Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe
31.03.2026

Türkmenistanyň Mejlisiniň Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky komitetiniň başlygy B.Myradowanyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýyly: häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny» atly maslahatda eden çykyşy:

Выступление председателя Комитета Меджлиса Туркменистана по науке, образованию, культуре и молодёжной политике Б.Мырадовой на конференции «Независимый нейтральный Туркменистан – Родина целеустремлённых крылатых скакунов»: роль женщин в современном обществе»:

Speech by B. Myradova, Chairperson of the Committee for Science, Education, Culture and Youth Policy of the Mejlis of Turkmenistan, at the conference entitled «Independent Neutral Turkmenistan – the homeland of purposeful winged horses»: the role of women in modern society»:

 

– Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda zenanlarymyzyň asuda, abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy, mynasyp nesilleri terbiýeläp ýetişdirmegi üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Bu gün ýurdumyzda zenanlar hakynda alada etmek, olaryň jemgyýetde tutýan ornuny has-da ýokarlandyrmak, döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar.

Häzirki zaman zenany — bu başarjaň ýolbaşçy, diplomat we syýasatçy, lukman, alym, mugallym, inžener, ykdysatçy, telekeçi. Zenanlar diňe bir maşgala ojagynyň mukaddesligi däl-de, eýsem, döwlet we jemgyýetçilik işlerinde netijeli zähmet çekip, ýurduň ösüşine saldamly goşant goşýarlar. Olaryň döwletimiziň hukuk binýadyny kämilleşdirmäge, halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge goşýan goşandy örän uludyr. 

Ýurdumyzda zenanlaryň döwlet dolandyryşynda, ylym-bilimde, saglygy goraýyşda, medeniýetde, sportda, telekeçilikde we beýleki pudaklarda geçirilýän işlere deňhukukly gatnaşmagy üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Eneligi we çagalygy goramak, maşgala mukaddesligini aýawly saklamak hem-de zenan mertebesini belentde tutmak boýunça giň gerimli döwlet maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu ugurda kanunçylyk binýadynyň kämilleşdirilmegine, halkara hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna uly ähmiýet berilýär. 

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Zähmet, Maşgala, Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda, Jenaýat, Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodekslerinde we beýleki kanunlarynda gender deňliginiň hukuk esaslary, zenanlaryň hukuklary babatynda birnäçe durmuş kadalary hem-de ýeňillikleri göz öňünde tutulýar.

Türkmenistanyň milli hukuk ulgamy erkekleriň we zenanlaryň deň hukuklaryny üpjün edýän berk kepillikleri özünde jemleýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy jynsyna garamazdan, ähli raýatlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň deňdigini ykrar edýär. «Aýallaryň we erkekleriň deň hukuklarynyň we deň mümkinçilikleriniň üpjün edilmeginiň döwlet kepillikleri hakynda» Türkmenistanyň Kanuny durmuşyň ähli ulgamlarynda gender deňligini üpjün etmek üçin möhüm gurala öwrüldi. Mundan başga-da, syýasy, ykdysady, bilim we saglygy goraýyş ulgamlarynda anyk çäreleri we maksatlary kesgitleýän gender deňligi boýunça Hereketleriň milli meýilnamalary işlenilip taýýarlanylýar we durmuşa geçirilýär.

Halkymyzda «Ene süýdi bilen giren edep, gursaga hemişelik ornaşar» diýen pähimli söz bar. Bu pähimli jümle terbiýäniň gözbaşynyň maşgaladygyny, esasan hem, enäniň çaganyň beden, ruhy we ahlak taýdan ösmegini, umumy orta bilim almagyny üpjün etmek bilen, mynasyp terbiýeläp, kemala gelmegindäki tutýan ornunyň örän uludygyny delillendirýär. 

Gahryman Arkadagymyzyň çuňňur garaýyşlara esaslanýan «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly ajaýyp kitabynda şeýle setirler bar: «Türkmen maşgalasynda edep-ekramy, asyllylygy, mähremligi bilen ýaşlar üçin görelde bolýan käbelerimiz tükeniksiz döwletiň — döwletliligiň eýesidir». Bu parasatly sözlerde çuňňur many-mazmun bar. Çünki eneler nesilden-nesle geçip gelýän milli ruhy gymmatlyklarymyzy sünnäläp, geljekki nesillerimize ýetirýän, akylly-başly, sagdyn nesli kemala getirýän mähribanlarymyzdyr.

 

Под мудрым руководством нашего Героя Аркадага и  уважаемого Президента Аркадаглы Героя Сердара наша страна создаёт широкие возможности для мирной, благополучной и счастливой жизни женщин и воспитания достойного поколения. Сегодня забота о женщинах, дальнейшее укрепление их роли в обществе являются одним из приоритетных направлений государственной политики.

Современная женщина – это успешный руководитель, дипломат и политик, врач, учёный, преподаватель, инженер, экономист, предприниматель… Женщины являются не только святыней семейного очага, но и принимают активное участие в государственной и общественной деятельности, в частности, в структурах органов исполнительной власти, вносят значительный вклад в развитие страны. Их вклад в совершенствование правовой базы государства, развитие международного сотрудничества огромен.

В стране созданы все условия для равноправного участия женщин в государственном управлении, науке и образовании, здравоохранении, культуре, спорте, бизнесе, а также в других сферах деятельности. Успешно реализуются масштабные государственные программы по защите материнства и детства, сохранению святости  семьи и почитанию достоинства женщин. Большое значение придаётся совершенствованию законодательной базы, укреплению международного сотрудничества в этой области.

В этой связи Трудовой, Семейный кодексы, Кодекс о социальной защите населения Туркменистана, Уголовный кодекс, Кодекс об административных правонарушениях и другие законы предусматривают правовые основы гендерного равенства и ряд социальных норм и льгот, касающихся прав женщин.

Национальная правовая система Туркменистана включает в себя надёжные гарантии, обеспечивающие равные права мужчин и женщин. Основной Закон страны -  Конституция Туркменистана признаёт равные права и свободы всех граждан независимо от пола. Закон Туркменистана «О государственных гарантиях обеспечения равных прав и равных возможностей для женщин и мужчин» стал основополагающим инструментом обеспечения гендерного равенства во всех сферах жизни. Кроме того, разрабатываются и реализуются Национальные планы действий по обеспечению гендерного равенства, которые определяют конкретные меры и цели в политической, экономической, образовательной и медицинской сферах.

У нас есть мудрая поговорка: «Воспитание, привитое с материнским молоком, навсегда остаётся в душе». Эта мудрая поговорка доказывает, что источником воспитания является семья, а огромную роль в физическом, духовном и нравственном развитии ребёнка, а также в получении им общего среднего образования, обеспечивая достойное воспитание, играет мать.

В замечательной книге «Поклонение матери – поклонение  святыне», основанной на глубоких взглядах, наш Герой-Аркадаг приводит следующие строки: «Наши матери, являющиеся примером для молодёжи в туркменской семье своей порядочностью, благородством и добротой, являются обладательницами неисчерпаемого государства – государственности». Эти мудрые слова имеют глубокий смысл и содержание, потому что наши любимые матери, которые  шлифуют наши национальные духовные ценности, передают их  из поколения в поколение и воспитывают мудрое и здоровое поколение

 

Under the wise leadership of our Hero Arkadag, our Esteemed President Arkadagly Hero Serdar our country is creating ample opportunities for women to live a peaceful, prosperous and happy life, and raise worthy generations. Today, caring for women in our country, further enhancing their role in society, is one of the priorities of state policy.

A modern woman is a successful leader, diplomat and politician, doctor, scientist, teacher, engineer, economist, and entrepreneur. Women not only protect the sanctity of the family home, but also work effectively in state and public affairs, making a significant contribution to the development of the country. Their contribution to improving the legal framework of the state and developing international cooperation is enormous.

In the country, all opportunities are created for women to participate equally in public administration, science and education, healthcare, culture, sports, business and other spheres of activity. Large-scale state programs are being successfully implemented to protect motherhood and childhood, preserve the sanctity of the family, and uphold the dignity of women. Great importance is attached to the improvement of the legislative framework and the strengthening of international cooperation in this area.

In this regard, the Labor, Family, Social Protection of the Population, Criminal, Administrative Offenses Codes of Turkmenistan, and other laws provide for the legal foundations of gender equality, a number of social norms and privileges regarding women's rights.

The national legal system of Turkmenistan includes strong guarantees that ensure equal rights for men and women. The Constitution of Turkmenistan recognizes the equal rights and freedoms of all citizens, regardless of gender. The Law of Turkmenistan «On State Guarantees of Ensuring Equal Rights and Equal Opportunities for Women and Men» has become an important tool for ensuring gender equality in all spheres of life. In addition, National Action Plans on Gender Equality are being developed and implemented, which set out specific measures and goals in the political, economic, educational and health sectors.

There is a wise saying in our people: «Ethics that enter with mother's milk will remain in the heart forever». This wise saying proves that the source of upbringing is the family, and in particular, the great role that the mother plays in the physical, spiritual, and moral development of the child, as well as in ensuring that the child receives a general secondary education, and in providing a worthy upbringing and development.

In the wonderful book of our Hero Arkadag «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym», based on deep insights, contains the following lines: «Our mothers, who serve as role models for the youth in the Turkmen family with their decency, nobility, and kindness, are the owners of an inexhaustible state — statehood». These wise words have a deep meaning and content. Because mothers are our beloved ones who instill our national spiritual values, passed down from generation to generation, and pass them on to future generations, raising a wise, healthy generation.