Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe
03.10.2026

Türkmenistanyň Mejlisinde 2026-njy ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynyň netijelerine bagyşlanan maslahat geçirildi

2026-njy ýylyň 3-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Mejlisinde «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany»   ýylynyň ýanwar-sentýabr  aýlarynyň jemlerine bagyşlanan maslahat geçirildi. Maslahatda hormatly Prezidentimiziň  Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlislerinde ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli durmuş-ykdysady özgertmeleriň hukuk esaslaryny pugtalandyrmak barada öňde goýan wezipelerini ýerine ýetirmek boýunça geçirilen işleriň netijeleri ara alnyp maslahatlaşyldy we  öňde durýan wezipeler kesgitlenildi. 

Maslahatda hasabat döwründe «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny döretmek hakynda» we «Türkmenistanda ahalteke bedew atlarynyň döwlet goragy hakynda»  Türkmenistanyň kanunlary kabul edilendigi, şeýle hem raýatlaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramak, önümçilik desgalarynyň senagat howpsuzlygyny üpjün etmek, buhgalterçilik hasaba alnyşy we maliýe hasabatlylygy kämilleşdirmek, işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak, awtomobil ýollary we ýol işi, daşky gurşawy, suwuň biologik serişdelerini goramak, migrasiýa syýasatynyň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly hereket edýän kanunlara degişli üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň girizilendigi barada bellenildi.

Türkmenistanyň Mejlisinde dünýä döwletleriniň parlamentleriniň, ýurdumyzdaky daşary ýurt wekilhanalarynyň wekilleri bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmak boýunça geçirilen duşuşyklaryň, guralan okuw maslahatlarynyň, şeýle hem  daşary ýurtlara amala aşyrylan iş saparlarynyň parlament  we kanunçykaryjylyk işinde özara tejribe alyşmakda möhüm ähmiýetiniň bolandygy  nygtaldy.

2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan ‒ bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilmegi we Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli döwlet hem-de halkara derejede meýilleşdirilen  çärelere, aýratyn-da şu ýylyň oktýabr aýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek çäreleri ýokary derejede guramaçylykly geçirmek üçin görülýän taýýarlyk işleri barada durlup geçildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çuň mazmunly maksatnamalaýyn taryhy çykyşlarynda öňde goýlan wezipeleriň, kabul edilen il-ýurt bähbitli çözgütleriň ähmiýetini, hereket edýän kanunlaryň many-mazmunyny halk köpçüligine düşündirmek Mejlisiň deputatlarynyň alyp barýan işiniň ileri tutulýan ugurlarynyň  biri bolup durýandygy bellenildi.

Maslahata gatnaşyjylar milli kanunçylygy döwrüň talabyna laýyklykda yzygiderli kämilleşdirmek boýunça  mundan beýläk-de ähli tagallalary etjekdiklerine Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzy we  Gahryman Arkadagymyzy ynandyrdylar.