​Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский

Выступления и Статьи

ÄNEW MEDENIÝETI ÄLEME ÝAÝYLÝAR

 

Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli giň gerimli çärelere badalga berilmeginiň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiz «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitabyny halkymyza sowgat etdi. Toý şatlygyny artdyran gymmatly serpaý döwletiň we jemgyýetiň sazlaşykly ösüşinde, nesilleriň ruhy we ahlak kämilliginde baý medeni-taryhy gymmatlyklarymyzyň möhüm orna eýedigini ýene bir gezek tassyklady. 

Täze eser ady äleme dolan Änew medeniýetini, onuň dünýäniň medeni ösüşindäki mynasyp ornuny ylmy maglumatlara salgylanmak arkaly beýan edýär. Üç dilde çap edilen kitabyň dünýäniň ylmy jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döretjekligi hem şol anyk taryhy maglumatlar bilen berk baglydyr. Sebäbi halkymyzyň şöhratly geçmişinden, gurmak, döretmek ýaly sogaply ýörelgelerinden söhbet açýan ylmy maglumatlaryň her biri ylmy jemgyýetçiligi täze taryhy açyşlara çagyrýar. Änewiň taryhy gymmatlyklary başga ýerlerde duş gelmeýän özboluşly sungat eserleri bolup, olar ata-babalarymyzyň dünýäniň medeni ösüşine goşan ummasyz goşantlarynyň buýsançly tassyknamasydyr. «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitap özüniň çuňňur many-mazmunynda şunuň ýaly mizemez durmuş hakykatlaryny jemlemek bilen, şöhratly geçmiş taryhymyza, keremli topragymyza, gülläp ösüşiň nurana ýolundan okgunly öňe barýan berkarar Watanymyza bolan buýsanjymyzy, guwanjymyzy has-da artdyrýar. 

Şöhratly taryhymyzy, milli ruhy-medeni mirasymyzy äleme ýaýyp, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň dünýä dolan abraý-mertebesini has-da belende göterýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher zehininden döräp, giň okyjylar köpçüliginiň söýgüsine mynasyp bolýan şeýle eserleriniň höwrüniň köp bolmagyny arzuw edýäris. 

 

Wezirgeldi Aşyrow, 

welaýat arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna 

garşy göreşmek gullugynyň başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty

AÝDYŇ GELJEGIMIZIŇ MAKSATLARY

 

“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly taryhy wakalara beslenýär. Bilşimiz ýaly, şu ýylyň fewral aýynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklygynda Maslahatlar merkezinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi geçirildi. Onuň gün tertibine “Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny” durmuşa geçirmek, şu ýyl ýerne ýetirilmeli işleriň esasy ugurlary boýunça çäreleriň Meýilnamasyny ara alyp maslahatlaşmak bilen bagly meseleler girizildi. 

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz mejlise gatnaşyjylaryň öňünde maksatnamalaýyn çykyş etdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk ýubleýini giňden belläp geçmek boýunça amala aşyrylýan işlere aýratyn üns çekdi. Mejlisde Gahryman Arkadagymyz 2023-nji ýylda amala aşyrylan işleriň netijelerine syn berdi we jemi içerki önümiň ösüş depgininiň durnukly saklanandygyny belledi. 

Mejlisiň dowamynda ýurdumyzyň içerki ösüşi bilen bagly käbir görkezijilere üns çekildi. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty barha artdy, jemi içerki önümiň ösüş depgini durnukly saklanyp galdy. 2009-njy ýyldan bäri ortaça 6 göterimden ýokary ösüş emele geldi. Soňky 15 ýylyň dowamynda jemi içerki önümiň möçberi 3,7 esse artyp, ýurdumyzda öndürilýän önümleriň görnüşleri ýokarlandyryldy. Geçen ýyllar bilen deňeşdirilende, 2023-nji ýylda öndürilen senagat önümleriniň möçberi 3 esseden gowrak artdy. Içerki bazarda haryt üpjünçiligi doly kanagatlandyrylýar. 2023-nji ýylda bölek-satuw haryt dolanyşygynyň möçberi 2008-nji ýyl bilen deňeşdirilende 8,5 esse artyp, 140 million manada barabar boldy. 

Gahryman Arkadagymyzyň öňümizde goýýan wezipelerinden ugur alyp, kanunçylygy döwrebap kämilleşdirmekde, kabul edilen kanunlar bilen halkymyzy tanyşdyrmakda we halkyň hukuk bilimini ýokarlandyrmakda wagyz-nesihat işlerini giňden alyp barýarys. 

 

Begenç GURBANGELDIÝEW. 

Türkmenistanyň “Halk bank” paýdarlar täjirçilik 

bankynyň Tagtabazar şahamçasynyň dolandyryjysy 

wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

 

DANA ŞAHYRYŇ GYMMATLY MIRASY

 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe edebi mirasymyzy düýpli öwrenmekde, ony dünýä giňden ýaýmakda ägirt uly işler bitirilýär. Bu möhüm meselede Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen tutumly işler ýaýbaňlandyrylýar. Edebi mirasyna, ruhy gymmatlyklaryna sarpa goýýan halkymyzyň geljegi aýdyňdyr. 

Ýokarda aýdanlarymyzy Gündogaryň beýik şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna görülýän taýýarlyk çäreleri hem aýdyň äşgär edýär. Magtymguly atamyzyň soňky nesillere miras galdyran eserleri terbiýe mekdebidir. Asyrlar aňsada, onuň watan söýüjilige, mertlige, lebzi halallyga, ruhy-ahlak terbiýesine ýugrulan şygyrlary häzirki döwürde-de gadyr-gymmaty bilen haýran galdyrýar. Özbaşdak türkmen döwletini, türkmeniň aňynyň bir suprada taýýar kylynmagyny arzuwlan Magtymguly atamyzyň isleg-arzuwy hasyl boldy. Dana şahyrymyzyň şygarlarynda ata Watana, ene topraga çäksiz söýgi, edep-terbiýelilige, ahlaklylyga, halal zähmete, gaýduwsyzlyga, sagdyn durmuşa, ruhubelentlige çagyryş çeper beýan edilýär.

Bilşimiz ýaly, Magtymgulynyň eserleri dünýäniň halklarynyň ençemesiniň dillerine terjime edildi. Şonuň üçinem Magtymguly atamyzyň şygyrlary dürli ýurtlaryň okyjylaryna tanyşdyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde eden çykyşynda: “Magtymguly Pyragy öz ynsanperwer garaýyşlary bilen her bir ynsana, bütin adamzada söýginiň, ählumumy sazlaşygyň dogry ýoluny salgy berýär. Bu gün Magtymgulynyň ömür-döredijiligini, edebi mirasyny ýurdumyzda we daşary ýurtlarda öwrenmek hem-de wagyz etmek ugrunda alnyp barylýan işler örän möhüm ähmiýete eýedir. Ýurdumyzda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli şu ýyl Arkadag şäherinde ilkinji gezek Medeniýet hepdeligini geçireris” diýmek bilen, barha golaý gelýän şanly senäniň ähmiýetine ünsi çekýär.

Häzirki wagtda güneşli Diýarymyzda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna taýýarlyk işleri barha işjeň häsiýete eýe bolýar. Munuň özi taryhy senäniň ägirt uly ähmiýetine subutnamadyr. 

 

Atamyrat KÖSSEKOW. 

Sakarçäge etrap pensiýa gaznasynyň bölüminiň 

pensiýalar bölümçesiniň başlygy, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

YHLAS HEM-DE HÖWES BILEN

 

Şeýle bir taryhy wakalar, şanly günler bolýar. Olar ýaşaýyş-durmuşa täze joşgun, täze bir bat berýärler. Şolar bilen birlikde ýaşaýyş akabalarynyň özgerdiji güýji has köpelýär, durmuş-ýaşaýşymyzyň mazmuny täze mana eýe bolýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda şeýle mazmunly wakalara beslenýän günlerimiziň has köpdügine buýsanjymyz artýar. 

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň toý dabaralary, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynyň elimize gowuşmagy, Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi, Milli Liderimiziň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde eden taryhy çykyşy, hormatly Prezidentimiziň oba hojalygynyň öňe gitmegine gönükdirilen Kararlary «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň many-mazmunyny has baýlaşdyrdy. Döwletimiziň we jemgyýetimiziň ösüşlerine itergi berýän bu wakalaryň hersiniň uly ähmiýeti bar. Şeýle wakalaryň jümmüşinde ýurdumyz ösüşleriň ýoluny külterleýär. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 9-njy fewralynda bolup geçen giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiziň pudagyň öňe gitmegine gönükdirilen möhüm Kararlaryň uly toparyny kabul etmegi daýhanlaryň ruhlaryny belende göterdi, işe bolan höweslerini joşdurdy. 

Döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzyň oba hojalygyny düýpli özgertmek hem-de pudagy dolandyrmagy has-da kämilleşdirmek maksady bilen Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligini täzeden üýtgedip guramak, daýhanlaryň zähmetini höweslendirmek üçin bugdaýyň we pagtanyň döwlet satyn alyş bahalaryny ýokarlandyrmak barada kabul eden Kararlarynyň ähmiýetiniň uludygyny biz durmuşymyzda görýäris. Bu möhüm resminamalar pudakdaky işleriň sazlaşykly we netijeli alnyp barylmagyna oňyn täsirini ýetirýär. Şonuň bilen birlikde döwletimiziň ykdysady binýady has-da berkeýär. 2024-nji ýylyň täze hasylyndan başlap, bugdaýyň bir tonnasyny döwletimiz daýhandan 2000 manatdan satyn alýar. Öňküsinden tapawutlylykda bu ýyl bugdaýyň bir tonnasynyň bahasy 2,5 esse ýokarlandyryldy. 

Pagtanyň bir tonnasy üçin döwlet satyn alyş bahalary ýygymyň başlanýan gününden 15-nji oktýabra çenli 5 müň manat, 15-nji oktýabrdan 15-nji noýabra çenli 4 müň 770 manat, 15-nji noýabrdan ýygymyň tamamlanýan gününe çenli 4 müň 550 manat möçberde bolar.

Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we hormatly Prezidentimiziň oba hojalygynda üstünlikli dowam etdirýän özgertmeleriniň çägi giňdir, şolaryň hasabyna pudagyň önüm öndürijilik ukyby ýene-de ýokarlandyrylýar. Oba hojalygyny ösdürmek bilen döwletimiziň ykdysady binýady has berkeýär. Bu özgerdiji Kararlaryň täsiri öz zähmet çekýän daýhan birleşigimiziň mysalynda hem aýdyň duýulýar. Biziň daýhan birleşigimizde kärendeçileriň 225-si bugdaý öndürmek bilen meşgullanýar. Daýhanlaryň ekin meýdanlaryndan bol hasyl almaklary üçin zerur bolan şertleriň ählisi üpjün edilýär, öňde baryjy iş usullary ýerlikli ulanylýar. Şertnamalaýyn borçnamadan artyk öndürilen önümleri olaryň islegi boýunça öz garamagynda galdyrylýar we erkin bahalar boýunça ýerlemek hukugy berilýär. Bu bolsa ýer eýeleriniň ýokary hasyl almaga bolan höweslerini artdyrdy. Daýhan birleşigimizde şu ýyl bugdaý ekilen 635 gektar meýdandan 2250 tonna hasyly ýygnamak maksat edinilýär. Hormatly Prezidentimiziň Kararlaryndan ruhlanan gallaçylarymyzyň öňde goýlan sepgidi eýelejekdiklerine ynamlary ýetik. Ynha, Gülüstan Annamyradowa daýhan birleşiginde ussat kärendeçileriň birisi. Onuň geçen ýylyň galla oragynda bugdaý eken 3 gektar kärende ýerinden ýygnan hasyly 17 tonna 260 kilograma barabar boldy. Ussat kärendeçiniň artykmaç ýygnan hasyly 6 tonnadan hem geçdi. Zarawşan Durdymyradowa hem 2 gektar kärende ýerinden 7 tonna 300 kilograma derek 11 tonna 200 kilogram bugdaý hasylyny döwlete tabşyrdy. Garýagdy Guwandykow bolsa 3 gektar ýerinden 20 tonna 200 kilogram bugdaý hasylyny ýygnap, şertnamalaýyn borçnamasyny 2 essä golaý berjaý etdi. Gülnara Hakyýewa, Hezretkuly Hydyrow ýaly kärendeçiler hem 3-4 tonna bugdaý hasylyny meýilleşdirileninden artyk tabşyrdylar. Şu ýyl hem olar ýokary hasyl ýygnamak höwesleri bilen joşýarlar. Döwlet Baştutanymyzyň bugdaýyň we pagtanyň döwlet satyn alyş bahalaryny ýokarlandyrmak barada kabul eden Karary işine ussat daýhanlaryň yhlaslaryna yhlas goşdy. Hut şeýle daýhanlaryň we öňdebaryjy daýhan hojalyklarynyň hasabyna oba hojalyk önümleriniň öndürilişi boýunça öňde goýlan maksatlara üstünlikli ýetilýär. Şeýle möhüm Kararlar azyklyk önümleriň bolçulygyny üpjün etmäge-de güýçli täsirini ýetirýär. Azyk garaşsyzlygynyň esasy görkezijisi bolup durýan dänä bolan islegiň oba hojalyk toplumy tarapyndan doly kanagatlandyrylmagy döwletimiziň daýhanlar baradaky edýän aladalarynyň we olara berýän uly goldawynyň ýerine düşýändigini aýdyň görkezýär. Munuň üçin ýer eýeleri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan nusgalyk işleriniň mydama rowaç almagyny arzuw edýärler. 

 

Bahadur ŞADYÝEW, 

«Lebapgallaönümleri» önümçilik birleşiginiň Çärjew etrabynyň «Azatlyk» daýhan birleşigindäki galla agronomy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

 

MAGTYMGULY WE SAHY JEPBAROW

 

Meşhur syýahatçy Arminiý Wamberiniň: «Türkmenlerde iň gowy lezzet bagşynyň gelmegi we onuň Görogludan ýa-da Magtymguludan aýdym aýtmagydyr» diýen sözleri halkymyzyň söze hem saza näderejede uly sarpa goýýandygyny görkezýär. Hakykatdan hem, milli aýdym-saz sungatymyzda öçmejek yz galdyran bagşy-sazandalaryň akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň goşgularyna döredilen aýdymlary aýtmadygy ýa-da onuň goşgularyna saz döretmedigi ýok diýen ýalydyr. Dana Pyragynyň pähim-paýhasa ýugrulan goşgularynyň dilden-dile geçmeginde bagşy-sazandalaryň bitiren hyzmatlary örän uludyr. Bu ugra uly goşant goşanlaryň biri-de meniň garry atam, halypa bagşy, Türkmenistanyň halk artisti, Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň eýesi Sahy Jepbarowdyr. 

Meşhur bagşy bilen akyldar şahyrymyzy nämeler baglaýarka? Beýik söz ussadymyz Magtymguly Pyragynyň edebiýatymyzyň millileşmeginde örän uly hyzmaty bardyr. Ol özüniň pähim-paýhasa ýugrulan goşgulary bilen diňe ýurdumyzda däl, eýsem, dünýä ýüzünde giňden tanalýar. Sahy Jepbarow bolsa dana Pyragynyň döredijilik dünýäsini şirin owazlara besläp, halkyna ruhy lezzet paýlan saýrak bilbildir, halkynyň ussat bagşysydyr. 

Sahy Jepbarow beýik şahyryň sözlerine «Bu gün», «Är ýanynda bellidir», «Gözel sen», «Näler görüner», «Pygan eglenmez», «Ykbal bolmady», «Daş döker», «Jem bolup» ýaly aýdymlary şirin owaz bilen bezäp, il-gününe miras galdyrdy. Bu aýdymlaryň halk içinde şeýle söýlüp diňlenilmeginiň aňyrsynda «Ýusup owgan», «Ýar ahym», «Kyýamat perdesi», «Saparmämmet», «Pelek ömrüm», «Ýow bagşy», «Hatyrjem», «Nowgül» ýaly sazlaryň ussatlyk bilen ulanylyp, şol goşgular bilen sazlaşygy döretmegi ýatyr.

Magtymguly Pyragy öz dürdäne goşgulary bilen milli şygryýet mekdebini döredip, özünden soňky şahyrlara nusgalyk ýol goýan bolsa, Sahy Jepbarow aýdym-saz sungatymyzda özboluşly mekdebi döredip, ençeme ýaş zehinleri ýetişdirdi. Halypa bagşy barada Türkmenistanyň halk artisti, Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň eýesi, sazanda Akmyrat Çaryýew şeýle ýatlaýar: 

— Sahy halypa bilen on bir ýyllap duz-emek bolup gatnaşdyk. Şol geçen ýyllaryň içinde Ata Ablyýew bilen ussadymyza sazandarlyk edip, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bile çykyş etdik. Ol Magtymguly atamyzyň goşgularyna döredilen aýdymlary aýtmaly bolanda, az-kem oýa batardy. Soňra pikirini bir ýere jemläp, belent heňde aýdyma başlardy. 

Hawa, bu iki tanymal şahsyýeti biri-birine baglaýan zat, olaryň Hak tarapyn berlen zehinini, köňle gelenini taraşlap, halka ýetirmegi bilen baglydyr. 

 

Sahyberdi JAFAROW,

 Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, 

Kada-kanunçylyk komitetiniň agzasy. 

 

BAGTYÝAR GELJEGIŇ GAÝYM BINÝADY

 

«Halkyň saglygy diňe bir ýurduň baş baýlygy bolman, eýsem, türkmenistanlylaryň geljek nesilleriniň bagtyýar durmuşynyň hem berk binýadydyr!» diýip belleýän Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň ýagty geljegi ugrunda dünýä nusgalyk işleri durmuş hakykatyna öwürýär. Howandarlyga mätäç çagalaryň arkasynda dag ýaly durýan, hossarlyk aladalary bilen olaryň maşgalasyny Gün ýaly çoýýan lukman Arkadagymyz körpe nesliň saglygy bilen ýygy-ýygydan gyzyklanyp, degişli işleri geljekde-de dowam etdirmek üçin Türkmenistanyň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýeterlik serişdeleriniň bardygyny belleýär. Bu ynsanperwer ýörelgeler Gahryman Arkadagymyzyň döwletli tutumlaryndan badalga alyp, ýurdumyzyň ähli welaýatlaryna hem özüniň nurly şöhlesini saçýar. 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň ynsanperwer ýörelgeleri we ruhy gymmatlyklary Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwlet syýasatynda öz beýanyny tapýar. Hormatly Prezidentimize haýyr-sahawat işini ösdürmekde, ýurdumyzda ynsanperwerlik, adalatlylyk, özara kömek bermek ýörelgelerini durmuşa geçirmekde bitiren aýratyn hyzmatlary, Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň işine berýän hemişelik goldawy üçin Türkmenistanyň «Arkadag» medalynyň gowşurylmagy hem munuň aýdyň güwäsidir. Bu ýokary derejeli döwlet sylagy bilen işine yhlasly, baý tejribeli ildeşlerimiziň, daşary ýurt raýatlarynyň hem köpsanlysynyň sylaglanylýandygy aýratyn bellenilmäge mynasyp. 

«Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy» atly kitapda bellenilişi ýaly, gaznanyň döredilmegi ýurdumyzyň her bir raýatyna haýyr-sahawat işini amala aşyrmaga mümkinçilik berýär. Döredilen gününden bäri geçen üç ýylyň dowamynda gazna tarapyndan asyrlara barabar sogaply işler durmuşa geçirildi. Bu ugurda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz ähli ildeşlerimize şahsy görelde görkezýär. Döwletimiz Birleşen Milletler Guramasy we beýleki abraýly halkara guramalar tarapyndan hemişe goldanylýar we ynsan saglygyny goramakda gazanylýan oňyn üstünlikler üçin birnäçe güwänamalara mynasyp boldy. Ýakynda BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko tarapyndan haýyr-sahawat gaznasynyň hemaýata mätäç çagalara kömek etmekde 2030-njy ýyla çenli durnukly ösüş ulgamynda gün tertibiniň binýatlyk «Hiç kimi yzda galdyrmazlyk» ýörelgesini berjaý etmekde goşýan gymmatly goşandy üçin mynasyp bolan güwänamasyny gowşurmagy ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş nesliň saglygyny goramak babatyndaky ynsanperwer işleriň nusga alarlykdygyny doly tassyklaýar. 

Häzirki wagta çenli Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna ýokary derejeli bejeriş-sagaldyş işleri geçirilip, mümkinçiligi çäkli çagalaryň ýüzlerçesiniň saglygy dikeldildi. Mundan başga-da bu gaznanyň serişdeleriniň hasabyna ýurdumyzyň welaýatlaryndaky birnäçe lukmançylyk edaralary, mekdep-internatlary we çagalar öýleri zerur bolan lukmançylyk enjamlary we «Tiz kömek» awtoulaglary bilen üpjün edildi. 

Saglygyna gowşan çagalaryň we olaryň hossarlarynyň bagtyýarlygy ulus-ilimiziň kalbyna egsilmez şatlygy bagyşlaýar. 

Halkymyzyň asyrlaryň dowamynda kemala gelen asylly ýörelgeleriniň mynasyp dowam etdirilmegi ýaşlaryň sagdyn, berk bedenli, ruhubelent bolup ýetişmeklerinde, özbaşdak durmuşa taýýarlanmaklarynda uly ähmiýete eýedir. Watanymyzyň ýagty geljegi bolan ýaş nesliň saglygy ugrunda berilýän goldaw-hemaýatlar we netijeli zähmet çekmekde döredilýän giň şertler üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys. Goý, ýaş nesliň saglygy barada ýadawsyz aladalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag bolsun, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin! 

 

Gadam HEMRAÝEW, 

welaýat saglygy goraýyş müdirliginiň başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty

POLAT ÝOLLAR ALYSLARY ÝAKYNLADÝAR

 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiz üçin ösüş-özgerişleriň zamanasy bolýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňe süren “Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!” diýen şygaryna eýerýän türkmen halky Türkmenistan Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmekde tutan ýerli zähmet çekýär. 

Şeýle ösüş depgininiň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” diýlip yglan edilen üstümizdäki ýylda-da dowam edýändigi belent sepgitleriň kepilidir. Ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklary bilen birlikde, ulag ulgamynyň işini döwrebaplaşdyrmak hemişe möhümdigine galýar. Ulag ulgamynda “Demir ýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine jogapkärli wezipe düşýär. Ýurdumyzyň demir ýollarynyň sazlaşykly işiniň üpjün edilmegi milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlarynyň durnukly işine mümkinçilik berýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen Garaşsyz döwletimiziň ulag ulgamynyň, aýratynam, ýokarda ady agzalan paýdarlar jemgyýetiniň işini kämilleşdirmäge gönükdirilen wajyp wezipeleriň çözgüdine badalga berilýär. 

Şeýlelikde, ýurdumyzyň polat ýollaryndan dürli görnüşli ýükleri bellenilen ýerlere ýetirmekde gowy görkezijiler gazanylýar. Demir ýolçularymyzyň birleşen tagallalary bilen dürli maksatly ýükleriň öz wagtynda bellenilen nokatlara ýetirilmegi ygtybarly üpjün edilýär. Elbetde, bu wezipäniň aladasam, jogapkärçiligem ýetik. Şeýle-de bolsa, demir ýolçular öz öňlerinde durýan möhüm wezipeleri abraý bilen ýerine ýetirmäge çalyşýarlar. 

 

Tirkişmyrat ÝOMUDOW. 

“Demirýollary” AGPJ-niň 31-nji şahamçasynyň Mary stansiýasynyň 66-njy razýezdiniň demir ýoly boýunça nobatçysy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

TELEKEÇILIK YKDYSADYÝETIŇ HEREKETLENDIRIJI GÜÝJI

Işewürligi, kiçi hem-de orta telekeçiligi ösdürmek, bazar gatnaşyklaryna esaslanýan döwlet-hususy hyzmatdaşlygyny giňeltmek, döwlet kärhanalaryny hususylaşdyrmak arkaly, eýeçiligiň dürli görnüşlerini ösdürmek ýurdumyzyň uzak möhletleýin ösüş maksatnamalarynda ileri tutulýan wezipelerdir. Olaryň durmuşa geçirilmegini, Türkmenistana hususy we daşary ýurt maýa goýumlarynyň goýulmagyny mundan beýläk-de höweslendirmek üçin maýa goýumlaryň netijeliligini artdyrmaga gönükdirilen çäreler durmuşa geçirilýär.

Türk­me­nis­tan­da bazar gatnaşyklaryny ösdürmegiň, kiçi we orta telekeçilige goldaw bermegiň hukuk esaslary yzygiderli kämilleşdirilýär. Esasy Kanunymyzyň 134-nji maddasynda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň ykdysadyýeti bazar gatnaşyklary ýörelgelerine esaslanýar. Döwlet telekeçiligi höweslendirýär we goldaýar, kiçi hem-de orta işewürligiň ösmegine ýardam edýär. Munuň üçin dürli ýyllarda «Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi hakynda», «Telekeçilik işi hakynda», «Kiçi we orta telekeçiligi goldamak hakynda», «Döwlet-hususy hyzmatdaşlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary kabul edildi. 

Häzirki wagtda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça giň gerimli özgertmeler barha rowaçlanýar. 2024-nji ýylda döwletimiziň durmuş-ykdysady ösüşini üpjün etmek we işjeň maýa goýum syýasatyny alyp barmak, Diýarymyzyň ykdysady kuwwatyny, sebitleriň senagatlaşma derejesini pugtalandyrmak, maýa goýumlaryň netijeliligini, ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmak, ähli pudaklaryň, hyzmatlar ulgamynyň depginli ösüşini üpjün etmek, eksport mümkinçiliklerini giňeltmek, sanly we «ýaşyl» ykdysadyýeti ösdürmek, azyk howpsuzlygyny üpjün etmek, kiçi hem orta telekeçiligiň işini ilerletmek, raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak, olaryň durmuş goraglylygyny, iş üpjünçilik ulgamyny kämilleşdirmek maksady bilen, «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasy» tassyklanyldy. Oňa laýyklykda, şu ýylda jemi içerki önümiň ösüş depginini 6,3 göterimde saklamak, milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny, ýurdumyzyň sebitlerini durnukly ösdürmek, önümçilik kärhanalarynyň doly güýjünde işledilmegini gazanmak, täze kärhanalary gurmagyň hasabyna 3 müňe golaý täze iş ornuny döretmek meýilleşdirilýär. 

Maksatnamada daşary söwda dolanyşygynyň möçberini 20,7 milliard amerikan dollaryna ýetirmek, kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek, jemi içerki önümiň düzüminde hususy pudagyň paýyny 71,4 göterime ýetirmek, zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp haklarynyň möçberini 10 göterim ýokarlandyrmak arkaly, ilatyň girdejilerini artdyrmak, ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmak göz öňünde tutulýar. Mundan başga-da, 2024-nji ýylda ýurdumyzyň ykdysadyýetine maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna jemi 38,5 milliard manat möçberinde maýa goýumlary gönükdirmek meýilleşdirilýär. Şunda hormatly Prezidentimiz milli ykdysadyýetimizi düzümleýin özgertmek we diwersifikasiýalaşdyrmak, onuň bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmak, innowasion ösüşini gazanmak, ykdysadyýetde hususy bölegiň paýyny artdyrmak boýunça netijeli işleri dowam etdirmegiň zerurdygyny nygtady. 

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 22-nji fewralynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklygynda geçirilen Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça gaýragoýulmasyz wezipeler kesgitlenildi. Türkmenistanyň Mejlisi, ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary hem-de jemgyýetçilik birleşikleri bilen bilelikde «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny» durmuşa geçirmek boýunça ýerine ýetirilmeli işleriň we geçirilmeli çäreleriň Meýilnamasyna seredildi. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň agzalary hem işewürlik gurşawyny döretmek, telekeçilik başlangyçlaryny goldamak bilen, hususy maýa goýumlary köpeltmek, hukuk ulgamynyň işewürlik üçin özüne çekijiligini üpjün etmek ýaly ugurlarda alnyp barylýan özgertmelere işjeň gatnaşýarlar. 

Mejlisde Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge, her bir zähmetkeşi üstünlikli işlere ruhlandyrmaga, ykdysadyýetiň hususy pudagynyň we hyzmatlar böleginiň işini ilerletmäge, importyň ornuny tutýan önümçiligi goldamagyň hem-de gurluşyk işleriniň konsepsiýalarynyň, eksport ugurly senagaty goldamagyň, şäherleri ösdürmegiň strategiýasynyň taýýarlanylmagyna işjeň gatnaşmak hakynda-da belledi. Türkmenistanyň Prezidentiniň içeri we daşary syýasy başlangyçlaryny kanunçylyk taýdan goldamak maksady bilen, raýat-hukuk gatnaşyklary babatda kanunçylygy kämilleşdirmek, halkara hususy hukugyň kadalaryny ornaşdyrmak, döwre görä emläk, eýeçilik, şertnama-hukuk, hukuk bozulmalarynyň öňüni almak bilen bagly kanunçylygy kämilleşdirmek; döwlet hyzmatlaryny sanly ulgamlar arkaly amala aşyrmak, hukuk kömegini bermek, telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak; Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna goşulýan ýurt bolup durýandygyny nazara alyp, bu guramanyň düzgünlerine we ýörelgelerine laýyklykda, milli kanunçylygy kämilleşdirmek ýaly wezipeler öňde goýulýar. 2024-nji ýyl üçin degişli Maksatnamany durmuşa geçirmek boýunça ýerine ýetirilmeli işleriň we geçirilmeli çäreleriň Meýilnamasyna laýyklykda, hususy pudagyň wekilleri Türkmenistanyň Halk Maslahaty, Mejlisi we jemgyýetçilik guramalary bilen hyzmatdaşlykda täze döwrüň ykdysady ösüş nusgasynyň rowaçlanmagyna mynasyp goşant goşýarlar. Ýurdumyzda ýaşlar telekeçiligini ösdürmek, zenanlaryň işewürlik başlangyçlaryny goldamak boýunça-da amatly şertler döredilýär. 

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 17-19-njy martynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 16 ýyllygy mynasybetli giň gerimli sergi hem-de maslahat guralyp, bu çäreler türkmen işewürleriniň tejribesini, üstünliklerini we mümkinçiliklerini, hususy pudagyň milli maksatnamalary, hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň innowasion ösüşine, bäsdeşlige ukyply hem-de eksport ugurly önümçilikleri döretmäge gönükdirilen özgertmelerini durmuşa geçirmäge goşýan uly goşandyny nobatdaky gezek açyp görkezdi. Geçen döwrüň dowamynda birleşmäniň agzalarynyň sanynyň ep-esli artmagy, hususy başlangyçlaryň rowaçlanmagy, telekeçileriň alyp barýan işleriniň geriminiň has-da giňemegi bolsa bu ugurdaky syýasatyň ajaýyp miweleridir. 

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň hem-de partiýasynyň agzalary bazar ykdysadyýetine esaslanýan giň gerimli özgertmeleri, maksatnamalaýyn işleri durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýarlar. Olar Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen şygaryndan ruhlanyp, il-ýurt bähbitli işleri durmuşa geçirýärler. Ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmegi, importyň ornuny tutýan we eksporta niýetlenen önümleri öndürmegi, sanly tehnologiýalary, öňdebaryjy tejribeleri önümçilige ornaşdyrmagy, täze iş orunlaryny döretmek arkaly, ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmagy nazarlaýan döwletli tutumlaryň mundan beýläk-de rowaçlanjakdygyna tüýs ýürekden ynanýarys. 

 

Saparmyrat OWGANOW, 

Türk­me­nis­ta­nyň­ Se­na­gat­çy­lar­ we telekeçiler 

partiýasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy, 

Mejlisiň deputaty.

ŞÄHERE GÖRK GOŞAN MUKADDES YMARAT

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etra­bynyň Änew şäherinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda täze metjidiň açylmagy we ol ýerde Gahryman Arkadagymyzyň agzaçar sadakasyny bermegi täze taryhy döwrümizde halkymyzyň medeni we ruhy gymmatlyklaryna belent sarpa goýmak, ruhy-ahlak ýörelgelerini hem-de däplerini baýlaşdyrmak ugrundaky tagallalaryň rowaçlanýandygyny alamatlandyrdy. Mukaddes Oraza aýynyň nurana günlerindäki bu waka Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip atlandyrylmagy mynasybetli ýaýbaňlandyrylan köpçülikleýin-medeni çärelere baý öwüşgin çaýdy.

Mä­lim bol­şy ýa­ly, 2022-nji ýy­lyň 3-nji ma­ýyn­da san­ly ul­gam arkaly ge­çi­ri­len iş mas­la­ha­ty­nyň bar­şyn­da ýur­du­my­zyň we­laýat­la­ry­nyň hä­kim­le­ri ila­tyň ha­ýy­şy­ny na­za­ra alyp, se­bit­ler­de met­jit hem-de onuň ýa­nyn­da sa­da­ka ber­mek üçin ni­ýet­le­nen ja­ýy gur­mak ba­ra­da­ky tek­lip bilen döw­let Baş­tu­ta­ny­my­za ýüz­len­di­ler. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow met­ji­di we onuň ýa­nyn­da sa­da­ka be­ril­ýän ja­ýy gurma­gyň so­gap iş­leriň bi­ri­di­gi­ni nyg­ta­mak bi­len, we­la­ýat­la­ryň häkimle­ri­niň tek­lip­le­ri­ni ma­kul­la­dy. Şo­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, şol ýy­lyň 24-nji iýu­nyn­da we­la­ýa­tyň il sy­lag­ly ýa­şu­lu­la­ry­dyr din wekil­le­ri­niň gatnaş­ma­gyn­da Änew şä­he­ri­niň çägin­de, «Ba­ga­bat» şy­pa­ha­na­sy­na alyp bar­ýan tä­ze aw­tou­lag ýo­lu­nyň ug­run­da, te­bi­ga­tyň ba­gy-bos­san­ly­ga bürenen gö­zel kün­je­ginde tä­ze met­ji­diň düý­bi da­ba­ra­ly ýag­daý­da tutuldy. 

Türk­me­nis­ta­nyň Se­na­gat­çy­lar we te­le­keçi­ler bir­leş­me­si­niň ag­za­sy «Aga gur­lu­şyk» hu­su­sy kär­ha­na­sy­nyň gur­lu­şyk­çy-hü­närmen­le­ri met­ji­diň we sa­da­ka ja­ýy­nyň gur­luşy­gy­ny ýo­ka­ry ta­lap­la­ra la­ýyk­lyk­da ýe­ri­ne ýetirip, bel­le­nen möh­let­de ta­mam­la­dy­lar. Mu­kad­des Ora­za aýy­nyň şu so­gap­ly gün­le­rinde - 27-nji mart­da tä­ze met­ji­diň açy­ly­şy­na ha­jy Arkadagy­my­zyň gat­naş­ma­gy we ag­za­çar sa­da­ka­sy­ny ber­me­gi welaýatymy­zyň ila­tynyň şat­ly­gy­ny has-da go­şa­lan­dyr­dy. 

Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz tä­ze metji­de aý­la­nyp gördi hem-de Türk­me­nis­ta­nyň müf­tü­si­ne ­Ar­ka­dag­ly hajy Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň adyn­dan tä­ze met­ji­diň hyz­mat­la­ry üçin ni­ýetle­nen aw­tou­lag­la­ryň açar­la­ry­ny gow­şur­dy. 

Met­ji­diň daş­ky gör­nü­şin­de bol­şy ýa­ly, onuň iç­ki ti­mar­la­ýyş işlerinde mer­mer, gra­nit ýa­ly gym­mat ba­ha­ly se­riş­de­ler ýoka­ry de­re­je­de peý­da­la­ny­lyp­dyr. Ke­ra­mat­ly Gur­ha­nyň sü­re­le­ri­ni be­ýan ed­ýän ýaz­gy­lar met­ji­diň be­ze­gin­de aý­ra­tyn orun eýe­le­ýär. Ha­jy Ar­ka­da­gy­myz met­ji­diň açy­ly­şy my­na­sybet­li eden çuň ma­ny­ly çy­ky­şyn­da bu hak­da aý­ra­tyn durup geç­mek bi­len, şan­ly gün­ler­de mu­kad­des Änew top­ra­gyn­da gadymy hem-de hä­zir­ki za­man bi­na­gär­lik däp­le­ri­ne la­ýyk gel­ýän tä­ze, döw­re­bap met­ji­diň ulan­ma­ga be­ril­me­gi parz iş­le­ri­mi­ziň do­wa­mat dowam­dy­gy­ny aý­dyň gör­kez­ýän­di­gi­ni aýt­dy. Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň bel­leý­şi ýa­ly, bu met­ji­diň umu­my meý­da­ny 6 gek­ta­ra ba­ra­bar. Bu ýerde bir wag­tyň özün­de 500 adam namaz okap bil­ýär. Dört mi­na­ra­sy­nyň her bi­ri­niň bo­ýy 50 met­re deň­dir. Güm­me­zi­niň be­ýik­li­gi bol­sa, 30 met­re deň bo­lup, ol bir aýyň gün sanyny aňlad­ýar. Uly güm­me­ziň gy­ra­syn­da 24 pen­ji­re bo­lup, ol bir gi­je-gün­di­zi ala­mat­lan­dyr­ýar. 

Met­jit­dä­ki we bu ýer­de gur­lan 500 orunlyk sa­da­ka ja­ýyn­da­ky çyrala­ryň şe­kil­le­ri, güm­me­zi­niň we di­war­la­ry­nyň na­gyş­la­ry bugdaý şeki­lin­de bo­lup, ol Äne­wiň ak bug­da­ýyň we eke­ran­çy­ly­gyň il­kin­ji mekan­la­ry­nyň bi­ri bo­lan­dy­gy­ny aň­lad­ýar. Met­ji­diň we sa­da­ka ja­ýy­nyň içi­niň gök na­gyş­la­ry Se­ýit Je­ma­leddin met­ji­din­de ula­ny­lan şe­kil­le­riň reň­ki­dir. Di­war­la­ry­na ne­sil­ba­şy­myz Oguz ha­nyň ny­şa­ny­ny aň­lad­ýan sekiz burç­ly na­gyş­lar çe­ki­len met­ji­diň mäh­ra­by­nyň ýo­kar­syn­daky ýa­şyl reňk­li uly yşyk­lan­dy­ry­jy­da arap­ça «Al­la» di­ýen ýaz­gy bar. Met­ji­diň we sa­da­ka ja­ýy­nyň için­dä­ki ha­ly­lar­da­ky na­gyş­lar hem Oguz ha­nyň nyşanlaryn­dan alyn­dy. 

Gah­ry­man ha­jy Ar­ka­da­gy­my­zyň ga­dy­my top­rak­da ýer­leş­ýän, halk ara­syn­da «Se­ýit Jema­led­din met­ji­di» ady bi­len bel­li bo­lan metji­diň öň ýü­zün­dä­ki, Mer­ke­zi Azi­ýa­da baş­ga ýer­de ga­bat gel­me­ýän meň­zeş aždarha­la­ryň şe­ki­li­niň nus­ga­sy ba­ra­da aý­dan­la­ry, şeý­le-de bu yma­rat­da şe­ki­li çe­ki­len až­dar­ha­lar ba­ra­da gür­rüň be­ren ro­wa­ýa­ty uly tä­sir­le­ri döret­di. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň aý­dy­şy ýa­ly, ro­wa­ýat­da až­dar­ha­lar Äne­wiň ila­ty­na hos­sar­lyk eden jan­dar­lar hök­mün­de gör­ke­zil­ýär. Şo­nuň bilen bag­ly­lyk­da, ha­jy Ar­ka­da­gy­my­zyň geç­miş mi­ra­sy­my­za sar­pa goý­mak, taryh­da öç­me­jek yz gal­dy­ran şah­sy­ýet­le­ri­mi­zi hor­mat­la­mak däp­le­ri­mi­ze eýe­rip, ke­ra­mat­ly top­rak­da bi­na edi­len tä­ze met­ji­di «Se­ýit Je­ma­led­din met­ji­di» di­ýip at­lan­dyr­mak bo­ýun­ça or­ta atan tek­li­bi gyz­gyn gol­daw tap­dy.

 Ora­za aýy hal­ky­myz­da sa­ha­wa­tyň we kana­ga­tyň, ha­lal­ly­gyň we ha­ýyr­ly tu­tum­la­ryň aýy hök­mün­de de­re­je­len­ýär. Bu aý­da Be­ýik Biribaryň ke­la­my bo­lan mu­kad­des Gur­hany-Ke­ri­me uý­lup, di­ni adat­lar ber­jaý edil­ýär, ata-ba­ba­la­ry­myz­dan gel­ýän aja­ýyp ýö­rel­gele­re eýe­ri­lip, Ora­za tu­tul­ýar, agyz bek­len­ýär, sa­da­ka­lar be­ril­ýär, ýag­şy do­ga-di­leg­ler edilýär, so­gap­ly iş­le­re giň orun be­ril­ýär, met­jitler­de ta­rawa na­ma­zy okalýar. Şeý­le mü­bä­rek gün­ler­de «Al­la­nyň öýi» ha­sap­lan­ýan met­ji­diň açyl­ma­gy we ol ýer­de ag­za­çar sa­da­ka­sy­nyň be­ril­me­gi pa­ra­sat­ly ata-baba­la­ry­myz­dan mi­ras ga­lan ha­ýyr­ly iş­le­ri ýag­şy gün­ler bi­len baglanyşdyr­mak, mu­kad­des­lik­le­ri sar­pa­lamak ýa­ly däp­le­ri­mi­ziň rowaçlan­ýan­dy­gy­nyň ny­şa­ny bol­dy. Aý­ra­tyn be­gen­dir­ýän zat­la­ryň biride, mu­kad­des Ga­dyr gi­je­si­niň hor­ma­ty­na ýur­du­my­zyň beý­le­ki welaýat­la­ryn­da hem tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­lary, öz­bo­luş­ly bi­na­gär­lik çözgütleri özün­de jem­le­ýän, ys­lam me­de­niýe­ti üçin hä­si­ýet­li bo­lan bezeg esas­la­ryn­dan ugur al­nyp bi­na edi­len met­jit­le­riň açy­lyp, ulanylmaga be­ril­jek­di­gi­dir. 

«Se­ýit Je­ma­led­din met­ji­di» diý­lip at­landy­ry­lan tä­ze met­ji­diň açylma­gy my­na­sy­bet­li Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň be­ren ag­za­çar sadaka­sy­nyň, edi­len aýat-tö­wir­le­riň Be­ýik Bi­ri­ba­ryň der­gä­hin­de ka­bul bol­ma­gy­ny arzuw ed­ýä­ris. 

 

Resul IŞANGULYÝEW, 

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň 

Ahal welaýat komitetiniň başlygy, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty

1 ... 47 48 49 50 51 ... 81