Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň üç aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi.
Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa 2026-njy ýylyň ýanwar — mart aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada maglumat berdi.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Mejlisde döredilen iş toparlarynda raýatlaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini durmuşa geçirmäge, önümçilik desgalarynyň senagat howpsuzlygyny üpjün etmäge, kärhanalarda, edaralarda, guramalarda buhgalterçilik hasaba alnyşyny we maliýe hasabatlylygyny kämilleşdirmäge, telekeçilik işini ösdürmäge, daşky gurşawy, suwuň biologik serişdelerini goramaga, migrasiýa hem-de gümrük gulluklarynyň işiniň netijeliligini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen we başga-da birnäçe ugurlara degişli kanun taslamalaryny taýýarlamak işleri alnyp barylýar.
Ýurdumyzyň welaýatlarynda täze döredilen etraplarda halk maslahatlarynyň agzalarynyň, Türkmenistanyň Mejlisiniň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň çykyp giden agzalarynyň ýerine şu ýylyň 29-njy martynda geçirilen saýlawlaryň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek maksady bilen, Mejlisiň deputatlary merkezi saýlaw toparynyň, ýurdumyzyň syýasy partiýalarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň wekilleri bilen bilelikde bu syýasy-jemgyýetçilik çäresiniň ähmiýetini, saýlaw kanunçylygyny düşündirmek işine işjeň gatnaşyp, onuň geçirilmegine guramaçylyk-usulyýet taýdan ýardam berdiler.
Çad Respublikasynyň, Indoneziýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçilerinden ynanç hatlary kabul edildi. Dünýä döwletleriniň parlamentleriniň, daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky wekilhanalarynyň wekilleri bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmak boýunça duşuşyklaryň 8-si geçirildi. Mundan başga-da, Mejlisiň deputatlary we hünärmenleri kanun çykaryjylyk işini kämilleşdirmek, döwlet maksatnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek babatda halkara guramalaryň ýurdumyzyň degişli ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde guran okuw maslahatlarynyň 26-syna gatnaşdylar. Halkara tejribeleri öwrenmek maksady bilen, deputatlaryň daşary ýurtlara iş saparlarynyň 5-si amala aşyryldy.
Türkmenistanyň Mejlisiniň we BMG-niň Ilat gaznasynyň bilelikde guramagynda gender deňligini ilerletmek, onuň kanunçylyk esaslaryny berkitmek boýunça parlamentara dialoga bagyşlanan maslahat geçirildi. Şunuň bilen birlikde, Mejlisiň we Pakistan Yslam Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň zenan parlamentarileriniň, Türkmenistanyň Mejlisinde we Mongoliýanyň Beýik Döwlet Huralynda ikitaraplaýyn esasda döredilen parlamentara dostluk toparlarynyň arasynda sanly ulgam arkaly duşuşyklar geçirildi.
Hormatly Prezidentimiz döwletimiziň kanunçylyk binýadyny berkitmek boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň kanunçylygyny döwrüň talabyna görä kämilleşdirmegi dowam etdirmegiň möhümdigine ünsi çekdi.