Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleriniň Gruziýanyň Parlamentiniň Pudaklaýyn ykdysadyýet we ykdysady syýasat boýunça komitetiniň wekili bilen duşuşygy

2024-nji ýylyň aprel aýynyň 23-ne iş saparynyň dowamynda Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleriniň Gruziýanyň Parlamentiniň Pudaklaýyn ykdysadyýet we ykdysady syýasat boýunça komitetiniň başlygynyň birinji orunbasary Eka Sepaşwili bilen duşuşygy boldy. Duşuşygyň dowamynda Eka Sepaşwili ykdysady meseleler boýunça parlamentde komitetiň alyp barýan işleri, şeýle-de Gruziýanyň daşary ykdysady hyzmatdaşlygy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek boýunça alyp barýan işleri barda gürrüň berdi. Geografiki taýdan amatly ýerleşişi boýunça hem-de ygtybarly hyzmatdaşlar hökmünde Türkmenistan bilen Gruziýanyň ulag-üstaşyr geçelgeleri babatda häzirki zaman şertlerinde ornunyň ýokarlanýandygy nygtaldy. 

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekili Türkmenistanyň hemişelik Bitarap döwlet hökmünde milli ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmekde özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmaga möhüm ähmiýet berýändigini belledi. Türkmenistanyň ulag diplomatiýasynyň ornuny berkitmek boýunça öňe sürýän başlangyçlarynyň halkara giňişliginde gyzgyn goldawa eýe bolýandygyny anyk mysallar arkaly bellenildi. Şeýle hem, ykdysady goldamak üçin alnyp barylýan kanun çykaryjylyk işleri bilen tanyşdyryldy.

Duşuşygyň dowamynda taraplar ykdysady hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary barada pikir alyşdylar.

Wekiliýetiň Gruziýa iş sapary dowam edýär.

23.04.2024

Türkmenistanyň Mejlisinde duşuşyk geçirildi

2024-nji ýylyň 22-nji aprelinde Türkmenistanyň Mejlisinde ABŞ-nyň Kongresiniň «Açyk dünýä» alyş-çalyş maksatnamasynyň Türkmenistan boýunça utgaşdyryjysy Metýu Taker bilen Türkmenistanyň Mejlisinde duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda bu maksatnamanyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň esasy meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. ABŞ-nyň Kongresiniň «Açyk dünýä» alyş-çalyş maksatnamasynyň Türkmenistan boýunça utgaşdyryjysy Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna guralýan saparlaryň aýratynlyklary boýunça maglumatlary paýlaşdy. 

Ikitaraplaýyn parlamentara hyzmatdaşlygy ösdürmek, kanunçykaryjylyk işi boýunça tejribeleri paýlaşmak maksady bilen saparlary guramak bilen bagly teklipler ara alnyp maslahatlaşyldy.

22.04.2024

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleriniň Gruziýa tanyşlyk iş sapary

2024-nji ýylyň aprel aýynyň 22-ne Mejlisiň wekilleri Gruziýanyň Parlamentiniň Sebit syýasaty we öz-özüňi dolandyryş boýunça komitetiniň başlygy Kahi Kahişwili we komitetiň agzalary bilen duşuşyk geçirdiler.

Duşuşygyň barşynda Kahi Kahişwili Gruziýada ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň işiniň guralyşy we bu işleriň kanunçylyk binýadyny berkitmek boýunça alynyp barylan işler bilen tanyşdyrdy hem-de Türkmenistan bilen parlamentara gatnaşyklary işjeňleşdirmäge Gruziýanyň Parlamentiniň uly gyzyklanma bildirýändigini belledi. 

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Türkmenistanyň ýerli öz-özüňi dolandyryş ulgamy, olaryň işiniň kanunçylyk binýadyny berkitmek boýunça Türkmenistanyň Mejlisinde alynyp barylýan işler bilen tanyşdyrdy. Duşuşygyň ahyrynda taraplar özlerini gyzyklandyrýan meseleler boýunça pikir alyşdylar. 

Wekiliýetiň Gruziýa tanyşlyk iş sapary dowam edýär.

22.04.2024

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleriniň Gruziýa iş sapary başlady

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleriniň Gruziýanyň Parlamentiniň işi bilen tanyşmak maksady bilen 2024-nji ýylyň aprel aýynyň 21-ne Gruziýa tanyşlyk iş sapary başlady.

Iş saparynyň ilkinji güni Mejlisiň wekilleriniň Gruziýa Respublikasynyň parlamentiniň Býujet we maliýe boýunça komitetiniň başlygynyň birinji orunbasary Gogi Meşweliani bilen duşuşygy boldy. Duşuşygyň dowamynda Gogi Meşweliani komitetiň alyp barýan işleri, şol sanda Gruziýa Respublikasynyň parlamentde döwlet býujetiniň kabul edilişiniň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň işini maliýeleşdirilişiniň tertibi bilen tanyşdyrdy. 

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekili hemişelik Bitarap Döwlet hökmünde Türkmenistanyň halkara giňişliginde ulag, ekologiýa diplomatiýasynyň ornuny berkitmek boýunça öňe sürýän başlangyçlary, şeýle hem Türkmenistanyň Mejlisiniň kanunçykaryjylyk işiniň ileri tutulýan ugurlary bilen tanyşdyrdy. Duşuşygyň ahyrynda taraplar özlerini gyzyklandyrýan soraglar boýunça pikir alyşdylar.

Wekiliýetiň Gruziýa iş sapary dowam edýär.

22.04.2024

Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň (OSJD) agza döwletleriniň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň XXXVIII mejlisiniň netijeleri boýunça AŞGABAT JARNAMASY

2024-nji ýylyň 15 — 19-njy aprelinde Aşgabatda geçirilen Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň (OSJD) agza döwletleriniň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň XXXVIII mejlisine gatnaşyjylar, şeýle hem oňa (mundan beýläk maslahat) gatnaşan ulag-logistika kompaniýalarynyň — OSJD-ä goşulyşan kärhanalaryň wekilleri aşakdakylar barada beýan etdiler:

Maslahatyň dowamynda halkara demir ýol daşamalary ulgamyndaky meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy we halkara demir ýol daşamalaryny, ilkinji nobatda, Ýewropa bilen Aziýanyň arasyndaky gatnawlarda demir ýol arkaly daşamalary mundan beýläk-de ösdürmegiň, bu ugurda ylalaşykly ulag syýasatyny kemala getirmegiň, halkara demir ýol ulagynda kadalaşdyryjy halkara hukuk şertnamalaryny mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň möhümdigi nygtaldy.

Maslahata gatnaşyjylar demir ýol ulagynyň ykdysady, maglumat, ylmy-tehniki we ekologik ugurlary bilen baglanyşykly meseleleri çözmek boýunça OSJD-ä agza ýurtlaryň hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de giňeltmegiň, ulagyň beýleki görnüşlerine görä, demir ýol ulagynyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak babatda çäreleri işläp taýýarlamagyň, demir ýollary ulanmak we halkara demir ýol arkaly daşamalary has-da ösdürmek bilen bagly tehniki meseleleri çözmekde, şeýle hem demir ýol ulagynyň meseleleri bilen meşgullanýan beýleki halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyk etmegiň zerurdygyny bellediler.

Maslahata gatnaşyjylar BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan multimodal üstaşyr geçelgeleri döretmäge ýardam bermek maksady bilen, ulagyň ähli görnüşleriniň arasynda hemmetaraplaýyn gatnaşyklary üpjün etmek ulgamynda Kararnamalaryň kabul edilmeginde Türkmenistanyň başlangyçlaryny we tagallalaryny, şeýle hem Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin ulagyň ähmiýetini nygtadylar.

Şeýle hem halkara ulag geçelgeleriniň strategik taýdan möhüm we amatly çatrygynda ýerleşýän Türkmenistanyň üstaşyr ulag mümkinçiliklerinden toplumlaýyn peýdalanmak boýunça edilýän tagallalary bellediler. Şunuň bilen baglylykda, halkara hyzmatdaşlygy, durnuklylygy we durnukly ösüşi üpjün etmek üçin ulagyň, halkara ulag geçelgeleriniň ösdürilmegine ýardam bermek maksady bilen, ýokary derejeli halkara çäreleriň ähmiýetine aýratyn üns çekildi.

Maslahatyň işiniň jemleri boýunça ýolagçy we ýük daşamalary, infrastruktura, hereket edýän düzüm, kodlaşdyrmak we maglumat, maliýe, demir ýol arkaly halkara ýolagçy we ýük daşamalary üçin hasaplaşyklar, şeýle hem demir ýol arkaly daşamalar ulgamynda hünärmenleri taýýarlamak, bilim bermek ulgamlarynda ähmiýetli çözgütler kabul edildi.

Maslahata gatnaşyjylar myhmansöýerlik we mejlisiň ýokary guramaçylyk derejesi üçin Türkmenistanyň Hökümetine hoşallyklaryny beýan etdiler.

Türkmenistan, Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 19-njy apreli.

19.04.2024

Türkmenistanyň Prezidenti BMG-NIŇ Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji direktorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijini kabul etdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasynyň (UN-Habitat) Ýerine ýetiriji direktorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Mihal Mlynary kabul etdi.

Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, parahatçylyk döredijilikli syýasaty yzygiderli durmuşa geçirýän, sebit we halkara hyzmatdaşlyk meselelerinde möhüm orny eýeleýän Bitarap Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň öňden gelýän ygtybarly hyzmatdaşy bolup durýandygyny nygtady. Şunda BMG-niň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasynyň ýurdumyz bilen netijeli gatnaşyklary giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigi bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow jenap Mihal Mlynary mähirli mübärekläp, onuň Aşgabada saparynyň Türkmenistan bilen UN-Habitat-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny we geljegini ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik berjekdigine ynam bildirdi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen köpugurly strategik hyzmatdaşlygy ösdürmek ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. “Türkmenistan bilen BMG-niň arasynda 2021 — 2025-nji ýyllar üçin durnukly ösüş ugrunda hyzmatdaşlyk etmek boýunça Çarçuwaly maksatnamanyň” çäklerindäki däp bolan hyzmatdaşlyk netijeli häsiýete eýedir. Ol bilelikde işlemek üçin esas goýujy resminama bolup durýar.

Duşuşygyň dowamynda ýurdumyzyň we UN-Habitat-nyň arasyndaky gatnaşyklaryň derwaýys meseleleri boýunça düýpli pikir alyşmalar boldy. Nygtalyşy ýaly, ýurdumyzda milli ösüşi ilerletmek we Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça amala aşyrylan çäreler hyzmatdaşlygyň aýdyň netijesidir. Şeýle hem 2020-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Ženewadaky edarasynyň ýanynda Türkmenistanyň hemişelik wekiliniň, şol bir wagtda ýurdumyzyň BMG-niň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasynyň hemişelik wekiliniň bellenilmeginiň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm ädim bolandygy nygtaldy.

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyz 2023-nji ýylda UN-Habitat-nyň Durnukly şäherleşme boýunça dostlar toparyna we Şäherleri ösdürmek boýunça täze maksatnamasyna goşuldy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Türkmenistanda UN-Habitat-nyň wekilhanasyny açmak meselesiniň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň häzirki wagtda dowam edýän 78-nji sessiýasynda ýurdumyz üçin ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz bu baradaky gürrüňi dowam edip, şu ugurdaky ilkinji ädim hökmünde hyzmatdaşlygyň anyk ugurlaryny kesgitlemek, netijede, taslamalaýyn resminamany işläp düzmek üçin BMG-niň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasynyň hünärmenlerinden ybarat bolan toparyň Türkmenistana saparyny guramagy teklip etdi. Bu resminama özara gatnaşyklaryň hukuk binýady bolup hyzmat eder.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanda inklýuziw durmuş hyzmatlarynyň ulgamyny hem-de ilatyň goraglylygyny üpjün etmek boýunça döwlet maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň ähli sebitlerinde önümçilik, durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy yzygiderli alnyp barylýar. Täze obalar, şäherçeler, şäherler, döwrebap ýaşaýyş jaýlary, dynç alyş we lukmançylyk merkezleri, mekdepler, çagalar baglary gurlup ulanmaga berilýär.

Diýarymyzyň gözel künjekleriniň birinde öňdebaryjy maglumat-kommunikasiýa we “ýaşyl” tehnologiýalar bilen üpjün edilen Arkadag şäheri guruldy. Täze şäheriň açylyş dabarasynda Arkadag şäheri BMG-niň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasynyň “Inklýuziw, howpsuz, durnukly we “akylly” sebitler hem-de jemagatlar ýörelgelerini durmuşa geçirmekdäki tagallalary üçin” atly güwänamasyna mynasyp boldy. Mümkinçilikden peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şähergurluşyk ugrunda ýurdumyzda alnyp barylýan işlere ýokary baha berlendigi üçin bu düzüme minnetdarlyk bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň BMG-niň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasy bilen mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny nygtap, birnäçe teklipleri, şol sanda şähergurluşyk ulgamynda kanun çykaryjylyk babatda hyzmatdaşlygy giňeltmek, döwrebap hukuk usulyýetlerini we mehanizmlerini öwrenmek baradaky teklipleri beýan etdi. Munuň özi şäherleriň durnukly ösmegine ýardam eder. Şeýle-de ýokary tehnologiýaly, ekologik taýdan arassa, tebigy betbagtçylyklara durnukly, durmuş taýdan amatly şäherleri ösdürmek boýunça ählumumy maksatnamalary, strategiýalary durmuşa geçirmekde hyzmatdaşlyk etmek, şäher infrastrukturasyny gurmakda we dolandyrmakda döwlet hem-de hususy pudagyň arasyndaky hyzmatdaşlyk boýunça öňdebaryjy tejribeleri paýlaşmak teklip edilýär. Öz tarapyndan Türkmenistan UN-Habitat-nyň şu meseleler boýunça tekliplerine seretmäge taýýardyr.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Birleşen Milletler Guramasynyň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji direktorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Mihal Mlynar birek-birege hoşniýetli arzuwlaryny beýan edip, Türkmenistan bilen UN-Habitat-nyň arasyndaky ählumumy abadançylygyň we durnukly ösüşiň maksatlaryna laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygyň üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler.

16.04.2024

Türkmenistanyň Prezidenti Pakistan Yslam Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahsan Wagany kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.

Diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna netijeli pakistan-türkmen dialogyny ösdürmäge ähmiýet berýän Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Asif Ali Zardariniň hem-de ýurduň Premýer-ministri Mian Muhammad Şahbaz Şarifiň mähirli salamyny ýetirdi. Ilçi Pakistanyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berýändigini, umumy maksatlara we bähbitlere laýyk gelýän ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de yzygiderli ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip we Pakistan Yslam Respublikasynyň ýolbaşçylaryna mähirli salamyny beýan edip, doly ygtyýarly wekili ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlady hem-de oňa köpugurly döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de ilerletmäge gönükdirilen jogapkärli işinde üstünlikleri arzuw etdi. Bu hyzmatdaşlyk ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, şol sanda Birleşen Milletler Guramasy, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly abraýly halkara guramalaryň çäklerinde üstünlikli ösdürilýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen başlangyçlaryny işjeň goldaýandygy üçin Pakistanyň Hökümetine minnetdarlygyny beýan etdi.

Bellenilişi ýaly, özara hormat goýmaga, birek-birege düşünişmäge we ynanyşmaga esaslanýan türkmen-pakistan gatnaşyklary üstünlikli ösdürilip, täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Munuň özi, ilkinji nobatda, iki ýurduň halklarynyň taryhyň dowamynda emele gelen medeni, ruhy umumylygy bilen şertlendirilendir.

Netijeli ýagdaýda geçen duşuşygyň dowamynda ykdysadyýetiň esasy pudaklarynda, ilkinji nobatda, ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk ulgamlarynda köpýyllyk hyzmatdaşlygyň meseleleri boýunça pikir alşyldy. Taraplaryň gyzyklanmasyny hem-de ägirt uly kuwwata eýe bolan iki ýurduň milli ykdysadyýetleriniň ösüşini nazara almak bilen, uzak geljegi nazarlaýan söwda-ykdysady gatnaşyklara aýratyn üns berildi. Şunda diplomat Pakistanyň türkmen döwletiniň alyp barýan oňyn daşary we içeri syýasatyny, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň yklymüsti energetika hem-de ulag geçelgelerini döretmek baradaky möhüm halkara başlangyçlaryny goldaýandygyny nygtady. Şol başlangyçlar dünýä bileleşiginiň goldaw bermeginde üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisini gurmak, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan (TOP) ugry boýunça optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamyny we elektrik geçirijisini çekmek taslamalaryny durmuşa geçirmegiň depginini mundan beýläk-de işjeňleşdirmegiň mümkinçilikleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, bu giň gerimli taslamalaryň amala aşyrylmagy tutuş sebitiň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösmegine kuwwatly itergi berer.

Däp bolan ikitaraplaýyn ynsanperwer hyzmatdaşlygyň wajypdygy nygtaldy. Medeniýet we sungat ulgamyndaky hyzmatdaşlyk, bilelikdäki Medeniýet günleriniň, sergileriň, ylmy-döredijilik forumlarynyň hem-de beýleki çäreleriň yzygiderli geçirilmegi bu gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna ýardam edýär.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow diplomaty Türkmenistanda işläp başlamagy bilen ýene-de bir gezek gutlady we oňa jogapkärli işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Pakistan Yslam Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahsan Wagan hoşniýetli arzuwlary, türkmen topragynda mähirli garşylandygy, türkmen-pakistan hyzmatdaşlygynyň meselelerine uly üns berýändigi üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, özara bähbitlere laýyk gelýän döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

* * *

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky ysnyşykly gatnaşyklary saklamaga we pugtalandyrmaga çalşyp, men jenap Ahsan Wagany Pakistan Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine belledim. Jenap Ahsan Waganyň ýokary şahsy häsiýetleri onuň özüne ynanylan wezipäni Siziň Alyhezretiňiziň makullamagyna we hormat goýmagyna mynasyp derejede ýerine ýetirjekdigine ynam döredýär.

Şunuň bilen baglylykda, Sizden ony hoşniýetli kabul etmegiňizi hem-de Siziň Alyhezretiňize meniň adymdan aýtjak sözlerine, aýratyn-da, Size tüýs ýürekden hormat goýýandygym, hakyky dostluk baradaky ynandyrmalarymy we Türkmenistana abadançylyk, rowaçlyk baradaky arzuwlarymy ýetirende, oňa doly ynanmagyňyzy haýyş edýärin.

Dostlukly arzuwlar bilen,

Asif Ali ZARDARI,

Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti.

16.04.2024

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ WEKILI NORWEGIÝA PATYŞALYGYNA IŞ SAPARYNY AMALA AŞYRDY

2024-nji ýylyň 10-12-nji apreli aralygynda Türkmenistanyň Mejlisiniň wekili Norwegiýa Patyşalygynyň Oslo şäherinde Ilat gaznasy we ösüşi boýunça Hereketleriniň meýilnamalaýyn ýerine ýetirilişi boýunça Parlamentarileriň halkara konferensiýasyna gatnaşdy. 

Mejlisiň dowamynda reproduktiw saglyk babatynda ýüze çykýan meseleleri azaltmak we olary çözmekde görülmeli çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy we ýurtlaryň tejribeleri paýlaşyldy. Şeýle hem enäniň we çaganyň saglygyny goramak, zenanlaryň hukuklaryny we gender deňligini Durnukly ösüşiň maksatlarynda 2030-njy ýyla çenli amala aşyrmagyň ýörelgeleri we usullary barada pikir alyşyldy.

Şunuň bilen baglylykda, bu ugurda Türkmenistanda alnyp barylýan nusgalyk işler bilen maslahata gatnaşyjylar tanyşdyryldy.

13.04.2024

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Gahryman Arkadagymyz we Prezident Rejep Taýyp Ärdogan mähirli salamlaşyp, birek-biregi mukaddes Oraza baýramy mynasybetli gutladylar hem-de iň gowy arzuwlaryny beýan edip, ruhy päklik, ýokary ahlaklylyk ýaly adamzadyň belent gymmatlyklarynyň ähmiýetini ündeýän bu nurana baýramyň iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ösdürilmegine, külli musulman dünýäsinde dostlugyň, özara goldaw bermegiň, raýdaşlygyň pugtalandyrylmagyna mundan beýläk-de ýardam etjekdigine tüýs ýürekden ynam bildirdiler.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy pursatdan peýdalanyp, bu mukaddes baýram gününde Prezident Rejep Taýyp Ärdoganyň hem-de onuň maşgalasynyň adyndan gutlaglary kabul etmäge örän şatdygyny aýtdy we ýakynda Gahryman Arkadagymyzyň maşgalasy Ogulgerek Berdimuhamedowanyň hanym Emine Ärdogana mukaddes Gadyr gijesi we Oraza baýramy mynasybetli iň gowy arzuwlarynydyr gutlaglaryny iberendigini belledi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Prezident Rejep Taýyp Ärdogana Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň salamyny, bu mukaddes baýram mynasybetli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny hem ýetirdi.

Dostlukly ýurduň Baştutany, öz gezeginde, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň geçen ýyl Türkiýe Respublikasyna amala aşyran resmi saparynyň döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de ilerletmekde uly goşant bolandygyny nygtady hem-de Gahryman Arkadagymyzdan hormatly Prezidentimize mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirmegini haýyş etdi. Şunuň bilen baglylykda, Türkiýäniň Prezidenti iki doganlyk ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň goldawlary esasynda mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda Gahryman Arkadagymyz Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistan üçin iň ýakyn doganlyk döwletleriň biridigini hem-de häzirki wagtda türkmen-türk dost-doganlyk gatnaşyklarynyň täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýandygyny belledi. Milli Liderimiz ýakynda üçünji Antalýa diplomatiýa forumyna gatnaşmak üçin Türkiýe Respublikasyna amala aşyran saparynyň çäklerinde geçiren duşuşyklaryny we gepleşiklerini ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny aýtdy.

Prezident Rejep Taýyp Ärdogan mümkinçilikden peýdalanyp, Gahryman Arkadagymyzyň üçünji Antalýa diplomatiýa forumyna gatnaşmagynyň ähmiýetini nygtady hem-de şanly ýubileýi mynasybetli Türkmenistanyň “Hormatly il ýaşulusy” diýen adynyň dakylmagynyň özi üçin uly mertebedigini ýene-de bir gezek belledi.

Doganlyk ýurduň Baştutany hormatly Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde Aşgabatda Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisiniň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilendigini we Türkmenistanyň bu gurama bilen hyzmatdaşlyga uly gyzyklanma bildirýändigini aýdyp, türkmen halkynyň Milli Liderine hoşallygyny beýan etdi.

Söhbetdeşler döwletara gatnaşyklaryň okgunly häsiýetini kanagatlanma bilen belläp, uzak möhletleýin strategik ýörelgeler esasynda guralýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir alyşdylar. Şunda iki doganlyk halkyň diliniň, medeniýetiniň, ruhy taýdan umumylygynyň bu gatnaşyklaryň ösdürilmegine oňyn täsirini ýetirýändigi nygtaldy.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan birek-birege berk jan saglyk, bagtyýarlyk, tutan orazalarynyň, doga-dilegleriniň Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolmagyny, iki ýurduň doganlyk halklaryna bolsa parahatçylyk, abadançylyk, gülläp ösüş arzuw etdiler.

10.04.2024
1 2 3 4 5 6 7 ... 22