Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Gruziýanyň Parlamentiniň Iş saparynyň ikinji güni Mejlisiň wekilleriniň Türkmenistan-Gruziýa parlamentara dostluk toparynyň agzasy Giorgi Tsagareişwili bilen duşuşygy boldy. Giorgi Tsagareişwili ýakynda Gruziýanyň Parlamentiniň Başlygy Şalwa Papuaşwiliniň Türkmenistana amala aşyran saparynyň parlamentara hyzmatdaşlygyň ösüşinde aýratyn orna eýe bolandygyny nygtady. 2023-nji ýylda Gruziýa-Türkmenistan Parlamentara dostluk toparynyň Türkmenistana iş saparynyň hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekde möhüm ähmiýete eýe bolandygyny bellenildi.
Türkmenistanyň Mejlisiniň wekili Beýik ýüpek ýoluny häzirki zaman talaplaryna laýyklykda dikeltmek boýunça Türkmenistanyň halkara jemgyýetçiliginde oňyn başlangyçlary öňe sürýändigini bellemek bilen bu ugurda ýurtda iri logistik düzümleriň emele getirmek boýunça alnyp barylan işler dogrusynda gürrüň berdi. Şeýle hem, parlament diplomatiýasynyň ornuny berkitmek, parlamentara dostluk toparlarynyň işini ösdürmek babatynda söhbet edildi. Duşuşygyň ahyrynda taraplar parlamentara dostluk toparlarynyň işlerini mundan beýläk hem işjeňleşdirmegiň ugurlary barada pikir alyşdylar.
Wekiliýetiň Gruziýa iş sapary dowam edýär.