Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINDE ÝHHG-NIŇ PARLAMENT ASSAMBLEÝASYNYŇ WISE-PREZIDENTI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2024-nji ýylyň 1-nji aprelinde Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowanyň Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasynyň wise-prezidenti Reýnhold Lopatka bilen duşuşygy boldy. 

Duşuşygyň dowamynda Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa halkara guramalar, şol sanda ÝHHG bilen özara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň daşary syýasatyň möhüm ugurlarynyň biridigini hem-de bu gurama bilen hyzmatdaşlygyň täze ugurlar boýunça giňeldilýändigini belledi. 

Duşuşykda ýurdumyz tarapyndan öňe sürülýän ählumumy howpsuzlyk strategiýasynyň esasy ugurlary, şeýle hem ýüze çykýan dürli halkara ýagdaýlary syýasy-diplomatik ýollar arkaly çözmekde diplomatiýanyň gurallaryny ulanmak we dialogyň medeniýetiniň ähmiýeti baradaky meselelere seredildi.

Gepleşikleriň çäklerinde Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň alyp barýan işleriniň bütin dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmäge, möhüm meseleleri bilelikde ara alyp maslahatlaşmaga we oňyn çözgütleri tapmaga ýakyndan ýardam berýändigi nygtaldy.

01.04.2024

Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Hosein Amir Abdollahiýany kabul etdi.

Dostlukly ýurduň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň hem-de Eýranyň Beýik ruhy lideri Aýatolla Ali Hameneýiniň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Şunda Eýranda Türkmenistan bilen däp bolan netijeli gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berilýändigi bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow goňşy döwletiň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysyny myhmansöýer türkmen topragynda mähirli mübärekläp, Eýran Yslam Respublikasynyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de şu saparyň çäklerinde türkmen kärdeşleri bilen geçiriljek gepleşikleriň netijeli boljakdygyna ynam bildirdi. Şol gepleşikler ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam berer.

Ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri-de dünýä döwletleri, ilkinji nobatda, ýakyn goňşular bilen dostluga, özara hormat goýmaga, ynanyşmaga esaslanýan gatnaşyklary hemmetaraplaýyn ösdürmek bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de türkmen we eýran halklarynyň gatnaşyklarynyň müňlerçe ýyla uzaýan taryhy-medeni köklerden gözbaş alýandygyny belledi.

Nygtalyşy ýaly, syýasy-diplomatik gatnaşyklar häzirki wagtda ikitaraplaýyn derejede hem-de halkara guramalaryň çäklerinde birek-birege hormat goýmak, özara düşünişmek esasynda ösdürilýär.

Eýran ýurdumyzyň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy alyp barýan iň möhüm ýurtlarynyň biridir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we bu babatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-eýran toparynyň uly ähmiýetini belledi. Toparyň işiniň netijesinde, Türkmenistanda elektroenergetika, ulag ulgamynyň taslamalaryny amala aşyrmak boýunça anyk çäreler ylalaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, bu taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge täze itergi berjekdigine ynam bildirildi. Şunda häzirki zaman talaplaryna laýyklykda, ýangyç-energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerini we usullaryny gözlemegiň, energiýa serişdeleriniň eksport edilmegi, üstaşyr geçirilmegi babatda gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň wajypdygyna aýratyn üns berildi.

Nygtalyşy ýaly, medeni-ynsanperwer ugur hem türkmen-eýran gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Iki ýurduň wekiliýetleriniň özara saparlary, bilelikdäki medeni çäreleriň geçirilmegi, hususan-da, Medeniýet günleriniň, dürli sergileriň we beýleki medeni çäreleriň yzygiderli geçirilmegi muňa aýdyň şaýatlyk edýär.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Hosein Amir Abdollahiýan birek-birege berk jan saglyk, işlerinde üstünlikleri arzuw edip, doganlyk döwletleriň hoşniýetli goňşuçylyga esaslanýan dostlukly gatnaşyklarynyň özara gyzyklanma bildirilýän ähli ugurlarda geljekde-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdiler.

28.03.2024

Türkmenistanyň Prezidenti Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Husraw Nozirini kabul etdi.

Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga goşýan saldamly goşandyny belledi. Nygtalyşy ýaly, ýurdumyz döredijilikli daşary syýasy ugry yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, sebit we halkara hyzmatdaşlygyň meselelerine jogapkärli çemeleşýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow YHG-nyň Baş sekretarynyň “Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri” atly halkara maslahata gatnaşmak üçin Aşgabada amala aşyrýan şu gezekki saparynyň ähmiýetini belledi. Bu forum Diýarymyzyň syýahatçylyk mümkinçiliklerini açyp görkezmäge, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmäge ýardam eder.

Döwlet Baştutanymyz jenap Husraw Nozirä maslahata gatnaşmagynyň netijeli bolmagyny hem-de onuň çäklerinde özara bähbitli gepleşikleri geçirmegini arzuw edip, saparyň jemleriniň Türkmenistan bilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň arasynda däp bolan gatnaşyklary, şol sanda syýahatçylyk pudagyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge saldamly goşant boljakdygyna ynam bildirdi.

Duşuşygyň dowamynda ýurdumyz bilen bu düzümiň arasynda köpugurly gatnaşyklaryň geljegi barada gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Bellenilişi ýaly, soňky ýyllarda bilelikdäki işiň toplanan oňyn tejribesi bu babatda ygtybarly esas bolup hyzmat edýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň guramanyň çäklerinde hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmek ugrunda çykyş edip, bu köptaraply düzümiň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga ýardam bermäge çalyşýandygyny belledi.

Söhbetdeşligiň dowamynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygy aýdyldy. Munuň özi, ilkinji nobatda, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda, ekologiýa we syýahatçylyk ugurlary boýunça gatnaşyklara degişlidir. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan öz tarapyndan Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde bilelikdäki taslamalary we maksatnamalary durmuşa geçirmek arkaly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ilerletmegi göz öňünde tutýar. Şunuň bilen baglylykda, energetika ileri tutulýan ugurlaryň biri hökmünde görkezildi. Ýurdumyz tebigy gazyň ägirt uly gorlaryna eýe bolmak bilen, onuň iberilişini, şol sanda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň giňişligindäki sarp edijilere we üstaşyr geçirijilere iberilmegini ep-esli diwersifikasiýalaşdyrmaga taýýardyr.

Ulag ulgamy özara gatnaşyklaryň beýleki bir möhüm ugrudyr. Nygtalyşy ýaly, Türkmenistan öz geografik taýdan amatly ýerleşmegini nazara alyp, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen ykdysady gatnaşyklaryň esasy ugry hökmünde ulag-logistika merkezlerini ösdürmäge we olaryň mümkinçiliklerinden peýdalanmaga uly ähmiýet berýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyny Demirgazyk — Günorta we Gündogar — Günbatar ulag geçelgelerinden peýdalanyp, ýurdumyzyň üstaşyr mümkinçiliklerini durmuşa geçirmäge has işjeň gatnaşmaga çagyrdy.

Myhman Türkmenistanyň YHG-nyň giňişliginde dostlukly gatnaşyklary hem-de deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakdaky işjeň ornuna ýokary baha berip, ýurdumyzyň syýahatçylyk mümkinçiliklerine bagyşlanyp Aşgabatda geçirilýän halkara maslahata, şeýle-de Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli çärelere badalga bermek dabarasyna gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Husraw Noziri Türkmenistanyň hem-de Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň däp bolan netijeli dialoga ygrarlydygyny tassyklap, umumy abadançylygyň maksatlaryna laýyk gelýän hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

27.03.2024

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Koreýa Respublikasynyň işewür toparlarynyň wekilleri bilen duşuşygy

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasynyň işewür toparlarynyň wekilleri bilen duşuşygy boldy. Onda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekki ugurlary bilen baglanyşykly meseleler gyzyklanma bildirilip ara alnyp maslahatlaşyldy.

Gahryman Arkadagymyz myhmanlary mübärekläp hem-de olary ak mermerli Aşgabatda kabul etmäge şatdygyny belläp, koreýaly işewürleriň şu gezekki saparynyň özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm tapgyr boljakdygyna ynam bildirdi we däp bolan gatnaşyklary ilerletmek boýunça täze başlangyçlary durmuşa geçirmekde üstünlikleri arzuw etdi.

Şunuň bilen baglylykda, Halk Maslahatynyň Başlygy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» hem-de “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň” esasynda ýurdumyzy senagatlaşdyrmak babatda ägirt uly işleriň amala aşyrylýandygyna ünsi çekdi. Munuň özi koreýaly hyzmatdaşlar bilen özara gatnaşyklaryň täze ugurlaryny açýar.

“Hyundai Engineering Co., Ltd” kompaniýasynyň prezidenti, baş ýerine ýetiriji direktory Hoň Hýon Soň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik hem-de bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan edip, Gahryman Arkadagymyza Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygynyň we Türkmen-koreý dostluk toparynyň koreý tarapynyň ýolbaşçysynyň mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, 2022-nji ýylyň noýabrynda Koreýa Respublikasyna bolan saparyny we onuň çäklerinde geçirilen duşuşyklary ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny belledi. Şonda Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy bilen geçirilen duşuşykda dostlukly döwletara dialogy mundan beýläk-de ösdürmek bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, ýokary derejede, şeýle hem Hökümetara, pudagara derejelerdäki saparlar, gepleşiklerdir duşuşyklar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň tutuş toplumyna kuwwatly itergi berýär.

Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň köptaraplaýyn meýdançalarda netijeli hyzmatdaşlyk edýändiklerini bellemek gerek. Ýurtlarymyz sebit we ählumumy gün tertibiniň möhüm ugurlary boýunça garaýyşlarynyň ýakyndygyny ýa-da gabat gelýändigini görkezmek bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň hem-de beýleki abraýly halkara düzümleriň çäklerinde birek-biregiň öňe sürýän başlangyçlaryny goldaýarlar. “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” formatyndaky hyzmatdaşlyk-da netijeli häsiýete eýedir.

Ynsanperwer ulgam hem türkmen-koreý gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Bu ulgamda bilim, ylym, medeniýet ugurlary boýunça yzygiderli gatnaşyklar ýola goýuldy. Şunda iki ýurtda hem bilelikdäki dürli döredijilik çäreleriniň guralmagy, bilim maksatnamalarynyň amala aşyrylmagy, ylmy merkezleriň arasyndaky gatnaşyklaryň höweslendirilmegi möhüm ähmiýete eýedir. Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň baý ruhy, maddy medeni mirasy bolup, bu ugurda hyzmatdaşlygyň çuňlaşdyrylmagy halklarymyzy ýakynlaşdyrmaga we olaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam berýär. Saglygy goraýyş, sport, syýahatçylyk ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyga-da uly ähmiýet berilýär.

Koreýa Respublikasynyň wekilleri ýurdumyzda geçirilýän «Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri» atly halkara maslahata gatnaşdylar. Saglygy goraýyş barada aýdylanda bolsa, bu ulgamdaky edaralaryň arasynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça ylalaşyklar gazanyldy, ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi.

Döwletara gatnaşyklar birek-birege hormat goýmak, özara düşünişmek, ynanyşmak ýörelgeleri esasynda yzygiderli ösdürilýär. Dürli ulgamlarda, şol sanda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda işjeň hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Şunuň bilen birlikde, parlament diplomatiýasyna, kanun çykaryjy edaralaryň ugry boýunça gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýär. Şunda “Türkmenistan — Koreýa Respublikasy” parlamentara dostluk toparynyň işine möhüm orun degişlidir. Gahryman Arkadagymyz şular barada aýdyp, koreý kompaniýalary bilen netijeli hyzmatdaşlyga ýokary baha berdi. Bu kompaniýalar eýýäm köp ýyllardan bäri milli ykdysadyýetimiziň nebithimiýa, gazy gaýtadan işlemek, ulag we beýleki pudaklarynda netijeli işläp gelýärler. Häzirki wagtda ýurdumyzyň jemgyýetçilik ulagy awtoparkynyň ep-esli bölegini Koreýa Respublikasynda öndürilen awtoulaglar düzýär.

Koreýaly işewür toparlaryň wekilleri dünýäde ygtybarly hyzmatdaş hökmünde tanalýan Türkmenistanda daşary ýurt kompaniýalarynyň netijeli işlemegi we bilelikdäki maýa goýum taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi üçin berk binýadyň döredilendigini belläp, durnukly ösüş ýoly bilen öňe barýan, ägirt uly ykdysady kuwwaty bolan ýurdumyz bilen hyzmatdaşlyk etmegiň özleri üçin uly hormatdygyny nygtadylar.

Gahryman Arkadagymyz koreýaly hyzmatdaşlaryň gatnaşmagynda dünýäde iň iri gaz ýataklarynyň biri bolan «Galkynyş» käninde kükürtden arassalaýjy zawodyň, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda ýokary oktanly awtoulag benzinini öndürmek boýunça desganyň, Balkan welaýatynda polietilen we polipropilen gazhimiýa toplumynyň gurluşygynyň üstünlikli amala aşyrylandygyny kanagatlanma bilen belledi. Häzirki wagtda ikitaraplaýyn işewürlik gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykaryldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýändigini belläp, “Galkynyş” gaz känini özleşdirmek, şeýle hem Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan halkara gaz geçirijisiniň gurluşygyny işjeňleşdirmek boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Arkadagymyz “Galkynyş” gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmek, ýurdumyzda ýaşlara koreý dilini öwretmek boýunça okuw merkezini gurmak bilen baglanyşykly teklipleri öňe sürdi.

Myhmanlar ägirt uly uglewodorod kuwwatyna eýe bolan Türkmenistanyň ýangyç-energetika pudagynda ýokary üstünlikleri gazanýandygyny we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin amatly şertleri döredýändigini belläp, Koreýa Respublikasynyň kompaniýalarynyň ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleriň durmuşa geçirilmegine gatnaşmaga aýratyn gyzyklanma bildirýändiklerini aýtdylar.

Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen-koreý işewürlik hyzmatdaşlygynyň köpýyllyk tejribesiniň bardygyny, mawy ýangyjy çykarmak we gaýtadan işlemek bilen baglanyşykly uly meýilnamalary nazara almak bilen, uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin täze mümkinçilikleriň açylýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, bu ugurdaky taslamalaryň durmuşa geçirilmeginde öňdebaryjy innowasion işläp taýýarlamalaryň, ýokary tehnologiýalaryň ulanylmagy möhüm talap hökmünde kesgitlenildi.

Işewürler dürli ugurlarda hyzmatdaşlyk üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny belläp, Türkmenistanda amala aşyrylýan giň möçberli infrastruktura taslamalaryna gatnaşmaga taýýardyklaryny tassykladylar. Myhmanlar Gahryman Arkadagymyzyň beýan eden möhüm teklipleriniň doly öwreniljekdigini nygtap, olar boýunça degişli ylalaşyklaryň gazanyljakdygyna ynam bildirdiler. Şunuň bilen birlikde, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamagyň we tejribe alyşmagyň wajyp mesele bolup durýandygy aýdyldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri ýurdumyzda dünýä belli kompaniýalaryň köp sanlysynyň iş alyp barýandygyny belläp, desgalaryň gurluşygynda olaryň ýokary hil standartlaryna we ekologik kadalara laýyk gelmeginiň üýtgewsiz talap bolup durýandygyna ünsi çekdi. Bu ugurda koreý kompaniýalary özüni jogapkärçilikli hyzmatdaşlar hökmünde görkezdiler. Gahryman Arkadagymyz ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny belläp, Türkmenistanyň hem koreý tarapynyň tekliplerine garamaga taýýardygyny aýtdy.

Koreýa Respublikasynyň işewür toparlarynyň wekilleri ýurdumyzyň çäginde bar bolan ýangyç we himiýa serişdeleriniň gaýtadan işlemek üçin ýaramlylyk derejesiniň ýokarydygyny nygtadylar. Bu bolsa netijeli bilelikdäki iş üçin möhüm şert bolup durýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri koreýaly hyzmatdaşlar bilen ýangyç-energetika, senagat pudaklarynda hyzmatdaşlyk üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny ýene-de bir gezek belläp, bu ugurdaky bilelikdäki taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçiriljekdigine ynam bildirdi.

Gämigurluşyk pudagynda hem tagallalary birleşdirmek üçin giň mümkinçilikler bar. Mälim bolşy ýaly, “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody Koreýa Respublikasynyň «Koryo Shipbuilding Industry Technology Co., Ltd.» kompaniýasy bilen bilelikde ýük göterijiligi 6100 tonna bolan gury ýük gämileriniň ikisini gurmak barada şertnama gol çekdi. Bu ugurda degişli işler alnyp barylýar. Täze ülňä laýyklykda, zawodyň önümhanalarynda we önümçilik meýdançalarynda gaýtadan enjamlaşdyryş, ölçeg işleri geçirilýär. “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody üçin halkara ISO güwänamalaryny almak ugrunda çäreler görülýär. Şeýle hem ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça meselelere seredilýär.

Ulag-logistika, ýük howa gatnawlarynyň amala aşyrylmagy hyzmatdaşlygyň strategik ugurlarynyň hataryndadyr. Iki ýurduň arasynda ýolagçy howa gatnawyny ýola goýmak hem meýilleşdirilýär.

Myhmanlar söhbetdeşlik üçin Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Koreýa Respublikasynyň işewür toparlarynyň Türkmenistan bilen özara bähbitli köpýyllyk hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardyklaryny ýene-de bir gezek tassykladylar.

27.03.2024

WENESUELA BOLIWARIAN RESPUBLIKASYNYŇ ILÇISI YNANÇ HATYNY GOWŞURDY

2024-nji ýylyň 27-nji martynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Wenesuela Boliwarian Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Kristofer Alberto Martinez Berroterandan Ynanç hatyny kabul etdi. 

Mejlisiň Başlygy Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan Ilçini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda üstünlikli ösdürilýän dostlukly gatnaşyklaryň hem-de netijeli döwletara dialogyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Duşuşykda taraplar söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda, şeýle hem parlament derejesinde hyzmatdaşlygy ösdürmekde gazanylýan netijeleriň  ähmiýetini bellediler.

Söhbetdeşligiň soňunda döwletara hyzmatdaşlygy parlament diplomatiýasynyň üsti bilen goldamaga, bu gatnaşyklaryň hukuk esaslaryny berkitmäge hem-de parlament we kanunçykaryjylyk işinde tejribe alyşmaga hemişe taýýardyklaryny beýan etdiler.

27.03.2024

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň agzasy Ýaş parlamentarileriň forumyna gatnaşdy

Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Ženewa şäherine iş saparyň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzasy 2024-nji ýylyň 24-nji martynda geçirilen ýaş parlamentarileriň forumyna gatnaşdy we forumda Türkmenistanda ýaşlar syýasaty çygrynda alnyp barylýan işler, Türkmenistanyň ýaşlaryny sebit we halkara meseleleriniň çözgütlerini işläp taýýarlamaga, Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmäge işjeň çekmek üçin döredilýän şertler, şeýle hem «Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023-2030-njy ýyllar üçin Strategiýasy» bilen tanyşdyryldy.

Türkmenistanda Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýaşlaryň hukuklaryny, azatlyklaryny goramak, durmuş goraglylygyny üpjün etmek we döwlet tarapyndan goldaw bermek boýunça geçirilýän giň möçberli işler, kabul edilen döwlet maksatnamalaryna laýyklykda, ýaşlar we ýaş maşgalalar üçin döredilýän durmuş ýeňillikleri barada aýdyldy.

24.03.2024

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Parlamentara Bileleşigiň Baş Sekretary bilen duşuşygy

2024-nji ýylyň 24-nji martynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowanyň Parlamentara Bileleşigiň 148-nji Assambleýasyna gatnaşmak maksady bilen, Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Ženewa şäherine amala aşyran iş saparynyň çäklerinde, Parlamentara Bileleşigiň Baş Sekretary Martin Çungong bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar gatnaşýan ýurtlaryň, aýratyn hem, kanunçykaryjy edaralaryň döwrüň meselelerini çözmekde öz işlerini sazlaşdyrmagynyň mümkinçiliklerini görkezmekde bu halkara çäreleriň ähmiýetini bellediler.

Duşuşygyň barşynda şu ýyl  ýurdumyzda ilkinji gezek geçirilen Bitaraplygyň dostlary toparyna agza ýurtlaryň Parlament ýolbaşçylarynyň duşuşygynyň parahatçylygyň we dialogyň köprüsini gurmakda möhüm orny bellenildi.

Parlamentara Bileleşigi we Türkmenistanyň özara hyzmatdaşlygynyň çäklerinde bilelikdäki çäreleri guramaga gyzyklanma bildirildi. 

24.03.2024

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Parlamentara Bileleşigiň 148-nji Assambleýasyna gatnaşdy

24-nji martda Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Ženewa şäherine iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýeti dünýäniň dürli ýurtlarynyň wekilleriniň, şol sanda 55 ýurduň milli parlamentleriň ýolbaşçylarynyň wekilçilik eden Parlamentara Bileleşigiň Assambleýasynyň işine gatnaşdy.

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa öz çykyşynda Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parahatçylyk döredijilik, hoşniýetli goňşuçylyk syýasatynyň ähmiýeti, sebitde we dünýäde howpsuzlygy üpjün etmekde Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň möhüm orny barada belledi. 

Şeýle hem ýurdumyzyň ählumumy we sebitleýin derejede, şol sanda parlamentara diplomatiýasynyň gurallary arkaly parahatçylygy we ynanyşmagy berkitmekde amala aşyrylýan başlangyçlary barada durup geçdi, bu babatda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda,    2025-nji ýylyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edilmeginiň ýurdumyzyň parahatçylyksöýüjilikli syýasatynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan goldanylýandygynyň aýdyň subutnamasy bolandygyny belledi. 

Şeýle hem şu ýyl Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasy bilen bilelikde sebitleýin maslahatyň geçirilmeginiň meýilleşdirilýändigi barada habar berildi.

24.03.2024

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Zenan Parlamentarileriniň Forumynyň 37-nji mejlisine gatnaşdy

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Ženewa şäherine iş saparynyň çäklerinde 2024-nji ýylyň 23-nji martynda gender syýasatynyň ugurlaryna we durnukly parahatçylygy üpjün etmekde parahatçylyk dörediji zenanlaryň ornuna bagyşlanan Zenan Parlamentarileriniň Forumynyň 37-nji mejlisine gatnaşdy.

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Forumda işinde çykyş etmek bilen, Türkmenistanda gender deňligini üpjün etmek we zenanlaryň mümkinçilikleriniň ýokarlandyrylmagy babatda Birleşen Milletler Guramasy we beýleki abraýly halkara düzümler bilen hyzmatdaşlykda alnyp barylýan işleriň netijeliligi barada belledi.

Şeýle hem Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda kanunçykaryjylyk ulgamynda we parlamentara gatnaşyklary babatda gazanylan üstünlikler, ýurdumyzyň gender deňligini üpjün etmek boýunça toplan tejribesi barada durlup geçildi.

Türkmenistanda gender deňligini üpjün etmek boýunça 2021 – 2025-nji ýyllarda hereketleriň Milli meýilnamasynyň durmuşa geçirilişi barada aýratyn bellenildi. 

23.03.2024
1 ... 4 5 6 7 8 ... 22