​Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский

Выступления и Статьи

DÜNÝÄNIŇ BELENT YKRARY

     Ajaýyp döwrümiziň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzyň döwlet syýasatynda halkara gatnaşyklar işjeň häsiýetde ösýär.

     1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynyň hem-de 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynyň türkmen halky üçin ýatdan çykmajak şanly seneler bolup, taryhyň altyn sahypalarynda orun almagy zamananyň beýikligi bilen sazlaşýar. Garaşsyz Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen Kararnamalary esasynda hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň iki gezek ykrar edilmegi gadymy 

türkmen halkynyň ýurt parahatçylygyna, il agzybirligine, goňşuçylyk gatnaşyklarynda hoşniýetlilige, ynsanperwerlige, ylalaşdyryjylyga uly ähmiýet berýändiginiň beýanydyr. Şu geçen çärýek asyryň dowamynda Türkmenistan baky Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň ýörelgelerine ygrarlydygyny subut etdi. Garaşsyz Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýy dünýä döwletleri bilen ýakyn aragatnaşykda bolmaga we olar bilen dürli ulgamlar boýunça hyzmatdaşlygy ýola goýmaga täze mümkinçilikleri açdy. Ýurdumyz dünýäniň dürli döwletleri we abraýly halkara guramalar bilen iki tarapa bähbitli işjeň gatnaşyklary ýola goýdy. Hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän oňyn başlangyçlarynyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan giň goldawa eýe bolmagy uly many-mazmuny öz içine alýar. Munuň özi halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ählumumy parahatçylyk, howpsuz geljek bilen bagly öňe sürýän başlangyçlarynyň özeninde parahatçylygyň, ynanyşmagyň we asuda durmuşyň mynasyp orny eýeleýändiginiň aýdyň 

mysalydyr. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda kabul eden Kararnamasyna laýyklykda, 12-nji dekabryň «Halkara Bitaraplyk güni» diýlip yglan edilmegi baky Bitaraplygymyzyň mizemez binýadynyň parahatçylyk söýüjilik we ynsanperwer ýörelgelerden gözbaş alýandygyny äleme ýaýdy. 

     Bitarap Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň üçünji gezek kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň parahatçylygyň berkarar bolmagy ugrunda amala aşyrýan işlerine ýokary baha berýän taryhy wakadyr. Taryhy döwrümiziň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda baky Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygyny dabaraly belläp geçmäge ýokary derejede taýýarlyk görülýär. Bu şanly günlerde Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda gazanylýan üstünlikler bagtyýarlygymyzyň nyşany bolup nur saçýar.

Ýakup ATABAÝEW,

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, 

Mejlisiň Halkara we parlamentara 

aragatnaşyklar baradaky komitetiniň agzasy.

PARAHAT WATANYŇ BAGTYÝAR ÝAŇY

     Häzirki wagtda Türkmenistan döwletimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda dünýä döwletleri bilen işjeň hyzmatdaşlyklary, dost-doganlyk hem diplomatik gatnaşyklaryny ýola goýýar. Öňden gelýän ysnyşykly gatnaşyklaryň has-da pugtalandyrylmagy ugrunda ýurdumyzda ençeme işler durmuşa geçirilýär. Türkmenistan döwletimiz diňe bir dünýä döwletleri bilen däl, eýsem, iri halkara guramalary bilen hem işjeň hyzmatdaşlygy ýola goýýar. Has takygy, ata Watanymyzyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan ençeme Kararnamalar kabul edildi. Olaryň biri hem “2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly Kararnamadyr. Bu Kararnamanyň kabul edilmeginde 86 döwletiň awtordaş bolup çykyş etmegi bolsa, ýurdumyzda alnyp barylýan işleriň halkara giňişliginde uly ähmiýete eýedigini äşgär edýär. 

     Üstümizdäki — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hemişelik Bitaraplyk hukuk derejämize eýe bolanymyza 30 ýyl dolýar. Bu ýyllaryň içinde hemişelik Bitaraplyk hukuk derejämiziň üç gezek dünýä ýüzünde ykrar edilip, ýurdumyzyň içeri hem daşary syýasatynda uly işler durmuşa geçirilip, ata Watanymyzyň halkara abraýy günsaýyn ýokarlandy. 

     Bitarap döwletimiz dünýä döwletleri bilen dürli ulgamlarda hoşniýetli hyzmatdaşlyklary alyp barýar. Munuň özi ýurdumyzda halkara gatnaşyklarynyň işjeň häsiýetde bolmagyna giň mümkinçilik berýär.

Maksat JANMYRADOW.

TMÝG-niň welaýat geňeşniň başlygy, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

TÜRKMEN-ÝAPON GATNAŞYKLARY ÖSÜŞIŇ TÄZE BASGANÇAGYNDA

     Bitarap Türkmenistan Aziýa ­ Ýuwaş umman sebitiniň ykdysady taýdan ösen ýurtlarynyň biri bolan Ýaponiýa bilen hyzmatdaşlygy gyzyklanma bildirilýän ähli ugurlarda üstünlikli ösdürýär. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, biziň ýurdumyz Ýaponiýa uzak möhletli, ygtybarly we durnukly hyzmatdaş hökmünde garaýar. Döwlet Baştutanymyzyň 13­15­nji aprelde bu dostlukly döwlete amala aşyran ilkinji sapary bolsa türkmen­ýapon gatnaşyklarynyň taryhynda täze tapgyryň başyny başlady. Saparyň dowamynda Osakada we Tokioda geçirilen duşuşyklardyr gepleşikler netijeli häsiýete eýe bolup, olaryň jemleri boýunça möhüm ylalaşyklar gazanyldy. Arkadagly Gahryman Serdarymyza Ýaponiýanyň iň öňde baryjy ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan Sukuba uniwersitetiniň hormatly doktory akademiki derejesiniň berilmegi ähli halkymyzyň, aýratynda, ylym­bilim jemgyýetçiliginiň wekilleriniň buýsanjyny has­da artdyrdy. Biz hem ýurdumyzyň resmi wekiliýetiniň düzüminde şol taryhy wakalara dahylly bolan ildeşlerimiziň käbiriniň beren gürrüňlerini ýazga geçirdik.

Annamuhammet SARJAÝEW, Türkmenistanyň Mejlisiniň Durmuş

syýasaty baradaky komitetiniň başlygy:

— Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen türkmen-ýapon gatnaşyklarynda parlament hyzmatdaşlygy hem ileri tutulýar. 2018-nji ýylyň oktýabrynda Türkmen-ýapon parlamentara dostluk topary bilen Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň arasynda parlamentara gatnaşyklary mundan beýläk hem ösdürmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilipdi. Şonuň netijesinde, kanun çykaryjylyk ulgamynda bilelikdäki hereketler has-da işjeň häsiýete eýe boldy. Bu resminamanyň maksady parlamentleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy birek-birege hormat goýmak we dehukuklylyk ýörelgeleri esasynda ösdürmäge, işjeň gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna, özara saparlaryň guralmagyna, kanun taslamalarynyň taýýarlanylmagy, kanunçylyk namalarynyň durmuşa geçirilmegi üçin peýdalanylýan bilimleridir tejribeleri yzygiderli alyşmaga, özara kabul ederlikli çözgütleri tapmakda ikitaraplaýyn maslahatlaşmalary guramaga gönükdirilendir. Häzirki wagtda türkmen-ýapon parlamentara gatnaşyklarynda tejribe alyşmak boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň golaýda Ýaponiýa amala aşyran saparynyň çäklerinde hut şu ugra hem möhüm ähmiýet berildi. 

     Osakada badalga alan «EKSPO — 2025» Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň Milli güni mynasybetli dabaraly çärelere gatnaşmagynyň çäklerinde döwlet Baştutanymyzyň Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy Endo Toşiaki bilen geçiren duşuşygynda parlamentara hyzmatdaşlygy Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky köpugurly gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegi bolup, häzirki wagtda onuň ýurtlaryň we halklaryň arasynda özara ynamy, düşünişmegi berkitmegiň möhüm gurallarynyň birine öwrülendigi aýratyn nygtaldy. Şunda hormatly Prezidentimiziň parlamentara gatnaşyklary pugtalandyrmakda Türkmen-ýapon parlamentara dostluk toparynyň alyp barýan işine üns bermegi bizi örän begendirdi. Milli Liderimiziň, döwlet Baştutanymyzyň döredýän giň mümkinçilikleriniň netijesinde soňky ýyllarda bu toparyň işi işjeň häsiýete eýe boldy. Geçen ýylyň fewralynda Tokio amala aşyran iş saparymyzyň çäginde-de Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň Sekretariatynyň başlygy Matsuşita Şinpeý, Ýaponiýanyň Wekiller palatasynyň Başlygy Fukuşiro Nukaga bilen duşuşyklar geçirilip, olarda parlamentara gatnaşyklary ösdürmäge degişli möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşypdyk. Şonda Gahryman Arkadagymyzyň 2022-nji ýylyň sentýabrynda Ýaponiýanyň ýolbaşçylary bilen geçiren duşuşyklarynda öňe süren teklipleriniň iş ýüzünde amala aşyrmagyň, parlamentara dostluk toparynyň işini güýçlendirmegiň, parlamentara hyzmatdaşlykda zenanlaryň ornuny ýokarlandyrmagyň, bu ugurda ýaşlaryň özara gatnaşyklaryny ýola goýmagyň zerurdygy bellenilipdi.

     Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda köp ýyllaryň dowamynda «ITOCHU», «Kawasaki», «Mitsubishi», «Sojitz», «Toyo», «Mitsui», «Sumitomo» ýaly iri ýapon kompaniýalary üstünlikli iş alyp baryp, milli ykdysadyýetimiziň ösüşine uly goşant goşdular. Garabogazdaky ammiak we karbamid öndürýän gazhimiýa toplumyny, Gyýanlydaky polimer zawodyny, Owadandepedäki tebigy gazdan benzin öndürýän zawody we Çärjew etrabyndaky gaz turbinaly elektrik stansiýasyny bolsa türkmen-ýapon ykdysady hyzmatdaşlygynyň aýdyň nyşany hökmünde görkezmek bolar. Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy bilen geçiren duşuşygynda hem Arkadagly Gahryman Serdarymyz şular barada aýdyp, bu möhüm ugurdaky işleriň geljekde-de 

üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdi. Biz — deputatlaryň esasy wezipämiz bolsa ýurtlarymyzda parlament işiniň guralyşyny, kanunçykaryjylyk tejribesini, parlamentarileriň iş usullaryny içgin öwrenmek arkaly özara bähbitlilik we deňhukuklylyk esasynda guralýan türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine goşant goşmakdan ybaratdyr. Bize bu babatda ähli mümkinçilikleri döredýän Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň döwletli tagallalarynyň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.

Bagtyýarlygyň berk binýady

     Saglyk ýaşaýşyň hiliniň möhüm ähmiýetli ölçegidir we görkezijisidir. Il saglygy bolsa bagtyýar durmuşyň berk binýadydyr. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda döwletiň iň gymmatly baýlygy bolan ynsan saglygyny goramak, jemgyýetimize sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak saglygy goraýyş ulgamyny düýpli özgertmegiň baş ugry hasaplanylýar.

     Saglyk we raýatlaryň sagdyn durmuş ýörelgeleri hakyndaky alada diňe bir döwlet maksatnamalarynda, Türkmenistanyň Kanunlarynda, lukmançylyk edaralarynyň, sport desgalarynyň giň möçberli gurluşygynda we şypahana, dynç alyş ulgamynyň ösdürilmeginde däl, eýsem, jemgyýetçilik durmuşynda, adamlaryň ruhy we medeni derejesiniň ýokarlanmagynda, milli ykdysadyýetimiziň ekologiýa taýdan ösüşinde öz beýanyny tapýar. Hut şu ýörelgeler we gymmatlyklar  hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasatynyň hem esasyny düzýär.

     Sagdyn durmuş ýörelgeleriniň köpçülikleýin häsiýete eýe bolmagyny gazanmak ugrundaky aladalar bu günki gün tutuş ýurdumyzy we il-ulsumyzy gurşap alýar. Hormatly Prezidentimiziň hut özüniň sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmekde nusgalyk görelde görkezip, yzygiderli saglyk ýoluna köpçülikleýin ýörişe gatnaşmagy hemmeleriň sporta bolan höwesini goşalandyrýar. 

     Döwlet Baştutanymyz halkymyzyň, aýratyn-da, ýaş nesliň saglygynyň goralmagyny döwlet derejesindäki wajyp wezipe hökmünde kesgitläp, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň we ýokary netijeli sportuň ösdürilmeginiň uzakmöhletleýin umumymilli maksatnama mahsus bolan guramaçylykly häsiýete eýe bolmagyna badalga berdi. Hut şu ugurda eýýäm anyk we yzygiderli ädimler ädildi. Muňa mysal edip, ýurdumyzda umumymilli spartakiadalaryň we sportuň dürli görnüşi boýunça halkara ýaryşlarynyň guralmagyny, sportuň maddy-tehniki binýadyň döwrebaplaşdyrylmagyny we ösdürilmegini görkezmek bolar.

     Ýurdumyzda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän sport toplumlarynyň, desgalarynyň, mekdeplerdir  aýlawlaryň gurlup, ulanylmaga berilmegi netijesinde ilatyň köpçülikleýin bedenterbiýe bilen meşgullanmagyna giň mümkinçilikler döredilýär. Netijede türkmen türgenleri sportuň dürli görnüşleri boýunça halkara we dünýä ýaryşlaryna yzygiderli gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar. 

Züleýha JORAÝEWA, 

Çärjew etrap hassahanasynyň baş şepagat uýasy, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty

BITARAPLYK – BÜTIN DÜNÝÄNIŇ YKRARY

    Diýarymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyktoýunyň bellenýän ýylynda halkymyzyň göwün «guşuny» ganatlandyrýan täze hoş habaryň ýene biri BMG­niň Baş Assambleýasyndangelip gowuşdy. Halkymyzyň Milli Lideri, Milletiň atasyGahryman Arkadagymyzyň parahatsöýüjiliklibaşlangyçlarynyň Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan mynasyp dowametdirilýändöwründe 2025­nji ýylyň 21­nji martynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Nýu­Ýork şäherinde ýerleşýän Birleşen Milletler guramasynyň Baş Assambleýasynyň  79­njy sessiýasynyň 61­nji plenar mejlisinde ýurdumyzyň başlangyjy bilen «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atlyKararnamanyň hem­de şu ýylyň 11­nji aprelinde  ABŞ­nyň Nýu­Ýork şäherinde BMG­niň Baş Assambleýasynyň 79­njy sessiýasynyň 63­nji plenarmejlisinde BMG­niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyny geçirmegiň tertibine goşmaça maglumat» atly Kararnamanyň hem biragyzdan kabul edilmegi ýalytaryhy ähmiýetli wakalara şaýat bolmakdiýseň uly bagthem mertebedir. Taryhy üstünlik, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 3­njigezek ykraredilmegi parahatWatanymyzyň dünýädäki abraýynyň barha ýokarlanýandygynyň aýdyň güwäsidir. Nobatdaky üstünlik 2025­nji «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylyny has­da dabaralandyrdy. 

     Türkmenistanyň bitaraplygy gelip çykyşy boýunça — ykrar edilen, görnüşi boýunça — hemişelik, manysy boýunça — oňyn Bitaraplykdyr. Watanymyzyň Bitaraplyk hukuk derejesi BMG­niň Baş Assambleýasy tarapyndan 1995­nji ýylyň 12­nji dekabrynda, soňra 2015­nji ýylyň 3­nji iýunynda, täze hoş habar bilen 2025­nji ýylyň 21­nji martynda ykrar edildi. Türkmenistan dünýäde 3 gezek ykrar edilen ýeke­täk Bitarap döwletdir.

     Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan yglan edilen ýörelgelere eýermek bilen, Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyrynda — Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «açyk gapylar» syýasatyny giňden alyp barýar. Bu syýasaty yzygiderli durmuşa geçirmek üçin bolsa zerur hukuk binýady döredilendir. 

     Ýurdumyzyň halkara hukugynyň berjaý edilmeginde Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasyndan gelip çykýan borçnamalara ygrarly bolmakda, halkara gatnaşyklaryň kadalarynyň we ýörelgeleriniň hemmelere bähbitli ýola goýulmagyny gazanmakda ygtybarly hyzmatdaş derejesine eýedigi hemmelere mälimdir. 

     Türkmenistan oýlanyşykly we anyk kesgitlenen teklipleri yzygiderli öňe sürýär, şol teklipler bolsa dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan goldanylýar. Bitarap Watanymyzyň daşary syýasat ýörelgesiniň 2022 — 2028­nji ýyllar üçin Konsepsiýasysebit wedünýä derejesinde parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmek, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny iş ýüzünde mundanbeýläk­de peýdalanmak, syýasy­diplomatik, söwda­ykdysady, medeni­ynsanperwer ulgamlarda, energetika we ulag­aragatnaşyk toplumlarynda, ekologiýaulgamynda netijeli ikitaraplaýyn hem­de köptaraplaýyngatnaşyklary ösdürmek ýaly möhüm wezipeleri çözmäge 

gönükdirilendir. 

    Türkmen halkynyň taryhy­ruhy tejribesinde gapma­garşylyklaryň döremeginiň, ýaýramagynyň öňüni alyş serişdesi hökmünde bitaraplyk we öňüni alyş diplomatiýasynyň ýörelgeleriniň çuň kökleriniň bardygyny bellemek gerek. Häzirki ýaşaýan döwrümiz üçünji müňýyllygyň başy, adamzadyň öz taryhynda geljege gönükdirilen aýgytlaýjy pursady başdan geçirýän döwürleriniň biri. Güýje daýanmak usuly gadymybolsa­da, onuň öňüni almaga gönükdirilen gurallar hem öz köklerini hasgadymyýetden alyp gaýdýar. Bitaraplyk bolsaurşuň öňüni almagagönükdirilen şeýle serişdeleriň iň möhümleriniň biridir.

    Her ýylyň 12­nji dekabrynyň BMG tarapyndan Halkara Bitaraplyk güni hökmünde yglan edilip, onuň tutuş dünýäde baýram edilmegi, Türkmenistanyň başlangyjy boýunça 2020­nji ýylyň sentýabrynda Milletler Bileleşiginiň meýdançasynda Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary toparynyň döredilip, oňa goşulýan döwletleriň sanynyň ýylsaýyn artmagy ýurdumyzyň halkara başlangyçlaryny tutuş dünýä jemgyýetçiliginiň giňden goldaýandygynyň nyşanydyr. 

Serdar DURDYÝEW,

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Ýerli wekilçilikli 

häkimiýet we öz-özüňi dolandyryş edaralary bilen 

işlemek baradaky komitetiniň agzasy

PARLAMENTARA BIRLEŞIGIŇ DAŞKENT ASSAMBLEÝASY Kanun çykaryjylyk babatda köptaraplaýyn dialog hereketde

     Şu aýyň başyndan bäri doganlyk Özbegistanda geçirilen sebit we dünýä ähmiýetli syýasy-diplomatik çärelere uly gyzyklanma bilen syn etdik. «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» formatynda guralan ilkinji sammite, Samarkant klimat forumyna hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gatnaşyp, ýurdumyzyň ileri tutýan garaýyşlaryny mälim etdi. 5-7-nji aprelde bolsa Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Daşkent şäherinde geçirilen Parlamentara Birleşigiň 150-nji ýubileý assambleýasyna gatnaşmak üçin dostlukly ýurtda saparda boldy. Şunda parlament ugurly dünýäde iň iri düzümiň mejlisiniň tutuş Merkezi Aziýa sebitinde ilkinji gezek guralandygy guwandyryjy ýagdaýdyr. Munuň özi Aziýanyň ýüreginde ýerleşýän sebitimiziň geçmişde siwilizasiýalaryň sallançagy bolşy ýaly, häzirki günde-de halkara hyzmatdaşlyk hem dialog üçin açykdygyny nobatdaky gezek äşgär edýär.

     Dünýäde döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň islendik ugruna degişli ýöriteleşdirilen guramalar hereket edýär. 1889-njy ýylda döredilip, ştab-kwartirasy Ženewada ýerleşýän Parlamentara Birleşik bolsa parlament ugurly iň iri halkara düzümdir. Onuň işi halklaryň arasynda parahatçylygy we hyzmatdaşlygy ösdürmäge, wekilçilikli edaralaryň ornuny pugtalandyrmaga gönükdirilen. Häzirki wagtda 181 ýurduň milli parlamentleri birleşigiň agzasy bolup durýar. Indi 136 ýyldan bäri üstünlikli hereket edip gelýän Parlamentara Birleşik halkara syýasy giňişlikde uly abraýa eýe bolup, tutuş Ýer ýüzi boýunça kanun çykaryjy edaralary demokratiýanyň ýolunda bir ýere birleşdirýär we olary umumy maksada ugrukdyrýar. Onuň 5 - 9-njy aprelde Daşkentde geçirilen 150-nji ýubileý assambleýasyna-da 2 müňden gowrak wekil gatnaşdy. «Durmuş ösüşiniň we adalatlylygyň bähbidine parlament hereketi» mowzugynda guralan forumyň çäginde durmuş ulgamyny ösdürmekde, adalatly jemgyýeti kemala getirmekde parlamentleriň ornuny giňeltmäge gönükdirilen çärelerdir çekişmeleriň 90-a golaýy geçirildi. 

     Mejlisiň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa hem abraýly forumyň «Tashkent City» halkara işewürlik merkezinde geçirilen açylyş dabarasynda çykyş edip, ýurdumyzyň parahatçylygy we ynanyşmagy berkitmäge gönükdirilen halkara başlangyçlarynyň, şeýle-de Diýarymyzda durmuş taýdan ösüşi üpjün etmek babatda amala aşyrylýan syýasatyň ähmiýetine ünsi çekdi. Şunda, hususan-da, Türkmenistanyň bütin adamzadyň bähbidine durnukly ösüş üçin köptaraplaýyn parlament gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda Parlamentara Birleşigiň alyp barýan işine ýokary baha berýändigi tassyklanyldy. Saparyň çäklerinde Merkezi Aziýa döwletleriniň parlament ýolbaşçylary Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew tarapyndan kabul edildi. Şeýle-de türkmen wekiliýetiniň Parlamentara Birleşigiň ýolbaşçysy Tulia Akson, Baş sekretary Martin Çungong, Özbegistan Respublikasynyň Oliý Majlisiniň Senatynyň Başlygy Tanzila Narbaýewa, Oliý Majlisiň Kanun çykaryjy palatasynyň Başlygy Nuriddin Ismoilow, Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko, Belarus Respublikasynyň Milli Ýygnagynyň Respublika Geňeşiniň Başlygy Natalýa Koçanowa bilen duşuşyklary bolup, olaryň dowamynda parlamentara gatnaşyklaryň möhüm meseleleri we öňde boljak çäreler barada pikir alşyldy. 

     Ýurdumyzyň wekiliýetiniň düzüminde Parlamentara Birleşigiň Daşkent assambleýasynyň çärelerine gatnaşan deputatlar olaryň ähmiýeti barada, ine, şeýle gürrüň berdiler: 

Maksat KULYÝEW,

Türkmenistanyň Mejlisiniň Halkara we parlamentara aragatnaşyklar baradaky komitetiniň başlygy:

— 1889-njy ýylda döredilen Parlamentara Birleşik parlamentara diplomatiýa boýunça iň iri halkara düzüm bolup, onuň meýdançasynda milli parlamentleriň deputatlary ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleri babatda özara pikir alşyp, maksadalaýyk çözgütleri kabul edýärler. Birleşigiň Daşkentde geçirilen 150-nji assambleýasyna we onuň çäklerinde guralan beýleki çärelere Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti hem işjeň gatnaşdy. Merkezi Aziýa döwletleriniň parlamentleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda adam hukuklaryny goramak meselesine bagyşlanyp guralan «tegelek stol» maslahaty-da netijeli häsiýete eýe boldy. Onuň dowamynda BMG-niň Çaganyň hukuklary hakynda Konwensiýasyny durmuşa geçirmekde kanun çykaryjy edaralaryň ähmiýeti we orny bilen bagly meselä aýratyn üns berildi. Maslahata gatnaşyjylary Türkmenistanda adam hukuklaryny goramak babatda alnyp barylýan işler bilen tanyşdyrmak bolsa meniň paýyma düşdi. 

     Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Konstitusiýasy adamyň we raýatyň hukuklarynyň, azatlyklarynyň goralmagynyň döwletimiz tarapyndan kepillendirilýändigini doly tassyklaýar. Onda berkidilen demokratik ýörelgeler adamyň, raýatyň durmuş hem-de ykdysady kepillikleriniň, syýasy hukuklarynyň üpjün edilmegine, erkin ýaşamagy üçin şertleriň döredilmegine gönükdirilendir. Esasy Kanunymyzda adamyň we raýatyň hukuklarynyňdyr azatlyklarynyň deňligi, milletine, teniniň reňkine, jynsyna, gelip çykyşyna, emläk, wezipe ýagdaýyna, ýaşaýan ýerine, diline, dine garaýşyna, syýasy ynam-ygtykadyna ýa-da gaýry ýagdaýlaryna garamazdan, olaryň kanunyň, kazyýetiň öňündäki deňligi, erkekleriň we aýallaryň deňhukuklylygy kepillendirilýär. Bu ýörelgeler öz gözbaşyny Adam hukuklarynyň ählumumy Jarnamasyndan alyp gaýdýar. Konstitusiýamyzyň 1-nji maddasynda Türkmenistanyň demokratik, hukuk we dünýewi döwletdigi kesgitlenendir. Munuň özi döwletiň adamyň we raýatyň hukuklarynyň, azatlyklarynyň goragyny üpjün edýändiginiň konstitusion kepili bolup durýar. Adamy goramak, goldamak, oňa hyzmat etmek döwlet häkimiýet edaralarynyň baş wezipeleridir. Esasy Kanunymyzda adam hukuklarydyr azatlyklary bilen bagly berkidilen kadalar beýleki kanunçylyk namalarynda-da öz beýanyny tapýar. 

     Türkmenistan BMG-niň «Çagalar üçin amatly dünýä» resminamasynyň maksatlaryny we ýörelgelerini hem goldaýar. Häzirki wagtda «Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2023 — 2028-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy» durmuşa geçirilýär. Şunda 2021-nji ýylda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işleri-de aýratyn nygtalmaga mynasypdyr. Şu ýyl esaslandyrylmagynyň 4 ýyllygy giňden bellenilen bu gazna ýurdumyzda howandarlyga we kömege mätäç çagalaryň saglygyny dikeltmäge ýardam bermek babatda uly işleri amala aşyrdy. Umuman, Diýarymyzda adamyň hukuklaryny goramak bilen bagly alnyp barylýan işler toplumlaýyn häsiýete eýe bolup, ýokarda sanalanlar şolardan käbir mysallardyr. Daşkentde geçirilen «tegelek stol» maslahaty hem ýurdumyzyň bu ugurda toplan tejribeleri bilen ýakyndan tanyşdyrmaga amatly mümkinçilik boldy. Pursatdan peýdalanyp, doganlyk ýurtda parlament diplomatiýasy boýunça guralan dünýä derejeli foruma gatnaşmaga döredilen ähli zerur şertler üçin hormatly Prezidentimize we 

Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys. 

Baýramgözel MYRADOWA,

Türkmenistanyň MejlisiniňYlym,bilim,

Medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky komitetiniň başlygy:

   — Özbegistanyň paýtagtynda geçirilen Parlamentara Birleşigiň 150-nji ýubileý assambleýasy aýry-aýry ugurlara bagyşlanan duşuşyklardyr maslahatlary, «tegelek stol» maslahatlaryny hem öz içine alyp, baý mazmunly maksatnamasy bilen tapawutlandy. Maňa-da türkmen wekiliýetiniň agzasy hökmünde assambleýanyň çäginde guralan zenan parlamentarileriň forumyna gatnaşyp, ýurdumyzda zenanlaryň hukuklaryny goramak, gender deňligini üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada çykyş etmek miýesser etdi. Mälim bolşy ýaly, Parlamentara Birleşigiň assambleýasynda gender deňligi meselesine aýratyn üns berilýär. Çünki dünýädäki ýagdaýlar köp babatda zenanlaryň hukuklary bilen hem gönüden-göni baglanyşyklydyr. Şoňa görä, soňky ýyllarda döwletleriň durmuş syýasatynda bu mesele möhüm 

orny eýeleýär. Indi 40 ýyldan bäri Parlamentara Birleşigiň düzüminde üstünlikli hereket edip gelýän zenan parlamentarileriň şu gezekki forumyna 120 ýurtdan wekiliýetleriň gatnaşmagy-da onuň ählumumy derejedäki ähmiýetine aýdyň şaýatlyk edýär. 

     Dürli mowzuklara bagyşlanan maslahatlardyr forumlar oňa gatnaşýan ýurtlaryň toplan tejribeleri we gazananlary bilen ýakyndan tanşyp, olara syn bermek, täze gözýetimleri kesgitlemek üçin örän amatly mümkinçilikdir. Daşkentde geçirilen forumda-da jemgyýetiň durmuşyna zenanlaryň deňhukukly gatnaşdyrylmagynyň islendik ýurduň ykdysady ösüşiniň we öndürijiliginiň ýokarlandyrylmagyna oňyn täsirini ýetirýändigi bellenildi. Garaşsyz Türkmenistanda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda zenanlar hakynda edilýän aladalar hem jemgyýetiň sagdynlygynyň, adamkärçiliginiň, ýokary ahlaklylygynyň özboluşly nyşanydyr. Şunda maşgalanyň sütüni hasaplanýan gelin-gyzlarymyzyň sarpasyny belent tutmagyň halkymyzyň gadymy döwürlerden gözbaş alyp gaýdýan milli ýörelgesidigini aýratyn nygtamak gerek. Bu günki gün türkmen zenanlaryna mynasyp durmuş we döredijilikli zähmet çekmek üçin ähli şertler döredilýär, gender deňligi kanun arkaly üpjün edilýär. Olaryň hukuklaryny, bähbitlerini, maşgalany goldamak, eneligi, çagalygy goramak babatda hem maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň dürli ugurlarynda gender deňligini üpjün etmek üçin strategik maksatlary kesgitleýän «Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär. 

     Ýurdumyzyň 2022 — 2024-nji ýyllarda BMG-niň Gender deňligi hem-de zenanlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek meseleleri boýunça düzüminiň (BMG — Zenanlar) Ýerine ýetiriji geňeşiniň agzalygyna saýlanylmagy bu ugurdaky syýasatyň netijeli häsiýete eýedigini, milli derejedäki tagallalaryň dünýä jemgyýetçiliginde giňden ykrar edilýändigini aýdyň görkezýär. Türkmenistan BMG-niň zenanlar babatda kemsitmeleriň ähli görnüşlerini aradan aýyrmak baradaky konwensiýalarynyň birnäçesine goşuldy. Olarda ileri tutulýan ugurlar Esasy Kanunymyzyň kadalary bilen hem sazlaşykly utgaşýar. 

НА ПРИНЦИПАХ СВОБОДНОГО И РАВНОПРАВНОГО ДИАЛОГА

      В рамках межпарламентского сотрудничества делегация туркменских парламентариев во главе с Председателем Меджлиса Дуньягозель Гулмановой приняла участие в заседании 150-й юбилейной Ассамблеи Межпарламентского союза. Форум проходил в Ташкенте, Республика Узбекистан. Центральная тема заседания была посвящена парламентскому движению за социальное развитие и справедливость.

     Межпарламентский союз (МПС) – это авторитетное объединение, включающее в себя парламенты 181 страны мира, а также 15 ассоциированных членов. Межпарламентский союз занимает прочное место на мировой политической арене и активно работает на таких важных направлениях, как развитие парламентской дипломатии, укрепление демократических институтов, защита прав человека, реализация Целей устойчивого развития. Организация оказывает содействие в разработке общих стратегий для парламентов по преодолению современных вызовов путём взаимной интеграции передового опыта и практики национальных законодательных органов. Высший орган МПС – Ассамблея проводит заседания в странах с положительным опытом парламентаризма и устойчивого развития с тем, чтобы обсудить актуальные вопросы международной повестки и расширить участие парламентариев в их решении. Обмен мнениями в рамках Ассамблеи служит разработке новых практических предложений и рекомендаций, способствующих укреплению межпарламентского сотрудничества.

     150-я юбилейная Ассамблея Межпарламентского союза знаменательна не только своей исторической датой, но и тем, что она впервые проводится в Центральноазиатском регионе. Президентом 150-й юбилейной Ассамблеи МПС была избрана Танзила Нарбаева, председатель Сената Олий Мажлиса Республики Узбекистан. В Ассамблее, проводимой на тему «Парламентское движение за социальное развитие и справедливость», приняли участие представители 190 стран, а также 15 ассоциированных членов и более  25 руководителей международных и межпарламентских организаций. В рамках Ассамблеи было организовано почти 90 различных мероприятий и дебатов, направленных на расширение участия и повышение активности парламентов в достижении социального прогресса, построении справедливого общества. 

     В фокусе обсуждения были вопросы активного участия парламентов как ключевого политического института в восстановлении социального равновесия, обеспечении стабильности и справедливости в мировом масштабе. Парламентарии обменялись мнениями и опытом работы по реализации Повестки дня до 2030 года в области устойчивого развития и укреплению сотрудничества между парламентами для достижения ЦУР. Особое внимание было уделено вопросам взаимодействия в сфере прав человека, гендерного равенства, расширения прав молодёжи и борьбы с изменением климата. Суть и содержание обсуждения было направлено на укрепление отношений между обществом и государством в развитии социальной сферы, что является важным условием обеспечения устойчивого развития стран. 

     На церемонии открытия выступили президент Межпарламентского союза Тулия Эксон, Генеральный секретарь Межпарламентского союза Мартин Чунгонг и Председатели парламентов разных стран. 

     С большим вниманием участники заслушали выступление Председателя Меджлиса Туркменистана Дуньягозель Гулмановой, которая рассказала о проводимой в нашей стране работе по обеспечению справедливого социального развития. В частности, нацеленной на повышение благосостояния населения, охрану здоровья людей, создание новых рабочих мест, обеспечение гендерного равенства, цифровизацию экономики и внедрение инноваций, охрану окружающей среды и смягчение последствий изменения климата. Также она подчеркнула важность позитивных международных инициатив Туркменистана по укреплению мира и доверия, что служит важным условием для устойчивого развития страны и международного сотрудничества. 

     Говоря о роли Ассамблеи Межпарламентского союза, было отмечено, что МПС служит эффективной площадкой для обсуждения важных вопросов современности – общественного развития и парламентского движения за справедливость, а также межпарламентских связей, позволяет знакомиться с достижениями стран мира в различных сферах, обмениваться передовым опытом в законотворческой работе. В этой связи было подчёркнуто, что Туркменистан придаёт большое значение работе Межпарламентского союза по дальнейшему укреплению многосторонних межпарламентских связей на благо устойчивого развития мира и человечества, как это предусмотрено в Целях устойчивого развития, провозглашённых Организацией Объединённых Наций. Председатель Меджлиса Туркменистана пригласила представителей МПС принять участие в международных мероприятиях, в том числе парламентских, которые пройдут в Туркменистане в честь 30-летия статуса постоянного нейтралитета и Международного года мира и доверия.

     Делегация Туркменистана также приняла участие в форуме женщин -парламентариев, организованном в рамках 150-й юбилейной сессии Межпарламентского союза. Выступление представителя нашей страны было посвящено деятельности в области защиты прав и свобод человека, обеспечения гендерного равенства, повышения активности молодёжи и её поддержки. Также были отмечены результаты реализации Национального плана действий по обеспечению гендерного равенства в Туркменистане на 2021–2025 годы в сотрудничестве с Организацией Объединённых Наций и другими авторитетными международными структурами.

      Как было сказано, в нашей стране успешно реализуется государственная политика по обеспечению равноправия и созданию равных возможностей для женщин и мужчин, повышению роли женщин в общественно-политической жизни. Присоединившись ко всем основополагающим международным конвенциям и документам в области прав женщин, Туркменистан принял законодательные акты по гендерному равенству и успешно реализует Национальный план действий по гендерному равенству в Туркменистане на 

2021–2025 годы. Туркменистан был избран членом Исполнительного совета Структуры ООН по вопросам гендерного равенства и расширения прав и возможностей женщин («ООН–женщины») на 2022–2024 годы. 

     Кроме того, подчёркивалось, что Туркменистан придаёт особое внимание вопросу создания механизма Диалога женщин на постоянной основе по реализации глобальной Повестки дня «Женщины, мир и безопасность» с участием комиссии ООН по миростроительству, Структуры «ООН–женщины» и других международных, региональных организаций. При поддержке ООН в 2020 году был создан Диалог женщин стран Центральной Азии. В 2022 году Туркменистан председательствовал в этом формате. Форумы Диалога женщин имеют особое значение для повышения уровня расширения прав и возможностей женщин, участия их в политической, социально-экономической, культурно-гуманитарной жизни. Этот формат также способствует продвижению позитивного регионального сотрудничества по всем направлениям, достижению Целей устойчивого развития.

     В Ташкенте Председатель Меджлиса Туркменистана также провела ряд двусторонних встреч, в том числе с Президентом Межпарламентского союза, Генеральным секретарём Межпарламентского союза и спикерами национальных парламентов Республики Узбекистан, Республики Беларусь и Российской Федерации. В ходе встреч была подчёркнута значимость принятия Резолюций Генеральной Ассамблеи Организации Объединённых Наций по инициативе Туркменистана «2025 год – Международный год мира и доверия» и «Постоянный нейтралитет Туркменистана». 

     Проведённая в Ташкенте 150-я юбилейная Ассамблея Межпарламентского союза, несомненно, станет памятным событием в истории МПС и мирового парламентаризма, а инициативы, выдвинутые в рамках Ассамблеи, и принятые документы окажут положительное влияние на законодательные реформы государств-членов Межпарламентского союза.

Байрамгозель Мырадова, 

депутат Меджлиса Туркменистана, 

председатель Комитета Меджлиса 

по науке, образованию, 

культуре и молодёжной политике.

1 ... 4 5 6 7 8 ... 80