Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çärelere gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy hanym Neda Berger bilen duşuşdy.

Gahryman Arkadagymyz myhmany mähirli mübärekledi hem-de ony ýakynda bolan doglan güni bilen gutlady. Şeýle-de Neda Bergeriň Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy hökmünde iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly goşant goşýandygy bellenildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri medeniýet, sungat, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ugurlary boýunça ýakyn işewürlik hyzmatdaşlygyny ýola goýmakda Neda Bergeriň alyp barýan işlerine ýokary baha bermek bilen, ýurtlarymyzyň has-da ýakynlaşmagy, dostluk we hyzmatdaşlyk köprülerini berkitmek ugrunda tagallalary üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistana şu gezekki saparyň hem ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmegiň ýolunda möhüm ädime öwrüljekdigine ynam bildirildi.

Myhman duşuşmaga wagt tapandygy üçin hoşallyk bildirip, Milli Liderimize öz doglan gününe gymmatly sowgady — dört dilde — türkmen, iňlis, nemes we rus dillerinde goşgulary çap edilen, Gahryman Arkadagymyzyň giriş sözi ýerleşdirilen kitaby sowgat berendigi üçin ýene-de bir gezek tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy giriş sözünde bilelikde amala aşyrylan ähli taslamalara ýokary baha berýär.

Mälim bolşy ýaly, Türkmen-awstriýa jemgyýeti Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şol wagt Türkmenistanyň Prezidenti hökmünde Awstriýa amala aşyran ilkinji resmi saparynyň hormatyna 16 ýyl mundan ozal döredilipdi. Geçen ýyllaryň dowamynda hormatly Arkadagymyzyň goldawy bilen “Galkynyş” türkmen-awstriýa simfoniki orkestri döredildi, Türkmenistanda Wena ballary geçirildi.

Şeýle-de ýurdumyzda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde beýan edilmegine uly ähmiýet berilýär. Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň saýtynda rus, iňlis we nemes dillerinde habarlar ýerleşdirilip, olar dünýäniň 30 ýurdunyň okyjylary üçin elýeterlidir.

Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysynyň belleýşi ýaly, öňde uly wezipeler, şol sanda geljek ýyl Aşgabatda Awstriýa öýüni açmak baradaky başlangyjy durmuşa geçirmek bilen bagly, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem-de Awstriýanyň Bitaraplygynyň 70 ýyllygy mynasybetli möhüm işler durýar.

Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen tarapynyň geljek, 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etmek baradaky başlangyjyny goldandygy üçin Awstriýanyň Hökümetine minnetdarlyk bildirdi.

Duşuşygyň barşynda ikitaraplaýyn medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagynyň wajyp ähmiýete eýedigine aýratyn üns çekildi.

Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň alyp barýan döredijilikli işiniň medeni-ynsanperwer ulgamda netijeli hyzmatdaşlygyň nusgasy bolup durýandygyny hem-de iki ýurduň halklarynyň ýakynlaşmagyna ýardam berýändigini aýdyp, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow jemgyýetiň ýolbaşçysy hanym Neda Bergere berk jan saglyk, abadançylyk, jogapkärli işinde uly üstünlikleri arzuw etdi we ony Gündogaryň beýik şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli öňde boljak giň gerimli dabaralaryň hormatly myhmanlarynyň hatarynda görmäge şatdygyny belledi.

14.05.2024

Türkmenistan — Ýewropa Bileleşigi: geljegiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk

Şu gün Daşary işler ministrliginde “Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň 30 ýyllygy: geljegiň hatyrasyna bilelikdäki işler” atly maslahat geçirildi.

Abraýly halkara guramalar bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan we häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda yzygiderli durmuşa geçirilýän Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ýewropa Bileleşigi bilen däp bolan gatnaşyklar hem munuň şeýledigine şaýatlyk edýär. 1993-nji ýylda hyzmatdaşlygyň ýola goýlan wagtyndan bäri dürli ugurlarda — syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda özara gatnaşyklaryň oňyn tejribesi toplandy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministriniň, birnäçe ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarynyňdyr wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen maslahatyň açylyş dabarasynda Türkmenistanyň Döwlet senasy we Ýewropa Bileleşiginiň senasy ýaňlandy.

Umumy mejlisiň dowamynda Türkmenistan bilen ÝB-niň arasyndaky köpugurly hyzmatdaşlykda ýetilen sepgitlere üns çekildi. Ol geçen 30 ýylyň içinde yzygiderli we netijeli ösdürildi. Bellenilişi ýaly, 2019-njy ýylda ýurdumyzda Ýewropa Bileleşiginiň wekilhanasynyň açylmagy ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşine täze itergi berdi. Gurama bilen köp ýyllaryň dowamyndaky hyzmatdaşlygyň hereket edýän we Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň ileri tutulýan wezipelerini çözmäge gönükdirilen taslamalaryň, maksatnamalaryň, hususan-da, “Ýewropa Bileleşigi — Türkmenistan” bilelikdäki komitetiniň, parlamentara dialogynyň, adam hukuklary boýunça dialogynyň, daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky geňeşmeleriň çäklerinde yzygiderli ilerledilýändigi nygtaldy. Mundan başga-da, sebit derejesinde, şol sanda “Ýewropa Bileleşigi — Merkezi Aziýa” dialogynyň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk edilýär.

Ýurdumyz bilen ÝB-niň arasyndaky däp bolan dostlukly dialog özara ynanyşmak, açyklyk ýörelgeleri esasynda üstünlikli ösdürilýär. Şunuň bilen baglylykda, soňky ýyllarda ýokary derejedäki gatnaşyklaryň işjeňleşdirilendigi aýratyn bellenildi.

Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili Teri Hakala öz çykyşynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň Ýewropa Parlamenti bilen hyzmatdaşlyk etmek baradaky Ylalaşyk tassyklanylýança (2010 ý.), wagtlaýyn söwda Ylalaşygy esasynda kadalaşdyrylandygyny aýtdy. Bu resminamanyň çäklerinde ÝB we Türkmenistan gatnaşyklaryň esasy ugurlaryny, hususan-da, söwda-ykdysady ulgamdaky özara hereketleri yzygiderli ösdürdiler. Guramanyň Merkezi Aziýa boýunça Strategiýasyny durmuşa geçirmegiň meselelerini we syýasy, ykdysady wakalary ara alyp maslahatlaşmak üçin bilelikdäki komitetiň her ýylky duşuşyklary geçirilýär.

Ýetilen sepgitler we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi umumy mejlisde ara alnyp maslahatlaşylan esasy mesele boldy. ÝB-niň taslamalarynyň wekilleri bu düzüm bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde Türkmenistanda durmuşa geçirilen we häzirki wagtda amala aşyrylýan maksatnamalardyr taslamalar barada aýratyn nygtadylar. Olar durnukly ösüş, ulag, daşky gurşawy goramak ýaly ugurlarda hyzmatdaşlyk etmegiň möhümdigini bellediler.

Forumyň çäklerinde Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň, “Türkmengaz” döwlet konserniniň we Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýetiniň (GIZ) arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi. Gol çekmek dabarasynyň öňüsyrasynda maslahata gatnaşyjylar bilelikdäki täze taslamalar — Halkara söwda merkezi tarapyndan amala aşyrylýan “Türkmenistan: söwdanyň durnuklylygyny we integrasiýasyny ýokarlandyrmak” hem-de ÝB-niň Türkmenistanyň “ýaşyl” ösüşine goldawy bolan “Syýasy dialog we 2024 — 2028-nji ýyllarda howanyň üýtgemegine garşy hereketler” atly taslamalar bilen tanyşdyryldy.

Mowzuklaýyn mejlislerde ýurdumyz bilen ÝB-niň arasynda parlamentara gatnaşyklaryň ösüşi, howpsuzlyk, söwda, bilim, “ýaşyl” energetika ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyk, bu ugurlarda Türkmenistanda üstünlikli durmuşa geçirilen maksatnamalar bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şol gün Daşary işler ministrliginde Ýewropa Bileleşiginiň ýurdumyzda amala aşyrýan işlerine bagyşlanan sergi hem guraldy.

Şeýlelikde, bu çäre diňe bir diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň taryhy ähmiýetini şöhlelendirmek bilen çäklenmän, eýsem, Ýewropa Bileleşigi bilen Türkmenistanyň arasynda dürli ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň wajypdygyny we netijeli häsiýete eýedigini görkezdi.

14.05.2024

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI BILEN BIRLEŞEN ARAP EMIRLIKLERINIŇ FEDERAL MILLI GEŇEŞINIŇ ARASYNDAKY PARLAMENTARA DOSTLUK TOPARYNYŇ AGZALARYNYŇ DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

2024-nji ýylyň 14-nji maýynda Türkmenistanyň Mejlisi bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Federal Milli Geňeşiniň arasyndaky parlamentara dostluk toparynyň agzalarynyň wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi.

Söhbetdeşlikde taraplar parlamentara dialogyň iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň möhüm bölegine öwrülendigini we ikitaraplaýyn esasda parlamentara dostluk toparlarynyň döredilmeginiň kanunçykaryjylyk işinde we parlament diplomatiýasyny ösdürmekde tejribe alyşmaga mümkinçilikleri artdyrýandygyny aýratyn bellediler. 

Taraplar döwletara hyzmatdaşlygy parlament diplomatiýasynyň üsti bilen goldamaga, bu gatnaşyklaryň hukuk esaslaryny berkitmäge hem-de parlament we kanunçykaryjylyk işinde tejribe alyşmaga taýýardyklaryny, bu ugurda iki döwletiň arasynda gatnaşyklaryň has-da ösdürilmeginde iş saparlaryny we duşuşyklary gurnamagyň ähmiýetiniň uly boljakdygyny beýan etdiler.

14.05.2024

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINDE ÝAPON-TÜRKMEN PARLAMENTARA DOSTLUK TOPARYNYŇ ÝOLBAŞÇYSY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2024-nji ýylyň 13-nji maýynda Türkmenistanyň Mejlisinde ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň nobatdaky duşuşygy geçirildi. 

Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn esasda döredilen parlamentara dostluk toparlarynyň işiniň kämilleşdirilmegi hem-de parlament we kanunçykaryjylyk işini pugtalandyrmak babatda pikir alyşmalar boldy.

Söhbetdeşlikde parlamentara dialogyň iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň möhüm bölegine öwrülendigi we ikitaraplaýyn esasda parlamentara dostluk toparlarynyň döredilmeginiň kanunçykaryjylyk işinde we parlament diplomatiýasyny ösdürmekde tejribe alyşmaga mümkinçilikleri artdyrýandygy aýratyn bellenildi.

Taraplar döwletara hyzmatdaşlygy parlament diplomatiýasynyň üsti bilen goldamaga, bu gatnaşyklaryň hukuk esaslaryny berkitmäge hem-de parlament we kanunçykaryjylyk işinde tejribe alyşmaga hemişe taýýardyklaryny beýan etdiler.

13.05.2024

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINDE ÝAPON-TÜRKMEN PARLAMENTARA DOSTLUK TOPARYNYŇ ÝOLBAŞÇYSY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2024-nji ýylyň 13-nji maýynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa bilen ýapon-türkmen Parlamentara dostluk toparynyň başlygy, Ýaponiýanyň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň agzasy T.Endonyň duşuşygy geçirildi. 

Duşuşygyň barşynda iki dostlukly ýurduň arasynda dürli ugurlarda ýola goýlan gatnaşyklarda parlamentara hyzmatdaşlygynyň möhüm orny bellenildi. Sebitleýin esasda parlament hyzmatdaşlygyny ösdürmekde Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ýaponiýa amala aşyran iş saparynyň dowamynda öňe süren «Merkezi Aziýa + Ýaponiýa»  görnüşdäki dialogy döretmek barada ideýasyny durmuşa geçirmek maksady bilen, Merkezi Aziýa döwletleriniň we Ýaponiýanyň Parlament ýolbaşçylarynyň ilkinji duşuşygyny Aşgabatda geçirmek baradaky başlangyjyň ähmiýeti nygtaldy.

Söhbetdeşlikde parlamentara dialogyň iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmegiň möhüm bölegine öwrülendigi we ikitaraplaýyn esasda parlamentara dostluk toparlarynyň hereket etmeginiň kanunçykaryjylyk işinde tejribe alyşmaga mümkinçilikleri artdyrýandygy aýratyn bellenildi.

Taraplar türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy, ony ösdürmegiň geljegi baradaky pikir alyşmalaryň dowamynda medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny nygtadylar. Hususan-da, Gündogaryň beýik akyldary we türkmen nusgawy edebiýatynyň düýbüni tutujy Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygynyň giňden bellenilmeginiň çäklerinde alnyp barylýan işleriň halklaryň arasynda medeni, dost-doganlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine uly itergi berýändigi bellenildi. 

13.05.2024

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ WEKILLERI ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNDA IŞ SAPARYNDA

2024-nji ýylyň 13-14-nji maýynda Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Aziýa zenanlar forumyna gatnaşmak üçin Özbegistan Respublikasynyň Samarkant şäherinde iş saparynda bolýarlar. 

Maslahatyň maksady zenanlaryň mümkinçiliklerini durmuşa geçirmekden, ykdysadyýete gatnaşygyny giňeltmekden, şeýle hem häzirki zaman şertlerinde zenanlaryň ornuny ýokarlandyrmak boýunça tejribe alyşmak üçin sebitde özboluşly gepleşik giňişligini döretmekden ybaratdyr.

Meýilnama laýyklykda, Mejlisiň wekilleri «Zenanlaryň ykdysady, jemgyýetçilik we syýasy hukuklaryny hem-de mümkinçiliklerini giňeltmäge sebitleýin çemeleşme» atly Aziýa zenanlar forumynda Merkezi Aziýa sebitinde gender deňligini üpjün etmekde durmuşa geçirilýän işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak, ähli zenanlaryň hem-de gyzlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek boýunça Durnukly ösüş maksatlaryny üstünlikli durmuşa geçirmekde  alnyp barylýan maksatnamalaýyn işler dogrusynda çykyş etdiler.

13.05.2024

Türkmenistanyň Prezidenti Ýeňiş güni mynasybetli Moskwada geçirilen dabaralara gatnaşdy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň çakylygy boýunça 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli dabaraly çärelere hormatly myhman hökmünde gatnaşdy.

Bellenilen wagtda hormatly Prezidentimiziň awtoulag kerweni Kreml binasynyň ýanyna geldi. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy Russiýanyň Prezidenti mähirli garşylady.

Kremlden hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmak üçin Moskwa gelen beýleki belent mertebeli myhmanlar — wekiliýetleriň ýolbaşçylary bilen bilelikde dabaraly harby ýörişiň geçirilýän ýerine — Gyzyl meýdanyň merkezi münberine tarap ugrady.

...Beýik Ýeňiş gazanylandan bäri 79 ýyl wagt geçdi. Gazaply uruş ýyllarynda tutuş adamzat öwezini dolup bolmajak ýitgä sezewar boldy, millionlarça adamyň ömür tanapy kesildi, mukaddes gymmatlyklara, dünýä ykdysadyýetiniň, medeniýetiniň, ylmyň, edebiýatyň we sungatyň ösüşine düýpli zarba uruldy. Şondan soňky geçen döwür uzaklarda galan gahrymançylykly ýyllaryň şol wakalaryny halk hakydasyndan öçürmän, esgerleriň söweş meýdanlarynda görkezen gaýduwsyzlygyny hem-de batyrlygyny, tylda zähmet çekenleriň edermenligini has aýdyň açyp görkezýär, faşizmiň we nasizmiň derbi-dagyn edilmeginiň dünýä taryhyndaky ähmiýetine has doly göz ýetirmäge mümkinçilik berýär.

Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda umumy wehime hem-de zorluga garşy söweşen millionlarça adamy parahatçylykly durmuş baradaky arzuw jebisleşdirdi. Olar uzak garaşdyran Ýeňşiň ýakynlaşmagyna uly goşant goşdular. Beýleki doganlyk halklary bilen bilelikde türkmenistanly esgerler-de urşuň ýowuz synagyndan mertlik bilen geçdiler. Parahatçylyk we asudalyk, abadan durmuş ugrundaky aldym-berdimli söweşlerde belent ahlak sypatlaryny, edermenligiň, gaýduwsyzlygyň, hakyky watançylygyň ajaýyp nusgalaryny görkezdiler. Ata-babalarymyzyň şöhratly we gahrymançylykly ýoly Watanymyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy.

Muňa şu maglumatlar hem şaýatlyk edýär: uruş meýdanlarynda türkmenistanlylaryň 265 müňden gowragy gaýduwsyz söweşdiler. Görkezen edermenlikleri üçin watandaşlarymyzyň 104-si Gahryman diýen belent ada mynasyp boldy, 19-sy bolsa “Şöhrat” ordeniniň doly eýeleri boldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň atasy, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň garry atasy Berdimuhamet Annaýewiň Beýik Watançylyk urşuna gatnaşmagy aýratyn buýsançly ýagdaýdyr. Gahryman esgeriň durmuş ýoly Watanymyza, halkymyza gulluk etmegiň ajaýyp nusgasydyr. 1943-nji ýylda fronta meýletin gitmek bilen, ol 2-nji ukrain frontunyň 206-njy atyjylyk diwiziýasynyň 748-nji atyjylyk polkunda gaýduwsyz söweşipdir. Agyr ýaralanandygy zerarly uruşdan gaýdyp gelenden soňra, mugallymçylyk bilen meşgullanypdyr. Türkmen halkynyň şöhratly oglunyň SSSR-iň Ýokary Sowetiniň Prezidiumynyň 1949-njy ýylyň 2-nji martyndaky Ukazy bilen, “Hormat nyşany” ordeni hem-de RF-niň Prezidenti Wladimir Putiniň 2018-nji ýylyň iýunynda gol çeken Permanyna laýyklykda, Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda öz esgerlik borjuny ýerine ýetirmekde görkezen şahsy gaýduwsyzlygy, batyrlygy, edermenligi üçin Russiýa Federasiýasynyň ýokary döwlet sylagy — “Edermenligi üçin” diýen medaly bilen sylaglanandygyny bellemek gerek.

2020-nji ýylda Beýik Ýeňşiň 75 ýyllygy mynasybetli Russiýadan Türkmenistana 206-njy atyjylyk diwiziýasynyň 748-nji atyjylyk polkunyň söweşjeň baýdagy getirildi, bu baýdak astynda Berdimuhamet Annaýew batyrgaý söweşipdir. Esgerleriň gaýduwsyzlygynyň we deňsiz-taýsyz edermenliginiň aýdyň nyşanyna öwrülen bu gymmatlyk hem-de Berdimuhamet Annaýewe gowşurylan “Edermenligi üçin” diýen medal “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumyna hemişelik saklamak üçin berildi. Häzirki wagtda bu beýik ynsanyň hem-de halypa mugallymyň, frontçy esgeriň şöhratly durmuş we zähmet ýoly ýaş nesiller üçin watançylygyň, zähmetsöýerligiň, edermenligiň, gaýduwsyzlygyň nusgasyna öwrüldi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanda Berdimuhamet Annaýewiň agtygy Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýän ägirt uly özgertmeler durmuşa geçirilýär.

...Ýeňiş güni parahatçylykly, abadan we bagtyýar durmuşy alamatlandyrýan iň gymmatly, mukaddes baýramlaryň biridir. Bu baýram tutuş adamzat üçin aýratyn ähmiýete eýedir. Ençeme onýyllyklaryň geçendigine garamazdan, uruş ýyllarynyň agyr ýitgileri baradaky hasratly ýatlamalar dünýä halklarynyň, şol sanda türkmen halkynyň hem hakydasynda ýaşaýar. Ýeňişden soň geçen 79 ýylyň dowamynda şol ýyllaryň gahrymançylykly ýatlamalary biziň kalplarymyzda saklanýar.

Watanymyzy goran gahrymanlary hoşallyk duýgusy bilen ýatlamak, olaryň şan-şöhrata beslenen durmuş ýoluna hormat-sarpa bilen garamak halkymyzyň mukaddes ýörelgeleriniň biridir. Türkmenistanly esgerleriň görkezen gahrymançylygyna çuňňur sarpanyň nyşany hökmünde, Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, ýurdumyzda frontda wepat bolan esgerleriň atlaryny ebedileşdiren “Hatyra” kitaby hem-de ýeňiş bilen öýlerine gaýdyp gelen esgerleriň atlarynyň sanawy getirilen “Şöhrat” kitaby neşir edildi. Häzirki wagtda uly durmuş ýoluny geçen hem-de dünýä halklarynyň erkinligi, garaşsyzlygy ugrunda söweşen, tylda tutanýerli zähmet çekip, Ýeňşi ýakynlaşdyran ýaşuly nesillerimiz hormat-sarpa bilen gurşalýar. Ýöne gynansak-da, olaryň hatary ýyl-ýyldan azalýar...

Türkmenistanda uruş we zähmet weteranlarynyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulandyrylmagyna uly ähmiýet berilýär. Her ýyl 1941 — 1945-nji ýyllaryň urşunda gazanylan Beýik Ýeňiş güni mynasybetli uruş weteranlaryna, söweşde wepat bolan esgerleriň ýanýoldaşlaryna dabaraly ýagdaýda gymmat bahaly sowgatlar gowşurylýar. Olar üçin köp sanly durmuş ýeňillikleri göz öňünde tutulandyr. Frontçy esgerler, tylda zähmet çeken weteranlar gymmatly öwüt-ündewleri, parasatly maslahatlary bilen jemgyýetimiziň agzybirliginiň pugtalandyrylmagyna, ýaşlaryň watançylyk we ynsanperwerlik ruhunda terbiýelenilmegine uly goşant goşýarlar. Ýaşuly nesiller ýaşlary ata Watana wepaly bolmaga, dost-doganlyk, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik ýaly asylly ýörelgelere ygrarlylyga çagyrýarlar.

2010-njy ýylyň 9-njy maýynda Beýik Ýeňşiň 65 ýyllygy baýram edilende, Gyzyl meýdandan Russiýanyň Ýaragly Güýçleriniň esgerleri bilen bilelikde 1941 — 1945-nji ýyllarda egin-egne berip söweşen halklaryň wekilleri — harby gullukçylary hem geçdiler. Şonda şol ýörişe Türkmenistanyň Aýratyn hormat garawuly batalýonynyň esgerleri-de gatnaşdylar.

Harby ýöriş tamamlanandan soňra, asylly däbe görä, dabaralara gatnaşan döwlet Baştutanlary bilelikde Kreml diwarynyň ýanyndaky Aleksandrow bagyna barýarlar we Näbelli esgeriň guburyna gül desselerini goýýarlar.

Matam sazynyň astynda dostlukly ýurtlaryň Liderleri 2009-njy ýylyň noýabrynda söweşjeň şöhratyň umumymilli toplumy derejesi berlen topluma tarap ugraýarlar. Olaryň öňünden elleri gülli esgerler barýarlar.

Türkmenistanyň Prezidenti tutuş adamzadyň parahat durmuşy hem-de azatlygy ugrunda 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda faşizme garşy söweşlerde wepat bolanlary hatyralap, Baky oda gyzyl gülleri goýýar. Ýadygärligiň öňünden Hormat garawulynyň esgerleri dabaraly ýöriş bilen geçýärler.

Bu baýram biziň hemmämiz üçin aýratyn gymmatlydyr. Beýik Watançylyk urşunda Ýeňiş gazanmak üçin ähli doganlyk halklar synmaz ruhy jebisligiň nusgasyny görkezdiler. Häzirki wagtda bu nurana baýramy bellemek bilen, biziň her birimiz Ýer ýüzünde parahatçylygyň hatyrasyna çäksiz gahrymançylyk we edermenlik görkezenleriň ählisine hoşallyk duýgusyny beýan edýäris. Milli gahrymanlarymyzyň edermenlikleri baradaky ýatlamalar biziň kalplarymyzda hemişelik ýaşar, doganlyk halklary has-da jebisleşdirer hem-de döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat eder.

Dabaraly çäreler tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Wnukowo — 2” Halkara howa menziline gelip, bu ýerden Aşgabada ugrady.

Birnäçe wagtdan soňra döwlet Baştutanymyzyň uçary paýtagtymyzyň Halkara howa menziline gondy. Bu ýerde hormatly Prezidentimizi ýurdumyzyň resmi adamlary garşyladylar.

09.05.2024

Türkmenistanyň Prezidenti iş sapary bilen Russiýa Federasiýasyna ugrady

Şu gün günüň ikinji ýarymynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň çakylygy boýunça 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli guraljak dabaralara hormatly myhman hökmünde gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasyna iş sapary bilen ugrady.

Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar ugratdylar.

Hormatly Prezidentimiziň Russiýa Federasiýasyna şu gezekki sapary häzirki döwürde täze itergi berlen we many-mazmun taýdan baýlaşdyrylan netijeli döwletara gatnaşyklary okgunly ösdürmekde nobatdaky ädimdir.

Türkmen halkynyň Milli Lideri tarapyndan başy başlanyp, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty durmuşa geçirmek bilen, Türkmenistan gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlar, şol sanda Russiýa Federasiýasy bilen netijeli dialoga hemişe açykdygyny üýtgewsiz görkezip gelýär. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň binýadynda syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda gatnaşyklary ösdürmek üçin giň mümkinçilikler bar. Ähli ulgamlar boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmäge bolan oňyn özara erk-isleg döwletara gatnaşyklaryň yzygiderli häsiýete eýedigine şaýatlyk edýär. Russiýa Federasiýasynyň iri subýektleri sebitara hyzmatdaşlyga işjeň çekilýär. Munuň özi döwletara dialogyň şu ugrunyň möhüm ähmiýete eýedigini tassyklaýar.

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän, milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmaga, has girdejili pudaklary döretmäge, ýokary hilli, eksport ugurly önümleriň köp görnüşlerini öndürmäge gönükdirilen düýpli özgertmeler hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak üçin uly mümkinçilikleri açýar. Şunda russiýaly hyzmatdaşlaryň ýurdumyzda öndürilýän oba hojalyk, dokma, himiýa senagatynyň önümlerini, gurluşyk serişdelerini, häzirki wagtda dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň önümleri bilen mynasyp bäsdeşlik etmäge ukyply beýleki harytlary satyn almaga gyzyklanma bildirýändigi bellärliklidir. Häzirki wagtda Türkmenistanda Russiýa Federasiýasynyň iri kompaniýalary üstünlikli iş alyp barýarlar. Dürli ugurlarda tagallalary birleşdirmek üçin iň amatly mümkinçilikler döredildi. Ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda söwda-ykdysady ulgamy, ýangyç-energetika toplumyny, senagat, ulag, aragatnaşyk, telekommunikasiýalar pudaklaryny, hyzmatdaşlyk üçin has möhüm bolan başga-da köp sanly ulgamlary görkezmek bolar.

Türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň berk hukuk binýady ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň netijeliligini üpjün edýän esasy şert hökmünde çykyş edýär. Geçen ýyllarda gol çekilen hökümetara resminamalara laýyklykda, milli we sebit ähmiýetli bilelikdäki taslamalaryň onlarçasy durmuşa geçirildi.

Ikitaraplaýyn gatnaşyklar diňe bir ykdysady ulgam bilen çäklenmeýär. Ynsanperwer ulgamdaky — bilim, saglygy goraýyş, medeniýet, sport, syýahatçylyk ugurlaryndaky özara gatnaşyklar hem döwletara hyzmatdaşlygyň aýrylmaz bölegini düzýär. Şunda bilim ulgamy ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar. Her ýyl türkmen talyplarynyň uly topary Russiýanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim almaga iberilýär. Paýtagtymyzda A.S.Puşkin adyndaky umumybilim berýän bilelikdäki türkmen-rus mekdebi hereket edýär. Ýurdumyzda iň irki teatrlaryň biri bolan A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatry hem iki ýurduň medeni gatnaşyklarynyň özboluşly nyşany hasaplanýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 2022-nji ýylyň iýunynda Russiýa amala aşyran resmi saparynyň çäklerinde gol çekilen Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda strategik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak hakynda Jarnamanyň ähli esasy ugurlarda däp bolan gatnaşyklary giňeltmäge täze itergi berendigini bellemek gerek.

1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşy bilelikdäki taryhyň unudylmajak esasy sahypalarynyň biridir. Uruş ýyllarynda söweşlerde we tylda görkezilen beýik edermenlik, mertlik, deňsiz-taýsyz gahrymançylyk halklarymyzyň hakydasyna ebedilik ýazyldy. 9-njy maý — Ýeňiş güni Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň halklaryny birleşdirýän taryhy ähmiýetli senedir. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň Watançylyk urşunda gazanylan Beýik Ýeňiş mynasybetli guralýan dabaralara yzygiderli gatnaşmagy aýratyn nygtalmaga mynasypdyr. Munuň özi hakydamyzda ebedi galjak gahrymanlarymyzyň edermenligine hormat bilen garamagyň aýdyň beýanydyr.

Türkmen halky gazaply söweşlerde gazanylan Ýeňiş üçin mynasyp goşant goşdy. Halkymyzyň mert ogullary beýleki doganlyk halklaryň wekilleri bilen egin-egne berip, bir ädim yza tesmän, gahrymanlarça söweşdiler, tylda jan aýaman zähmet çekdiler. Watandaşlarymyzyň şol ýowuz ýyllardaky edermenligi biziň hemmämiz üçin Watana bolan söýginiň, hormatyň, borja wepalylygyň belent nusgasydyr.

Uruş meýdanlarynda görkezilen mertlik we edermenlik üçin ildeşlerimiziň ýüzden gowragy Gahryman diýen belent ada mynasyp boldy. Olaryň müňlerçesi bolsa söweşjeň orden-medallar bilen sylaglandylar. Şolaryň hatarynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň atasy, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň garry atasy Berdimuhamet Annaýewiň hem bolandygyny bellemek gerek. Onuň ömür ýoly türkmen ýaşlary üçin watansöýüjiligiň, gaýduwsyzlygyň, belent borja wepalylygyň nusgasyna öwrüldi.

...Birnäçe sagatdan soňra, hormatly Prezidentimiziň uçary Russiýa Federasiýasynyň paýtagtynyň «Wnukowo — 2» Halkara howa menzilinde gondy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar mähirli garşyladylar.

Hormatly Prezidentimiziň Russiýa Federasiýasyna iş sapary dowam edýär.

08.05.2024

Türkmenistanyň Mejlisinde Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

2024-nji ýylyň 1-nji maýynda Türkmenistanyň Mejlisinde Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Hiroşi Sasaki bilen Türkmenistanyň Mejlisinde duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda parlamentara dostluk toparynyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň esasy meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Ilçi Hirosi Sasaki 12-14-nji maýý aralygynda Ýaponiýa-Turkmenistan dostluk toparynyň başlygy Toşiaki Endonyň ýolbaşçyygyndaky wekiliýet ýurdumuza sapar bilen gelmegi meýilleşdirilýändigi barada habar berdi. Parlamentara dostluk toparynyň sapary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy we parlamentara gatnaşyklaryny mundan beýläk hem ösdürmek üçin uly goşant bolup durjakdygyny belläp geçdi. 

Taraplar döwletara hyzmatdaşlygy parlament diplomatiýasynyň üsti bilen goldamaga, bu gatnaşyklaryň hukuk esaslaryny berkitmäge hem-de parlament we kanunçykaryjylyk işinde tejribe alyşmaga hemişe taýýardyklaryny beýan etdiler.

01.05.2024
1 2 3 4 5 6 7 ... 22