​Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский

Выступления и Статьи

TOÝ-BAÝRAMLY EZIZ DIÝAR

 

     Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ýurdumyz ösüşle­re bes­len­ýär, türk­men hal­ky bagty­ýar dur­muş­da ýaşaýar. Gahryman Ar­ka­da­gy­my­zyň be­ýik baş­lan­gyç­la­ry hormat­ly Prezidentimiziň baş­tu­tanly­gyn­da üs­tün­lik­li do­wam ed­ýär. Bu günki gün he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­menis­ta­nyň hal­ka­ra de­re­je­sin­dä­ki ab­ra­ýy bar­ha ýo­kar­lan­ýar. Pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýüji­lik ýö­rel­ge­le­ri­ne esas­lan­ýan hemişe­lik Bi­ta­rap­lyk sy­ýa­sa­ty­ny üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çir­ýän Türkmenis­tan hoşni­ýet­li hyz­mat­daş­ly­ga, dost-do­gan­lyga be­lent sar­pa bi­len ga­ra­ýar.

     Türkmenistanyň hemi­şelik Bitarap­ly­gy­nyň 30 ýyl­ly­gy­nyň toýlanýan Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­lyn­da toý­la­ry­myz toý­la­ra ulaş­ýar. Ýa­kynda dünýä nusgalyk Ar­kadag  şä­he­ri­niň iki ýylly­gy my­na­sy­bet­li daba­ra­lar ge­çi­ri­lip, hal­ky­my­zyň buýsan­jy­na buýsanç goş­dy. Mu­nuň özi ag­zy­bir türk­men hal­ky­my­zyň pa­ra­hat durmuş­da, bag­ty­ýar­lyk­da ýa­şa­ýan­dygy­ny, tä­ze üs­tün­lik­le­re ruhubelent­lik bi­len bar­ýan­dy­gy­ny ala­mat­lan­dyr­ýar. Şu­nuň ýaly şanly wakalar Halkara pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly­nyň toý-baýramlarydyr, tä­ze üs­tün­lik­le­riniň şug­la­sy­dyr.

      Hä­zir­ki aja­ýyp döw­rü­miz­de şan­ly wa­ka­lar dün­ýä ýa­ýyl­ýar, dost-do­ganlyk ýo­lu­ny has-da ber­kid­ýär. He­mi­şelik Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan dost-do­ganly­gyň, toý-baý­ram­la­ryň me­ka­ny hökmün­de ta­nal­ýar. Ýurdu­myz Bi­ta­rap­lyk hu­kuk ýag­da­ýy­na eýe­rip, dost­luk­ly gatnaşyklary­my­zyň ge­ri­mi­ni has-da gi­ňeld­ýär. Hä­zir­ki wagt­da ýurdumyz­da hal­ka­ra mas­la­hat­lar, fo­rum­lar, da­şary döw­let­le­riň medeni­ýet gün­le­ri, şol döw­let­ler­de Türk­me­nis­ta­nyň me­de­niýet gün­le­ri yzy­gi­der­li ge­çi­ril­ýär. Döwle­ta­ra gat­na­şyk­lar­da deňhu­kuk­ly­lyk, öza­ra hor­mat goý­mak ýö­rel­ge­le­rinden ugur alynýar. Türk­menistanyň hemişe­lik Bi­ta­rap­ly­gy dün­ýä­de para­hat­çy­ly­gy go­rap sak­la­mak we ony ber­kit­mek mak­sat­la­ry­na gul­luk ed­ýär. Bi­ta­rap­lyk­—­ag­zy­bir­li­giň, abadan­çyly­gyň, asu­da ýa­şaý­şyň, ýag­ty gel­je­giň berk bin­ýa­dy. Bitaraplyk pa­ra­hat­çy­lygy we howp­suz­ly­gy ber­kit­mä­ge, çalt we yzygider­li ösüş­le­re, şeý­le-de mil­li däp-des­sur­la­ry­my­zy döw­re­bap dowam et­dir­me­gi­mi­ze gö­nük­di­ri­len tu­tan­ýer­li öz­gert­me­le­ri durmuşa or­naş­dyrma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär.

     Toý­la­ry toý­la­ra ulaş­ýan eziz Di­ýa­rymy­zyň üs­tün­lik­le­ri, halkymyzyň bagty­ýar dur­mu­şy ha­kyn­da tüýs ýü­rek­den be­ýan etmek örän ýa­kym­ly­dyr. Çün­ki hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň parasatly baştutanly­gyn­da dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän be­ýik iş­ler şu günümi­ziň üstünlik­le­re bes­len­ýän­di­gi­ni, gel­je­gi­mi­ziň has-da ösüşli­di­gi­ni aý­dyň be­ýan ed­ýär. Bu­laryň äh­li­si gel­jek nesillerimiziň bag­tyýar dur­mu­şy üçin ama­la aşy­ry­lan be­ýik işlerdir. Hä­zir­ki aja­ýyp döw­rü­miz­de Arkadag şä­he­ri dün­ýä nusgalyk «akylly» şä­her­dir. Döw­re­bap ýa­şa­ýyş jaýla­ry, me­de­ni-dur­muş des­ga­la­ry san­ly ul­gam bi­len berk baglanyşdyry­lyp, «akylly» öý­le­riň nus­ga­sy­na öw­rül­di. Ol jaý­lar özleri­niň döwrebaply­gy, äh­li şert­le­ri bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. El­betde, şeý­le döw­re­bap ýa­şa­ýyş jaý­la­ry­ny gur­mak we hal­kyň eş­ret­li durmuşyna gö­nük­dir­mek yk­dy­sa­dy taý­dan örän kuw­wat­ly­ly­gyň alama­ty­dyr. Türk­men hal­ky­na şeý­le bag­ty­ýar­ly­gy peş­geş edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň janla­ry sag bol­sun, be­ýik iş­le­ri üs­tünlik­le­re bes­len­sin!

 

                                                                      Zyba NEPESOWA, 

                                    Türkmenistanyň  Mejlisiniň Ylym, bilim,

                                    medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky

                                                       komitetiniň baş hünärmeni.

ÜSTAŞYR ULAG GEÇELGELERI — ROWAÇLYGYŇ KEPILI

 

     Hem­me­ta­rap­la­ýyn çalt ös­ýän dün­ýä­de äh­li ugur­lar bi­len birlik­de, bi­te­wi söw­da ul­ga­myn­da-da köp öz­ge­riş­lik­ler bo­lup geç­ýär. Mu­nuň özi Ze­mi­niň dür­li kün­jek­le­rin­de yk­dy­sa­dy, tehnolo­gik taýdan ös­ýän mer­kez­le­riň, hal­ka­ra ha­ryt we hyzmatlar ba­zar­la­ry­nyň dö­re­me­gi, ge­ri­mi­niň gi­ňe­lme­gi we ählumu­my ösüş­de ola­ryň tä­si­ri­niň, or­nu­nyň art­ma­gy bi­len bagly­dyr. Mu­nuň ýe­ne bir se­bä­bi hal­ka­ra sy­ýa­sy-dip­lo­ma­tik gatna­şyk­lar­da kä­ha­lat­da ýü­ze çyk­ýan gap­ma-gar­şy­lyk­la­ryň çözül­me­si aň­sat bol­ma­dyk me­se­le­le­ri dö­red­ýän­di­gin­de­dir. Çün­ki hal­ka­ra, döw­le­ta­ra söw­da-yk­dy­sa­dy hyzmat­daş­lyk he­mi­şe parahat­çy­lyk­ly, saz­la­şyk­ly, yla­la­şyk­ly gat­na­şyk­la­ry ta­lap ed­ýär

 

      Ker­wen ýollary gadymy döwürlerde-de özgerip, üýtgäp gelipdir. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly ajaýyp kitabynda il arasynda aýdylýan “Kerwen geçer, ýol galar” diýen pähime ýüzlenmek bilen, ýaýylyp ýatan ümmülmez türkmen topragynyň üstünden çar ýana uzap giden kerwen ýollarynyň ýurtlar, yklymlar üçin di­ňe bir ykdysady taýdan bähbitli bolman, eýsem, jemgyýetleriň medeni-ynsanperwer ösüşleri üçin hem örän ähmiýetli bolandygyny nygtaýar. Gahryman Arkadagymyz bu barada şeýle diýýär: “Geçmişdäki ata-babalarymyzyň şu gahrymançylykly işjeň­ligi halkara haryt dolanyşygyna dahyly bolan uly döwletleriň ykdysadyýetini öňe alyp gidipdir, her bir jemgyýetiň medeniýetini baýlaşdyrypdyr hem-de ösdüripdir. Munuň özi, göräýmäge, di­ňe söwda maksatly ýaly görünse-de, hakykatdan, birek-birekden alysda ýaşaýan kowumlary ýakynlaşdyrypdyr,olaryň düşünişmekleriniň ýola goýulmagyna täsir edipdir...”. 

     Söwda ýollarynyň ähmiýeti, möhüm orny baradaky düýpli pikirleri, başlangyçlary öňe sürmek bilen, Milli Liderimiz üstaşyr ulag geçelgeleriniň döwrebap düzümlerini ösdürmäge döwletimiziň maliýe, ykdysady, tehnologiýalar we guramaçylyk güýçlerini gönükdirip, döwrüň iň wajyp meselelerini çözmekde Türkmenistanyň mümkinçiliklerini halkara derejä çykardy. Şonuň netijesinde Beýik Ýüpek ýolunyň döwrüň şertlerine görä dikeldilmegi bilen bagly başlangyçlaryň Milletler Bileleşiginde ykrar edilmegini gazanmakda köp öňegidişliklere ýol açyldy. 

     Häzirki döwürde möhüm söwda-ykdysady ulag geçelgeleriniň mümkinçiliklerini yzygiderli ösdürmek türkmen döwletiniň daşary syýasat strategiýasynda ileri tutulýan ugur bolup durýar. Şunda 2014-nji ýylda Aşgabatda ýokary derejede halkara maslahatyň we 2016-njy ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda Durnukly ulag ulgamy boýunça ählumumy maslahatyň geçirilmegi möhüm ädim boldy. Bu maslahatlar dünýäde, esasan-da, Ýewropa bilen Aziýanyň arasynda üstaşyr ulag geçelgeleri babatda hyzmatdaşlygy ösdürmekde ýüze çykýan meseleleriň az däldigini we bu meseleleri hemmelere bähbitli bolar ýaly çözmek üçin halkara tagallalaryň zerurdygyny ýene bir ýola aýdyň görkezdi. Hormatly Prezidentimiz: “Biziň pikirimizçe, ulag meseleleri bütindünýä guramasynyň aýratyn iş ugry hökmünde BMG-niň gün tertibinde hemişelik we berk orny eýelemelidir. Türkmenistanyň bu ugurda işjeň syýasaty ulag meseleleri boýunça gepleşikleri ulgamlaýyn we yzygiderli häsiýetde alyp barmaga gönükdirilendir” diýip belleýär. Türkmenistanyň başlangyjy bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda 2014, 2015, 2017, 2021-nji ýyllarda durnukly ulag we bu babatda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek hakynda kabul edilen Kararnamalar türkmen döwletiniň alyp barýan ulag syýasatynyň uzak möhletleýin, düýpli halkara strategik maksat bolup durýandygyna güwä geçýär. Dünýäde üstaşyr ulag ýollarynyň ähmiýetiniň we ornunyň halkara derejede örän ýokarydygyny deň­ze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň tagallalarynyň işjeň­leşýändigi hem aýdyň görkezýär. 

     Deň­ze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar baradaky maglumatlara ýüzlenenimizde, soň­ky ýyllarda olaryň ählumumy ykdysady ösüşdäki ornunyň artýandygyny görmek bolýar. Şeýle döwletleriň sany dünýäde 30-dan gowrakdyr. Olar ähli yklymlarda ýerleşýär. Bu döwletleriň arasynda ýangyç-energiýa serişdelerini, gazylyp alynýan magdanlary, oba hojalyk önümlerini we köp dürli taýýar önümleri daşarky bazarlara çykarmaga uly mümkinçiligi bolan ýurtlar hem bar. Bu ugurda ýüze çykýan esasy mesele eksport önümlerini dünýä bazarlaryna uly suw ýollary arkaly göni çykarmakda zerur şertleriň bolmazlygy bilen bagly döreýän kynçylyklardyr. Şol kynçylyklaryň hatarynda dünýäniň de­ňiz söwda ýollaryna çykmak üçin logistika merkezleriniň ýeterlik däldigini, ýük daşamakda goň­şy ýurtlaryň üstünden geçip, portlara ýetmek üçin köp çykdajylaryň zerur bolýandygyny, kähalatda şeýle şertleriň deň­ze çykalgasy bolmadyk ýurtlara ykdysady kynçylyklary döredýändigini bellemek bolar. Şeýle bökdençlikleri azaltmakda, bu babatda özara ylalaşykly, amatly şertleri döretmekde halkara hereketiň işjeň­leşmegi özara bähbitli hyzmatdaşlygy dünýäniň ähli sebitlerinde has ösdürmek bilen baglydyr. Bu ugurda hyzmatdaşlygy talabalaýyk derejä ýetirmekde zerur çäreleri işläp düzmek, amatly söwda ýollarynyň mümkinçiliklerini ýüze çykarmak, deň­ze çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň özara gatnaşyklarynyň döwrebap şertlerini ösdürmek ýaly möhüm meseleleri maslahatlaşmak, pikir alyşmak üçin ýörite syýasy-ykdysady halkara meýdançalaryň döredilmegi dünýä ösüşiniň täze talaplary bilen şertlendirilendir. Deň­ze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň halkara söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmekde bar bolan mümkinçilikleri hökmünde Demirgazyk — Günorta hem-de Gündogar — Günbatar söwda geçelgeleri arkaly halkara ulag ulgamlaryna goşulmak, guryýer söwda ýollaryny döwrüň talaplaryna görä ösdürmek, halkara, sebitleýin guramalaryň çäklerinde özara hyzmatdaşlygy güýçlendirmek ýaly wajyp wezipeleri görkezmek bolar. 

     Şeýle derwaýys wezipeleri amala aşyrmakda deň­ze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň arasynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň ähmiýeti uludyr. 2022-nji ýylyň awgustynda Awazada geçirilen deň­ze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahat Türkmenistanyň ulag pudagyny we durnukly ulag diplomatiýasyny ilerletmekde möhüm ähmiýete eýe boldy. Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda geçirilen bu foruma 40-a golaý döwletden we halkara guramalaryň 30-dan gowragyndan wekilleriň gatnaşmagy ulag ulgamyny ösdürmegiň dünýä ykdysadyýetinde durnuklylygy gazanmagyň möhüm şertleriniň biridigini äşgär etdi. 

     Häzirki döwürde halkara gatnaşyklarda ýüze çykýan çylşyrymly meseleleriň täsiri netijesinde halkara söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk ugurlarynyň özgerýändigini, täze söwda ýollary hökmünde “Orta geçelge” üstaşyr ulag ugruna has uly üns berilýändigini bellemek gerek. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň maý aýynda Astanada geçirilen “Merkezi Aziýa — Italiýa” birinji sammitinde şeýle diýdi: “...Ulag özara baglanyşygy barada aýdylanda bolsa, dünýä ulag ugurlaryny özgertmegiň häzirki tapgyrynda biziň Aziýa — Ýewropa ugry boýunça hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerine gatnaşmaga gyzyklanma bildirýändigimizi bellemek isleýärin. Şunuň bilen baglylykda, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hazar sebitiniň üstünden geçýän “Orta geçelge” Ýewropa taslamasy geljegi uly taslamalaryň biridir”. Häzir bu geçelgäniň ýük geçirijilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar. “Orta geçelge” halkara söwda ýoly Ýewropa ýurtlary bilen Aziýa döwletleriniň arasyndaky iň amatly we howpsuz üstaşyr geçelgedir. Ol çalt depginde ösýän we ählumumy ösüşde täsirli ornuny pugtalandyrýan Merkezi Aziýa döwletleri bilen hyzmatdaşlygy gi­ňeltmäge gyzyklanmalaryň artmagyna hem sebäp bolýar. 

     Merkezi Aziýa sebiti dünýä ykdysadyýetini çig mal bilen üpjün edýän merkezleriň biri bolanlygyndan indi has ösdi. Öňdebaryjy önümçilik tehnologiýalarynyň çalt depginde özleşdirilmegi, dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply taýýar önümleriň öndürilmegi biziň sebitimize gyzyklanmalaryň artmagyny şertlendirýän ýagdaýlaryň biridir. Häzirki döwürde dürli ugurlardaky, esasan-da, ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen işjeň hereketiň barşynda “Merkezi Aziýa+” formatyndaky gatnaşyklaryň Hytaý, Russiýa, Ýaponiýa, Ýewropa Bileleşigi, Italiýa ýaly başga-da birnäçe ýurtlar bilen ýola goýulmagy, ösdürilmegi munuň aýdyň güwäsidir. Bu görnüşdäki hyzmatdaşlyk ýurtlarymyzyň ygtybarly geljeginiň kepilidir. 

     Nebithimiýa, oba hojalygy, gurluşyk we dokma senagaty pudaklarynda öndürilýän önümleri­ň eksport möçberiniň ýyl-ýyldan artmagy ýurdumyzda üstaşyr ulag geçelge we logistika merkezleriniň has çalt ösdürilmegine itergi berýär. Deň­ze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň birnäçesiniň Türkmenistanyň ýakyn goň­şulary we esasy hyzmatdaşlary bolup durýandygy ýurdumyza, esasan, gury ýer boýunça söwda ýollaryny ösdürmäge mümkinçilik berýär. Olaryň hatarynda Özbegistan, Täjigistan, Gazagystan, Gyrgyzystan ýaly döwletler bar. Sebit döwletleriniň özara söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy bolsa ýyl-ýyldan pugtalanýar. Biziň ýurtlarymyzyň Ýewropa bilen Aziýanyň arasyndaky söwda-ykdysady geçelge, logistik merkezler babatda alyp barýan işlerinde ylalaşykly hereket edýändiklerini aýratyn bellemek zerurdyr. Şu ýylyň iýun aýynda Gazagystanyň Astana şäherinde geçirilen “Merkezi Aziýa — Hytaý” sammitinde çykyş eden hormatly Prezidentimiz: “Türkmenistan ulag ulgamynda Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Hytaýyň arasyndaky hyzmatdaşlygy işjeň­leşdirmek üçin giň mümkinçilikler bar diýip hasaplaýar. Türkmenistanyň Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek strategiýasynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň esasy orny göz öňünde tutulýar” diýip nygtady. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, bu strategiýanyň Hytaýyň “Bir guşak, bir ýol” başlangyjy bilen utgaşdyrylmagy milli ulag-logistika mümkinçiliklerini ýakynlaşdyrmaga we olary umumy bähbitler üçin ulanmaga ýardam berer. 

     Halkara, sebitleýin we döwletara derejede yzygiderli guralýan çäreler, duşuşyklar, maslahatlar döwrüň örän wajyp hakykatyny has aýdyň­lygy bilen ýüze çykarýar. Söwda-ykdysady hyzmatdaşlykda her bir pudak, her bir ugur boýunça anyk, takyk we ylalaşykly hereket etmek di­ňe bir ösüş maksatlary üçin däl-de, eýsem, durnukly syýasy, durmuş, jemgyýetçilik ýagdaýlaryny üpjün etmekde-de esasy şertleriň biri bolup durýar. Munuň özi deň­ze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar üçin hem şeýledir. Dünýäniň dürli sebitlerinde, yklymlarynda ýerleşýän bu ýurtlaryň tagallalary birleşdirip, ylalaşykly hereket etmegi çalt özgerýän dünýä ýagdaýlarynyň şertlerinde döwlet we jemgyýetçilik bähbitleriniň goraglylygyny üpjün etmäge ýardam berýär. 

     Häzir Türkmenistanda Birleşen Milletler Guramasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny geçirmäge taýýarlyk görülýär. BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamasy esasynda bu maslahatda garaljak meseleleriň esasy ugurlary kesgitlendi. Olaryň hatarynda üstaşyr ulag geçelgeleriniň işini ilerletmek meselesi hem möhüm orun eýelär. Bu forum Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň şanly 30 ýyllygy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda iň möhüm wakalaryň biri bolar. 

     Eziz Watanymyzyň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda, türkmen halkynyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmekde beýik işleri amalaaşyrýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt weumumadamzat bähbitli döwletli tutumlary mundan beýläk-de rowaç bolsun! 

 

Ata SERDAROW, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygy, Mejlisiň deputaty.

Земля воздаёт сторицей

 

     Земледельцы крупного многопрофильного хозяйства – Сельскохозяйственного акционерного общества имени Садуллы Розметова этрапа Шават Дашогузского велаята ознаменовали Международный год мира и доверия высокими трудовыми результатами. Под озимую пшеницу здесь отведено 2420 гектаров, размещённых на целинных землях Ашык Айдын, Вас и в культурной зоне. Всего собрано и сдано в закрома Родины 6355 тонн зерна. Предпочтение было отдано высокоурожайным сортам пшеницы «Алексеич», «Безостая», хорошо зарекомендовавшим себя в местных почвенно-климатических условиях.

 

     По результатам завершившейся жатвы высоких трудовых результатов добились передовые арендаторы­хлеборобы Санабар Кенджаева, Гульбахар Хайтакова, Мухая Юлдашова, Сайара Кадырова и многие другие дайхане, зарекомендовавшие себя опытными земледельцами. Они со своих земельных наделов получили по 56–76 и более центнеров золотистого зерна. На них равняются молодые труженики, которым предстоит продолжить славные земледельческие традиции и внести достойный вклад в развитие аграрного сектора национальной экономики. 

     Отличилась также передовая группа арендаторов­хлеборобов, руководимая опытным земледельцем Фархадом Кутубаевым. Мастерами скоростной жатвы зарекомендовали себя передовые комбайнёры Кахраман Абдуллаев, Сапарбай Ходжамурадов, Насрулла Матякубов, за которыми были закреплены мощные зерноуборочные комбайны марки «CLAAS». Каждый из них за минувший сезон намолотил свыше 600–700 тонн зерна. Своевременную перевозку урожая на приёмные пункты обеспечили водители Бахрам Кадыров, Фуркат Таджимов, за которыми закреплены грузовые автомобили марки «МАЗ» с наращенными бортами. Все они были поощрены ценными призами, учреждёнными объединением профсоюзов Дашогузского велаята, Дашогузскими городским и велаятским комитетами ДПТ и другими общественными организациями. 

     Высокие материальные стимулы, предоставленные со стороны государства, выделенные льготные денежные кредиты побудили всех дайхан работать производительно и вселили уверенность в достижение высоких трудовых результатов. В передовом многопрофильном хозяйстве за счёт льготного банковского кредита в 2014 году была приобретена дождевальная установка производства Исламской Республики Иран. Кроме того, закуплено оборудование для капельного орошения от известной турецкой компании «Jan Technologiýa» и внедрено на 107 гектарах, отведённых под хлопчатник. За счёт использования капельного орошения достигается экономия 50 процентов оросительной воды. При подаче влаги одновременно через шланги вносятся в почву минеральные удобрения. В результате хлеборобы ежегодно получают высокие урожаи. Выращивать хлеб на родной туркменской земле для них огромное счастье! 

     Трудолюбивые земледельцы САО имени Садуллы Розметова Дашогузского велаята выражают искреннюю признательность Президенту Сердару Бердымухамедову и Национальному Лидеру туркменского народа Герою­Аркадагу за огромную поддержку отечественных сельхозпроизводителей.

Расул САДУЛЛАЕВ, 

заместитель председателя 

САО имени Садуллы Розметова, 

депутат Меджлиса Туркменистана

МОСТЫ ДРУЖБЫ ЧЕРЕЗ МОРЕ

 

     Туркменистан находится в очень выгодном географическом пространстве: между Азией и Европой, на перекрёстке важных маршрутов. Один из них – Великий шёлковый путь, сердцем которого является Туркменистан.

     В эру Возрождения новой эпохи могущественного государства древний маршрут получил новое развитие. В этом большая заслуга Президента Аркадаглы  Героя Сердара и Национального Лидера туркменского народа Героя-Аркадага, по инициативе которых создаются разветвлённая сеть современных мультимодальных маршрутов, дорожно-транспортная инфраструктура, новые транзитные коридоры.

     Наведение мостов дружбы между странами – одно из приоритетных направлений транспортной дипломатии Президента Туркменистана. Она находит широкую поддержку в мировом сообществе.

     Подтверждение тому – предстоящая Третья конференция ООН по развивающимся странам, не имеющим выхода к морю. Она будет проведена с 5 по  8 августа в Национальной туристической зоне «Аваза» по инициативе Туркменистана и согласно Резолюции Генеральной Ассамблеи ООН. Этот факт является ещё одним свидетельством признания мировым сообществом выдвигаемых Туркменистаном инициатив и их исторической значимости на международной арене.

     Туркменистан последовательно выступает за развитие эффективных механизмов сотрудничества с развивающимися странами, не имеющими выхода к морю, и вносит значительный вклад в разработку новой программы действий.

     Форум станет знаковым событием Международного года мира и доверия, ознаменованного 30-й годовщиной постоянного нейтралитета Туркменистана.

     Конференция создаст эффективную платформу для конкретных действий в области устойчивого развития, экологической и продовольственной безопасности путём улучшенной транспортной и цифровой взаимосвязанности, раскрытия торгово-экономического потенциала стран мира, что созвучно с национальными и внешнеполитическими приоритетами Туркменистана. Этот диалог откроет новые горизонты для международного экономического сотрудничества, станет уникальной площадкой для обсуждения ключевых вопросов, касающихся развития транспортной инфраструктуры, торговли, инвестиций и устойчивого развития в странах, не имеющих выхода к морю.

Эзиз МАТДЫЕВ, 

заместитель главного инженера АОО 

«Судостроительный и ремонтный завод 

«Balkan», депутат Меджлиса Туркменистана.

Türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň meseleleri maslahatlaşyldy

 

     25-­nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow bilen Aşgabat şäherine sapar bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri S.Lawrowyň arasynda duşuşyk geçirildi. 

     Iki ýurduň DIM-­leriniň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen duşuşykda taraplar Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň syýasy-­diplomatik, söwda-­ykdysady, medeni­-ynsanperwer ulgamlardaky özara gatnaşyklarynyň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Ministrler Türkmenistanyň we Russiýanyň ýolbaşçylarynyň arasynda ýola goýlan yzygiderli we ynamdar dialoga döwletara gatnaşyklaryň mundan beýläk­-de ösdürilmeginde aýratyn ornuň degişlidigini bellediler. Russiýanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň möhüm faktory bolup iň ýokary döwlet derejesindäki netijeli dialogyň çykyş edýändigini aýratyn nygtady. Şunuň bilen baglylykda, ministr S.Lawrow Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşmak üçin Moskwa şäherine amala aşyran saparyny belläp geçdi. 

     Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Russiýa — Yslam dünýäsi: Kazan Forum 2025» XVI halkara ykdysady forumyna gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna amala aşyran saparynyň ähmiýeti hem aýratyn bellenildi. 

     Duşuşygyň dowamynda taraplar iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda geçiriljek geňeşmeleriň gün tertibini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem sebit we halkara gün tertibiniň meseleleri boýunça pikir alyşmalar geçirildi. Türkmen-­rus hyzmatdaşlygynyň köptaraplaýyn formatlardaky, şol sanda BMG­niň, GDA­nyň, Hazar «bäşliginiň» hem­de «Merkezi Aziýa — Russiýa» formatynyň çäklerindäki özara gatnaşyklaryň netijeli häsiýeti bellenildi. 

     Duşuşykda iki ýurduň arasyndaky söwda-­ykdysady we medeni­-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlyga degişli meseleler jikme-­jik ara alnyp maslahatlaşyldy. 

     Duşuşyk tamamlanandan soň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2025­-2026-­njy ýyllar üçin Hyzmatdaşlyk maksatnamasyna gol çekmek dabarasy geçirildi.

 

 

Jahangül MYRADOWA, Türkmenistanyň Mejlisiniň baş hünärmeni.

 

ULAG ULGAMYNYŇ KANUNÇYLYK BINÝADY

 

     Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz dünýä derejesinde ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine öz mynasyp goşandyny goşýar. Dürli derejelerde, hususan-da, halkara guramalarynyň çäklerinde häzirki we geljekki nesiller üçin uly ähmiýete eýe bolan başlangyçlar yzygiderli öňe sürülýär we olary çözmäge çalşylýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan döredilýän düzümler parahatçylygyň, durnuklylygyň, howpsuzlygyň, durmuş-ykdysady ösüşiň üpjün edilmegine gönükdirilendir.

 

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ulag-aragatnaşyk pudagynda kanunçylyk ulgamy yzygiderli kämilleşdirilýär. Kabul edilýän kanunlaryň durmuş-ykdysady ösüşlere laýyklykda döwrebaplaşdyrylmagy demokratik ýörelgeleriň dabaralanmagyny we jemgyýetçilik-syýasy gatnaşyklaryň berkidilmegini üpjün edýär. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň 12-nji aprelinde geçirilen Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň sekizinji maslahatynda dürli ugurlar bilen bir hatarda ulag ulgamyna degişli kanunlary kämilleşdirmek boýunça birnäçe Kanun taslamalar ara alnyp maslahatlaşyldy we kabul edildi.

     Maslahatyň gün tertibiniň, esasan, «Kazyýet hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň täze beýanynyň taslamasyna, «1966-njy ýylyň Ýük markalary hakynda Halkara konwensiýasyna degişli 1988-nji ýylyň Teswirnamasyna goşulmak hakynda», «Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny döretmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna goşmaça girizmek hakynda, «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda», «Administratiw önümçilik hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda, «Döwlet syrlary hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna goşmaça we üýtgetme girizmek hakynda, «Awtomobil ulagy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda, «Migrasiýa hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna goşmaçalar we üýtgetmeler girizmek hakynda Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalarynyň ara alnyp maslahatlaşylmagy we biragyzdan kabul edilmegi döwletimizi hemmetaraplaýyn ösdürmäge täze mümkinçilikleri döreder. Şeýle Kanunlaryň kabul edilmegi hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň kanunçylyk esaslarynyň barha berkidilýändigini we kämilleşdirilýändigini görkezýär. Diýarymyzda şunuň ýaly uly maksatlara gönükdirilen işleriň amal edilmegi Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň kanunçylyk ulgamyna aýratyn ähmiýet berýändiginiň, netijede, onuň binýadynyň barha kämilleşdirilýändiginiň aýdyň mysalydyr. 

     Ýurdumyzyň Ýük markalary hakynda Halkara konwensiýasyna 2008-nji ýylda goşulandygyny nazara alyp, «1966-njy ýylyň Ýük markalary hakynda Halkara konwensiýasyna degişli 1988-nji ýylyň Teswirnamasyna goşulmak hakynda» Türkmenistanyň Kanuny şu ýylyň 18-nji aprelinde Türkmenistanyň Mejlisinde geçirilen maslahatynda kabul edildi. Kanun 1966-njy ýylyň 5-nji aprelinde London şäherinde kabul edilen Ýük markalary hakynda Halkara konwensiýanyň düzgünleri 1988-nji ýylyň 11-nji noýabrynda London şäherinde gol çekilen Teswirnamanyň esasynda «Gämilerden hapalanmagyň öňüni almak baradaky halkara konwensiýanyň» we «Gämileriň deňizde çaknyşmagynyň öňüni almagyň halkara düzgünleri barada konwensiýanyň» talaplaryna laýyk getirilýär. Kanunyň kabul edilmegi gämi gatnawlary babatynda ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlygynyň hukuk esaslaryny berkidilýär. 

     Kabul edilen «Awtomobil ulagy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanuny awtomobil ulagy çygrynda düzgünleşdirmegi we dolandyrmagy amala aşyrýan döwlet edaralarynyň, yagny Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň, şeýle hem «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň wezipeleri hem-de olaryň ygtyýarlyklary kesgitlenilýär. Şeýle-de awtomobil ulagy çygrynda işleri amala aşyrýan ygtyýarly edara tarapyndan kadalaşdyryjy hukuk namalaryň birnäçesiniň işlenip taýýarlanylmagy bilen bagly kadalar göz öňünde tutuldy. 

     Bu Kanunyň kabul edilmegi ýurdumyzda awtomobil ulagy çygrynda hereket edýän degişli edaralaryň işlerini düzgünleşdirmekde, şeýle hem bu ugurdaky hukuk gatnaşyklaryny kadalaşdyrmakda ýardam berer. 

 

Orazdurdy ABDYÝEW,

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Mejlisiň Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky komitetiniň agzasy.

ÝOLGÖRKEZIJI ŞAMÇYRAG

                                                    

     Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň aja­ýyp eser­le­ri – dur­muş­da ýol gör­ke­zi­ji şam­çy­ra­gy­myz. Bu gün ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň her bir maş­ga­la oja­gyn­da apa­la­nyp, eziz­le­nip sak­la­nyl­ýan şol ki­tap­lar ýa­şy­na, kä­ri­ne ga­ra­maz­dan, ýur­du­my­zyň her bir ra­ýa­ty tarapyndan öw­ran-öw­ran okal­ýar. Bu bol­sa olar­da­ky pähimleriň, paý­has­la­ryň, öwüt-ne­si­hat­la­ryň, ta­ry­hy­myz, şu günü­miz ha­kyn­da­ky gym­mat­ly mag­lu­mat­la­ryň her bir yn­sa­nyň aňyn­da, kal­byn­da orun al­ýan­dy­gy­nyň gü­wä­si­dir. Türk­men halky­nyň Mil­li Li­de­riniň «Ha­ky­da göw­he­ri» at­ly aja­ýyp ese­ri hem şo­la­ryň bi­ri­dir.

 

     Pä­him-paý­ha­sa ýug­ru­lan ese­rin­de Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz: «Dün­ýä­de hiç ha­çan soň­lan­maýan baý­lyk ru­hy baý­lyk­dyr» di­ýip nyg­ta­ýar. Öz ki­tap­la­ry bi­len hiç ha­çan soň­lan­ma­jak ru­hy baýlygy­my­zy nus­ga­lyk de­re­je­de baý­laş­dy­ran Mil­li Li­de­ri­miz bu ese­rin­de: «Ta­ryh bir söz­de ýat­dyr. Ýa­da ýa­zy­lan ýaz­gy­lar­dyr. Ede­bi­ýat bol­sa duý­gu­dan burk al­ýan bos­san­dyr. On­da­ky gül­le­riň ysy­ny al­mak hem hoş­wagt­lyk­dyr» di­ýip ýaz­ýar. Gah­ry­man Arka­da­gy­my­zyň duý­gu­dan burk al­ýan bos­sa­ny­my­zy has-da gözel­leş­dir­ýän­di­gine, tä­ze-tä­ze al-el­wan gül­ler bi­len, on­da-da hiç ha­çan sol­ma­jak gül­ler bi­len be­ze­ýän­di­gi­ne bol­sa «Ha­ky­da göw­he­ri» at­ly aja­ýyp ki­ta­by no­bat­da­ky su­but­na­ma­dyr.

     Türk­men hal­ky­nyň şöhrat­ly ta­ry­hy­nyň be­ýa­ny bu gym­mat­ly ki­ta­byň öze­ni­ni düz­ýär. Eser­de şol ta­ryh­da ebe­di­lik orun alan be­ýik akyl­dar şa­hy­ry­myz Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň eser­le­ri­niň adam­zat gym­mat­lyk­la­ry­na ýe­ti­ren tä­si­ri, türk­men me­de­ni­ýe­ti­niň dün­ýä si­wi­li­za­siýa­sy­na go­şan go­şan­dy şeý­le bir çe­per­çi­lik bi­len be­ýan edil­ýär we­lin, olar oky­jy­nyň tu­tuş kal­by­ny, süň­ňü­ni gurşap al­ýar. Ine, bu aja­ýyp ese­riň aý­ratyn gym­mat­ly ta­ra­py hem şun­da­dyr.

     Hal­ky­my­zy eş­ret­li eý­ýa­myň eýe­si eden, ajaýyp eser­le­ri bi­len yzy­gi­der­li be­gen­di­rip dur­ýan Gahryman Arkadagymyzyň ja­ny sag, öm­ri uzak, be­ýik iş­le­ri he­mi­şe ro­waç bol­sun! 

 

 

 Perman SAPAROW, Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň Dur­muş syýa­sa­ty ba­ra­da­ky ko­mi­te­ti­niň baş hü­när­me­ni

Dünýä nusgalyk taglymat

 

     Parahatçylyk we ynanyşmak adamzadyň abadan geljegini üpjün etmek üçin biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşykly, iň gymmatly düşünjeler bolup, ol häzirki wagtda döwletleriň we halklaryň arasynda hyzmatdaşlygyň hem-de ösüşiň baş ýörelgesine öwrülýär. Hakykatdan hem ýurdumyz özüniň ýeten belent sepgitleri, şonuň ýaly-da, ähli ugurlarda bedew batly ösüşi bilen parahatçylygyň, asudalygyň, ynsanperwerligiň, gülläp ösüşiň hem-de öňegidişligiň Watanymyzda ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýandygyny dünýä ýüzüne subut etdi.

     Täze taryhy döwürde döwletimiziň dünýädäki ornuny has-da berkitmek, halkara hyzmatdaşlyk, dostluk we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan içeri hem-de daşary syýasatymyzyň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny giňden wagyz etmek, dünýä ýaýmak, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyny we halkymyzyň gadymdan gelýän parahatsöýüjilik, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik däplerini Ýer ýüzünde şöhratlandyrmak biziň öňümizde durýan mukaddes borçlaryň biridir.

     Alyp barýan nusgalyk beýik işleri bilen ýurdumyzyň halkara abraýyny dünýä ýaýýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli işleri, umumadamzat ähmiýetli başlangyçlary elmydama rowaç bolsun!

 

Maýsa JUMAÝEWA, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty. 

Köneürgenç etrap RÝNÝ  bölüminiň müdiri

IL SAGLYGY — ÝURT BAÝLYGY

 

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ynsan saglygyny goramak, adamlaryň ömrüni uzaltmak, keselleriň öňüni almak, sagdyn durmuş kadalaryny ornaşdyrmak, berk bedenli we ruhy taýdan kämil ýaş nesli kemala getirmek babatda ägirt uly işler amala aşyrylýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe uly ösüşlere, belent sepgitlere beslenýän ulgamlarda gazanylýan üstünlikleriň mizemez binýady adam hakyndaky aladadan gözbaş alýar. Jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgesini berkarar etmek, beden terbiýe-sagaldyş hereketini, lukmançylyk edaralaryndan başga-da, şypahana hem-de sport ulgamyny, syýahatçylyk we dynç alyş ulgamyny öz içine alýan döwrebap saglyk düzümini ösdürmek babatda edilýän işleriň ählisi raýatlarymyzyň bagtyýar ýaşaýşyny üpjün etmäge gönükdirilendir. 

     Garaşsyz Watanymyzy hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösýän ýurda öwürmek maksady bilen, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde milli saglygy goraýyş ulgamynyň döwrebaplaşdyrylýandygyny aýratyn nygtamak gerek. Lukmançylyk ylmynyň we tehnologiýalarynyň gazananlaryny, öňdebaryjy dünýä tejribesini ornaşdyrmak arkaly ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy halkara talaplaryna laýyk ösdürilýär. Dünýäniň ösen döwletleri, iri halkara guramalar bilen alyp barýan hyzmatdaşlygymyz hem milli saglygy goraýyş ulgamynyň ösüşine oňyn täsirini ýetirýär. Munuň özi saglygy goraýyş ulgamynyň kanunçylyk-hukuk binýadynyň kämilleşdirilýändiginiň, ylmyň we tehnologiýanyň täze gazananlarynyň ornaşdyrylmagy arkaly maddy enjamlaýyn binýadynyň berkidilendiginiň aýdyň subutnamasydyr.

     Ýurdumyzy sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurduna öwürmek babatda ägirt uly işleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin! 

 

Arazmyrat HANGELDIÝEW, Daşoguz şäheriniň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

1 2 3 4 5 6 7 ... 87