Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Walentina MATWIÝENKO, Russiýa Federasiýasynyň Federal
Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy
— Ilki bilen, Bitaraplygyň dostlary toparyna agza ýurtlaryň parlament ýolbaşçylarynyň «Parahatçylygy we dialogy berkitmekde parlament hyzmatdaşlygynyň orny» atly birinji duşuşygynyň ýokary derejede guralandygy üçin sag bolsun aýdýaryn. Şeýle hem Türkmenistanyň bitaraplyk syýasatyndan ugur alyp, diňe bir Merkezi Aziýa sebitinde däl, eýsem, bütin dünýäde köpugurly gatnaşyklary ösdürmäge uly goşant goşýandygyny nygtamak isleýärin.
Russiýa Federasiýasy Türkmenistanyň daşary syýasat ýörelgelerini kesgitleýän bitaraplyk derejesine uly hormat goýýar. Biziň ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda kabul eden «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamasynyň awtordaşlarynyň biridir. Şeýle-de Russiýa 2020-nji ýylda, ýagny döredilen wagty parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary toparynyň agzasy boldy. Her ýylyň 12-nji dekabrynda, bütin dünýäde bolşy ýaly, Russiýada hem Halkara Bitaraplyk güni bellenýär.
Aşgabat yzygiderli iri halkara forumlaryň, şol sanda parlament hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça çäreleriň geçirilýän merkezine öwrüldi. Türkmen paýtagtynda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumynyň işine hem badalga berlipdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça bu ugurdaky hyzmatdaşlygyň «Aşgabat görnüşi» döredildi we ony yzygiderli geçirmek meýilleşdirilýär.
Şu duşuşygymyzyň şygary hökmünde «Parahatçylygy we dialogy berkitmekde parlament hyzmatdaşlygynyň orny» diýen sözleriň saýlanyp alynmagy ýöne ýere däl. Geljekde hem Bitaraplygyň dostlary hökmünde ynanyşmagy berkitmekde bilelikde alyp barýan işlerimiziň üstünliklere beslenmegini arzuw edýärin.