Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak baradaky komiteti
Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky komiteti
Köýtendag etrabynyň Magdanly şäheriniň we Köýten geňeşliginiň Täzeçarwa, Bazar- depe, Leýlimekan, Mälik, Köýten, Hojaýpil obalarynyň çäklerini öz içine alýar.
Hatyça Muratowna Mustakowa
Hatyça Muratowna Mustakowa 1974-nji ýylyň 11-nji fewralynda Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde doguldy. Milleti türkmen.
1981 — 1991-nji ýyllarda Türkmenabat şäherindäki 30-njy orta mekdepde okady.
1991 — 1995-nji ýyllarda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda okap, ony taryh mugallymy hünäri boýunça tamamlady.
1995 — 1999-njy ýyllarda Türkmenabat şäheriniň «Miras» önümçilik kärhanasynyň iş dolandyryjysy wezipesinde işledi.
2000 — 2005-nji ýyllarda Türkmenabat şäherindäki 29-njy «Hazyna» çagalar bagynyň terbiýeçisi wezipesinde işledi. 2005 — 2007-nji ýyllarda Türkmenabat şäherindäki 39-njy «Ülker» çagalar bakja-bagynyň müdiriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji bolup işledi.
2007-2025-nji ýyllarda Türkmenabat şäherindäki 39-njy «Ülker» çagalar bakja-bagynyň müdiri wezipesinde işledi.
2023-nji ýylda Türkmenistanyň Mejlisiniň VII çagyrylyşynyň deputatlygyna saýlanyldy.
2025-2026-njy ýyllarda Türkmenistanyň Mejlisiniň Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky komitetiniň agzasy wezipesinde işledi.
2026-njy ýylyň mart aýyndan bäri Lebap welaýat Baş bilim müdirliginiň ýanyndaky döwlet umumybilim edaralarynyň mugallymlarynyň we mekdebe çenli çagalar edaralarynyň terbiýeçileriniň hünär derejesini ýokarlandyryş merkeziniň hünärmeni wezipesinde işleýär.
Mejlisiň Adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak baradaky komitetiniň agzasy.
Maşgalaly, iki çagasy bar.
Türkmenistanyň Demokratik partiýasy tarapyndan dalaşgärlige hödürlenildi.