Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe
01.10.2026

Türkmenistanyň Mejlisinde Litwa Respublikasynyň Seýminiň Litwa-Türkmen Parlamentara dostluk toparynyň başlygy Dainius Warnasyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet agzalary bilen duşuşyk geçirildi

В Меджлисе Туркменистана состоялась встреча с членами делегации под руководством председателя литовской группы межпарламентской дружбы Сейма Литовской Республики Даиниусом Варнасом

Meeting Held at the Mejlis of Turkmenistan with Members of the Delegation Led by Dainius Varnas, Chair of the Lithuania–Turkmenistan Parliamentary Friendship Group of the Seimas of the Republic of Lithuania

2026-njy ýylyň 1-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Mejlisinde Litwa Respublikasynyň Seýminiň Litwa-Türkmen Parlamentara dostluk toparynyň başlygy Dainius Warnasyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet agzalary bilen Türkmenistanyň Mejlisiniň agzalarynyň duşuşygy geçirildi.  

Duşuşygyň barşynda iki ýurduň arasyndaky dostlukly we özara bähbitli hyzmatdaşlygy aýratyn hem parlamentara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň dowamynda myhmanlar hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň alyp barýan, oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, ynanyşmak, deňhukuklylyk, ynsanperwerlik ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatynyň esasy ugurlary, milli Parlamentiň düzümi hem-de dürli ulgamlarda amala aşyrylýan giň gerimli durmuş-ykdysady özgertmeleri kanunçylyk taýdan üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdyryldy. Şeýle hem Türkmenistanyň başlangyjy bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň «2028-nji ýyl – Halkara hukuk ýyly» atly Kararnamasynyň bütin dünýäde halkara hukugyň ornuny ýokarlandyrmakda, netijeli döwletara hyzmatdaşlygy berkitmekde, ählumumy parahatçylygy üpjün etmekdäki orny barada nygtaldy. 

Myhmanlar Litwa Respublikasynyň Türkmenistan bilen                             syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer hem-de parlamentara ugurlardaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly gyzyklanma bildirýändigini bellediler. Şunda «Merkezi Aziýa-Ýewropa Bileleşigi» görnüşdäki hyzmatdaşlygyň sebit ýurtlaryň arasyndaky syýasy dialogy, ulag-logistika geçelgelerini ösdürmäge uly mümkinçilik berýändigini nygtadylar.

Söhbetdeşlikde parlamentara dialogyň iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň möhüm bölegine öwrülendigi we ikitaraplaýyn esasda döredilen parlamentara dostluk toparlarynyň kanunçykaryjylyk işinde tejribe alyşmakda mümkinçilikleri artdyrýandygy aýratyn bellenildi. 

 

1 октября 2026 года в Меджлисе Туркменистана состоялась встреча представителей Меджлиса Туркменистана с членами делегации под руководством председателя литовской группы межпарламентской дружбы Сейма Литовской Республики Даиниусом Варнасом.

В ходе встречи были обсуждены вопросы дальнейшего развития дружественного и взаимовыгодного сотрудничества между двумя странами, и особенно межпарламентских отношений.

В ходе встречи гости были ознакомлены с основными направлениями внешней политики Туркменистана, проводимой под руководством нашего уважаемого Президента, основанной на принципах позитивного Нейтралитета, миролюбия, доверия, равноправия, гуманности, со структурой национального Парламента и с его деятельностью по законодательному обеспечению широкомасштабных социально-экономических преобразований, осуществляемых в различных системах. Также была подчёркнута роль Резолюции Генеральной Ассамблеи Организации Объединённых Наций «2028 год – Год международного права», принятой по инициативе Туркменистана,  в повышении роли международного права во всём мире, укреплении эффективного межгосударственного сотрудничества, обеспечении глобального мира. 

Гости отметили, что Литовская Республика проявляет большой интерес к укреплению двусторонних отношений с Туркменистаном в политико-дипломатической, торгово-экономической, культурно-гуманитарной сферах и межпарламентских связей. Также подчеркнули, что сотрудничество в формате «Центральная Азия – Европейский Союз» предоставляет большую возможность для развития политического диалога, транспортно-логистических коридоров между странами региона.

В ходе беседы было особо отмечено, что межпарламентский диалог стал важной частью отношений сотрудничества между двумя странами, и группы межпарламентской дружбы, созданные на двусторонней основе, повышают возможности для обмена опытом в законодательной деятельности.

 

On October 1, 2026, a meeting was held at the Mejlis of Turkmenistan between members of the Mejlis of Turkmenistan and members of the delegation led by Dainius Varnas, Chair of the Lithuania–Turkmenistan Parliamentary Friendship Group of the Seimas of the Republic of Lithuania.

During the meeting, the sides discussed issues related to the further development of friendly and mutually beneficial cooperation between the two countries, with particular emphasis on interparliamentary relations.

During the meeting, the guests were briefed on the main directions of the foreign policy pursued by Turkmenistan under the leadership of the Esteemed President and based on the principles of positive neutrality, peacefulness, trust, equality and humanism, as well as on the structure of the national Parliament and the ongoing efforts to provide legislative support for large-scale socio-economic reforms being implemented in various spheres.  The significance of the United Nations General Assembly Resolution “2028 — International Year of International Law,” initiated by Turkmenistan, was also emphasized, particularly in enhancing the role of international law worldwide, strengthening effective interstate cooperation and ensuring global peace.

The guests noted the strong interest of the Republic of Lithuania in further strengthening bilateral relations with Turkmenistan in the political and diplomatic, trade and economic, cultural and humanitarian, as well as interparliamentary spheres. In this regard, it was emphasized that cooperation in the “Central Asia–European Union” format provides broad opportunities for developing political dialogue among the countries of the region, as well as transport and logistics corridors.

During the discussion, particular emphasis was placed on the fact that interparliamentary dialogue has become an important component of the cooperative relations between the two countries, while the interparliamentary friendship groups established on a bilateral basis provide increased opportunities for exchanging experience in legislative activities.