​Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский

Выступления и Статьи

ÖSÜŞIŇ TÄZE BELENTLIKLERINE BADALGA

Wagtyň synagyndan geçen däp-dessurlar halkyň durmuş ýörelgesine öwrülýär. Pederlerimiz iliň sözüne eýermegi, köpüň ugruna ýykylmagy dogry bilip, gadymy döwürlerden bäri bu düşünjäni jemgyýetçilik gatnaşygynyň mizemez kadasyna öwrüpdirler.

Halkyň raýyna görä iş tutmak, iliň sözüni diňlemek, jemagatyň makul bilenini oňlamak döwletlilikden, agzybirlikden, adalatlylykdan nyşan. Ile sala salmak, ýaşululara, il kethudalaryna, sarpasy belent kişilere maslahat salmak gadymdan gelýän adat bolup, bu asylly ýörelge türkmeniň geňeş däbinde aýdyň şöhlelenýär.

Pederlerimiziň asylly ýörelgesiniň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dowamat tapýandygy merdana halkymyzyň göwün guşuny ganatlandyrýar. Her ýyl Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda geçirilmegi asylly däbe öwrülen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi halkymyzyň milli jebisligini, asyrlarboýy dowam edip gelýän pederlerimiziň döwletlilik ýörelgesini özünde şöhlelendirýär. Belent münberde aýdylan halkyň köňül kelamy, ýagny raýatlardan gelip gowşan teklipler, oňyn ýüztutmalar işjeň durmuşa geçirilýär. Munda dürli ugurlarda öňdebaryjylyk görkezýän bagtyýar ýaşlar hem ähli halk forumynda garalýan meseleler hakynda öz garaýyşlaryny, tekliplerini beýan edýändigi buýsandyryjy ýagdaýdyr. «Bir-ä ulyny, bir-de kiçini diňle» diýen pähim milli demokratiýanyň we deňhukukly raýat gatnaşyklarynyň gadymy kökleriniň halkymyzyň jemgyýetçilik gurluşynda aýdyň şöhlelenýändigini görkezýär.

Şu günler Halk Maslahatynyň mejlisiniň taryhy-syýasy ähmiýeti hakynda bagtyýar ýaşlarymyz metbugat sahypalarynyň, tele we radio ýaýlymlaryň üsti bilen çykyş edip, öz pikir-garaýyşlaryny, şanly ýylymyzy has dabaralandyrjak möhüm wakanyň öňüsyrasynda ýürek buýsançlaryny yzygiderli beýan edýärler. Ata Watanymyzyň gazanan üstünliklerine nazar salmak, nurana geljeginiň ösüşli menzillerini çelgilemek, halkymyzyň abadan, bagtyýar durmuşyny berkarar etmek ählihalk forumynyň esasy maksadydyr. «Halkymyzyň agzybirligini, jebisligini, abadançylygyny berkitmäge hem-de Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň has-da kuwwatlanmagyna ýardam bermek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň baş maksady we esasy wezipeleri bolup durýar» diýip, Milli Liderimiz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisindäki çykyşynda hem aýratyn nygtaýar. Şeýle jogapkärçilikli pursatda ýaşlaryň raýatlyk borçlaryna düşünýändigi has-da buýsandyryjydyr. Ýaşlar «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň syýasy-jemgyýetçilik ähmiýetli möhüm wakasyna öwrüljek ählihalk forumynyň işe başlamagynyň öňüsyrasynda guralýan «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşliklerde özara pikir alyşýarlar, ýurdumyzda gazanylýan ösüşler, amala aşyrylýan özgertmeler hakynda buýsançly söhbet edýärler. Şularyň üsti bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda amala aşyrylýan düýpli özgertmelere, depginli ösüşlere öz goşandyny goşýan, halkymyzyň ykbalyny galkyndyrjak beýik işlere dahyllydygyny duýýan täze, kämil nesliň kemala gelýändiginiň şaýady bolýarys.

Gahryman Arkadagymyzyň geçen ýylda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki çykyşynda, Watanymyzyň güýç-kuwwaty, abraý-mertebesi hem-de beýik geljegi bolan ýaşlarymyzyň alyp barýan işlerine, gazanýan üstünliklerine örän ýokary baha berýändigini aýratyn belläp geçýär.

Diýarymyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasaty ýaşlaryň durmuş-ykdysady taýdan goldanmagyna, olaryň hukuk we durmuş üpjünçiliginiň berkidilmegine şert döredýär. Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görmek boýunça golaýda geçirilen Prezidiumyň mejlisinde täze iş orunlaryny döretmek, ömür dowamlylygyny uzaltmak, ilatyň durmuş goraglylygyny üpjün etmek bilen bir hatarda, ýaşlar syýasatyny ösdürmek meselesiniň täze taryhy döwrüň Gün tertibinde möhüm orun eýeleýändigine aýratyn üns çekildi. Şeýle hem «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyny», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny» işjeň durmuşa geçirmek esasynda ykdysady görkezijileriň durnuklylygyny gazanmak, pudaklary ösdürmek, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak, täze önümçiliklere maýa goýumlary gönükdirmek Halk Maslahatynda serediljek möhüm wezipeler hökmünde kesgitlenildi.

Bu wezipeler bilen baglanyşykly raýatlaryň tekliplerini işläp taýýarlamak, maksatnamalaryň işjeň ýerine ýetirilmegine halk köpçüligini çekmek täze taryhy döwrüň milli demokratik ýörelgesiniň baş maksady bolup durýar. Halka geňeşmek, jemgyýetçilik pikirine hormat goýmak milli ruhyýetimize, döwletlilik ýörelgelerimize mahsus häsiýetlerdir. Şonuň üçin hem ählihalk forumyna halkyň ykbalyna, ýurduň geljegine täsir etjek möhüm syýasy, taryhy ähmiýetli waka hökmünde garalýar. Bu möhüm çäräniň taryhy ähmiýeti döwrüň belent ruhly täze Galkynyşynda, belent ruhyýetinde aýdyň şöhlelenýär.

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň» mekany ýylynda badalga aljak Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi belent maksatlardan ugur alýan giň gerimli özgertmeleriň, beýik tutumlaryň başy bolup, ýurdumyzyň täze taryhyny, bedew batly ösüşleriniň täze tapgyryny alamatlandyrar.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi türkmen halkynyň jebislik, agzybirlik, adalatlylyk ýaly ruhy gymmatlyklarynyň işjeň durmuşa ornaşdyrylýandygyna aýdyň delildir. Bu jemgyýetçilik instituty berkarar döwletimizde häzirki zaman jemgyýetini, halk demokratiýasynyň milli nusgasyny, raýat jemgyýetini berkarar etmekde möhüm binýat bolup hyzmat edýär. Ählihalk forumy Berkarar döwletiň täze eýýamyň Galkynyşy döwründe milli jebisligimizi pugtalandyrmakda, döwlet syýasatyny wagyz etmekde, jemgyýetiň demokratik kadalaryny, raýat bilen jemgyýetiň, döwlet bilen halkyň özara baglanyşygyny üpjün etmekde örän uly ähmiýete eýedir.

Halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy üçin bimöçber tagallalary durmuşa geçirýän Milli Liderimize we hormatly Prezidentimize çyn ýürekden çykýan alkyşlarymyz çäksizdir.

Ýazpolat KERIÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Merkezi

Geňeşiniň başlygy, Mejlisiň deputaty.

DEMOKRATIK DÄPLERE SAZLAŞYK

Döwrüň öňe çykarýan iň möhüm syýasy, ykdysady, ýaşaýyş-durmuş meseleleriniň oňyn çözgüdini tapmakda wagtyň kämillik mekdebinde sünnälenen milli däp-dessurlaryň umumy ykrar edilen demokratik ýörelgeler bilen sazlaşykly utgaşdyrylmagy ýurdumyzyň döwlet gurluşynyň häsiýetli aýratynlygydyr. Beýik Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk taryhy senesiniň öňüsyrasynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi muny ýene bir ýola aýdyň görkezer. Sebäp diýeniňde, bu ýokary wekilçilikli edara halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň binýadyny has-da pugtalandyrmaga, berkarar Watanymyzyň geljekki okgunly ösüşini üpjün etmäge gönükdirilen wajyp çözgütleriň kabul edilmegine ilatyň giň gatlaklaryny işjeň çekmäge mümkinçilik berýär. Türkmenistanyň özygtyýarlylygynyň halk tarapyndan amala aşyrylýandygy, halkyň döwlet häkimiýetiniň ýeke-täk gözbaşy bolup durýandygy, halkyň öz häkimiýetini gös-göni ýa-da wekilçilikli edaralaryň üsti bilen amala aşyrýandygy bolsa Esasy Kanunymyzda — Konstitusiýamyzda berkidilendir.

Dünýä jemgyýetçiliginde halkyň özygtyýarlylygyna, döwlet durmuşyna dahylly wajyp meseleleriň oňyn çözgütlerini tapmakdaky işjeňligine hukuk döwletini berkarar etmekde esasy şertleriň biri hökmünde baha berilýär. Munuň özi demokratiýanyň esasy ýörelgeleriniň hakykat ýüzünde dabaralanmasy hökmünde düşündirilýär. Şu nukdaýnazardan seredeniňde, öz işini «Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunyna laýyklykda alyp barýan bu ýokary wekilçilikli edara milli demokratiýany durmuşa ornaşdyrmakda gazanylan iň uly üstünlikleriň biridir. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalarynyň il goldawy bilen utgaşmagy arkaly döredilen Halk Maslahatynyň möhüm orny Konstitusiýamyzda ýörite kadalar bilen berkidilendir. Türkmenistanyň Halk Maslahaty halkyň bähbitlerine wekilçilik edýän edara bolup, ony döretmegiň tertibi we ygtyýarlyklary Konstitusion kanun bilen kesgitlenýär. Diýmek, bu ýokary wekilçilikli edara döwletimiz üçin syýasy we hukuk taýdan möhüm ähmiýete eýe bolmak bilen, ýurdumyzyň milli demokratik ýörelgelerine hemişe ygrarlydygyny hem-de asyrlaryň synagyndan geçen bu ýörelgeleri döwlet durmuşynyň mizemez binýady hökmünde saýlap alandygyny tassyklaýar.

Halk Maslahatynyň öz öňünde goýýan maksatlarynyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň köptaraply özgertmeleriniň rowaçlyklara beslenmeginde halkyň döredijilik güýjüni bir ýere jemlemäge, agzybirligi, jebisligi, berkitmäge, abadançylygy, bagtyýarlygy üpjün etmäge, Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny ýokarlandyrmaga, syýasy durnuklylygyny pugtalandyrmaga ýardam etmek ýaly döwletli tutumlary öz içine almagy aýratyn ünsi çekerlikdir. Sebäbi, munuň özi zähmetsöýer halkymyzyň naýbaşy arzuwlary bilen ajaýyp sazlaşygy emele getirýär. Şol bir wagtda hem bu ýokary wekilçilikli edaranyň üstünlikli durmuşa geçirýän işleriniň, toplan oňyn tejribeleriniň düýp özeninde demokratik ýörelgelerimizi kämilleşdirmek we baýlaşdyrmak, kanunyň hökmürowanlygyny, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalarynyň ileri tutulmagyny, raýatlaryň hukuklaryna we azatlyklaryna hormat goýulmagyny, möhüm çözgütleriň erkin ara alnyp maslahatlaşylmagyny hem-de kabul edilmegini üpjün etmekde nusgalyk sepgitlere ýetilendigini doly görmek bolýar.

Bulardan başga-da Halk Maslahatynyň ygtyýarlyklarynyň hataryna Türkmenistanyň Konstitusiýasyny, Konstitusion kanunlaryny kabul etmegiň, olara üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmegiň meseleleri boýunça tekliplere garamak hem-de makullamak ýaly örän möhüm wezipeler hem girýär. Döwletiň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlaryna, ýurdumyzy syýasy, ykdysady, durmuş, medeni taýdan ösdürmegiň maksatnamalarydyr kanunlaryna garamakda hem-de olary makullamakda bu ýokary wekilçilikli edaranyň alyp barýan işlerem guwandyryjydyr. Türkmenistanyň Prezidentiniň her ýylky ýüzlenmelerini diňlemek, parahatçylyk we howpsuzlyk meselelerine garamak, kanun çykaryjylyk başlangyjyna bolan hukugyny amala aşyrmak ýaly wajyp wezipelerem Halk Maslahatynyň kanuny ygtyýarlyklarynyň hatarynda mynasyp orun eýeleýär. Şeýle ygtyýarlyklaryň «Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda» Konstitusion kanunda berkidilendigini nygtamak gerek.

Umuman aýdanyňda, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda kämillik belentliklerine göterilýän milli demokratik ýörelgelerimiz ýurduň durnukly durmuş-ykdysady ösüşini, agzybir halkymyzyň abadançylygyny, bagtyýarlygyny üpjün edýär. Şunuň ýaly durmuşa ukyply, netijeli ynsanperwer ýörelgeleriň ähli halk goldawyna eýe bolýandygyny bolsa Halk Maslahatynyň mejlislerinde ähli aýdyňlygy arkaly görmek, duýmak bolýar. Ýokary wekilçilikli edaranyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda geçiriljek nobatdaky mejlisi şeýle buýsançly hakykatyň ýene bir gezek dabaralanmasyna öwrüler.

Halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrundaky beýik işleriň sakasynda duran Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

Guwanç ÇENDIROW,

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň

Balkan welaýat komitetiniň başlygy,

Mejlisiň deputaty.

Ýylyň şygary türkmen medeniýetiniň we sungatynyň dabaralanmagy bilen utgaşýar

Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň döw­let­li baş­lan­gyç­la­ry bi­len ba­şy baş­la­nyp, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da my­na­syp do­wam et­di­ril­ýän iş­ler ro­waç­lyk­la­ra bes­lenýär. Türk­me­nis­ta­nyň Kons­ti­tu­si­ýasy­nyň 56-njy mad­da­syn­da: «Döw­let yl­myň, me­de­ni­ýe­tiň, sun­ga­tyň, halk dö­re­di­ji­li­gi­niň, spor­tuň we sy­ýa­hatçy­ly­gyň ös­me­gi­ne ýar­dam ed­ýär» diý­lip be­ýan edil­ýär. Baş Kanunymyza esas­lan­ýan «Me­de­ni­ýet ha­kyn­da», «At­çy­lyk we at­ly sport ha­kyn­da», «Mil­li ta­ry­hy-me­de­ni mi­ra­syň obýekt­le­ri­ni go­ra­mak ha­kyn­da», «Mil­li mad­dy däl me­de­ni mi­ra­sy go­rap sakla­mak ha­kyn­da», «Mil­li ta­ry­hy-me­deni mi­ra­syň goz­gal­ýan gym­mat­lyk­lary­ny go­ra­mak, äkit­mek we ge­tir­mek ha­kyn­da», «Teatr we teatr işi ha­kynda», «Sirk we sirk sun­ga­ty ha­kyn­da» Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nun­la­ry asyr­lardan göz­baş al­ýan me­de­ni­ýe­ti­mi­zi, ta­ry­hy-me­de­ni mi­ra­sy­my­zy aýap sak­la­ma­gyň, dün­ýä ýaý­ma­gyň hu­kuk bin­ýa­dy bo­lup he­re­ket ed­ýär.

Bu bolsa türkmeniň döwletlilik ýolunyň mizemez ýörelgelerini, milli medeniýetini, sungatyny, medeni mirasyny, milliliklerini goramagyň hem-­de bu ugurda döwlet goldawynyň konstitusion esasy bolup durýar. Bu Kanunlar halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda döwrüň talabyna görä milli ruhda kämilleşdirilýär, döwrebaplaşdyrylýar.

Häzirki wagtda milli medeniýetimiziň bir şahasy bolan sirk sungatynyň kämil kanunçylyk binýady döredilip, ýurdumyzda bu ugurda uly üstünlikler gazanyldy. Gahryman Arkadagymyzyň taryhy başlangyçlary, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen kabul edilen «Sirk we sirk sungaty hakynda» Türkmenistanyň Kanuny hereket edýär. Sirk we sirk sungaty babatynda Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanyp, «Sirk we sirk sungaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunyndan hem-­de Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybaratdyr. Bu Kanun sirk işi we sirk sungaty babatda döwlet syýasatynyň hukuk, durmuş­-ykdysady esaslarynyň döwlet tarapyndan goldanylmagynyň görnüşlerini kesgitleýär, sirk tomaşalarynyň döredilmegi, köpçülige görkezilmegi bilen bagly ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirýär, şeýle hem raýatlaryň estetiki terbiýesine, olaryň sirk sungaty babatda döredijilik isleglerini kanagatlandyrmaga we bähbitlerini goramaga gönükdirilýär.

«Sirk we sirk sungaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 1-­nji maddasynda bu Kanunyň maksatlary üçin ulanylýan adalgalara giňişleýin düşündirişler berilýär. Kanunyň 3­-nji maddasynda Sirk we sirk sungaty hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň maksatlary we wezipeleri beýan edilýär. Ýurdumyzda sirk işiniň häzirki döwrüň talaplaryna, şertlerine laýyklykda netijeli hereket etmegi we ösmegi üçin kadalaşdyryjy hukuk şertleriniň döredilmegini üpjün etmek bu Kanunyň baş maksady bolup durýar. Milli medeniýetiň aýrylmaz bölegi bolan sirk we sirk sungaty babatda döwlet syýasatynyň ýörelgeleri, esasy ugurlary Kanunyň 4-­nji maddasynda öz beýanyny tapýar. Döwletiň medeniýetiniň düzüm bölegi bolan sirk işi babatda döwlet syýasaty ynsanperwerlik, demokratiýalylyk, umumadamzat ruhy gymmatlyklarynyň ähmiýetliligi, döredijilik erkinligi, sirk sungatynyň ählumumy elýeterliligi ýaly ýörelgelere esaslanýar. Bu maddada sirk işi babatda döwlet syýasatynyň esasy on üç ugry, şeýle hem sirk işine goldaw bermek boýunça döwlet syýasatyna esaslanýan bäş ugry beýan edilendir. Milletine, teniniň reňkine, jynsyna, gelip çykyşyna, emläk we wezipe ýagdaýyna, ýaşaýan ýerine, diline, dini garaýşyna, syýasy ynam-ygtykadyna ýa­-da gaýry ýagdaýlara garamazdan, türkmen halkynyň medeni gymmatlygy bolan sirk sungatyna elýeterlilik, ýagny sirk oýunlaryna tomaşa etmek hukugyna ähli raýatlaryň eýedigi Kanunyň    5­-nji maddasynda berkidilýär.

Kanunyň 2­-nji babynda sirk işi babatda döwlet düzgünleşdirmesini amala aşyrýan döwlet edaralarynyň ygtyýarlyklary kesgitlenilýär. Kanunyň 3­-nji babynda sirkiň hukuk ýagdaýy, sirk işiniň maksatlary, esasy görnüşleri, sirk işiniň guralmagy, sirkiň hukuklary we borçlary, sirkiň öz nyşanyna bolan hukugy, sirk işi amala aşyrylanda raýatlaryň saglygyny goramak düzgünleriniň berjaý edilişi baradaky kadalar öz beýanyny tapýar. Mundan başga­-da, Kanunyň 4-­nji babynda sirkleriň döredilmegi, döwlet belligine alynmagy, üýtgedilip guralmagy we işiniň bes edilmegi, 5-­nji babynda sirkleriň döredijilik işgärleri, olaryň hukuk we durmuş taýdan goraglylygy, 6­-njy babynda sirk eserine bolan emläk we şahsy emläkleýin däl hukuklar, 7-­nji babynda sirkleriň işiniň maliýe, maddy­-enjamlaýyn üpjünçiligi, 8-­nji babynda bolsa sirkleriň halkara we daşary ykdysady işi bilen bagly kadalar beýan edilýär.

Türkmen halkynyň gadymdan gelýän milli medeniýeti, asylly ýörelgeleri bar. Müňýyllyklardan gözbaş alýan gymmatlyklarymyz bolan ajaýyp halylarymyz, bedew atlarymyz, edermen alabaý itlerimiz dünýäde türkmeni millet hökmünde tanadýan milli buýsanjymyzdyr. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi», «Atda wepa-­da bar, sapa-­da», «Arşyň nepisligi», «Gadamy batly bedew», «Türkmen alabaýy» atly eserlerini okanyňda, türkmen halkynyň millilikleriniň kämillik derejesinde biziň günlerimize ýetirilendigine has içgin düşünýärsiň.

Gahryman Arkadagymyz türkmen milliliklerini dikeltmekde, dünýä ýaýmakda beýik işleri bitiren Şahsyýet, biziň her birimiz üçin nusgalyk görelde mekdebidir. Gahryman Arkadagymyzyň şeýle beýik işleriniň biri hem 2007­-nji ýylda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyny döredip bermegidir. «Galkynyş» toparynyň at üstünde ýerine ýetirýän akrobatika we gimnastika tilsimleri, bedewlere ussatlyk bilen erk etmek, at çapmak sungatynyň ýokary derejesini görkezýän çykyşlary milli sirk sungatymyzyň özboluşly aýratynlygydyr. Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň şeýle özboluşly aýratynlygy bolan at çapmak sungatynyň ýokary derejesini görkezýän çykyşlaryny abraýly halkara ýaryşlarynda birnäçe gezek baş baýraga mynasyp bolmagy bedewlerimiziň şan-­şöhratyny dünýäde giňden dabaralandyrýandygynyň güwäsidir.

Mälim bolşy ýaly, Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde 48­-nji halkara sirk sungaty festiwaly geçirildi. «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň we Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň ýolbaşçylary oňa hormatly myhman hökmünde gatnaşyp, ýurdumyza wekilçilik etdiler. Bu halkara festiwalyň çäklerinde geçirilen dabaraly çärede «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyna sirk sungatyna uly goşandy üçin Bütindünýä sirk federasiýasy, şeýle­-de Ýewropa Sirk assosiasiýasy tarapyndan halkara şahadatnamalaryň gowşurylmagy eziz Diýarymyzda sirk sungatyny ösdürmek ugrunda durmuşa geçirilýän işleriň ajaýyp netijesi bolup, Türkmenistanda sirk sungatynda ýetilen sepgitleriň dünýäde ykrar edilýändigini görkezýär.

Geljek aýda, has takygy 4–6­-njy sentýabrda Niderlandlar Patyşalygynyň Kronenberg şäherindäki «Peelbergen» halkara atçylyk merkezinde ahalteke bedewleriniň atly sport we gözellik bäsleşigi boýunça Dünýä çempionaty geçirilýär. Bu abraýly halkara çäre «Türkmen atlary» döwlet birleşigi we Ahalteke atlarynyň Ýewropa assosiasiýasy tarapyndan guralýar. Bu halkara bäsleşige ýurdumyzyň atşynaslary häzirden uly taýýarlyk görýärler.

Ýurdumyzda atçylyk pudagyny ösdürmek we milli atşynaslygyň däplerini dünýä ýaýmak, bu ugurda ýaşlarymyza döwrebap bilim bermek boýunça işler yzygiderli durmuşa geçirilýär. Munuň şeýledigini Arkadag şäherinde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda atçylyk pudagy üçin ýokary bilimli hünärmenleriň taýýarlanylmagy, bu hünärmenleriň alan bilimlerini ylmy esasda kämilleşdirmekleri üçin giň mümkinçilikleriň döredilmegi, Arkadag şäherinde halkara ölçeglerine laýyk gelýän Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň, şeýle hem 1500 tomaşaça niýetlenen Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkiniň hereket etmegi, atşynaslar üçin döredilen mümkinçilikler, welaýat merkezlerinde hereket edýän atçylyk toplumlary hem tassyklaýar.

Ata Watanymyzda milli guwanjymyz bolan meşhur behişdi bedewlerimiziň ösdürilip ýetişdirilmegi, atşynaslaryň, hünärmenleriň döwrebap şertlerde zähmet çekmegi, milli atçylyk sungatymyzyň ösdürilmegi babatda giň gerimli işler alnyp barylýar. Bu ugurda gyzyklanma bildirýän ähli daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen atçylyk pudagynda netijeli gatnaşyklary giňeltmek boýunça Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen 2010­-njy ýylda döredilen, baş edarasy paýtagtymyz Aşgabatda ýerleşýän Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasyna uly orun degişlidir.

Ahalteke atçylyk sungatynyň we atlary bezemek däpleriniň ÝUNESKO-­nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawynda mynasyp orun almagy täze taryhy döwürde atçylygyň gadymdan gelýän milli däpleriniň halkara derejesinde ykrar edilýändiginiň subutnamasydyr.

Halkymyzyň milli medeniýetini, sungatyny dünýäde dabaralandyrýan we kanunçylyk esaslaryny kämilleşdirmäge ajaýyp şertler hem-­de mümkinçilikler döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun, il­-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli alyp barýan beýik işleri rowaçlyklara beslensin!

Nepes ROZYÝEW,

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty,

Mejlisiň Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar

syýasaty baradaky komitetiniň agzasy.

PAÝHASLY ÝÖRELGELER ROWAÇLANÝAR

Gahryman Arkadagymyz «Türkmen halkynyň asylly däp-dessurlarynyň biri bolan möhüm wezipeleri ara alyp maslahatlaşmak müňlerçe ýyl bäri halkymyzyň durmuşynda dowam edip gelýän demokratik däpleriň biridir. Häzirki taryhy döwürde bu däpler ýurdumyzyň ösüşiniň esasyna, ileri tutulýan wezipeleri çözmekde jemgyýetiň hereketlendiriji güýjüne öwrüldi» diýip belläp geçýär. Türkmenistanyň Halk Maslahaty milli däp-dessurlarymyzyň, ata-babalarymyzdan gelýän ýol-ýörelgeleriň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mynasyp dowam etdirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Türkmenistanyň Halk Maslahaty halkyň bähbidine wekilçilik edýän ýokary wekilçilikli edaradyr. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 3-nji maddasyna laýyklykda, döwletiň özygtyýarlylygy halk tarapyndan amala aşyrylýar, halk döwlet häkimiýetiniň ýeke-täk gözbaşydyr. Halk öz häkimiýetini gös-göni ýa-da wekilçilikli edaralaryň üsti bilen amala aşyrýar. Halk Maslahatynyň işi demokratiýa, açaçanlyk, kanunyň hökmürowanlygy, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalarynyň ileri tutulmagy, adamyň hem-de raýatyň kanunyň öňünde deňligi, adam hukuklaryna, azatlyklaryna hormat goýmak, jemgyýetçilik pikirini göz öňünde tutmak esasynda alnyp barylýar. Halk Maslahatynyň döredilmegi hem-de oňa giň ygtyýarlyklaryň, Türkmenistanyň Konstitusiýasyny hem-de konstitusion kanunlary kabul etmek, olara üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek meseleleri boýunça tekliplere garamak we makullamak ygtyýarlyklarynyň berilmegi döwletimiziň syýasy ulgamynyň esasy aýratynlyklarynyň biridir.

Her ýyl Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda geçirilýän Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde halk bähbitli möhüm wezipeler ara alnyp maslahatlaşylýar, çözgütler kabul edilýär. «Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanuny esasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini çagyrmak we ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk toparyny döretmek, mejlisiň geçiriljek senesini kesgitlemek, guramaçylyk toparynyň düzümini tassyklamak hakynda degişli resminamalar kabul edilýär. Şeýle hem halk arasynda uly abraýdan peýdalanyp, öz halal zähmeti bilen tapawutlanýan watandaşlarymyzy döwlet sylaglaryna hödürlemek we hormatly atlary dakmak işleriniň alnyp barlyşyna seredilýär. Geçen ýyl geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň dowamynda hormatly Prezidentimiziň biziň welaýatymyzda Garaşsyzlyk we Gubadag etraplarynyň döredilmegi barada Karara gol çekmegi halkymyzyň abadan durmuşy hakynda döwlet derejesinde ägirt uly alada edýändigini äşgär etdi. Munuň özi türkmen jemgyýetinde demokratiýanyň dabaralanmagyna, raýatlaryň syýasy işjeňliginiň ýokarlanmagyna, halk köpçüliginiň möhüm jemgyýetçilik-syýasy çärelere gatnaşmagyna giň mümkinçilikleriň döredilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Şu ýylyň 15-nji iýulynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisini geçirdi. Onda Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramyna, Halk Maslahatynyň mejlisine ýokary derejede taýýarlyk görmek boýunça hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryny ýerine ýetirmegiň wajyp meselelerine garaldy. Bu umumy milli foruma ýokary derejede taýýarlyk görmek bilen baglylykda dürli ulgamlarda maslahatlara, wagyz-nesihat duşuşyklaryna, sergilere giň gerim berilýär.

Enejan AMANÝAZOWA,

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

OKGUNLY ÖSÜŞLER DOWAMAT-DOWAM

Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň ýaňy-ýakynda geçirilen mejlisinde eden çykyşynda nygtaýşy ýaly, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan yzygiderli ösdürmek, halk bähbitli we döwlet ähmiýetli meseleleri halk köpçüligi bilen bilelikde çözmek, jemgyýetimizi demokratiýalaşdyrmaga gönükdirilen maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirmek, ilatyň abadan ýaşaýşyny üpjün etmek, her bir adam üçin amatly ýaşaýyş gurşawyny döretmek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň baş maksady we esasy wezipeleri bolup durýar. Berkarar döwletimizde her ýyl mukaddes Garaşsyzlygymyzyň toýuna gabatlanyp Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň geçirilmegi bolsa bu wezipeleri üstünlikli çözmäge giň mümkinçilikleri döredýär.

Gahryman Arkadagymyzyň ata Watanymyzy kuwwatly, ösen döwlete öwürmek, halkymyzyň bagtyýar ýaşaýşyny üpjün etmek ugrundaky beýik başlangyçlary döwrümize şan getirýär. «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer ýörelgä eýerilip, durmuş ulgamyny kämilleşdirmek, sagdyn jemgyýeti berkarar etmek, geljekki nesilleriň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmek ugrunda alnyp barylýan il-ýurt bähbitli işler Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlislerinde kabul edilýän uzak möhletleýin döwlet maksatnamalarynda öz beýanyny tapýar. Her ýyl geçirilýän bu syýasy-jemgyýetçilik forumda il-ýurt bähbitli oňyn özgertmeleriň düýbüniň tutulmagy, durmuş-ykdysady maksatnamalaryň birnäçesiniň kabul edilmegi halkymyzyň buýsanjyna buýsanç goşýar. Ýagny döwletimiziň milli däplere daýanýan we häzirki zaman öňdebaryjy ýörelgelerini özünde jemleýän özbaşdak ösüş ýolunda halkymyzyň röwşen geljegine gönükdirilen döwletli tutumlaryň düýbi tutulýar . Aýratyn hem ýurdumyzda ynsan saglygy baradaky aladalaryň yzygiderli häsiýete eýe bolmagy, bu ugurda asyrlara barabar işleriň alnyp barylmagy has-da guwandyryjydyr. «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda ylmy-kliniki merkezleriň, sport we sagaldyş toplumlarynyň, köpugurly hassahanalaryň birnäçesiniň gurlup, ulanylmaga berilmegi halkyň saglygyny goramaga, sagdyn jemgyýeti berkarar etmäge gönükdirilendir. Lukmançylyk ylmyny ösdürmek ugrundaky aladalar bolsa saglygy goraýyş ulgamynyň işini has-da kämilleşdirmegi we özgertmegi öz içine alýar. Ýylsaýyn täze belentliklere eýe bolýan şeýle beýik özgertmeleriň iş ýüzündäki beýanyny biziň welaýatymyzyň saglygy goraýyş edaralarynda ýokary derejede ýola goýlan lukmançylyk hyzmatlaryň mysalynda hem görýäris. Saglyk öýlerinde we merkezlerinde dünýäniň iň kämil anyklaýyş, bejeriş enjamlarynyň oturdylmagy bu möhüm ulgamyň işiniň hilini dünýäniň ösen derejesine ýetirmäge mümkinçilik berýär.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň geçen ýyllarda geçirilen mejlislerinde Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmäge gönükdirilen milli maksatnamalaryň kabul edilmegi netijesinde sagdyn we başarjaň nesilleri terbiýeläp ýetişdirmäge, ýokanç we ýokanç däl keselleriň öňüni almaga gönükdirilen işler durnukly häsiýete eýe bolýar. Bu bolsa ynsan saglygyny goramak, halkymyzyň röwşen geljegini berkarar etmek ugrundaky aladalaryň hormatly Prezidentimiziň üstünlikli durmuşa geçirýän döwlet syýasatynda hem ilkinji orunda durýan meseleleriň biridigini görkezýär. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022—2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň netijesinde ilata edilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň ýokary derejede bolmagy, sportuň ildeşlerimiziň gündelik durmuşynyň bir bölegine öwrülmegi, saglygy goraýşyň milli ulgamynyň döredilmegi, ilatyň arasynda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň ornaşdyrylmagy, zähmet bilen dynç alşyň netijeli utgaşdyrylmagy sagdyn we bagtyýar jemgyýeti gurmaga ýardam edýär.

Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalarda bellenilen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmegiň barşynda ýaş nesliň beden saglygyny we ruhy ösüşini üpjün etmek boýunça-da toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Ýagny enäniň we çaganyň saglygyny goramak, ilata ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlaryny hödürlemek, maşgala medeniýetini kämilleşdirmek işleri biziň welaýatymyzda hem giňden ýaýbaňlandyryýar. Gündogar sebitde eneler we çagalar üçin niýetlenilen saglygy goraýyş merkezleriniň maddy üpjünçilik ýagdaýynyň yzygiderli gowulandyrylmagy, keselleriň öňüni alyş sanjymlarynyň öz wagtynda edilmegi, ýaşlaryň arasynda olaryň sagdyn ösüp ulalmaklaryna gönükdirilen dürli mazmunly çäreleriň we toplumlaýyn işleriň geçirilmegi, ähli saglygy goraýyş we dynç alyş merkezlerinde ilata ýokary derejeli lukmançylyk hyzmatlarynyň ýola goýulmagy netijesinde döwletimiziň nurana geljeginiň binýady berkidilýär. Şeýle döwrebap şertlerde zähmet çekýän lukmanlar hem özleri hakynda edilýän aladalardan ruhlanyp, eziz Diýarymyzda sagdyn we bagtyýar maşgalalaryň kemala gelmegine mynasyp goşant goşýarlar.

Gahryman Arkadagymyzyň ynsan saglygyny goramak ugrundaky döwletli başlangyçlarynyň mynasyp dowamy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe durmuşa geçirilýän özgertmelerde hem öz beýanyny tapýar. Aşgabat we Arkadag şäherlerinde, welaýat merkezlerinde gurlan sebitde deňi-taýy bolmadyk köpugurly hassahanalarda keselleri anyklamak we bejermek, lukmanlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işler ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda ýetilen belent sepgitlerden habar berýär. Milli saglygy goraýyş ulgamynda dowamly amala aşyrylýan bu işler ynsan saglygyny berkitmäge, adamlaryň ömür dowamlylygyny uzaltmaga ýardam edýär. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisinde hem ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmäge gönükdirilen ýene-de birnäçe oňyn wezipeleriň kesgitlenilmegine garaşýarys. Şeýle beýik işleriň gözbaşynda duran Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw edýäris.

Gadam HEMRAÝEW,

welaýat saglygy goraýyş müdirliginiň

başlygynyň orunbasary,

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

Halk wekilçiliginiň milli tejribesi

De­mok­ra­tik, hu­kuk we dünýe­wi ýurt bo­lan Ga­raş­syz, he­mişe­lik Bi­ta­rap Türkmenistan döw­le­ti­miz hor­mat­ly Prezidenti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gynda yk­dy­sa­dy, sy­ýa­sy we me­deni taý­dan ösüş­le­re bes­len­ýär. Hä­zir­ki wagt­da türk­men halky­nyň Mil­li Li­deri Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň «Döw­let adam üçin­dir!» di­ýen yn­san­per­wer ýörel­ge­si, hor­mat­ly Pre­zi­dentimiz Arkadagly Gahry­man Serdarymyzyň «Watan di­ňe halky bi­len Wa­tan­dyr! Döw­let di­ňe hal­ky bi­len döw­let­dir!» di­ýen baş tag­ly­ma­ty il-gü­nü­miz üçin bäh­bit­li iş­ler­de özü­niň giň be­ýa­ny­ny tap­ýar.

Döw­le­ti­mi­ziň we jem­gy­ýe­timi­ziň dur­mu­şyn­da mö­hüm äh­mi­ýe­ti bo­lan, ýur­du­my­zyň durmuş-yk­dy­sa­dy taý­dan ösü­şi­niň wa­jyp me­se­le­le­ri­ni öz içi­ne alan Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­lahaty­nyň Pre­zi­diu­my­nyň mej­li­si­niň gün ter­ti­bi­ne «Ga­raş­syz, ba­ky Bita­rap Türk­me­nis­tan — be­dew bat­ly at-my­ra­dyň me­ka­ny» ýy­lynda ge­çi­ril­jek Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas la­ha­ty­nyň no­bat­da­ky mej­li­si­ne, Watanymyzyň Garaşsyzly­gy­nyň 35 ýyl­lyk baý­ra­myna ýo­ka­ry de­re­jede taý­ýar­lyk gör­mek hem-de ýur­du­my­zyň dür­li ugur­la­ryn­da ýoka­ry zäh­met üs­tün­lik­leri­ni ga­za­nan, il için­de uly abraý­dan we sy­lag­dan peý­da­lan­ýan ra­ýat­la­ry­my­zy döw­let sy­lag­la­ryna, hor­mat­ly at­la­ra hö­dür­le­mek bi­len bag­ly me­se­le­ler gi­ri­zil­di.

Şeý­le hem mej­lis­de hä­zir­ki we gel­jek­ki üs­tün­lik­le­ri­mi­ziň yg­tybar­ly ke­pi­li bo­lan halk hä­ki­mi­ýetli­li­gi­niň, de­mok­ra­ti­ýa­nyň müňýyl­lyk­lar­dan göz­baş al­ýan mil­li däp­le­ri­ni di­kelt­mek we ös­dür­mek, aý­ra­tyn-da, «Ber­ka­rar döw­le­tiň täze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy: Türk­menistany 2022 — 2052-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dürme­giň Mil­li mak­sat­na­ma­sy­nyň», «Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­denti­niň ýur­du­my­zy 2022 — 2028-nji ýyllar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň Mak­sat­na­ma­sy­nyň» ýe­ri­ne ýe­ti­ri­li­şi, ýur­du­my­zyň içeri hem-de pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji­lik­li da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­ny mun­dan beýläk-de pug­ta­lan­dyr­mak, tä­ze iş orun­la­ry­ny dö­ret­mek, ýaş­lar sy­ýasa­ty­ny kä­mil­leş­di­rip, sag­lyk, bilim, sport, me­de­ni­ýet ul­gam­la­ry­ny ös­dür­mek bi­len bag­la­ny­şyk­ly mese­le­ler ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy.

Mä­lim bol­şy ýa­ly, türk­men hal­kynyň Mil­li Li­de­ri, Türkmenistanyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Başlygy Gahry­man Ar­ka­da­gymy­zyň gol çe­ken Halk Mas­la­ha­ty­nyň Prezidiumy­nyň Ka­ra­ry­na la­ýyklyk­da, Halk Mas­la­ha­ty­nyň nobat­da­ky mej­li­si şu ýy­lyň 23-nji sent­ýab­ryn­da Aş­ga­bat şä­he­rin­de, Mas­la­hat köş­gün­de ge­çi­ri­ler. Ony ýo­ka­ry de­re­je­de ge­çir­mek mak­sa­dy bi­len, gu­ra­ma­çy­lyk to­pa­ry dö­re­dilip we onuň dü­zü­mi tas­syk­la­nyl­dy. Şeý­le hem Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Di­wa­ny Mej­lis bilen bi­le­lik­de Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň mej­li­si­ne taý­ýar­lyk gör­mek we ony ge­çir­mek bi­len bagly iş­ler­de we­la­ýat­la­ryň, et­rap­la­ryň hem-de şä­her­le­riň halk mas­la­hatla­ry­na gu­ra­ma­çy­lyk-usu­ly­ýet taýdan ýar­dam ber­mek we bu iş­le­ri ut­gaş­dyr­mak bel­le­ni­lip ge­çil­di.

Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz «Öm­rü­miň ma­ny­sy­nyň do­wa­ma­ty» at­ly ki­ta­byn­da: «Halk Mas­la­ha­ty öz maz­mu­ny bo­ýun­ça ata-ba­ba­lary­my­zyň ýa­şu­lu­lar­dan mas­la­hat so­rap, akyl­dar, ylym­dar, il bäh­bidi­ni ara­ýan ge­ňeş­dar­la­ry­ny ýygnap, ka­ra­ra gel­mek ýö­rel­ge­si bi­len umu­my esa­sy aň­la­dyp, sy­ýa­sa­ty öw­re­ni­şiň nuk­daý­na­za­ryn­dan alnan­da, de­mok­ra­ti­ýa­ny dur­muşa or­naş­dyr­ma­gyň bir ug­ru­dyr» di­ýip bel­le­ýär. Halk Mas­la­ha­ty Türkme­nis­ta­nyň Kons­ti­tu­si­ýa­sy­na la­ýyk­lyk­da he­re­ket ed­ýän halk häki­mi­ýe­ti­niň iň ýo­ka­ry we­kil­çi­lik­li eda­ra­sy­dyr. Şu nuk­daý­na­zar­dan, «Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­laha­ty ha­kyn­da» Türk­me­nis­ta­nyň Kons­ti­tu­sion ka­nu­ny­nyň 15-nji mad­da­sy esa­syn­da Halk Mas­la­haty­nyň mej­li­si­ni ça­gyr­mak we ony gu­ra­ma­çy­lyk­ly ge­çir­mek ha­kyn­da Türkmenis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­tynyň Pre­zi­diumynyň Ka­ra­ry­nyň kabul edil­me­gi bu äh­li­halk fo­ru­mynyň ýo­ka­ry de­re­je­de ge­çi­ril­me­gi­ni üp­jün et­mä­ge gö­nük­di­ri­len­dir.

Şu gün­ler ýur­du­myz­da dö­würle­riň üz­nük­siz ara­bag­la­ny­şy­gyny, ne­sil­le­riň do­wa­mat­ly­ly­gyny, Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Watanymy­zyň öň­den gel­ýän demok­ra­tik ýö­rel­ge­le­re yg­rar­ly­dy­gyny ala­mat­lan­dyr­ýan umu­my­mil­li fo­ru­ma iş­jeň taý­ýar­lyk gö­rül­ýär. «Türk­me­nis­ta­nyň Halk Masla­ha­ty ha­kyn­da» Kons­ti­tu­sion ka­nunyň 1-nji mad­da­sy­na la­ýyk­lykda, Halk Mas­la­ha­ty­nyň dö­re­dilme­gi­niň mak­sa­dy Wa­ta­ny­my­zyň Garaşsyzlyk ýyl­la­ryn­da ga­za­nanla­ry­ny has-da ber­kit­mek, ýur­dumy­zy ösü­şiň has ýo­ka­ry de­re­jele­ri­ne çy­kar­mak üçin äh­li­halk he­re­ke­ti­ni ýaý­baň­lan­dyr­mak, jemgy­ýet­çi­lik-sy­ýa­sy, dur­muş-yk­dy­sady, me­de­ni-yn­san­per­wer, ka­nunçy­lyk-hu­kuk ul­gam­la­ryn­da tä­ze sep­git­le­re ýe­tir­mek, iň tä­ze ta­ry­hymyz­da ga­za­ny­lan üs­tün­lik­le­ri wagyz et­mek­den yba­rat bo­lup dur­ýar. Halk Mas­la­ha­ty jem­gy­ýe­ti do­landyr­ma­gyň iň kä­mil ins­ti­tut­la­rynyň bi­ri­ne, döw­let, jem­gy­ýet­çi­lik-sy­ýa­sy gur­lu­şy kä­mil­leş­dir­mek­de mö­hüm sy­ýa­sy gu­ra­ma öw­rül­di. Mu­nuň özi hal­kyň my­na­syp we­ki­li bo­lup, hal­ka we­pa­ly hyz­mat et­megiň, onuň bäh­bit­le­ri­ni go­ra­ma­gyň, gol­da­ma­gyň be­lent nus­ga­sy­dyr, mil­li de­mok­ra­tik däp­le­ri döw­rebap şert­ler­de giň­den ulan­mak­dyr we ös­dür­mek­dir.

Öňü­miz­dä­ki umu­my­mil­li forum, ýur­du­myz üçin ta­ry­hy ähmi­ýet­li wa­ka öw­rü­ler. Oňa taýýar­lyk gör­mek iş­le­ri he­mi­şe giň jem­gy­ýet­çi­li­giň üns mer­ke­zin­de dur­ýar. Mu­nuň özi Di­ýa­ry­myz­da de­mok­ra­tik öz­gert­me­le­riň bar­ha da­ba­ra­lan­ýan­dy­gy­na şa­ýat­lyk edýär. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz tara­pyn­dan öňe sür­lüp, hor­mat­ly Pre­ziden­ti­mi­ziň sy­ýa­sy stra­te­gi­ýasyn­da üs­tün­lik­li do­wam et­di­ril­ýän asyl­ly baş­lan­gyç­lar esa­syn­da haky­ky halk hä­ki­mi­ýet­li­li­gi­niň binýa­dy yzy­gi­der­li pug­ta­lan­dy­ryl­ýar. Mu­nuň özi her bir ra­ýa­tyň, jemgy­ýe­tiň Wa­ta­ny­my­zyň yk­ba­ly we gel­je­gi ba­ra­da­ky jo­gap­kär­çi­li­gi­ni art­dyr­ma­ga ýar­dam ed­ýär.

Tä­ze ta­ry­hy dö­wür­de ýur­du­myzda ka­nun çy­ka­ry­jy­lyk işi­ne, onuň döw­le­ti­mi­ziň we jem­gy­ýe­ti­mi­ziň ösü­şin­dä­ki or­nu­na uly äh­mi­ýet be­ril­ýär. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Wa­ta­ny­myz­da döw­let, jem­gy­ýet­çilik dur­mu­şy­nyň dür­li ugur­la­ry­ny öz içi­ne al­ýan tä­ze ka­nun­la­ry kabul et­mek, he­re­ket ed­ýän hu­kuk na­ma­la­ry­ny döw­rüň ta­lap­la­ryna, ama­la aşy­ryl­ýan öz­gert­me­le­re la­ýyk­lyk­da döw­re­bap­laş­dyr­mak Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň esa­sy we­zi­pe­si bo­lup dur­ýar. Çün­ki döwre­bap ka­nun­lar uly möç­ber­li maksat­na­ma­la­ryň üs­tün­lik­li ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi­ni, de­mok­ra­tik ýö­rel­gele­riň da­ba­ra­lan­ma­gy­ny, jem­gy­ýetçi­lik-sy­ýa­sy gat­na­şyk­la­ryň ber­kidil­me­gi­ni üp­jün ed­ýär. Şo­ňa gö­rä, mil­li par­la­men­tiň de­pu­tat­la­ry hem Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­haty­nyň alyp bar­ýan işi­niň äh­mi­ýe­ti ba­ra­da ilat ara­syn­da he­mi­şe wagyz-ne­si­hat çä­re­le­ri­ni, çy­kyş­la­ry we du­şu­şyk­la­ry giň­den gu­ra­ýarlar. No­bat­da­ky äh­li­halk fo­ru­mynyň öňü­sy­ra­syn­da hem şeý­le çä­reler giň­den ýaý­baň­lan­dy­ryl­ýar.

Şeý­le­lik­de , no­bat­da­ky Türkmenis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty hal­ky­my­zyň ag­zy­bir­li­gi­ni we je­bisli­gi­ni ala­mat­lan­dy­ryp, «Ga­raş­syz, ba­ky Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan — bedew bat­ly at-my­ra­dyň me­ka­ny» ýy­ly­nyň se­ne­na­ma­sy­na aý­dyň sahy­pa­la­ry ýaz­mak bi­len, Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Wa­ta­ny­my­zyň dö­re­di­ji­li­giň, ösü­şiň tä­ze be­lent­likle­ri­ne ta­rap ynam­ly öňe git­me­gi­niň ýo­lun­da mö­hüm ädi­me öw­rü­ler.

Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň dün­ýä­de öz ösüş ýo­ly bi­len hä­zir­ki za­man we kuwwat­ly döw­let hök­mün­de ok­gun­ly öňe git­me­gin­de, döw­let­li­li­giň milli nus­ga­sy­ny dö­ret­mek­de ägirt uly hyz­mat­la­ry bi­ti­ren, adyl, ada­latly, öň­den­gö­rü­ji, pa­ra­sat­ly, yn­sanper­wer ga­ra­ýyş­la­ry bi­len hal­kyň çäk­siz sy­lag-hor­ma­ty­na eýe bo­lan, «Döw­let adam üçin­dir!», «Wa­tan di­ňe hal­ky bi­len Wa­tan­dyr! Döw­let di­ňe hal­ky bi­len döw­let­dir!» di­ýen baş şy­gar­la­ry bi­len ýur­du­myz­da de­mok­ra­tik ýö­rel­ge­le­ri da­ba­ra­landyr­ýan, ra­ýat jem­gy­ýe­ti­ni has-da kä­mil­leş­dir­ýän türk­men hal­kynyň Mil­li Li­de­ri, Türkmenista­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­lygy Gahryman Ar­ka­dagymy­zyň, hormat­ly Preziden­ti­miz Ar­kadagly Gahryman Ser­da­ry­my­zyň jan­la­ry sag, ömür­le­ri uzak bol­sun! Il-ýurt bäh­bit­li alyp bar­ýan iş­le­ri ro­waçlyk­la­ra bes­len­sin!

Ene­jan ATAÝEWA,

Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň de­pu­ta­ty,

Mej­li­siň Hal­ka­ra we par­la­men­ta­ra aragatnaşyklar

ba­ra­da­ky ko­mi­te­ti­niň ag­za­sy.

1 2 3 4 5 6 7 ... 124