Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
24-nji martda Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Ženewa şäherine iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýeti dünýäniň dürli ýurtlarynyň wekilleriniň, şol sanda 55 ýurduň milli parlamentleriň ýolbaşçylarynyň wekilçilik eden Parlamentara Bileleşigiň Assambleýasynyň işine gatnaşdy.
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa öz çykyşynda Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parahatçylyk döredijilik, hoşniýetli goňşuçylyk syýasatynyň ähmiýeti, sebitde we dünýäde howpsuzlygy üpjün etmekde Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň möhüm orny barada belledi.
Şeýle hem ýurdumyzyň ählumumy we sebitleýin derejede, şol sanda parlamentara diplomatiýasynyň gurallary arkaly parahatçylygy we ynanyşmagy berkitmekde amala aşyrylýan başlangyçlary barada durup geçdi, bu babatda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda, 2025-nji ýylyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edilmeginiň ýurdumyzyň parahatçylyksöýüjilikli syýasatynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan goldanylýandygynyň aýdyň subutnamasy bolandygyny belledi.
Şeýle hem şu ýyl Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasy bilen bilelikde sebitleýin maslahatyň geçirilmeginiň meýilleşdirilýändigi barada habar berildi.