Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

Türkmenistanyň Mejlisinde şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynyň netijelerine bagyşlanan maslahat geçirildi

 

2025-nji ýylyň 4-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Mejlisinde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ýanwar-sentýabr aýlarynda ýurdumyzyň kanunçylygyny milli ýörelgelere we halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda kämilleşdirmek boýunça  alnyp barlan işleriň netijelerine bagyşlanan maslahat geçirildi. 

Maslahatda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynyň ähli ugurlarynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleri kanunçylyk taýdan üpjün etmek boýunça öňde goýan wezipelerinden ugur alnyp, degişli işleriň durmuşa geçirilýändigi bellenildi.

Şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda ýurdumyzyň durmuşynyň dürli ugurlaryna degişli jemgyýetçilik gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän     hem-de döwletimiziň daşary syýasat başlangyçlaryny hukuk taýdan goldamak bilen baglanyşykly Türkmenistanyň kanunlarynyň 16-sy,      şol sanda «Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk we ynanyşmak syýasatynyň hukuk esaslary hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanuny, «Türkmenistanyň Raýat kodeksini tassyklamak we herekete girizmek hakynda», «Kazyýet hakynda», «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda», «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny döretmek hakynda», «1966-njy ýylyň Ýük markalary hakynda Halkara konwensiýasyna degişli 1988-nji ýylyň Teswirnamasyna goşulmak hakynda»Türkmenistanyň kanunlary, şeýle hem Mejlisiň kararlarynyň 14-si kabul edildi.

Maslahatda Mejlisde döredilen iş toparlarynda raýatlaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramak, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda, şol sanda ylym, bilim, saglyk hem-de daşary syýasy iş babatda hereket edýän birnäçe kanunlary döwrüň talabyna laýyklykda kämilleşdirmek boýunça alnyp barlan işler barada çykyşlar diňlenildi.

Şeýle-de halkara guramalar bilen ýola goýlan netijeli gatnaşyklary ösdürmek we parlamentara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hem durlup geçildi. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýakyndan ýardam bermeginde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň we onuň çäklerinde geçirilen  Parlament forumynyň ýurdumyzyň  parahatçylyk döredijilik we bitaraplyk ýörelgelerini wagyz etmekde hem-de dünýä  ýaýmakda, şeýle-de parlamentara gatnaşyklary ösdürmekde möhüm ähmiýeti bellenip geçildi. 

Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çuň manyly maksatnamalaýyn çykyşlaryndan gelip çykýan wezipeleri, maslahatda  kabul edilen il-ýurt bähbitli çözgütleriň,  şeýle hem  ýurdumyzyň halkara giňişliginde öňe sürýän  umumadamzat ähmiýetli başlangyçlarynyň, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň, ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygynyň  hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygynyň,   taryhy, syýasy-jemgyýetçilik ähmiýetini, şeýle  hem  döwletimiziň      alyp barýan ynsanperwer döwlet syýasatyny wagyz-nesihat etmek, kabul edilýän kanunlaryň many-mazmunyny halk köpçüligine düşündirmek boýunça durmuşa geçirilýän işler ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de bu ugurda öňde durýan wezipeler kesgitlenildi.

Maslahata gatnaşyjylar döwletimiziň hukuk esaslaryny yzygiderli pugtalandyrmak, ýurdumyzda amala aşyrylýan syýasy, ykdysady we medeni özgertmeleriň kanunçylyk binýadyny berkitmek barada ähli tagallalary etjekdiklerine Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzy we Gahryman Arkadagymyzy ynandyrdylar.

04.10.2025

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň dokuz aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa milli parlamentiň döwletimiziň kanunçylyk-hukuk binýadyny pugtalandyrmak boýunça şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, şu döwürde Türkmenistanyň Kanunlarynyň 16-sy kabul edildi. Şolaryň hatarynda “Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk we ynanyşmak syýasatynyň hukuk esaslary hakynda” Türkmenistanyň Konstitusion kanuny, “Türkmenistanyň Raýat kodeksini tassyklamak we herekete girizmek hakynda”, “Kazyýet hakynda”, “Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda”, “Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna” atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny döretmek hakynda”, “Ýük markalary hakynda Halkara konwensiýasyna degişli Teswirnama goşulmak hakynda” Türkmenistanyň Kanunlary bar. Döwrüň talaplaryna laýyklykda, jenaýat, arbitraž, raýat we jenaýat iş ýörediş, maşgala, zähmet gatnaşyklary, salgytlar, administratiw önümçilik, awtomobil ulagy, migrasiýa, içeri işler edaralary, gümrük meseleleri bilen baglanyşykly hereket edýän käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi. Şeýle-de şu döwürde Mejlisiň kararlarynyň 14-si kabul edildi.

Mejlisde daşary ýurt döwletleriniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçileriniň 9-syndan ynanç hatlary kabul edildi, dünýäniň dürli döwletleriniň parlamentleriniň, diplomatik wekilhanalaryň wekilleri bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meseleleri boýunça duşuşyklaryň 51-si geçirildi. Şunuň bilen birlikde, Mejlisiň deputatlary we hünärmenleri kanun çykaryjylyk işini kämilleşdirmek, döwlet maksatnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça halkara guramalar bilen bilelikde guralan maslahatlaryň 78-sine gatnaşdylar. Kanun çykaryjylyk işinde tejribe alyşmak maksady bilen, deputatlaryň daşary ýurtlara iş saparlarynyň 29-sy guraldy. “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde Parlament forumy guramaçylykly geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz berkarar döwletimizi mundan beýläk-de ösdürmegiň we ýurdumyzyň hukuk binýadyny kämilleşdirmegiň möhümdigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça işleri dowam etdirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow şu ýylyň dokuz aýynyň makroykdysady görkezijileri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň we ýurdumyzyň sebitleriniň durnukly ösüşini üpjün etmäge, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen çäreler amala aşyrylýar. Şunuň netijesinde, hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterime deň boldy. Şol sanda ösüş depgini senagat pudagynda 1,8 göterime, gurluşykda 7 göterime, ulag-aragatnaşyk pudagynda 10,8 göterime, söwdada 9,6 göterime, oba hojalygynda 5 göterime, hyzmatlar ulgamynda 8,4 göterime deň boldy. Şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda, 2024-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 10 göterim artyp, ykdysadyýetiň pudaklarynda oňyn önümçilik görkezijileri gazanyldy. Bölek satuw haryt dolanyşygy 13,2 göterim, daşary söwda dolanyşygy bolsa 8,5 göterim ýokarlandy. Ýanwar — sentýabr aýlarynda Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 100,2 göterim, çykdajy bölegi bolsa 96,3 göterim ýerine ýetirildi.

Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky, 2024-nji ýylyň degişli döwrüne görä, 11,8 göterim ýokarlandy. Zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary, talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi. Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 8,7 göterim artdy. Şeýle hem “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň” çäklerinde ýerine ýetirilen işler, hususan-da, dürli maksatly desgalaryň gurluşyklarynyň we durkuny täzelemek işleriniň barşy barada hasabat berildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ykdysadyýet, maliýe we bank toplumynyň işini yzygiderli kämilleşdirmek, jemi içerki önümiň ösüş depginini durnukly saklamak, pudaklary sazlaşykly ösdürmek boýunça işleri dowam etmegiň möhümdigini aýtdy hem-de wise-premýere bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow ýurdumyzda nebitiň we gazyň çykarylyşyny artdyrmak, olary dünýä bazaryna çykarmagyň ugurlaryny giňeltmek babatda şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan nebit çykarmagyň meýilnamasy 109,7 göterim boldy. Nebiti gaýtadan işleýän zawodlar tarapyndan nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 109,4 göterim ýerine ýetirildi. Hasabat döwründe benzin öndürmegiň meýilnamasy 108,8 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 101 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasy 100 göterim, tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň meýilnamasy 103,1 göterim berjaý edildi. Şunuň bilen bir hatarda, polipropilen, suwuklandyrylan gazy öndürmek, tebigy gazy daşary ýurtlara ibermek boýunça gazanylan tehniki-ykdysady görkezijiler barada aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, nebitgaz toplumynyň kärhanalarynyň önümçilik kuwwatyny netijeli ulanmagyň wajypdygyny belledi. Häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmagyň hasabyna uglewodorod serişdeleriniň täze gorlaryny açmagy dowam etdirmek, nebiti we tebigy gazy gaýtadan işlemegi yzygiderli kämilleşdirmek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew gözegçilik edýän toplumynda 2025-nji ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, ýurdumyzyň welaýatlarynda oba hojalyk işleriniň geçirilişi barada hasabat berdi. Nygtalyşy ýaly, oba hojalyk pudagy boýunça önümçiligiň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 112,9 göterime deň boldy. Bu görkeziji Oba hojalyk ministrligi boýunça 102,3 göterime, Daşky gurşawy goramak ministrligi boýunça 100,9 göterime, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça 136,4 göterime, “Türkmenpagta” döwlet konserni boýunça 124,2 göterime, “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşigi boýunça 104,6 göterime, “Türkmenobahyzmat” döwlet birleşigi boýunça 101 göterime, Azyk senagaty döwlet birleşigi boýunça 109,9 göterime, Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşigi boýunça 102,6 göterime, “Türkmen atlary” döwlet birleşigi boýunça 101,1 göterime deň boldy. Maýa goýum serişdelerini özleşdirmegiň meýilnamasy 259,7 göterim ýerine ýetirildi.

Welaýatlarda bugdaý ekişi dowam edýär. Şunda ulanylýan oba hojalyk tehnikalaryny we bugdaý ekijileri netijeli işletmek, ekiş geçirilen meýdanlara gögeriş suwuny tutmak boýunça zerur çäreler görülýär. Şeýle-de welaýatlarda pagta ýygymy dowam edýär. Ýetişdirilen hasyly gysga wagtda ýygnap almak, pagta arassalaýjy kärhanalarda kabul edilen hasyly gaýtadan işlemek boýunça degişli işler geçirilýär.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işlerini berk gözegçilikde saklamagyň, pagta ýygymynyň depginini artdyrmagyň, welaýatlarda bugdaý ekişine gözegçilik etmegiň, ýokary hasyl almak üçin zerur işleri geçirmegiň, maldarçylygy ösdürmek we mallaryň baş sanyny artdyrmak işine aýratyn üns bermegiň möhümdigini belledi hem-de wise-premýere bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Wise-premýer hasabatyny dowam edip, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak, döwlet dolandyryş ulgamyny kämilleşdirmek boýunça işleriň durmuşa geçirilýändigini aýtdy. Hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda, Ahal welaýatynyň Altyn asyr, Daşoguz welaýatynyň Garaşsyzlyk we Gubadag, Lebap welaýatynyň Farap, Döwletli, Garabekewül, Mary welaýatynyň Oguzhan etrap häkimlikleri döredildi we olaryň işgär sany kesgitlenildi hem-de gurluşlary tassyklanyldy. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, ýakynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde ýurdumyzda birnäçe täze etraplary döretmek barada Kararyň kabul edilendigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Ahal, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň käbir etraplaryna häkimleri we häkimleriň orunbasarlaryny wezipä bellemek barada taýýarlanan resminamalara gol çekendigini aýtdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz täze bellenen ýolbaşçylara üstünlikleri arzuw etdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow gurluşyk we senagat toplumy tarapyndan şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe toplum tarapyndan öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 105 göterim boldy. Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça öndürilen önümleriň, ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň meýilnamasy 114,3 göterim, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi boýunça 108,5 göterim, Energetika ministrligi boýunça 109,5 göterim ýerine ýetirildi. “Türkmenhimiýa” döwlet konserni boýunça bu görkeziji 101,1 göterime barabar boldy. Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 103,3 göterim berjaý edildi. Aşgabat şäheriniň häkimligi boýunça alnyp barlan işleriň möçberi 99 million manada deň boldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, gurluşyk we senagat toplumy boýunça öndürilýän önümleriň möçberini has-da artdyrmak üçin degişli çäreleri görmegiň, täze kärhanalary işe girizmek, önümçilik kuwwatlyklaryny netijeli peýdalanmak boýunça işleri dowam etdirmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere şu ýylda açylyp ulanmaga beriljek binalaryň we desgalaryň gurluşygynyň bellenen möhletlerde tamamlanmagyna berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew gözegçilik edýän ministrliklerinde, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, telekeçilik ulgamynda geçen dokuz aýda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Hasabat döwründe Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça söwda dolanyşygynyň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 118,4 göterime, öndürilen önümleriň ösüş depgini 100,3 göterime barabar boldy. Dokma senagaty ministrligi boýunça önüm öndürmegiň ösüş depgini 107,5 göterim üpjün edildi. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, nah ýüplügiň önümçiligi 116,7 göterime, nah matalaryňky 120,7 göterime, gön önümleriniňki 119,6 göterime deň boldy. “Türkmenhaly” döwlet birleşigi boýunça önüm öndürmegiň meýilnamasy 100 göterim ýerine ýetirildi.

Hasabat döwründe Döwlet haryt-çig mal biržasy tarapyndan 222 birža söwdasy geçirilip, olarda 21 müň 581 şertnama hasaba alyndy. Şu ýylyň dokuz aýynda Söwda-senagat edarasy boýunça ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 116,9 göterime deň boldy. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça oba hojalyk we azyk önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 107,2 göterime, senagat önümleriniňki 105 göterime deň boldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň bazarlarynyň hem-de söwda nokatlarynyň azyk we beýleki zerur harytlar bilen üpjünçiligini yzygiderli gowulandyryp durmagyň wajypdygyny belledi. Söwda we hyzmatlar ulgamlaryny giňeltmegiň, döwrebap kärhanalaryň sanyny artdyrmagyň hasabyna täze iş orunlaryny döretmek, dokma kärhanalarynyň işini döwrebap ýola goýmak boýunça işleri dowam etdirmek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we wise-premýere bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa gözegçilik edýän ulgamynda şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Nygtalyşy ýaly, 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi, hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy, milli senenamamyzda göz öňünde tutulan baýramçylyklar we şanly seneler mynasybetli dürli medeni çärelerdir dabaralar geçirildi. Yglan edilen döredijilik bäsleşikleriniň jemleri jemlendi. Şu ýylyň sentýabr aýynda paýtagtymyzdaky Mejlisler merkezinde Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň baýramçylyk konserti, Döwlet münberiniň öňünde dabaraly baýramçylyk ýörişi, “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada baýramçylyk konserti geçirildi. Şeýle hem kitaphanalar, muzeýler, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri tarapyndan ýerine ýetirilen işler barada hasabat berildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, medeniýet ulgamynyň işini kämilleşdirmek, medeni mirasymyzy giňden wagyz etmek we geljek nesillerimize ýetirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere ýerlerde kitaphanalaryň, medeniýet edaralarynyň alyp barýan işini kämilleşdirmek babatda edilýän işleri berk gözegçilikde saklamagy, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyny bellemäge gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe ylymly-bilimli nesilleri terbiýelemäge gönükdirilen özgertmeler dowam etdirildi. Bilim işine okatmagyň öňdebaryjy usullary giňden ornaşdyryldy, okuw kitaplary neşir edildi. 1-nji synpa gadam basan okuwçylara Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň adyndan “Bilimli” noutbuk kompýuterleri sowgat hökmünde gowşuryldy. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň gatnaşmagynda Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersiteti dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berildi. Mundan başga-da, hasabat döwründe orta mekdepleriň, çagalar baglarynyň ençemesi açyldy. Şu döwürde mekdep okuwçylary halkara ders we internet bäsleşiklerinde 136 altyn, 156 kümüş, 128 bürünç, talyplar bolsa 62 altyn, 109 kümüş, 164 bürünç medala mynasyp boldular.

Öňüni alyş-bejeriş işleriniň öňdebaryjy usullary amaly lukmançylyga ornaşdyryldy. “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň 30 ýyllygy mynasybetli dürli çäreler geçirildi. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna näsag çagalara operasiýalar we bejergiler amala aşyryldy. Bedenterbiýäni, sporty ösdürmek, ussat türgenleri taýýarlamak boýunça işler dowam etdirildi. Sportuň milli we guşakly alyş göreşi boýunça halkara ýaryş, küşt görnüşi boýunça 8, 10 we 12 ýaşly türgenleriň arasynda halkara ýaryş guramaçylykly geçirildi. Ýurdumyzyň milli ýygyndy toparlarynyň agzalary halkara ýaryşlara gatnaşyp, jemi 754 medala mynasyp boldular.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, bilim, ylym, saglygy goraýyş we sport ulgamynyň işini talabalaýyk ýola goýmagyň, bilim edaralarynda ýaşlara döwrebap bilim bermek işine aýratyn üns bermegiň zerurdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere milli saglygy goraýyş ulgamyny, sporty mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça işlere aýratyn üns bermegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda Daşary işler ministrliginiň alyp baran işleriniň netijeleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Bitarap Türkmenistan ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde dostlukly gatnaşyklary hem-de netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen daşary syýasy ugry yzygiderli durmuşa geçirýär. Döwlet Baştutanymyzyň beren tabşyryklaryny, öňde goýan wezipelerini ýerine ýetirmek maksady bilen, hasabat döwründe degişli işler geçirildi.

Ýylyň başyndan bäri hormatly Prezidentimiz Özbegistan Respublikasyna, Russiýa Federasiýasyna, Gazagystan Respublikasyna, Hytaý Halk Respublikasyna, Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparlaryny, Ýaponiýa sapary, Mongoliýa döwlet saparyny amala aşyrdy. Hasabat döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Monako Knýazlygyna, Gazagystan Respublikasyna, Gyrgyz Respublikasyna, Özbegistan Respublikasyna, Fransiýa Respublikasyna, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna, Azerbaýjan Respublikasyna saparlary boldy.

Şu ýylyň awgust aýynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak maksady bilen, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň, San-Tome we Prinsipiniň, Ermenistanyň Prezidentleri, Eswatininiň Patyşasy, Liwiýa Döwletiniň Prezident Geňeşiniň Başlygy Türkmenistana sapary amala aşyrdylar. 22-nji awgustda ýokary derejeli üçtaraplaýyn duşuşyga gatnaşmak üçin Azerbaýjan Respublikasynyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidentleri ýurdumyzda saparda boldular.

Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Milletler Guramasynyň 80-nji ýubileý sessiýasynyň işine gatnaşmak maksady bilen, şu ýylyň 21 — 24-nji sentýabrynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Nýu-Ýork şäherine amala aşyran saparynyň çäklerinde BMG-niň Baş sekretary, Eswatininiň Patyşasy, Awstriýa Respublikasynyň Federal Prezidenti, Portugaliýa Respublikasynyň Prezidenti, Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Prezidenti, Kuweýt Döwletiniň Mirasdüşer Şazadasy bilen duşuşyklary geçirdi. Hasabat döwründe birnäçe ýurtlaryň Hökümet Baştutanlarynyň we ýokary wezipeli wekilleriniň Türkmenistana saparlary boldy.

Sebitara we halkara guramalar bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek ýurdumyzyň daşary syýasy strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, ýylyň başyndan bäri Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Halkara sergiler býurosynyň, Türki Döwletleriň Guramasynyň, Türki medeniýetiň halkara guramasynyň, Halkara awtomobil ulaglary birleşiginiň Baş sekretarlarynyň we beýleki halkara guramalaryň ýolbaşçylarynyňdyr wekilleriniň Türkmenistanda saparda bolandygy bellenildi. Şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda daşary ýurt wekiliýetleriniň Türkmenistana, şeýle hem ýurdumyzyň wekiliýetleriniň daşary ýurtlara amala aşyran saparlary özara gatnaşyklaryň okgunly ösdürilýändiginiň aýdyň mysalydyr. Sanly ulgam arkaly dürli derejedäki duşuşyklaryň 433-si geçirildi. Ýurdumyzda daşary ýurt döwletleriniň we halkara guramalaryň wekilleri bilen resmi gepleşiklerdir duşuşyklaryň 2 müň 63-si guraldy. Ýylyň başyndan bäri Türkmenistanyň halkara gatnaşyklarynyň şertnama-hukuk binýadynyň üsti 134 resminama bilen ýetirildi.

Daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça gatnaşyklar hem yzygiderli amala aşyrylýar. Hasabat döwründe Daşary işler ministrlikleriniň arasynda ikitaraplaýyn geňeşmeleriň birnäçesi guraldy. Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça ýokary wekili — Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti hem-de halkara hyzmatdaşlyk boýunça Ýewropa komissary bilen duşuşyklar geçirildi. Türkmenistanyň daşary syýasy ugruny durmuşa geçirmekde ilçihanalar arkaly diplomatik gatnaşyklary giňeltmäge uly üns berilýär. Hasabat döwründe bu ugurda-da degişli işler dowam etdirildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, dünýä ýurtlary bilen söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer, ylym-bilim ulgamlaryndaky gatnaşyklary yzygiderli berkitmegiň, abraýly halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz wise-premýer, daşary işler ministrine Watanymyzyň Bitaraplyk baýramy bilen bagly geçiriljek halkara çärelere gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Çakyýew gözegçilik edýän düzümlerinde 2025-nji ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, ulag-kommunikasiýa toplumy boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 114 göterime deň boldy. Awtomobil, demir ýol, howa, deňiz we derýa ulaglary arkaly ýük daşamagyň meýilnamasy 101,3 göterim, ýolagçy gatnatmagyň meýilnamasy 104,9 göterim berjaý edildi. Hasabat döwründe Demir ýol ulaglary ministrligi boýunça ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüş depgini 105,1 göterime, Awtomobil ulaglary ministrligi boýunça hyzmatlaryň ösüş depgini 113,6 göterime, “Türkmenhowaýollary” döwlet gullugy boýunça hyzmatlaryň ösüş depgini 114,9 göterime, Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy boýunça bu görkeziji 107,8 göterime, Aragatnaşyk ministrligi boýunça bolsa 120,1 göterime barabar boldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ulag we aragatnaşyk toplumynyň öňünde goýlan wezipeleri doly ýerine ýetirmek üçin toplumyň işini yzygiderli kämilleşdirip durmagyň wajypdygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere ýolagçy we ýük dolanyşygynyň möçberini artdyrmagy dowam etdirmegi, halkara üstaşyr ulag gatnawlary üçin amatly şertleri döretmek boýunça işleri alyp barmagy tabşyrdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, ýurdumyzda şu ýylyň dokuz aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleriniň kabul edilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýändigini belledi. Hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,3 göterime deň boldy. Ýurdumyzda senagat we durmuş maksatly binalardyr desgalar açylyp ulanmaga berildi, ykdysadyýetimiziň pudaklarynda özgertmeler üstünlikli dowam edýär, önümçilik pudaklary yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürmek, raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak boýunça işleri üstünlikli durmuşa geçirmegi dowam etdirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

03.10.2025

Türkmenistanyň Prezidenti paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrdy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, Aşgabat şäherinde we ýurdumyzyň welaýatlarynda gurulmagy meýilleşdirilýän saglygy goraýyş maksatly desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy, şeýle hem iş maslahatyny geçirdi.

Halkymyzyň saglygyny, bagtyýar durmuşyny we abadançylygyny üpjün etmek Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr. Şunuň bilen baglylykda, milli saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Milli Liderimiz tarapyndan işlenip taýýarlanylan «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda yzygiderli durmuşa geçirilmegi esasynda soňky ýyllarda saglygy goraýyş ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyrylýar, ulgama innowasion tehnologiýalar, öňdebaryjy dünýä tejribeleri, ylmyň soňky gazananlary işjeň ornaşdyrylýar. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde döwrebap lukmançylyk merkezleriniň, ugurdaş desgalaryň gurulmagy bilen bir hatarda, ýokary bilimli hünärmenleriň taýýarlanylmagyna hem aýratyn üns berilýär. Munuň özi halkymyzyň halkara ölçeglere laýyk gelýän lukmançylyk hyzmatlaryndan peýdalanmagy üçin mümkinçilikleri döredýär.

...Ir bilen döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzyň günorta künjegine geldi. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz mähirli garşylanyldy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow gurulmagy meýilleşdirilýän saglygy goraýyş maksatly desgalaryň, şol sanda Aşgabat şäherinde 500 orunlyk köpugurly hassahananyň, Ahal welaýatynyň Tejen şäherinde 300 orunlyk köpugurly hassahananyň, Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherinde 400 orunlyk Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň, şeýle-de Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynda saglyk öýüniň şekil taslamalary we olaryň ýerleşjek ýeriniň çyzgylary barada hasabat berdi. Bu täze guruljak saglygy goraýyş desgalary ýurdumyzyň lukmançylyk edaralarynyň üstüni ýetirip, olar dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň döwrebap lukmançylyk enjamlary bilen enjamlaşdyrylar we halkymyza halkara ölçeglere laýyk gelýän lukmançylyk hyzmatlaryny hödürlär. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen kabul edilen “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde milli saglygy goraýyş ulgamyny döwrebaplaşdyrmak babatda amala aşyrylýan işleriň nobatdaky beýanyna öwrüler.

Hormatly Prezidentimiz ähli binalarda bolşy ýaly, paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda gurulmagy meýilleşdirilýän täze saglygy goraýyş desgalarynyň gurluşyk işlerinde-de ýokary hil derejesiniň üpjün edilmeginiň, olaryň öz wagtynda ulanmaga tabşyrylmagynyň möhümdigini belledi. Şunuň bilen bir hatarda, döwlet Baştutanymyz saglyk edaralarynyň ylmyň soňky gazanan döwrebap enjamlary bilen enjamlaşdyrylmagy, şol sanda olarda sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanylmagy babatda anyk tabşyryklary berdi. Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, ýurdumyzda keseli bejermekden ozal, onuň öňüniň alynmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyz Diýarymyzda ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, zähmet çekmegi üçin ähli şertleriň döredilýändigini aýdyp, bu saglygy goraýyş desgalarynda zähmet çekjek lukmanlaryň ýokary hünär derejesini üpjün etmek meselesine uly ähmiýet bermelidigini we bu ugurda dünýäniň öňdebaryjy klinikalary bilen özara hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň, hususan-da, onlaýn okuw sapaklarynyň guralmagynyň zerurdygyny belledi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu ýerde degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýyna seredildi we käbir beýleki meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň çäklerinde amala aşyrylýan gurluşyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýaýbaňlandyrylan gurluşyk işleriniň ýokary hilli we öz wagtynda ýerine ýetirilmegi üçin zerur çäreler görülýär.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe taýýarlygyň çäklerinde alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Nygtalyşy ýaly, şu ýyl Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen işlenip taýýarlanylan “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň kabul edilmegine 30 ýyl boldy. Bu döwürde maksatnamadan gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi netijesinde saglygy goraýyş ulgamynda ägirt uly ösüşler gazanyldy.

Aşgabat şäheriniň häkimi R.Gandymow Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli paýtagtymyzda guraljak dabaralary ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Aşgabady has-da abadanlaşdyrmak maksady bilen, degişli işler ýerine ýetirilýär.

Soňra saglygy goraýyş we derman senagaty ministri M.Mämmedow ýolbaşçylyk edýän düzüminde alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Hasabatda nygtalyşy ýaly, Milli Liderimiziň başlangyçlary esasynda halkymyzyň saglygyny goramak, ömür dowamlylygyny uzaltmak, ilkinji nobatda, islendik keseliň öňüni almak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Şunda saglyk merkezleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak babatda netijeli işler durmuşa geçirilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňde goýýan wezipelerinden ugur alyp, lukmanlar halkymyzyň saglygyny goramak ugrunda tutanýerli zähmet çekýärler.

Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmäge aýratyn üns berilýändigini, raýatlarymyzyň saglygyny goramak boýunça maksatnamalaýyn işleriň durmuşa geçirilýändigini belledi hem-de «Saglyk» Döwlet maksatnamasy esasynda Diýarymyzyň ähli künjeklerinde köp sanly halkara saglyk merkezleriniň, döwrebap hassahanalaryň, saglyk öýleriniň gurlup ulanmaga berilýändigini aýtdy. 10-njy oktýabrda ýurdumyzda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni giňden bellenip geçiler. Şu mynasybetli köp sanly möhüm ähmiýetli çäreler, şol sanda halkara çäreler geçiriler. Saglygy goraýyş desgalary açylyp ulanmaga berler. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz düýbi tutuljak saglygy goraýyş maksatly desgalaryň hem saglygy goraýyş ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam berjekdigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli saglygy goraýyş desgalarynyň düýbüni tutmak dabarasyna gowy taýýarlyk görmegiň, «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergini we ylmy maslahaty ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk işlerini geçirmegiň zerurdygyna ünsi çekip, bu babatda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow iş maslahatyny jemläp, ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek, halkymyza edilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň hilini yzygiderli ýokarlandyrmak, adamlaryň ömür dowamlylygyny uzaltmak ugrunda alnyp barylýan işleriň mundan beýläk-de dowam etdiriljekdigini belledi. Hormatly Prezidentimiz hemmelere berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.

02.10.2025

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine harby we hukuk goraýjy edaralarda şu ýylyň dokuz aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri girizildi. Şeýle hem Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy we abadançylygy üpjün etmäge, bu düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga, olaryň işini has-da kämilleşdirmäge degişli meseleleriň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew çykyş edip, hasabat döwründe ýurdumyzyň goranyş ukybyny pugtalandyrmak, harby gullukçylaryň gulluk we ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak, Milli goşunyň düzümlerine sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen birlikde, çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak we harby gulluga çagyrmak boýunça geçirilýän işler barada aýdyldy. Şeýle-de Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygy mynasybetli geçirilen dabaraly harby ýörişiň netijeleri barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinasynyň çäklerinde Milli goşunymyzyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrüň talabyna laýyklykda kämilleşdirmek hem-de ýokary hünär derejeli harby gullukçylary taýýarlamak babatda alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministrine raýatlary harby gulluga çagyrmak we harby gullukdan boşatmak boýunça häzirki wagtda dowam edýän işleriň guramaçylykly geçirilmegine berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.

Baş prokuror B.Muhamedow şu ýylyň dokuz aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri, kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň talabalaýyk berjaý edilişini üpjün etmek maksady bilen görlen toplumlaýyn çäreler hem-de prokuror gözegçiliginiň we prokuratura edaralaryny ösdürmegiň maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, kanunçylygy mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň, kanunçylyk namalarynyň takyk berjaý edilmegini üpjün etmekde prokuror gözegçiligini dowam etdirmegiň möhümdigini belledi we bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz mejlisiň dowamynda prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda resminama gol çekdi.

Içeri işler ministri M.Hydyrow ýylyň başyndan bäri gözegçilik edýän düzümleri tarapyndan jemgyýetçilik düzgün-tertibini üpjün etmek, hukuk bozulmalarynyň öňüni almak, Ýangyn howpsuzlygy gullugynyň işini kämilleşdirmek boýunça ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen bir hatarda, sentýabr aýynda “Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy” şygary astynda geçirilen biraýlygyň jemleri barada aýdyldy. Onuň çäklerinde ýol-ulag hereketiniň düzgünleriniň berjaý edilmegini wagyz etmäge gönükdirilen dürli çäreler geçirildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, içeri işler ministrine ýurdumyzda hukuk bozulmalarynyň öňüni almak, ýol hereketiniň kadalarynyň we ýangyna garşy göreş çäreleriniň berjaý edilişine gözegçiligi amala aşyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.

Ýokary kazyýetiň başlygy B.Hojamgulyýew hasabat döwründe ýerine ýetirilen işler, şol sanda gözegçilik edýän düzümleriniň işini kämilleşdirmek, bu ugurda sanly ulgamy, öňdebaryjy tejribäni ornaşdyrmak babatda görülýän çäreler barada hasabat berdi. Şunuň bilen birlikde, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça geçirilen işler, hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, kazyýet ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň zerurdygyny nygtady we Ýokary kazyýetiň ýolbaşçysyna degişli tabşyryklary berdi.

Milli howpsuzlyk ministri N.Atagaraýew şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işler, degişli düzümlerde sanly ulgamyň ornaşdyrylyşy we ministrligi ösdürmegiň maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi barada hasabat berdi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, döwletimiziň konstitusion gurluşyny, milli howpsuzlygyny hem-de bähbitlerini ygtybarly goramak, milli howpsuzlyk edaralarynyň işini kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.

Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ý.Nuryýew şu ýylyň dokuz aýynda Watanymyzyň mukaddes serhetlerini goramak boýunça durmuşa geçirilen işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen birlikde, serhet goşunlarynyň maddy-tehniki binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler, harby gullukçylaryň, olaryň maşgala agzalarynyň netijeli gulluk etmegi we ýaşaýşy üçin amatly şertleriň döredilýändigi barada aýdyldy. Döwlet serhet gullugynyň ýolbaşçysy Sarahs serhet birikmesiniň täze binalar toplumynyň açylyp ulanmaga berilmeginiň ýurdumyzda Watan goragçylary üçin yzygiderli alada edilýändiginiň, harby özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň nobatdaky beýanyna öwrülendigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Watanymyzyň mukaddes serhetleriniň ygtybarly goragyny üpjün etmek, harby gullukçylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak, olaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belledi we bu babatda gullugyň ýolbaşçysyna birnäçe tabşyryklary berdi.

Adalat ministri M.Taganow hasabat döwründe ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, bu düzümi ösdürmegiň maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi, işgärleriň hünär derejesiniň ýokarlandyrylyşy, milli kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmegiň çäklerinde teklipleri taýýarlamak boýunça döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, döwletimizde hukuk üpjünçiligini amala aşyrmak, kadalaşdyryjy hukuk namalaryny taýýarlamak babatda ýerine ýetirilýän işleriň möhüm ähmiýetini nygtap, birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew hasabat döwründe ýolbaşçylyk edýän düzüminde alnyp barlan işleriň netijeleri, gullugyň maddy-tehniki binýadyny döwrebaplaşdyrmak maksady bilen görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, gümrük nokatlarynda alnyp barylýan işleriň, hususan-da, ýurdumyza getirilýän harytlaryň bellenen talaplara laýyk gelmegine gözegçiligiň has-da kämilleşdirilmeginiň zerurdygyny belledi hem-de bu babatda gullugyň ýolbaşçysyna birnäçe görkezmeleri berdi.

Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakow şu ýylyň başyndan bäri alnyp barlan işleriň netijeleri, gullugyň işine öňdebaryjy tejribäni işjeň ornaşdyrmak, bu düzümi ösdürmegiň maksatnamasynda ileri tutulýan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen geçirilen çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, gullugyň işini döwrebaplaşdyrmagyň, işgärleriň hünär derejesini yzygiderli ýokarlandyrmagyň, migrasiýa kanunçylygynyň berjaý edilişine gözegçilik etmegiň zerurdygyny aýtdy hem-de gullugyň ýolbaşçysyna birnäçe görkezmeleri berdi.

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň dowamynda ýurdumyzyň welaýatlarynyň täze etraplarynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň degişli düzümlerini döretmek hakynda resminama gol çekdi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna ýüzlenip, diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinanyň talaplaryna laýyklykda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň howpsuzlygyny we bitewüligini ýokary derejede üpjün etmek, ýurdumyzyň goranyş ukybyny pugtalandyrmak, Watan goragçylarynyň, olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmak boýunça yzygiderli çäreleriň görülýändigini belledi we bu ugurdaky işleriň mundan beýläk-de dowam etdiriljekdigini aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz mejlise gatnaşyjylary Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli dabaraly harby ýörişiň ýokary guramaçylyk derejesinde we üstünlikli geçirilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady. Ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary Watanymyzyň abadançylygy, asudalygy ugrunda harby kasama wepaly gulluk etjekdiklerine ynandyrdylar.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Mejlisiň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, halkymyzyň abadan hem-de bagtyýar durmuşynyň bähbidine alyp barýan jogapkärli gulluklarynda uly üstünlikleri arzuw etdi.

01.10.2025

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyry boýunça taýýarlanan taslamalar bilen tanyşdy

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow täzeçil tehnologiýalar esasynda bina edilen Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde şäheriň çäklerinde gurulmagy hem-de döwrebaplaşdyrylmagy meýilleşdirilýän desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy.

Häzirki döwürde Milli Liderimiziň başlangyjy bilen binýat bolan täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda meýilleşdirilen işleriň depgini barha ýokarlanýar. Köpetdagyň etegindäki gözel künjekde ýerleşýän Arkadag şäherinde gurulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly binalaryň, ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň taslamalarynyň taýýarlanylmagyna we gurluşyk işlerine hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilýär.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ir bilen häzirki zamanyň ösen tehnologiýalaryny we milli binagärlik ýörelgelerini özünde jemleýän, “akylly” şäher konsepsiýasy esasynda bina edilen Arkadag şäherine geldi.

Täze şäheriň özboluşly binagärlik aýratynlyklary, onuň gözellik derejesi ösüşleriň belentliklerine tarap ynamly gadam urýan ýurdumyzda şähergurluşyk maksatnamasynyň häzirki döwrüň talabyna laýyk derejede amala aşyrylýandygyny görkezýär. Munuň özi şäheriň gün-günden gözelleşýän keşbinde öz beýanyny tapýar. Şunda Arkadag şäheriniň ilatynyň ýokary derejeli eşretlerden peýdalanyp, maşgala mukaddesligini goramagyny, ýaşlaryň arasynda milli mukaddesliklere bolan söýginiň ösdürilmegini üpjün etmek ugrunda köpçülikleýin tagallalary zerurdyr.

Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gurbanguly Berdimuhamedow täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilmegi meýilleşdirilýän önümçilik toplumlarynyň, ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň we beýleki binalaryň taýýarlanan şekil taslamalary bilen tanyşdy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa şäheri mundan beýläk-de ösdürmegiň meýilnamasyna laýyklykda alnyp barylýan işler barada hasabat berdiler.

Ilkinji nobatda, Gahryman Arkadagymyza şäheriň “Arkadag Medisina Klasteri Menejment” kärhanasynyň önümleriniň we çaga iýmitleriniň şu ýylyň sentýabrynda Moskwada geçirilen gözden geçirilişde “Ýylyň önümi” atly altyn medala we degişli diploma mynasyp bolandygy baradaky hoş habar aýdyldy. Munuň özi, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde bolşy ýaly, Arkadag şäherinde-de durmuş maksatly, aýratyn-da, sagdyn iýmitlenmek wezipelerini üstünlikli amala aşyrýan önümçilik toplumlarynyň ekologik taýdan arassa önümleriniň halkara derejede ykrar edilýändiginiň aýdyň beýanydyr.

Bu ýerde görkezilýän şekil taslamalarynyň hatarynda Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasteriniň sanjym önümleriniň önümçiligine niýetlenen kärhananyň, baş metjidiň girelgesiniň taslamalary, “Ahalteke atlary” şaýoluny döwrebaplaşdyrmak, Janly tebigatyň milli muzeýine çenli teklip edilýän täze ýoly gurmak boýunça, şeýle-de ýol-ulag düzümine degişli taslamalar bar. Arkadag şäheriniň çäklerinde, dürli maksatly binalaryň aralarynda we ýol ýakalarynda ekilmegi meýilleşdirilýän bag nahallarynyň, dürli gülleriň görnüşleri-de görkezildi. Mundan başga-da, Arkadag şäheriniň Saglygy goraýyş müdirliginiň ylmy-barlag we okuw merkeziniň, Milli sanly saglygy goraýyş ulgamynyň hassalaryň maglumatlaryny dolandyrýan merkeziniň şekil taslamalary, onda ýerine ýetiriljek işleriň ähmiýeti barada hasabat berildi. Bu bolsa beýleki ugurlar bilen bir hatarda, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň düzümlerine hem häzirki zaman sanly tehnologiýalarynyň, dünýäniň ösen tejribesiniň işjeň ornaşdyrylýandygyny görkezýär.

Bellenilişi ýaly, häzirki döwürde Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasteriniň saglygy goraýşa degişli serişdeleriniň, çaga iýmitleriniň we beýleki degişli önümleriň hil derejesiniň, olaryň ynsan saglygyna täsiriniň halkara derejede ykrar edilmegi hormatly Prezidentimiziň intellektual eýeçiligi ösdürmek boýunça öňe süren başlangyçlarynyň oňyn netijeleri berýändigini subut edýär.

Milli Liderimiz şekil taslamalaryny synlap, olara degişli birnäçe belliklerini aýtdy we degişli düzedişleri girizdi. Lukman Arkadagymyz durmuş we önümçilik maksatly binalaryň, aýratyn-da, lukmançylyk klasterine degişli desgalaryň gurluşygynyň, olaryň ýanaşyk ýerleriniň ýokary derejede abadanlaşdyrylmagynyň möhüm talap bolup durýandygyna ünsi çekdi. Şeýle hem täze şäheriň metjidiniň girelgesiniň bezeg işlerinde, ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň gurluşygynda degişli ugurlara mahsus bezeg, gurluşyk serişdeleriniň ulanylmagy wajyp wezipeleriň hatarynda kesgitlenendir. Arkadag şäheriniň çäklerinde guruljak täze binalardyr desgalaryň taslamalary taýýarlanylanda häzirki zaman şähergurluşyk maksatnamasynyň talaplarynyň göz öňünde tutulmalydygyny aýdyp, Gahryman Arkadagymyz bu ýerde ýokary ekologik ýagdaýyň saklanmalydygyna ünsi çekdi, şeýle-de täze şäherde oturdylmagy meýilleşdirilýän bag nahallarynyň, dürli gülleriň görnüşleri boýunça öz maslahatlaryny berdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy täze şäheriň saglygy goraýyş ulgamyna degişli düzümlere sanly ulgamyň ornaşdyrylmagynyň, bu ugurda dünýäniň ösen tejribesiniň özleşdirilmeginiň wajypdygyna ünsi çekip, ilkinji nobatda, lukmançylyk ylmynyň ýeten derejesini özleşdirmäge ukyply hünärmenleriň taýýarlanylmalydygyny belledi. Munuň özi ynsan saglygynyň berkidilmegi, çagalaryň sazlaşykly ösüşiniň üpjün edilmegi bilen bagly meseleleriň oňyn çözülmegine ýardam berer.

Häzirki wagtda Arkadag şäherinde saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri işini sanly we kompýuterleşdirilen hyzmatlar arkaly alyp barýarlar. Şunda şäheriň ähli ýaşaýjylaryny hasaba almak bilen, olaryň saglyk ýagdaýyny öz içine alýan merkezleşdirilen elektron maglumatlary saklamaga mümkinçilik berýän enjamlar bar. Bu elektron enjamlarda her bir adamyň saglyk ýagdaýy baradaky maglumatlar bir ýere jemlenendir. Bu bolsa işleri tizleşdirilen görnüşde alyp barmaga ýardam edýär. Şol bir wagtyň özünde şäheriň dürli maksatly binalarynyň gurluşygynda we bezeg işlerinde ulanylýan serişdeleriň bu künjegiň toprak-howa şertlerine laýyk gelmeginiň wajypdygyny aýdyp, Milli Liderimiz bu işleriň degişli ekologik ýagdaýy kada laýyk saklamakda ähmiýetlidigine ünsi çekdi.

Soňra Gahryman Arkadagymyz bu ýerde iş maslahatyny geçirdi.

Iş maslahatynyň barşynda, ilki bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow häzirki döwürde täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, lukmançylyk klasterine degişli desgalaryň gurluşyklary boýunça taýýarlanylan maksatnamanyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Arkadag şäherinde gurulýan we durky täzelenýän desgalarda ulanylýan gurluşyk serişdeleriniň berkligine, döwrebaplygyna möhüm ähmiýet berilýär.

Halk Maslahatynyň Başlygy önümçilik maksatly toplumlaryň gurluşyklarynda, binalary enjamlaşdyrmakda täzeçil usullardan, ösen tehnologiýalardan netijeli peýdalanylmalydygyny nygtady. Bu ugurda alnyp barylýan işleriň guramaçylyk ýagdaýy we hil derejesi, desgalaryň gurluşygynyň bellenilen möhletlerde tamamlanmagy möhüm talap hökmünde kesgitlenendir.

Soňra Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa täze şäheriň çäklerinde arassaçylyk we abadançylyk işleriniň geçirilişi barada hasabat berdi. Şeýle hem Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni, lukman Arkadagymyzyň tagallasy bilen işlenip taýýarlanylan “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň kabul edilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli paýtagtymyzda guraljak giň möçberli sergide Arkadag şäheriniň saglygy goraýyş ulgamynda gazanan üstünliklerine bagyşlanan pawilýony guramak işleri hakynda aýdyldy. Nygtalyşy ýaly, sergide Arkadag şäheriniň saglygy goraýyş ulgamynyň ýeten derejesini açyp görkezýän maglumatlary taýýarlamak işleri ýaýbaňlandyryldy.

Lukman Arkadagymyz milli saglygy goraýyş ulgamynda möhüm ähmiýeti bolan giň möçberli sergä işjeň gatnaşmagyň wajypdygyna ünsi çekip, onda bu ugurda alnyp barylýan giň möçberli işleriň öz beýanyny tapmalydygyny belledi hem-de serginiň çäklerinde Arkadag şäherine degişli bölümi guramak, onuň işiniň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek babatda maslahatlaryny berdi. Gözden geçirilişde Arkadag şäherinde saglygy goraýyş ulgamynda gazanylan üstünlikler, lukmançylyk klasteriniň toplumlaryna degişli önümleriň görnüşleri, bu ugurda ýaýbaňlandyrylan işler öz beýanyny tapmalydyr.

Netijeli we işjeň ýagdaýda geçen iş maslahatynyň dowamynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti R.Bazarow halkymyzyň asyrlaryň dowamynda döreden ynsanperwer däplerine eýerip, häzirki wagtda täze desgalary gurmak we döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan degişli ylalaşyk işleri barada hasabat berdi.

Gahryman Arkadagymyz soňky ýyllarda haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna ynsanperwer ýörelgeleri ugur edinýän giň möçberli işleriň alnyp barylýandygyny belledi. Munuň özi ýurdumyzda asylly işleriň degişli derejede amal edilýändiginiň güwäsidir. Bu barada aýtmak bilen, Milli Liderimiz welaýatlardan gelip gowşan ýüztutmalary nazara alyp, olaryň ýokary derejede durmuşa geçirilmegi ugrunda zerur tagallalaryň edilmelidigine ünsi çekdi.

Lukman Arkadagymyz häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda halkyň saglygyny goramak, ýaş nesilleriň sagdyn ösüşini üpjün etmek meseleleriniň döwletimiziň hemişelik üns merkezinde saklanýandygyny belledi. Halk Maslahatynyň Başlygy degişli ylalaşyklaryň baglaşylmagy ugrunda wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi boýunça ugurdaş düzümleriň sazlaşykly işiniň ýola goýulmalydygyny aýtdy.

Arkadag şäheriniň Saglygy goraýyş müdirliginiň başlygy Ý.Işangulyýew häzirki döwürde täze şäheriň çäklerinde ylmy-barlag we okuw merkezini döretmek, häzirki zaman dispetçer ulgamyny esaslandyrmak, gelip gowuşýan maglumatlary netijeli öwrenmek, Arkadag şäheriniň ilatynyň saglyk ýagdaýy baradaky elektron maglumatlary jemlemek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şunda hassalaryň maglumatlaryny dolandyryş ulgamynyň, statistiki we seljeriş hasabatlaryny, saglygy goraýyş edaralarynyň işini sanly ulgam arkaly dolandyrmak, hyzmatlaryň hilini we tizligini ýokarlandyrmak meselelerine möhüm ähmiýet berilýär.

Milli Liderimiz meýilleşdirilen çäreleriň ýokary derejede ýerine ýetirilmegi ugrunda zerur tagallalaryň edilmelidigini, degişli ugurlar boýunça kämil hünärmenleriň taýýarlanylmagyna, keseli bejermekden ozal, onuň öňüniň alynmagyna aýratyn ähmiýet berilmelidigini nygtady. Şeýle hem Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezlerinde Gahryman Arkadagymyzyň: “Sagdyn ene bolmasa, sagdyn çaga bolmaz” diýen häzirki zaman lukmançylyk ýörelgesinden ugur alynmalydyr.

Lukman Arkadagymyz, ähli ugurlarda bolşy ýaly, saglygy goraýyş ulgamynda alnyp barylýan işleriň, bu ugurda kabul edilýän çözgütleriň ähmiýetini açyp görkezmek meselelerine hem zerur üns berilmelidigini belledi. Ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda saglygy goraýyş ulgamynyň ýeten derejesiniň, ulgamda alnyp barylýan işleriň giňden beýan edilmegi ugrunda zerur tagallalary etmelidirler. Munuň özi “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň ähmiýetiniň açylyp görkezilmeginde uly ähmiýete eýedir. Şol bir wagtyň özünde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň asylly ýörelgeleri esasy ugur edinýän işleri-de giňden şöhlelendirilmelidir.

Milli Liderimiz iş maslahatyny jemläp, ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işleriň üstünlikli amala aşyrylmalydygyny, degişli düzümleriň sazlaşykly işiniň ýola goýulmalydygyny belledi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hemmelere kesgitlenen wezipeleri abraý bilen ýerine ýetirmekde üstünlikleri arzuw etdi we bu ýerden ugrady.

Gahryman Arkadagymyz ýolugra täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilýän kottejler toplumynyň we döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň ýanynda saklandy. “Ýaşaýyş jaýlarynyň, olaryň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylmagy, ýollaryň yşyklandyryş ulgamy häzirki zaman talaplaryna doly laýyk gelmelidir. “Akylly” şäher konsepsiýasy esasynda bina edilen Arkadag şäheriniň ýaşaýyş jaýlarynda döwrebap tehnologiýalaryň ulanylmagy we şäher ilatyna hyzmatlaryň ýokary derejesiniň hödürlenilmegi möhüm talap bolup durýar” diýip, Milli Liderimiz belledi. Soňra hormatly Arkadagymyz şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda ýaýbaňlandyrylan işleriň batly depginde dowam etdirilmegi babatda maslahatlaryny berip, bu ýerden ugrady.

Häzirki döwürde Arkadag şäheriniň ähli künjeklerinde meýilleşdirilen işler talabalaýyk derejede alnyp barylýar. Gurluşyklaryň güýçli depgini şäheriň sazlaşykly ösüş ýoluna düşendigini görkezýär. Dürli maksatly desgalaryň bir bitewi sazlaşygy emele getirmegi, nurana ýollaryň we ýaşaýyş jaýlarynyň ýanaşyk ýerleriniň göwnejaý abadanlaşdyrylmagy şäheriň görküne özboluşly gözellik çaýýar.

***

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň görkezmesi boýunça Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy bilen “Sport ýyldyzy” we “Aga-gurluşyk” hususy kärhanalarynyň arasynda durmuş maksatly binalary gurmak we ozal bar bolanlaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça ikitaraplaýyn şertnamalara gol çekmek dabarasy boldy. Arkadag şäherinde ylalaşylan şertnamalara laýyklykda, “Sport ýyldyzy” hususy kärhanasyna “Jahan” döredijilik merkeziniň binalaryny döwrebaplaşdyrmak we onuň çäginde köpugurly sport toplumyny gurmak hem-de “Şehitler” metjidini döwrebaplaşdyrmak, onuň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak wezipesi ynanyldy.

Mundan başga-da, gol çekilen şertnama laýyklykda, “Aga-gurluşyk” hususy kärhanasy Azerbaýjan Respublikasynyň Fizuli şäherinde gurulmagy meýilleşdirilýän metjidiň taslamasyny taýýarlamak we ony gurmak işlerini ýerine ýetirer. Munuň özi haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan ynsanperwer işleriniň geriminiň barha giňeýändiginiň aýdyň nyşanydyr.

01.10.2025

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ýaşuly nesillerine hem-de ähli halkyna

Hormatly ýaşulular, mähriban eneler!
Eziz watandaşlar!

Sizi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşuly nesillerimiziň mertebesiniň, hormat-sarpasynyň has-da belentdigini alamatlandyrýan hem-de ynsanperwerlik ýörelgelerini özünde jemleýän Ýaşulularyň halkara güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Ýaşululara hormat-sarpa goýmak, olaryň mertebesini belende götermek, döwletli tutumlarda ýaşuly nesle sala salyp, pikir-garaýyşlaryny diňlemek türkmen halkynyň müňýyllyklardan miras galan iň asylly ýörelgeleriniň biridir. Ata-babalarymyzyň üstünlikli dowam etdirilýän şu ýörelgesinden ugur alyp, dünýä bileleşigi bilen birlikde, parahatçylygyň, döredijiligiň we ösüşiň ýoly bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz Watanymyzda hem Ýaşulularyň halkara güni ýokary ruhubelentlikde bellenilýär. Gymmatly öwüt-ündewleri, maslahatlarydyr nesihatlary bilen milli agzybirligimizi, jemgyýetimiziň jebisligini has-da pugtalandyrmaga, Watanymyzyň daýanjy bolan bagtyýar ýaşlarymyzy watansöýüjiligiň, ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýelemäge saldamly goşant goşýan ýaşulularymyza çäksiz hormatyň nyşany hökmünde Aşgabat we Arkadag şäherlerini, tutuş ýurdumyzy gurşap alýan aýdym-sazly dabaralary hem-de baý many-mazmunly medeni-jemgyýetçilik çärelerini geçirýäris. Bu bolsa Ýaşulularyň halkara gününiň ähmiýetini has-da artdyryp, agzybirligimiziň, rowaçlyklarymyzyň, bagtyýarlygymyzyň esaslaryny düzýän milli ýörelgelerimizi dünýä ýaýýar, beýik geljegimiziň hatyrasyna täze üstünliklere hem-de belent sepgitlere ruhlandyrýar.

Eziz watandaşlar!

Biziň alyp barýan syýasatymyzyň esasynda jemgyýetimiziň we döwletimiziň iň ýokary gymmatlygy hasaplanýan adamyň bähbidi durýar. Şundan ugur alyp, merdana halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagy üçin ähli zerur şertleri döredýäris, ýurdumyzyň her bir raýaty, aýratyn-da, ýaşuly nesillerimiz hakynda uly alada edýäris. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyny», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny», «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasyny» üstünlikli amala aşyryp, ýurdumyzy ösüşiň täze sepgitlerine çykarýarys. Türkmenistanyň öz saýlap alan döretmek we gurmak ýoly bilen ynamly öňe barýandygyna, dünýäniň kuwwatly, gurply döwletleriniň biridigine aýdyň şaýatlyk edýän täze şäherleri, etraplary, döwrebap obadyr şäherçeleri, iri senagat kärhanalaryny gurup, mähriban halkymyzyň durmuş derejesini has-da ýokarlandyrýarys. Biz geljekde hem Watanymyza bolan beýik söýgimiz, agzybirligimiz we jebisligimiz, kuwwatly mümkinçiliklerimiz bilen halkymyzyň bagtyýar durmuşy üçin tutumly işleri ýokary depginde dowam etdireris.

Gadyrly ýaşulularymyz, mähriban enelerimiz!

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe agzybirligimizi has-da pugtalandyrmakda, watansöýüji nesilleri terbiýeläp ýetişdirmekde jemgyýetimiziň ýaşuly nesliniň wekilleriniň aýratyn uly orny bardyr. Siziň parasatly wesýetleriňiz, öwüt-ündewleriňiz Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzy ýürekden söýýän, ýokary ahlak häsiýetlerini, watansöýüjiligiň belent düşünjelerini özünde jemleýän, ynsanperwer ýörelgelerimize, asylly däp-dessurlarymyza ygrarly ogul-gyzlary terbiýelemekde özboluşly mekdepdir.

Eziz Diýarymyzda amala aşyrýan işlerimize, beýik başlangyçlarymyza, toý-baýramlarymyza ýaşulularymyzyň ak patasy bilen badalga berýäris. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň köp sanly taryhy wakalary hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Garaşsyzlyk baýramynyň öň ýanynda paýtagtymyzda üstünlikli geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde ýurdumyzy we jemgyýetimizi mundan beýläk-de ösdürmek boýunça möhüm çözgütleri kabul etdik. Agzybirligimizi pugtalandyrmakda hem-de täze sepgitlere tarap ynamly öňe gitmekde, ýaş nesillerimizde Watanyň mukaddesligi, gymmaty hakyndaky düşünjeleri, belent ahlagy we milli häsiýetleri kemala getirmekde aýratyn hyzmatlary bitiren dilleri senaly ýaşuly nesliň wekillerine Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen hormatly adynyň dakylmagy hem-de «Zenan kalby» ordeniniň dabaraly gowşurylmagy has-da guwandyryjydyr. Biz türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk göreldesine hem-de il sylagly ýaşulularymyzyň baý durmuş tejribesine ylham çeşmesi, üstünliklerimiziň badalgasy hökmünde ýokary baha berýäris.

Hormatly ýaşulular, mähriban eneler!
Eziz watandaşlar!

Sizi Ýaşulularyň halkara güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, berkarar Watanymyzda abadan we bagtyýar durmuşyň hözirini görüp, uzak ýyllar ömür sürmegi arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti 
Serdar BERDIMUHAMEDOW.

01.10.2025

Türkmenistanyň Mejlisinde Irlandiýa Respublikasynyň Ilçisi Ynanç hatyny gowşurdy

 

2025-nji ýylyň 30-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Irlandiýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi hanym Kler Brosnandan Ynanç hatyny kabul etdi.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda alyp barjak jogapkärli işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Duşuşygyň barşynda Ilçi Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, ynanyşmak, deňhukuklylyk, özara bähbitlilik, ynsanperwerlik ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatynyň esasy ugurlary, Mejlisiň düzümi we onuň ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny döwrebaplaşdyrmagyň çäklerinde alyp barýan köpugurly işleri bilen tanyşdyryldy. 

Ilçi şu ýylyň awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň ýokary derejede, guramaçylykly geçirilmegi bilen gutlady we bu Forumyň döwletleriň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary berkitmekde hem-de halkara hyzmatdaşlygy giňeltmekde täze mümkinçilikleri açýandygyny belledi. 

Duşuşygyň dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ugurlarda türkmen-irland hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we ösüşiniň geljekki mümkinçilikleri boýunça pikir alyşmalar boldy. Şunda taraplar milli kanunçylygy we parlament işini kämilleşdirmekde tejribe alyşmaga, iki döwletiň hyzmatdaşlyga bolan mümkinçilikleri bilen tanyşmaga, halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary berkitmäge giň mümkinçilikleriň bardygyny kanagatlanma bilen bellediler.

Duşuşygyň ahyrynda Irlandiýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi hanym Kler Brosnan sebitde parahatçylyk dörediji merkez hökmünde ykrar edilen, ählumumy abadançylygyň bähbidine netijeli gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna goldaw berýän Türkmenistanda öz ýurduna wekilçilik etmegiň uly hormatdygyny belledi. 

30.09.2025

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Aşgabat atçylyk sport toplumyndaky baýramçylyk dabaralaryna gatnaşdy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli döwrebaplaşdyrylan Aşgabat atçylyk sport toplumynda guralan baýramçylyk dabaralaryna gatnaşdy. Şu gezekki baýramçylyk at çapyşygynyň döwrebaplaşdyrylan atçylyk sport toplumynda geçirilmeginiň aýratyn many-mazmuna eýedigini bellemek gerek. Ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň ilkinji ýyllaryndan bäri bu ýerde şanly seneler mynasybetli dürli at çapyşyklary geçirilip gelinýär. Munuň özi halkymyzyň geçmiş taryhyna, ata-babalarymyzyň köpasyrlyk däp-dessurlaryna ygrarlylygyň nyşanydyr.

Türkmen topragynda kemala getirilip, umumadamzat gymmatlyklarynyň hataryndan orun alan ahalteke bedewleri Ýer ýüzünde bar bolan tohum atlaryň arasynda iň naýbaşylarynyň biri hasaplanýar. Häzirki döwürde behişdi bedewlerimiz Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň ýeten belent sepgitleriniň nyşanyna öwrüldi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda we tutuş dünýäde ahalteke atlarynyň şan-şöhratyny artdyrmak, milli seýisçilik sungatyny has-da kämilleşdirmek boýunça zerur işler alnyp barylýar. «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň Monte-Karloda geçirilen halkara sirk sungaty festiwalynda üstünlikli çykyş edip, Altyn baýraga we beýleki ýörite baýraklara mynasyp bolmagy hem bu ugurda amala aşyrylýan işleriň ajaýyp netijesidir.

Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlaryny üstünlikli durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň atçylyk pudagyny ösdürmek we milli atşynaslygyň däplerini dünýä ýaýmak, şol sanda ahalteke bedewleriniň tohum arassalygyny gorap saklamak babatda yzygiderli işler alnyp barylýar. Köpetdagyň ajaýyp künjeginde bina edilen Arkadag şäherinde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň döredilmegi-de munuň bir mysalydyr. Bu ýokary okuw mekdebinde atçylyk pudagy üçin ýokary bilimli hünärmenler taýýarlanylýar. Şunuň bilen bir hatarda, Arkadag şäherinde «Taýçanak» binasynyň gurulmagy, şäheriň şaýollarynyň biriniň “Ahalteke atlary şaýoly” diýlip atlandyrylmagy bedewlere goýulýan hormat-sarpanyň nobatdaky aýdyň beýanyna öwrüldi.

Behişdi bedewleriň milli atçylyk sungatyny gorap saklamak, öwrenmek we ösdürmek, onuň gözbaşy müňýyllyklaryň jümmüşine uzap gidýän baý däplerini dowam etdirmek, atçylyk sportuny höweslendirmek, gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bu pudakda netijeli gatnaşyklary giňeltmek boýunça alnyp barylýan giň gerimli işlerde 2010-njy ýylda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen, ştab-kwartirasy Aşgabatda ýerleşýän Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasyna uly orun degişlidir. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Prezidenti, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda bu gurama dünýäniň ähli künjeklerinden hünärmenleri, alym-atşynaslary, bedewlere sarpa goýýan beýleki adamlary birleşdirýär. Onuň yzygiderli geçirilýän mejlisleri hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga, gatnaşyklaryň mazmunyny täze bilelikdäki taslamalar bilen baýlaşdyrmaga, özara tejribe alyşmaga mümkinçilik berýär.

Bedewler ynsan saglygyny berkitmäge hem ýardam edýär. Ylymdan mälim bolşy ýaly, dürli keselleriň dikeldiş bejergisinde, köplenç, tebigy şertler, şol sanda ippoterapiýa — bedewiň tebigy güýjüni ulanmak arkaly bejergi hem ulanylýar. Bu bejergi ýürek-gan damar ulgamynyň, daýanç-hereket, iýmit siňdiriş, nerw ulgamynyň kesellerini bejermekde peýdalydyr. Ahalteke atçylyk sungatynyň we atlary bezemek däpleriniň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi bolsa milli we dünýä medeniýetiniň gymmatlygy hasaplanýan bedewlerimiziň Ýer ýüzündäki at-abraýyny has-da dabaralandyrdy.

...Ir bilen paýtagtymyzyň gözel künjeginde ýerleşýän Aşgabat atçylyk sport toplumynda köpöwüşginli baýramçylyk ýagdaýy emele geldi. Bu ýere Mejlisiň Başlygy, Hökümet agzalary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri jemlendiler. Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy uly ruhubelentlik bilen garşylaýarlar.

Toplumyň girelgesinden esasy münber binasyna çenli uzap gidýän ýoluň ugrunda Arkadag we Aşgabat şäherleriniň, ýurdumyzyň welaýatlarynyň sergisi ýaýbaňlandyrylypdyr. Sergide suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, zergärleriň we nakgaşlaryň ahalteke bedewleriniň gözelligini şekillendirýän işleri, milli amaly-haşam sungatynyň eserleri ýerleşdirilipdir. Olarda, hususan-da, bedewleri şekillendirýän surat hem heýkeltaraşlyk eserlerine aýratyn orun berilýär. Suratkeşler olaryň gözelligini, duýgur nazaryny, syrdam keşbini ussatlyk bilen şöhlelendiripdirler. Şeýle-de bu ýerde gymmat bahaly daşlar bilen bezelen at esbaplaryny görmek bolýar. Olar türkmen senetçileriniň, zergärleriniň ussatlygyny görkezýän hakyky sungat eserleridir. Gözelligi, ýyndamlygy bilen göreni haýrana goýýan bedewleri seýislemek tutanýerli zähmeti, bilimi, söýgini we zehini talap edýär. Merdana pederlerimiz bu ugurda hyjuwly zähmet çekipdirler. Bular barada Gahryman Arkadagymyzyň “Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz”, “Gadamy batly bedew”, “Atda wepa-da bar, sapa-da” atly kitaplarynda hem giňişleýin beýan edilýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýol ugruna medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlaryna tomaşa etdi. Joşgunly çykyşlar dabara türkmen toýlaryna mahsus hakyky baýramçylyk öwüşginini çaýdy.

Döwlet Baştutanymyz esasy münber binasyna bardy. Soňra baýramçylyk at çapyşyklaryna badalga berilýändigi yglan edildi.

Ahalteke atlarynyň sazlaşykly çapuwy olaryň toýnaklary ýere degmän, göýä, uçup barýan ýaly duýgyny döredýär. Olaryň keşbinde deňi-taýy bolmadyk gözellik, çydamlylyk, güýç-gaýrat, joşgunly we buýsançly gylyk-häsiýet, haýran galdyryjy wepalylyk sazlaşýar. Şu gün dürli aralyga çapyşyklaryň ýedisi geçirildi.

1 müň 600 metr aralyga geçirilen birinji çapyşykda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Babadaş atly dor at pellehana ilkinji bolup gelmegi başardy. Ol bu aralygy geçmek üçin 1 minut 51,3 sekunt sarp etdi. Onuň çapyksuwary üçünji derejeli çapyksuwar M.Agamyradow. 1 müň 600 metr aralyga geçirilen ikinji çapyşykda bolsa Aşgabat şäher häkimligine degişli Gelejek atly gara at öňdeligi eýeledi. Ol bu aralyk üçin 1 minut 51,7 sekunt sarp etdi. Gelejegiň çapyksuwary ussat çapyksuwar Ö.Ýalkabow. Baýramçylygyň şanyna geçirilen üçünji çapyşykda hem atlar 1 müň 600 metr aralyga güýç synanyşdylar. Bu çapyşykda Türkmenistanyň Goranmak ministrligine degişli Hazyna atly mele at pellehana ilkinji bolup geldi. Onuň çapyksuwary D.Atdaýew. Hazyna bellenilen aralygy geçmek üçin 1 minut 50 sekunt sarp etdi.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk baýramy mynasybetli geçirilen dördünji çapyşykda dört we uly ýaşar atlar 1 müň 600 metr aralyga ýaryşa goşuldylar. Çekeleşikli geçen çapyşykda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Dowamat atly dor at pellehanadan ilkinji bolup geçdi. Onuň görkezen wagty 1 minut 48,2 sekunda deň boldy. Dowamatyň çapyksuwary B.Babaýew.

Bäşinji çapyşykda-da dört we uly ýaşar atlar 1 müň 600 metr aralyga güýç synanyşdylar. Bu çapyşykda Aşgabat şäher häkimligine degişli Garaýel atly gara at 1 minut 48,7 sekuntda pellehanadan ilkinji bolup geçdi. Onuň çapyksuwary ussat çapyksuwar R.Seýidow. Altynjy çapyşykda dört we uly ýaşar atlar 2 müň 200 metr aralyga güýç synanyşdylar. Bu çapyşykda Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň “Tokaý hojalygy” döwlet kärhanasyna degişli Gudratlydag atly mele at ýeňiji bolmagy başardy. Gudratlydag bellenilen aralygy geçmek üçin 2 minut 33 sekunt sarp etdi. Onuň çapyksuwary D.Berdimämmedow.

Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli geçirilen at çapyşygynyň jemleýji, ýedinji çapyşygynda dört we uly ýaşar atlar Türkmenistanyň Prezidentiniň Baş baýragyny almak ugrunda 2 müň 200 metr aralyga ýaryşdylar. Çekeleşikli geçen çapyşykda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Bezirgen atly akýal mele at pellehanadan ilkinji bolup geçmegi başardy. Ol bellenilen aralygy geçmek üçin 2 minut 34,5 sekunt sarp etdi. Onuň çapyksuwary ussat çapyksuwar B.Agamyradow.

Soňra ýeňijileri sylaglamak dabarasy boldy. Olar döwlet Baştutanymyza we Gahryman Arkadagymyza ýurdumyzda atçylyk sportuny ösdürmek babatda hemmetaraplaýyn alada edýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, behişdi bedewleriň Ýer ýüzündäki şöhratyny artdyrmak ugrunda yhlas-başarnyklaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

Aşgabat atçylyk sport toplumyndaky baýramçylyk dabaralary tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hemmeler bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.

Şeýlelikde, şu günki dabaralar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Türkmenistanyň ösüşleriň täze belentliklerine bedew bady bilen okgunly öňe barýandygynyň aýdyň nyşany boldy.

28.09.2025

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli dabaralara gatnaşdy

Şu gün ýurdumyzda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk baýramy giňden bellenildi. Bu şanly sene döredijilik, öňegidişlik we gülläp ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýan Watanymyzyň taryhynda täze bir sahypany açýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 19-njy sentýabrda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çykyşynda nygtaýşy ýaly, Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyzda ägirt uly işler durmuşa geçirildi. Ykdysadyýetimiziň ähli ugurlary boýunça düýpli özgertmeler amala aşyryldy. Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň at-abraýyny belent derejelere ýetiren türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary, belent tutumlary bilen ata Watanymyz kuwwatly döwlete öwrüldi. Parahatçylygyň we dostlugyň ýurdy, ygtybarly hyzmatdaş hökmünde ýurdumyzyň halkara giňişlikdäki abraýy barha pugtalanýar.

Asylly däbe görä, baş baýramymyz — Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli esasy dabaralar Döwlet münberi toplumynyň öňündäki meýdançada ýaýbaňlandyryldy. Bu ýerde Milli goşunymyzyň harby gullukçylary hatara düzüldiler. Olaryň arasynda ýöriteleşdirilen ýokary okuw mekdepleriniň harby talyplary, harby okuwçylar hem bar.

Sagat — 10:00. Dabaraly pursat ýetip geldi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow münberiň syn ediş ýerine barýar. Harby we hukuk goraýjy edaralaryň Birleşen harby orkestriniň ýerine ýetirmeginde harby sazlar ýaňlanýar. Ýygnananlar uly ruhubelentlik bilen döwlet Baştutanymyzy mübärekleýärler. Däp bolşy ýaly, baýramçylyk çäresi dabaraly harby ýöriş bilen badalga alýar. Onuň dowamynda Watanymyzyň goranyş kuwwaty, halkymyzyň abadan, parahat durmuşynyň, mukaddes serhetlerimiziň, Garaşsyzlygymyzyň gazananlarynyň goragynda duran merdana harby gullukçylaryň ýokary hünär ussatlygy, ukyp-başarnyklary görkezilýär.

Goranmak ministri, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary B.Gündogdyýew Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedowa ýüzlenip, Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 34 ýyllygy mynasybetli dabaraly harby ýörişe başlamaga rugsat bermegini haýyş edýär. Döwlet Baştutanymyz dabara başlamaga rugsat berýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine esaslanýan, diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinasyna laýyklykda, Milli goşunymyzyň goranmak ukybyny pugtalandyrmak, harby we hukuk goraýjy edaralary iň täze tehnikalar bilen üpjün etmek, harby gullukçylaryň gulluk etmegi, ýaşaýyş-durmuşy üçin amatly şertleri döretmek, işgärleriň hünär kämilligini yzygiderli ýokarlandyrmak boýunça möhüm işler durmuşa geçirilýär. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda-da merdana harby gullukçylar ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň hatarlarynda gulluk edip, Harby doktrinada kesgitlenen wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirýärler. Olar Watanymyzy goramak boýunça öz borçlaryny ähli zatdan ileri tutup, ýurdumyzyň hem-de halkymyzyň polat galkany, synmaz daýanjy bolup gulluk edýärler. Mukaddes serhetlerimizde parahatçylygy we howpsuzlygy gorap, merdana ata-babalarymyzyň şöhratly ýörelgelerini mynasyp dowam etdirýärler.

Dаbаrаly hаrby ýörişiň sеrkеrdеsi polkownik R.Aýazow goranmak ministri, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary B.Gündogdyýewe Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň şahsy düzüminiň gözden geçirilişe taýýardygy barada hasabat berýär. B.Gündogdyýew hasabaty kabul edip, awtoulagda goşun bölümleriniň öňünden geçip, dabaraly harby ýörişiň düzüm bölümleriniň esgerlerini mübärekleýär.

Soňra Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar. Baýdak sütüninde Türkmenistanyň Döwlet baýdagy belende galdyrylýar. Döwlet baýdagy Garaşsyzlygymyzy we Bitaraplygymyzy, şöhratly geçmişimizi, ösüşlere beslenýän döwrümizi hem-de beýik geljegimizi alamatlandyrýan gymmatlygymyzdyr. Mukaddes tugumyz türkmen döwletliliginiň mizemez esaslaryny özünde jemläp, halkymyzyň bitewüliginiň, jebisliginiň, parahatçylyk döredijilik, ynsanperwerlik taglymlaryna üýtgewsiz ygrarlylygynyň nyşany bolup parlaýar.

Meýdançada nyzama düzülen serkerdeler, esgerler we harby talyplar Watanymyza, halkymyza, hormatly Prezidentimize wepalylyk baradaky mukaddes kasamy aýdýarlar. Milli goşunymyzyň harby gullukçylary ata-babalarymyzyň watançylyk däplerini mynasyp dowam etdirip, mukaddes borja wepalydyklaryny iş ýüzünde tassyklaýarlar. Däp bolşy ýaly, baýramçylyk ýörişini baýdak göterijiler topary açýar. Olar dabaraly ýörişiň owazy astynda Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny hem-de ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň goşun görnüşleriniň söweşjeň baýdaklaryny göterip, münberiň öňünden ynamly gadamlar bilen geçýärler.

Soňra münberiň öňünden Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň harby okuwçylary sazlaşykly gadam urup geçýärler. Ýurdumyzyň ýaş harby gullukçylary, goşunlaryň ähli görnüşleriniň şahsy düzümi häzirki ýaşlar üçin hakyky watançylygyň nusgasy bolup hyzmat edýän gaýduwsyz esger, döwlet Baştutanymyzyň garry atasy Berdimuhamet Annaýewiň nusgalyk işlerinden mertlik göreldesini alýarlar.

Ata-babalarymyzyň parasatly ýörelgeleri esasynda ýaş nesli ýokary watançylyk, wepalylyk, Watanyň we halkyň geljegi üçin jogapkärçilik ruhunda terbiýelemek, ýaşlaryň sazlaşykly ösüşi üçin ähli zerur şertleri döretmek, olaryň häzirki zaman bilimlerini ele almaklary bilen bagly meseleler Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarydyr. Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Ýaragly Güýçlerimiziň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça durmuşa geçirilýän toplumlaýyn çäreler hem şu maksatlara gönükdirilendir. Geçen ýyl Bilimler we talyp ýaşlar gününde hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň dabaraly açylmagy-da munuň şeýlediginiň aýdyň mysalydyr.

Soňra münberiň öňünden zenan harby gullukçylar batly gadam urup geçdiler. Olar öz ykbalyny ata Watanyň, ene topragyň goragy bilen berk baglanyşdyryp, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda Watanymyza, halkymyza, hormatly Prezidentimize ak ýürekden gulluk edýärler. Olaryň yzysüre Ýaragly Güýçlerimiziň hatarynda gulluk edýän serkerdeler batalýony — harby we raýatlyk borjuny abraý bilen ýerine ýetirýän söweşjeň taýýarlygyň ussatlary geçýärler. Şolaryň hatarynda Milli goşunyň, Döwlet gümrük gullugynyň, Döwlet migrasiýa gullugynyň harby gullukçylary bar.

Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda bitewi harby bilim ulgamy döredildi. Onuň esasy wezipesi häzirki zaman tehnikalarynydyr enjamlaryny dolandyrmagyň başarnyklaryny ele alýan serkerdeleriň ýaş neslini kemala getirmekden ybaratdyr. Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby institutynyň, Harby-deňiz institutynyň alyp barýan işleri hem öňde goýlan şol maksada ýetmäge gönükdirilendir. Bu harby ýokary okuw mekdepleriniň talyplary-da meýdançadan nyzamly ädimler bilen geçýärler. Olardan soňra Içeri işler ministrliginiň institutynyň, Milli howpsuzlyk institutynyň, Serhet institutynyň talyplary münberiň öňünden sazlaşykly ýöräp geçýärler. Beýleki ýokary okuw mekdeplerinde bolşy ýaly, bu institutlarda hem okuw-terbiýeçilik işleri häzirki döwrüň talaplaryna doly laýyk gelýär.

Motoatyjylar batalýonynyň esgerleri-de ajaýyp taýýarlygyň we ýokary ussatlygyň nusgasyny görkezmek bilen, Watanymyzyň parahatçylygynyň, abadançylygynyň üpjün edilmegine uly goşant goşýarlar. Olaryň yzy bilen ýurdumyzyň Harby-howa güýçleriniň uçarmanlary dabaraly harby ýörişi dowam etdirýärler. Türkmen uçarmanlary Watanymyzyň asuda asmanyny ygtybarly goraýarlar. Soňra meýdançadan tankçylar batalýony geçýär. Olar häzirki zamanyň kuwwatly tanklaryny dolandyrmaga ussatlarça erk edýärler. Artilleriýa we asmana atyjylar diwizionlarynyň harby gullukçylary, deňiz-pyýada batalýony hem şu gezekki gözden geçirilişe gatnaşdy. Olar nyzamly ädimler bilen mertligiň, başarjaňlygyň, ýokary hünär ussatlygynyň belent nusgasyny görkezýärler.

Dabaraly harby ýöriş Türkmenistanyň Goranmak, Içeri işler we Milli howpsuzlyk ministrlikleriniň hem-de Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň «Türkmen edermen» ýörite maksatly batalýonlarynyň hatary bilen dowam edýär. Bu bölümiň harby gullukçylarynyň tapawutly aýratynlygy söweşjeň, nazary we beden taýýarlygynyň ýokary derejesinden, batyrlykdan, aýgytlylykdan ybaratdyr. Olaryň nyzamly hatary, ynamly ädimleri, ýokary söweşjeň ruhy Watan goragynyň ynamly gollardadygyny aýdyň görkezýär.

Ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň atly bölümleriniň baýramçylyk ýörişi dabaranyň aýratyn bezegine öwrüldi. Türkmen halkynyň buýsanjy hem şöhraty bolan, ady rowaýata öwrülen ganatly bedewler täze taryhy döwürde döredijiligiň we ösüşiň täze belentliklerine tarap öňe ymtylyşyň aýdyň nyşany bolup durýar. Köp asyrlaryň dowamynda ahalteke bedewleri gaýduwsyz ýigitlerimiziň wepaly ýoldaşy, baýramçylyklarda olaryň ýakyn dostlary bolupdyr. Gadym döwürlerde bolşy ýaly, häzirki wagtda-da behişdi bedewler Watan goragçylarynyň, hukuk tertibiniň goragynda duranlaryň ygtybarly kömekçileridir.

Soňky ýyllarda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralaryna gelip gowşan häzirki zaman harby tehnikalarynyň gözden geçirilişi Ýaragly Güýçlerimiziň goranyş ukybynyň ýokary derejesini, söweşjeň taýýarlygyny görkezýär. Döwlet münberiniň meýdançasynda gurnalan ýörite ekran arkaly çärä gatnaşyjylar göni ýaýlymda Hazar deňzinde geçirilýän deňiz flotunyň baýramçylyk ýörişine tomaşa etdiler.

Harby-deňiz güýçlerine gelip gowşan, iň kämil ýaraglar bilen enjamlaşdyrylan «Deňiz han» korwet söweşjeň gämisi baýramçylyk gözden geçirilişini açýar. Bu kuwwatly gämi deňziň üstündäki we astyndaky, howadaky hem-de gury ýerdäki nyşanalary ýok etmäge ukyplydyr. Onuň yzy bilen «Edermen», «Gaýratly» raketa gämileri dabaraly ýüzüşi dowam edýär. Olar ýurdumyzyň deňiz serhetleriniň howpsuzlygyny üpjün edýär.

Soňra gezek Milli goşunymyzyň düzüminde duran döwrebap harby tehnikalara ýetýär. Meýdançadan dürli kysymly goşunlaryň mehanizirlenen hatary geçip başlaýar. Dabaraly harby ýörişiň öňüni «INKAS TITAN-DS APS» kysymly sowutlanan harby awtoulag çekýär. Onuň ýöriş hatary bilen «DAGOR» kysymly harby awtoulaglarda Watan goragçylary öz wepaly ýoldaşy bolan türkmen alabaýlary bilen geçýärler. Harby tehnikalaryň gözden geçirilişi «Land Rover» kysymly harby maksatly ýeňil awtoulaglar, «NIMR», «Al SHIBL2» kysymly sowutlanan awtoulaglar, «KIA KLTV-181» kysymly sowutlanan, köpmaksatly söweşjeň harby awtoulaglar bilen dowam edýär. «Türkmen edermen» ýörite maksatly toparlar bu awtoulaglar bilen sazlaşykly hereket edip, öňde goýlan wezipeleri üstünlikli çözýärler. Onuň yzy bilen «Türkmen edermen» ýörite maksatly bölümleriň «INKAS TITAN-DS APS» we «ВМС KIRPI MRAP» kysymly sowutlanan harby awtoulaglary dabara meýdançasyndan geçýär. Bu awtoulaglar pulemýotlary, göçme asmana atyjy raketa toplumlaryny özünde jemleýär.

Ikinji mehanizirlenen kerweniň öňüni «Tayfun» kysymly köpmaksatly sowutlanan harby awtoulag çekýär. Onuň yzy bilen «T-90S» tanklary, “BMP-3” kysymly pyýada goşunyň sowutlanan tehnikalary geçýär. Ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän harby özgertmeleriň netijesinde raketa we artilleriýa goşunlary öňdebaryjy tehnikalar bilen üpjün edilip, yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar. Munuň mysaly hökmünde bu goşun bölümlerinde ulanylýan artilleriýa goşunlarynyň «2S-1 Gwozdika» kysymly özi hereket edýän söweş tehnikalaryny görkezmek bolar. Şol tehnikalar hem dabaraly harby ýörişde münberiň öňünden geçýär.

Meýdança üçünji kerweniň tehnikalary çykýar. Olaryň başyny «Al SHIBL2» kysymly ýeňil sowutlanan harby awtoulag çekýär. Onuň yzy bilen «MERCEDES-BENZ ATEGO» kysymly awtoulagda «Baýraktar TB2» kysymly söweşjeň uçarmansyz uçýan enjam, «MAN TGM» kysymly awtoulagda «Falko» kysymly uçarmansyz uçýan enjam Döwlet münberiniň öňünden geçýär. Garaşsyzlygymyzyň şanly 34 ýyllygy mynasybetli guralýan dabaraly harby ýörişe «SKY STRIKER» kysymly söweşjeň uçarmansyz uçýan enjam, «ORBITER — 2B» we «СW-15D» kysymly uçarmansyz uçýan enjamlar hem gatnaşýar. Olar uly aralyklara taktiki nokatlaýyn urgulary geçirmek üçin niýetlenendir.

Soňra meýdançadan «MAN» kysymly awtoulagyň binýadyna ýörite dolandyryş ulgamy ornaşdyrylan Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugyna degişli awtoulag geçýär. Ol meýdan şertlerinde migrasiýa işini ýerine ýetirmek üçin niýetlenendir. Şeýle hem dabara gatnaşyjylara ýurdumyzyň howa giňişliginiň ygtybarly goragyny üpjün edýän «KS-1A», «FD-2000», «FM-90» kysymly iň kämil asmana atyjy raketa toplumlary görkezilýär.

Dabaraly harby ýörişde dördünji mehanizirlenen kerweniň çäklerinde Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň harby awtoulaglary geçip başlaýar. Soňra meýdançadan Döwlet serhet gullugynyň “KIA KLTV 141” kysymly sowutlanan söweşjeň awtoulaglary hem-de “Motowezdehod” kysymly häzirki zaman motoulaglary geçýär. Münberiň öňünden üstünde merdana serhetçiler, olaryň wepaly ýoldaşy bolan türkmen alabaýlary oturan “Toyota Hilux” awtoulaglary geçýär. Olaryň yzy bilen «KIA KLTV 141», «Cobra» kysymly köpmaksatly, sowutlanan söweşjeň awtoulaglar barýar. Bu ulag serişdeleri Watanymyzyň mukaddes serhetlerini goramakda netijeli ulanylýar. Dabaraly harby ýörişden Serhet goşunlarynyň «Mantra» kysymly awtoulagynda 120 mm kalibrli minomýotlar, «ВМС KIRPI MRAP» kysymly sowutlanan harby awtoulaglar geçýär. Ýörişi “IVECO” awtoulaglary dowam edýär. Olaryň binýadynda pesden uçýan howa nyşanlaryny ýok etmek üçin niýetlenen “ZU-23” kysymly asmana atyjy raketa toplumlary, «Simbat» raketa uçurma ulgamy, “Orbiter 2B” kysymly uçarmansyz uçýan enjamlar ýerleşdirilendir.

Soňra Döwlet serhet gullugynyň harby gullukçylary «HONDA» kysymly motoulaglarda Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly toýunyň hormatyna «34» ýazgyny emele getirip geçýärler. Dabaraly harby ýörişiň bäşinji mehanizirlenen kerweniniň öňüni Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň düzümindäki «IVECO M65» kysymly söweşjeň awtoulag çekýär. Kerweni «Storm-Rider», «LAZAR III» kysymly häzirki zaman sowutlanan söweşjeň awtoulaglar dowam edýär. Altynjy mehanizirlenen kerweniň çäklerinde Türkmenistanyň Içeri işler edaralarynyň ýöriteleşdirilen tehnikalary geçip başlaýar. Kerweniň öňüni «INKAS TITAN-DS APS» kysymly sowutlanan söweşjeň awtoulag çekýär. Onuň yzy bilen «FORD HENNESSEY» awtoulaglary geçýär. Soňra meýdançada Içeri işler ministrliginiň «FORD ATLAS 150», «Toyota Tundra», «GMS Sierra», «PMV-SURVIVOR II», «INKAS TITAN-DS APS» kysymly sowutlanan söweşjeň awtoulaglar peýda bolýar. Bu döwrebap awtoulaglar ýurdumyzyň asudalygynyň hem-de abadançylygynyň, hukuk we jemgyýetçilik tertibiniň üpjün edilmeginde aýratyn ähmiýete eýedir.

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli geçirilýän dabaraly harby ýöriş howa giňişliginde dowam edýär. Howadaky dabaraly ýörişi «Mi-17W-5» kysymly dikuçarlar açýar. Olar guryýer goşunlarynyň söweş hereketlerini howadan goldamak, goşunlary, harby tehnikalary daşamak üçin niýetlenendir. Içeri işler ministrliginiň «Eurocopter-145», Milli howpsuzlyk ministrliginiň «Eurocopter-365» kysymly dikuçarlary asman giňişliginde harby ýörişi dowam edýär. Bu dikuçarlaryň her biri ýokary söweşjeň häsiýetleri bilen tapawutlanýar. Soňra asmandan Döwlet serhet gullugynyň «Agusta-109», «Agusta-139» kysymly häzirki zaman dikuçarlary uçup geçýär.

Baýramçylyk harby gözden geçirilişine «A-29 Super Tucano» kysymly söweşjeň uçarlar hem gatnaşýar. Bu ýeňil zabt ediji söweşjeň uçarlar Harby-howa güýçleri üçin uçarmanlary taýýarlamak, daglyk we çöllük ýerlerde ýeňil sowutlanan tehnikalary hatardan çykarmak, serhet ýakalarynda howadan gözegçilik we aňtaw işlerini amala aşyrmak üçin niýetlenendir. Olaryň yzy bilen Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Harby-howa güýçleriniň «Su-25», «Mig 29» kysymly söweşjeň uçarlary geçýär. Türkmen uçarmanlary söweşjeň uçarlary we dikuçarlary ussatlyk bilen dolandyryp, ýokary hünär derejelerini görkezýärler.

Şu gün görkezilen kämil harby howa tehnikalarynyň hatarynda islendik howa şertlerinde, dürli belentliklerde, guryýer ýa-da deňiz çäklerinde, daglyk ýerlerde uçmaga ukyply «M-346» kysymly uçarlar-da bar. Harby-howa güýçleriniň öňünde duran wezipeleri ýerine ýetirmek üçin ähli zerur enjamlar bilen enjamlaşdyrylan bu tehnikalar howa giňişliklerini goramaga, aňtaw işlerini alyp barmaga, guryýer goşunlarynyň söweşjeň hereketlerini goldamaga niýetlenendir. «С-27J SPARTAN» kysymly harby-ulag uçary, «Su-25» kysymly söweşjeň uçarlar howa giňişligindäki harby ýörişi jemleýär.

Dabaraly harby ýörişde görkezilen döwrebap ýerüsti, deňiz we howa tehnikalary hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň goranyş ukybyny pugtalandyrmak, Ýaragly Güýçlerimizi döwrebaplaşdyrmak, harby we hukuk goraýjy edaralaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek meselelerine uly üns berilýändigini nobatdaky gezek subut edýär.

Soňra Döwlet münberiniň öňündäki meýdançada Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Aýratyn hormat garawuly batalýonynyň harby gullukçylary düzülýärler. Her ýylda geçirilýän dabaraly harby ýörişde bu batalýonyň şahsy düzümi ýokary nyzam emelleri bilen ajaýyp şekilleri döredýärler. Olar şu ýyl hem Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe baýramçylyk sowgady bilen geldiler. Meýdançada Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň nyşanynyň hem-de Garaşsyzlyk binasynyň şekilleri emele getirilýär. Soňra meýdançada dabaraly harby ýörişiň ýöriş sazlaryny ýerine ýetiren harby we hukuk goraýjy edaralaryň Birleşen harby orkestri peýda bolýar. Olaryň ýerine ýetirýän sazlarydyr mukamlary Milli goşunymyzyň watançylyk ruhuny belende göterýär. Ýurdumyzyň şanly baýramy mynasybetli ajaýyp sazly sowgady taýýarlan Birleşen harby orkestriň joşgunly çykyşy harby ýörişe aýratyn öwüşgin çaýdy. Olaryň ýerine ýetirmeginde Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” atly goşgusyna döredilen aýdym dabaraly harby ýörişiň jemlenmesine öwrüldi.

Soňra Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli giň gerimli dabara dowam etdi. Ol döwrebap telekommunikasiýa serişdeleri we aragatnaşyk ulgamlary arkaly göni ýaýlymda köpçülige ýetirildi. Munuň özi watandaşlarymyza hem-de dünýä döwletleriniň ýaşaýjylaryna ýurdumyzyň baş baýramynyň şanyna guralan dabara tomaşa etmäge mümkinçilik berdi.

Bu ýerde milli lybasdaky iki çapyksuwar ajaýyp ahalteke bedewini meýdança çykardylar. Şaý-sepler bilen bezelen at esbaplary behişdi bedewiň gözelligine gözellik goşýar. 2022-nji ýylda doglan Zaman atly akýal mele reňkli bu ajaýyp bedew Gurthatar we Yşgyn diýen atlaryň neslindendir. Ady rowaýata öwrülen Gelşikliniň ugruna degişli bolan bu bedew Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli, türkmen halkynyň bagtyýarlygy, Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda edýän yzygiderli aladasy üçin tüýs ýürekden hoşallygyň nyşany hökmünde Hökümet agzalarynyň adyndan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa sowgat berildi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ahalteke bedewi Watanymyzyň gülläp ösüşiň täze belentliklerine tarap okgunly gadamlarynyň, halkymyzyň döredijilik zehininiň, milli mirasymyzyň dowamatlylygynyň ajaýyp nyşanydyr. Bu ajaýyp ahalteke bedewi meýdançada buýsanç bilen gezim edip, dabara gatnaşyjylarda we myhmanlarda ýakymly duýgulary döretdi.

Soňra ellerinde Türkmenistanyň Döwlet baýdagy hem-de BMG-niň baýdagy buýsançly parlaýan türkmen çapyksuwarlarynyň ýörişi başlandy. Halkymyz gadymy döwürlerden bäri behişdi bedewi goç ýigidiň wepaly ýoldaşy, toý-baýramlaryň bezegi hasaplapdyr. Soňra meýdançadan diňe bir ýurdumyzda däl, daşary ýurtlarda-da uly şöhrata eýe bolan “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar topary geçýär. Bu toparyň şu ýylyň başynda Monakonyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen halkara sirk sungaty festiwalynda üstünlikli çykyş edip, Altyn baýraga we beýleki ýörite baýraklara mynasyp bolmagy Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň rowaçlyklarynyň özboluşly başlangyjyna öwrüldi. Çapyksuwarlaryň at üstünde ussatlarça ýerine ýetiren tilsimleri, çylşyrymly akrobatik hereketleri tomaşaçylary ýene bir ýola haýran galdyrdy.

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň BMG-niň döredilmeginiň 80 ýyllygy bilen gabat gelmegi şanly ýylyň ähmiýetini has-da artdyrýar. Şu nukdaýnazardan, ýylyň dowamynda strategik hyzmatdaşlygyň çäklerinde birnäçe halkara forumlar we beýleki çäreler geçirilýär. Awgust aýynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty üstünlikli geçirildi. Ýakynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň ýokary derejeli plenar mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sebit we halkara derejede parahatçylygy, durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen birnäçe anyk başlangyçlary öňe sürdi.

Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk ýörişini Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň, Mejlisiniň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri dowam edýärler. Meýdançadan milli nyşanlar bilen bezelen awtoulag platformasy geçýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan demokratik özgertmeler hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda mynasyp dowam etdirilýär. Döwrüň talaplaryna, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda, ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýady yzygiderli kämilleşdirilýär. Bu işlerde Türkmenistanyň Halk Maslahatyna, Mejlise we jemgyýetçilik guramalaryna möhüm orun degişlidir. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň Garaşsyzlygyny, hemişelik Bitaraplygyny, halkara parahatçylygy we ynanyşmagy pugtalandyrmakda, Diýarymyzyň syýasy, ykdysady, medeni ugurlarda gazanan üstünliklerine mynasyp goşantlaryny goşan adamlary sylaglamak maksady bilen, hormatly Prezidentimiz «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny döretmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna gol çekdi.

Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda paýtagtymyzda Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde we döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda geçirilen Halk Maslahatynyň mejlisinde «Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk we ynanyşmak syýasatynyň hukuk esaslary hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanuny kabul edildi. Milli Liderimiziň başlangyjy bilen taýýarlanan bu resminama hemişelik Bitaraplyk derejesiniň ýörelgelerini we ileri tutulýan ugurlaryny kanun esasynda berkidýär. Bu bolsa Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda aýratyn ähmiýete eýedir. Bu Kanun ýurdumyzyň sebitleýin durnuklylygyň ygtybarly kepili hökmünde, şeýle hem parahatçylyk dörediji döwlet hökmünde ornuny has-da pugtalandyrmaga, şunda Bitaraplygyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmaga gönükdirilendir.

Soňra kanun esasynda döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk derejesine eýe bolan Arkadag şäheriniň häkimliginiň baýramçylyk görnüşinde bezelen awtoulag platformasy meýdança çykdy. Mälim bolşy ýaly, täze şäheriň keşbinde milli binagärligiň iň gowy däpleri dizaýnyň öňdebaryjy tejribesi bilen sazlaşykly utgaşýar. Bu täsin şäher dünýäniň şähergurluşyk, inženerçilik-tehniki tejribesiniň innowasion hem-de öňdebaryjy gazananlaryny, adamlaryň ýaşamaklary üçin has amatly şertleri özünde jemleýär. Şäheriň ýokary halkara ölçeglere laýyk gelýändigi köp sanly halkara güwänamalardyr baýraklar bilen tassyklanyldy. Şu ýyl Arkadag şäheriniň ýol-ulag düzümine degişli birnäçe desgalaryň durky düýpli döwrebaplaşdyrylyp, ulanmaga berildi. Ahalteke atlarynyň ösdürilip ýetişdirilen gadymy mekanynda, durky täzelenen “Ahalteke atlary” şaýolunyň ugrunda “Taýçanak” atly ajaýyp bina açyldy. Arkadag şäheriniň iki ýyllygy mynasybetli şäheriň aragatnaşyk we internet ulgamynyň 5G tehnologiýasynyň işine ak pata berildi. Häzirki wagtda durmuş ulgamy dolulygyna öňdebaryjy sanly, maglumat-kommunikasiýa hem-de ekologik taýdan arassa tehnologiýalara esaslanýan ýurdumyzyň ilkinji “akylly” şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygy batly depginde alnyp barylýar. Sebitde deňi-taýy bolmadyk döwrebap şäheriň ýaşaýjylarynyň adyndan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň Garaşsyzlyk baýramynyň şanyna gutlaglar aýdylýar.

Soňra Aşgabat şäher häkimliginiň paýtagtymyzyň binagärlik nyşanlary bilen bezelen awtoulag platformasy Döwlet münberiniň öňünden geçýär. Şähergurluşyk syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen, ösüşiň hem-de gözelligiň şäheri hökmünde ak mermerli paýtagtymyzyň dünýädäki at-abraýy barha artýar. Milli binagärligiň iň gowy ýörelgeleri öňdebaryjy gurluşyk tejribesi bilen sazlaşykly utgaşdyrylyp gurulýan dürli maksatly desgalar ýokary durmuş şertlerini üpjün etmek bilen bir hatarda, paýtagtymyzyň täze, döwrebap keşbini emele getirýär. Şol desgalaryň birnäçesi dünýä binagärliginiň ajaýyp täsinligi hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.

Aşgabadyň «Dizaýn» ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girizilendigini bellemek gerek. Baş şäherimiz ösen senagatlaşan merkez bolup, durnukly ösüşiň, gaýtalanmajak gözelligiň özboluşly nyşany hökmünde ykrar edilýär. Her ýyl Aşgabadyň ajaýyp binagärlik keşbiniň üsti dürli maksatly täze binalar bilen ýetirilýär. Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda paýtagtymyzyň demirgazygyndaky senagat toplumynyň çäginde çüýşe önümlerini öndürýän önümhananyň açylmagy, baş şäherimiziň merkezi bölegindäki seýilgähiň durkunyň täzelenip, ulanmaga berilmegi Watanymyzyň Garaşsyzlyk baýramyna ajaýyp sowgat boldy. Mundan başga-da, Aşgabadyň ýol-ulag düzüminiň maddy-tehniki kuwwatlyklary öňdebaryjy daşary ýurt önüm öndürijilerinden täze satyn alnan 700 sany döwrebap ýolagçy awtobusy bilen has-da berkidildi.

Soňra dabaraly ýöriş ýurdumyzyň bäş welaýatyna wekilçilik edýän awtoulag platformalarynyň toparynyň geçmegi bilen dowam etdi. Suratly pannolarda dünýä belli taryhy binagärlik ýadygärlikleri, häzirki döwrüň iri desgalary, Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlarynyň ajaýyp künjeklerinde ýerleşýän binalaryň şekilleri görkezilýär. Welaýatlaryň döredijilik toparlarynyň çykyşlarynda milli däp-dessurlarymyzyň özboluşlylygy şöhlelenýär. Döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi esasynda sebitleriň durmuş-medeni, ykdysady infrastrukturasy yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar. Munuň şeýledigine baş baýramyň öňüsyrasynda Diýarymyzyň sebitlerinde dabaraly açylyp ulanmaga berlen döwrebap şäherçedir obalar hem şaýatlyk edýär.

Şu ýylda kabul edilen «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasynda» ýurdumyzyň sebitlerini ösdürmek boýunça mundan beýläk-de toplumlaýyn işleri durmuşa geçirmek göz öňünde tutulýar. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde Ahal, Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlarynyň dolandyryş-çäk bölünişigini döwrüň talaplaryna laýyk getirmek, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak, döwlet derejesinde kabul edilýän çözgütleriň dessin ýerine ýetirilmegini, Watanymyzyň durmuş-ykdysady taýdan depginli ösmegini üpjün etmek üçin şertleri döretmek maksady bilen, bu welaýatlarda täze etraplar we olaryň häkimlikleri döredildi.

...Hormatly Prezidentimizi hem-de dabaranyň köp sanly myhmanlaryny awtoulag platformalarynda barýan ýaşulular, ýaş nesliň wekilleri mübärekleýärler. Joşgunly aýdym-sazlar, asmana uçurylan köpöwüşginli şarlar adamlaryň baýramçylyk ruhuny belende göterýär.

Döwlet münberiniň öňündäki meýdançadan Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň baýramçylyk görnüşinde bezelen awtoulagy, köp sanly türgenler geçýärler. Şolaryň hatarynda sportuň dürli görnüşleriniň ussatlary, milli we halkara derejedäki ýaryşlaryň ýeňijileri, olaryň tälimçileri bar. Öňdengörüjilikli döwlet strategiýasynyň esasynda häzirki wagtda milli sport ulgamy hil taýdan täze derejelere çykdy. Türkmenistanda sport bilen meşgullanmak, türgenleriň başarnyklaryny kämilleşdirmek, tälimçileriň, beýleki hünärmenleriň işlemekleri üçin ähli şertler döredilýär. Netijede, türkmen türgenleri dürli abraýly halkara ýaryşlarda üstünlikli çykyş edýärler we baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar. Olaryň gazanýan üstünlikleri döwlet derejesinde sarpalanýar. Şu ýyl “Arkadag” futbol topary Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň Çagyryş ligasynyň çempiony boldy. Şu mynasybetli ýaryşda gazanylan pul baýragynyň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna geçirilmegi ýurdumyzda çagalaryň bähbidine ynsanperwer başlangyçlaryň halkymyz tarapyndan giňden goldanylýandygynyň nobatdaky nyşanyna öwrüldi.

Diýarymyzda parahatçylyk söýüjilikli başlangyçlaryň wagyz edilmeginde, dost-doganlyk gatnaşyklarynyň berkidilmeginde sport diplomatiýasynyň mümkinçilikleriniň netijeli ulanylýandygyny hem bellemek gerek. Muny ýurdumyzda halkara derejeli ýaryşlaryň geçirilmeginiň yzygiderli häsiýete eýe bolýandygy-da aýdyň tassyklaýar. Şu ýyl paýtagtymyzda sportuň milli we alyş göreşi boýunça halkara ýaryş, sportuň küşt görnüşi boýunça ýaşajyk türgenleriň arasynda halkara ýaryş guramaçylykly geçirildi.

Soňra Döwlet münberiniň öňünden Bilim ministrliginiň baýramçylyk äheňinde bezelen awtoulaglary, bu ulgamyň wekilleri, ýaş nesiller geçýärler. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän bilim özgertmeleri bu ulgamy halkara standartlaryň derejesine çykarmaga mümkinçilik döretdi. Bilimiň we ylmyň döwletiň, jemgyýetiň ösüşiniň, döredijilik mümkinçilikleriniň möhüm binýadydygyny nygtamak gerek. Şunuň bilen baglylykda, ylmy we tehnologiýany ösdürmek, ýurdumyzyň aň-paýhas kuwwatyny artdyrmak, giň dünýägaraýyşly, ýokary bilimli ýaş nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek, ugurdaş maksatnamalary we konsepsiýalary durmuşa geçirmek, hünärmenleriň taýýarlygyny kämilleşdirmek täze taryhy döwürde Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

Her täze okuw ýylyny täze, döwrebap bilim edaralarynyň birnäçesiniň açylyş dabaralary bilen utgaşdyrmak ýurdumyzda asylly däbe öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda paýtagtymyzda açylyp ulanmaga berlen Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersiteti, Mary şäherindäki Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň goşmaça okuw we beýleki desgalary, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde açylan mekdeplerdir çagalar baglary Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda ýaş nesiller üçin ajaýyp sowgat boldy. Türkmenistanly mekdep okuwçylarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň abraýly halkara bäsleşiklerde, ders olimpiadalarynda gazanýan üstünlikleri bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijeli häsiýete eýe bolýandygyny görkezýär.

Baýramçylyk ýörişini saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri dowam etdirýärler. Halkyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy baradaky alada döwlet syýasatynyň baş maksady bolup durýar. Soňky ýyllarda milli saglygy goraýyş ulgamy hil taýdan täze derejä çykdy we raýatlara halkara standartlara laýyk gelýän lukmançylyk hyzmatlarynyň elýeterli bolmagyny üpjün etdi. “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek we oňa degişli desgalary döwrebaplaşdyrmak, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak, derman senagatyny ösdürmek maksatlaryna gönükdirilen giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Paýtagtymyzda, welaýatlarda bu ulgama degişli öňdebaryjy ýöriteleşdirilen enjamlar, iň täze tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan döwrebap desgalar guruldy. Arkadag şäherinde iri lukmançylyk klasteriniň gurlup ulanmaga berilmegi bilen, ýurdumyzyň derman we lukmançylyk enjamlary senagatynyň önümçilik kuwwaty has-da artar. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki çykyşynda saglygy goraýyş ulgamyna degişli ýene birnäçe iri taslamalaryň durmuşa geçiriljekdigini nygtady. Şunuň bilen birlikde, şypahana-dynç alyş infrastrukturasy hem giňeldilýär. Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen işjeň hyzmatdaşlyk edilip, netijeli tejribe alşylýar. “Il saglygy — ýurt baýlygy” şygary astynda amala aşyrylýan köpugurly işler Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň baýramçylyk görnüşinde bezelen platformasynda öz mynasyp beýanyny tapdy.

Soňra baýramçylyk meýdançasyndan Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň, Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentliginiň işgärleri dabaraly ýagdaýda geçýärler. Gurmak we döretmek häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň esasy wezipeleriniň biridir. Muňa ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan täzeçil şähergurluşyk strategiýasy hem şaýatlyk edýär. Onuň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen, şäherleriň we obalaryň keşbi tanalmaz derejede özgerdi. Iri taslamalaryň amala aşyrylmagy, gurluşyk senagatynyň toplumlaýyn ösdürilmegi düýpli döwlet goldawyna eýedir. Garaşsyzlyk ýyllarynda milli gurluşykçylarymyz tarapyndan bina edilen ajaýyp desgalaryň binagärlik aýratynlyklary, olaryň gurluşygynda peýdalanylýan döwrebap tehnologiýalar innowasion ösüş ýoluna düşen Garaşsyz Watanymyzyň ägirt uly ykdysady we döredijilik kuwwatyna eýedigini subut edýär. Ýurdumyzda bar bolan awtomobil ýollarynyň durky täzelenilýär hem-de täzeleri gurulýar. Häzirki wagtda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat böleginiň, Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsiniň gurluşygy alnyp barylýar.

Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň platformasynda-da ýetilen sepgitler görkezilýär. Senagat we gurluşyk önümçiligi pudagynda senagaty ösdürmäge, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan, eksport ugurly önümleriň önümçiligini ýola goýmaga, innowasion tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan häzirki zaman kärhanalaryny gurmaga, hereket edýän önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmaga aýratyn ähmiýet berilýär. Ýurdumyzy senagatlaşdyrmak boýunça meýilnamalary durmuşa geçirmegiň çäklerinde senagat infrastrukturasy yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar we giňeldilýär. Muňa şu ýyl döwlet Baştutanymyzyň ak pata bermeginde Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda Bäherden keramiki önümler kärhanasynyň dabaraly açylmagy hem şaýatlyk edýär.

Himiýa senagatynda täze önümçilikleri döretmek babatda-da netijeli işler durmuşa geçirilýär. Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiziň gol çeken Karary esasynda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda ýylda 1 million 155 müň tonna karbamid öndürýän toplumy gurmak boýunça dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalary bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi. Häzirki wagtda himiýa senagatynyň işgärleri üçin Türkmenbaşy etrabynyň Guwlymaýak şäherçesinde ýaşaýyş jaýlar we binalar toplumynyň gurluşygy alnyp barylýar. Mundan başga-da, pudagy ösdürmegiň maksatnamasynyň çäklerinde Ahaldaky gazdan benzin öndürýän zawodyň ikinji tapgyryny, Türkmenabat şäherindäki himiýa zawodynyň düzüminde mineral dökünleri öndürýän toplumy, Mary etrabynyň çäginde mineral dökünleri öndürýän zawody gurmak meýilleşdirilýär.

Täze taryhy döwürde elektroenergetika pudagynyň maddy-tehniki binýadyny berkitmek, diňe bir içerki sarp edijileri doly we üznüksiz üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, elektrik energiýasynyň eksport edilýän möçberini hem yzygiderli artdyrmaga mümkinçilik berýän ygtybarly ugurdaş infrastrukturany döretmek boýunça işler dowam etdirilýär. Pudakda durmuşa geçirilýän ägirt uly işler meýdançadan geçen Energetika ministrliginiň awtoulag platformasynda öz beýanyny tapdy. Ýurdumyzyň sarp edijilerini elektrik energiýasy bilen ygtybarly üpjün etmäge, şol bir wagtda eksport mümkinçiliklerini giňeltmäge şert döredýän kuwwatly elektrik desgalary gurlup ulanmaga berilýär. Ekologik taýdan arassa energiýany, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini iş ýüzünde peýdalanmak babatda-da yzygiderli işler alnyp barylýar.

Soňra dokma we halyçylyk pudaklarynyň mümkinçilikleri görkezildi. Döwletimiz tarapyndan pudagyň maddy-tehniki binýadyny berkitmäge uly üns berilýär. Bar bolan kärhanalar döwrebaplaşdyrylýar, ýerli çig mal esasynda ýokary hilli önümler öndürýän täze kärhanalar gurulýar. Dokma senagaty işgärleriniň we halyçy gelin-gyzlaryň iş şertlerini mundan beýläk-de gowulandyrmak boýunça ähli zerur çäreler geçirilýär. Dokma senagaty ministrliginiň we “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň awtoulag platformasynda ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda sarp edijiler tarapyndan uly isleg bildirilýän dürli önümler şöhlelendirilýär.

Meýdança Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, Döwlet haryt-çig mal biržasynyň, Söwda-senagat edarasynyň awtoulag platformalary çykýar. Bu düzümleriň alyp barýan işi ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny ýokarlandyrmaga, türkmen önümlerini dünýä bazaryna çykarmaga, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga goşant goşýar. Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri-de häzirki zaman bazar gatnaşyklary bilen ýokary netijeli ykdysadyýeti döretmekden ybaratdyr. Häzirki wagtda «Türkmenistanda öndürildi» diýen nyşanly harytlara dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýär. Munuň özi hususy pudagy höweslendirmek we goldamak, pudagyň wekilleriniň netijeli iş alyp barmaklary üçin zerur şertleri döretmek boýunça döwletimiz tarapyndan durmuşa geçirilýän giň gerimli işleriň oňyn netijesidir.

Bu günki gün türkmen telekeçileri dürli ugurlarda öndürijilikli zähmet çekýärler, sarp ediş harytlaryny öndürmekde, gurluşyk pudagynda, hyzmatlar ulgamynda ösen tehnologiýalary üstünlikli özleşdirýärler. Kabul edilen döwlet maksatnamalarynyň amala aşyrylmagyna ýardam bermekde, bäsdeşlige ukyply, import edilýän harytlaryň ornuny tutýan, eksporta gönükdirilen önümleri öndürmek, azyk bolçulygyny üpjün etmek boýunça öňde goýlan wezipeleri çözmekde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna uly orun degişlidir.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen häzirki döwürde ulag-kommunikasiýa toplumyny maksatnamalaýyn esasda ösdürmek, halk hojalyk ýükleriniň daşalmagyny kämilleşdirmek, ýolagçylary gatnatmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Munuň özi ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny has-da ösdürmäge ýardam berýär. Toplumyň işini kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary, Aragatnaşyk, Awtomobil ulaglary ministrlikleri, «Türkmenhowaýollary» döwlet gullugy hem-de Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy döredildi. Türkmenistanyň Ýewraziýa we yklymüsti aragatnaşyk ýollarynyň strategik çatrygynda geografik taýdan amatly ýerleşişini göz öňünde tutup, ýurdumyzyň üstaşyr ulag, logistika mümkinçiliklerinden has netijeli peýdalanmaga gönükdirilen giň gerimli işler alnyp barylýar. Ulagyň ähli görnüşleri bilen ýolagçy we ýük dolanyşygyny ösdürmek, ýurdumyzyň halkara üstaşyr ulag mümkinçiligini doly ulanmak boýunça degişli işler amala aşyrylýar. Şu ýyl hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Balkanabat şäheriniň Jebel şäherçesinde täze Halkara howa menziliniň ulanmaga berilmegi möhüm waka boldy. Aragatnaşyk pudagy hem döwrüň talabyna görä yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar. Baýramçylyk meýdançasyndan topluma degişli edara-kärhanalaryň işgärleri we bezelen awtoulag platformalary geçýärler.

Soňra Döwlet münberiniň öňünden milli ykdysadyýetimiziň binýatlyk pudagy bolan nebitgaz toplumynyň işgärleri we awtoulag platformalary geçýär. Türkmenistan energiýa serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolup, ýangyç-energetika toplumyny diwersifikasiýalaşdyrmak strategiýasyny durmuşa geçirýär. Şunda gazyp alýan, gaýtadan işleýän pudaklaryň kuwwatyny artdyrmaga, ýokary hilli önümleriň dürli görnüşlerini öndürýän innowasion önümçilikleri döretmäge, energiýa serişdelerini eksport etmek üçin köpugurly turbageçiriji infrastrukturany kemala getirmäge möhüm ähmiýet berilýär. Munuň özi netijeli halkara hyzmatdaşlyk üçin amatly mümkinçilikleri açýar. Bu ugurda ýurdumyzyň durmuşa geçirýän iri taslamalary sebit derejesinde umumy ösüşe itergi bermäge gönükdirilendir. Dünýäde iri uglewodorod ýataklarynyň biri bolan «Galkynyş» gaz känini tapgyrlaýyn esasda özleşdirmek işleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şu ýyl «Türkmennebit» döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň “Kenar” toplaýjy-ýükleýji nebit kärhanasynyň nebit we nebit önümleri guýulýan 3-nji gämi duralgasy açylyp ulanmaga berildi.

Soňra meýdançadan maliýe we ykdysadyýet toplumyna wekilçilik edýän awtoulag platformalary geçdi. Şu ýyl berkarar döwletimiziň baş maliýe meýilnamasyndan bilimi, saglygy goraýşy, medeniýeti ösdürmäge, önümçilik we durmuş-medeni maksatly desgalaryň gurluşygyna köp möçberde serişdeler goýberildi. Watanymyzyň ykdysadyýeti durnukly ösýär. Milli ykdysadyýetimizi sanlylaşdyrmagyň çäklerinde ýurdumyzda bu pudagy döwrebaplaşdyrmak boýunça maksada gönükdirilen çäreler görülýär. Bank işine sanly tehnologiýalar ornaşdyrylýar, olaryň gerimi giňeldilýär, elektron töleg ulgamy kämilleşdirilýär we nagt däl hasaplaşyklaryň möçberi artdyrylýar. Ýakynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Türkmenistanyň maýa goýum forumy daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, täze işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmak babatda amatly mümkinçilikleri döretdi. «Türkmenistanyň zähmet bazaryny 2030-njy ýyla çenli ösdürmegiň Konsepsiýasy» bolsa täze, döwrebap iş orunlaryny döretmäge, ilatymyzyň iş üpjünçiligini has-da kämilleşdirmäge uly ýardam berer.

Oba hojalyk we azyk senagaty ulgamyna degişli pudaklaýyn düzümleriň baýramçylyk äheňinde bezelen awtoulaglary we işgärleri dabaraly ýörişi dowam edýärler. Azyk bolçulygyny pugtalandyrýan Türkmenistan ýylyň-ýylyna oba hojalyk önümleriniň öndürilýän möçberini artdyrýar, pudagyň infrastrukturasy kämilleşdirilýär, dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň döwrebap tehnikalary we enjamlary yzygiderli satyn alynýar. Döredilýän amatly şertlerden ruhlanyp zähmet çekýän merdana daýhanlarymyz oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ýetişdirip, ýurdumyzda azyk önümleriniň bolçulygyny döretmäge öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Şu ýyl oba hojalyk işgärleri Watan harmanyna 1 million 400 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylyny tabşyrdylar, 2 müň 100 tonnadan gowrak pile öndürdiler. Ýurdumyzyň daşky gurşawy goramak, suw hojalygy, maldarçylyk we guşçulyk senagaty, atçylyk pudaklary hem okgunly ösdürilýär. Ýer-suw serişdelerinden netijeli peýdalanmak, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, täze suw howdanlaryny gurmak boýunça maksada gönükdirilen çäreler durmuşa geçirilýär.

Dabara medeniýet ulgamynyň işgärleriniň ýörişi bilen jemlendi. Halkymyzyň ruhy gymmatlyklaryny, medeni mirasyny aýawly saklamakda, ony mundan beýläk-de ösdürmekde, dünýä ýaýmakda medeniýet ulgamyna uly orun degişlidir. Ruhy baýlyk bolan milli medeniýetiň we sungatyň ösdürilmegine, maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagyna, döredijilik işgärleriniň ukyp-başarnyklaryny doly derejede açmaklary üçin şertleriň döredilmegine aýratyn üns berilýär. Hormatly Prezidentimiziň bimöçber goldaw-hemaýatlary bilen medeniýet, sungat, döredijilik işgärlerine hormatly atlar dakylyp, olar döwlet sylaglary bilen sylaglanylýar. Halkymyzyň milli gymmatlyklary tutuş dünýäde giňden wagyz edilýär we halkara jemgyýetçilik tarapyndan ykrar edilýär. Türkmen halkynyň sungatynyň hem-de senetçiliginiň birnäçe görnüşleriniň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda medeni diplomatiýanyň üsti bilen halklaryň arasynda dost-doganlygy berkitmäge gönükdirilen halkara festiwallardyr beýleki çäreler geçirildi.

Diýarymyzyň bäş welaýatyna wekilçilik edýän aýdymçylaryň we tans toparlarynyň, ýaşajyk artistleriň çykyşlary Döwlet münberiniň öňündäki dabaralaryň ajaýyp jemlenmesine öwrüldi. Olar çykyşlarynda Watanymyzy, agzybir türkmen halkyny, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik işlerini wasp etdiler.

Dabaranyň ahyrynda döwlet Baştutanymyzy Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň, ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleri Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 34 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutladylar hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

Hormatly Prezidentimiz hemmeleri mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly senesi bilen gutlady we alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.

Paýtagtymyzda badalga alan baýramçylyk dabaralary ýurdumyzyň ähli künjeklerinde dowam edip, ildeşlerimiziň kalbyny baýramçylyk şatlygy hem-de buýsanç duýgulary bilen doldurdy. Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli dabaralar agşam “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada geçirilen konsert bilen dowam etdi. Bu ýere ýygnanan köp sanly tomaşaçylaryň öňünde meşhur hem-de ýaş artistler, folklor-tans toparlary öz ussatlyklaryny görkezdiler. Baýramçylyk feýerwerki Garaşsyzlyk baýramyna bagyşlanan dabaralaryň özboluşly jemlenmesine öwrülip, Aşgabadyň gijeki asmanyna ajaýyp baýramçylyk öwüşginini çaýdy.

27.09.2025

Türkmenistanyň Prezidenti Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygynyň bellenilýän gününde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow türkmen halkynyň täze taryhynda ägirt uly özgertmeleriň nyşany bolan ajaýyp binalar toplumyna — Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy.

Garaşsyzlyk ýyllarynda milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlarynda ägirt uly ösüşler gazanyldy. Täze şäherler, şäherçeler we döwrebap obalar gurlup, innowasiýalara daýanýan önümçilik toplumlary, ýol-ulag düzümleri açylyp ulanmaga berildi. Watanymyzyň baş baýramyny şanly sepgitler, ýokary zähmet üstünlikleri bilen garşylamak asylly däbe öwrüldi. Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygy Diýarymyzyň dürli sebitlerinde ýaýbaňlandyrylan durmuş, medeni, önümçilik maksatly binalaryň we desgalaryň açylyş dabaralary bilen utgaşdy. Munuň özi ýurdumyzyň durnukly ösýändiginiň, onuň ykdysady, döredijilik kuwwatynyň ýokarlanýandygynyň, durmuşa geçirilýän iri maksatnamalarda we taslamalarda halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmagyň baş maksat hökmünde kesgitlenendiginiň aýdyň güwäsidir.

“Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe biz Garaşsyzlygymyzyň we Bitaraplygymyzyň binýadyny has-da pugtalandyryp, ýurdumyzy beýik geljege tarap ynamly öňe alyp barýarys. Şoňa görä-de, ähli ösüşlerimiziň, üstünliklerimiziň hem-de abadançylygymyzyň gözbaşy bolan Garaşsyzlyk gününe beýik baýram hökmünde aýratyn sarpa goýýarys. Özboluşly taryhy ähmiýetli bu baýramçylygymyzyň şanyna binagärlik keşbi barha gözelleşýän şäherdir obalarymyzda ýaşaýyş-durmuş, ykdysady hem-de medeni maksatly täze desgalary dabaraly açyp, Watanymyzyň berkararlygyny, halkymyzyň bagtyýarlygyny, şöhratyny hem-de mertebesini dünýä ýaýýarys” diýip, döwlet Baştutanymyz Watanymyzyň baş baýramy mynasybetli halkymyza iberen Gutlagynda belledi.

...Ir bilen Garaşsyzlyk binasynyň ýanynda Mejlisiň Başlygy, Hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, daşary döwletleriň hem-de halkara guramalaryň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň, welaýatlaryň häkimleri, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, hormatly ýaşulular, talyplar, paýtagtymyzyň köp sanly ýaşaýjylary ýygnandylar. Hormatly Prezidentimiziň awtoulagy baýramçylyk lybasyna beslenen Garaşsyzlyk binasynyň ýanyna gelýär. Hemmeler döwlet Baştutanymyzy uly ruhubelentlik bilen garşyladylar.

Döwlet Baştutanymyz bellenilen ýere geçýär. Harby orkestriň ýerine ýetirmeginde Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar. Soňra Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýurdumyzyň döwlet berkararlygynyň we özygtyýarlylygynyň nyşany bolan Garaşsyzlyk binasyna gül desselerini goýdy. Hormatly Prezidentimiziň göreldesine eýerip, beýleki dabara gatnaşyjylar hem gül desselerini goýdular.

Döwlet Baştutanymyz Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çykyşynda: “Biziň ýolumyz bagtyýarlygyň, berkararlygyň ýoludyr. Geçmişimizi, şu günümizi we geljegimizi berk baglanyşdyryp, biz mundan beýläk-de bu ýol bilen ynamly öňe gideris. Agzybirlikde we bitewülikde ýurdumyzy ösdürmek boýunça Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan döwletlilik ýoluny ynamly dowam etdireris” diýip nygtady. Türkmenistanyň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamasy bilen “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilen şu ýylyň Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň 30 ýyllygy bilen has-da şöhratlanýandygyny bellemek gerek. Şanly ýylda ýurdumyzyň başlangyjy bilen «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň üçünji gezek biragyzdan kabul edilmegi oňyn Bitaraplyk syýasatymyzyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini, Watanymyzyň halkara derejedäki at-abraýynyň barha ýokarlanýandygyny ýene-de bir gezek aýdyň görkezdi. Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, Garaşsyzlyk we Bitaraplyk biri-biri bilen berk baglanyşykly milli buýsanjymyzdyr, parahatçylygyň, ynanyşmagyň şöhratly ýoludyr. Garaşsyzlyk we hemişelik Bitaraplyk döwletimiziň mizemezliginiň, jebisligimiziň, ähli rowaçlyklarymyzyň binýadyny düzýän taglymatymyzdyr.

Halkymyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Milli Liderimiziň öňdengörüjilikli başlangyçlaryna eýermek bilen, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda döredijilik we özgertmeler ýolunda ynamly gadam urup, täze zähmet üstünliklerini gazanýar.

Birnäçe wagtdan Garaşsyzlyk binasynyň öňündäki meýdança hoşboý ysly ajaýyp ter gül desselerinden doldy. Munuň özi Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň, özygtyýarlylygynyň mizemezliginiň, türkmen halkynyň agzybirliginiň we jebisliginiň aýdyň nyşanydyr.

Dabaraly çäre tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow oňa gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.

Watanymyzyň Garaşsyzlyk gününe bagyşlanan baýramçylyk dabaralary ýurdumyzyň ähli künjeklerinde giňden ýaýbaňlandyryldy.

27.09.2025

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany bilen duşuşygy

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Watanymyzyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza sapar bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow bilen duşuşdy.

Duşuşygyň öňüsyrasynda Gahryman Arkadagymyz hem-de Tatarystanyň Baştutany iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde surata düşdüler.

Myhman mähirli kabul edilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Halk Maslahatynyň Başlygyny Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygyna eýe bolmagynyň 34 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlady hem-de pursatdan peýdalanyp, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň we Hökümet Başlygy Mihail Mişustiniň Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize iberen mähirli salamyny ýetirdi.

Milli Liderimiz Rustam Minnihanowy türkmen topragynda mähirli mübärekläp, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutanynyň saýlawlarynda gazanan ýeňşi bilen gutlady. Bellenilişi ýaly, Tatarystanyň Baştutanynyň saýlawlardan soňra sapar amala aşyran ilkinji ýurdunyň Türkmenistan bolmagy ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýokary derejesine şaýatlyk edýär. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz Rustam Minnihanowdan Russiýa Federasiýasynyň ýolbaşçylaryna salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýollady.

Söhbetdeşler ýokary derejedäki özara gatnaşyklaryň yzygiderli häsiýete eýe bolýandygyny kanagatlanma bilen bellediler. Şunuň bilen baglylykda, Milli Liderimiz Rustam Minnihanowyň şu ýylyň awgustynda Türkmenistana amala aşyran saparyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny aýtdy we Russiýa Federasiýasy bilen döwletara dialogyň çäklerinde Türkmenistan bilen Tatarystan Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň okgunly hem-de netijeli häsiýete eýedigine ünsi çekdi.

Nygtalyşy ýaly, türkmen-tatar hyzmatdaşlygynyň gün tertibinde söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Şunda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-tatar iş toparynyň alyp barýan işiniň möhüm orny bellenildi. Şunuň bilen birlikde, ynsanperwer ulgamda, şol sanda ylym, bilim ulgamlarynda gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýär. Iki ýurduň ylym, bilim, medeniýet işgärleri, wekiliýetleri Türkmenistanda hem-de Tatarystanda geçirilýän iri halkara çärelere işjeň gatnaşýarlar.

RF-niň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň iki halkyň arasynda dostlukly gatnaşyklary ösdürmekdäki tagallalaryny belledi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri pursatdan peýdalanyp, Rustam Minnihanowyň şu gezekki saparynyň türkmen-tatar hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmäge, iki doganlyk halkyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga täze itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

27.09.2025

Aşgabatda Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli baýramçylyk ýörişi başlandy

Aşgabatda Döwlet münberiniň toplumynyň öňündäki meýdançasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk ýörişi başlandy.

Ir bilen hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy. Bu dabara Hökümet agzalary, Mejlisiň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri, ýaşulular, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary we daşary ýurtly myhmanlar gatnaşdylar.

Teletomaşaçylar Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli guralan baýramçylyk ýörişi milli telewideniýede göni ýaýlymda görüp bilerler.

27.09.2025

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna

Eziz watandaşlar!
Hormatly adamlar!

Sizi Türkmenistanyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bu mukaddes baýramçylygyň toý-dabaralarynyň berkararlygyň, bagtyýarlygyň, ösüşiň hem-de rowaçlygyň ýoly bilen ynamly öňe barýan eziz Watanymyza milli buýsanjymyzy has-da pugtalandyryp, täze üstünlikleri gazanmaga we belent sepgitlere ýetmäge güýç-kuwwat berjekdigine berk ynanýaryn.

Garaşsyzlyk halkymyzyň beýik mertebesiniň hem-de milli buýsanjynyň Ýer ýüzünde dabaralanmagydyr. Üçünji müňýyllygyň öň ýanynda — 34 ýyl mundan ozal Garaşsyzlygymyz bütin dünýä jar edilip, demokratik, hukuk we dünýewi döwlet gurluşly nusgalyk ýol — Türkmenistanyň özygtyýarly, özbaşdak hem-de erkin ösüş ugry saýlanyp alyndy. Bu şöhratly döwürde ýurdumyz özbaşdak, garaşsyz, abadançylykly ösüş syýasatyny durmuşa geçirmek, dünýäniň syýasy, ykdysady, medeni ösüşine mynasyp goşandyny goşmak bilen, ählumumy parahatçylygyň we dostlugyň pugtalandyrylmagy üçin tagallalary birleşdirýän döwlete öwrüldi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe biz Garaşsyzlygymyzyň we Bitaraplygymyzyň binýadyny has-da pugtalandyryp, ýurdumyzy beýik geljege tarap ynamly öňe alyp barýarys. Şoňa görä-de, ähli ösüşlerimiziň, üstünliklerimiziň hem-de abadançylygymyzyň gözbaşy bolan Garaşsyzlyk gününe beýik baýram hökmünde aýratyn sarpa goýýarys. Özboluşly taryhy ähmiýetli bu baýramçylygymyzyň şanyna binagärlik keşbi barha gözelleşýän şäherdir obalarymyzda ýaşaýyş-durmuş, ykdysady hem-de medeni maksatly täze desgalary dabaraly açyp, Watanymyzyň berkararlygyny, halkymyzyň bagtyýarlygyny, şöhratyny hem-de mertebesini dünýä ýaýýarys.

Berkarar Watanymyzyň her bir güni täze taryhy wakalara, toý-dabaralara beslenýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň bereketli güýz paslynyň ilkinji aýynyň dowamynda gadymyýetden gözbaş alýan milli döwletlilik ýörelgelerimize eýermek bilen, paýtagtymyz Aşgabat şäherinde Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň täze binalar toplumyny, çüýşe önümlerini öndürýän döwrebap önümhanany, döwrebaplaşdyrylan «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň XV ýyllygy» seýilgähini, Ahal welaýatynda Döwletli mekan hem-de Bagtly zamana obalaryny, Daşoguz welaýatynda Bitaraplyk şäherçesini, Mary welaýatynda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň täze goşmaça okuw binasyny, umumy ýaşaýyş jaýyny, sport desgasyny we aýlawly ýoluň ugrundaky «Täze kuwwat» binasyny hem-de beýleki onlarça binalary toý sowgady hökmünde dabaraly açyp, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň hem-de döwrümiziň belentligini, agzybirligimiziň hem-de jebisligimiziň mizemezligini bütin dünýä äşgär etdik.

Eziz watandaşlar!

Milli ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmagy, raýatlarymyzyň durmuşynyň derejesini we hilini ýokarlandyrmagy, täze obalary, şäherdir etraplary gurmagy göz öňünde tutýan maksatnamalarymyzy üstünlikli durmuşa geçirýäris. Döwletimiziň dünýä bileleşigindäki ornuny berkitmek hem-de halkara abraýyny ýokarlandyrmak boýunça ägirt uly işleri amala aşyrýarys. Garaşsyzlyk gününiň öň ýanynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasynyň nobatdaky taryhy mejlisi guramaçylykly geçirilip, döwletimiziň we jemgyýetimiziň mundan beýläk-de gülläp ösmegi bilen bagly möhüm çözgütleri kabul etdik. Biziň gazanýan guwandyryjy üstünliklerimiz, belent sepgitlerimiz, şanly ýeňişlerimiz beýik ösüşlerimiziň geljekki has uly rowaçlyklarynyň binýadydyr.

Hormatly watandaşlar!

Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň müňýyllyklardan gözbaş alýan parahatçylyk we dostluk ýörelgelerine, ynsanperwerlige hem-de ynanyşmaga esaslanýan Bitaraplyk syýasaty dünýä bileleşigi tarapyndan hemmetaraplaýyn goldanyldy hem-de täze syýasy tejribe hökmünde ykrar edildi. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň üçünji gezek ykrar edilmegi biziň parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik, hoşniýetlilik ýörelgelerimize dünýä bileleşigi tarapyndan berlen iň uly bahadyr we ýokary ynamdyr.

Bitaraplyk biziň depginli ösüşlerimiziň kepilidir, merdana pederlerimiziň parahatçylyk we durnuklylyk, dostluk hem-de hoşniýetli goňşuçylyk baradaky asyrlarboýy eden arzuwlarynyň has-da üstünlikli durmuşa geçirilmegi üçin täze mümkinçilikdir. Garaşsyz ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropa Bileleşigi, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Goşulyşmazlyk Hereketi, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly abraýly halkara guramalar, Ýer ýüzüniň döwletleri bilen syýasy, ykdysady, medeni gatnaşyklary yzygiderli giňeltmegiň, aýratyn-da, parahatçylygyň we ylalaşygyň, ählumumy ösüşiň hatyrasyna tagallalary birleşdirmegiň mäkäm halkara hukuk esasydyr. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýokary derejede geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty hem Türkmenistanyň ýöredýän parahatçylyk, hoşniýetlilik we Bitaraplyk syýasatynyň ajaýyp miwesidir.

Eziz watandaşlar!
Hormatly adamlar!

Sizi Garaşsyzlyk güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglygyny, uzak ömür, egsilmez bagt we maşgala abadançylygyny, eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedow.

27.09.2025

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy bilen duşuşdy

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk bilen duşuşdy.

Işewür wagt tapyp kabul edendigi üçin Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, ata Watany Türkmenistanda bolmagyň özi üçin uly mertebedigini belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, Milli Liderimizi Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlady. Şeýle-de işewür Gahryman Arkadagymyzdan şanly waka mynasybetli hormatly Prezidentimize gutlaglaryny ýetirmegini haýyş etdi.

Ahmet Çalyk Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanda asyrlara barabar işleriň durmuşa geçirilendigini, ähli ulgamlarda gazanylýan üstünliklere guwanýandygyny belledi. Bu işler türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyçlarynyň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda rowaçlyklara beslenýändiginiň aýdyň beýanydyr. Şeýle hem işewür mümkinçilikden peýdalanyp, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasyna Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda karbamid öndürýän toplumyň gurluşygynyň ynanylandygy üçin hoşallyk bildirdi.

Gahryman Arkadagymyz işewüri mähirli mübärekläp, Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasynda Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda ýola goýlan dost-doganlyk gatnaşyklarynyň dürli ugurlarda, şol sanda energetika, dokma senagaty, gurluşyk we beýleki pudaklarda üstünlikli ösdürilýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, Milli Liderimiz ýokary derejede alnyp barylýan bu hyzmatdaşlygy has-da ösdürmekde Türkiýäniň Türkmenistanda işleýän kompaniýalarynyň, hususan-da, “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň goşandyny belledi. Häzirki wagtda kompaniýa senagat we durmuş maksatly möhüm desgalaryň birnäçesiniň gurluşygyna işjeň gatnaşýar. Şeýle-de bu düzümiň Türkmenistanyň energetika pudagynda, saglygy goraýyş ulgamynda alyр barýan işlerine üns çekildi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ýurdumyzyň bilelikde amala aşyrylýan taslamalarda innowasion tehnologiýalaryň we ykdysady taýdan netijeli çözgütleriň ornaşdyrylmagyny goldaýandygyny aýdyp, “Çalyk Holding” kompaniýasynyň mundan beýläk-de täze tehnologiýalary, öňdebaryjy enjamlary ornaşdyrmak arkaly Türkmenistanda möhüm ähmiýetli taslamalary durmuşa geçirmäge gatnaşjakdygyna ynam bildirdi.

Işewür bildirilen uly ynam üçin hoşallygyny beýan edip, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň öz üstüne alan şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli we ýokary hilli ýerine ýetirmäge mundan beýläk-de berk ygrarly boljakdygyna ynandyrdy.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz “Çalyk Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysyna alyp barýan işinde üstünlikleri arzuw etdi.

26.09.2025

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.

Döwlet Baştutanymyz mejlisi açyp, hemişe bolşy ýaly, jenaýat edendikleri üçin iş kesilen we eden etmişlerine ökünip, ak ýürekden toba gelen raýatlarymyzyň günäsiniň geçilýändigini, olary jeza çekmekden boşatmak ýaly sahawatly çäreleriň yzygiderli geçirilip durulýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Raýatlyk we günä geçmek meseleleri boýunça teklipleri taýýarlamak baradaky toparyň başlygy B.Gündogdyýewe söz berildi. Ol jenaýat edendikleri üçin iş kesilen raýatlaryň Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek boýunça bu toparyň geçiren işleri barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, asylly däbimize eýerip, iş kesilen 225 raýatymyzyň ýurdumyzyň Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek hakynda Permana gol çekýändigini aýtdy. Hormatly Prezidentimiz Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýewe hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary bilen bilelikde günäsi geçilen adamlaryň ählisini tussaglykdan boşadyp, olar ýakyn wagtda öz öýlerine, maşgala agzalarynyň arasyna barar ýaly, ähli zerur işleri geçirmegi tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz günäsi geçilen adamlara yhlasly zähmet çekip, eziz Watanymyza ak ýürekden hyzmat edip, halal zähmetiň hözirini görüp ýaşamaklaryny arzuw etdi.

Soňra Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa ýurdumyzda durmuşa geçirilýän giň möçberli özgertmeleriň hukuk esaslaryny pugtalandyrmak we milli kanunçylygy döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda “Ylmy intellektual eýeçilik hakynda”, “Wirtual aktiwler hakynda” Türkmenistanyň täze Kanunlaryny taýýarlamak, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda, “Kazyýet hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna, Jenaýat iş ýörediş, Raýat iş ýörediş, Maşgala, Ilaty durmuş taýdan goramak, Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodekslerine we beýleki hereket edýän birnäçe kanunçylyk namalaryna üýtgetmelerdir goşmaçalary girizmek boýunça işler alnyp barylýar.

Bahreýn Patyşalygynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisinden ynanç haty kabul edildi. Mundan başga-da, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Demokratik institutlar we adam hukuklary baradaky býurosynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşykda saýlaw we sala salşyk ulgamyny kämilleşdirmekde toplanan tejribeler barada özara pikir alşyldy. Şeýle hem Mejlisiň wekili ÝHHG tarapyndan guralan okuw maslahatyna gatnaşmak üçin Awstriýa Respublikasynyň Wena şäherinde iş saparynda boldy.

Hormatly Prezidentimiz döwrüň talabyna laýyk gelýän täze kanun taslamalaryny işläp taýýarlamagyň möhüm wezipeleriň biridigini, şoňa görä, bu ugurda alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň zerurdygyny belledi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow şu ýylyň sentýabrynda Aşgabatda geçiriljek Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-wenger toparynyň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Hasabatda bellenilişi ýaly, altynjy mejlisiň gün tertibine laýyklykda, söwda-ykdysady, energetika, dokma senagaty pudaklarynda, ulag ulgamynda, oba hojalyk, azyk we daşky gurşawy goramak, suw serişdelerini dolandyrmak, durmuş, zähmet, ylym-bilim, saglygy goraýyş, derman senagaty, medeniýet, sport we syýahatçylyk ulgamlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek hem-de onuň gerimini giňeltmek barada pikir alyşmak göz öňünde tutulýar. Şeýle-de mejlisiň Teswirnamasynyň deslapky taslamasy taýýarlanyldy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň taslamasy hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Wengriýanyň Türkmenistanyň hyzmatdaş döwletleriniň biri bolup durýandygyny, iki ýurduň özara dostlukly gatnaşyklary alyp barýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-wenger toparynyň türkmen böleginiň düzümini tassyklamak hakynda resminama gol çekdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow gözegçilik edýän toplumy, hususan-da, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi. Häzirki wagtda korporasiýa tarapyndan ýurdumyzyň dürli künjeklerinde uglewodorod serişdeleriniň ýerasty gorlaryny anyklamak we ýüze çykarmak işleri alnyp barylýar. Bu işleri ýerine ýetirmekde, gözleg-barlag guýularyny burawlamakda döwrebap tehnologiýalardan netijeli peýdalanylýar. Bu ugurdaky işleriň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak üçin düzümiň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga hem-de döwrebaplaşdyrmaga aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ýerasty baýlyklaryny ýüze çykarmak, uglewodorod çig mal binýadyny artdyrmak boýunça netijeli işleri alyp barmagyň zerurdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, Arkadagly Gahryman Serdarymyz nebitiň we tebigy gazyň gözlegi boýunça geologiýa işleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek bilen bagly taýýarlanylan teklibi goldap, wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew Diýarymyzda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Nygtalyşy ýaly, şu günler ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda bugdaý ekişi dowam edip, ekiş möwsümini bellenen möhletlerde we talabalaýyk geçirmek üçin zerur çäreler görülýär. Ekiş geçirilen ýerlerde gögeriş suwy tutulýar. Pagta ýygymy möwsüminiň çäklerinde daýhan yhlasy bilen ýetişdirilen pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almak we kabul ediş harmanhanalarynda, pagta arassalaýjy kärhanalarda kabul etmek boýunça degişli işler geçirilýär. Welaýatlaryň maldarçylyk hojalyklarynda mallaryň baş sanyny artdyrmak, önüm berijiligini ýokarlandyrmak maksady bilen, ätiýaçlyk ot-iým gorlaryny döretmek babatda zerur çäreler görülýär. Şeýle-de wise-premýer ekerançylyk meýdanlarynyň suw üpjünçiligini we ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, suw serişdelerini tygşytly peýdalanmak üçin ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmegiň we onuň işini kämilleşdirmegi dowam etdirmegiň möhümdigini belläp, wise-premýere geljek ýylyň bugdaý hasylynyň ekiş möwsümini talabalaýyk geçirmegi, ösdürilip ýetişdirilen pagta hasylyny ýygnap almagy guramaçylykly alyp barmagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk baýramyna taýýarlyk görmegiň çäklerinde Aşgabat şäherinde ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň paýtagtyny mundan beýläk-de gözelleşdirmek hem-de baýramçylyk çärelerini ýokary derejede geçirmek maksady bilen, ýaşaýyş-durmuş maksatly binalarda we desgalarda, seýilgählerde abatlaýyş hem-de abadanlaşdyryş işleri geçirildi. Şanly sene mynasybetli Aşgabat şäheriniň şaýollaryny, köçelerini dürli reňkli ýazgylar hem-de nyşanlar bilen bezemek işleri ýerine ýetirildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Garaşsyz ýurdumyzda, şol sanda paýtagtymyz Aşgabat şäherinde berkarar döwletimiziň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk çäreleriniň giňden ýaýbaňlandyryljakdygyny aýtdy hem-de wise-premýere paýtagtymyzda bezeg we abadanlaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew ýurdumyzda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeler bilen halkara jemgyýetçiligi giňden tanyşdyrmak we daşary ýurtlar bilen özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek babatda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bu ugurda öňde durýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmekde Türkmenistanda hem-de daşary ýurtlarda yzygiderli geçirilýän sergiler, maslahatlar, işewürlik duşuşyklary uly ähmiýete eýedir. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny, eksport mümkinçiliklerini giňden mahabatlandyrmak, milli ykdysadyýetimize daşary ýurt maýa goýumlaryny, ýokary tehnologiýalary çekmek baradaky tabşyryklaryndan ugur alyp, Söwda-senagat edarasy tarapyndan degişli ministrlikler we pudak edaralary bilen bilelikde 2026-njy ýylda geçirilmegi teklip edilýän sergileriň, ýarmarkalaryň, maslahatlaryň we festiwallaryň sanawynyň taslamasy işlenip taýýarlanyldy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Watanymyzyň gazanan üstünliklerini halkara derejede giňden tanyşdyrmak maksady bilen netijeli işleriň amala aşyrylýandygyny, ýurdumyzda we daşary ýurtlarda sergileriň, maslahatlaryň, işewürlik duşuşyklarynyň yzygiderli geçirilýändigini belledi. Arkadagly Gahryman Serdarymyz bu ugurda taýýarlanylan teklipleri goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa oktýabr aýynda geçiriljek esasy çäreleriň Tertibi barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, geljek aýyň dowamynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Ýaşulularyň halkara güni, Hatyra güni, Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni we Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli dürli çärelerdir dabaralary geçirmek meýilleşdirilýär. Şeýle hem oktýabr aýynyň dowamynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinden gelip çykýan wezipeleri wagyz etmek maksady bilen, dürli maslahatlaryň geçirilmegi göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda bellenilýän baýramlar bilen bagly oktýabr aýynda geçiriljek esasy çärelere gowy taýýarlyk görmegiň zerurdygyny nygtady we ulanmaga beriljek medeni-durmuş maksatly binalaryň açylyş dabaralaryny ýokary derejede geçirmek, Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni, Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli çärelere gowy taýýarlyk görmek babatda anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa “Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe” atly halkara sergä we ylmy maslahata görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bu halkara çärelere derman we saglygy goraýyş maksatly serişdeleri, lukmançylyk, bilim tehnologiýalaryny öndürýän öňdebaryjy kompaniýalaryň, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň lukmanlarynyň, alymlaryň, sport hünärmenleriniň gatnaşmagyna garaşylýar. Şunuň bilen birlikde, forumyň çäklerinde Türki dilli ýurtlaryň kardiologlarynyň XI kongresini, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň fiziologlarynyň halkara kongresini, Ýewraziýa döwletleriniň onkolog lukmanlarynyň halkara maslahatyny geçirmek göz öňünde tutulýar. Munuň özi saglygy goraýyş, bilim, sport ulgamlarynda halkara hyzmatdaşlygyň hem-de öňdebaryjy tejribeleriň ösdürilmegine ýardam berer. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda saglygy goraýyş we sport ulgamlaryny ösdürmek, bilim işini kämilleşdirmek boýunça maksatnamalaýyn işleriň alnyp barylýandygyny belledi hem-de «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergä we ylmy maslahata gowy taýýarlyk görmegi hem-de olary ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berildi. Ol hormatly Prezidentimiziň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji ýubileý sessiýasyna gatnaşmagynyň netijeleri barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, ol döwlet Baştutanymyzy 21 — 24-nji sentýabr aralygynda Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna amala aşyran iş saparynyň üstünlikli geçmegi bilen tüýs ýürekden gutlady.

Nygtalyşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Baş Assambleýasynyň belent münberinden çykyş edip, sebit we halkara ähmiýetli meseleler boýunça netijeli çözgütleri öz içine alýan Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlaryny beýan etdi. Şunuň bilen baglylykda, ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmek, durnukly ösüş, ekologiýa howpsuzlygy, köptaraplaýyn ynsanperwer we halkara hukuk hyzmatdaşlygyny ösdürmek ýaly ugurlar boýunça anyk teklipler öňe sürüldi. Döwlet Baştutanymyzyň çykyşynda Parahatçylyk we ynanyşmak medeniýeti meseleleri boýunça bütindünýä sammitini geçirmek hem-de bu sammitiň netijesinde Halkara ynanyşmak kodeksini işläp düzmek boýunça başlangyçlary beýan edendigi bellenildi. Şeýle-de 2026 — 2035-nji ýyllar üçin “BMG-niň Durnukly ulag boýunça onýyllygyny” yglan etmek, “Durnukly ösüşi üpjün etmekde ygtybarly we durnukly energiýa birikmesiniň esasy orny” atly Kararnamalaryň taslamalary teklip edildi.

Hormatly Prezidentimiziň ekologiýa ulgamyndaky başlangyçlarynyň halkara jemgyýetçilik tarapyndan giňden goldanylýandygyny nazara alyp we Durnukly ösüş maksatlarynyň milli hem-de sebit derejesinde ýerine ýetirilişine goşant goşmak maksady bilen, ýurdumyzda 2026-njy ýylda ikinji Hazar ekologiýa forumyny geçirmek teklip edildi. Munuň özi Merkezi Aziýada çölleşmä garşy göreşmek boýunça sebit merkezini döretmäge hem-de Hazar ekologik başlangyjyny iş ýüzünde amala aşyrmaga itergi berer. Köpdilli diplomatiýanyň halkara gününi yglan etmek hakynda Kararnamany kabul etmek teklibi köptaraplaýyn ynsanperwer hyzmatdaşlygy berkitmäge, medeniýetara dialogy ösdürmäge hem-de özara ynanyşmagy pugtalandyrmaga gönükdirilendir. Halkara hukuk ugrundaky hyzmatdaşlyk barada aýdylanda, döwletleriň arasyndaky gatnaşyklary düzgünleşdirýän halkara kadalaryň, şol sanda BMG-niň Tertipnamasynyň ähmiýetine ünsi çekmek bilen, Türkmenistan 2028-nji ýyly “Halkara hukugyň ýyly” diýip yglan etmegi teklip edýär.

Saparyň dowamynda hormatly Prezidentimiz BMG-niň Baş Sekretary, Eswatininiň Patyşasy, Awstriýa Respublikasynyň Federal Prezidenti, Portugaliýa Respublikasynyň Prezidenti, Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Prezidenti, Kuweýt Döwletiniň Mirasdüşer Şazadasy bilen duşuşyklary geçirdi. Duşuşyklaryň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary boýunça gatnaşyklary täze derejä çykarmagyň mümkinçilikleri babatda pikir alşyldy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz BMG-niň 80 ýyllygy mynasybetli Baş Assambleýanyň ýokary derejeli ýörite plenar mejlisiniň işine gatnaşdy.

Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary Baş Assambleýanyň çäginde Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegi tizleşdirmäge we bu prosesiň netijeliligine, hususy pudagyň durnukly we hemmetaraplaýyn ösüşine bagyşlanan köp sanly çärelere, Zenanlaryň ýagdaýy baradaky 4-nji bütindünýä maslahatynyň 30 ýyllygy mynasybetli Baş Assambleýanyň ýokary derejeli plenar mejlisine gatnaşdylar. Şunuň bilen bir hatarda, BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasarlary, Kuba Respublikasynyň daşary işler ministri, ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň birinji orunbasary bilen duşuşyklar geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Bitarap döwletimiziň dünýä ýurtlary, halkara guramalar bilen deňhukukly we özara bähbitli gatnaşyklary yzygiderli berkidýändigini, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji ýubileý sessiýasynda hem Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy berkitmäge gönükdirilen garaýyşlaryny we beýleki ugurlar boýunça başlangyçlaryny beýan edendigini belläp, geljekde-de Birleşen Milletler Guramasy bilen ýola goýlan hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň dowam etdiriljekdigini aýtdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnama bermek meselesi barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň dünýäde parahatçylygyň, dost-doganlygyň we agzybirligiň ýurdy hökmünde tanalýandygy bellenildi. Ata-babalarymyzdan gelýän hoşniýetlilik, ynsanperwerlik ýörelgelerine eýerip, häzirki wagta çenli 5 müň 152 sany daşary ýurt raýatyna we raýatlygy bolmadyk adamlara Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnama berildi. Gahryman Arkadagymyzyň “Döwlet adam üçindir!” diýen çuňňur paýhasa ýugrulan ýörelgesinden ugur alnyp, ýurdumyzyň degişli ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde bu babatda degişli işler yzygiderli amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan ynsanperwer syýasatyny ulgamlaýyn esasda durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi we ýurdumyzyň ygtyýarly döwlet edaralary tarapyndan Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnamanyň berilmegi baradaky şahsy ýüztutmalary hasaba alnan 142 adama Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnamanyň berilmegi boýunça degişli işler geçirildi. Olar dünýäniň 7 döwletiniň raýatlary we 15 milletiň wekilleri bolup durýarlar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň garamagyna Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli daşary ýurt raýatlaryna Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnamanyň berilmegi bilen bagly resminamanyň taslamasy hödürlenildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, döwletimizde adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak babatda netijeli işleriň durmuşa geçirilýändigini belledi we 142 adama Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnama bermek hakynda Karara gol çekdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Çakyýew Türkmenistanyň raýat awiasiýasy pudagy üçin halkara derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, “Türkmenhowaýollary” döwlet gullugynyň Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebinde okuw türgenleşiklerini geçirmäge niýetlenen “Diamond” kysymly howa gämileriniň halkara derejeli sertifikatlaşdyrylan ýerli uçarman tälimçilerini taýýarlamak hem-de mekdebiň derejesini ýokarlandyrmak boýunça zerur işler alnyp barylýar. Bu ugurdaky işler Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdepde ýerli uçarmanlar bilen bir hatarda, daşary ýurtlaryň uçarmanlaryny taýýarlamaga, mekdebiň okuw-türgenleşik uçuşlaryna Ýewropanyň uçuşlaryň howpsuzlygy boýunça agentliginiň oňyn tejribesini we ülňülerini ornaşdyrmaga hem mümkinçilik berer. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda raýat awiasiýasy pudagyny ösdürmäge uly ähmiýet berilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz «Türkmenhowaýollary» döwlet gullugynyň Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebinde halkara derejeli hünärmenleri taýýarlamak baradaky teklibi makullap, wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramynyň ýetip gelendigini, Garaşsyzlygyň halkymyz we döwletimiz üçin mukaddes baýramdygyny belledi we pursatdan peýdalanyp, mejlise gatnaşyjylary hem-de mähriban halkymyzy Garaşsyzlygymyzyň şanly senesi bilen tüýs ýürekden gutlady.

Ministrler Kabinetiniň mejlisine gatnaşyjylar Arkadagly Gahryman Serdarymyzy we Gahryman Arkadagymyzy ýurdumyzyň Garaşsyzlyk baýramy bilen tüýs ýürekden gutladylar.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

25.09.2025

Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň mejlisine gatnaşdy

Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň ýokary derejeli plenar mejlisiniň ilkinji gününe gatnaşdy we çykyş etdi.

Türkmenistan hemişelik Bitaraplygy Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen döwlet bolmak bilen, parahatçylygyň, durnuklylygyň, özara düşünişmegiň işjeň tarapdary hökmünde halkara giňişlikde möhüm orny eýeleýär. Bitaraplyk ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynyň ähli ugurlaryndan eriş-argaç bolup geçýän esas goýujy taglymatdyr.

Ýurdumyzyň parahatçylyk döredijilikli orny gapma-garşylyklaryň öňüni almaga we olary diplomatik ýollar arkaly çözmäge gönükdirilen halkara başlangyçlarda öz beýanyny tapýar. Türkmenistan ynanyşmagy, hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ýardam bermek bilen, dürli döwletleriň hem-de sebitleriň arasynda dialog üçin meýdança bolup hyzmat edýär. Şeýle-de ýurdumyz durnukly ösüş, ekologik howpsuzlyk, ynsanperwer hyzmatdaşlyk bilen baglanyşykly başlangyçlary işjeň öňe sürýär. Munuň özi Türkmenistanyň parahatçylyk döredijilikli tagallalarynyň möhüm bölegi bolup durýar. Döwletimiziň BMG-niň howanyň üýtgemegine garşy göreşmek we ekologiýa bilen bagly ählumumy maksatnamalaryna gatnaşmagy onuň bu ugurdaky tagallalara jogapkärçilikli çemeleşýändigini we dünýäde durnuklylyga, abadançylyga gönüden-göni täsir edýän meseleleriň çözgüdine goşant goşmaga taýýardygyny görkezýär.

...Ir bilen hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň awtoulag kerweni Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň ştab-kwartirasyna bardy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş we beýleki resmi adamlar mähirli garşyladylar hem-de bilelikde surata düşdüler. Soňra plenar mejlis öz işine başlady we gatnaşyjylara söz berildi.

Hormatly Prezidentimiz çykyş edip, sözüniň başynda mejlise gatnaşyjylary Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň öz işine başlamagy bilen gutlady we hemmelere netijeli işlemegi arzuw etdi. Döwlet Baştutanymyz hanym Annalena Berbogy Baş Assambleýanyň Başlygy wezipesine saýlanylmagy bilen gutlap, ozalky sessiýanyň dowamynda Baş Assambleýanyň işine netijeli ýolbaşçylyk edendigi üçin ilçi Filemon Ýanga minnetdarlyk bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz dünýäniň häzirki ýagdaýynyň, syýasy, ykdysady, durmuş prosesleriniň häsiýetiniň we meýilleriniň döwletlerden hem-de halkara guramalardan esasy umumy maksady gazanmagyň — parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmegiň, mundan beýläk-de okgunly ösüş üçin şertleri döretmegiň, häzirki zaman dünýä gurluşynyň binýadynda goýlan hukuk esaslaryny gorap saklamagyň bähbidine utgaşykly hyzmatdaşlygy talap edýändigini belläp, Türkmenistanyň Baş Assambleýanyň 80-nji sessiýasynyň esasy wezipelerine hut şu nukdaýnazardan seredýändigini we berk deňagramly hem-de howpsuz dünýä arhitekturasyny döretmekde oňa uly umyt baglaýandygyny nygtady.

Halkara parahatçylygyň we howpsuzlygyň üpjün edilmegi Türkmenistanyň BMG bilen hyzmatdaşlygynyň esasy ugry bolup durýar. Türkmenistan hemişelik Bitarap döwlet hökmünde öz jogapkärçiligine düşünip, hyzmatdaşlyk, özara düşünişmek ýagdaýyny, ählumumy hem-de sebit derejesinde durnukly ösüşi üpjün etmäge ukyply esasy we kesgitleýji şert hökmünde özara hormat goýmak dialogyny döretmäge gönükdirilen anyk çäreleri mundan beýläk-de amala aşyrmaga taýýardyr diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we häzirki wagtda bitaraplyk ýörelgeleriniň iş ýüzünde durmuşa geçirilmeginiň bu wezipeleri ilerletmekde hem-de ýerine ýetirmekde iň netijeli gurallaryň biridigine berk ynam bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň gün tertibine “Bitaraplyk — parahatçylygyň we howpsuzlygyň hatyrasyna” atly aýratyn bendi girizmek başlangyjyny öňe sürdi. Dünýä jemgyýetçiliginiň bitaraplygyň wajypdygyna, BMG-niň parahatçylyk döredijilikli strategiýasynda onuň mümkinçiliklerine we gurallaryna düşünýändiginden ugur alyp, ol möhüm diýlip hasaplanýar. Bu ugry dowam etdirmek bilen, Türkmenistan şu gezekki sessiýanyň dowamynda “Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüş prosesini üpjün etmek hem-de pugtalandyrmak işinde bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti” atly Kararnamanyň taslamasyna seretmegi teklip eder.

Mälim bolşy ýaly, şu ýyl Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Baş Assambleýa tarapyndan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edildi. Bu şanly waka BMG-niň döredilmeginiň ýubileýine gabat gelýär. Şu ýylyň dekabrynda Türkmenistanda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanyp, ýokary derejeli iri halkara forum geçiriler. Bu foruma BMG-niň strategik maksatlaryny gazanmaga anyk goşant hökmünde garaýarys we oňa giň halkara wekilçiligiň gatnaşjakdygyna umyt edýäris. Döwlet çemeleşmeleriniň dünýäniň ösüş meýillerine ýakynlaşmak prosesi, ynanyşmagyň we özara düşünişmegiň ýola goýulmagy hem-de pugtalandyrylmagy ulgamlaýyn, yzygiderli häsiýete eýe bolmalydyr diýip hasaplaýarys diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan Parahatçylyk we ynanyşmak medeniýeti meseleleri boýunça bütindünýä sammitini geçirmek başlangyjyny öňe sürýär. Halkara ynanyşmagyň ählumumy kodeksini işläp taýýarlamak sammitiň esasy wezipeleriniň biri bolar. Bu kodeks ýurtlaryň arasynda özygtyýarlylyga we çäk bitewüligine hormat goýmak, dünýä meselelerini bilelikde çözmek we hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda gatnaşyklary ýola goýmak üçin köpugurly esas bolup hyzmat eder.

Ählumumy parahatçylygy, özara düşünişmegi üpjün etmek meselelerine häzirki zaman ösüşiniň ugurlary, medeni we ruhy gatnaşyklary gorap saklamagyň hem-de ýakynlaşdyrmagyň zerurdygy bilen aýrylmaz baglanyşykda garaýarys. Bu babatda ýüzýyllyklaryň dowamynda Gündogar bilen Günbataryň arasynda medeni köpri bolan Merkezi Aziýa häzirki günde öz taryhy wezipesini gaýtadan dikeldip, dialog, hyzmatdaşlyk babatda dünýägaraýyşlary we gymmatlyklary ýakynlaşdyrmak üçin giňişlik bolmalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we şundan ugur alyp, Türkmenistanyň şu gezekki sessiýanyň dowamynda BMG bilen hyzmatdaşlykda hem-de sebitiň ýurtlarynyň, beýleki gyzyklanma bildirýän döwletleriň, halkara institutlaryň gatnaşmagynda “Merkezi Aziýa — parahatçylykda ýaşamagyň giňişligi” atly halkara forumy geçirmegi teklip etjekdigine ünsi çekdi. Şeýle hem Türkmenistan Baş Assambleýanyň garamagyna Halkara araçylyk gününi yglan etmek hakynda Kararnamanyň taslamasyny hödürlär. Bu Kararnama gapma-garşylyklaryň öňüni almakda we kadalaşdyrmakda diplomatiýanyň hem-de bitarap meýdançalaryň ähmiýetini nygtar.

Durnukly ösüş maksatlaryny gazanmaga gatnaşmak, onuň ulag we energetika ýaly esasy ugurlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek ýurdumyzyň ileri tutýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu mesele boýunça köptaraplaýyn dialogyň merkezleriniň biri bolmak bilen, Türkmenistan adalatly, deňagramly we inklýuziw halkara ösüş ulgamyny döretmäge ýardam bermegini dowam etdirer. Şu gezekki sessiýanyň dowamynda degişli Kararnamanyň taslamasyny hödürläp, 2026 — 2035-nji ýyllar üçin “BMG-niň Durnukly ulag boýunça onýyllygyny” yglan etmek başlangyjyny öňe süreris diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz belledi hem-de munuň ulag geçelgelerini ösdürmek, olaryň durnuklylygyny ýokarlandyrmak we ähli ýurtlar üçin elýeterliligini üpjün etmek üçin halkara jemgyýetçiligiň tagallalaryny birleşdirmäge mümkinçilik berjekdigine ynam bildirdi. Şeýle-de ýurdumyz BMG-niň Baş Assambleýasynyň garamagyna “Durnukly ösüşi üpjün etmekde ygtybarly we durnukly energiýa birikmesiniň esasy orny” atly Kararnamanyň taslamasyny hödürlär.

Häzirki wagtda sanly özgertmeler ösüş gün tertibiniň ileri tutulýan meseleleriniň hatarynda durýar. Bu prosesiň deňagramly häsiýete eýe bolmalydygyna, onuň ähli döwletleriň, şol sanda ösüp barýan ýurtlaryň kanuny bähbitlerini göz öňünde tutmalydygyna, syýasylaşdyrylmakdan we birtaraplylykdan azat bolmalydygyna ynanýarys diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan deňhukuklylyk, ynanyşmak we maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň parahatçylygyň, howpsuzlygyň, durnukly ösüşiň zyýanyna ulanylmagyna ýol bermezlik ýörelgelerine esaslanýan Sanly integrasiýa boýunça bütindünýä platformasyny döretmek başlangyjy bilen çykyş etmegi meýilleşdirýär.

80-nji sessiýanyň dowamynda Türkmenistan ekologiýa we howanyň üýtgemegi meseleleri boýunça işleri-de dowam eder hem-de bu meselelere howpsuzlygy üpjün etmegiň, howa, ekologiýa we tehnogen hadysalara gözegçilik etmegiň köptaraplaýyn gurallaryny döretmek boýunça binýatlaýyn çemeleşme hökmünde yzygiderli esasda garalmagyny maksat ediner. Türkmenistan Merkezi Aziýa ýurtlary üçin çölleşmä garşy göreşmek boýunça sebit merkezini döretmek başlangyjyny öňe sürýär. Şeýle merkeziň döredilmegi sebit mümkinçiliklerini birleşdirmäge, daşky gurşawy goramak ulgamynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ýardam berer, Durnukly ösüş maksatlaryny gazanmaga, hususan-da, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek, gury ýeriň ekoulgamlaryny gorap saklamak işine saldamly goşant goşar diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi we ýurdumyzyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda öňe sürlen, Hazar deňziniň ekoulgamyny gorap saklamak üçin halkara platformany döretmäge gönükdirilen Hazar ekologik başlangyjyny ilerletjekdigini nygtady. Hazar ekologiýa forumy bu ugurda möhüm ädim bolar. Döwlet Baştutanymyz ony 2026-njy ýylda geçirmegi teklip edip, häzirki wagtda giň ynsanperwer hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin BMG-niň ornuny pugtalandyrmagyň, halklary ýakynlaşdyrmaga we olaryň arasynda özara düşünişmegi berkitmäge, ruhy-medeni gymmatlyklaryň tapawutlylygyndan gelip çykýan päsgelçilikleri aradan aýyrmaga, medeni diplomatiýanyň netijeli ýollaryny herekete getirmäge ýardam bermegiň möhümdigine ünsi çekdi. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz medeniýetleriň arasynda dialogy ösdürmek we Baş Assambleýanyň halkara gatnaşyklarda köpdilliligi goldamak boýunça Kararnamalaryny iş ýüzünde durmuşa geçirmek üçin Köpdilli diplomatiýanyň halkara gününi yglan etmegi teklip etdi.

Türkmenistan hemişe ähli halkara başlangyçlaryny BMG-niň Tertipnamasyna we esas goýujy resminamalaryna, uzak möhletli maksatlaryna laýyk getirýär. BMG bilen hyzmatdaşlygyň Türkmenistanyň ileri tutýan strategik ugry bolup durýandygyny hemişe nygtamagymyz tötänden däldir. Biz BMG-niň köpugurly ygtyýarlyklara eýe bolan ýeke-täk halkara guramadygyny ynam bilen aýdýarys. Birleşen Milletler Guramasy parahatçylygyň we ösüşiň kepili, ählumumy howpsuzlygyň, durnuklylygyň binýady bolmagynda galmalydyr. Türkmenistan halkara işlerde BMG-niň eýeleýän esasy ornuny pugtalandyrmak ugrunda yzygiderli çykyş etmegini dowam etdirer. Şunda halkara hukugyň berkidilmegini, halkara kadalaşdyryş binýadynyň kämilleşdirilmegini, BMG-niň konwensiýalarynyň, şertnamalarynyň, ylalaşyklarynyň we beýleki köptaraplaýyn resminamalarynyň durmuşa geçirilişiniň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyny munuň esasy şerti diýip hasaplaýarys diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de Türkmenistanyň 2028-nji ýyly “Halkara hukugyň ýyly” diýip yglan etmek baradaky başlangyjy öňe sürýändigini belledi we munuň parahatçylygyň, hyzmatdaşlygyň halkara hukuk binýatlaryny pugtalandyrmakda möhüm ädim boljakdygyna ynam bildirdi.

Şu mejlis Türkmenistan üçin aýratyn ähmiýete eýedir. 30 ýyl mundan ozal şu ýerde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly Kararnamany biragyzdan kabul etdi. Ol ýurdumyz üçin taryhy waka bolup, Türkmenistanyň geljekki daşary syýasy we halkara işini kesgitledi. Biziň Bitaraplygymyzyň halkara derejede ykrar edilmegi daşarky amatly şertleri üpjün edip, döwletimiziň içerki ösüşini işjeňleşdirmäge ýardam berdi diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi we mümkinçilikden peýdalanyp, Türkmenistanyň halkynyň adyndan BMG-ä agza döwletlere, tutuş dünýä jemgyýetçiligine 1995-nji ýylyň dekabrynda kabul edilen we Baş Assambleýanyň soňky iki Kararnamasy bilen tassyklanan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyny ykrar etmek baradaky çözgüt üçin minnetdarlyk bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň özüne bildirilen ynamy hemişe ýatda saklajakdygyny we öz üstüne alan halkara borçnamalaryna pugta eýerjekdigini aýdyp, ähli wekiliýetleri Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji ýubileý sessiýasynyň öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek gutlady we hyzmatdaşlygy, özara düşünişmegi pugtalandyrmakda üstünlikleri arzuw etdi.

Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparynyň maksatnamasy tamamlanandan soňra, döwlet Baştutanymyz Nýu-Ýorkuň Jon F.Kennedi adyndaky Halkara howa menziline bardy we ol ýerden Watanymyza ugrady. Birnäçe sagatdan soňra, hormatly Prezidentimiziň uçary Aşgabadyň Halkara howa menziline gelip gondy. Bu ýerde Arkadagly Gahryman Serdarymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary garşyladylar.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji ýubileý sessiýasynyň plenar mejlisiniň ilkinji gününe gatnaşmagy we onda çykyş etmegi diňe bir Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk, halkara hukugyň esas goýujy ýörelgelerine ygrarlydygyny subut eden waka bolmak bilen çäklenmän, eýsem, ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge, ählumumy parahatçylygy pugtalandyrmaga goşant goşmaga hem taýýardygyny aýdyň görkezen möhüm waka boldy. Türkmenistan hemişelik Bitaraplygyň halkara giňişlikde parahatçylygy, durnuklylygy we özara düşünişmegi ilerletmek üçin netijeli gural bolup durýandygyny dünýä äşgär edip, tutuş adamzadyň durnukly geljegi üçin öz döredijilikli başlangyçlaryny işjeň durmuşa geçirmegini mundan beýläk-de dowam etdirer.

24.09.2025

Türkmenistanyň Prezidenti Portugaliýa Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy

Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Portugaliýa Respublikasynyň Prezidenti Marselo Rebelо de Souza bilen duşuşdy.

Söhbetdeşler birek-biregi mähirli mübärekläp, şu duşuşygyň iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny kesgitlemäge we türkmen-portugal gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdiler.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Portugaliýa Respublikasyny deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan dostlukly gatnaşyklar baglanyşdyrýar. Şunuň bilen baglylykda, söhbetdeşler häzirki wagtda hyzmatdaşlygy ösdürmek we pugtalandyrmak üçin iki ýurduň hem giň mümkinçilikleriniň bardygyny aýtdylar. Türkmenistan hem-de Portugaliýa birek-biregiň netijeli halkara başlangyçlaryna yzygiderli goldaw berýärler we Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde bu başlangyçlaryň awtordaşy bolup çykyş edýärler. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasyna laýyklykda, 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýyly diýlip yglan edilendigini, bu wakanyň ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy bilen gabat gelýändigini nygtady we Prezident Marselo Rebelо de Souzany şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriljek halkara foruma gatnaşmaga çagyrdy.

Dostlukly ýurduň Prezidenti çakylyk üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyga esaslanýan parahatçylyk döredijilikli daşary syýasatynyň dünýä giňişliginde giň goldaw tapýandygyny, munuň ählumumy dialogyň jogapkärli gatnaşyjysy hökmünde ýurdumyzyň halkara abraýyny pugtalandyrýandygyny belledi.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Portugaliýa Respublikasynyň Prezidenti Marselo Rebelо de Souza netijeli döwletara gatnaşyklaryň iki ýurduň dostlukly halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege berk jan saglyk, alyp barýan jogapkärli döwlet işlerinde üstünlikleri arzuw etdiler.

24.09.2025

Türkmenistanyň Prezidenti Awstriýanyň Federal Prezidenti bilen duşuşdy

Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Awstriýa Respublikasynyň Federal Prezidenti Aleksandr Wan der Bellen bilen duşuşdy.

Söhbetdeşler mähirli salamlaşyp, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň mejlisiniň geçirilýän günlerinde duşuşmaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler we şu gepleşikleriň netijeli pikir alyşmaga, iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ugurlaryny kesgitlemäge ýardam berjekdigini tassykladylar.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Awstriýa Respublikasy Türkmenistanyň Ýewropa sebitinde öňden gelýän möhüm hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar. Ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklar özara hormat goýmak, dostluk we düşünişmek esasynda yzygiderli ösdürilýär. Şunda iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň oňyn häsiýetini bellemek gerek. Häzirki wagtda Türkmenistan we Awstriýa diňe bir ikitaraplaýyn görnüşde däl, eýsem, köptaraplaýyn görnüşde, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde-de üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler. Türkmenistanyň we Awstriýanyň bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatynyň köp babatda gabat gelmegi bolsa halkara derejede özara hereketleri utgaşdyrmaga esas bolup hyzmat edýär.

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar. Awstriýanyň kompaniýalary köp ýyllaryň dowamynda türkmen bazaryna ulag tehnikalary, saglygy goraýyş, himiýa we nebitgaz pudaklary üçin öňdebaryjy enjamlary getirýärler. Iki ýurduň ykdysady mümkinçiliklerini doly durmuşa geçirmekde Türkmen-awstriýa bilelikdäki toparynyň alyp barýan işiniň ähmiýeti bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz geljekde hem toparyň döwlet edaralarynyň we hususy pudagyň arasynda utgaşdyryjy hökmünde işjeň çykyş etmeginiň goldanyljakdygyny nygtady.

Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmakda, halklary ýakynlaşdyrmakda, medeniýetleri özara baýlaşdyrmakda möhüm orny eýeleýär. Biziň halklarymyzyň baý taryhy-medeni mirasy bar. Türkmen sazandalary Awstriýada geçirilýän festiwallara yzygiderli gatnaşýarlar, simfoniki orkestriň düzüminde üstünlikli çykyş edýärler. Şeýle hem ýurdumyzda Wena balynyň geçirilmegi asylly däbe öwrüldi. Soňky gezek VI Wena baly 2024-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda Arkadag şäherinde geçirildi. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň başlangyjy esasynda 2025-nji ýylyň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilendigini we bu wakanyň ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna gabat gelýändigini belledi hem-de Prezident Aleksandr Wan der Belleni şanly sene mynasybetli 12-nji dekabrda Aşgabatda geçiriljek halkara foruma gatnaşmaga çagyrdy.

Dostlukly ýurduň döwlet Baştutany çakylygy hoşallyk bilen kabul edip, Türkmenistanyň durmuşa geçirýän Bitaraplyk syýasatynyň ählumumy parahatçylyga möhüm goşant goşýandygyny we halkara jemgyýetçiligiň giň goldawyna eýe bolýandygyny belledi.

Duşuşygyň ahyrynda döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow hem-de Awstriýa Respublikasynyň Federal Prezidenti Aleksandr Wan der Bellen birek-birege berk jan saglyk, alyp barýan jogapkärli işlerinde üstünlikleri, iki ýurduň dostlukly halklaryna bolsa parahatçylyk, abadançylyk arzuw etdiler.

24.09.2025

Türkmenistanyň Prezidenti Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Prezidenti bilen duşuşdy

Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Prezidenti Karin Keller-Zutter bilen duşuşdy.

Söhbetdeşler birek-biregi mähirli mübärekläp, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň mejlisiniň geçirilýän günlerinde duşuşmaga we iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri boýunça özara pikir alyşmaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Şweýsariýa Konfederasiýasynyň arasyndaky gatnaşyklar özara hormat goýmak, dostluk we düşünişmek esasynda yzygiderli giňeldilýär. Halkara giňişlikde Türkmenistan hem, Şweýsariýa hem bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýar. Bu aýratynlyk halkara derejede hyzmatdaşlygy ösdürmek, parahatçylygy we durnuklylygy berkitmek üçin berk binýat bolup hyzmat edýär. Şeýle hem söhbetdeşler söwda, maýa goýum ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ilerletmegiň meseleleri barada pikir alyşdylar. Maliýe ulgamy, derman senagaty, “ýaşyl” energetika hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda bellenildi. Medeni-ynsanperwer ulgam hem döwletara gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegi bolup, dostlukly halklary ýakynlaşdyrmakda möhüm orny eýeleýär.

Duşuşygyň dowamynda hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen şu ýylda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygynyň bellenilýändigini, bu waka mynasybetli 12-nji dekabrda Aşgabatda halkara forumyň geçiriljekdigini aýtdy we hanym Karin Keller-Zutteri bu iri çärä gatnaşmaga çagyrdy.

Dostlukly ýurduň Prezidenti çakylyk üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatynyň, halkara dialogy berkitmek, ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda öňe sürýän başlangyçlarynyň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Prezidenti Karin Keller-Zutter birek-birege hem-de iki ýurduň dostlukly halklaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

24.09.2025
1 2 3 4 5 6 7 ... 68