Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Çärjew etrabynyň Boýrabap geňeşliginiň Hojamiresen obasynyň N.Hasanow, K.Muradowa, Jeýhun, Watan, Günorta, Kenarýaka köçeleriniň we Boýrabap geňeşliginiň Baýdakçy, Galkynyş, Adak, Petdeli, Gaýmakçy obalarynyň, Hojaili geňeşliginiň hem-de Saýat etrabynyň Sakar şäheriniň Altyn asyr, N.Hakberdiýew, Görelde, Azatlyk, S.Seýdi, Lebaby, Begişow, B.Ilamanow, Agzybirlik, Mollanepes, Mollaýazy, K.Şaýmanow, I.Joraýew, Lebap, Hasylçy, Günbatar, Daýhan köçeleriniň, Çaltut şäherçesiniň, Çarbagdepe, Jeňňel, Garamahmyt geňeşlikleriniň çäklerini öz içine alýar.
Toýly Allanazarowiç Rozyýew 1982-nji ýylyň 25-nji awgustynda Lebap welaýatynyň Kerki etrabynyň Astanababa geňeşliginde doguldy. Milleti türkmen.
1989-1998-nji ýyllarda Lebap welaýatynyň Kerki etrabynyň 28-nji orta mekdebinde okady.
2000-2001-nji ýyllarda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Agrotelekeçilik merkeziniň iýmit önümleriniň hilini barlamak hünäri boýunça diňleýjisi boldy.
2002-2004-nji ýyllarda harby gullukda boldy.
2006-njy ýylyň fewral-awgust aýlarynda Lebap welaýatynyň Kerki etrabynyň çörek kärhanasynyň laborant-himigi wezipesinde işledi.
2006-2011-nji ýyllarda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde okap, ony hukukçy hünäri boýunça tamamlady.
2011-2012-nji ýyllarda Lebap welaýatynyň harby prokurorynyň tälim alyjy kömekçisi wezipesinde işledi.
2012-2014-nji ýyllarda Lebap welaýatynyň harby prokurorynyň kömekçisi wezipesinde işledi.
2014-2015-nji ýyllarda Balkan welaýatynyň harby prokurorynyň kömekçisi, uly kömekçisi wezipelerinde işledi.
2015-2016-njy ýyllarda Lebap welaýatynyň harby prokurorynyň kömekçisi wezipesinde işledi.
2016-2020-nji ýyllarda Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynyň prokurory wezipesinde işledi.
2020-2025-nji ýyllarda Ahal welaýatynyň harby prokurory wezipesinde işledi.
2025-2026-njy ýyllarda Aşgabat şäheriniň prokuraturasynyň Baş derňew bölüminiň ikinji bölüminiň prokurory wezipesinde işledi.
Türkmenistanyň Mejlisiniň VII çagyrylyşynyň deputaty.
2026-njy ýylyň aprel aýyndan bäri Türkmenistanyň Mejlisiniň Adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak baradaky komitetiniň başlygy wezipesinde işleýär.
2021-nji ýylda «Garaşsyz Türkmenistanyň Watan goragçysy» atly ýubileý medaly bilen sylaglanyldy.
Maşgalaly, iki çagasy bar.
Raýatlar topary tarapyndan dalaşgärlige hödürlenildi.