Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.
Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.
Mejlisde ministrliklerden we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryndan gelip gowşan teklipleriň esasynda döwletimizi durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly kanun taslamalaryny taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp barylýar.
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Merkezi Aziýa döwletleriniň IV parlamentara forumyna gatnaşmak üçin golaýda Täjigistan Respublikasynyň Duşenbe şäherinde iş saparynda boldy. Saparyň çäklerinde Täjigistan Respublikasynyň parlamentiniň ýolbaşçylary bilen duşuşyklar geçirildi. Olarda Türkmenistan bilen dostlukly ýurduň arasynda deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, medeni-ynsanperwer, ulag-üstaşyr ulgamlarda we beýleki ugurlarda yzygiderli ösdürilýändigi, olary giňeltmäge gyzyklanma bildirilýändigi nygtaldy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň hukuk binýadyny berkitmek, kanunçylyk işini kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegiň möhümdigini belledi.