Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

Çykyşlar we makalalar

DOSTLUK WE HOŞNIÝETLILIK ÝÖRELGELERINDEN UGUR ALYP

 

     Ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasat strategiýasy Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda has-da möhüm ähmiýete eýe bolýar. Türkmenistan hyzmatdaşlygyň ähli ugurlaryny, şol sanda parlamentara gatnaşyklary ösdürmekde giň gerimli işleri durmuşa geçirýär. Munuň özi Hytaý Halk Respublikasy bilen alnyp barylýan hoşniýetli hyzmatdaşlygyň mysalynda hem aýdyň ýüze çykýar. Türkmen - hytaý gatnaşyklary öz köküni gadymyýetden alyp gaýtmak bilen, häzirki wagtda täze many-mazmunda baýlaşdyrylýar. Golaýda Mejlisiň deputatlarynyň wekiliýetiniň Hytaý Halk Respublikasyna amala aşyran iş sapary hem iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirildi. Bu barada Türkmenistanyň wekiliýetiniň düzüminde bolan deputatlar şeýle gürrüň berýärler.

 

Ýusupguly EŞŞÄÝEW,

Türkmenistanyň Mejlisiniň Adam

hukuklaryny we azatlyklaryny goramak baradaky komitetiniň

başlygy:

 

— Türkmenistanyň Mejlisi  Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döredýän mümkinçilikleri, berýän hemaýat-goldawlary netijesinde, Birleşen Milletler Guramasynyň düzüm birlikleri, beýleki abraýly halkara guramalar, daşary döwletleriň parlamentleri bilen işjeň hyzmatdaşlygy alyp barýar. Mejlisiň Başlygynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Hytaý Halk Respublikasyna amala aşyran iş sapary hem kanun çykaryjylyk we parlament işinde tejribe alyşmak, türkmen-hytaý gatnaşyklaryny berkitmäge gönükdirilen wezipeleri ara alyp maslahatlaşmak babatda möhüm ähmiýete eýe boldy. 

     Saparyň dowamynda ýurdumyzyň parlamentiniň wekilleriniň Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygynyň orunbasary Han Çžen hem-de Ählihytaý ýygnagynyň Hemişelik komitetiniň ýolbaşçysy Çao Letzi bilen bolan duşuşyklarynda ýurtlarymyzyň arasynda özara bähbitlilige, ynanyşmaga we deňhukuklylyga esaslanýan gatnaşyklaryň ähli ugurlar boýunça ösdürilýändigi aýratyn nygtaldy. Mejlisiň Başlygy Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň, şeýle hem Baş Assambleýanyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilendigini aýtdy. Ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň üçünji gezek ykrar edilmeginiň döwletimiziň parahatçylyk söýüjilikli syýasatynyň dünýäde giň goldawa eýe bolýandygynyň ykrarydygy bellenilip, bu Kararnamalary goldandyklary üçin hytaý tarapyna hoşallyk bildirildi.

      Duşuşyklarda 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli dekabr aýynda Aşgabat şäherinde döwlet Baştutanlarynyň we halkara guramalaryň ýolbaşçylarynyň derejesinde geçiriljek foruma Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň baştutanlygyndaky wekiliýetiň gatnaşjakdygyna ynam bildirildi. Şonuň ýaly-da, iki halkyň bähbidine Hytaýyň «Bir guşak, bir ýol» başlangyjyny we Türkmenistanyň «Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek» strategiýasyny utgaşykly amala aşyrmak ugrunda tagalla edilýändigi nygtaldy. 

     Bellenilişi ýaly, ýurtlarymyzyň arasynda parlamentara gatnaşyklar yzygiderli ösdürilýär, iki döwletiň we halkyň özara dostluk, hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň binýadyny pugtalandyrmagyň özboluşly nusgasy kemala gelýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 2023-nji ýylyň ýanwarynda dostlukly ýurda bolan ilkinji döwlet sapary özara hyzmatdaşlygyň has-da işjeňleşmegine kuwwatly itergi berdi. Şol saparyň çäklerinde Arkadagly Gahryman Serdarymyz BMG-niň, beýleki abraýly halkara we sebit guramalarynyň ugry boýunça ýola goýlan gatnaşyklary dowam etdirmegiň, «Merkezi Aziýa — Hytaý» formatynda parlamentler derejesinde hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçiligini netijeli ulanmak, şeýle hem geljekde «Merkezi Aziýa — Hytaý» parlamentara geňeşini döretmek, «Türkmenistan — Hytaý: zenanlar we ýaşlar» bilelikdäki forumyny geçirmek baradaky teklipleri öňe sürüpdi. Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy esasynda 2023-nji ýylyň 16-18-nji noýabry aralygynda Mary şäherinde «Beýik Ýüpek ýolunyň täze eýýamy» atly Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň ýaşlarynyň forumy üstünlikli geçirildi.

 

Maksat KULYÝEW,

Türkmenistanyň Mejlisiniň Halkara we parlamentara aragatnaşyklar baradaky komitetiniň başlygy:

 

— Türkmen-hytaý gatnaşyklary hakda söz açylanda, 2023-nji ýylyň oktýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Hytaý Halk Respublikasyna amala aşyran iş saparynyň döwletara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine täze badalga berendigini hem bellemek gerek. 2024-nji ýylda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli açylan Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumynda hytaý halkynyň görnükli şahyry Du Funuň hem heýkeliniň oturdylmagy bolsa medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň rowaçlanýandygyndan aýdyň nyşan boldy. Türkmenistanly ýaşlar Hytaýyň abraýly ýokary okuw mekdeplerinde döwrebap bilim alýarlar. Şeýle hem ýurdumyzyň 

ýokary okuw mekdeplerinde hytaý dili öwredilýär. 

     2024-nji ýylyň dowamynda Türkmenistanyň Mejlisinde HHR-iň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komitetiniň başlygynyň orunbasary Hao Minsziniň, şeýle-de Halk syýasy konsultatiw geňeşiniň Ählihytaý komitetiniň başlygynyň orunbasary hanym Şen Ýueýueniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň agzalary bilen duşuşyklar geçirildi. Şu ýylyň 29-njy martynda bolsa Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň dört ýyllygy mynasybetli Arkadag şäherinde geçirilen «Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň hatyrasyna halkara işiniň ösüşi» atly halkara maslahata Hytaýyň Sun Sinlin adyndaky gaznasynyň başlygynyň orunbasary hanym Şen Beili gatnaşdy. Bu maslahatyň çäklerinde haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň hanym Şen Beili bilen geçiren duşuşygynda hemaýata mätäç çagalary goldamak boýunça hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

     Türkmen wekiliýetiniň ýakynda Hytaý Halk Respublikasyna amala aşyran iş sapary ýurtlarymyzyň arasynda ýola goýlan dostlukly we parlamentara gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilýändigini görkezýär. Türkmenistan we Hytaý bütin dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmekde uly işleri durmuşa geçirmek bilen, bu ugurda ählumumy başlangyçlary öňe sürýär. Munuň özi ýurtlarymyzyň ynsanperwer syýasatynyň ugurdaşdygyna şaýatlyk edýär. Iki dostlukly halkyň ykdysady we medeni hyzmatdaşlyk babatda toplan baý tejribesi döwletara gatnaşyklaryň geljekde-de üstünlikli ösdürilmegine badalga berýär. 

     Halkara hyzmatdaşlygy yzygiderli ilerletmekde giň mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza hem-de Gahryman Arkadagymyza uzak ömür, berk jan saglyk, Türkmenistanyň halkara abraýyny artdyrmak ugrunda amala aşyrýan beýik işlerinde üstünlik, mähriban Watanymyzyň gülläp ösmeginiň, halkymyzyň we bütin adamzadyň bagtyýar hem-de abadan durmuşynyň bähbidine ähli başlangyçlarynda mundan beýläk-de rowaçlyk arzuw edýäris.

27.05.2025 Giňişleýin

ÝAŞ NESIL — ÝAGTY GELJEGIMIZ

 

     Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen ýurdumyzda çagalaryň bagtly geljegini, kanun taýdan goraglylygyny üpjün etmäge gönükdirilen parasatly döwlet syýasaty alnyp barylýar. Her ýylyň 1­nji iýunynda güneşli Diýarymyzda Çagalary goramagyň halkara güni uly dabara bilen bellenilýär. Döwletimiz tarapyndan ýaş nesil barada edilýän aladalar ýurdumyzy bagtyýar çagalaryň mekanyna öwürdi. Çagalaryň beden we ruhy taýdan sazlaşykly ösmegi, durmuş üpjünçiligi we hukuk goraglylygy döwletiň hemişe üns merkezinde saklanylýar. 

     Esasy Kanunymyzda adamyň şahsy, syýasy­jemgyýetçilik, durmuş­ykdysady hukuklary beýan edilýär. Her bir adamyň ýaşamaga, erkin ömür sürmäge, saglygyny gorap saklamaga, bilim almaga we zähmet çekmäge bolan hukuklary bardyr. Konstitusiýamyzda maşgalanyň, eneligiň, atalygyň we çagalygyň döwletiň goragynda durýandygy, döwletiň ýaşlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň amala aşyrylmagy üçin şertleri döredýändigi we olaryň hemmetaraplaýyn ösüşine ýardam edýändigi kesgitlenendir. 

     Ýurdumyzda çaganyň hukuklaryny, azatlyklaryny we kanuny bähbitlerini goramak maksady bilen, 2014­nji ýylda «Çaganyň hukuklarynyň döwlet kepillikleri hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Onda 18 ýaşyna ýetmedik adam çaga hökmünde ykrar edilýär. Kanunda çaganyň özbaşdak şahsyýet hökmündäki hukuk ýagdaýy kesgitlenip, onuň doglan pursadyndan başlap, raýatlyga, millete, ada, familiýa we maşgala gatnaşyklaryna bolan hukugy döreýär. Şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň Karary bilen «Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2023 — 2028­nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy» tassyklandy. Ol çagalaryň saglyga, iýmite, howpsuz agyz suwuna we arassaçylyga, bilime, abadan daşky gurşawa, zorlukdan goraglylyga bolan hukuklaryny öz içine alýar. Meýilnamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde möhüm ähmiýete eýedir. 

     Çagalaryň hukuklary babatda Türkmenistan halkara guramalary bilen hem işjeň hyzmatdaşlyk edýär. BMG­niň Çagalar gaznasy — ÝUNISEF bilen 1994­nji ýyldan bäri işjeň hyzmatdaşlyk saklaýar. Häzirki wagtda ÝUNISEF­iň Aşgabatdaky wekilhanasy bilen 2025­nji ýylda ýerine ýetirilmeli işleriň anyk ugurlary kesgitlenip, bu ugurda uly işler alnyp barylýar. 

     Gahryman Arkadagymyz «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly eserinde: «Ähli döwürleriň hem­de döwletleriň iň arzyly maksady bolan haýyr­sahawatlylyk, ýagşylyk etmek däbi döwletimizde mukaddes ýörelgä öwrüldi» diýip belleýär. 2021­nji ýylda döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr­sahawat gaznasynyň alyp barýan ynsanperwer syýasaty halkymyzyň buýsanjyny artdyrdy. Gazna tarapyndan ýurdumyzda ençeme çagalaryň saglygy dikeldilip, olar deň­duşlarynyň hataryna goşuldy. Bu bolsa ýurdumyzda ynsan saglygyny, maşgala bitewüligini goramaga gönükdirilen haýyrly işleriň aýdyň subutnamasydyr.

     Çagalaryň ygtybarly goraglylygy ugrunda bimöçber aladalar edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem­de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwletli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

 

Jeren GYLYÇMYRADOWA, 

Türkmenistanyň Prezidentiniň 

ýanyndaky Döwlet gullugy 

akademiýasynyň diňleýjisi, 

Mejlisiň deputaty.

27.05.2025 Giňişleýin

TÜRKMENISTANYŇ KONSTITUSIÝASY: döwletimiziň ykdysady syýasatynyň esaslary

 

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň 2025-nji — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň möhüm wakalarynyň biri hökmünde Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni döwlet derejesinde bellenilip geçildi. Bu şanly sene Türkmenistanyň alyp barýan durmuş ugurly ykdysady syýasatynyň özeniniň adam hakyndaky aladadan ybaratdygyny aýdyň görkezdi.

 

     Ýurdumyzda üstünlikli durmuşa ornaşdyrylýan baş taglymatlarymyz bolan «Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe 

halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen şygarlarymyz esasynda ýurdumyzda durnukly ykdysady ösüş berkarar edilýär. Bu ugurda uly üstünlikleriň gazanylmagynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynda beýan edilen ykdysady kadalara aýratyn orun degişlidir.

    Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 134-nji maddasynda: «Türkmenistanyň ykdysadyýeti bazar gatnaşyklary ýörelgelerine esaslanýar. Döwlet telekeçiligi höweslendirýär we goldaýar, kiçi we orta işewürligiň ösmegine ýardam edýär» diýlip bellenilýär. Bu konstitusion kadalaryň üstünlikli durmuşa ornaşdyrylmagynyň netijesinde milli ykdysadyýetimiziň düzüminde hususy pudagyň orny ýylsaýyn ýokarlanýar. Esasy Kanunymyzyň 5-nji maddasynda: «Türkmenistan her bir adamyň durmuş taýdan goraglylygyny kepillendirýän döwletdir» diýen kada beýan edilendir. Bu kada, Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksi we beýleki kanunlar ýurdumyzyň ilatynyň durmuş üpjünçiligine bolan hukuklaryny durmuşa geçirmegiň möhüm hukuk kepili hökmünde çykyş edýär. 

     Konstitusiýamyzyň 12-nji maddasynda: «Eýeçilik eldegrilmesizdir. Türkmenistan ýere, önümçilik serişdelerine, gaýry maddy we intellektual gymmatlyklara hususy eýeçilik hukugyny ykrar edýär» diýlip kadalaşdyrylandyr. Bu kada bazar gatnaşyklarynyň esasy aýratynlygy bolan eýeçilik hukugyny kepillendirýär.

     Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 13-nji maddasynda: «Döwlet adamyň we jemgyýetiň bähbitlerine ykdysady işi düzgünleşdirmegi  amala aşyrýar, ähli halkyň abadanlygyna durnukly ösüşi üpjün edýär» diýlip beýan edilýär. Bazar ykdysadyýetinde hem döwletiň kadalaşdyryjy orny ykrar edilýär. Sebäbi, girdejileri paýlamak, adalatly salgyt ulgamyny ýola goýmak, ilatyň goragly bölegini durmuş üpjünçiligi bilen gurşap almak biziň ýurdumyzda adam hakda aladanyň ýokary derejesini alamatlandyrýar. 

     Esasy Kanunymyzyň 49-njy maddasynda: «Her bir adamyň zähmete, öz islegine görä hünär, kär we iş ýerini saýlap almaga, zähmetiň sagdyn we howpsuz şertlerine hukugy bardyr. Mejbury zähmet we çaga zähmetiniň ýaramaz görnüşleri gadagandyr. Hakyna durup işleýän adamlaryň öz çeken zähmetiniň möçberine we hiline laýyk gelýän hak almaga hukugy bardyr. Bu hakyň möçberi döwlet tarapyndan bellenilen iň pes zähmet hakynyň möçberinden az bolup bilmez» diýlip bellenendir. Bu kadalaryň beýan edilmegi Türkmenistanyň Halkara Zähmet Guramasynyň Konwensiýalarynyň esasy kadalarynyň milli kanunçylyga ornaşdyrylandygyna şaýatlyk edýär. 

     Elbetde, Türkmenistanyň Konstitusiýasy ilatyň hukuklaryny berkitmek bilen bir hatarda, belli borçlary hem girizýär. Mysal üçin, 59-njy maddada: «Her bir adam kanunda bellenen tertipde we möçberlerde salgytlary tölemäge we gaýry tölegleri amala aşyrmaga borçludyr» diýlip beýan edilen. Salgyt — döwlet işini maliýe taýdan üpjün etmek maksady bilen, döwlet tarapyndan bellenýän edara görnüşli we şahsy taraplardan alynýan, Türkmenistanyň Döwlet býujetine gelip gowuşýan hökmany, hususy muzdsuz tölegdir. 

     Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 137-nji maddasyndaky: «Türkmenistanyň býujet ulgamy Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň düzüm bölekleri bolan ähli derejedäki býujetleriň jeminden ybaratdyr. Türkmenistanyň býujet ulgamynyň düzülişiniň we işlemeginiň umumy ýörelgeleri, şeýle hem Türkmenistanda býujet işiniň we býujetara gatnaşyklarynyň esaslary kanun bilen kesgitlenýär» diýen kada bu ugurdaky kanunçylyga ýolgörkeziji bolup çykyş edýär. 

     Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň ykdysady ulgamy düzgünleşdirýän kadalary ýurdumyzda alnyp barylýan işleriň hukuk esasyny düzýär. Durmuş ugurly ykdysady syýasaty üstünlikli alyp barmak ugrunda nusgalyk işleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli döwletli tutumlary rowaç bolsun! 

 

Kerimguly GELDIÝEW,

Türkmenistanyň Mejlisiniň Halkara we 

parlamentara aragatnaşyklar baradaky komitetiniň agzasy.

23.05.2025 Giňişleýin

ÇAGALARYŇ BAGTYÝARLYGYNYŇ BÄHBIDINE

 

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesilleriň hemmetaraplaýyn alada bilen gurşalmagy Arkadagly 

Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän ynsanperwer döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Diýarymyzda ynsanperwer ýörelgelere esaslanýan ägirt uly işleriň rowaçlyklara beslenmeginde Milli Liderimiziň başlangyjy bilen esaslandyrylan Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyna möhüm orun degişlidir.

 

     Gaznanyň alyp barýan işiniň baş maksady çagalara ýardam bermek, olaryň hukuklaryny, bähbitlerini goramak boýunça maksatlaýyn, örän anyk maksatnamalary we taslamalary durmuşa geçirmäge, olaryň saglygy üçin ähli zerur zatlar bilen 

üpjün etmäge gönükdirilendir. Haýyr-sahawatlylyk, ejize arka durmak, mätäji goldamak türkmen halkynyň gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan asylly ýörelgeleridir. Garaşsyz ýurdumyzyň taryhynda ilkinji gezek ägirt uly haýyr-sahawat işlerini döwlet derejesinde yzygiderli alyp barmak babatda ýörite gaznanyň döredilmegi bilen, howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek, olaryň saglygyny goramaga, bilim-terbiýe almagyna, jemgyýetde öz ornuny tapmagyna ýardam etmek, mümkinçiligi çäkli çagalara sagaldyş-dikeldiş bejergilerini almagynda hemaýat bermek ýaly ynsanperwer işleriň gerimi has giňedi. Gazna indi halkara derejede hem haýyr-sahawatlylyk, ynsanperwerlik ýaly ýörelgeleri, ruhy gymmatlyklary ilerledip, halklaryň arasynda parahatçylygy, dost-doganlygy, abadançylygy berkitmäge-de öz goşandyny goşýan düzüme öwrüldi.

      Haýyr-sahawat gaznasy ýaş nesillere diňe bir sagaldyş-dikeldiş bejergilerinde ýardam bermek bilen çäklenmän, eýsem, olary döredijilige, sporta höweslendirmek, çagalaryň ukyp-başarnyklaryny, zehinini ýüze çykarmak babatda-da asylly işleri alyp barýar. Munuň özi haýyr-sahawat gaznasynyň işiniň giň gerimlidigini, belent maksatlara gönükdirilendigini görkezýär. 

    «Ýagşyny älem arzuwlar» diýlişi ýaly, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň mümkinçilikleri, alyp barýan netijeli işleriniň gerimi barha artýar, onuň ynsanperwer başlangyçlary halkara derejede ykrar edilip, gyzgyn goldaw tapýar. 

     Çagalar — durmuşyň gül-gunçalary, ynsan ömrüniň manysy, ýaşaýşyň dowamat-dowamlylygynyň nyşany. Çagalaryň bagtyýarlygy, geljegimiziň rowaçlygydyr. 

 

Aýgözel KUTLYÝEWA,

Türkmenistanyň Mejlisiniň 

deputaty.

22.05.2025 Giňişleýin

Bitaraplyk — Beýik Başlangyçlara badalga

 

     Bitaraplyk, berkararlyk we bagtyýarlyk ýaşaýşyň adamzada eçilen iň uly serpaýlarydyr. Ynsanyň parahat ýaşaýşy, jemgyýetiň we döwletiň ösüşi şu gymmatly düşünjeleriň esasynda amal bolýar. Türkmen Bitaraplygy halkymyzyň ynsanperwerliginiň we parahatçylyk söýüjilikli ýolunyň dünýä ykrar bolan nusgasydyr. Bu babatda Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly kitabynda: «Türkmen halky üçin Bitaraplyk parahat ýaşaýyşdan, erkin zähmetden, sagdyn gurşawdan ybarat bolan we adama söýgi döredýän ähli ýörelgeleri rowaçlandyrýan gymmatlyk» diýip, jaýdar belläp geçýär. 

     Şol paýhasly sözlerdenem görnüşi ýaly, Bitaraplyk adama we onuň ýaşaýşyna hormat goýmak ýörelgesini wagyz edýän gymmatlykdyr, adamyň zähmet çekmegi we maksadyna ýetmegi üçin döredilen mümkinçilikdir, ilatyň asuda ýaşaýşyny, abadan geljegini kepillendirýän taglymatdyr. 

     Garaşsyz döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy döwletiň içeri we daşary syýasatynyň esasynda durýan, türkmen jemgyýetini we döwletini birleşdiriji, jebisleşdiriji guraldyr, halkara tagallalary utgaşdyrmaga gönükdirilen güýçdür. Ol dünýäniň ähli ýurtlary, halklary we halkara guramalar bilen döwrebap gatnaşyklary alyp barmaga esas bolýan syýasy ýörelgedir. 

     Taryh üçin gysga döwürde Türkmenistan umumadamzat gymmatlyklaryna we demokratiýanyň ýörelgelerine eýermek, parahatçylygy üpjün etmek, Birleşen Milletler Guramasy hem-de beýleki halkara guramalar bilen ýakyn hyzmatdaşlykda bolup, bitaraplyk syýasatyny ýöretmek ýaly öz üstüne alan borçnamalaryny üstünlikli berjaý etmek bilen, dünýäde uly abraýdan peýdalanýar. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Birleşen Milletler  Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan ýurdumyzyň başlangyjy bilen «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň üçünji gezek biragyzdan kabul edilmegi bitaraplyk syýasatynyň türkmen nusgasynyň dabaralanýandygynyň aýdyň subutnamasy boldy. 

     Geçen ýyllara nazar aýlasak, hemişelik Bitaraplyk biziň döwletimize hem-de halkymyza köp üstünlikleri bagyş etdi. Aziýanyň merjen şäheri hasaplanylýan Aşgabat hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýylynyň dowamynda parahatçylygyň, ylalaşygyň we dostlugyň hakyky merkezine öwrüldi. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 2007-nji ýylda Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezini açmak baradaky çözgüdi kabul etmegi ählumumy parahatçylygy goldamakda dünýä bileleşiginiň başlangyçlaryny we maksatlaryny işjeň durmuşa geçirýän ýurt hökmünde Türkmenistanyň halkara derejedäki abraýyny has-da artdyrdy. 

     Halkymyz özüniň ýagty geljegini hemişelik Bitaraplygymyz bilen berk baglanyşdyrýar. Hemişelik Bitarap Türkmenistan bu gün syýasy, ykdysady, medeni we beýleki ugurlarda okgunly ösýän ýurt hökmünde tanalýar. 

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň geosyýasy we geoykdysady mümkinçilikleri parahatçylyk arkaly ösüşi gazanmagyň hatyrasyna gönükdirilýär. Biziň ýurdumyzda Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropa Bileleşigi, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Goşulyşmazlyk Hereketi ýaly dünýäniň abraýly guramalary bilen dürli ugurly hyzmatdaşlyklary pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berilýär. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy halkara gatnaşyklarda giň mümkinçilikleri açýar. Bu dereje döwletimize dünýäniň islendik ýurdy bilen hoşniýetli goňşuçylykly, parahatçylykly, dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýmaga ýardam berýär. 

     Parahatçylyk hem-de birek-birege bolan ynam häzirki zaman halkara gatnaşyklarynyň möhüm şertleridir. Bu ugurda Türkmenistan döwletimiz hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary bilen umumadamzat ähmiýetli işleri yzygiderli durmuşa geçirmegini dowam edýär. Döwletimiz tarapyndan öňe sürülýän teklipleriň hem-de başlangyçlaryň halklar we halkara guramalar tarapyndan goldanylmagy ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasynyň uly ykrarnama eýediginiň aýdyň subutnamasydyr. Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly», şeýle-de «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly Kararnamalaryň biragyzdan kabul edilmegi döwletimiziň halkara gatnaşyklary parahatçylykly ýol bilen ösdürmäge döredijilikli çemeleşýändiginiň, Bitaraplyk hukuk derejesini dünýä jemgyýetçiliginiň abadançylygyna we howpsuzlygyna gönükdirýändiginiň güwäsi boldy. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy dünýäde döreýän gapma-garşylyklary parahatçylyk we özara düşünişmek arkaly çözmäge eýerýän kämil syýasy tejribäniň nusgasy hökmünde uly meşhurlyga eýe bolýar. Türkmen Bitaraplygy halkymyzyň saýlan aýdyň we adalatly ýoludyr. 

     Adalatlylygy, ynsanperwerligi we dost-doganlygy mizemez durmuş ýörelgesine öwrüp, döwletimizi we halkymyzy ösüşli menzillere ynamly alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolup, tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Annabagt Maýewa,

welaýat Baş bilim müdirliginiň 

mekdebe çenli bilim, terbiýe we mekdepden 

daşary edaralar bölüminiň başlygy, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

22.05.2025 Giňişleýin

ASUDALYGYŇ WE ABADANÇYLYGYŇ KEPILI

 

     Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy berkarar döwletimiziň dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga uly goşant goşýandygynyň, şeýle­de sebitiň ýurtlary we dünýä döwletleri bilen parahatçylykly, dostlukly, özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmekde tutýan işjeň we oňyn ornunyň ykrarnamasydyr. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň we onuň oňyn tejribesiniň Milletler Bileleşigi derejesinde üçünji gezek ykrar edilmegi döwletimiziň parahatçylyk söýüjilikli başlangyçlarynyň dünýäde giň goldawa eýe bolýandygyna, türkmen Bitaraplygynyň parahatçylykly hyzmatdaşlygy, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny öňe sürýän ýörelgeleriniň üstünlikler bilen dabaralanýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär.

     Halkymyzyň parasatly ata­babalarymyzdan miras galan ruhy ýörelgeleri, ynsanperwer gymmatlyklary, demokratik kadalary we il agzybirligini pugtalandyrýan däpleri häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän paýhasly döwlet syýasatynda anyk beýan edilýär we döredijilikli ösdürilýär. Onuň esasy ugurlary parahatçylyk, durnuklylyk we ösüş bolmak bilen, esasy ýörelgeleri — ynsanperwerlige, adalatlylyga, ruhubelentlige we ynanyşmaga daýanýan özara bähbitli hyzmatdaşlykda jemlenýär. 

     Arkadagly Gahryman Serdarymyz durmuşa geçirýän syýasatyny Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň häsiýetine we mazmunyna laýyk gelýän paýhasly, öňdengörüjilikli taglymatlar we başlangyçlar bilen baýlaşdyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň döwlet syýasaty halkyň abadan, parahat we bagtly durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Bu syýasatda ylym­bilime, il saglygyna, milli medeniýete, şeýle hem bu ulgamlaryň yzygiderli ösdürilmegine aýratyn uly ähmiýet berilýär. Ata Watanymyzda höküm sürýän abadançylyk we durnuklylyk, bedew bady bilen ösýän ýurdumyzyň berkararlyk sütünleriniň barha kuwwatlanmagy, ilatyň ýaşaýyş­durmuş derejesiniň ýokarlanmagy — bularyň hemmesi hormatly Prezidentimiziň alyp barýan köptaraply we ylmy taýdan esaslandyrylan döwlet syýasatynyň aýdyň beýanydyr. Many­mazmunynyň çuňlugy jähtinden umumadamzat bähbitlerini öňe sürýän bu syýasat sebit we dünýä möçberlerinde doly ykrar edilýär.

     Türkmenistan Garaşsyzlygyny gazananyndan soň, parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik we adalatlylyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat ýoluny saýlap aldy. Bu ýol dünýä bileleşiginde giň goldaw tapdy. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy BMG­niň Baş Assambleýasy tarapyndan resmi taýdan ykrar edilen ilkinji döwletdir. Bu hukuk ýagdaýyndan gelip çykýan wezipeleri doly 

esasda durmuşa geçirmek bilen, Türkmenistan halkara guramalary bilen konstruktiw gepleşikleri yzygiderli alyp barýar, ösdürýär we dünýäniň ähli döwletleri bilen ynanyşmak arkaly dostlukly gatnaşyklary saklaýar. Deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlygy barha giňeldýär we çuňlaşdyrýar. Ählumumy we milli bähbitleri ileri tutýar, baglaşylan halkara ylalaşyklaryna wepalylygyny berk saklaýar we öz üstüne alan şertnamalaýyn borçnamalaryny gyşarnyksyz ýerine ýetirýär. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan «2025­nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip ykrar edilmegi muňa aýdyň şaýatlyk edýär. 

     Gahryman Arkadagymyz Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň dünýä döwletleri bilen dostlukly, özara düşünişmek we ynanyşmak arkaly hyzmatdaşlyk ýollaryny gurdy. Milli Liderimiziň deňsiz­taýsyz tagallalary siňdirilip gazanylan üstünlikli tejribeleri we mizemez ýoly Arkadagly Gahryman Serdarymyz ähli ugurlar boýunça halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak arkaly barha ösdürýär. Şeýlelikde, ýurdumyz halkara gatnaşyklarynyň işjeň agzasy hökmünde, parahatçylygy, ynanyşmagy, howpsuzlygy hem­de durnukly durmuş­ykdysady ösüşleri üpjün etmäge mynasyp goşant goşýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň Garaşsyz Türkmenistan döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmegiň çäklerinde, BMG­niň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde öňe sürýän oňyn başlangyçlarynyň halkara derejesinde ykrar edilýändigi biziň her birimizi buýsandyrýar. Watanymyza, Milli Liderimize, hormatly Prezidentimize bolan söýgimizi artdyrýar. Merdana türkmen halkynyň şeýle beýik duýgulara ýugrulan joşgunly ruhubelentligi Garaşsyz Diýarymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramyny mynasyp garşylamak ugrunda ähli ulgamlarda gazanylýan ýokary üstünliklerde hem aýdyň şöhlelenýär. 

 

Perman SAPAROW,

Türkmenistanyň Mejlisiniň Durmuş 

syýasaty baradaky komitetiniň 

baş hünärmeni.

22.05.2025 Giňişleýin

AZIÝANYŇ MERJENI

 

     Aziýanyň merjen şäheri hasaplanylýan Aşgabat şäherimiz binagärlik-gurluşyk, medeniýet, ekologiýa abadançylygy, adamlaryň ekologiýa abadançylygy,  adamlaryň  ýaşaýyş-durmuş şertleriniň kämilligi babatynda dünýä derejesinde  düýpli özgertmelere eýe bolýar. Asman bilen bäsleşip oturan belent ymaratlar paýtagtymyzyň görküni has-da gözelleşdirýär. Belemeli zatlaryň biri-de, 2020-nji ýylyň 1-nji maýynda gözel paýtagtymyzyň syýahatçylyk şäherleriniň Bütindünýä Federasiýasynyň agzalygyna kabul edilmegidir. Bu abraýly halkara guramasyna agza bolmagy şäherde dürli syýahatçylyk ugurlarynyň ösdürilmegine we ýaýbaňlandyrylmagyna uly mümkinçilikleri döredýär. Özüniň ajaýyp binagärlik aýratynlygy hem-de gaýtalanmajak gözelligi bilen 2023-nji ýylyň 31-nji oktýabrynda Bütindünýä şäherler gününde ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna  «Dizaýn» ugry boýunça resmi taýdan goşulmagy Aşgabadyň dünýädäki abraýyny has-da belende galdyrdy. 

     Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylymyzda Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagyna 144 ýyl dolýar. Bu şanly sene ýurdumyzyň ähli ýerlerinde, şol sanda biziň welaýatymyzda hem giňden bellenilýär.

     Bu ajaýyp baýram mynasybetli türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, bagtyýar watandaşlarymyzy tüýs ýürekden gutlaýarys. 

 

Merdan ORAZMEREDOW.

TDEI-niň mugallymy, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

 

 

22.05.2025 Giňişleýin

GÖZELLIGE BESLENÝÄN AŞGABAT

 

     Häzirki ajaýyp döwrümizde paýtagtymyzyň özgerýän gözel keşbi ýurdumyzyň beýik ösüşlere beslenýändiginden habar berýär. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny üstünlikli dowam edýän hormatly Prezidentimiziň tagallasynyň netijesinde binagärlik we gurluşyk pudagy hem mynasyp ösdürilýär. Häzirki wagtda paýtagtymyzda gurlup ulanmaga berilýän ýaşaýyş jaýlary halk bähbitli işleriň rowaçlanýandygyny aýdyň beýan edýär.Ýurdumyzda gurluşyk senagatyny ösdürmek, halk bähbitli medeni we durmuş desgalaryny gurup ulanmaga bermek esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Şunda bu möhüm ulgamyň okgunly ýokary göterilmegini, ýaşaýyş jaýlarynyň, durmuş we medeni ulgamynyň gurluşyklarynyň artdyrylmagyny şertlendirýär.

     Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30­ýyllygynyň bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hem eziz paýtagtymyz Aşgabat şäheri ajaýyp keşbe eýe bolýar. Mälim bolşy ýaly, «Arkadag» futbol toparynyň abraýly halkara ýaryşda gazanan pul baýragyny Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr sahawat gaznasyna geçirmek hakynda haýyşlary her bir ynsanda buýsanç döretdi. Bu serişdäni Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynyň täze binasynyň gurluşygyna gönükdirmek barada karara gelinmegi bolsa ähli ildeşlerimizi buýsandyrdy. Munuň özi röwşen geljegimiz bolan çagalarymyzyň aladasydyr.

     Ata Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30­ýyllygy mynasybetli guralýan dabaralarda hem ýurdumyzyň ösüşini, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny görmek bolýar. Eziz Diýarymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň bütin dünýä ýaň saljak şanly 30­ýyllygy mynasybetli durmuşa geçiriljek beýik işler, halkymyzy zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar.

 

Perman SAPAROW, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň Durmuş 

syýasaty baradaky komitetiniň baş 

hünärmeni.

21.05.2025 Giňişleýin

Фундамент общества и государства

 

     День Конституции и Государственного флага Туркменистана – знаменательная дата в нашей национальной истории. Она символизирует основополагающие  принципы  государства – независимость и постоянный нейтралитет, мир и единство, демократию и верховенство закона.

 

     Конституция Туркменистана была принята 18 мая 1992 года. В разные периоды в неё были внесены изменения и дополнения, обусловленные социально-экономическим, общественно-политическим и историческим развитием нашего государства и общества. Значение Конституции состоит в том, что она закрепляет основы конституционного 

строя Туркменистана, права, свободы и обязанности человека и гражданина, принципиальные направления деятельности органов государственной власти и местного самоуправления, а также определяет избирательную, экономическую и финансово-кредитную системы страны, отражает традиции и обычаи туркмен, общечеловеческие ценности. 

     Как Основной Закон Конституция является правовой основой системы национального законодательства и наделена высшей юридической силой. Это означает, что она обладает верховенством, и другие законы и правовые акты должны соответствовать её нормам. Конституционные нормы имеют учредительное, организационное и правоохранительное воздействие на общественные отношения. 

     Конституционные права и свободы – это основные и фундаментальные права и свободы человека. Следует отметить, что Туркменистан является участником многих универсальных международных договоров в области прав человека, в том числе Международного пакта о гражданских и политических правах, Международного пакта об экономических, социальных и культурных правах, Международной конвенции против всех форм расовой дискриминации, Конвенции о правах ребёнка, Конвенции о правах инвалидов, Конвенции о борьбе с дискриминацией в области образования, Конвенции о политических правах женщин, Конвенции о ликвидации всех форм дискриминации в отношении женщин, Конвенции о статусе 

беженцев и других. Статья 4 Основного Закона гласит, что 

в Туркменистане наивысшей ценностью общества и государства является человек. Защита, поддержка человека и служение ему являются главными задачами органов государственной власти. Государственная власть в Туркменистане является выразителем идеи общественного согласия и единения, призвана представлять и защищать взгляды и интересы различных слоёв гражданского общества.

     Уважаемый Президент Сердар Бердымухамедов на церемонии инаугурации в своём выступлении особо подчеркнул: «Моей главной обязанностью станет защита прав граждан, гарантированных Конституцией нашего государства». 

     Основываясь на Конституции и общепризнанных нормах международного права, в стране под руководством уважаемого Аркадаглы Героя Сердара обеспечиваются политические, экономические, правовые и организационные условия, необходимые для полной реализации прав и свобод человека, свободного и всестороннего развития личности. 

     В целях укрепления государственной системы гарантирования, обеспечения и защиты прав и свобод человека, выполнения международных обязательств страны в области прав человека, а также системного проведения соответствующей работы по активизации сотрудничества с международными организациями в гуманитарной сфере в стране успешно реализуется «Национальный план действий в области прав человека в Туркменистане на 2021–2025 годы». Этот документ представляет консолидированную программу, предусматривающую конкретные шаги по совершенствованию законодательства и правоприменительной практики, национальной системы защиты прав человека, а также по улучшению осведомлённости населения о правах человека и механизмах их защиты. Претворение в жизнь Национального плана позволит Туркменистану достичь новых успехов в укреплении государственных и общественных механизмов защиты прав человека, дальнейшем развитии гражданского общества на уровне общепризнанных международных стандартов. 

     В течение славного исторического прошлого наш народ с огромным уважением относился к своим главным государственным символам. Эти традиции и духовно нравственные принципы предков находят своё достойное продолжение. В эру Возрождения новой эпохи могущественного государства зелёный стяг Отчизны олицетворяет собой единство и сплочённость нашего народа, исторический путь предков, суверенитет и миролюбие современного Туркменского государства и духовный мир туркмен. Будучи главным символом независимости государства, Флаг Туркменистана гордо реет на флагштоке у штаб-квартиры ООН. Конституция и Государственный флаг Туркменистана – главные священные символы, олицетворяющие патриотизм, дружбу, сплочённость, успехи, достижения и единство народа, стремление страны к миру через устойчивое развитие.

 

 

Дженнет Овекова,

депутат Меджлиса Туркменистана, 

член Комитета Меджлиса Туркменистана 

по законодательству и его нормам.

 

20.05.2025 Giňişleýin
1 ... 15 16 17 18 19 ... 96