Häzirki wagtda tebigat hakynda alada etmek döwrüň möhüm wezipeleriniň biri bolup durýar. Türkmenistan ählumumy abadançylygyň bähbidine ekologiýa meselelerini çözmäge işjeň gatnaşyp, bu babatda köpugurly tagallalary durmuşa geçirýär. Şunda ýurdumyzyň howanyň üýtgemeginiň ýaramaz täsirlerini azaltmak boýunça öňe sürýän anyk başlangyçlaryna möhüm orun degişlidir.
Howanyň üýtgemegi bu ýagdaýa, ilkinji nobatda, hukuk gurallarynyň kömegi arkaly düşünjeli seslenmäge itergi berýär. Şunda halkara derejedäki hukuk ugrukdyrmasy 1992-nji ýylda BMG-niň Howanyň üýtgemegi hakynda Çarçuwaly konwensiýasynyň kabul edilmegi bilen ýüze çykýar. Ol howanyň üýtgemeginiň ählumumy täsirlerine gönükdirilen çäreleri ylalaşmak üçin esasy halkara resminama bolup durýar. Çarçuwaly konwensiýanyň kabul edilmegi howanyň üýtgemegi bilen bagly meseläniň halkara derejede ykrar edilmegini aňladýar we parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň ulanylyşynyň möçberini ýokarlandyrmak, bölünip çykýan kömürturşy gazynyň möçberini çäklendirmek boýunça döwletleri bilelikde hereket etmäge borçlandyrýar.
BMG-niň Howanyň üýtgemegi hakynda Çarçuwaly konwensiýasynyň düzgünleriniň durmuşa geçirilmegi üçin 1997-nji ýylda Kioto teswirnamasy, 2015-nji ýylda bolsa Pariž ylalaşygy kabul edildi. Pariž ylalaşygynyň esasy maksady atmosferadaky zyňyndy gazlaryň möçberini klimat ulgamyna howpsuz derejede saklamak boýunça ýokarda agzalan konwensiýanyň we Kioto teswirnamasynyň çäklerinde ýerine ýetirilip başlanan çäreleri dowam etdirmekden ybaratdyr. Ol çäreler zyňyndy gazlary azaltmak, täsirine uýgunlaşmak, täze tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça milli maksatlary işläp taýýarlamagy, tebigy serişdeleri gazyp almagyň, gaýtadan işlemegiň we ulanmagyň adaty tehnologiýalaryndan «ýaşyl» tehnologiýalara geçmegi göz öňünde tutýar.
Türkmenistan Pariž ylalaşygynyň ýörelgelerine berk ygrarly bolmak bilen, 2019-njy ýylda Howanyň üýtgemegi boýunça milli strategiýanyň täze, rejelenen görnüşini tassyklady we ähli borçnamalary gyşarnyksyz ýerine ýetirýär. Munuň özi ekologik wezipelerini ýerine ýetirmekde wajyp bolup, ol howanyň üýtgemegine garşy göreşmekde çäreleriň sanawyny düýpli giňeltmäge hyzmat edýär. Ýurdumyzyň Ählumumy metan borçnamasyna goşulmagy häzirki döwrüň ekologik meselelerini çözmäge jogapkärçilikli çemeleşilýändigini aýdyň görkezýän mysallaryň biridir. Mälim bolşy ýaly, bu çözgüt 2023-nji ýylyň aýagynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatynda (СОP28) hormatly Prezidentimiz tarapyndan resmi taýdan yglan edildi. Döwlet Baştutanymyz maslahatda eden çykyşynda BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň işjeň goldamagynda we howa boýunça Pariž ylalaşygy esasynda Türkmenistanyň milli derejede kesgitlenen goşandyny 2022-nji ýylyň maýynda tassyklandygyny belledi. Bu strategik resminamada 2030-njy ýylda parnik gazlarynyň zyňyndylaryny, 2010-njy ýylyň derejesine görä, 20 göterim azaltmak göz öňünde tutulýar. Ýurdumyzyň Bütindünýä metan borçnamasy başlangyjyna goşulmagy halkara giňişlikde «ýaşyl» energiýa boýunça ygtybarly hyzmatdaş hökmündäki ornuny has-da berkidýär. Türkmenistan halkara jemgyýetçiliginiň jogapkär hem-de işjeň agzasy hökmünde bütindünýä howa syýasaty bilen baglanyşykly döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy we «ýaşyl» maksatlara ýetmäge gönükdirilen tagallalary goldaýar. Şeýle hem öz üstüne alan borçlaryna hem-de täze başlangyçlaryna ygrarly bolup, howanyň üýtgemegi boýunça bütindünýä gün tertibiniň we syýasatynyň ilerlemegine uly goşant goşýar.
Metan atmosferada kömürturşy gazyndan soň, howanyň ählumumy maýlamagynyň ikinji çeşmesi bolup durýar. Metanyň atmosferada jemlenmeginiň artmagy howanyň gyzgynlyk derejesiniň ýokarlanmagyna we parnik täsiriniň güýçlenmegine, durmuş-ykdysady hadysalara, azyk howpsuzlygyna, suw üpjünçiligine öz täsirini ýetirýär, şeýle hem howany hapalap, adamyň kesellemegine getirýär. Biziň ýurdumyz bu meseläniň wajypdygyny nazara alyp, metanyň atmosfera zyňyndylaryny azaltmak boýunça çäreleriň giň toplumyny durmuşa geçirmegi, metany ekologik taýdan arassa energiýa çeşmesi hökmünde ýygnamagy we peýdalanmagy maksat edinýär. Nebitgaz işlerinde metan zyňyndylaryny azaltmak howa maksatlaryna ýetmek üçin ykdysady taýdan iň netijeli çäreleriň biridir. Bu maksatlara ýetmek üçin Gahryman Arkadagymyzyň durnukly ösüşi we ekologik abadançylygy üpjün etmek boýunça başyny başlan işleri häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli amala aşyrylýar. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmakda uly işler durmuşa geçirildi we yzygiderli dowam etdirilýär. Diňe 2024-nji ýylyň ahyryna çenli ýurdumyzda metan zyňyndylary 11 göterim azaldy. Bu bolsa bellenen meýilnamadan has ýokarydyr. Ählumumy metan borçnamasynda göz öňünde tutulan wezipeleri amala aşyrmaga gönükdirilen 2024 — 2030-njy ýyllar üçin meýilnama, şeýle hem 2025-2026-njy ýyllar üçin Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygyny berkitmek boýunça «Ýol kartasy» işlenip taýýarlanyldy. Milli ýangyç-energetika toplumyny ösdürmek boýunça «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» öňde goýlan wezipeleriň biri, esasan, innowasion, energiýa tygşytlaýjy we ekologik taýdan howpsuz tehnologiýalary we enjamlary ulanmak arkaly, ýangyç-energetika toplumynyň esasy önümçilik serişdelerini döwrebaplaşdyrmak bolup durýar. Ýeri gelende aýtsak, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» 17-nji ugry daşky gurşawy goramak we ekologiýa, 18-nji ugry bolsa «ýaşyl» ykdysadyýeti höweslendirmek bilen baglanyşyklydyr.
Türkmenistan ekologik meselelerde anyk çäreleri görmek bilen, ilkinji nobatda, ygtybarly kadalaşdyryjy hukuk binýadyny döredýär. Kabul edilen milli kanunçylyk namalary döwlet maksatnamalaryny amala aşyrmakda esasy hukuk binýady bolup çykyş edýär. Şunda «Ozon gatlagyny goramak hakynda», «Ekologiýa seljermesi hakynda», «Atmosfera howasyny goramak hakynda», «Ekologiýa howpsuzlygy hakynda», «Ekologiýa auditi hakynda», «Ekologiýa maglumaty hakynda», «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri hakynda», «Energiýany tygşytlamak we energiýadan netijeli peýdalanmak hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryna möhüm orun degişlidir. Şulardan görnüşi ýaly, tebigaty goramak we ekologik abadançylygy üpjün etmek babatda ýurdumyzda alnyp barylýan işler iňňän giň gerimlidir.
Azat SEÝDIBAÝEW, Türkmenistanyň Mejlisiniň Daşky gurşawy goramak, tebigatdan peýdalanmak we agrosenagat toplumy baradaky komitetiniň agzasy, oba hojalyk ylymlarynyň kandidaty.