​Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский

Выступления и Статьи

Ýaşlar — ýurduň geljegi

 

     Dünýäde parahatçylyk söýüji, abadan ýurt hökmünde giňden tanalýan ýurdumyzda ýaşlar barada uly tagallalar edilip, olaryň ýaşaýyş­-durmuşyny gowulandyrmak, ylymly-­bilimli, ösen dünýägaraýyşly, kämil hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Ýaşlaryň okamagy, döretmegi, döredijilik gözleglerini, ylmy barlaglaryny alyp barmaklary üçin ähli şertleriň döredilmegi netijesinde, olaryň ukyp-­başarnyklary ýüze çykarylýar. Şonuň bilen bir hatarda ýurdumyzda ýaşlaryň hukuklary hem ygtybarly goralýar. Türkmenistanyň Konstitusiýasynda: «Döwlet ýaşlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň amala aşyrylmagy üçin şertleri döredýär we olaryň hemmetaraplaýyn ösüşine ýardam edýär» diýlip bellenilýär. Şu nukdaýnazardan hem ýaşlar meseleleri boýunça ýurdumyzyň kanunçylyk binýady barha berkidilýär we täze mazmunda kämilleşdirilýär. Munuň özi geljekde ýaşlar baradaky alnyp barylýan döwlet syýasatynyň üstünliklere beslenmegini şertlendirip, bagtyýar nesilleriň abadan ýaşaýşyny kepillendirýär. Ýaşlaryň hukuklaryny goramakda kanunçylyk ulgamyny ösdürmek we kämilleşdirmek meselesinde Türkmenistanyň amala aşyrýan anyk ädimleriniň biri hem «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunydyr. Onda ýaşlaryň bilim almagy, hünär öwrenmegi, zähmet ýoly, iş bilen üpjünçiligi, olaryň durmuş taýdan goraglylygy we ýaş maşgalalary goldamak ýaly derwaýys meseleler, döwlet syýasatynyň ýaşlaryň durmuşyndaky orny barada anyk beýan edilýär. Kanunyň «Ýaşlaryň döwlet goldawy» diýlip atlandyrylýan VI babynda ýaşlary goldamagyň esasy ugurlary kesgitlenilýär. Onda bilim, medeniýet we sungat çygyrlarynda zehinli ýaşlary goldamak hem-­de ýaş maşgalalary, ýaşlar telekeçiligini, alym, ýaş hünärmenleri we kyn durmuş ýagdaýyna düşen ýaşlary goldamak, ýaşlaryň ykdysady özbaşdaklygynyň üpjün edilmegine we olaryň zähmet hukuklarynyň we borçlarynyň durmuşa geçirilmegine ýardam etmek, olaryň saglygyny goramak, howply keselleriň öňüni almak, bedenterbiýe we sport, sagdyn durmuş ýörelgelerini kemala getirmek babatda ýaşlara ýardam bermegiň ýollary barada beýan edilýär. Şeýle­-de bu bapda ýaşlaryň, ýaşlar birleşikleriniň jemgyýetçilik taýdan ähmiýetli başlangyçlaryny, işini goldamak, halkara ýaşlar hyzmatdaşlygyny, hossarlyk ýa­-da howandarlyk bellenilen, şeýle hem ýetim galan çagalary goldamak barada hem bellenilýär. 

     Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitaby ösüp gelýän ýaş nesilleri terbiýelemekde, olary watançy ýaşlar edip ýetişdirmekde örän ähmiýetlidir. Hormatly Prezidentimiziň ýiti zehininden dörän bu ajaýyp kitaby biziň her birimizi buýsandyrýar. Il­-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli beýik işleriň durmuşa geçirilýän ýurduna öwrülen eziz Diýarymyzda ýaşamaga, okamaga, hünär edinip, halal zähmet çekmäge eýe bolan ýaşlarymyzyň döredijilik güýjüni, yhlasyny aýdyň açyp görkezýän bu kitap halkymyzyň ýan kitabyna öwrüldi. Arkadagly Gahryman Serdarymyz bu ajaýyp kitabynda bilim-­terbiýäniň ähmiýeti barada şeýle belleýär: «Beýik işler bilime daýanýar, bilim bolsa terbiýe bilen geçmeli gymmatlykdyr». Bu eserde ýurdumyzyň döwlet we jemgyýetçilik ösüşinde, ykdysadyýetimiziň ähli ugurlarynda ýaşlaryň eýeleýän ornunyň, olar hakynda edilýän aladanyň öz beýanyny tapmagy ýaşlaryň oňa bolan gyzyklanmasyny has-­da artdyrýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bu kitaby dürli ýaşdaky we kärdäki adamlar üçin gymmatly gollanma, ýol-ýörelge bolup hyzmat edip, ildeşlerimizi täze­-täze üstünliklere ruhlandyrýar. 

     Ýaşlary ähli taraplaýyn goldap, olara Watanymyzyň geljegini ynanýan, halkymyzyň abadançylygy, ýurdumyzyň parahatçylygy ugrunda dünýä ähmiýetli, umumadamzat bähbitli asylly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun! 

 

Aman­my­rat­ MA­ŞA­LA­ÝEW, Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölüminiň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty

BAGTYÝARLYGYŇ MIZEMEZ BINÝADY

 

     Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň halkara derejedäki abraýy barha artýar. Munuň esasynda bolsa Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan içeri we daşary syýasaty, ynsanperwerlige, parahatçylyga, birek-birege ynanyşmaga bolan hoşniýetli gatnaşyklary durýar. Ýurdumyzyň Esasy Kanuny döwlet gurluşynyň milli we dünýä tejribesini, umumadamzat gymmatlyklarynyň ýörelgelerini we esaslaryny özünde jemleýär. Ýurtda wajyp wezipeleri çözmekde, demokratik ýörelgeleri amala aşyrmakda, döwletimiziň hukuk güýji bolan Türkmenistanyň Konstitusiýasy esasy orny eýeleýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwrüň talaplaryny hem-de halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryny hasaba almak bilen yzygiderli kämilleşdirilýär we döwlet syýasatynyň maksatlaryny, wezipelerini, ýörelgelerini, esasy ugurlaryny kesgitleýär. 

     Bütin dünýäde ykrar edilen hukuk kadalaryna laýyklykda, islendik döwletiň konstitusion gurluşy onuň Esasy Kanunynda -Konstitusiýasynda kesgitlenýär. Dünýäniň islendik döwletinde bolşy ýaly, halkymyzyň asyrlaryň dowamynda toplan milli döwletlilik ýörelgeleri bilen döwlet gurmak babatda öňdebaryjy dünýä tejribesi utgaşdyrylyp döredilen Türkmenistan döwletimiziň Konstitusiýasynyň hem özboluşly aýratynlyklary bar. Demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiziň Konstitusiýasy milli gymmatlyklarymyzy we bähbitlerimizi gorap saklamagy, Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny, Birleşen Milletler Guramasynyň agzalary tarapyndan ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny pugtalandyrmagy kepillendirýär. Esasy Kanunymyzda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy bolan adam hakyndaky alada halk bähbitli tutumly işlerde özüniň beýanyny tapýar. Konstitusiýany üýtgetmegiň we oňa goşmaçalar girizmegiň çylşyrymlaşdyrylan tertibi Konstitusiýanyň durnuklylygyny, onuň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalardan hökmürowanlygyny üpjün etmegi maksat edinýär. Bu bolsa onuň kadalaryna ýokary hukuk güýjüniň berilýändigini aňladýar. 

     Türkmenistanyň Konstitusiýasy ýurdumyzda Esasy Kanun bolup durýar. Hut şonuň üçin hem Esasy Kanunymyz ýokary hukuk güýjüne eýedir. Türkmenistanyň Konstitusiýasynda her bir adamyň durmuş taýdan goraglylygy kepillendirilýär. 

     Häzirki wagtda milli parlamentimiziň işini has-da döwrebap derejelere çykarmakda, täze kanunlary işläp taýýarlamakda, öňden bar bolan kanunlara üýtgetmeler we goşmaçalar girizmekde giň gerimli işler alnyp barylýar. Halkymyzy baky bagtyýarlygyň saýasynda ýaşadýan Milli Liderimiziň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleri rowaçlyklara beslensin! 

 

Ýeňiş MOLLABERDIÝEW, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty

KÄMIL KANUNLAR — ÖSÜŞIŇ GÖZBAŞY

 

     Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda täze taryhy döwrümizde amala aşyrylýan özgertmeler döwletimiziň ähli pudaklary babatda ösüşini pugtalandyrýar hem-de halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün edýär. Bu ýurdumyzyň kanunçylyk ulgamyny kämilleşdirmek bilen hem gös-göni bagly bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň öňde goýýan wezipelerinden we berýän tabşyryklaryndan ugur alnyp, Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň dokuzynjy maslahatynda birnäçe kanunlaryň taslamalary ara alnyp maslahatlaşyldy we kabul edildi. Şolaryň hatarynda «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny hembar. 

     Kanun VI bapdan we 34 maddadan ybarat bolup, ol ýurdumyzyň saýlawlarda we sala salşyklarda ses bermäge hukugy bolan raýatlarynyň bitewi döwlet sanawyny döretmegiň hem ýöretmegiň hukuk, guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär. Kanunda göz öňünde tutulan maglumatlary öz içine alýan, maglumatlary saklamak, gaýtadan işlemek we ondan peýdalanmak üçin niýetlenilen, Türkmenistanyň saýlaw hukukly raýatlarynyň döwlet hasabyny üpjün etmek üçin döredilen merkezleşdirilen sanly maglumat ulgamyny döretmek hem-de bu hasabyň dogry we dürs ýöredilmegini, raýatlaryň saýlaw hukugynyň berjaý edilmegini, döwlet sanawynyň maglumatlarynyň ygtybarlylygyny we goraglylygyny üpjün etmek kanunyň esasy maksady bolup durýar.

     Kanunyň esasy wezipeleri bolsa, saýlawçylar baradaky şahsy maglumatlaryň hasaba alynmagyny guramakdan we ony ýöretmekden, Türkmenistanyň Prezidentiniň, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäher, etrap, etrap hukukly şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryny, ählihalk we ýerli sala salşyklary geçirmek üçin saýlawçylaryň sanawyny düzmekden ybarat bolup durýar. 

     Şeýle-de Kanunda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topar — Saýlawçylaryň Döwlet sanawyny dolandyryjy edara; etraplarda, etrap hukukly şäherlerde ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edarasynyň — häkimligiň ýanynda döredilýän ýörite toparlar — Döwlet sanawyny ýörediji edaralar diýlip kesgitlenendir we olaryň ygtyýarlyklary, wezipeleri, şeýle hem Döwlet sanawynyň edaralarynyň çözgütlerine, hereketlerine ýa-da hereketsizligine şikaýat etmegiň, şol sanda kazyýete şikaýat etmegiň tertibi bellenendir. 

     Bu Kanunyň kabul edilmegi «Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» hem-de «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna» laýyklykda, saýlaw ulgamynda maglumat tehnologiýalaryny giňden ulanmak arkaly, saýlaw işlerine sanly ulgamy döwrebap derejede ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrar. Saýlaw işlerinde sanly ulgamyň mümkinçilikleriniň giňden ornaşdyrylmagy ýurdumyzda bu möhüm syýasy çäräniň häzirki zaman şertlerinde we ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün eder. 

 

Gurbangylyç DURDYÝEW, welaýat häkimliginiň işgärler, geňeşlikler we häkimligiň edaralarynyň işini utgaşdyryjy bölüminiň baş hünärmeni, Mejlisiň deputaty.

YSNYŞYKLY GATNAŞYKLARYŇ GERIMI GIŇEÝÄR

 

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda ýurdumyzyň halkara abraýy barha ýokarlanýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan parasatly içeri hem daşary syýasatynyň netijesinde dünýä döwletleri bilen ykdysady hyzmatdaşlyk, dost-doganlyk gatnaşyklary ýola goýulýar. 

     Ýadymyzda bolsa, 2025-nji ýylyň 11-nji aprelinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde «BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyny geçirmegiň tertibine goşmaça maglumat» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi ýurdumyzyň öňe sürýän başlangyçlarynyň dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilýändiginiň we olaryň halkara giňişliginde uly ähmiýete eýediginiň nobatdaky beýanyna öwrüldi. Şunuň bilen baglylykda, üstümizdäki ýylyň awgust aýynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji halkara maslahatynyň geçirilmeginiň meýilleşdirilmegi ýokarda agzanlarymyza doly şaýatlyk edýär. 

     Bu maslahatyň esasy maksady hem deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ykdysady mümkinçiliklerini artdyrmak, ulag we logistika ulgamlaryny, sebitara we halkara söwda gatnaşyklaryny ösdürmekden hem-de şol ýurtlaryň dünýä ykdysadyýetine doly derejede goşulyşmagyna ýardam bermekden ybarat bolup durýar. Şeýle hem maslahatda ulag geçelgeleri, serhetüsti söwda, energiýa üpjünçiligi, azyk howpsuzlygy, sanly ykdysadyýet we howanyň üýtgemegi ýaly, möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşylar. Forumyň çäklerinde syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurly köp sanly çäreleriň guralmagy hem göz öňünde tutulýar. 

    Halkara maslahatynyň Türkmenistan döwletimizde guralýandygy bilen baglylykda, şol döwürde Merkezi Aziýanyň her bir ýurdunyň “Awazada” öz milli gününi geçirip, özboluşly medeniýetini, sungatyny, milli tagamlaryny görkezmegi hem göz öňünde tutulýar. Bu halkara çäre Türkmenistanyň diňe bir sebitara hyzmatdaşlykda däl, eýsem, dünýä derejesindäki möhüm meseleleriň çözgüdinde hem işjeň hyzmatdaşlygyny görkezýär. 

 

Maksat JANMYRADOW. TMÝG-niň welaýat geňeşiniň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

Sagdyn nesil — sagdyn geljek

 

     «Saglyk» Döwlet maksatnamasyndan ugur alnyp, ýurdumyzda jemgyýetiň ýokary gymmatlygy bolan adamyň saglygyny goramaga gönükdirilen işler barha rowaçlanýar, milli saglygy goraýyş ulgamynda uly ösüşler gazanylýar. Diýarymyzyň dürli künjeklerinde gurlup ulanmaga berilýän hem-de tutuşlygyna durky täzelenýän saglyk merkezlerinde ylmyň soňky gazananlaryna daýanýan öňdebaryjy lukmançylyk enjamlarynyň oturdylmagy raýatlara ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlaryny amala aşyrmaga şertleri üpjün edýär. 

     Döwlet ähmiýetli şäher hukuk derejesine eýe bolan Arkadag şäherinde lukmançylyk klasteriniň önümçilik toplumlaryny döretmek konsepsiýasynyň çäklerinde döredilen «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasy hem saglygy goraýyş edaralaryny zerur bolan lukmançylyk serişdeleri bilen üpjün etmekde, ýokary hilli, ekologik taýdan arassa, halkara görkezijilere laýyk gelýän lukmançylyga degişli önümleri sarp edijilere ýetirmekde maksada laýyk işleri alyp barýar. Hususan-da, kärhananyň çagalary iýmitlendirmäge degişli bolan önümleri eneler tarapyndan ýokary isleg bilen kabul edilýär. 

     Sagdyn jemgyýetiň daýanjy bolan berk bedenli we sagdyn ruhly ýaş nesilleriň saglygy, olaryň röwşen geljegi baradaky alada döwlet syýasatymyzda möhüm orun eýeleýär. Türkmenistanda Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen düzümleri, hususan-da, bu abraýly guramanyň Çagalar gaznasy bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berlip, eneligi we çagalygy goramak, ýaş nesliň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşini we maşgalanyň abadançylygyny gazanmak, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek maksatly işlere döwletimiziň jogapkärli çemeleşýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilenine entek kän wagt geçmedik hem bolsa, onuň hasabyna çagalaryň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek boýunça ägirt uly işleriň amala aşyrylmagy buýsanç bilen bellenmäge mynasypdyr.

     Ýurdumyzyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagy, döwrebap lukmançylyk desgalarynyň gurulmagy, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgesiniň giňden wagyz edilmegi döwletimizde ynsan ömrüniň uzalmagynyň, adamyň bagtyýar we ruhubelent ýaşamagynyň şertidir. Güneşli Diýarymyzda ilatyň saglygyny goramakda, sagdyn durmuş ýörelgelerini pugtalandyrmakda, saglygy goraýyş ulgamyny innowasion ýol bilen ösdürmekde, sagdyn jemgyýetiň esasynda bagtyýar ýaşaýşy gazanmakda taýsyz tagallalary edýän lukman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, döwletli tutumlary rowaç bolsun! 

 

Şemşat Mä­miýewa, Balkanabat şäheriniň Gumdag şäherçe hassahanasynyň baş lukmanynyň orunbasary, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

ÖSÜŞLI DÖWRÜŇ TALABY

 

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň  ösüşlere beslenýän  Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda bolup geçýän özgertmeler döwlet durmuşynyň ähli ugurlarynyň täze döwrüň talabyna laýyk kämilleşdirilmegini şertlendirýär. Türkmenistanyň kanunçylyk binýadyny halkara kadalaryna laýyk getirmek we ýurdumyzyň ösüşlerini, ykdysady kuwwatyny kämil kanun esasynda berkitmek Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolmagynda galýar. Hormatly Prezidentimiziň bu babatda öňde goýýan wezipelerinden ugur alnyp, Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň şu ýylyň 28-nji iýunynda geçirilen dokuzynjy maslahatynda dürli ugurlara degişli kanunlary kämilleşdirmek boýunça birnäçe kanun taslamalary ara alnyp maslahatlaşyldy we kabul edildi.

     Maslahatda deputatlar ilki bilen «Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň täze beýanyny tassyklamak we herekete girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuşa geçirýän ynsanperwer syýasatyna laýyklykda amala aşyrylýan haýyr-sahawat işiniň kämil hukuk binýadyny emele getirmek maksady bilen, Raýat kodeksine haýyr-sahawat işi bilen baglanyşykly gatnaşyklary kadalaşdyrýan babyň we başga-da birnäçe üýtgetmeleriň girizilmegi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Kodeksde ulanylýan adalgalara milli kanunçylygymyzyň tejribesine laýyklykda düşünjeler berildi we olaryň mazmuny doly açylyp görkezildi. Şonuň ýaly-da, Kodeksiň bölümleriniň we baplarynyň belgileri, maddalarynyň gurluşy «Hukuk namalary hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda görkezildi hem-de Kodeksiň hereket edýän kadalary Türkmenistanyň Konstitusiýasy hereket edýän kanunlar bilen sazlaşykda döwrebaplaşdyryldy. Şeýle hem maslahatda başga-da birnäçe kanun taslamalaryna garaldy we kabul edildi.

     Türkmenistanda amal edilýän her bir iş döwletimiziň has-da kuwwatlanmagyna, halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagyna gönükdirilendir. Bu işleriň özeninde bolsa, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň mähriban halkymyza, eziz Watanymyza bolan çäksiz söýgüsi durandyr. 

     Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde milli kanunçylygymyzy kämilleşdirmekde giň mümkinçilikleri we şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, dünýä ähmiýetli alyp barýan işleriniň rowaç almagyny arzuw edýäris. 

 

Orazdurdy ABDYÝEW. Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Mejlisiň Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky komitetiniň agzasy.

PARLAMENTARA GATNAŞYKLARDA YNANYŞMAK DIALOGY

 

     Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si BMG-niň dü­züm bir­lik­le­ri, ab­raý­ly hal­ka­ra gu­ra­ma­lar we mil­li par­la­ment­ler bi­len hyz­mat­daş­ly­gy bar­ha gi­ňeld­ýär. Bu hyz­mat­daş­lyk Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­lyn­da has-da işjeň­leş­di hem-de aý­ra­tyn oňyn häsiýe­te eýe bol­dy. Ýa­kyn­da Mej­li­siň we­ki­li­ýe­ti­niň Ýew­ro­pa­da Howpsuzlyk we Hyzmat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy­nyň (ÝHHG) Parlament As­samb­le­ýa­sy­nyň (PA) 32-nji mej­li­si­ne gat­naş­mak üçin Por­tu­ga­li­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Por­tu şä­he­ri­ne iş sa­pa­ry hem par­lamen­ta­ra gat­na­şyk­la­ry pug­ta­lan­dyr­ma­gyň we hal­ka­ra gurama­lar bi­len hyz­mat­daş­lygy gi­ňelt­me­giň çäk­le­rin­de ama­la aşy­ryl­dy. Sa­pa­ryň do­wa­myn­da ýur­du­my­zyň mil­li par­la­men­ti bilen Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gi­niň bi­le­lik­de gu­ra­ma­gyn­da geçirilen «Halka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly: parahatçy­ly­gy, howp­suz­ly­gy, öza­ra yna­nyşma­gy gazan­mak­da dia­lo­gyň we bi­ta­rap­ly­gyň ýö­rel­ge­le­ri» at­ly çä­re şan­ly ýy­lyň halka­ra gi­ňiş­lik­de bar­ha giň ge­rim al­ýan wakala­ry­nyň üs­tü­ni ýe­tir­di.

 

     Sa­pa­ryň barşynda Mejlisiň wekilleri ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Farah Kariminiň sebitiň döwletleriniň parlament wekiliýetleri bilen geçiren duşuşygyna gatnaşdylar. Onuň dowamynda howanyň üýtgemegine garşy göreşmek boýunça alnyp barylýan işler barada pikir alşyldy. Şunda ekologik abadançylygy üpjün etmäge, daşky gurşawy gorap saklamaga, tebigata aýawly çemeleşmäge gönükdirilen tagallalaryň kanunçylyk-hukuk binýadyny pugtalandyrmak, bu ugurda alnyp barylýan döwlet syýasatyny parlament diplomatiýasy arkaly goldamak boýunça toplanan tejribeler beýan edildi. 

     Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasynyň ýyllyk mejlisiniň açylyş dabarasynda ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň, Portugaliýanyň Assambleýasynyň hem-de wekiliýetleriň ýolbaşçylarynyň, Portugaliýa Respublikasynyň Prezidentiniň, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň wideoaragatnaşyk arkaly çykyşlary diňlenildi we häzirki wagtda sebitiň, dünýäniň gün tertibindäki meseleleriň oňyn çözgütleri, olary durmuşa geçirmekde parlamentleriň öňünde durýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. 

     Türkmenistanyň Mejlisiniň we Daşary işler ministrliginiň bilelikde Porto şäheriniň «Alfandego» kongresler merkeziniň binasynda guran «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: parahatçylygy we howpsuzlygy, özara ynanyşmagy gazanmakda dialogyň we bitaraplygyň ýörelgeleri» atly utgaşykly çäresi saparyň esasy wakalarynyň biri boldy. Oňa türkmen wekiliýetiniň agzalary, ÝHHG PA-nyň ýolbaşçysy Pia Kauma, Baş sekretary Roberta Montella, Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Farah Karimi, ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň başlygy, ilçi Jon MakGregor, şeýle hem Finlýandiýanyň, Gazagystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Italiýanyň, Fransiýanyň, Slowakiýanyň, Mongoliýanyň, Ispaniýanyň, Nederlandlaryň, Ukrainanyň, Germaniýanyň parlamentleriniň wekilleri gatnaşdylar hem-de çykyş etdiler. 

     Türkmen tarapy çärä gatnaşyjylary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzyň alyp barýan parahatçylyk söýüjilikli, ynsanperwer, hoşniýetli döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bilen tanyşdyrdy. Şunda Türkmenistanyň umumadamzat bähbitlerini nazarlaýan başlangyçlarynyň we bitaraplyk ýörelgesiniň parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmekde, energiýa serişdeleriniň howpsuz üstaşyr geçelgelerini döretmekde, ulag-aragatnaşyk ulgamlarynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde, daşky gurşawyň goraglylygyny we ekologik abadançylygy üpjün etmekde, halklaryň, döwletleriň medeniýetine, däp-dessurlaryna hormat goýmakda, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmekde hem-de bu işde halk diplomatiýasynyň mümkinçiliklerinden peýdalanmakda eýeleýän möhüm ähmiýetine üns çekildi. Türkmen döwletiniň «Dialog — parahatçylygyň kepili» diýen filosofiýany ilerletmek bilen, daşary syýasat işini beýleki döwletleriň çäk bitewüligine, kanunçylygyna hormat goýmak hem-de deňhukuklylyk, özara peýdalylyk, bähbitleriň sazlaşygyny gazanmak esasynda guraýandygy nygtaldy. Çykyş edenler 2025-nji — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli, utgaşykly geçirilýän çäräniň simwolik mana eýedigini bellediler. Şeýle hem Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynda parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek, adamzadyň parahat durmuşyny üpjün etmek babatda öňe sürýän başlangyçlarynyň häzirki zaman gapma-garşylyklaryny aradan aýyrmakda, dialogyň ähmiýetini ýokarlandyrmakda wajyp orun eýeleýändigi, ýurdumyzyň bu ugurdaky tagallalarynyň dünýä döwletleri üçin nusgalyk bolup durýandygy bellenildi. 

     Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasynyň ýolbaşçysy Pia Kauma öz çykyşynda Türkmenistanyň Mejlisiniň ÝHHG-niň Parlament Assambleýasy bilen bilelikde Aşgabat şäherinde birnäçe çäreleri, hususan-da, 2023-nji ýylda «ÝHHG-niň çäginde howpsuzlygy, durnuklylygy we dialogy berkitmekde bitarap döwletleriň orny» atly Merkezi Aziýa sebit maslahatyny, 2024-nji ýylda «ÝHHG-niň çäginde parlament diplomatiýasy: dialog — abadan we asuda geljek üçin hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň guraly» atly bilelikdäki ýokary derejeli maslahaty geçirendigini belledi. ÝHHG PA-nyň ýyllyk mejlisiniň çäginde geçirilýän şu çäräniň hem agza döwletleriň arasynda parlamentara gatnaşyklaryň ösdürilmegine, dünýäde parahatçylygyň we howpsuzlygyň üpjün edilmegine oňyn täsiriniň boljakdygyna ynam bildirdi. 

     Parlamentara Assambleýanyň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Farah Karimi öz çykyşynda Türkmenistanyň Mejlisiniň we ÝHHG PA-nyň bilelikde geçiren «ÝHHG-niň çäginde parlament diplomatiýasy» atly ikinji Aşgabat maslahatynyň ähmiýetine aýratyn üns çekdi. Bu geçirilýän çäreleriň parlament wekillerini bir ýere jemläp, dialogy ösdürmekde, nesilleriň arasyndaky jebisligi berkitmekde, parahatçylygy pugtalandyrmakda, sebitleýin durnuklylygy üpjün etmekde pikir hem tejribe alyşmagyň möhüm meýdançasyny emele getirýändigini aýtdy. 

     Giň wekilçilikde geçen maslahatda çykyş edenler Türkmenistanyň halkara giňişlikde alyp barýan, parahatçylyk we ynsanperwerlik ýörelgelerine esaslanýan oňyn bitaraplyk syýasatynyň, döwletleriň we halklaryň arasynda deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge gönükdirilen sebit hem-de umumadamzat ähmiýetli başlangyçlarynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giňden goldanylýandygyny bellediler. Çykyşlarda biragyzdan nygtalyşy ýaly, Türkmenistanyň döwletler, abraýly halkara guramalar bilen ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň hem-de durnuklylygyň bähbidine dostluk, birek-birege ynanyşmak, deňhukukly hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmakda toplan gymmatly syýasy tejribesi sebitde we dünýäde abadan gülläp ösüşi üpjün etmäge ýardam berýär. 

     Ýurtlaryň parlament agzalarynyň arasynda özara düşünişmek we ynanyşmak ýagdaýynda ýola goýulýan gatnaşyklaryň ösdürilmegine giň mümkinçilik döredýän, milli parlament diplomatiýasynyň ilerlemegine, hyzmatdaşlygyň berkidilmegine uly şahsy goşant goşýan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt, tutuş adamzat bähbitli işleriniň mundan beýläk-de rowaç bolmagyny arzuw edýäris. 

 

Maksat KULYÝEW, Türkmenistanyň Mejlisiniň Halkara we parlamentara aragatnaşyklar baradaky komitetiniň başlygy.

TEBIGATY GORAMAKDAKY TAGALLALAR

 

     Türk­me­nis­tan baý hem-­de tä­sin ösüm­lik dün­ýä­si we gö­zel tebigaty bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Daş­ky gur­şa­wyň eçi­len aja­ýyp gözel­li­gi­ni go­rap sak­la­mak, yl­my taý­dan öw­ren­mek we gel­jek­ki ne­sil­lere ýe­tir­mek hä­zir­ki döw­rüň ­mö­hüm­ tala­by­ bo­lup­ dur­ýar.­ Mil­li Li­de­ri­mi­ziň hem-­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň­ asyl­ly­ başlan­gyç­la­ry­ esa­syn­da­ yn­sanla­ryň te­bi­gat bi­len saz­la­şyk­da ýaşa­ma­gy­na­ gö­nük­di­ri­len ­uly iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Jemgyýeti­mi­ziň­ eko­lo­gik ­me­de­ni­ýe­ti kä­mil­leş­ýär, ýur­du­myz bagy-bos­san­ly­ga ­bü­ren­ýär. 

     Te­bi­ga­tyň go­rag­ly­ly­gy­nyň üp­jün edil­me­gi ­ug­run­da döwletimi­ziň­ hal­ka­ra de­re­je­dä­ki baş­lan­gyç­la­ry yk­lym­la­ryň we sebit­le­riň ara­syn­da­ky äh­lu­mu­my äh­mi­ýe­te eýe bo­lan­ eko­lo­gi­ýa aba­dan­çy­ly­gy­na­ my­na­syp go­şant­dyr.­ Ýurdumyzyň­ äh­li­ ulgamlary­na in­no­wa­sion hä­si­ýet­li, eko­lo­gi­ýa taý­dan aras­sa tehno­lo­gi­ýa­la­ry, «ýa­şyl yk­dy­sa­dyýe­tiň» ýörelgeleri­ni giň­den ornaş­dyr­mak te­bi­gy se­riş­de­le­ri re­je­li peýdalan­mak­da, energiýanyň ­tä­ze çeş­me­le­ri­ni,­ ne­ti­je­li­ usullaryny öw­ren­mek­de, eko­lo­gi­ýa­ny go­rap sak­la­mak­da ­we­ dikelt­mek­de­ oňyn ­tä­si­ri­ni ýetir­ýär. Ýe­ri ge­len­de bel­le­sek, hormat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baştutan­ly­gyn­da eko­lo­gi­ýa taýdan howp­suz­ yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ we sena­ga­ty ös­dür­mek, te­bi­ga­ta aýaw­ly çe­me­leş­mek, onuň baýlykla­ryn­dan re­je­li peý­da­lan­mak bi­len bag­ly iş­le­nip dü­zü­len uzak möh­letle­ýin ­mak­sat­na­ma­lar, ­taslamalar­ üs­tün­lik­li ama­la aşy­ryl­ýar. Kö­pet­da­gyň aja­ýyp dag ete­gin­de ýer­leş­ýän Ar­ka­dag şä­he­ri­niň san­ly mag­lu­mat ­aragatnaşyk we «ýa­şyl» tehnologiýala­ra esas­lan­ýan mümkinçilik­le­ri mu­nuň aý­dyň­ subutna­ma­sy­dyr. 

     Ar­ka­dag­ şäheriniň ­bi­rin­ji ­tap­gy­ryn­da­ky desgala­ryň­ gur­lu­şy­gyn­da­ ekologik ­taý­dan aras­sa se­riş­de­le­riň ula­nyl­ma­gy bu ýer­de ekologi­ýa ýa­ly mö­hüm ug­ra aý­ra­tyn üns be­ril­ýän­di­gi­ni tassyklaýar. Tä­ze şä­he­re «Ýew­ro­pa­da Howpsuzlyk­ we­ Hyzmatdaşlyk Gu­ra­ma­sy­nyň se­bi­tin­de durnukly, ýa­şyl, howa üçin­ oňaý­ly­ we­ in­no­wa­sion­ çöz­güt­li şäheri­ ösdürmek» taslamasy­na­ go­şu­lan­dygy ba­ra­da­ky güwänama­nyň be­ril­me­gi bu ul­gam­da öň­de goý­lan we­zi­pe­le­riň üs­tün­lik­li çö­zül­ýän­di­gi­ne­ şaýat­lyk­ ed­ýär.­Ýur­du­myzda­ se­bi­tiň­ eko­lo­gik ­ýag­da­ýy­ny ­düýp­li­ gowu­lan­dyr­ma­ga gö­nük­di­ri­len taslama­la­ryň bi­ri­ hem­ Garagumyň­ goý­nun­da­ dö­re­di­len­ «Al­tyn­ asyr»­ Türk­men­ kö­li­ bolup­ dur­ýar.­ Bu tas­la­ma­nyň dur­mu­şa geçiril­me­gi di­ňe bir ýurdu­myz­ üçin ­däl, ­eý­sem, ­tu­tuş­ se­bit ­üçin hem­ uly ­äh­mi­ýe­te eýe­dir.­ Şeý­le-­de­ gid­roteh­ni­ki­ top­lum Garagum­ säh­ra­sy­nyň­ tebigy gur­şa­wy­na, tu­tuş­ly­gy­na se­bi­tiň ekolo­gik ýag­da­ýy­na oňyn täsirini ýe­ti­rip, mö­hüm dur­muş­-ykdysa­dy ­me­se­le­le­ri­ çöz­mä­ge, ­şonuň­ bi­len­ bag­ly­lyk­da,­ suw­ we ýer ­se­riş­dele­ri­ni ­ne­ti­je­li­ ulanma­ga,­ öri­ meý­dan­la­ry­nyň goraglylygy­ny üp­jün et­mä­ge, maldar­çy­ly­gy hem­-de ekerançylygy ös­dür­mä­ge amat­ly şert­le­ri dö­red­ýär.­ 

     Daş­ky gurşaw­da ös­ýän ösüm­lik­le­riň äh­li­si­ jan­ly tebiga­tyň bio­lo­gik şalygy bolmak bi­len, ýa­ba­ny we me­de­ni ösüm­lik top­lum­la­ry­ny eme­le ge­tir­ýär. Te­bi­ga­tyň ha­zy­na­sy­na deňel­ýän ösüm­lik­ler asyrla­ryň do­wa­myn­da hem hal­ky­myz üçin dür­li kesel­le­ri bejermek­de gym­mat­ly se­riş­de bo­lup hyz­mat edip gel­ýär. 

     Ýurdumyz­ BMG­-niň­ te­bi­ga­ty,­ bio­lo­gik köp­dür­li­li­gi, ozon gatlagy­ny ­we­ daş­ky­ gurşa­wy­ go­ra­mak, çöl­leş­mä­ gar­şy­ göreşmek,­ ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi bi­len bag­ly esas goýu­jy­ resminama­la­ry­ny,­ kon­wen­si­ýa­la­ry­ny,­ tes­wir­na­ma­la­ry­ny­ tassykla­mak­ bi­len, ­bü­tin adam­za­dyň eş­ret­li gel­je­gi ug­run­da nusga­lyk iş­le­ri dur­mu­şa ge­çir­ýär. Ho­wa­nyň üýt­ge­megi bi­len bag­la­ny­şyk­ly hä­zir­ki döw­rüň wa­jyp me­se­le­le­ri­ni­ çöz­mek­de­ umu­ma­dam­zat ­ähmi­ýet­li­ iş­le­ri­ dur­mu­şa­ ge­çir­ýän ­Gahryman Arka­da­gy­my­zyň asyl­ly ýol­-ýö­rel­ge­le­rini my­na­syp do­wam etdirýän hor­mat­ly Preziden­ti­mi­ziň oňyn baş­lan­gyç­la­ry hal­ka­ra de­re­je­sin­de­ gyz­gyn ­gol­da­wa­ eýe ­bol­ýar. 

 

Arslan HAÝYDOW, TDP-niň Tagtabazar etrap komitetiniň partiýa guramaçysy, Mejlisiň deputaty

Täze halkara ýokary okuw mekdebi ýurdumyzyň hususy pudagy üçin hünärmenleri taýýarlar

 

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli hususyýetçilik pudagy hil taýdan täze taryhy tapgyra gadam basdy. Telekeçiligi yzygiderli ösdürmek bäsdeşlige ukyply milli ykdysadyýeti kemala getirmegiň möhüm şertleriniň biridir. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça başy başlanan strategiýany yzygiderli durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hemişe Watanymyzyň eksport kuwwatyny artdyrmakda, täze senagat önümçiliklerini döretmekde, azyk bolçulygyny pugtalandyrmakda wajyp orny eýeleýän hususy pudagy ilerletmegiň zerurdygyny nygtaýar.

    «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda», maýa goýum Maksatnamasynda döwlet hususy hyzmatdaşlygynyň işjeňleşdirilmegine, täze innowasion kärhanalaryň açylmagyna, ykdysadyýeti dolandyrmagyň has netijeli usullarynyň ornaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýändigini bellemek gerek. Kiçi we orta telekeçiligiň işewürlik başlangyçlaryna döwlet tarapyndan berilýän ägirt uly goldawlar maýa goýum işjeňliginiň ýokarlanmagyna, döwlet eýeçiligine degişli desgalaryň hususylaşdyrylmagyna, bazar ykdysadyýeti şertlerinde ylmy taýdan esaslandyrylan ykdysady syýasatyň durmuşa geçirilmegine, netijede, içerki bazaryň ýurdumyzda öndürilýän önümler bilen bolelin üpjün edilmegine ýardam berýär. Şunuň bilen baglylykda, «Türkmenistanda öndürildi» milli haryt nyşany bilen öndürilýän ýokary hilli, bäsdeşlige ukyply önümler daşarky bazarlarda hem üstünlikli ýerlenilýär. Ýurdumyzyň işewür toparlarynyň wekilleri — Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary halkara sergilere, maslahatlara, işewürlik forumlaryna işjeň gatnaşyp, Watanymyza mynasyp wekilçilik edýärler. 

     Döwrüň­ ta­lap­la­ry­na­ la­ýyk­lyk­da,­ ylym-bilim ­bin­ýa­dy­ny­ kämilleş­dir­mä­ge ­aý­ra­tyn ­üns be­ril­ýär.­ Şu­nuň­ bi­len baglylykda, 27-nji­ iýunda­ san­ly­ ul­gam­ arka­ly­ ge­çi­ri­len­ Mi­nistr­ler Kabinetiniň­ no­bat­da­ky­ mej­li­sin­de­ hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz­ Serdar­ Berdimuhamedow­ ýoka­ry­ bi­lim­li­ iş­gär­le­ri­ taýýarlamakda,­ gaý­tadan­ taý­ýar­la­mak­da ­we ­ola­ryň­ hü­när­ derejesi­ni­ ýo­kar­lan­dyr­mak­da ­te­le­ke­çi­lik,­ işe­wür­lik pu­da­gy­na­ gol­daw­ ber­mek­ mak­sa­dy­ bi­len,­ Türk­me­nis­ta­nyň­ Se­na­gat­çy­lar­ we­ te­le­ke­çiler­ bir­leş­me­si­niň­ mü­di­ri­ýe­ti­niň­ ka­ra­ry­ny ma­kul­la­dy hem-de­ Hal­ka­ra­ se­na­gat­çy­lar­ we te­le­ke­çi­ler­ uni­wer­si­te­ti­ni­ döretmek­ ha­kynda­ Per­ma­na,­ tä­ze­ dö­re­dil­ýän­ uni­wer­si­te­tiň ýolbaş­çy­la­ry­ny­ bel­le­mek­ bi­len­ bag­ly­ de­giş­li res­mi­na­ma­la­ra­ gol çek­di. 

     Açylmagyna taýýarlyk görülýän Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetine 2025-2026-njy okuw ýylyndan bakalawr maksatnamasy boýunça talyplar okuwa kabul ediler. Şunuň bilen baglylykda, Bilim ministrligine Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Tertipnamasynyň we gurluşynyň kanunçylykda bellenen tertipde taýýarlanylmagyna hem-de tassyklanylmagyna; täze ýokary okuw mekdebiniň bilim bermek we işgärleri hünäre taýýarlamak işini ygtyýarlylandyrmak, bilim işiniň döwlet akkreditasiýasy amallaryny geçmegine; taýýarlygyň ugurlary (hünärler) boýunça okuw meýilnamalarynyň halkara ölçeglere laýyklykda taýýarlanylmagyna ýardam bermek tabşyryldy. Şeýlelikde, Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersiteti ýakyn ýyllarda ýurdumyzyň işewürlik pudagy üçin ýokary hünär derejeli işgärleri taýýarlaýan esasy bilim ojagyna öwrüler. Bu ýerde sapaklary geçmek üçin bellenilen tertipde daşary ýurtly mugallymlar we hünärmenler çagyrylar. 

     Täze halkara ýokary okuw mekdebinde mynasyp bilim alan zehinli, maksada okgunly telekeçileriň täze nesli milli ykdysadyýetiň çalt depginler bilen ösýän hususy pudagynyň mundan beýläk-de kämilleşmegine, ýurdumyzyň durnukly we gülläp ösmegine, halkymyzyň abadan durmuşynyň bähbidine döwrüň belent maksatlaryna ýetmäge möhüm goşant goşar.

 

 Baýram ÖWLÝÄGULYÝEW, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

1 2 3 4 5 6 7 ... 87