Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

Çykyşlar we makalalar

MILLI KANUNÇYLYGYŇ WE HALKARA HUKUGYNYŇ SAZLAŞYGY: TÜRKMENISTANYŇ TEJRIBESI

Makalada halkara hukuk kadalarynyň we ýörelgeleriniň ileri tutulmagynyň ähmiýeti seljerilýär. Türkmenistanyň oňyn başlangyçlarynyň we milli kanunçylyk tejribesiniň ähmiýeti bellenilip, bu ugurda halkara gurallary kämilleşdirmek boýunça garaýyşlar beýan edilýär. 

 

Häzirki döwürde halkara hukugy bilen milli hukuk ulgamynyň özara arabaglanyşygy döwletleriň durnukly ösüşiniň we ählumumy giňişlige goşulyşmagynyň esasy şertidir. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan özüniň daşary we içeri syýasatynda halkara hukugynyň we umumy ykrar edilen kadalarynyň ileri tutulmagyny dabaralandyrýar. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 9-njy maddasynda halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalarynyň ileri tutulýandygy, şeýle hem milli kanunçylykda Türkmenistanyň halkara şertnamasynda Türkmenistanyň kanunçylygyndakydan başga kadalar bellenilen bolsa, onda halkara şertnamasynyň kadalarynyň ulanylýandygy berkidilendir. Bu ýörelge döwletimiziň halkara jemgyýetçiliginiň öňündäki borçnamalaryna yzygiderli ygrarlydygyny görkezýär.

Türkmenistan häzirki wagtda 150-den gowrak köptaraply halkara resminamalaryň, şol sanda Birleşen Milletler Guramasy (BMG) we onuň ýöriteleşdirilen edaralary tarapyndan kabul edilen 130-dan gowrak konwensiýanyň doly hukukly agzasydyr.

Ýurdumyzda döwletiň we jemgyýetiň iň ýokary gymmatlygy adam, onuň ömri, azatlygy we hukuklary bolup durýar. Bu ugurdaky halkara borçnamalarynyň berjaý edilmegini üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistan adam hukuklaryny goramagyň düýp esaslaryny ykrar edýän resminamalara goşuldy. Şolaryň hatarynda kabul edilen Adam hukuklarynyň ählumumy jarnamasy (1948-nji ýyl) — döwletimiziň ynsanperwerlik syýasatynyň wezipelerini we esasy ýörelgelerini ykrar etmekde başlangyç esas boldy. Raýatlyk we syýasy hukuklar hakyndaky halkara ylalaşygy (1966-njy ýyl) hem-de Ykdysady, durmuş we medeni hukuklar hakynda halkara ylalaşygy (1966-njy ýyl) — raýatlaryň jemgyýetçilik-syýasy hem-de maddy-medeni durmuşynyň hukuk kepillikleriniň kämilleşmegine itergi berdi. Çaganyň hukuklary hakyndaky konwensiýa (1989-njy ýyl) we Aýallara garşy kemsitmeleriň ähli görnüşlerini ýok etmek hakyndaky konwensiýa (CEDAW) — jemgyýetiň aýratyn goraga mätäç gatlaklarynyň we maşgala institutynyň hukuk goraglylygyny halkara standartlaryna laýyk getirmäge mümkinçilik döretdi.

Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna yzygiderli eýerýän döwlet hökmünde Türkmenistan halkara gatnaşyklarynda parahatçylykly, medeniýetli we diplomatik gepleşikler institutyna aýratyn ähmiýet berýär. Bu ugra degişli bolan Diplomatik gatnaşyklar hakynda Wena konwensiýasy (1961-nji ýyl) — ýurdumyzyň daşary ýurtlar bilen ilçihana we diplomatik wekilçilik derejesindäki gatnaşyklarynyň kadalaşdyrylmagyny şeýle hem, Şertnamalar hukugy hakynda Wena konwensiýasy (1969-njy ýyl) — döwletara we köptaraply şertnamalary baglaşmagyň, ýerine ýetirmegiň we ýatyrmagyň takyk hukuk mehanizmlerini milli tejribä we bütindünýä nusgasyna laýyklykda amala aşyrmaga hukuk esasyny berýär.

Döwletimiziň daşary syýasatynyň we halkara hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlarynyň biri hem ekologik durnuklylygy we daşky gurşawy goramagy üpjün etmekden ybaratdyr. Sebitiň ekologiýa howpsuzlygyny saklamak maksady bilen, Türkmenistan bu ugurdaky esasy global ylalaşyklary ykrar etdi we olara işjeň goşuldy. Şolaryň hatarynda Ozon gatlagyny goramak baradaky Wena konwensiýasy (1985-nji ýyl) hem-de Monreal protokoly — ýurda ozon gatlagyny hapalaýan zyýanly himiki maddalaryň getirilmegini çäklendirmäge we önümçilik ulgamlaryny arassa ekologik tehnologiýalara geçirmäge mümkinçilik berdi. Biologik dürlilik baradaky konwensiýa (1992-nji ýyl) — ýurduň baý ösümlik we haýwanat dünýäsini, aýratyn hem döwlet goraghanalarynyň durnukly ekoulgamyny halkara ülňüleri esasynda goramaga şert döretdi. Çölleşmä garşy göreşmek baradaky BMG-niň konwensiýasy (1994-nji ýyl) — ýurtda giň gerimli «Gök guşak» maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegine, Garagum çölüniň süýşmeginiň öňüniň alynmagyna we sebitiň howa şertleriniň gowulanyp, topragyň şorlaşmagyna garşy işleri giň gerimde ýaýbaňlandyrmaga itergi berdi. Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak baradaky Çarçuwaly konwensiýa (Tehran konwensiýasy, 2003-nji ýyl) — Hazar sebitinde ykdysady we nebit-gaz taslamalary amala aşyrylanda deňiz gurşawynyň arassalygyny kepillendirmäge we Awaza syýahatçylyk zolagynyň ekologiýasyny berk gözegçilikde saklamaga mümkinçilik döretdi.

Ýurdumyzyň dünýä ykdysadyýetine işjeň goşulmagy, bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmagy we daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmegi söwda-ykdysady ugurdaky halkara hukuk kadalarynyň doly berjaý edilmegine baglydyr. Bütindünýä Söwda Guramasyna (BSG) goşulmaga taýýarlyk görmegiň çäginde, Türkmenistan ykdysady ulgamyň döwrebaplaşmagyny üpjün edýän şertnamalary ykrar etdi. Şolaryň hatarynda Gümrük düzgünlerini ýeňilleşdirmek we sazlaşdyrmak baradaky halkara konwensiýa (Kioto konwensiýasy, 1973-nji ýyl) gümrük amallaryny sanlylaşdyrmaga, serhetüsti haryt dolanyşygyny tizleşdirmäge we eksport-import amallarynyň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmaga goldaw berdi. Daşary ýurt arbitraž çözgütlerini ykrar etmek we ýerine ýetirmek baradaky konwensiýa (Nýu-Ýork konwensiýasy, 1958-nji ýyl) — halkara söwda dawalaryny bütindünýä standartlaryna laýyk çözmäge hukuk kepilligini döredip, ýurdumyzyň maýa goýum gurşawynyň halkara abraýyny we maýadarlaryň ynamyny has-da berkitdi. Harytlary halkara satmak-satyn almak şertnamalary baradaky BMG-niň konwensiýasy (Wena konwensiýasy, 1980-nji ýyl) — milli telekeçilerimiziň we hususy kärhanalarymyzyň dünýä bazarlarynda öz harytlaryny kanuny taýdan doly goragly, ygtybarly we bökdençsiz satmagyna amatly şertleri döretdi.

Türkmenistanyň geosyýasy taýdan amatly ýerleşişi ýurdy sebitiň iň iri ulag-logistika we üstaşyr (tranzit) merkezine öwürmäge doly şert döredýär. Ulag durnuklylygyny halkara giňişliginde öňe sürýän döwlet hökmünde, ýurdumyz bu ugurdaky möhüm konwensiýalara goşuldy. Şolaryň hatarynda Ýol hereketi baradaky Wena konwensiýasy (1968-nji ýyl) — Türkmenistanyň ýol belgilerini, hereket düzgünlerini we sürüjilik şahadatnamalaryny dünýä standartlaryna gabat getirip, milli sürüjilerimiziň we halkara ýük daşaýjylarynyň daşary ýurtlarda bökdençsiz hereket etmegini üpjün etdi. Ýadro heläkçiligi barada ir habar bermek baradaky konwensiýa (1986-njy ýyl) — ýurdumyzyň radiasiýa we tehnogen howpsuzlygyny bütindünýä ulgamy bilen utgaşdyrmaga, sebitde bolup biljek howplardan ir habar alyp, milli howpsuzlygy berkitmäge ýol açdy. Ýük markalary hakynda Halkara konwensiýasyna degişli 1988-nji ýylyň Teswirnamasy— Türkmenbaşy Halkara deňiz portundan ugraýan gämilerimiziň dünýäniň islendik portuna bökdençsiz girmegine, deňiz söwdasynyň howpsuz, tygşytly we netijeli alnyp barylmagyna giň mümkinçilikleri açdy.

Ynsan zähmetiniň goralmagy we adalatly zähmet şertleriniň döredilmegi durnukly ykdysadyýetiň şertidir. Türkmenistan Halkara Zähmet Guramasynyň (HZG) doly hukukly agzasy hökmünde guramanyň düýpli konwensiýalaryny ratifikasiýa etdi. Bu resminamalar zähmet bazarynda islendik kemsitmeleri doly gadagan etmek, mejbury zähmeti ýok etmek, zähmet haky we iş orunlarynyň howpsuzlygyny kepillendirmek boýunça milli Zähmet kodeksiniň kämilleşmegine göni täsir etdi.

Milli medeni mirasy goramak we ony geljekki nesillere ýetirmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Türkmenistan bu ugurda BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasy (UNESCO) bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edýär. Bu hyzmatdaşlyk Gadymy Merw, Köneürgenç we Nusaý ýaly taryhy ýerlerimiziň dünýä derejesinde goralmagyna ýardam edýär. Bu guramanyň Maddy däl medeni mirasy goramak baradaky Konwensiýasyna goşulmagymyz – ruhy, saz we amaly haşam sungatymyzyň milli we halkara derejesinde goraglylygyny berkitdi. Medeni gymmatlyklary bikanun getirmegi, äkitmegi we eýeçilik hukugyny bermegi duýdurmaga we gadagan etmäge gönükdirilen çäreler hakyndaky Konwensiýa — taryhy we medeni tapyndylaryň bikanun dolanyşygyna garşy durmakda halkara bileleşigi bilen bilelikde hereket etmäge kepillik berýär.

 

Türkmenistanda halkara hukuk kadalarynyň milli kanunçylyga ornaşdyrylmagy (transformasiýa we implementasiýa) boýunça işler yzygiderli alnyp barylýar. Halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryny milli hukuk ulgamyna girizmek ýurduň taryhy, medeni we ykdysady aýratynlyklaryny göz öňünde tutup, täze hukuk kadalaryny döretmek işidir. Döwletimiz tarapyndan tassyklanylan halkara konwensiýalary biziň milli kanunlarymyzyň binýadyny baýlaşdyrýar we olary döwrebaplaşdyrmaga ýardam edýär.

Munuň iň aýdyň mysallaryndan birini Çaganyň hukuklaryny goramak ugrunda görkezmek bolar. Türkmenistan 1993-nji ýylda BMG-niň «Çaganyň hukuklary hakyndaky konwensiýasyny» ratifikasiýa etdi. Bu halkara resminamanyň kadalaryny içerki hukuk ulgamyna ornaşdyrmak maksady bilen, döwletimiz tarapyndan düýpli hukuk özgertmeleri geçirildi. Ilki bilen, «Çaganyň hukuklarynyň döwlet kepillikleri hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Bu Kanun gönüden-göni halkara konwensiýasynyň kadalaryna esaslanyp, çaganyň ýaşama we ösmek hukugyny, saglygynyň goralmagyny, kemsidilmelerden we zähmet ekspluatasiýasyndan goralmagyny hem-de bilime bolan hukuklaryny kepillendirýär. Türkmenistanyň Zähmet kodeksine (2009-njy ýyl) görä, ýurtda 16 ýaşyna ýetmedik çagalary işe almak düýbünden gadagan edildi. Ýurda gelýän beýleki döwletleriň raýatlary bolan ýa-da raýatlygy bolmadyk çagalara hem Türkmenistanyň çagalary bilen deň hukuklar we gorag üpjün edildi.

BMG-niň «Zenanlara garşy kemsitmeleriň ähli görnüşlerini ýok etmek hakyndaky» konwensiýasy (CEDAW) aýallara syýasy, ykdysady we jemgyýetçilik durmuşynda erkekler bilen deň şertleriň we hukuklaryň kepillendirilmegini talap edýär. 2015-nji ýylda «Aýallaryň we erkekleriň deň hukuklarynyň we deň mümkinçilikleriniň üpjün edilmegi barada döwlet kepillikleri hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul etdi. Bu kanun gönümel CEDAW-yň talaplary esasynda taýýarlandy. Şeýle-de, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 29-njy maddasynda aýallaryň we erkekleriň deň hukuklary berkidildi. Döwlet edaralarynda we Mejlisde (parlamentde) zenan ýolbaşçylaryň we deputatlaryň sany yzygiderli artdyryldy.

Halkara Zähmet Guramasynyň konwensiýalary göwreli aýallaryň we çagaly eneleriň zähmet hukuklaryny goramagy öňe sürýär. Türkmenistanyň Zähmet kodeksine we Ilaty durmuş taýdan goramak hakyndaky kanunçylyga laýyklykda, göwreli aýallary gije işlerine, iş wagtyndan daşary işlere çekmek we olary iş saparyna ibermek gadagan edildi. Şeýle hem, göwrelilik we çaga dogurmak boýunça berilýän rugsadyň we pul kömekleriniň möhleti uzaldyldy.

Bu ugurdaky işleriň ýene bir iň aýdyň mysaly hökmünde döwletimiziň BMG-niň Klimatyň üýtgemegi baradaky çarçuwaly Konwensiýasyna we Pariž ylalaşygyna goşulmagy bilen bagly boldy. Halkara derejesindäki bu möhüm ylalaşyklar global ýylylygyň öňüni almak we «ýaşyl» ykdysadyýete geçmek borçnamasyny goýýar. Bu borçnamalary ýerine ýetirmek maksady bilen, içerki kanunçylykda uly özgertmeler amala aşyryldy. Hususanda, «Ekologiýa auditi hakynda», «Ekologiýa maglumaty hakynda» we «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri hakynda» kabul edilen täze Kanunlar göni halkara standartlaryna laýyklykda işlenip düzüldi. «Atmosfera howasyny goramak hakynda» kanunçylyga üýtgetmeler girizilip, senagat kärhanalarynyň galyndylaryna bildirilýän talaplar halkara ekologik kadalaryň derejesine çykaryldy.

Türkmenistanyň bu ugurdaky tejribesi halkara hukugynyň milli kanunçylykdan ýokary durýandygy baradaky konstitusion ýörelgäni subut edýär. Şeýlelikde, halkara hukuk kadalarynyň milli kanunçylyga ornaşdyrylmagy diňe bir deklaratiw häsiýete eýe bolman, eýsem täze kanunlaryň kabul edilmegi we bar bolan kodeksleriň kämilleşdirilmegi arkaly amala aşyrylýar. Ýurt halkara ylalaşyklaryna goşulmak bilen, özüniň içerki kanunlaryny dünýäniň iň kämil hukuk standartlaryna uýgunlaşdyrýar. Şu işler bilen bir hatarda Parlamentiň goldamagynda kabul edilen Hökümet maksatnamalary, meselem, Klimatyň üýtgemegi baradaky Milli strategiýa, halkara hukugynyň talaplarynyň durmuşda nähili anyk amala aşyrylýandygyny görkezýär. 

Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan ykrar edilen başlangyçlary, şol sanda «2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly» diýip yglan etmek baradaky Kararnamasy ýurdumyzyň dünýäde hukuk dabaralanmasyny durnukly goldaýandygynyň nobatdaky subutnamasydyr.

 

Kulyýew Maksat Hojamyradowiç Türkmenistanyň Mejlisiniň Halkara we parlamentara aragatnaşyklar baradaky komitetiniň başlygy,

Babaýew Baýmyrat Atanaýewiç Türkmenistanyň Mejlisiniň Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky komitetiniň agzasy

27.08.2026 Giňişleýin

ASYLLY DÄPLERIŇ ROWAÇLANÝAN DÖWRI

Pederlerimiziň döwletlilik ýörelgelerinden ugur alyp, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly senesiniň öňüsyrasynda demokratiýa, aýanlyk, adalatlylyk, kanunyň hökmürowanlygy, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryny ileri tutmak, adamyň we raýatyň kanunyň öňündäki deňligi, adamyň hukuklaryna we azatlyklaryna hormat goýmak, çözgütleri erkin ara alyp maslahatlaşmak we kabul etmek, jemgyýetçilik pikirini nazara almak ýörelgelerine esaslanýan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini geçirmek asylly däbe öwrüldi. Ýurdumyzyň ösüşleriniň dowamat-dowam bolmagynda, jemgyýetimizde agzybirligiň, jebisligiň has-da pugtalanmagynda bu ählihalk forumy möhüm ähmiýete eýedir. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda geçiriljek nobatdaky mejlis milli demokratiýamyzyň dabaralanýandygynyň aýdyň subutnamasy bolup, ol ýurdumyzy ösdürmäge gönükdirilen taryhy tutumlaryň badalgasyna öwrüler.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe durmuşymyzyň ähli ugurlary ösüşlere beslenýär, ýurdumyzyň şöhraty dünýä dolýar. Aýdyň maksatlardan ugur alýan düýpli özgertmeler ata Watanymyzyň abraýyny belende göterip, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanmagyny üpjün edýär. Jemgyýetiň we döwletiň sazlaşykly ösmeginde, demokratiýalaşdyrylmagynda, döwlet dolandyryşynyň kämilleşdirilmeginde, halk häkimiýetliliginiň esaslarynyň pugtalandyrylmagynda Halk Maslahatyna möhüm orun degişli bolup durýar. Ählumumy forumda merdana halkymyzyň yhlasly hem tutanýerli zähmeti, agzybirligi bilen gazanylan üstünlikler berkidilmek bilen, ýurdumyzy ösdürmegiň esasy ugurlary kesgitlener. Şunuň bilen baglylykda, Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň ösüşlerine gönükdirilen halk bähbitli, ýurt ähmiýetli çözgütler kabul ediler.

Taryhy ýylyň dabarasyny has-da artdyrjak Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda demokratik özgertmeleriň giňden ýaýbaňlandyrylýandygyny, raýat jemgyýetini kemala getirmekde oňyn tejribeleriň toplanandygyny aýdyň subut eder.

Goý, halkymyza hemişe üstünlikler hemra bolup, eziz Diýarymyz mundan beýläk-de gülläp össün!

Wezirgeldi AŞY­ROW,

welaýat arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna

garşy göreşmek gullugynyň başlygynyň orunbasary,

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

 

27.08.2026 Giňişleýin

MILLI ÝÖRELGELER DABARALANÝAR

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuşa geçirýän beýik işleri bilen barha rowaçlanýar. Her bir ynsanyň bagtyýar geljegine gönükdirilen döwlet bähbitli oňyn başlangyçlar milli ýörelgelere esaslanýar. Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän özgertmeler we durmuş-ykdysady maksatnamalar halk bähbidinden ugur alýar. Eziz Diýarymyzda beýik ösüşler gazanylyp, dünýä döwletleri bilen hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar, hoşniýetli gatnaşyklar, ynsanperwer ýörelgeler rowaçlanýar. Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde uzak möhletli hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary, işewürlik gatnaşyklary pugtalandyrylýar. Döwletli tutumlara badalga bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň ýurt Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk toýunyň bosagasynda geçirilmeginde hem uly many bar.

Garaşsyzlyk halkymyzyň arşa ganat açmasydyr. Ol milletimiziň geçmişe-geljege ýaň salýan erkinlik hem-de parahatlyk mukamy bolup ýaňlanýar. Türkmenistanyň Garaşsyzlygy türkmen bagtynyň täze belentlige göterilmesidir, ruhunyň we mertebesiniň dabaralanmasydyr. Çünki Garaşsyzlyk almagymyz bilen merdana ata-babalarymyzyň asyrlarboýy ýüreklerinde ýaşadan arzuw-umytlary, erk-islegleri hasyl boldy. Garaşsyzlyk halkyň bagtyýar ertirine uzaýan ak ýoluna baky öçmejek ýalkym saçdy. Garaşsyzlygyň şöhratly ýollarynda amala aşyrylýan beýik işleriň her biri asyrlara barabardyr. Halkymyz bu gün öz bagtyna, bagtyýar durmuşda ýaşaýan zamanasyna buýsanýar. Köp asyrlyk milli we ruhy gymmatlyklarymyzy, şeýle hem arzyly ynsanperwer däplerimizi dikeltmäge mümkinçilik beren Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyz durmuş-ykdysady ösüşde belent sepgitlere ýetdi, durmuş maksatly iri taslamalar amala aşyryldy, ylym-bilim, medeni we sport maksatly edaralaryň ösen giň toplumy döredildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz: «Halkymyzyň agzybirligini, jebisligini, abadançylygyny berkitmäge hem-de Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň has-da kuwwatlanmagyna ýardam bermek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň baş maksady we esasy wezipeleri bolup durýar» diýip nygtaýar. Ýurdumyzyň okgunly ösüşiniň aýdyň ýoluny kesgitlemekde Türkmenistanyň Halk Maslahatyna uly orun degişlidir. Halk Maslahaty jemgyýeti işjeňleşdirmekde, milli demokratik ýörelgeleri ösdürmekde, döwletli çözgütleri kabul etmekde, ruhy gymmatlyklary öz içine alýan milli döwletliligiň özboluşly nusgasyny kemala getirmekde köňülleri, ýürekleri birleşdirýär. Gahryman Arkadagymyz jemgyýetimizi ösdürmekde, döwlet ähmiýetli wezipeleri halk bilen geňeşmekde merdana ata-babalarymyzyň asylly, ynsanperwer ýörelgelerine, döwletlilik däplerine eýerip, Watanymyzyň ähli ugurlaryna dahylly bolan taryhy çözgütlere uly orun berýär. Demokratiýanyň, agzybirligiň, asudalygyň, jebisligiň kämil nusgasy bolan Türkmenistanyň Halk Maslahaty ýurdumyzyň döwlet dolandyryş ulgamynyň takyklygyna, sazlaşygyna, bitewüligine giň ýol açýar.

Goý, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini, abadançylygyny yzygiderli ýokarlandyrmakda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

Tuwakgylyç WELIÝEW,

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler

partiýasynyň Bereket etrap komitetiniň başlygy,

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

 

27.08.2026 Giňişleýin

BAŞYMYZYŇ TÄJI

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyllary hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýokary zähmet ýeňişlerine, şanly wakalara beslenýär. Bu ýörelge “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip atlandyrylan üstümizdäki ýylda has-da rowaçlanýar. Mundan 35 ýyla golaý öň Garaşsyzlygyň aýdyň ýoluna düşen döwletimiz ösüş-özgerişleriň menzilleri bilen bedew batly öňe barýar. Bu gün Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyz dünýäniň ösen döwletleriniň hataryndaky ornuny pugtalandyryp, halkara abraýy täze belentliklere çykýar. Ýurdumyz isleg-arzuwlaryň hasyl bolýan mekanyna öwrüldi.

Bularyň hemmesi Beýik Garaşsyzlygymyzyň datly miweleri. Mukaddes Garaşsyzlygyny göz-guwanjy, başynyň täji hasaplaýan türkmen halky Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny üstünlikli dowam edýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda has-da abadan geljeginiň binýadyny berkden tutýar. Şu günler türkmen ili taryhy waka Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramyna ýokary derejede taýýarlyk görýär. Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygynyň dabarasy dag aşjak uly toýy şan-şöhratly ýylymyzyň möhüm wakasy bolup, Watanymyzyň senenamasyna altyn harplar bilen ýazylar. 35 ýyla golaý döwrüň içinde Türkmenistan döwletimiz syýasy taýdan kämil, berkarar, ykdysady taýdan kuwwatly ýurda öwrüldi. Parahatçylyksöýüjilikli baky Bitarap döwlet hökmünde halkara abraýy arşa çykýar.

Şu taryhy wakanyň dabarasynyň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramynyň şatlyk-şowhuny bilen utgaşjakdygy guwanjymyzy goşalandyrýar. Toý-baýrama sowgatly barmagyň gadymy ýörelgesine eýerýän türkmen ili baş baýramyna mynasyp zähmet sowgatly barmagy maksat edinýär. Maksatlary myrat bolýan halkymyz taryhy wakalara taýýarlyk görýär.

Saparmyrat ÇARŞAKOW,

Türkmengala etrap alyjylar jemgyýetiniň ykdysatçysy,

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

 

27.08.2026 Giňişleýin

BEÝIK ÖSÜŞLERE BARÝAN ÝYLLAR

Ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda möhüm ähmiýetli wakalary bilen şöhratlanyp, taryhyň gatlaryna altyn harplar bilen ýazylýan “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň her bir güni ajaýyp üstünliklere beslenýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň peder ýoluna eýerýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Watanymyz beýik ösüşlere eýe bolýar. Ýurdumyzda beýleki ulgamlar bilen bir hatarda bilim ulgamynda hem täze sepgitlere ýetilýär. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ýaş nesilleriň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, çylşyrymly tehnologiýalardan baş çykarýan hünärmenler bolup ýetişmekleri ugrunda ähli mümkinçilikler döredilýär.

Şeýle mümkinçiliklerden peýdalanýan biz — mugallymlar hem öz hünärine ökde energetikleri taýýarlamakda yhlasly zähmet çekip, talyp ýaşlaryň ylymdan ýüki ýetik işine ezber hünärmenler bolup ýetişmekleri ugrunda aladalanýarys. Özleri hakynda edilýän alada düýpli düşünýän ýaşlar yhlasly okap, bilim alýarýar.

Şöhratly wakalary bilen dabaralanýan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bagtyýar geljegimiziň eýeleri bolan ýaşlar hakynda yzygiderli aladalanýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Merdan ORAZMEREDOW,

TDEI-niň mugallymy,

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

 

27.08.2026 Giňişleýin

GEŇEŞLI ILIŇ DÖWLETLI ÝOLY

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň baş maksady we esasy wezipeleri döwlet ähmiýetli meseleleri çözmäge, täze özgertmeleriň we durmuş-ykdysady maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegine halk köpçüligini giňden çekmek, teklipleri işläp taýýarlamak, maslahatlary bermek, halkymyzyň agzybirligini, bitewüligini, jebisligini, asudalygyny, abadançylygyny berkitmäge hem-de Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň täze döwürde depginli ösmegine, has-da kuwwatlanmagyna ýardam bermek, hyzmat etmek bolup durýar.

Türkmenistanyň Halk Maslahaty Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda hereket edýän we Türkmenistanyň halkynyň bähbitlerine wekilçilik edýän ýokary wekilçilikli edaradyr. Türkmenistanyň Konstitusiýasy diňe bir döwletimiziň we jemgyýetimiziň gazananlaryny berkitmän, eýsem, ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmegiň ygtybarly hukuk binýadydyr. Geljekde öňümizde durýan belent maksatlary we wezipeleri üstünlikli amala aşyrmakda döwlet häkimiýet edaralaryna, esasan-da, halka wekilçilik edýän edaralara, milli parlamente uly orun degişlidir. Wekilçilikli edaralaryň işiniň kämilleşdirilmegi netijesinde döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmek boýunça işleri guramakda zerur bolan kanunçylyk namalarynyň çalt we ýokary hilli kabul edilmegi, herekete girizilmegi, ýerine ýetirilmegine gözegçilik edilmegi üçin kanunçylyk-hukuk şertleri hem döredilýär.

Bu ugurda durmuşa geçirilýän işlere badalga bermekde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň durmuşdaky orny uludyr. Gadymy döwürlerden bäri halkymyz il-ýurt bähbitli işlere badalga berjek bolanda il içinde sylanýan, hormatlanýan adamlary ýygnap, maslahat edip, döwletli işleri maslahatlaşyp çözüpdir. Şol maslahatly çykarylan netijeler obalaryň arasynda suw, ýer, mal ýa-da adamlaryň şahsy durmuşynda ýüze çykýan meseleleri akylly-başly çözmäge ýardam beripdir. Ata-babalarymyzyň durmuş mekdebinde döreden nakyllary, ýol-ýörelgeleri, adamçylyk sypatlary goňşy arasynda, oba arasynda, hat-da ýurtlar arasynda hem döräp biläýjek dawa-jenjelleri parahatçylyk ýoly bilen çözmäge ýardam berip, şol durmuş kadalary biziň şu günki günlerimizde hem öz ähmiýetini ýitirmeýär.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde garaljak meseleler ýurdumyzyň sazlaşykly ösüşi bilen bir hatarda, halkymyzyň abadan durmuşynyň ýokary derejesini öz içine alýar. Bu bolsa «Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen asylly şygarlary baş ýörelge edinýän we hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň rowaçlyklara beslenýändigini görkezýär.

Arazmyrat HANGELDIÝEW,

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

 

27.08.2026 Giňişleýin

MILLI BILIM KANUNÇYLYGYNYŇ ÝAŞLARYŇ HUKUK MEDENIÝETINI KEMALA GETIRMEKDÄKI ORNY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Diýarymyzda Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan bilim syýasaty we onuň kanunçylyk binýadynyň berkidilmegi Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýär. Ýurdumyzyň ýaş nesliniň geljekde ruhy hem beden taýdan kadaly ösen şahsyýetler hökmünde kemala getirilmegi üçin, nesilleriň edep-terbiýe meselesi we şunuň bilen baglanyşykly pedagogik-psihologik wezipeleriň hukuk taýdan düzgünleşdirilmesi üns merkezinde saklanylýar.

Konstitusion ýörelgelere esaslanýan milli bilimiň kanunçylyk binýady halkara hukuk kadalary bilen sazlaşykly utgaşyp, bilimiň ähli derejelerinde mugallymlaryň usulyýet başarnyklaryny ýüze çykarmagyny, okatmagyň döwrebap tehnologiýalardan üstünlikli peýdalanmagyny talap edýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda bilim ulgamyny düýpli kämilleşdirmek we dünýä standartlaryna laýyk getirmek Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň iň möhüm ugurlarynyň biridir. Ýaş nesliň aňynda döwletlilik kadalaryny berkitmek, Watana bolan söýgini, kanuna bolan hormaty kemala getirmek, milli kanunçylygyň özenini düzýär.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz 2023-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki maksatnamalaýyn çykyşynda ylmyň we tehnikanyň örän çalt depginler bilen ösmeginiň, täze tehnologiýalaryň döremeginiň, ýurdumyzyň dünýäniň bilim giňişliginde işjeň goşulyşmagynyň bilim edaralarynda okatmagyň usulyýetiniň kämilleşdirilmegini talap edýändigini belledi we halkara bilim standartlaryna laýyk gelýän Konsepsiýany taýýarlamagyň möhümdigine ünsi çekdi. Şonuň bilen baglylykda, 2024-nji ýylyň 25-nji maýynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen “Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy” tassyklandy. Bu Konsepsiýanyň maksady bilim bermegiň hilini dünýä standartlaryna laýyk getirmekden, okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmekden, bu ugurda innowasion usullary okuw işine giňden ornaşdyrmakdan, mugallymlaryň döredijilik başarnyklaryny, ussatlygyny has-da ýokarlandyrmakdan, ýaş nesliň kalbynda ata Watana söýgini, milli däp-dessurlara, medeni mirasa we taryha bolan buýsanjy, hukuk medeniýeti we hukuk aňy ýaly düşünjeleri kemala getirmekden ybaratdyr. Ýurdumyzda pedagogik işgärleri taýýarlamagyň gerimini giňeldip, mugallymlaryň hünär bilimlerini çuňlaşdyrmak, täze tehnologiýalar esasynda okatmagyň usullaryny kämilleşdirmek, bilim ulgamyny has-da döwrebaplaşdyrmak maksady bilen, halkara hyzmatdaşlygy ýola goýuldy. Konsepsiýanyň durmuşa ornaşdyrylmagy döwrebap şertlerde ýaşlaryň diňe bir tehnologik başarnyklaryny däl, eýsem olaryň kanuna, jemgyýetçilik gymmatlyklaryna bolan sarpasyny täze usullar arkaly kemala getirmäge uly itergi berýär.

Ýokary hünär okuw mekdebiniň mugallymlarynyň iş tejribesiniň nukdaýnazaryndan hem-de 2021-nji ýylda kabul edilen “Bilim hakynda” (rejelenen görnüşi) Türkmenistanyň Kanunynyň 28-nji maddasyndaky ýokary hünär bilimi derejeleriniň bilim maksatnamalary Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň pudaklary üçin taýýarlygyň ugurlary, hünärler boýunça ýokary hünärli işgärleriň düýpli nazaryýet we amalyýet taýdan taýýarlanylmagyny, şeýle hem şahsyýetiň akyl, medeni we ahlak taýdan ösmäge, hünär bilimini, ylmy-pedagogik hünär derejesini çuňlaşdyrmaga, giňeltmäge bolan islegleriniň kanagatlandyrylmagyny üpjün edýändigi baradaky düzgünlerden ugur alanyňda, bilimiň hilini ýokarlandyrmak üçin, ilki bilen, mugallymyň iş başarnygy - döwrebap bilimi, tejribesi, şahsy göreldesi zerurdyr, sebäbi döwletiň terbiýe ojagynyň esasy wekilleri hökmünde Watana wepaly, zähmetsöýer, hukuk kadalaryna we jemgyýetiň ahlak ýörelgelerine hormat goýýan, kämil başarnyklary bolan şahsyýetleri terbiýelemekde mugallymlar möhüm orny eýeleýärler.

Bilim ulgamynda alnyp barylýan özgertmeler her bir mugallymy okatmagyň innowasion görnüşlerini, usullaryny, serişdelerini gözlemäge, interaktiw umumy we amaly sapaklary guramaga hem-de geçirmäge borçlandyrýar. Okuw görnüşleriniň we usullarynyň dürlüligi, olaryň häzirki zaman bilim, terbiýe we talyplaryň intellektual ösüşi baradaky wezipeler bilen utgaşdyrylmagy okuw maglumatlarynyň has ýokary netijeli öwrenilmegine mümkinçilik berýär. Işjeň okuw görnüşleriniň döwrebaplygy, talyplaryň pikirleniş ukybynyň ösdürilmeginiň olarda okuw maksatnamalarynda, hünär häsiýetnamalarynda we bilim standartlarynda göz öňünde tutulan başarnyklaryň we endikleriň emele gelmegine oňaýly täsir edýändigini öňdebaryjy tejribeler görkezýär.

Häzirki wagtda – ykdysadyýetiň we durmuş ulgamynyň ähli pudaklarynyň innowasion ösüşlere gönükdirilen şertlerinde ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň hünär derejesine bolan talaplar hem barha artýar. Diýmek, ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlarynyň öz geljekki hünärlerinde talap edilýän ukyp-başarnyklarynyň bolmagy, olaryň iş ýerine çalt uýgunlaşmagy, hünär ussatlygyna bolan ukyplary ýokary okuw mekdepleriniň, şonuň ýaly-da, mugallymlarynyň işiniň möhüm görkezijilerine öwrülýär.

“Ýokary bilimiň hili ylmy-pedagogik işgärleriň başarnyklary bilen kesgitlenýär” diýmäge hem doly esas bar. Hünärmenleri taýýarlamagyň köp derejeli ulgamyna geçilmegi, şeýle-de, bilim almagyň üznüksizligi we taýýarlygyň dürli derejeleriniň utgaşyklylygynyň üpjün edilmegi üçin, her bir ýokary okuw mekdebinde innowasion bilim bermegi meýilleşdirmegiň usulyýet, guramaçylyk we pedagogik esaslary talap edilýär.

Bilim ulgamyna we jemgyýetiň arasynda kabul edilen kada-kanunlaryna, milli däplere türkmen halkynyň ähli döwürlerde üns berendigi, hormat goýandygy baradaky taryhy we resmi maglumatlar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kitaplarynda ylmy-amaly nukdaýnazardan giňişleýin beýan edilýär. Mälim bolşy ýaly, halkymyzyň öz milli mirasyny nesilden-nesle geçirmek başarnygy bilen baglanşyklylykda, milletiň özüni tanamagynyň esasy bolan ylym we bilim döwürleriň ruhy baglanyşygyny berkidýär.

Jemgyýetiň sazlaşykly ösüşinde halkyň ruhy-medeni derejesini ýokarlandyrmak asyrlarboýy ýygnanan, ýyllaryň synagyndan geçen halk däplerine, adatlara we bilim bermegiň usullaryna, şeýle hem, milli terbiýä daýanýar. Taryhy maglumatlar we halk döredijiliginiň çeşmeleri türkmen halkynyň terbiýe bermek däplerini işjeňleşdirmäge, maksadalaýyk zähmeti we dynç alşy guramaga, adamlaryň arasynda ahlak gatnaşyklaryny ösdürmäge gönükdirilendir.

Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy pedagogik işgärleriň hünär derejelerini ýokarlandyrmagy, olaryň hünär bilimlerini çuňlaşdyrmagy, pedagogik ussatlygyny kämilleşdirmegi, umumy we kesp-kär medeniýetini dünýä derejesine laýyklykda ösdürmegi, ylmyň, tehnologiýalaryň, halkara we milli tejribäniň häzirki zaman gazananlaryny hasaba almagy, hünär bilimleriniň döwrebaplygyny öz içine alýar.

Sanly ykdysadyýet, emeli aň, innowasion tehnologiýalaryň döwründe kemala gelýän ýaşlar diňe bir bilimli bolmak bilen çäklenmän, eýsem, islendik ýagdaýdan baş alyp çykmaga bolan ukyby hem özünde kemala getirmegi başarmalydyr. Ýaşlaryň döwletiň çäginde hereket edýän kanunlary bilmegini, olara doly we dogry düşinmegini, döwlet gurallaryna sarpaly çemeleşmegini gazanmak parahatçylygy, durnukly ösüşi üpjün edýän esasy sütündir. Hukuk kadalaryna hormat goýýan, raýat jemgyýetini gurmagy başaran döwletde bilim berliş usullaryny döwrebaplaşdyrmak dünýä derejesindäki talaplardan yza galmazlygyň baş şertidir. “Maglumatlar asyry” diýip atlandyrylýan XXI asyrda bilim tehnologiýalarynyň ösdürilmegine aýratyn talaplar bildirilýär.

Bu ugurda halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegi hem möhümdir. BMG-niň Çagalar gaznasy (ÝUNICEF) bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň meýilnamasyna laýyklykda, «Bilim ulgamynda başarjaňlyk çemeleşmesine esaslanýan okuw maksatnamalaryny taýýarlamak we okatmagyň usullaryny kämilleşdirmek» boýunça Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň ylmy işgärleriniň, Baş bilim müdirlikleriniň hünärmenleriniň we pedagogik işgärleriň gatnaşmaklarynda okuw maslahatlarynyň guralmagy şeýle mysallaryň hatarynda durýar.

Konsepsiýa laýyklykda, okuwçylaryň sazlaşykly ösüşini üpjün etmek üçin ylmyň, medeniýetiň, sportuň ugurlary boýunça döwrebap okuw maksatnamalaryny taýýarlamagy we okuwlara ornaşdyrmagy dowam etdirmek bilen, ylmyň, halkara tejribäniň soňky gazananlaryny ulanyp, täzelerini döretmek zerurdyr. Sanly ulgamdan netijeli peýdalanmak bilen, bilim-terbiýe bermegiň usulyýetini döwrebaplaşdyrmak möhüm wezipe hasap edilýär. Bu wezipeleriň ýerine ýetirilmegi Türkmenistanyň Prezidentiniň 2025-nji ýylyň 8-nji oktýabryndaky Karary bilen tassyklanan “Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026 – 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynyň” maksatlary we wezipeleri bilen hem sazlaşykly utgaşýar.

“Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasynyň” sekizinji babynda, ýagny Konsepsiýanyň amala aşyrylmagyndan garaşylýan netijeleriň hatarynda:

- umumybilim maksatnamalary boýunça ýaş nesle berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak, mazmunyny baýlaşdyrmak hem-de okatmagyň usulyýetine innowasion häsiýet bermek bilen, okuw dersleri boýunça elektron okuw usuly toplumlaryny, ýagny okuw esbaplaryny, wideo-audio materiallaryny, elektron okuw kitaplaryny we elektron okuw usuly gollanmalaryny işläp taýýarlamaga üns güýçlendiriler;

- umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini yzygiderli kämilleşdirmek maksady bilen, bilim ulgamyna häzirki zaman maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalary we innowasiýa taslamalary ornaşdyrylar;

- üznüksiz bilim ulgamynyň mazmunyny hil taýdan täzelemek, şeýle hem pedagogik işgärleri taýýarlamak, gaýtadan taýýarlamak, olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak we ussatlyklaryny, bilimlerini we başarnyklaryny yzygiderli ösdürmek babatdaky işleri döwrebaplaşdyrmak yzygiderli dowam etdiriler diýlip kesgitlenmegi ýokary bilimiň sanlylaşdyrylmagy şertlerinde, pedagogyň usulyýet başarnygyna bildirilýän talaplary aýdyň şöhlelendirýär.

Bilim gurşawynda sanlylaşdyrmagyň ileri tutulmagy jemgyýetiň ösüşiniň netijesidir, onda mugallymyň we talybyň sanly jemgyýetde möhüm bolan başarnyklary we bilimleri ýüze çykýar.

Konsepsiýada bilim bilen ylmy sazlaşykly alyp barmak boýunça hem wezipeler kesgitlenen. Şu nukdaýnazardan, pedagogik işgärleri taýýarlaýan pedagogik ugurly ýokary (orta) hünär bilim edaralarynyň okuw maksatnamalaryna pedagogik işgäriň gözleg-barlag işlerini alyp barmaga bolan ýörite başarnygyny kemala getirmäge we ösdürmäge ýardam edýän aýratyn temalaryň, ýörite okuwlaryň girizilmegi göz öňünde tutulýar. Şeýle hem, okatmagyň usulyýeti ylmynda gazanylan üstünlikleri, öňdebaryjy dünýä we milli tejribäni nazara almak bilen, okuw meýilnamalaryny hemişe baýlaşdyrmaga çalşylýar.

Konsepsiýada kesgitlenen wezipelere laýyklykda, pedagogik ugurly ýokary okuw mekdeplerinde döredilen hünär derejesini ýokarlandyryş fakultetleriniň işini döwrebap ýola goýmak we has-da kämilleşdirmek maksady bilen, olaryň alyp barýan işlerine, guraýan hünär kämilleşdiriş usuly-amaly okuwlaryna Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan yzygiderli gözegçilik amala aşyrylar hem-de ylmy-usuly taýdan seljerme bermek ýola goýlar. Şol fakultetlerde guralýan we geçirilýän hünär kämilleşdiriş usuly amaly okuwlarda okadýan pedagogik işgärler tarapyndan hünär taýýarlygynyň derejesine berilýän üns güýçlendirilýär, olar üçin zerur usuly-amaly okuwlar, okuw maslahatlary yzygiderli guralar.

Konsepsiýasyny üstünlikli amala aşyrmak boýunça yzygiderli ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy boýunça bilim edaralarynda halypa-şägirt gatnaşyklarynyň ýola goýluşyna we dowamly alnyp barlyşyna üns has-da güýçlendirilýär. Bu ugurdaky möhüm işleri döwrüň talaplaryna laýyk guramak, olara yzygiderli gözegçilik etmek maksady bilen, halypa-şägirt gatnaşyklarynyň tertibi bilim ulgamynyň edaralaryna ornaşdyrylýar, bu ugurdaky işleriň mazmuny yzygiderli baýlaşdyrylýar we hili ýokarlandyrylýar.

         

Jahangül Myradowa,

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty,

Mejlisiň Daşky gurşawy goramak,

tebigatdan peýdalanmak we agrosenagat

toplumy baradaky komitetiniň agzasy.

25.08.2026 Giňişleýin

MEKDEBE ÇENLI ÇAGALAR EDARALARYNYŇ IŞINE TÄZELIKLERI GIRIZMEGIŇ USULYÝET ESASLARY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim ulgamynda düýpli özgertmeleri amala aşyrmak üstünlikli dowam etdirilýär. Bilimde innowasiýalaryň orny ýokarlanýar, “Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy” hereket edýär. Konsepsiýada mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işine oňyn özgertmeleri ornaşdyrmak babatda bellenilendir. Konsepsiýanyň mazmunyny öwrenmek we ony iş ýüzünde ulanmagy başarmak döwrebap zähmet çekýän her bir pedagogyň, terbiýeçiniň wezipe borjudyr.

Konsepsiýa laýyklykda, diňe bir umumybilim edaralarynyň däl, eýsem, ekdebe çenli çagalar edaralarynyň işine täzelikleri girizmegiň usulyýet esaslaryny kesgitlemäge giň mümkinçilikler açylýar.

Milli bilim-terbiýe ulgamyna netijeli usullary ornaşdyrmak mekdebe çenli döwürden, çaganyň irki ösüş derejesinden başlanýar. “Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasynyň” mazmunyna laýyklykda, öňdebaryjy iş tejribeleriniň esasynda ýurdumyzyň mekdebe çenli bilim edaralarynda okatmagyň we terbiýelemegiň mazmunynyň yzygiderli baýlaşdyrylmagyna, usulyýetiniň döwrebaplaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýär.

Ýeri gelende bellesek, şu Konsepsiýadan öň hem mekdebe çenli edaralaryň işini kämilleşdirmäge, onuň resminamalaýyn esaslaryny pugtalandyrmaga degişli bolan döwlet resminamalary bardyr. “Döwlet mekdebe çenli bilim edaralary hakynda Düzgünnama” mekdebe çenli ýaşly körpeleri mekdebe taýýarlamak, olaryň döwrebap terbiýelenmegini, ösüşini we saglygyny üpjün etmek maksady bilen, hereket edýän esaslyk, kadalaşdyryjy resminamadyr. Düzgünnama Türkmenistanyň “Bilim hakynda” (rejelenen görnüşi, 2021ý.) Kanunyna hem-de döwlet bilim standartlaryna esaslanýar. Şeýle resminamalarda çaganyň şahsyýetiniň kemala getirilmegine, onuň intellektual, beden, ruhy we ahlak taýdan ösmegine, mekdep durmuşyna taýýarlanmagyna ýardam bermegiň düzgünleri bellenilendir. Şeýlelikde, mekdebe çenli çagalar edaralarynyň, çagalar bakja-baglarynyň işiniň guralyş tertibi, bilim bermegiň ugurlary hem-de ony dolandyrmakdaky ýörelgeler döwlet derejesindäki resminamalar arkaly kesgitlenýär.

Mekdebe çenli bilim maksatnamasy boýunça çagalaryň umumy hereketiniň, duýgularynyň, durmuş emosional, ownuk hereketleriniň, medeni we arassaçylyk endikleriniň sazlaşykly ösüşini gazanmak maksady bilen, terbiýe we bilim bermek işine iň öňdebaryjy innowasion çemeleşmeleri giňden ornaşdyrmak, ylmyň we teh­ni­ka­nyň iň tä­ze ga­za­nan­la­ry­na esas­la­nyp, okuw sa­pak­la­ry­ny dün­ýä tej­ri­be­si­ne la­ýyk­lykda gu­ra­ma­gy do­wam et­dir­mek bel­le­ni­len­dir. Mek­de­be çen­li bi­lim mak­sat­na­ma­la­ry boýun­ça okat­ma­gyň usu­ly­ýe­ti­ni kä­mil­leş­dir­mek işi çaga­lar­da esa­sy ba­şar­nyk­lar bo­lan kom­mu­ni­ka­tiw ba­şar­nyk­la­ry (dür­li dur­muş şert­le­rin­de gep­le­şik se­riş­de­le­rin­den peý­da­la­nyp bil­mek), oýun ba­şarnyk­lary­ny (ça­ga­lar oýun oý­nan­la­ryn­da we oýun gur­nan­la­ryn­da, öz dur­mu­şyn­da top­lan tej­ri­be­leri­ni, alan bi­lim­leri­ni, özün­de ke­ma­la ge­len endik­leri dö­re­di­ji­lik­li peý­da­la­nyp bil­me­gi), dur­muş ba­şar­nyk­la­ry­ny (ça­ga­la­ryň ulu­lar we öz ýaş­daşla­ry bi­len dür­li dur­muş şert­le­rin­de jem­gy­ýet­de ka­bul edi­len düz­gün­le­re we ka­da­la­ra la­ýyk­lyk­da özü­ňi alyp barmak), bi­le­si­ge­li­ji­lik ba­şar­ny­gy­ny (daş­ky gur­şa­wy oý­la­ny­şyk­ly aň­la­ma­gy we alan bi­lim­leri­ni, ukyp­la­ry­ny hem-de özün­de ke­ma­la ge­len sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­leri­ni okuw we durmuş me­se­le­le­ri­ni çöz­mek­de peý­da­la­nyp bil­mek) ke­ma­la ge­tir­mä­ge gö­nükdi­ri­len­dir. Şu mak­sat bilen, mek­de­be çen­li ça­ga­lar eda­ra­la­ryn­da ter­biýe we bi­lim ber­mek işi­ni ama­la aşyr­ýan pe­da­go­gik iş­gär­ler üçin ýö­ri­te yl­my-usu­ly gol­lan­ma­lar taýýar­la­nyl­ýar we okuw-ter­biýe­çi­lik iş­leri­ne or­naşdy­ryl­ýar. Mek­de­be çen­li ça­ga­lar eda­ra­la­ryn­da ter­bi­ýe we bi­lim ber­mek işin­de dün­ýä tej­ri­be­si­ne iş­jeň or­naş­dy­ryl­ýan hem-de ça­ga­la­ryň saz­la­şyk­ly ke­ma­la gel­me­giniň we ösme­gi­niň mö­hüm şer­ti bo­lup dur­ýan in­no­wa­sion teh­no­lo­gi­ýa­lar­dan peýda­lan­ma­ga uly äh­miýet be­ril­ýär.

Şu mak­sat bi­len, in­no­wa­sion teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň sag­ly­gy go­ra­ýyş, tas­la­ma, göz­leg-bar­lag, mag­lumat-kom­mu­ni­ka­si­ýa, oýun, ça­ga­la­ryň dö­redi­ji­lik ukyp­la­ry­ny ös­dür­mä­ge gö­nük­di­ri­len, okat­ma­gyň ösdü­ri­ji, sungat, port­fo­lio teh­no­lo­gi­ýa­la­ry ýa­ly ýo­ka­ry ne­tije­li usul­la­ry­ny okuw işin­de giň­den peý­da­lan­ma­gy ýo­la goý­mak hä­zir­ki zaman ter­biýe­çi­le­ri­niň öz iş­leri­ne de­giş­li tä­ze­lik­leri gi­riz­megi­ni ta­lap ed­ýär. Bu pe­dago­gik teh­no­lo­gi­ýa­lar döre­dijilik­li ula­ny­lyp, mek­de­be çen­li ýaş­ly ça­ga­la­ry mek­de­be ne­ti­je­li taý­ýar­la­mak we ola­ryň gel­jek­de üs­tün­lik­li oka­mak­la­ry­ny üp­jün et­mek üçin, mekde­be çen­li ça­ga­lar eda­ra­la­ry­nyň ter­bi­ýe­çi­leri­niň hü­när ba­şarnykla­ry­ny yzygi­der­li kämil­leş­dir­mek hem Kon­sep­si­ýa­da bel­le­ni­len­dir. Hä­zir­ki wagtda sag­lyk ýag­da­ýy se­bäp­li, mümkin­çi­li­gi çäk­li ça­ga­lar bi­len iş­leme­giň aý­ra­tyn­lyk­la­ryny na­za­ra alyp, sa­pak­la­ry (inkl­ýu­ziw bi­lim) dün­ýä tej­ri­besi­ne la­ýyk­lyk­da, kö­pu­gurly pe­da­gogik iş­gär­le­ri we ola­ryň işi­ni usuly­ýet taý­dan düz­gün­leş­dirýän yl­my-usu­ly we okuw-usu­ly gol­lan­ma­lar iş­le­nip taý­ýar­la­nyl­ýar. Mek­de­be çen­li ýaş­ly ça­ga­la­ryň mek­de­be taý­ýar­lyk­ly gel­mek­le­ri­ni üp­jün et­mek mak­sa­dy bi­len, mek­de­be çen­li ça­ga­lar eda­ra­la­ry bi­len umu­my­bi­lim ber­ýän eda­ra­la­ryň ara­syn­da ysny­şyk­ly hyz­mat­daş­ly­gyň al­nyp ba­ryl­ma­gy­na üns güýç­len­ýär. Mek­de­be çen­li ça­ga­lar eda­ra­lary­nyň bi­lim iş­gär­le­ri­niň sy­ýa­sy so­wat­ly­ly­gy­ny, hü­när de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­mak we pe­da­gogik ussat­ly­gy­ny kä­mil­leş­dir­mek mak­sa­dy bi­len, peda­go­gik ge­ňe­şiň we usuly sa­gat­la­ryň işi­niň ne­tije­li­li­gi döw­rüň ta­lap­la­ry­na la­ýyk ge­ti­ril­ýär. Şeý­le hem,sy­ýa­sy okuw­la­ryň mazmu­ny baý­laş­dy­ryl­ýar we ne­ti­je­li­li­gi ýo­kar­lan­dy­ryl­ýar, şä­girt-ha­ly­pa gat­na­şyk­la­ry­ny ösdür­mek boýun­ça ul­gam­la­ýyn iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar, mek­de­be çen­li ça­ga­lar edara­la­ry­nyň işleriniň öň­de­bary­jy dün­ýä tej­ri­besi­ne laýyklyk­da gu­ral­ma­gy ba­bat­da äh­li tagal­la­lar edil­ýär. Mek­de­be çen­li ça­ga­lar eda­ra­la­ry­nyň peda­go­gik iş­gär­le­ri­niň psi­ho­lo­gi­ýa, pe­dago­gi­ka, okat­ma­gyň usu­ly­ýe­ti ba­bat­da­ky dün­ýä tej­ri­besi boýunça hü­när de­re­je­le­ri­ni ýo­kar­lan­dyr­mak mak­sa­dy bilen, hal­ka­ra hyz­mat­daşly­gy has-da iş­jeň­leş­di­ril­ýär. Jem­läp aý­da­ny­myz­da, Konsep­si­ýa la­ýyk­lyk­da, mek­de­be çen­li bi­lim edara­la­ry­nyň işi­ne düýp­li tä­ze­lik­ler gi­ri­zil­ýär. Şu tä­ze­lik­lere şah­sy go­şan­dyny goş­mak kör­pe ne­sil bi­len iş­leýän her bir bi­lim iş­gä­ri­niň mu­kad­des bor­ju­dyr, çün­ki “Türk­me­nis­tan­da umu­my­bi­lim mak­sat­na­ma­la­ry bo­ýun­ça okat­ma­gyň usuly­ýe­ti­ni kä­mil­leş­dir­me­giň 2028-nji ýy­la çen­li Kon­sep­siýa­sy” mek­de­be çen­li ça­ga­lar eda­ra­la­ry­nyň işi­ne tä­ze­lik­leri gi­riz­me­giň usu­ly­ýet esa­sy­dyr.

Annabagt Maýewa,

Balkan welaýat Baş bilim müdirliginiň

Mekdebe çenli terbiýe, bilim we mekdepden

daşary edaralary bölüminiň başlygy,

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

25.08.2026 Giňişleýin

ÝAŞLAR DIALOGYNY ILERLEDIP

Hywa şäherinde türkmen we özbek ýaşlarynyň forumy geçirildi

18 — 21-nji aw­gust ara­ly­gyn­da Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Hy­wa şä­he­rinde Türk­men-özbek ýaş­lar fo­ru­my ge­çi­ril­di. Bu hal­ka­ra çä­re iki goň­şy döw­le­tiň hyz­mat­daş­ly­gyn­da ta­ry­hy müň­ýyl­lyk­la­ra uza­ýan ga­dyr­ly gat­na­şyk­la­ryň bar­ha ber­ke­ýän­di­gi­ni ala­mat­lan­dyr­dy. «Ar­da Hy­wa» dynç alyş top­lu­my­nyň mej­lis­ler za­lyn­da ba­dal­ga alan ýaş­lar fo­ru­my di­ňe bir res­mi çä­re bol­man, eý­sem, iki goňşy hal­kyň ýaş ne­sil­le­ri­niň ara­syn­da­ky ru­hy we yn­san­per­wer raý­daş­ly­gyň tä­ze tap­gy­ry­na öw­rül­di. Ol türk­men we öz­bek ýaş­la­ry­nyň ara­syn­da­ky dia­lo­gyň tä­ze, has gi­ňiş­le­ýin ugur­lar bo­ýun­ça ýaý­baň­lan­ýan­dy­gy­nyň aý­dyň gü­wä­si­dir.

Fo­rum Türkmenistanyň we Özbegistanyň ýaşlarynyň intellektual, döredijilik, ylmy hem-de tehnologik mümkinçiliklerini birleşdirmekde netijeli meýdança boldy. Geçirilen sessiýalaryň çäklerinde sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak, emeli aňyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak, ýaşlaryň startap-ekoulgamlary üçin amatly gurşawy kemala getirmek, sebitiň durnukly ösüşine gönükdirilen bilelikdäki ekologiýa we «ýaşyl» taslamalary durmuşa geçirmek, meýletinçilik hereketleriniň gerimini gi­ňeltmek, şeýle hem medeni-ynsanperwer alyşmalary ulgamlaýyn baýlaşdyrmak ýaly ugurlar barada gi­ňişleýin pikir alşylmagy çäräni mazmun taýdan has-da baýlaşdyrdy. Hususan-da, sanly ulgam we emeli aň baradaky çykyşlarda häzirki zaman tehnologiýalarynyň mümkinçiliklerinden dogry peýdalanmak, ýaşlaryň innowasion startap taslamalaryna giň ýol açmak we sanly gurşawyň howpsuzlygyny üpjün etmek ýaly döwrebap meselelere ylmy taýdan çemeleşmek dogrusynda aýdyldy. Ýaş telekeçileriň işine bagyşlanan çykyşlarda bolsa iki ýurduň kiçi we orta telekeçilik boýunça wekilleriniň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmagyň, önümçilik we söwda ugurlarynda täze amaly taslamalary durmuşa geçirmegiň ykdysady bähbitleri anyk mysallar bilen delillendirildi.

Sebitiň ekologiýa ýagdaýyna we «ýaşyl» taslamalara bagyşlanan çykyşlarda daşky gurşawy goramak we ekologiýa medeniýetini kemala getirmek ugrunda ýaş nesliň öňünde durýan jogapkärçilik dogrusynda aýratyn nygtaldy. Bu ugurdaky amaly üstünlikleriň aýdyň nyşany hökmünde ýakynda Özbegistan Respublikasynyň Şährisäbz şäherinde ekologiýa abadançylygyny üpjün etmäge bagyşlanyp geçirilen “Ýaşlar — geljegiň gurujylary” atly halkara çäräniň çäklerinde guralan ýaşlaryň ekologiýa taslamalarynyň bäsleşiginde türkmen ýaşlarynyň taýýarlan innowasion taslamasynyň birinji orna eýe bolandygy aýratyn bellenildi.

Meýletinçilik hereketiniň gerimini giňeltmäge gönükdirilen çykyşlarda ynsanperwerlik, raýdaşlyk we jemgyýete peýda getirmek ýörelgelerine daýanyp, durmuş ähmiýetli çärelerde meýletinçileriň tejribesini we amaly usullaryny kämilleşdirmegiň wajypdygy bellenildi. Forumyň medeniýet we sungat ugruna bagyşlanan böleginde bolsa iki doganlyk halkyň asyrlar aşyp gelýän maddy däl medeni mirasyny aýawly saklamak, milli gymmatlyklary ýaşlaryň arasynda giň­den wagyz etmek we sungatyň diplomatik güýji arkaly medeni-ynsanperwer gatnaşyklary täze belentliklere götermek baradaky buýsançly pikirler beýan edildi.

Forumyň dowamynda guralan ýürekdeş söhbetdeşlik gatnaşyjylaryň ýadynda ýakymly täsir galdyran pursatlara beslendi. Bir saçagyň başynda jemlenen türkmen we özbek ýaşlary milli däpler, umumy gymmatlyklar we halklaryň medeni ýakynlygy barada pikir alyşdylar. Bu duşuşykda iki halkyň sungatynyň özboluşly gözelligi hem giň­den açylyp görkezildi.

Şu günki günde döwrüň öňe sürýän iň möhüm syýasy-jemgyýetçilik meseleleri dostlukly halklaryň ýaşlaryny bir maksatda birleşdirýär. Ýaşlaryň arasyndaky jebisligi berkitmäge we uzak geljegi nazarlaýan başlangyçlary kemala getirmäge gönükdirilen ýörelgeler forumyň dowamyndaky çykyşlarda öz beýanyny tapdy. Şeýle hem medeniýetiň, edebiýatyň halklary birek-birege ýakynlaşdyrýan, ruhy-medeni taýdan baglanyşdyrýan köprüdigi forumyň çäklerinde ýaýbaň­landyrylan şowhunly aýdym-sazlarda, şahyrana setirlerde aýdyň şöhlelendi.

Häzirki wagtda döwletara gatnaşyklary işjeň­leşdirýän medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyga aýratyn üns berilýär. Mu­ňa Özbek-türkmen ýaşlar forumynyň maksatnamasynda medeni çärelere aýratyn ähmiýet berilmeginiň mysalynda hem aýdyň göz ýetirmek bolýar. Şunuň bilen baglylykda, forumyň çäginde gadymy Hywa şäheriniň taryhy-medeni ýadygärliklerine guralan gezelençleriň ýatda galyjy pursatlara baý bolandygyny bellemek gerek. Ürgenç şäheriniň Türkmenler mähellesinde ýerleşýän Özbek-türkmen dostluk öýüne guralan gezelenç binanyň öňündäki Magtymguly Pyragynyň heýkeline gül desseleriniň goýulmagy bilen badalga aldy. Dostluk öýüniň kitaphanasynda ýurdumyzda çap edilen kitaplaryň, aýratyn hem, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp eserleriniň bolmagy buýsanjymyzy has-da artdyrdy.

Ýeri gelende bellesek, häzirki döwürde Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky döwletara gatnaşyklarda ýaşlar hyzmatdaşlygy möhüm orny eýeleýär. Bu ugruň hukuk binýadynyň 2018- nji ýylda iki ýurduň ýaşlar guramalarynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek baradaky Ähtnama gol çekilmegi bilen berkidilmegi uly ähmiýete eýedir. Bu resminama bilelikdäki maksatnamalary durmuşa geçirmek, hünär we ylmy tejribe alyşmalary guramak, özara gatnaşyklaryň netijeli guramaçylyk meýdançalaryny döretmek hem-de döwletlerimiziň ýaşlarynyň arasynda ýola goýlan gatnaşyklary berkitmek üçin uzak möhletleýin ugurlary kesgitledi.

Iki ýurduň hoşniýetli hyzmatdaşlygynda medeni-ykdysady ugurlarda gatnaşyklary ilerletmekde täze derejäni alamatlandyran Türkmen-özbek ýaşlar forumy hormatly Prezidentimiziň degişli Karary bilen tassyklanylan “Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasynyň” işjeň durmuşa geçirilýändiginiň hem aýdyň güwäsidir. Umumy taryhy-ruhy köklere daýanýan türkmen-özbek hyzmatdaşlygynda ýaşlar dialogynyň barha ilerlemegi, has-da ýaýbaň­lanyp, giň gerime eýe bolmagy tötänlik däldir. Sebäbi iki doganlyk halkyň ýaşlaryny bir umumy dünýägaraýyş we belent meýiller birleşdirýär. Edil şu sarsmaz ruhy we intellektual birlikden güýç alýan, gadymy akabalardan gözbaş alyp, täze eýýamda has-da dabaralanýan türkmen-özbek dostlugy ýaşlaryň döredijilikli başlangyçlary arkaly geljegiň täze gözýetimlerini açýar.

Döwletara ýaşlar syýasaty çygrynda amala aşyrylýan ynsanperwer hyzmatdaşlygyň düýp özeninde Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň sebitde parahatçylygyň, ählumumy abadançylygyň we hoşniýetli goň­şuçylygyň binýatlaryny berkitmäge gönükdirilen durnukly ösüş hem-de dostluk taglymatlary durandyr. Şu mukaddes taglymatlardan ugur alýan belent maksatlar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaş nesiller üçin döredip berýän giň mümkinçilikleri we amala aşyrýan beýik tutumlary esasynda geljekde has-da dabaralanar.

Ýazpolat KERIÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy,

Mejlisiň deputaty.

24.08.2026 Giňişleýin
1 2 3 4 5 6 7 ... 125