Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Türkmengala etrabynyň Zähmet şäherçesiniň, Täzedünýä, Täzeýol, Gatlaly, Seýitnazar Seýdi adyndaky we Zähmet geňeşlikleriniň çäklerini öz içine alýar.
Akmuhammet Nurmuhammedowiç Bekmyradow 1992-nji ýylyň 26-njy martynda Mary welaýatynyň Türkmengala etrabynyň Türkmengala şäherinde doguldy. Milleti türkmen.
1998 — 2008-nji ýyllarda Türkmengala etrabyndaky 8-nji orta mekdepde okady.
2008 — 2012-nji ýyllarda Halkara türkmen-türk uniwersitetinde okap, ony awtomatlaşdyrylan ulgamlaryň we kompýuter tehnikasynyň programma üpjünçiligi hünäri boýunça tamamlady.
2012-2013-nji ýyllarda harby gullukda boldy.
2013 — 2016-njy ýyllarda «Marywelaýatagyzsuw» birleşiginiň Türkmengala etrabynyň 12-nji Abatlaýyş-ulanyş bölüminiň I-derejeli tehnigi bolup işledi.
2016-2017-nji ýyllarda Türkmengala etrabyndaky 13-nji orta mekdebiň informatika mugallymy bolup işledi.
2017-nji ýyldan bäri Mary welaýatynyň Türkmengala etrabyndaky daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 33-nji orta mekdebiň informatika mugallymy bolup işleýär.
Türkmenistanyň Mejlisiniň VII çagyrylyşynyň deputaty. Mejlisiň Kada-kanunçylyk baradaky komitetiniň agzasy.
Maşgalaly, iki çagasy bar.
Raýatlar topary tarapyndan dalaşgärlige hödürlenildi.