Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi T.Nurmyradowa söz berildi. Ol welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, sebitde bugdaýyň bol hasylyny ýetişdirmek üçin şu günler ak ekin meýdanlarynda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Häzirki wagtda welaýatda gowaça ekişi dowam edip, bu jogapkärli möwsümi bellenen agrotehniki möhletlerde tamamlamak ugrunda zerur çäreler görülýär. Ekiş geçirilen ýerlerde gögeriş suwy tutulýar, gögeriş alnan meýdanlarda hatarara bejergi işleri geçirilýär. Ilatymyzy ýurdumyzda öndürilýän gök-bakja önümleri bilen bolelin üpjün etmek boýunça öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, welaýatyň ýazlyk ýeralma, gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarynda degişli ideg işleri dowam edýär. Sebitde pile öndürmek möwsümini üstünlikli tamamlamak üçin zerur çäreler görülýär. Şeýle hem howanyň gyzmagy bilen baglylykda, welaýatyň çägindäki öri we ekin meýdanlarynda, dag eteklerinde, tokaý-seýilgäh zolaklarynda, awtomobil, demir ýollaryň gyralarynda ýangynyň döremegine garşy arassaçylyk işleri geçirilýär. Mundan başga-da, häkim Oba milli maksatnamasyna laýyklykda şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, gowaça ekişini ýokary hilli geçirmek we öz wagtynda tamamlamak, bugdaýa, ýazlyk ekinlere ideg işlerini agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alyp barmak bilen baglanyşykly birnäçe tabşyryklary berdi. Hormatly Prezidentimiz Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde welaýatda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň ýokary hilli, öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatda dowam edýän oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda ideg etmek, hususan-da, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Sebitde gowaça ekişi dowam edip, ekiş geçirilen ýerlerde gögeriş suwy tutulýar. Ýazlyk ýeralma, gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri geçirilýär. Pile öndürmek boýunça bellenen meýilnamany üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, häzirki wagtda welaýatda pileçi kärendeçiler tarapyndan ýüpek gurçugyna ideg etmek işleri dowam etdirilýär. Howanyň gyzmagy bilen baglylykda, öri meýdanlarda, daglyk, tokaý we düzlük ýerlerde ýangynyň döremegine garşy sürüm işleri geçirilýär. Şeýle hem häkim ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, welaýatda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň, hususan-da, gowaça ekişiniň, bugdaýa we ýazlyk ekinlere ideg işleriniň ýokary guramaçylyk derejesinde alnyp barylmagynyň möhüm talap bolup durýandygyny belläp, häkime degişli tabşyryklary berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, welaýatda şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň bellenen möhletlerde ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Daşoguz welaýatynyň häkimi D.Babaýew welaýatdaky möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda sebitiň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Gowaça ekişini ýokary hilli we bellenen agrotehniki möhletlerde geçirmek üçin zerur çäreler görülýär. Bu işlerde oba hojalyk tehnikalary netijeli işledilýär. Ýazlyk ýeralma, beýleki gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarda ideg işleri alnyp barylýar. Welaýatda pile öndürmek boýunça bellenen meýilnamany üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda degişli işler dowam edýär. Howanyň gyzmagy bilen baglylykda, welaýatyň çägindäki tokaý zolaklarynda, öri we sähra meýdanlarynda ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek üçin sürüm işleri geçirilýär. Şeýle-de häkim ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi we önümçiligiň ähli tapgyrlarynda bellenen agrotehniki kadalaryň berjaý edilişini yzygiderli gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça döwlet maksatnamalaryna laýyklykda, welaýatda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň öz wagtynda ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Lebap welaýatynyň häkimi D.Genjiýew welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda bugdaý ekilen meýdanlarda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Welaýatda gowaça ekişi dowam edip, ekişde oba hojalyk tehnikalary doly güýjünde işledilýär. Ekerançylyk meýdanlarynda ýazlyk ýeralma, gök-bakja ekinlerine ideg işleri dowam edýär. Welaýatda pile öndürmek boýunça meýilnamany üstünlikli berjaý etmek maksady bilen degişli işler alnyp barylýar. Welaýatyň tokaý zolaklaryny, öri we ekin meýdanlaryny ýangyndan goramak üçin degişli çäklerde sürüm işleri geçirilýär. Mundan başga-da, häkim ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalarda gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, gowaça ekişiniň agrotehniki möhletlerde geçirilmegini, bugdaýa, ýazlyk ekinlere ideg işleriniň talabalaýyk ýola goýulmagyny ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda belledi hem-de häkime bu babatda degişli tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalarda bellenen wezipeleriň üstünlikli berjaý edilmeginiň ähmiýetini belläp, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, şu günler sebitiň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, suw tutmak işleri geçirilýär. Gowaça ekişini guramaçylykly geçirmek boýunça zerur çäreler görülýär. Bu ugurda oba hojalyk tehnikalaryndan netijeli peýdalanylýar. Ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň öndürilýän möçberlerini artdyrmak, bu önümler bilen ilaty bolelin üpjün etmek boýunça öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda ideg işleri dowam edýär. Welaýatda pile öndürmek möwsümi dowam edip, häzirki wagtda ýüpek gurçugyna ideg etmek işleri ýerine ýetirilýär. Howanyň gyzmagy bilen baglylykda, sebitiň çägindäki tokaý zolaklarynda, öri we ekin meýdanlarynda, awtomobil, demir ýollaryň gyralarynda ýangyn howpunyň öňüni almak üçin sürüm hem-de arassaçylyk işleri geçirilýär. Şeýle-de häkim Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işlerinde agrotehnikanyň kadalarynyň berk berjaý edilmeginiň wajyp talap bolup durýandygyny belledi we bu ugurda alnyp barylýan işleri yzygiderli gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde welaýatda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň ýokary hilli, öz wagtynda ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzyň oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatlaryň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek, hususan-da, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Sebitlerde gowaça ekişi guramaçylykly dowam edip, ekişde oba hojalyk tehnikalarynyň netijeli işledilmegine aýratyn üns berilýär. Ekiş geçirilen meýdanlarda gögeriş suwy tutulýar. Gögeriş alnan meýdanlarda hatarara bejergi işleri geçirilýär. Ekerançylyk meýdanlarynda ýazlyk ekinlere ideg etmek işleri alnyp barylýar. Şeýle hem pile öndürmek boýunça bellenen meýilnamany üstünlikli ýerine ýetirmek, ýurdumyzyň dokma kärhanalaryny çig mal bilen üpjün etmek maksady bilen, häzirki wagtda ýüpek gurçugyna ideg etmek işleri dowam edýär. Wise-premýer howanyň gyzmagy bilen baglylykda, ýurdumyzyň tokaý zolaklarynda, öri we ekin meýdanlarynda ýangyn döremeginiň öňüni almak ugrunda görülýän çäreler barada-da hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin işlerde agrotehniki kadalaryň berk berjaý edilmeginiň, önümçilige innowasion usullaryň ornaşdyrylmagynyň, bu işlerde kuwwatly, döwrebap tehnikalaryň doly güýjünde işledilmeginiň ekinlerden bol hasyl almak bilen bir hatarda, ýer-suw serişdelerinden tygşytly peýdalanmaga, pudagy durnukly ösdürmäge hem ýardam berýändigini belledi hem-de wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlaryndaky işlere ýene-de bir gezek ünsi çekdi hem-de gowaça ekişiniň öz wagtynda geçirilmeginiň, bugdaýa, ýazlyk ekinlere ideg işleriniň ylmy taýdan esaslandyrylan kadalara laýyklykda alnyp barylmagynyň möhümdigini aýtdy we bu işleri yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz howanyň gyzmagy bilen baglylykda, ýurdumyzyň tokaý zolaklarynda, öri we ekin meýdanlarynda ýangyn döremeginiň öňüni almak üçin ýangyn howpsuzlygy kadalarynyň berk berjaý edilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

 

Habaryň resmi çeşmesi: (“Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi” web-saýty)

21.04.2026

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýeti Parlamentara Bileleşigiň 152-nji Assambleýasynyň çäklerinde geçirilen saýlawlara gatnaşdy

2026-njy ýylyň 19-njy aprelinde Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýeti Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde Parlamentara Bileleşigiň 152-nji Assambleýasynyň çäklerinde geçirilen bu halkara guramanyň Baş sekretaryny saýlamak boýunça saýlawlara  gatnaşdy

 

 

Ses bermäge gatnaşanlar dalaşgärleriň ukybyna we tejribesine ýokary baha berip, açyk hem-de adalatly ses berdiler. Netijede, ähli gatnaşyjylaryň ses bermäge doly we göni gatnaşandyklary tassyklanylyp, Parlamentara Bileleşigiň Baş sekretary wezipesine Rumyniýa tarapyndan hödürlenilen dalaşgär hanym Anda Krisitina Filip saýlanyldy.

 

 

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýetiniň bu saýlawlara gatnaşmagy ýurdumyzyň halkara derejede demokratik we kanun çykaryjylyk işlerine işjeň gatnaşýandygynyň nobatdaky subutnamasy boldy.

20.04.2026

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa ýurdumyzyň kanunçylygyny has-da kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki zamanyň talaplaryna laýyk gelýän täze kanun taslamalaryny işläp taýýarlamak maksady bilen, Mejlisde degişli işler alnyp barylýar. Taýýarlanylan kanun taslamalaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin şu ýylyň 11-nji aprelinde Mejlisiň ýedinji çagyrylyşynyň on ikinji maslahaty geçirildi. Maslahatda ýurdumyzda adam hukuklaryny we azatlyklaryny, kanuny bähbitlerini goramak, howply önümçilik desgalarynyň senagat howpsuzlygy, buhgalterçilik hasaba alnyşy we maliýe hasabatlylygy, balyk tutmak we suwuň biologik serişdelerini gorap saklamak, işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak, awtomobil ýollary we ýol işi, migrasiýa babatda hereket edýän kanunlary kämilleşdirmek bilen baglanyşykly birnäçe kanun taslamalary ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de kabul edildi. Häzirki wagtda Mejlisde ministrliklerden, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryndan gelip gowuşýan tekliplere seljerme geçirilip, ýurdumyzyň ykdysady, syýasy, medeni durmuşynyň dürli ugurlaryna degişli kanun taslamalaryny taýýarlamak boýunça işler dowam edýär.

Daşary döwletler we halkara guramalar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen, Mejlisiň wekilleriniň Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde geçirilen sirkulýar ykdysadyýeti ösdürmek boýunça üçünji sebitleýin parlamentara dialogyň işine gatnaşandyklary bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz döwrüň talap edýän täze kanun taslamalaryny taýýarlamak we kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de dowam etdirmegiň möhümdigini belledi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow banklaryň maliýe hasabatlaryna audit barlaglaryny geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, “Karz edaralary we bank işi hakynda”, “Auditorçylyk işi hakynda” Türkmenistanyň Kanunlaryna, Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanda buhgalterçilik hasaba alnyşy we auditi özgertmegiň maksatnamasy hakynda Kararyna laýyklykda, ýurdumyzyň bank edaralarynda her ýyllyk maliýe hasabatlaryna halkara standartlar esasynda audit barlaglaryny geçirmek boýunça degişli çäreler görülýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň bank ulgamynyň işini kämilleşdirmegi dowam etdirmegiň wajypdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz bank edaralarynyň maliýe hasabatlaryna audit barlaglaryny geçirmek boýunça taýýarlanylan teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Agajanow “Türkmengaz” döwlet konserniniň “Galkynyşgaz” döwlet kärhanasyny döretmek hakynda Kararyň taslamasy barada hasabat berdi.

Nygtalyşy ýaly, konsern bu tapgyryň çäginde ýylda 10 milliard kub metr harytlyk gazy taýýarlaýan desgany we şol möçberde harytlyk gazy taýýarlamak üçin ýeterlik boljak ulanyş guýularyny taslamalaşdyrmak we doly taýýar edip gurmak barada Hytaýyň “СNPС Amudarya Petroleum Сompany Ltd.” kompaniýasy bilen şertnama baglaşdy hem-de Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda “Galkynyş” gaz känini senagat taýdan özleşdirmegiň dördünji tapgyrynyň gurluşyk işlerine badalga berildi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer hormatly Prezidentimize hem-de Milli Liderimize nebitgaz toplumynyň ähli işgärleriniň adyndan tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Bellenen wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek, taslamanyň durmuşa geçirilişine gözegçiligi güýçlendirmek we potratçy bilen işleri utgaşykly alyp barmak, desgany doly işe girizmek, geljekde ony dolandyrmak maksady bilen, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň taslamasyny hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýakynda Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda “Galkynyş” gaz känini senagat taýdan özleşdirmegiň dördünji tapgyryna badalga berilmeginiň taryhy waka bolandygyny aýtdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz nebitgaz pudagynyň öňünde durýan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Galkynyşgaz» döwlet kärhanasyny döretmek hakynda Karara gol çekip, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk pudagynda we welaýatlarda möwsümleýin işleriň alnyp barlyşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda gowaça ekişini bellenen möhletlerde geçirmek maksady bilen, oba hojalyk tehnikalaryny netijeli işletmek, ekiş geçirilen meýdanlarda gögeriş suwuny tutmak, gögeriş alnan meýdanlarda ilkinji hatarara bejergi işlerini geçirmek boýunça degişli çäreler görülýär. Bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek işleri dowam edýär. Ekinleri mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Galla oragy möwsümine görülýän taýýarlyk işleriniň çäklerinde galla kabul ediş kärhanalaryny, elewatorlary, bugdaý ýygýan kombaýnlary möwsüme taýýarlamak işleri geçirilýär.

Pile öndürijiler tarapyndan ýüpek gurçuklaryna ideg etmek işleri alnyp barylýar. Şunuň bilen bir hatarda, ekerançylyk meýdanlarynyň suw üpjünçiligini gowulandyrmak maksady bilen, suwaryş we şor suw akabalaryny arassalamak, suw hojalyk desgalaryny abatlamak babatda degişli işler dowam edýär. Şeýle-de Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanan baýramçylyk çärelerini ýokary guramaçylykly geçirmek boýunça zerur çäreler görülýär.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmegi we onuň işini kämilleşdirmegi dowam etdirmegiň, welaýatlarda gowaça ekişini bellenen möhletlerde geçirmegiň, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işlerini dowam etdirmegiň wajypdygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz wise-premýere Türkmen bedewiniň milli baýramyny ýokary derejede geçirmäge gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow gurluşykda milli çykdajy-ölçeg binýadyny kämilleşdirmek boýunça ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararlaryna laýyklykda, bu ulgamy kämilleşdirmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Munuň özi gurluşyk ulgamyndaky işlere ylmy esasda çemeleşmäge, önümçilige öňdebaryjy tehnologiýalary giňden ornaşdyrmaga ýardam edýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda alnyp barylýan gurluşyk-gurnama, durkuny täzelemek we düýpli abatlamak işlerini döwrüň talabyna laýyklykda dowam etdirmegiň möhümdigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz gurluşykda täze milli çykdajy-ölçeg binýadyny ulanyşa girizmek baradaky teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew paýtagtymyzda Türkmen-hytaý işewürlik maslahatyny we sergisini geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, bu çärelere gatnaşmak üçin Hytaý Halk Respublikasynyň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça döwlet edaralarynyň, guramalarynyň, dürli ugurlarda iş alyp barýan kompaniýalarynyň 80-den gowragy hasaba alyndy hem-de gatnaşyjylary hasaba almak işi dowam edýär. Sergä gatnaşjak hytaý kompaniýalary, esasan, maşyngurluşyk, tehnologik enjamlaryň we tehniki serişdeleriň önümçiligi, nebitgaz, energetika, himiýa senagaty, gurluşyk, oba hojalygy, daşky gurşawy goramak, ulag we logistika, sanly ulgamlar, internet hyzmatlary, elektron senagat ýaly ugurlarda iş alyp barýarlar.

Türkmenistan tarapyndan işewürlik maslahatyna we ikitaraplaýyn duşuşyklara degişli ugurlar boýunça ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de wekilleriniň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň gatnaşmagy meýilleşdirilýär. Forumyň çäklerinde iki ýurduň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak, ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirmek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklipleri hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň daşary ýurtlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge möhüm ähmiýet berýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere Aşgabat şäherinde geçiriljek Türkmen-hytaý işewürlik maslahatyna we sergisine gowy taýýarlyk görmegi hem-de olary ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa ýurdumyzda Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) bilen medeni-ynsanperwer ugurdaky hyzmatdaşlygyň çäklerinde alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan TÜRKSOÝ-yň işine işjeň gatnaşýar. Umumy maddy we medeni gymmatlyklary goramak, ösdürmek, olary geljek nesillere ýetirmek işinde türki halklaryň arasynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ugrunda iş alyp barýan bu gurama belli şahsyýetleriň —akyldarlaryň, ýazyjylaryň, şahyrlaryň mirasyny wagyz etmekde aýratyn orny eýeleýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer bu gurama bilen medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlygyň çäklerinde şu ýylyň maýynda Aşgabatda türkmen kompozitory Weli Muhadowyň doglan gününiň 110 ýyllygyna bagyşlanan opera konsertini hem-de TÜRKSOÝ-yň opera günlerini ýokary derejede geçirmek boýunça taýýarlyk işleriniň alnyp barylýandygyny aýtdy we döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyz bilen Türki medeniýetiň halkara guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň giňden ösdürilýändigini, bilelikdäki medeni çäreleriň yzygiderli geçirilýändigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere Aşgabat şäherinde türkmen kompozitory Weli Muhadowyň doglan gününiň 110 ýyllygyna bagyşlanan opera konsertine hem-de TÜRKSOÝ-yň opera günlerine gowy taýýarlyk görmegi we olary ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Mämmedow çagalaryň we ýetginjekleriň tomusky dynç alyş möwsümini guramaçylykly geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen her ýylyň tomusky dynç alyş möwsüminde çagalaryň Gökderede, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda, welaýatlarda hereket edýän çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde dynç almaklary, wagtlaryny şadyýan geçirmekleri üçin ähli şertler döredilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer häzirki wagtda möwsümi ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin ýerine ýetirilýän taýýarlyk işleri barada aýtdy we döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda ýaş nesilleriň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, saglygyny berkidip, gowy dynç almagy üçin ähli şertleriň döredilýändigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz Gökderede, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda, welaýatlardaky çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde tomusky dynç alyş möwsümini guramaçylykly geçirmegiň wajypdygyna ünsi çekip, wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annaýew ýurdumyzyň awtomobil ulaglary pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzyň Awtomobil ulaglary ministrligi tarapyndan bu ugurda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen zerur işler alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň satyn alyp berýän täze, döwrebap awtobuslary, beýleki awtoulag serişdeleri paýtagtymyzda, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ilata netijeli hyzmat edýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer ilata amala aşyrylýan ulag hyzmatlarynyň hilini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen taýýarlanylan teklibi döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürledi.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň awtomobil ulaglary pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli döwrebaplaşdyrylýandygyny, bu ugurda ilata edilýän hyzmatlaryň hiliniň yzygiderli ýokarlanýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz ýolagçy gatnawyny kämilleşdirmek maksady bilen taýýarlanan teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

 

Habaryň resmi çeşmesi: (“Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi” web-saýty)

18.04.2026

Gahryman Arkadagymyz hem-de HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmäge badalga bermek dabarasyna gatnaşdylar

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýanyň gatnaşmagynda «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň dördünji tapgyrynda ýylda 10 milliard kub metr harytlyk gazy taýýarlaýan desgany gurmak we ulanyş guýularyny burawlamak işlerine badalga bermek dabarasy geçirildi.

Ir bilen Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyzyň Halkara howa menziline geldi. Bu ýerden türkmen halkynyň Milli Lideriniň uçary Mary welaýatyna tarap ugur aldy.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň energetika syýasaty diňe bir eksportyň möçberini artdyrmaga däl, eýsem, ýangyç-energetika toplumyny tehnologik taýdan döwrebaplaşdyrmaga hem gönükdirilendir. Döwletimiz energetika ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirmek bilen, tutuş Ýewraziýa giňişliginde energetika howpsuzlygyny üpjün edýän ygtybarly hyzmatdaş hökmünde ornuny has-da pugtalandyrýar. Ägirt uly gaz känleriniň yzygiderli özleşdirilmegi, uglewodorod serişdelerini çuňňur gaýtadan işlemegiň innowasion usullarynyň ornaşdyrylmagy esasynda Türkmenistan çig maly eksport edijiden ýokary goşulan bahaly önümleri öndürýän ýurda öwrülýär.

Häzirki zaman dünýäsinde ekologik standartlara ygrarlylyga we «ýaşyl» diplomatiýanyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Metanyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça döwrebap tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylmagy, gaz akdyryjy ulgamlaryň kämilleşdirilmegi ýurdumyzyň ekologiýa meselesine jogapkärçilikli çemeleşýändigini aýdyň görkezýär. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasynyň amala aşyrylmagy we gaz eksportynyň Gündogar ugrunyň giňeldilmegi esasynda Türkmenistan Gündogar bilen Günbataryň arasynda baglanyşdyryjy halka hökmünde çykyş edip, sebitiň uzak möhletleýin ykdysady abadançylygy üçin berk binýady döredýär. Bu gün bolsa «Galkynyş» gaz känini senagat taýdan özleşdirmegiň dördünji tapgyryny amala aşyrmaga badalga berilýär. Şu ýylyň martynda «Türkmengaz» döwlet konserni bilen Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasynyň (CNPC) arasynda dördünji tapgyryň desgalaryny taslamalaşdyrmak we gurup ulanmaga bermek barada şertnama baglaşyldy. Bu tapgyr ýylda goşmaça 10 milliard kub metr gazy taýýarlamaga mümkinçilik berip, ýurdumyzyň eksport mümkinçiliklerini has-da giňelder.

«Galkynyş» käninden alynýan gazyň eksport ugurlarynyň hatarynda Hytaý esasy orunlaryň birini eýeleýär. Häzirki wagtda mawy ýangyç Türkmenistan — Hytaý transmilli gaz geçirijisiniň üç ugrunyň üsti bilen iberilýär. Käniň serişde binýady gaz geçirijiniň dördünji ugruny (D ugry) gurmak üçin hem esasy şert bolup durýar. Bu bolsa Hytaýa iberilýän gazyň mukdaryny ep-esli artdyrmaga mümkinçilik berer. Gaz çykarmagyň tehnologik taýdan kämilleşdirilmegi ýurdumyzyň ekologiýa syýasaty bilen utgaşykly alnyp barylýar. Käniň çäginde «ýaşyl» başlangyçlar işjeň ornaşdyrylýar. Hünärmenler önümçilik meýdançalarynyň töwereginde çägä garşy berkitme işlerini geçirýärler we ösümlik dünýäsini baýlaşdyrýarlar. Munuň özi tozanly ýelleriň enjamlaryň işine ýetirýän täsirini azaltmaga ýardam edýär.

«Galkynyş» gaz käni milli ykdysadyýetimiziň beýleki pudaklary üçin itergi beriji güýç bolup çykyş edýär. Känleriň we gaýtadan işleýän desgalaryň töwereginde ösen ulag, durmuş infrastrukturasy kemala gelýär. Işgärler üçin döwrebap ýaşaýyş toplumlary, ýollar, suw üpjünçilik ulgamlary gurlup, tutuş Mary welaýatynyň senagat taýdan ösüşine goşant goşulýar. «Galkynyş» — bu diňe bir gaz käni bolman, eýsem, döwletimiziň energetika garaşsyzlygyny onlarça ýyllar öňünden kepillendirýän strategik serişdedir. Onuň yzygiderli özleşdirilmegi ýurdumyzyň senagatlaşdyrylmagy we dünýäniň iri gaz döwleti hökmünde ornunyň pugtalandyrylmagy üçin täze gözýetimleri açýar.

...Biraz wagtdan Gahryman Arkadagymyzyň uçary Mary şäheriniň Halkara howa menziline gelip gondy. Soňra Milli Liderimiz dikuçarda Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň çägindäki «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmek işlerine badalga bermek dabarasynyň geçiriljek ýerine bardy.

Şeýle hem Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýanyň uçary Mary şäheriniň Halkara howa menziline gondy we bu ýerden dabaranyň geçirilýän ýerine ugrady. Dabaranyň geçirilýän ýerinde uly ruhubelentlik ýagdaýy emele geldi.

Bu ýerde Gahryman Arkadagymyz mähirli garşylanyldy. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hytaý wekiliýetiniň ýolbaşçysyny mähirli garşylady hem-de onuň bilen bilelikde türkmen-hytaý aýdym-sazly çykyşlaryna tomaşa etdi. Dabaranyň geçirilýän ýeriniň esasy girelgesiniň öňünde milli lybasly çagalar Gahryman Arkadagymyzy hem-de Din Sýuesýany türkmen-hytaý dostlugy baradaky goşgular bilen garşyladylar. Bu ýerde türkmen halkynyň Milli Lideri we belent mertebeli myhman bagtyýar nesiller bilen bilelikde ýadygärlik surata düşdüler hem-de dabaraly çäräniň geçiriljek binasyna tarap ugradylar.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hem-de hytaý wekiliýetiniň ýolbaşçysy ýolugra halkymyzyň taryhyny we medeniýetini giňden beýan edýän amaly-haşam sungatynyň eserlerini, asyrlar aşyp gelýän milli däplerimiziň ajaýyp nusgalaryny synladylar.

Sergide görkezilen gymmatlyklar, milli lybaslar, şaý-sepler, surat eserleri Türkmenistanyň taryhyna, häzirki döwürde ýeten derejesine, türkmen halkynyň döreden milli gymmatlyklaryna göz ýetirmäge, ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösüşi bilen tanyşmaga mümkinçilik berýär. Gözelligi, nepisligi, reňkleriniň ajaýyp sazlaşygy bilen göreni haýrana goýýan halylarymyzda halkymyzyň ähli ajaýyp häsiýetleri, milli aýratynlyklary jemlenendir. Türkmen halyçy zenanlary öz işlerinde mähriban tebigatymyzyň gaýtalanmajak öwüşginlerini, ady rowaýata öwrülen bedewleri şekillendiripdirler.

Soňra Gahryman Arkadagymyz we Din Sýuesýan şu günki dabara mynasybetli guralan sergi bilen tanyşdylar.

Sergide her ýylda harytlyk gazyň 10 milliard kub metrini öndürmäge niýetlenen zawodyň şekil taslamasy görkezilýär. Tehnologik ulgamlaryň her biri çig maly kömürturşy gazyndan we kükürtli wodoroddan arassalaýan, suwuklyklary aýyrýan, tehniki kükürdi öndürýän desgalardan ybaratdyr. Şeýle hem bu ýerde guýulary burawlamakda ulanylýan enjamlar görkezilýär. Bu enjamlar buraw guýularynyň giňişlikde takyk ýerleşişini kesgitlemäge mümkinçilik berýär. Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiziň goldaw bermeginde satyn alnan döwrebap geofiziki abzallar görkezilýär. Olar “Galkynyş” gaz känini özleşdirmegiň dördünji tapgyrynda geofiziki işler geçirilende ulanylar. Şeýle hem sergide 3D robotlaşdyrylan kebşirleýji enjam, awtomatlaşdyrylan robot gözegçisi, guýularyň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin niýetlenen enjamlar toplumy we dürli himiki serişdeler görkezilýär.

Soňra Gahryman Arkadagymyz we myhman bu ýerde “Galkynyşyň” dördünji tapgyryny özleşdirmek işlerinde ulanyljak ýöriteleşdirilen awtoulaglary, kuwwatly tehnikalary synladylar. Bu ýöriteleşdirilen tehnikalar häzirki zaman innowasion tehnologiýalarynyň ornaşdyrylandygy bilen tapawutlanýar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda şeýle döwrebap tehnikalaryň satyn alnyp berilmegi işleriň hiliniň ýokary derejesini üpjün eder.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri hem-de Din Sýuesýan dabara mynasybetli ýörite gurnalan mejlisler zalyna bardylar. Ilki bilen, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa söz berildi.

Gahryman Arkadagymyz dabara gatnaşyjylary mähirli mübärekläp, häzirki döwürde eziz Diýarymyzyň her bir gününiň şanly wakalara beslenýändigini, şu gün hem ýurdumyzyň gaz pudagyny mundan beýläk-de ösdürmekde möhüm bolan ýene-de bir tutumly işe — «Galkynyş» gaz känini senagat taýdan özleşdirmegiň dördünji tapgyryna badalga berilýändigini belledi.

“Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ykdysadyýetimizi ösdürmek, onuň pudaklaryna innowasiýalary ornaşdyrmak işleri ýokary depginde alnyp barylýar. Döwrebap senagat önümçiliklerini döretmek boýunça kabul edilen maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu özgertmeler daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli gatnaşyklary giňeltmäge giň ýol açýar. Hususan-da, nebitgaz toplumyny netijeli we düýpli ösdürmek üçin uly mümkinçilikleri döredýär. Biz ýangyç-energetika pudagynda halkara hyzmatdaşlygy ilerletmäge aýratyn üns berýäris. Bu pudaga uly möçberde maýa goýumlary goýýarys. Bu serişdeler pudagy yzygiderli ösdürmäge, nebitgaz kärhanalaryny döwrebap enjamlaşdyrmaga niýetlenendir. Şeýle hem olar geologiýa-gözleg we buraw işlerini üstünlikli amala aşyrmaga, täze nebitgaz ýataklaryny senagat taýdan özleşdirmäge gönükdirilendir” diýip, Gahryman Arkadagymyz sözüni dowam etdi we döwletimiziň diwersifikasiýa syýasaty esasynda energetika bazarlaryny tebigy gaz bilen üznüksiz üpjün etmek baradaky teklipleri yzygiderli öňe sürüp gelýändigini, döwletara söwda-ykdysady gatnaşyklary has-da ösdürmek, daşky gurşawy gorap saklamak, ekologik taýdan arassa energiýany ulanmaga geçmek boýunça özara bähbitli başlangyçlar bilen çykyş edýändigini nygtady.

Çykyşda bellenilişi ýaly, berkarar Watanymyzyň örän baý nebitgaz serişdeleriniň diňe bir ýurdumyzyň däl, eýsem, dünýä halklarynyň hem bähbidine netijeli ulanylmagy döwletimiziň ykdysady kuwwatyny has-da pugtalandyrmaga, halkymyzyň abadan durmuşyny yzygiderli ýokarlandyrmaga hyzmat edýär. Durmuşa geçirilýän giň möçberli maýa goýum taslamalary hem özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam berýär.

“Hytaý Halk Respublikasy Garaşsyzlygymyzyň ilkinji günlerinden başlap Türkmenistan bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýan döwletleriň biridir. Türkmenistan Hytaý bilen döwletara gatnaşyklary ösdürmäge we pugtalandyrmaga möhüm ähmiýet berýär” diýip, Milli Liderimiz aýtdy hem-de ýakynda Hytaý Halk Respublikasyna amala aşyran dostluk saparynyň türkmen-hytaý hyzmatdaşlygyny ösdürmekde wajyp ähmiýetine ünsi çekdi. Saparyň dowamynda netijeli duşuşyklar geçirilip, möhüm ylalaşyklar gazanyldy. Nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlyk, aýratyn-da, «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmek boýunça hem netijeli gepleşikler geçirildi.

“Özara gatnaşyklarymyzda we ykdysady hyzmatdaşlykda dostlukly Hytaý Halk Respublikasy bilen bilelikde amala aşyrýan işlerimiz örän uly ähmiýete eýedir. Biziň Hytaý bilen durmuşa geçirýän bilelikdäki giň gerimli taslamalarymyz iki döwletiň geljege ynamly garaýandygynyň aýdyň güwäsidir. Bu işler geljekde uzak möhletli ysnyşykly hyzmatdaşlyk etmäge gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny aýratyn bellemek isleýärin. Bu mümkinçilikleri netijeli ulanmak diňe bir iki döwletiň bähbitlerine däl-de, eýsem, tutuş Merkezi Aziýa sebitini ösdürmegiň maksatlaryna hem doly laýyk gelýär. Şoňa görä-de, ýurdumyz Hytaýa öz strategik hyzmatdaşy, şol sanda nebitgaz pudagynda esasy hyzmatdaşy hökmünde garaýar” diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy nygtady.

2009-njy ýylda Türkmenistan — Hytaý halkara gaz geçirijisiniň ulanmaga berilmegi özara bähbitli hyzmatdaşlygymyzy has-da berkiden taryhy wakalaryň biri boldy. Indi 17 ýyla golaý wagt bäri bu gaz geçiriji arkaly eksport edilýän türkmen mawy ýangyjy dostlukly ýurduň ykdysadyýetini ösdürmäge uly goşant goşýar.

Gahryman Arkadagymyz döwletimiziň eksport mümkinçilikleriniň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmegini, dürli ugurlar boýunça turba geçirijiler ulgamynyň döredilmegini ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezip, dünýäde iň iri gaz ýataklarynyň biri bolan «Galkynyş» gaz käniniň senagat taýdan özleşdirilmeginiň döwletimiziň energetika strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirmekde, eksporta niýetlenen çig mal binýadyny berkitmekde uly ähmiýete eýedigini belledi. Ýurdumyzyň Mary welaýatynyň günortasynda ýerleşýän bu gaz käni Garaşsyzlyk ýyllarynda türkmen geologlarynyň iň uly açyşlarynyň biri boldy.

“Biz «Galkynyş» gaz känini toplumlaýyn özleşdirmäge 2009-njy ýylyň dekabrynda girişdik. 2013-nji ýylda biz Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy hormatly jenap Si Szinpiniň gatnaşmagynda «Galkynyş» gaz käninde harytlyk gazy taýýarlamak boýunça zawodlar toplumyny dabaraly açyp ulanmaga berdik. Şu gün bolsa biz «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň dördünji tapgyrynda ýylda 10 milliard kub metr harytlyk gazy taýýarlaýan desganyň we şol möçberdäki gazy çykarmaga niýetlenen guýularyň gurluşygyna badalga berýäris. Bu işler «Türkmengaz» döwlet konserniniň buýurmasy esasynda, baş potratçy bolup çykyş edýän Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasy tarapyndan ýerine ýetiriler” diýip, Milli Liderimiz sözüni dowam etdi.

Bu taryhy taslamany durmuşa geçirmegiň barşynda gaz guýularynyň gurluşygyndan başlap, gaz ýygnaýjy, gaz arassalaýjy we gazy gaýtadan işleýän desgalaryň, gaz geçirijileriň, daşky eltiji ulgamlaryň, ýaşaýyş-durmuş maksatly binalaryň gurluşygy amala aşyrylar. Taslamanyň durmuşa geçirilmegi bilen, 1 müň 41 sany täze iş orny dörediler. Täze guruljak desgalar mawy ýangyjyň daşary ýurtlara iberilýän möçberini has-da artdyrmaga mümkinçilik berer. Bu bolsa ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmak boýunça oňaýly şertleri döreder. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Arkadagymyz daşary ýurtly hyzmatdaşlarymyzyň ýurdumyzda alyp barýan işlerine yzygiderli goldaw bermegiň, hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň geljekde hem dowam etdiriljekdigini nygtady.

Çykyşynyň ahyrynda Milli Liderimiz dabara gatnaşyjylaryň ählisini «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda «Galkynyş» gaz känini senagat taýdan özleşdirmegiň dördünji tapgyryna badalga berilmegi bilen tüýs ýürekden gutlap, hemmelere berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra çykyş etmek üçin Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýana söz berildi.

Myhman Gahryman Arkadagymyzy hem-de dabara gatnaşyjylary mähirli mübärekläp, häzirki wagtda “Galkynyş” gaz käniniň dördünji tapgyrynyň gurluşygyna badalga berilýändigini belledi. Bu möhüm taslama Hytaý bilen Türkmenistanyň arasyndaky hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmakda, şol sanda iki ýurduň arasynda tebigy gaz ulgamynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda ähmiýetli wakadyr.

Din Sýuesýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu günki dabara gatnaşmagynyň ähmiýetini nygtap, HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň we Hytaýyň Hökümetiniň adyndan “Galkynyş” gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmäge badalga berilmegi mynasybetli hormatly Prezidentimizi we Gahryman Arkadagymyzy tüýs ýürekden gutlady.

Bellenilişi ýaly, iki dostlukly ýurduň döwlet ýolbaşçylarynyň tagallalary esasynda Hytaý bilen Türkmenistanyň arasynda, beýleki ugurlar bilen bir hatarda, tebigy gaz pudagyndaky hyzmatdaşlykda-da ýokary netijeler gazanyldy. 13 ýyl mundan ozal Başlyk Si Szinpiniň we Gahryman Arkadagyň gatnaşmagynda “Galkynyş” gaz känini özleşdirmegiň birinji tapgyrynyň çäklerinde zawodlar toplumy ulanmaga berildi. Bu taryhy waka iki ýurduň arasyndaky energetika hyzmatdaşlygyna güýçli itergi berdi. Din Sýuesýan şu gün badalga berilýän bu möhüm taslamanyň iki ýurduň halklarynyň umumy bähbitlerine hyzmat etjekdigini hem-de tebigy gaz pudagyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary täze derejä çykarjakdygyny aýtdy.

Myhmanyň bellemegine görä, Gündogar müçenamasy boýunça şu ýylyň ýylky ýylydygy, şeýle hem Türkmenistanda 2026-njy ýylyň şygarynyň bedew bilen baglanyşyklydygy aýratyn nygtalmaga mynasypdyr. Munuň özi halklarymyzy umumy gymmatlyklaryň baglanyşdyrýandygyny alamatlandyrýar. Çykyşynyň ahyrynda myhman Hytaýyň Türkmenistan bilen dürli ugurlardaky netijeli hyzmatdaşlygy, iki ýurduň halklarynyň abadançylygynyň we sebitde durnukly ösüşi pugtalandyrmagyň bähbidine gatnaşyklary yzygiderli çuňlaşdyrmaga ygrarlydygyny tassyklap, “Galkynyş” gaz käniniň nobatdaky tapgyrynyň işine üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde «Galkynyş» gaz käniniň özleşdirilişiniň taryhy tapgyrlary we ýurdumyzyň nebitgaz senagatynda gazanylan üstünlikler bilen tanyşdyrýan wideoşekiller görkezildi. Wideoşekiller tamamlanandan soňra, türkmen we hytaý hünärmenleri sanly ulgam arkaly Gahryman Arkadagymyzdan «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň dördünji tapgyrynyň ilkinji gaz guýusynyň buraw işlerine ak pata bermegini uly hormat bilen haýyş etdiler.

Milli Liderimiziň ak pata bermegi esasynda buraw desgasy işe başlady.

Soňra ýaş nesliň wekilleri Gahryman Arkadagymyzdan we Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýandan täze desganyň düýbüniň tutulyş dabarasynyň ýadygärlik sene ýazgysyny galdyryp bermegi haýyş etdiler.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri we hytaý wekiliýetiniň ýolbaşçysy bilelikde desganyň düýbüni tutmak üçin taýýarlanan ýere bardylar. Bu ýerde milli lybasly çagalar Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyndan we hormatly myhmandan desganyň düýbüni tutup bermeklerini haýyş etdiler.

Gahryman Arkadagymyz we hormatly myhman ýadygärlik sene ýazgysy salnan gutyny dabaraly ýagdaýda düýbi tutulýan desganyň binýadyna okladylar hem-de ilkinji beton garyndysyny guýup, gurluşyga badalga berdiler.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýanyň gatnaşmagynda «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň dördünji tapgyrynyň düýbüniň tutulmagy mynasybetli toý sadakasy berildi.

Dabara tamamlanandan soňra, Din Sýuesýan Gahryman Arkadagymyz bilen hoşlaşyp, Mary şäheriniň Halkara howa menziline geldi we bu ýerden öz ýurduna ugrady.

Soňra Milli Liderimiz dabara gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşyp, dikuçarda Mary şäheriniň Halkara howa menziline geldi we bu ýerden paýtagtymyza ugrady. Biraz wagtdan Gahryman Arkadagymyzyň uçary Aşgabadyň Halkara howa menziline gelip gondy.

Şeýlelikde, «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyrynyň özleşdirilmegi ýurdumyzyň energetika garaşsyzlygyny pugtalandyrmak üçin strategik binýady emele getirer, täze önümçilik kuwwatlyklarynyň işe girizilmegi bolsa türkmen mawy ýangyjynyň eksport ugurlaryny giňeltmäge ýol açar. Uzak möhletleýin geljekde bu taslama ýurdumyzyň senagat taýdan ösüşiniň kuwwatly hereketlendiriji güýjüne öwrülip, sebitiň durnukly ykdysady ösüşine saldamly goşant goşar.

 

Habaryň resmi çeşmesi: (“Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi” web-saýty)

18.04.2026

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýeti Parlamentara Bileleşigiň 152-nji Assambleýasynyň maslahatyna gatnaşdy

 

2026-njy ýylyň 16-17-nji aprelinde Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýeti Parlamentara Bileleşigiň 152-nji Assambleýasynyň «Geljekki nesiller üçin umytdöretmek, parahatçylygy goramak we adalatlylygy üpjün etmek»  atly maslahatyna gatnaşdy. 

Maslahatyň barşynda Türkmenistanyň Mejlisiniň wekili Assambleýanyň gün tertibiniň meselesi boýunça çykyş edip, Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy üç gezek ykrar edilen Türkmenistanyň parahatçylygy we ynanyşmagy berkitmek babatda oňyn halkara başlangyçlarynyň, şeýle hem ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösüşini üpjün etmek babatda alnyp barylýan işleriň ähmiýetini belledi.

Şeýle hem ol Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji ýubileý mejlisinde beýan eden ählumumy parahatçylygy we dialogy berkitmek, halkara hukugyň ornuny ýokarlandyrmak, durnukly ösüşi üpjün baradaky başlangyçlaryna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň 2028-nji ýyly «Halkara hukugyň ýyly» diýip yglan etmek baradaky başlangyjynyň ählumumy derejede goldanylmagynyň halkara hukugyň dabaralanmagynda, dünýäde parahatçylygyň, abadan durmuşyň üpjün edilmeginde möhüm ähmiýetini belledi.

 

 

Maslahatyň dowamynda Mejlisiň wekili Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde geçirilýän Parlamentara Bileleşigiň 152-nji mejlisiniň häzirki döwrüň  möhüm meseleleri bolan adalatlylygy we geljekki nesilleriň bagtyýar durmuşyny kepillendirmekde, olaryň bähbitlerini goramak üçin anyk hukuk we durmuş esaslaryny ara alyp maslahatlaşmakda netijeli meýdança bolup durýandygyny, şeýle hem parlamentarileriň dünýä döwletleriniň dürli ulgamlarda gazanan üstünlikleri bilen ýakyndan tanyşmagyna hem-de kanunçykaryjylyk işinde öňdebaryjy tejribeleri paýlaşmagyna ýardam edýändigini  nygtady. 

17.04.2026

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekili Parlamentara Bileleşiginiň gender hyzmatdaşlygy we ýaşlaryň gatnaşygy boýunça maksatnamalarynyň direktory bilen duşuşdy

2026-njy ýylyň 17-nji aprelinde Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde geçýän Parlamentara Bileleşigiň (IPU) 152-nji Assambleýasynyň çäklerinde Türkmenistanyň Mejlisiniň wekili bilen Parlamentara Bileleşiginiň gender hyzmatdaşlygy we ýaşlaryň gatnaşygy boýunça maksatnamalarynyň direktory Zeina Hilalyň arasynda duşuşyk geçirildi. 

Duşuşygyň barşynda Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň amala aşyrýan daşary syýasaty ugrunda dünýäniň abraýly halkara guramalary, şol sanda Parlamentara Bileleşigi bilen hyzmatdaşlyga aýratyn ornuň degişlidigi bellenildi.

Türkmenistanyň 2028-nji ýyly «Halkara hukugyň ýyly» diýip yglan etmek baradaky başlangyjynyň ähmiýeti nygtaldy hem-de bu mynasybetli ýurdumyzda we halkara derejede dürli maslahatlaryň we çäreleriň geçirilmeginiň göz öňünde tutulýandygy barada durlup geçildi. 

Duşuşygyň dowamynda Parlamentara Bileleşigiň wekili Türkmenistanyň öňe sürýän başlangyçlarynyň dünýäde parahatçylygy, durnuklylygy saklamakda hem-de ählumumy ösüşi üpjün etmekde ähmiýetli gural boljakdygyny tassyklady. Esasan hem, zenan parlament ýolbaşçylarynyň duşuşygynyň dünýäniň zenan parlamentleriniň arasyndaky özara hyzmatdaşlygyny täze derejä çykarmaga uly itergi berjekdigini aýratyn belledi. 

17.04.2026

Türkmenistanyň Prezidenti HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasaryny kabul etdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň tabşyrygy boýunça ýurdumyzda saparda bolýan Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýany kabul etdi.

Din Sýuesýan hytaý wekiliýetine türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan edip, HHR-de Türkmenistan bilen ýola goýlan strategik hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berilýändigini belledi hem-de mümkinçilikden peýdalanyp, Başlyk Si Szinpiniň hormatly Prezidentimize iberen mähirli salamyny ýetirdi.

Döwlet Baştutanymyz hytaý wekiliýetiniň ýurdumyza amala aşyrýan sapary üçin minnetdarlyk bildirip, HHR-iň Başlygyna mähirli salamyny beýan etdi hem-de Türkmenistanda Hytaýyň ýolbaşçylarynyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ähli ugurlaryna berýän uly ünsüne ýokary baha berilýändigini nygtady. Bellenilişi ýaly, ynanyşmak, hormat goýmak, milli bähbitleri hasaba almak ýörelgeleri köp ýyllaryň dowamynda türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň binýady bolup durýar. Bu berk binýat strategik hyzmatdaşlygyň derejesini pugtalandyryp, iri möçberli taslamalary üstünlikli amala aşyrmaga mümkinçilik berýär.

Ikitaraplaýyn gatnaşyklarda Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komiteti we onuň kiçi komitetleri möhüm orny eýeleýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasarynyň gatnaşmagynda geçiriljek Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň nobatdaky mejlisiniň üstünlikli geçmegini arzuw etdi.

Ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklar giň ugurlary, şol sanda ykdysadyýet, medeniýet, ylym-bilim ulgamlaryny öz içine alýar. Ýangyç-energetika pudagy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlykda ileri tutulýan ugur bolup durýar. Şu ýyl Türkmenistan bilen Hytaýyň gaz pudagyndaky hyzmatdaşlygyň 20 ýyllygyny belläp geçmegi bu pudagyň strategik ähmiýetini tassyklaýar. “Biz Mary welaýatynda «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmäge badalga berýäris. Bu ugurdaky üstünlikler ýokary derejede syýasy dialogyň işjeň alnyp barylmagy bilen baglydyr” diýip, döwlet Baştutanymyz belledi we geçen ýyl Hytaý Halk Respublikasyna bolan saparyny, şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň ýakynda bu ýurda amala aşyran dostluk saparyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny aýtdy.

Söhbetdeşler Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde üstünlikli hyzmatdaşlyk edýändigini bellediler. Ählumumy parahatçylygy berkitmäge, durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen başlangyçlara özara goldaw berilmegi munuň aýdyň mysalydyr. Şeýle hem «Merkezi Aziýa — Hytaý» formatynyň, «Bir guşak, bir ýol» başlangyjynyň sebit hyzmatdaşlygyny berkitmekde binýat bolup çykyş edýändigi aýdyldy. Türkmen we hytaý halklaryny köpasyrlyk dostlukly gatnaşyklaryň, medeni-taryhy umumylygyň, ruhy gymmatlyklaryň baglanyşdyrýandygyny nygtap, söhbetdeşler umumy taryhy mirasy gorap saklamak boýunça bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler we medeni gatnaşyklary hemmetaraplaýyn ösdürmegi maksat edinýändiklerini tassykladylar.

Hormatly Prezidentimiz Hytaý Halk Respublikasy bilen gatnaşyklary mundan beýläk-de işjeňleşdirmegiň Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny aýdyp, ýurdumyzyň netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmegi maksat edinýändigini nygtady.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýan türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň umumy abadançylygyň bähbidine ugurlaryň giň gerimi boýunça mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

 

Habaryň resmi çeşmesi: (“Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi” web-saýty)

17.04.2026

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekili Parlamentara Bileleşigiň 152-nji Assambleýasynyň çäginde geçirilen Ýaşlar forumyna gatnaşdy

2026-njy ýylyň 16-njy aprelinde Türkmenistanyň Mejlisiniň wekili Parlamentara Bileleşigiň 152-nji Assambleýasynyň çäginde geçirilen Ýaşlar forumyna gatnaşdy.

Milli parlamentiň wekili öz çykyşynda ýurdumyzda Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýaş nesillerimize döwlet derejesinde döredilýän giň mümkinçilikler, ýaşlaryň kanunçykaryjylyk işine işjeň gatnaşmagy üçin berilýän goldawlar barada nygtady. Şeýle hem Türkmenistanyň Mejlisiniň ýaş parlamentariler topary, ýaşlar guramasy tarapyndan durmuşa geçirilýän işler we 2025-nji ýylda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen halkara parlament we ýaşlar forumlarynda öňe sürlen başlangyçlaryň möhüm ähmiýeti bellenildi. 

Forumyň barşynda Parlamentara Bileleşigiň wekili Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň düzüminiň aglaba böleginiň ýaşlardan ybaratdygyny aýratyn nygtady we ýurdumyzda ýaşlar syýasatyny goldamakda alnyp barylýan işe ýokary baha berdi. 

Şeýle hem çykyşlarda häzirki döwürde döwletiň durmuş-ykdysady ösüşiniň möhüm şerti bolan ylym-bilimiň ösdürilmegi, sanlylaşdyrma we ýokary tehnologiýalar ýaly ugurlarda ýaşlaryň başlangyçlaryna aýratyn üns çekildi. Şunuň bilen baglylykda, ýaşlaryň başlangyçlaryny goldamakda halkara guramalaryň möhüm orny barada durlup geçildi. Ýaşlaryň başlangyçlaryny maliýeleşdirmek bilen birlikde, durnukly ösüş üçin şertleri döretmegiň, şol sanda bilim maksatnamalaryna we tehnologiýalara elýeterliligi üpjün etmegiň möhümdigi nygtaldy. 

Şunuň bilen birlikde, forumyň çäklerinde daşky gurşawy goramak, durnukly ösüş, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak ýaly ugurlarda ýaşlaryň  mümkinçilikleri barada özara pikir alşyldy.

16.04.2026

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýeti Parlamentara Bileleşigiň 152-nji Assambleýasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýeti 2026-njy ýylyň 15-nji aprelinde Türkiýäniň Stambul şäherinde geçirilen Parlamentara Bileleşigiň «Geljekki nesiller üçin umytdöretmek, parahatçylygy goramak we adalatlylygy üpjün etmek»  atly tema boýunça 152-nji Assambleýasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Açylyş dabarasynda çykyş edenler guramaçylykly geçirilýän Parlamentara Bileleşigiň 152-nji Assambleýasynyň ählumumy gün tertibiniň meselelerini ara alyp maslahatlaşmakda netijeli meýdança bolup durýandygyny bellediler. 

15.04.2026

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýeti Parlamentara Bileleşigiň 152-nji Assambleýasyna gatnaşýar

 

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýeti 2026-njy ýylyň 15-19-njy aprelinde Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde geçirilýän Parlamentara Bileleşigiň 152-nji Assambleýasyna hem-de onuň çäklerinde guralan forumlaryň işine gatnaşýar. 

Assambleýanyň gün tertibine laýyklykda, onuň çäklerinde ählumumy parahatçylygy berkidiji gurallary döretmek, durnukly ykdysadyýeti gurmak, adamyň hukuklaryny goramak we häzirki zaman tehnologiýalarynyň demokratik ulgamlara täsiri, şeýle hem  halkara hukugyň kadalarynyň berjaý edilmegi, kanun çykaryjylyk işine sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy we ekologiýa diplomatiýasy ýaly möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşylýar.

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekili Assambleýanyň çäginde guralan  Zenan parlamentarileriň forumyna gatnaşdy we çykyş etdi. Olöz çykyşynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda zenanlaryň hukuklaryny we bähbitlerini goramak, olaryň döwlet dolandyryşynda hem-de jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda ornuny ýokarlandyrmak boýunça amala aşyrylýan düýpli özgertmelere ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda zenanlar we erkekler üçin deň hukuklaryň we mümkinçilikleriň döwlet kepillikleri barada kanunçylygyň kämilleşdirilişi, şeýle hem milli meýilnamalaryň durmuşa geçirilişi bellenildi. 

Şeýle hem Türkmenistanyň Mejlisiň deputatlarynyň, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň we döwlet dolandyryş edaralarynyň düzüminde zenanlaryň paýynyň yzygiderli artýandygy barada aýratyn bellenip geçildi. Türkmenistanyň 2028-nji ýyly «Halkara hukugyň ýyly» diýip yglan etmek baradaky başlangyjynyň zenanlaryň hukuklaryny ählumumy derejede goramakda we parahatçylyk medeniýetini kemala getirmekde möhüm ädim  boljakdygy nygtaldy.

Assambleýanyň çäginde geçirilen Zenan parlamentarileriň forumyndaky çykyşy Türkmenistanyň demokratik gymmatlyklara we gender deňligine ygrarlydygyny ýene-de bir gezek tassyklady.

 

15.04.2026

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi T.Nurmyradowa söz berildi. Ol welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bugdaýyň bol hasylyny ýetişdirmek maksady bilen, häzirki wagtda ak ekin meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Welaýatda gowaça ekişi bellenen meýilnama laýyklykda dowam edip, bu işlerde oba hojalyk tehnikalarynyň doly güýjünde işledilmegine aýratyn üns berilýär. Ýazlyk ýeralma, gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarda ideg işleri ýerine ýetirilýär. Pile öndürmek boýunça bellenen meýilnamany üstünlikli amala aşyrmak maksady bilen, häzirki wagtda pileçi kärendeçiler tarapyndan ýüpek gurçugyna ideg etmek işleri alnyp barylýar. Şeýle-de howanyň gyzmagy bilen baglylykda, welaýatyň çägindäki öri we ekin meýdanlarynda, tokaý-seýilgäh zolaklarynda ýangynyň döremegine garşy arassaçylyk we sürüm işleri ýerine ýetirilýär. Mundan başga-da, häkim şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, häzirki wagtda dowam edýän agrotehniki çäreleriň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi hem-de gowaça ekişiniň bellenen möhletlerde geçirilmegini, bugdaýa we ýazlyk ekinlere ideg işleriniň talabalaýyk ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz welaýatda şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli, öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatda dowam edýän oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, şu günler welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda ideg etmek, hususan-da, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri dowam edýär. Gowaça ekişini guramaçylykly geçirmek we bu jogapkärli möwsümi bellenen möhletlerde tamamlamak üçin zerur çäreler görülýär. Gök-bakja önümleriniň öndürilýän möçberini artdyrmak babatda öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, welaýatyň ýazlyk ýeralma, gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarynda ideg işleri alnyp barylýar. Häzirki wagtda ýüpek gurçugynyň saklanjak ýerlerini taýýarlamak, pile öndürijileri ýüpek gurçugynyň tohumy bilen üpjün etmek boýunça degişli işler dowam edýär. Welaýatyň öri meýdanlarynda, daglyk, tokaý, düzlük ýerlerde ýangyn hadysasynyň döremeginiň öňüni almak üçin degişli işler alnyp barylýar. Şeýle hem häkim şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk önümçiliginde ýokary görkezijileri gazanmak üçin önümçiligiň ähli tapgyrlarynda ylmy taýdan esaslandyrylan kadalaryň berk berjaý edilmeginiň zerurdygyny belledi we welaýatdaky möwsümleýin oba hojalyk işlerini yzygiderli gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl sebitde açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli, öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Daşoguz welaýatynyň häkimi D.Babaýew welaýatdaky möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek, hususan-da, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Sebitde gowaça ekişi dowam edip, bu jogapkärli möwsümi ýokary hilli, bellenen agrotehniki möhletlerde geçirmek üçin zerur çäreler görülýär. Ýazlyk ýeralma, gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarda ideg işleri alnyp barylýar. Welaýatda pile öndürmek boýunça bellenen meýilnamany üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, pileçi kärendeçileri ýüpek gurçugynyň tohumy bilen üpjün etmek babatda degişli işler geçirilýär. Welaýatyň çägindäki tokaý zolaklarynda, öri meýdanlarda, sähra ýerlerinde ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek üçin sürüm işleri dowam edýär. Mundan başga-da, häkim döwlet maksatnamalaryna laýyklykda şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleri barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, gowaça ekişiniň agrotehniki möhletlerde geçirilmegini, bugdaýa, beýleki azyklyk ekinlere ideg işleriniň talabalaýyk alnyp barylmagyny esasy wezipeleriň hatarynda belledi we bu babatda häkime birnäçe anyk görkezmeleri berdi. Döwlet Baştutanymyz şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Lebap welaýatynyň häkimi D.Genjiýewe söz berildi. Häkim, ilki bilen, Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat bölegini açyp ulanmaga berendigi üçin hormatly Prezidentimize Lebap welaýatynyň ýaşaýjylarynyň adyndan tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Arkadagly Gahryman Serdarymyza berk jan saglyk, uzak ömür, halkymyzyň abadan durmuşynyň bähbidine alyp barýan giň gerimli işleriniň mundan beýläk-de üstünliklere beslenmegini arzuw etdi.

Soňra häkim welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda bugdaý ekilen meýdanlarda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Sebitde gowaça ekişi dowam edip, ekiş geçirilen meýdanlarda gögeriş suwuny tutmak, gögeriş alnan ýerlerde bolsa hatarara bejergi işlerine girişildi. Ýazlyk ýeralma, gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarda ideg işleri ýerine ýetirilýär. Pile öndürmek möwsüminiň çäklerinde pileçi kärendeçiler tarapyndan ýüpek gurçugyna ideg etmek işleri alnyp barylýar. Howanyň gyzmagy bilen baglylykda, welaýatyň öri we ekerançylyk meýdanlarynda, tokaý zolaklarynda ýangyn döremeginiň öňüni almak maksady bilen, bu ugurda degişli işler geçirilýär. Mundan başga-da, häkim şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk ekinlerinden ýokary hasyl almak üçin agrotehniki çäreleri öz wagtynda we kadalara laýyklykda geçirmegiň, serişdelerden netijeli peýdalanmagyň möhümdigini belledi we häkime degişli tabşyryklary berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalaryň çäklerinde welaýatda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň bellenen möhletlerde ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýewe söz berildi. Ol, ilki bilen, welaýatyň Ýolöten etrabynyň Ymambaba geňeşliginiň çäginde täze, döwrebap şäherçäniň düýbüni tutup berendigi hem-de Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat bölegini açyp ulanmaga berendigi üçin Mary welaýatynyň ýaşaýjylarynyň adyndan hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli tutumly işleriniň mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi.

Soňra häkim welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek boýunça öňde goýlan wezipeleri üstünlikli berjaý etmek maksady bilen, welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, suw tutmak işleri geçirilýär. Sebitde gowaça ekişi guramaçylykly dowam edip, ekişde oba hojalyk tehnikalary doly güýjünde işledilýär. Welaýatyň ýazlyk ýeralma, gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarynda ideg işleri dowam edýär. Pile öndürmek möwsüminiň çäklerinde ýüpek gurçugyna ideg etmek işleri alnyp barylýar. Howanyň gyzmagy bilen baglylykda, welaýatyň çägindäki tokaý zolaklarynda, öri we ekin meýdanlarynda, maldarçylyk hojalyklarynda, awtomobil, demir ýollaryň gyralarynda ýangyna garşy zolaklary döretmek üçin sürüm we arassaçylyk işleri geçirilýär. Mundan başga-da, häkim Oba milli maksatnamasyna laýyklykda şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýokary guramaçylyk derejesinde ýerine ýetirilmeginiň oba hojalygynda oňyn netijeleri gazanmagyň möhüm şerti bolup durýandygyny belledi we gowaça ekişine gatnaşýan ähli düzümleriň sazlaşykly işiniň ýola goýulmagyny, bugdaýa, ýazlyk ekinlere ideg işleriniň agrotehniki möhletlerde geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagynyň ähmiýetini nygtap, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzyň oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň çäklerinde ýurdumyzyň bugdaý ekilen meýdanlarynda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Gowaça ekişini guramaçylykly geçirmek hem-de ony bellenen möhletlerde tamamlamak üçin zerur çäreler görülýär. Ekişde kuwwatly oba hojalyk tehnikalaryndan netijeli peýdalanylýar. Diýarymyzyň ekerançylyk meýdanlarynda ýazlyk ekinlere agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek işleri dowam edýär.

Ýurdumyzda ýüpekçilik pudagyny ösdürmek boýunça öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, häzirki wagtda pile öndürijilere ýüpek gurçugynyň tohumyny paýlamak, paýlanyp berlenlerine talabalaýyk ideg etmek babatda degişli işler geçirilýär. Şeýle hem howanyň gyzmagy bilen baglylykda, ýurdumyzyň tokaý zolaklarynda, öri we ekin meýdanlarynda ýangyn döremeginiň öňüni almak maksady bilen, gorag zolaklaryny döretmek üçin arassaçylyk, sürüm işleri geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmekde oba hojalyk pudagynyň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi we pudagy durnukly ösdürmek üçin ekerançylykda agrotehnikanyň kadalarynyň berk berjaý edilmeginiň, önümçilige öňdebaryjy tejribäniň, ylmy taýdan esaslandyrylan innowasion çemeleşmeleriň yzygiderli ornaşdyrylmagynyň wajypdygyny belledi hem-de bu babatda wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işlere ýene-de bir gezek ünsi çekdi hem-de gowaça ekişiniň bellenen möhletlerde geçirilmeginiň, bugdaýa ideg etmek işleriniň agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda alnyp barylmagynyň zerurdygyny belledi we bu ugurdaky işleri yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

 

Habaryň resmi çeşmesi: (“Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi” web-saýty)

13.04.2026

Gahryman Arkadagymyz Awstriýa Respublikasynyň Federal Prezidenti bilen duşuşdy

Awstriýa saparynyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Awstriýa Respublikasynyň Federal Prezidenti Aleksandr Wan der Bellen bilen duşuşdy.

Duşuşygyň öňüsyrasynda Gahryman Arkadagymyz hem-de Awstriýanyň Federal Prezidenti iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde resmi surata düşdüler.

Dostlukly ýurduň Prezidenti belent mertebeli türkmen myhmanyny ýene bir gezek mähirli mübärekläp, çakylygy kabul edip gelendigi üçin Milli Liderimize hoşallyk bildirdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de pursatdan peýdalanyp, Awstriýanyň döwlet Baştutanyna hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň iberen mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Awstriýanyň Federal Prezidenti, öz gezeginde, döwlet Baştutanymyza mähirli salamyny beýan edip, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň çäklerinde Nýu-Ýorkda hormatly Prezidentimiz bilen geçirilen netijeli duşuşygy ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny aýtdy.

Netijeli ýagdaýda geçen pikir alyşmalaryň dowamynda Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň şu sapara syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary işjeňleşdirmäge güýçli itergi berjek möhüm ädim hökmünde garaýandygyny nygtady. Türkmenistan bilen Awstriýanyň öz Bitaraplyk hukuk derejesiniň şanly senelerini bir wagtda diýen ýaly bellemegi parahatçylyk we döredijilik taglymlarynyň umumylygynyň aýdyň beýanydyr.

Milli Liderimiz Türkmenistanyň halkara başlangyçlaryny yzygiderli goldaýandygy, hususan-da, BMG-niň Baş Assambleýasynyň köp sanly Kararnamalarynyň awtordaşy bolup çykyş edýändigi üçin Awstriýa Respublikasyna tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Häzirki döwrüň ählumumy wezipeleriniň öňünde islendik gapma-garşylyklaryň diňe syýasy-diplomatik usullar arkaly çözülmeginiň zerurdygy bellenildi. Awstriýanyň 2031-2032-nji ýyllar üçin BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna Türkmenistanyň dalaşgärligini işjeň goldaýandygy özara ynanyşmagyň ýokary derejesine şaýatlyk edýär.

Duşuşykda Türkmenistanyň başlangyjy bilen döredilen we Awstriýanyň ilkinjileriň hatarynda goşulan Bitaraplygyň dostlary toparyna aýratyn üns çekildi. Bu hyzmatdaşlyk Ýewropa Bileleşigi bilen gatnaşyklaryň çäklerinde-de öz beýanyny tapýar. Nygtalyşy ýaly, daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky gatnaşyklar ösdürilýär. Yzygiderli geçirilýän syýasy geňeşmeler hem muny doly tassyklaýar. Şunuň bilen bir hatarda, parlamentara dialogyň ähmiýeti, onuň soňky ýyllarda has-da işjeňleşdirilýändigi bellenildi.

Söwda-ykdysady gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy baradaky pikir alyşmalaryň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmak üçin bar bolan mümkinçilikleri doly ulanmagyň zerurdygyny aýtdy. Bu ugurda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň möhüm orny bellenilip, onuň nobatdaky mejlisini şu ýylyň iýunynda Aşgabatda geçirmek teklip edildi. «Ýaşyl» energetika, sanlylaşdyrma, emeli aň ýaly ýokary tehnologiýaly ulgamlar hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary hökmünde kesgitlenildi. Türkmenistan şäher infrastrukturasyny ösdürmek, suw arassalaýjy tehnologiýalar, bank ulgamy babatda Awstriýanyň tejribesine uly gyzyklanma bildirýär. Bu ugurlarda bilelikdäki işleriň alnyp barylmagy milli ykdysadyýetimize innowasion çözgütleri ornaşdyrmaga, ony diwersifikasiýalaşdyrmaga we durnukly ösdürmäge ýardam berer.

Ynsanperwer ulgam iki halky birleşdirýän köpri bolup çykyş edýär. Munuň özi öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky akademiki alyşmalarda öz beýanyny tapýar. Türkmenistanyň uniwersitetleriniň Graz tehnologiýa uniwersiteti, Wenanyň diplomatiýa akademiýasy bilen hyzmatdaşlygy hünärmenleriň täze neslini taýýarlamak üçin ygtybarly binýady döredýär. Medeni dialog hem yzygiderli ösdürilýär. Aşgabatda Wena ballarynyň we «Galkynyş» türkmen-awstriýa simfoniki orkestriniň konsertleriniň geçirilmegi asylly däbe öwrüldi.

Duşuşygyň dowamynda Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Awstriýa bilen uzak möhletleýin, özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin hemişe açykdygyny aýdyp, Awstriýa Respublikasynyň Prezidentini özi üçin amatly wagtda Aşgabada sapar bilen gelmäge çagyrdy.

Aleksandr Wan der Bellen çakylyk üçin hoşallyk bildirip, awstriýa-türkmen gatnaşyklarynyň häzirki wagtda täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylyp, iki dostlukly halkyň bähbidine netijeli ösdürilýändigini kanagatlanma bilen belledi.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri hem-de Awstriýa Respublikasynyň Federal Prezidenti birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

 

Habaryň resmi çeşmesi: (“Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi” web-saýty)

11.04.2026

Gahryman Arkadagymyz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Awstriýa Respublikasyna saparynyň çäklerinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary hanym Rabab Fatima bilen duşuşdy.

Rabab Fatima wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygyň we durnukly ösüşiň bähbidine gönükdirilen oňyn Bitaraplyk syýasatynyň ähmiýetini belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň Gahryman Arkadagymyza mähirli salamyny beýan etdi. Şeýle-de ol Milli Liderimiziň Energetika we howa boýunça halkara Wena forumynda öňe süren başlangyçlarynyň BMG-niň möhüm maksatlary we wezipeleri, ilkinji nobatda, ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy, howpsuzlygy üpjün etmek, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça wezipeler bilen aýrylmaz baglanyşyklydygyny belledi.

Gahryman Arkadagymyz hanym Rabab Fatimany mähirli mübärekläp, BMG-niň Baş sekretaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de Türkmenistanyň abraýly halkara guramalar, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasy, onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen köpugurly hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýändigini aýtdy. Häzirki döwrüň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen Wenada geçirilen halkara foruma Türkmenistanyň gatnaşmagy onuň ählumumy abadançylygy, durnukly ösüşi gazanmak babatdaky tagallalara işjeň gatnaşýandygyny görkezýär.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň hem-de onuň dürli ugurlar boýunça ýöriteleşdirilen edaralarynyň arasyndaky köptaraplaýyn hyzmatdaşlyga, toplanan köpýyllyk tejribä üns çekildi. Şunuň bilen baglylykda, 2025-nji ýylyň awgustynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň ähmiýeti bellenildi.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri ýurdumyzyň geljekde-de Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen özara bähbitli gatnaşyklary giňeltmäge taýýardygyny tassyklap, BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary Rabab Fatima berk jan saglyk, bagtyýarlyk, jogapkärli işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

 

Habaryň resmi çeşmesi: (“Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi” web-saýty)

11.04.2026

Gahryman Arkadagymyz UNIDO-nyň Baş direktory bilen duşuşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Awstriýa Respublikasyna saparynyň çäklerinde Birleşen Milletler Guramasynyň Senagat ösüşi boýunça guramasynyň (UNIDO) Baş direktory Gerd Müller bilen duşuşdy.

Gerd Müller belent mertebeli türkmen myhmanyny mähirli mübärekläp, Energetika we howa boýunça halkara Wena forumynyň çäklerinde Gahryman Arkadagymyz bilen duşuşmagyň özi üçin uly hormatdygyny belledi. Nygtalyşy ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideriniň energetika diplomatiýasyny ösdürmäge goşýan şahsy goşandy we BMG-niň ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça başlangyçlaryny yzygiderli goldamagy halkara jemgyýetçiligiň uly hormatyna mynasyp bolýar.

Gahryman Arkadagymyz hoşniýetli sözler hem-de bildirilen myhmansöýerlik üçin minnetdarlygyny beýan edip, Gerd Mülleriň UNIDO bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşýan goşandyny aýratyn belledi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri 2023-nji ýylyň 29-njy iýunynda Arkadag şäherine inklýuziw we durnukly senagat ösüşine gönükdirilen dördünji senagat öwrülişiginiň sanly tilsimatlaryny ulanmak arkaly «akylly» şäheri gurmak babatda goşandy üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Senagat ösüşi boýunça guramasynyň Minnetdarlyk güwänamasynyň berlendigini kanagatlanma bilen nygtap, bu güwänama Türkmenistanyň inklýuziw we durnukly senagat ösüşine ygrarlydygynyň aýdyň subutnamasy hökmünde garalýandygyny aýtdy.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan UNIDO-nyň goldaw bermeginde amala aşyrylýan taslamalaryň çäklerindäki hyzmatdaşlygy giňeltmäge möhüm ähmiýet berýär. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň haly senagatyny ösdürmäge, dokma önümleriniň daşary ýurt bazarlaryna eksportyny giňeltmäge gönükdirilen başlangyçlaryň yzygiderli ilerlediljekdigine ynam bildirdi. Şeýle-de ýurdumyz Arkadag şäheriniň ikinji tapgyryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde tehniki hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýär. Türkmenistanda bu taslama innowasion we durnukly senagat çözgütlerini ornaşdyrmak üçin netijeli meýdança hökmünde garalýar.

Gerd Müller Arkadag şäheriniň çäklerinde lukmançylyk klasteriniň döredilmeginiň saglygy goraýyş ulgamyna ýokary tehnologiýalaryň, senagat mümkinçilikleriniň üstünlikli ornaşdyrylmagynyň aýdyň mysaly bolup durýandygyny belläp, bu giň möçberli taslamanyň Gahryman Arkadagymyzyň lukmançylyk ulgamyndaky köpýyllyk tejribesine daýanýandygyny nygtady.

Söhbetdeşler howanyň üýtgemegi boýunça gün tertibiniň meselelerini hem ara alyp maslahatlaşdylar. Milli Liderimiz ýurdumyzyň “ýaşyl” senagat geçişi we howanyň üýtgemegine garşy hereketler ulgamynda Türkmenistan bilen UNIDO-nyň arasynda hyzmatdaşlygyň 2026 — 2030-njy ýyllar üçin “Ýol kartasyny” işläp düzmek we durmuşa geçirmek mümkinçiligine seretmäge taýýardygyny tassyklady. Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň bu babatda sebit derejesinde ileri tutýan başlangyçlaryna ünsi çekdi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Merkezi Aziýa ýurtlary üçin Çölleşmä garşy göreşmek boýunça sebit merkezini döretmek başlangyjy ekoulgamlary dikeltmekde, sebitiň ekologik taýdan durnuklylygyny pugtalandyrmakda tagallalary utgaşdyrmagyň netijeli mehanizmini emele getirmäge gönükdirilendir. Şunuň bilen bir hatarda, Türkmenistan serhetüsti suw serişdelerini dolandyrmagyň halkara hukuk gurallaryny işläp düzmek, şol sanda Amyderýanyň hem-de Syrderýanyň basseýnleri boýunça sebitleýin konwensiýalary taýýarlamak boýunça işleri yzygiderli alyp barýar. Ýurdumyzda Hazar deňziniň özboluşly ekoulgamyny gorap saklamak boýunça halkara tagallalary birleşdirmäge gönükdirilen Hazar ekologik başlangyjyny ilerletmäge aýratyn üns berilýär. Türkmenistan BMG-niň Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini döretmek başlangyjyny amala aşyrýar. Bu merkez howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak we onuň täsirlerini peseltmek ulgamynda innowasion çözgütleri ornaşdyrmak, halkara tehnologik hyzmatdaşlygy giňeltmek babatda netijeli meýdança öwrüler.

Gerd Müller ýurdumyzyň başlangyçlarynyň möhüm ähmiýetini belläp, UNIDO-nyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga strategik taýdan ähmiýetli we uzak möhletli geljege gönükdirilen gatnaşyklar hökmünde garaýandygyny nygtady.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Senagat ösüşi boýunça guramasynyň Baş direktory birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

 

Habaryň resmi çeşmesi: (“Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi” web-saýty)

11.04.2026

Gahryman Arkadagymyz AEHA-nyň Baş direktory bilen duşuşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Awstriýa Respublikasyna saparynyň çäklerinde Atom energiýasy boýunça halkara agentligiň (AEHA) Baş direktory Rafael Grossi bilen duşuşdy.

Söhbetdeşler mähirli salamlaşyp, özara gyzyklanma bildirilýän meseleler boýunça pikir alyşmak üçin dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler.

Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň halkara derejede ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna laýyklykda, ählumumy we sebit howpsuzlygyny pugtalandyrmaga gönükdirilen daşary syýasaty yzygiderli durmuşa geçirýändigini belledi.

Rafael Grossi Atom energiýasy boýunça halkara agentlikde Türkmenistanyň atom energiýasyny parahatçylykly maksatlar üçin ulanmak ýörelgelerine ygrarlydygyna ýokary baha berilýändigini, energetika we ekologik howpsuzlygy pugtalandyrmak ulgamynda öňdengörüjilikli syýasatynyň, halkara başlangyçlarynyň goldanylýandygyny nygtady. Ýadro howpsuzlygy babatdaky esasy halkara şertnamalara goşulan ilkinji döwletleriň biri bolmak bilen, ýurdumyz belent ynsanperwer ýörelgelere ygrarlydygyny iş ýüzünde subut edýär.

Duşuşykda soňky ýyllarda özara hyzmatdaşlygyň hil taýdan täze derejä çykarylýandygyna üns çekildi. Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň atom energiýasyny diňe parahatçylykly maksatlar üçin ulanmak ugrunda çykyş edýändigini belledi. Milli saglygy goraýyş ulgamy hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Agentligiň goldaw bermeginde ýurdumyzda keselleri anyklamagyň we bejermegiň döwrebap usullary ornaşdyrylýar. Hususan-da, halkara bilermenleriň maslahatlary Türkmenistanyň ugurdaş edaralarynda howply kesellere garşy göreşmek ulgamyny kämilleşdirmäge, ilata edilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmaga ýardam berdi.

Hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak halkara hukuk binýadyny giňeltmek bilen berk baglanyşyklydyr. Türkmenistanyň adatdan daşary ýagdaýlarda dessin habar we özara kömek bermek baradaky ählumumy konwensiýalara goşulmagy munuň aýdyň mysalydyr. Bu ädimler döwletimiziň ählumumy radiasiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilen halkara mehanizmlere işjeň gatnaşmaga taýýardygyny görkezýär. Söhbetdeşligiň dowamynda 2026 — 2030-njy ýyllar üçin tehniki hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlejek ýurt boýunça täze Çarçuwaly maksatnamany taýýarlamak meselelerine garaldy. Bu resminama ýadro lukmançylygynda innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmakda, halk hojalygynyň dürli pudaklarynda howpsuzlyk derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen geljegi uly taslamalary amala aşyrmakda ygtybarly binýat bolar.

Milli Liderimiz deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlary goldamagyň möhümdigine ünsi çekdi. Olar üçin parahatçylykly atomdan peýdalanmak mümkinçiligi ösüşiň güýçli guraly bolup biler. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz Atom energiýasy boýunça halkara agentligiň wekiliýetiniň geçen ýylyň awgustynda Awazada geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşandygy üçin Rafael Grossä minnetdarlyk bildirdi.

Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak hakyndaky Şertnama gol çekilmeginiň we ýurdumyzyň agentlige agza bolmagynyň şanly seneleri bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri Aşgabatda ýokary derejedäki sebit forumyny guramagy teklip etdi. Şeýle çäre sebitiň ýurtlarynyň we halkara bilermenleriň tagallalaryny birleşdirip, wajyp meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga ýardam eder.

Söhbetdeşligiň dowamynda halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri barada-da pikir alşyldy. Hormatly Arkadagymyz Türkmenistanyň Bitaraplyk ýörelgelerine ygrarly bolmak bilen, dünýäde durnuklylygyň we parahatçylygyň tarapdary bolup çykyş edýändigini aýtdy. Şunda diňe netijeli dialog hem-de özara ynanyşmak arkaly uzak möhletli durnuklylyga ýetip boljakdygy nygtaldy.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri hem-de Atom energiýasy boýunça halkara agentligiň Baş direktory Türkmenistan bilen degişli düzümiň arasyndaky köpugurly hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirip, bu hyzmatdaşlygyň parahatçylygyň, ösüşiň hem-de geljek nesilleriň abadançylygynyň bähbidine hyzmat etjekdigini nygtadylar.

 

Habaryň resmi çeşmesi: (“Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi” web-saýty)

11.04.2026

Türkmenistanyň Mejlisinde maslahat geçirildi

 

         2026-njy ýylyň 11-nji aprelinde Türkmenistanyň Mejlisinde Türkmenistanyň Halk Maslahaty bilen Mejlisiň bilelikde guramagynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, ýurdumyzyň syýasy partiýalarynyň we jemgyýetçilik birleşikleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, ýokary okuw mekdepleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň Ymambaba geňeşliginiň çäginde 4 müň 500 hojalyga niýetlenen täze, döwrebap şäherçäniň düýbüni tutmak hem-de Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat böleginiň açylyş dabaralaryna bagyşlanyp maslahat geçirildi.

     Maslahatda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen beýik işleriniň täze eýýamda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýändigini, oba milli maksatnamasynyň, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» çäklerinde ýurdumyzyň ähli sebitlerinde döwrebap obadyr şäherçeleriň, ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlarynyň yzygiderli gurlup ulanylmaga berilýändigini bellediler. 

Döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda Ýolöten etrabynyň Ymambaba geňeşliginiň çäginde düýbi tutulan 4 müň 500 hojalyga niýetlenen täze, döwrebap şäherçe hem «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ýurdumyzyň bedew batly ösüşleriniň, Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!», hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ynsanperwer taglymatlarynyň halkymyzyň durmuşyndaky aýdyň beýanydyr.

Maslahatda çykyş edenler şäherçäniň taslamasynda ýaşaýjylar üçin ähli amatlyklaryň, ýaş nesliň sazlaşykly ösmegi, bilim almagy, wagtyny gyzykly geçirmekleri üçin zerur bolan ähli şertleriň, çagalar baglarynyň, umumybilim berýän mekdepleriň, medeniýet öýüniň we beýleki medeni-durmuş maksatly binalaryň göz öňünde tutulandygyny bellediler. 

Maslahatda Türkmenistanyň Beýik Ýüpek ýolunyň gaýtadan dikeldilmegine esaslanýan ulag strategiýasyna laýyklykda, ýurdumyzda ýolgurluşyk pudagyny kämilleşdirmek, täze awtomobil ýollaryny gurmak, halkara ulag geçelgelerini döretmek boýunça iri taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigi nygtaldy. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi bolan Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan kabul edilen Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde möhüm orny eýeleýän, dünýä ykdysadyýetiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýan ulag ulgamyny ösdürmek boýunça umumadamzat ähmiýetli başlangyçlar bilen çykyş edýär we uly tagallalary durmuşa geçirýär. Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmaga gönükdirilen Kararnamalaryň birnäçesini kabul edendigi aýratyn bellärliklidir. Hususan-da, BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli kararnamasy bilen 26-njy noýabryň «Bütindünýä durnukly ulag güni» diýlip yglan edilmegi, ýurdumyzda Durnukly ulag ulgamy boýunça ählumumy maslahatlaryň geçirilmegi umumadamzat ähmiýetli wakalardyr. Şeýle hem geçen ýylyň awgustynda Hazar deňziniň türkmen kenarynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dünýä döwletleriniň we halkara guramalaryň giň wekilçiliginde ýokary derejede geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty hem bu ugurda dünýä döwletleriniň tagallalaryny birleşdirmekde möhüm ädim boldy.

 Maslahatda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda uzynlygy 600 kilometre deň bolan Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň jemleýji Mary — Türkmenabat tapgyrynyň açylyp, ulanylmaga berilmeginiň ýurdumyzyň Garaşsyzlyk taryhyna täze şanly sahypa bolup ýazylýandygy bellenildi. Ýurdumyzyň ýol-ulag ulgamynda möhüm orun eýeleýän Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Türkmenistanyň ulag diplomatiýasyny dabaralandyrmak bilen, Gündogar — Günbatar, Demirgazyk — Günorta ugurlarda döwletleri, halklary we sebitleri birleşdirmekde uly ähmiýete eýe boljakdygy barada aýdyldy.

Ýurdumyzyň Mary we Lebap welaýatlaryndan saýlanylan deputatlar çykyşlarynda ýerli ýaşaýjylaryň özleri barada edilýän uly aladalar,  şeýle hem öz durmuşlaryndaky bu şanly wakalar üçin hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza çäksiz alkyş aýdýandyklaryny mälim etdiler. 

Maslahata gatnaşyjylar ýurdumyzy ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly alyp barýan hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza ýürek hoşallyklaryny beýan etdiler.

11.04.2026

Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahaty geçirildi

2026-njy ýylyň 11-nji aprelinde Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň on ikinji maslahaty  geçirildi. Maslahatda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň üstünlikli durmuşa geçirýän ynsanperwer döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça işlenilip taýýarlanylan birnäçe kanun  taslamalaryna garaldy.

Maslahatda Türkmenistanyň Mejlisiniň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň saýlaw okruglarynda şu ýylyň 29-njy martynda geçirilen saýlawlar bilen bagly «Türkmenistanyň Mejlisiniň aýry-aýry saýlaw okruglary boýunça saýlanylan deputatlarynyň ygtyýarlyklaryny ykrar etmek hakynda» Türkmenistanyň Mejlisiniň karary kabul edildi. Şeýle hem Mejlisiň komitetleriniň düzümi bilen baglanyşykly käbir guramaçylyk meselelerine seredildi.

Maslahatda «Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda», «Howply önümçilik desgalarynyň senagat howpsuzlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda», «Buhgalterçilik hasaba alnyşy we maliýe hasabatlylygy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna goşmaçalar we üýtgetmeler girizmek hakynda», «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler girizmek hakynda», «Balyk tutmak we suwuň biologik serişdelerini gorap saklamak hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaça girizmek hakynda», «Migrasiýa hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaça girizmek hakynda» Türkmenistanyň kanunlarynyň taslamalary ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de biragyzdan kabul edildi. 

Maslahatyň gün tertibine girizilen kanun taslamalaryny ara alyp maslahatlaşmagyň barşynda  çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hereket edýän   kanunlary kämilleşdirmek barada beren gymmatly maslahatlarynyň we öňde goýan wezipeleriniň aýratyn uly ähmiýete eýedigi nygtaldy.

Kabul edilen resminamalar ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga, Watanymyzda netijeli amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeleri barha ilerletmäge ýardam eder. 

Maslahatyň dowamynda «Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, Adalatçynyň diwanynyň alyp baran işleri we ýurtda adam hukuklary babatdaky ýagdaý hakynda Türkmenistanda adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil – Adalatçy deputatlaryň öňünde çykyş etdi.

Maslahatda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy  mynasybetli «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň dowamynda meýilleşdirilen  çäreleri  ýokary derejede geçirmek, halkara guramalar  we dünýä döwletleriniň parlamentleri bilen ýola goýlan gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek meselelerine aýratyn üns berildi. Bu ugurda geçirilýän çäreleriň ýurdumyzyň sebitde we dünýäde parahatçylygy, ynanyşmagy, hoşniýetli hyzmatdaşlygy, dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga gönükdirilen ynsanperwer syýasatyny, taryhy başlangyçlaryny wagyz etmäge hem-de dünýä jemgyýetçiligine ýetirmäge, kanun çykaryjylyk we parlament işinde tejribe alyşmaga ýardam edýändigi nygtalyp geçildi. 

Mejlisiň deputatlary ýurdumyzyň milli kanunçylygyny kämilleşdirmekde, kabul edilýän kanunlaryň many-mazmunyny halk köpçüligine düşündirmekde  mundan beýläk-de ähli tagallalary etjekdikleri barada hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, Gahryman Arkadagymyzy ynandyrdylar.

11.04.2026

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzy, şol sanda Lebap welaýatyny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň wezipelerine seredildi, şeýle hem käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa döwletimiziň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleriň netijeleri barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň ýörelgeleri, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalary esasynda taýýarlanylan kanun taslamalaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin Mejlisiň on ikinji maslahatyna taýýarlyk görülýär. Maslahatda “Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda”, “Howply önümçilik desgalarynyň senagat howpsuzlygy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda”, “Buhgalterçilik hasaba alnyşy we maliýe hasabatlylygy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna goşmaçalar we üýtgetmeler girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler girizmek hakynda”, “Balyk tutmak we suwuň biologik serişdelerini gorap saklamak hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda”, “Migrasiýa hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaça girizmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalaryna seretmek we kabul etmek göz öňünde tutulýar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjileri üçin Mejlisiň deputatlarynyň gatnaşmagynda kanun çykaryjylyk işiniň döwrebap usullary hem-de ýörelgeleri barada okuw sapaklary guraldy. Ýurdumyzyň daşary ýurtlaryň parlamentleri we halkara guramalar bilen ýola goýlan gatnaşyklary yzygiderli ösdürilýär. Diýarymyzda zenanlaryň mümkinçiliklerini hemmetaraplaýyn giňeltmek boýunça durmuşa geçirilýän işleri halkara jemgyýetçilige ýetirmek, bu ugurda tejribe alyşmak maksady bilen, Mejlisde Birleşen Milletler Guramasynyň ýurdumyzdaky degişli düzümleriniň, daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň zenan ýolbaşçylarynyň, dürli ulgamlarda zähmet çekýän zenanlaryň gatnaşmagynda “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýyly: häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny” atly maslahat geçirildi. Şeýle-de Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky syýasy-diplomatik, medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlygy parlament diplomatiýasynyň üsti bilen goldamak, köptaraplaýyn parlamentara gatnaşyklary pugtalandyrmak, kanun çykaryjylyk we parlament işinde tejribe alyşmak maksady bilen, Mejlisiň wekilleri Özbegistan Respublikasynyň Samarkant şäherinde geçirilen “Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi” birinji parlamentara forumyna gatnaşmak üçin dostlukly ýurtda iş saparynda boldular.

Mejlisiň deputatlary, şol sanda Lebap welaýatyndan saýlanan deputatlar ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertleri bilen ýakyndan gyzyklanýarlar, welaýat, etrap we şäher häkimliklerinde raýatlaryň ýüztutmalaryna garamak boýunça geçirilýän kabul edişlige gatnaşýarlar.

Hormatly Prezidentimiz döwrüň talabyna laýyk gelýän täze kanun taslamalaryny işläp taýýarlamagyň möhüm wezipeleriň biri bolup durýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz bu ugurda alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow Lebap welaýatyny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça 2026-njy ýylyň ýanwar — mart aýlarynda alnyp barlan işler barada hasabat berdi.

Hasabat döwründe welaýat boýunça senagat önümçiligi, geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda, 0,2 göterim artdy. Çörek we çörek önümleriniň öndürilişinde 0,8 göterim, unuň öndürilişinde 13,9 göterim, gök önümlerde 28,9 göterim, miwelerdir ir-iýmişlerde 8,8 göterim, süýt önümçiliginde 3,1 göterim, ýumurtganyň öndürilişinde 2,4 göterim, gaplanan miweleriň we gök önümleriň öndürilişinde 2,1 göterim ösüş gazanyldy. Welaýatyň çäginde ulagyň ähli görnüşleri boýunça ýük dolanyşygy 3,9 göterim artdy, ýolagçy dolanyşygy 0,6 göterim ýokarlandy. Sebitde bölek satuw haryt dolanyşygy, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 11,3 göterim artdy. Şu ýylyň üç aýynda Lebap welaýatynyň ýerli býujetiniň girdeji böleginiň meýilnamasy 113,4 göterim, çykdajy böleginiň meýilnamasy 98,8 göterim ýerine ýetirildi.

Hasabat döwründe Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde welaýatda durmuş maksatly binalardyr desgalaryň 20-siniň, suw we lagym arassalaýjy desgalaryň 7-siniň, ýaşaýyş jaýlarynyň 4,5 müň inedördül metriniň, inženerçilik ulgamlarynyň hem-de desgalarynyň gurluşyk işleri alnyp baryldy. Şu ýylyň birinji çärýeginde welaýatda ýerleşýän bank şahamçalary tarapyndan girdeji meýilnamasy 124 göterim ýerine ýetirildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň, şol sanda Lebap welaýatynyň durmuş-ykdysady ösüşini ýokarlandyrmak, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak boýunça işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere şu ýyl göz öňünde tutulan maýa goýumlaryň öz wagtynda özleşdirilişini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Agajanow nebitgaz toplumynyň işini kämilleşdirmegiň çäklerinde Lebap welaýatynda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň beýleki welaýatlary bilen bir hatarda, Lebap welaýatynda hem nebitgaz toplumy tarapyndan zerur işler amala aşyrylýar. Hususan-da, “Türkmengaz” döwlet konserni tarapyndan tebigy gazy sarp edijilere ygtybarly ýetirmek üçin dürli basyşly gaz geçirijilere, gaz paýlaýjy beketlere, gaz sazlaýjy enjamlara netijeli hyzmat edilýär. Ýerasty baýlyklary gözlemek we ýüze çykarmak, ýerasty suwlaryň gorlaryny artdyrmak maksady bilen, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň gidrogeologlary tarapyndan Lebap welaýatynyň çäklerinde buraw işleri giň gerimde alnyp barylýar. Bulardan başga-da, “Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn çägini, “Malaý”, “Naýyp”, “Kükürtli”, “Balguýy”, “Gazojak”, “Kerpiçli”, “Bagaja” gaz känlerini senagat taýdan özleşdirmek, içerki sarp edijileri we eksport ugurlaryny tebigy gaz bilen üpjün etmek boýunça degişli işler geçirilýär. Welaýatyň çäginde ýerleşýän Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň, “Bagajadaky”, “Naýypdaky” suwuklandyrylan gazy öndürýän desgalaryň kuwwatlyklaryndan netijeli peýdalanmak babatda zerur işler alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň, şol sanda Lebap welaýatynyň tebigy baýlyklaryny, nebitgaz gorlaryny netijeli ulanmak üçin toplumyň edara-kärhanalarynyň işini döwrebaplaşdyrmagy dowam etdirmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere häzirki zaman tehnologiýalaryny giňden ornaşdyryp, Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň işini yzygiderli kämilleşdirmegi, buraw işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmagy, gaz çykarylýan guýularda abatlaýyş işlerini öz wagtynda geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk pudagynda we Lebap welaýatynda möwsümleýin işleriň barşy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, welaýatlarda bugdaý ekilen meýdanlarda ideg etmek we gowaça ekişini geçirmek, owlak-guzy, köşek almak boýunça işler dowam edýär.

Lebap welaýatynyň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Şunuň bilen birlikde, galla kabul ediş kärhanalaryny, elewatorlary, bugdaý ýygýan kombaýnlary galla oragy möwsümine taýýarlamak üçin zerur işler geçirilýär. Sebitde gowaça ekişini bellenen möhletlerde geçirmek, ekiş möwsüminde ulanylýan oba hojalyk tehnikalaryny we gurallary netijeli işletmek, gögeriş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Welaýatda ýüpek gurçugyna talabalaýyk ideg etmek babatda degişli işler amala aşyrylýar. Ýeralmanyň, gök-bakja önümleriniň öndürilýän möçberini artdyrmak, bu önümler bilen ilaty ýeterlik möçberde üpjün etmek maksady bilen, ekerançylyk meýdanlarynda ýazlyk ekinlere ideg etmek işleri dowam edýär.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek boýunça agrotehniki çäreleri öz wagtynda, ýokary hilli geçirmegiň zerurdygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere ýurdumyzda, şol sanda Lebap welaýatynda gök-bakja, beýleki azyk önümlerini öndürmek boýunça işleri dowam etdirmegi, oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmagy üns merkezinde saklamagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow Lebap welaýatyny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça gurluşyk we senagat toplumy tarapyndan alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Nygtalyşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň degişli Buýrugyna laýyklykda, şu ýylda Lebap welaýaty boýunça binalaryň we desgalaryň 8-siniň açylmagy göz öňünde tutulýar. Olary bellenilen möhletinde, ýokary hilli gurup ulanmaga bermek maksady bilen, gurluşyk işleri ýokary depginde alnyp barylýar. Ýurdumyzyň senagat we gurluşyk önümçiligi pudagyny has-da ösdürmek, daşary ýurtlardan getirilýän gurluşyk harytlarynyň ornuny tutýan önümleri öndürmek, daşary ýurtlara eksport edilýän önümleriň möçberini, görnüşlerini artdyrmak maksady bilen, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi tarapyndan degişli işler geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, Döwletli etrabynyň Dostluk şäherinde bilelikdäki “Türkmengips” hojalyk jemgyýetiniň ýylda 250 müň tonna gury gurluşyk garyndylaryny we 20 million inedördül metr gipsokarton önümlerini öndürýän zawodynyň gurluşyk işleriniň ýokary depginde alnyp barylýandygy bellenildi.

Welaýatyň sarp edijilerini elektrik energiýasy bilen ygtybarly we bökdençsiz üpjün etmek maksady bilen, Energetika ministrliginiň garamagyndaky edara-kärhanalar tarapyndan täze elektrik beketlerini hem-de geçirijilerini gurmak, bar bolanlarynyň durkuny täzelemek boýunça meýilnamalaýyn işler geçirilýär. Awtomobil ýollary ministrliginiň garamagyndaky edara-kärhanalar tarapyndan welaýatyň döwlet we ýerli ähmiýetli awtomobil ýollarynda, olaryň ugrunda bar bolan köprülerde, obalaryň, şäherçeleriň köçelerinde we ýanýodalarynda bellenilen meýilnamalara laýyklykda abatlamak, durkuny täzelemek işleri geçirilýär.

“Türkmenhimiýa” döwlet konserni tarapyndan oba hojalyk pudagyny zerur bolan fosforly dökünler bilen üpjün etmek, ýurdumyzda öndürilýän mineral dökünleriň görnüşlerini artdyrmak maksady bilen, Türkmenabat şäherindäki S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynyň düzüminde ýylda 350 müň tonna superfosfat, 100 müň tonna ammoniý sulfaty dökünlerini öndürýän toplumyň gurluşyk işleri dowam edýär. Köýtendag etrabynda ýerleşýän Garlyk kaliý dag-magdan toplumyny taslama kuwwatyna çykarmak boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň, şol sanda Lebap welaýatynyň himiýa we gurluşyk kärhanalarynyň doly kuwwatynda işledilmegini gazanmagyň, welaýatda täze önümçilikleri ýola goýmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň wajypdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere welaýatda şu ýyl gurluşygy tamamlanmaly binalaryň we desgalaryň ýokary hilli, bellenen möhletlerde ulanmaga berilmegini, sebitiň awtomobil ýollaryny döwrebaplaşdyrmak işini dowam etdirmegi berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew ýurdumyzyň söwda toplumyny ösdürmegiň çäklerinde Lebap welaýatynda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Lebap welaýatynyň ähli etrapdyr şäherlerinde söwda ulgamynda ilaty gündelik sarp edilýän harytlar bilen üpjün etmek Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň garamagyndaky kärhanalar, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna degişli söwda kärhanalary tarapyndan amala aşyrylýar. Ilata edilýän söwda hyzmatlarynyň ýokary hil derejesini üpjün etmek maksady bilen, bölek satuw söwdasynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Döwrebap söwda merkezleri, dükanlar, bazarlar gurlup, halkyň hyzmatyna berilýär. Sanly ulgamyň ösdürilmegi bilen, elektron söwdanyň, eltip bermek hyzmatlarynyň gerimi giňelýär. Welaýat boýunça Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň kärhanalaryna degişli söwda, önümçilik, jemgyýetçilik iýmiti nokatlarynyň jemi 860-sy hereket edýär.

Lebap welaýatynyň çäginde Dokma senagaty ministrliginiň garamagynda 6 önümçilik kärhanasy, dokma önümleri ýerlenilýän söwda dükanlarynyň 5-si işleýär. «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň garamagynda Halaç etrabyndaky çeper halyçylyk kärhanasy, onuň 4 önümhanasy hereket edýär. Sebitiň çäginde Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna degişli önümçilik, söwda, hyzmatlar ulgamynda kärhanalaryň 79-sy bar. Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli maksatnamasynda göz öňünde tutulan wezipeleriň amala aşyrylmagy bilen, Lebap welaýatynda hususy ulgama degişli 12 önümçiligiň işe girizilmegi, olarda täze iş orunlarynyň 311-siniň döredilmegi meýilleşdirilýär. Wise-premýer bu ugurdaky işleri dowam etdirmek maksady bilen, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi tarapyndan Lebap welaýatynyň Farap etrabynda täze, döwrebap söwda bazarynyň gurluşygyny amala aşyrmagyň teklip edilýändigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda, şol sanda Lebap welaýatynda içerki bazaryň azyk we beýleki harytlar bilen üpjünçiligini gözegçilikde saklamagyň, ilata edilýän söwda hyzmatlarynyň görnüşlerini artdyrmagy dowam etdirmegiň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz Lebap welaýatynyň Farap etrabynda täze, döwrebap söwda bazaryny gurmak baradaky teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa Lebap welaýatynyň medeniýet edaralarynyň işini kämilleşdirmek babatda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary, döredýän giň mümkinçilikleri esasynda Lebap welaýatynyň çäklerindäki medeniýet edaralarynyň işi yzygiderli kämilleşdirilip, ýaşaýjylaryň medeniýetli dynç almaklary üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Döwrebap medeni ojaklar gurlup ulanmaga berilýär.

Lebap welaýaty taryhy-medeni ýadygärliklere örän baýdyr. Häzirki wagtda sebitiň çägindäki ýadygärlikleriň 196-sy döwlet tarapyndan hasaba alnyp, olar ylmy taýdan giňden öwrenilýär.

Ýüze çykarylýan arheologik tapyndylaryň köp bölegi welaýatyň çägindäki muzeýlerde sergilenip, halk köpçüligine ýetirilýär. «Beýik Ýüpek ýoly: Zerewşan — Garagum geçelgesi» atly köptaraplaýyn hödürnamanyň 2023-nji ýylda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmegi bolsa sebitdäki taryhy-medeni ýadygärlikleriň halkara derejede ykrar edilýändigini görkezýär.

Häzirki wagtda Lebap welaýatynda Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatry, medeniýet öýleri we merkezleri, muzeýler, kitaphanalar, ýörite sungat mekdebi, çagalar sungat hem-de çeperçilik mekdepleri hereket edip, olarda dürli medeni hyzmatlary hödürlemek, ýaşlara medeniýet ugurly bilim bermek üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. 2022-nji ýylyň oktýabrynda Türkmenabat şäherinde «Senetçilik we amaly-haşam sungaty dünýä halklarynyň mirasynda» atly halkara festiwalyň, 2014-nji, 2021-nji ýyllarda Medeniýet hepdelikleriniň geçirilmegi welaýatda alnyp barylýan işleriň, gazanylýan zähmet üstünlikleriniň we döredilýän amatly şertleriň halkara derejede giňden wagyz edilmegine ýardam etdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Lebap welaýatyndaky döwrebap medeniýet merkezleriniň, kitaphanalaryň, muzeýleriň, teatrlaryň işini häzirki döwrüň talabyna laýyk guramagyň, ýaşlaryň arasynda milli däp-dessurlarymyzy, halkymyzyň medeni-ruhy gymmatlyklaryny giňden açyp görkezýän wagyz-nesihat işlerini yzygiderli alyp barmagyň zerurdygyny aýtdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz wise-premýere welaýatyň çäginde ýerleşýän taryhy-medeni ýadygärlikleri aýawly saklamak we giňden öwrenmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Mämmedow Lebap welaýatyny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň çäklerinde gözegçilik edýän ulgamlary boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, sebitiň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak, saglygyny goramak, sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek, ýaş nesliň döwrebap bilimli, kämil şahsyýetler hökmünde kemala gelmegini üpjün etmek ugrunda netijeli işler amala aşyrylýar. Lebap welaýatyny 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň çäklerinde döwrebap orta mekdepleriň 11-si, çagalar baglarynyň 2-si gurlup ulanmaga berildi. Häzirki wagtda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumynyň gurluşyk işleri alnyp barylýar. Bu işler bilen birlikde, ylmy-barlag edaralary tarapyndan durnukly ykdysady ösüşiň binýadynyň has-da pugtalandyrylmagy babatda yzygiderli ylmy-tejribe kömegi berilýär. Lebap welaýatynyň ilatynyň saglyk ýagdaýyny gowulandyrmak, ýerli derman senagaty önümçilikleriniň kuwwatyny has-da artdyrmak ugrunda özgertmeler amala aşyrylýar. Sebitde ýokary netijeli sporty, bedenterbiýäni we köpçülikleýin sporty ösdürmek, dünýä çempionatlaryna, iri halkara ýaryşlara milli ýygyndy toparlary taýýarlamak üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Döwrebap sport desgalary, stadionlar, ýöriteleşdirilen sport mekdepleri zehinli ýaşlaryň kemala gelmeginde ygtybarly binýat bolup hyzmat edýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda, şol sanda Lebap welaýatynda hereket edýän bilim edaralarynda alnyp barylýan işleri kämilleşdirmegiň, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumynyň gurluşygyny bellenen möhletlerde tamamlamagyň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere hereket edýän saglygy goraýyş edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmegi üns merkezinde saklamagy, sport desgalaryny netijeli ulanmak boýunça degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň ýedinji mejlisine taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. Nygtalyşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan daşary syýasatynda Türkmenistanyň strategik hyzmatdaşlary bolup durýan döwletler bilen gatnaşyklara uly ähmiýet berilýär. Şolaryň hatarynda Hytaý Halk Respublikasyny aýratyn bellemek bolar. Ýurdumyz bilen Hytaýyň arasyndaky hemmetaraplaýyn strategik hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösmeginde ýokary derejedäki saparlar we duşuşyklar möhüm orun eýeleýär. Bu babatda döwlet Baştutanymyzyň 2025-nji ýylyň 31-nji awgusty — 3-nji sentýabry aralygynda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitine we Ýeňşiň 80 ýyllygyna bagyşlanan dabaralara gatnaşmak üçin Hytaý Halk Respublikasyna amala aşyran iş saparyna uly orun degişlidir. Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz şu ýylyň 17 — 19-njy marty aralygynda Pekin şäherine dostluk saparyny amala aşyrdy. Şol saparlaryň dowamynda ýurdumyz bilen HHR-iň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlar boýunça deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek boýunça möhüm netijeler gazanyldy.

Hormatly Prezidentimiziň Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň çäklerinde ikitaraplaýyn netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda ulgamlaýyn işleri dowam etdirmek we bu komitetiň işini ýokary derejeli duşuşyklaryň dowamynda ähli ugurlar boýunça gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmegine gönükdirmek barada berýän tabşyryklaryndan ugur alyp, häzirki wagtda degişli işler dowam etdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, 2026-njy ýylyň 16-njy aprelinde Aşgabatda Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň ýedinji mejlisini geçirmek meýilleşdirilýär. Bu komitetiň düzümine girýän 6 sany kiçi komitetiň mejlisleri hem özara ylalaşyk esasynda yzygiderli geçirilýär. 2025-nji ýylyň 15-nji ýanwarynda Aşgabatda Howpsuzlyk babatda hyzmatdaşlyk boýunça kiçi komitetiň onunjy mejlisi, şol ýylyň 3-nji iýulynda Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça kiçi komitetiň sekizinji mejlisi, 2026-njy ýylyň 9-njy martynda Pekinde Ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça kiçi komitetiň dokuzynjy mejlisi, 9-njy aprelde Ulag we logistika ulgamynda hyzmatdaşlyk boýunça kiçi komitetiň ikinji mejlisi sanly ulgam arkaly geçirildi. Şu ýylyň ikinji ýarymynda Energetika hyzmatdaşlygy boýunça kiçi komitetiň onunjy mejlisini, Ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça kiçi komitetiň üçünji mejlisini geçirmek göz öňünde tutulýar.

Wise-premýer, daşary işler ministri Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň ýedinji mejlisiniň dowamynda Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky hemmetaraplaýyn strategik hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça ileri tutulýan ugurlara degişli birnäçe meselelere seretmegiň meýilleşdirilýändigini aýtdy. Howpsuzlyk boýunça hyzmatdaşlyk iki ýurduň arasynda özara ynanyşmagyň ýokary derejesine şaýatlyk edýär. Bu babatda taraplar kiberhowpsuzlygy, biohowpsuzlygy üpjün etmek boýunça hyzmatdaşlygy dowam etdirýärler. Energetika ugrunda hyzmatdaşlykda häzirki wagtda ara alnyp maslahatlaşylýan we strategik taýdan ähmiýetli gaz känlerini özleşdirmek boýunça täze taslamalar ileri tutulýan ugur hasaplanýar.

Ulag ulgamyndaky gatnaşyklar hem möhüm ähmiýete eýedir. Bu babatda hytaý tarapy bilen ýurdumyzyň demir ýol infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak meselelerine serediler. Türkmenistanyň geografik taýdan amatly çäkde ýerleşýändigi bilen baglylykda, logistika ugrunda hyzmatdaşlygy güýçlendirmek aýratyn möhüm bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, ileri tutulýan Hytaý — Türkmenistan — Hazar deňzi — Ýewropa we Türkmenistan — Hytaý — Günorta we Gündogar Aziýa — Aziýa — Ýuwaş umman sebitleri ugurlary boýunça ulag-logistika hyzmatdaşlygyny ösdürmek meselesi ara alnyp maslahatlaşylar.

Aragatnaşyk ulgamynda iki ýurduň arasynda köp ýyllaryň dowamynda alnyp barylýan hyzmatdaşlygy, sanly ulgama geçmek işini dowam etdirmek meselesine serediler. Maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary, emeli aň ugrunda tejribe alyşmak we hyzmatdaşlygy ösdürmek hem ileri tutulýan ugur bolar. Oba hojalyk pudagynda gatnaşyklary ilerletmek babatda-da giň mümkinçilikler bar. Bilim, ylym-tehnika ugry boýunça hünärmenleri taýýarlamak, olaryň hünär kämilligini ýokarlandyrmak, ylmy-barlag işini, amaly çözgütleri ornaşdyrmak babatdaky hyzmatdaşlygy güýçlendirmek hem ähmiýetli ugur hasaplanýar.

Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň ýedinji mejlisiniň netijeleriniň esasynda degişli Teswirnama gol çekmek meýilleşdirilýär. Şeýle-de häzirki wagtda türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň hukuk binýadyny berkitmek maksady bilen, birnäçe resminama taýýarlanylýar. Mejlisiň işiniň netijeleri boýunça gol çekmek üçin käbir beýleki resminamalar öwrenilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer, daşary işler ministri döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň taslamasyny hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýakynda Gahryman Arkadagymyzyň Hytaý Halk Respublikasyna amala aşyran dostluk saparynyň döwletara gatnaşyklaryň taryhynda möhüm waka bolandygyny, şunuň bilen baglylykda, Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň ýedinji mejlisine gowy taýýarlyk görmegiň we ony ýokary derejede geçirmegiň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz türkmen-hytaý hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek üçin bu ugurda taýýarlanan Karara gol çekip, wise-premýer, daşary işler ministrine degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annaýew ýurdumyzyň ulag we aragatnaşyk toplumynyň işini kämilleşdirmegiň çäklerinde Lebap welaýatynda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Lebap welaýaty boýunça ulagyň ähli görnüşleri boýunça ýük dolanyşygynyň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 103,9 göterime, ýurt boýunça welaýatyň paýy 13,3 göterime deň boldy. Hasabat döwründe welaýat boýunça ulagyň ähli görnüşleriniň ýolagçy dolanyşygynyň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 100,6 göterime, ýurt boýunça welaýatyň paýy 14,4 göterime barabar boldy.

Aragatnaşyk ministrligi boýunça Lebap welaýatynda simli we öýjükli aragatnaşyk belgilerini ulgama birikdirmek, ulanyjylara edilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak, hereket edýän aragatnaşyk desgalarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýat boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar.

Hasabat döwründe Demir ýol ulaglary ministrliginde Lebap welaýatynyň ýük dolanyşygy babatda ýurt boýunça paýy 14,6 göterime deň boldy. Bu görkeziji ýolagçy dolanyşygy boýunça 4,2 göterime barabar boldy. Awtomobil ulaglary ministrliginiň Türkmenabat şäherinde täze gurlup ulanmaga berlen, elektron enjamlar bilen enjamlaşdyrylan döwrebap awtotürgenleşik meýdançasy we ýolagçy awtomenzili ilata edilýän ulag hyzmatlarynyň hilini, elýeterliligini has-da ýokarlandyrmak babatda oňaýly şertleri döretdi. «Lebapawtoulag» önümçilik birleşigi tarapyndan jemi 119 ugur boýunça yzygiderli ýolagçy awtobus gatnawlary amala aşyrylýar. «Türkmenhowaýollary» döwlet gullugy tarapyndan Türkmenabat we Kerki Halkara howa menzilleriniň üstaşyr kuwwatyny netijeli ulanmak, ilata ýokary hilli, medeniýetli ulag hyzmatlaryny hödürlemek boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar. Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň paýly gatnaşygynda döredilen «Derýaýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde gämileri abatlamak we olaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny gowulandyrmak boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, halkara üstaşyr ulag gatnawlary üçin amatly şertleri döretmek arkaly ýurdumyzyň, şol sanda Lebap welaýatynyň logistika mümkinçiliklerinden doly peýdalanmagyň, Türkmenabat, Kerki Halkara howa menzilleriniň işini yzygiderli kämilleşdirmegiň, Türkmenabat şäherinde ýerleşýän ýolagçy awtomenziliniň işini talabalaýyk alyp barmagyň zerurdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere demir ýollaryň durkuny täzelemek we kämilleşdirmek boýunça işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.

Soňra Lebap welaýatynyň häkimi D.Genjiýewe söz berildi. Ol sebitde alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda gowaça ekişi dowam edýär. Bu ugurda oba hojalyk tehnikalary bökdençsiz işledilýär. Gowaça ekişini agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda bellenen möhletlerde tamamlamak, gögeriş alnan meýdanlarda kadaly ösüşi üpjün etmek maksady bilen, hatarara bejergi işleri geçirilýär.

Bugdaýyň bol hasylyny ýetişdirmek üçin mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Sebitde ekilen ýazlyk ýeralmanyň, soganyň ideg işleri dowam edýär. Şeýle hem ýüpek gurçugyny idetmek işi alnyp barylýar. Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalaryň gurluşyk işleri dowam edýär.

Häkim hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat böleginiň dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berilmegi bilen baglylykda welaýatyň ýaşaýjylarynyň adyndan döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Lebap welaýatyny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalaryň we maýa goýum taslamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegini üpjün etmegiň, welaýatyň ilatynyň ýaşaýyş derejesini has-da ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz häkime ilatyň arassa agyz suwy, elektrik energiýasy, tebigy gaz, ýaşaýyş jaýlary bilen üpjünçiligini has-da gowulandyrmak boýunça netijeli işleri alyp barmagy tabşyrdy.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

 

Habaryň resmi çeşmesi: (“Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi” web-saýty)

10.04.2026

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde geçirilen Ýewropa Bileleşiginiň «SWITCH-Asia» Maksatnamasynyň çäginde sirkulýar ykdysadyýeti ösdürmek boýunça üçünji sebitleýin parlamentara dialogyna gatnaşdylar

2026-njy ýylyň 9-10-njy aprelinde Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde Ýewropa Bileleşiginiň «SWITCH-Asia» Maksatnamasynyň çäginde geçirilen sirkulýar ykdysadyýeti ösdürmek boýunça üçünji sebitleýin parlamentara dialoga gatnaşdylar.

Parlamentara dialogyň açylyş dabarasynda oňa gatnaşyjylar ýokary guramaçylykly geçirilýän bu halkara çäräniň dünýäniň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmakda açyk meýdança bolup durýandygyny bellediler, häzirki döwrüň wajyp meseleleri, hususan-da, umumadamzat bähbitlerine we durnukly ösüşe gönükdirilen birnäçe strategik ugurlar boýunça giňişleýin pikir alyşdylar.

Ýewropa Bileleşiginiň «SWITCH-Asia» Maksatnamasynyň çäginde geçirilen sirkulýar ykdysadyýeti ösdürmek boýunça üçünji sebitleýin parlamentara dialog Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherindäki öňdebaryjy kärhanalarda sirkulýar ykdysadyýet boýunça önümçilik tejribeligi arkaly geçirildi. 

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekili Türkmenistanyň «ýaşyl ykdysadyýet» ýörelgesini durmuşa ornaşdyrmak bilen, sirkulýar ykdysadyýete geçmekde gazanan öňdebaryjy tejribesi, Garaşsyzlyk ýyllarynda ýetilen belent sepgitler, ýurdumyzda durmuşa geçirilen we yzygiderli dowam etdirilýän netijeli işler, şonuň ýaly-da sirkulýar ykdysadyýete geçmek bilen ekologiýa abadançylygyny berkitmekde öňde durýan wezipeleri amal etmek boýunça giň möçberli maksatnamalar dogrusynda çykyş etdi. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzda ekologiýa abadançylygyny gazanmak, galyndylary we zyňyndylary azaltmak, sirkulýar ykdysadyýeti ösdürmek, höweslendirmek, ykdysadyýete innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmakda maýa goýumlary çekmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bolup durýandygyny belledi.

Üçünji sebitleýin parlamentara dialogyň 1-nji sessiýasy «Merkezi Aziýada sirkulýar ykdysadyýet boýunça milli öňegidişlikler» atly tema bilen geçirilip, onda çykyş edenler öz ýurtlarynda sirkulýar ykdysadyýete geçmekde gazanylan öňdebaryjy tejribeler we geljekde «ýaşyl ykdysadyýet» ýörelgesini durmuşa ornaşdyrmakda öňde goýlan strategik maksatnamalar barada giňişleýin maglumat berdiler. 

10.04.2026
1 2 3 4 5 6 7 ... 80