Gahryman Arkadagymyzyň binýadyny goýan hem-de hormatly Prezidentimiziň üstünlikli amala aşyrýan ykdysady strategiýasynda ýurdumyzyň aň-paýhas we önümçilik mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak, bäsdeşlige ukyply önümleriň öndürilişini artdyrmak wezipesine möhüm ähmiýet berilýär. Döwrüň iň täze tehnologiýalaryny işjeň peýdalanýan, täzeçil çemeleşmeleri işe ornaşdyrýan telekeçiler milli ykdysadyýetiň gurluşyk, senagat, söwda, oba hojalygy, jemgyýetçilik iýmiti, hyzmatlar we beýleki pudaklarynda uly üstünlikleri gazanýarlar.
Türkmen telekeçileri daşary ýurtly önüm öndürijiler bilen mynasyp bäsleşmäge ukyply harytlaryň öndüriliş möçberlerini has-da artdyrýarlar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň ykdysady işjeňliginiň netijeleri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hususy pudagyň galkynmagy üçin berýän goldaw-hemaýatlarynyň, döredýän şert-mümkinçilikleriniň ajaýyp miweleridir.
Hususyýetçiligiň üstünlikleri barada pikirleneniňde, ilkinji nobatda, ýurdumyzyň welaýatlarynyň günsaýyn özgerýän döwrebap keşbi, gözel paýtagtymyz Aşgabadyň ak mermere bürenen binalary, seýilgäh zolaklary, ýol-ulag düzümleri, Köpetdagyň eteginde kemala gelen döwlet ähmiýetli Arkadag şäheriniň innowasion mümkinçilikleri, aňyrsyna-bärsine göz ýetmeýän ekin meýdanlarynyň berekedi, maldarçylyk we guşçulyk toplumlary göz öňüňde janlanýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda işewürligi ösdürmek üçin amatly hukuk, ykdysady, maliýe we durmuş mümkinçilikleri döredilýär. Ýeňillikli salgyt ulgamy, pes göterimli hem-de uzak möhletli karzlar we beýleki oňaýly şertler telekeçilere öz mümkinçiliklerini durmuşa geçirmekde uly goltgy berýär. Döwletimiziň goldawyndan ruhlanýan hususyýetçiler Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň gülläp ösmegi hem-de halkymyzyň bolelin durmuşda ýaşamagy ugrunda alnyp barylýan asylly işlere saldamly goşant goşýarlar. Telekeçiligi ösdürmek ugrunda amala aşyrylýan sazlaşykly işler, içerki bazarda ýokary hilli milli haryt nyşanly önümleriň bolçulygynyň üpjün edilmegi, eksport edilýän harytlaryň möçberleriniň artdyrylmagy ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň mundan beýläk-de galkynmagyna hem-de daşary ýurtlar bilen hyzmatdaşlygyň has-da berkemegine giň ýol açýar.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda açylyp ulanylmaga berlen hem-de gurluşygy dowam edýän binalardyr desgalary sanap geçeniňde hem bu hakykata aýdyň göz ýetirmek bolýar. Hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýunyň uludan tutulýan ýylynda Bäherden etrabynda kuwwatlylygy bir ýylda 3 million 300 müň inedördül metr bolan keramiki-bezeg plitalaryny we 120 müň sany sanfaýans önümini öndürmäge niýetlenen döwrebap kärhananyň, Balkan welaýatynyň Jebel şäherçesinde sagatda 100 ýolagça hyzmat etmäge ukyply Halkara howa menziliniň, Diýarymyzyň sebitlerinde suw arassalaýyş desgalarynyň we ýaşaýyş jaýlarynyň ençemesiniň işe girizilmegi raýatlarymyzyň kalbyny buýsanja besledi. Şu ýylyň dowamynda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Öňaldy, Kaka etrabynyň Gowşut geňeşliklerinde, Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynda täze, döwrebap obalary, Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynda täze şäherçäni, Balkan welaýatynda Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsini, Aşgabat-Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary-Türkmenabat bölegini, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýokary okuw mekdebini we durmuş-ykdysady maksatly beýleki desgalary ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar. Şeýle hem, Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynda dowam edýän giň gerimli gurluşyklary göz öňüne getireniňde, döwletimiziň ykdysady kuwwaty, döredijilik mümkinçilikleri, belent maksatlary äşgär bolýar.
Paýtagtymyz Aşgabatda yzygiderli geçirilýän halkara sergiler, maslahatlar hem bu ugurda täze gözýetimlere ýol açýar. 29-njy aprel - 1-nji maý aralygynda geçirilen «Halkara söwda we hyzmatlar» atly sergi-ýarmarka hem-de «Türkmenistanda halkara ülňülere laýyk gelýän hil üpjünçiligi» atly halkara maslahat bu hakykatyň nobatdaky beýanyna öwrüldi. Dünýäniň onlarça döwletinden meşhur kompaniýalaryň, abraýly halkara guramalaryň, maliýe edaralarynyň ýolbaşçylarynydyr bilermenlerini, köp sanly işewürleri paýtagtymyzda jemlän bu forumda türkmen telekeçileriniň hem mynasyp orun alandygyny bellemek ýakymlydyr. Kiçi we orta telekeçiligiň kärhanalaryny goldamak, olara halkara ykdysady giňişlige goşulyşmaga ýardam etmek, Türkmenistanyň eksport mümkinçiliklerini ilerletmek, milli ykdysadyýetiň esasy pudaklaryna maýa goýumlary çekmek maksady bilen guralan sergi-ýarmarkada türkmen işewürleri ähli ugurlarda gazananlaryny görkezip, daşary ýurtly hyzmatdaşlarda uly täsirleri galdyrmagy başardylar. Ýeri gelende bellesek, ýurdumyzda önümçilik we hyzmatlar bilen meşgullanýan hususy kärhanalaryň öndürýän önümleriniň hem-de alyp barýan işleriniň halkara hil standartlaryna laýyk gelýändigini tassyklaýan şahadatnamalara eýe bolýandygy aýratyn buýsandyryjydyr.
Häzirki döwürde milli telekeçiligiň öňünde döwlet Baştutanymyzyň durmuş-ykdysady syýasatyny amala aşyrmaga goşant goşmak babatda belent maksatlar, täze wezipeler durýar. Ýurdumyzda azyk howpsuzlygyny pugtalandyrmak, import edilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndürilýän möçberlerini artdyrmak, eksporty giňeltmek babatda alnyp barylýan işler uly üstünliklere beslenýär.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda baky Bitarap döwletimiziň amala aşyrýan umumadamzat bähbitli işlerinde hem hususy pudagyň wekillerine aýratyn orun degişlidir. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, Türkmenistan parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgesini hem gönüden-göni ykdysady ösüş bilen baglanyşdyrýar. Ösüşiň iň möhüm şertleriniň biri bolan hyzmatdaşlygy ösdürmekde hem telekeçileriň öňünde jogapkärli wezipeler durýar. Şol wezipeleriň ähmiýetine doly we dogry düşünýän işewürlerimiz daşary ýurtly kärdeşleri bilen hyzmatdaşlygy berkitmek, milli ykdysadyýete maýa goýumlary çekmek, bäsdeşlige ukyply önümler bilen dünýä bazarlaryna çykmak, ilat üçin goşmaça iş orunlaryny döretmek babatda netijeli işleri alyp barýarlar. Berkarar Diýarymyzy ykdysady taýdan kuwwatly döwlete öwürýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Saparmyrat OWGANOW,
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygy, Mejlisiň deputaty.