Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

Çykyşlar we makalalar

PEDERLERIMIZIŇ OŇYN ÝÖRELGESI

 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň her bir güni ýatdan çykmajak taryhy wakalara beslenýär. Munuň şeýledigine eziz Watanymyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda möhüm ähmiýetli wakalar bilen şöhratlanyp taryhyň gatlaryna altyn harplar bilen ýazylan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly hem şaýatlyk edýär. 

Güneşli Diýarymyzda şeýle ajaýyp ösüşleriň goýnunda Gahryman Arkadagymyzyň peder ýoluny dowamat-dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda her ýyly mynasyp at bilen atlandyrmak asylly däbe öwrüldi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden, jöwher paýhasyndan dörän «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly ajaýyp goşgusyndan gözbaş alyp, Türkmenistan döwletimiziň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «2025-nji ýyl —Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi we halkymyzdan gelip gowşan teklipler esasynda bu ýylymyzyň ady «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edildi. 

Bagtyýar halkymyz bu ýylda hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygyny halkara derejesinde baýram eder. Bu waka mynasybetli hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda we dünýä döwletlerinde birnäçe halkara çäreleri geçirmek hem meýilleşdirilýär. Toýlary toýlara ulaşýan Watanymyzyň halkara derejesindäki abraýy barha artýar. Ýurdumyz täze-täze ösüşlere eýe bolýar. 

Baky bagty peşgeş beren Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe daşary döwletler bilen hoşniýetli goňşuçylyk, birek-birege hormat goýmak, dost-doganlyk, rehimdarlyk, parahatçylyk söýüjilik, ynanyşmak, adalatlylyk, bir-biregi goldamak, ynsanperwerlik ýaly, asylly ýörelgelere eýerýän hormatly Prezidentimiziň dünýä ähmiýetli döwletli işleri üstünliklere beslensin! 

 

Merdan ORAZMEREDOW. 

TDEI-niň mugallymy, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

30.01.2025 Giňişleýin

ABADANÇYLYK WE DURNUKLY ÖSÜŞ ÝOLY BILEN

 

Tä­ze taryhy döwürde döwletimiziň dünýä bileleşigindäki ornuny has-da berkitmek, netijeli hyzmatdaşlyk, ynanyşmak we dostluk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatyny, umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny giň­den wagyz etmek hem-de dünýä ýaýmak, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny şöhratlandyrmak maksady bilen, giň gerimli işler amala aşyrylýar. 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi hem şu asylly maksatlar bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Parahatçylyk we ynanyşmak düşünjelerini şygar edinen ýyl üçin taýýarlanan degişli Konsepsiýada ýurdumyzyň halkara abraý-mertebesini ýokarlandyrmak, dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi pugtalandyrmak babatda milli we ählumumy derejedäki çäreler göz öňünde tutuldy. Olar BMG we beýleki iri halkara guramalar bilen bilelikde durmuşa geçiriler. Munuň özi ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasat ugrunyň, onuň halkara jemgyýetçilikdäki ornunyň nobatdaky ykrar edilmesi bolar.

Bilşimiz ýaly, Gahryman Arkadagymyz: «Garaşsyzlygyň ilkinji günlerinden Türkmenistan hemişelik Bitaraplygy döwlet-syýasy ül­ňüsi hökmünde seçip aldy. Bütin dünýäde ilkinji gezek Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilmek hormatyna mynasyp bolan türkmen Bitaraplygy hakykatdan hem gudratdyr» diýip nygtaýar. Konstitusiýanyň 2-nji maddasynda: «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy onuň içeri we daşary syýasatynyň esasy bolup durýar» diýlip bellenilýär. Munuň özi röwşen geljege mizemez ynamy hukuk taýdan kepillendirýär. «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda» Konstitusion kanun ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň jemgyýetde durnuklylygy, ylalaşygy pugtalandyrmaga, dünýä döwletleri bilen dostlukly, özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen içeri we daşary syýasatynyň hukuk esasy bolup hyzmat edýär. «Türkmenistanyň döwlet sylaglary hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolmagy bilen baglylykda, «Bitaraplyk» ordeni, «Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan», «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna» atly ýubileý medallary döredildi. 

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Türkmenistan dünýä döwletleri bilen parahatçylyk söýüjilikli, deň­hukukly, özara hormat goýmak ýörelgelerine eýerýän daşary syýasaty üstünlikli durmuşa geçirýär. Bilşimiz ýaly, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 1995-nji ýylyň 12-nji dekabryndaky hem-de 2015-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamalary döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny ykrar edýär we goldaýar. Şeýle hem bu hukuk ýagdaýyna hormat goýmaga we ony goldamaga, onuň Garaşsyzlygyna, özygtyýarlylygyna, çäk bitewüligine hormat goýmaga BMG-niň agzalary bolan döwletleri çagyrýar. Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygynyň bellenilýän ýylyny «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip atlandyrmak barada Türkmenistanyň başlangyjynyň biragyzdan goldanylmagy döwletimiziň halkara abraýynyň ýeten belent derejesini we dünýä ýurtlarynyň ýurdumyza bildiren uly ynamyny görkezýär. 

Türkmen Bitaraplygynyň umumadamzat üçin taryhy we syýasy ähmiýetini nazara almak bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy 12-nji dekabry «Halkara Bitaraplyk güni» diýip yglan etmek hakynda Kararnamany kabul etdi. Döwletimiziň BMGniň Baş Assambleýasynyň mejlisleriniň birnäçesiniň wise-başlyklygyna saýlanylmagy, Türkmenistanyň başlangyjy boýunça taryhy Kararnamalaryň 30-a golaýynyň kabul edilmegi Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmek, döwletleriň arasynda özara ynanyşmagy berkitmek, dünýä ýurtlaryny we halklaryny parahatçylyga, dost-doganlyga çagyrmak babatdaky köpugurly işleriniň aýdyň netijesidir. 

2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi we hemişelik Bitaraplygyň 30 ýyllygy mynasybetli döredilen guramaçylyk döwlet toparynyň işi Türkmenistanyň ygtybarly hyzmatdaşlary bolan döwletler we halkara guramalar bilen bilelikde ýylyň dowamynda göz öňünde tutulan halkara forumlaryň, maslahatlaryň, duşuşyklaryň we beýleki dabaralaryň ýokary derejede geçirilmegini gazanmakdan ybaratdyr. Hormatly Prezidentimiziň Permany bilen döredilen topara Türkmenistanyň Halk Maslahaty başlyklyk edýär. Onuň ilkinji mejlisinde Gahryman Arkadagymyzyň öň­de goýan wezipelerini ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalary, ýurdumyzyň syýasy partiýalary jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen bilelikde ilat arasynda bolup, wagyz-nesihat duşuşyklaryny geçirdiler. Döwletimiziň her bir raýatynyň watançylyk ruhuny ýokarlandyrmaga, ata Watanymyza bolan söýgini we buýsanjy artdyrmaga gönükdirilen maslahatlara ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda zähmet çekýän ildeşlerimiz, il sylagly ýaşulular, kümüş saçly eneler we ýaşlar gatnaşdylar. Olarda ýurdumyzyň kada-kanunçylyk işini kämilleşdirmek, parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgelerine daýanýan daşary syýasatymyzyň hukuk esaslaryny berkitmek boýunça görülýän çäreler, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ählihalk bähbitli möhüm wezipeleri çözmekde örän ýokary ähmiýete eýe bolan işleri barada gürrüň edildi. Häzirki wagtda bu işler ýurdumyzyň ähli künjeginde üstünlikli dowam etdirilýär. 

Garaşsyzlygymyz we hemişelik Bitaraplygymyz türkmen halky üçin mukaddeslikdir. Şo­ňa görä-de, berkarar döwletimiziň gazananlaryny gorap saklamak, geljek nesillere gadyr-gymmaty bilen ýetirmek biziň her birimiziň jana-jan borjumyzdyr. Şunuň bilen baglylykda, parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgelerini pugtalandyrmak, bu ugurda kanunçylygy berkitmek we kämilleşdirmek babatda watandaşlarymyzyň öňe sürýän tekliplerini öwrenmek örän wajypdyr. Ýerlerde geçirilýän duşuşyklar, wagyz-nesihat çäreleri şu jähetden hem ähmiýetli bolup durýar. 

Mähriban Watanymyzyň halkara abraýyny artdyrmak, halkymyzy eşretli durmuşda ýaşatmak ugrunda uly tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, ähli tutumly işleri mundan beýläk-de rowaç bolsun! 

 

Bahar SEÝIDOWA, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň Ylym, bilim, medeniýet

 we ýaşlar syýasaty baradaky komitetiniň başlygy

 

29.01.2025 Giňişleýin

GARABOGAZYŇ ISLEGLI KARBAMIDI

 

Arkadagly Gahryman Ser­da­ry­my­zyň ta­ry­hy çy­kyşla­ryn­da he­mi­şe nyg­taý­şy ýa­ly, Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap döw­le­ti­mi­ziň içe­ri hem­-de daşa­ry sy­ýa­sa­ty­ny wa­gyz et­mekde, jem­gy­ýe­ti­mi­ziň de­mok­ratik kadalary­ny we hal­ky­my­zyň ag­zy­bir­li­gi­ni pug­ta­lan­dyr­makda sy­ýa­sy parti­ýa­lar­dyr jem­gyýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­na mö­hüm orun de­giş­li­dir. Biz hem pa­rasat­ly döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň öňü­miz­de go­ýan anyk wezipelerin­den ugur alyp, wa­gyz-ne­si­hat iş­le­ri ar­ka­ly ber­ka­rar Watanymyz­da dur­mu­şa ge­çiril­ýän öz­gert­me­ler sy­ýa­sa­tynyň düýp mazmu­ny­ny halk köp­çü­li­gi­ne dü­şün­dir­ýä­ris. Bu mö­hüm iş­de TDP-­niň we­la­ýat ko­mi­te­ti­niň dü­zü­min­dä­ki parti­ýa gu­ra­ma­la­ry­nyň 780­-den gowra­gy iş alyp bar­ýar. Olar ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň içe­ri we da­şa­ry syýa­sa­ty­ny wa­gyz et­mek bi­len hem çäk­len­män, mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň dür­li pu­dak­la­ryn­da, me­de­ni­-dur­muş ul­gam­la­ryn­da ha­lal zäh­met çe­kip, ýo­ka­ry üs­tün­lik­le­ri ga­zan­ma­gyň höt­de­sin­den gelýär­ler. Ga­ra­bo­gaz şäher­çe­sindä­ki «Ga­ra­bo­gaz­kar­ba­mid» za­wo­dy hem mu­ňa anyk mysaldyr. Kär­ha­na­da içer­ki we da­şar­ky ba­zar­lar­da uly is­leg bil­di­ril­ýän, bäs­deş­li­ge ukyp­ly mi­ne­ral dö­kün bo­lan kar­ba­midiň önüm­çi­li­gi döw­rüň ösen ta­lap­la­ry­na la­ýyk de­re­je­de alnyp ba­ryl­ýar. Bu ýer­de ge­çen ýyl­ 1 mil­lion 201 müň ton­na go­laý kar­ba­mid dö­kü­ni taý­ýarla­nyl­dy hem-­de önüm­çi­li­giň ösüş dep­gi­ni 107 gö­te­ri­me çen­li ýo­kar­lan­dy. Ga­ra­bo­gaz­ly hi­mi­ýa­çy­lar Hal­ka­ra pa­ra­hatçy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly­na hem ynam­ly ga­dam bas­dy­lar. Şu ýy­lyň ýan­war aýyn­da bu ýer­de 70 müň ton­na karbamid taý­ýar­la­mak ba­ra­da­ky me­ýilna­ma möh­le­tin­den öň ar­ty­gy bi­len ýe­ri­ne ýe­ti­ril­di. 

Toplum döw­le­ti­miz­de mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­tiň ile­ri tu­tul­ýan ugurlarynyň bi­ri bo­lan hi­miýa se­na­ga­ty­ny ös­dür­mek­de yzy­gi­der­li ama­la aşy­ryl­ýan öz­gert­me­ler esa­syn­da guruldy. Onda 10 müň ton­na­lyk ammiak am­ma­ry, umu­my sy­gy­my 100 müň ton­na kar­ba­mi­de deň bo­lan am­mar­lar, de­ňiz su­wuny aras­sa­laý­jy we süý­je­di­ji des­ga, elekt­rik energiýa­sy­ny ön­dür­ýän kuw­wat­ly gaz­tur­bi­na ge­ne­ra­to­ry, ýa­şa­ýyş­-durmuş hem-­de me­de­ni mak­sat­ly desga­lar, şo­nuň ýa­ly­da, beý­le­ki önümçi­lik dü­züm­le­ri­niň birnä­çe­si bar. 

As­lyn­da, «Ga­ra­bo­gaz­karba­mid» za­wo­dy ýur­du­my­zyň hi­mi­ýa senaga­ty­nyň ýer­li çig mal se­riş­de­le­ri­ni gaý­ta­dan iş­le­mek ar­ka­ly alyn­ýan önümler bi­len mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­timi­ziň beý­le­ki pu­dak­la­ry­nyň zerurlyklary­ny do­ly üp­jün et­mek, şeý­le-­de şol önüm­le­riň da­şar­ky bazarla­ra ibe­ril­ýän möç­ber­le­ri­ni yzy­gi­der­li artdyr­mak ba­bat­da­ky wezipe­le­riň üs­tün­lik­li çö­zül­me­gin­de giň müm­kin­çi­lik­le­re eýe bo­lan kärha­na­dyr. Hä­zir­ki wagtda bu kär­ha­na­nyň ön­dür­ýän önü­mi­ne da­şar­ky ba­zar­lar­da, esa­san hem, Ýew­ro­pa ýurtla­ryn­da is­leg bar­ha art­ýar. Mu­nuň şeý­le­di­gi­ne Haza­ryň ma­wy gi­ňiş­lik­le­rin­den kär­ha­na­nyň de­ňiz duralgasyna ýü­züp gel­ýän, yzy üzül­me­ýän ýük gä­mi­le­ri­ni syn­la­nyň­da­-da ma­gat göz ýe­tir­ýär­siň. 

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň yzy­gi­der­li he­ma­ýat­-gol­dawla­ryn­dan ruh­lan­ýan «Türkmen­hi­mi­ýa» döw­let kon­serni­niň önüm­çi­lik dü­züm­le­ri öz ön­dür­ýän önüm­le­ri bi­len yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň beý­le­ki pu­dak­la­ry­nyň, esa­san hem, oba ho­ja­ly­gy­nyň ze­rur­lyk­lary­ny üp­jün et­me­gi baş mak­sat edin­ýär. Dün­ýä­niň ýo­ka­ry hil ül­ňü­le­ri­ne do­ly la­ýyk gel­ýän kar­ba­mid zawo­dy hem bu asyl­ly mak­sa­dyň my­rat tapma­gyn­da, ata Wa­ta­ny­my­zyň eks­port müm­kin­çi­lik­le­ri­ni art­dyr­mak­da my­na­syp or­ny eýe­le­ýär. Ola­ryň ge­çen ýyl ýur­du­my­zyň oba ho­ja­lykçy­la­ry­na sar­gyt­lar bo­ýun­ça ibe­ren kar­ba­mi­di­niň möç­be­ri 74 müň ton­na­dan hem köp bo­lup, içer­ki sarp ediji­le­riň is­leg­le­ri­ni do­ly ka­na­gat­landy­ryp­dyr. Kär­ha­na­da kar­bamid öndür­mek üçin esa­sy çig mal­la­ryň bi­ri bo­lan te­bi­gy gaz «Gün­do­gar­ –­ Gün­ba­tar» ma­gist­ral gaz ge­çi­ri­ji­sin­den alyn­ýar. 

Kär­ha­na ba­ra­da gi­ňiş­le­ýin gür­rüň et­me­gi­mi­ziň hem özü­ne ýe­te­si se­bä­bi bar. Çün­ki daş­ky gur­şa­wy go­rap sak­la­mak­da äh­li ze­rur­lyk­lar ýoka­ry de­re­je­de göz öňün­de tu­tu­lyp gur­lan bu uly kär­ha­na­da hä­zir­ki wagt­da öz işi­ne bir­kem­siz erk edýän dür­li kär­dä­ki ýer­li hü­när­men­le­riň bir müň­den gow­ra­gy ýo­ka­ry önümçi­lik gör­ke­zi­ji­le­ri­ni ga­zan­ma­gy başarýar. Ola­ryň 159­-sy­nyň Türk­me­nis­ta­nyň De­mok­ra­tik par­ti­ýa­sy­nyň ag­za­sy bol­ma­gy has-­da buý­san­dyr­ýar.

 Ge­çi­ril­ýän çä­re­le­riň her bi­ri ga­ra­bo­gaz­ly hi­mi­ýa­çy­la­ry tä­ze zähmet üs­tün­lik­le­ri­ne ruh­landyr­ýar. Top­ra­gyň äh­li gör­nüşle­ri we äh­li ekin­ler üçin giň­den ula­nyl­ýan kar­ba­mi­de bo­lan is­le­giň bar­ha art­ma­gy ýur­dumy­zyň yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty­nyň ýo­kar­lan­ma­gy­na uly go­şant goş­ýar. Kär­ha­na­nyň iş­çi-­hünär­men­le­ri­dir in­že­ner-­teh­ni­ki iş­gär­le­ri şeý­le kä­mil we ýo­kary kuw­wat­ly kär­ha­na­da ha­lal zäh­met çe­kip, ata Wa­ta­ny­myzyň yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty­nyň yzy­gi­der­li art­ma­gy­na ön­jeý­li go­şant goş­ma­ga dö­re­den mümkin­çi­lik­le­ri üçin Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­za al­kyş aýd­ýar­lar. 

 

Guwanç ÇENDIROW, 

TDP-niň Balkan welaýat komitetiniň başlygy, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

28.01.2025 Giňişleýin

TÜRKMENISTANYŇ BAŞLANGYJY BILEN: umumadamzat bähbitli tagallalara çagyryş

 

Berkarar Watanymyzyň her ýyly döwrüň belent ruhuna kybap gelýän şygar bilen dabaralandyrmak däbine eýerilip, 2025-nji ýyl «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edildi. 

Ýylyň şygaryndaky umumadamzat bähbitli gymmatlyklar onuň göze gelüwli nyşanynda hem aýdyň beýanyny tapýar. Gerdeninde Ýer şaryny göterip, ganat ýaýýan laçyn guşuň şekilini synlanyňda, Gahryman Arkadagymyzyň türkmen döwletliliginiň goşa ganatyna deňeýän Garaşsyzlyk hem-de Bitaraplyk ýaly naýbaşy gymmatlyklar hakyndaky pikirleri seriňe dolýar. Asmana sary ösüp oturan ýaşyl derek agajynyň şekili bolsa berklik, uzak ömürlilik, haýyr-sahawatlylyk ýaly häsiýetleri ýatladýar. Ata-babalarymyzyň kökleri asyrlaryň jümmüşine ornan asylly ýörelgelerinden güýç alýan kuwwatly döwletimiz hem hut derek agajy kimin ösüşiň täze belentliklerine ymtylýar. 

Garaşsyzlygy hem Bitaraplygy alamatlandyrýan baýdaklary ganatlary bilen penalap uçup barýan ak reňkli laçynyň şekiliniň, parahatçylyk söýüji ýurdumyzyň Bitaraplygynyň BMG tarapyndan iki gezek ykrar edilendigini aňladýan zeýtun baldajyklarynyň bolmagy oňa çuň manyly öwüşgin berýär. Nyşanda Gahryman Arkadagymyzyň nesihatlaryndan ugur alnyp, ýaşyl reňk mukaddes Garaşsyzlygymyzyň, gök reňk bolsa hemişelik Bitaraplygymyzyň alamaty hökmünde laçynyň bir ganaty ýaşyl reňkde, ikinjisi bolsa gök reňkde ýerine ýetirilipdir. 

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň nyşanynyň merkezinde ýaşyl Tugumyzyň hem-de BMG-niň baýdagynyň şekillendirilmegi ýurdumyzyň abraýly halkara gurama bilen oňyn hyzmatdaşlyga esaslanýan köpýyllyk dostlukly gatnaşyklaryndan habar berýär. 

Şu ýerde Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet guşy» romanynyň bölümleriniň «Ynam — güýç», «Ynam — söýgi», «Ynam — ganat» diýlip atlandyrylýandygyny ýatlaýarsyň. Hakykatdan-da, ynam ynsana güýç berýär, ýaşaýşa söýgi döredýär, arzuwlara ganat baglaýar. 

Ynamy bolan adamyň almajak galasy, geçmejek menzili, ýetip bilmejek maksady ýok. Ýöne güýç-kuwwatdan hem-de söýgüden ganatlanan ynsanyň durmuş ýolunda azaşmagy-da ähtimaldyr. Diýmek, abadan durmuşda ýaşamak üçin ynsanlara ynam bilen birlikde, has seýrek duş gelýän gymmatlyk — ynanyşmak hem zerurdyr. Çünki ynamdan tapawutlylykda, ynanyşmak diňe bir öz ynanýan hakykatyňa eýermegi däl-de, dünýä özgäniň gözi bilen garamagy hem, onuň ýagdaýyna düşünmegi hem göz öňünde tutýar.

Jemgyýetiň jebisligini, ýurt abadançylygyny berkarar eden döwletimiz täze taryhy döwürde bütin dünýäde asuda, parahat durmuşyň rowaçlanmagy ugrunda tagalla edýär. Diňe soňky ýyllarda  Türkmenistanyň öňe süren teklipleri esasynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan ählumumy parahatçylygy gazanmaga gönükdirilen «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly», «2023-nji ýyl —  Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly», «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamalaryň kabul edilmegi bu hakykaty tassyklamaga ýeterlikdir. 2025-nji ýylyň milli we halkara derejede dabaralandyrylýan parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgeleri Gahryman Arkadagymyzyň «Ösüş arkaly parahatçylyk», «Dialog — parahatçylygyň kepili» diýen belent şygarlara esaslanýan syýasy-filosofik garaýyşlaryndan, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly ajaýyp goşgusynda beýan edilýän pähim-paýhasly pikirlerden gözbaş alýar. 

27-nji ýanwar — Watan goragçylarynyň güni. Watan goragy mukaddes. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz «Mertler Watany beýgeldýär» eserinde Gökdepe söweşinde görkezen batyrlygy we edermenligi üçin halkyň hormat-sylagyna mynasyp bolan Anna serdary, 1941 — 1945-nji ýyllaryň Watançylyk urşunyň ýalynly ýyllarynda arza berip, Günbatarda gopýan aldym-berdimli söweş meýdanyna meýletinlik bilen giden atasy mugallym we gaýduwsyz esger Berdimuhamet Annaýewi hem-de çagalygyny şol galagoply ýyllara aldyran, 26 ýyldan gowrak wagtlap içeri işler edaralarynda gulluk edip, uly serkerdelige çenli şöhratly ýoly geçen kakasy Mälikguly Berdimuhamedowy hormat bilen ýatlaýar. Bu barada eserde: «Biziň maşgalamyz üçin gahrymanlaryň, watançylaryň tälim-terbiýe mekdebi hemişelik nusga. Bu her bir türkmen maşgalasy üçinem şeýledir diýip pikir edýärin» diýip, buýsanç bilen belleýär. 

Eziz Diýarymyzyň ähli babatda gülläp ösmegi, halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, dünýäde parahatçylygyň we abadançylygyň höküm sürmegi ugrunda ýadawsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, röwşen ömürleri uzak, mertebeli başlary belent bolsun, aýdyň maksatly dünýä nusgalyk beýik işleri uly rowaçlyklara beslensin.

 

Ýazpolat KERIÝEW, 

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýalar guramasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy, Mejlisiň deputaty.

24.01.2025 Giňişleýin

«Ömrüň manysy Watanyň parahatçylygynda»

 

Parahatçylyk ynanyşmakdan, agzybirlikden, hoşniýetli ýylgyryşlardan başlanýar. Ynsanyň uzak ömür sürmegi, sagdyn ýaşamagy üçin tämiz howanyň, arassa suwuň, ter önümleriň gerek bolşy ýaly, parahatçylyk hem zerurdyr. Çünki parahatçylyk bolan ýerde ýaşaýyş bar, gülleýiş bar. Şonuň üçin-de parahat durmuşy wagyz etmek her bir ynsanyň borjudyr. Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylmagyny we ýylyň nyşanynyň many-mazmunyny ilat arasynda wagyz etmek maksady bilen 15-16-njy ýanwarda Ahal welaýatynyň Bäherden, Gökdepe, Kaka, Ak bugdaý, Babadaýhan, Tejen we Sarahs etraplarynda wagyz-nesihat duşuşyklary geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Mejlisiniň Ýerli wekilçilikli häkimiýet we öz-özüňi dolandyryş edaralary bilen işleşmek baradaky komitetiniň başlygy Maksatberdi Gurbanow, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň başlygy Maral Açilowa, «Edebiýat we sungat» gazetiniň baş redaktory Ogulmaýsa Allaberdiýewa, şeýle-de il sylagly ýaşulular, mährem eneler, edara-kärhanalaryň işgärleri, daýhanlar we işjeň ýaşlar gatnaşdylar. Biz hem wagyz-nesihat duşuşyklarynda çykyş eden ildeşlerimiziň käbiriniň çykyşlaryny okyjylara ýetirmegi makul bildik.

Maksatberdi GURBANOW, Türkmenistanyň Mejlisiniň Ýerli wekilçilikli häkimiýet we öz-özüňi dolandyryş edaralary bilen işleşmek baradaky komitetiniň başlygy: 

— Gahryman Arkadagymyz «Garaşsyzlyga guwanmak, Watany, halky söýmek bagtdyr» atly kitabynda: «Bütin dünýäde ilkinji gezek Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilmek hormatyna mynasyp bolan Türkmen Bitaraplygy, hakykatdan hem, gudratdyr» diýip belleýär. 2025-nji ýylyň şygarynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň ählumumy parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmek, döwletleriň arasynda özara ynanyşmagy berkitmek, dünýä ýurtlaryny we halklaryny dost-doganlyga çagyryş baradaky asylly maksatlary öz beýanyny tapýar. Konstitusiýamyzda: «Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy onuň içeri we daşary syýasatynyň esasy bolup durýar» diýip beýan edilmegi, «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda» Türkmenistanyň konstitusion kanunynyň kabul edilmegi, «Bitaraplyk» ordeniniň, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan», «Bitarap Türkmenistanyň 25 ýyllygyna» atly ýubileý medallarynyň döredilmegi bu syýasatyň wajyp ähmiýetinden habar berýär. 

Bitaraplyk syýasaty hormatly Prezidentimiziň üçünji müňýyllygyň möhüm maksatlaryna — deňhukuklylyk we birek-birege hormat goýmak esasynda ählumumy parahatçylyga we durnukly ösüşe, syýasy, ykdysady we medeni hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, medeniýetleriň sazlaşykly utgaşmagyny gazanmaga gönükdirilen döwlet syýasatynyň binýatlaýyn esaslarydyr. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylymyz bolsa bu ugurdan amala aşyrylýan işlere täze badalga berer. Çünki parahatçylyk — tutuş dünýä ynsanlarynyň ymtylýan gymmatlygy. Ynanyşmak bolsa şol gymmatlygyň hemme ynsanlaryň durmuşyna ornaşmagyna barýan ýolda şamçyraga öwrüler. 

Halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy üçin ähli mümkinçilikleri döredýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, beýik tutumlary üstünliklere beslensin.

24.01.2025 Giňişleýin

MILLI MIRASYMYZYŇ HAKYDA GÖWHERI

 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata- babalarymyzdan gelýän döwletlilik ýörelgelerine aýratyn ähmiýet berlip, olaryň barha rowaçlanmagy ugrunda taýsyz tagallalar edilýär. Munuň şeýledigini türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly täze kitabyny halkymyza sowgat etmegi doly tassyklaýar.

Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly ajaýyp kitaby — biziň üçin örän gymmatly serpaý. Bu kitabyň sahypalaryndaky türkmeniň taryhy, guran döwletleri hakyndaky pikir ýöretmeler, täze maglumatlar alymlaryň subut eden pikirleri bilen doldurylan. Bilşimiz ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň türkmeniň taryhyny beýan edýän birnäçe kitaplary bar. Bu kitap bolsa şol maglumatlaryň özenini has baýlaşdyrýar. Türkmen we iňlis dillerinde çap edilen bu kitap dünýäde iňlis dilinde okaýan okyjylar üçin örän ähmiýetli bolar. Kitap girişden we iki bapdan ybarat bolup, onuň «Taryha syýahat» atly birinji babynda şöhratly taryhymyz, saklanyp galan taryhy medeni ýadygärliklerimiz hakynda beýan edilýär. Kitabyň «Ruhy miras» diýip atlandyrylan babynda bolsa halkymyzyň ruhy-medeni mirasynyň köp öwüşginli gymmatlyklary dogrusynda söz açylýar. Bu çuňňur many-mazmuna ýugrulan eserde halkymyzyň geçmişde guran beýik döwletleriniň dünýäniň medeni ösüşindäki orny, taryhy, medeni ýadygärliklerde geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde tapylan gymmatlyklar, binagärlikdäki ussatlyk aýratynlyklary barada taryhy maglumatlaryň we halk içinde saklanyp galan rowaýatlardyr tymsallaryň getirilmegi onuň gymmatyny has hem artdyrýar. 

Milli Liderimiziň täze kitabynda türkmeniň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň eserleriniň adamzada ýetiren täsiri, taryhymyzyň şöhratly sahypalary, medeniýetimiziň dünýä medeniýetine goşandy hem nygtalýar. Alym Arkadagymyzyň bu ajaýyp eseriniň «Ruhy miras» atly babynyň «Zehin aýdyňlygy — paýhas käni» atly bölüminde: «Özüňden beýgelip il bolunýar, iliňden beýgelip halk bolunýar, halkyňdan beýgelip dünýä bolunýar» diýip belleýär. Elbetde, milletiň ykbalam her döwürde-de onuň öňe çykaran beýik şahslarynyň, gerdeninde durýar. Beýik şahslar taryhyň daýanç sütünleridir. Bir halkyň ykbaly göterilende onuň öňbaşçysy dünýäniň ösüşine täsir edýän şahsyýete öwrülýär. 

Alym Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly beýik paýhasyndan tälim alyp, biz, bilim işgärleri geljekde milli gymmatlyklarymyzyň jümmüşine alyp gitjek baý edebi mirasymyzy ýaşlara giňden wagyz etmelidiris. 

Ynsanyň ruhy halypasy hasaplanýan kitaba belent sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyza, «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» diýýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan il- ýurt bähbitli işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

 

Ogulşad DURDYMEDOWA, 

Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty

23.01.2025 Giňişleýin

DÜR SÖZ BILEN DÜNÝÄ ÖZÜN ALDYRAN

 

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly täze kitabyny halkymyz uly ruhubelentlik bilen kabul etdi. Gymmaty egsilmejek eserde akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň türkmen halkynyň durmuşynda eýeleýän orny, dünýä edebiýatyna goşan uly goşandy giňişleýin açylyp görkezilýär. Şeýle hem kitap dana şahyra goýulýan uly hormatyň beýany bolup, onda şahyryň şahsyýeti beýik derejä göterilýär. Döwlet Baştutanymyzyň täze kitaby türkmen edebiýatynyň ruhy sütüni bolan şahyryň edebi ýörelgelerini dowamly wagyz-nesihat etmäge giň mümkinçilik döredýär. Bu edebi taglymat Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň akyldara goýýan hormatynyň, ynsanperwer ýörelgesiniň  esasynda hasyl bolýar. Hormatly Prezidentimiz: «Magtymguly Pyragy — beýik hormata mynasyp ussat. Ol öz eserlerine tutuş dünýäni we durmuşy siňdirip, adamzada söýgini sygdyryp bilen akyldardyr. Jemgyýetiň kämilligi üçin zerur bolan edep kadalary, gylyk-häsiýetleri, aýratynlyklary Pyragy ýaly çeper teswirläp bilen başga bir şahyr ýokdur diýip pikir edýärin» diýmek bilen, halkymyzyň ýürek sesini dünýä ýaýan ussada uly baha berýär. 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Magtymguly Pyragynyň edebi döredijiligi bilen gyzyklanýanlaryň, içgin öwrenýänleriň sany has-da artýar. Geçen ýylda akyldaryň doglan gününiň 300 ýyllyk toýy halkara derejede uly baýram edildi. Bular barada hem täze kitapda giňişleýin söhbet edilýär.

Türkmen halkynyň milli Garaşsyzlygynyň ruhy gönezligini ajaýyp şygyrlarynda beýan eden nusgawy şahyryna bolan söýgüsi çäksizdir. Gymmaty egsilmejek edebi eserleri miras goýan Magtymguly Pyragy bu gün ähli döwürleriň we köňülleriň şahyrydyr. Häzirki döwürde akyldaryň döredijiligi, onuň goşgularynyň mazmuny täze many öwüşginlerine eýe bolýar. Şahyryň ajaýyp goşgulary adamlaryň kalbynda giňden orun alyp, adamkärçiligiň, dost-doganlygyň, ynanyşmagyň, parahatçylygyň waspy bolup, watansöýüjilik duýgularynyň, edep-terbiýäniň belent nusgasy hökmünde 

baky ýaşaýar. 

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gymmatly kitaplarynyň höwrüniň köp, galamynyň has-da ýiti bolmagyny, täze kitaplary bilen elmydama halkymyzy begendirip durmagyny arzuw edýäris.

 

Wezirgeldi AŞYROW,

welaýat arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna 

garşy göreşmek gullugynyň başlygynyň orunbasary, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

23.01.2025 Giňişleýin

ŞAHYRYŇ SARPASYNY DÜNÝÄDE DABARALANDYRAN ESER

                                                                     

Hor­mat­ly­ Pre­zi­den­ti­mizSer­dar Berdimuhamedowyň­ «Magtymgu­ly­ —­ dün­ýä­niňakyl­da­ry»­ at­ly­ tä­ze­ ki­ta­bypä­him-paýha­sa­ ýug­ru­landür­dä­ne­ eser­le­ri­ umu­madam­zat­ gym­mat­ly­gy­na­ öwrü­len­ akyldar­ şa­hy­ry­my­zasöz­den­ di­ki­len­ heý­kel­ bolup,­ ol­ söz­ us­sa­dy­nyň dünýä­ de­re­je­sin­dä­ki­ ab­raý-merte­be­si­ni­ has-da­ beý­gelt­di.­ Uly­ ruhubelentlik,­ röw­şen gel­je­ge­ syn­maz­ ynam ­bi­lenga­dam­ basylan­ täze­ ýy­lyňil­kin­ji­ gün­le­rin­den­ bä­ri­ bu aja­ýyp­ ki­ta­byň­ tanyş­dy­rylyş­ dabaralary­ giň­ ge­rim­de we­ yzy­gi­der­li­ geçirilýär.­ Şugün­ler­ ýurdumyzyň­ we­laýat­la­ryn­da­ şeý­le­ da­ba­ra­lar ýo­ka­ry ruhu­be­lent­lik­de guralýar.­ Döw­let­ Baş­tu­ta­ny­my­zyň­ tä­ze­ kita­by­nyň­ Bal­kan­ we­la­ýa­tyn­da ge­çi­ri­len­ ta­nyş­dy­ry­lyş­ da­ba­ra­sy­na hem­ iş­jeň hä­si­ýet­ mah­sus ­bol­dy. Onda ­hal­ky­my­za­ aja­ýyp ­sow­gat bo­lan ­bu­ kita­byň­ ma­ny-maz­mun­ aýratyn­lyk­la­ry ­we­ äh­mi­ýe­ti hakyn­da­ giňişle­ýin ­hem-de­ buý­sanç­ly söhbet­le­re­ uly­ orun ­be­ril­di.­ 

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly kitabynyň iki ýylyň, ýagny «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyllarynyň sepgidinde halkymyza gowuşmagynyň özi çuňňur mana eýedir. Çünki parahatçylyk söýüjilik, birek-birege sarpa goýmak, agzybirlik ýaly döwletli ýörelgeleri ündeýän kämil pikir-garaýyşlar beýik şahyrymyzyň eserlerinden eriş-argaç bolup geçýär. Tamamlanan ýylyň dowamynda nusgawy edebiýatymyzyň görnükli wekili, umumadamzat şahyry hökmünde ykrar edilen beýik söz ussadynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli dünýäniň çar künjünde baý mazmunly, halkara derejeli çäreler biri-birine ulaşdy. Halkara jemgyýetçiligiň uly goldawy we gyzyklanmasy bilen gurşalyp, tutuş bir ýylyň bezegine öwrülen şol çäreler Gündogaryň beýik akyldarynyň dünýä dolan şan-şöhratyny, abraý-mertebesini ähli aýdyňlygy bilen görkezdi. Sebäbi Magtymguly Pyragy tutuş adamzat üçin hiç wagt gymmatyny ýitirmejek, watansöýüjiligi, belent ahlak gymmatlyklaryny, dost-doganlyk, birek-birege hormat-sarpa goýmak, goldaw-hemaýat etmek ýaly ynsanperwer ýörelgeleri wagyz-ündew edýän kämil şygyrlary miras goýdy. Beýik söz ussadynyň edebi mirasy döwürleriň hem-de siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygyny üpjün edýän, halklary we döwletleri jebisleşdirýän, dost-doganlygy, birek-birege ynanyşmagy berkidýän edebi köpri hökmünde dünýäniň ylmy jemgyýetçiliginde hemişe uly gyzyklanma döredip gelýär. 

Akyldar şahyryň tutuş döredijiliginiň özenini düzýän ynsanperwer ýörelgeler bu günki gün onuň arzuwlan berkarar döwletiniň — Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň parasatly içeri we daşary syýasatynyň esasynda durýar. Bu dünýäde ykrar edilen hakykatdyr. Ýurdumyzyň dünýäniň iri halkara guramasy bolan BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplygynyň düýp many-mazmuny, türkmen döwletiniň sebit we dünýä derejesinde alyp barýan belent ynsanperwer işleri muňa aýdyň mysaldyr. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň täze kitabynda şeýle aýdyň hakykatlar täzeçe many-mazmunda açylýar. Kitaby okap, olara has aýdyň, has giňişleýin göz ýetirýärsiň. Nesip bolsa, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň döwletli tutumlarynyň ata-babalarymyzdan gelýän asylly, ynsanperwer ýörelgeleri has-da pugtalandyryp, ýurdumyzyň her bir gününi täze rowaçlyklara beslejekdigine ynamyň artýar. 

Hormatly Prezidentimiziň «Magtymguly — dünýäniň akyldary» kitabynda Pyragynyň edebi mirasynyň gymmaty, pähim-paýhasa ýugrulan döredijiliginiň dünýä edebiýatyna, medeniýetine goşan ägirt uly goşandy, Ýer ýüzünde parahatçylygy, abadançylygy, dostdoganlygy pugtalandyrmakdaky, hoşniýetli gatnaşyklary ösdürmekdäki möhüm ähmiýeti barada söz açýan kämil pikir-garaýyşlar bilen birlikde, şahyryň doglan gününiň 300 ýyllyk ýubileý senesi mynasybetli 2024-nji ýylda geçirilen çäreler hem giňden beýan edilýär. Islendik okyja düşnükli, sada dilde we çeper beýan edilmegi şahyryň gymmatly edebi mirasynyň taryhy hyzmatlaryna mynasyp baha bermekde täze eseriň ähmiýetini artdyrýar. Kitapda getirilýän anyk maglumatlar, delillerdir mysallar okyjynyň öňünde türkmeniň akyldar şahyrynyň taryhy, jemgyýetçilik-syýasy, şeýle-de durmuşy we dörediji şahsyýet keşbini örboýuna galdyrýar. Şol bir wagtda, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň giň okyjylar köpçüligine niýetlenen täze eseriniň tutuş mazmunynda ruhy seždegähimiz Magtymguly Pyragynyň ynsanlaryň kalbyna melhem bolýan şygyrlarynyň asyrlar boýy türkmen jemgyýetiniň ruhy sagdynlygynyň, ahlak kämilliginiň gözbaşy, sarsmaz binýady bolup gelendigi nygtalýar. Hormatly Prezidentimiz akyldaryň gymmatly edebi mirasynyň häzirki döwürde dünýä jemgyýetçiliginiň ruhy-ahlak ösüşiniň ýokary göterilmegindäki mynasyp ornunyň barha giňelýändigine ünsi çekýär. Bulardan başga-da, sekiz bölümden ybarat täze eseri okanyňda, nusgawy şahyrymyzyň kämil şygyrlarynyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ruhy joşgunynyň ylham çeşmesidigine, döwletli tutumlaryň üstünliklere beslenmeginiň ruhlandyryjysydygyna, ýurduň nurana geljegi, Watanyň daýanjy hasaplanýan ýaş nesiller üçin görelde mekdebidigine ýene bir ýola göz ýetirip, buýsanjyň has-da artýar. 

Dür söz bilen dünýä özüni tanadan, sözleriň uzuna, dana paýhasa eýe bolan şygyrlary arkaly tutuş adamzady ýagşylyga, hoşniýetli gatnaşyklara, dostlukly hyzmatdaşlyga çagyran şahyryň edebi mirasynyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň taryhy tutumlarynda hem, asyl-ha, ähli döwürlerde-de halkymyzyň taýsyz ruhlandyryjy güýji boljakdygy mizemez hakykatdyr. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň şeýle buýsançly hakykaty nygtaýan täze eseri Magtymguly Pyragynyň belent hormat-sarpasynyň, gymmatly edebi mirasynyň dünýä derejesinde dabaralanmasydyr. Bu ajaýyp kitap agzybirligiň ündewçisi, parahatçylygyň şahyry bolan beýik söz ussadynyň türkmen paýhasyny özünde jemleýän kämil eserleriniň, ynsanperwer pikir-garaýyşlara ýugrulan çagyryşlarynyň täze taryhy döwürde Milli Liderimiziň we hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen dünýä ýaýylýandygyna-da tassyknamadyr. Ol Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny ylmy taýdan içgin öwrenmekde, Watana wepaly, ylymly-bilimli, maksada okgunly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmekde bahasyna ýetip bolmajak ruhy hazynadyr. Şeýle ajaýyp kitaplary halkymyza peşgeş berýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, dürdäne eserleriniň höwrüniň köp bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris. 

 

Gu­wanç­ ÇEN­DI­ROW, ­

Türk­me­nis­ta­nyňMag­tym­gu­ly­ adyndaky

Ýaş­lar­ gu­ra­ma­sy­nyň­ Bal­kan we­la­ýat­ ge­ňe­şi­niň ­baş­ly­gy,­ 

Mej­li­siň ­de­pu­ta­ty.

21.01.2025 Giňişleýin

ÝYLYMYZYŇ ŞYGARY — BELENT ÜSTÜNLIKLERE BADALGA

 

Maksat OTUZOW, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat geňeşiniň başlygy, Mejlisiň deputaty: — 

 

Üstümizdäki ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi pederlerimiziň iň ýokary ahlak gymmatlyklaryndan ugur alýan ýörelgeleriň daşary syýasatymyzyň özenini düzýändigini görkezýär. Şundan ugur alyp, Ýaşlar guramasynyň wekili, şeýle-de Mejlisiň deputaty hökmünde ýaşlarymyzyň arasynda şanly ýylymyzyň, hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygynyň ähmiýetini düşündirmek boýunça wagyz-nesihat çärelerini, duşuşyklary, bäsleşikleri, ýaryşlary geçireris. Bütin dünýäde parahatçylygy we ynanyşmak medeniýetini dünýä ýaýmak boýunça nusgalyk işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, döwletli tutumlary rowaç bolsun!

21.01.2025 Giňişleýin
1 ... 13 14 15 16 17 ... 81