Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Ýerli wekilçilikli häkimiýet we öz-özüňi dolandyryş edaralary bilen işlemek baradaky komiteti
Ýolöten etrabynyň Ýolöten şäheriniň demirgazyk-gündogar böleginiň araçäginiň Murgap derýasy bilen birikýän ýerinden başlap, Gorkut ata, Saryhan, Gurt Gaýypow köçeleriniň günbatar-günorta böleginiň hem-de Ýolöten etrabynyň Garaköl, Gambarbaba, Hüjüm, Soltanbent, Arkadag, Ýokary Suhty, Rahat geňeşlikleriniň we Akgüzer geňeşliginiň Akgüzer, Bozýatan obalarynyň araçäklerini öz içine alýar .
Ali Muradowiç Rahmedow 1985-nji ýylyň 14-nji aprelinde Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň Ýolöten şäherinde doguldy. Milleti türkmen.
1992 — 2001-nji ýyllarda Ýolöten etrabyndaky 1-nji orta mekdepde okady.
2001 — 2003-nji ýyllarda Türkmenistanyň «Halkbank» döwlet täjirçilik bankynyň Ýolöten şahamçasynyň sakçysy bolup işledi.
2003 — 2005-nji ýyllarda harby gullukda boldy.
2006-2007-nji ýyllarda Aşgabat şäher häkimliginiň «Aşgabatýolgurluşyk» trestiniň ýol tehnikasy boýunça ikinji derejeli slesary bolup işledi.
2010 — 2015-nji ýyllarda Türkiýe Respublikasynyň Süleýman Demirel uniwersitetinde okap, ony zootehnik hünäri boýunça tamamlady.
2017-nji ýylda Mary şäherindäki «Ojar Aziýa» hususy kärhanasynyň gurluşyk meýdançasynda hünärmen, 2017-2018-nji ýyllarda Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Mary welaýat Oba hojalyk önümçilik birleşiginiň Ýolöten etrabyndaky «Döwletli» maldarçylyk hojalygynyň mehanigi bolup işledi.
2018—2020-nji ýyllarda Ýolöten etrabynyň Ýolöten şäher Geňeşiniň hünärmeni wezipesinde işledi.
2020—2024-nji ýyllarda Mary welaýatynyň Ýolöten etrap häkimliginiň işgärler we ýerli häkimiýet edaralarynyň işlerini utgaşdyrýan bölüminiň baş hünärmeni wezipesinde işledi.
2024-nji ýyldan bäri Mary welaýatynyň Ýolöten etrap häkimliginiň işgärler we ýerli häkimiýet edaralarynyň işlerini utgaşdyrýan bölüminiň müdiri wezipesinde işleýär.
Türkmenistanyň Mejlisiniň VII çagyrylyşynyň deputaty. Mejlisiň Ýerli wekilçilikli häkimiýet we öz-özüňi dolandyryş edaralary bilen işlemek baradaky komitetiniň agzasy.
Maşgalaly, üç çagasy bar.
Türkmenistanyň Demokratik partiýasy tarapyndan dalaşgärlige hödürlenildi.