Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

Türkmenistanyň Prezidenti Hindistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hindistan Respublikasynyň Prezidenti hanym Draupadi Murmuwa hem-de Premýer-ministri Narendra Modä Hindistanyň milli baýramy — Respublika güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

“Türkmenistan bilen Hindistan Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklar yzygiderli berkidilýär we mazmun taýdan baýlaşdyrylýar. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine, täze sepgitlere ýetirilmegine uly gyzyklanma bildirýäris. Ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljekde-de halklarymyzyň bähbidine yzygiderli ösdüriljekdigine berk ynanýaryn” diýip, döwlet Baştutanymyz hatynda belledi.

Hormatly Prezidentimiz şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Draupadi Murmuwa we Premýer-ministr Narendra Modä berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, ähli başlangyçlarynda uly üstünlikleri, Hindistan Respublikasynyň halkyna bolsa parahatçylyk, öňegidişlik, gülläp ösüş arzuw etdi.

25.01.2024

ŞWEÝSARIÝA KONFEDERASIÝASYNYŇ ILÇISI YNANÇ HATYNY GOWŞURDY

2024-nji ýylyň 22-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Tomas Şteliden ynanç hatyny kabul etdi. 

D.Gulmanowa Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan Ilçini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça alyp barjak işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Ilçi iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegi barada aýtmak bilen, öz ýurdunyň ähli ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly gyzyklanma bildirýändigini belledi.

Duşuşygyň ahyrynda ilçi iki ýurduň bähbitlerine doly laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

22.01.2024

Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň nebit ministrini kabul etdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň nebit ministri Jawad Owjini kabul etdi.

Myhman wagt tapyp kabul edendigi we duşuşykda döwletara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza, şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza Eýranyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň mähirli salamyny ýetirdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň nebit ministrini myhmansöýer türkmen topragynda mübärekläp, dostlukly döwletiň Baştutanyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de şu saparyň çäklerinde geçiriljek ikitaraplaýyn duşuşyklardyr gepleşikleriň netijeli häsiýete eýe boljakdygyna, ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdi.

Işjeň, netijeli ýagdaýda geçen duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň hoşniýetli goňşuçylyk, dost-doganlyk, deňhukuklylyk ýörelgeleri esasynda ýokary derejede alnyp barylýandygy kanagatlanma bilen bellenildi.

Nygtalyşy ýaly, özara hormat goýmak we birek-birege düşünişmek ýörelgeleri esasynda guralýan döwletara gatnaşyklar ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde, hususan-da, halkara guramalaryň çäklerinde üstünlikli ösdürilýär. Iki ýurduň dürli derejedäki Hökümet wekiliýetleriniň amala aşyrýan iş saparlary, şeýle hem geçirilýän maslahatlaşmalar, gepleşikler hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna uly goşant goşýar. Türkmenistan bilen Eýranyň arasynda söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, ulag we aragatnaşyk, gurluşyk, oba hojalygy ýaly pudaklarda netijeli gatnaşyklar ösdürilýär, hususy ulgamyň wekilleriniň arasyndaky özara hereketler has-da berkeýär.

Duşuşykda nebitgaz ulgamyndaky hyzmatdaşlyk bilen bagly mesele hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Umumy pikire görä, agzalan ulgamda gatnaşyklary has-da giňeltmek üçin täze mümkinçilikler açylýar. Bu ugurda hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerini we usullaryny gözlemek hem-de iş ýüzünde amala aşyrmak boýunça özara pikir alyşmalaryň peýdaly boljakdygyna ynanýaryn diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady we türkmen tarapynyň netijeli teklipdir başlangyçlary goldamaga taýýardygyny tassyklady.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Eýran Yslam Respublikasynyň nebit ministri Jawad Owji döwletara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de okgunly ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

18.01.2024

Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidentini kabul etdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti Margaritis Şinasy kabul etdi. 

Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Ýewropa Bileleşiginiň ýolbaşçylarynyň mähirli salamyny ýetirdi. Şeýle hem ol häzirki wagtda Merkezi Aziýa sebitinde parahatçylyk söýüjilikli syýasaty durmuşa geçirýän Türkmenistan bilen köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmäge Ýewropa Bileleşiginiň gyzyklanma bildirýändigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidentini myhmansöýer türkmen topragynda mähirli mübärekläp, Ýewropa Bileleşiginiň ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de şu gezekki saparyň türkmen kärdeşleri bilen netijeli gepleşikleri geçirmek, Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny, geljegini ara alyp maslahatlaşmak üçin amatly mümkinçilik bolup hyzmat etjekdigine ynam bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow özara gyzyklanma bildirilýän köpugurly hyzmatdaşlygyň oňyn ösüşine kanagatlanma bildirip, sebit derejesinde “Merkezi Aziýada durnukly energetika gatnaşyklary” (SECCA), “Merkezi Aziýada oýlap tapyjy ýaşlar üçin dialog we hereket” (DARYA) atly taslamalaryň, Merkezi Aziýada serhetleri dolandyrmaga ýardam bermek Maksatnamasynyň (BOMCA-10), Merkezi Aziýada neşe serişdeleriniň ýaýradylmagynyň öňüni almak Maksatnamasynyň (CADAP) üstünlikli durmuşa geçirilýändigini aýtdy. Şunuň bilen birlikde, häzirki wagtda Ýewropanyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň milli ykdysadyýetimiziň köp pudaklarynda — nebitgaz, elektroenergetika, gurluşyk, aragatnaşyk, kommunikasiýa ugurlarynda iş alyp barýandygy bellenildi.

Söhbetdeşligiň barşynda esasy ugurlary we bar bolan mümkinçilikleri hasaba almak bilen, özara hyzmatdaşlygyň geljegi barada gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz öňde boljak Ýewropa Bileleşigi bilen Merkezi Aziýanyň arasynda durnukly ulag boýunça maýa goýum forumynyň geçirilmeginiň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi. Bu forumy şu ýylyň ýanwar aýynyň ahyrynda Brýussel şäherinde geçirmek meýilleşdirilýär. Döwlet Baştutanymyz ulag-logistika ulgamynyň Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň gün tertibinde geljegi uly ugurlaryň biridigini nygtap, ýurdumyzyň forumyň işine işjeň gatnaşjakdygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz maýa goýum forumynyň üstünlikli geçirilmegini arzuw edip, onuň netijeleriniň Hazarüsti ulag geçelgesiniň Ýewropany we Merkezi Aziýany birleşdirýän multimodal, häzirki zaman, durnukly we tiz ugra öwrülmegine goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.

Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti netijeli duşuşyk üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, ýurdumyz bilen hyzmatdaşlykda Ýewropa Bileleşiginiň täzeçil çemeleşmeleriniň bilelikdäki işleriň netijeliligini mundan beýläk-de artdyrmak üçin berk binýat bolup hyzmat edýändigini belledi.

Duşuşygyň ahyrynda döwlet Baştutanymyz we Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti Margaritis Şinas birek-birege berk jan saglyk, abadançylyk, jogapkärli işlerinde üstünlikleri arzuw etdiler.

17.01.2024

Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahmet Demiroky kabul etdi.

Diplomat ynanç hatyny gowşuryp, döwlet Baştutanymyza we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň mähirli salamyny ýetirdi. Nygtalyşy ýaly, Türkiýede ösüş ýolundan ynamly öňe barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň, netijeli hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkiýäniň ýokary ýolbaşçylaryna we halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan edip, dostlukly ýurduň doly ygtyýarly wekilini jogapkärli diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlady hem-de döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda alyp barjak işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan üçin Türkiýe Respublikasy iň ýakyn doganlyk döwletdir. Ikitaraplaýyn gatnaşyklar bolsa uzak möhletleýin strategik häsiýete eýedir.

Duşuşygyň dowamynda hormatly Prezidentimiz we türkiýeli diplomat ýurtlarymyzyň arasyndaky döwletara gatnaşyklaryň hemişe hormat goýmak, birek-birege goldaw bermek ýörelgeleri esasynda ýola goýulýandygyny, halkara syýasatyň özara gyzyklanma bildirilýän meseleleri, aýratyn-da, dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça garaýyşlaryň meňzeşdigini ýa-da gabat gelýändigini kanagatlanma bilen bellediler.

Döwlet Baştutanymyz 2023-nji ýylyň oktýabrynda Türkiýe Respublikasyna bolan resmi saparyny we onuň çäklerinde geçirilen gepleşikleri, işewürlik maslahatyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny belledi. Mälim bolşy ýaly, saparyň dowamynda birnäçe wajyp resminamalara gol çekildi. Häzirki wagtda bu ylalaşyklary durmuşa geçirmek möhüm wezipe bolup durýar.

Türkiýe Türkmenistanyň söwda-ykdysady gatnaşyklary alyp barýan iň wajyp ýurtlarynyň biridir. Söhbetdeşler bu ugurda hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyna ünsi çekip, şunda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparyna we Işewürlik geňeşine aýratyn ornuň degişlidigini bellediler. Şunuň bilen baglylykda, geçen ýylyň dekabrynda Aşgabatda hökümetara toparyň 7-nji mejlisiniň hem-de Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisiniň geçirilmeginiň möhüm ähmiýeti bellenildi. Umumy pikire görä, iki ýurtda sergileriň, özara Medeniýet günleriniň we beýleki medeni çäreleriň yzygiderli geçirilmegi ähli ugurlar boýunça ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge gönüden-göni täsir edýär.

Türkmen hünärmenleriniň we ýaşlarynyň Türkiýede bilim almaklary, tejribe okuwlaryna gatnaşmaklary ýurdumyzyň bilim ulgamynyň kämilleşmegine goşant goşýar. Ýurtlarymyzyň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda ýola goýlan gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyna hem-de hyzmatdaşlygymyzyň geljekde has-da pugtalandyryljakdygyna berk ynanýaryn diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahmet Demiroky ýurdumyzda işe başlamagy bilen ýene bir gezek gutlady hem-de netijeli döwletara gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen jogapkärli diplomatik wezipesinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

***

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Türkiýe bilen Türkmenistanyň arasynda dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak maksady bilen, jenap Ahmet Demiroky Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine belledim. Onuň şahsy häsiýetleri, tejribesi hem-de başarnyklary özüne ynanylan ýokary wezipäni Siziň Alyhezretiňiziň hormatyny gazanmaga mynasyp derejede ýerine ýetirjekdigine ynam döredýär.

Şunuň bilen baglylykda, ony hoşniýetli kabul etmegiňizi we meniň adymdan, şeýle-de Türkiýe Respublikasynyň Hökümetiniň adyndan ähli beýan etjeklerine, hususan-da, Siziň Alyhezretiňize bagtyýarlyk, türkmen halkyna gülläp ösüş baradaky tüýs ýürekden we dostlukly arzuwlarymy ýetirende, oňa doly ynanmagyňyzy Sizden haýyş edýärin.

Rejep Taýyp Ärdogan,

Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti.

08.01.2024

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Birleşen Arap Emirliklerine iş sapary tamamlandy

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Arap Emirliklerine iki günlük iş sapary tamamlandy.

Mälim bolşy ýaly, düýn dostlukly döwletiň paýtagtynda Gahryman Arkadagymyzyň BAE-niň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşygy boldy. Duşuşygyň barşynda taraplaryň birnäçe geljegi uly ugurlarda däp bolan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça anyk teklipleri beýan edildi.

Türkmenistanyň we BAE-niň deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak, özara bähbitlilik ýörelgeleri esasynda nusgalyk döwletara gatnaşyklary ösdürmek boýunça bilelikdäki tagallalary utgaşdyrmaga çalyşmagy netijesinde gazanylan aýry-aýry ylalaşyklar şu saparyň çäklerinde gol çekilen resminamalaryň esasyny düzdi.

...Irden türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Abu-Dabiniň Halkara howa menziline ugrady. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyz BAE-niň Prezidentiniň Türkmenistan bilen işler boýunça wekili Mohamed Said Mohamed Al-Ariki bilen bolan söhbetdeşlikde soňky ýyllarda ýola goýlan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen belledi we ony mundan beýläk-de ösdürmek üçin açylýan mümkinçiliklere ýokary baha berdi. Iki ýurduň durmuş-ykdysady ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny hem-de milli bähbitlerini nazara almak bilen, nebitgaz, söwda-ykdysady we ulag-kommunikasiýa ulgamlary ýaly möhüm ugurlarda netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmaga mundan beýläk-de uly üns berler.

BAE-niň Prezidentiniň Türkmenistan bilen işler boýunça wekili Mohamed Said Mohamed Al-Ariki belent mertebeli myhmana Emirlikleriň iri kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen gepleşikleriň üstünlikli geçmegini, şeýle hem berk jan saglyk, jogapkärli döwlet işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Gahryman Arkadagymyzyň uçary Abu-Dabiden Birleşen Arap Emirlikleriniň iri ykdysady, medeni we syýahatçylyk merkezi bolan Dubaý şäherine tarap ugrady. Dubaýyň Halkara howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Liderini resmi adamlar garşyladylar.

Birleşen Arap Emirliklerine iş saparynyň çäklerinde hormatly Arkadagymyz “Dragon Oil” kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Saýed Al Taýer bilen duşuşdy.

“Dragon Oil” kompaniýasynyň ýolbaşçysy wagt tapyp kabul edendigi we hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmak babatda döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyny düýn BAE-niň Prezidenti bilen duşuşygynyň üstünlikli geçmegi bilen gutlady. Bu duşuşyk türkmen-emirlikler gatnaşyklarynyň taryhyna täze, aýdyň sahypany ýazar.

Pursatdan peýdalanyp, işewür Gahryman Arkadagymyza Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer ministri, goranmak ministri, Dubaýyň häkimi Şeýh Mohammed bin Raşid Al Maktumyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýanyň mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip hem-de dostlukly ýurduň ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan edip, Birleşen Arap Emirlikleriniň ýurdumyzyň öňden gelýän ygtybarly hyzmatdaşydygyny nygtady. Türkmenistan BAE bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, ilkinji nobatda, iri halkara guramalaryň we abraýly sebit düzümleriniň çäklerinde üstünlikli hyzmatdaşlyk edýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň geçen ýylyň dekabr aýynyň başynda BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatyna (COP28) gatnaşmak üçin Dubaýa amala aşyran iş sapary munuň aýdyň güwäsidir.

Gahryman Arkadagymyz BMG-niň Bütindünýä howa sammitiniň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlap, bu iri halkara forumyň münberinden beýan edilen ähli başlangyçlaryň tutuş dünýäde bagtyýarlygyň we abadançylygyň bähbidine halkara dialogy pugtalandyrmaga ýardam etjekdigine ynam bildirdi. Ählumumy metan borçnamasyna goşulan Türkmenistanyň bu ugurdaky maksada gönükdirilen işi dowam etdirmegiň zerurdygyna düşünýändigi bellenildi. Pariž ylalaşygyna goşulmak bilen baglylykda, ýurdumyzda birnäçe degişli milli maksatnamalar, şol sanda Howanyň üýtgemegi baradaky Milli strategiýa kabul edildi. Bu resminamalaryň esasynda metan zyňyndylarynyň ýaramaz täsirlerini peseltmäge we aradan aýyrmaga gönükdirilen çäreler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Gürrüň, ilkinji nobatda, ekologik taýdan arassa we serişde tygşytlaýjy döwrebap tehnologiýalary nebitgaz, ulag, elektroenergetika ulgamlaryna, obasenagat toplumyna, gurluşyk senagatyna tapgyrlaýyn esasda ornaşdyrmak we ulanmak barada barýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ekologik abadançylygy üpjün etmek bilen baglanyşykly beýan eden başlangyçlarynyň ählisi eýýäm şu ýyldan başlap yzygiderli durmuşa geçiriler.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolup, bu serişdeleri gözlemek, özleşdirmek we çykarmak bilen meşgullanýan dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmak ugrunda çykyş edýär. Şolaryň hatarynda özüni jogapkärli we ygtybarly hyzmatdaş hökmünde görkezen “Dragon Oil” kompaniýasy hem bar.

Duşuşygyň dowamynda bilelikdäki işiň ägirt uly tejribesini, Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça giň gerimli meýilnamalary nazara almak bilen, köpýyllyk gatnaşyklary üstünlikli ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, nebitiň we tebigy gazyň çykarylýan hem-de gaýtadan işlenilýän möçberini artdyrmak, türkmen energiýa serişdeleriniň we taýýar nebit, gazhimiýa önümleriniň eksportyny ýokarlandyrmak milli ykdysadyýetimiziň bu esasy pudagynyň öňünde durýan gaýragoýulmasyz wezipelerdir. Bu maksatlar Türkmenistanyň durmuşa geçirýän energetika syýasatynyň esasyny düzýär. Şol syýasat bolsa ýurdumyzyň baýlygyny tutuş adamzadyň hyzmatyna goýmaga gönükdirilendir.

XXI asyryň ägirt uly taslamasy — Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) halkara gaz geçirijisiniň gurluşygy munuň aýdyň beýanydyr. Bu gaz geçiriji tutuş Aziýa sebitiniň durmuş-ykdysady ösüşine kuwwatly itergi berer. “Galkynyş” gaz käniniň özleşdirilmeginiň III tapgyrynyň hasabyna bu halkara gaz geçirijiniň mawy ýangyç bilen üpjün edilmegi meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, BAE-däki hyzmatdaşlar we maýadarlar türkmen tebigy gazyny sebitiň ýurtlaryna, beýleki döwletlere ibermek üçin niýetlenen gaz geçiriji infrastrukturanyň gurluşygy bilen baglanyşykly täze energetika taslamalarynyň durmuşa geçirilmegine gatnaşmaga çagyrylýar.

Mälim bolşy ýaly, baş edarasy BAE-niň Dubaý şäherinde ýerleşýän “Dragon Oil” kompaniýasy Türkmenistanda 2000-nji ýyldan bäri önümi paýlaşmak hakyndaky Ylalaşygyň esasynda işleýär. Onuň işiniň esasy ugry Hazar deňzinde, “Çeleken” şertnamalaýyn çäkde uglewodorod serişdelerini çykarmak bilen baglanyşyklydyr. Geçen ýyllaryň dowamynda bu kompaniýa, hususan-da, “Jeýtun” we “Jygalybeg” ýataklarynda gözleg işlerini ýerine ýetirmäge we olary özleşdirmäge ägirt uly maýa serişdelerini goýdy. Ýaňy-ýakynda “Dragon Oil” Aşgabat şäherinde özüniň täze edarasyny açdy. Munuň özi ýola goýlan uzak möhletli, strategik hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýediginiň nobatdaky güwäsidir.

“Dragon Oil” kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Saýed Al Taýer berilýän goldaw üçin hoşallyk bildirip, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň mundan beýläk-de öz üstüne alan borçnamalaryny doly ýerine ýetirjekdigine ynandyrdy.

Gahryman Arkadagymyz we işewür hoşlaşanlarynda birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler hem-de bar bolan özara gyzyklanmanyň nebitgaz ulgamynda mundan beýläk-de netijeli hyzmatdaşlyk etmek üçin binýat boljakdygyna ynam bildirdiler.

Duşuşyk tamamlanandan soňra, Milli Liderimiziň gatnaşmagynda “Türkmennebit” döwlet konserniniň we “Dragon Oil (Türkmenistan) Ltd.” kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekmek dabarasy boldy.

Şeýle hem şu gün Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Dubai Aviation Corporation” (Flydubai) kompaniýasynyň täjirçilik direktory Hamad Obaýdalla bilen duşuşygy boldy.

Dünýädäki iri awiakompaniýalaryň biriniň ýokary wezipeli wekili hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Gahryman Arkadagymyza Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer ministri, goranmak ministri, Dubaýyň häkimi Şeýh Mohammed bin Raşid Al Maktumyň mähirli salamyny ýetirdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Şeýh Mohammed bin Raşid Al Maktuma iň gowy arzuwlaryny beýan edip, ýurdumyzyň türkmen-emirlikler hyzmatdaşlygyny hemmetaraplaýyn giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigini nygtady. Şol hyzmatdaşlyk soňky ýyllarda özara bähbitleriň esasynda üstünlikli ösdürilýär.

Hamad Obaýdallanyň belleýşi ýaly, BAE-niň işewür toparlarynyň wekilleriniň köpüsi Türkmenistan bilen ysnyşykly gatnaşyk etmäge uly gyzyklanma bildirýär. Şunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň hyzmatlary örän uludyr. Gahryman Arkadagymyz köpugurly, netijeli döwletara gatnaşyklary ähli esasy ulgamlarda ösdürmäge aýratyn üns berýär.

Duşuşygyň barşynda ýurdumyzyň “Açyk gapylar” we giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek bilen, daşary ýurtlaryň uly abraýa eýe bolan esasy kompaniýalary bilen göni gatnaşyklary ýola goýmak ugrunda çykyş edýändigi nygtaldy.

Mälim bolşy ýaly, çäk taýdan amatly ýerleşýän ýurdumyz diňe bir ýerüsti däl, eýsem, howa ulaglarynyň ugurlaryny hem yzygiderli ösdürýär. 2010-njy ýylda Türkmenistan Merkezi Aziýada BAE bilen yzygiderli howa gatnawlaryny ýola goýan ilkinji ýurt boldy. “Türkmenhowaýollary” agentliginiň we “Dubai Aviation Corporation” (Flydubai) kompaniýasynyň arasynda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi netijesinde, häzirki wagtda Aşgabat — Dubaý — Aşgabat ugry boýunça gatnawlar yzygiderli amala aşyrylýar. Şu gün bolsa Abu-Dabä ýolagçy uçarynyň uçuşy amala aşyrylyp başlanýar. Munuň özi döwletara gatnaşyklaryň, hususan-da, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine ýardam eder.

“Dubai Aviation Corporation” kompaniýasynyň täjirçilik direktory Türkmenistanda awiasiýa pudagynyň soňky ýyllarda döredilen döwrebap infrastrukturasyna we tehniki gulluklarynyň sazlaşykly işine ýokary baha berdi hem-de kompaniýanyň okgunly ösýän Türkmenistan bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge çalyşýandygyny tassyklady. Hususan-da, iki ýurduň arasynda amala aşyrylýan howa gatnawlarynyň sanyny artdyrmak teklip edildi.

Düýn türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýan bilen bolan duşuşygynda raýat awiasiýasy ulgamynda özara gatnaşyklary işjeňleşdirmek meselesiniň hem ara alnyp maslahatlaşylandygy bellärliklidir.

Nygtalyşy ýaly, dünýäniň esasy ýolagçy gatnadyjylarynyň we ýük daşaýjylarynyň biri hökmünde “Flydubai” kompaniýasynyň tejribesini hem-de mümkinçiliklerini nazara almak bilen, diňe bir ýokary hünärli awiasiýa işgärlerini taýýarlamak ulgamynda däl, eýsem, tehniki taýdan goldaw bermek we hyzmat etmek, iň täze innowasion enjamlar bilen üpjün etmek ulgamynda-da özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin uly mümkinçilikler açylýar.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we “Dubai Aviation Corporation” kompaniýasynyň täjirçilik direktory Hamad Obaýdalla hoşlaşanlarynda birek-birege hoşniýetli arzuwlaryny beýan etdiler hem-de soňky ýyllarda ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Duşuşyk tamamlanandan soňra, Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmenhowaýollary” agentliginiň hem-de “Dubai Aviation Corporation” kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekmek dabarasy boldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Birleşen Arap Emirliklerine şu gezekki iş saparynyň ýokary netijeli geçendigine beýleki gol çekilen möhüm resminamalar hem şaýatlyk edýär.

Şol resminamalaryň hatarynda “Türkmengaz” döwlet konserni bilen Abu-Dabiniň milli nebit kompaniýasynyň (ADNOC) arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama (şu özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň maksady taraplaryň “Galkynyş” gaz käniniň III tapgyryny özleşdirmek üçin strategik hyzmatdaşlary çekmek meýlinden we olaryň tebigy gazy sebitiň ýurtlaryna we beýleki döwletlere ibermek üçin gaz geçiriji infrastrukturany gurmaga degişli energetika taslamalaryny durmuşa geçirmäge gatnaşmak mümkinçiliginden ybaratdyr); “Türkmengaz” döwlet konserni bilen Abu-Dabiniň milli nebit kompaniýasynyň (ADNOC) arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama (şu hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnamanyň maksady taraplaryň metanyň atmosfera zyňyndylaryny azaltmak ulgamynda özara bähbitli ylmy-tehniki we ykdysady hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçiliklerini öwrenmek meýlinden ybaratdyr); Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň hem-de “First Abu Dhabi Bank” bankynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk bar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Birleşen Arap Emirliklerine iş saparyny tamamlap, Dubaý şäheriniň Halkara howa menziline bardy we şol ýerden Watanymyza ugrady. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyny resmi adamlar ugratdylar.

Aşgabadyň Halkara howa menziline gelende Gahryman Arkadagymyzy resmi adamlar we BAE-niň Türkmenistandaky ilçihanasynyň wekili garşyladylar. Diplomat türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy saparyň üstünlikli tamamlanmagy bilen tüýs ýürekden gutlap, geçirilen duşuşyklaryň we gepleşikleriň çäklerinde gazanylan ähli ylalaşyklaryň iki ýurduň, olaryň doganlyk halklarynyň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy hem-de dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

Gahryman Arkadagymyz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, dostlukly ýurda amala aşyran şu gezekki iş saparynyň Türkmenistan bilen BAE-niň arasyndaky deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak, özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanýan döwletara gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejä çykarylmagyndaky möhüm ähmiýetini belläp, geçirilen duşuşyklaryň barşynda birnäçe ugurlardaky däp bolan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça anyk teklipleriň beýan edilendigini we degişli ylalaşyklaryň gazanylandygyny aýtdy. Gazanylan ylalaşyklaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi iki dostlukly ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam berer.

***

Gol çekilen resminamalar:

1. «Türkmengaz» döwlet konserni bilen Abu-Dabiniň milli nebit kompaniýasynyň (ADNOC) arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama (şu özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň maksady taraplaryň «Galkynyş» gaz käniniň III tapgyryny özleşdirmek üçin strategik hyzmatdaşlary çekmek meýlinden we olaryň tebigy gazy sebitiň ýurtlaryna we beýleki döwletlere ibermek üçin gaz geçiriji infrastrukturany gurmaga degişli energetika taslamalaryny durmuşa geçirmäge gatnaşmak mümkinçiliginden ybaratdyr);

2. «Türkmengaz» döwlet konserni bilen Abu-Dabiniň milli nebit kompaniýasynyň (ADNOC) arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama (şu hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnamanyň maksady taraplaryň metanyň atmosfera zyňyndylaryny azaltmak ulgamynda özara bähbitli ylmy-tehniki we ykdysady hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçiliklerini öwrenmek meýlinden ybaratdyr);

3. Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň hem-de «First Abu Dhabi Bank» bankynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk;

4. «Türkmennebit» döwlet konserniniň we «Dragon Oil (Türkmenistan) Ltd.» kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;

5. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenhowaýollary» agentliginiň hem-de «Dubai Aviation Corporation» kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama.

05.01.2024

Türkmenistanyň Prezidentiniň we Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Hormatly Prezidentimiz goňşy döwletiň Baştutany bilen mähirli salamlaşyp, Eýran Yslam Respublikasynyň Kerman şäherinde bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelere getiren terrorçylykly hereket baradaky habary uly gynanç bilen kabul edendigini belledi. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem bu pajygaly waka zerarly Size we doganlyk eýran halkyna çuňňur gynanç bildirýär diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu agyr pursatda gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna, ýakynlaryna halkymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan ýürekden gynanjyny, medet beriji sözlerini beýan etdi hem-de Beýik Biribardan ejir çekenleriň tiz wagtda sagalmaklaryny dileg etdi.

Dostlukly ýurduň Lideri Eýranyň halkynyň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan şu agyr pursatda medet beriji sözleri we goldawy üçin hoşallyk bildirdi.

Pursatdan peýdalanyp, Eýranyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi öz adyndan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza pajygaly waka zerarly goldaw we medet beriji sözleri üçin hoşallygyny ýetirmegini döwlet Baştutanymyzdan haýyş etdi.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda taraplar iki halkyň arasyndaky taryhy we medeni gatnaşyklaryň gadymdan gözbaş alýandygyny kanagatlanma bilen bellediler. Şunuň bilen baglylykda, doganlyk ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň soňky ýyllarda ikitaraplaýyn görnüşde we halkara guramalaryň çäklerinde birek-birege hormat goýmak, özara düşünişmek ýörelgeleri esasynda ösdürilýändigi, täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýandygy nygtaldy.

Türkmenistan Eýran Yslam Respublikasy bilen netijeli söwda-ykdysady gatnaşyklary alyp barýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we ýangyç-energetika toplumynda, ulag-aragatnaşyk, ýeňil senagat, oba hojalygy, gaýtadan işleýän pudaklarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly mümkinçilikleriň bardygyny belledi. Medeni-ynsanperwer ulgam hem türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda görkezildi.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti şu agyr pursatda duýgudaşlyk bildirendigi üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza we Gahryman Arkadagymyza ýene-de bir gezek hoşallyk sözlerini beýan etdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Prezident Seýed Ebrahim Raisi birek-birege berk jan saglyk, jogapkärli döwlet işinde mundan beýläk-de üstünlikleri, iki ýurduň doganlyk halklaryna bolsa parahatçylyk, abadançylyk, rowaçlyk arzuw etdiler.

04.01.2024

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Birleşen Arap Emirliklerine iş sapary başlandy

Aşgabat — Abu-Dabi, 4-nji ýanwar (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Birleşen Arap Emirliklerine ugrady.

Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde Gahryman Arkadagymyzy resmi adamlar, şeýle hem BAE-niň Türkmenistandaky ilçihanasynyň wekili ugratdy.

Diplomat bilen bolan söhbetdeşligiň barşynda iki ýurduň dostluk, ynanyşmak we özara düşünişmek däplerinde ösdürilýän netijeli döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga özara gyzyklanma bildirýändigi nygtaldy. Yzygiderli geçirilýän ikitaraplaýyn duşuşyklar ýurtlaryň her biriniň durmuş-ykdysady ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryna we milli bähbitlerine doly laýyk gelýän hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmaga çalşylýandygyna şaýatlyk edýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň geçen ýylyň fewral aýynda Birleşen Arap Emirliklerine amala aşyran resmi sapary ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde, ilkinji nobatda, abraýly sebit we halkara guramalaryň çäklerinde üstünlikli guralýan döwletara gatnaşyklaryň taryhynda möhüm waka boldy. Şol saparyň barşynda möhüm ylalaşyklar gazanyldy.

BAE-niň Türkmenistandaky wekili Gahryman Arkadagymyza şu saparyň çäklerinde meýilleşdirilen duşuşyklaryň netijeli geçirilmeginde üstünlikleri arzuw edip, onuň türkmen-emirlikler hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine täze, kuwwatly itergi berjekdigine, iki ýurduň halklarynyň arasyndaky däp bolan dost-doganlyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň uçary Abu-Dabi şäherine tarap ugrady.

Iki ýarym sagatdan soňra, Gahryman Arkadagymyzyň uçary Birleşen Arap Emirlikleriniň paýtagtynyň iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Halkara howa menziline gondy. Belent mertebeli myhmanyň gelmeginiň hormatyna haly düşelen ýodajygyň ugrunda Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzüldi. Howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Liderini BAE-niň energetika ministri Suhail Al Mazrui we beýleki resmi adamlar mähirli garşyladylar.

Gysga wagtlyk söhbetdeşligiň barşynda dünýäniň okgunly ösýän döwletleriniň biri hökmünde Birleşen Arap Emirlikleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň hemmetaraplaýyn giňeldilmegine ýurdumyz tarapyndan aýratyn ähmiýet berilýändigi nygtaldy. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy dürli derejede yzygiderli geçirilýän gepleşikleriň köp babatda ýola goýlan gatnaşyklary ösdürmäge ýardam edýändigini belläp, şu saparyň çäklerinde meýilleşdirilen duşuşyklaryň hem üstünlikli boljakdygyna ynam bildirdi. Bu duşuşyklar däp bolan hyzmatdaşlygy täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga goşant goşar.

Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow BAE-niň Prezidentiniň Türkmenistan bilen işler boýunça wekili Mohamed Said Mohamed Al-Ariki bilen duşuşdy.

Mohamed Said Mohamed Al-Ariki Gahryman Arkadagymyza wagt tapyp duşuşandygy üçin hoşallyk bildirip, BAE-niň tutuş dünýäde belent abraýa eýe bolan Türkmenistan bilen ysnyşykly, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga uly gyzyklanma bildirýändigini nygtady. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler, ilkinji nobatda, milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmak babatda durmuşa geçirilýän işler Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan durnukly we ýokary depginde ösmegini üpjün etdi. Türkmen tarapy gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlaryň ählisi — daşary ýurt döwletleri hem-de oňyn iş tejribesine we innowasion işläp taýýarlamalara eýe bolan aýry-aýry kompaniýalar bilen netijeli gatnaşyklar üçin hemişe açykdyr diýip, Gahryman Arkadagymyz nygtady.

Türkmen halkynyň Milli Lideri ygtybarly, berk kanunçylyk binýadynyň we amatly maýa goýum ýagdaýynyň daşary ýurtly işewürleriň geljegi uly türkmen bazarynda üstünlikli işlemekleri üçin ähli şertleri döredýändigini belläp, Birleşen Arap Emirliklerine şu gezekki saparyň barşynda geljegi uly ugurlaryň ençemesi boýunça özara gatnaşyklaryň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak üçin oňaýly şertleriň dörediljekdigine ynam bildirdi. Söwda-ykdysady, bank-maliýe, ýangyç-energetika ulgamlary türkmen-emirlikler hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan tebigy gazyň ägirt uly gorlaryna eýe bolmak bilen, mawy ýangyjyň uly ýataklaryny özleşdirmek we öz energiýa serişdelerini halkara bazarlara ibermegiň eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça giň gerimli işleri alyp barýar. Şol bir wagtyň özünde, Türkmenistan “ýaşyl” energetikany ösdürmäge aýratyn üns bermek bilen, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini giňden ulanmak babatda taslamalary ilerletmäge gönükdirilen yzygiderli çäreleri amala aşyrýar. Ulag-kommunikasiýa ulgamy hyzmatdaşlygyň beýleki bir geljegi uly ugry hasaplanýar. Türkmenistan bu ulgamy milli bähbitlerini hem-de çäk taýdan amatly ýerleşmegini nazara almak bilen, okgunly ösdürýär.

Mohamed Said Mohamed Al-Ariki duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin ýene-de bir gezek hoşallyk bildirip, türkmen halkynyň Milli Liderine şu saparyň çäklerinde geçiriljek, türkmen-emirlikler ykdysady gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga we mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam etjek duşuşyklaryň netijeli bolmagyny arzuw etdi.

Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň hem-de beýleki ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri ýangyç-energetika toplumynyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, ýurdumyzyň BAE bilen ozaldan bäri ysnyşykly, özara bähbitli hyzmatdaşlyk edýändigini belledi hem-de bu ugurdaky işleri mundan beýläk-de işjeňleşdirmegiň zerurdygyna aýratyn ünsi çekdi.

Maslahatyň dowamynda ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugurlarynyň çatrygynda ýerleşýän Türkmenistanyň üstaşyr ulag kuwwatyndan netijeli peýdalanmak meselelerine garaldy. Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän ýurdumyz ulag ulgamynyň ähli ugurlary bilen bir hatarda, howa ýollaryny hem yzygiderli ösdürýär. Aşgabat — Dubaý — Aşgabat ugry boýunça gatnawlar ýola goýuldy. Ertir bolsa Abu-Dabä ilkinji ýolagçy uçarynyň uçuşy amala aşyrylar. Munuň özi döwletara gatnaşyklaryň täze derejä çykarylýandygyna şaýatlyk edýär.

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň möhüm başlangyçlarynyň esasynda Türkmenistanyň daşary ýurtlar bilen maýa goýum hyzmatdaşlygy barha baý many-mazmuna eýe bolýar. Dünýäniň dürli banklary bilen netijeli gatnaşyklar ýola goýuldy. Hususan-da, Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky özgertmeleri üstünlikli amala aşyryp, BAE-niň iri banklary bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär.

Gahryman Arkadagymyz Birleşen Arap Emirlikleri bilen köpugurly ikitaraplaýyn gatnaşyklary yzygiderli pugtalandyrmagyň wajypdygyny nygtap, bu ugurda durmuşa geçirilýän çäreleri hemişe gözegçilikde saklamak babatda anyk tabşyryklary berdi.

Günüň ikinji ýarymynda BAE-niň Prezidentiniň “Al Şati” köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşygy boldy. BAE-niň Prezidenti belent mertebeli myhmany mähirli mübärekläp, ähli ugurlar boýunça uly mümkinçiliklere eýe bolan köpýyllyk döwletara gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen belledi we pursatdan peýdalanyp, Gahryman Arkadagymyza däp bolan hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürmäge berýän aýratyn ünsi hem-de goldawy üçin hoşallyk bildirdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri dostlukly ýurduň Baştutanyna mähirli kabul edendigi we myhmansöýerlik üçin minnetdarlyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň mähirli salamyny hem-de hoşniýetli arzuwlaryny ýetirdi. Döwlet Baştutanymyzyň geçen ýylyň dekabrynda Birleşen Arap Emirliklerine amala aşyran iş saparyny aýratyn mähirli duýgular bilen ýatlaýandygy bellenildi.

Hormatly Arkadagymyz bu gezekki saparyň biziň halklarymyzyň arasyndaky ýakyn, ynanyşykly we özara bähbitli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam berjekdigine ynam bildirip, Prezident Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýany ýaňy-ýakynda Dubaý şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatynyň (COP28) üstünlikli geçirilmegi bilen gutlady.

Birleşen Arap Emirlikleri biziň dostumyzdyr, ygtybarly ykdysady we söwda hyzmatdaşymyzdyr, häzirki döwrüň köp sanly örän möhüm soraglaryny çözmekde pikirdeşimizdir diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Prezident Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýan Türkmenistan bilen BAE-niň arasynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýedigini nygtap, ýurdumyzyň öňe sürýän, durnukly hem-de ählumumy ösüşe gönükdirilen ähli başlangyçlaryny goldaýandygyny aýtdy.

Ynanyşmak, dostluk ýagdaýynda geçen duşuşygyň dowamynda söhbetdeşler taraplaryň iki döwletiň we olaryň doganlyk halklarynyň bähbidine däp bolan gatnaşyklary ösdürmäge mundan beýläk-de uly üns bermäge meýillidigini tassykladylar. Umumy pikire görä, Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasynda Hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki komitet hem ikitaraplaýyn gatnaşyklary depginli ösdürmekde möhüm orny eýeleýär. Şunuň bilen birlikde, türkmen-emirlikler ykdysady hyzmatdaşlygynyň geljegi uly ugurlary hem kesgitlenilýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Birleşen Arap Emirlikleriniň maliýe guramalary bilen hyzmatdaşlygyň üstünlikli ösdürilýändigini belledi. Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ulgamlarynyň hatarynda energetika, ulag-kommunikasiýa, senagat we agrosenagat toplumy, ýokary tehnologiýalar ýaly ugurlar bar.

Gahryman Arkadagymyz geljegi uly ugurlar boýunça gatnaşyklary ösdürmek babatda täze, anyk başlangyçlary beýan edip, tiz wagtda iş ýüzünde durmuşa geçirmek üçin, olaryň emirlikler tarapyndan doly goldawa mynasyp boljakdygyna ynam bildirdi. Ylym, medeniýet, sport ugurlary boýunça döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň wajypdygyna aýratyn üns berildi. Şunlukda, ozal gazanylan ylalaşyklar seljerilip, degişli karara gelindi.

Duşuşygyň ahyrynda Gahryman Arkadagymyz Prezident Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýany özi üçin amatly wagtda Türkmenistana gelmäge çagyrdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow we BAE-niň Prezidenti mähirli hoşlaşyp, ýola goýlan netijeli döwletara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler we iki ýurduň halklaryna bagtyýarlyk, parahatçylyk, abadançylyk arzuw etdiler.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Arap Emirliklerine iş sapary dowam edýär.

04.01.2024

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Onuň dowamynda özara bähbitlilik, deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda ösdürilýän döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Söhbetdeşligiň başynda Gahryman Arkadagymyz we Özbegistanyň Prezidenti birek-biregi ýetip gelýän Täze ýyl bilen gutlap, iki ýurduň halklaryna parahatçylyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, rowaçlyk arzuw etdiler. Pursatdan peýdalanyp, özbek Lideri hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri dostlukly döwletiň Baştutanyna şu gezekki telefon arkaly söhbetdeşligi geçirmek başlangyjy üçin minnetdarlyk bildirip, guralýan her bir duşuşygyň ýa-da gepleşikleriň, ilkinji nobatda, türkmen hem-de özbek halklarynyň hoşniýetli goňşuçylyk, dost-doganlyk gatnaşyklarynyň aýdyň beýany bolup durýandygyny belledi. Umumy taryh, medeniýet, däp-dessurlar Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasynda giň ugurlar boýunça uzak möhletleýin esasda ýola goýlan gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagy üçin berk binýat bolup hyzmat edýär.

Nygtalyşy ýaly, uzak ýyllaryň dowamynda ýokary, döwlet derejesinde ýola goýlan açyk, netijeli, şol bir wagtyň özünde, dostlukly syýasy dialog ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegine kuwwatly itergi beriji güýçdür. Iki ýurduň Liderleriniň hem-de ýolbaşçylarynyň yzygiderli duşuşyklarynyň dowamynda türkmen-özbek strategik hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak bilen baglanyşykly meselelere garalýar. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy şeýle hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň möhümdigine ünsi çekmek bilen, häzirki günde döwrüň iki dostlukly goňşy döwletden Merkezi Aziýada durnukly ösüşi üpjün etmek üçin has jebisligi, tagallalaryň birleşdirilmegini, hereketleriň utgaşdyrylmagyny talap edýändigini nygtady.

Söhbetdeşler iki döwletiň arasyndaky doganlyk gatnaşyklary olaryň halklaryna mahsus ruhda mynasyp derejede we yzygiderli ösdürmegi maksat edinýändiklerini aýdyp, häzirki döwürde Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň üstüniň täze mazmun bilen ýetirilýändigini kanagatlanma bilen bellediler. Geçmişde biziň ýurtlarymyzyň çäklerinden geçip, asyrlaryň dowamynda Aziýany we Ýewropany baglanyşdyran Beýik Ýüpek ýoly baradaky meseleler pikir alyşmalaryň esasy ugurlarynyň biri boldy. Türkmenistan we Özbegistan bu ýoluň merkezinde ýerleşmek bilen, şu günki günde taryhy geçelgäniň dikeldilmegi, onuň ägirt uly mümkinçilikleriniň häzirki zaman şertlerinde peýdalanylmagy ugrunda uly tagalla edýärler. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň hem ulag we energetika ulgamlarynda strategik hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge taýýardygy tassyklanyldy.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy tamamlanyp barýan ýylyň türkmen-özbek gatnaşyklarynda möhüm wakalara baý bolandygyny we olaryň halklarymyzyň arasyndaky üýtgewsiz dost-doganlygyň aýdyň beýanyna öwrülendigini kanagatlanma bilen belläp, ýetip gelýän 2024-nji ýylda hem ikitaraplaýyn syýasy-diplomatik hyzmatdaşlygyň ozalkylary ýaly okgunly depgine eýe boljakdygyna, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdi.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew birek-birege berk jan saglyk, jogapkärli döwlet işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdiler.

28.12.2023
1 ... 9 10 11 12 13 ... 22