Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
2023-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Bangladeş Halk Respublikasynyň Türkmenistana bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi M.Amanul Hakdan ynanç hatyny kabul etdi.
Milli parlamentiň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan ilçini ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlap, iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça alyp barýan işinde üstünlikleri arzuw etdi.
Şeýle hem, Türkmenistanyň Mejlisiniň başlygy ilçini türkmen parlamentiniň düzümi hem-de dürli ulgamlarda amala aşyrylýan özgertmeleri kanunçylyk taýdan üpjün etmek boýunça alyp barýan köpugurly işi bilen tanyşdyrdy. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň arasynda parlamentara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek barada pikir alyşyldy.
Duşuşygyň ahyrynda Bangladeş Halk Respublikasynyň Türkmenistana bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi M.Amanul Hak iki ýurduň bähbitlerine doly laýyk gelýän köpugurly we netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.