Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

Çykyşlar we makalalar

PARLAMENT DIPLOMATIÝASY: BEÝIK BAŞLANGYÇLARYŇ AÝDYŇ DABARALANMASY

 

Mälim bolşy ýaly, ýakynda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Koreýa Respublikasynyň parlament ýolbaşçylarynyň ikinji duşuşygy geçirildi. Türkmenistanyň parlament diplomatiýasy ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanýan daşary syýasy strategiýasyna laýyklykda alnyp barylýar. Ol daşary ýurt döwletleriniň parlamentleri bilen iki taraplaýyn hem-de köptaraplaýyn esasda gatnaşyklary ýola goýmak, halkara parlament guramalarynyň we assambleýalaryň işine gatnaşmak, parlamentara dostluk toparlaryny döretmek, ýaş parlamentarileriň hyzmatdaşlygyny goldamak, zenan deputatlaryň işjeňligini ýokarlandyrmak boýunça bilelikdäki parlament çärelerini guramak arkaly durmuşa geçirilýär. 

Türkmenistanyň Mejlisiniň 7-nji çagyrylyşynyň dowamynda Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygynyň Türkmenistana amala aşyran sapary, Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýetiniň Seul şäherinde geçirilen Merkezi Aziýanyň we Koreýa Respublikasynyň Parlamentleriniň ýolbaşçylarynyň birinji duşuşygyna gatnaşmagy türkmen-koreý parlamentara hyzmatdaşlygyny berkitmäge mümkinçilikleri döretdi. Bu ýagdaý ikitaraplaýyn we sebitleýin derejede parlamentara hyzmatdaşlygynyň ösüşini nobatdaky gezek alamatlandyrýar.

Türkmenistanyň Mejlisinde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň we Koreýa Respublikasynyň Parlament ýolbaşçylarynyň ikinji duşuşygynyň «Parahatçylygyň, gülläp ösüşiň hem-de özara ynanyşmagyň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly umumy mejlisinde parlament ýolbaşçylary sebitleýin we ählumumy hyzmatdaşlygyň çäklerinde syýasy, ykdysady, durmuş, tehnologik, ekologiýa, kanunçylyk taýdan ýurt, sebit we ählumumy derejedäki tagallalaryň ähmiýetini bellediler. 

Ekologiýa we howanyň üýtgemegi bilen bagly mesele Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň çägindäki işiniň üns merkezinde durýar. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynda Türkmenistanyň Merkezi Aziýada daşky gurşaw meselelerine strategik taýdan çemeleşmekde möhüm ädim hökmünde ýöriteleşdirilen düzümi — BMG-niň Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini döretmek babatdaky işini dowam etdirjekdigi bellenildi.

Günüň ikinji ýarymynda duşuşygyň «Ykdysady hyzmatdaşlyk, sanly ykdysadyýet we senagat», «Merkezi Aziýa döwletleriniň we Koreýa Respublikasynyň arasynda Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde howanyň üýtgemeginiň netijelerini gowşatmak ugrunda hyzmatdaşlyk» atly bölümleri işledi. 

Parlamentarileriň çykyşlarynda şu duşuşyga gatnaşýan döwletleriň milli parlamentleriniň arasynda netijeli özara gatnaşyklary has-da berkitmegiň möhümdigi nygtaldy. Munuň özi häzirki döwrüň derwaýys meseleleriniň deňagramly çözgütleriniň işlenip düzülmegine, ýurtlaryň we halklaryň arasynda däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň, özara düşünişmegiň, ynanyşmagyň pugtalandyrylmagyna, ählumumy abadançylygyň, ösüşiň bähbitlerine laýyk gelýän köptaraply döwletara, sebit we sebitara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine ýardam berer. 

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy duşuşygyň jemleýji mejlisini geçirdi. Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy bilen Parlament ýolbaşçylarynyň ikitaraplaýyn duşuşyklary, türkmen-koreý ikinji geňeşme maslahaty, parlamentara dostluk toparlarynyň ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirildi. Merkezi Aziýa döwletleriniň we Koreýa Respublikasynyň parlament ýolbaşçylarynyň «Parahatçylygyň, gülläp ösüşiň we özara ynanyşmagyň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly tema boýunça ikinji duşuşygynyň Jarnamasy kabul edildi. 

Ýurdumyzy ähli ugurlar boýunça ösdürýän, milli gymmatlyklarymyzy dünýä çykarýan, milli kanunçylygy kämilleşdirmek ugrunda halkara we sebitleýin hyzmatdaşlyk babatynda giň mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimiziň, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, umumadamzat bähbitli döwletli tutumlarynyň rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris. 

 

Kerimguly GELDIÝEW, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň Halkara we parlamentara aragatnaşyklar baradaky komitetiniň agzasy.

18.10.2024 Giňişleýin

YKDYSADY SYÝASATYŇ ROWAÇLYGY

 

Ýurt Garasyzlygymyzyň 33 ýyllyk şanly toýunyň dabaralary ýadymyzdan çykmajak ýakymly täsirleri bilen ýurdumyzda belent ruhy ýokary göterişligi döretdi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygy bilen ösüşlerimiziň depgini has ýokarlanyp ugrady. Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde belleýşi ýaly, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygy bilen gazanylýan üstünlikler halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. 

Milli ykdysadyýetimiz her bir döwürdäkisinden hem tapawutly ösüşlere eýe bolýar. Adam başyna düşýän girdejiniň, adam maýasynyň hem-de ylmy-tehnologik ösüşleriň ýokary derejesi; ähli pudaklarda zähmet öndürijiliginiň ýokary bolmagy; ykdysady özgertmeleriň işjeň depgini; dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyplylyk ykdysady ösüşleriň esasy aýratynlyklaryny düzýär. Şu ýylyň başyndan bäri jemi içerki önümiň ösüşiniň 6,3 göterim derejesinde durnukly saklanmagy hem hormatly Prezidentimiziň ykdysady syýasatynyň rowaçlygyna şaýatlyk edýär. 

Golaýda geçirilen Türkmenistanyň maýa goýum forumy döwletimiziň dünýä jemgyýetçiligi bilen ykdysady gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga, täze işewürlik hyzmatdaşlygyny ýola goýmaga we ýurdumyzyň maýa goýum mümkinçilikleri bilen tanyşmaga oňyn şert döretdi. Maglumatlardan görnüşi ýaly, «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyna» laýyklykda, şu ýylyň ahyryna çenli 38 milliard 500 million manat möçberinde düýpli maýa goýumlaryny özleşdirmek göz öňünde tutulýar. Bu maýa goýumlary ýurdumyzy ösdürmäge gönükdiriler hem-de täze önümçilik, medeni-durmuş maksatly desgalary gurmaga we döwrebaplaşdyrmaga şert döreder. Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygy bilen ykdysady ösüşiň nusgasynyň kämilleşdirilmegi ýene-de dowam etdirilýär. Aýratyn-da, onuň durmuş ulgamyna degişli ugurlary berkidilýär. Dünýä ykdysadyýetine işjeň goşulyşýan, bäsdeşlige ukyply, halkyň maddy hal-ýagdaýynyň has-da gowulandyrylmagyny üpjün edýän döwrebap ykdysadyýet barha pugtalandyrylýar.

Türkmenistan bu gün ähli ugurlarda uly ösüşlere eýe bolýan, kämil hem-de kuwwatly ykdysadyýeti bolan döwletleriň hatarynda tanalýar. Durmuş taýdan göz öňünde tutulan bazar ykdysadyýetiniň nusgasy we ýurdumyzy durnukly ösdürmek ugrunda alnyp barylýan giň möçberli işler ýokary depginli senagatlaşdyrma we innowasiýa syýasatyny utgaşykly alyp barmaga amatly şertleri döredýär. Oýlanyşykly işlenilip düzülen, giň möçberli milli Maksatnamalar üstünlikli amala aşyrylýar. Ýurdumyzyň ilatynyň ýaşaýyş derejesini düýpli gowulandyrmak üçin bar bolan ähli önümçilik, maliýe we zähmet serişdeleri herekete girizilýär. Azyk howpsuzlygynyň has berkidilendigini aýratyn belläsimiz gelýär. Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan ýerli önümlerimiziň sanawy ozalky ýyllardakydan has giňeldi. Eksporta iberilýän önümleriň öndürilişini artdyrmak boýunça netijeli çäreler amala aşyrylýar. Türkmenistanyň eksport kuwwatyny ösdürmek boýunça ýene-de uly mümkinçilikler peýda bolýar. Ýurdumyzyň ähli sebitleri bilen birlikde biziň welaýatymyzyň telekeçileriniň eksporta iberýän önümlerinden gelýän ykdysady peýdanyň möçberi onlarça million dollarlykdan ep-esli geçýär. Häzirki wagtda öndürilýän tekstil önümleriniň 70-80 göterimi Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna, Kanada, Russiýa, Türkiýä, Wengriýa, Hytaýa, Ukraina we beýleki ýurtlara ugradylýar. Milli ykdysadyýetimiziň dürli ugurlarynda bolup geçýän ösüşler özgerişlikleriň hem-de goýberilýän döwlet serişdeleriniň özüni ödeýändigini aýdyň görkezýär. 

 

Bahadur ŞADYÝEW, 

«Lebap gallaönümleri» önümçilik birleşiginiň 

Çärjew etrabynyň «Azatlyk» daýhan 

birleşiginiň galla agronomy, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

 

17.10.2024 Giňişleýin

SAGLYK ULGAMYNYŇ HUKUK BINÝADY

 

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, halkymyzyň saglygyny goramak, keselleriň öňüni almak, raýatlaryň ömür dowamlylygyny uzaltmak, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini pugtalandyrmak maksady bilen, güneşli Diýarymyzda giň möçberli işler durmuşa geçirilýär. «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, saglygy goraýyş ulgamy dünýä derejesinde yzygiderli ösdürilýär. Bu ugurda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy bilen birnäçe ýyllaryň dowamynda özara bähbitli hyzmatdaşlyk alnyp barylýar, ýurdumyzda gazanylýan üstünlikler bolsa halkara derejede ykrar edilýär. 

Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde halkymyza dünýä ülňülerine laýyk hyzmat edýän hassahanalar, bejeriş-dynç alyş, sagaldyş merkezleri, saglyk öýleri gurlup, olar döwrebap lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edildi. Il saglygy ýurt baýlygyna deňelýän ýurdumyzda «Saglyk» Döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde milli lukmançylygymyzy düýpli kämilleşdirmäge gönükdirilen «Raýatlaryň saglygyny gorap saklamak hakynda», «Ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak we wagyz etmek hakynda», «Çaganyň hukuklarynyň döwlet kepillikleri hakynda», «Iýmit önümleriniň hili hem-de howpsuzlygy hakynda», «Türkmenistanyň Sanitariýa kodeksi hakynda», «Şypahana işi hakynda», «Derman üpjünçiligi hakynda», «Alkogolyň zyýanly täsiriniň öňüni almak hakynda», «Psihiatrik kömek hakynda», «Ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek hakynda», «Ýokanç keselleriň öňüni almak hakynda» we ýene-de birnäçe Kanunlaryň kabul edilmegi saglygy goraýşyň hukuk binýadyny berkitmekde uly ähmiýete eýe boldy. 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyz we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz saglygy goraýyş ulgamynyň hemme taraplaýyn ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýärler. Ýurdumyzda halkara hyzmatdaşlygyna aýratyn ähmiýet berilmegi netijesinde Germaniýa Federatiw Respublikasy bilen işjeň hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Mälim bolşy ýaly, Germaniýanyň lukmançylyk maksatly iri kompaniýalary ýurdumyzda üstünlikli iş alyp barýarlar. Bu bolsa türkmen-german hyzmatdaşlygynyň uzak möhletleýin ýola goýlandygyna aýdyň şaýatlyk edýär. Şeýle halkara hyzmatdaşlyga mysal edip, ýurdumyzda döredilen «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasyny buýsanç bilen bellemelidiris. 

Ýurdumyzda saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli Aşgabatda Halkara  fiziologiýa ylmy-kliniki we Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezleri, Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde buýan kökünden derman serişdesini — glisirrizin turşusyny öndürmäge niýetlenen döwrebap kärhana, Mary şäherinde bolsa welaýat hem-de şäher Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň täze edara binasy açylyp ulanmaga berildi. Ýakyn geljekde Balkan, Lebap, Mary welaýatlarynda halkara derejeli Onkologiýa merkezlerini, Daşoguz welaýatynda bolsa Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezini gurmak göz öňünde tutulýar. Bular halkyň saglygy ugrunda edilýän aladalaryň aýdyň mysallarydyr. 

 

Jeren GYLYÇMYRADOWA, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

17.10.2024 Giňişleýin

TARYHY WAKALARA BUÝSANÇ

 

«Pä­him­-paý­has um­ma­ny Magtym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­lyn­da eziz Diýary­myz be­lent üs­tün­lik­ler bi­len ösüş­ler­den ösüş­le­re bar­ýar. Magtymgu­ly Py­ra­gy­nyň dog­lan gü­nü­niň 300 ýyl­lyk to­ýu­nyň toý­lan­ýan ýy­lyn­da hem ga­dym­dan gel­ýän mil­li me­de­ni­ýe­ti­miz dün­ýä ýa­ýyl­ýar. Hä­zir­ki aja­ýyp döw­rü­miz­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň oý­la­ny­şyk­ly alyp bar­ýan be­ýik iş­le­ri ýur­du­my­zyň şan-şöh­ra­ty­ny has-­da ýo­kar­lan­dyr­ýar. Bu ba­bat­da mak­sat­na­ma­la­ýyn iş­le­riň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi, me­de­ni mirasy­my­zyň çuň­ňur öw­re­nil­me­gi ýa­ly ugur­la­ry aý­ra­tyn gör­kez­mek bolar. Bu bol­sa halk­la­ryň ara­syn­da­ky dost-­do­gan­ly­gyň aý­dyň ýo­lu­ny üpjün ed­ýär. 

Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň, Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň ta­gal­la­la­ry ne­ti­je­sin­de ýur­du­myz hal­ka­ra de­re­je­sin­dä­ki mas­la­hat­la­ryň, fo­rum­la­ryň ge­çi­ril­ýän meka­ny­na öw­rül­di. Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň­ doglan ­gü­nü­niň 300 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li «Dö­wür­le­riň we siwilizasiýala­ryň öza­ra ara­bag­la­ny­şy­gy ­—­ pa­ra­hat­çy­ly­gyň we ösü­şiň bin­ýady» at­ly hal­ka­ra fo­rum hem halk­la­ryň­ arasynda medeni gatnaşyklary pug­ta­lan­dyr­dy. Ýur­du­my­zyň alyp bar­ýan hoş­ni­ýet­li syýasa­ty dür­li ýurt­lar bi­len dost-­do­gan­lyk gat­naşyk­la­ry­ny ber­kit­mä­ge gö­nük­di­ri­len­dir. Şun­da mil­li me­deni­ýe­tiň, me­de­ni­ýet dip­lo­ma­ti­ýa­sy­nyň ös­dü­ril­me­gi aý­ra­tyn bel­len­mä­ge my­na­syp­dyr. Çün­ki me­de­ni gatnaşyklaryň ber­ki­dil­me­gi halk­la­ryň ara­syn­da dost­-do­gan­ly­gy ösdürýär, hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry­nyň röw­şen gel­je­gi­ni üp­jün ed­ýär. Şu ajaýyp ýylymyzda hem medeniýet diplomatiýasy has-da ro­waç­lanýar, çün­ki «Pä­him-­paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­ly­myz­da mil­li gym­mat­lyk­la­ry­my­zy dün­ýä ýaýma­ga giň müm­kin­çi­lik­ler dö­re­dil­ýär. 

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de baý mil­li me­de­ni­ýe­ti­mi­zi we sun­ga­ty­my­zy dün­ýä ýaý­mak­da uly iş­ler dur­mu­şa geçi­ril­di. Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň eser­leri­niň dün­ýä dil­le­ri­ne ter­ji­me edil­me­gi, ki­tap bo­lup oky­jy­laryň ün­sü­ni çek­me­gi aý­ra­tyn ma­ny­-mazmuna eýe­dir. Mu­nuň özi ýurt­la­ryň, halk­la­ryň bi­rek­-bi­re­giň medeniýe­tin­den, ru­hy gym­mat­lyk­la­ryn­dan ha­bar­ly bol­ma­gy­na,­ dost-dogan­ly­gyň has­-da ber­ke­me­gi­ne ýardam edýär. 

Hal­ky­my­zyň örän baý mil­li mi­ra­sy bar. Ru­hy gymmatlyklarymyzyň gen­ji­-ha­zy­na­sy bo­lan nus­ga­wy ede­bi­ýa­ty­myz şu şöh­rat­ly ýy­ly­myz­da hem dün­ýä ýa­ýyl­ýar, akyl­dar şa­hyry­my­zyň aja­ýyp goş­gu­la­ry dün­ýä­de wa­gyz edil­ýär. Şeý­le hem şöh­rat­ly ta­ry­hy­my­za, edebi mi­ra­sy­my­za ba­gyş­la­nyp hal­ka­ra yl­my mas­la­hat­lar gu­ral­ýar. Bularyň äh­li­si mil­li mede­ni­ýe­ti­mi­ziň, asyr­lar­dan gel­ýän mil­li gymmatlyk­la­ry­myzyň dün­ýä­de ýa­ýyl­ma­gy­na oňat müm­kin­çi­lik­le­ri döred­ýär. Hä­zir­ki dö­wür­de hal­ky­myz mil­li me­de­ni­ýe­ti­mi­ziň dün­ýä ýaýyl­ýan­dy­gy­na, akyl­dar şa­hy­ryň goş­gu­la­ry­nyň halk­la­ryň dost­lu­gy­ny ber­kit­mek­de gym­mat­ly ha­zy­na bo­lup dur­ýandy­gy­na tüýs ýü­rek­den buýsan­ýar. Bu bol­sa hal­ky­my­zyň bag­ty­ýar­ly­gy­nyň, halk­la­ryň arasyndaky ­dost­-do­gan­ly­gyň has­-da pug­ta­lan­dy­ryl­ýan­dy­gy­nyň aý­dyň be­ýa­ny­dyr. 

 

Perman SAPAROW, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň durmuş syýasaty 

baradaky komitetiniň baş hünärmeni.

16.10.2024 Giňişleýin

HALK DEMOKRATIÝASYNYŇ ROWAÇLYGY

 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda hereket edýän demokratik gatnaşyklar täze röwüşde hil taýdan ýokary derejelere çykýar. 

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde Gahryman Arkadagymyz Halk Maslahatyna gatnaşyjylaryň öňünde maksatnamalaýyn çykyş edip, bu wekilçilikli mejlisiň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylan üstünlikleri has-da berkitmekde, halkymyzyň abadan ýaşaýşynyň bähbidine öňde duran örän möhüm soraglary maslahatlaşyp, anyk wezipeleri kesgitlemekde uly ähmiýetiniň boljakdygyna berk ynam bildirdi. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, ykbalyny halkyň ykbaly bilen mäkäm baglan Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy halkara derejede giňden bellenilýän ýylynda, geçen 33 ýylda biz amala aşyran işlerimiziň netijesinde halk bilen häkimiýetiň, döwlet bilen raýatyň arasynda örän mäkäm we synmaz gatnaşyklary – milli bähbitlerimiziň bitewüligini üpjün etdik. Bu bolsa Garaşsyz Türkmenistanyň ösüş nusgasynyň düýpli aýratynlygydyr – diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz belledi. 

Arkadagly Gahryman Serdarymyz özüniň taryhy çykyşynyň dowamynda: «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasy» esasynda ýurdumyzy ösdürmek üçin şu ýylyň ahyryna çenli 38 milliard 500 million manat möçberinde düýpli maýa goýumlar özleşdiriler. Bu serişdeleriň hasabyna täze önümçilik we medeni-durmuş maksatly desgalar gurulýar hem-de döwrebaplaşdyrylýar. Şäherlerimizi, obalarymyzy özgerdip, ýaşaýyş jaý toplumlaryny giň gerimde bina edýäris. Döwrebap kärhanalarda öndürilýän, dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply önümlerimiziň möçberi hem-de görnüşleri artdyrylar» diýip belledi.

 Şeýle - de hormatly Prezidentimiz öz taryhy çykyşynda: «Gadymy Beýik Ýüpek ýoluny täzeden dikeltmekde ýurdumyzda nusgalyk işler durmuşa geçirilýär. Ulag kommunikasiýalar toplumynda netijeli özgertmeler amala aşyrylýar. Ulagyň ähli görnüşleri bilen ýolagçy we ýük dolanyşygyny ösdürmek, halkara üstaşyr ulag mümkinçiligimizi doly ulanmak boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär. Bu ugurda ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasy we beýleki iri halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy alyp barýar» diýip, ulag ulgamyndaky ösüşlere-de ünsi çekdi. 

Hormatly Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, biziň ykdysady syýasatymyzyň baş maksadynyň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşyny yzygiderli gowulandyrmakdan ybaratdygyny nygtady. Häzirki döwürde ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda we 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Oba milli maksatnamasynda şu ýyl üçin göz öňünde tutulan esasy wezipeleriň ählisi diýen ýaly üstünlikli durmuşa geçirilýär. Gurmak we döretmek Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň esasy şygarydyr diýip, döwlet Baştutanymyz innowasion önümçilikleri döretmek, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini düýpli özgertmek boýunça gurluşyk we senagat toplumynda uly işleriň amala aşyrylýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, Arkadagly Serdarymyz Aşgabat we Arkadag şäherlerinde geçirilýän nusgalyk işler barada aýratyn durup geçdi. 

Gahryman Arkadagymyz mundan beýläk hem her bir raýatymyzyň abadan, bagtyýar durmuşda ýaşamagy, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe uly sepgitlere ýetmek üçin bilelikdäki tagallalar bilen bu möhüm wezipeleriň üstünlikli çözüljekdigine ynam bildirdi. 

 

Orazdurdy ABDYÝEW, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, 

mejlisiň Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar 

syýasaty baradaky komitetiniň agzasy

 

12.10.2024 Giňişleýin

DOSTDOGANLYK ÝOLLARY

 

Sport – parahatçylygyň ilçisi. Ony ösdürmekde, sport ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy berkitmekde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň uly tagallalary edýändigi hemmämizi guwandyrýar, buýsandyrýar. Ýer ýüzünde sport hyzmatdaşlygyny ýaýbaňlandyrmak boýunça alyp barýan giň gerimli işleri, iri ýaryşlary guramaçylykly geçirmekde toplan baý tejribesi berkarar döwletimiziň dünýäde sport ýurdy diýlip ykrar edilmegini üpjün etdi. Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 3-nji iýuny «Bütindünýä welosiped güni» diýip yglan etmek hakynda, şeýle-de, «Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek» atly Kararnamalary kabul etmegi bilen, bu ykrarnama täze belentliklere göterildi. 

«Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­lyn­da ýurdumyzyň ab­ra­ýy­ny ar­şa gö­ter­ýän şeý­le şan­ly wa­ka­la­ryň do­wa­mat-dowam bol­ma­gy kal­by­myz­da­ky buý­san­jy­my­zy has-da art­dyr­ýan ajaýyplyk­dyr. Mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň şan­ly 33 ýyl­ly­gy mynasybet­li toý çä­re­le­ri­niň tu­tuş ýurdu­my­zy gur­şap alan gün­le­rin­de geçi­ri­len BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 78-nji ses­si­ýa­syn­da Türkmenis­ta­nyň baş­lan­gy­jy bi­len «Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň oýun­la­ry» at­ly Ka­rar­na­ma­nyň ka­bul edil­me­gi, ýur­du­my­zyň bu başlangyjy­na dün­ýä­niň 87 döw­le­ti­niň aw­tor­daş bol­ma­gy ýurdumyzyň sport dip­lo­ma­ti­ýa­sy­nyň no­bat­da­ky aja­ýyp üs­tün­li­gi bo­lup da­ba­ra­lan­dy. 

Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da sport dip­lo­ma­ti­ýa­my­zyň ro­waçlyk­la­ra bes­len­ýän­di­gi­ne BMG-niň Baş As­samb­le­ýasy­nyň «Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň oýun­la­ry» at­ly Karar­na­ma­ny ka­bul et­me­gi­niň my­sa­lyn­da hal­ka­ra jem­gy­ýet­çi­ligi nobatda­ky ge­zek göz ýetir­di. Türk­me­nis­ta­nyň sport ýur­dy diý­lip yk­rar edil­me­gi­ne ge­ti­ren be­ýik iş­le­riň göz­ba­şyn­da dur­an, bu ugur­da dün­ýä nus­ga­lyk tu­tum­la­ry dur­mu­şa ge­çi­ren türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ju­da jaý­dar bel­leý­şi ýa­ly: «Tä­ze Kararnamanyň ka­bul edil­me­gi dün­ýä bi­le­le­şi­gi­niň Türk­me­nis­tan­da sporty we be­den­ter­bi­ýe-sa­gal­dyş he­re­ke­ti­ni ös­dür­mek, dost-do­gan­ly­gy pug­ta­lan­dyrmak bo­ýun­ça ge­çi­ril­ýän ägirt uly iş­le­ri ma­kul­la­ýandy­gy­nyň hem-de gol­da­ýan­dy­gy­nyň gü­wä­si­dir». 

 

Per­man SA­PA­ROW, 

Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň dur­muş sy­ýa­sa­ty 

ba­ra­da­ky ko­mi­te­ti­niň baş hü­när­me­ni.

12.10.2024 Giňişleýin

BAGTYÝARLYGYŇ BINÝADY

 

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda «Il saglygy — ýurt baýlygy» diýen pähimden ugur alnyp, jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy bolan adamyň saglygyny goramakda, ilatyň saglyk ýagdaýyny gowulandyrmakda, keselleriň öňüni almakda we olary ýok etmekde, saglygy goraýyş we derman senagaty pudagyny dünýä derejesinde ösdürmekde uly işler amala aşyrylýar. Bu işleriň netijesinde ýurtda ilata edilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň netijeliligi, hili, elýeterliligi ýokarlandy. Hereket edýän iri saglygy goraýyş edaralarynyň binalarynyň durky täzelendi we täze binalar guruldy, olar döwrebap lukmançylyk enjamlary, «Tiz kömek» awtoulaglary we beýleki serişdeler bilen üpjün edildi. Bir söz bilen aýdanymyzda, Gahryman Arkadagymyzyň we döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy ägirt uly üstünliklere beslenip, dünýäniň ösen saglyk ylmynyň tejribesi bilen baglanyşdyrylyp, bejerişiň täze tehniki enjamlary bilen enjamlaşdyryldy we maddy-enjamlaýyn binýady berkidildi.

Ýurdumyzda «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde saglygy goraýyş ulgamynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler ilatyň ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlary bilen üpjün edilmegine şert döredýär. Munuň özi ýurdumyzyň raýatlarynyň saglygyny berkitmäge, ömür dowamlylygyny artdyrmaga mümkinçilik berýär. Ýurdumyzda uly ösüşlere eýe bolýan saglyk ulgamynda gazanylýan ajaýyp üstünlikler, bejeriş-öňüni alyş hyzmatlary we derman senagatynda ýetilen täze sepgitler bu gün daşary ýurtlaryň, halkara guramalaryň ünsüni çekýär. Şunuň bilen baglylykda, saglygy goraýyş ulgamynda dürli keselleri öz wagtynda anyklamak we bejermek işleri güýçlendirilýär, sagdyn durmuş ýörelgelerini pugtalandyrmak, bedenterbiýäni we sporty giňden wagyz etmek üçin zerur şertler döredilýär. Bu bolsa halkymyzyň sagdyn we bagtyýar durmuşda ýaşamaga bolan hukugyny kepillendirýär. 

Saglyk ulgamynda amala aşyrylýan şeýle oňyn özgertmeler saglygy goraýyş işgärleriniň amatly şertlerde zähmet çekmegi üçin giň mümkinçilikleri açýar. Halkymyzyň sagdyn, bagtyýar ýaşamagy ugrundaky taýsyz tagallalary, bu ugurda döredip berýän ajaýyp şertleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş aýdýarys. 

Wezirgeldi Aşyrow, 

welaýat arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy 

göreşmek gullugynyň başlygynyň orunbasary, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty

10.10.2024 Giňişleýin

«ÝIGITLIK BIR GYZYL GÜLDÜR»

 

Şygyrlary pähim-paýhas ummanyna deňelýän akyldar şahyrymyzyň edebi mirasy täze taryhy eýýamyň bagtyýar ýaşlary üçin durmuş mekdebidir. Beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň ýaşlyk, ýigitlik hakyndaky pikir-garaýyşlary häzirki döwrüň kämil, giň dünýä garaýyşly nesillerini terbiýelemekde uly ähmiýete eýedir. Akyldar şahyrymyz: «Ýigitlik bir gyzyl güldür» diýmek bilen, durmuşyň ýaşlyk bilen — ýigitlik bilen gözeldigini ündeýär. 

Magtymguly Pyragynyň eserlerinde ýigitlik düşünjesi ýaşlyk düşünjesi bilen manydaş şekilde ulanylýar. Muny şahyryň «Gidiji bolma» goşgusyndaky: 

Ýigitlik bostandyr, garrylyk hazan, 

Bostany hazana satyjy bolma! — 

diýen setirlerinde aýdyň görmek bolýar. Ýigitligi bossana deňän şahyryň döredijiligi köp taraply. Akyldar şahyryň gymmatly eserlerinde «ýigitlik, ýigit» ýaly sözleriň dürli manylarda ulanylyşyna gabat gelinýär. 

Türkmen ýigidiniň merdanalyk sypatlary, ahlak häsiýetleri, durmuşdaky orny barada Magtymguly atamyzyň goşgularynda giňden beýan edilýär. Şahyryň «Gerekdir» atly goşgusynda:

Ýigit öler ýurt üstünde,

Janyn berip ar üstünde.

Goç ýigitler il üstünde,

Namys bilen ar gerekdir — 

diýlip, türkmen ýigidiniň mertlik, gahrymançylyk ýaly ahlak sypatlary wasp edilýär. Bilşimiz ýaly, geçmişde türkmen ýigidiniň keşbi mertlikde, gahrymançylykda we batyrlykda äleme belli bolupdyr. Taryha ser salsak, Oguz han, Görogly, Alp Arslan, Mälik şa, Jelaletdin Meňburun ýaly gerçek türkmen ýigitleriniň gahrymançylygy hakynda gyzykly maglumatlara duşmak bolýar. Dürli ýurtlarda we ülkelerde mertligi, gaýduwsyzlygy bilen tanalýan türkmen ýigidiniň keşbi dana şahyryň eserlerinde täsirli suratlandyrylýar. Akyldar şahyrymyzyň mertlikde ile özüni tanadan gerçeklere bagyşlan «Çowdur han üçin», «Döwletalynyň» ýaly goşgularynda edermen türkmen ýigitleriniň çeper keşbini görmek bolýar. 

Mert ýigitde jemlenen häsiýetler baradaky pikirlere beýik söz ussadynyň pähim-paýhasa baý eserlerinde ýygy-ýygydan duşmak bolýar. Şahyryň «Otur-turuşyn görüň» atly goşgusyndaky: 

Namart ýörer mydam ölümden gaçyp, 

Öýüne gelende, zährini saçyp, 

Mert ýigit myhmana göwsüni açyp, 

Namardyň meýdana baryşyn görüň — 

ýa-da: 

Goç ýigidiň işi söhbet-saz bolar,

Köňli gyş bolmaýan, daýym ýaz bolar, 

Ýagşynyň köňlünde kine az bolar, 

Ýamanyň günde bir uruşyn görüň — 

diýen setirlerde mert ýigidiň häsiýetleri suratlandyrylýar. Myhmana güler ýüz bermek, oňa söwüş etmek merdiň işi hasaplanypdyr. Şahyryň: «Mert çykar myhmana güler ýüz bilen» diýen ýaly nakyla öwrülen gymmatly jümleleri türkmen ýigidiniň durmuş ýörelgesine öwrüldi. 

Akyldar şahyryň mertlik, ýigitlik, ýaşlyk baradaky garaýyşlary häzirki döwrüň kämil neslini terbiýelemekde möhüm ähmiýete eýedir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döredilýän giň mümkinçilikler ýaşlaryň ata-baba ýol-ýörelgelerine berk eýerip, ylymly, bilimli, hünärli bolmagyna mümkinçilik berýär. Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda akyldar şahyryň pikir-garaýyşlary wysalyna gowuşýar. 

 

Magsat OTUZOW, 

TMÝG-niň welaýat geňeşiniň başlygy, 

Mejlisiň deputaty.

10.10.2024 Giňişleýin

AGZYBIRLIK — BELENT MAKSATLARA BADALGA

 

Be­ýik Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň 33 ýyl­lyk baý­ra­my­nyň öňü­sy­ra­syn­da ýo­ka­ry de­re­je­de ge­çi­ri­len Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň no­bat­da­ky mej­li­si ýur­du­my­zyň dur­mu­şyn­da­ky mö­hüm jem­gy­ýet­çi­lik-sy­ýa­sy äh­mi­ýet­li wa­ka hök­mün­de iň tä­ze ta­ry­hy­my­za al­tyn harp­lar bi­len ýa­zyl­dy. Äh­li­halk fo­ru­my ber­ka­rar Wa­ta­ny­myz­da mil­li de­mok­ra­ti­ýa­nyň, asyr­la­ryň kä­mil­lik mek­de­bi­ni ge­çen ýol-ýö­rel­ge­le­ri­mi­ziň dün­ýä tej­ri­be­si­niň ga­za­nan­la­ry, umu­ma­dam­zat gym­mat­lyk­la­ry bi­len saz­la­şyk­ly ut­gaş­dy­ryl­ýan­dy­gy­ny, ös­dü­ril­ýän­di­gi­ni ja­ha­na ýaý­ýar. 

Ilkinji nobatda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň jemgyýetde agzybirligi berkitmekde möhüm ähmiýete eýedigini bellemek gerek. Umumymilli forum halk häkimiýetiniň kämil nusgasy hökmünde demokratik, hukuk we dünýewi döwletimizde häkimiýet bilen halkyň jebisligini üpjün etmäge mynasyp goşant goşýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň oýlanyşykly başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda kämil demokratik ýörelgeleriň işjeň durmuşa geçirilmegi guwandyryjydyr. 

Halkyň agzybirligini, jebisligini pugtalandyrmakda, taýsyz döredijilik ukyp-başarnygyny bir bitewi güýje öwürmekde möhüm ähmiýete eýe bolan, öz işinde demokratik, konstitusion ýörelgelere berk eýerýän hem-de halkyň bähbitlerine hyzmat edýän Türkmenistanyň Halk Maslahaty eziz Diýarymyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazananlaryny has-da berkitmegi baş maksat edinýär. Şeýle asylly maksada ýetmegiň ýollary ata Watanymyzyň köpugurly okgunly ösüşinde dürli ulgamlarda täze sepgitlere ýetmekde möhüm wezipeleri halk wekilleri bilen ara alyp maslahatlaşmak, olar babatda oňyn netijelere gönükdirilen çözgütleri kabul etmek ýaly tagallalarda jemlenýär. 

Bu babatda Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde garalan meseleler, öňde goýlan aýdyň wezipeler, kabul edilen ilhalar çözgütler täze taryhy eýýamda belent sepgitleri nazarlaýan berkarar Watanymyzyň geljeginiň nuranadygyna, röwşendigine bolan ählihalk ynamyny has-da berkidýär. Sebäbi Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizi dünýä ylmynyň iň täze gazananlary hem-de innowasion tehnologiýalar, sanly ulgam esasynda ýokary depginde senagatlaşdyrmak, netijede, ata Watanymyzyň dünýäniň okgunly ösýän döwletleriniň hataryndaky mynasyp ornuny mundan beýläk-de pugtalandyrmak babatdaky ykdysady syýasaty, ilkinji nobatda, halkymyzyň, bagtyýar ýaşlarymyzyň abadan, eşretli ýaşaýyş-durmuşyna gönükdirilendir. Şeýle asylly maksat-tutumlary nazarlaýan ykdysady özgertmeler «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna», «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyna», şeýle-de beýleki ulgamlaýyn, pudaklaýyn maksatnamalara daýanýar. Bu maksatnamalar azyk, ulag-logistika, tehnologiýa, energiýa we ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek, milli önümlerimiziň dünýä bazarynda bäsleşige ukyplylygyny hem-de eksport mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak ýaly wajyp wezipeleri öz içine alýar. Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň yzygiderli ýokarlanmagynda möhüm ähmiýete eýe bolan bu wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi zähmetsöýer halkymyzyň eşretli durmuşyny üpjün etmegiň baş şertidir. 

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň taryhy wakalarynyň hatarynda mynasyp orun aldy. «Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş ýörelgelerimize berk eýermek arkaly üstünlikli amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmelerimiziň esasy maksadynyň ýurdumyzy gülletmekden, halkymyzyň bagtyýarlygyny has-da berkitmekden ybaratdygyny ýene bir ýola bütin aýdyňlygy bilen äşgär edýär. Munuň üçin merdana halkymyzyň, röwşen geljegimiziň eýeleri bolan ýaş nesillerimiziň Milli Liderimize hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza bolan alkyşlary soňsuzdyr. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň hemde hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak, döwletli işleri rowaç bolsun! 

 

Guwanç ÇENDIROW, 

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar 

guramasynyň Balkan welaýat geňeşiniň başlygy, 

Mejlisiň deputaty.

05.10.2024 Giňişleýin
1 ... 47 48 49 50 51 ... 104