Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Ýaşlar-Watanyň daýanjy» atly eserinde: «Çaganyň dünýä inen gününden başlap, döwletimiz ýaş raýatyny alada bilen gurşap alýar. Çaga doglanda berilýän döwlet kömek pullary, çagalary enelerimiziň mähir bilen gurşap almagy, terbiýe bermegi üçin ýola goýlan ýeňillikler ýurdumyzyň ýaşajyk raýatlarynyň sagdyn kemala gelmegi, ösmegi we bagtyýar durmuşda ýaşamagy baradaky aladalaryň miweleridir. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmegi bolsa ýaş nesliň saglygy hakyndaky düýpli aladalaryň ýene-de bir aýdyň
mysalydyr» diýip, parasatly nygtaýar.
Türkmenistanyň Konstitusiýasynda beýan edilişi ýaly, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda maşgala, enelik, atalyk we çagalyk döwletiň goragynda durýar. Hut şundan ugur alnyp, biziň ýurdumyzda hereket edýän kanunlarda we kanunçylyk namalarynda çaganyň erkin we bagtyýar terbiýe we bilim alyp ulalmaga, döwlet ýeňilliklerinden peýdalanmaga bolan hukuklary we azatlyklary anyk kadalar bilen beýan edilýär. Bu ugurdaky ynsanperwer işler bolsa yzygiderli ösdürilýär.
Gahryman Arkadagymyzyň çuň paýhasly başlangyçlary bilen 2021-nji ýylyň 29-njy martynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy bolsa ata-babalarymyzdan dowam edip gelýän sahawatlylyk ýörelgelerini döwrebap, asylly işler bilen baýlaşdyrmagyň kämil nusgasyna öwrüldi.
Bilşimiz ýaly , Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen esaslandyrylan Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy Türkmenistanyň kanunçylygyna, halkara kada-kanunlara we oňyn tejribelere laýyklykda döredilen, degişli guramaçylyk, hukuk aýratynlyklaryna eýe bolan dünýäde şeýle derejeli ilkinji gazna bolup durýar. Bu guramanyň Türkiýe, Ukraina, Owganystan, Russiýa, Täjigistan, Palestina ýaly ýurtlaryň çagalaryna ynsanperwerlik kömeklerini ibermegi, Täjigistanyň Hatlon welaýatynda ýurdumyzyň gurluşykçylarynyň bina eden mekdebiniň okuwçylaryna gaznanyň hasabyna kompýuterleriň sowgat berilmegi ýaly işleri milletimiziň sahawatlylyk, ynsanperwerlik, parahatçylyk, ynanyşmak, hoşniýetlilik ýaly asylly däplerini halkara jemgyýetçiliginde dabaralandyrýar.
Hut şonuň üçin hem halkara guramalary Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyna dünýä jemgyýetçiliginiň hoşallygyny we minnetdarlygyny aňladýan sertifikatlary, şahadatnamalary, diplomlary gowşurýar. Birleşen Milletler Guramasynyň ştab-kwartirasyndan ýurdumyza gowşan hoş habar hem munuň aýdyň beýany boldy.
Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 29-njy martynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň 4 ýyllygy mynasybetli «Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň hatyrasyna halkara işiniň ösüşi» atly halkara maslahat üstünlikli geçirildi. Gaznanyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň ýolbaşçylyk etmeginde geçirilen bu forum uly ähmiýete eýe bolup, halkara jemgyýetçilikde-de oňyn seslenme döretdi. Maslahatyň dowamynda seredilen meseleler onuň Jemleýji resminamasynda
öz beýanyny tapdy. Bu gün bolsa şol Jemleýji resminama Birleşen Milletler Guramasynyň resmi dillerine terjime edilip, Baş Assambleýanyň 79-njy sessiýasynyň gün tertibiniň resminamasy hökmünde ýaýradyldy.
Nygtalyşy ýaly, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň gün tertibindäki degişli ugurlar «Parahatçylyk medeniýeti», «Durmuş taýdan ösüş», «Parahatçylyk döredijilik we parahatçylygy goramak», «Çagalary goldamak we olaryň hukuklaryny goramak» mowzuklaryna bagyşlanýar. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň mazmunynda-da Ýer ýüzünde parahat asmanyň astynda dost-doganlykda ýaşamak arkaly geljegimiz bolan çagalaryň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek baradaky wezipeler jemlenýär. Bu meseleleriň ýurdumyzyň Bitaraplyk ýörelgeleri esasynda alyp barýan içeri we daşary syýasatyna doly laýyk gelýändigi nazara alnanda, Baş Assambleýa tarapyndan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesini üçünji gezek tassyklaýan «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň kabul edilmeginiň hem örän kanunalaýyk çözgütdigini bellemek gerek.
Häzirki wagtda «Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2023-2028-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy» we onda bellenen çäreleriň hem netijeli durmuşa geçirilýändigini nygtamak gerek. Sebäbi bu işler Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 40-njy maddasynda: «Maşgala, enelik, atalyk we çagalyk döwletiň goragynda durýarlar» diýlip bellenen kadalaryň durmuş hakykatynyň beýanydyr.
Alym Arkadagymyzyň: «Biz hemaýata mätäç çagalaryň ykbalyna, bagtyýar geljeginiň üpjün edilmegine örän jogapkärli hem-de toplumlaýyn çemeleşýäris. Döwletimiz bu çagalary üns merkezinde saklap, olaryň özlerini uly we agzybir maşgalanyň-türkmen jemgyýetiniň doly derejeli agzasy hökmünde duýmaklary üçin ähli mümkinçilikleri döredýär» diýen buýsançly sözleri bolsa Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen döwlet ideologiýasynyň durmuş hakykatyny dabaralandyrýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň yhlasly tagallalary bilen has baýlaşýan şeýle sahawatly işleriň ählisiniň Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer taglymatyndan gözbaş alýandygy halkymyzyň buýsanjyny artdyrýar.
Jennet ÖWEKOWA,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.