Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

Türkmen-özbek hökümetara toparynyň mejlisi

Şu gün Lebap welaýatynyň edara ediş merkezinde Suw hojalyk meseleleri boýunça bilelikdäki türkmen-özbek hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa iki goňşy ýurduň döwlet düzümleriniň birnäçesiniň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Mejlisiň gün tertibine ozal gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek, hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemek bilen bagly meseleler girizildi.

Toparyň başlyklary duşuşygy açyp, deňhukuklylyk, hoşniýetli goňşuçylyk, ynanyşmak, özara bähbitlilik ýörelgeleri esasynda ösdürilýän türkmen-özbek gatnaşyklarynyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen nygtadylar. Bellenilişi ýaly, ýurtlaryň ikisi-de bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak üçin bar bolan mümkinçiliklerden has doly peýdalanmaga çalyşýarlar. Häzirki wagtda Türkmenistan we Özbegistan Respublikasy halkara syýasatyň esasy meselelerine çemeleşmeleriniň meňzeşdigini göz öňünde tutup, diňe bir özara bähbitlere däl, eýsem, tutuş sebitiň abadançylygynyň, rowaçlygynyň maksatlaryna laýyk gelýän netijeli gatnaşyklary hem yzygiderli ösdürýärler.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeler, milli ykdysadyýetiň ösüşini çaltlandyrmak babatda saýlanyp alnan ugur, bilelikdäki işiň toplanan tejribesinden doly peýdalanmak, baý tebigy serişdeler hem-de ägirt uly ykdysady, eksport kuwwaty iki döwletiň hyzmatdaşlygynyň ugurlaryny giňeltmek babatda uly mümkinçilikleri açýar.

Taraplar ileri tutulýan ugurlarda özara gatnaşyklaryň okgunly ösýändigini nygtap, oba we suw hojalygy pudagynda netijeli hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar. Şunda suw serişdelerini rejeli ulanmak meselelerine aýratyn üns berildi. Bar bolan mümkinçiliklerden peýdalanmakda tagallalaryň birleşdirilmegi türkmen-özbek hyzmatdaşlygyny hil taýdan täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga şert döreder.

Duşuşyga gatnaşyjylar ikitaraplaýyn geňeşmeleriň yzygiderli geçirilmeginiň zerurdygyna ünsi çekip, iki ýurduň we olaryň doganlyk halklarynyň bähbidine netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň zerurdygyny nygtadylar.

30.04.2024

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Raisi bilen duşuşygy

Şu gün Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda guralan baýramçylyk dabaralary tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Raisi Rustam Minnihanow bilen duşuşdy.

Duşuşmaga döredilen mümkinçilik we Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli guralan giň möçberli dabaralara gatnaşmaga çakylyk üçin hoşallyk bildirip, myhman Gahryman Arkadagymyza Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň hoşniýetli arzuwlaryny we gutlaglaryny ýetirdi. Bellenilişi ýaly, biziň ýurtlarymyzy iki halkyň taryhyň dowamynda emele gelen medeni-ruhy umumylyklaryna esaslanýan özara bähbitli hyzmatdaşlyk baglanyşdyrýar.

Tatarystanyň Raisi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşygynyň netijeli häsiýete eýe bolandygyna ünsi çekdi. Onuň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle-de myhman gatnaşmak bagty miýesser eden baýramçylyk dabaralarynyň giň möçberli häsiýete eýe bolandygyny belledi.

Pursatdan peýdalanyp, Rustam Minnihanow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen gutlady.

Gahryman Arkadagymyz myhmany mübärekläp, ony myhmansöýer türkmen topragynda görýändigine şatdygyny belledi. Tatarystanyň Raisiniň Türkmenistana saparynyň ähmiýeti barada aýdyp, türkmen halkynyň Milli Lideri munuň biziň halklarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň ýokary derejä eýedigini, ruhy gymmatlyklaryň umumylygyna esaslanýandygyny subut edýändigini aýtdy.

Hormatly Arkadagymyz duşuşygyň baýramçylygyň çäklerinde geçirilýändigini we myhmanyň şeýle dabaraly pursatlarda biziň şatlygymyzy paýlaşyp, Türkmen bedewiniň milli baýramçylygy mynasybetli guralýan dabaralara gatnaşýandygyny belledi.

Nygtalyşy ýaly, bu baýramçylyk Türkmenistanyň medeni durmuşynda möhüm orny eýeleýär. Çünki ahalteke bedewleri taryhy gymmatlyk bolmak bilen, türkmen halkynyň gadymy däplerini özünde jemleýär. Türkmenistan dünýäde uly meşhurlyk gazanan ahalteke tohumly ajaýyp atlaryň gadymy mekanydyr. Olar milletimiziň buýsanjydyr we halkymyzyň dünýä beren gymmatlygydyr.

Gahryman Arkadagymyz belent mertebeli myhman bilen daglyk ýerleriň gözel künjeginde, çeşmäniň ugrundaky baglarda gezelenç etdi. Gezelenjiň dowamynda türkmen-tatar hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de çuňlaşdyrmagyň käbir meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Söhbetdeşler ikitaraplaýyn gatnaşyklara mahsus özara düşünişmegiň we ynanyşmagyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen bellediler. Munuň özi hyzmatdaşlygy dürli derejelerde netijeli ösdürmek üçin ygtybarly binýat bolup durýar. Bellenilişi ýaly, Türkmenistany we Tatarystany köpasyrlyk taryhy gatnaşyklar, halklaryň medeniýetiniň, diliniň, däp-dessurlarynyň umumylygy baglanyşdyrýar.

Duşuşygyň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasy bilen ýola goýlan netijeli gatnaşyklaryň çäklerinde doganlyk Tatarystan bilen köpugurly hyzmatdaşlygy giňeltmek ugrunda alyp barýan işlerini mundan beýläk-de dowam etdirmäge meýillidigini tassyklady.

Häzirki döwürde ýurdumyzda durmuşa geçirilýän giň möçberli, uzak möhletleýin döwlet maksatnamalary daşky gurşaw bilen sazlaşykly gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna, ekologik taýdan arassa ykdysadyýetiň döredilmegine gönükdirilendir. Milli Liderimiziň asylly başlangyçlarynyň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilmegi netijesinde ýurdumyzda ýaş agaç nahallaryndan we ýylyň ähli paslynda gök öwüsýän seýilgählerden ybarat gök zolaklaryň çägi yzygiderli giňeldilýär. Watanymyzyň dürli künjeklerinde müňlerçe gektara uzaýan tokaý zolaklary emele geldi. Gerimi boýunça ägirt uly tokaý maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegi howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly oňaýsyz ýagdaýlara garşy umumydünýä tagallalaryna goşulýan ägirt uly goşantdyr.

Gahryman Arkadagymyz Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli aýdan gutlag sözleri üçin, Rais Rustam Minnihanowa minnetdarlyk bildirdi.

Soňra Köpetdagyň gözel künjeginde ýerleşýän “Gala” medeni-dynç alyş merkezinde RF-niň Tatarystan Respublikasynyň Raisiniň hormatyna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan resmi kabul edişlik guraldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Raisi Rustam Minnihanow mähirli hoşlaşyp, birek-birege berk jan saglyk, işlerinde mundan beýläk-de üstünlikleri, iki ýurduň doganlyk halklaryna bolsa parahatçylyk, abadançylyk, rowaçlyk arzuw etdiler.

28.04.2024

Türkmenistanyň Prezidentiniň we Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Raisiniň duşuşygy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza sapar bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Raisi Rustam Minnihanow bilen duşuşdy.

Myhman baýramçylyk çärelerine gatnaşmaga çakylyk hem-de bildirilen myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň mähirli salamyny we gutlaglaryny ýetirdi. Tatarystanyň Raisi şu gezekki giň gerimli dabaralaryň diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, dünýä siwilizasiýasynyň hem bahasyna ýetip bolmajak genji-hazynasy bolan ahalteke bedewleriniň şan-şöhratynyň barha artýandygynyň aýdyň güwäsidigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz Rais Rustam Minnihanowy gadymy we myhmansöýer türkmen topragynda mübärekläp, Russiýanyň Prezidentine mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Duşuşygyň dowamynda milli ykdysadyýetleriň bähbitlerini we birnäçe iri taslamalary durmuşa geçirmegiň çäklerindäki köpýyllyk bilelikdäki işiň baý tejribesini nazara almak bilen, hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy hem-de geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, ýurtlarymyzyň arasyndaky netijeli gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň möhüm guraly hökmünde Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-tatar iş toparynyň orny bellenildi.

Rustam Minnihanow Tatarystanyň işewür toparlarynyň geljegi uly türkmen bazarynda öz orunlaryny giňeltmäge gyzyklanma bildirýändiklerini tassyklap, ýurdumyzda döredilen amatly maýa goýum gurşawynyň, Türkmenistanyň öz üstüne alan borçnamalaryna pugta eýerýän ygtybarly hyzmatdaş hökmünde ýokary halkara abraýynyň munuň şeýle bolmagyna ýardam edýändigini nygtady. Netijeli medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk, şol sanda ylym-bilim ulgamyndaky işjeň özara gatnaşyklar aýratyn bellenildi.

Tatarystanyň Raisi türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň goldaw bermeginde Türkmenistanda milli ruhy we maddy medeniýetiň gadymy däplerini öwrenmek, gaýtadan dikeltmek, gorap saklamak, dünýä ýaýmak boýunça giň gerimli işleriň alnyp barylýandygyny belledi.

Duşuşygyň ahyrynda söhbetdeşler birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan edip, däp bolan ikitaraplaýyn dostlukly gatnaşyklaryň mizemezdigini tassykladylar.

28.04.2024

Mejlisiň wekilleri Bolnisi şäheriniň häkimi bilen duşuşdy

2024-nji ýylyň 26-njy aprelinde Mejlisiň wekilleriniň Bolnisi şäheriniň häkimi Dawid Şerazadişwili bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň başynda D. Şerazadişwili ýolbaşçylyk edýän çäginiň ykdysadyýetiniň aglaba bölegini oba hojalygynyň, gazylyp alynýan tebigy baýlyklaryň düzýändigini aýtdy. Ol öz ýurdunyň bu çäginiň taryhy ýadygärlikleriň köp sebiti hökmünde tanalýandygy, şunuň bilen baglylykda syýahatçylygy ösdürmäge uly mümkinçilikleriň bardygyny belledi. 

Soňra Mejlisiň wekili milli parlamentiň işiniň kanunçylyk esaslary, ygtyýarlyklary barada gürrüň berdi. Şäher häkiminiň belläp geçen ugurlary boýunça, hususan-da oba hojalygyndaky özgertmeler, önümleri gaýtadan işleýän senagat, syýahatçylyk pudagyny ösdürmek boýunça amala aşyrylan işler bilen tanyşdyrdy.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar ara alyp maslahatlaşylan meseleler boýunça pikir alyşdylar.

 

Soňra wekilýet agzalarynyň Bolnisiniň ýerli ýygnagynyň başlygy Tamaz Žoržoliani we onuň orunbasarlary hem-de ýerli ýygnagynyň topar başlyklary bilen duşuşygy boldy. T. Žoržoliani ýerli ýygnagyň işiniň kanunçylyk esaslary, ygtyýarlyklary, işiniň guralşy barada gürrüň berdi.

Öz gezeginde Mejlisiň wekili ýokarda agzalan ugurlar boýunça Türkmenistanda amala aşyrylan işler bilen tanyşdyrdy. Şeýle hem Mejlisiň işi, ygtyýarlyklary hem-de ýerli öz-özüňi dolandyryş ulgamy we olaryň işini guramagyň kanunçylyk esaslary barada gürrüň berdi. 

Duşuşygyň ahyrynda taraplar özlerini gyzyklandyrýan meseleler boýunça sorag-jogap alyşdylar.

26.04.2024

Mejlisiň wekilleri Rustawi şäheriniň häkimi bilen duşuşdy

2024-nji ýylyň 25-nji aprelinde Mejlisiň wekilleri Rustawi şäheriniň häkimi Nino Latsabidze bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşyga häkimiň orunbasary, şäheriň baş binagäri, şäheriň wekilçilikli edarasyndan wekiller gatnaşdylar. Duşuşygyň başynda N.Latsabidze şäherde durmuşa geçirilýän özgertmeleriň ugurlary, «bir penjire» ulgamynda ilata hyzmatlary ýola goýmak, ýerli gözegçilik, ulag ulgamyny Ýewropa ölçeglerine laýyk getirmek, sporty we sanly ulgamy ösdürmek barada durmuşa geçirilen hem-de meýilleşdirilýän özgertmeler bilen tanyşdyrdy. Duşuşygyň dowamynda ýerli wekilçilikli edarasynyň wekilleri işiň guralyşy, bu edaranyň we onuň agzalaryň ygtyýarlyklary bilen tanyşdyrdy.

Soňra Mejlisiň wekili ýokarda agzalan ugurlar boýunça Türkmenistanda amala aşyrylan işler bilen tanyşdyrdy. Şeýle hem Mejlisiň işi, ygtyýarlyklary hem-de ýerli öz-özüňi dolandyryş ulgamy barada gürrüň berdi. 

Duşuşygyň ahyrynda taraplar ara alynyp maslahatlaşylan meseleler boýunça sorag-jogap alyşdylar.

25.04.2024

Mejlisiň wekilleri Döwlet gözegçiliginde ýerli öz-özüňi dolandyryş subýektleriniň barlagy boýunça bölüminiň başlygy Giorgi Mamrikişwili hem-de halkara gatnaşyklary bölüminiň başlygy Nino Kereselidze bilen duşuşygy geçirildi.

Giorgi Mamrikişwili Döwlet gözegçilik edarasynyň işiniň guralyşy bilen tanyşdyrdy. Şunda ol ýokary gözegçiniň parlament tarapyndan bäş ýyl möhlete saýlanýandygyny aýtdy. Nino Kereselidze öz çykyşynda gözegçilik edaranyň halkara hyzmatdaşlygy boýunça alyp barýan işleri bilen tanyşdyrdy.

24.04.2024

Gruziýanyň parlamentiniň Başlygynyň orunbasary, gender deňligi boýunça parlamentiň Hemişelik geňeşiniň başlygy Nino Silosani bilen duşuşyk geçirildi.

Nino Silosani häzirki zaman şertlerinde ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürilmegiň ýurtlarymyz üçin bähbitlidigini nygtady. Ol Gruziýanyň býujetiniň umumy gurluşy hakynda, ýerli dolandyryş edaralaryna berilýän giň mümkinçilikler şeýle hem ýurtda gender deňliginiň üpjün edilmegi ugrunda alnyp barylýan işler bilen tanyşdyrdy. 

Mejlisiň wekili Türkmenistanda gender deňligini üpjün etmek we onuň kanunçylyk binýadyny berkitmek boýunça parlamentiň alyp barýan işleri hem-de zenanlaryň ýurduň jemgyýetçilik we döwlet durmuşyna işjeň gatnaşýandyklary dogrusynda durup geçdi.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar parlamentara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň meseleleri barada pikir alyşdylar.

24.04.2024

Mejlisiň wekilleri Gruziýanyň parlamentiniň Sport komitetiniň başlygy we komitetiň agzalary bilen duşuşdylar.

Duşuşygyň dowamynda komitetiň başlygy Irakli Medzmariaşwili Gruziýa Respublikasynyň sport ulgamyň kanunçylyk binýadynyň kämilleşdirilişi we ýurduň sport ulgamynda gazanan netijeleri, geljekde sporty ösdürmekde göz öňünde tutulýan çäreler barada gürrüň berdi. Ol çykyşynyň dowamynda Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň sport ulgamyny ösdürmekde alyp barýan işleriniň nusgalyk derejededigini, munuň bolsa sport bäsleşiklerinde türkmen türgenleriniň ýokary netijeleri gazanmagyna öz täsirini ýetirýändigini belledi. Irakli Medzmariaşwili Gruziýa tarapynyň sport ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň şeýle-de türgenleri taýýarlamakda tejribe alyşmagyň bähbitli boljakdygy barada belledi.

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekili ýurdumyzda sport ulgamyny ösdürmek babatda durmuşa geçirilýän işler bilen tanyşdyrdy. Türkmenistanda sportuň ösdürilmegi üçin ähli mümkinçilikleriň döredilýändigini, sebitde deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherçesiniň gurlandygyny halkara derejesinde sport ýaryşlarynyň yzygiderli geçirilýändigi barada gürrüň berdi.

 

24.04.2024

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleriniň Türkmenistan-Gruziýa parlamentara dostluk toparynyň agzasy bilen duşuşygy geçirildi

Gruziýanyň Parlamentiniň Iş saparynyň ikinji güni Mejlisiň wekilleriniň Türkmenistan-Gruziýa parlamentara dostluk toparynyň agzasy Giorgi Tsagareişwili bilen duşuşygy boldy. Giorgi Tsagareişwili ýakynda Gruziýanyň Parlamentiniň Başlygy Şalwa Papuaşwiliniň Türkmenistana amala aşyran saparynyň parlamentara hyzmatdaşlygyň ösüşinde aýratyn orna eýe bolandygyny nygtady. 2023-nji ýylda Gruziýa-Türkmenistan Parlamentara dostluk toparynyň Türkmenistana iş saparynyň  hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekde möhüm ähmiýete eýe bolandygyny bellenildi. 

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekili Beýik ýüpek ýoluny häzirki zaman talaplaryna laýyklykda dikeltmek boýunça Türkmenistanyň halkara jemgyýetçiliginde oňyn başlangyçlary öňe sürýändigini bellemek bilen bu ugurda ýurtda iri logistik düzümleriň emele getirmek boýunça alnyp barylan işler dogrusynda gürrüň berdi. Şeýle hem, parlament diplomatiýasynyň ornuny berkitmek, parlamentara dostluk toparlarynyň işini ösdürmek babatynda söhbet edildi. Duşuşygyň ahyrynda taraplar parlamentara dostluk toparlarynyň işlerini mundan beýläk hem işjeňleşdirmegiň  ugurlary barada pikir alyşdylar. 

Wekiliýetiň Gruziýa iş sapary dowam edýär.

23.04.2024
1 2 3 4 5 6 7 ... 22