Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy ýapon-türkmen Parlamentara dostluk toparynyň baş sekretary, Ýaponiýanyň Parlamentiniň Geňeşdarlar palatasynyň agzasy Şimpeý Matsuşita bilen iş duşuşygy.

2024-nji ýylyň 21-nji fewralynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowanyň Ýapon-Türkmen parlamentara dostluk toparynyň Baş sekretary, Ýaponiýanyň Parlamentiniň Geňeşdarlar Palatasynyň agzasy Şimpeý Matsuşitanyň ýolbaşçylygyndaky bu ýurduň deputatlary bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar iki dostlukly ýurduň arasynda dürli ugurlarda ýola goýlan gatnaşyklarda parlamentara hyzmatdaşlygynyň möhüm ornuny bellediler. 

Türkmen-ýapon parlamentara dostluk toparynyň işi bu hyzmatdaşlygyň ösüşinde uly orun eýeleýär.

Taraplar ikitaraplaýyn esasda parlamentara dostluk toparlarynyň işiniň kämilleşdirilmegi hem-de ugurdaş komitetleriň arasynda gatnaşyklaryň ýola goýulmagy, wekiliýetleriň birek-birege saparlarynyň guralmagy babatda pikir alyşdylar.

Duşuşygyň ahyrynda Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň ýolbaşçylary we agzalary türkmen halkynyň akyldar şahyry  Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýi bilen bagly ýurdumyzda geçirilýän çärelere gatnaşmaga çagyryldy.

21.02.2024

Türkmenistanyň Prezidenti Hindistan Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisinden ynanç hatyny kabul etdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hindistan Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Madhumita Hazarika Bhagaty kabul etdi.

Diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy hem-de Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Draupadi Murmuwyň we Premýer-ministri Narendra Modiniň mähirli salamyny, ähli türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Şunda Hindistanyň dostlukly Türkmenistan bilen köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berýändigi nygtaldy.

Hormatly Prezidentimiz hanym Madhumita Hazarika Bhagaty jogapkärli diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa däp bolan döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak boýunça möhüm işinde üstünlikleri arzuw etdi. Döwlet Baştutanymyz Hindistan Respublikasynyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan edip, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň okgunly ösýändigini kanagatlanma bilen belledi.

Duşuşygyň barşynda nygtalyşy ýaly, biziň ýurtlarymyzy we halklarymyzy asyrlaryň jümmüşine uzap gidýän, birek-birege hormat goýmak däplerine esaslanýan dostlukly gatnaşyklar baglanyşdyrýar. Hindistan Respublikasy Günorta Aziýa sebitinde Türkmenistanyň iň möhüm hyzmatdaşlarynyň biridir. Döwletlerimiz syýasy-diplomatik gatnaşyklary ösdürip, abraýly halkara guramalaryň çäklerinde hem üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler. Halkara giňişlikde öňe sürülýän oňyn başlangyçlara berilýän özara goldaw muňa aýdyň şaýatlyk edýär.

Türkmenistan we Hindistan söwda-ykdysady ulgamda, şol sanda ýangyç-energetika, ulag, oba hojalygy, dokma senagaty ýaly ugurlarda netijeli hyzmatdaşlyk edýärler. Özara bähbitli gatnaşyklary uzak möhletleýin esasda ösdürmek üçin uly mümkinçilikler bar. Munuň özi, ilkinji nobatda, energetika we ulag pudaklarynda alnyp barylýan hyzmatdaşlyga degişlidir.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisiniň taslamasynyň durmuşa geçirilmeginiň ähmiýeti bellenildi. Bu taslamanyň amala aşyrylmagy gatnaşyjy ýurtlaryň ykdysady ösüşine, täze iş orunlarynyň döredilmegine, täze durmuş we önümçilik desgalarynyň gurluşygyna, iri daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmäge uly itergi berer. Saglygy goraýyş ulgamy hem ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde görkezildi. Köp ýyllaryň dowamynda bu ulgamda netijeli gatnaşyklar ýola goýuldy. Derman serişdelerini bilelikde öndürmek boýunça hindi kompaniýalary bilen alnyp barylýan netijeli işler munuň aýdyň mysalydyr.

Ynsanperwer ulgamdaky — ylym, bilim, medeni ugurlar boýunça hyzmatdaşlyk döwletara gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Taraplar bu ugurlardaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardyrlar. Şunuň bilen baglylykda, türkmen ýaşlarynyň Hindistanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýandyklary, ýurdumyzyň öňdebaryjy bilim ojaklarynyň biri bolan Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda hindi diliniň öwredilýändigi bellenildi. Bu baradaky gürrüňiň dowamynda biziň halklarymyzyň baý taryhy we medeni mirasynyň bardygy nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, Medeniýet günleriniň, sergileriň we ylmy maslahatlaryň geçirilmegine möhüm orun degişlidir. Munuň özi medeniýetleriň özara baýlaşdyrylmagyna, umuman, türkmen-hindi hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga goşant goşýar.

Diplomat mähirli kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, öz tarapyndan däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmaga hemmetaraplaýyn ýardam berjekdigine ynandyrdy.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Hindistan Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Madhumita Hazarika Bhagat türkmen-hindi hyzmatdaşlygynyň taraplaryň hoşniýetli erk-islegine daýanyp, mundan beýläk-de okgunly ösdüriljekdigine, täze many-mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna ynam bildirdiler.

***

Onuň Alyhezreti, 

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Belent mertebeli we gadyrly dostum!

Ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek we pugtalandyrmak maksady bilen, men Hindistanyň hormatly raýaty hanym Madhumita Hazarika Bhagaty Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine belledim. Onuň ukyp-başarnygy öz üstüne ýüklenen jogapkärli wezipäni Siziň ynamyňyza we meniň goldawyma mynasyp derejede üstünlikli ýerine ýetirjekdigine ynam döredýär.

Şunuň bilen baglylykda, ony Size mahsus bolan hoşniýetlilik bilen kabul etmegiňizi hem-de meniň adymdan aýtjak sözleriniň ählisine, aýratyn-da, Siziň Alyhezretiňize çuňňur hormat goýýandygym we tüýs ýürekden dostlugym baradaky sözlerimi beýan edende, oňa ynanmagyňyzy Sizden haýyş edýärin.

Draupadi Murmu,

Hindistan Respublikasynyň Prezidenti.

MEŇZEŞ HABARLAR

20.02.2024

MEKSIKANYŇ BIRLEŞEN ŞTATLARYNYŇ ILÇISI YNANÇ HATYNY GOWŞURDY

2024-nji ýylyň 19-njy fewralynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Meksikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Hose Luis Martines Ernandesden Ynanç hatyny kabul etdi. 

Milli Parlamentiň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan Ilçini ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlady we iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça alyp barjak işinde üstünlikleri arzuw etdi. 

 

Şeýle hem Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Ilçini türkmen Parlamentiniň düzümi hem-de köpugurly işi bilen tanyşdyrdy. Şunuň bilen baglylykda, taraplar geljekde parlamentara gatnaşyklary halkara parlament düzümleriniň çäklerinde işjeňleşdirmäge taýýardyklaryny beýan etdiler. 

 

Duşuşygyň ahyrynda Meksikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Hose Luis Martines Ernandes iki ýurduň bähbitlerine doly laýyk gelýän köpugurly we netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegi üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

19.02.2024

Bitaraplygyň dostlary toparyna agza ýurtlaryň parlament ýolbaşçylarynyň «Parahatçylygy we dialogy berkitmekde parlament hyzmat daşlygynyň orny» atly birinji duşuşygynda

Şol­ban­ KA­RA-OOL, 

Rus­si­ýa ­Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Fe­de­ral­ Ýyg­na­gy­nyň Döw­let Du­ma­sy­nyň­ Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry

 

— Türkmen tarapynyň parlamentara forumy ýokary derejede gurandygyny turuwbaşdan nygtamak isleýärin, bu häzirki geosyýasy şertlerde aýratyn zerurdyr. 

Biz Russiýa bilen Türkmenistanyň arasynda ähli ulgamlarda, şol sanda parlament hyzmatdaşlygy babatda ýola goýlan dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berýäris. Geçen ýyllaryň dowamynda Bitaraplygyň dostlary toparynyň gapma-garşylyklaryň öňüni almakda, olaryň sebäplerini we netijelerini aradan aýyrmakda köptaraplaýyn dialogyň täsirli meýdançasy hökmündäki ornunyň uludygyna aýdyň göz ýetirdik. Türkmenistanyň eýýäm 30 ýyla golaý wagt bäri bitaraplyk ýörelgelerine eýerip gelýändigine, oňyn daşary syýasaty alyp barmakda tejribesini paýlaşmaga hemişe taýýardygyna hem-de dünýäniň ähli döwletleri bilen özara hormat goýmaga esaslanýan dostlukly gatnaşyklary berkidýändigine şaýat bolýarys. Ýurduň parlamentara dialogyň ösmeginde dostlukly başlangyçlaryny goldaýarys. 

Ýurdumyzyň Döwlet Dumasy ähli ýurtlar bilen parlamentara gatnaşyklara uly ähmiýet berýär. Ýagny Döwlet Dumasynyň başlangyjy bilen, 2018-nji we 2019-njy ýyllarda Moskwada guralan «Parlamentarizmiň ösüşi» atly halkara forumlar bu ugurdaky gatnaşyklary pugtalandyrmakda, ählumumy meseleleri ara alyp maslahatlaşmakda oňat meýdança boldy. Biz olarda häzirki zaman şertlerinde parlament diplomatiýasynyň mümkinçilikleri hem-de wezipeleri barada gürrüň etdik. 

Şu günki duşuşygymyz ýurtlaryň arasynda dostlukly, hoşniýetli gatnaşyklaryň berkidilmegine uly goşant goşar we parlamentara hyzmatdaşlygyň derejesini hil taýdan täze derejä çykarar diýip ynanýarys.

16.02.2024

Bitaraplygyň dostlary toparyna agza ýurtlaryň parlament ýolbaşçylarynyň «Parahatçylygy we dialogy berkitmekde parlament hyzmat daşlygynyň orny» atly birinji duşuşygynda

Nur­lan­bek­ AZY­GA­LI­ÝEW,

Gyr­gyz­ Res­pub­li­ka­sy­nyň Žo­gor­ku­ Ke­ne­şi­niň­ Baş­ly­gy­nyň orunbasary

 

— Bitaraplygyň dostlary toparynyň agza ýurtlarynyň parlamentleriniň arasynda «Parahatçylygyň we dialogyň berkidilmeginde parlament hyzmatdaşlygynyň orny» atly täze gepleşikler meýdançasyny döretmek barada başlangyjy üçin türkmen tarapyna hoşallygymyzy bildirýäris. Gyrgyz Respublikasy Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynda 2023-nji ýyly «Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly» diýip yglan etmek baradaky başlangyjyny goldap, onuň awtordaşlarynyň biri bolup çykyş etdi. Bu baradaky Kararnamanyň goldanylmagy we kabul edilmegi BMG-niň ähli agza döwletleriniň halklaryň parahatçylyga we birek-birege ynama esaslanýan däpleriniň berkidilmegine ygrarlydygynyň nobatdaky güwäsi boldy. 

Gyrgyz Respublikasynyň halkara hukugyň umumy kabul edilen ýörelgelerine ygrarlydygyny nygtasym gelýär. Häzir dünýäniň dürli gapma-garşylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolan döwründe dialogy ýola goýmak we goldamak has-da zerurdyr. Şunda parlament işi halk wekilçiliginiň esasy görnüşleriniň biri hökmünde orta çykýar. Parlamentariler birek-birek bilen tejribe alyşmaga-da mümkinçilik tapýarlar. Bu bolsa demokratiýanyň ösmegine we hukuk döwletiniň ýörelgeleriniň berkidilmegine ýardam edýär. 

Mahlasy, parlament diplomatiýasy döwletara gatnaşyklaryň ösüşiniň iň täsirli gurallarynyň biri bolup durýar. Sebäbi, dürli ýurtlaryň parlamentleriniň yzygiderli hyzmatdaşlygy durnukly halkara jemgyýetçiligi berkarar etmekde möhümdir.

16.02.2024

Bitaraplygyň dostlary toparyna agza ýurtlaryň parlament ýolbaşçylarynyň «Parahatçylygy we dialogy berkitmekde parlament hyzmat daşlygynyň orny» atly birinji duşuşygynda

Ham­da­ al­ SU­LAI­TI, 

Ka­tar­ Döw­le­ti­niň­ Şu­ra­ Ge­ňe­şi­niň Baş­ly­gy­nyň­ orun­ba­sa­ry 

 

— Biz Bitaraplygyň dostlary topary tarapyndan parlamentler derejesinde guralan ilkinji halkara maslahatyň çäklerinde duşuşdyk. Munuň özi öň ilçiler we ministrler derejesinde guralan maslahatlaryň dowamydyr. Türkmenistanyň başlangyjy bilen döredilen Bitaraplygyň dostlary toparyna agza ýurtlaryň parlament ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda «Parahatçylygy we dialogy berkitmekde parlament hyzmatdaşlygynyň orny» atly birinji maslahatyň barşynda bu möhüm ugurlar boýunça pikir alyşdyk, tejribelerimizi paýlaşdyk. 

Katar Döwleti siwilizasiýalaryň, medeniýetleriň, dinleriň arasynda oňyn dialogyň, şeýle-de özara hormat goýmaga daýanýan hyzmatdaşlyk arkaly parahatçylygy hem-de özara düşünişmegi goldaýar. Hut şu maksat bilen, döwletimiz milli, sebit we halkara derejede parahatçylyk medeniýetini ýaýratmak, dialogy ýola goýmak arkaly zorlugyň we ekstremizmiň öňüni almak maksady bilen, milli guramalary döretdi. 

Katar Döwletiniň Şura Geňeşinde parahatçylyk medeniýetini we dialogy ýaýratmaga, ähli dostlukly ýurtlaryň halklary bilen hyzmatdaşlygy berkitmek we düşünişmek köprülerini gurmaga çalyşýarys. Olaryň hatarynda Şura Geňeşi tarapyndan halklaryň arasynda gatnaşyklaryň, medeni we durmuş alyş-çalşygynyň berkidilmegi üçin dürli halkara çäreler, şol sanda sport bäsleşikleri geçirilýär. Bu maksatlar futbol boýunça dünýä çempionatynda we şu aýyň birinji on günlüginde tamamlanan futbol boýunça Aziýanyň çempionatynda-da öz beýanyny tapdy. 

Biz parahatçylygy ýola goýmak bilen bagly bolan ähli meseleleri, öz işimizi hem-de kanunçykaryjylyk wezipämizi durmuşa geçirmek boýunça maksatlarymyzy dürli parlamentara meýdançalarda hyzmatdaşlygyň üsti bilen amala aşyryp bileris.

16.02.2024

Bitaraplygyň dostlary toparyna agza ýurtlaryň parlament ýolbaşçylarynyň «Parahatçylygy we dialogy berkitmekde parlament hyzmat daşlygynyň orny» atly birinji duşuşygynda

Tan­zi­la ­NAR­BA­ÝE­WA,

Öz­be­gis­tan­ Res­pub­li­ka­sy­nyň Oliý Maj­li­si­niň ­Se­na­ty­nyň Baş­ly­gy

 

— Türkmenistanyň başlangyjy bilen geçirilýän Bitaraplygyň dostlary toparyna agza ýurtlaryň parlament ýolbaşçylarynyň «Parahatçylygy we dialogy berkitmekde parlament hyzmatdaşlygynyň orny» atly birinji duşuşygynyň Merkezi Aziýa sebitiniň ýurtlarynyň-da kanunçykaryjy düzümleriniň arasyndaky gatnaşyklary has-da berkitjekdigine ynanýaryn. 

Oňyn bitaraplyk ýörelgelerini dabaralandyrmakda Türkmenistan häzirki zaman dünýäsinde taryhy öwrüm etdi. Ýurduň bitaraplyk derejesine eýe bolan gününden bäri bu ugurda gazanan tejribesi nusga alarlykdyr. «Ösüş arkaly parahatçylyk», «Dialog — parahatçylygyň kepili» diplomatik ýörelgeleri bilen halkara jemgyýetçiligiň ünsüni çekmegi başaran türkmen döwletiniň abraýy barha artýar. Ýurduň başlangyjy bilen, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň parlamentleriniň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm ädimler ädildi. 

Özbegistan Türkmenistanyň bitaraplyk syýasatyny, öňe sürýän halkara başlangyçlaryny, hususan-da, Bitaraplygyň dostlary toparynyň döredilmegini ilkinjileriň hatarynda goldap çykyş etdi. Häzirki wagtda bu toparyň agza ýurtlarynyň dürli düzümleriniň arasynda geçirilýän dialoglarda halkara meseleler babatda oňyn çözgütler kabul edilýär. Duşuşygyň Beýannamasyndan gelip çykýan netijeler ýurtlaryň arasynda bitaraplyk, ynsanperwerlik, parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerini wagyz etmäge, özara düşünişmegi gazanmaga, tejribe alyşmaga, şonuň ýaly-da, türkmen-özbek dost-doganlygyny hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga gönükdirilen parlament diplomatiýasynyň ösüşinde täze tapgyryň başlanandygyny buşlaýar.

16.02.2024

Bitaraplygyň dostlary toparyna agza ýurtlaryň parlament ýolbaşçylarynyň «Parahatçylygy we dialogy berkitmekde parlament hyzmat daşlygynyň orny» atly birinji duşuşygynda

Wa­len­ti­na ­MAT­WI­ÝEN­KO, Rus­si­ýa­ Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Fe­de­ral­ 

Ýygnagy­nyň ­Fe­de­ra­si­ýa Ge­ňe­şi­niň­ Baş­ly­gy

 

— Ilki bilen, Bitaraplygyň dostlary toparyna agza ýurtlaryň parlament ýolbaşçylarynyň «Parahatçylygy we dialogy berkitmekde parlament hyzmatdaşlygynyň orny» atly birinji duşuşygynyň ýokary derejede guralandygy üçin sag bolsun aýdýaryn. Şeýle hem Türkmenistanyň bitaraplyk syýasatyndan ugur alyp, diňe bir Merkezi Aziýa sebitinde däl, eýsem, bütin dünýäde köpugurly gatnaşyklary ösdürmäge uly goşant goşýandygyny nygtamak isleýärin. 

Russiýa Federasiýasy Türkmenistanyň daşary syýasat ýörelgelerini kesgitleýän bitaraplyk derejesine uly hormat goýýar. Biziň ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda kabul eden «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamasynyň awtordaşlarynyň biridir. Şeýle-de Russiýa 2020-nji ýylda, ýagny döredilen wagty parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary toparynyň agzasy boldy. Her ýylyň 12-nji dekabrynda, bütin dünýäde bolşy ýaly, Russiýada hem Halkara Bitaraplyk güni bellenýär. 

Aşgabat yzygiderli iri halkara forumlaryň, şol sanda parlament hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça çäreleriň geçirilýän merkezine öwrüldi. Türkmen paýtagtynda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumynyň işine hem badalga berlipdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça bu ugurdaky hyzmatdaşlygyň «Aşgabat görnüşi» döredildi we ony yzygiderli geçirmek meýilleşdirilýär. 

Şu duşuşygymyzyň şygary hökmünde «Parahatçylygy we dialogy berkitmekde parlament hyzmatdaşlygynyň orny» diýen sözleriň saýlanyp alynmagy ýöne ýere däl. Geljekde hem Bitaraplygyň dostlary hökmünde ynanyşmagy berkitmekde bilelikde alyp barýan işlerimiziň üstünliklere beslenmegini arzuw edýärin.

16.02.2024

Bitaraplygyň dostlary toparyna agza ýurtlaryň parlament ýolbaşçylarynyň «Parahatçylygy we dialogy berkitmekde parlament hyzmat daşlygynyň orny» atly birinji duşuşygynda

Mar­tin ­ÇUN­GONG, Par­la­men­ta­ra ­Birleşigiň Baş ­sek­re­ta­ry

 

— Türkmen bitaraplygynyň dünýäde parahatçylygy üpjün etmekde, ählumumy howpsuzlyga dialogyň, özara düşünişmegiň gurallary arkaly goşant goşmakda abyrsyz uly orny bar. Bu ugurda ýurduň kanunçykaryjy edarasynyň netijeli hereketlerine-de ýokary baha berýäris. Ýurduň başlangyjy esasynda, Bitaraplygyň dostlary toparyna agza döwletleriň parlamentara dialogynyň ýola goýulmagyny Parlamentara Birleşigiň doly goldaýandygyny aýdasymyz gelýär.

 Dünýädäki çylşyrymly ýagdaýlara, dürli wehimlere garşy göreşmekde, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde Parlamentara Bileleşigiň başlangyçlaryna-da möhüm ähmiýet berilýär. Umumadamzat gymmatlyklaryny goramak, adam hukuklaryny, azatlyklaryny, gender deňligini üpjün etmek ýaly meselelerde parlament diplomatiýasy arkaly gazanylýan oňyn çözgütlere uly orun degişlidir. Türkmenistan hem oňyn kanunçylyk özgertmelerini amala aşyrýan ýurt hökmünde kanun çykaryjy edarasynyň işine halkara tejribeleri işjeň ornaşdyrýar. 

Türkmenistanyň başlangyjy bilen döredilen Bitaraplygyň dostlary toparyna halkara derejede gyzyklanma barha artýar. Oňa agza ýurtlaryň sanynyň ýylyň-ýylyna köpelýändigi muny doly äşgär edýär. Bitaraplygyň dostlary toparyna agza ýurtlaryň parlamentleriniň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda bütin dünýäde parahatçylygy we dialogy berkitmekde möhüm ähmiýetli duşuşygyň dowam etdirilmegi bu ugurdaky gatnaşyklary ýaýbaňlandyrmaga uly ýardam berer. Bu görnüşdäki dialog häzirki döwrüň möhüm meselelerine oňyn çözgütleri tapmak babatda netijeli teklipleri orta atmak üçin amatly meýdança öwrüler

16.02.2024
1 ... 7 8 9 10 11 ... 22