Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
2024-nji ýylyň 24-nji martynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowanyň Parlamentara Bileleşigiň 148-nji Assambleýasyna gatnaşmak maksady bilen, Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Ženewa şäherine amala aşyran iş saparynyň çäklerinde, Parlamentara Bileleşigiň Baş Sekretary Martin Çungong bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar gatnaşýan ýurtlaryň, aýratyn hem, kanunçykaryjy edaralaryň döwrüň meselelerini çözmekde öz işlerini sazlaşdyrmagynyň mümkinçiliklerini görkezmekde bu halkara çäreleriň ähmiýetini bellediler.
Duşuşygyň barşynda şu ýyl ýurdumyzda ilkinji gezek geçirilen Bitaraplygyň dostlary toparyna agza ýurtlaryň Parlament ýolbaşçylarynyň duşuşygynyň parahatçylygyň we dialogyň köprüsini gurmakda möhüm orny bellenildi.
Parlamentara Bileleşigi we Türkmenistanyň özara hyzmatdaşlygynyň çäklerinde bilelikdäki çäreleri guramaga gyzyklanma bildirildi.