Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

Bitaraplygyň dostlary toparyna agza ýurtlaryň parlament ýolbaşçylarynyň «Parahatçylygy we dialogy berkitmekde parlament hyzmat daşlygynyň orny» atly birinji duşuşygynda

Dmit­riý­ ŞLA­PA­ÇEN­KO,

Bir­le­şen­ Mil­let­ler­ Gu­ra­ma­sy­nyň

Türk­me­nis­tan­da­ky­ he­mi­şe­lik utgaş­dy­ry­jy­sy

 

— Türkmen paýtagtynda guralan Bitaraplygyň dostlary toparyna agza ýurtlaryň parlament ýolbaşçylarynyň «Parahatçylygy we dialogy berkitmekde parlament hyzmatdaşlygynyň orny» atly birinji duşuşygy häzirki döwrüň talaplaryndan ugur alnyp geçirilen möhüm ähmiýetli halkara çäredir. Bitaraplyk ýörelgelerine ygrarly Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň kabul eden Kararnamalaryny durmuşa geçirmekde, hususan-da, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge mynasyp goşant goşmakda ýokary işjeňlik görkezýär. Parahatçylyk döredijilik syýasatyna doly eýerýän we bu ugurdaky işlere dünýä döwletlerini işjeň gatnaşmaga çagyrýan ýurt hökmünde Bitarap Türkmenistanyň halkara başlangyçlaryna ýokary baha berýäris. 

Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesi binýatlyk esaslara eýe bolup, ol BMG-niň iki gezek ykrar etmegi bilen, ýurduň Konstitusiýasynda hem resmi taýdan berkidildi. Bu dereje parahatçylyk ugrundaky çözgütleri tapmagy we ýurtlaryň içerki meselelerine goşulyşmazlygy maksat edinýän döwletler üçin nusga bolup durýar. Ýurduň bitaraplyk ýörelgelerine ygrarlylyk häsiýeti we ony dabaralandyrmak boýunça durmuşa geçirýän işleri häzirki dartgynly dünýäde durnuklylygy ýokarlandyrmakda we ählumumy howpsuzlygy berkitmekde bitaraplygyň güýjüni halkara meýdançada äşgär edýär. Türkmenistanyň we BMG-niň arasynda halkara hukugyň kadalaryndan gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmäge gatnaşmakda ýurduň kanun çykaryjy edarasynyň we Adalatçynyň diwanynyň ornuny aýratyn nygtamak isleýärin. Milli kanunçylyk namalaryny halkara ülňülere laýyklykda işläp taýýarlamakda BMG-niň düzümleri Türkmenistanyň kanunçykaryjy edarasyna tejribe paýlaşmak arkaly yzygiderli goldaw berip gelýär. Ýurtda hereket edýän kanunlarda ýaşlaryň başlangyçlaryny goldamak, gender deňligini üpjün etmek, jemgyýetçilik hyzmatlary ulgamynyň ösüşine mümkinçilikleri döretmek, raýatsyzlyga garşy göreşmek, ýer-suw serişdelerini tygşytly ulanmak, daşky gurşawy goramak ýaly möhüm ugurlaryň öz beýanyny tapýandygy uly kanagatlanma döredýär.

16.02.2024

Bitaraplygyň dostlary toparyna agza ýurtlaryň parlament ýolbaşçylarynyň «Parahatçylygy we dialogy berkitmekde parlament hyzmat daşlygynyň orny» atly birinji duşuşygynda

Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasaty ähli babatda parahatçylygy ündeýän taglymatdyr. Bitaraplyk syýasatynyň ylalaşdyryjylyk ýörelgesiniň ähmiýeti uludyr, ýagny bitarap döwletler gapma-garşylyga giren taraplaryň parahatçylykly gepleşikleri geçirmekleri üçin öz çäginde şert döredýärler, ylalaşyk gazanmaga goşant goşýarlar. Sebäbi olaryň bitaraplygy özüňi aýrybaşgalaşdyrmak däl-de, dünýäniň ählumumylaşýan döwründe işjeň gatnaşyga girmegiň guralydyr. 

Häzirki döwürde Türkmenistanyň oňyn Bitaraplygy has-da uly ähmiýete eýe bolýar. Hemişelik Bitarap döwlet hökmünde Türkmenistan sebitde parahatçylygy, durnuklylygy üpjün etmekde, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny, hyzmatdaşlygy ösdürmekde, Birleşen Milletler Guramasynyň ynamdar we netijeli hyzmatdaşyna öwrüldi. 

2007-nji ýylyň 10-njy dekabrynda Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi açyldy. Öňüni alyş diplomatiýasy we bitaraplyk biri-biriniň üstüni ýetirýän taglymatlardyr. Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde parahatçylygyň we howpsuzlygyň bähbidine bitaraplygyň dostlary toparynyň döredilmegi halkara meseleleri çözmekde bitaraplyk ýörelgelerini netijeli peýdalanmakda, parahatçylygyň kepili hökmünde dialogy ösdürmekde netijeli boldy. Bu toparyň işjeň hereketi netijesinde, bitaraplygyň parahatçylygy, durnukly ösüşi pugtalandyrmakdaky orny barha pugtalanýar. Bu gezekki pikir alyşmalarymyzyň geljekde gürrüňi edilýän ugurda parlamentarileriň hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň täze mümkinçiliklerini açmakda hem netijeli boljakdygyna ynanýaryn.

16.02.2024

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINDE BITARAPLYGYŇ DOSTLARY TOPARYNA AGZA ÝURTLARYŇ PARLAMENTLERINIŇ ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ BIRINJI DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

2024-nji ýylyň 15-nji fewralynda Türkmenistanyň Mejlisinde gibrid görnüşinde Bitaraplygyň dostlary toparyna agza ýurtlaryň Parlamentleriniň ýolbaşçylarynyň «Parahatçylygy we dialogy berkitmekde parlament hyzmatdaşlygynyň orny» atly birinji duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň maksady 2020-nji ýylda döredilen Bitaraplygyň dostlary toparyna agza ýurtlaryň parlament wekillerini ýurdumyzyň parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmekde, köptaraplaýyn netijeli, deňhukukly hyzmatdaşlygy ösdürmekde toplan tejribesi bilen tanyşdyrmakdan, şeýle hem döwletimiziň ynsanperwer syýasatyny parlament diplomatiýasynyň üsti bilen goldamakda, parahatçylyk döredijilik mümkinçiliklerini durmuşa geçirmekde hyzmatdaş ýurtlar bilen özara pikir alyşmakdan, gatnaşyklaryň täze gurallaryny işläp düzmekden we bu ugurda parlamentleriň tagallalaryny birleşdirmekden ybaratdyr.

Topara agza ýurtlaryň Parlamentleriniň ýolbaşçylarynyň birinji duşuşygynda Bitaraplyk ýörelgelerini ilerletmek, ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we abadançylygy üpjün etmekde netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, durnukly syýasy-diplomatik gurallary işläp taýýarlamak boýunça ugurlar ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşyga gatnaşyjylar Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan 1995-nji we 2015-nji ýyllarda ykrar edilen Hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanýan ynsanperwer syýasatyň Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň, Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda iş ýüzünde durmuşa geçirilýändigini  we dünýä döwletleri üçin ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde nusga alarlykdygyny belläp geçdiler.

Duşuşykda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa, BMG-niň Baş Sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň baştutany Kaha Imnadze, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapeçenko, GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň Başlygy, Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko, Belarus Respublikasynyň Milli Ýygnagynyň Respublika Geňeşiniň Başlygy Natalýa Koçanowa, Gana Respublikasynyň Parlamentiniň Başlygy Alban Sumana Kingsford Bagbin, Şri-Lanka Demokratik Respublikasynyň Parlamentiniň Başlygy Mahinda Yapa Abey-wardena, Gyrgyz Respublikasynyň Žokarku Keneşiniň Başlygynyň orunbasary Nurlanbek Azygaliýew, Marokko Patyşalygynyň Wekiller Palatasynyň Başlygynyň orunbasary Hassan Benomar, Katar döwletiniň Şura Geňeşiniň Başlygynyň orunbasary Hamda al Sulaiti, Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň Başlygynyň orunbasary Şolban Kara-ool, Gazagystan Respublikasynyň Parlamentiniň Majilisiniň parlamentara aragatnaşyklar boýunça başlygy Aýgul Kuspan, Parlamentara Bileleşigiň parlamentler bilen işlemek we daşary aragatnaşyklar boýunça müdiri, Ilçi Anda Filip çykyş etdiler.

Parlamentara Bileleşigiň Baş Sekretary Martin Çungong, Hytaý Halk Respublikasynyň Halk Wekilleriniň Ählihytaý Ýygnagynyň hemişelik komitetiniň Başlygy Çžao Leji, Özbegistan Respublikasynyň Oliý Majlisiniň Senatynyň Başlygy Tanzila Narbaýewa duşuşyga gatnaşyjylara  wideoýüzlenmelerini iberdiler. Duşuşygyň soňunda Jemleýji resminama kabul edildi. Bu resminamada Bitaraplygyň dostlary toparyna agza ýurtlaryň Parlamentleriniň ýolbaşçylarynyň birinji duşuşygynyň parlament hyzmatdaşlygyny ilerletmekde möhüm orny bellenildi, şeýle hem Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň parahatçylygy we dialogy berkitmek işine tagallalary we goşandy aýratyn nygtaldy. 

15.02.2024

Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisä we ýurduň ähli doganlyk halkyna Eýran Yslam Respublikasynyň milli baýramy — Ynkylap güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

“Türkmenistan Eýran Yslam Respublikasy bilen ýola goýlan köpugurly gatnaşyklara ýokary baha berýär. Biz gadymdan gelýän hoşniýetli goňşuçylyk däplerine esaslanýan hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge taýýardygymyzy beýan edýäris” diýlip, hatda bellenilýär.

Hormatly Prezidentimiz şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Seýed Ebrahim Raisä tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we rowaçlyk, Eýran Yslam Respublikasynyň ähli halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş, abadançylyk arzuw etdi.

11.02.2024

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ WEKILLERI AMERIKANYŇ BIRLEŞEN ŞTATLARYNA IŞ SAPARYNY AMALA AŞYRDY

2024-nji ýylyň 8-9-njy fewralynda Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri ABŞ-nyň Nýu Ýork şäherinde BMG-niň Ykdysady we durmuş geňeşiniň Ştab kwartirasynda  geçirilen ýyllyk Parlament diňlenişigine gatnaşdylar. 

Birleşen Milletler Guramasynyň Parlamentara Bileleşigi bilen bilelikde guramagynda geçirlen ýyllyk Parlament diňlenişiginde 2024-nji ýylda halkara derejesinde parahatçylyk we howpsuzlyk meselesindäki ileri tutulýan ugurlaryna seredildi.  

Maslahatyň dowamynda oňa gatnaşyjylar ýer ýüzünde parahatçylygyň we howpsuzlygyň üpjün edilmegi babatda BMG, Parlamentara Bileleşigi we beýleki halkara guramalar bilen özara hyzmatdaşlyk gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmegiň ähmiýetini bellediler.

09.02.2024

Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewe Azerbaýjan Respublikasynyň Prezident saýlawlarynda ynamly ýeňiş gazanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.

“Ses berlişigiň netijeleri azerbaýjan halkynyň Siziň döwlet gurluşyny berkitmäge, ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen ýoluňyza uly ynamynyň we goldawynyň nyşany bolup durýar. Bu möhüm wakanyň Azerbaýjanyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine, raýatlarynyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagyna ýardam etjekdigine ynanýaryn.

Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasyndaky doganlyk gatnaşyklaryň netijeli häsiýetini bellemek guwandyryjydyr we onuň iki ýurduň halklarynyň bähbitlerine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine we çuňlaşdyryljakdygyna uly ynam bildirýäris. Ýurtlarymyzyň arasyndaky hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine Siziň hut özüňiziň berýän ünsüňiz, uly goldawyňyz üçin minnetdarlygymyzy bildirýäris” diýlip, hatda bellenilýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Prezident Ilham Aliýewe tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, jogapkärli döwlet Baştutany wezipesinde üstünlikleri, Azerbaýjanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk, rowaçlyk arzuw etdi.

08.02.2024

Türkmenistanyň Prezidentiniň we Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Döwlet Baştutanymyz dostlukly ýurduň Lideri bilen gadyrly salamlaşyp, türkmen halkynyň adyndan hem-de hut öz adyndan Bişkek şäherindäki ýylylyk elektrosentralynda bolup geçen hadysa baradaky habara duýgudaşlyk bildirdi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan Gyrgyzystanda bolan hadysa zerarly dostlukly ýurda ynsanperwerlik ýüküni ugratdy we zerur bolan ýagdaýynda, ähli kömegi bermäge taýýardyr. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu barada aýtmak bilen, doganlyk ýurda çylşyrymly ýagdaýy ýeňip geçmekde goldaw beriji sözlerini aýtdy we ýylylyk elektrosentralyndaky dikeldiş işleriniň tiz wagtda tamamlanmagyny arzuw etdi.

Prezident Sadyr Žaparow gyrgyz halkynyň adyndan we öz adyndan bu çylşyrymly pursatda duýgudaşlyk sözleri üçin tüýs ýürekden hoşallygyny bildirdi. Gyrgyzystanyň Baştutanynyň nygtaýşy ýaly, goňşy döwlete ilkinjileriň hatarynda kömek eden Türkmenistan bilen dostlukly gatnaşyklara onuň ýurdunda ýokary baha berýärler. Mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Sadyr Žaparow türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli salamyny beýan etdi hem-de berlen goldaw üçin tüýs ýürekden hoşallygyny bildirdi.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistan bilen Gyrgyz Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň özara düşünişmegiň we açyklygyň ýokary derejesi bilen tapawutlanýandygy bellenildi. Ýurtlarymyz netijeli syýasy dialogy ösdürmek bilen, halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň we GDA-nyň çäklerinde işjeň hyzmatdaşlyk edýärler. Şunda söwda-ykdysady ulgam ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Däp bolan medeni-ynsanperwer gatnaşyklar hem işjeň ösdürilýär.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Prezident Sadyr Žaparow birek-birege berk jan saglyk, jogapkärli döwlet işlerinde üstünlikleri, Türkmenistanyň we Gyrgyzystanyň doganlyk halklaryna bolsa parahatçylyk, rowaçlyk, abadançylyk arzuw etdiler.

Telefon arkaly söhbetdeşlik gyrgyz tarapynyň başlangyjy boýunça geçirildi.

06.02.2024

TÜRKMEN-HYTAÝ PARLAMENTARA GATNAŞYKLARYNY ÖSDÜRMEGIŇ MÜMKINÇILIKLERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2024-nji ýylyň 29-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Halk Wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň Hemişelik komitetiniň Başlygynyň orunbasary Hao Minsziniň arasynda iki ýurduň wekiliýet agzalarynyň gatnaşmagynda duşuşyk geçirildi. 

Milli parlamentiň ýolbaşçysy myhmanlary türkmen parlamentiniň düzümi hem-de dürli ulgamlarda amala aşyrylýan özgertmeleri kanunçylyk taýdan üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdyrdy. 

Söhbetdeşlikde parlamentara gepleşikleriň iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň möhüm bölegine öwrülendigi bellenildi. Ikitaraplaýyn esasda döredilen parlamentara dostluk toparlarynyň işiniň kanunçykaryjylyk we parlament işini kämilleşdirmekde tejribe alyşmaga mümkinçilikleri artdyrýandygy aýratyn bellendi.

Söhbetdeşler türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy, ony ösdürmegiň geljegi baradaky pikir alyşmalaryň dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler.

29.01.2024

Türkmen-german hyzmatdaşlygy işjeňleşdirilýär

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinde lukmançylyk klasterini döretmek boýunça maslahat beriş hyzmatlaryny ýerine ýetirmek barada yglan edilen halkara bäsleşikde ýeňiji bolan GFR-iň “Goetzpartners Emerging Markets GmbH” kompaniýasynyň dolandyryjy direktory Wladimir Matias we bu kompaniýanyň uly geňeşçisi Hans Gerd Prödel bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Gahryman Arkadagymyz myhmanlary gadymy türkmen topragynda mübärekläp, şu gezekki saparyň gyzyklanma bildirilýän täze ugurlar boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ilerletmek üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat etjekdigine ynam bildirdi.

Myhmanlar duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin türkmen halkynyň Milli Liderine hoşallyklaryny beýan edip, german kompaniýalarynyň Türkmenistan bilen netijeli dialogy pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýändiklerini nygtadylar. Ýurdumyzy mundan beýläk-de durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen bilelikdäki taslamalaryň ençemesiniň durmuşa geçirilmegine Germaniýanyň işewür düzümleriniň gatnaşmagy munuň aýdyň güwäsidir.

Germaniýa Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigindäki esasy hyzmatdaşlarynyň biridir. Döwletlerimiz ugurlaryň köpüsinde netijeli hyzmatdaşlygy alyp barýarlar. Şunda söwda-ykdysady ulgam möhüm ugurlaryň hatarynda görkezildi. Şunuň bilen birlikde, öňdebaryjy german kompaniýalarynyň uzak ýyllaryň dowamynda türkmen bazarynda, hususan-da, senagat we oba hojalygy, bank, ulag-kommunikasiýa pudaklarynda üstünlikli iş alyp barýandyklary bellenildi.

Köp ýyllaryň dowamynda Germaniýanyň iri kompaniýalary türkmen bazarynda üstünlikli işleýärler. Saglygy goraýyş ulgamynda uzak möhletleýin türkmen-german hyzmatdaşlygynyň ýola goýulmagy nygtalmaga mynasypdyr. Özara tejribe alyşmak meselelerine möhüm üns berilýär diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy we ýurdumyzyň lukmançylyk edaralarynda nemes kompaniýalarynyň iň kämil, öňdebaryjy enjamlarynyň giňden ornaşdyrylýandygyny belledi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri şu günki duşuşygyň dowamynda Arkadag şäherinde lukmançylyk klasterini döretmek boýunça maslahat beriş hyzmatlaryny ýerine ýetirmek hakynda gol çekiljek Ähtnamanyň ähmiýetine ünsi çekip, bu resminamanyň Türkmenistan bilen “Goetzpartners Emerging Markets GmbH” kompaniýasynyň arasynda özara bähbitli, uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine ýardam berjekdigine ynam bildirdi.

Milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlarynda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeler ýurdumyzda ykdysady taýdan durnukly ösüşiň ýokary depginini saklamaga şert döredýär. Gahryman Arkadagymyz hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek babatda ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny belläp, kompaniýanyň ýolbaşçylaryny olardan netijeli peýdalanmaga çagyrdy we ýurdumyzyň german tarapyndan hödürleniljek anyk tekliplere garamaga taýýardygyny aýtdy.

Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň köp ýyllaryň dowamynda üstünlikli ösdürilýändigini belläp, Gahryman Arkadagymyz geçen ýylyň sentýabrynda GFR-e iş saparynyň çäklerinde Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Kansleri Olaf Şols bilen duşuşandygyny aýtdy. Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek boýunça anyk teklipler beýan edildi. Şeýle hem şol saparyň dowamynda Berlinde Türkmen-german işewürlik maslahatynyň geçirilendigi bellenildi. Forumda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda döwletimiziň häzirki döwürde gazanýan üstünlikleri görkezildi, Türkmenistanda amatly maýa goýum ýagdaýynyň bardygy aýdyldy.

Köpýyllyk hyzmatdaşlygyň dowamynda Germaniýada öndürilýän we ýurdumyzyň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän kuwwatly oba hojalyk tehnikalarynyň we ýeňil awtoulaglaryň yzygiderli satyn alynmagy ikitaraplaýyn söwda dolanyşygynyň yzygiderli ösdürilýändiginiň aýdyň nyşanydyr.

Häzirki döwürde Diýarymyzda täze awtomobil we demir ýol ulag halkalarynyň, geçelgeleriniň gurluşygy, howa flotunyň, deňiz portlarynyň infrastrukturasynyň döwrebaplaşdyrylmagy giň gerimde alnyp barylýar diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýtdy hem-de iki ýurduň ulag edaralarynyň, assosiasiýalarynyň, kompaniýalarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösdürilmeginiň wajypdygyny nygtady.

Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanda daşary ýurtly hünärmenleriň, işewür düzümleriň netijeli iş alyp barmaklary üçin ähli zerur şertleriň döredilýändigini belläp, türkmen tebigatynda, şol sanda Garagum sährasynda eksport ugurly harytlary öndürmek üçin ägirt uly çig mal serişdeler gorunyň bardygyny aýtdy. Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilmegi meýilleşdirilýän lukmançylyk enjamlary, saglygy goraýyş serişdeleri üçin ýurdumyzda ekologik taýdan arassa we hil babatda halkara görkezijilere doly laýyk gelýän çig mal binýady bar.

Işewürler bildirilen ynam üçin hoşallyklaryny beýan edip, Türkmenistanyň häzirki zamanyň nusgalyk şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilmegi meýilleşdirilýän önümçilik toplumlarynyň gurluşygyna gatnaşmagyň özleri üçin uly hormatdygyny nygtadylar. Arkadag şäherinde dörediljek halkara derejedäki lukmançylyk klasteri diňe bir içerki bazar üçin däl, eýsem, eksport üçin hem dürli görnüşli lukmançylyk önümlerini öndürmäge niýetlenendir. Ýerli çig mal serişdeleriniň ulanylmagy önümiň ýokary hilli, ekologik taýdan arassa bolmagyna, Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň pugtalandyrylmagyna ýardam berer diýip, kompaniýanyň ýolbaşçylary bellediler hem-de maslahat beriş hyzmatlarynyň ýokary derejede ýerine ýetiriljekdigine ynandyrdylar.

Nygtalyşy ýaly, Türkmenistanda daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň üstünlikli iş alyp barmagy üçin degişli hukuk binýadynyň bolmagy, ähli zerur şertleriň üpjün edilmegi germaniýaly işewürleriň geljegi uly türkmen bazarynda eýeleýän orunlaryny berkitmäge gyzyklanmalaryny artdyrýar. Şunuň bilen baglylykda, işewürler hyzmatdaşlygyň täze ugurlary barada aýdyp, ikitaraplaýyn gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin ähli tagallalary etjekdiklerine ynandyrdylar.

Soňra Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komiteti bilen GFR-iň “Goetzpartners Emerging Markets GmbH” kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi. Munuň özi özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmeginiň nobatdaky subutnamasydyr.

27.01.2024
1 ... 8 9 10 11 12 ... 22