Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Parlamentara Bileleşigiň Başlygy bilen duşuşygy

2024-nji ýylyň 23-nji martynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowanyň Parlamentara Bileleşigiň 148-nji Assambleýasyna gatnaşmak maksady bilen, Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Ženewa şäherine amala aşyran iş saparynyň çäklerinde, Parlamentara Bileleşigiň Başlygy hanym Tulia Akson bilen ikitaraplaýyn duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen daşary syýasy gatnaşyklarynyň, şeýle hem ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy parlament diplomatiýasynyň üsti bilen goldamagyň ähmiýeti dogrusynda pikir alşyldy.

Möhüm çärä çakylyk we onuň işine gatnaşmaga mümkinçilik üçin minnetdarlyk bildirip, türkmen tarapy Türkmenistan bilen Parlamentara Bileleşigiň arasynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygyny aýratyn belledi.

Parlamentara Bileleşigiň Başlygy öz gezeginde Türkmenistanyň zenan parlamentarileriniň milli Parlamentiň düzüminde we halkara giňişliginde işjeňligine ýokary baha berdi.

Parlamentara Bileleşigiň Başlygy şol bir wagtda Tanzaniýanyň Parlamentiniň wekili bolmak bilen, Türkmenistan bilen ikitaraplaýyn esasda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine gyzyklanma bildirdi.

Bu babatda türkmen tarapy Tanzaniýanyň wekiliýetini Türkmenistanda kabul etmäge taýýardygyny mälim etdi.

23.03.2024

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Döwlet Baştutanymyz öz adyndan hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan Wladimir Putini Russiýa Federasiýasynyň Prezident saýlawlarynda gazanan ýeňşi bilen tüýs ýürekden gutlady.

Siziň bu ýokary wezipä gaýtadan saýlanylmagyňyz Size bildirilen ýokary ynamyň we ýurduňyzyň öňünde bitiren hyzmatlaryňyzyň ykrar edilmeginiň nyşany bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow nygtady we pursatdan peýdalanyp, Russiýa Federasiýasyna öz Lideriniň parasatly baştutanlygynda mundan beýläk-de gülläp ösüş, ýurduň halkyna bolsa rowaçlyk arzuw etdi.

Russiýanyň Prezidenti döwlet Baştutanymyza gutlaglary we hoşniýetli arzuwlary üçin hoşallyk bildirip, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli salamyny ýetirmegini haýyş etdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar häzirki wagtda Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň ýokary derejededigini kanagatlanma bilen bellediler. Dostluga, ynanyşmaga, özara düşünişmäge esaslanýan bu gatnaşyklar ugurlaryň giň gerimi boýunça yzygiderli ösdürilýär. Bellenilişi ýaly, ýurtlarymyz ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle hem halkara guramalaryň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk edýärler.

Türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň gün tertibinde söwda-ykdysady gatnaşyklara aýratyn orun degişlidir. Şunuň bilen birlikde, medeni-ynsanperwer ugur işjeň ösdürilýär, parlamentara hyzmatdaşlyk yzygiderli alnyp barylýar. Söhbetdeşler Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň sebitleriniň arasynda ýola goýlan netijeli gatnaşyklaryň möhümdigini nygtadylar. Munuň özi döwletara hyzmatdaşlygy täze many-mazmun bilen baýlaşdyrýar.

Döwlet Baştutanymyz mümkinçilikden peýdalanyp, rus kärdeşine Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky dostlugyň pugtalandyrylmagyna goşýan şahsy goşandy üçin minnetdarlygyny beýan edip, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Prezident Wladimir Putin birek-birege berk jan saglyk, rowaçlyk, jogapkärli döwlet işlerinde üstünlikleri, iki ýurduň dostlukly halklaryna bolsa abadançylyk we bagtyýarlyk arzuw etdiler.

19.03.2024

PANAMA RESPUBLIKASYNYŇ ILÇISI YNANÇ HATYNY GOWŞURDY

2024-nji ýylyň 14-nji martynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Panama Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Rolando Enrike Barrou Noaddan Ynanç hatyny kabul etdi. 

Milli Parlamentiň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan Ilçini ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlady we iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça alyp barjak işinde üstünlikleri arzuw etdi. 

Söhbetdeşligiň dowamynda Ilçi oňyn Bitaraplyk, deňhukuklylyk, özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan strategiýany yzygiderli durmuşa geçirýän Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bilen tanyşdyryldy.

Taraplar döwletara hyzmatdaşlygy parlament diplomatiýasynyň üsti bilen goldamaga, bu gatnaşyklaryň hukuk esaslaryny berkitmäge hem-de parlament we kanunçykaryjylyk işinde tejribe alyşmaga hemişe taýýardyklaryny beýan etdiler.

14.03.2024

Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň mejlisi

Şu gün paýtagtymyzda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Türki Döwletleriň Guramasynyň (TDG) Aksakgallar geňeşiniň agzasy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisi geçirildi.

Mälim bolşy ýaly, 2021-nji ýyldan bäri ýurdumyz TDG-de synçynyň derejesine eýedir. Türki Döwletleriň Guramasynyň maslahat beriji edarasy bolan Aksakgallar geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň Aşgabatda geçirilmegi bu gurama bilen köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerinde Türkmenistanyň işjeň orny eýeleýändigine şaýatlyk edýär. Türkmen halkyny gurama agza ýurtlaryň halklary bilen asyrlaryň dowamynda emele gelen taryhy kökleriň, medeni we ruhy däpleriň umumylygy baglanyşdyrýar. Şol däpler häzirki döwürde täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar.

Mejlisiň öňüsyrasynda Gahryman Arkadagymyz TDG-ä agza döwletleriň wekiliýetleriniň ýolbaşçylaryny mähirli garşylady. Bilelikde resmi surata düşmek dabarasyndan soňra, Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisi geçirildi.

Duşuşygyň başynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygyna we TDG-niň Baş sekretaryna, şeýle hem ýygnananlaryň ählisine: «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistana hoş geldiňiz!» diýen sözler bilen ýüzlendi. Şeýle-de Gahryman Arkadagymyz mejlise gatnaşyjylary mukaddes Oraza aýynyň başlanmagy bilen gutlap, hemmelere berk jan saglyk, abadançylyk, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Pursatdan peýdalanyp, türkmen halkynyň Milli Lideri ýygnananlara Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisini Aşgabatda geçirmek baradaky teklibi goldandyklary we ýurdumyza gelendikleri hem-de şu duşuşyga gatnaşýandyklary üçin minnetdarlyk bildirdi.

Mälim bolşy ýaly, Aksakgallar geňeşiniň ozalky mejlislerinde Türki Döwletleriň Guramasynyň çäklerinde alnyp barylýan hyzmatdaşlygy dürli ugurlarda ösdürmek we berkitmek babatda guramanyň döwlet Baştutanlarynyň duşuşyklaryndaky maslahat beriş häsiýetli birnäçe möhüm teklipler öňe sürüldi diýip, Gahryman Arkadagymyz sözüni dowam etdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri şu günki mejlisiň hem türki döwletleriň arasynda alnyp barylýan syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlardaky gatnaşyklaryň netijeliligini mundan beýläk-de ýokarlandyrmaga ýardam etjekdigine ynam bildirip, onuň hyzmatdaşlygy giň ugurlar boýunça baýlaşdyrmak bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak hem-de bu babatda pikir-garaýyşlary beýan etmek nukdaýnazardan peýdaly boljakdygyny belledi.

Hormatly Arkadagymyz Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisini açyk diýip yglan edip, ilki bilen, Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygy Binali Ýyldyryma söz berdi.

TDG-niň maslahat beriji edarasynyň ýolbaşçysy türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy, Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretaryny we ýygnananlaryň ählisini mübärekläp, şu günlerde Aşgabatda bolýandygyna örän şatdygyny aýtdy. Şunda guramanyň Aksakgallar geňeşiniň mejlisiniň ilkinji gezek TDG-de synçynyň derejesine eýe bolan döwletde geçirilýändigi bellenildi. Nygtalyşy ýaly, Türki Döwletleriň Guramasyna agza we synçy ýurtlaryň arasyndaky ysnyşykly hyzmatdaşlyk onuň işine saldamly goşant goşýar. Şunuň bilen baglylykda, ol Gahryman Arkadagymyza çakylygy we mähirli myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Aksakgallar geňeşiniň başlygynyň belleýşi ýaly, geňeşiň işi ýokary baha mynasyp boldy. Munuň özi TDG-niň 2023-nji ýylyň noýabrynda Gazagystanyň paýtagtynda geçirilen 10-njy sammitiniň netijeleri boýunça kabul edilen Astana Jarnamasynda-da beýanyny tapdy. Bu bolsa geňeşiň işjeň hereket edýän düzüme öwrülýändiginiň aýdyň güwäsidir.

Nygtalyşy ýaly, ägirt uly mümkinçilikleriň bolmagy, doganlyk halklaryň raýdaşlygy, birek-biregi goldamak, netijeli köpugurly hyzmatdaşlyk biziň ýurtlarymyza durnukly ösüşde oňyn netijeleri gazanmaga mümkinçilik berýär. Türki döwletlerdäki abadançylyk we durnukly ösüş köp babatda sebitdäki durnuklylyga ýardam edýär. Şu maksatlar bilen, özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin bilelikdäki tagallalary işjeňleşdirmek zerurdyr.

Şunuň bilen baglylykda, TDG-niň Aksakgallar geňeşiniň başlygy döwletara hyzmatdaşlygy üstünlikli ilerletmek üçin uly ähmiýete eýe bolan meseleleriň birnäçesine ünsi çekdi. Şunda ykdysady we söwda, ulag, energetika, maýa goýumlar ulgamlarynda hem-de beýleki geljegi uly ugurlarda özara gatnaşyklara uly üns berilýär. Şeýle hem Aksakgallar geňeşiniň agzalarynyň TDG-niň sammitlerine yzygiderli gatnaşmagy baradaky meselä seredildi.

Çykyşynyň ahyrynda myhman Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa mejlisiň ýokary derejede guralandygy we mähirli kabul edilendigi üçin ýene-de bir gezek hoşallyk bildirdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri hoşniýetli sözleri, çuň manyly çykyşy üçin TDG-niň Aksakgallar geňeşiniň başlygyna minnetdarlyk bildirip, Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretary Kubanyçbek Omuraliýewe söz berdi.

TDG-niň Baş sekretary Gahryman Arkadagymyza türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi we hemmelere Oraza aýy mynasybetli iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Çykyşynyň dowamynda Kubanyçbek Omuraliýew TDG-niň 2023-nji ýylyň noýabrynda Astanada geçirilen sammitiniň netijeleriniň türki döwletleriň hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek üçin örän wajypdygyny belledi. Şunda doganlyk ýurtlaryň özara gatnaşyklarynyň we raýdaşlygynyň berkeýändigi bellenildi. Munuň özi sebitiň, dünýäniň täze wehimler bilen ýüzbe-ýüz bolýan häzirki döwründe uly ähmiýete eýedir.

Bellenilişi ýaly, ykdysadyýet, täjirçilik we maýa goýum, ulag-kommunikasiýa, senagat ulgamlarynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, özara haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmak, azyk howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça anyk çäreler durmuşa geçirildi we geçirilýär. Ynsanperwer ulgam gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegidir. Bilelikdäki forumlary, şol sanda ylmy maslahatlary geçirmek bu ugurda aýratyn ähmiýete eýedir.

Energetika türki döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň TDG-niň Astanada geçirilen sammitinde gurama gatnaşyjy ýurtlar tarapyndan bu ulgamda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça “Ýol kartasyny” taýýarlamagyň maksadalaýykdygy barada aýdan teklibiniň örän derwaýysdygy bellenildi.

TDG-niň Baş sekretary şu ýylda beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy hem-de Änew şäheriniň “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli dabaralaryň geçiriljekdigini belledi. Ol hemmeleri bu şanly wakalar mynasybetli gutlap, TDG-niň baýramçylyk çärelerini geçirmäge hemmetaraplaýyn goldaw bermäge taýýardygyny tassyklady.

Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretary çykyşyny tamamlap, Aksakgallar geňeşiniň agzalaryna aýdylan maslahatlar üçin hoşallyk bildirdi we olaryň TDG-niň Sekretariaty tarapyndan gatnaşyjy ýurtlaryň degişli edaralaryna iberiljekdigini belledi.

Gahryman Arkadagymyz Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretaryna çuň mazmunly çykyşy üçin minnetdarlyk bildirip, mejlisiň dowamynda TDG-niň Aksakgallar geňeşiniň Gazagystan Respublikasyndan agzasy Ikram Adyrbekowa söz berdi.

Myhman türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa myhmansöýerlik we duşuşygyň ýokary derejede guralandygy üçin hoşallyk bildirip, Gazagystanyň wekiliýetiniň düzümine bu ýurduň Garaşsyzlygynyň berkarar bolmagyna we pugtalandyrylmagyna saldamly goşant goşan meşhur hem-de hormatly aksakgallaryň girizilendigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyzyň aksakgallaryň özara saparlary baradaky pikiriniň geljekde asylly däbe öwrüljekdigine ynam bildirildi. Şeýle hem Aşgabada gelen wekiliýetiň düzümine giren ýaşulularyň türkmen dilinde erkin gürleýändikleri bellenildi.

Ikram Adyrbekow düýn TDG-niň çäklerinde hyzmatdaşlygyň, şol sanda ynsanperwer we ekologiýa ulgamlaryndaky gatnaşyklaryň meseleleri boýunça pikir alyşmalaryň özara ynanyşmak häsiýetine eýe bolandygyny nygtap, türkmen-gazak gatnaşyklary barada aýratyn durup geçdi. Bellenilişi ýaly, Gazagystanda Gahryman Arkadagymyzy türkmen halkynyň umumy ykrar edilen Lideri, türki dünýäniň ajaýyp döwlet işgärleriniň biri hökmünde tanaýarlar. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy döwletara gatnaşyklaryň ösdürilmegine ägirt uly goşant goşýar.

Nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda türkmen-gazak dialogy strategik hyzmatdaşlyk häsiýetine eýe boldy. Şunda ýokary derejedäki saparlar we duşuşyklar möhüm orny eýeleýär. Biziň ýurtlarymyz halkara giňişlikde hemişe birek-birege özara goldaw berýärler. Şeýle hem söwda-ykdysady, üstaşyr ulag ulgamlarynda, obasenagat pudagynda hyzmatdaşlyk üçin uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. Medeni-ynsanperwer ulgamda däp bolan gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly ähmiýet berilýär. Hususan-da, Astana şäheriniň merkezi köçeleriniň birine beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň ady dakyldy. Şu ýyl şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygy bellenilýär.

Çykyşynyň ahyrynda Ikram Adyrbekow döwletara hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de yzygiderli giňeldiljekdigine we pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdi. 

Gahryman Arkadagymyz netijeli we manyly çykyşy üçin Gazagystanyň wekiline minnetdarlyk bildirip, nobatdaky çykyş üçin Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň Gyrgyz Respublikasyndan agzasy Medetkan Şerimkulowa söz berdi.

Myhman türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowa TDG-niň Aksakgallar geňeşiniň şu gezekki mejlisini dünýäniň iň gözel şäherleriniň biri hökmünde ykrar edilen Aşgabatda geçirmek baradaky başlangyjy hem-de onuň ýokary guramaçylyk derejesi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, hemmeleri şanly sene — görnükli türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy bilen gutlady. Beýik şahyryň we akyldaryň döredijiligine türki döwletleriň halklary tarapyndan ýokary baha berilýär.

Medetkan Şerimkulow köpasyrlyk taryha eýe bolan türkmen-gyrgyz gatnaşyklarynyň dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk häsiýetine eýedigini nygtap, Gahryman Arkadagymyza ähli ugurlar boýunça okgunly ösdürilýän, däp bolan döwletara dialogy pugtalandyrmaga goşýan saldamly goşandy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Ýokary derejede yzygiderli amala aşyrylýan özara saparlar hem-de geçirilýän duşuşyklar, olaryň netijeleri boýunça gazanylan möhüm ylalaşyklar, gol çekilen resminamalar munuň aýdyň güwäsidir.

Çykyşda Aşgabatda TDG-niň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisiniň geçirilmeginiň türki döwletleriň we halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga, ileri tutulýan ugurlarda — syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge ýardam etjekdigine ynam bildirildi.

Pursatdan peýdalanyp, Medetkan Şerimkulow Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa asylly işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy täsirli çykyşy üçin Gyrgyzystanyň wekiline minnetdarlyk bildirip, TDG-niň Aksakgallar geňeşiniň Özbegistan Respublikasyndan agzasy Sodikžon Turdiýewe söz berdi.

Özbegistanyň wekili Gahryman Arkadagymyzy, TDG-niň Aksakgallar geňeşiniň başlygyny, guramanyň Baş sekretaryny hem-de mejlise gatnaşyjylary mübärekläp, hemmeleri mukaddes Oraza aýynyň gelmegi, şeýle hem Gündogaryň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy bilen gutlady.

Myhman döwletara gatnaşyklaryň taryhy-medeni kökleriň umumylygyna daýanyp, ähli ugurlar boýunça üstünlikli ösdürilýändigini nygtady. Iki ýurduň paýtagtlarynda ýerleşýän ajaýyp “Aşgabat” we “Daşkent” seýilgähleri iki doganlyk halky baglanyşdyrýan hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň mizemezliginiň aýdyň nyşany bolup durýar.

Türki Döwletleriň Guramasynyň işi barada aýdylanda, onuň, ilkinji nobatda, sebitde parahatçylygy üpjün etmek, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek, ykdysady taýdan goşulyşmak ýörelgelerini öňe sürýändigi nygtaldy. Ekologiýa, ynsanperwer ulgam, şol sanda ylym, bilim we medeniýet, ýaş nesli sazlaşykly terbiýelemek ýaly meseleler, energetika, ulag, maýa goýumlar, azyk howpsuzlygyny üpjün etmek hem TDG-niň üns merkezinde durýar.

Türki Döwletleriň Guramasynyň geçen ýyl Astanada geçirilen sammitinde guramanyň çäklerinde köptaraply we uzak möhletli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen teklipleriň hem-de başlangyçlaryň birnäçesi beýan edildi. Şunuň bilen baglylykda, aksakgallaryň esasy wezipesiniň hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny öz içine alýan bu başlangyçlary ýakyndan goldamakdan ybaratdygy baradaky pikir aýdyldy.

TDG-niň Aksakgallar geňeşiniň Özbegistan Respublikasyndan agzasy öz çykyşynda ýaş nesle bilim we terbiýe bermek meselesi barada hem durup geçip, innowasiýalara tarap ymtylýan zehinli ýaşlary höweslendirmegiň wajypdygyny belledi. Şunuň bilen birlikde, türki halklaryň baý medeni mirasyny, halk döredijiligini aýawly saklamagyň we giňden wagyz etmegiň ähmiýeti nygtaldy. Halk döredijiliginde ata-babalarymyzyň parasatly öwüt-nesihatlary jemlenip, bahasyna ýetip bolmajak belent ruhy-ahlak gymmatlyklary öz beýanyny tapýar.

Gahryman Arkadagymyz Özbegistanyň wekiline täsirli we manyly çykyşy üçin minnetdarlyk bildirip, nobatdaky çykyş üçin TDG-niň Aksakgallar geňeşiniň Wengriýadan agzasy Attila Tilkä söz berdi.

Dostlukly ýurduň wekili türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Aşgabada gelmäge we şu mejlise gatnaşmaga çakylygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Bellenilişi ýaly, türki döwletler bilen ykdysady hyzmatdaşlyk wenger ykdysadyýetine oňyn täsir edýär. Wengriýa bilen TDG-niň arasyndaky gatnaşyklar deňhukuklylyk, özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan netijeli hyzmatdaşlygyň aýdyň mysaly bolup durýar.

Nygtalyşy ýaly, Türki Döwletleriň Guramasyna gatnaşyjy ýurtlar dürli ugurlarda hyzmatdaşlyk üçin uly mümkinçiliklere eýedir. Şunda bilim ulgamy hem möhüm ugurlaryň biri hökmünde görkezildi. Bellenilişi ýaly, TDG-ä agza döwletleriň ýaşlary muňa uly gyzyklanma bildirýärler. Şunuň bilen baglylykda, degişli ikitaraplaýyn resminamalaryň esasynda bilim ulgamynda türkmen-wenger gatnaşyklarynyň pugtalandyrylýandygy nygtaldy. Beýleki möhüm ugurlarda, şol sanda suw hojalygy ulgamynda hem özara bähbitli gatnaşyklar üçin giň mümkinçilikler bar.

Attila Tilki TDG-niň çäklerinde hyzmatdaşlygyň uly geljeginiň bardygyny aýdyp, häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda, birek-birege hormat goýmak esasynda guralýan hyzmatdaşlygyň ähmiýetiniň barha artýandygyny nygtady.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Wengriýanyň wekiline çuň manyly çykyşy üçin sagbolsun aýdyp, netijeli pikir alyşmalar hem-de beýan edilen oňyn teklipler üçin hemmelere minnetdarlyk bildirdi.

Soňra Gahryman Arkadagymyz ýygnananlara ýüzlenip, Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisini guraýan ýurt hökmünde Türkmenistanyň garaýyşlaryny we tekliplerini beýan etdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy şu günki mejlise gatnaşmaga çakylygy kabul edendigi üçin hemmelere ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirip, bu ýerde türki halklaryň hormat-sarpaly, akyl-paýhasly, mynasyp wekilleriniň jemlenendigini aýtdy. Pursatdan peýdalanyp, Gahryman Arkadagymyz ýygnananlary mukaddes Oraza aýynyň başlanmagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlady.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň belleýşi ýaly, Aksakgallar geňeşiniň geçen gezekki mejlisinde ençeme möhüm teklipler, şol sanda geňeşiň nobatdaky 15-nji mejlisini 2024-nji ýylda Aşgabatda geçirmek baradaky çözgüt kabul edildi. Türkmenistanda bu teklip ruhubelentlik we uly jogapkärçilik bilen garşylanyldy. Gahryman Arkadagymyz bu barada aýdyp, Aksakgallar geňeşiniň örän uly ähmiýetiniň bardygyny nygtady. Geňeş türki halklary asyrlaryň dowamynda kemala gelen baý taryhy mirasymyzyň, däp-dessurlarymyzyň we ahlak sütünlerimiziň töweregine jebisleşdirmäge ýardam berýär.

Aksakgallar geňeşi Türki Döwletleriň Guramasynyň, olaryň ýolbaşçylarynyň işinde parasatly kömekçi we maslahatçydyr. Biziň durmuş tejribämiz, bilimimiz döwlet derejesinde oýlanyşykly, öňdengörüjilikli çözgütleriň kabul edilmegine, içerki we halkara durmuşyň dürli soraglaryna dogry baha bermäge ýardam edýär. Ýaşlarymyzy terbiýelemekde, olara dogry ýoly salgy bermekde bu geňeşiň bahasyna ýetip bolmajak hyzmaty bardyr.

Biziň işimiz türki halklaryň agzybirliginiň, doganlygynyň we özara goldawynyň synmaz daýançlarynyň biri bolup, häzirki döwürde bu aýratyn möhümdir. Umuman, men Aksakgallar geňeşiniň Türki Döwletleriň Guramasynyň işiniň jemgyýetçilik, durmuş-ynsanperwer, medeni ugurlarynyň möhüm bölegine öwrülmelidigine ynanýaryn. Ol döwlet derejesinde gazanylan çözgütleriň hem-de ylalaşyklaryň ýerine ýetirilmegine ýardam bermelidir diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy sözüni dowam etdi.

Geňeş guramanyň halkara ynsanperwer gatnaşyklaryna goldaw berip, halk diplomatiýasyna işjeň gatnaşmalydyr. Şu babatda öňümizde uly wezipeler, bilelikde işlemek üçin giň mümkinçilikler bar diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy we Türkmenistanyň geňeşiň çäginde ýakyndan işleşmegi berk maksat edinýändigini tassyklady. Biz çäreleri meýilleşdirmäge we guramaga işjeň gatnaşarys, Aksakgallar geňeşiniň abraýyny hem-de ornuny mundan beýläk-de ýokarlandyrmaga ýardam bereris diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri belledi.

Halk Maslahatynyň Başlygy häzirki ýönekeý bolmadyk halkara şertlerde türki döwletleriň agzybirliginiň we raýdaşlygynyň möhümdigini, halklarymyzyň arasynda doganlyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagynyň aýratyn ähmiýete eýedigini nygtady. Şu düşünjeler ähli bilelikdäki taslamalaryň hem-de başlangyçlaryň esasynda durmalydyr. 

Türki Döwletleriň Guramasynyň işiniň, şol sanda onuň möhüm halkara soraglar boýunça umumy strategiýasy kesgitleýji häsiýete eýe bolmalydyr. Türki döwletleriň ysnyşykly, netijeli hyzmatdaşlygy olaryň ykdysady ösüşiniň, hal-ýagdaýynyň, bäsdeşlige ukyply bolmagynyň möhüm şertidir. Biziň öz gatnaşyklarymyzy häzirki döwrüň talaplary esasynda ýola goýmak bilen, umumy ösüş binýadymyza esaslanmagymyz möhümdir. Biz köpasyrlyk oňyn tejribä daýanyp, taryhy dowamatlylygy üpjün edýäris we ol öz netijelerini hem berýär diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi.

Häzirki geosyýasy we ykdysady ýagdaýlarda halklarymyzyň hem-de döwletlerimiziň hyzmatyny we ornuny dikeltmek zerurdyr. Şoňa düşünip, Türkmenistan Türki Döwletleriň Guramasynyň çäklerindäki hyzmatdaşlyga yzygiderli we uzak möhletli häsiýet bermegiň, geljegi uly ugurlara aýratyn üns bermegiň zerurdygyna esaslanýar.

Şol ugurlaryň biri energetika bolup durýar. Türkmenistan dünýä energetika bazarlarynyň umumy durnuksyz şertlerinde hyzmatdaşlyk etmegiň netijeli, ygtybarly, öz-özüňi üpjün edýän nusgasyny döretmegi möhüm hasaplaýar. Bu bolsa biziň ýurtlarymyzyň barha artýan energetika isleglerini üpjün eder. Iri energiýa öndüriji döwletleriň biri bolan Türkmenistan doganlyk ýurtlara energiýa serişdelerini ibermäge, olaryň möçberini artdyrmaga taýýardyr diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri belledi. Häzirki wagtda biziň ýurdumyz Özbegistana we Gyrgyzystana elektrik energiýasyny iberýär. Bu döwletleriň gatnaşmagynda türkmen tebigy gazyny gündogar ugra ibermek boýunça iri taslamalary amala aşyrmagyň meýilnamalary hem bar.

Şeýle-de biziň türkmen tebigy gazyny we elektrik energiýasyny Gazagystana, Azerbaýjana, Türkiýä ibermek üçin gowy mümkinçiliklerimiz bar. Biz energetika howpsuzlygyny üpjün etmekde doganlyk döwletlere mundan beýläk-de ýardam bermäge taýýardyrys diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Geljekde hemişelik hereket edýän toplumlaýyn energiýa geçiriji ulgamy döredip bolar. Şonda türki döwletler geografik taýdan ýakynlygyndan, serişde kuwwatyndan, eltmegiň serişdelerinden doly möçberde peýdalanyp bilerler.

Türki döwletleriň hyzmatdaşlygynda ulag ulgamyna aýratyn orun berilýär. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz bitewi ulag strategiýasyny döretmäge girişmegiň maksadalaýykdygyny belledi. Tagallalaryň birleşdirilmegi halkara hyzmatdaşlarymyz we iri maýadarlar bilen bu ugurda ylalaşyklary gazanmaga mümkinçilik berer.

Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek barada öňe süren strategiýasynyň örän uly ähmiýetiniň bardygyny nygtady. Bu ugurda türki döwletlere esasy orun degişlidir.

«Türki guşak» köp asyrlar mundan ozal adamzadyň ösüşine ägirt uly oňyn täsirini ýetirdi. Ol Gündogar we Günbatar medeniýetleriniň ösüşini geografik taýdan baglanyşdyryp, dürli ugurlarda bilimleriň, gazanylan üstünlikleriň giňden alşylýan ýeri boldy. Ýüzýyllyklara çeken bu iş taryhy ykbaly, köplenç, türki dünýä goňşulygy bilen kesgitlenen onlarça halky hem-de döwletleri öz içine aldy.

Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow häzir gürrüň türki halklaryň bu beýik taryhy wezipesi barada gaýtadan oýlanmak we oňa uýgunlaşmak hakynda barmalydyr diýip, şonuň üsti bilen Ýewraziýa giňişliginde hyzmatdaşlyk etmegiň täze gurluşyny döretmegiň zerurdygyny belledi. Syýasatda, ykdysadyýetde, söwdada, medeniýetde, dünýägaraýyşda onuň esasy ugurlaryny kesgitläp, bu işe durnukly hem-de yzygiderli häsiýet bermeli.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň belleýşi ýaly, ynsanperwerlik biziň geňeşdäki işimiziň ileri tutulýan ugrudyr. Biziň halklarymyz diliniň, medeni hem-de taryhy kökleriniň umumylygy bilen tapawutlanýar. Biz halklarymyzyň ganyna we süňňüne siňen aslymyzdan, maşgala gatnaşyklaryna wepalylykdan, ata-enelerimizi, ýaşululary hormatlamakdan hiç haçan ýüz öwürmeýäris. Däp-dessurlarymyza hormat goýmakdan, watançylygymyzdan, borja ygrarlylygymyzdan el çekmeýäris.

Häzirki döwürde türki halklaryň arasynda dostlugy we özara düşünişmegi berkitmegiň ähmiýetli bolşy ýaly, ýaş nesillere tejribämizi, müňýyllyklara uzaýan ruhy mirasymyzy geçirmek hem möhümdir. Ýaşlarda geçmişimize söýgi döretmek, olary halkyň, Watanyň bähbidine üstünlikleri gazanmaga taýýarlamak zerurdyr. Men şunda biziň geňeşimiziň işiniň esasy wezipeleriniň birini, bu ugurda döwlet tagallalary üçin daýanç hökmünde onuň ornuny görýärin diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýtdy.

Mälim bolşy ýaly, şu ýyl Türkmenistanda we daşary ýurtlarda beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy bellenilýär. Bu sene türki döwletlerde hem giňden bellenilip geçiler. Bu, elbetde, kanunalaýyk ýagdaýdyr. Çünki Magtymguly diňe bir türkmen milletiniň buýsanjy däldir. Ol ähli türki dünýäniň guwanjydyr, biziň halklarymyza mahsus bolan asyllylygyň, mertligiň, dogruçyllygyň, açyklygyň we edermenligiň nusgasydyr. Magtymguly hut şu häsiýetleri wasp edip, halklarymyzyň beýikligi hem-de gülläp ösmegi barada arzuw edipdir. Bu gün biz onuň kesgitlän ýoly bilen bilelikde öňe barýarys diýip, Gahryman Arkadagymyz nygtady.

Milli Liderimiz ýygnananlara ýüzlenip, mejlisiň dowamynda Aksakgallar geňeşiniň işini kämilleşdirmek, Türki Döwletleriň Guramasynyň netijeliligini ýokarlandyrmak we doganlyk ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça pikir alşylandygyny belledi. Köp sanly täzeçil garaýyşlar we anyk başlangyçlar beýan edildi.

Hususan-da, häzirki zaman jemgyýetindäki çylşyrymly ösüş meýilleri göz öňünde tutulanda, türki halklaryň arasynda ýokary ahlagy, ynsanperwerligi, adalatlylygy, edep-ekramy we sylag-hormaty wagyz etmek hem-de mynasyp ýaş nesli kemala getirmek halkara hyzmatdaşlygyň möhüm bölegi bolup durýar.

Şu gün biz doganlyk türki halklarymyzyň gülläp ösmegine we abadançylygyň ýoly bilen öňe gitmegine ýardam berjek wezipeleri geňeşmek maksady bilen, şu ýere jem bolduk. Aksakgallar geňeşiniň mejlisiniň dowamynda beýan eden maslahatlarymyzyň we kabul eden çözgütlerimiziň doganlyk halklarymyzy has-da ýakynlaşdyrmakda, Türki Döwletleriň Guramasynyň ösüş ugruny kesgitlemekde hökman ulanyljakdygyna berk ynanýaryn diýip, Milli Liderimiz belledi.

Mümkinçilikden peýdalanyp, Gahryman Arkadagymyz hemmelere berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, alyp barýan il-ýurt bähbitli asylly işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra Milli Liderimiz Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisini ýapyk diýip yglan etdi.

Mejlisiň jemleri boýunça Beýanat kabul edildi.

Şeýlelikde, türkmen tarapynyň başlangyjy boýunça Aşgabatda geçirilen Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisi umumy abadançylygyň maksatlaryna laýyk gelýän däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklary we netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga saldamly goşant bolar.

12.03.2024

Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisiniň çäklerindäki duşuşyk

Şu gün paýtagtymyzda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisiniň çäklerinde duşuşyk geçirildi. Bu çäre ýurdumyzda Türki Döwletleriň Guramasy we oňa agza döwletler bilen hoşniýetli goňşuçylyk, özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan köpugurly gatnaşyklary, netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek hem-de hemmetaraplaýyn berkitmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararyna laýyklykda guralýar.

Aksakgallar geňeşi maslahat beriji edara bolup, onuň düzümine Türki Döwletleriň Guramasyna agza ýurtlaryň görnükli jemgyýetçilik işgärlerinden saýlanan ýaşulular girýär. Aksakgallar geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň asyrlaryň dowamynda özara hormat goýmagyň, dost-doganlygyň, ruhy päkligiň we asylly işleriň aýy hasaplanýan mukaddes Oraza aýynyň ilkinji gününde geçirilýändigini bellemek gerek. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow 2022-nji ýylyň aprel aýyndan bäri bu geňeşiň agzasydyr.

15-nji mejlisiň gün tertibine Aksakgallar geňeşiniň we TDG-niň alyp barýan işleri, şeýle hem gurama agza ýurtlaryň bilelikdäki işi, utgaşdyrylan tagallalary, geçen ýyl Samarkantda geçirilen mejlisde kabul edilen çözgütleriň durmuşa geçirilişi bilen bagly möhüm meseleler giriziler.

Milli Liderimiz hemmeleri gadymy we myhmansöýer türkmen topragynda görmäge şatdygyny aýdyp, Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak baradaky çakylygy kabul edendikleri üçin olara minnetdarlyk bildirdi.

Biziň duşuşygymyz ähli musulman ymmatynda aýratyn hormatlanýan we bereketli aý hasaplanýan mukaddes Oraza aýynyň ilkinji gününe gabat geldi diýip, Gahryman Arkadagymyz sözüni dowam etdi. Bu aý adamlaryň durmuşynda belent ruhy gymmatlyklaryň — ynsanperwerligiň, haýyr-sahawatlylygyň, hoşniýetliligiň hem-de ahlak tämizliginiň dabaralanmasydyr. Bularyň ählisi häzirki zaman jemgyýetini sazlaşykly ösdürmekde, halklaryň arasynda raýdaşlygy pugtalandyrmakda we mynasyp nesli kemala getirmekde möhüm ähmiýete eýedir. Mümkinçilikden peýdalanyp, türkmen halkynyň Milli Lideri duşuşyga gatnaşyjylary we türki döwletleriň ähli doganlyk halklaryny mukaddes Oraza aýynyň ýetip gelmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlady. “Goý, siziň etjek doga-dilegleriňiz Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun we ähli asylly işleriňiz rowaç alsyn!” diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy.

Biz Türkmenistanda 2024-nji ýylyň şygaryny «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýip yglan etdik diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy sözüni dowam etdi. Magtymguly Pyragynyň bahasyna ýetip bolmajak mirasy adamlaryň kalbynda mynasyp orun aldy. Onuň döredijiligi diňe bir türkmen ýa-da türki halklarynyň däl, eýsem, tutuş Gündogar halklarynyň hem medeni-ruhy ösüşine uly goşant goşup, umumadamzat edebiýatynyň genji-hazynasynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi.

Biz şu ýyl halkara gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegi bolan medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen milli we halkara derejedäki çäreleriň giň toplumyny hyzmatdaş döwletlerimiz we halkara guramalar bilen bilelikde geçirmegi meýilleşdirýäris diýip, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow bu şanly sene mynasybetli Türki medeniýetiň halkara guramasy bolan TÜRKSOÝ tarapyndan 2024-nji ýylyň «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilendigini belledi.

Umuman aýdylanda, medeniýet we döredijilik özünde ata-babalarymyzyň filosofik hem ideologik gymmatlyklaryny jemläp, halklary ýakynlaşdyrmakda wajyp gural bolup hyzmat edýär. Şoňa görä, Milli Liderimiz bu gezekki maslahatyň türkmeniň beýik ogly Magtymguly Pyragynyň döredijiligini dünýä ýaýmakda we türki halklaryň arasynda dost-doganlygy berkitmekde möhüm ädim boljakdygyna ynam bildirdi.

Nygtalyşy ýaly, Aşgabat şäherinde geçirilýän bu mejlisiň guramaçylykly hem-de çuň mazmunly bolmagy babatda Türki Döwletleriň Guramasynyň Sekretariaty, Aksakgallar geňeşi we oňa agza döwletler tarapyndan uly taýýarlyk işleri alnyp baryldy. Şunuň bilen baglylykda, maslahatyň dowamynda häzirki zamanyň derwaýys meseleleri boýunça pikir alşyljakdygyna we geňeşiň geljekde alyp barjak işleri dogrusynda garaýyşlaryň beýan ediljekdigine üns çekildi.

Pursatdan peýdalanyp, türkmen halkynyň Milli Lideri Aksakgallar geňeşiniň başlygy Binali Ýyldyryma, Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretary Kubanyçbek Omuraliýewe we geňeşiň ähli agzalaryna yzygiderli goldawy, mejlisiň taýýarlygy babatda netijeli işleri we utgaşykly zähmeti üçin minnetdarlyk bildirdi.

Gahryman Arkadagymyz sözüni dowam edip, Türkmenistanyň Türki Döwletleriň Guramasynyň we onuň düzüm birlikleriniň işine hemişe uly hormat goýýandygyny hem-de hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanma bildirýändigini belledi. Türki döwletler bilen netijeli ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynda möhüm orny eýeleýär.

Biziň halklarymyzy müňýyllyklara uzaýan taryhy kökleriň, medeniýetiň, diliň we diniň umumylygy baglanyşdyrýar. Bu bolsa, öz gezeginde, köptaraplaýyn syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmek we berkitmek üçin mizemez binýat bolup hyzmat edýär.

Mälim bolşy ýaly, 2021-nji ýylyň 12-nji noýabrynda Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde geçirilen sammitiň çäklerinde agza döwletleriň ählisiniň goldaw bermegi bilen Türkmenistan Türki Döwletleriň Guramasyna synçy döwlet hökmünde kabul edildi. Bu bolsa biziň döwletlerimiziň arasynda hyzmatdaşlygy köptaraplaýyn görnüşde ösdürmek üçin täze sahypanyň açylýandygyny alamatlandyrdy diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri belledi. Häzirki wagtda Türkmenistan TDG-niň alyp barýan işlerine netijeli gatnaşýar, Türki döwletleriň Parlament Assambleýasyna we Türki söwda-senagat edarasyna agza bolmak mümkinçiligini hem içgin öwrenýär.

Ine, bu gün bolsa biz Aşgabat şäherinde Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisini geçirýäris. Şeýle abraýly çäräniň biziň ýurdumyzda geçirilmegi, bir tarapdan, Türkmenistanyň türki döwletler bilen ýakyn hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny görkezýän bolsa, beýleki bir tarapdan, bize bildirilen uly ynam we jogapkärçilikdir diýip, Gahryman Arkadagymyz nygtady. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy mejlisiň çäklerinde serediljek meseleleriň we kabul ediljek çözgütleriň diňe bir Aksakgallar geňeşiniň däl, eýsem, Türki Döwletleriň Guramasynyň hem geljekki ösüşini kesgitlemäge ýardam berjek tapgyr boljakdygyna ynam bildirdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri pursatdan peýdalanyp, Aksakgallar geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň üstünliklere beslenmegini tüýs ýürekden arzuw edip, bu babatda türkmen tarapynyň zerur ähli goldawy berjekdigine duşuşyga gatnaşyjylary ynandyrdy.

Soňra Gahryman Arkadagymyz Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygy Binali Ýyldyryma söz berdi.

Myhman guramanyň bu maslahat beriş edarasynyň mejlisiniň ilkinji gezek Türki Döwletleriň Guramasynda synçy derejesine eýe bolan ýurtda geçirilýändigini belläp, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowa mejlise gatnaşmaga çakylygy hem-de bildirilen myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Bu guramanyň doly hukukly agzalary we synçylar bolup durýan ýurtlaryň arasyndaky ýakyn hyzmatdaşlyk, TDG-niň işine synçylaryň işjeň gatnaşmagy Türki Döwletleriň Guramasynyň tapawutly aýratynlyklarynyň biri, şonuň bilen birlikde, olaryň bu düzümiň işine uly goşant goşýandygynyň görkezijisi bolup durýar diýip, Binali Ýyldyrym aýtdy.

Çykyşyň dowamynda dünýä ösüşiniň meýilleri bilen baglylykda hem-de TDG-niň giňişliginde ýüze çykýan möhüm meseleleri çözmekde bu guramanyň barha artýan orny bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, syýasat, ykdysadyýet, ulag, syýahatçylyk, ýaşlar syýasaty, sport, maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary ýaly ulgamlarda türki döwletleriň arasynda ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyna üns çekildi.

Myhman ýurdumyzyň Türki Döwletleriň Guramasyna agza ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň çuňlaşdyrylmagyna goşýan goşandyny aýratyn belledi. Şunda ägirt uly tebigy serişdelere eýe bolan, şol sanda tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýän Türkmenistanyň dünýä ykdysadyýetiniň durnuklylygyny we ählumumy energetika howpsuzlygyny pugtalandyrmaga gönükdirilen giň möçberli işleri alyp barýandygy nygtaldy.

Çykyşynyň ahyrynda Aksakgallar geňeşiniň başlygy köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin Türki Döwletleriň Guramasynyň howandarlygynda häzirki wagtda hyzmatdaşlygyň täze derejesine çykýan türki döwletleriň bilelikdäki tagallalarynyň işjeňleşdirilmeginiň möhümdigine ünsi çekdi.

Gahryman Arkadagymyz Binali Ýyldyryma many-mazmunly çykyşy üçin minnetdarlyk bildirip, Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretary Kubanyçbek Omuraliýewe söz berdi.

Guramanyň ýolbaşçysy ýygnananlary mübärekläp, şu gezekki duşuşyga gatnaşmaga çakylyk hem-de bildirilen myhmansöýerlik üçin türkmen halkynyň Milli Liderine tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi. Kubanyçbek Omuraliýew şu gün ähli musulmanlar üçin mukaddes aýyň ilkinji günüdigini belläp, wekiliýetleriň ýolbaşçylaryny Oraza aýynyň ýetip gelmegi bilen gutlady.

Şeýle-de Türki Döwletleriň Guramasynyň abraýly guramalar, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy hem-de onuň degişli düzümleri, Ýewropa Bileleşigi, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy, Günorta-Gündogar Aziýa döwletleriniň assosiasiýasy bilen hyzmatdaşlygynyň netijeli häsiýete eýedigi we halklaryň abadançylygy üçin bu hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň zerurdygy bellenildi.

Myhman türkmen we dünýä edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli şu ýyl geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreleriň ähmiýetini nygtady. Bellenilişi ýaly, TÜRKSOÝ-nyň Jemleýji resminamasynda öz beýanyny tapan bu çözgüt Türkmenistanyň ähli türki halklar üçin beýik taryhy şahsyýet hasaplanýan şahyryň gymmatly medeni mirasyny dünýäde giňden ýaýmaga gönükdirilen syýasatynyň üstünliklere beslenýändigine şaýatlyk edýär.

Halk Maslahatynyň Başlygy Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretaryna manyly çykyşy hem-de guramanyň ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlyga beren ýokary bahasy üçin minnetdarlyk bildirip, Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň Gazagystan Respublikasyndan agzasy Ikram Adyrbekowa söz berdi.

Myhman türkmen halkynyň Milli Liderine bildirilen myhmansöýerlik hem-de bilelikdäki netijeli iş üçin döredilen ajaýyp şertler üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, Türki Döwletleriň Guramasyna agza ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmagyň, ony özara bähbitlere, ýurtlarymyzyň mümkinçiliklerine laýyk gelýän täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmagyň nobatdaky duşuşygyň esasy maksadydygyny belledi.

Gazagystanyň wekili Türkmenistan bilen gatnaşyklaryň häzirki döwürde okgunly ösdürilýändigini we hil taýdan täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýandygyny aýratyn nygtady. Şunuň bilen baglylykda, bilelikde amala aşyrylan köp sanly döwletara we sebit ähmiýetli taslamalaryň netijeli hyzmatdaşlygyň aýdyň mysaly bolup durýandygyna üns çekildi.

Myhman duşuşyga gatnaşyjylary mukaddes Oraza aýynyň ýetip gelmegi bilen gutlap, dostlukly ýurtlaryň doganlyk halklaryna parahatçylyk, rowaçlyk we abadançylyk arzuw etdi.

Gahryman Arkadagymyz many-mazmunly çykyşy üçin Ikram Adyrbekowa minnetdarlyk bildirip, Aksakgallar geňeşiniň Gyrgyz Respublikasyndan agzasy Medetkan Şerimkulowa söz berdi.

Myhman wekiliýetleriň agzalaryny Aksakgallar geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň dünýäniň iň gözel şäherleriniň biri bolan Aşgabat şäherinde geçirilmegi bilen tüýs ýürekden gutlap, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa türki dilli döwletleriň halklarynyň arasyndaky netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegine goşýan uly goşandy üçin çuňňur hoşallygyny beýan etdi.

Medetkan Şerimkulow şu gezekki duşuşygyň möhümdigi barada aýdyp, onuň netijeleriniň Türki Döwletleriň Guramasyna agza ýurtlaryň ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam berjekdigine ynam bildirdi. 2024-nji ýylyň TÜRKSOÝ tarapyndan “Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly”, şeýle hem Änew şäheriniň şol ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmeginiň Türkmenistan bilen gurama agza ýurtlaryň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklarynyň mizemezliginiň nyşany bolup durýandygy aýratyn nygtaldy.

Pursatdan peýdalanyp, Gyrgyzystanyň wekili türkmen halkynyň Milli Lideri, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedowa hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisine gatnaşmaga çakylyk we bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan edip, il-ýurt bähbitli işlerinde, ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmekdäki tagallalarynda üstünlikleri arzuw etdi.

Gahryman Arkadagymyz çykyşy üçin Medetkan Şerimkulowa minnetdarlyk bildirip, Aksakgallar geňeşiniň Özbegistan Respublikasyndan agzasy Sodikžon Turdiýewe söz berdi.

Myhman türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowa hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň iberen mähirli salamyny ýetirdi.

Sodikžon Turdiýewiň belleýşi ýaly, Magtymguly Pyragy ýaly beýik şahsyýetleriň Watany bolan mukaddes toprakda — doganlyk Türkmenistanda, Oraza aýynyň ilkinji günlerinde Türki Döwletleriň Guramasyna agza ýurtlaryň aksakgallarynyň nobatdaky duşuşygynyň geçirilmegi guwandyryjydyr.

Özbegistanyň wekili türki döwletleriň halkara giňişlikdäki barha pugtalanýan orny barada aýtmak bilen, häzirki wagtda köptaraplaýyn we özara bähbitli gatnaşyklaryň giňeldilýändigini, gurama agza ýurtlar hem-de synçy döwletler bilen söwda dolanyşygynyň barha artýandygyny kanagatlanma bilen belledi. Şunuň bilen baglylykda, 15-nji mejlisiň dowamynda beýan ediljek anyk teklipleriň Türki Döwletleriň Guramasynyň dünýädäki ornuny pugtalandyrmaga ýardam berjekdigine ynam bildirildi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy manyly çykyşy üçin Sodikžon Turdiýewe minnetdarlyk bildirip, Aksakgallar geňeşiniň Wengriýadan agzasy Attila Tilkä söz berdi.

Myhman Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda geçýän Aksakgallar geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmagyň özi üçin uly hormatdygyny belledi.

Attila Tilki dostluk gatnaşyklaryna we özara hoşmeýilli erk-islege esaslanýan hyzmatdaşlygyň yzygiderli berkidilýändigini nygtap, Türkmenistanyň Prezidentiniň we türkmen halkynyň Milli Lideriniň Budapeşte saparlarynyň, şeýle hem Wengriýanyň Hökümet Başlygynyň Türkmenistana saparynyň döwletara gatnaşyklaryň taryhynda möhüm wakalar bolandygyny belledi.

Myhmanyň belleýşi ýaly, şu ýyl beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň halkara derejede baýram edilmegi bilen bagly çärelere beslenýär. Bu bolsa öz eserlerinde parahatçylyk, dostluk we adalatlylyk taglymlaryny wasp eden, türkmen we dünýä edebiýatynyň beýik nusgawy şahyryna goýulýan uly hormatyň nyşanydyr.

Türkmen halkynyň Milli Lideri jenap Attila Tilkä çykyşy üçin minnetdarlyk bildirip, Aksakgallar geňeşiniň agzalaryna ýüzlendi hem-de şu günki duşuşygyň gün tertibindäki ähli meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylandygyny belledi.

Çykyşynyň dowamynda Gahryman Arkadagymyz guramanyň çäklerindäki hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen birnäçe başlangyçlary beýan etdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, ilki bilen, halklaryň arasynda dost-doganlygy berkitmekde, agzybirligi, jebisligi pugtalandyrmakda, ýaşuly nesil hökmünde edep-ekramly, zähmetsöýer ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmekde bitirilen hyzmatlary göz öňünde tutup, Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň «Hormatly aksakgaly» diýen adyny we onuň nyşanyny döretmegi teklip etdi. Şeýle hem Milli Liderimiz geňeşiň alyp barýan işini dünýä jemgyýetçiligine giňden wagyz etmek maksady bilen, Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň redaksiýasynyň döredilmeginiň, ýagny munuň üçin geljekde ýörite gazetiň ýa-da žurnalyň neşir edilmeginiň, internet sahypasynyň açylmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny belledi.

Gahryman Arkadagymyz ertir geçiriljek Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisiniň netijeleri boýunça Beýanatyň taslamasynyň taýýarlanandygyny aýdyp, biziň gatnaşyklarymyzyň has-da täze derejä çykmagyna, halklarymyzyň bähbidine beýik işleriň amala aşyrylmagyna itergi berjek şol resminamany kabul etmegi teklip etdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow duşuşygyň ahyrynda hemmelere berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny we asylly işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

***

Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisiniň çäklerinde geçirilen duşuşyk tamamlanandan soňra, Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň müftüsi, Aşgabat şäheriniň we Ahal welaýatynyň ymamlary bilen duşuşyk geçirdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň belleýşi ýaly, Oraza aýynda agyz beklenýär, däp-dessurlara laýyklykda, şäherlerde hem-de obalarda agzaçar sadakalary berilýär, tarawa namazy okalýar, halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşy, Watanymyzyň gülläp ösüşi, türkmenistanlylaryň agzybirligi we jebisligi barada doga-dilegler edilýär.

Häzirki döwürde jemgyýetde ruhy-ahlak gymmatlyklarynyň kämilleşdirilmegi, taryhy-medeni mirasa sarpa goýmak, ata-babalarymyzyň hem-de tutuş adamzadyň nesilden-nesle geçirilip gelinýän däplerini sarpalamak, gyzyklanma bildirýän taraplaryň ählisi, şol sanda türki döwletler bilen dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli alnyp barylýan syýasatyň özenini düzýär.

Şu ýyl hem mukaddes Oraza aýynyň Gadyr gijesinde ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndaky täze metjitleriň gapylarynyň jemagata giňden açylmagy bu asylly ýörelgeleriň mynasyp dowam etdirilýändiginiň güwäsine öwrüler.

Gahryman Arkadagymyz şu ýyl Gündogaryň beýik filosofy we nusgawy türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň dabaraly, giňden bellenilýändigini, bu babatda çäreleriň dünýäniň dürli ýurtlarynda-da geçirilýändigini nygtady hem-de akyldaryň eserlerindäki öwüt-ündewleriň ýaşlary terbiýelemekde uly ähmiýete eýedigine ünsi çekdi.

Soňra Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin Aşgabada gelen wekiliýet ýolbaşçylarynyň hem-de myhmanlaryň gatnaşmagynda agzaçar sadakasy berildi.

Pursatdan peýdalanyp, Gahryman Arkadagymyz hormatly myhmanlara şu günki agzaçar sadakasyna gatnaşýandyklary üçin minnetdarlyk bildirdi we Aksakgallar geňeşiniň ertir geçiriljek mejlisinde türki döwletleriň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek bilen bagly meseleleriň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny, netijeli hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçilikleri barada pikir alşyljakdygyny belledi.

Hajy Arkadagymyz sözüni dowam edip, mukaddes Oraza aýynda agzaçar sadakasyny bermegiň paýhasly pederlerimizden miras galan ýagşy dessurlaryň biri bolup durýandygyny aýtdy hem-de “Goý, mübärek Oraza aýynda agyz bekläp, tutýan orazalaryňyz we edýän ýagşy doga-dilegleriňiz Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun!” diýip belledi.

Türkmenistanyň müftüsi tebärek çykyp, türki döwletleriň ählisinde, şol sanda türkmen topragynda parahatçylygyň we asudalygyň höküm sürmegini, halklaryň agzybirligini, ýurtlaryň abadançylygyny, berilýän sadakalaryň kabul bolmagyny Beýik Biribardan dileg edip, aýat-töwir okady. Soňra sadaka gatnaşyjylara nahar çekildi.

Gahryman Arkadagymyz agzaçar sadakasyna gatnaşandyklary üçin ýene-de bir gezek sagbolsun aýdyp, hemmelere iň oňat arzuwlaryny beýan etdi we bu ýerden ugrady.

11.03.2024

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň we Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenkonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Gahryman Arkadagymyz, ilki bilen, Russiýa Federasiýasynyň parlamentiniň ýokarky palatasynyň ýolbaşçysyny şanly ýubileýi we Russiýa Federasiýasynyň Zähmet gahrymany adynyň dakylmagy mynasybetli gutlady.

Türkmen halkynyň Milli Lideri bu ýokary sylagyň Walentina Matwiýenkonyň uzak ýyllaryň dowamynda dürli döwlet wezipelerinde tapawutly zähmet çekmeginiň, şeýle hem Russiýanyň hemmetaraplaýyn ösmegine saldamly goşandynyň ykrary bolup durýandygyny belledi we mümkinçilikden peýdalanyp, Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň Türkmenistana bolan dostlukly, ynanyşykly gatnaşygy üçin çuňňur minnetdarlygyny beýan etdi. Gahryman Arkadagymyz Walentina Matwiýenko berk jan saglyk, bagtyýarlyk, ýokary döwlet wezipesinde uly üstünlikleri, Russiýa Federasiýasynyň dostlukly halkyna bolsa abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda bellenilişi ýaly, Russiýa Türkmenistan üçin hemişe ýakyn goňşy, dostlukly ýurt, strategik hyzmatdaş bolmagynda galýar.

Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna gutlaglar we iň gowy arzuwlar üçin hoşallyk bildirip, rus-türkmen hyzmatdaşlygynyň ähmiýetini belledi hem-de iki döwletiň halklarynyň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga berk ygrarlydygyny tassyklady.

Iki döwletiň halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edaralarynyň ýolbaşçylary dürli ugurlar boýunça döwletara dialogy mundan beýläk-de ösdürmegiň zerurdygyna aýratyn üns çekdiler. Şunuň bilen baglylykda, soňky ýyllarda energetika, söwda, ulag, oba hojalygy ulgamlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň täze derejä eýe bolýandygy nygtaldy.

Medeni-ynsanperwer ulgamdaky işjeň hyzmatdaşlyk hem-de yzygiderli esasda alnyp barylýan parlamentara gatnaşyklar ara alnyp maslahatlaşylan aýratyn meseleler boldy. Şunuň bilen birlikde, Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň iri sebitleriniň arasynda ýola goýlan gatnaşyklaryň döwletara hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini artdyrýandygy, ony täze many-mazmun bilen baýlaşdyrýandygy bellenildi.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Walentina Matwiýenkonyň türkmen halkynyň öňden gelýän dosty we Aşgabat şäheriniň hormatly raýatydygyny aýdyp, Türkmenistana hemişe dostlukly, ynanyşykly gatnaşygy üçin Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygyna ýene-de bir gezek tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Söhbetdeşler doly derejeli strategik hyzmatdaşlygyň iki dostlukly ýurduň bähbidine mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna berk ynam bildirip, birek-birege we iki döwletiň doganlyk halklaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

08.03.2024

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINDE AWSTRIÝA-TÜRKMENISTAN PARLAMENTARA DOSTLUK TOPARYNYŇ ÝOLBAŞÇYSY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2024-nji ýylyň 7-nji martynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa bilen Awstriýa-Türkmenistan Parlamentara dostluk toparynyň ýolbaşçysy Ewa Ernst-Dziedziçiň arasynda duşuşyk geçirildi. 

Duşuşygyň maksady ikitaraplaýyn esasda döredilen parlamentara dostluk toparlarynyň işiniň kämilleşdirilmegi hem-de ugurdaş komitetleriň arasynda gatnaşyklaryň ýola goýulmagy, wekiliýetleriň birek-birege saparlarynyň guralmagy babatda pikir alyşmalar boldy.

Duşuşygyň dowamynda Awstriýa-Türkmenistan Parlamentara dostluk toparynyň ýolbaşçysy türkmen parlamentiniň düzümi hem-de ýurdumyzda gender deňligi, ýaşlar syýasaty, ylym-bilim, durmuş üpjünçiligi, ekologiýa abadançylygy ýaly ugurlarda amala aşyrylýan maksatnamalaýyn işleri kanunçylyk taýdan üpjün etmek babatda alnyp barylýan işler bilen tanyşdyryldy.

Söhbetdeşlikde parlamentara dialogyň iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň möhüm bölegine öwrülendigi we ikitaraplaýyn esasda parlamentara dostluk toparlarynyň döredilmeginiň kanunçykaryjylyk işinde we parlament diplomatiýasyny ösdürmekde tejribe alyşmaga mümkinçilikleri artdyrýandygy aýratyn bellenildi.

Taraplar türkmen-awstriýa gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy, ony ösdürmegiň geljegi baradaky pikir alyşmalaryň dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny nygtadylar.

Şeýle hem Türkmenistanyň Mejlisinde ikitaraplaýyn esasda döredilen dostluk toparynyň agzalarynyň nobatdaky duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda kanunçykaryjylyk işinde tejribe alyşmak, daşky gurşawy goramak babatda täze çemeleşmeler, gender deňligini üpjün etmek, ýaş we zenan parlamentarileriň syýasy ornunyň ýokarlanmagy ugrunda alnyp barylýan işler barada söhbet edildi. Ikitaraplaýyn duşuşyklaryň yzygiderli häsiýete eýe bolmagynyň hyzmatdaşlygy ilerletmekde ähmiýeti bellenildi. 

07.03.2024

Kot-d’Iwuar Respublikasynda Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Birleşiginiň 18-nji maslahaty geçirildi

2024-nji ýylyň 2-5-nji marty aralygynda Kot-d’Iwuar Respublikasynyň Abidjan şäherinde geçirilen Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Birleşiginiň (PUIC)  18-nji maslahaty geçirildi.

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýeti Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Birleşiginiň (PUIC)  18-nji maslahatynyň açylyş dabarasyna we onuň çäginde guralan Ykdysady meseleler boyunça hemişelik ýöriteleşdirilen komitetiň 10-njy hem-de Aziya toparynyň maslahatlaşma duşuşygyna gatnaşdylar.

Çykyşlarda häzirki wagtda durnukly ösüş maksatlaryna ýetilmeginde hem-de howanyň üýtgemegi bilen bagly meselelerde parlamentler derejesinde hyzmatdaşlygyň ähmiýeti bellenildi. 

06.03.2024

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINDE ÝHHG-NIŇ BAŞ SEKRETARY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2024-nji ýylyň 4-nji martynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowanyň Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Helga Şmid bilen duşuşygy boldy. 

Duşuşygyň dowamynda Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa halkara guramalar, şol sanda ÝHHG bilen köpýyllyk özara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň daşary syýasatyň möhüm ugurlarynyň biridigini hem-de ÝHHG bilen hyzmatdaşlygyň ýylsaýyn täze ugurlar boýunça giňeldilýändigini belledi. 

Söhbetdeşligiň barşynda myhman Türkmenistana bu gezekki saparynyň ÝHHG-niň Baş sekretarynyň we Merkezi Aziýa döwletleriniň daşky gurşawy goramak ministrleriniň ýokary derejeli duşuşygyna gatnaşmak bilen baglydygyny bellemek bilen, bu maslahatlaşmalaryň öňde durýan möhüm meseleleriň oňyn çözgütlerini tapmaga itergi berjekdigini aýtdy. Şeýle hem häzirki wagtda gender deňligini üpjün etmegiň, zenanlaryň mümkinçiliklerini artdyrmagyň ÝHHG-niň ileri tutulýan esasy ugurlarynyň biridigine ünsi çekmek bilen, bu ugurda kanunçylygy kämilleşdirmek bilen bagly tejribäni paýlaşmaga taýýardyklaryny beýan etdiler.

04.03.2024
1 ... 5 6 7 8 9 ... 22