Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
2024-nji ýylyň 13-14-nji maýynda Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Aziýa zenanlar forumyna gatnaşmak üçin Özbegistan Respublikasynyň Samarkant şäherinde iş saparynda bolýarlar.
Maslahatyň maksady zenanlaryň mümkinçiliklerini durmuşa geçirmekden, ykdysadyýete gatnaşygyny giňeltmekden, şeýle hem häzirki zaman şertlerinde zenanlaryň ornuny ýokarlandyrmak boýunça tejribe alyşmak üçin sebitde özboluşly gepleşik giňişligini döretmekden ybaratdyr.
Meýilnama laýyklykda, Mejlisiň wekilleri «Zenanlaryň ykdysady, jemgyýetçilik we syýasy hukuklaryny hem-de mümkinçiliklerini giňeltmäge sebitleýin çemeleşme» atly Aziýa zenanlar forumynda Merkezi Aziýa sebitinde gender deňligini üpjün etmekde durmuşa geçirilýän işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak, ähli zenanlaryň hem-de gyzlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek boýunça Durnukly ösüş maksatlaryny üstünlikli durmuşa geçirmekde alnyp barylýan maksatnamalaýyn işler dogrusynda çykyş etdiler.