Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Ženewa şäherine iş saparynyň çäklerinde 2024-nji ýylyň 23-nji martynda gender syýasatynyň ugurlaryna we durnukly parahatçylygy üpjün etmekde parahatçylyk dörediji zenanlaryň ornuna bagyşlanan Zenan Parlamentarileriniň Forumynyň 37-nji mejlisine gatnaşdy.
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Forumda işinde çykyş etmek bilen, Türkmenistanda gender deňligini üpjün etmek we zenanlaryň mümkinçilikleriniň ýokarlandyrylmagy babatda Birleşen Milletler Guramasy we beýleki abraýly halkara düzümler bilen hyzmatdaşlykda alnyp barylýan işleriň netijeliligi barada belledi.
Şeýle hem Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda kanunçykaryjylyk ulgamynda we parlamentara gatnaşyklary babatda gazanylan üstünlikler, ýurdumyzyň gender deňligini üpjün etmek boýunça toplan tejribesi barada durlup geçildi.
Türkmenistanda gender deňligini üpjün etmek boýunça 2021 – 2025-nji ýyllarda hereketleriň Milli meýilnamasynyň durmuşa geçirilişi barada aýratyn bellenildi.