Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Ýerli wekilçilikli häkimiýet we öz-özüňi dolandyryş edaralary bilen işlemek baradaky komiteti
Ak bugdaý etrabynyň Ýaşlyk şäherçesiniň, Burunojar, Sähra, Bereket, Ýaşyldepe geňeşlikleriniň hem-de Kaka etrabynyň Artyk, Gowşut, Gozgan, Kürengala, Mehinli geňeşlikleriniň çäklerini öz içine alýar.
Möwlam Öräýew
Möwlam Öräýew 1961-nji ýylyň 17-nji martynda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Gämi obasynda doguldy. Milleti türkmen.
1969 — 1979-njy ýyllarda Aşgabat şäherindäki 119-njy orta mekdepde okady.
1979 — 1984-nji ýyllarda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde okap, filolog, türkmen dili we edebiýaty mugallymy hünärine eýe boldy.
1984 — 1993-nji ýyllarda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky 17-nji orta mekdepde türkmen dili we edebiýaty mugallymy bolup işledi.
1993-nji ýylyň fewral aýyndan bäri Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky 17-nji orta mekdebiň müdiri wezipesinde işleýär.
Türkmenistanyň Mejlisiniň IV, V, VI, VII çagyrylyşlarynyň deputaty. Türkmenistanyň Mejlisiniň Ýerli wekilçilikli häkimiýet we öz-özüňi dolandyryş edaralary bilen işlemek baradaky komitetiniň agzasy.
1993-2024-nji ýyllarda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň 17-nji orta mekdebiniň müdiri wezipesinde işledi. 2024-nji ýylyň awgust aýyndan bäri Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň 17-nji orta mekdebiniň mugallymy bolup işleýär.
Maşgalaly, alty çagasy bar.
Türkmenistanyň Demokratik partiýasy tarapyndan dalaşgärlige hödürlenildi.