Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
2024-nji ýylyň 2-5-nji marty aralygynda Kot-d’Iwuar Respublikasynyň Abidjan şäherinde geçirilen Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Birleşiginiň (PUIC) 18-nji maslahaty geçirildi.
Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýeti Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Birleşiginiň (PUIC) 18-nji maslahatynyň açylyş dabarasyna we onuň çäginde guralan Ykdysady meseleler boyunça hemişelik ýöriteleşdirilen komitetiň 10-njy hem-de Aziya toparynyň maslahatlaşma duşuşygyna gatnaşdylar.
Çykyşlarda häzirki wagtda durnukly ösüş maksatlaryna ýetilmeginde hem-de howanyň üýtgemegi bilen bagly meselelerde parlamentler derejesinde hyzmatdaşlygyň ähmiýeti bellenildi.