Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

Çykyşlar we makalalar

ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ BEÝIK IŞLERI: sahawatyň, adalatyň we ynsanperwerligiň kämil ýörelgesi

 

     Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Ýaşlar-Watanyň daýanjy» atly eserinde: «Çaganyň dünýä inen gününden başlap, döwletimiz ýaş raýatyny alada bilen gurşap alýar. Çaga doglanda berilýän döwlet kömek pullary, çagalary enelerimiziň mähir bilen gurşap almagy, terbiýe bermegi üçin ýola goýlan ýeňillikler ýurdumyzyň ýaşajyk raýatlarynyň sagdyn kemala gelmegi, ösmegi we bagtyýar durmuşda ýaşamagy baradaky aladalaryň miweleridir. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmegi bolsa ýaş nesliň saglygy hakyndaky düýpli aladalaryň ýene-de bir aýdyň 

mysalydyr» diýip, parasatly nygtaýar.

 

     Türkmenistanyň Konstitusiýasynda beýan edilişi ýaly, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda maşgala, enelik, atalyk we çagalyk döwletiň goragynda durýar. Hut şundan ugur alnyp, biziň ýurdumyzda hereket edýän kanunlarda we kanunçylyk namalarynda çaganyň erkin we bagtyýar terbiýe we bilim alyp ulalmaga, döwlet ýeňilliklerinden peýdalanmaga  bolan hukuklary we azatlyklary anyk kadalar bilen beýan edilýär. Bu ugurdaky ynsanperwer işler bolsa yzygiderli ösdürilýär.

     Gahryman Arkadagymyzyň çuň paýhasly başlangyçlary bilen 2021-nji ýylyň 29-njy martynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy bolsa ata-babalarymyzdan dowam edip gelýän sahawatlylyk ýörelgelerini döwrebap, asylly işler bilen baýlaşdyrmagyň kämil nusgasyna  öwrüldi. 

     Bilşimiz ýaly , Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen esaslandyrylan Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy Türkmenistanyň kanunçylygyna, halkara kada-kanunlara we oňyn tejribelere laýyklykda döredilen, degişli guramaçylyk, hukuk aýratynlyklaryna eýe bolan dünýäde şeýle derejeli ilkinji gazna bolup durýar. Bu guramanyň Türkiýe, Ukraina, Owganystan, Russiýa, Täjigistan, Palestina ýaly ýurtlaryň çagalaryna ynsanperwerlik kömeklerini ibermegi, Täjigistanyň Hatlon welaýatynda ýurdumyzyň gurluşykçylarynyň bina eden mekdebiniň okuwçylaryna gaznanyň hasabyna kompýuterleriň sowgat berilmegi ýaly işleri milletimiziň  sahawatlylyk, ynsanperwerlik, parahatçylyk, ynanyşmak, hoşniýetlilik ýaly asylly däplerini halkara jemgyýetçiliginde dabaralandyrýar.

     Hut şonuň üçin hem halkara guramalary Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyna dünýä jemgyýetçiliginiň hoşallygyny we minnetdarlygyny aňladýan sertifikatlary, şahadatnamalary, diplomlary gowşurýar. Birleşen Milletler  Guramasynyň ştab-kwartirasyndan ýurdumyza gowşan hoş habar hem munuň aýdyň beýany boldy. 

     Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 29-njy martynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň 4 ýyllygy mynasybetli «Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň hatyrasyna halkara işiniň ösüşi» atly halkara maslahat üstünlikli geçirildi. Gaznanyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň ýolbaşçylyk etmeginde geçirilen bu forum uly ähmiýete eýe bolup, halkara jemgyýetçilikde-de oňyn seslenme döretdi. Maslahatyň dowamynda seredilen meseleler onuň Jemleýji resminamasynda 

öz beýanyny tapdy. Bu gün bolsa şol Jemleýji resminama Birleşen Milletler Guramasynyň resmi dillerine terjime edilip, Baş Assambleýanyň 79-njy sessiýasynyň gün tertibiniň resminamasy hökmünde ýaýradyldy.

     Nygtalyşy ýaly, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň gün tertibindäki degişli ugurlar «Parahatçylyk medeniýeti», «Durmuş taýdan ösüş», «Parahatçylyk döredijilik we parahatçylygy goramak», «Çagalary goldamak we olaryň hukuklaryny goramak» mowzuklaryna bagyşlanýar. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň mazmunynda-da Ýer ýüzünde parahat asmanyň astynda dost-doganlykda ýaşamak arkaly geljegimiz bolan çagalaryň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek baradaky wezipeler jemlenýär. Bu meseleleriň ýurdumyzyň Bitaraplyk ýörelgeleri esasynda alyp barýan içeri we daşary syýasatyna doly laýyk gelýändigi nazara alnanda, Baş Assambleýa tarapyndan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesini üçünji gezek tassyklaýan «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň kabul edilmeginiň hem örän kanunalaýyk çözgütdigini bellemek gerek. 

     Häzirki wagtda «Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2023-2028-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy» we onda bellenen çäreleriň hem netijeli durmuşa geçirilýändigini nygtamak gerek. Sebäbi bu işler Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 40-njy maddasynda: «Maşgala, enelik, atalyk we çagalyk döwletiň goragynda durýarlar» diýlip bellenen kadalaryň durmuş hakykatynyň beýanydyr. 

     Alym Arkadagymyzyň: «Biz hemaýata mätäç çagalaryň ykbalyna, bagtyýar geljeginiň üpjün edilmegine örän jogapkärli hem-de toplumlaýyn çemeleşýäris. Döwletimiz bu çagalary üns merkezinde saklap, olaryň özlerini uly we agzybir maşgalanyň-türkmen jemgyýetiniň doly derejeli agzasy hökmünde duýmaklary üçin ähli mümkinçilikleri döredýär» diýen buýsançly sözleri bolsa Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen döwlet ideologiýasynyň durmuş hakykatyny dabaralandyrýar. 

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň yhlasly tagallalary bilen has baýlaşýan şeýle sahawatly işleriň ählisiniň Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer taglymatyndan gözbaş alýandygy halkymyzyň buýsanjyny artdyrýar.

Jennet ÖWEKOWA, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

 

 

30.05.2025 Giňişleýin

MILLI YKDYSADYÝETIŇ KUWWATY: Türkmen telekeçileri ösüşiň täze belentliklerini nazarlaýar

 

     Gahryman Arkadagymyzyň binýadyny goýan hem-de hormatly Prezidentimiziň üstünlikli amala aşyrýan ykdysady strategiýasynda ýurdumyzyň aň-paýhas we önümçilik mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak, bäsdeşlige ukyply önümleriň öndürilişini artdyrmak wezipesine möhüm ähmiýet berilýär. Döwrüň iň täze tehnologiýalaryny işjeň peýdalanýan, täzeçil çemeleşmeleri işe ornaşdyrýan telekeçiler milli ykdysadyýetiň gurluşyk, senagat, söwda, oba hojalygy, jemgyýetçilik iýmiti, hyzmatlar we beýleki pudaklarynda uly üstünlikleri gazanýarlar. 

     Türkmen telekeçileri daşary ýurtly önüm öndürijiler bilen mynasyp bäsleşmäge ukyply harytlaryň öndüriliş möçberlerini has-da artdyrýarlar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň ykdysady işjeňliginiň netijeleri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hususy pudagyň galkynmagy üçin berýän goldaw-hemaýatlarynyň, döredýän şert-mümkinçilikleriniň ajaýyp miweleridir. 

     Hususyýetçiligiň üstünlikleri barada pikirleneniňde, ilkinji nobatda, ýurdumyzyň welaýatlarynyň günsaýyn özgerýän döwrebap keşbi, gözel paýtagtymyz Aşgabadyň ak mermere bürenen binalary, seýilgäh zolaklary, ýol-ulag düzümleri, Köpetdagyň eteginde kemala gelen döwlet ähmiýetli Arkadag şäheriniň innowasion mümkinçilikleri, aňyrsyna-bärsine göz ýetmeýän ekin meýdanlarynyň berekedi, maldarçylyk we guşçulyk toplumlary göz öňüňde janlanýar.

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda işewürligi ösdürmek üçin amatly hukuk, ykdysady, maliýe we durmuş mümkinçilikleri döredilýär. Ýeňillikli salgyt ulgamy, pes göterimli hem-de uzak möhletli karzlar we beýleki oňaýly şertler telekeçilere öz mümkinçiliklerini durmuşa geçirmekde uly goltgy berýär. Döwletimiziň goldawyndan ruhlanýan hususyýetçiler Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň gülläp ösmegi hem-de halkymyzyň bolelin durmuşda ýaşamagy ugrunda alnyp barylýan asylly işlere saldamly goşant goşýarlar. Telekeçiligi ösdürmek ugrunda amala aşyrylýan sazlaşykly işler, içerki bazarda ýokary hilli milli haryt nyşanly önümleriň bolçulygynyň üpjün edilmegi, eksport edilýän harytlaryň möçberleriniň artdyrylmagy ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň mundan beýläk-de galkynmagyna hem-de daşary ýurtlar bilen hyzmatdaşlygyň has-da berkemegine giň ýol açýar. 

     Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda açylyp ulanylmaga berlen hem-de gurluşygy dowam edýän binalardyr desgalary sanap geçeniňde hem bu hakykata aýdyň göz ýetirmek bolýar. Hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýunyň uludan tutulýan ýylynda Bäherden etrabynda kuwwatlylygy bir ýylda 3 million 300 müň inedördül metr bolan keramiki-bezeg plitalaryny we 120 müň sany sanfaýans önümini öndürmäge niýetlenen döwrebap kärhananyň, Balkan welaýatynyň Jebel şäherçesinde sagatda 100 ýolagça hyzmat etmäge ukyply Halkara howa menziliniň, Diýarymyzyň sebitlerinde suw arassalaýyş desgalarynyň we ýaşaýyş jaýlarynyň ençemesiniň işe girizilmegi raýatlarymyzyň kalbyny buýsanja besledi. Şu ýylyň dowamynda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Öňaldy, Kaka etrabynyň Gowşut geňeşliklerinde, Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynda täze, döwrebap obalary, Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynda täze şäherçäni, Balkan welaýatynda Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsini, Aşgabat-Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary-Türkmenabat bölegini, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýokary okuw mekdebini we durmuş-ykdysady maksatly beýleki desgalary ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar. Şeýle hem, Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynda dowam edýän giň gerimli gurluşyklary göz öňüne getireniňde, döwletimiziň ykdysady kuwwaty, döredijilik mümkinçilikleri, belent maksatlary äşgär bolýar. 

     Paýtagtymyz Aşgabatda yzygiderli geçirilýän halkara sergiler, maslahatlar hem bu ugurda täze gözýetimlere ýol açýar. 29-njy aprel - 1-nji maý aralygynda geçirilen «Halkara söwda we hyzmatlar» atly sergi-ýarmarka hem-de «Türkmenistanda halkara ülňülere laýyk gelýän hil üpjünçiligi» atly halkara maslahat bu hakykatyň nobatdaky beýanyna öwrüldi. Dünýäniň onlarça döwletinden meşhur kompaniýalaryň, abraýly halkara guramalaryň, maliýe edaralarynyň ýolbaşçylarynydyr bilermenlerini, köp sanly işewürleri paýtagtymyzda jemlän bu forumda türkmen telekeçileriniň hem mynasyp orun alandygyny bellemek ýakymlydyr. Kiçi we orta telekeçiligiň kärhanalaryny goldamak, olara halkara ykdysady giňişlige goşulyşmaga ýardam etmek, Türkmenistanyň eksport mümkinçiliklerini ilerletmek, milli ykdysadyýetiň esasy pudaklaryna maýa goýumlary çekmek maksady bilen guralan sergi-ýarmarkada türkmen işewürleri ähli ugurlarda gazananlaryny görkezip, daşary ýurtly hyzmatdaşlarda uly täsirleri galdyrmagy başardylar. Ýeri gelende bellesek, ýurdumyzda önümçilik we hyzmatlar bilen meşgullanýan hususy kärhanalaryň öndürýän önümleriniň hem-de alyp barýan işleriniň halkara hil standartlaryna laýyk gelýändigini tassyklaýan şahadatnamalara eýe bolýandygy aýratyn buýsandyryjydyr. 

     Häzirki döwürde milli telekeçiligiň öňünde döwlet Baştutanymyzyň durmuş-ykdysady syýasatyny amala aşyrmaga goşant goşmak babatda belent maksatlar, täze wezipeler durýar. Ýurdumyzda azyk howpsuzlygyny pugtalandyrmak, import edilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndürilýän möçberlerini artdyrmak, eksporty giňeltmek babatda alnyp barylýan işler uly üstünliklere beslenýär. 

     Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda baky Bitarap döwletimiziň amala aşyrýan umumadamzat bähbitli işlerinde hem hususy pudagyň wekillerine aýratyn orun degişlidir. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, Türkmenistan parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgesini hem gönüden-göni ykdysady ösüş bilen baglanyşdyrýar. Ösüşiň iň möhüm şertleriniň biri bolan hyzmatdaşlygy ösdürmekde hem telekeçileriň öňünde jogapkärli wezipeler durýar. Şol wezipeleriň ähmiýetine doly we dogry düşünýän işewürlerimiz daşary ýurtly kärdeşleri bilen hyzmatdaşlygy berkitmek, milli ykdysadyýete maýa goýumlary çekmek, bäsdeşlige ukyply önümler bilen dünýä bazarlaryna çykmak, ilat üçin goşmaça iş orunlaryny döretmek babatda netijeli işleri alyp barýarlar. Berkarar Diýarymyzy ykdysady taýdan kuwwatly döwlete öwürýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! 

 

Saparmyrat OWGANOW,

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygy, Mejlisiň deputaty.

 

 

 

29.05.2025 Giňişleýin

Döwletimiziň ygtybarly hukuk binýady

 

     Halkymyzyň asyrlarboýy kalbynda besläp gelen isleg-arzuwlaryny, agzybirlik, ynsanperwerlik, azatlyk, watansöýüjilik düşünjelerini, döwletimiziň daşary syýasatynda alyp barýan bitaraplyk ýörelgelerini özünde jemleýän Konstitusiýamyz berkararlygymyzyň, bagtyýarlygymyzyň nyşanydyr. Ondaky maddalaryň ählisi ynsanperwerlige, hoşmeýilli goňşuçylyk gatnaşyklaryna, dostluk-doganlyga, jebislige, watançylyk duýgusyny, milli buýsanjy artdyrmaga gönükdirilendir. Konstitusiýamyz biziň agzybirligimizi goraýar, berkidýär, bagtyýarlyga we paýhasly ýaşaýşa giň ýol açýar, röwşen ýolumyza nur çaýýar, bagt paýlaýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda döwletimizde jemgyýetçilik gurluşyndaky, döwlet dolandyryşyndaky kämilleşmeler bilen baglylykda, kabul edilen 

wagtyndan bäri Konstitusiýamyza düýpli üýtgetmeler girizilip, Esasy Kanunymyzyň täze rejelen görnüşi kabul edildi.

     Türkmenistanyň Konstitusiýasy häzirki döwre çenli ýurdumyzyň içerki ösüşlerinde-de, daşary syýasatynda-da netijeli hukuk esasy bolup gelýär. Esasy Kanunymyzda şöhlelendirilen döwletliligiň we ösüşiň kesgitlenen ugurlary wagtyň synagyndan üstünlikli geçýän, halkymyzyň milli aýratynlyklaryny göz öňünde tutmak bilen, umumadamzat ösüşiniň öňdebaryjy ýörelgelerini nazarlaýan ynsanperwer maksatlary bilen özüne çekijidir. Taryhy ösüşiň häzirki eýýamynda — Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen döwleti Gahryman Arkadagymyzyň esas goýan aýdyň ýoly bilen, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda geçmişiň hem-de häzirki günüň üznüksiz arabaglanyşygyna esaslanyp, röwşen geljege, dünýäniň ähli ýurtlarynyň hem-de halklarynyň ösüşiniň bähbidine ykbal çözüji başlangyçlaryny ynamly öňe sürýär we durmuşa geçirýär. Häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmäge täzeçil çemeleşýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwlet gurluşynyň iň gowy türkmen we dünýä tejribesini, milli we umumadamzat gymmatlyklarynyň esaslaryny öz içine alyp, demokratik, hukuk hem-de dünýewi döwleti gurmagyň möhüm wezipelerini bir ýere jemleýär. Bu ýetilen taryhy sepgitler, sözüň doly manysynda, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il-ýurt bähbitli we dünýä ähmiýetli alyp barýan işleriniň miweleridir.

     Ýurdumyzyň mundan beýläk hem gülläp ösmegine, halkyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen beýik tutumlar, durmuş-ykdysady özgertmeler kämil kanunçylyk binýadyna esaslanýar. Halkymyzyň abadan ýaşamagyna, şahsyýetiň hemmetaraplaýyn ösmegine, hukuklarynyň we azatlyklarynyň dolulygyna berjaý edilmegine gönükdirilen ýokary üns-alada bu gün öz netijelerini berýär. Iň ýaşajyk çagalardan ýaşuly nesle çenli hemme türkmenistanlynyň erkin, abadan ýaşamagyny üpjün etmek maksady bilen, Konstitusiýamyzyň esasynda kabul edilýän milli kanunçylyk namalarymyz hem yzygiderli kämilleşdirilýär. 

     Milli kanunçylygyň kämilleşmegi, halkymyzyň bähbidinden ugur alýan döwrebap kanunlaryň kabul edilmegi ugrunda taýsyz tagallalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutumly işleri hemişe rowaç bolsun!

Baýrammyrat HAJYMÄMMEDOW, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Mejlisiň 

Durmuş syýasaty baradaky komitetiniň agzasy.

29.05.2025 Giňişleýin

Ynsanperwerlik ýörelgämiz dünýä ýaň salýar

 

     Gadymy döwürlerden bäri halkymyz haýyrly işleri amal etmek, duýgudaşlyk bildirmek, mätäje goldaw bermek, şeýle-de dürli sebäplere görä çylşyrymly durmuş ýagdaýlaryna düşen adama kömek bermek ýaly asylly ýörelgelere eýerip gelipdir. Häzirki döwürde hem halkymyzyň ynsanperwer ýörelgeleri türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän ýurdumyzyň döwlet syýasatynda öz beýanyny tapýar. Gahryman Arkadagymyzyň adyny göterýän Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilip, bu gaznanyň hasabyna sogap işleriň ençemesiniň amala aşyrylandygyny bellemek bolsa has-da buýsançlydyr.

      Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilen gününden başlap, howandarlyga mätäç çagalaryň jemgyýetiň hem-de döwletiň durmuşyna doly derejede gatnaşmaga bolan hukugynyň üpjün edilmegi üçin ähli zerur şertler döredilýär. Munuň özi olara lukmançylyk kömegini bermegi we saglygyny dikeltmegi hem-de derman serişdeleri bilen üpjün etmäge gönükdirilen maddy kömegi hem öz içine alýar.

      Häzirki wagtda bu gaznanyň serişdeleriniň hasabyna ýurt boýunça howandarlyga mätäç çagalaryň hossarlarynyň ýüz tutmagy bilen, ýüzlerçe operasiýalar geçirildi. Gazna diňe bir türkmenistanly çagalara däl, eýsem, zerur bolan halatynda, dünýä ýurtlarynyň çagalaryna hem ýurdumyzyň adyndan hemaýat bermek işlerini alyp barýar. 

     Gahryman Arkadagymyzyň welaýat hassahanalarynda çagalar we olaryň ene-atalary bilen duşuşyp, hal-ýagdaýyny sorap, olara ruhy goldaw bermegi beýik ynsanperwerligiň, adamlar baradaky aladanyň nyşanydyr. Munuň üçin halkymyzyň Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyşlary çäksizdir. 

     Dana halkymyzda «Beren eliň berekedi artar», «Ýagşyny älem arzuwlar» ýaly ajaýyp atalar sözleri bar. Bu günki gün olary Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň mümkinçilikleriniň, alyp barýan netijeli işleriniň barha artýandygy, onuň ynsanperwer başlangyçlarynyň halkara derejede ykrar edilip, gyzgyn goldaw tapýandygy babatda hem aýtmak bolar. Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 29-njy martynda Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň 4 ýyllygy mynasybetli, gaznanyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň ýolbaşçylyk etmeginde üstünlikli geçirilen «Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň hatyrasyna halkara işiniň ösüşi» atly halkara maslahat ynsanperwer gaznanyň işleridir hoşniýetli başlangyçlaryna dünýä ýurtlarynda gyzyklanmalaryň uludygyny ähli aýdyňlygy bilen açyp görkezdi. 

     Çagalaryň saglygyny goramak, olaryň hemmetaraplaýyn ösüşini üpjün etmek meselesinde Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasy bilen netijeli hyzmatdaşlygyň alnyp barylmagy ýurduň ösüp gelýän ýaş nesilleriniň saglyk ýagdaýlarynyň, okuw mümkinçilikleriniň, ýaşaýyş-durmuşynyň yzygiderli gowulandyrylmagyna oňaýly şertleri döredýär. Ýurdumyzda Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasy bilen bilelikde «Türkmenistanda ýokanç keselleriň öňüni almak we bejermek hem-de eneleriň we çagalaryň saglygyny goramak üçin zerur bolan derman serişdeleri bilen üpjün etmek» atly taslamanyň durmuşa geçirilýändigi bellenilmäge mynasypdyr. Elbetde, biziň ýurdumyzyň bu ugurdaky hyzmatdaşlygynyň gerimi barha giňeýär. Munuň aýdyň mysaly hökmünde ýaňy-ýakynda Ýewropanyň, Orta Gündogaryň, Aziýanyň ynsanperwer, haýyr-sahawat ugurly gaznalary bilen hem hyzmatdaşlygyň ýola goýlandygyny görkezmek bolar. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Monako Knýazlygyna, Özbegistan Respublikasyna bolan iş saparlary hem çagalaryň bähbidine halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyryp, Gahryman Arkadagymyzyň binýadyny goýan ynsanperwer ýol-ýörelgesiniň has-da ilerledilýändigini aýdyňlygy bilen äşgär edýär. 

     Ynsanperwerlik, haýyr-sahawat işini amala aşyrmak we hukuk taýdan düzgünleşdirmek, ýaş nesilleriň çagalaryň, şeýle-de howandarlyga mätäç çagalaryň hukuklaryny, azatlyklaryny, durmuş goraglylygyny üpjün etmek maksady bilen, ýurdumyzda birnäçe kanunlar hereket edýär. Olaryň hatarynda Türkmenistanyň Maşgala, Zähmet, Ilaty durmuş taýdan goramak hakyndaky kodekslerini, «Ene süýdi bilen iýmitlendirmegi wagyz etmek we goldamak hakynda», «Bilim hakynda», «Hossarlyk we howandarlyk hakynda», «Çaganyň hukuklarynyň döwlet kepillikleri hakynda», «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda», «Raýatlaryň saglygynyň goralmagy hakynda», «Haýyr-sahawat işi hakynda», «Meýletinçilik hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryny bellemek bolar. Kanunlarda howandarlyga mätäç çagalara, ata-enesiniň howandarlygyndan galan çagalara döwlet tarapyndan birnäçe ýeňillikleriň döredilýändigi baradaky kadalar beýan edilendir.

     Bir söz bilen aýdylanda, ýurdumyzda körpe türkmenistanlylaryň bagtyýar durmuşy, beden we ruhy taýdan sazlaşykly ösmekleri üçin ähli şertler döredilýär. Olaryň bilime, saglygyny berkitmäge bolan hukuklary berjaý edilýär, körpeleriň ruhy, aň-paýhas hem-de döredijilik babatynda ukyp-başarnyklaryny doly açmaklary üçin şertler üpjün edilýär. 

     Goý, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolup, il-ýurt bähbitli tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin! 

 

Meňli DIWANOWA,

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, 

Mejlisiň Adam hukuklaryny we 

azatlyklaryny goramak baradaky

komitetiniň agzasy.

29.05.2025 Giňişleýin

Saglygym — baş baýlygym

 

     Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan öňdengörüjilikli we adalatly syýasaty netijesinde döwletimizi ähli taraplaýyn ösdürmekde, halkymyzyň hal-ýagdaýyny, durmuş-ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmakda, ata Watanymyzy ykdysady, syýasy, medeni we beýleki ugurlar boýunça ösdürmekde deňi-taýy bolmadyk ägirt uly sepgitlere ýetilýär. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzda milli saglygy goraýyş ulgamynyň gazanýan üstünlikleri bellenilmäge mynasypdyr. 

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň hem-de düýpli özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen, saglygy goraýyş we derman senagaty pudagy dünýä ölçeglerine laýyk getirildi, halkymyza kämil bejeriş-öňüni alyş kömeginiň berilmegi ýola goýuldy. Saglyk maksatly döwrebap desgalaryň gurulmagy, köpçülikleýin bedenterbiýäniň we sportuň ösdürilmegi, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň jemgyýetimize ornaşdyrylmagy, tebigy mümkinçiliklerimize daýanýan şypahanalar toplumynyň gurulmagy ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlaryny kepillendirýän milli saglygy goraýyş ulgamyny döretmek babatynda alnyp barylýan işleriň netijesidir. 

     Häzirki wagtda ata Watanymyzda sagdyn jemgyýeti gurmak, sagdyn durmuş ýörelgelerini kemala getirmek barada gije-gündiz alada edilýär. Ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamynyň özgerdilmegi, kämilleşdirilmegi Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!», hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş ýörelgeleriniň giňden durmuşa ornaşdyrylýandygyny aýdyň görkezýär. 

 

Wezirgeldi Aşyrow,

welaýat arassaçylyk we keselleriň 

ýaýramagyna garşy göreşmek 

gullugynyň başlygynyň orunbasary, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

29.05.2025 Giňişleýin

ÇAGA — ÖMRÜŇ DOWAMY

 

     Taryhyň irki döwürlerinde parasatly pederlerimiz sagdyn bedenli, arassa ahlakly, edep-ekramly, kesp-hünärli nesilleri terbiýelemekde kämil ýörelgeleri, öwüt-ündewleri, maşgala gymmatlyklaryny döredipdirler. Asyrlaryň dowamynda nesilden-nesle geçirilip gelnen bu gymmatly miras Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli terbiýäniň binýady bolup hyzmat edýär.

 

     Halkymyzyň arasynda ata-babalarymyzyň «Çaga-ömrüň dowamy», «Çaga-gol-ganatyň», «Çagany-ýaşdan, edebi-başdan», «Aklyň bahasy bolmaz, terbiýäniň-çägi» ýaly parasatly ýörelgelerinden ugur alyp, beden we ruhy taýdan sagdyn nesilleri — ajaýyp gylyk-häsiýetli, ak ýürekli, belent ahlakly, giň dünýägaraýyşly ýaşlary terbiýelemäge uly üns berilýär.

     Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygy bilen güneşli Diýarymyzda çagalar hakyndaky alada durmuş ugurly döwlet syýasatynyň örän möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyzda ýaş nesliň sazlaşykly ösmegi, mynasyp derejede terbiýelenilmegi hem-de ýokary hilli bilim almagy üçin toplumlaýyn çäreler durmuşa geçirilýär. Körpe nesliň sagdyn, beden taýdan berk we ruhy dünýäsi baý adamlar bolup ýetişmegi, başarnyklaryny hem-de zehinlerini doly derejede açyp bilmegi, döredijilik we sungat, bedenterbiýe hem-de sport bilen yzygiderli meşgullanmagy üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Soňky ýyllaryň dowamynda çagalygyň we eneligiň durmuş taýdan goraglylygyna, ýaşlar syýasatynyň durmuşa geçirilmegine, çagalaryň hem-de ýetginjekleriň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagyna gönükdirilen kanunçylyk namalarynyň hem birnäçesi işlenilip taýýarlanyldy we kabul edildi. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan enäniň we çagalaryň saglygyny goramak, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini mundan beýläk-de pugtalandyrmak boýunça amala aşyrylýan nusgalyk işler dünýä jemgyýetçiliginde hem giň goldawa eýe bolýar. Şunuň bilen baglylykda Garaşsyz döwletimiz bu ugurda binýatlaýyn halkara 

hukuk resminamalarynyň birnäçesiniň, şol sanda Çagalaryň ýaşaýşyny, goraglylygyny we ösüşini üpjün etmek boýunça Bütindünýä Jarnamasynyň, Birleşen Milletler Guramasynyň Çaganyň hukuklary hakyndaky Konwensiýasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýar. 

     Mundan başga-da, sagdyn durmuş kadalarynyň wagyz edilmegine gönükdirilen bilelikdäki taslamalar amala aşyrylýar, okuw maslahatlary, duşuşyklar geçirilýär. Bularyň ählisi Garaşsyz döwletimiziň Birleşen Milletler Guramasynyň Müňýyllygyň Durnukly ösüş boýunça maksatlaryna ýetmäge we ählumumy abadançylygyň gazanylmagyna gönükdirilen wezipeleri çözmäge örän jogapkärli çemeleşýändigini görkezýär.

 

Zuleýha JORAÝEWA,

Çärjew etrap hassahanasynyň baş 

şepagat uýasy, Türkmenistanyň 

Mejlisiniň deputaty.

 

29.05.2025 Giňişleýin

TOPLUMLAÝYN MAKSATNAMALAR — BEÝIK ÖSÜŞLERIŇ GÖZBAŞY

 

     Milli ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda gazanylýan üstünlikleriň senagat, gurluşyk, ulag-aragatnaşyk  pudaklarynda, söwda ulgamynda, oba hojalygynda, hyzmatlar ulgamynda ýerine ýetirilýän işleriň  netijesidir. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we hormatly Prezidentimiziň üstünlikli dowam edýän özgertmeleriniň çäginiň giňligini, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň ýokarlanýandygyny, täze önümçilikler we innowasion tehnologiýalar arkaly önümleriň öndürilişiniň ýylsaýyn artýandygyny bellemek gerek.

                                                                                               

     Diýarymyzda halkymyzyň ýaşaýyş­durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak ilkinji derejeli we uly ähmiýetli wezipe hasaplanylýar. Şoňa görä hem geljekki ösüşlerimizi kesgitleýän «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022-2052­nji ýyllarda durmuş­ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022-2028­nji ýyllarda durmuş­ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» maýa goýum işjeňligine uly ähmiýet berilýär.

     Ýurdumyzy durmuş­ykdysady taýdan ösdürmegiň uzak möhletli maksatnamalarynda bellenen wezipeleri ýerine ýetirmekde «Türkmenistany 2025­nji ýylda durmuş­ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasy» hem möhüm ähmiýete eýedir. Bu maksatnama laýyklykda, şu ýylyň dowamynda umumy meýdany 500 müň inedördül metre golaý ýaşaýyş jaýlaryny, 4 müň 620 orunlyk umumy bilim edaralaryny, 2 müň orunlyk mekdebe çenli çagalar edaralaryny gurup, ulanmaga bermek meýilleşdirilýär. Şonuň bilen birlikde­de, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Öňaldy, Kaka etrabynyň Gowşut geňeşliklerinde, Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynda täze, döwrebap obalar, Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynda täze şäherçe, Balkan welaýatynda Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsi açylyp, ulanmaga berler. Şeýle­de Aşgabat- Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary- Türkmenabat böleginiň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýokary okuw mekdebiniň açylyp, ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýar. Maksatnamanyň çäklerinde ilatyň ýaşaýyş­durmuş şertlerini has­da ýokarlandyrmak maksady bilen, awtomobil ýollarynyň, aragatnaşyk, suw, gaz, elektrik üpjünçilik ulgamlarynyň, suw we 

lagym arassalaýjy desgalaryň gurluşygyna ep­esli serişde goýbermek göz öňünde tutulýar. 2025­nji ýylda jemi içerki önümiň ösüş depginini 6,3 göterimde saklamak, milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny, ýurdumyzyň sebitlerini durnukly ösdürmek, önümçilik kärhanalarynyň doly güýjünde işledilmegini gazanmak, täze kärhanalary gurmagyň hasabyna 3 müňden gowrak täze iş ornuny döretmek, daşary söwda dolanyşygynyň möçberini 20 milliard amerikan dollaryna ýetirmek kesgitlendi. Kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek bilen, jemi içerki önümiň düzüminde hususy pudagyň paýyny 71,6 göterime ýetirmek maksat edinilýär. Ýaňy­ýakynda hormatly  Prezidentimiziň gatnaşmagynda Balkanabat Halkara howa menziliniň açylyp, ulanmaga berilmegi bolsa, ýurdumyzda maksatnamalaýyn işleriň amala aşyrylýandygynyň subutnamasydyr.

     Ýurdumyzyň ykdysady pudaklarynda maýa goýum syýasatyny durmuşa geçirmekde degişli işleriň amala aşyrylmagy üçin zerur şertler döredilip, ýeterlik möçberde maliýe serişdeleri bölünip berilýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň gaýtadan işleýän önümçilik senagatyny ösdürmek bilen senagatda öndürilýän hem­de eksporta gönükdirilýän önümleriň möçberleri artdyrylar, olaryň görnüşleri giňeldiler. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022-2028­nji  ýyllarda durmuş­ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda», şeýle hem «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş­durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028­nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynda» göz öňünde tutulan toplumlaýyn işleriň üstünlikli amala aşyrylmagy bilen berkarar döwletimizde bagtyýar halkymyzyň ýaşaýyş­durmuş derejesini mundan beýläk hem ýokarlandyrmak esasy maksat bolup durýar. Durmuşa geçirilýän oýlanyşykly we netijeli işler ýurdumyzda «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer şygaryň dabaralanýandygynyň aýdyň nyşanydyr.

 

Allaýar OMAROW,

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Mejlisiň Daşky 

gurşawy goramak, tebigatdan peýdalanmak we 

agrosenagat toplumy baradaky komitetiniň agzasy.

28.05.2025 Giňişleýin

DOSTLUK WE HOŞNIÝETLILIK ÝÖRELGELERINDEN UGUR ALYP

 

     Ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasat strategiýasy Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda has-da möhüm ähmiýete eýe bolýar. Türkmenistan hyzmatdaşlygyň ähli ugurlaryny, şol sanda parlamentara gatnaşyklary ösdürmekde giň gerimli işleri durmuşa geçirýär. Munuň özi Hytaý Halk Respublikasy bilen alnyp barylýan hoşniýetli hyzmatdaşlygyň mysalynda hem aýdyň ýüze çykýar. Türkmen - hytaý gatnaşyklary öz köküni gadymyýetden alyp gaýtmak bilen, häzirki wagtda täze many-mazmunda baýlaşdyrylýar. Golaýda Mejlisiň deputatlarynyň wekiliýetiniň Hytaý Halk Respublikasyna amala aşyran iş sapary hem iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirildi. Bu barada Türkmenistanyň wekiliýetiniň düzüminde bolan deputatlar şeýle gürrüň berýärler.

 

Ýusupguly EŞŞÄÝEW,

Türkmenistanyň Mejlisiniň Adam

hukuklaryny we azatlyklaryny goramak baradaky komitetiniň

başlygy:

 

— Türkmenistanyň Mejlisi  Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döredýän mümkinçilikleri, berýän hemaýat-goldawlary netijesinde, Birleşen Milletler Guramasynyň düzüm birlikleri, beýleki abraýly halkara guramalar, daşary döwletleriň parlamentleri bilen işjeň hyzmatdaşlygy alyp barýar. Mejlisiň Başlygynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Hytaý Halk Respublikasyna amala aşyran iş sapary hem kanun çykaryjylyk we parlament işinde tejribe alyşmak, türkmen-hytaý gatnaşyklaryny berkitmäge gönükdirilen wezipeleri ara alyp maslahatlaşmak babatda möhüm ähmiýete eýe boldy. 

     Saparyň dowamynda ýurdumyzyň parlamentiniň wekilleriniň Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygynyň orunbasary Han Çžen hem-de Ählihytaý ýygnagynyň Hemişelik komitetiniň ýolbaşçysy Çao Letzi bilen bolan duşuşyklarynda ýurtlarymyzyň arasynda özara bähbitlilige, ynanyşmaga we deňhukuklylyga esaslanýan gatnaşyklaryň ähli ugurlar boýunça ösdürilýändigi aýratyn nygtaldy. Mejlisiň Başlygy Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň, şeýle hem Baş Assambleýanyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilendigini aýtdy. Ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň üçünji gezek ykrar edilmeginiň döwletimiziň parahatçylyk söýüjilikli syýasatynyň dünýäde giň goldawa eýe bolýandygynyň ykrarydygy bellenilip, bu Kararnamalary goldandyklary üçin hytaý tarapyna hoşallyk bildirildi.

      Duşuşyklarda 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli dekabr aýynda Aşgabat şäherinde döwlet Baştutanlarynyň we halkara guramalaryň ýolbaşçylarynyň derejesinde geçiriljek foruma Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň baştutanlygyndaky wekiliýetiň gatnaşjakdygyna ynam bildirildi. Şonuň ýaly-da, iki halkyň bähbidine Hytaýyň «Bir guşak, bir ýol» başlangyjyny we Türkmenistanyň «Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek» strategiýasyny utgaşykly amala aşyrmak ugrunda tagalla edilýändigi nygtaldy. 

     Bellenilişi ýaly, ýurtlarymyzyň arasynda parlamentara gatnaşyklar yzygiderli ösdürilýär, iki döwletiň we halkyň özara dostluk, hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň binýadyny pugtalandyrmagyň özboluşly nusgasy kemala gelýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 2023-nji ýylyň ýanwarynda dostlukly ýurda bolan ilkinji döwlet sapary özara hyzmatdaşlygyň has-da işjeňleşmegine kuwwatly itergi berdi. Şol saparyň çäklerinde Arkadagly Gahryman Serdarymyz BMG-niň, beýleki abraýly halkara we sebit guramalarynyň ugry boýunça ýola goýlan gatnaşyklary dowam etdirmegiň, «Merkezi Aziýa — Hytaý» formatynda parlamentler derejesinde hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçiligini netijeli ulanmak, şeýle hem geljekde «Merkezi Aziýa — Hytaý» parlamentara geňeşini döretmek, «Türkmenistan — Hytaý: zenanlar we ýaşlar» bilelikdäki forumyny geçirmek baradaky teklipleri öňe sürüpdi. Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy esasynda 2023-nji ýylyň 16-18-nji noýabry aralygynda Mary şäherinde «Beýik Ýüpek ýolunyň täze eýýamy» atly Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň ýaşlarynyň forumy üstünlikli geçirildi.

 

Maksat KULYÝEW,

Türkmenistanyň Mejlisiniň Halkara we parlamentara aragatnaşyklar baradaky komitetiniň başlygy:

 

— Türkmen-hytaý gatnaşyklary hakda söz açylanda, 2023-nji ýylyň oktýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Hytaý Halk Respublikasyna amala aşyran iş saparynyň döwletara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine täze badalga berendigini hem bellemek gerek. 2024-nji ýylda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli açylan Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumynda hytaý halkynyň görnükli şahyry Du Funuň hem heýkeliniň oturdylmagy bolsa medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň rowaçlanýandygyndan aýdyň nyşan boldy. Türkmenistanly ýaşlar Hytaýyň abraýly ýokary okuw mekdeplerinde döwrebap bilim alýarlar. Şeýle hem ýurdumyzyň 

ýokary okuw mekdeplerinde hytaý dili öwredilýär. 

     2024-nji ýylyň dowamynda Türkmenistanyň Mejlisinde HHR-iň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komitetiniň başlygynyň orunbasary Hao Minsziniň, şeýle-de Halk syýasy konsultatiw geňeşiniň Ählihytaý komitetiniň başlygynyň orunbasary hanym Şen Ýueýueniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň agzalary bilen duşuşyklar geçirildi. Şu ýylyň 29-njy martynda bolsa Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň dört ýyllygy mynasybetli Arkadag şäherinde geçirilen «Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň hatyrasyna halkara işiniň ösüşi» atly halkara maslahata Hytaýyň Sun Sinlin adyndaky gaznasynyň başlygynyň orunbasary hanym Şen Beili gatnaşdy. Bu maslahatyň çäklerinde haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň hanym Şen Beili bilen geçiren duşuşygynda hemaýata mätäç çagalary goldamak boýunça hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

     Türkmen wekiliýetiniň ýakynda Hytaý Halk Respublikasyna amala aşyran iş sapary ýurtlarymyzyň arasynda ýola goýlan dostlukly we parlamentara gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilýändigini görkezýär. Türkmenistan we Hytaý bütin dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmekde uly işleri durmuşa geçirmek bilen, bu ugurda ählumumy başlangyçlary öňe sürýär. Munuň özi ýurtlarymyzyň ynsanperwer syýasatynyň ugurdaşdygyna şaýatlyk edýär. Iki dostlukly halkyň ykdysady we medeni hyzmatdaşlyk babatda toplan baý tejribesi döwletara gatnaşyklaryň geljekde-de üstünlikli ösdürilmegine badalga berýär. 

     Halkara hyzmatdaşlygy yzygiderli ilerletmekde giň mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza hem-de Gahryman Arkadagymyza uzak ömür, berk jan saglyk, Türkmenistanyň halkara abraýyny artdyrmak ugrunda amala aşyrýan beýik işlerinde üstünlik, mähriban Watanymyzyň gülläp ösmeginiň, halkymyzyň we bütin adamzadyň bagtyýar hem-de abadan durmuşynyň bähbidine ähli başlangyçlarynda mundan beýläk-de rowaçlyk arzuw edýäris.

27.05.2025 Giňişleýin

ÝAŞ NESIL — ÝAGTY GELJEGIMIZ

 

     Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen ýurdumyzda çagalaryň bagtly geljegini, kanun taýdan goraglylygyny üpjün etmäge gönükdirilen parasatly döwlet syýasaty alnyp barylýar. Her ýylyň 1­nji iýunynda güneşli Diýarymyzda Çagalary goramagyň halkara güni uly dabara bilen bellenilýär. Döwletimiz tarapyndan ýaş nesil barada edilýän aladalar ýurdumyzy bagtyýar çagalaryň mekanyna öwürdi. Çagalaryň beden we ruhy taýdan sazlaşykly ösmegi, durmuş üpjünçiligi we hukuk goraglylygy döwletiň hemişe üns merkezinde saklanylýar. 

     Esasy Kanunymyzda adamyň şahsy, syýasy­jemgyýetçilik, durmuş­ykdysady hukuklary beýan edilýär. Her bir adamyň ýaşamaga, erkin ömür sürmäge, saglygyny gorap saklamaga, bilim almaga we zähmet çekmäge bolan hukuklary bardyr. Konstitusiýamyzda maşgalanyň, eneligiň, atalygyň we çagalygyň döwletiň goragynda durýandygy, döwletiň ýaşlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň amala aşyrylmagy üçin şertleri döredýändigi we olaryň hemmetaraplaýyn ösüşine ýardam edýändigi kesgitlenendir. 

     Ýurdumyzda çaganyň hukuklaryny, azatlyklaryny we kanuny bähbitlerini goramak maksady bilen, 2014­nji ýylda «Çaganyň hukuklarynyň döwlet kepillikleri hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Onda 18 ýaşyna ýetmedik adam çaga hökmünde ykrar edilýär. Kanunda çaganyň özbaşdak şahsyýet hökmündäki hukuk ýagdaýy kesgitlenip, onuň doglan pursadyndan başlap, raýatlyga, millete, ada, familiýa we maşgala gatnaşyklaryna bolan hukugy döreýär. Şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň Karary bilen «Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2023 — 2028­nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy» tassyklandy. Ol çagalaryň saglyga, iýmite, howpsuz agyz suwuna we arassaçylyga, bilime, abadan daşky gurşawa, zorlukdan goraglylyga bolan hukuklaryny öz içine alýar. Meýilnamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde möhüm ähmiýete eýedir. 

     Çagalaryň hukuklary babatda Türkmenistan halkara guramalary bilen hem işjeň hyzmatdaşlyk edýär. BMG­niň Çagalar gaznasy — ÝUNISEF bilen 1994­nji ýyldan bäri işjeň hyzmatdaşlyk saklaýar. Häzirki wagtda ÝUNISEF­iň Aşgabatdaky wekilhanasy bilen 2025­nji ýylda ýerine ýetirilmeli işleriň anyk ugurlary kesgitlenip, bu ugurda uly işler alnyp barylýar. 

     Gahryman Arkadagymyz «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly eserinde: «Ähli döwürleriň hem­de döwletleriň iň arzyly maksady bolan haýyr­sahawatlylyk, ýagşylyk etmek däbi döwletimizde mukaddes ýörelgä öwrüldi» diýip belleýär. 2021­nji ýylda döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr­sahawat gaznasynyň alyp barýan ynsanperwer syýasaty halkymyzyň buýsanjyny artdyrdy. Gazna tarapyndan ýurdumyzda ençeme çagalaryň saglygy dikeldilip, olar deň­duşlarynyň hataryna goşuldy. Bu bolsa ýurdumyzda ynsan saglygyny, maşgala bitewüligini goramaga gönükdirilen haýyrly işleriň aýdyň subutnamasydyr.

     Çagalaryň ygtybarly goraglylygy ugrunda bimöçber aladalar edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem­de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwletli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

 

Jeren GYLYÇMYRADOWA, 

Türkmenistanyň Prezidentiniň 

ýanyndaky Döwlet gullugy 

akademiýasynyň diňleýjisi, 

Mejlisiň deputaty.

27.05.2025 Giňişleýin
1 2 3 4 5 6 7 ... 80