Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Darganata etrabynyň Darganata, Gazojak şäherleriniň, Lebap şäherçesiniň, Çarwadar, Hojalyk, Magtymguly, Sediwer geňeşlikleriniň we Lebap geňeşliginiň Sakararyk obasynyň çäklerini öz içine alýar.
Aýbölek Begmuradowna Mamedowa 1990-njy ýylyň 9-njy noýabrynda Lebap welaýatynyň Garabekewül etrabynyň Garabekewül şäherinde doguldy. Milleti türkmen.
1997-2006-njy ýyllarda Lebap welaýatynyň Garabekewül etrabynyň 9-njy orta mekdebinde okady.
2006-2007-nji ýyllarda Lebap welaýatynyň Garabekewül etrabynyň «Täzedurmuş» daýhan birleşiginiň maldarçylyk hojalygynda sagymçy bolup işledi.
2007-2013-nji ýyllarda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde okap, ony gigiýenaçy, epidemiolog, sanitar lukman hünäri boýunça tamamlady.
2013-2014-nji ýyllarda Lebap welaýatynyň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynda intern lukman wezipesinde işledi.
2014-nji ýylyň awgust-noýabr aýlarynda Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek bölüminiň epidemiolog lukmany, soňra Lebap welaýatynyň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek bölüminiň epidemiolog lukmany wezipelerinde işledi.
2014-2019-njy ýyllarda Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek bölüminiň epidemiolog lukmany wezipesinde işledi.
2019-2023-nji ýyllarda Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň zähmet-gigiýena bölümçesiniň sanitariýa lukmany wezipesinde işledi.
2023-nji ýylyň maý aýyndan bäri Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň zähmet-gigiýena bölümçesiniň müdiri wezipesinde işleýär.
Türkmenistanyň Mejlisiniň VII çagyrylyşynyň deputaty. Mejlisiň Durmuş syýasaty baradaky komitetiniň agzasy.
Maşgalaly, iki çagasy bar.
Türkmenistanyň Demokratik partiýasy tarapyndan dalaşgärlige hödürlenildi.