Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

Çykyşlar we makalalar

Ruhubelentlik we ýokary derejedäki taýýarlyk bilen

 

— Ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýete eýe bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň geçirilmegi halkymyzyň taryhy tejribesinden gaýdýan maslahatly, jebislikli ýol-ýörelgeleriň döwrebap derejede dowam etdirilýändiginiň subutnamasydyr. 

     Taryhy mejlisiň öňüsyrasynda ýurdumyzyň sebitlerinde geçirilýän wagyz-nesihat çäreleri hem halkymyzyň syýasy sowatlylygynyň ýokarlanmagyna, döwletimiziň içeri we daşary syýasatynyň ähmiýetiniň giňden wagyz edilmegine gönükdirilýär. Biz welaýatymyzyň dürli künjeklerinde ildeşlerimiz bilen duşuşyp, olaryň tekliplerini diňleýäris. Bu teklipler ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik ösüşini täze belentliklere götermäge gönükdirilen möhüm başlangyçlardyr. Şeýlelikde, halk bilen döwletiň arasynda jebisligiň has-da berkidilmegine mümkinçilik döredilýär.

     Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň her bir mejlisi ýurdumyzy ösdürmäge gönükdirilen täze çözgütleriň kabul edilýän, halkymyzyň bagtyýar geljegini pugtalandyrýan meýdançasydyr. Şoňa görä-de, onuň mejlislerinde halkymyzyň öňe sürýän teklipleriniň diňlenilmegi, ara alnyp maslahatlaşylmagy hem-de jemgyýetimiziň dürli gatlaklarynyň işjeň gatnaşmagy ýurdumyzyň demokratik ösüşiniň beýanydyr.

 

Ogulnur HAÝYDOWA, « Lebap galla önümleri » önümçilik birleşiginiň Saýat etrabynyň «Watan» daýhan birleşigindäki agronomy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty:

04.09.2025 Giňişleýin

MILLI DEMOKRATIÝANYŇ NUSGASY

 

     Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Galky­ny­şy döw­rün­de ýurdu­myz be­ýik ösüş­le­re bes­len­ýär. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň beýik baş­lan­gyç­la­ryny dowam edýän hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz täze ta­ry­hy eý­ýamda ösü­şiň ýo­ly bi­len hal­ky­my­zy öňe alyp barýar. Gah­ry­man Ar­kada­gymy­zyň , Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Serda­ry­my­zyň ta­gal­la­la­ry bi­len pä­him­dar pe­der­le­ri­mi­ziň döwlet gur­mak­da top­lan baý ta­ry­hy tej­ri­be­si­ne da­ýa­nyl­ýar, mil­li demok­ra­tiýanyň ýö­rel­ge­leri ös­dü­ril­ýär. 

     Mä­lim bol­şy ýa­ly, ­şu ýylyň 20­-nji aw­gus­tyn­da türk­men halkynyň ­Mil­li Li­de­ri, Türkmenis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Başly­gy Gur­ban­gu­ly Berdi­mu­ha­me­do­wyň baş­lyk­lyk et­me­gin­de Türkme­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Pre­zi­diu­my­nyň mej­li­si geçi­ril­di. On­da Türkmenis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň mej­li­si­ni hem­-de ýurdumyzyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­nyň 30 ýyl­lyk baýramy­ny ýo­ka­ry de­re­je­de ge­çir­mek bo­ýun­ça me­se­le­le­riň giň top­lu­my­na ga­ral­dy. Şun­dan hem gör­nü­şi ýa­ly, aý­dyň mak­sat­lar bi­len bu ta­ry­hy waka­la­ra taý­ýar­lyk­ly ba­ryl­ýar. Köp asyr­la­ryň do­wa­myn­da hal­ky­myz ag­zy­bir­li­giň, de­mok­ra­ti­ýa­nyň mil­li ýörelge­si­ni ke­ma­la ge­ti­rip­dir hem-­de ge­ňeş­me­giň, mas­la­hat etme­giň äh­mi­ýe­ti­ni ýo­ka­ry de­re­jä ýe­ti­rip­dir. Hä­zir­ki wagt­da bu asyl­ly ýö­rel­ge­ler my­na­syp do­wam edil­ýär, döw­re­bap ös­dü­ril­ýär. Bu asyl­ly ýö­rel­ge­ler, mil­li de­mokra­ti­ýa döw­le­ti­mi­ziň kanunçylyk ul­ga­myn­da hem berk orun tut­ýar. 

     Döw­let­li işiň ba­şy tu­tu­lan­da ulus-­ile ge­ňeş edil­ýär, äh­li­halk ýyg­nak­la­ry ge­çi­ril­ýär. Bu türk­men hal­ky­nyň kö­pa­syr­lyk tejribesi­niň, döw­let­li­lik ýo­lu­nyň ne­ti­je­si­dir. Bu ba­bat­da Türkmenis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty döw­let hem-­de jem­gy­ýet­çi­lik­sy­ýa­sy gur­lu­şy­ny kä­mil­leş­dir­me­giň ýo­lun­da­ky mö­hüm tap­gyr bo­lup dur­ýar. Mu­nuň özi halk de­mok­ra­ti­ýa­sy­ny dabaralandyrmak, ra­ýat jem­gyýe­ti­niň iş­jeň­li­gi­ni ýokarlandyrmak üçin oňaý­ly şert­le­ri dö­red­ýär. 

Perman Saparow, Türkmenistanyň Mejlisiniň durmuş syýasaty baradaky komitetiniň baş hünärmeni.

03.09.2025 Giňişleýin

HALK MASLAHATY: DÖWLETLILIGIŇ, AGZYBIRLIGIŇ NUSGASY

 

     Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan döw­le­ti­miz ösü­şiň be­lent­lik­le­ri­ne ta­rap be­dew ba­dy bi­len ynam­ly öňe bar­ýar. Durmu­şa ge­çi­ril­ýän giň ge­rim­li öz­gert­me­le­riň esa­sy ug­ry hal­kyň bäh­bi­di­ne gö­nük­di­ril­ýär. Halk hä­ki­mi­ýe­ti­niň ýo­ka­ry we­kil­çi­lik­li eda­ra­sy bo­lan Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň mej­lis­le­rin­de hal­ky­my­zyň döw­let gur­lu­şy ba­bat­da kö­pa­syr­lyk ta­ry­hyn­da toplan tej­ri­be­si­ne esas­la­ny­lyp, ata-ba­ba­la­ry­myzdan gel­ýän asylly hem-de mil­li ýö­rel­ge­le­re eýe­ril­ýär. 

 

     Mil­li de­mok­ra­tik ýö­rel­ge­le­re esas­la­nyp, hal­kyň tek­lip­le­ri naza­ra alyn­ýar, halk bähbit­li we döw­let äh­mi­ýet­li me­se­le­le­re garal­ýar. Ýur­du­myz­da her ýyl­da mu­kad­des Ga­raş­syzly­gy­my­zyň öňü­sy­ra­syn­da Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň mej­li­si­ni geçir­mek in­di asyl­ly dä­be öw­rül­di. Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly­my­zyň 20-­nji aw­gus­tyn­da Gah­ry­man Arkadagymy­zyň baş­lyk­lyk et­megin­de Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Pre­zi­diu­my­nyň mej­li­si ge­çi­ril­di. Onuň dowamynda Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň mej­li­si­ni hem-de ýur­du­my­zyň he­mi­şe­lik Bita­rap­ly­gy­nyň 30 ýyl­lyk baý­ra­my­ny ýo­ka­ry de­re­je­de ge­çir­mek bo­ýun­ça me­se­le­le­riň giň top­lu­my ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy. 

     Ýur­du­myz­da ta­ry­hy iş­ler dur­mu­şa ge­çi­rilýär, döw­let­li­lik, kanu­ny­lyk we mil­li de­mok­ratik ka­da­lar­dan ugur al­nyp, döw­let äh­mi­ýet­li iş­ler ama­la aşy­ryl­ýar. Türk­me­nis­ta­nyň Halk Maslahaty­nyň alyp bar­ýan iş­le­ri döw­le­ti­mizi dur­muş­-yk­dy­sa­dy taý­dan ýo­ka­ry de­re­je­de ös­dür­me­giň, ne­ti­je­li do­lan­dyr­ma­gyň, kanunçy­lyk-­hu­kuk üp­jün­çi­li­gi­niň, hä­ki­mi­ýet edara­la­ry­nyň gurama­çy­lyk esas­la­ry­nyň kä­mil gu­ral­la­ry­ny ke­ma­la ge­tir­mä­ge gö­nük­di­ri­len­dir. 

     Hä­zir­ki aja­ýyp döw­rü­miz­de türk­men hal­ky ag­zy­bir­lik­de bagty­ýar dur­muş­da ýa­şa­ýar. Bu gün­ki gün­de her bir il­de­şi­miz mil­li de­mok­rati­ýa­my­za, asyl­ly ýö­rel­ge­le­ri­mi­ze buý­san­ýar. Berka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­kyny­şy döw­rü­ne buýsanýan hal­ky­myz ýur­dumy­zyň ösüş­le­ri­ne my­na­syp go­şant goş­ýar­lar. Bu bol­sa bi­ziň her bi­ri­mi­zi tä­ze üs­tün­lik­le­re ruhlandyr­ýar. 

     Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty mil­li demok­ra­ti­ýa­my­zyň aý­dyň be­ýa­ny­dyr. Çün­ki Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­tyn­da ýur­dumy­zyň be­ýik ösüş­le­ri, öň­de dur­ýan we­zi­pe­ler hem-­de röwşen gel­je­gi­mi­ziň ro­waç­lyk­la­ry mas­la­hat­la­şyl­ýar. Şo­nuň üçin hem onuň ta­ry­hy äh­mi­ýe­ti örän ýo­ka­ry de­re­je­de­dir. 

     Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň: «Türk­me­nis­tanyň Halk Maslaha­ty­nyň ag­za­la­ry, de­pu­tat­lar, sy­ýa­sy we jem­gy­ýet­çi­lik gura­ma­la­ry­nyň iş­jeň ag­za­la­ry, alym­lar, ýo­ka­ry okuw mekdepleri­niň pro­fes­sor-­mu­gal­lym­la­ry, köp­çü­lik­le­ýin ha­bar beriş se­riş­de­le­ri­niň we­kil­le­ri Türk­me­nis­tanyň Halk Maslahatynyň mej­li­si­ne taý­ýar­lyk gö­rül­ýän dö­wür­de we mejlisiň jem­le­ri bo­ýunça Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň alyp bar­ýan iş­le­ri­niň ta­ry­hy, sy­ýa­sy­-jem­gy­ýet­çi­lik äh­mi­ýe­ti barada tä­sir­li wa­gyz-­ne­si­hat çä­re­leri­ni, çy­kyş­la­ry, du­şu­şyk­la­ry giň­den gu­ra­ma­ly» di­ýen söz­le­rin­den ugur alyp, Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň de­pu­tat­la­ry hem wa­gyz-­ne­si­hat iş­le­ri­ni alyp bar­ýar­lar, te­le we ra­dio ýaýlym­la­ryn­da, met­bu­gat sa­hy­pa­la­ryn­da Halk Mas­la­ha­ty­nyň äh­mi­ýe­ti­ni, onuň ka­nun­çy­lyk esas­la­ry­ny halk köp­çü­li­gi­ne dü­şün­dir­mek­de my­na­syp go­şant goş­ýar­lar. 

 

Ýakup ATABAÝEW, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Mejlisiň Halkara we parlamentara aragatnaşyklar baradaky komitetiniň agzasy.

01.09.2025 Giňişleýin

MILLI DEMOKRATIÝA DABARALANÝAR

 

     «Döw­let adam üçin­dir!» di­ýen asyl­ly şy­gar baş ýö­rel­ge edini­lip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da dur­mu­şa geçi­ril­ýän içe­ri we da­şa­ry sy­ýasa­ty­myz hal­kyň bäh­bi­di­ne gönükdi­ri­len­dir. Şunuň bilen baglylykda, her ýyl däp bol­şy ýa­ly, baş baý­ra­my­myz bo­lan mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň şanly toýunyň öňü­sy­ra­syn­da ge­çi­ril­ýän Türk­me­nis­ta­nyň Halk Maslaha­ty­nyň mej­li­si aý­ra­tyn äh­mi­ýet­li se­ne­dir. Se­bä­bi jemgyýe­ti­mi­ziň ösüş­li gel­je­gi­ne gö­nük­di­rilýän Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň mej­li­si ýur­du­my­zyň içe­ri we da­şa­ry syýasaty­na özü­niň oňyn tä­si­ri­ni ýe­tir­mek bi­len bir ha­tar­da, dünýä ýü­zün­dä­ki ab­ra­ýy­my­zyň hem has-da ýo­kar­lan­ma­gy­na şert­le­ri dö­red­ýär. 

 

     Häzirki wagtda ýurdumyzyň depginli ösüşini üpjün etmek üçin «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär. Saglyk, bilim, sport, medeniýet ulgamlaryny ösdürmek, täze iş orunlaryny döretmek, ilatyň gazanç etmegi üçin beýleki şertleri üpjün etmek, köp çagaly maşgalalara we döwlet kömegine mätäçlere hemaýat bermek ýaly zerur işler bökdençsiz alnyp barylýar. Täze gurulýan obalar we şäherler gülläp ösüşiň ajaýyp güwäsi bolup durýar. 

     2023-nji ýylyň 29-njy iýunynda Arkadag şäheriniň birinji tapgyry açylmak bilen, ol geljegiň şäheri bolup, ýurdumyzda adam hakdaky aladanyň esasy orunda durýandygyny, ýaşaýyş üçin iň amatly gurşawyň döredilýändigini dolulygyna subut etdi. Munuň özi halkymyzyň agzybirligini, bitewüligini, jebisligini, asudalygyny, abadançylygyny berkitmegi hem-de Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň ösmegini, onuň has-da kuwwatlanmagyny özüniň baş maksatlarynyň we wezipeleriniň biri hökmünde görýän Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döwlet syýasatynda tutýan ornunyň näderejede belentdigini ýene bir ýola äşgär etdi. 

     Häzirki wagtda dünýä ýüzünde uly abraý-mertebä eýe bolup, hemişelik Bitaraplygy Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen döwletimizde ähli işler halkyň bähbidine gönükdirilýär. Halkyň, jemgyýetiň we ýurdumyzyň ösüşleri üçin uly tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belent tutumlary diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, dünýä siwilizasiýasynda hem möhüm orun eýeleýär. Ol «Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen parasatly şygarlary baýdak edinen merdana halkymyzyň we eziz Watanymyzyň bagtyýar şu gününe hyzmat edýär we ýagty ertirleri nazarlaýandygy bilen, ruhumyza ruh, güýjümize güýç goşýar. 

     Halkymyzyň parahat, asuda, abadan durmuşda bolelin ýaşamagy üçin alada edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin! 

 

Sahyberdi JEPBAROW, Türkmenistanyň Mejlisiniň Kada-kanunçylyk baradaky komitetiniň agzasy.

30.08.2025 Giňişleýin

DÖWLETLILIK ÝÖRELGELERI ROWAÇLANÝAR

 

     «Halkda Hakyň ady bar», «Maslahatly biçilen don gysga bolmaz», «Geňeşli salamat bolar» diýen pähimleri döreden parasatly pederlerimiz her bir işde il-halka geňeşipdir. Pähim-parasatly ata-babalarymyzdan miras galan bu asylly ýörelgeler häzirki wagtda demokratik, hukuk, dünýewi döwletimiziň milli kanunçylygynda berkidilendir. Türkmenistanyň Halk Maslahaty halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasydyr. 

 

     Türkmenistanyň Halk Maslahaty milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň we jemgyýetçiligiň ösüşini sazlaşdyrmak bilen, ählihalk derejesinde bilelikdäki hereketlendiriji güýç hökmünde çykyş edýär. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy, halkymyzy beýgeltmek ugrunda edýän aladalarynyň netijesinde bu gün Halk Maslahaty jemgyýeti dolandyrmagyň iň kämil institutlarynyň birine öwrüldi. Umumymilli forumyň geçirilmegi nesilleriň arasyndaky baglanyşygy has aýdyň ýüze çykarýar. Bu baglanyşyk türkmen halkynyň milli garaýyşlary esasynda döwrebap şertlerde, täzeçe çemeleşmeler arkaly has-da berkeýär.

     Ählihalk forumynyň mejlisiniň geçirilmeginiň baş maksady diňe bir ýylyň dowamyndaky işleriň jemlerini seljermek bilen çäklenmeýär. Onda röwşen geljege sary ynamly gadam urmak üçin döwrüň möhüm meseleleri, zerurlyklary, özgerýän dünýäniň şertleri nazara alnyp, giň jemgyýetçilik wekilleriniň gatnaşmagynda döwletli çözgütler kabul edilýär. 

     Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 20-nji awgustynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde umumymilli forumy hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk baýramyny ýokary derejede guramak boýunça meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini 19-njy sentýabrda çagyrmak we ony Aşgabat şäherindäki Maslahat köşgünde geçirmek bellenildi.

     Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde eden çuňňur manyly çykyşynda Gahryman Arkadagymyz degişli ýolbaşçylara Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görmek bilen bagly işleriň çäginde döwletimizi durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalara laýyklykda, geljek ýylda ýurdumyzyň makroykdysady ýagdaýyny we maliýe, pul-karz ulgamyny durnukly saklamak, ykdysadyýetiň pudaklaryny depginli ösdürmek arkaly ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak babatda durmuşa geçirilmeli çäreleri seljermegi tabşyrdy. Milli Liderimiz maksatlaýyn, pudaklaýyn we sebitleýin maksatnamalardan ugur alyp, şeýle hem döwletimiziň milli ykdysadyýetiniň pudaklarynyň ykdysady, maliýe görkezijilerini içgin seljermek bilen, ykdysadyýetiň pudaklary, maglumat-kommunikasiýa, bilim, saglygy goraýyş, sport ulgamlary, senagat, oba hojalyk we beýleki pudaklar boýunça teklipleri taýýarlamalydygyny nygtady. Munuň özi ykdysadyýetiň ösüşiniň durmuş ugurly syýasatyň üstünlikli amala aşyrylmagynyň hem aýrylmaz şerti bolup durýandygyny aýdyň görkezýär. 

     Milli döwletlilik ýörelgelerimiziň nyşany bolan maslahatyň mejlisine ýokary derejede görülýän taýýarlyga mynasyp goşant goşmak her birimiziň borjumyzdyr. Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde garaljak meseleler, kabul ediljek çözgütler halkymyzy bir maksada gönükdirer. Bu möhüm jemgyýetçilik-syýasy waka Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazylyp, «Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ajaýyp ýörelgelerimize laýyklykda, halka daýanyp, halkyň bähbidine netijeli durmuş-ykdysady syýasatyň üstünlikli amala aşyrylmagyna täzeçe itergi berer. 

 

Begenç GURBANGELDIÝEW, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Ykdysady meseleler baradaky komitetiniň agzasy.

30.08.2025 Giňişleýin

HALKLARYŇ BÄHBIDINI NAZARLAÝAN TAGALLALAR

 

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri ata Watanymyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylýan möhüm we şanly wakalara beslenýär. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyny hem şeýle uly wakalaryň biri hökmünde buýsanç bilen görkezip bileris. 

     On ýyldan bir gezek guralýan halkara forumyň çäklerinde geçirilen dürli çäreler we olaryň dowamynda kabul edilen çözgütler umumadamzat ähmiýeti bilen dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekdi. 6-njy awgustyň «Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň aýratyn zerurlyklary hem-de ösüş ulgamynda olaryň öňünde durýan aýratyn meseleler barada maglumatlary ýaýratmagyň halkara güni» diýlip yglan edilmegi-de munuň aýdyň güwäsidir.

     «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda bu möhüm waka mynasybetli geçirilen ýörite brifingde nygtalyşy ýaly, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň iýul aýynda kabul edilen ýörite Kararnama laýyklykda, bu şanly sene şu ýyldan başlap her ýyl giňden bellenilip geçiler. Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň dowamynda bu senäniň ilkinji gezek bellenilmegi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň raýatlary hökmünde biziň her birimiz üçin örän buýsandyryjydyr.

    Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň aýratyn zerurlyklary hem-de ösüş ulgamynda olaryň öňünde durýan aýratyn meseleler barada maglumatlary ýaýratmagyň halkara gününiň ilkinji gezek biziň ýurdumyzda geçirilmegi, elbetde, taryhy wakadyr. Döwletleriň ýüzbe-ýüz bolýan aýratyn zerurlyklaryna hem-de meselelerine dünýä bileleşiginiň ünsüni çekmäge ýardam berjek bu şanly waka Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde hem möhüm ähmiýetlidir. Halkara senäniň ilkinji gezek biziň ýurdumyzda baýram edilmeginiň özi hemişelik Bitarap Türkmenistanyň dünýä bileleşiginde eýeleýän ornunyň, gazanan abraýynyň barha berkeýändiginiň güwäsidir. Raýdaşlyga we jebislige esaslanýan täze gatnaşyklara badalga berjek bu sene Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesinden gelip çykýan wezipeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde hem aýratyn ähmiýete eýe bolar.

 

Perman SAPAROW, Türkmenistanyň Mejlisiniň Durmuş syýasaty baradaky komitetiniň baş hünärmeni.

 

30.08.2025 Giňişleýin

MASLAHATLY IL MYRADA ÝETER

 

     Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz «Döwlet guşy» romanynda: «Türkmenler köp işleriň başyny geňeş bilen tutupdyr. Şol geňeşlerde ýa bir adamyň, ýa-da tutuş iliň ykbaly çözülipdir. Geňeşe, esasan, iliň ýaşululary, han-begleri ýolbaşçylyk edipdir. Olar meseläni orta atyp, iliň pikirini jemläpdir. Kähalat geňeşilýän mesele hakynda iki pikir ýüze çyksa, haýsy tarapyň sesi köplük bolsa, şolaryň gepi sana geçipdir» diýip, belläp geçýär. 

 

     Halk arasynda «Maslahatly il myrada ýeter», «Geňeşli il salamat bolar», «Döwletliniň başlan işi oň bolar» ýaly pähimler bar. Geçmişde pederlerimiziň belli bir ýere ýygnanyşyp, maslahat etmekleri özboluşly däbe öwrülip gidipdir. Oguz han atamyz öz guran döwletiniň kuwwatly hem ygtybarly bolmagy üçin ogullaryny, il-gününi ýygnap, ýurduň wajyp meselelerini çözmekde halk köpçüligi bilen maslahatlaşmagy berk ýola goýupdyr. Halkyň, il-günüň içinde hormatlanýan aksakgallaryny, dana-danyşmentlerini bir ýere jemläp, olar bilen geňeş etmegiň, ýurdy halk bilen geňeşli dolandyrmagyň uly ähmiýete eýedigini sargyt edipdir. 

     Türkmenleriň döwletli işi uly jemagat bolup maslahatlaşandygyny, geňeşe uly ähmiýet berendigini Magtymguly atamyzyň eserlerindäki «Ärler geňeşi», «Uly jemagat», «Uly geňeş» ýaly sözleriň ýygy-ýygydan gaýtalanýandygynda, nesihat almak, ile maslahat salmak hakyndaky öwüt-ündewlerinde hem görýäris. Köpügören ýaşululara sarpa, ulyny sylamak, kiçini söýmek edebi Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryndan eriş-argaç bolup geçýär. «Beg, töre, aksakgal — ýurduň eýesi» diýen sözlerden görnüşi ýaly, şahyryň «Türkmeniň» goşgusynda hem ýaşuly nesle aýratyn hormat beýan edilýär. 

     Pederlerimiziň ynsanperwer garaýyşlary, ýol-ýörelgesi, görüm-göreldesi bu günki gün eziz Diýarymyzda Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary esasynda mynasyp dowam etdirilip, uly wakalaryň, tutumly toýlaryň öňüsyrasynda halka geňeş salmak indi ýurdumyzda milli ýörelgelerimize öwrüldi. 

     Merdana ata-babalarymyzyň döwletlilik däplerine eýerip, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk şanly baýramynyň bellenilýän günlerinde beýik ösüşler bilen nobatdaky Halk Maslahatyna barylmagy döwletimizde milli demokratiýanyň barha dabaralanýandygynyň nobatdaky ýüze çykmasydyr. 

     Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda üstümizdäki ýylyň 20-nji awgustynda geçirilen Halk Maslahatynyň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň gün tertibindäki soraglary, şeýle hem syýasy, ykdysady, medeni taýdan ösdürmek boýunça öňde durýan wezipeleri amala aşyrmakda Halk Maslahatynyň wekilleriniň we Ýaşulular geňeşiniň agzalarynyň uly ornunyň barlygyna möhüm ähmiýet bermeginiň mysalynda hem ýene bir ýola aýdyň göz ýetirdik. 

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda kanun çykaryjylyk işine, onuň döwletimiziň we jemgyýetimiziň ösmegindäki möhüm ornuna uly ähmiýet berilýär. Taryh üçin uzak bolmadyk döwürde döwleti dolandyrmagyň ygtybarly, demokratiýa we hukuga esaslanýan nusgasy döredilip, jemgyýetimiziň her bir raýatynyň erk-islegini beýan etmeginiň netijeli ulgamy kemala getirildi. 

     Eziz Watanymyzda döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň dürli ugurlaryny öz içine alýan täze kanunlaryň kabul edilmegi, hereket edýän hukuk kadalarynyň durmuş-ykdysady ösüşe, täze taryhy döwrümize, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän özgertmelere laýyklykda, döwrebaplaşdyrylmagy giň möçberli maksatnamalaryň üstünlikli ýerine ýetirilmegini, demokratik ýörelgeleriň dabaralanmagyny we jemgyýetçilik-syýasy gatnaşyklaryň berkidilmegini üpjün edýär. 

     Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde «Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk we ynanyşmak syýasatynyň hukuk esaslary hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň taslamasyny taýýarlamak babatda özüniň öwüt-nesihatlaryny bermegi, hemişelik Bitaraplykdan gelip çykýan «Açyk gapylar» syýasatyny we giň gerimli halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de kanunçylyk taýdan berkitmekde möhüm ähmiýete eýe bolar. Çünki Türkmenistanyň Bitaraplygy diňe bir türkmen halkynyň däl-de, eýsem, bütindünýä bileleşiginiň hem gymmatlygydyr. 

     Geçirilen mejlisde merdana ata-babalarymyzyň döwleti dolandyrmakda toplan köpasyrlyk tejribesine daýanyp, milli demokratik ýörelgeleri ösdürmek boýunça taryhy işleri durmuşa geçirmek, döwletlilige, kanunylyga esaslanmak bilen, şöhratly ata-babalarymyzyň ýoluny dowam edip, olaryň parasatly wesýetlerine eýerip, döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň möhüm meselelerini çözmäge ilatyň wekilleriniň giňden gatnaşmagyny üpjün etmek, jemgyýetiň agzybirligini, jebisligini has-da berkitmek boýunça gazanylan üstünlikleri döredijilikli kämilleşdirmek hem-de Türkmenistanyň halkynyň bähbitlerine wekilçilik edýän ýokary wekilçilikli edaranyň — Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini guramaçylykly geçirmek boýunça Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň Kararynyň kabul edilmegi halkymyzy buýsandyran waka boldy. 

     Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň alyp barýan işleriniň ählisi döwletimizi durmuş-ykdysady taýdan ýokary derejede ösdürmegiň, bu işleri netijeli dolandyrmagyň, kanunçylyk-hukuk üpjünçiliginiň, häkimiýet edaralarynyň guramaçylyk esaslarynyň täze, kämil gurallaryny kemala getirmäge gönükdirilendir. Bu wezipeleri maksadalaýyk ýerine ýetirmekde, öňde duran maksatlara üstünlikli ýetmekde türkmen ýaşlarynyň ukyp-başarnygyna uly ynam bildirilýär. Bu babatda hormatly Prezidentimiz: «Biz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe öňümizde belent maksatlary goýduk. 

     Mähriban Watanymyzyň abadançylygyny we durmuş-ykdysady ösüşini, halkymyzyň ýaşaýyş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak, dünýäde parahatçylygy hem-de ynanyşmagy berkitmek wezipelerini öňe sürdük. Şu belent maksatlara ýetmekde ýurdumyzyň ýaş nesillerine aýratyn bil baglaýarys» diýip bellemek bilen, Arkadagly Gahryman Serdarymyz Watanymyzyň geljeginiň ýaşlarymyz bilendigini, olaryň ata Watanymyza, halkymyza wepaly, ata-babalarymyzyň döwletlilik we ynsanperwerlik ýörelgelerine eýerýän, zähmetsöýer, watansöýüji, päk ahlakly ýaşlar bolmalydygyny, şeýle belent adamkärçilik sypatlary bilen Watanymyzyň, türkmen halkynyň dünýädäki abraý-mertebesini has-da belende götermelidigini aýratyn nygtaýar. 

     Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň taryhy mejlislerinde kabul edilýän çözgütleri durmuşa geçirmekde, öňe sürlen başlangyçlary goldamakda we olaryň ähmiýetini wagyz etmekde ýurdumyzyň ýaşlary hem öňdäki hatardadyrlar. Hormatly Prezidentimiziň ýaşlara peşgeş beren «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda nygtalyşy ýaly, halkymyz, Watanymyz, döwletimiz, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy zehinlerimize ylham çeşmesi, üstünliklerimize badalgadyr. 

     Bir söz bilen aýdylanda, nobatdaky ählihalk maslahatynda ýurdumyzyň dürli kärdäki, hünärdäki raýatlarynyň, jemgyýetçiligiň dürli ugurlarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşylar. Munuň özi asyrlaryň dowamynda asylly ýörelgeleri bilen, pähim-paýhasy bilen halkymyzyň görelde mekdebi bolup gelýän halkyň ygtyýarly wekillerine sarpa goýmagyň, olaryň abraý-mertebesini ýokary götermegiň, ösüp gelýän ýaş nesillerimizi watansöýüjilik, halallyk, zähmetsöýerlik we ýokary ahlaklylyk ruhunda terbiýelemekde, halkymyzyň agzybirligini, jebisligini pugtalandyrmakda, il-ýurt bähbitli meseleleri halkyň ygtyýarly wekilleri bilen maslahatlaşyp çözmegiň aýdyň subutnamasydyr.

     Döretmäge kuwwat, gurmaga güýç, рarahatçylygy we dostlugy pugtalandyrmaga egsilmez ylham berýän mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk toýunyň öňüsyrasynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň üstünliklere beslenmegini arzuw edýäris. 

     Halkymyzyň ýagty geljegi we bagtyýar durmuşda ýaşamaklary üçin ähli mümkinçilikleri döredýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, mertebeli başlary belent bolsun! 

 

Ýazpolat KERIÝEW, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy.

29.08.2025 Giňişleýin

PARLAMENTARILER — TAGALLALARY BIRLEŞDIRÝÄN KÖPRI

 

     Mälim bolşy ýaly, awgustyň birinji ongünlüginde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler (DÇBÖBD) boýunça üçünji maslahaty geçirildi. Her on ýyldan bir gezek guralýan maslahatyň işiniň esasy netijesi — Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň Başlygy tarapyndan hödürlenen Awaza syýasy Jarnamasy kabul edildi. Bu resminama we 2024 — 2034-nji ýyllar üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasy dünýäniň deňze çykalgasy bolmadyk 32 ýurdunda durnukly ösüşi gazanmak üçin «ýol kartasy» bolar. Şular dogrusynda has giňişleýin gürrüň bermegini haýyş edip, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň orunbasary Gahryman ROZYÝEWE ýüz tutduk.

 

Gahryman aga, ilki bilen, DÇBÖBD-niň maslahatynda Parlament forumynyň orny barada aýdyp beräýseňiz! 

— DÇBÖBD-niň maslahatynda ilkinji gezek ýöriteleşdirilen platformalar — raýat jemgyýeti, hususy pudak, ýaşlar, zenan ýolbaşçylar, parlamentariler we Günorta — Günorta ugry boýunça hyzmatdaşlar üçin meýdançalar hereket etdi. Bulara 2024 — 2034-nji ýyllar üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň durmuşa geçirilmeginde möhüm orun degişlidir. Sebäbi agzalan maksatnamanyň durmuşa geçirilmegi milli syýasatlar bilen sazlaşygy, inklýuziwligi we jogapkärçiligi talap edýär. Bu iş, ilkinji nobatda, raýat jemgyýeti, hususy pudak, ýaşlar, zenanlar, iň esasysy bolsa, parlamentariler arkaly başlanýar we ilerledilýär diýlip, geçen döwrüň içinde gazanylan tejribeler öwrenilip gelnen netijedir. Parlament forumy DÇBÖBD-niň ählumumy hyzmatdaşlygynyň sazlaşyklylygynyň yzygiderli üpjün edilmegini gazanmak işine berlen badalgadyr. Inklýuziwligi gazanmak parlamentarileriň esasy wezipesidir. Bu diýildigi dahyllylygy, ýagny, ýaşyna, bilimine, jynsyna we beýlekilere garamazdan, her bir adamy, her bir gatlagy, her bir pudagy, her bir döwleti öňde duran uly maksatnamanyň durmuşa geçirilmegine, durnukly ösüşleriň gazanylmagyna dahylly etmek, mümkin boldugyndan olaryň bu işe gatnaşmagyny gazanmak. Bularyň işinde sazlaşygy döretmek hem saklamak parlamentarileriň üstüne düşýär. Umuman, parlamentariler hökümetiň, raýat jemgyýetiniň we halkara hyzmatdaşlaryň arasynda möhüm köpri bolup çykyş edýärler. Olaryň işjeň gatnaşmagy milli we sebit derejelerinde serişdeleri çekmäge hem-de hereketleri utgaşdyrmaga ýardam berýär, bu bolsa Durnukly ösüş maksatlaryny gazanmak üçin zerur şert bolup durýar. 

 

Awazadaky parlament forumynyň işi barada-da durup geçäýseňiz! 

— Bu forum parlamentarilere Hereketleriň Awaza maksatnamasyny durmuşa geçirmäge ýardam bermek üçin mümkinçilikleri döretmek, parlamentarileriň ýerli, milli we sebit derejelerinde alyp barýan syýasy işi arkaly bu maksatnamanyň amala aşyrylmagyny çaltlandyrmak maksady bilen, olaryň tejribe alyşmagyna ýardam bermek, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň parlamentleriniň öz kanun çykaryjylyk we beýleki işlerine Hereketleriň onýyllyk maksatnamasynyň ileri tutulýan ugurlaryny girizmegi üçin anyk çäreler babatda maslahatlary işläp taýýarlamak hem-de paýlaşmak maksady bilen geçirildi. Ol «Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ählisiniň bähbitlerine laýyk gelýän köptaraplaýyn söwda ulgamyny döretmek hem-de pugtalandyrmak», «Parahatçylygy, ynanyşmagy we jogapkärçilikli dolandyryşy pugtalandyrmak: deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletlerde durnukly ösüşiň şertleri» atly mowzuklaýyn mejlislerde has-da anyk häsiýete eýe boldy. Şeýle hem forumda parlament diplomatiýasyny we dialogy ösdürmek boýunça tejribeler hem-de strategiýalar ara alnyp maslahatlaşyldy. Halkara maksatnamalary durmuşa geçirmegiň zerur şerti bolup çykyş edýän syýasy dialogy we sosial jebisligi ilerletmekde parlamentleriň eýeleýän orny barada pikir alşyldy. Parlament institutlaryny pugtalandyrmak, durnukly hem-de inklýuziw ösüş üçin şertleri döretmek üçin halkara guramalar we raýat jemgyýeti bilen tagallalary utgaşdyrmagyň zerurdygy bellenildi. Ýeri gelende bellesek, parlamentariler kanun çykaryjylyk, gözegçilik işi we býujet çözgütleri arkaly ählumumy borçnamalary milli derejede durmuşa geçirmäge konstitusion ygtyýarlyklara eýedirler. Döwleti dolandyrmagyň çäklerinde parlamentler söwdany, infrastrukturany, innowasiýalary ösdürmäge, şeýle hem sebit integrasiýasyny we arabaglanyşygy giňeltmäge ýardam berýän hukuk binýadyny döredýärler. Syýasat we býujet işlerinden başga-da, döwlet bilen raýatlaryň arasynda köpri bolup hyzmat edýärler. Şeýle hem durnukly ösüşiň esasy bolan parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmakda parlamentlere wajyp orun degişlidir. Olaryň has ýakyndan hyzmatdaşlyk etmegi, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ýüzbe-ýüz bolýan meselelerini çözmäge we durnuklylygy pugtalandyrmaga ýardam eder. Hereketleriň Awaza maksatnamasynda parlamentleriň bu resminamanyň durmuşa geçirilişine gözegçilik etmek, degişli kanunlary kabul etmek we hiç kimiň çetde galmazlygyny üpjün etmek bilen bagly işleri alyp barmak borçlary anyk kesgitlenendir. Ýene-de bir zady belläp geçsek, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty mynasybetli dabaradaky  çykyşynda: «Häzirki wagtda parahatçylygy hem-de durnuklylygy gorap saklamak we pugtalandyrmak, halklaryň, ähli sagdyn, netijeli güýçleriň gatnaşyk etmäge, özara düşünişmäge, hyzmatdaşlyga ymtylmalaryny goldamak üçin diplomatiýanyň, şol sanda halk diplomatiýasynyň ähli mümkinçiliklerini ulanmak möhümdir» diýmek bilen, biziň işimiziň haýsy ugur bilen gitmelidigini kesgitläp berdi. Ýöriteleşen forumyň jemleri boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna Parlament Ýüzlenmesi kabul edildi. Onda şol 32 döwletiň parlamentleriniň öz wezipelerini ýerine ýetirmekleri üçin, olara tehniki we maliýe ýardamlaryny, şol sanda degişli halkara guramalar tarapyndan düzümleýin maslahatlaryň we gözükdirmeleriň hem-de mümkinçilikleri artdyrmak üçin serişdeleri işjeňleşdirmek babatda ýardamlaryň berilmegini üpjün etmäge çagyryş beýan edilýär. Umuman, Awazada geçirilen Parlament forumy DÇBÖBD-niň ösüşinde milli kanun çykaryjylyk edaralarynyň möhüm ornuny ykrar etdi. 

 

2024 — 2034-nji ýyllar üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasynda bellenilenler barada-da düşünje beräýseňiz! 

— Bu resminama öňdengörüjilikli, anyk hereketlere gönükdirilen, ençeme onýyllyklaryň dowamynda bilelikde işlemek üçin ygtybarly binýatlygy üçin ähmiýetlidir. 2024 — 2034-nji ýyllar üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasy hem dünýäniň deňze çykalgasy bolmadyk 32 ýurdunda durnukly ösüşi gazanmak üçin «ýol kartasy» bolar. Ol infrastrukturany ösdürmek, ykdysady diwersifikasiýa, öndürijilik kuwwatyny ýokarlandyrmak, oba hojalygyny ösdürmek, maliýeleşdirmek, söwdany işjeňleşdirmek, howanyň üýtgemeginiň öňüni almak we sebitleýin hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ýaly ileri tutulýan ugurlaryň giň toplumyny öz içine alýar we bu döwletleriň ösüşiniň esasy ugurlaryny ilerletmekde, ösüşiň täze mümkinçiliklerini açmakda möhüm ähmiýete eýedir. Hereketleriň Awaza maksatnamasyny doly hem-de üstünlikli durmuşa geçirmek üçin özgertmeler, hususan-da, düýpli düzümleýin özgertmeler zerur. Bu işde adam maýasynyň ösdürilmegine aýratyn üns bermek wajyp bolup durýar. Bilime, saglygy goraýşa, hünär taýýarlygyna maýa goýumlar uzak möhletleýin ösüşiň binýady hasaplanýar. Döwrebap ukyp-başarnykly, ýaş we bilimli nesiller diňe bir täze tehnologiýalary netijeli ulanmak bilen çäklenmän, eýsem, ýurdunyň özboluşly zerurlyklaryna laýyk gelýän innowasion çözgütleri özbaşdak döretmäge-de ukyplydyrlar. Şeýlelikde, Hereketleriň Awaza maksatnamasy ykdysady meýilnama bolmak bilen birlikde, has durnukly, abadan jemgyýetleri gurmak boýunça hemmetaraplaýyn strategiýa hem bolup durýar. Şu ajaýyp işleriň, anyk aýtsak, dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmekde we Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde halkara hyzmatdaşlygynyň işjeňleşdirilmeginiň sakasynda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary, uly hyzmatlary bardyr. Goý, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, işleri rowaç bolsun!

29.08.2025 Giňişleýin

ÝAŞLARYŇ HUKUK MEDENIÝETI

 

     Milli Liderimiziň we hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýaşlaryň halkara derejede ylym-bilim almagymyz we Watana wepaly nesil bolup ýetişmegimiz üçin ähli şertler döredilýär. Biz hem muňa öz zähmetimiz bilen jogap bermelidiris. 

 

     Döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan içeri syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hem jemgyýetiň we her bir şahsyýetiň bähbitlerini goraýan milli kanunçylyk ulgamyny döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek boýunça işleri yzygiderli durmuşa geçirmekden ybaratdyr.

     Ýaşlaryň arasynda hukuk aňynyň we hukuk medeniýetiniň kemala gelmeginde döwletiň hukuk goraýjy edaralarynyň ähmiýeti uludyr. Türkmenistanyň hukuk goraýjy edaralarynyň utgaşykly alyp barýan wagyz-nesihat işlerine hormatlanýan ýaşuly nesliň wekilleriniň işjeň gatnaşmagy, raýatlaryň, hususan-da, ýaşlaryň arasynda aň-bilim we terbiýeçilik işlerinde möhüm orun eýeleýär. Ýaşuly nesliň özboluşly medeni gymmatlyk hasaplaýan öwüt-ündewleri we pentleri, gadymy kökleri bolan rowaýatlaryň, hekaýalaryň, nakyllaryň hemmelere sada, düşnükli görnüşde ýetirilmegi ýaşlarda hukuk medeniýetini kemala getirmek işinde millilik öwüşgünini çaýýar. 

     Ýaşlaryň şahsyýet hökmünde kemala gelýän döwründe, olarda hukuk medeniýetini ösdürmekde maşgalanyň orny hem örän uludyr. Türkmen jemgyýetinde maşgala däplerine we garyndaşlyk gatnaşyklaryna uly hormat goýulýar. Her bir terbiýäniň başy maşgaladan başlanýar we geljekde jemgyýetiň içinde özümizi alyp barşymyzyň raýat hukuk derejesini hem maşgalada alan terbiýämiz bilen kesgitleýärler. Şonuň üçin maşgalanyň türkmen jemgyýetindäki ornuna hem-de maşgala gatnaşyklaryna döwlet derejesinde uly ähmiýet berilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda maşgala terbiýesiniň ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň şahsyýet bolup kemala gelmeklerinde nähili uly orun eýeleýändigini deliller arkaly beýan edýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda 2022-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda kabul edilen «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşiniň kabul edilmegi aýratyn mana eýedir.

       Ýaşlaryň kämil şahsyýetler bolup ýetişmegi üçin ähli mümkinçilikleri döredýän hormatly Prezidentimize, Gahryman Arkadagymyza halkymyzyň hoşallygy egsilmezdir. 

 

Jahangül MYRADOWA, Türkmenistanyň Mejlisiniň baş hünärmeni.

29.08.2025 Giňişleýin
1 ... 12 13 14 15 16 ... 109