKRATIÝANYŇ NUSGASY

 

     Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Galky­ny­şy döw­rün­de ýurdu­myz be­ýik ösüş­le­re bes­len­ýär. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň beýik baş­lan­gyç­la­ryny dowam edýän hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz täze ta­ry­hy eý­ýamda ösü­şiň ýo­ly bi­len hal­ky­my­zy öňe alyp barýar. Gah­ry­man Ar­kada­gymy­zyň , Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Serda­ry­my­zyň ta­gal­la­la­ry bi­len pä­him­dar pe­der­le­ri­mi­ziň döwlet gur­mak­da top­lan baý ta­ry­hy tej­ri­be­si­ne da­ýa­nyl­ýar, mil­li demok­ra­tiýanyň ýö­rel­ge­leri ös­dü­ril­ýär. 

     Mä­lim bol­şy ýa­ly, ­şu ýylyň 20­-nji aw­gus­tyn­da türk­men halkynyň ­Mil­li Li­de­ri, Türkmenis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Başly­gy Gur­ban­gu­ly Berdi­mu­ha­me­do­wyň baş­lyk­lyk et­me­gin­de Türkme­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Pre­zi­diu­my­nyň mej­li­si geçi­ril­di. On­da Türkmenis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň mej­li­si­ni hem­-de ýurdumyzyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­nyň 30 ýyl­lyk baýramy­ny ýo­ka­ry de­re­je­de ge­çir­mek bo­ýun­ça me­se­le­le­riň giň top­lu­my­na ga­ral­dy. Şun­dan hem gör­nü­şi ýa­ly, aý­dyň mak­sat­lar bi­len bu ta­ry­hy waka­la­ra taý­ýar­lyk­ly ba­ryl­ýar. Köp asyr­la­ryň do­wa­myn­da hal­ky­myz ag­zy­bir­li­giň, de­mok­ra­ti­ýa­nyň mil­li ýörelge­si­ni ke­ma­la ge­ti­rip­dir hem-­de ge­ňeş­me­giň, mas­la­hat etme­giň äh­mi­ýe­ti­ni ýo­ka­ry de­re­jä ýe­ti­rip­dir. Hä­zir­ki wagt­da bu asyl­ly ýö­rel­ge­ler my­na­syp do­wam edil­ýär, döw­re­bap ös­dü­ril­ýär. Bu asyl­ly ýö­rel­ge­ler, mil­li de­mokra­ti­ýa döw­le­ti­mi­ziň kanunçylyk ul­ga­myn­da hem berk orun tut­ýar. 

     Döw­let­li işiň ba­şy tu­tu­lan­da ulus-­ile ge­ňeş edil­ýär, äh­li­halk ýyg­nak­la­ry ge­çi­ril­ýär. Bu türk­men hal­ky­nyň kö­pa­syr­lyk tejribesi­niň, döw­let­li­lik ýo­lu­nyň ne­ti­je­si­dir. Bu ba­bat­da Türkmenis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty döw­let hem-­de jem­gy­ýet­çi­lik­sy­ýa­sy gur­lu­şy­ny kä­mil­leş­dir­me­giň ýo­lun­da­ky mö­hüm tap­gyr bo­lup dur­ýar. Mu­nuň özi halk de­mok­ra­ti­ýa­sy­ny dabaralandyrmak, ra­ýat jem­gyýe­ti­niň iş­jeň­li­gi­ni ýokarlandyrmak üçin oňaý­ly şert­le­ri dö­red­ýär. 

Perman Saparow, Türkmenistanyň Mejlisiniň durmuş syýasaty baradaky komitetiniň baş hünärmeni.

03.09.2025 Giňişleýin

HALK MASLAHATY: DÖWLETLILIGIŇ, AGZYBIRLIGIŇ NUSGASY

 

     Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan döw­le­ti­miz ösü­şiň be­lent­lik­le­ri­ne ta­rap be­dew ba­dy bi­len ynam­ly öňe bar­ýar. Durmu­şa ge­çi­ril­ýän giň ge­rim­li öz­gert­me­le­riň esa­sy ug­ry hal­kyň bäh­bi­di­ne gö­nük­di­ril­ýär. Halk hä­ki­mi­ýe­ti­niň ýo­ka­ry we­kil­çi­lik­li eda­ra­sy bo­lan Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň mej­lis­le­rin­de hal­ky­my­zyň döw­let gur­lu­şy ba­bat­da kö­pa­syr­lyk ta­ry­hyn­da toplan tej­ri­be­si­ne esas­la­ny­lyp, ata-ba­ba­la­ry­myzdan gel­ýän asylly hem-de mil­li ýö­rel­ge­le­re eýe­ril­ýär. 

 

     Mil­li de­mok­ra­tik ýö­rel­ge­le­re esas­la­nyp, hal­kyň tek­lip­le­ri naza­ra alyn­ýar, halk bähbit­li we döw­let äh­mi­ýet­li me­se­le­le­re garal­ýar. Ýur­du­myz­da her ýyl­da mu­kad­des Ga­raş­syzly­gy­my­zyň öňü­sy­ra­syn­da Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň mej­li­si­ni geçir­mek in­di asyl­ly dä­be öw­rül­di. Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly­my­zyň 20-­nji aw­gus­tyn­da Gah­ry­man Arkadagymy­zyň baş­lyk­lyk et­megin­de Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Pre­zi­diu­my­nyň mej­li­si ge­çi­ril­di. Onuň dowamynda Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň mej­li­si­ni hem-de ýur­du­my­zyň he­mi­şe­lik Bita­rap­ly­gy­nyň 30 ýyl­lyk baý­ra­my­ny ýo­ka­ry de­re­je­de ge­çir­mek bo­ýun­ça me­se­le­le­riň giň top­lu­my ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy. 

     Ýur­du­myz­da ta­ry­hy iş­ler dur­mu­şa ge­çi­rilýär, döw­let­li­lik, kanu­ny­lyk we mil­li de­mok­ratik ka­da­lar­dan ugur al­nyp, döw­let äh­mi­ýet­li iş­ler ama­la aşy­ryl­ýar. Türk­me­nis­ta­nyň Halk Maslahaty­nyň alyp bar­ýan iş­le­ri döw­le­ti­mizi dur­muş­-yk­dy­sa­dy taý­dan ýo­ka­ry de­re­je­de ös­dür­me­giň, ne­ti­je­li do­lan­dyr­ma­gyň, kanunçy­lyk-­hu­kuk üp­jün­çi­li­gi­niň, hä­ki­mi­ýet edara­la­ry­nyň gurama­çy­lyk esas­la­ry­nyň kä­mil gu­ral­la­ry­ny ke­ma­la ge­tir­mä­ge gö­nük­di­ri­len­dir. 

     Hä­zir­ki aja­ýyp döw­rü­miz­de türk­men hal­ky ag­zy­bir­lik­de bagty­ýar dur­muş­da ýa­şa­ýar. Bu gün­ki gün­de her bir il­de­şi­miz mil­li de­mok­rati­ýa­my­za, asyl­ly ýö­rel­ge­le­ri­mi­ze buý­san­ýar. Berka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­kyny­şy döw­rü­ne buýsanýan hal­ky­myz ýur­dumy­zyň ösüş­le­ri­ne my­na­syp go­şant goş­ýar­lar. Bu bol­sa bi­ziň her bi­ri­mi­zi tä­ze üs­tün­lik­le­re ruhlandyr­ýar. 

     Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty mil­li demok­ra­ti­ýa­my­zyň aý­dyň be­ýa­ny­dyr. Çün­ki Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­tyn­da ýur­dumy­zyň be­ýik ösüş­le­ri, öň­de dur­ýan we­zi­pe­ler hem-­de röwşen gel­je­gi­mi­ziň ro­waç­lyk­la­ry mas­la­hat­la­şyl­ýar. Şo­nuň üçin hem onuň ta­ry­hy äh­mi­ýe­ti örän ýo­ka­ry de­re­je­de­dir. 

     Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň: «Türk­me­nis­tanyň Halk Maslaha­ty­nyň ag­za­la­ry, de­pu­tat­lar, sy­ýa­sy we jem­gy­ýet­çi­lik gura­ma­la­ry­nyň iş­jeň ag­za­la­ry, alym­lar, ýo­ka­ry okuw mekdepleri­niň pro­fes­sor-­mu­gal­lym­la­ry, köp­çü­lik­le­ýin ha­bar beriş se­riş­de­le­ri­niň we­kil­le­ri Türk­me­nis­tanyň Halk Maslahatynyň mej­li­si­ne taý­ýar­lyk gö­rül­ýän dö­wür­de we mejlisiň jem­le­ri bo­ýunça Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň alyp bar­ýan iş­le­ri­niň ta­ry­hy, sy­ýa­sy­-jem­gy­ýet­çi­lik äh­mi­ýe­ti barada tä­sir­li wa­gyz-­ne­si­hat çä­re­leri­ni, çy­kyş­la­ry, du­şu­şyk­la­ry giň­den gu­ra­ma­ly» di­ýen söz­le­rin­den ugur alyp, Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň de­pu­tat­la­ry hem wa­gyz-­ne­si­hat iş­le­ri­ni alyp bar­ýar­lar, te­le we ra­dio ýaýlym­la­ryn­da, met­bu­gat sa­hy­pa­la­ryn­da Halk Mas­la­ha­ty­nyň äh­mi­ýe­ti­ni, onuň ka­nun­çy­lyk esas­la­ry­ny halk köp­çü­li­gi­ne dü­şün­dir­mek­de my­na­syp go­şant goş­ýar­lar. 

 

Ýakup ATABAÝEW, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Mejlisiň Halkara we parlamentara aragatnaşyklar baradaky komitetiniň agzasy.

01.09.2025 Giňişleýin

MILLI DEMOKRATIÝA DABARALANÝAR

 

     «Döw­let adam üçin­dir!» di­ýen asyl­ly şy­gar baş ýö­rel­ge edini­lip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da dur­mu­şa geçi­ril­ýän içe­ri we da­şa­ry sy­ýasa­ty­myz hal­kyň bäh­bi­di­ne gönükdi­ri­len­dir. Şunuň bilen baglylykda, her ýyl däp bol­şy ýa­ly, baş baý­ra­my­myz bo­lan mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň şanly toýunyň öňü­sy­ra­syn­da ge­çi­ril­ýän Türk­me­nis­ta­nyň Halk Maslaha­ty­nyň mej­li­si aý­ra­tyn äh­mi­ýet­li se­ne­dir. Se­bä­bi jemgyýe­ti­mi­ziň ösüş­li gel­je­gi­ne gö­nük­di­rilýän Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň mej­li­si ýur­du­my­zyň içe­ri we da­şa­ry syýasaty­na özü­niň oňyn tä­si­ri­ni ýe­tir­mek bi­len bir ha­tar­da, dünýä ýü­zün­dä­ki ab­ra­ýy­my­zyň hem has-da ýo­kar­lan­ma­gy­na şert­le­ri dö­red­ýär. 

 

     Häzirki wagtda ýurdumyzyň depginli ösüşini üpjün etmek üçin «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär. Saglyk, bilim, sport, medeniýet ulgamlaryny ösdürmek, täze iş orunlaryny döretmek, ilatyň gazanç etmegi üçin beýleki şertleri üpjün etmek, köp çagaly maşgalalara we döwlet kömegine mätäçlere hemaýat bermek ýaly zerur işler bökdençsiz alnyp barylýar. Täze gurulýan obalar we şäherler gülläp ösüşiň ajaýyp güwäsi bolup durýar. 

     2023-nji ýylyň 29-njy iýunynda Arkadag şäheriniň birinji tapgyry açylmak bilen, ol geljegiň şäheri bolup, ýurdumyzda adam hakdaky aladanyň esasy orunda durýandygyny, ýaşaýyş üçin iň amatly gurşawyň döredilýändigini dolulygyna subut etdi. Munuň özi halkymyzyň agzybirligini, bitewüligini, jebisligini, asudalygyny, abadançylygyny berkitmegi hem-de Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň ösmegini, onuň has-da kuwwatlanmagyny özüniň baş maksatlarynyň we wezipeleriniň biri hökmünde görýän Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döwlet syýasatynda tutýan ornunyň näderejede belentdigini ýene bir ýola äşgär etdi. 

     Häzirki wagtda dünýä ýüzünde uly abraý-mertebä eýe bolup, hemişelik Bitaraplygy Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen döwletimizde ähli işler halkyň bähbidine gönükdirilýär. Halkyň, jemgyýetiň we ýurdumyzyň ösüşleri üçin uly tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belent tutumlary diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, dünýä siwilizasiýasynda hem möhüm orun eýeleýär. Ol «Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen parasatly şygarlary baýdak edinen merdana halkymyzyň we eziz Watanymyzyň bagtyýar şu gününe hyzmat edýär we ýagty ertirleri nazarlaýandygy bilen, ruhumyza ruh, güýjümize güýç goşýar. 

     Halkymyzyň parahat, asuda, abadan durmuşda bolelin ýaşamagy üçin alada edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin! 

 

Sahyberdi JEPBAROW, Türkmenistanyň Mejlisiniň Kada-kanunçylyk baradaky komitetiniň agzasy.

30.08.2025 Giňişleýin

DÖWLETLILIK ÝÖRELGELERI ROWAÇLANÝAR

 

     «Halkda Hakyň ady bar», «Maslahatly biçilen don gysga bolmaz», «Geňeşli salamat bolar» diýen pähimleri döreden parasatly pederlerimiz her bir işde il-halka geňeşipdir. Pähim-parasatly ata-babalarymyzdan miras galan bu asylly ýörelgeler häzirki wagtda demokratik, hukuk, dünýewi döwletimiziň milli kanunçylygynda berkidilendir. Türkmenistanyň Halk Maslahaty halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasydyr. 

 

     Türkmenistanyň Halk Maslahaty milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň we jemgyýetçiligiň ösüşini sazlaşdyrmak bilen, ählihalk derejesinde bilelikdäki hereketlendiriji güýç hökmünde çykyş edýär. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy, halkymyzy beýgeltmek ugrunda edýän aladalarynyň netijesinde bu gün Halk Maslahaty jemgyýeti dolandyrmagyň iň kämil institutlarynyň birine öwrüldi. Umumymilli forumyň geçirilmegi nesilleriň arasyndaky baglanyşygy has aýdyň ýüze çykarýar. Bu baglanyşyk türkmen halkynyň milli garaýyşlary esasynda döwrebap şertlerde, täzeçe çemeleşmeler arkaly has-da berkeýär.

     Ählihalk forumynyň mejlisiniň geçirilmeginiň baş maksady diňe bir ýylyň dowamyndaky işleriň jemlerini seljermek bilen çäklenmeýär. Onda röwşen geljege sary ynamly gadam urmak üçin döwrüň möhüm meseleleri, zerurlyklary, özgerýän dünýäniň şertleri nazara alnyp, giň jemgyýetçilik wekilleriniň gatnaşmagynda döwletli çözgütler kabul edilýär. 

     Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 20-nji awgustynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde umumymilli forumy hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk baýramyny ýokary derejede guramak boýunça meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini 19-njy sentýabrda çagyrmak we ony Aşgabat şäherindäki Maslahat köşgünde geçirmek bellenildi.

     Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde eden çuňňur manyly çykyşynda Gahryman Arkadagymyz degişli ýolbaşçylara Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görmek bilen bagly işleriň çäginde döwletimizi durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalara laýyklykda, geljek ýylda ýurdumyzyň makroykdysady ýagdaýyny we maliýe, pul-karz ulgamyny durnukly saklamak, ykdysadyýetiň pudaklaryny depginli ösdürmek arkaly ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak babatda durmuşa geçirilmeli çäreleri seljermegi tabşyrdy. Milli Liderimiz maksatlaýyn, pudaklaýyn we sebitleýin maksatnamalardan ugur alyp, şeýle hem döwletimiziň milli ykdysadyýetiniň pudaklarynyň ykdysady, maliýe görkezijilerini içgin seljermek bilen, ykdysadyýetiň pudaklary, maglumat-kommunikasiýa, bilim, saglygy goraýyş, sport ulgamlary, senagat, oba hojalyk we beýleki pudaklar boýunça teklipleri taýýarlamalydygyny nygtady. Munuň özi ykdysadyýetiň ösüşiniň durmuş ugurly syýasatyň üstünlikli amala aşyrylmagynyň hem aýrylmaz şerti bolup durýandygyny aýdyň görkezýär. 

     Milli döwletlilik ýörelgelerimiziň nyşany bolan maslahatyň mejlisine ýokary derejede görülýän taýýarlyga mynasyp goşant goşmak her birimiziň borjumyzdyr. Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde garaljak meseleler, kabul ediljek çözgütler halkymyzy bir maksada gönükdirer. Bu möhüm jemgyýetçilik-syýasy waka Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazylyp, «Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ajaýyp ýörelgelerimize laýyklykda, halka daýanyp, halkyň bähbidine netijeli durmuş-ykdysady syýasatyň üstünlikli amala aşyrylmagyna täzeçe itergi berer. 

 

Begenç GURBANGELDIÝEW, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Ykdysady meseleler baradaky komitetiniň agzasy.

30.08.2025 Giňişleýin

HALKLARYŇ BÄHBIDINI NAZARLAÝAN TAGALLALAR

 

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri ata Watanymyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylýan möhüm we şanly wakalara beslenýär. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyny hem şeýle uly wakalaryň biri hökmünde buýsanç bilen görkezip bileris. 

     On ýyldan bir gezek guralýan halkara forumyň çäklerinde geçirilen dürli çäreler we olaryň dowamynda kabul edilen çözgütler umumadamzat ähmiýeti bilen dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekdi. 6-njy awgustyň «Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň aýratyn zerurlyklary hem-de ösüş ulgamynda olaryň öňünde durýan aýratyn meseleler barada maglumatlary ýaýratmagyň halkara güni» diýlip yglan edilmegi-de munuň aýdyň güwäsidir.

     «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda bu möhüm waka mynasybetli geçirilen ýörite brifingde nygtalyşy ýaly, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň iýul aýynda kabul edilen ýörite Kararnama laýyklykda, bu şanly sene şu ýyldan başlap her ýyl giňden bellenilip geçiler. Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň dowamynda bu senäniň ilkinji gezek bellenilmegi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň raýatlary hökmünde biziň her birimiz üçin örän buýsandyryjydyr.

    Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň aýratyn zerurlyklary hem-de ösüş ulgamynda olaryň öňünde durýan aýratyn meseleler barada maglumatlary ýaýratmagyň halkara gününiň ilkinji gezek biziň ýurdumyzda geçirilmegi, elbetde, taryhy wakadyr. Döwletleriň ýüzbe-ýüz bolýan aýratyn zerurlyklaryna hem-de meselelerine dünýä bileleşiginiň ünsüni çekmäge ýardam berjek bu şanly waka Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde hem möhüm ähmiýetlidir. Halkara senäniň ilkinji gezek biziň ýurdumyzda baýram edilmeginiň özi hemişelik Bitarap Türkmenistanyň dünýä bileleşiginde eýeleýän ornunyň, gazanan abraýynyň barha berkeýändiginiň güwäsidir. Raýdaşlyga we jebislige esaslanýan täze gatnaşyklara badalga berjek bu sene Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesinden gelip çykýan wezipeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde hem aýratyn ähmiýete eýe bolar.

 

Perman SAPAROW, Türkmenistanyň Mejlisiniň Durmuş syýasaty baradaky komitetiniň baş hünärmeni.

 

30.08.2025 Giňişleýin
1 2 3 4 5 6 7 ... 96